12:24 Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy | |
ÜÇÜNJI BÖLÜM
Romanlar
1932-nji ýyl Türkmenistanda daýhanlary kulakçylyga çekmegiň has giň gerim alyp ugran döwri boldy. Marysy, Ahaly, Balkany, Lebaby, Daşogzy... goýulman, müňlerçe türkmen maşgalalaryny Sibir, Ukraina, Özbegistan, Gazagystan diýlip, sürgüne atarmak başlandy. Ata-eneleri bilen olaryň ters täleýini bölüşmäge mejbur bolan çagalaram yzanda-çuwan bolşup, bile gitdiler. Özleriniň täze hökümete berlenligini görkezmäge çalşyp işleýän OGPU-nyň işgärleriniň bolsa, indi işi barha şowlaýardy. Adamlar kulakçylyga çekilip ugransoň, Söýünaly ýene-de iki topara: kulakçylyga çekilýänlere hemem oňa häzire çenli çekilmediklere bölündi. Ýöne bu bölünişik, habar alyp otursaň, bu günde-ertede başlanan zat däldi-de, baryp bolşewik at debsiläp, gylyç syryp, ýurtda öz häkimligini ornaşdyryp ýörkä dörän ýagdaýdy. Ondan bärem ol kimi atyp-çapyp, ýurtdan kowupdy, kime wezipe, hoş söz berip, özüne çekipdi. Ýöne ol henizem, şol gelendäki ýaly, barlyny halamaýardy, gara jynam hemme ýerde ýene-de şolardy. Sürgünleriň gidenine ýarym aý diýlende Kymyş duzçy: «Heý, oglanlardan bir habar düşäýmedimikän?» diýen tama bilen gawun başyndan oba geldi. Oglanlary giden güni ol hem giçlik ýene-de eşegini münüp, gawun başyna dolanypdy. Ol indi mundan soň özüniň öýe sygmajagyny bilýärdi. Bolup bilen bela bolupdy. Şeýle pursatda derdiňi bölüşmek üçin ýalazy meýdan gowydy. Oňa-muňa güýmenersiň, bir zatlara gözüň düşüp, ünsüň bölüner, onsoň, ana, kimdir biri derdiňe düşünip, ýürekdeşlik bilen göwünlik beren ýaly bolar. Şol günden bärem ol obanyň habaryny günde-günaşa ýanyna gelip halyndan habar alyp, gidende-de gawun-noýba bilen bir eşek ýüki ot alyp gidýän agtygy Ogulbikeden eşidip durýardy. Ol meýdandan bir horjun gawunam özi bilen alyp geldi. Daş-içde oňa-muňa güýmenip ýören agtyklary ony görüp, ýerli-ýerden ylgaşlaşyp onuň öňünden çykdylar, horjunyň bir başyndan, eşegiň boýunbagyndan tutaklaşyp, oňa düşmäge kömek etdiler. Gojanyň göwnüne Allanazar bilen Aganazaram, hemişeki ýaly, häzir bir ýerlerden ylgaşyp çykaýjaklar bolup duýuldy. Kymyş duzçy owşanaklap öýe ýönelip barşyna, töweregine seredip: «Mamaňyz hany?» diýip, agtyklaryndan sorady. Akjagül eşegi daňmak üçin ýataga alyp barýan Ogulbikä basdaşlarça sebäpsiz igendi: –A gyz, pugtarak daňňyn. Öňki daňşyň ýaly edäýmegin! Boşanyp gider! –Daňjak däl, ynanmasaň, al, daňaý özüň äkit-de! – diýip, Ogulbike hyrra yzyna öwrülip, elinde hallan atdyryp duran eşegiň boýunýüpüni doganyna tarap zyňyp goýbererli, onuň bilen erjeşerli göründi. Onýança-da aňyrdan, etegini samana eýlenen tezekden dolduryp, sygyrýatak tarapdan gelýän Jemal mama göründi. Agtyklaryna söýünçli käýindi: –Jammyldaşyp geçen geçiler, siziň asla dawaňyz gutarmady. Jemal mama golaýa gelip, etegindäki tezekleri ojagyň gapdalyna döküp durka Kymyş duzçy: –Oglanlaňdan näme habar, heleý? – diýip sorady. –Aý, näme habar bolsun, gitdiler küregenleşip... – diýip, Jemal mama gyýlyp, gözüne duýdansyz inen gözýaşyny sylyp, hasratly gepledi. –Belki, bir ýerden habar düşäýedi-dä? –Hudaýdan diläb-ä otyrys. Bu pursatda alaçsyz garrylara dünýä hasam ýowuz bolup göründi. – Mama, akgam dagy Sibire äkidilen bolsalar-a, olar entek ol ýere ýetenem däldirler – diýip, Ogulbike hem aňyrdan eşidip gelýän gürrüňine goşuldy. Jemal mama onuň ulularyň gürrüňine goşulanyny halaman çytyldy: –Şu gyzam diýäýýä bir zat. Ýeri, sen Sibiri nä bilýäň, beýlekini nä bilýäň? –Bilýän, baba – diýip, Ogulbike indi haraý gözleýän ýaly, babasyna tarap öwrülip, ynamly gepledi: –Bize mugallym mekdepde karta diýip bir zat görkezdi. Ol şonda Mary, Aşgabatdan-a bir daş. Hatda Moskwadanam. Hemem ol ýeri gaty sowukmyş. Adamlaram aýyň etini iýýämişler... –Äý-ý... ebşitläp gep ýakasyny tutup durandan, bar ondan, babaň çaýsyrap gelendir, tüňçäni dolduryp gel-de, goý ojaga! – diýip, indi Jemal mama oňa kejinibräk iş buýurdy. Kymyş duzçy öýe girip, guşagyny çözüp giňşäp otyrka, birnäçe günden bäri görmedik agtygy Akjagülüň horlanyp, süllerenini gördi. Oňa nebsi agyrdy. «Ene-atasyndan aýrylanyny gaty görendir balam» diýip, gidenlerini hem ýatlap, gojalarça örtendi. Ol çaý içip otyrka Jemal mama oňa Ballynyň Mara baryp gelendigini, ol ýerden oglanlarynyň göterilenligini, özüniň demir ýoluň Marydaky düýbünde bir tanşynyň barlygyny, ýakynda ýene Mara aşjak, bararyn ýanyna, şol sürgünleň nirik gidenligini saýhal edip bilip berer diýenini ýatlady. Ballyly gürrüňiň gapdaly bilen Kymyş duzçy ýene-de bir özüne ynjalyk bermeýän, oba barsam soraýyn diýip gelýän zadyny ýadyna saldy. Inisi Ahmediňem bir aý-kyrk gün bäri obadan gürüm-jürim bolmagy ony aladalandyrýardy. –Ahmet henizem gara berenokmy? –Ýok – diýip, adamsynyň öňüne getirilen çäýnekden özüne hem bir käse çaý guýup oturan Jemal mama höwessiz, gysgajyk, guraksy jogap berdi. –Şu deýýusam bir zadyň üstünden barmasa-da ýagşydyr. –Hiç çekinenok-da. Ýene-de bir baýyň munda galan engamyny, malyny Owgana geçirip bermegi boýun alyp, serhetde atyşyp-çapyşyp ýören bolmaly. –Bäri-bärde-de däldir. Ýogsam ol agalarynyň sürgüne gidýänini eşitse, nirede bolsa-da ýetişip gelerdi. –Şonuň şol mahal eşidip, gelmänem gowy – diýip, Jemal mama heder edip, ýüregini sözledi. Onuň agalarynyň alnyp baryl¬¬ýanyny görüp, atyşyp-çapyşyp, ýagdaýy öňküdenem bulaşdyraýmagy mümkindi. Şonuň üçinem ol: «Ahmet ýokdy» diýlende, onuň bolmanyna şükür edýärdi. Onsuzam Jemal mama ýüwürjisi Ahmediň gözsüz batyrlygyny öňem känbir halap barýan adam däldi. Onuň kakabaşlygynyň köp babatda bäşbela alada getirýändigini hem ol görüp ýördi. Köp babatda bolsa oňa “Eýle bol, beýle bol” diýýän Kymyş duzçy bilen soňky wagtlar bolsa onuň uly ogly Orazgeldidi. Başgalary ol aňsat diňläbem durmaýardy. Jemal mama bir gezek nägile bolup, Ahmet barada pikirini aýdanda Kymyş duzçy: –Içimizde her hili adamyň bolany gowy. Ahmet ýaly garadangaýtmazyň bolup, ondan biraz çekinäýmeseler, sürnesi gelip duran adamlaram az däl. Içiňde şeýleräk dälibaşrak biriň bolsa welin, kim sürünse, näme boljagyny bilip durandyr, akyly gözündedir – diýip, özüçe düşündiripdi. Jemal mama adamsy bilen çaýlaşansoň, käsesiniň düýbünde galan çaýy açyk gapydan serpip goýberdi-de, bir zady ýadyna düşürip, agtyklaryny gygyryp daşardan ýanyna çagyryp, olara ýumuş buýurdy: –Baryň, şu babaňyzyň ýaňky getiren gawunlaryndan özüňiz iýere birki sanysyny goýuň-da, galanyny Bally akgaňlara, Gully akgaňlara, Sähetdurdy akgaňlara, Ahmet akgaňlara paýlaşdyryp çykyň! –diýdi. Gyzlar dessine ýumşa şaýlandylar. Kymyş duzçy öýüne gelip, bilini ýazyp, Jemal mamanyň «jan» çaýyny içip oturyşyna ondan obanyň hal-ýagdaýyny soraşdyrdy. Sürgünler baradaky gürrüňden Kymyş duzçy oglanlarynyň habarlarynyň hem entek bäri-bärde däldigine düşündi. Soň birsalym sesini çykarman, öýüň tüýnügine seredip, bu zatlaryň şeýle bolýanyna hamala özüni günäkärleýäne meňzäp, keýpsiz, egsilip oturdy. Kymyş duzçy öýünde bolup biraz taplanansoň, ýaňadan ateşegine atlanyp, oba arasynyň ölen-ýiteniniň aýadyna aýlanmaga gitdi. Eýýäm Gün ýene-de jyzyrap, topragy gyzdyryp, töwerekde tegelenip, äpet öý bolup oturan dünýäni tomsuň yssy howur öýüne öwrüp ugrapdy. Syrgynyň gapdalyndan adam geçirmeýän itlerem häzir yssynyň derdinden töwerekde görünmeýärdiler. Olaryňam bu pursatda özleriniň yssa bolmaýan kellelerini sokara kölege gözläp, hersiniň bir ýerden çykanlygy belli. Merhumyň ýas düşeginde oturanlaryň ekabyrraklarynyň biri Kymyş duzçynyň hol beýleden ýetip gelýänini görüp: –Baryň, Kymyş aganyň eşegini tutuň! Düşmäge kömek ediň! – diýip, töwerekdäki ýumuş oglanlaryna ýüzlendi. Ýas düşeginde oturan adamlar Kymyş duzçynyň ýas-ýaňylykda özüniň janyndan ileri görýän ogullarydyr olaryň maşgalalarynyň süri edilip sürlenip äkidilenleriň biri bolanlygyny, gojanyň ýürek ýarasynyň entek üstüniň-de kesmeklemänligini ýatlaşyp, öz ýanlaryndan oňa sessiz duýgudaşlyk etdiler. Kymyş duzçynyň egne geýen geýimleri hopul-sopulrak bolup, amanat ýaly görünýärdi. Onuň synlary aýagyna çolaşyp duran köneräk garma donunyň ýagyrnysy Güne ýanyp agarypdyr. Ol bilini ýokarrakdan edip, pagtadan örülen ala guşak bilen aýlap guşapdyr. Ýadaw ýüz biraz ümürläp, kokuşyp dur. Kymyş duzçy düşekde ornaşyp, merhuma degsin edip howlukman uzak aýat okansoň, onuň bakyýet jaýynyň jennet bolmagyny dileg etdi. Bendäni gowy adam hökmünde, gojalarça tapbilenlik bilen ýatlady. Töweregiň hasratly halyna özüçe göwünlik berip, melhem çaýyp oturdy. Obadaşlykdanam başga irräk döwürlerde bir gezek sanaşyk ýer berlende, onuň ýeri merhuma berlen ýer bilen goňşuçylykda bolupdy. Olar gadyrly goňşuçylykda bolupdylar. Goja ony dawa-şere goşulman, öz gara güzeranynyň ugrunda tigirlenip ýören sadadan gelen zähmetsöýer adam hökmünde tanapdy. Kymyş duzçy ýatlan mahaly töwerekdäki adamlar, hamala, merhumy gojanyň aýdanlaryndan çen tutuşyp, täzeden tanaýjaga meňzeşip, keçe dyrmaşyp oturyşlaryna ünse öwrüldiler. Düşekden beýleräkde, merhumyň suwsuz goljuga aýaklaryny sokuşyp, çaýryň üstünde ýüz-gözlerini sakgal-murta basdyryp oturan iki sany bir-birlerine çalym berşip duran ogullary hem öz ýaraly ýüreklerine melhem bolýan gürrüňleri eşidişip, golaý-golaý süýşüşdiler. Häzirki pursatda kakalaryny ýagşylykda ýatlanlygy üçin öz ýanlaryndan Kymyş duzçudan minnetdar boldular. Merhumyň ýüregi galkynan ýaly bolan uly ogly bir amady gelende gojanyň başlan mylakatyny özüçe dowam etdirip gepledi: –Kymyş akga, akgam pahyr sizi örän sylardy. «Nanyny halal iýýän maşgala» diýerdi size. «Daýhançylyk etjek bolsaň, Kymyş agalar ýaly, işiňe halys berlen adamlar bolmaly, bolmasa daýhançylygyň başyna barma, çopan bol, talabançylyk et, syr-rysgalyňy ýeneki bir ýerden gözle!» diýerdi. Merhumyň ýakynlarynyň Kymyş duzçy gelensoň, az salymam bolsa, agyr oýlardan belli bir derejede daşlaşandyklary belli boldy. Töwerek häzir gojanyň gürrüňini diňläp oturyşyna, goldoly maşgalany sürgüne berip ýeňil bolmadyk derde ulaşan, şeýle-de bolsa gojalyk dertlerine hem per bermän, sürüden galman, onuň öýüniň iş-derdine hem ýarap ýörüşi barada guwançly oýlanýardy. Kymyş duzçy ýene birsalym merhumyň ýas düşeginde oturansoň, gawun başyna dolanyp barmalydygyny, onsuzam oba gelnensoň ediläýmeli käbir aladalaryň barlygyny ýatlap, turmak bilen boldy. * * * Ýagdy şura özüne degişli obanyň daýhançylyk işlerini beýleki obalaryň işleri bilen bäsleşikli alyp barýardy. Hemişe raýon ýolbaşçylaryna özüni öňdengörüji, pylankes diýilýän, başarjaň ýolbaşçy hökmünde görkezmäge çalyşýardy. Göterimräk häsiýetine görä, raýon ýolbaşçylary ýygnaklarda-zatda onuň alyp barýan işlerini özgelere görelde edip taryplaýsa dagy eselip, wagty bilen özüne gelip bilmezdi. Ýöne ol wezipäniň begligini hezil edip sürşi ýaly, işleýärdem. Daýhan işleri bolsa yzly-yzyna käte goşalanybam gelip durdular. Her işiňem öz möwriti, öz talaby bolýardy. Diňe ähli işler öz wagtynda, talabyna laýyklykda sazlaşykly alyp barlanda gowy netije gazanmak mümkindi. Otuz ýyla golaý obanyň zähmet mekdebini geçen Ýagdam muny gowy bilýärdi. Şonuň üçinem ol ertiriň gamyny öňünden iýmäge çalşardy. Bu ýylam ol güýzüň ahyrlarynda başlanýan gazy işleriniň ugruna beýleki aladalaryň gapdaly bilen tomsuň ortalaryndan çykyp ugrady. Gazy işleriniň esasy tomusdaky taýýarlyk işleri bolsa hemişe ussahanadyr ussalar bilen baglanyşykly bolýardy. Pil saplamalydyr, çekiçläp ýitilemelisi bardyr. Gulakdyr gumhanasynyň agyp-dönenräk ýerlerine seredişdirmelidir. Agyr gazynyň hakyndan bolsa: «Är işlemez, gural işlär» diýlişi ýaly, sapy aýaňa gelüwli, ýalaw ýaly pil çykýar. Ýagdy bu gezegem haçanda gazy işleriniň ugruna çykmagy ýüregine düwen gününiň ertesi Begendik ussanyň ýanyna geldi. Ondan kolhoz agzasy hökmünde özge işleri bir gyra goýup, esasan, gaza gitjekleriň işi bilen meşgullanmagy dyzanybrak talap etdi. Begendik ussa oňa: «Elimden gelenini onsuzam edip ýörün-ä men, bu ýylam, saglyk bolup dursa, birazam çöle gidip, biraz kömür taýynlap gelip bilsem, menden seniň işleriňe bökdenç bolmaz, şura aga!» diýip, ýüzugra oňa öz ýetmezinem ýatladyp goýberdi. Ýagdy ussa bada düşündi we badyhowalyk bilen oňa: –Kömürli meseläňi özüm çözerin! – diýdi. Diýşi ýaly hem soň ol sözünde tapyldy. Alty-ýedi adamy çöle ýörite kömür taýynlamaga ugratdy. Adamlar telim gün gumda bolup, üýşürip-üýşürip ojar, gandym ýakdylar. Odunlar belli bir derejede ýananyndan soň, gum sürüp, üstünem ýel düşmez ýaly petikläp ykjam gömdüler. Şeýdilip sähel ýakylyp, ýeriň yzgar gujagyna berlen saýlama odunlar birnäçe gün ol ýerde toprak bilen alşyp, durup soňra körügiň kükregini ýaryp barýan kömre–oda öwrülýärdiler. Wezipe-gullugyň abyny-tabyny alanlygyndanmy-nämemi soňky döwürde Ýagdy şuranyň at-dabarasy il içinde howalanyp, onuň hökmürowanlygy mese-mälim artypdy. Indi ol Guwandyk baýyň Owgana gidende engam galan gara dyzmanç atyna münüp, towuklar mähellesindäki iki-ýeke basyp, öz ähmiýetini mazamlap gezýän horaza meňzäp gabarylyp gezýärdi. Görenler gizlinlik bilen: «Äl, aý beýle adama emel ýetse, şeýle bolýan eken-ow bi, tumşugy al asmanda, munuň ýaly görüm-dereje öň nirede gören zady zaňňaryň, adamyň eli gelende, asla bolar diýip oýuňa-köýüňe düşmedik zatlaram bolsa bolubir eken. Ýogsam Ýagdy kim, bu derejeler-döwranlar nirede?» diýip, onuň kesesinden geň galma bilen gürrüň ederdiler. Indi ol nirä barsa, adamlar oňa ör turup törden ýer mürehet ederdiler, töwereginde gowadaklaşyp, oňa ýaraýjak gürrüňleri tapmaga çalşyp, merhemet bildirerdiler. Soňky döwürde bolsa oňa hasam mertebe berýän: «Ýagdy şuranyň arkasynda bäş penjäniň yzy barmyş» diýenem bir gürrüňem tapylypdy. Il içinde arkasy bäş penje yzy bolan adamlaryň beýlekilerden üýtgeşik, Taňry tarapyndan ýalkanan adam bolýanlygy hakynda aňyrdan gelýän ynamyň barlygy üçin, bu gürrüňem oňa has mynasybetlik berýärdi. Dogrusy, onuň arkasyndaky barmak yzyna meňzeş yzlar baradaky bir ysmyk gürrüň-ä öňem bardy. Ilki ony çaga wagtlary suwa düşende-zat edende onuň bile oýnaýan deň-duşlary görüpdiler. Ýöne şol wagt adam eliniň yzlaryna däl-de, bir ýerräkde çugdamlaşybrak duransoň, ol güjügiň suw gyrasynda galýan aýak yzyna has meňzeşdi. Ýöne ol iliň aňyndaky arkasy bäş penje yzly, hiç wagt göreşde ýagyrnysy ýere degmejek pälwan bolup dörejege asla meňzemeýärdi. Göreşe çykylanda deň-duşlarynyň ikiden biri, ony jalkyldadyp ýykardy. Onuň toýlary baglan hakyky pälwan bolup bilmejegi-hä baryp şol günler eýýäm belli bolupdy. Ýagdynyň atly pälwan bolmaly halyna bolup bilmeýänligini onuň garryja mamasy şol günler gelni Bossanyň – Ýagdynyň ejesiniň dümele-dürslüginden diýip düşündirýärdi. Hamala Bossan gije ýatyrka düýşünde Hezret Aly gelip: «Seniň ogluňa nazar saljak, aç arkasyny, özüňem kelemäňi gaýtaryp, musulmanlygyňy subut et!» diýende, ol üstüne dag bolup abanyp durandan Hezret Alydan gorkupmy-nämemi aňalyp, asla gepläbem bilmändir. Gelenem onsoň, onuň bolşuny, dine berlen däldigini görüp, oglanyň ýagyrnysyna elini göwünli-göwünsiz degrenmiş. «Wah, şol wagt onuň ejesi Alynyň diýenini bitiräýen dagy bolsa, bolaýjagam eken welin...» diýip, bu ýagdaýy oglanyň deregine laýyklap oňaryşdyrardy. Haçanda Ýagdy şura saýlanyp, il içinde özüne pylankes diýdirip ugransoň, bu bir wagt eşidilen ýaly bolup unudylan gürrüň ýene-de täzeden öwrüm alyp orta gelipdi. Indi belli-belli adamlar, öz sözüniň şuranyň gulagyna hem ýetjegine ynanyp, tamakinlik bilen: «Aýtdym-a men arkasyndaky ol Hezret Alyň penjesiniň yzynyň ahyry oňa dereje, döwran berjegine» diýşip, öz ýanlaryndan ertesini görýän parasatly adamlara öwrülýärdiler. «Bäş penjeli» gürrüň şol il içinde wag alyp ýören günleri bir gezek Nurjuma şura bilen onuň jaýynda ikiçäk galanda ondan dostlarça sorady: –Eý, Gapan, seniň arkaňda «Hezret Alynyň bäş penjesiniň yzy barmyş» diýýäler welin, onsoň, şol dogrumy? –Özüm-ä göremok, ýöne bir halada bar ýagyrnynyň ýüzünde. Sonagül-ä şeý diýýär – diýip, soňam ol belet adam hökmünde aýalyny şaýat tutundy. –Ol aýdýan bolsa, ondan ýoldaş Hanuma-da habarlydyr – diýip, Nurjuma onuň çyna öwrülip barýan gürrüňine Hanumany hem ýanap, degişme äheň berdi. Kim bilen gürleşýänini ýadyna salyp, muňa Ýagdynyň jany ýandy: –Eý, Şallak, adam ýaly gürleşilip otyrkaňam bir şallaklap almasaň bolmaýar-ow seniňki?! Olar hä diýmän alşyp giderli bolşup, bir-birlerine horazsyraşyp seredişdiler. –Hany, ol penjäni ukuda ýatyrkaň Hezret Aly goýanmyş diýýäler-ä. Onsoň sen Hezret Alynyň özünem gördüňmi, ol düýşüňde saňa başga-da nämeler diýdi? “Arkaýyn bol, her ýerde bolsamam, özüm arkaňy alaryn-zadam” diýdimi? –Meniň, dogrusy, ony düýşümde görenim-görmänimem ýadyma düşüp baranok. Görenem bolsam, onda unudypdyryn. Ýöne oglan döwrüm arkamyň ýaman gijeýänini, diwara, baglara gotur açan ýaly süýkenýänligim-ä bilýän... Nurjuma ony diňläp: «Hüm-m» edip oýurganansoň, nas atdy-da, oňa maslahat berijilikli ýumşap gepledi: –Eý, Gapan, görýän welin, jora, bu toslama seniň özünem ynanyp barýanam ýaly. Alsaň men saňa şu meselede dostlarça bir maslahat bereýin. Il näme diýse, şony diýsin, ýöne özüň hiç ýerde gaýdyp dil ýaraýmagyn bu barada. Arkamda: «Hezreti Alynyň peňjesiniň yzy bar» diýmegiň häzirki döwürde bilýäňmi sen nämedigini? Täze hökümet-ä din bilen, onuň adamlary bilen gyrlyşyp, ýaka tutuşyp ýör, senem onuň keramatyna baýrynsaň... Bilýäňmi, jora, “sen şura ekeniň” diýip, sylab-a goýmazlar, göni ejizleriňi dula bakdyrlar. Täze hökümetimiziň özünden başga keramaty halamaýanyny görüp ýörsüň-ä sen! – diýip, oňa dostlarça, ýürekdeşlik bilen maslahat berdi. Ýagdynyň ýüzüne sähelçe ünji tolkunynyň çaýylanyny görensoň bolsa, ýene-de ony öňki ýagdaýyna alyp götermek üçin degşip, gürrüňi oýna sanyp gürledi: –O-how, Ýagdy, hany, bitini gözletjek keýwany ýaly bol-da, büre köýnegiňi başyňa, ol ýerdäki Hezret Alynyň penjesiniň yzy däl-de, siziň öz piriňiz, ýekegapan – doňzuň piri, – kimdir ol–şonuň penjesiniň yzy bolaýmasyn! – diýip, ýene-de oňa deň-duşlarça ýylgyryp degdi. Ýöne, Ýagdynyň ýagyrnysynyň ýüzündäki yzlar bilen bagly bolan zat welin düýbünden başgaçady. Ol onuň ejesi Bossanyň ahmallygy bilen baglydy. Ol bir gezek çapady bişirip, ot-da-garagan bolup durka, eline alan ýaýylan hamyryny ýuwaşjadan, gazana goýbermegiň ýerine elinden gaçyryp, ahmal galypdy. Ol ýag gaýnap duran gazana patylap düşen mahaly ýag damjalary syçrap, golaýda oýnap oturan Ýagdynyň arkasyny daglapdy. Awunan çagajyk şonda jaýlap bir aglamak aglapdy welin, wagty bilen ýerde-gökde diňmändi. Bossan onuň ýanan ýerine göwsüniň süýdüni sagyp, gatyk, ýanan ýag çalyp, her zatlar edip çyksa-da, çaga aglap-aglap, halys eňek atyp surnugansoň, sesini goýupdy. Çaganyň dynar ýerde dynmaz agysyny eşidip: «Bu çaga näme boldy-la, gelin?» diýip, gaýynenesi gapydan boýnuny uzadan-da bolsa ol: «Agşamdan bäri eňegi diňenok şu çaganyň-a, al kakdymy-nämemi, öýlän işan agalaryna äkidip, okudyp, doga-tumar alaýmasam» diýip, şol wagt gaýynenesiniňem öýde bolmanlygyndan peýdalanyp, öz selkiligini gaçyrdym-basyrdym edipdi. Ýara bitse-de, gaýnap duran ýagyň yzy ýagyrnyda hemişelik besse-besse tagma bolup galypdy. Ozal topbagrak duranam bolsa Ýagdy ýetişip, uly adam çykansoň, ol tegmiller hem belli bir derejede, onuň süňňüniň ösüşine laýyklykda ýaýraw alyp, bir-birlerinden biraz ara açyşypdylar hemem ýognapdylar. Onuň goltugynyň bäri ýanyndaky altynjy tagma bolsa, indi goltugyň aşagyna tarap çekilip, sähelçe görünýärdi. Şonuň üçinem onuň arkasyndaky tegmiller, diýseň-diýmeseňem, penje yzyna meňzemänem durmaýardy... Ýagdy şura kömürden üstüni dökün edeli bäri Begendik ussa gollaryny çermäp, indi telim günden bäri gazyçylaryň aladasyny ilerläp işleýärdi. Şura hem ýygy-ýygydan gelip, aýak üstünden bu ýerdäki gazy bilen baglanyşykly işleriň barşyndan habar alyp gidýärdi. Bu gezek Ýagdy Begendik ussanyň ussahanasyna gelende, onuň ýanynda oba adamlarynyňam bäş-altysy bardy. Olar ussanyň ussahanasynyň garşysyndaky güjümiň aşagynda aýratyn bir bölejige öwrülip otyrdylar. Körügiň ody güwläp, öňdenem yssa dünýäniň mundanam has hem gyzgyn bolaýmasynyň barlygyny görkezýärdi. Gara dere süllümbaý ezilen Begendik ussa gapysy giňden açylan ussahanasynyň ortasynda, agzy aždarhanyň agzy ýaly ot saçyp duran körügiň gapdalynda kömekçisi–daýanykly ýigit Gurbandurdy bilen ýerli-ýerden «hä-de, hä» bolşup, demir ýenjişip, wagtal-wagtal ony körügiň közüne süsdürip, pil taplap durdular. Aky molla-da bu ýerde bolansoň, ol özüniň mylaýym sesi bilen kyýamatdan gürrüňe tutduryp, kölegede oturanlary ýene-de özüne imrindiripdi. Ol Gurhan okamaga ussat bolşy ýaly, gürlände hem örän täsirli gürlärdi. Adamlar bir gonsalar, onuň töwereginden asla turaslary gelmezdi. Il içinde onuň siňňitli dilewarlygy barada: «Molla agany diňläp-diňläp, Gyty kel gopar ýerde onuň ýanyndan gopup bilmän, düýşürgän ýaly balagyna goýberen bolsa nätjek...» diýenem bir gürrüň bardy. Häzirem ol Nuh pygamberi, onuň Taňry maslahaty bilen ýalkan janly-jandarlarynyň baryny öz oglanlarydyr gelinleri bilen gämä mündüripdi. Ýagyş bolsa şol ahyrzaman günündäki ýaly bedreden guýulýan ýaly eňterilip dökülip durdy. Gämi bolsa barha depä göterilip ýerden saýlanyp barýar. Nuh atanyňky düşnükli, Taňrynyň üsti bilen onuň ähli zadyň erkini öz göwnüne tabyn etdiresi gelýär. Onuň köp edýän işleri Aky mollanyň diniň üsti bilen ili öz agzyna garatmak pikiri bilen gabat gelýär. Gämä mündürilip-mündürilmezlik, häzirki döwürdäki kolhoza alyp-almazlyga meňzeýänligi üçin, ol adamlaryň: «Beýle-beýle zatlar öňdenem şeýdip bolup duran eken-ow» diýip oýlanmaklaryna sebäp bolýardy. Aňyrdan at deprenip, jigidini yzyna tirkäp gelen Ýagdy kölegede oturanlara känbir ähmiýet bermän, özüne berlen salamy ulumsylyk bilen gomasalanybrak aldy-da, ussahananyň göni gapysynyň öňünde atdan düşdi. Jylawy attutaryň eline berip, işleriň gidişine üns berenden bolup, ussalaryň garşysynda keseribräk nämedir bir zady atymyna getirip, homp diýip syrta çekip bulap uraýjaga meňzäp, gadalyp durdy: –Ussa, arma-da onsoň! –Bar bol, kemsit! – diýip, Begendik ussa açyk ýüz bilen ýüzüne torba geýdirilen ýaly görkezýän gyrtyç sakgalyny sypalap gepledi. –Işler nähili? –Gaza gitjek adamlar birlän-ikilän gelip, pil-oraklaryny oňardyşyb-a gidýärler. –Ykjam duralyň. Köplere üçin sürgüne gidenler bolmasa, obada ähli işler ýatyp galaýjak ýalydyr. Ýöne görkezeliň işläp, dünýäň direginiň şolar däldigini... Ýagdy gepi aýlap, sürgünleriň üstünden getiren mahaly Begendik ussanyň derçigen ýüzüniň könelenini görse-de, oňa birbada ähmiýet bermedi. Ussa: «Bu zaňňar Kymyş duzçyny görüp, şoňa kakdyryp aýdýar-ow» diýip pikir edeni üçin, şura ussa tarapyndan öz gepiniň makullanmagyna garaşsa-da, ussa onuň sözüne ylygyp hä bermedi. Gaýta, hamala, bu söz öz agzyndan çykan ýaly, agyr derini sylyp durşuna, güjüme arkasyny berip, mollanyň arka ýanynda biri bilen gürleşip, dünýä ähmiýet bermän oturan Kymyş duzça tarap gözastyndan uýatly seredip goýberdi. Içindenem: «Ýeri, häzir bu ýerde beýle gepi aýtmak nämä gerek, onsuzam ol sürgün bolan bendeleň derdini az gördüňmi?» diýip, Ýagdynyň badyhowalygyny halaman, içinden oňa käýindi. Begendik ussa şägirdi bilen iki bolup taplap duran elindäki täze piliniň suwuny bermek üçin gyzyl ot bolup duran halyna ony alyp pasyrdadyp, suwly gaba çümdürensoň, otdan ujy gyzaryp duran oragy çykardy-da, ony bazyrdadyp, tüsseledip oraksapa basan mahaly, bärden gyzyl ot bolup giren demir onuň beýle tarapdan garalyp, uç berip çykdy. Ýagdy şura abşarybrak durşuna ussanyň usullylyk, ezberlik bilen edýän işine höwesli seredip: –Orak kimiňki onsoň? – diýip, ussanyň haýsydyr bir gazyçynyň adyny tutaryna garaşdy. Kölegede oturanlara tarap soragly seredip goýberdi. Ussa, hamala, bu soraga garaşýan ýaly: –Orag-a, kemsit, öz joram Kymyş aganyňky! – diýdi. Kymyş duzçynyňam bu ýerde barlygy belli bolan mahaly, Ýagdy “ziňk” edip, ininiň düýrügip gidenini duýdy. Gözi bilen ony gözläp, kölegede oturanlara tarap ýalpa seretdi. Ýagdy ýaňy gelende oňly üns bermänligi üçin, ony görmändi. Ine, görse, kölegede ýaňy halamazlyk bilen ýatlan adamlarynyň biriniň janköýeri Kymyş duzçy hiç zady eşitmedik, hiç kimi görmeýän ýaly bolup, ýüzüni sowubrak gapdalyndaky bilen ürleşip otyr. Ol ýeňsesinde özünden döwi ýokary gojany gören bada biraz aljyrady. Soňam: –Salawmaleýkim, Kymyş aga! – diýip, oňa öň aň etmänligini mälim edip, at tutup, salam berdi. –Saglykmy, kemsit?! – diýip, Kymyş duzçy hem oturan ýerinden, onuň öz hörpünde berlen salamy gysgaça aldy. Öz ýanyndan bolsa munuň ozalky gadyrly salamlaşyk bolmanlygyny ýatlady. Ýaňy-ýaňylara çenlem Ýagdynyň Kymyş duzçyny gören ýerinde, onuň öz kakasynyň gowy görüşýän adamsydygyny ýatlap: «Salawmaleýkim, Kymyş akga!» diýip, ony ýitirip tapan ýaly ýakynsyrap, gadyrly salamlaşmasy bardy. Kymyş duzçy hem: «Saglykmy, Narly gamyşçynyň ogly?» diýip, mertebe goýup, onuň salamyny alardy. Sürgünler gideli bäri olar duşuşmandylar. Ýagdy bir ýola: «Kymyş aga görünenok-la?» diýip gyzyklananda oňa gojanyň “hüw” diýip, öýden çykyp gidenligini, indem gawun başynda bagryny sowuk ýere berip, bozlap ýatanyny aýdypdylar. Ol muny eşidip, gojanyň indi bu ýüki göterip bilmän, şol ýerde hasrat çekip ölüp galjagyny pikir edipdi. Şonuň üçinem bu duşuşyk garaşylmadyk, duýdansyz hem öldi diýlen adama duşulandaky ýaly alasarmyk ýagdaý boldy. Hamala, özüni etmişiniň üstünde tutulan ýaly duýan Ýagdy şundan soň bu ýerde uzak eglenmedi. Ol beýleräkde atlary saklap duran jigidiň ýanyna baryp, onuň elinden öz atynyň uýanyny kakyp diýen ýaly aldy-da, atlanyp gitmek bilen boluberdi. Kymyş duzçy daşlaşyp barýan atlylaryň yzyndan seredip oturyşyna aşak bakyp, köpmanyly ýylgyrdy, içinden: «Haý, munuň bolup ýörşün-äý, walla!» diýip, başyny yrap goýberdi. Ýöne nämeler diýesi gelenem bolsa, ol soňra dil ýaryp geplemedi. Şonuň üçinem töwerekde oturanlaryň gojanyň kalbyny bilesleri gelse-de, bilip-bilmän galdylar. Ýogsam, bu pursatda adamlaram, dünýä-de juda ünslüdiler... Kymyş duzçy Begendik ussanyň ýanyndan gaýdyp gelip, Jemal mamanyň taýynlan derde derman noýbalyja unaşyndan derçigip içensoň, gijöýlänler ateşegine atlanyp, ýene-de gawun başyna ugrady. * * * Otly almaly ýerinden gerek zadyny gola salyp, indem yzyndan el-hal diýşip ýetip gelýän kowgulardan gaçyp barýana meňzäp, howlukmaç ýöreýärdi. Tigirleriň üstündäki wagonlar çaýkanyşyp, bulanyşyp bir oňa, bir muňa gidýärdiler. Otly şol çaýkanyp barşyna, ahyram wagonlaryň hersini bir ýerde ýanyn atyp urarly görünýärdi. Şeýle-de ýol tutuşyndan onuň barmaly menziliniň hem bäri-bärlerde däldigi hem belli bolupdy. Adamlar wagonlaryň içinde aşaklaryna ýanlary bilen alan keçelerinden düşenişip, garyndaş, obadaşraklar birugurrak bolşup, ortada hem ot ýakylaýjak ýaly ötüp-geçäýer ýaly, biraz böwşeňlik ýer goýup, wagonyň dört diwarynyň düýbünde halkalaýyn ýerleşipdiler. Wagonyň içi girilip ugralan mahaly giňiş ýaly bolup görnen hem bolsa, birnäçe maşgala goş-golamy, bala-çagasy bilen gapgarylansoň, ol darlyk etdi. Wagonyň süňňüne gowy ornaşan bolmaly, onuň içinde ýiti at siýdiginiň ysy henizem bardy. Bu günler otlular gidenlerinde Türkmenistandan pagta-bugdaý, nebit, mal, sürgüne buýrulanlary alyp gidýän bolsalar, beýleden tapgyr-tapgyr ok-ýarag, atly harby bölümleri getirýärdiler. Şeýle-de bolsa ol ýiti ys indi çagalaryň arlyk-kirlikleriniň, adamlaryň ajy der yslary göterilip ugransoň birneme kiparlapdy. Wagonyň içi welin, göýä barha onuň göwrümi daralýan ýaly, kapasaýardy. Orazgeldi dagy Gully eminiň nebereleridir özleri bilen bir wagona gondurylan iki-üç sany tagtabazarlylar bolşup bir gapdalrakda, hatara ýerleşipdiler. Aýaldyr çagalary ortarak alşyp, olaryň töwereginde ýaý berşip otyrdylar. Gapynyň öňünde hem biraz boşlaň ýer bardy, ol ýere häli-şindi, çilimsiräp ölüp barýanlar gelip, içigişip-içigişip, çilim sorup oturýardylar. Gözler hesretden dolam bolsa, indi aýallar aglamaýardylar. Ýüreklere kanagat-kaýyllyk aralaşypdy, Hudaýa berlip, başa düşeni çekip, durmuşa, ýagdaýa görä duraýmadan başga alaç hem galmandy. Onsoňam, näme, aglamagyň ýerimi bi!? Agyňam içigip-içigip gaýgy-hesret duýulýan, kalba ýetýän ýerinde aglasaň, ine, şoňa ölä leňňer, dirä lerzan beren agy diýilýär. Onsoňam häzir seniň gözýaşyňy, hesretiňi ezizläniňi täze hökümetiň adamlarynyň juda göresi gelen mahalynda aňryujy çydap bolsa, aglamaly däl. «It öz arryklygyny gurda bildirmez» diýip, akyl etmänmi nä köneler?! Sürgünler atarylan gününiň ertesi Marynyň OGPU-sy özünden ýokardaky Respublikanyň OGPU-syna şeýle mazmunly telegraf habaryny atardy: “Düýn respublikanyň dürli ýerlerinden (Tagtabazardan, Ýolötenden, Marydan, Türkmengaladan, Tejenden, Sarahsdan, Gökdepeden, Bäherdenden, Sakarçägeden, Baýramalydan...) Mara getirilen sürgüne höküm edilenler, jemi 260 maşgala sürgüne ýollanyldy. Göterim wagtynda kulak maşgalalary hiç hili garşylyk görkezmediler». Mary oblast OGPU başlygy Wadim Gaýharow. Mary. 1932-nji ýyl. * * * Gitdikçe «Ýol azaby – gör azaby» diýleni bolup, adam tebigaty bilen bagly ençeme müşgil meseleler hem şundan soň ýüze çykyp ugrady. Adamlar şol baryşlaryna: «Indä-hä bir ýerlerde säginäýse, milletiň ýazylmagyna-beýlekisine mümkinçilik bolardy» diýşip, tama etseler-de, sürgünleri alyp barýanlaryň ynsanyň bu jähtlerini, zerurlygyny göz öňünde tutmanlygy aýan boldy. Otly soňam durar ýerde durmady. Ilki bu zerurlygy çagalar bilen ýaşuly adamlar duýup ugradylar. Çydamyň derdinden indi, ylaýta-da ýaşuly adamlaryň has-da ynjalygy gaçyp, olaryň göz owalarynyň aşagynda nemli haltajyklar emele gelip ugrapdy. Adamlar häzir arzlaryny kime aýtjaklaryny bilenokdylar. Olary getirip gapgaryp, wagonyň gapysyny daşyndan ýapanlar bolsa, gör, häzir otlynyň niresindediler? Erkek adamlar eginlerini gysyşyp, nätjeklerini bilmän, hersi öz goňşuraklary bilen ikibir-üçbir bolşup, bir-birleriniň ýanyna maslahata üýşüşip ugradylar. –O-how, biýä aljak adamy! –Otly duraýmazmykan? –“Dokuň açdan habary ýok” diýleni, äkidip barýanlar biziň hem adamdygymyzy ýatlaryndan çykaraýdylarmyka?.. –Mal çekýän gaty magunlaryna salansoňlar, bizi hem olar maldyr öýdýändirler. Siýdigini, lapbajyny şolar ýaly duran ýerine atdyraýjakdyr bular. –Maldan gowam görülýändirin öýtmegin, halypa! Adamlaryň hüňürdisi barha ýangynly eşidildi. Bu ýagdaý birnäçeleriň bolsa jynyny atlandyrýardy. Uzyn boýly, boldumly Tätän atly degenek içki harasadyna bäs gelip bilmän durşuna: «Şularyň özlerine bir biziň günümizi çekdirsediň» diýip, ahmyrly hyrçyny dişledi. Adamlar ony ilkinji gezek Maryda Ahaldan toplum adam getirilende, şolaryň arasynda görüpdiler. Dogumly adamdygy daşyndan hem duýulýardy. –Gardaşlar, meniň aýdanymy etseňiz, öz alajymyzy özümiz görsek ýagşy! – diýip, buruljyrap wagonyň diwaryna ýaplanyp, ynjalyksyz oturan gürzelek sakgally Seýitmyrat aga bir aýgyt etmekçi bolýandygyny mälim etdi. Bu öz ogludyr inisiniň ogly bilen sürgüne barýan gojady. –Näme etsem diýýäň? – diýip, onuň garşysynda oturan Orazmämmet ahun sakgalyny sypalap, onuň dillenerine gyssandy. –Häzir bir palta bolaýsady, ýa bir saldamly daşam bolsa... Palta sözüni eşidende hamala öz ýany bilen dolap alan paltasy hakda gürrüň gidýän ýaly beýleräkde gürrüňe goşulman, tutuk oturan Çary ussa aladaly töweregine gozganjyrady. Içinden: «Paltany näme etjekkän bu ýaşulular? Otlynyň gapysyny paltalap...» diýip alasarmyk oýlandy. Soňundanam: –Ýeri, palta-da tapan ekeniňiz-dä, ony nädersiňiz onsoň? – diýip, ol oturan ýerinden sorady. –Ber, paltaň bolsa, ýagşy ýigit, näme etjegimizi onsoň özümiz bileris! Adamlaryň hemmesi ýalta Çary ussanyň oturan ýerine tarap tama bilen seredişdiler. Heniz duşuşanlary bäri bir-birleri bilen oňly tanyşmaga ýetişmedik adamlar paltasynyň barlygyndan habarsyz boluşlary ýaly, onuň Çary ussalygyndanam habarsyzdylar. Ol: «Nirede bolsagam, işleniljek bolsa, geregi deger» diýip, öz gerek bolaýjak gurallarynyň birnäçesini hem dolap, ýanyna alypdy. Çary ussa adamlar bilen maslahat urup, paltanyň näme üçin gerekligini özi üçin anyklap, maslahaty göwnüne jaýlansoň, ýeňsesine öz maşgalasynyň oturan ýerine tarap sähelçe öwrülip, ol ýerde saçy ketgen ýaly pezzerip duran alty-ýedi ýaşly gyzjagyzyň gapdalynda adamlara seredip oturan sekiz-dokuz ýaşly daýanykly oglana ýüzlendi: –Jepbar! –Hä? –Ejeňe: “Paltany alyp ber!” diý! –Byçgynammy, kaka? –Gerek bolsa, özüm aýdaryn... Aý, bolmasa, onam alaý! Gurallar ele alnansoň, adamlar wagonyň bir burçundakylary biraz ýeňseräk süýşürişdirip, hä diýmänem şol ýerden bir bölek tagtany goparyp aýryp, özlerine hajathana ýasandylar. Onuň gapysyna hem biriniň köneräk keçesini keseligine bir etegini göterip girip-çykaýmaga amatly edip berkitdiler. Adamlar şundan soň agyr ýük eginlerinden düşen ýaly, ýeňillik bilen dem aldylar. Otlynyň içi giňelene meňzedi. Bagtly bolmak üçin adama şeýlebir köp zadam gerek däl eken, onuň üçin bagtyňy ýitirip, soň onuň haýsydyr bir bölegini tapmagyň özem kiçi-girim bagt däl eken. Bu garma-gürmelikde özüňi tanadaýmak aňsadam däldir welin, ýöne bu gezek munuň üçin bir palta ýetik boldy. Paltanyň peýda bolmagy bilen adamlar gark bolup barýarka golundan çekilene meňzäp, diňe bir jaýtymurt Çary ussa däl, onuň aýaly Enejana, ogly Jepbardyr ketgen saçly gyzy Jerene hem indi başgaça seretdiler. Çary ussa – Çary Täşli öz ussaçylyk hünäri bilen Tejen, Mary töwereginde tanalýan tanymal ussady. Bolşewik gelmezinden öň bu öwreleriň “men” diýen baýlary ogul öýerjek mahaly ýaş çatynjalar üçin gurnaljak öýi Çary ussa dikmese, göwünlerine jaý etmezdiler. Çary ussa özüniň ýanyndaky dört-bäş şägirdi bilen şeýle öýleri bir hepde-on günde bezäp-besläp şol ýerde gondurar eken. Ol eli hünärli, barly adam bolansoň, bu wagta çenli eýýäm dört gezek yzly-yzyna öýlenmäge ýetişipdi. ... Ýigriminji ýyllaryň ortalaryna onuň Nurjemal han atly, özüne göwni ýetip ýören atly-ýaragly gezýän aýal bilen arasyna jetlik düşüpdir. Bir gezek Çary ussa ýakynda Tejende öý guranda berlen uçganaklap duran ata atlanyp Mary bazaryna baranda, ol aňyrdan toplum atlynyň öňüni çekip gelýän Nurjemal han bilen gabatlaşypdyr. Nurjemal hanyň ýigidiň atyna göwni ýetipdir hem onuň bahasyny birneme düşürip, satyn almak isläpdir. Ol öz ýanyndan: «Gezip ýören salpyaýak ussa munuň ýaly at nämä gerek?!» diýip pikir edipdir. Çary ussanyň öňünde atyny keserdipdir-de: –Ussa, munyň atmy ýa baýtal? – diýip, oýnaklap sorapdyr. –Atdyr bu, Nurjemal han! – diýip, onuň öz töweregine tor aýlamakçy bolýanyny aňan Çary ussa hem oňa, dyzmanç atyň jylawyny ebşitläp çekip tutup oturyşyna jogap beripdir. –Şeýlemi asyl? – diýip, Nurjemal han ýene saljaýyp gepläpdir. –Şeýleligine söz ýokdur. Barlap gör ynanmasaň! Onsuzam ol seni görende horguryberendir. Baýtal görse, durary bolmaz onuň... Nurjemal hanyň ýanyndaky atlylaryň birisi onuň garadan-gaýtmaz batyr ogly Atady. Ussanyň gedem jogaby, ejesiniň bolsa baýtala deňelmegi onuň diýseň gaharyny getiripdir. Ol elindäki dürre gamçysyny salypdyr şarpyldadyp ussanyň depesinden. Şundan soň beýleki atlylar hem ýerli-ýerden Çary ussany üm edilen ýaly gamça gerňäp, bazar märekesiniň öňünde: «Bize garşy duran adam hakyny, ine, şu ussanyň gününe düşer» diýen manyda görene göz edip, hezil edip ýenjip, süýndürip gidipdirler. Ussa bir hepde-on gün ýerinden galman, gündizler daşara çykman, ýarasyny ýalap bitirýän möjek ýaly, öýüniň töründe guýlunyp ýatypdyr. Iliň gözüniň alnynda it masgarasy bolup, ýenjilenine namys edipdir. On gün diýlende, ol ýagşy garaňkyny düşürip, iki sany şägirdi bilen ýaraglanyp, Nurjemal hanyň gum etegindäki galasyna gelipdir. Bärden gygyryp, özüniň haklaşmaga gelenini mälim edip: «Ölüşmejek bolsaň, çykar ogluňy orta!» diýip talap edip durupdyr. Özüne göwni ýetýän adam, onda-da Nurjemal han, ol-a ogly eken, itini saňa ýençdirmäge berýämi? Taraplar daňdana çen atyşypdyrlar. Atyşyk mahalynda Ata agyr ýaralanypdyr. Şonda Çary ussanyň özem, onuň bir şägirdem gyltyzrak ýara alypdyr. Çary ussa soň Nurjemal hanyň öz üstüne geljegini pikir edip, ahmal galmazlyk üçin, telim bir wagta çenli ýatanda hem ýaragyny elýeterinden uzaklaşdyrmandyr. Ol diňe bir ýyldan soň Nurjemal hanyň bolşewigiň atlylary bilen çaknyşykda öldürilendigini, onuň ogly Atanyň hem tussag edilendigini eşidensoň, birneme arkaýynlanypdy. Görüň, soňam bu durmuşyň edýän oýnuny? Munda kellä gelmejek, asla beýle bolup bilmejek ýaly bolup görnen zatlaram bolasy gelse boluberer eken... Çary ussa bir gezek Nurjemal hanyň gyzy Sülgün hanyň dul galanyny eşidip, ony öz şägirtleriniň birine alyp bermekçi bolýar. Ine, bir günem sähedini öňüne alyp: “Niredesiň Goňur obasy?” diýip, mele ýorga atlanyp, depýär onuň öýüne. Sülgün han Çary ussany ozaldan tanaýar eken. Haçanda ol özüniň gelmeginiň sebäbini aýdanda, Sülgün han bu bolýan zatlara haýran galýan ýaly oýurganyp, gülümsiräp oturýar. Çary ussa soňra ýene birbada dykyn alan gürrüňe ýol arçamakçy bolýar: –Sülgün gelin, oýa batdyň-la? –Oýa batyrdyň-da, ussa – diýip, soňam: «Meni bir gör-ä! – diýýän manyda göwüslerini, görk-görmek mynasybetini göz edip güjeňläp, zenanlarça owsunýar. Soňundanam ol jogabyna ýene birsalym garaşdyransoň, syrly nazar bilen seredip, Çary ussanyň özüne ýüzlenýär. – Çary, heý, seniň şägirtleriňden maňa är bolup biljegi tapylarmyka? –Ýekelik Hudaýa ýagşy, Sülgün, onsoňam bu höwes-joşgun ganyňda at salýan mahalynda... –Sen meniň soragyma jogap bermediň, ussa. “Hawa!” diýip jogap berenem bolsaň, ol ýalňyş bolardy. Özüň ýaly bir garadangaýtmaz goç ýigit bolaýmasa, öňýeteniň maňa ärlik etmäge bogny ysmaz... Sülgün hanyň özüne höwes edenini gören Çary ussa şundan soň oňa: «Heýlemi? Üç bolmasa, dört eken-dä, mün atyň syrtyna!» diýipdir . Sülgün han bulaşyk döwürde ejesi Nurjemal han, agasy Ata ýowuz ýaly ata çykyp, herýeteniň minnetini çekmek islemedik, arslan ýürekli aýallaryň biri bolupdyr. Ol üstüne sürnen bolşewiklere: «Yrsaramaň, siziň garaňyzdan gaýpynýan ýok. Isleseňiz, saýlaň haýsy goly saýlasaňyz, ýaka tutuşmaga men taýyn. Onsuzam henize çenli biziň neberämizde tüýnüge seredip ölenimiz ýok!» diýer eken. «Men – bolşewik, men – komsomol!» diýip gaty gidýänleriň çola ýerde öňünden çykyp, kükrege tüpeň diräýmesem bar eken. Dört aýaly bolsa-da, Çary ussa sürgüne aýallarynyň arasyndan Enejan atly başdaş aýalyny ýoldaş edinipdi. ...Otlynyň bolsa türkmen topragyndan barha daşlaşyp, şol gidip barşydy. Bir menzile ýetensoň, onuň aňyrsyndan ýene bir menzil başlanýardy. Ýurtda köp zadyň süňnüne sarsgyn beren ýene bir apy-tupan çaýkanýar. Millet bolsa onuň däli tolkunlarynyň girisine düşen, öňüne salyp, hellewledip akdyryp, islän ýerine atyp-goýup ýören zyňyndy zadyna öwrülipdi. Indem gark bolup giden haýsy, entek bir ýollar bilen agramyny saklap, ýüzüp ýören haýsy? Gark bolup barýanyň aladasy ýeke bolýar, her zat etmeli – halas bolmaly. Durmuş dolap bir aýagynyň astyna alansoň, soňra aňsat sypdyraýýarmy ol seniň ýakaňy? Ýöne, nädip gark bolman, suwuň ýüzünde saklanmaly? Häzir sürgüne barýanlary esasy köseýänem şu sowalyň näbelli bolan jogabydy. Kalbyna mähnet daş goýlan adamlar üçbir-dörtbir bolşup, başlaryny sallaşyp, goşlarynyň gapdalynda bir-birleri bilen gysga-gysga gep alşyp, ümürleşip otyrdylar. Olar gözi girýan, bagry birýan halda öz dogduk depelerini, öwrenişip höwrügen erkin durmuşlaryny küýseýärdiler. Şonuň üçinem bu küýseg näçe güýçli boldugyça-da, ol şonça-da adamlaryň şindiki ýagdaýa uýgunlaşmagyny kynlaş¬dyrýardy. Aýallaram indi dady-perýat etmeýärdiler, ykbala kaýyl bolana meňzeýärdiler. Aglasalaram sessiz aglap, gözýaşlaryny elleri bilen, bürenjekleriniň çeti bilen sylýardylar. Ýagdaýyň weji ýokdy, ýöne onuň deregine başlary dikdi, çagalary ýanlaryndady. Birki günden bäri gün içinde bir wagtyna otlyny togtadyp, adamlary naharlap, belli mukdarda çöregem berlip ugralypdy. Bu bolsa durmuş ilki pikir edilişi ýaly, barha zabunlaşman, biraz ýumşaşýana-da meňzäpdi. Ýöne hasrata, zenandyr çaga gözýaşlaryna gark bolup barýan alagaraňky wagonyň içinde welin entek hiç zadam üýtgemändi. Durmuş bu ýerde özüniň ejiri, ajy ys-koky bilen şeýdip, hemişelik doňup galana meňzeýärdi. * * * Aýak ýygnanyp, ýatar wagty bolupdy. Dünýä indi rahatlyk bilen dem alýardy. Bag başlaryny yralap, sergin şemal ýuwaşja öwüsýärdi. Asmany balkyldaşyp, bir-birlerinden owadan ýyldyzlar eýeläp, olar häzir ümä gelen gyz-gelinler ýaly şadyýan hem tomaşahon görünýärdiler. Aýyň ýüzi nuranady hem ol häzir şu gyzlara baş bolup, dünýäniň seýil-serginligine çykan ekabyr, görmekli gaýtarma gelne meňzäp, has hem imrindiriji görünýärdi. Aňyrdan Garabil baýyrlarynyň üsti bilen atyny gorgunyna sürüp gelýän Ahmet Bäşdeşik kertiň depesine ýetensoň, bir salymam bolsa, töweregiň habaryny almak üçin, ol ýerde atynyň başyny çekdi. Şonda ol bir aý gowrak wagtlap gözünden uçan obasynyň gijäniň çal-çul sapajyklaryna çolaşyp ukuda ýatanlygyny gördi. «Biziňkiler sag-aman otyrmykan?» diýip, ýüzugra öýüni, çagalaryny, Kymyş duzçyny ýene-de birnäçe öz bäşbelalaryny ýatlady. Ahmet ýöne ýere ýitmändi. Ol talapda bolupdy. Baýraçly Söýli baý oňa hezzet-hormatyny hem ýetirjegini degerli adamlaryň üsti bilen aýdyp, bir sebäp bilen özi gidende ýurtda galan kiçi aýalyny ondan öz ýanyna – Pyrara aşyryp bermegini sorapdy. Ahmediň, nä, bu etmän ýören pişesimi?! Üstesine lomaýja gazanybam bolýan bolsa?! Ol haýal etmän Baýraja gidip, baýyň aýaly bilen ýoluny tapyp habarlaşypdy. Şol günüň ertesem bir horjun kümüş puly atyna bökderip, aýalam syrtyna alyp: «Nirdesiň, Pyrary?» diýip göterilip gidipdi. Ýöne, serhet golaýam bolsa, ondan bu gezek azapsyz, ýeňillik bilen aşmak mümkin bolmandy. Sowetleriň serhedi barha berkidýänligi hakyndaky gürrüňler dogry bolup çykypdy. Hemişeki geçýän ýerinden geçmekçi bolanda, bu gezek ol tasdanam ýoly saklap ýatan serhetçiler toparyna duşup, okdan uçupdy. Ýöne, öňde bir howpuň barlygyny aňyp gulaklaryny keýerjekledip, hüşgärlik bilen horguran at, şondan soň öňe ätmändi. Onýança-da gamyşdyr toraňňylaryň arasy şatyrdap, nämedir bir zadyň ol ýerde alabasga düşen ýaly bolany belli bolupdy. Ahmede at başyny ýeňsä alyp, gyssagly gaçmadan başga alaç galmandy. Esgerleriň görmän, çen-çak bilen atan oklary «şuw-şuw» edip, onuň depesinden, gapdalyndan geçipdi. Ahmet yza – buky ýere çekilip, bir gün amat arap, serhediň ýagdaýyny öwrenip oturansoň, şol günüň ertesi säher-säherler ukynyň süýji mahaly atyny ýene-de täzeden şol töwerekden derýa salypdy. Esgerlerem kimiň geçenini bilmeseler-de, kimdir biriniň özlerini ahmala goýanyny aňypdylar, hyrçlaryny dişleşip, ahmyr bilen onuň ýoluny saklap, yza geçerine garaşypdylar. Ahmedem muny aňypdy we bir hepde-on gün baýyň hezzetinde bolansoň, terse – demirgazyk-gündogara ýöräp, şondanam serhediň baýyrlykdaky hiç tarapa-da heniz oňly belli bolmadyk ýerinden, araçäkden aňsatlyk bilen geçipdi. Agalary Orazgeldidir Orazgylyjyň sürgün edilenini hem ol şol ýerdäki çopanlardan eşidip gyýlyp-gynanypdy. «Bäşbelanyň şahyna taýak salyndy diýsene?» diýip, gazaba berlip düwlüpdi. Aňyrdan gelşine Ahmediň ilki pikiri çopan-çoluklaryň arasynda talapda bolandan bolup, syr bermänem, ýene-de ile goşulmakçydy. Ýöne Kymyş duzçynyň başyndan inen duýdansyz ahyrzaman indi çatyk jan hökmünde onuň pikirini üýtgedipdi. Onuň: "Şonsuz çöp başy gymyldamaz. Bu işleriň başynda Ýagdy şura bardyr" diýip, pikir edýänligi üçin, Ýagdy şura heniz öýe barmanka, obada ýok adam hasabynda mahaly eden işini soňra özünden görülmez ýaly, onuň bilen hasaplaşmak pikirem indi häli-şindi onuň aňyny pişik bolup dyrmalap, ýarasynyň kesmegini goparýardy... Hanuma ýerini salyp, ýatmak üçin ýaňy başbogusyny aýryp, çyrany öçürip, düşegine geçipdi. Gapynyň öňünden kimdir biriniň aýak sesi eşidilen ýaly duýuldy. Bu gün şura jaýynda ýolbaşçy işgärleriň obada işleriň barşy barada her günki işden soňky geçirilen ýygnagam o sebäp, bu sebäp bilen adatdakysyndan has uzaga çekipdi. Ýagdy bilen Nurjuma ýygnagyň soňuragynda, bir brigadadan beýleki brigada geçirilmeli sürüm öküzleriniň üstünde ýene-de çagalykdaky ýaly, hersi özüni-özüçe mamla hasap edişip sensireşipdiler... Hanuma başyny ýassykdan göterdi, demini saklap, töweregine has ünsli diňşirgendi. Aslynda hiç kimem ol ýerde ýok bolsa gerek, belki-de, gulagyna eşidilendir. Ýa-da öýüne ýönelen Ýagdy höwesine berlip, orta ýoldan dolanyp, küýsäp gaýdyberdimikä? Hanuma munuň hemişe öz öýüniň töwereginde ony hamala özgelerden gabanýana meňzäp gezýän, nätanyş adamlary görende düýrügip hyrsyzlanýan Ýolbars itiň aýaklarynyň çybşyldysy bolmagynyň ahmaldygy hakda hem oýlandy. Ýöne olam goňşulykdaky saraýsakmanyň ýanyna gitmedik bolsa. Soňky döwürde ol saraýsakman bilen has ysnyşyp ýördi. Hanuma her gezek öňüne ony-muny atmakçy bolanda hem ony şol ýerden çagyryp alýardy. Onsoňam diýseň-diýmeseňem, bu it-guş çybşyldysy däl-de, adam aýaklarynyň sesine has meňzeşdi. Hanuma ýalňyşmandy. Bu Ahmetdi, ol özüniň öýüne hem daraman, atyny bukurak ýerde baglap, obanyň habaryny alyp, Hanuma bilen didarlaşma höwesi bilen tanyş öýleriň töwereginden oýtarlap geçip gelipdi. Ahmet töweregine garanjaklap, öňündäki pesräk gapyny duýşukly sähelçe iteklän mahaly, Ýagdy şuranyň öýünden dolanyp, yzyna gelenligini pikir eden Hanuma içerden: –Kim bar? – diýip, umytly saljaýybrak dillendi. –Hüm-m, men... Hanuma bu ýogyn basyksy sesi birbada tanamady. Emma bu Ýagdy-ha däl, eger ol bolan bolsa, «Kim?» diýlip, soralanda: –Gapyny bir aç, onsoň görersiň – diýip, öz göterimräk häsiýetine görä epeýsiräp gürlärdi. Onýança ses ikilenç gaýtalandy: –Hanuma, bu men – Ahmet! Hanuma indi sesi tanady. Emma Ahmediň gijäniň goýry bir mahaly, onsoňam Ýagdynyňam bu öýde seýrek bolmaýanlygyndanam habarly bolubam nädip çekinmän gelip biljegine ynanyp bilmän, göz açyp-ýumasy salym aňynda köwsar berdi. Ol sesiň kimiňkiligine anyk göz ýetirensoň, gökdäki dileginiň ýerde gowşanlygyna tolgunan gelin bir «Hih!» diýdi-de, dessine syçrap ýerinden turdy. Ynsan aňyna bir habar ýetensoň, ol hem ony bedeniň ähli ýerine ugradýan borly. Gelin tanyş sesi eşidip, süňňüniň hem goram-gowşak bolup gidenini duýdy. Soňra bolsa ol duýgy damar yzarlap, aýlanyp, gelniň höwesli kalbyny tamaly owsundyrandygy belli boldy. Ol gapyny açyp: –Sen nireden çykaýdyň-la, oglan? – diýende onuň sesi balda mongalan ýaly tagamly hem höwesli eşidildi. Hanuma höwes etse-de Ahmede garaşmandy, onda-da munuň ýaly dara-direde. Ýogsam, Ahmet onuň ýadyndady. Aýallar göwnüne ýeten ýigitleri soň-soňlaram unutmaýarlar. Şol pursady bolsa olar öz ömürleriniň iň gowy pasly hökmünde görýärler. Hanuma hem şol duşuşykdan soň Ahmedi göz öňüne getirip: «Meniň gara goçum soňky döwürler göze ilenok, sag-aman gezip ýörenmikä?» diýip oýlanýardy. Hatda ýakynda bir gezek oba gelen OGPU-nyň işgäri hem onuň arasynda Ahmet bilen bagly gysgaça gürrüňçilik hem bolupdy. Ol işgär bir atlynyň Baýraçdan baý aýaly altyn-kümşi bilen atyna artlaşdyryp, esgerlere al salyp, serhetden alyp geçenligini ýatlap, soňundanam öz şübhesine düşen adam hökmünde: «Ahmet ýowuz görünýämi obada şu günler?» diýip onuň bilen gyzyklanypdy. Nämäniň-nämeligine dessine göz ýetiren düşbi gelin şonda Ahmedi golaýda görmedigem bolsa: –Iki-üç günlükde, ol Gara çopan bilen çöle barýan ýalydy-la – diýip, meseläň aňry tarapynda Ahmet bolansoň, alasarmyk, aladaly gürläpdi. Hanuma hyrs ýaly bolup aňyrdan gelen Ahmet bilen boý deňeşdiren mahaly, ýaş gyz ýaly gözüne ýaş aýlap, birden joşgunly tolgundy. Şu pursatdanam ol Ahmediň özge ýerden däl-de öz kalbynyň telwas ummanyndan çykanlygyna ynandy. Ahmet gele-gelmäne gelni höwesli gujaklady. Hanuma höwes-hyýala berlip durşuna alkymynda üstüne abanyp duran Ahmediň bir goluny aldy-da, ony iki eli bilen ýüreginiň höwesli gürsüldesini eşitdirmek isleýän ýaly kükregine gysdy. Ahmedem ýakymly zenan müşgi bolup bugaryp duran gelni höwesli gujaklap, döşüne gysdy. Howlugyşyp, hasylaşyp gysgaça hal-ahwal soraşdylar... Ýagdy öňler Hanumanyň öýüne at tezegini guratman, häli-şindi gelýänem bolsa, ýakynda aýaly gaýynenesi Bossan enä: «Ogluňyz meni heleý edinmejek bolsa, gaýtaryň atam öýüme, gideýin. Ol bolsa, goý, şol Hanumasy bilen bal gününe batsyn» diýip, gaýynlarynyň ýüregini çişirip, harasat turzaly bäri ol bu ýere gelmesini mese-mälim seýrekledipdi. Narly gamyşçy göwni çykyp, eselip ýören ogluny gahar ugruna öýünde çybyga gerňäpdi. Ony köpegiň ýat ýala gelen ganjygyň yzyna düşüp ýitip gidip, soňra keýpden çykyp, eýesiniň öýüne dolanyp gelendäki ýaly ýenjipdi. Kim bolaňda näme, türkmençilikde kaka garşy çykyp bolýarmy näme? Ýagdy iýmeli taýagyny iýensoň: –Akgam meni henizem oglanlygymdaky ýaly, kejikdirsem ýenjip ýör-ow – diýip, ýylgyryp, murtuny sypalap oturyberipdi. Şondan bärem gojanyň Ýagdy işde uzak eglense-de, aýaklary ony ýene-de Hanumanyňkydan çykaran bolmasyn diýip, iş edinip, ýörite yzyndan geläýmesem bardy. Gerek adamsyny aňyrsyna ötürip, töründen ýer berip, süňňi ýeňlän gelin Ahmediň alysdan aryp-ýadap gelenini ýatlap, ýeňil gopdy. Goýan belli ýerinden çyrany tapyp, ony täzeden ýakansoň orta süýşürdi. Taýyn gowurmasynyň barlygyny ýatlap, tizbişer nahar-şoruň ugruna çykdy. Saçagy orta ýazansoň, ozalagşamdan galan ýahna çaýynyň üsti basyrylgy duranyny ýatlap, ony hem alyp, myhmanyň öňüne süýşürdi. Gapdala – bir ýere elini uzadyp alan haltajygyndan bir gysym sök çykaryp, saçagyň üstünde goýdy. –Sen häzir, sowan görmeseň, şu çaýdan bir käse-ýarym käse sök bilen süýjüläp iç, onýança çaý ýene-de gaýnar, gowy harsaň çaýym bar, hezil edersiň! –Azara galma, gel ýanyma, gelsene bir sen! Men ýadawragam bolsam, juda aç däl. Çopanlaryň ýanyndan gaýtmankam gowy naharlanyp hem ýolda suwsamaz ýaly, bir käse ergin akýagy urup, yzyndanam iki tüňçe çaý içip gaýtdym. –Şeýle-de bolsa... – diýip, Hanuma myhmany hezzetlemek meýlinden el çekmedi. Diwara ýaplanyp, ýalmanyp oturan Ahmede çyranyň yşygyna Hanumanyň begençli balkyldaýan gözleri, çalasyn hereketleri, süňňüýeňillik bilen ony goýup-muny göterýän ak gollary görünýärdi. Onuň näzik ýüzünde henizem ýeňiljek, sowlup ýetişmedik tolgunma bardy. Eýsem, tolgunmaz ýalymydy näme, gör-ä, bu bolýan zatlary, Taňry onuň soňky günlerdäki çekýän ýekelik zaryny eşiden bolmaly, onuň köpden bäri yhlasyna göwün edip ýören ýigidi häzirki pursatda bolsadydan çykan ýaly bolup, onuň gaşynda otyr! Çaý başynda Ahmet özüniň arsyz wagtdan bäri bu öwrede bolmadygyny ýatlap, Hanumadan obanyň hal-ýagdaý soraşdyryp oturdy. Hanuma ilki hemmeleri ynjalykdan gaçyrýan sürgün meselesiniň barha örç alýanlygyny: “men-men!” diýen adamlaryň bir depik gumy bilen tozadylyp göçürilip goýberilendiklerini, eýýäm iki tapgyr sürgüne atarylyp, OGPU-nyň indi üçünji topary ugratmagyň ugrunda gezip ýörenligini, bu işleriň hamala ogurlyk işler ýaly tiz edilýänligini hem ýatlady. Ol Aman OGPU-nyň, raýona täze gelen prokuror Sary Baýlyýewiň döwrüň halamaýan adamlaryna garşy alnyp barylýan eşretli göreşleri barada ýatlasa-da, ol barada ýagşydan-ýamandan dil ýarmady. Ýagdyny-da ýatlamady. Ahmet bu barada oýlanyp, Hanumanyň ony esasy hossary hökmünde goraglaýanlygyny pikir etdi. Şeýle-de ol bu işleriň bir tarapynda Ýagdynyňam barlygyna welin, henizem öňküsi ýaly, onuň ýurdy belet bolup çapýandygyna ynanýardy. Ahmedem gyzgyn demini höwes edip oturan gelninden onuň pikirini bölüp, Ýagdy barada hem hiç zat soramady. Aňyrdan ahmyrly gelýän-de bolsa, Ahmet agasynyň ojagyny-da ýumurmaga gatnaşanlygy üçin Ýagdynyň garşysyna göni gitmekçi däldi. Beýdilse soňra munuň üçin öz maşgalasyna, dogan-garyndaşyna hem hökümet tarapyndan azar barynyň beriljegini bilýärdi. Näme edilse-de, hiç kime-de hyýanat ýetmez ýaly, gizlin, gaýratyň bir ýanyny hilä ýanap etmelidi. Ýöne, gönümel Ahmetde asmandakyny alyp düşen hile hany? Onuň başyndan ýene-de herhili pikirler gelip geçdi. Orta nahar gelensoň, Hanumanyň özem gelip, onuň gapdalynda oturdy. Mähirli goýungözlerini balkyldadyp, hyrydar gözledi. Gelniň bu hereketleri baýyrdaky bolnan mähribanlygy Ahmediň ýadyna saldy. Nahar wagty uzak dowam etmedi. Ahmet aňyrsyna il gonanyny aňyp-aňmanka, kalby höwesli gelniň mähri ýene-de ony özüne dolap aldy. Ahmet hasanaklap, basa düşüp, mes iner bolup ýokarsyndan inen mahaly Hanuma bir: «Waý, bu oglanyň bisabyrlygyny!» diýip, süýjülik bilen pyşyrdamaga ýetişdi... Olar uzakly gije uklamadylar. Wagt bolsa juda tiz geçdi. Indi daň säheri uzak däldi. Hanuma bolsa bu gijäniň gyş gijeleri ýaly juda uzak bolmagyny isleýärdi. Ukudan galan Ahmet gitmek üçin düşekden göterilen wagty Hanumanyň posalakdan ak bilekleri ýene-de onuň boýnuna çolaşdy: –Eýýämmi? –Gije geçipdir-ä! –Entek obaň horazlaram gygyranok! –Horazy gygyrdyp dursaň bolýarmy onsoň!? Ahmet ugramazyndan öň Hanuma daş işige çykyp, golaýrakda oturyp-turup, aýak ýoluna çykandan bolup, töweregiň habaryny alyp gelensoň, Ahmedi ýola salyp ugradarman boldy. Ýaş gelinlerçe onuň boýnuna gol salyp gysmyljyrady. Onuň mährinden ganmaýanyny mälim etdi: –Onda sag otur! –Sen nirä gitmekçi? –Dünýä giň-ä... Saçlary bulaşan Hanuma minnetdar bolup, Ahmedi gapynyň öňünde ýenebir gezek gollaryny boýna salyp natuwan bolup, höwesli gujaklady. Töwerek asudady. Dünýä hezil edip, süýji ukuda ýatyrdy. Ahmet gapydan çykansoň, gelişi ýaly hem ýene-de duýdansyz gijäniň içinde ýitdi. | |
|
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |