14:02 Öde Abdyllaýew | |
ÖDE ABDYLLAÝEW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Öwrenişip giden bir nakylymyz bar: «Tankyt ajy bolsa-da, süýji» diýip. Tankydyň süýji ýeri ýok. Süýji diýlip, onuň peýdalylygy, degerli netije çykarylmalydygy göz öňünde tutulyp aýdylýan bolsun gerek. Eger gürrüň şu günki edebi tankydymyz barada gitse, onda şol nakylyň ýerine düşdügi boljak. Şu günki edebi tankydymyzyň ajysy aýrylyp, gazet-žurnallarda gysylyp, ownadylyp, süýjedilip-süýjedilip moroženýä öwrüldi. Şu zatlar hakda oýlananyňda, altmyşynjy ýyllaryň edebi tankydy, Öde Abdyllaýewiň we beýleki tankytçylaryň bitiren işleri, söweşjeňligi ýadyňa düşýär. Men Öde Abdyllaýewiň edebi tankyt hakyndaky kitaplaryny okap çykdym. Şol kitaplary okanyňda, ilki bilen, gyzykly eser okan ýaly bolýarsyň, ikinjiden, tankytçynyň hakykatyň hatyrasy üçin gorky-ürkini bilmeýän, synmaz erkli obrazy göz öňüňde örboýuna galýar, şol obraza gözüň gidýär. Ykbalyň meni Öde Abdyllaýew bilen obadaş edendigine, ençeme gezek gürrüňdeş bolandygyma diýseň begenýärin. Onuň üýtgeşikligine oturyp-oturyp geň galýardym. Ol ýaşkiçini diňlemegi, onuň bilen jedelleşip, ýüregini açmagyny başarardy. Soňky döwürde köp ýaşuly özünden kiçi ýaşlynyň gürrüňini, pikirini diňlemegem başaranok. Şunuň özem gyt häsiýetleriň birine öwrülip barýar. Tankytçynyň güni aňsat däl. Özüni «Menden başga eser ýazyp bilýän ýok» diýip pikir edip ýörenlere hakykaty açyp görkezmek, ýalňyşlyklaryny, eserleriniň kemçiliklerini birin-birin açyp görkezmek örän kyn iş. Hakykatyň, dogry sözüň üçin seni ýigrenýän, her edip-hesip edip ýamanlyk etjek bolýan kän. Abraýly wezipelerinden peýdalanybam ýamanlyk edýärler. Öde aga edilen ýamanlyklaryň, hyýanatlaryň, atylan kesekleriň az bolmandygyna, örän köp bolandygyna ynanýaryn. Ýazan synyň, makalaň üçin ýagyň köpeljekdigini bilip durkaň, ýazmak, hakykaty ýaýmak üçin polat ERK, egsilmez GAÝRAT gerek. Biz Pawel Korçaginiň obrazyny bilýäris. Ol hakdaky kitaby okadyk, kinony gördük. Ony göreşijiniň, gaýduwsyzyň simwoly hasaplaýarys. Eger Öde Abdyllaýewiň ykbaly hakynda roman ýazylsa, onda onuň obrazynyň Pawel Korçaginiň obrazyndan kem bolmajakdygyna ynanýaryn. Hakykaty aýdyp, ýüregiňdäkini aýdyp ýaşamak kyn. Ýönekeý bir mysal aýdaýyn. Öde Abdyllaýewiň şägirtleriniň biri, mydama hakykat ugrunda göreşip ýören, şonuň üçinem horlanýan Derýa Baýramgulyýew 4-nji saýlaw okrugyndan deputatlyga kandidat görkezildi welin, wezipesinden peýdalanyp, onuň garşysyna ýamanlyk edýän adamlar az däl. Men muny şu günki üýtgedip gurmak döwri diýip atlandyrýan günlerimizde-de ýaman niýetli adamlaryň az däldigi üçin aýdýaryn. Üýtgedip gurmak hakda köp gürrüň edilýär. Adamlaryň özlerini üýtgedip gurup bilişlerine geň galýaryn. Eger şu günüň gazet dili bilen aýtsaň, Öde Abdyllaýew dünýä inende üýtgedip gurmagyň bolmagy üçin, kemçiliklere garşy barlyşyksyz göreşmek üçin dünýä inipdi. Astanababa obasynda geçirilen ýubileý dabarasynda alymlaryň biri «Öde Abdyllaýew şu günümize has zerur gerek» diýipdi. Öde Abdyllaýewler her döwre-de gerek. Özem olaryň köp bolmagy gerek. Jemgyýet adamy galypa salýar. Öde aga hiç bir galypa sygman ýaşady. Özboluşly bir dünýä bolup ýaşady. Kerim Gurbannepesowyň jykyr-jykyr edip gülendigini köp adam ýatlady. Şu hakda gürrüň edilende Öde aganyň gülküsi ýadyma düşýär. Ol şeýle bir şadyýandy, şeýle bir gülerdi. Şonda dünýä şatlyk ýaly bolup duýlardy, onuň şadyýanlygyna, gülküsine gözüm giderdi. Geň ýeri, ol ýönekeý bir zatdanam şatlyk, gülki tapmagy başarardy. Kerim Gurbannepesow bilen Öde Abdyllaýew dünýäden ötdi welin, göwnüme bolmasa, dünýäden gülkem giden ýaly bolup dur. Nädibem bolsa adamdan kemçilik tapyp, onuň üstünden gülmek, göwnüme bolmasa, soňky döwürde köpelýär. Şu babatda, Öde aganyň bir bolşy bar. Ol öz kemçilikleri, başdan geçirmeleri, gepden utulan ýerleri barada hezil edip gürrüň bererdi. Onuň şol gürrüňlerini ýoldaşlary, işdeşleri, obadaşlary keýp edip gürrüň edýärler, Öde aganyň öz üstünden gülmesini köpler geňlärdi «Näme üçin öz üstüňden gülmeli? Öz kemçiligiň ilden ýaşyrmaly ahyry!». Emma ol öz kemçilikleriniň üstünden gülüp bilýärdi, sebäp ol şol gülküler bilen öz ejiz tarapyny tokmaklaýardy, öz-özüňe tankyt bilenem beýik hem kämil adamlar kemala gelýär. Öz-özüni tankytlap bilmeýän adamlar ejiz adamlardyr, muny Öde aga bilýärdi. Özüne ýowuz daraýardy. Öde Abdyllaýew barada metbugatda köp gürrüň edilýär, ýöne edilýän iş az-az. Bütin ömrüni öz halkynyň medeniýetli, sowatly, kämil bolmagy üçin bagyş eden adama halky hem hyzmat etmelidir, sebäp ol adamlaryň iru-giç bahasy bilinýär. Professor Jora Allakowyň türkmen edebi tankydynyň taryhy hakyndaky kitaby okyjylara gowuşdy. Bu kitap bir mahal okyjylara ýetirilmelidi. Kitapda Öde Abdyllaýewiň eden işleri, manyly ömri we döredijiligi barada maglumat berilýär. Ýöne şol maglumatlardan, metbugatda çykan makalalardan çen tutup Öde Abdyllaýewi doly tanamak mümkin däl, entek ol açylmadyk dünýe! Iru-giç Öde Abdyllaýew bilen türkmen halkynyň doly tanyşjagyna ynanýaryn. Ol adam şeýle mertebä mynasyp. 20/XII – 1989. * * * Dünýä aýlawlary bilen deňeşdireninde, türkmen aýlawy ýyndam bedewleriň gaty köpüsini her ýyl öz tomaşaçylaryna görkezýär. Ol bedewler halkyň mähir-söýgüsini gazandy, olary şindi-şindilerem buýsanç-guwanç bilen ýatlaýarlar. Türkmen topragymyz ýyndam bedewlere, ýyndam bedewlere çalymdaş ýiti zehinli şahslara gaty baý. Her gezek aýlawa gelip, bedewleriň çapyşyna seredenimde, näme üçindir, ýiti zehinli şahslary ýatlaýaryn. Aýlaw, pellehana durmuşyň bir görnüşi. Ondan at salyp geçen ýiti zehinli şahslarymyzy hem biz mydama hormat bilen ýatlaýarys. Durmuş aýlawynda türkmen halkynyň gyzgyn söýgüsini gazanan şahslaryň birem Öde Abdyllaýew. Öde Abdyllaýew edebiýaty öwreniş ylmynda, edebi tankydymyzda, çeper döredijilikde bahasyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak ägirt uly işleri bitirdi. Öde Abdyllaýewiň ol bitiren işleri bu gün bize görüm-görelde. Onuň belent adamkärçiligi hakda hem bile işleşen egindeşleri örän gowy ýatlamalary gürrüň berýär. Öde Abdyllaýew adyna baýragyň goýulmagy — oňa hormatyň goýulmagy, onuň ýatlanylmagy. Biz il üçin uly işleri bitiren her bir adamymyzy şeýdip ýatlamaly, hormatlamaly. Olary ýatlamagymyz, hormatlamagymyz bu biziň türkmen halkyna, şeýle hem özümize gadyr-hormat goýdugymyz bolar. Osman ÖDÄÝEW. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |