09:17 Ofsaýtdan gol salmak | |
OFSAÝTDAN GOL SALMAK
Publisistika
Ysraýylyñ mejlisi Knesset 1948-nji ýyldan bäri urşa garşy çykýan iñ batly sesleriñ we galmagalyñ ortasynda "Ysraýylya we raýatlaryna howp salýandygyny" bahana edip, Palestina döwletiniñ gurulmagyna garşy ses berdi. Gazadaky rehim-şepagatsyz urşuñ bir peýdasy bar bolsa, onuñam palestin döwletiniñ gurulmakdygyna ynanýanlara ysraýyl mejlisi umumy pozisiýanyñ Netanýahunyñ, Ýoawyñ, Gwiriñ, Haredimiñ we beýleki fanatlaryñ pozisiýasyndan tapawutly ýeriniñ ýokdugyny görkezdi. Bir döwletden ynam bilen söz açan dünýä Ysraýylyñ muny öz ýerlerinden we öýünden kowýan, başgalaryñ ýerine sürýän palestin halky üçin çözgüt däl-de, özüne gönükdirilen howp hökmünde görýändigini añşyrmady. Gaza urşunyñ yzyndan Palestina döwleti üçin wada beren birinji adam Jo Baýden boldy. Her garyş ýeri minalar bilen doldurylan Ýakyn Gündogar ýekeje pursatlggam bolsa uzakdan umyt ýalkymyny gördi, Gazada berilen pidalar, ölüm we umytsyzlyk diwarynda gädik açylan ýaly bolup göründe. Emma Ysraýylyñ jogaby biragyzdan berlen ses boldy: Dokuz arap deputatyna garşy 68 ýewreý deputatynyñ garşylykaýyn sesi. Ysraýyl bu ädimi we ara salnan wagt bilen Tel-Awiwde Netanýahuwa garşy edilen çykyşlaryñ, Ýakyn Gündogardaky çaknyşygyñ binýadyndaky esasy pozisiýanyñ bozulmagy manysyny añlatmaýandygyny mälim etdi. Sagyñ-çepiñ, Haredimleriñ we Sefaradlaryñ bu babatdaky pozisiýasynyñ ýekedigini we bileleşendigini habat berdi. Gaýtalap aýdýaryn, bu ses berlişik Netanýahunyñ Waşingtona eden resmi sapary dowam edip durka hemmelerden öñ Waşingtona berilen signaldy, mesele palestinalylar bolanda bu ýerler parahatçylykdan we ýaraşykdan söz açmaga ýer ýok sebit bolup duruberýär. Ýaraşyk ilatly nokatlaryñ hakydyr we ýaraşyk girewne alynanlaryñ boşadylmagy üçindir. Onda oña, mundan muña, gandöküşlikden gandöküşlige, kemsidilmeden kemsidilmä iterilýän bir million palestinalynyñ haky-da ýok, hukugy-da!.. Eýse biz nirede gezip ýörüs? Palestin halkynyñ kararlylygy we sabyr-takaty, şikaýat edip bilmeýändigi, gaýgy-hasrat we jebri-jepalara çydamlylygy bilen buýsanýarys. Çünki olaryñ basyp ýatyrylan perýat-pyganlaryny diñlejek bolamzok. Ýeke bilýän zadymyz, bu sessizligiñ we beýikligiñ gahrymançylygyny özümize baglanyşdyrjak bolmak. Bütin dünýä Pensilwaniýadaky derñew işlerine, Baýdeniñ saglygy boýunça mälim ediljek habarlara, Haredimleriñ harby gullugyna üns berýän mahaly bular ýaly ädim bilen ofsaýtdan gol salmak üçin şundan gowy pursatyñ geregi barmy? Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Şenbe, 20.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |