12:27 Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy | |
* * * Obadaky täze durmuş adamlary adatdakylara meňzeş bolmadyk düzgünler bilen ýalkap-ýanaýardy. Adamlary bolgusyz, soňy baryp sürgünlerden, türmelerden çykýan ýanalmalardyr yzarlanmalar bilen gata tutýardylar. Daýhanlardan ilkibada diňe ýekebara hojalyklardan salgyt salnyp alnan ýumurtga, bagana, düşek, telpek, mal derilerini tölemek indi kolhoza girenlerdenem zor bilen talap edilýärdi. Hasam bu zatlary tölemäge mümkinçiligi bolmadyk hojalyklar döwletiň ynamdar wekilleri tarapyndan sowet hökümetini halamaýanlygy üçin bar zadyny bilgeşli bermeýän, öňki durmuşy küýseýän tersçil hökmünde heläk edilýärdi. Maşgalalar mümkingadar doýagaryn iýmän, aýal-gyzlarynyň şaý-seplerini, keçe, haly, ýorgan ýaly el işleriniň hem mährinden geçip, deger-degmez bahalara satyşdyryp, salgyt labyrynyň aşagynda galmazlyga çalşardylar. Gije barha goýalyp, töwerege seleň serginlik aralaşypdy. Töwerek asudady. Käte bir göwnüne güman alan itiň, öz janyny barlap, ýaltalaç üýrýän sesi eşidilýärdi. Ýöne, olam dessine el uzadylyp yzyna dolanyp alnan ýaly bolup, tiz kesilýärdi. Nurjuma giçlik gutaran ýygnakdan çykyp, birhili, barha düşnüksiz bolup barýan durmuş barada oýlanyp, assa-ýuwaş ýöräp, öýüne gaýdyp gelýärdi. Ol tebsiräpdi. Haýsydyr bir ýüregini ýah edäýjek zady küýseýärdi. Sowuk çal ýa-da çaý bolaýsa hem kem bolmajagyny, öýünde telim günden bäri kölegede duran garpyzyňam barlygyny, ýygnakda hem bolan bölek-büçek gürrüňler barada aňy bilen pikirini bulaşdyryp oýlanýardy. Sergin şemal güne ýanan meýdan otlarynyň, töwerekdäki baýyrlaryň ýüzlerini alarladyp ösen hoşboý ysly ýezgenleriň ysyny getirip, obanyň depesinden eňterýärdi. Nurjuma gaplaňlaryň Jedel depesiniň gapdalyndan geçip barýarka gabatdaky çöp-çalamyň içinden atyň gysgaça hokranmasyny eşitdi. Ol aýak çekip, töweregini garanjaklady. Ünsli ser salan mahaly, haýsydyr bir eýerli atyň toraňňy, gamyşlaryň aralygyndaky buky ýerde salgym atyp, hokranyp durandygyny gördi. Nurjuma oňa ilki oňly ünsem berjek bolmady. Boşanyp, ygyp ýören at görülmänmi eýsem? Ýöne, atyň eýer-july bilen bu ýerlerde gaňtarylyp, taýyn bolup durmagy ony geňirgendirdi. Onuň: «Bu at näme üçin bu ýerde durka?» diýip, şübheli oýlanmagyna sebäp boldy. Şol pursatda onuň pikirine görä, at kimiňkem bolsa ol bir ýat adama ýa-da toraňňylary soňra jaý guranda ulanmak niýeti bilen apalap, goraglap ýören Gurt ýalakdan çekinmeýän adam bolmalydy. Ýogsam käte özüne jynly hem diýdirýän Gurt ýalak bu ýerde atyny baglanlaryň, kölegesinde malyny saklanyň başyna jynlanyp, alaýabylyň gününi getirýärdi. Nurjuma ýakyn baran mahaly maňlaýy sakar aty dessine tanady. Bu Ahmediň atydy. Onuň ýönelige atyny öz öýüniň gapdalynda baglaman, bu ýerde baglanlygy barada oýlanan mahaly bir ýagdaý ýadyna düşüp, onuň içine zym gitdi. Ahmet gelen bolsa, atam mundan gelip çykan bolsa, onda bu bir bolmasy işiň boljaklygynyň alamatydy. Atyň syrtyna könelişen haly horjun bökderilipdir. Horjundan bäri-bärlerden gelmänligini mälim edip, ýakymly Hyrat temmäkisiniň ysy kükeýär. Nurjuma töweregiň habaryny almak üçin gijäniň düýbüne çümen ýaly bolup synlan mahaly görüp bilmeýän zatlaryny görerin diýen pikir bilen çommalyp aşak oturdy. Bir ýerden gara beräýjek ýaly bolup, Nurjuma garaşsa-da Ahmet soňam wagty bilen bäri boýugmady. Şol barmana-da ol: «Bu deýýus nirä siňdikän?» diýip, onuň ilkinji nobatda baraýjak ýerleriniň pikirini edip durka Nurjumanyň Ahmedi niredenem bolsa bu ýerden däl-de, başga bir ýerden gözlemelidigi aňyna geldi. Ol ýolugra gizlin gelen bolsa onuň öýündenem habar alyp durman, baraýjak ýeri hasaplap, Kymyş duzçynyňkydan habar alarman boldy. Ahmet gelen bolsa, bir-ä agasyny görmän gitmeli däldi, ikinjidenem, ol agalarynyň sürgün edilenini eşidip, kimdir birinden ar alyp, hasaplaşmaga gelen bolmagy-da mümkin. Entek Kymyş duzçynyň ogullary maşgalasy bilen sürgüne ýüklenilip durka adamlar öz aralarynda töwerekde Ahmediň ýoklugyny görüp: –Ahmet eşitse-hä munuň üçin birnäçe adamdan ar alman goýmaz — diýşipdiler. Nurjumanyň özem Ahmede belet bolansoň, şol pikirdedi. Ýat garanyň öýe golaýlap gel-ýänini görüp, Kymyş duzçynyň öýüniň beýleräginde ýatan it hyňranyp gezeldi. Ýöne «Alabaý» diýlip, beletlik bilen öz ady tutulansoň, item ony tanady. Nurjuma aýak çekip diňşirgendi. Ýöne öý tarapdan süýji ukuda ýatan adamlaryň burunlarynyň sazlaşykly dem alyşmalaryndan başga zat eşitmedi. Ol ýüzugra Ahmediň golaýdaky öýüniň töweregine hem köw saldy, ýöne ol ýere-de Ahmet gelene meňzemeýärdi. Nurjuma onuň Ýagdynyň kastyna çykmagynyň ahmaldygyny ýatlansoň: «Häh, doňuz, gahar ugruna şony kaklaýmadygam bolsa biridir» diýip, öz ýanyndan basga düşüp hopukdy. Howlugyp mellekleriň arasy bilen gönüläp ýöredi. Käte biýara-beýlekä çolaşybam ýykyldy. Sesýetimde bolsa-da, Ýagdynyň öýi oňa Pyrary ýaly alys bir ýer bolup göründi. Ol bir gezek çolaşyp ýykylanda, telpeginiň atylyp öňüne düşen ýeri suwly goljuk boldy. Nurjuma ýolboýy telpegini silke-silke gitdi. Işiň soňuna galandyryn öýdüp gorkdy. Şübheli gören zady bolmasa-da, ol Ýagdynyň öýüniň bäri ýanyna gelip, onuň öýdeligine-däldigine göz ýetirmek üçin iki gezek yzly-yzyna: «Ýagdy! Ýagdy!» diýip, onuň adyny tutup çagyrdy. Içerde bolan hymyr-symyr düşnüksiz gürrüňiň yzysüre Ýagdynyň närazy, ukuly sesi eşidildi. –Kim-ow bi gije sümsünip ýören? –Men-läý – Nurjuma! – diýip, o-da özüni tanatdy. –Nurjuma bolaňda näme? Adamlary ýatmaga goýaňok. Indi ol hasam batly gepledi: –Bir sorajak zadym ýadymdan çykypdyr. Şony soraýaýyn diýip yzyma gaýtdym. –Näme ol? –Onsoň beýleki iki goş öküzi Sapar darazyň brigadyna bermeli etdikmi ýa?.. Olaryň bugdaýdan soňky sürüminiňem köpüsi entegem ýatyr-a egsilmän, ýan baglap. «Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň, ýüz sür» aýtgysyny unutdyňmy ýa-da sen? –Eý, Şallak, eneňi seniň... Näme etseň şony et, ýöne, bar, gümüňi çek şu ýerden! Adamlary gijesine bir ýatmaga goý-a sen! – diýip, Ýagdy içerde ýatan ýerinden Nurjumanyň bolşuna kejikdi. Nurjuma ýagdaýy derekläp, şuranyň başbütinligini anyklansoň, egninden agyr ýük düşen ýaly, özüni ýeňil duýdy. Soň ol pikirine Ahmediň yzyna düşeni üçin öýüne dolanandan bolup, şuranyň jaýyndan, däne saraýdan hem habar alarman boldy. Ol owşanaklap, hüýlenibräk howlugyp barşyna: «Ahmet deýýus täze hökümete ýamanlyk etjek bolup, biziň saraýda şähere daşap ýetişmedik gül ýaly dänämizi otlamasa-da ýagşydyr» diýip aladaly oýlandy. Ol ar ýoluna düşen atarman-çaparman adamlaryň hiç zatdan gaýtmaýandyklaryny, «Alynyň aryny Ahmetden çykar edýän» wagtlarynyň hem seýrek bolmaýanlygyny görüp ýördi. Ine, saňa gerek bolsa, tanapyň ujy, gör, nirelerden gelip çykdy?! Hanumanyň öýünde henizem jynyň yşygy ýaly, bolgusyzja yşyk bar. Şol mahalam Nurjumanyň «Ahmet bilen Hanuma gelniň arasy barmyş» diýip eşiden gepi ýadyna düşdi. Ýöne ol bu gepi eşitse-de, oňa ynanmandy, sebäbi bu ähli babatda bir-birlerine bap gelmeýän adamlaryň nädip ýakyn bolup biljekdiklerini oýurgansa-da, asla göz öňüne getirip bilmändi. Şonuň üçinem ol bu gepi haýsydyr bir agzyboşuň agzynyň ugruna ýanap-çenäp başga bir maksat bilen märekede aýdyp goýberen gürrüňidir öýdüpdi. Onuň bilen soňra gyzyklanmandy. Yşygyň habaryny almak üçin jaýa golaý baran mahaly, onuň gulagyna bir gysgajyk hümürdi hem eşidilip gitdi. Ýöne, soň Nurjuma näçe diňşirgense-de, gümürtük hüňürdini aýyl-saýyl edip, onuň kime degişlidiginiň magadyna ýetip bilmedi. Nurjuma gapynyň öňüne gelen mahaly mahorka çilimiň ysy hapylap burnuna urupdy. Elbetde, bu Ahmediň habarydy. Nurjuma onuň çilimkeşligini gowy bilýärdi. Göräýmäge, bu ýerde Ahmet däl-de, Ýagdy bolaýjak ýaly bolsa-da, bu belli däldi. Nurjuma ýas-ýaňyja onuň öýünde ýatanyny görüp gaýdypdy, şonuň üçinem Ýagdy iki bolaýmasa, nädende-de birbada hem öýünde, hem Hanumanyň ýanynda bolup biljek däldi. Onsoň Ýagdy hem çilim çekmän, Nurjuma ýaly naskädisine pitikläp, neşeläp nas atardy. Ol şundan soň, gapanyna aw düşenini gören awçy ýaly, öz gözleginiň ýerine düşenine göwün çaglap, çete çekilip, nas gutusyny dyzyna urup, hoş bolup, bir nas atdy. Şeýdibem Ahmedi atymyna getiren Nurjuma arkasyny gapdaldaky güjüme berdi-de: «Ahyrsoň-a çykarsyň, deýýus!» diýip, bu-da Hanumanyň gapysyny gözledi-de, garaşdy oturyberdi. Ýöne, Ahmet welin çykar ýerde çykmady. Daňdanlar ukynyň süýjän mahaly Nurjumanyň özem içini gepledip oturyşyna uka berlenini duýman galdy. Ol diňe kimdir biri elini sypan ýaly bolanda oýandy. Görse, hemişe şu töwerekde görýän iti ony ysgap, elini ýalap dur. –Hä, Boýnak, senmi? – diýip, ol iti tanap, onuň başyny sypamakçy bolan mahaly Hanumanyň töweregine garanjaklap, seýkin basyp daşardan öýüne girip barýanyny gördi. Ahmyrly içini çekdi: «Häh, ätiýajy ýene-de elden aldyrypdyryn-ow!» diýip, ahmyr etdi. Ol Hanumanyň garasy ýygnalanyna mähetdel bukuda oturan ýerinden silkinip turup, Ýagdynyň öýüne tarap eňdi. Onuň göwnüne boljak iş eýýäm bolup, özem onuň soňuna galýan ýaly bolup duýulýardy. Nurjuma howlugan mahaly onuň öl-myžžyk bolan telpegi atylan garga ýaly bolup, güjümiň düýbünde galdy. Boýnak myžžyk telpege çiňerilip-çiňerilip seretdi. Soňundan temegi bilen ony sähelçe süsüp ysgabam gördi. Ýöne nätse-de, onuň nämedigini, nämüçin ony Nurjumanyň özüne galdyryp gidenine welin düşünmedi. Hanuma gelniň hezzet-hormatyndan hoş bolan Ahmet onuň bilen hoşlaşanda öýüne gidermen ýaly hem bolsa, biraz ýöräp, Jedel depesiniň golaýynda bukuda duran atynyň ýanyna gelipdi. Şol ýerdenem Ýagdynyňka ugrapdy. Ahmet gelende, bir ýany bu ýerde «Ýagda gabat gelmegim hem mümkin» diýip gelenem bolsa, Hanumanyň howasyna düşensoň, ol bu pikirini bir salymam bolsa unudypdy. Ýada düşse-de, hatda bir gezegem onuň adyny tutmandy. Iki sany bir-birine höwesli göwün bar mahaly üçünji biriniň hökman däldigini olaryň ikisem gowy bilýärdiler, şonuň üçinem onuň geregi-de ýokdy. Aňyrdan näçe gazaply gelýänem bolsa, agzy tagam tapan Ahmet Hanumanyň mähir-muhabbetli söýgüsinden welin aňsat sowlup biljek däldi. Ol gezip ýören ýerlerinde hem tüýs söýgi oýunlary üçin döredilen bu natuwan gelni ýatlapdy, onuň mährini küýsäpdi. Hanuma hem Ahmet gelende ony zenanlarça näçe inçelik bilen synlan-da bolsa, ol-da onuň özünden gaýry maksadynyň barlygyny aňmandy. Gaýta, aňyrdan gelende öýüne-de daraman, göni öz ýanyna geleni üçin ondan minnetdar bolupdy. Hanuma Ahmedi ugradanda natuwan bolup: «Ýene didarlaşmak barmykan?» diýip, işikden çykmanka gapynyň öňünde onuň boýnundan gol salyp, aslyşyp aýrylyşasy gelmän hoşlaşan hem bolsa, ýene-de yzyndan galyp bilmän, daşary çykybam ony biraz ugradypdy. Soňam töweregine köw salandan bolup, howlugybrak içerik giripdi. Söýgi oýunlarynyň serhoşlugyndan humarlan gelniň indi şu lezzet-humary bilenem hezil edip ýatasy gelýärdi. Şonuň üçinem ol Ahmediň garasy ýitenden töweregine oňly üns hem bermän, öz tünegine howlugypdy. Ýogsam Hanuma sähel ünsli bolan bolsa, güjüme goşuntgy bolup söýenip ýatan Nurjumanyň sulbasyny görse-de görerdi. Onuň ýatan ýeri bary-ýogy bäş-on ädimlikdedi. Aý bolsa aýdyň. Ahmediň Hanumanyň yhlas-mährine duşup kalby ýumşaşyp, jany biraz aram tapanam bolsa, barybir, agasynyň öýüniň üstünden ahyrzaman indereni üçin, onuň Ýagdyda galan ahmyrly kinesi artmasa, kemelmändi. Ahmet aňyrdanam: «Iliňe ýat goşma!” diýilmänmi näme? Ana, goşsaňyz. Gully emin dagy bir paýhasly adamdyram welin, şolam şeýle gelmişekleriňem bir ýerlerden gelip, ile goşulmagyna ýol beripdir» diýip, Ýagda käýinip, öjügip, hyň baglap gelýärdi. Soňra ýüzugra Ýagdynyňka darap, ony kaklap geçesi geldi. Şeýdilende munuň agalarynyň sürgüni üçin ar alynmak boljagyna ynandy. Aşak tarapdan howlugyp, elesläp gelýän Nurjuma esli aradan Ýagdynyň dogan-garyndaş toplum bolşup oturan ýerlerine golaý gelen wagty hol öň ýanynda bir garanyň toplumyň bäri başyndaky bir öýüň töwereginden aýlanyp, Ýagdynyň bolýan öýüne ýakynlaşyp barýanyny gördi. Nurjuma alada bilen hopukdy, howlukdy. Onýança-da Ýagdyny çagyrýan, düýe dabalan ýaly ýoňsuz-ýogyn ses eşidildi: –Ýagdy! Ýagdy!.. Bu ses ikinji gezek ýene-de gaýtalanansoň, içerde bir samyrdy bolan ýaly boldy-da, Ýagdy ukuly, gyryljak närazy sesi bilen içerden hä berdi: –Ýagdy, birki agyz gürrüňim bardy saňa. Onýança-da Ýagdynyň: –Nähili boldy-laý bu gije?! – diýen sögünjiräp, gapa golaýlap gelýän sesi eşidildi. Ýagdy ukuly pallap, gapydan çykan wagtam beýle ýanda häzir bolup, gezelip duran Ahmet onuň kükregine ýarag tutdy. Şu pursatda aňyrdan pişik basyşyny edip, howlugyp gelen Nurjuma Ahmediň yzyndan gelip, harsa onuň elleriniň daşyndan halka salyp gujaklady: Beýtme. Beýtme sen, inim!.. – diýip, özelenip ýalbardy. Onýança gije ýarylan ýaly bolup, tüpeň atyldy. Näme-näme bolýanyny aňmadyk Ýagdy tisginip, ýeňsä serpildi. Nurjumanyň göwresiniň badyna Ahmet hamala aýagyndan alnan ýaly ýykylarly bolup, birnäçe ädime çenli öňe süssenekläp, ýer garbap gitdi. Şakyrdadyp tüpeňini elinden gaçyrdy. Nurjuma hamala ýeneki atyljak okuň öňüni gabalaýan ýaly edip, Ýagdyny gabalap gujaklady. Ýagdynyň çöregi bitin eken. Kükregine çenelen ok onuň sag aýagynyň dyzynyňam astyndaky eti sähelçe syryp geçipdi. Nurjumanyň badyna olaryň ikisem bosagadan iç işige gürpüldäp ýykyldylar. Ahmet Nurjumanyň sesini tanapdy. Ýöne nädip onuň bu mahal ýeňsesinden gelmegine welin, onda-da gijäňem şu mahaly, ol düşünip bilmändi. Pyglynyň aňylanyndan, Nurjumanyň özi barada hakykat bilen güman arasynda bolup, hasap tutulyp, yzarlap, gözläp ýöreninden ol habarsyzdy. Tüpeň sesine Gamyşçynyň neberesi söm-saýak bolşup daşary çykan mahaly, harsa yzyna öwrülip ýaragyny alan Ahmet her ýerden bir basyp, eýýäm mellek ýerleriň içi bilen gönüläp, ümdüzine tutduryp, gaçyp barýardy. Garaşylmadyk harasat Ýagdyny ukudan aýryp, onuň süňňüne sarsgyn berdi. Oba itleri indi gaplaňlaryň Jedel depesiniň töwereginde örç alşyp üýrüşýärdiler. Ýagdy özi bilen ýer sermenekläp turup gelýän Nurjumany tanap, näme-näme bolanyny hem oňly aňşyrmansoň, geň galdy: –Eý, Şallak, sen bu ýerde näme işläp ýörsüň? – diýdi. –Aý, geldim-dä... –Sen birzatlar aňan bolmaly! Ýönelige meniň öýümiň töwereginden aýrylman, köw-söw edip ýören dälsiň! Ýaňky meniň kükregime tüpeň tutan kim, heý, tanadyňmy? –Ýok!... –“Inim-ä” diýdiň şonda-da... –Gulagyňa eşidilendir, “eneň...” diýendirin. Ýagdy daş gapyda näme-näme bolanyny oňly düşünmän, söm-saýak bolşup, hümerlenişip duran garyndaşlaryny görüp, olara igençli samyrdady: –Baryň-ow, öýli-öýüňize giriň-dä! Näme beýdişip dursuňyz! Golaýda tüpeň sesini eşidip, ogluna bir zat bolandyr öýdüp gorkup, öýden hasanaklap baş açyk-aýakýalaň daş çykan Bossan ene aňyrdan: «Waý, bu näme boldugy, balam?!» diýip, käkeläp gelşine köýneginiiň synyny çekişdirip, özüne gelip duran ogluny aglap gujaklady. –Ene, gorkma, maňa hiç zat bolanok! – diýip, Ýagdy zordan ýylgyryp ony köşeşdirmäge çalyşdy. Ene aglamjyrap ýene elendi: –Ýaralanyp-dagy eden-ä dälsiň-dä? –“Ýok!” diýdim-ä – diýip, biraz özüni ele alan Ýagdy enesiniň boluberşini halaman, nägile bolup aýtdy. Bu wagt Ýagdy bilen deň sarmanaklaşyp ýerinden turan Nurjuma Ýagdynyň aman galmagy, Ahmediň piriminiň paşmadygy baradaky bulaşyk pikirlere çörňeşip, dyzlarynyň gurbaty gaçyp barýanyny duýup, biraz özüne gelmek üçin ýene-de aşak çökdi. Ýeňsä çekilip, arkasyny öýe berdi. Bu harasat diňe Ýagdy şuraň neberesiniň däl, onuňam süňňüne sarsgyn beripdi. Ol özüni bir ele almasa, häzir Ahmede kowgy gitmek-hä däl, öýlerine-de gidip biljek däldi. Heniz nämäniň nämeligini oňly seljerip ýetişmedik ene oglunyň aňyrsynda aýaklaryny uzyn salyp oturan Nurjumany görüp, gijelikde ony oňly tanaman, ogluna kast etmäge gelen şoldur öýdüp, oňa tarap ýamany bilen seredip, odugyp gepledi: –El-aýagyny pugta güýlseňiz bolmadymy ol haram ölmüşiň! – diýdi. Enäniň bu müňkür gepi Nurjumaňyň gaharyny getirdi. Ol oturan ýerinden: –Eý, Ýagdy, aýt-how şu ülhüdiňe, ýogsam ol seniň atylanyňy menden görjek bolup dur! – diýip, özüne gelip oturan ýerinden Ýagda igendi. –Bar-eý, sümül ketegiňe! – diýip, onýança Narly gamyşçynyň ýeňseden talaply tanyş sesi eşidildi. Ýagdy ses gelen tarapa öwrülen wagty, kakasy Narly gamyşçynyň ak balak, ak köýnekli, gabyrdan köpenini süýräp çykan öli ýaly, ýüzugra ýarag hökmünde gerek bolar diýip eline alyp gaýdan piline söýenip, söm bolup duranyny gördi. Ýagdy kakasyna tarap öwrülip, köşeşdiriji gep aýdasy geldi. Soňra oňa: «Akga, apyla-sapyla sowuldy, baryň, indi sizem gidip ýatyberiň!» diýip, mylakatly gepledi. Narly gamyşçy şol duran ýerinde ýagşydan-ýamandan dil ýarman, ýene biraz duransoň, ol oglunyň öýüne girip, gelnine göwünlik berip çykan Bossan enäniň yzyna düşüp, öz bolýan gara öýüne tarap ýöneldi. –Şallak, hany bir nas ber! – diýip, şundan soň Ýagdy hem öýe ýaplanyp, Nurjumaň gapdalynda ýanaşyk oturdy. –Özümiňem atasym gelip, dişlerim syrkyrap durdy – diýip, keýpi ýadyna salnan Nurjuma donunyň kisesinde düňreýlip duran naskädisini alyp, höwes bilen dyzyna kakdy. Salkyn aransoň, oba howasy hoşboýdy. Günüň dogar wagtynyň golaýlap gelýäni belli bolup, asman ýüzi sähelçe çaňjarypdy. Ondan-mundan ýene-de Güni dogurmagyň ugruna çykan horazlaryň sesi küren oba ýaň berýärdi. * * * Daňyň öňüsyrasynda otly bir ýerlerde badyny gowşadan ýaly etdi-de, soňundanam durjagyny mälim edip, haltyldap erbet bir silkindi. Ýatan adamlary zyňyp-gapana döndi. Otlynyň ýaňky erbet çaýkanan wagty süýji ukudan tisginip oýanan Oguljuma oguljygyny ýanap ýatyşyna başyny ýerden sähelçe göterdi. Nazar aýlap, töweregiň habaryny aldy. Çep tarapdan bir aýalyň hymyrdyly nägile sesi eşidildi: –Muny usul bilenräk güpürdedenlerinde bolmaýarmykan? Lagambir ýeten ýerde düwdek bolşup ýatan adamlaryň içinde bu şakyrda Oguljuma ýaly başga-da bir-iki sany oýanan bar eken. Olaram gysgaça samyrdaşyp käýinişip, ýene-de uklamak üçin başlaryny ýere goýdular. Oguljuma içinden: «Geläýdikmikäk geljek ýerimize?» diýip ynamsyzrak oýlandy. Onýança-da daşardan sürgünleri alyp barýan esgerleriň buýruk-talap äheňli özara gepleşýän seýrek gürrüňleri eşidildi. Oguljuma ortada ýatan çagalarynyň üstünden gernip, toplanybrak süýji ukuda ýatan adamsyny sähelçe yralady. –Akgasy! Akgasy! –Näme? –Hany bir jyklap seredip gör, geläýdigem öýdýän! –Nir-ä? –Şol “Sibir” diýilýäne. –Ýatyber. Barmaly ýeriň – o-da “Sibir” diýilýän ýer bolsa, entek-entekler ol ýere ýetmänjik geçersiň! Onýança-da dogumly-dogumly ädimläp aýak sesleriň wagona golaýlaşanlygy eşidildi. Birazdan wagonlaryň gapylary yzly-yzyna gapdala syrylyp, şarkyldap açyldy. Gapyda hekgerişip, wagonyň içine göz aýlaşyp duran iki sany esgeriň kellesi göründi. Olar ýene-de wagonyň gapysy açylan dessine ondaky adamlara öz döreden kada-kanunlary esasynda sürgünleriň hak-hukuk çäklerini nygtap, düşündiriş geçdiler: –Nahar gaplaryňyzy taýynlaň, size ýene tizden nahar beriljek. Wagonlaryňyzdan düşmäge hem rugsat berilýär. Golaýda akyp ýatan suwly ýap hem bar, ýuwnup, suw içip bilersiňiz, ýöne onuň aňyrsyna geçmek gadagan! –Daň bilenem bir nahar bormy? – diýip, ukudan galýanyny jany ýananyň biri ýatan ýerinde nägilelik bildirdi. –Şony berenlerine şükür et, gardaş, dyma berilmese nädersiň! – diýip, beýleräkden ýene bir ses bolsa, oňa maslahat berjilikli garşy çykdy. Otly bu günem her günki saklanyşy ýaly, uly bir wokzalyň duşundan geçenine köp wagt geçmänkä gapdaldaky boş ýanýollaryň birinde gelip saklanan eken. Töwerek alasarmyk, garaňkylyk. Säher şemaly sergindi hem ol wepaly itiň öz gelmez diýip umytdan düşüp ýören eýesiniň gelenine begenip, onuň öňünden çykyp, dalbynyp, el-ýüzüni ýalaberşi ýaly, adamlaryň ukuly, ynjan başlaryny ýakymly sypalap ösýärdi. Ol wagonyň içindäki agyr ys-koklary kowalap, onuň ornuny arassa howa bilen doldurýardy. Otlynyň bu bolşy juda bir gizlin ýüki: «Syrym açylaýmasyn» diýip, hüşgärlik bilen gijä çolanyp alyp barýana meňzeýärdi. Sürgünler gapy-penjire bolmansoň, dünýäni wagonlaryň diwar tagtalarynyň arasynda galan yşlardan seredip görýärdiler. Her gezek uly wokzallaryň deňine gelende otly adamlary gelmeli ýerimize ýetendiris öýtdürip, halkyldap, bir badyny gowşadyp alýardy. Şonda kaşaň wokzal jaýlarynyň öňünde adam sili birden mesäne meňzäp, hyň berýärdi. Käte wokzal jaýlarynyň bir ýerlerinden göterilen tüsse palawyň, ýeneki bir bişirilýän tagamly naharyň ýakymly ysyny getirýärdi. Olar özleriniň özbek topragynyň içi bilen barýandyklaryny hem adaty uly wokzallarda bolýan radionyň aýdýan aýdymlaryndan çen tutuşyp bilýärdiler. Saz bilen goşulyşyp, göçgünli, ýagşy günleri ýatladyp aýdylýan aýdymlar diýseň gulaga ýakymly eşidilýärdi. Derýaglaryň ol ýagynda Şetdaly bagy bar, Şetdaly bagy bar, eke jan-a, Şetdaly bagy bar. Ýöne, her gezegem, otly badyny gowşadan hem bolsa, her aýdylan aýdymy ine-gana diňlemäge mümkinçilik bolmazdy. Sähel salymdan bazar meýdançasyny ýatladýan wokzalam, aýdymyň hoş owazam, bu zatlaryňam hemmesi yzda, ýeňseden garap galardylar. Adamlary naharlamak üçin ýene-de bir ýerlerden wagonlaryň öňüne şalkyldadyp ýörite taýynlanan şurruk çorba getirildi. Onuň ýany bilen münderlenip getirilen çöregiň ysy edil gelinkömelegiň ysy ýaly ýakymlydy. Sürgünler ilki: «Çorba beriljek, gap-gaç özüňizden taýynlaň!» diýlip aýdylanda, obalarda köpçülik üçin bişirilýän eti-ýagy, duzy alşyp, bygyrdap bişen elinje çekdirmäni göz öňüne getiripdiler. Emma berilýän welin ýüzünde ýag düşnügi bolmadyk, ýuwunda meňzeş bir zatdy. Halkyň arasynda gele-gelmäne-de ol görnüşine görä «Ak çorba» diýen at alypdy. Ýöne, başga naharyň ýok ýerinde ak çorba-da hiç- neneňsi aş däldi, gyzgynjaklygyna dagy berlen çörek bilen iýseň, maňlaýyň derçigip, ol ýerde lagambir maýdaja der düwmejikleri peýda bolşup ugraberdi. Oguljuma adamsydyr ogullary Allanazar bilen Rahmannazaryň ellerine nahar, suw guýmak üçin gap berip ugradansoňam kiçi ogly Rahmangulyny emdirip, adamsy selçeňlän wagon içinde ýene birsalym eglendi. Özüniň galdaw bolmadyk agramly häsiýetine görä, ýene ol ýerde özlerine daşarda nämeleriň gerek boljagyny, çagalar bilen bagly aladalaryny ýatlaşdyrdy. Geýim-gejimden «Çyrpyp seräýsem-ä, hiç neneňsi bolmazdy» diýenlerini toplap, bir düwünçege düwüp, ýanyna aldy. Ol bir eli çagaly, bir eli düwünçekli wagonyň agzyna gelen mahaly, düşen ýerinde wagonyň kölegesinde oturan aýallaryň birki sanysy turup, ellerini uzaduşyp, onuň çagasyny, düwünçegini elinden alyp, ýere düşmegine ýardam ýerdiler. Suw görenlerinde arkalary alnan ýaly bolan aýallar häzir özleriniň çaga-çugalary bilen kölçerip ýatan güzeriň töweregini höwes bilen eýeläpdiler. Agyr topbularyny gapdala goýup, başlaryna ýaglykdyr çabytlarynyň bir gyrasyny ilteşip, ýeriň giňini alşyp otyrdylar. Jammyldaşyp şüweleňli gürleşýärdiler. Suwa inişip-çykyşyp ýören çagalaryna oturan ýerlerinden tarp urup, haý-küş edýärdiler. Ýuwnulyp-sypanylyp içiljek suwlar içilip, çagalar gandyrylanam bolsa, aýal gözleri aýratyn bir teşnelik diňe özlerine mahsus birhili hyrydar nazar bilen alyslary tamaly synlaşyp, bolşuna görä özlerine ýazgynlyk-hezillik tapyşyp otyrdylar. Oguljuma aýallar mähellesine gelip gatylan wagty, garagözeleje, inçesagat, başyna sähelçe ýaglyk iltän aýal bir gapdalrak süýşüp, öz gapdalyndan oňa hem otyra ýer mürehet etdi: –Goňşy, geläý senem şu ýere! – diýip, şelaýyn gepledi. –Wi, gyz, Kümüş, senmisiň? – diýip, Oguljuma hem ony börüksiz görensoň, birbada tanaman, aýgytlap minnetdar dillendi: –Topby ýeňsä atylansoň, tanar-dagy ýaly bolan däldiris – diýen mahaly onuň öz börüksiz halyny göz öňüne getireni belli bolup, gelin ýüzünde uýat alamaty sähelçe al reňke öwrülip çaýylyp gitdi. Kümüş wagonda Oguljumanyň bolýan böwründe öz maşgalasy bilen gonan goňşusydy. Aýallar bu günleriň içinde eýýäm bir-birleri bilen tanyşmaga, goňşularça ony-muny alşyp-berşip, belli bir derejede ysnyşmaga hem ýetişipdiler. Oguljuma Rahmangulyny gapdalynda ýatyryp, suwdan goşawujyny dolduryp-dolduryp içensoň, aýasynda ýaňyrak emip hezil eden Rahmangulujygyň hem agzyna suw tutdy. Demir ýoluň gapdaly bilen öwrüm berip akyp ýatan ýabyň suwy tereňdi, şypakerdemdi. Soňundan ol ýerinden turup, Rahmangulynyň ys-kokly arlyk-kirligini suwa çyrpmak üçin, oturanlaryň ygyragyna gidermen boldy. Bir eline ogluny, beýleki eline geýim-gejimli düwünçegini aldy. Içinden bolsa otlyň bir dursa, esli durýanlygyny ýatlady. Şeýle-de bolsa, işlerini birýüzli edýänçä onuň howlukmazlygyny arzuw etdi. Aňyrdan suwa inip gelýän eli çagaly aýalyň: «Aýagym taýyp, elimdäki bilen suwa gidibermäýin» diýip ýaýdananyny gören, üç-dört boýdaş bolşup suwa girişip, jammyldaşyp duran eserdeňje gyzjagazlaryň biri Rahmangula tarap goluny gerip, elini uzadyp, Oguljuma öz kömegini hödürledi: –Gelneje, getiriň, çagajygy men göterip duraýyn! –Şeýtsene, gül gyzym! – diýip, ol Rahmangulyny gyzjagazyň eline berensoň, özi suwuň gyrasynda çommaldy. Gyzjagazlar öz mähriban ýeserjelikleri bilen enäniň yzynda galan gyzlaryny göresi gelip ýüregini geňeşip, mähribanlary Ogulbikesidir Akjagülüni ýatlatdy. Oguljuma adamsyna aýtmasa-da, ilki gyzlarynyň ýat illerde öz görmeli bolan görgülerini görmekden halas bolanyna begenenem bolsa, özleri bilen barýanlaryň Akjagülüdir Ogulbikesine boýdaş gyzlaryň başga-da bardygyny görensoň: «Ýat-ýamana şam bor öýtdük-dä, alyp gaýdan bolsak, olaram iliňkiler ýaly bordy-da gözümiziň alnynda» diýip, enelerçe örtenip, öz ýanyndan oýlanardy. Aýralyk bilen bagly ýatlamalar ene ýüregine hemişe möý sokan ýaly ezýet berýärdi. Gyzlarynyň öýde saç daraşyp, mynasybetlik edip oturyşlary keseden ata-ene bolup seredeniňde guwanç döredýän jitde-mit bolup, basdaşlyk edişleri, olaryň ony äkidip-muny getirip, mamalarynyň kömegine ýarap, bitelik edip ýörüşleri Oguljumanyň göz öňünden gitmeýärdi. Wagonlardan düşmäge rugsat edilen dessine suwly ýaby görüp aýallar, çagalar, uly erkek adamlaram bilelikde suwa çozupdylar. Hemmeler goşawuçlap, käseläp, birnäçeler ýüzin ýatyp, hezil edip suw içýärdiler, el-ýüzlerini ýuwuşdyryp arassalanýardylar. Märeke haýsydyr bir elhençlikden elheder alan uly bosguna meňzeýärdi. Ine-de, howada oduň ysy. Eýýäm ýaba inip, el-ýüzlerini ýuwmaga, şypakerdem akar suwy goşawuçlap-goşawuçlap içmäge ýetişen Gully emin bilen Seýitmyrat aga bu pursatdan peýdalanyp, eýýäm çaý hem içmekçi bolupdylar. Näme içmän, onda-da beýdip gapdalyňdan yňdyrylyp akyp ýatan suw barka!? Her gezek otludan düşdükleri suw tapyp, çöpleme çöpläp çaýyň ugruna çykýan iki goja bu gezek bolsa giňişlikde göbek bolup oturan depeleriň birini ýaplanypdylar. Sürgünleriň kellesinden öz ykballarynyň nähili boljaklygy baradaky pikir çykmaýardy, ýöne olar öz göwünlerine görä bolmaly däl zadyň nädip beýle bolanlygy hakynda welin, oý-pikirlerini aýralyk bilen baglap, has köp oýlanardylar. Obalar, öňki endik bolan ýaşaýyşlary bolsa ýitirilen bagt hökmünde hemişe olaryň gözleriniň öňünde durardy. Şonuň üçinem olar näme hakda gürrüň edýänem bolsalar, soňra ýene-de öz ykballary baradaky gürrüňe nähili dolanyp gelenlerini hem duýman galardylar. Çaý başynda başlanan gürrüňi tapbilen Seýitmyrat aga wagtal-wagtal baş atyp, özüçe ýuwaşlyk bilen şemalyny berip, köredip otyrdy. Häzirem olaryň gürrüňleri ýene-de hut şol öz ykbal-aladalarynyň töweregindedi. Seýitmyrat aga oturan ýerinden gobsundy: –Gully emin, indi, näme, biz şeýdip, goýun-guzy ýaly mäleşip gidibermeli bormukak? Hemişe il öňüne düşen adam bolansoň Gully emin Seýitmyrat aganyň bu gepi: «Hemişe sen ýol keserdiň, kes ýene» diýip, sala salyp aýdýanyna gowy düşünýärdi. –Hudaýdan başga sygynara ýeriň barlygyna meniň-ä akylym çatanok, sakgaldaş! –Heý, muny ol Atabaýew, Aýtakow diýýänleri dagy görmeýärlermikan? Türkmen-ä ýurtdan jyn dagan ýaly dagajak. Iliň bir böleg-ä bolşewik gelen döwürleri urdurylyp-urdurylyp serhetden geçdi gitdi, ýene bir bölegi tirseklenip, çöle çekilmäge mejbur boldy. Olary soň: «Basmaçy» diýip tagmaladylar. Ine, indi bizem: «Gulak» diýip, saýrykdyryp alyp barýarlar. Ýa-da bular türkmeniň tohumyny türketjek bolýarmykalar? –Nedirbaýah-a ýakyndan tanamok welin, ýöne Gaýgysyz-a bolmajak adam däldir. Onuň bilen meniň biraz tanyşlygym ýogam däldir. Duşuşanymyzda Gurbanmyrat serdar bir öwrümde ol barada: «Şol ýakada-da, türkmen, bir gowyň bardyr» diýip aýdypdy. Meniň özümem Atabaýew Tagtabazara gelende, Akynýaz baýyňkyda bir gezek onuň bilen söhbetdeş bolup görüpdim. –Tanaýan-dagy bolsa, onda ol siziň arkaňyzy alaýja¬gam ýaly! –Bolýan däl borly. Orus biziňkileri: «Sen–bolşewik!» diýip, gomaldyp, näçe öňe sürenem bolsa, olara kän bir ynanmaýan borly. Seýitmyrat aga bu barada özüniňem kalbynda şeýle pikiriň barlygyny mälim edip, gürrüňdeşiniň sözüne göwünjeň at goşdy: –Ýeri gelende biziňkiler keseki hökmünde aňalyp, çetde galaýýan bolmaly-da. Gully emin gürrüňdeşiniň ýüzüne seredip, köpmanyly myssa ýylgyrdy-da: «Soňky döwürde-hä şu diýýäniň hasam bildirdi» diýip, ýene-de onuň bilen göwündeş gopdy. Erkiň özgäniň elinde bolsa, hemişe-de şeýle bolar. Öweýsiň– tutan ýakaň ýat bolar durar. Gojalaryň ikisem ýurt başynda türkmenden Gaýgysyz Atabaýewiň barlygyna, onuň ile hossardygyna, öz halkyna kast etdirtmejegine tama edilip, berk ynanýan adamlardy. Şonuň üçinem gojalaryň ikisi üçin hem häzir hem bu hakykaty açmak agyr degdi. Adam kyn ýagdaýa düşende, göwün etmeli däl zatlardanam göwüne degen bolýar. Durmuş başga biriniň başyna näçe horluk inderse-de, aýratynlykda öz ýaşaýyş gowulyklaryna eýe bolup ýören adam tä il başyna düşen towky öz başyndan hem inýänçä, harasat öz höwürtgesini hem şahadan alyp pylçap ýere çalýança özgäni syzmaýar. Il derdini syzmak hiç wagtam bir aňsat bolmandyr, ýöne ony gabahat döwürde syzmak hasam kyn hem güwläp gelýän siliň öňünde durmak ýaly bir zat bolara çemeli. Töwerekde ýene-de çagalaryň oýun-höwes bazary gyzypdy. Olar wagon içinde hemmeler ýaly horlansalar-da, ýere düşülende, sähelçe giňişliklerini aldyklary oýnaşyp-gülşüp, ýene-de hezillik tapardylar. Hatar gurup duran otlynyň arka tarapyndan häli-şindi ýer sarsdyryp, alatüsse bolşup otlular geçişip durdular. Sürgünleriň otlusy esli meýdana çenli uzalyp, ýaýraw tutup, gala diwarlaryna meňzäp keserip duransoň, onuň arkasyndaky meýdan oňly görünmeýärdi. Otly her gezek duranda hiç kimi aşagyndan beýle tarapa geçmezlik, sürgünleriň ýany bilen olara göz-gulak bolup barýan esgerleriň hökmany talaplarynyň biridi. Ýogsam onsuzam ol tarapa geçjek-goýjak bolup ýörenem ýokdy-la. Halk gününe kaýyldy. Galyberse-de, öňüňden munuň ýaly bir ýap suw böreň berip akyp durka, kim ýeňsedäki görünmeýän ýeriň höwesini edýär? Otlam indi aňlarynda ileri-gaýrany bulaşdyran adamlaryň pikirinde nirädir bir ýerlere däl-de, belli bir çäkde, obalaryň, şäherleriň derýalardyr bag-bakjalaryň töweregine aýlaw berip aýlanyp duran ýaly duýulýardy. Gün depä göterildigiçe ertiriň terligi kemelip, indi çekiläýmäge bag kölegeleriniň amatly boljakdygy baradaky pikir hem kellä gelip ugrapdy. Bu düşlenen ýeriň amatlylygy hem ulular üçinem-ä hiç neneňsi bolmasa-da bolmady welin, ýöne çagalar-a heziller etdiler. Olaryň şowhunly oýunlary ene-atalarynyňam göwnüni göterdi. Synçy bolup oturan adamlar çagalaryň oýnaýan hezil oýunlary bilen diýseň gelişýändiklerini guwanç bilen öz ýanlaryndan belleýärdiler. Näwaagt ugraljagynyň belli bolmaýşy ýaly, çagalaryňam bu tapan oýunlaryny haçan gutarjagy hem belli däldi. Allanazar hem kakasydyr jigisi bilen nahar-nan paýlanýan ýerden uzak gitmän, bir gapdala çekilip naharlanypdy, soňundanam Rahmannazaryň elinden tutup, kakasynyň ýanyndan suw başyndaky ejesiniň ýanyna äkidip hem onuň özüni nahar paýyny iýmäge çagyryp, gelibem ýolda tanşan deň-duşlarynyň çakylygyna mähetdel oýna goşulypdy. Orazgeldi aýaly üçin goýlan nahardyr çörek paýlaryny saklap ýaplanyp ýatan ýerinden Gully emin dagyň töwereginde gürrüňçiligiň gyzyşýanyny görüp, aýaly gelip, oňa elindäki iýer-içer zatlaryny berip bilse, gaplaňyň Jedel depesini ýada salýan şol ýere barmakçy bolup otyrdy. Emma gyş günlerinde howanyň tiz üýtgeýşi ýaly, bu ýerde-de ýagdaý birden üýtgedi. Sürgünleri töwerekläp, gözegçilik edip aýlanyşyp duran esgerler gyssagly komandirleriniň ýanyna üýşensoňlar birden bir-birlerine hökümli-hökümli gygyryşyp, harasadyň ýetip gelýänini aňan çopana meňzäp, olaram öz sürülerini gyssagly toplamak bilen boldular. «Wagonly-wagonyňa münmeli!» diýip gygyryşyp, töwerekde alakjaşyp, howlugyşyp ugradylar. Adamlar olaryň beýdip, birden basga düşen ýaly boluberişlerinden näme bolandygyny anyk bilmeseler-de, bir zadyň-a bolandygyny aňdylar. Orazgeldi ýaplanyp ýatan ýerinden turup, ilki aýalydyr iki ogulunyň bolmaly tarapyna seredip, nazary bilen dynmazjan bolup, olary agtardy. Soňam beýleräginde gürleşip duran iki adamyň ýanyna geldi. Olar hamala bir zat göräýjek ýaly boýunlaryny süýndürişip, esgerleriň atgaýtarym meýdanda ýazylyp-ýaýrap oturan märekäniň aňry başynda aýaklaryna ot ýapyşan ýaly boluberişlerine geň galyşyp seredişip durdular. –Bular, näme, birden oda-köze düşüberdiler-le? – diýip, Orazgeldi olara golaý gelip sorady. Duranlaryň keltepaýçaragy: –Bizem şoňa haýran – diýip, egnini gysdy. Uludan-kiçä hemmeleriň ýüzi indi otla tarapdy. Märeke otlap barýarka nämedir bir zatdan ürküp, gürre yzyna serpilen goýun sürüsine meňzeýärdi. Adamlaryň depesinde bir bölek çal tozan göterildi. Esgerler hökümli gygyryşyp, hemmeleri wagonlara gapgaryp, öz alyp barýan adamlarynyň sanawyny üns bilen okanlaryndan soň Nurýagdy atly biriniň esgerleriň ahmallygyny alyp gaçanlygy belli boldy. Adamlar eşidişip: –Hä, oňarmandyr, doňuz ogly! – diýşip, onuň üçin indi bu ýerde özgelere-de gatnaşyk-garaýşyň üýtgejeginden, onda-da ýaramaz tarapa üýtgejeginden, munuň "Bir sygryň siýdigine ýüz sygyr taýar" boljagyny ýatlaşyp, howp edişip, gaçgagy öz ýanlaryndan näletlediler. Ýöne, eýýäm boljak iş bolupdy, özüňiňem bendi halyň barka, indi etjek alajyňam ýokdy. Başa gelenini çekäýmek galypdy. Gaçgagyň gözleginiň netijesine garaşdylarmy-nämemi, otly adamlar münensoňlaram wagty bilen ugramady. Ol şol gelşine diňe ak öýläni düşürip, azarly ýaly jygyldap, şalkyldap kynlyk bilen ýerinden gozgandy. Soňundanam ýene-de barha bat alyp, näbelli ykbalyň tükeniksiz ýoluny howlukmaç külterläp ugrady. Howa bolsa yssydy, howruny küredip, barha-da örç alýardy. * * * Sürgünler Daşkende gelensoňlar, yssynyň bu şähere dagyn hasam sütem edýänligini gördüler. Şäher häzir oda goýlan ýazgyn gazana, onuň üstündäki zatlar bilen bilelikde, adamlar bolsa şol gazanyň üstünden görnüp, depesine howur göterip, mylgyrap bişip duran, atylmaly ähli zatlary diri-diri atylan nahara meňzeýärdi. Gijelerine dagy öwüsgin ýok mahaly şäher hasam kapas bolýardy. Sürgünleriň otlusy gelip wokzalyň öňündäki demir ýollaryň birinde duransoň, birsalymdan aňyrdan bir kiçijik parawoz alatüsse bolup gelipdi-de, ony yzyna tirkäp, wokzal jaýyndan uzak bolmadyk bir çolarak ýere getiripdi. Bu ýerden töweregiň selçeň jaýlardyr parawoz-wagonlaryň arasynda seleňläp, howalanyp oturan wokzalyň kaşaň jaýy sürgünleriň getirilen ýerine tarap ýeňsesini öwrüp duranlygy görünýärdi. Otlynyň töweregi gabal-gabal, çolaja ýere getirilenligi belli boldy. Onuň bir tarapy öňünde oýtaryp duran uly bolmadyk obaçylyga meňzeş, bir-birlerine ýelmeşdirilip salnan birgatly ýaşaýyş jaýlaryna tarap ýaýrap gidýär. Jaýlaryň gapdaly zowwam köçe bolup, onuňam bir bölegi görünýär. Ondan adamlar pyýadadyr arabaly geçişip durlar. Olaryň käbirleri wagonlaryň eteginde bala-çagalary bilen yzan-da-çuwan bolşup oturan ýat adamlara aýak çekişip, gyzyklanma bilen seredişýärler. Nurýagdy gaçansoň, indi olary alyp barýan saklaw esgerleriniňem bolşy üýtgäpdi. Indi, olar şol ýolboýy ýagdaýa düşünip, sürgünlere mümkin bolan ýeňillikleri eden ynsanperwer adamlara asla meňzemeýärdiler. Otly duran ýerinde hem iki sagatdan artyk durmaýardy, bir sebäp bilen duraýanda-da gapy açylmaýardy. Nahar-nan hem aňyrdan getirilip, dara-direlikde wagonlaryň agzynda paýlanyp berilýärdi. Ýolda otly duranda, sürgünlere hatda wagonlaryň gapdalynda durup aýak ýazmaga, arassa howadan dem almaga hem ygtyýar berilmeýärdi. Goýberen säwligi üçin esgerleriň ýolbaşçysynyň şahyna gowuja kakylan bolmaly. Ol hem indi durlanda: «Hiç kimi düşürmeli däl, gapylary wagtynda ýapmaly. Hüşgär bolmaly. Gördüňiz-ä, eýsem nähili bolýanlygyny!» diýip, wagonlaryň gapdalynda hökümli gygyryp, ýüzüni gamaşdyryp, horazsyrap tarp atyp gezýärdi. «Alynyň aryny Ahmetden çykar» bolupdy. Biçäre millet hapaçylygyň, ys-kokuň içinde kösenip, sütem çekip otyrdy. Üstesine-de, kapas-yssam ýene bir ýanyňdan. Aýallar öz sözleriniň haçanam bolsa bir wagt Taňrynyň eşitjegine ynanyşyp, içlerinden hökümete, özlerini alyp barýanlaram onuň üstüne goşup, sessiz gargynyşýardylar. Jowranyşýardylar. “Ylahym, niýetiňe-päliňe görä tapyp, çym-pytrak bolaýasynyň-da hernä! Irde-giçde bize görkezeniňi görmeseň, Alladan razy däldirin?” diýişýärdiler. Bu ýagdaýa indi adamlar özleriniň uzak çydap bilmejekdiklerini pikir edip, onuň soňunyň näme-de bolsa, tizräk bolup dynmagyny isleýärdiler. Otlynyň beýdip, Günüň aşagynda ýer bilen bile biten ýaly bolup durman ýöräbermegini, şonda şemal össe, ýagdaýyň azragam bolsa ýeňilleşjekdigine tama edýärdiler. Ýagdaýlaryniň erbetleşenine jany ýanan aýallar dagy özlerine osup: «Gaçjak bolsaň, öň näme işlediň, biriniň aşagynda ýatyrmydyň, öýüňden gaýtmankaň gaçsaň bolmadymy, ýeri, aýalyňy, çagalaryňy goýubam bir gaçmak bolarmy!? Bu tüýs doňuz, doňzuňam binamys barypýatany!» diýip agzyna gelenini aýdyşyp, ýanyşyp käýinişýärdiler. Onuň aýaly – ullakan ala gözli, burunlagrak, orta boýly, syratly aýaldy. Ýanynda hem bir-birlerine çalym berşip duran ýedi-sekiz ýaşly ogly bilen üç-dört ýaşly gyzy bardy. Ol äri gaçan güni çagalarynyň hersini bir gujagyna alyp, özüne berlen ähli talaply soraglara gorkuly gözlerini tegeläp, egnini gysyp, aglap biçäre bolup jogap beripdi. Indi bolsa ol ähli gözýaşyny aglap gutarana meňzäp, bürenjegine çolanyp, ýüzüni ýerden galdyrman, hasrat çekip, doňup otyrdy. Onuň çagalaram indi, hamala, barsalar, kükrekden iteriläýjek ýaly, beýleki çagalara goşulyşyp bilmän, gaça durýardylar. Adamlar ilkibada gaçgagyň maşgalasyna-da ýamanalgyly ýaly sereden hem bolsalar, soňra olaryň hem hasrat baglap oturan biçärediklerini görüp, bu ýagdaý bilen ylalaşypdylar. Öýke-kinelerini onuň maşgalasynyň başyndan aýryp: «Bir duşaýsaň bolýar, haramzada!» diýşip, öz ýanlaryndan «hyň» edişip, hasaplaşygy onuň özi bilen boljak duşuşyga goýdular. Orazgeldi gijäniň gaýry birwagty oýanan mahaly, adamlar serlen ýaly bolşup, onuň töwereginde süýji ukuda ýatyrdylar. Ol her gezek bolşy ýaly, ýene-de ukudan aýňalýança özüniň nirede ýatanyna aň edip bilmedi. Ýöne, ol ozalam başyna dolan pikirlerden wagty bilen saplanyp bilmän, ýaňyrak uka gidipdi. Orazgeldi wagonyň kese goýlan diwar tagtalarynyň arasyndaky yşdan daşaryny synlan wagty ol ýerde gijäniň bulut deý bolup, sähelçe endiräp, hümer bolup duranyny gördi. Ýene birsalym ýatyp, gözleriniň awusyny almaga mümkinçilik bardygyna düşündi. Otly bolsa otludyr-da, durasy gelse durar, ýöräsi gelse ýörär, onuň öz münderläp äkidip barýan adamlary bilen ýagdaýy maslahatlaşmak aladasy ýok. Orazgeldi kellesiniň aşagyna dört epläp ýassyk edinen possunyny diwara tarap süýşürmek üçin tirsegine galan mahaly, Rahmannazaryň ejesi bilen öz aralygynda Allanazaryň aýaklarynyň birini beýleki aýagynyň üstüne atyp çilşirip ýatanyny gördi. Usul bilen onuň aýajygyny göterip, öz ornunda goýdy. Orazgeldi uklamak üçin gaýtadan başyny ýassyga goýmakçy bolan wagty kimdir biriniň ukuda däl adamyň burnuny çekişi ýaly burnuny çeken wagty, golaýda özi ýaly ýene bir oýa adamyň barlygyny bildi. Ol öwrülip şol tarapa sereden wagty garşyda Nurýagdynyň aýalynyň gara depe bolup, dik oturanyny gördi. Onuň şol adamsy gaçgak bolan gününden bäri gijelerine kimdir birinden çagalaryna hyýanat ýeter öýdýärmi-nämemi, oňly uklaman, olary dik oturyp geçirýänini ol öňem görüpdi. Orazgeldiniň oýananyny gören aýal: –Suwuňyz bolsa, maňa bir owurt berseňiz-le? – diýdi. Orazgeldi başuçdaky suw gabyny alyp, aýala tarap süýşmekçi bolan mahaly, onuň özi çekinibräk oňa tarap käsesini uzatdy. Suw guýup berlerine mähetdel, hamala kimdir biri ýapyşyp barýan ýaly, soňam ol tiz elini yzyna çekip alyp: – Taňryýalkasyn! – diýip, minnetdarlyk bilen pyşyrdady. Orazgeldi başyny ýassygyna goýsa-da, ýene-de uklap bilmedi. Gelniň düşen kyn ýagdaýy bilen bagly pikirler wagty bilen ýene onuň başyndan sowulmady. Gül ýaly maşgalany goýup, öýeýesi halyňa nähili gaçyp bolýanyna, ol näçe oýlansa-da, asla düşünip bilmedi. Dogrusy, Orazgeldiniň-ä oňuň adamsyny Maryda ilkinji görende pisindi oturmandy. Onuň ýuwusgadan ätläniňki ýaly gansyz ýüzüni, göz okarasynda gakylyk ýaly endiräp duran gögüş gözlerini görende: «Bu bir oňly adama däl bolsa gerek, ýüzünde şeýtanlar omman atyşyp oýnaýar» diýip oýlanypdy. Gürrüňden gürrüň çykyp, bir gezek bolsa ol derdinişip, üýşüşip oturan adamlara düýbünden gerekmejek gürrüňi ähli yzygiderliligi bilen hilbir zat edenden bolup, inisini öýerip, toý edişini, at çapdyryp, göreş tutduryp, baýrak ýapyşyny biraz ýelheklenýänini hem duýman gürrüň beripdi. Agyr märekä ýarma, çekdirme, yzyndanam kersen-kersen agaran berip, ýag ýaladanyny aýdyp öwnüpdi: –Beýdýän ýok-how... Men-ä edip goýberdim. Begenilendir-däraý, onsoňam ýagdaýjygymam baram-da! Soňam: «Ýylanyň ýigreneni narpyz, olam hininiň agzynda gögär» diýleni bolupdy. Nurýagdy öz maşgalasy bilen wagonda hem göni onuň garşysynda ýerleşipdi. * * * Ýola çykylaly bäri Orazgeldi bir gezegem ine-gana oturyp, doýa naharlanyp görmändi. Ol bir garyn ajyrak, bir garyn dokurak halda, ýanlary bilen göteren gowurmadyr külçelerini çagalary üçin aýabrak tygşytlylyk bilen peýdalanyp gelýärdi. Bu zatlaryň gapdaly bilenem sök, erik kişdesidir kak, gurt ýaly zatlardanam, olary enesiniň zorlap diýen ýaly, ýük görüp almajagam bolsa: «Gerek bolmasa, ýolda zyňyp goýber!» diýip, ep-esli edibem aldyranyny ýatlap, indi oňa minnetdar bolýardy. Indi bir zada güýmenmeseler oňup bilmeýän çagalar üçin ol zatlaryň güýmenje kemi ýokdy. Ýene birde-de ol bir bölek çöregiň gapdalynyň hurşam bolup durdy. Juda ajygyp ýüregi akyberse, Orazgediniň özem ol zatlardan bir bölejigini agzyna atardy. Soňam wagty bilenem ony çeýnäp-ýuwudaýman agzynda saklap, mazasyny alyp oturardy. Ak çorba ýeke gezek berilýän bolsa-da, oňa hem gyzgynlygyna biraz gowurma atylanda, ol hem hiç neneňsi nahar bolmaýardy. Köp adamlar ýaly, olam aýaly bilen şunuň hem berlip duranyna şükür edýärdi. Eger o-da berilmese, şonda nädersiň? Ýöne mümkinçilik ýokdy, eger şol dagy bolaýan bolanlygynda Oguljumanyň oňa ýene biraz ony-muny ýanap, suw guýup, köpeldip ähli maşgala ýeter ýaly, bir oda ataryp bildigi bal ýaly nahar taýynlajagy bellidi. Hemmeleriň öwrenişişi ýaly, Orazgeldi hem indi bu ýagdaýa öwrenişiberipdi. Munda esasy meseläniň çagalary hor etmän, güwläp gelen durmuş siliniň öňünde saklanmakdygyna hem göz ýetiripdi. Ol maşgalasy bilen öňem-ä bir dartgy-çekgili, agzala däldi welin, ýola çykylany bär-ä illeri görüp, onuň yhlasy hasam artypdy. Her gezek maşgala naharlanan mahalynda aýaly bilen çagalaryň naharyny alnaryna mümkinçilik döredip, özi kätebir tabaga çemçesini uzadyp, howlukman iýerdi. Käte elindäki bäbeginiň agzyna çalyp, işdäsini saklap, iýenden bolup oturan aýalyna: «Sen, näme çümmül-çümmül, iýiber, ýeter hemmämize-de» diýerdi. Özünden öň onuňam ýürekse edinerini islärdi. Aýaly bolsa öz gezeginde onuň gaýgysyny ederdi. «Senem iýsene, akgasy, aç ýykylaýma, ýa biraz gowurma bilen garbanaý, külçämizem ep-esli, süýtdür ýumurtga ýugrulan huruşlydyr, ýüregiňi tutar. Şükür, munuň özem takma-tukma bir zatlar berip dur, hor bolmarys, Hudaý hor etmese!» diýerdi. Orazgeldiniň tebigaty aňyrdan agrasdy, gerek bolmasa ýa soralmasa, ol her ýeten gürrüňi böltäp, oňa söz goşjak bolup ýörenden däldi. Köplenç arkasyny wagon diwaryna berip, başynda pikir bulutlaryny göçürip-gonduryp oturardy. Häli-şindem onuň ýadyna obalary, dost-ýarlar, soňra-da ol ýerden aga-ini bolşup, maşgalalary bilen arabalara gapgarylyşyp gaýdyşlary, inisi bilen Marydaky gysga wagtlyk didarlaşyk, onuň ogly Aganazaryň özlerinden aýrylyşasy gelmän delmurup durşy ýadyna düşerdi. Şu zatlary ýatlan wagty ol hemişe özüniň maşgalasy bilen ýene haçanam bolsa bir wagt Watana dolanyp gelmek baradaky tamasynyň kalbynda henizem şol ýylysy bilen duranlygyny duýýardy. Bu pikirlere berilmek biraz gussalyragam bolsa, ony göwün küýseýärdi, kalba giňlik, özüçe göwünlik berýänem ýene şol pikirlerdi. Daşkende gelnen gününiň ertesi sürgünleri Marydan bäri alyp gelýän ugradyjy topar başga bir topar bilen çalşyryldy. Täze adamlar gelensoň, judabir ynanyp barmaýan-da bolsalar, sürgünlerde zabunlaşan ýagdaýyň azda-kände bolsa-da gowulaşjakdygyna inçejik tama döräpdi. Toparyň ýolbaşçysy Morozkow atly, inçeden uzyn boýly, ýüzi gul adamsynyňky ýaly ikibarmak bolup duran, kyrk ýaş töweregindäki çytyk gaşly, hortaň adamdy. Ýöne olam birbada, hamala sürgünleriň şeýle näbelli ýagdaýda saklanylmagyny dogry hasap edýän ýaly, olara üns bermedi. Talap edijilik bilen şol bir ýagdaýy saklady. Wagonyň içi bolsa gündizlerine şeýlebir gyzýardy welin, onuň içinde bugaryp oturan adamlaryň «Näme bolsa, şol bolsun» diýip, segreşip galyberesleri gelýärdi. Ýöne aýallaryny, çagalaryny görenlerinde, ýene-de nädip raýlaryndan gaýdanlaryny olaryň özlerem duýman galýardylar. Bir gezek täze toparyň başlygy otlynyň gapdaly bilen ýöräp, sürgünleriň saklaw ýagdaýyny gözden geçirip ýörkä, gabada gelende wagonyň agzynda onuň golaý gelerine garaşyp duran adamlaryň ikisi, saklap oturan esgerler aňyrsyny-bärsini seretmän¬käler tarpa-tarpa wagondan böküp düşüp, täze komandiriň öňünden çykdylar. Olaryň biri Gully emin, beýlekisi bolsa daýanykly, bir gürrüňçilikde: «Orsuň ýüň ýuwýan zawudynda işledim, biraz onuň dilinem şonda öwrendim» diýen Güýç marylydy. –Ýoldaş komandir, biziň arzymyzy bar, diňläp alyň! – diýip, Gully emin komandiriň göni özüne ýüzlendi. Güýç hem gapdalyndan onuň sözlerini rusça öwürdi. Komendant üşerilip, öňünden çykylmagyny halaman, aýak çekdi-de, öz öňünde duran sürgünlere halamazlyk bilen seretdi. Soňam gapdalynda hallan atyp duran mauzeriniň üstüne mazanlama bilen, bir elini goýup, öjügip, talaply gepledi: –Kim size wagondan düşmäge ygtyýar berdi? –Ýoldaş komandir, wagonlaryň içi örän yssy, ýakyp-gowrup barýar. Adamlar heläk bolýarlar! – Gully emin komandiriň haýbatyna ähmiýet bermän, onuň beren soragyna jogap bermek hökman däl hasap edip, daşyndan öwrülip, arzyny aýtdy: – Eger-de adamlary gynap öldürmek niýetiňizde ýok bolsa, onda birazrak bize garaşygam ediň, Adamlara gyzgyn wogondan ýere düşmäge, onuň kölegesinde bir oturmaga ygtyýar ediň! –Siz ýene-de gaçyberseňiz, onsoň, biz nätmeli? Bizem size başymyz bilen jogap berýäris-ä bu ýerde. Siz bolsaňyz eýýäm gaçybam ugradyňyz mundan. Siziň üçin biz türmä düşmelimi onsoň? Komandiriň armaýybrak durup, Gully eminiň sözüni böltäp diýen ýaly howlugyp beren soragy igençli bolsa-da, bu onuň garasaý azajygam bolsa sep berip ugranlygyny duýdurdy. Wagon gapylarynyň öňünde gezelişip, hümerlenişip, seredip duran adamlara tarap hem ol: «Şu gep size-de degişli!» diýen manyda hütgürip seredip goýberdi. Gully emin şonda hamala komandiriň beren soragyna jogap tapmaýana meňzäp, birpursat dymdy. Soňundanam Güýç terjimeçä tarap terjime et diýen manyda öwrülip: –Ýoldaş komandir, adamlara biraz garaşyk edilse ýagşy. Şeýdilse, onsoň, gaçyp-tezen hem bolmaz. Ýogsam, onda-da bu eredip barýan howruň aşagynda. Beýle ýagdaýda adam pähimini ýitirýär, öz hereketine ygtyýar edip bilenok – diýip, ol inçelik bilen: «Şu ýagdaý üýtgemän, uzagyna dowam etse, her ýagdaýlaryň hem bolmagy mümkindir» diýen äheňde batnykly edip aýtdy. Komandir oýlanyp düýrükdi. Töwerekde göz bolşup duran adamlar hem bir-birleriniň ýüzlerine seredişdiler-de dymdylar. Ýöne, komandir öz jogabyna köp garaşdyrmady. Dyzanybrak, eliniň başam barmagyny kemerine geýdirip, gysga we pert gepledi: –Göreris!.. Soňam ol gaty-gaty ýöräp, wagonlaryň gapdalyny syryp, söwedeňläp gitdi. Şu gürrüňden soň komandir adamlaryň rejesiniň geň däldiginden çen aldymy ýa-da özünden ýokarky başlyklara çykyp, ýagdaýy olara düşündirdimi-nämemi, öýlänara erkek adamlara hem ýere düşüp, uzaklaşman, öz wagonlarynyň gapdalynda oturmaga rugsat edildi. Az-kem-de bolsa ýazylganlyk gazanyldy. Şondan soň birsalymam bolsa adamlara garalyp-bürelip çytylyp, ýakymsyz adama meňzäp ýörse-de, komandir hem olara hiç neneňsi adam däl ýaly bolup göründi. Aýallar çagalary bilen öz wagonlaryny kölegeleşip, üýşüp-üýşüşip, göç bolşup otyrdylar. Ümedüşmez çagalar bilen gykda-bakdylar. Çagalary bilen olara indi esgerleriň ugratmagynda gidip, goňşy howludaky kranlardan suw almaga hem ygtyýar berlipdi. Şondan bärem baryp-gelip, bu ýolda märeke sozanguýrukdy. Erkek adamlaram indi gapdalda bir bölek bolşup bikär otyrdylar. Wagt geçirmek üçin ýer çyzyşdyryp, üstüne töwerekden çöplenen daşjagazdyr çöpjagazlar goýup, tarap-tarap bolup düzzüm oýnaýardylar. Olaryň arasynda hökümetden çekinip, namazyny kaza edip oturanlaram, Sarahsly Orazmyrat ahun ýaly ähli zada kaýyl bolup, namazyny sypdyrman okap ýörenlerem bardy. Orazmyrat ahun her gezek namazyny okap bolandan soň hem namazlyk edip aşagyna ýazan donunyň üstünden wagty bilen turman, tesbi sanap oturardy. Ürç edip, haýsydyr bir keramatly dogalary ýürek togalap okardy. Ol her gün şeýdip il-gün, maşgalasydyr özi bilen sürgün bolup barýan adamlary ýatlap, gowy-gowy dilegler edýänem bolsa, islenilýän gowulyk welin bolubermeýärdi. Orazmyrat ahun ýaly Taňra juda ýakyn hasap edilýän adamlaryňam arzy şol günlerde asmana ýetmän galýana meňzeýärdi. Ýöne Orazmyrat ahunyňam oňa ýetjegi çynydy, dileginiň alga alynmaýanyna seretmän, gözlerini süzüp, doga okap, şol umyt tagbatdady. Erkek adamlar wagonlaryň töwereginde aýallaryndan, çagalaryndan aýry topar bolup oturan hem bolsalar: «Bularyň ýagdaýy nähilikä?» diýen pikirler hem şol ýerdedi. Suw getirip, habar getirip, arada gatnaýanlar çagajyklardy. Çagalary gözüniň alnynda gezip ýören mahaly her niçik bolsa-da, ene-ata kalby birneme rahatlyk tapýar. Eginden basan horlugy juda ýiti duýmaýar. Otlynyň ýene ýola düşjekligi adamlar aljak suwlaryny alyp, görjek ýol taýynlyklaryny görer ýaly, öňünden aýdyldy. Bu habar hamala, otly yzyna öwrülip, Türkmenistana gidi-berjek ýaly, halky galkyndyrdy. Otly ýöräp, wagonlaryň içine şemal çalyp ugrasa, onuň jyzyran Günüň aşagynda oturandan has gowy boljaklygy baradaky pikir adamlary ekezelendirdi. Daşkentde bolnan soňky günde aňyrdan gelen üsti açyk gara maşyn golaýda saklanan mahaly adamlar oňa üşerilişip seredişdiler. Onuň üstünde iki sany ýaragly esgeriň arasynda bendi edilip getirilen şol gaçgak Nurýagdy ýüzüniň pisini aşyryp, sortduryp otyrdy. Haçanda ol maşyndan düşürilen wagty adamlar oňa: «Be, bu haramzadany nireden, nähili edip tapdylarka?.. Otuz-kyrk ýaşabam täze hökümetiň jynyna bir düşeňsoň, ýeke başyna ondan sypyp bolmajagyny bu alasamsyk bilmeýärmikä? “Ýamanyň kesti iline ýeter” diýleni. Biý-ä gaçdy syrtyny çalyp bir ýere, bu ýerde bolsa, esgerler biziň burnumyzdan ikli gan getirdiler. Haý, mysalaň gursun!» diýýän ýaly nägile bolşup seredişdiler. Ejesiniň gapdalynda oturan ýortmança oglan kakasyny tanap begenip, onuň öňünden çykjak boldy. Ýöne: “Kakam!” diýip, ýerinden galanam şoldy welin, kakadan ymykly göwni galan gelin şapba onuň goşaryndan ýapyşdy: –Işiň ýok ol ýerde. Hüm-m... Gör, bu eşşegogluny! Hamala hilbir kakaly kişimişin-dä! – diýip, gelin ýaşmagyny çeýnäp-çeýnäp, ahmyrly gürledi. Şonuň gaçany üçin özlerine zabun daralanlygyna ynanýan adamlar ony otlukly, sowuk nazar bilen garşyladylar. Ol hiç kimiň ýüzüne seredip bilmän, eli arkasyna bagly halyna esgerleriň öňüne düşüp, süssenekläp, adamlaryň arasyndan geçdi. Onuň egnindäki dyzyna düşüp duran ak köýnegi der-çaňa eýlenip, garamtyl-sargylt reňk alypdyr. Ýollarda depgisi hem ýeten borly, esgerler sähel tüpeňlerini bir sebäp bilen ýokarrak göterselerem, ol “ziňk!” edip tisginýärdi, egnini gysyp, kellesini göwresiniň içinde gizlärli görünýärdi. Nurýagdynyň beýdilip getirilmegi soňra adamlaryň bilesigelijiligini has hem artdyrdy. Esgerler gaçgagy getirip öz wagonyna salanlaryndan soňam ol ýene sap atyp gaçar öýtdülermi-nämemi, wagty bilen wagonyň gapysynyň agzyndan aýrylman durdular. –Otly ugrajak wagty münersiňiz! – diýip, töwerekden gelen adamlary hem kowup, wagonyň içine hiç kimi goýbermediler. Adamlaryň bolsa gaçgagyň ilki-hä gaçyp, soňam ýene-de nädip bu ýerlerden gelip-çykyp ýörşi barada bilesleri gelýärdi. Hasam onuň gaçanyna wagondaky adybir obadaşlary namys edýärdiler. Ahyrsoňy Hudaýberdi atly gözleri oýnaklap duran adama sakçy esgerlere: «Goşumda suw salýan gabym galypdyr, şony alaýyn!» diýip wagona aralaşmak başartdy. Ol aýak üstündenem bolsa, Nurýagdy bilen birki oýnam sorag-jogap alyşdy. Ol aňyrdan gele-gelmäne: «Ol-a, adamlar, özünde günä goýanok. “Içim geçdi, onsoň adamlardan çeträge çekildim” diýip. “Görsem, aňry ýanymda bir oba-da görnüp dur. Däri-derman etmesem, munuň ýazmajagynam bilýän, soňam zäk-zirk soraýyn diýip, şonuň ugruna gitdim. Ýetişermikäm diýsem, ýetişmedim, otludan galdym” diýýär” diýdi. Özi bolsa onuň gepiniň bir sözüne hem ynanmanlygyny mälim edip, böwregini bökdürip gülüp dur. Otly agöýlänler ady wagyz bolan Daşkentden çykyp ugrady. Wagonlaryň gapylary ýapylansoň, «Daşkent uly şähermiş» diýip eşitseler-de, ondan adamlaryň oňly görüp bilen zatlary bolmady. Yssy içinde tebsiräp, endiräp oturan şäher wagon tagtalarynyň aralygyndaky yşgalaňlardan-a asla-da gowy görünmeýärdi. Üç gün durup, halys leji çykan argyn adamlaryň ony juda bir göreslerem gelip baranokdy. Adamlar Nurýagda maşgalasynam taşlap gaçan mahaly gaharlary gelip, oňa hyň uranam bolsalar, wagonlara münülip, ýerli-ýerlerinde ornaşansoňlar, bu ýagdaý bilen birbada ylalaşana meňzediler. Emma juda beýle-de däl eken, otlynyň ýöräp, bat alyp ugranyna mähetdel gaçgagyň öz aralaryndan bolanyna hym baglap ýören Tätän baý duýdansyz ýerinden turdy-da öwrülip, öz bölekleriniň aňry başynda oturan Nurýagdynyň üstüne gaýtdy: –Eý, haramzada, tur ýeriňden! – Ol şatyrdadyp ýakadan alarly göründi: – Nädip seniň ýalyny ýeriň göterýänine men haýran! Nurýagdy özüne tarap ýönelen Tätän baýyň tüýsüniň üýtgänini görüp, janyndan umydyny üzdi. Onuň şol öçli somlap gelýän elleri bilen özüni şatyrdadyp, bogup öldürjegine ynandy. Onýança onuň öň ýanynda oturan çagalary epeý adamyň öz üstlerine kükräp gelýänini görüp, ýerli-ýerden çirkin gygyryşyp, dady-perýat edişip ugradylar. Nurýagdy onuň öňünden sowulmak üçin tarsa gapdalynda oturan aýalynyň ýeňsesine dolandy. Ha diýmänem emedekläp, aýalynyň köýneginiňem eteginden girerli göründi. Ýerli-ýerden hasanaklaşyp turup, adamlaryň iki sanysy ýetişip, Tätän baýyň ellerinden tutdular. Oňa töwella etdiler: «Şu haramzada bilen deň bolmasana senbir!» diýşip, oňa höre-köşe etdiler. Tätän baý Nurýagda tarap öçli seretdi: –Binamys, haramzada, seniň ölümiň ahyr meniň elimdendir! Tätän baý deminden düşüşip bilmän ýeňseräk çekildi-de, ümürli nazaryny Nurýagda dikip durdy. Birdenem ýene täzeden küýlenip, onuň üstüne gaýdybererli görünip, gazaply haşlady. Soňam ol raýyndan gaýdana meňzedi-de, Nurýagdynyň aýalynyň başyndan syrylyp ýere düşen atynjasyny harsa aldy-da, ony Nurýagdynyň başyna büredi: –Şuny sen bürenmeli... Indem biläý, aýyrsaň, öldirin! – diýip gazap etdi. Otly indi gitdigiçe bat alýardy. Wagonlaryň diwarlarynyň arasyndaky yşlardan syzylyp şemal gelýärdi. Birsalymdan kapas wagonlaryň içine salkyn aralaşyp ugrady. Adamlar özlerini agyr ýük eginlerinden aýrylan ýaly duýup ugradylar. Daşkentde yssynyň-kapasyň derdinden telim günläp ukyny oňly alyp bilmedik çagalar indi janlary arama girip serginleşip, mysylaşyp ýatyrdylar. Birsalymlygam bolsa, ene-atalaryndan olaryň azary sowlana meňzeýärdi. Çykalga gapynyň öňüne ýene-de erkek adamlaryň birnäçesi Gully eminiň töweregine gürrüňçilige üýşüşipdiler. Olar dar ýerde dykylyşybrak, töwerekden aýratynrak bolşup otyrdylar. Wagonyň içindäki göz öwrenişilen alagaraňky häzirem olaryň depesinde salgym ýaly bolup durdy. Şeýle gürrüňçilikler mahaly adamlar bir pursatlygam bolsa özleriniň bendi ýagdaýlaryny unudyşyp, gürrüňe berlişip oturardylar. Şonda her gezek adamlaryň kalby giňäp, ýüzleri hem ýagtylan ýaly bolardy. Döwründe okap, kitap baryny dören Gully emin adamlaryň geçmiş pygamberler baradaky gulaklaryň ganan rowaýatlaryny aýlap-öwrüp, öz ýagdaýlaryny ýatladýan, töweregiň sabyrlylygyna, çydamlylygyna, mähir-mertebede galmaga kömek eder diýen wakalaryny bir-birine suňşuryp, aýratyn bir yhlas bilen gürrüň edip otyrdy. Bir gyzyşansoňlar olara otlynyň mahal-mahal jylaw süýräp, Kösäniň Bozdumany kükräp gapa gelen ýaly bolup, güýçlenýän güpürdi-tapyrdylary hem zyýan berip bilmezdi. Mahal-mahal goşlaryň gapdalynda çagalary bilen güýmenşip oturan aýallar erkek adamlaryň çökerilen ýaly bolup oturyşlaryna göz gytaklaryny aýlaşyp: «Beýle nähili hezillik tapýarkalar bu erkekler, gyz, uzakly gün ýere ýelmeşen ýaly bolşup, gürrüň-gybat urşup, bazara gelen ýaly bolşup otyr bular» diýşip geňlärdiler. Güýç dilmaç bu gezek gün içinde onlarça gezek içinden okaýan dogasyny okap bolansoň, bir gepiniň barlygyny mälim edip, goňşy aralygyndaky, hemişe gowurmanyň ysy gelip duran horjuny öňräk iterip, gapdalda arkasyny diwara berip, irkilibräk gözüni süzüp oturan Orazgeldä tarap süýşdi. Soňam: –Goňşy diýýän-ä! – diýip, oňa ýüzlendi. Güýç dilmajyň başynda ýaňy doga sanap otyrkamy ýa başga bir wagtdamy nirelerdendir bir ýerlerden gelen ýakymsyz, häli-şindem ony oýlandyryp, azara goýýan pikir bardy. Orazgeldi goňşusyna tarap ýarym egin öwrüldi. Güýç gözüni süzüp, pikirini jemlän wagty onuň maňlaýy ýygyrt atyp gitdi: –Goňşy, diýýän-ä. Göwnüme bolmasa, bular bizi bir ýerden bir ýere däl-de tutuşlygymyza, otly-sotlymyz bilen haýsydyr bir äpet aždarhanyň agzyna alyp barýana meňzeýär – diýip, kalbyna gelip, özüni biraz eýmendirýän pikiri ýatlady. Orazgeldiniň oňa ilki: «Sen bu zatlara ýaňy düşünip ýörmüň, goňşy!?» diýesi hem geldi. Sebäbi adamlaryň köpüsi munuň şeýledigine bireýýäm gözlerini ýetiripdiler. Şeýle-de bolsa ol geplände gürründeşiniň gepine kybapdaşrak bir gürrüň tapmaga çalyşdy: –Aý, goňşy, seniň göz öňüňe getirýän ol aždarhaň otly-sotlynam sokga sorup alýan bolsa, onda kiçi-girim-ä zad-a bolmaly däl... –Eýsem näme! – Sözüne «hä» berlen Güýç dilmaç soňky takyklamany hamala howadan kakyp alan ýaly edip: –Şol aždarhanyň köteni doýmasa, ol irde-giçde-de asla adam gaýgyrar öýtmegin – diýip janykdy. Köpüň derdi bolan bu sergezdançylyk Güýç dilmaç üçinem hökmanlygy bolmadyk, toslanyp tapylan, müňlerçe adamlaryň öýüni ýykan, ojagyny gömen, haýsydyr bir gurrumsagyň il bilen hezil edip oýnasy gelen oýnudy. Ýöne il bilen oýnuň deň geläýermikän, il bilen bil tutuşyp, ony ýykan barmyka?! Sähel pähimi bolan ondan irde-giçde ýykyljagyny biläýmeli ahyryn. Elbetde, doňuz bolup depä çykaňsoň, belki, öz wagtyragynda hetdiňi tanap bolýan däldir-dä... Soňundanam ol otlynyň indi ýöreýşini üýtgedip owşanaklap, ýorgalap ugrana meňzän sesine gulak salyp, başyny sallap, gussaly dymdy. Doga sanap, soragynyň anyk jogabyny indi aňyndan, Gurhan süreleriniň arasyndan bir ýerlerden gözleýäne döndi. | |
|
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -4: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |