12:31 Ojak - 1-nji kitap -14: romanyň dowamy | |
* * * Sürgünleriň Marydan münüp gaýdan otlulary on alty gün ýolda bolup, on ýedinji gün diýlende Akmolla bilen Garaganda şäherleriniň aralygyndaky «Kaşikow» atly çolaja bir duralgada gelip saklandy. Adamlar ilki muňa adaty ýol boýundaky duralgalaryň biridir öýdensoňler, şeýlebir ähmiýet-de berip durmadylar. Gaýta, onuň durmalysyny duransoň silkinip, janagyrly ýaly umytsyz jygyldap ýoluny dowam etdirmegine garaşdylar. Otly indi telim günden bäri Orsyýetiň ýollaryny yzarlap, Orenburg, Orsk, Torsk, Çelýabinski, Petropawlowsk... diýip syryp ýörensoň adamlar onuň niredeligini bilmeselerem, özleriniň başga bir ýerlere däl-de, şol ady belli Sibire barýandyklaryna ynanypdylar. Otly bolsa, telim bir ýat ýerleriň içinden geçip, ýene-de gazak topragynyň başga bir tarapyndan gelip giripdi. –Hany, düşmeli! Geldiňiz, sürgünler, gelmeli ýeriňize! – Aňyrdan talaply gygyryşyp gelen adamlar, wagonlaryň gapylaryny tagyrdadyp, tuty syran ýaly bir tarapa syran wagtlary olar ol ýerdäki adamlaryň hamala aýdylan sözi eşitmedik, öz gelmeli ýerlerine gelendiklerine henizem ynanmaýan ýaly, düşen-düşen ýerlerinde aplygyşyp, agyn otlukly köreşip duran göz bolşup oturan mähelläni gördüler. Millet ýöräp, halys ýadapdy, haldanam düşüpdi. Petropawlowskiden soň ýene-de gelip, olaryň hallaryndan habar alnypdy, iýere çöregem, içere suwam berlipdi. Ýene-de az-kem olary özlerine getiren şu zatlar bolupdy. Mundan başga-da sürgünleriň has-da kejebesini daraldan, ýolda ölüp, üsti ýapylyp, bir gyrada goýlan jesetleri düşürip, ýygnap alypdylar. Sürgünler demir ýol menzilliniň gyzyl kerpiçden bina edilen bir gatlyja wokzal jaýynyň ýeňsesinden görünýän uç-gyraksiz tekiz meýdana: –Şumukan indi biziň gelmeli ýerimiz? – diýişip, seredişip durdular. –Baý-bä, ýer-ä giň eken! –At çapdyrybermeli düzlük. –Ha-a... Bagtymyz-a ýataýan bolsa gerek! –Hä, näme? –Ow, bu ýer asla yns-jyns ýaşaýana meňzänog-a? –Oňa derek, seret, nähili giňişlik? – diýip, gapa ýaplanyp duran Orazgeldi ýeriň bollugyna gözügidijilik bilen daýhan höwesine berlip dillendi: – Ek pagta, bugdaýyňam näçe ekeseň, ýer gytçylyk etjek gümany ýok. –Sen, şu ýerde pagta biter öýdýäňmi? – diýip, gapdalda egin deňeşdirip duran Agajan murt onuň bilen ylalaşmady. –Hä, näme, suwy bolsa, ýeri bolsa, pagtaň bitmeýän ýeri bormy? Müsürde-de bitýämiş ol... –Haý, näbileýin. Müsürde bitse, bitýän bolmagy mümkin. Onsoňam ýokaryňa-da bir sered-ä! Asman şeýdip, depek ýaby ýaly çytylyp, bulutlar şallak urarly bolşup, sagrysyny oýnakladyp, tomsy bilen şeýdip durýan bolsa, bu ýerde, bugdaýyň-a bilemok welin, pagtaň-a bitmeýän bolsa gerek. Pagta biziň ýurdumyzyňky ýaly, ýeri ýorgan, suwy–süýt, arkasyny Gün çoguna sypadyp oturan ýerler gerek. – Agajan murt sözüniň soňunda eýýäm göz öňüne gelen Watanyny süýjülik bilen ýatlap goýberdi. “Kaşikow» duralgasy demir ýol geçirilen döwürleri ýalazy ýerde, soňra töweregine millet üýşer diýlen tama bilen gurlan duralgalaryň biridi. Wokzal jaýy Ýewropa biçüwinde bolup, ol entegem gapdalynda soňra gurlan iki-üç jaýdan has syratly, has kaşaň görünýärdi. Ýagyn-şemal onuň aşak etegini ýyllaryň geçmegi bilen esli ýerine çenli garaldan hem bolsa, gurlanda göwnejaý gurlan jaýy juda bir mizedip bilmändir. Ol töwerekde ýaşaýan gazaklaryň oturymly bolmagy, bu jaýyň bolsa, soňra olara bu meselede başlangyç, düýp bolup hyzmat etjegi göz öňünde tutulsa-da, ata-babasy müňlerçe ýyllardan bäri gonup-göçüp ýören, göç höwesli mally-hally halky ol özüne imrindirip bilmändi. Gazagyň bolsa henizem gadym ata-babalary sak-skif, oguzlara meňzäp, ähli Ýer ýüzüni özüniňki hasap edip, şol göçüp-gonup ýörşüdi... Wokzal jaýynyň iki tarapynda hem hümer bolup otlyny garşylamaga ýörite gelen adamlar arabadyr traktorlaryň gapdalynda çilimleşip durdular. Olar otluda getirilen bendileriň ýere düşürilerine garaşýardylar. Edil wokzal jaýynyň öňünde üç sany epeý adam töwerekdäki adamlardan özleriniň birneme ekabyrrak, ygtyýarlydyklaryny mälim edişip, köpçülikden bölünibräk, mallaryny tükelleýän çopanlara meňzeşip, otludan düşjeklere badyhowalyk bilen sürgünlere eýemsirenişip seredişip durdular. Olaryň ikisi eginleri goňras harby lybasly, birmeňzeş aşyrma kemer bilen billerini guşan, ýanbaşlary mauzerli adamlardy. Olaryň orta boýly dykyzdan daýawy OGPU tarapyndan gözegçilik edilýän, soňky döwürde Garaganda, Akmolla aralygynda ýaz kömelekleri ýaly, birbada köpelen tertip belgili barak hojalyklarynyň birnäçesiniň üstünden seredýän Şadmanowdy. Ol düýe basan ýaly ýasy ýüzli, aşaky eňegi burnuna tarap dartylybrak duran kyrk-kyrk bäş ýaşlaryndaky gazak adamsydy. Onuň sag gapdalynda geýen geými egnine şapylaşyp duran syratlysy sürgünleriň kabul edilişine gözegçilik etmäge ýokardan ýörite iberilen wekil Koçetkow dagylar durdy. Duranlaryň üçünjisi geçen ýyl Wolga boýundan maşgalasy bilen bu ýere sürgün bolup gelen we soňra 31-nji barak hojalygynyň başlygy edilip goýlan Iwan Zaharowiç Reşetnikowdy. Maslahat edilip, Türkmenistandan gelenleri hem şol hojalyga bermeklik göz öňünde tutulypdy. Sürgünler wagonlardan düşüp, ýere gonup, biraz aýaklaryny ýazanlaryndan, goş-kötellerini düşürip alanlaryndan soň, ýörite bellenilen adamlar ylgaşlaşyp, olary arabalara ýerleşdirip ugradylar. Arabalara ilki aýalardyr çagalar, goş-golamlar ýüklenildi. Barylmaly ýeriň hem iki-üç günlük ýoldugy aýdylansoň, adamlara guşagy ýene bir gezek ykjam çekmelidigi belli boldy. Arabalara sygmadyk ýükleriň ýene-de belli bir bölegini adamlaryň özleri bölüşip, arkalaryna aldylar. Agyr märeke yňranyp, ýola düşdi. Biraz ýol ýörelenden soň, adamlar ýaz bulutlary ýaly sozulyşyp, ygym-sagym bolşup ugradylar. Sus, imisala oturan gazak sährasy hamala jan girip ugrana dönüpdi. Töwerek şol birmeňzeş birsydyrgynlyk bolany üçin, adamlara näçe ýöreseler-de, döwek döwýän ýaly, şol bir ýeriň üstünde aýlanyp duran ýaly bolup duýuldy. Toprak çygdy. Düýn-öňňinde içigip-içigip ýagyş ýagana meňzeýärdi. Toprak garamtyl-goňras bolup, tukat hem hüýli görünýär. Ýoluň iki gyrasynda hem çopantelpege meňzeş gülleriň gysmyljyraşyp, bölejik-bölejik sary salyp oturany gabat gelýär. Bir ýerlerden bedenäniň hem tanyş sesi wagtal-wagtal eşidilýär. Gazagyň tomsy ol görlen yssy tomsa däl-de, barha baýnap-baýap gidiberjek türkmen ýazyna meňzeýär. Ýaňky wokzal jaýynyň öňünde duran üçlük indi märekäniň esasy beýemçisine öwrülipdi. Olar goýun-guzy ýaly mäleşýän märekäniň içinde suw boýlaýan ýaly bolşup, gezmeleşip ýörüşlerine yzly-yzyna öz getiren arabaly adamlaryna, sürgünlere talaply-talaply buýruklar berişdirýärdiler. Yzarlanyp barylýan sähranyň ýene bir ýerinde ajy ýowşanyň tanyş ysy hapylap burunlaryna uran mahaly, adamlar ilki munuň şeýledigine känbir ynanybam barmadylar. Bu, aslynda, gözüňesöweýin türkmen sährasynyň küýsegli ysy, Watan demi dälmidi näme?! Ýaňy otludan düşülende, sürgünlere Gazagystanyň Akmolla oblastyna gelnendigi, Akmolla şäheriniňem olaryň barjak ýeriniň çen bilen 75 kilometrlikde boljaklygy aýdyldy. Şonda köpler töwereklerine seredişip: «Gazagyň ýurdy boljak bolsa, hany, onda, bularyň töwerekde ýepelegräge-de öýleri, jany – düýe-ýylkysy görünmezmi?» diýşip pikir edipdiler. Galyberse-de, munça üýşen märekäniň içinde hem gazak bolup, diňe ýeke ýüz görünýärdi. Şonuň üçinem şu bir ýerlerden gelen ajy ýowşanyň ysy diýäýmeseň, “Gazagystan” diýilse-de, onuň gazak topragydygyny tassyklaýan alamatlar asla ýok diýen ýalydy. Sürgünleriň töwereginde häzir «Golodnyý step» atly, demirgazygy Tobolskä, günbatary Turgaý oblastyna, gündogary Simipalatynskä, günortasy Syrderýa sanýan ägirt uly Sibir çöketligi ýaýrap otyrdy. Bu ýerler baryp Sibir hökümdary Kuçum han döwründe, çokundyrylyp, özge dini alan Ýermek, soňra Ýermak Timofeýewiç bolan tatar galtamanynyň ilkinji talaňçylykly çozuşlaryndan soňra, onuň altaýlylar tarapyndan Katuna gark edilenine ýigrimi ýyldan gowrak wagt geçensoň, ol ýurt dolulygyna ruslaryň eline geçipdi. Esasy türki kowumyň wekilleri bolan halk taýpa-tirelere bölünişip, Hytaý tarapa, Merkezi Aziýa çäklerine watany goýup, çekilmäge mejbur bolupdy. Ol ýerde soňra ruslaryň elinde galan halk zorluk bilen çokundyrylyp, täze din tagmasy bilen tagmalanypdy. Gazaklar şonda göçüp-gonup, ruslara guýruk tutdurman, çokundyrylmadan halas bolan az sanly Sibir taýpalarynyň biri bolupdylar. Sürrek bolşup barýan mähelle häzir özleriniň şol aç sähranyň agzyna lukma edilip berlendiklerinden habarsyzdylar. Sähranyň içi bilen toplum-toplum bolup barýan sürgünler indi her gün telimbir özlerinden öň bu ýere getirilip, düýp tutuşyp ugran, gapdaly «Barak 3», «Barak 10...» diýlen belgili sürgün obajyklarynyň, baraklaryň duşundan geçýärdiler. Sürgün ykbalynyň bir özlerine degişli däldigini, onuň tutuş ýurda gelen beladygyny görýärdiler. Şadmanow iň öňdäki arabanyň üstünde oturyp, märekäniň öňüni çekip barýardy. Ol wagtal-wagtal nämüçindir nägile ýüzüni yza öwrüp, arabaçylara haýkyryp: «Sürüň tendarak, ölüsini ýedi öwülýä aşyryp alyp barýan gazak ýaly, näme, mytdyl-mytdyl ýöreýärsiňiz? Bu hörpde gitsek, biz üç günde-hä däl, bäş günde-de ýetmeli ýerimize ýetmeýäris!» diýip, talap edip gyssaýardy. Göç üzlem-saplam bolup bölüniberse, ol ýagdaýy gözden sypdyrman, dessine öňdäkileri saklap, yzdakylary toplap, sürüsini tükelleýän çopana öwrülerdi. Reşetnikow garaşyk edibräk, öz münen arabasynyň töwereginden barýanlara göz-gulak bolup, mähelläň yzyny jemläp sürüp gelýärdi. Bir gezek ol arabasyny, beýlerägindäki haýal-ýagalrak barýan adamlardan habar almak üçin, atyň başyny öwren çagy gapdaldan pyýada pyşdyllap barýan Orazmyrat ahun onuň öňünden geçjek bolanda, aljyraňňylyga düşüp, aýagy aýagyna çolaşyp ýykyldy. Aty birneme gyssan Reşetnikowa her näme-de bolsa, ahuna ýetmänkä: «Dur-r!» diýip, onuň başyny çekmegi ba¬şardy. Onuň gojany at debsiläp geçer öýdüp, azara ga¬lanlygy hem belli boldy. Gany ýüzüne üýşen ýaly bolup, ýüzi, maňlaýy, boýunlarynyňa çenli gyzardy. Biraz howsalasynyň sowlanyna mähetdel, ol ahunyň ýykylanyny köpüň görmegini islemeýäne meňzäp, arabadan eglip, dessine, oňa elini uzatdy: –Tur, goja! Ýapyş elimden! –Aýagym çolaşdymy-nämemi ýykylaýdym – diýip, Orazmyrat ahun, üst-başyny düzedip durşuna özbaşyna hüňürdedi. –Ýykylmaly däl, onda-da häzir – bu sözi ol ahuna däl-de, hemmelere aýdýan ýaly, onuň egnüstaşyry seredip, uludan dem alyp, nämedir bir zat hakda oýlanyp gepledi. Ahun töweregine seredip, uýatly ýylgyrdy. Reşetnikowyň ýarym degişmesi, soňam ahunyň goja halyny göz öňüne tutup, ony öz gapdalyndaky boş ýere mündürmegi: «Baran ýerimiz nähili ýerkän, ol ýerde kime biziň soňky ykbalymyzy ynandylarka?» diýşip alada galyşyp barýan adamlarda: Reşetnikow bilen baglylykda: «Baran ýerimizde hem şu adam başymyz bolmaly bolsa, ýaşaýşam juda bir kyn bolmasa gerek. Munuň özi-hä adama düşünjek adam eken» diýşip, tama etmeklerine sebäp boldy. Oguljuma dagynyň iki maşgala bolup ýerleşdirilen depesi telper arabasynyň üsti birneme daryşganlykdy. Arabaçy giň maňlaýly, çokgasakgal, molla kişiler ýaly ýylmanagrak gojady. Ol ýüküniň ýetikligini göz öňünde tutup, arabasynyň öňündäki öz oturýan ýerine diňe juda ýadan wagty, aýaklaryna biraz dynç bermek üçin münerdi-de, beýleki wagtlar jylawy elinde tutup, gowaldaň ädigini süýräp, arabanyň gapdaly bilen ýöräbirdi. Allanazar ýolboýy araba münüp-düşüp, ejesiniň ol-bi ýumuşlaryna ýarap, kömek berip gelýärdi. Ejesi beýlesine öwrülip, Rahmangulyjygy emdiren wagty, ol eýläk-beýläk dyzanyp, arabadan gaçarly görünýän Rahmannazara göz-gulak bolardy. Bir yzrak galyp, bir araba bilen deňleşip ýöreýän kakasy bilen aralykda çapalap, taýçanak bolup gatnardy. Özi-de ol oglanlarça bu zatlaryň hemmesinden lezzet alýardy. ol has-da Sergeý babanyň ýanyndan at sürenden bolup ýöremegi gowy görerdi. Oglan göwnüne düşünýän goja bolsa öz tutup barýan jylawyny käte: «Al, oglum, senem sür!» diýip, Allanazara hem bererdi. Allanazara mähirli seredip, ol başga-da bir zatlar diýerdi. Ýöne, Allanazar göwün awlaýjy sözleri aýdýanyny onuň gülümsireýän gözlerinden aňsa-da, düşünip bilmeýärdi. Emma goja bilen çaga ýüreginiň bir-birlerine golaý bolýanlygyndanmy-nämemi olar bir-birleri bilen sözsüzem düşünişýärdiler. Arabaçy goja töwerekdäki adamlaryň arasynda molla adamsy ýaly sypaýy görünýärdi. Onuň geçmiş ykbalyndan habarsyz adamlar üçin ol pylankes däl-de, adaty goja arabakeşdi. Onuň bilimini çykan, öz döwrüniň patyşa köşgünde onlarça ýyllyp hat-petegiň hereket edýän bölüminde işlänligini bolsa, diňe Şadmanow kimin OGPU-nyň işgärleri bilýärdiler. Bir kest ediläýjeginden çekinip, onuň özem mümkin boldugyndan öz geçmişini ýatlamazlyga çalşardy. Gojanyň bu ýerlere gelip düşmegine-de onuň şol patyşa köşgi bilen bagly bolan ykbaly sebäp bolupdy. Allanazar belli bir derejede öz mähriban babasy Kymyş duzçyny ýatladýan bu goja bilen eýýäm ýolda dostlaşyp ugrapdy. Oguljuma şol gezegem ýolda düşlenende iýilmeli çörek-çaýy gury-guragrak görüp, gerek ýerinde naharyň ýetnesi hökmünde içi sökli, kakly, erik kişdeli düwünçegi orta goýupdy. Adamsynyň çümmül-çümmül iýşini görüp: –Al, agzyňa sal! – diýse-de, Orazgeldi ýene-de oňa el uzatman: «Çagalar iýer» diýipdi. Oguljuma: –Çagalaram iýer, saňa-da bor – diýip, adamsynyň horugan ýüzüne seredip, ony nahara imrikdirensoň hem saçagyň üstüne goýlan zatlara çaňňalyny urup: – Bar, munam arabakeş babaňa dadyr! – diýip, Allanazaryň eline beripdi. Goja bu mahal naharyny iýip bolup: «Bä, bular beýle şüweleňli näme garbanýarkalar?» diýip, gözastyndan Allana-zar daga seredip, geň galyp otyrdy. Haçaanda Allanazaryň sen-men ýok, aňyrdan düňkäp gelip, öz aýasyna goýup giden nätanyş lukmasyndan dadyp görensoň, özüniň hem ýatlananyna goja göwni hamala bir uly zat berlen ýaly monça boldy. Ondan agzyna salansoň: “Tagamly eken” diýen manyda oturan ýerinden baş atyp, minnetdarlyk bildiripdi. Bu iki, ýaşlary hem dürli bolan, bir-birleriniň diline hem düşünmeýän, ýöne ýürekden weli düşünişýän goja bilen çaganyň garaşylmadyk we olaryň soňky durmuşlary bilen bagly boljak dostlugam şu ýolda başlanypdy. Düşleg yglan edildi. Allanazar arabanyň gapdalyna ejesiniň görkezen düşekçesini alyp ýazansoň, Rahmannazary arabadan gujaklap düşürip, ejesine aşak düşmäge kömek etdi. Ejesi arabanyň gyrasyna ýapyşybrak düşen wagty ol Rahmangulujygy gujagyna alyp saklap durdy. – Uklabam turduňmy onsoň? – diýip, hoşamaýlyk bilen oňa lak atdy. Her gezek şeýdilip düşmäge rugsat berlende, ýaýraw tutup, öňli-soňly bolup gelýän halk arabalaryň töweregine täzeden toplanan mahaly adamlar wag berşip, märeke köpelen ýaly bolup duýulýardy. Sürgünler pursatdan peýdalanyp, tapan-tupan¬lary bilen çagalaryny, özlerini hem naharlardylar. Mümkinçiligi bolsa, çaý-suw gyzdyrylyp, içe ýyly çaýkar ýaly çorba-çolpy hem taýynlanyp başlanyldy. Allanazar arkasy ýükli kakasynyň leňňer atyp gelýänini gören wagty, ylgap onuň öňünden çykdy. Ýüküni düşürmäge hemaýat etdi. Orta ýazylan ýol saçagynyň üstüne ýene-de kak, sök, erik kişdesi, ýolda paýla¬nan bir buhanka gara çörek, suwly gap goýuldy. Orazgeldi saçak başyna geçensoň, bir burum kaky iki bölüp, nan bilen olaryň bir bölegini Rahmannazaryň, ýeneki bölegini Allanazaryň eline berdi: –Alyň, gara nan bilen tutup iýiň – diýdi. Orazgeldiniň özi hem çörekden kiçiräk bir bölegini alyp, söke ýanap, kümşüldäp iýenden bolup oturyşyna Rahmangulyjygyň işdämenlik bilen emýän emmesiniň üstüne ony hamala gabanýan ýaly, eljagazyny goýup, hezil edip emip ýatyşyna hem guwançly nazaryny aýlap goýberýärdi. Hemişe ejesini jigisinden birneme gabanýan Rahmannazaryňam mahal-mahal ol emmä gözügidijilikli seredip goýberýänligini görüp: –Şunuň-a entegem emäýsem diýen göwni ýok däl – diýip, oňa emmeden aýrylmagyň kyn düşenligini, sähel mürehet bolsa, onuň häzirem baryp emmesine ýapyşaýmakdanam gaýtmajagyny ýatlady. Rahmangulujygyň aýajyklaryny debsiläp ejesini emip ýatyşyny her görende, guwanç duýgusy döreýärdi. Allanazar jigisiniň dänjiräp emip ýatyşyny görüp: –Guzujyk ýaly “şap-şap” edip emýär – diýip buýsandy. Oguljuma Allanazaryň gepine myssa ýylgyryp: –Şu-da biziň guzujygymyz-da – diýip, Rahmangulynyň körpeläp, ösüp gelýän saçlaryny sypalap goýberdi. Ýolda barmaly ýeriňem bäri-bärde däldigi, oňa çenli enteklerem dert-azar bolup gitmelidigi anyk duýuldy. Birsydyrgyn gözýetim gözleri ýadadýardy. Ondan alys asman has barly, has umytly görünýärdi. Gijelerine dagy, ol, ýyldyzlar sürlenişip barýan ýat adamlara – bu jelegaýda görenlerine geň galýan ýaly bolşup, gözlerini jeljelledip üýşenişip seredişýärdiler. Asmandaky ak mapraç gelin ýaly bolup sülmüräp barýan Aýy-da bu pursat şeýlebir üýşenişip, geň galyşyp, owadan bolşup synlaýardylar welin, dünýä hal atyp agaryp ugraberen ýaly bolýardy. Belki, bu ýerler düýn Sibir hany Kuçumyň agyr goşuny duşmana gyrgyna beren ýeridir, häzirki töwerekdäki tolkunlanyp ýatan depejikler bolsa şol bagty yzyna gaýdan Sibir halkynyň esgerleriniň ýeldir ýagyş-ýagmyr sypalap ýitirip barýan meýdanda galan guburlarynyň öwlüýäçiligidir? Tukatlygam şonuňkydyr... Şu meýdan her gezek göwünde öwülýälige öwrülen mahaly Şadmanow, Reşetnikow, şäherden gelen wekil ýaly, ýörite beýemçilik edip ýören adamlar ýeňen goşunyň hökmürowan serdarlaryna, sürgünler bolsa olaryň oljalap alan bendilerine öwrülýärler. Dünýäniň bir ýerlerinde bir wagtlar tutaşan uruş enteklerem gutarmadyk borly. Ol ömrylla-da gutarman, her döwürde ýarag-esbaplaryny çalşyryp, gaýtalanýan bolmaly. Sürgünleriň öňüni Şadmanowyň ýeke at goşulan, ýeri ýelpäp, ýeňil ýöreýän iki adamlyk paýtuny çekip barýardy. Paýtuna agyr bir ýük urulmadygam bolsa, at derläpdi. Şol barmana-da arabany ýeňillik bilen çekip barýan at öňde bir gara syny düşenini mälim edip, başyny göterip keýerjekledi-de, durarly bolup badyny gowşatdy. Alnynda ýaşyl öwsüp, göz guwandyryp, owsunyp oturan bugdaýly meýdany görüp, Şadmanow at başyny çekdi. Öz ýanyndan edip ýören haýsydyr bir pikirinden beleň alyp, hondan-bärsilik bilen töweregini synlady. Sürgünler hem Şadmanow bilen deňleşen wagtlary bugdaýly meýdanyň deňiz bolup, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän äpet meýdany dolduryp, göz guwandyryp oturanyny gördüler. Adam ýolunda gowy zada sataşanda hä diýmän özüne-de gowulygyň ýaran boljagyna göwün ýüwürdýär. Sürgünlerem öz öňlerinden sährany dolduryp oturan rysgalyň çykmagyny gowulyga ýordular. Daýhan adamlarda ol hamala öz ýerlerinde ösüp oturan ýaly ýakymly duýgyny döretdi. Soňra ýüzleri ýagtylyp, dünýäleri giňän ýaly boldy. Orazgeldi arkalap getiren ýüküni düşürip, onuň üstünde jaýlaşyp oturansoň, derini syldy. Bugdaýly meýdanyň buýsançly owsun atyp oturyşy Pendiniň bugdaýly meýdanlaryny ýatladyp, onuň göwnüni göterdi. Kakasy Kymyş duzçynyň her orakda diýen ýaly bugdaý başyny sypalap-söýüp gaýtalaýan sözüni ýatlady... «Bugdaý diýeniň ozaldan behişdiň miwesi bolupdyr. Eger-de atamyz Adam ata şeýtanyň gepine gidip How enemiziň diýenini etmän, şol gezek Taňrynyň: “Iýme!” diýen bugdaýyny iýmedik bolanlygynda, ol jennetden çykmasa-da çykmazdy. Taňry Adamata bilen How enäni jennetden çykaryp kowanda: «Alyň, şu-da siziň ömürbaky ýoldaşyňyz bolsun» diýip, olara bir goşawuç bugdaý hem berip goýberenmiş»... Iki-üç günden bäri ýolda adamlaryň arasynda Rehmet ärsary ady bilen tanalyp ugran süňkbaşy iri, saryýagyz adam arabasyny saklap, onuň üstünde örboýuna galyp duran Şadmanowyň duşuna ýeten wagty aýak çekip, oňa ýüzlendi: –Komendant aga, ol kölüň suwy içimlik suwdur-da hernä! – diýdi. Rehmet ärsary alysdan görnen ýaşyl meýdany kölmükän öýdüpdi. Onuň aňyrsy-bärisi görünmeýän giň meýdany tutup, gök-ýaşyl öwsüp oturmagy, hakykatdanam, bugdaýly meýdana däl-de, owsunyp oturan köldür deňze meňzeýärdi. Şadmanow, kimdir biri ýeňseden görünmän gelip, kellesine patyladaýan ýaly, «Hüm-m» edip, göhi gelmek bilen sarsyp gitdi-de, ynamly gepledi: –“Içimlik suw” diýýäňmi? Bu ýerde indi näme kemiňiz bolsa-da, arkaýyn boluň, suw kemiňiz-ä bolmaz. Suw ýere-göge sygýan däldir bu ýerlerde! Rehmet ärsarynyň bu sözleri dile almagy ýöne ýerden däldi, otluda milleti juda heläk eden suw meselesi ýene-de bu ýolda hem ýüze çykyp, rykgata öwrülip ugrapdy. Şonuň üçinem göni ýoldan sowlup, birneme aýlawlyragam bolsa, ýaşalýan ýerleriň golaýyndan ýöremek makul bilnipdi. Şadmanow Rehmet ärsarynyň jogabyny nagt edip, hamala ýalan gep aýdýan ýaly dessine-de ondan nazaryny sowdy we adamlara umumylykda ýüzlenip aýdýan geplerini kagyzdan okaýan ýaly edip ynamly, howlukman, eli bilen alysdan görünýän ýaşyl deňzi görkezip gepledi: –Adamlar, indi özüňizi gelmeli ýeriňize ýetdik hasap edip bilersiňiz. Şol görünýän, siziň ýaşamaly ýeriňize degişli bugdaý meýdanydyr. Ýene bir düşläp, dem-dynç alsak, soňra tiz ýeteris! Gutarmajak ýaly bolup görnen ýoluň gutaryp barýanlygy baradaky habar dartgynly garaşmadan halys bolan sürgünlere azragam bolsa wagtynda berlen göwünlige meňzedi. Adamlar azabyň gutaryp barýanlygyna göwün ýüwürdişip, biraz ekezelendiler. Mähelläni görüp, meýdan düşelgesiniň töwereginde traktor oňaryşyp, ol-bi ýeneki işlere güýmenişip ýören adamlar hem aňyrdan topbak tutuşyp geldiler. Şadmanow indi arabadan düşüp, dabanyna ot basylan ýaly ýeňil-ýeňil ädimläp, töweregine eýemsirenip bakyp, sürgünlere meýdan düşelgesiniň töwereginde dem-dynç berip, olary oba ertir irden äkitmegiň pikiri bilen ýelpäp ýördi. Onuň mauzeriniň gaby, arabanyň yzyndan asylan düwünçege meňzäp, ýolboýy gapdalynda ikiýana hallan atyp, özüni mazamlap gezýärdi. –Bular kim, täjiklermi? – diýip, meýdan düşelgesiniň öňünde üýşenleriň arasyndan elini ýagly esgi bilen süpürip duran, başy papakly, hortap, saryýagyz adam Şadmanow golaý gelende tanajagy bar ýaly köpçülige içginläp seredip durşuna sorady. –Ýok, bular türkmenler – diýip, Şadmanow gurak jogap berdi. –Hemmesi şol bir Türküstan-da... Bu ýerde indi tizden Buharadyr Duşenbeden jemlenilip iberiljek täjik sürgünlerine hem garaşylýardy. Obada olary hem şu 31-nji baraga Iwan Zaharowiç bilen Şadmanowyň ýokardan kabul etmäge borçly edilenligi hakynda gürrüňler bardy. Bir aýagyny penjeläp, nämedir bir ýeňil bolmadyk zat barada oýlanyp, egrelibräk duran goja töwereginde bosuşyp-çomuşyp duran sürgünleri synlap, başyny sähelçe yrap, uludan bir demini aldy-da: –Geliň, gelen bolsaňyz. Horlugy-zulumy biz bilen bölüşersiňiz. Näme gytam bolsa, şu zatlar-a ýetikdir bu ýerde – diýip, burnuna salybrak gepläp ýene-de yzyna dolandy. Sürgünler Akmolladan şol gaýdyşlaryna üç gün ýol ýöräp, dördünji gün günortanlar öz gelmeli ýerlerine – 31-nji baraga gelip ýetdiler. * * * Kymyş duzçy inisi Ahmediň maşgalasy bilen tussag edilip, Garawuldepä alnyp gidilenini şol günüň öýläni eşitdi. Ol gawun başyndady. Onuň inisine jany ýandy: «Aýtdym-a men şol eşege: “Goý indi şu oýnuňy?” diýip, bular bilen oýnuň deň gelýärmi seniň!.. Tutulan bolsaň, hakyt bolaýypdyr şol-a. Ýöne çagalary... Ýeri, olarda nä günä bar diýsene. Ol doňzuň oduna bigünä bendelerem ýanmaly bolupdyr. Ahmet diýen adam aslynda dek gezjek doňuzmy näme?..» diýip, Kymyş duzçy inisinden nägile bolsa-da, barybir inisiniň çagalary bilen düşen güni oňa ýene-de ynjalyk bermedi. Durup bilmedi. Biraz mahaldan onuň pikiri Ahmediň çagalary bilen äkidilen Garawuldepäniň töwereginde aýlanyp ugrady. «Bäý, ol doňzy ýenjen bolsalar gerek? Ýara dagy salmadyk bolsalar ne ýagşy. Ýogsam: “Diý!” diýen zatlaryny diýip, günäňi boýun alandan bolmasaň, olar adamynyň dagy osal ýerlerine-de depip, urup, maýyp-da edýämişler» diýip, aladaly pikir etdi. Ýygyp goýan otuny ýüpe çykap, agtygy bilen hykylaşyp, ikisi iki ýerden zordanrak eşege ýükläp, bir horjun gawunam jaýlap onuň üstüne atansoň, oba gidermen boldy. Ot ýyganda epläp gapdalyna atan donuny geýip, bilini pagta guşak bilen pugta çekip guşansoň, saýa agajyna ildirip goýan ýapbaç telpeginem kakyşdyryp, başyna geýdi. Ateşek birsalym dikgirdänsoň, gelip obanyň çetinden girdi. Goja halys suwsapdy, ol öýüne garagörnüm gelenden: «Ha, heleý, çaý demläp goýan bolsa ne ýagşy» diýip oýlanyp, eşegini gyssap öýüne ýetmäge howlukdy. Çaý başynda Jemal mama adamsyna Ahmediň tutulyp, eli arkasyna daňlyp alnyp gidilişini, soňam yzan-da-çuwan edilip, onuň aýalydyr çagalarynyň-da sürlüp äkidilişini ýatlap aglady. Jemal mama soňra delalaty deger diýen tama bilen Ýagdynyň ýanyna gidipdi. Ýöne ol ýerdenem Ýagdyny tapmandy. Hemişe onuň niredeliginden habarly Hanuma Ýagdynyň irden, adamlary ýekeýüz ýabyň başyna çöpsyrda alyp gidenini aýtdy. Ahmediň ady tutulan wagty Hanumanyň maňlaýynda birden maýdaja der örtügi peýda boldy. Ol: –Siz, mamasy, gidiň. Men Ýagdy geldigi, ony Ahmediň çagalarynyň ugruna çykararyn. Ahmede-hä onuň näme kömeginiň degjegini bilemok – diýip, garrynyň ýüzüne göni gözläp bilmän, içki harasady bilen aljyrabrak gürläpdi. Aýalynyň Ýagdynyň kimligini görüp-bilip ýörkä ýene-de ondan hemaýat gözlemegini goja ýaramady: –Haý, munuňam hemaýat gözläp ýören ýerini! Ony henizem sen şol-ol öýüňde işlän günleri: «Gel, oglum, ýyljajyk süýt iç!» diýip, iýdirip-içirip ýöreniňdäki Ýagdydyr öýdýäňmi?.. Indi ol Söýünalynyň begi, ýöne-möne adam däl, edeni geçip dur, eger ol kömek etjek bolsa, seniň goldoly maşgalaňy gümgidene ibärmidi?» diýip käýindi. Soňra ol gepledigiçe ody ölçerilip ugranyny mälim edip, käsesindäki ýarta ýakyn çaýyny gapa tarap serpip goýberdi-de, ahmyrly düýrükdi: –Haý, heleý-dä sen, Ýagdynyň dagy üstüne barmaly däl ekeniň. Olardan gök ýakyndyr, heleý, bilip goýgun, indi öňki: «Akga, ene!» diýip, ýakynsyrap gepleýän Ýagdyň ýokdur, temek al asmanda bolup, özem hoňňujadyr... Olardan geljek peýda asla gelmänler geçsin! Kymyş duzçy soňra ir gününi giç edip oturanyny ýatlap, aýalynyň Ahmediňkiler üçin taýynlan iýer-içer zatlaryny alansoň, horjunyňam her gözüne iki sany gawun salyp, serhetçileriň ýanyna – golaýdaky Handepä howlukdy. Ol Hangulularyň pytraňňy oturan syrgynynyň gapdalyndan geçip, ýol ugrundaky oba bilen serhet aralygyndan göbek bolup, ýerden saýlanyp oturan öwlüýäniň deňine gelen wagty ol ýerde ýakynlarynyň ýatanyny ýatlap, göwnüne jaýlap doga okap degsin etdi. Özüniňem indi uzak eglenmän bu mähellä goşuljagyny ýatlan mahaly, gojanyň ýaňyrak gazylan bir gabra aýagyny sallap oturan öz keşbi hem onuň göz öňüne geldi. Öňden serhet berkitmesi seleňläp göründi. Goja bir pursadam bolsa, ol ýerde özi bilen nämeler bolaýjagy barada ýüzugra oýlandy, Ahmediň zyndanyň garaňky burçunda biçäre bolşup, ejelerine dykylyşyp, gorkuly gözlerini balkyldadyp oturan naşyja çagalaryny ýatlady. Özüni gördüklerem olaryň: «Baba-da, baba!» bolşup, hossar sanyşyp, gujagyna doljaklaryny ýatlady. Häzir oňa ýadawlygyny hem duýdurman, alyp barýan şu pikirlerdi. Gumak ýoluň iki gyrasyny alarladyp ösüp oturan boldumly biten ýandaklarda gojanyň syny eglendi. Olaryň ýola golaý oturanlarynyň üstüni çaň-tozan basyp, başa ýukajyk çal ýaglyk atana meňzeşip otyrdylar. Bedeňýap bilen aralykdaky meýdan welin göze ilginçdi. Ol ýeriň ýandaklary bir-birlerine baş gatyşyp, ep-esli ýerde ýaşyl ýazy döredişip otyrdylar. –Ha, bulary syryp-syryp, güjürdedip iýmäge düýe bolsaň! – diýip oýlandy. Soňra bu ýandakly meýdan onuň çagalygyndaky düýe bakan ýerlerine meňzäp, ony pikirinde geçmişe äkitdi. ...Kymyşam şol günler köne jardan ýeňsede agalary Arnagylyç, Özbekgylyç bilen düýe bakardy. Käte olaryň ýanyna şonda eli hasaly, egni çäkmenli atalary hem gelerdi. Gelibem öz lagar düşen aty bilen gyzyklanardy: «Şol sag-aman otlap ýörmi?» diýip sorardy. Onuň ýanyna baryp, maňlaýyndan sypardy. Bir gezek bolsa ol atnyň der saçyp duranyny görüp, çagalaryna onuň üçin ynjap käýinipdem: –“Şu at bilen işiňiz bolmasyn!” diýip aýtmadymmy näme men size!? Arnagylyç bilen Özbekgylyç bolsa, her gün diýen ýaly gojanyň gözüne güýdüşip, lagar düşen aty münerdiler, onuň bile düýe-de gaýtaryp gelerdiler, käte bolsa ol garry aty göçüşip, şeýlebir çybyklap çapardylar welin, at janawer halys bolardy. Zordan aýaklarynyň üstünde durardy. Ol çabdar at Muhammetgylyç serdaryň iň soky söweş aty hökmünde bellidi. Häzir bu meýdany goja özüni çagalyk mekanyndaky ýere meňzedensoň, onuň göwnüne bu ýerde Hydyrata ýaly bolup, birden babasy Muhammetgylyç serdaram görnäýjek ýaly bolup duýuldy... Serhet düşelgesiniň girelgesinde duran serhetçiler Kymyş duzçynyň goňşulykdaky obanyň adamsydygyny aňsalar-da, onuň gepini diňlärli däldiler. Olaryň birisi – uzyn boýly, jüýkburun orus ýigidi bolup, ikinjisi kelteden gelen, gözi gyýtaksy, çalgyrt türküçileýän tatar ýigididi. Ol gojanyň haýsydyr bir bendilikde saklanýanyň yzyndan gelenini eşiden badyna, başdansowma jogap bilen yzyna gaýtararman boldy: «Goja, gowusy, sen git, barybir, saňa hiç kimi-de görkezmezler. Uly komandir häzir ýok bu ýerde, özgeler bolsa saňa görme-görşe rugsat berip bilmezler». Goja tatar ýigidiniň türkisini diňläp durşuna gözüne seredenden onuň ýalan sözleýänligine, özüni başdan sowjak bolýanlygyna düşündi. Ol esgerlere hiç zat diýmän, üzeňňiden aýagyny aýryp ateşeginden düşdi-de, serhetçileriň beýlerägindäki güzeriň boýnunda biten toraňňynyň kölegesine çekildi. Eşegini gapdalda örklänsoň, özem keçejigini aşagyna atyp, şol ýerde oturyberdi. Serhetçiler ilki bir-birleriniň ýüzlerine seredişip, gojanyň näme hyýala münenine düşünmediler. Öz ýanlaryndan: «Namaz wagty gyssandyr. Namazyny okansoň, turar gider» diýşip pikir etdiler. Ýöne Kymyş duzçy ne wagty bilen namaz okady, ne-de atlanyp, gelen ýoluna gitdi. Onuň bu bolşy gapyda duran esgerleri darykdyrdy. Çalgyrt türkmençe gepleýän tatar esger aňyrdan ýöräp gelşine ýene-de ondan abyr-zabyr bilen dynmakçy boldy. Gaşlaryny çytyp, ýüzüni gataldyp, halamazlyk bilen goja ýüzlendi: –Goja, indi näme otyrsyň? –Şu ýerde komandire – ulyňyza garaşjak! –“Ulymyz ýok” diýil-dä saňa. –Ýok bolsa, geler-dä näme! Tatar esgeriň ýüzi hyrsyzlandy: –Aýdyl-da saňa, uly başlygyň ertir geljekligi. –Menem erte gelse, şol ertire garaşýan-da... Tatar esger şundan soň goja bilen düşünişip bilmän, onuň ýüzüne haýbatly seredip durdy-durdy-da, lapykeç hüňürdäp, yzyna dolandy. Şol gidişine-de ýolugra ýoldaşy bilen «haňňy-syňňy» edip birsalym duransoň, ony galdyryp, ýene aňyrlygyna–komandirleriň bolýan ýerine gitdi. Tatar esgeriň giren jaýyndan birsalymdan kömejine howp abananyny duýan arylar ýaly, elleri ýaragly birnäçe esger hozanaklaşyp çykdy. Goja olaryň yzy bilen hol günki özünden Jüneýit han hakynda sorag edilende oturan syrdam komandiriň bir elini aşyrma kemerinden tutup gelýänini gördi. Olar gepe düşmez gojany bu ýerden köplenişip kowarly göründiler. Goja biraz howatyr bilen: «Şulardan gorkmadygyň Hudaýy ýokdur!» diýip, öz ýanyna ýetip gelýän serhetçileriň komandiriniň ýüzüne aladaly seretdi. Emma onuň nazarynda öz garaşan ýazgaryjy, hemleli alamatyny görmedi. Esgerleriň komandiri, umuman, daşyndanam ylmy ýeten molla ýaly sypaýy we salyhatly görünýärdi. Kymyş duzçy elini ýere diräbräk eglip, ýerinden turdy. Komandir gojanyň öň ýanyna gelip aýak çeken mahaly, hyzmata gaýym tatar esger ýeňil gopup, özüniň arada dilmaçlyk etmeginiň gerek boljagyna düşünip, dessine olaryň ýanyna geldi. Goja özi ýokka inisiniň tutulyp, maşgalasy bilen şu ýere alnyp gaýdylanlygyny, özüniňem jandurmazlyk edip, şolaryň yzyndan gelendigini, Sowet hökümetiniň indi ulular bilen aýaldyr çagalaram özüne howply duşman hasaplap ugranyna halk bilen özüniňem gaty geň galýanlygyny ýaňzytdy. Obanyň halys orlup-tükenip barýanlygyny aýdyp, mertebeli döwlete dagy beýtmek uslypmydyr aslynda diýen manyda öz Kymyş yňdarmalygyny edip, soňuny saýman igenibräk gürledi. Komandir agras adamlara mahsus şol bir tutuklygyny saklap durşuna sözüni bölmän, sorag bermän, gojany diňledi. Gürrüňiň Ahmetdir onuň maşgalasy barada barýanyna göz ýetirensoň bolsa, duran ýerinde haýsydyr bir zat ýadyna düşen ýaly oýurganyp, sähelçe baş atdy: –Näme diýsene, goja? Eger aýal bilen çagalarynyň yzyndan gelen bolsaň-a, onda seniňki ugruna. Bize häzirlikçe olary gaýtarmaga OGPU hem ygtyýar edýänligini habar etdi. Ertir goýbermekçidik, isleseň, şu gün alyp-da gidip bilersiň. Aňyrdan bu ýerdäki gürrüňiň ýeňil bolmajagyny pikir edip gelýän goja bu gep, birhili, duýdansyz hem geň göründi. Ol OGPU-nyň döwletli maslahat bilen habar edenini gulagy bilen eşitse-de, oňa birbada ynanyp bilmedi, bu onuň aňsat edýän işimidi näme! Oňa “Bas, at, sürgün et!” diýseň. Şol barmana Kymyş duzçynyň ýadyna aýalynyň haraý gözläp, Ýagdynyň üstüne barşy düşdi. –Şol deýýus, adam bolup, bularyň ugruna çykaýdymyka? – diýip oýlandy, soňundanam muňa hut şonuň delalatynyň degenine ynandy. –Diýseň-diýmeseňem özüňki-dä! Şeýdip bir ýerde bolmasa, bir ýerde onuň kömegem degäýýär – diýip, Ýagdydan gaýybana minnetdar boldy. Hoş sözi üçin komandire hem gojalarça: – Taňry ýalkasyn, oglum! Alla saňa abraý bersin, bala-çagaň rehnedini gör... – diýip, ýürekden alkyşlap, dileg etdi. Soňundanam: – Indi, buça bolanyna görä, Ahmedem bir görkezäýseňiz! – diýip, täzeden komandire haýyş bilen ýüzlenip, ony görmese, ynjalmajagyny mälim etdi. Tutuklygyny saklap duran komandir başyndaky papagyny bir eline alyp, beýleki elindäki elýaglygy bilen maňlaýynyň derini sylansoň, gojanyň soňky soragyny eşitmedik ýaly, gitmekçi bolup, yzyna öwrüldi. Onuň ýeňsesinde ýaý berşip duran esgerler biraz yza çekilişip gozgalaň tapyşdylar. Komandir olara ýüzugra gysgaça-gysgaça talaply buýruklar berip, yzyny gözlemän, aňyrlygyna gitdi. Bir salymdan esgerleriň ikisi Ahmedi görkezmek üçin zyndandan çykaryp, gojanyň ýanyna alyp geldi. Goja inisi Ahmediň ýaňyrak syrylan süýnmek gawun kellesini hol beýleden görenden tanady. Onuň daýaw göwresi öň ýanyndan barýan esgeriň üstüne abanybrak, sähelçe leňňer atyp gelýärdi. Hossaryny görüp, ýüzi açylan Ahmet begendi. Agasy bilen gadyrly salamlaşdy. Ol: –«Ahmet Ödegylyç, gapa çyk!» diýseler, men ýene soraga äkidiljekdirin öýtdüm. Eý, Taňrym! Bir görsem, bu ýerde, ine, siz otyrsyňyz... Goja biraz egsilen ýaly bolan inisini haýpygelijilik bilen içgin synlady. Onuň toňkaryp duran kellesinde gatan gan yzlary bardy, zuluma tutulanlygy görünýärdi. Muňa gojanyň jany ýandy. Oňa haýpy gelip, içinden: «Ýeri, muny beýle zuluma tutar ýaly, ol siziň, nä, bajyňyza giripmidi?» diýip, sütemkärlere içinden käýindi. Inisine edilen sütem baradaky pikir gojanyň özünem biraz eýmendirdi. Ahmet gojanyň inileriniň iň dogumlysy, gaýratlysydy. Kymyş duzçy öz garadangaýtmaz inisinden diňe bir oba ýolbaşçylarynyň däl, ellerinde suw ýaly ýaraglaryň barlygyna seretmezden, serhetçilerdir OGPU-nyň işgärleriniň hem heder edýändiklerini bilýärdi. Näçe synanyşsalar-da henize bu güne çenli Ahmediň ýoluny kesip, ony ele salmak olara başartmandy. OGPU-nyň bu zatlaryň hemmesiniň hasabyny ýöredýänligi hem belli zat. Bu döwürde ata çykmazlykdan gowusy ýok ýaly hem bolsa, ilçilikdi, başyny etegine salyp ata çykýanlaram bardy. Ahmet, aslynda, ata çykjak bolubam çykmandy. Ony köpden bäri durmuşda ýanap gelýän, ynjalykly, arkaýyn ýaşamaga goýmaýan ykbalyň özi çykarypdy. Nädip ata çykanyny Ahmediň özi hem duýman galypdy. Ýöne, her hili ýagdaýlaryň bolýanlygyna bakman, ol özüniň ata çykanlygyna asla ökünmeýärdi. Möjekleriň örç alan zamanynda diňe möjek bolup, öňi-yzy deňläp ýaşama¬lydygyna hem ol gowy düşünýärdi. Şeýle-de bolsa, Kymyş duzçy gürrüň arasynda inisine ýürekden igendi: –Zaluwat, sen ýene bir ýerlerde bir işler goparansyň? Ahmet jogap ýerine sähelçe ahmyrly ýylgyrdy-da, diňe birhaýukdan jogap gaýtardy: –Şol baýraçly baýyň maşgalasy bilen bir horjun puluny Owgana geçirenimi aňypdyrlar. Şony boýnuma goýjak bolýarlar. Aý, onsoňam, maňlaýdyr-da, Kymyş akga. –Hawa-da, “maňlaý” diý-de goýaý – diýip, Kymyş duzçy inisiniň aýdanyny – çekmeli bolar ony – diýip makullady. Aga-ini garawullaryň ýanynda oturyp, hal-awhal soraşdylar, sürgüne gidenleri ýatlaşdylar. Ahmet öz düşen gününiň juda bir çykgynsyz ýagdaý hem däldigine aýdyp, özüne delalatyny ýetirip bilmän kemsinip, kemelip oturan agasyny ynandyrmaga çalyşdy. Goja inisiniň eline öýden getiren azykly düwünçegini goja göwün berip hoşlaşdy. Ahmedi äkidensoňlar, onuň aýaly bilen çagalaryny tussaglykdan boşadyp, gojanyň ýanyna getirdiler. Goja Ahmediň çagalaryny mündürip, ateşegi öňüne salyp, oba gelip girende, garaňky ýagşy gatlyşypdy. Inisiniň çagalaryny boşadyp özi bilen alyp gaýtmagy gojanyň galan göwnüni belli bir derejede galkyndyrypdy. * * * Jemal mama gumak ýoluň boýuny syryp gelýärdi. Ol düýejä darap gaýdypdy. Oňuň egninde ýagyrnysy güne ýanyp, biraz könelişen köýnegi bardy. Enäniň garrap, süňňiniň biraz çekilişýänligi üçinmi-nämemi, birwagt laýyk edilip tikilen köýnek häzir onuň egninde başga biriniň köýnegini geýen ýaly, amanat bolup görünýärdi. Günüňem gyzyp ugran, köpleriň iş üstünde bolýan wagty bolansoň, töweregem çolady. Ýolugra oba kooperatiwine hem sowulmak pikiri bolansoň, ol öwrüm edip, bu ýoldan ýörite gaýdypdy. Onuň goltugynda nämedir bir zat dolanan düwünçek bardy. Jemal mama ýene-de hemişe ýekeräk galanda bolşy ýaly, sürgüne gidenleriniň pikirine berlipdi. Dünýäni unudup, özünden özi kimdir birine bir zatlar gürrüň berýän ýaly, ýolboýy alasamyrdy bolup gelýärdi: –Gidilen ýer ýele-ýakyn däl borly. “Sibir” diýilýän ol sowuk artyp şeýle uzakdamykan? Gelinler ahmal galyp, çagalary üşetmese-de ýagşydyr... Horja çagam Rahmangulym, Rahmannazar jan... Alla janym, Akgy janym, gör, siz häzir nirelerde aç-hor bolup synsyrap ýörensiňiz?... Her gezek sürgünlerini ýatlanda, soňundan bolşy ýaly, ýene-de ajy gözýaş garrynyň gözüne gubar bolup indi. Şol barmana-da ol köýneginiň etegine çolaşana meňzäp, ýykylarly bolup, entäp gitdi. Her gezek şeýdip, sürgünlerini ýatlan wagty Jemal mama bokurdagynyň daralyp, dem almasynyň kynlaşan ýaly bolýanlygyny duýýardy. Jemal mama pikire berlip gelşine, özüniň kooperatiwe daramakçylygyny hem unudyp, tas onuň gapdalyndan geçipdi. Kooperatiwiň gapysynyň öňünde kooperatiwçi Hardat iki-üç sany adam bilen gyzgalaňly gürleşip duran eken. Ol Jemal mamanyň ýetip gelýänini görüp, töweregindäkilerden howlukmaç aýrylyşyp, garryny görse-de, görmedikden bolup, howlugybrak kooperatiwiň jaýyna girdi. Jemal mama-da muny gördi. Onuň bolşy: «Gully eminleriň, Kymyşlaryň sürgün edilmeginde şunuňam eli barmyş» diýen il içindäki gürrüňiň ugrunda barlygyny ýene bir gezek tassyklamasy boldy. Hardadyň garryny görüp, gaçyp jaýyna girmegi diýseň-diýmeseňem aýdylýan zatlaryň ugrunda barlygyndan, onuň müýnlüdiginden habar berýärdi. Jemal mama bu ýagdaýy görensoň, ondan özüçe many çykaryp, onam düwünçegine düwüp, soňra birwagt agtarmaga mümkinçilik bolar diýen pikir bilen kalbynyň bir çetine atdy-da, kooperatiwi ýok hasap edip, sowulman, onuň gapdalyndan göni geçdi. * * * Töwerek henizem alagaraňkydy. Gijäniň gara şalyna çolanyp, ümsümligiň törüne çekilen dünýä öňküsinden has hüýli we syrly görünýärdi. Säher şemaly öwsüp ugrandan soň gije hasam terlenip, höweslenipdir. Meýdanyň depesinde bala dönüp bişen gawunlaryň ýakymly ysy peýda bolupdyr. Kymyş duzçy giç ýatan hem bolsa, ýene-de ir bilen, hemişeki wagtyndan gijä galman ukudan oýandy. Ozal agşam dünýä, demi içine düşen ýaly, juda dymyk bolupdy. Goja çybyn-çirkeýleriň derdinden düşegine geçeninden soňam wagty bilen rahatlanyp uklap bilmändi. Her gezek howa petiş-kapas bolanda, çybyn-çirkeýiňem hakyt «güni geldi» diýleni bolup, olar bolubilenini bolýardy. Goja gijäniň içinde çybynlara tüsse etmek üçin saýasynyň töweregine aýlanyp, ol ýerden eline ilen çöp-çalamy toplaşdyryp ýörşüne şeýle tüsse etmeklige alagury eşek tezeginiň has gowy bolýanlygyny ýatlap, gündizden onuň gamyny iýmänligini, häzir bolsa gijäniň içinde, bol çöpem bolsa, ony tapmagyň mümkin däldigini ýatlady. Ýogsam onuň häzir eşegini daňan ýeriniň töwereginde dökün bolup, pytrabam ýatanlygyny pikir etdi. Gündizlikde kesek bilen tezegiň tapawudyny zordan saýgarýan göz gijäniň içinde ony nädip saýpallasyn?! Daň namazyna entek wagt bardy. Şemal öwsüp, çybyn-çirkeýlerem asla bolmadyk ýaly bolupdyrlar. Olaryň hakyndan hemişe-de şemal çykýar. Häzirem olary öňüne salyp äkidip, ummadan aşyran bolmaly. Dünýä bolsa şeýlebir asuda, hatda jeňňel tarapdanam häzir ses-seda eşidilenok. Ýogsam, şol ýerden, dagy başga zat bolmasa, ukuda ýatan ýekegapanyň wagtal-wagtal harryldyly horgurmasy bolmaly. Emma häzir dünýäni syrly ümsümlik gaplap alypdy. Pendi asmanynyň ýyldyzlary gije ýarymdan dagy agansoň, diýseň owadan bolýarlar. Söýünalynyň gijeleri hem başga ýerden gelen adamlary hemişe haýran edýär. Olar şonda: «Siziň obaňyz, birhili, özge ýerlerden asmana has ýakyn ýaly, ýyldyzlar penje-penje bolşup, elýeterli görünýärler, hamala töweregiň baýyrlarynyň biriniň depesine göteriläýseň, olara eliňem ýetäýjek ýaly. Soňra ýyldyzlary pagta ýygan ýaly ýygybam bolaýjaga meňzeýär» diýişýärdiler. Şol barmana henizem ukynyň goýry ümri bilen ümürläp ýatan Kymyş duzçynyň ünsi depesindäki ýyldyzlara düşdi. Aý ýyldyzlar mähellesiniň ortasy bilen, töweregine buýsançly nazar aýlap, gyzlara baş bolup, toýa barýan ýeňňe-gelne meňzäp barýar. Kymyş duzçynyň nazary şol barmana asmanda ýaňyrak ylgaşlap geçeni duýulýan akmaýanyň kümüşsöw tozan göterilen ýoluna düşdi. Asmanyň gujagyny dolduryp oturan, bir-birinden owadan, bir-birinden mynasybetli, mähirli ýyldyzlardyr nurlanan Aý oňa bu gezek çoguşyp gelen agtyklaryny gyjagyna gysyp, başyna ak hasa atynan, hoş bolup buýsançly oturan Jemal mamany ýatlatdy. Goja soňky döwürde asman bilen hasam ysnyşypdy. Ýalňyzlykda, onsoňam gijelerine dagy ýyldyzlaryňam derdinişere dertdeş kemi ýokdy. Goja derdini indi hemişe şeýdip, Aý-ýyldyzlar bilen bölüşerdi. Olaram goja düşünip, onuň galan göwnüne göwünlik bererdiler, derdini paýlaşardylar. Käte goja dünýäni unudyp, olar bilen şeýlebir ýürekden gürleşerdi welin, ýyldyzlar hem balkyldaşyp, ynsan dilinde gürläbererli görnerdiler. Kymyş duzçynyň şol gawun gülleri hasyla durup, tumşugy tüýlüje ternelere öwrülip, kesege togurlanyp ugran günleri gawun başyna göçüp gelşipdi. Hatda ogullaryny maşgalasy bilen sürgüne ugradan gününiň ertesem ol gaýrat tapyp, ýene-de bu ýere dolanypdy. Indi şondan bärem onuň oba şeýlebir gidesem gelip durmaýardy. Gitse-de, seýrek giderdi. “Hüw!” diýip, öýe sygman çykan derwüş ýaly, meýdanlarda öz-özi bilen gürleşip, ýoldaşly adama öwrülip, ogullarydyr mähriban agtyklary bilen bagly pikirlere berlip, ümürläp gezerdi. Olar heniz gitmänkäler, oňly ýetişmedigem bolsa, gawunyň ilkinji ýüzünden öz ezizlerine dadyrmaga ýetişenligini ýatlabam begenerdi. Goja ir turanam bolsa indi barybir uklap bilmejegine gözüni ýetirensoň, irki namaz parzy bilen bagly aladalarynyň ugruna çykdy. Gapdaldan akyp ýatan goljugyň suwundan ýüz-gözlerini ýuwuşdyransoň, tüňçäni dolduryp oda goýdy. Kymyş duzçy Hudaýa sygnyp, irki namazany okap durka, kimdir biriniň ilerki Pendi baýyrlary tarapdan entek oňly ýagtylyp ýetişmedik säheriň çal-çuw perdesiniň arasy bilen, hamala oňa çolaşana meňzäp, salgym atyp, öz saýasyna tarap gelýänini gördi. “Bu kimkä janlarym, gijäniň içinde beýdip sümsünip ýören?” Soňra-da ol özüne golaýlap gelýän bu salgymy baýyrlykdaky mallaryň üstünden gaýdyp gelýän obadaş çopan-çoluklaryň ýa-da gazygyndan boşanyp giden malynyň irgözinden gözlegine çykan adamlaryň biridir öýtdi. «Biýaranyň goluny depgilemän, çil üsti bilen gelýän bolsa ne ýagşy» diýip aladalandy. Goja aňyrdan hallan atyp gelýän adamy tanaýan adamlarynyň birine meňzetmek üçin näçe içgin synlasa-da, barybir, ony aýdyňlap, kime meňzetjegini bilmedi. Onýança aňyrdan assa-ýuwaş gelýän söm adam, suwly goljuk öňüni kesen mahaly, şol ýerde aýak çekip, iki dyzyny ýere urup, ol ýerdäki lummurdap akyp ýatan bol suwdan goşawujyny dolduryp-dolduryp, işdämen içdi. Hezil edip teşneligini gandyrdy. Diňe şondan soň ol iki eliniňem ýeňlerini tirsegine çenli çyzgap, başyndaky gaba telpegini çykaryp gapdalynda goýansoň, jany biraz aram tapanlygyny mälim edip, howlukman, aýratyn bir yhlas bilen el-ýüzüni ýuwuşdyrdy. Nemli elleri bilen kellesini, sakgal-murtuny sypalaşdyrdy. Nätanyş saýa golaýlaşan wagty eýýäm goja namazyny okap bolup, her gezek namazdan soňky Taňrydan dileýän gowulyklarydyr mynasybetlikler bilen bagly dileglerini tama bilen diläp otyrdy. Aňyrdan aýak astyna seredibräk düňreýilip gelýän ýat adam Kymyş duzçynyň bäş-alty ädimlik golaýyna gelensoň, aýak çekip: – Essalawmaleýkim, musulman gardaş! – diýip, belli bir derejede özüni tanatmak niýeti bilen salam berip durdy. Kymyş duzçy salam alyp oturyşyna, nätanyş adamy soranjaň nazary bilen içgin synlady. Gojanyň özüni tanajak bolýanyny aňyrdan gelen adamyň özi-de duýdy: – Sakgaldaş, sen meni tanap bilmersiň. Meni öňem gören dälsiňiz. Men örän alysdan gelýän. Özüm-de “Ahal” diýen ýerden bolaryn. Şeýle-de goja onuň gijäniň içinde keýpine bu ýerlerde sümsünip ýörmeýänligini pikir etdi. Aňyrdan gelen süňkbaşy iri, tegelek ýüzli, bir kyýama gazak adamsyna hem çalym berip duran, gür ak sakgally adamdy. Ol garma donuň aşagyndan dyzyna ýetip duran çäkýaka ak köýnek geýipdir, başyna geýen seleň silkme telpeginiň burmalary onuň maňlaýyny ýapyp dur. Goja dessine otda lasyrdap gaýnap duran tüňçäni alyp, çaý demläp, myhmanyň öňünde goýdy. Soňra saçagyndaky ýarta golaý, agtyklaryň düýn: «Mamam bilen nan ýapdyk» diýşip getiren çöregini hem käte çaý içende agzyna atýan söki bilen çaýyň gapdalyna jemledi. Nätanyş gyzgyn çaýy howlugybrak, horpuldadyp-horpuldadyp içse-de, gözüni aýyrman oturanlygyna garamazdan, özüne niýetlenip öňünde goýlan çörege wagty bilen elini uzatmady. Ol diňe çaýdan iki-üç käse içip, çygjaryp, ýumşap, özüni ele alansoň, hamala kimdir biri özüni: “Baý, munuň iýäýşini?” diýip geňläýjek ýaly, öňünde duran çörekden çekinjeňlik bilen iki barmak ýalysyny bölüp aldy. Myhman çaý içip oturyşyna wagtal-wagtal goja tarap nazar aýlap goýberip, bir zat diýerli görünse-de, habaryny bermäge wagty bilen aýgyt edip bilmedi. Kymyş duzçy hem myhmanynyň özünden özi dillenýänçä, ondan artykmaç bir zatlar sorajagam bolup durmagy öz ýanyndan gelşiksiz gördi. Onsuzam, myhmanyň kokuşyp duran ýüzünden onuň argynlygy, aladalydygy mese-mälim duýlup durdy. Töweregiň asudalygy, gojanyň artykmaç şübhe döredäýjek bilesigelijilik görkezmezligi myhmanyň kalbyna teselli beriji täsir etdi. Goja ýalňyşman eken. Habaryny beresi gelen wagty myhmanyň özi dillendi. Meýmiräp çaýlap oturyşyna çaý içensoň, biraz durlanan sesi bilen: –Sakgaldaş, eşider bolsaň, bolşewik diýen bir bela tapylyp, bizi depgiläp, halys goýmady. Biziň aňrymyzam bir ylym-bilimli, metjit-medreseli, dine berlen adamlar. Özüňem görýänsiň-ä, täze hökümetiň bolsa ýigrenýäni biz ýalylar. Nädeli, bir musulman döwlete aşmak üçin, ýeriň pessi bilen öý-öwzary äpberip, bukulyp-tezip gaçmaly bolduk. Ine, indem telim gündür, gije çen bilen ýöräp, gündiz suw köwen hokurdaklaryň, gamyş-samşyň içinde gizlenip ýöräp gelýäris. Bäş-alty oglan-uşagam ýanymyzda. Ýol çen-çak edişimizdenem has alys bolup çykdy. Eýran ýogsam bize ýakynam, ýöne häzir ol ýere golaýlaşar dagy eder ýaly däl. Onuň saklawyny juda berkidipdirler. «Guş gelse, ganatyndan, gulan gelse, toýnagyndan dynar» diýleni bolupdyr. Ol serhetden geçjek bolanymyzda, saklawa uçradyk, oglanlaryň biri ýaralandy. Nädeli, uzagam bolsa, ýene-de şu ýoly saýlamaly bolduk. Şondan bärem günorta dönüp, şol ýöräp gelşimiz. Myhman tüňçedäki çaýyň ajy ýerini käsesine sarkyran mahaly goja gozgalaň tapyp, tüňçäni täzeden dolduryp, ony oda goýarman boldy. Gojanyň ne hyýala münenini aňyp, çaýyň mazasyny duýup, ajy ýerini owurtlap oturan myhman goja ýürekden minnetdar boldy: –Agam, boldy. Taňry ýalkasyn! Hezil etdim. Telim günüň çaýsyzlygy bolansoň, tutuş ýabyň suwuny içsemem, aňsat ganaryn öýdemok. Ýöne bu çaýyň welin, jan çaýy boldy, gözüm ýerine gelen ýaly bolaýdy, agam. Kymyş duzçy başyny çalarak atyp, bir özi diýen ýaly gepleýän myhmanynyň gürrüňlerini diňläp, ykbal derdine goşulyp, ony öz oglanlarynyň ykbalyna meňzedip otyrdy. Ahalyň bäri-bärde däldigini, onuň adamsynyň gelip-gelip, nirelerden çykanlygyny, çaga-çugalary bilen gypdyklap, öz ýurdunda hor-homsy bolup ýörmäge mejbur bolanlygyny pikir etdi. «Gelende-hä, bu bolşewik dertliňe dugtar getirip, em etjek bolup, bilimsizi bilimli etjek bolup, hiçneneňsi bolmaýjagam ýalydy welin, ýöne soňra barha bozulmak bilenem bolaýdy-da, gören adamsyny saýrykdyryp, özüne duşman sandy. Üstesine, ýene-de ýeňles gelniň adamsy ýaly, ol gören erkegine müňkür, şol öjügip gidip otyr...» Myhmany diňläp ugraly bäri öz bölünip alnan maşgalasy ýene-de pikirinde gojanyň töwereginde jemlenipdi. Allanazardyr Aganazaryň hersi onuň bir gapdalynda otyrdylar, onuň gujagynda bolsa soňky döwür iki agasynyň elinden ol arzyly ýeri alan Rahmannazar bardy... Anha-da ogullary arabalaryň gapdaly bilen yňdarylyşyp, bu mähriban toprakdan çykyp gidip barýarlar. Goja nirede, näçe oýlansa-da, bu ýagdaýy asla göwnüne jaý edip bilmeýärdi. Kymyş duzçy myhmanyň bir töweregine, bir özüne seredip gozganjyramasyndan onuň gitmekçi bolýanlygyny, şeýle-de, onuň ýene-de bir zat aýtmakçy bolýanlygyny hem aňdy. Töwerek bolsa, henizem asudady, has dogrusy, ol, birhili, hüýlüräk hem syrlyragam görünýärdi. Pendiniň bu ýerlerinde, dünýä hemişe-de güýzäp ugran mahaly häzirkisi ýaly biraz tutugrak, biraz syrlyragam bolýar. –Rugsat berseň, indi menem ýöräýin, ýaşuly! “Ýolagçy ýolda ýagşy” diýipdirler! –Rugsat Alladandyr, myhman. Otursaň-a ýene çaý bereýin, oňardygymdan hyzmat edeýin. Ýöne oba-zada darap gaýdyp, seniň öňüňden geçer ýaly huruşlyk-beýlekiniňem aladasyny edip bolmady-da... – diýip, myhmanyň kemhyzmadrak bolanyny ýatlap, biraz müýnli äheňde gürledi. Soňra ol gidermen bolup, ör turup, guşagyny çekip, täzeden guşanyp duran myhmanynyň bolşuna görä, ýol şaýyny tutmak bilen boldy. Ortada duran çöregi galanja sökdür ýanynyň ep-esli bolup duran kaky bilen saçakça hökmünde ulanýan ýyrtylan ýarty ýaglygyna dolap, myhmanynyň eline berdi: –Al, ýola gerek bolar, gardaş! –Taňrydan gaýtsyn, agam!.. – Myhmanyň ýene biraz bozulanlygy duýuldy. Ol dillenen wagty onuň sesi biraz sandyrap çykdy. Goja ýene bir gezek myhmana oňa beren çöregini azrak görýänini mälim edip: «Men oba gidip geläýsem-ä gowy bordy» diýse-de, myhman etmedi. Ýola howlukdy: –Agam, maňa indi bir meşigem suw berip ýola sal. Galanlarymyň gözi meniň ýolumdadyr, dünýä saýhallanmanka men bir olaryň ýanyna aşaýyn! – diýip, özüniň howlukmajrakdygyny ýene bir gezek nygtady. Kymyş duzçy myhman bilen hoşlaşyp durşuna bir zat ýadyna düşen ýaly birden ýeňsesine öwrüldi-de, saýanyň bir ýanynda ýatan gawun çekýän ala horjuny tapyp aldy. Soňundanam myhman bilen töwerege aýlanyp, dessine ony iki bolup, gawundyr terneden doldurdylar. Goja gawunyň gerek ýerinde çöregiňem, suwuňam ýerini tutjagyny hoşallyk bilen ýatlady. Soňra olaryň ikisi iki ýerden gawunly horjuny itenek-de, çomanak bolşup, ateşegiň üstüne zordan ýüklediler. –Bar, gardaş, ana, Alla ýaryň bolsun! –Agam, seniň bu eden ýagşylygyňy men nädip ýanyşdyrkam? Ulagyňy özüňe nähili gowşyrkam? – diýende myhmanyň bozulany mälim bolup, ýene sesi süýkeş eşidildi. Kymyş duzçy: –Barjak ýeriňe baryp ýeteňsoň, ýüzüni oba öwrüp, çal jüp çybygy syrtyna. Nirede bolsa-da, tapar eşegiň öz gazygyny – diýip, ynamly aýtdy. Kymyş duzçy eşegiň gapdaly bilen ýöräp myhmanyny gawunlygyň aňry başyna çenli ugradyp barşyna, töwerege belet adam hökmünde, oňa derýa boýuna inmän, ol ýeriň saklawynyň ýetikligini aýdyp, birneme uzagragam bolsa, öwrümliräk ýöremegi maslahat berdi. Ýüzüni baýyrlyga tarap tutup, ýükli giden ateşek, şol gidişden üç gün geçenden soň, öýlänaralar aňňyryp, baýyrdan indi. Kymyş duzçy ony görüp, myhmanynyň sag-aman serhetden aşanlygyna göz ýetirdi... Birinji kitabyň soňy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |