12:06 Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy | |
* * * Ala meýdanlardaky gül-gunçalaryň açylyşy ýaly daýhan aladalary hem tapgyr-tapgyr bolýar. Seleňligindenmi ýa bolmasa, Gün şöhlelerine beýleki ýerlerden bir depigem bolsa ýakynlygyndanmy-nämemi, hemişe ýaz gülleriniň öňi bolup, baýyrlaryň ýüzünde çog gyzyl melewşe gülleri açylar. Haçanda olar töweregine alagury ýaprajyklaryny taşlap guraberdimi, bu onuň eýýäm öz nobatyny geçirip, beýleki güllere: «Nobat indi siziňki!» diýdigidir. Melewşe gülleri, şonda, hamala, ýuka dodaklyja gyzyl güllere öwrülip, toplumy bilen baýyrlaryň üstünden aşak oba inene meňzär. Ana, onsoň, ýol gyralary, ýapylaryň töweregi, ýapdyr jarlaryň ýakalary gyzaryp, agyn gül bolup durandyr. Tutuş Söýünaly obasy şonda ähli ýere haly-palaslaryny düşäp, haýsydyr bir mertebeli myhmany garşy alýana meňzeýändir. Güläleklerem, möwriti gelende, öz güllemek gezegini oba baglaryna berer. Sansyz ak güllere basyrynyp tegelenip oturan baglaryň hersi şonda bir, toýdan öň ak gelne niýetlenip gurulýan buýsançdyr höwese beslenip oturan ak öýe öwrüler. Ana, onsoň, gujagyny ak güllerden dolduryp, onuň hoşraw atyr ysyny ysgap, ersip-daşyp, dünýäni humarladyp oturan Söýünalyň bardyr! Olaram soňra düwünçek düwşüp, hasyla duransoňlar, öz güllemek gezegini hyýar, gawun, garpyz, kädi... ýaly ýapdyr salma töweregindäki suwa halys göwün berip ösýän ekinlere bererler. Indi çöle çykyp, goýunlaryň ýaz gyrkymyny geçirmegiň wagty gelipdi. Kymyş duzçynyň oglanlarynyňam çekene sürüde hersiniň altmyşdan, ýetmişden maýda mallary bardy. Bu mallar maşgalanyň daýhançylykdan soňraky güzeran çeşmeleriniň biridi. Her ýyl Orazgeldidir Orazgylyç şu mahallar çöle gyrkyma gidip, ol ýerdenem oljasy oňan söwdagäre meňzeşip, ulaglaryna münder-münder edip, ýüňli halta-çuwallaryny ýükleşip gelerdiler. Ýüň bilen bagly ähli işler şundan soň öýüň aýal-gyzlarynyň telim bir aýa çekýän bitelik bähbitli aladalaryna öwrüler. Ýüňleri ýuwup-saýyp, ige salyp egrip, ondan ellikdir jorap örülerdi, gerek boljak guşak-tanaplar taýýarlanar. Aýallar üýşüşip-üýşüşip, gollaryny çermeşip, düşek gülleşip, dyzanyşyp-dyzanyşyp keçe basardylar, düşeljek düşekleri, öýleriň arkasyna ýapyljak serpik, üzlük, basyryklaryny taýynlap, bitelik üstüne bitelik ederdiler. Orazgeldi irden oýanan mahaly bu gün inisi bilen özüniň ýola atlanmalydyklaryny ýene bir gezek ýatlady, daşary çykarman bolup, donuny bir ýerden, telpegini bir ýerden alyp geýnip durşuna bir käse çaý içilýänçä, münülip gidiljek ulaglara ýene bir gezek iým görkezäýse kem bolmajagy barada oýlandy. Garnyny doýrup, keýpini köklän eşegiň dagy onsoň ýola çyksa, özüni at saýyp, dikgirdäberýänligini ýatlady. Daň atyp ugrapdy, uzakly gije ýokarda bir baý öýüň eý görülýän ýeke gyzynyň şaýly börügine meňzän asman ýyldyzlary indi töwerekde gündiz ýaýrawynyň giňelýänligi bilen bady alnana meňzäp, solaksy görünýärdi. Daşarda eýýäm oglanlary gitmänkä olary süýt-gaýmak bilen naharlap goýbermegiň ugruna çykan Jemal mama ojaga ot salyp, ýap-ýaňyja uly gelni Oguljumanyň howlukmajrak gidip, sagyp getiren süýdüni bişirip otyrdy. Adaty günlerde hemmelerden ir oýanýan Kymyş duzçy töwerekde görnenok. Ýöne Orazgeldi mallaryň öňüne dökülen oty gören wagty, onuň hem eýýäm oýanyp, mallaryň otuna seredip, täretini kylyp, ýene-de namazyny okamaga öýe girenligine düşündi. Orazgylyjyň oýananlygy hem belli boldy. Onuň öýünden gysgajyk hümürdi eşidilýärdi: –Meniň ýol şaýymy tutansyň-a! –Ana, ätiýaç üçin ýene birlaý geýim salandyryn. Iýip-içjek zatlaryňyzy bolsa eneň olaryň horjunyna salandyr. –Hany, onda, goýun gyrkýan mahalym geýýän giňiş köne donum nirede? –Hä, ýogsa-da, huşum gursun. Häzir alyp geleýin, ony agşam ýuwup, daşarda seripdim. –Guranmydyr? –Gurandyr. Ygal ýog-a daşarda. Söýünalynyň gyrkymçylary her gezek ugramazdan öň obanyň ortasynda göbek bolup seleňläp oturan «Gaplaňlaryň jedel depesi» ady bilen belli depäniň ýanynda jemlenişerdiler. Eýýäm Kymyş duzçynyň öýüniň gapdalyndaky ýoldan bu ýere barýanlaryň birlän-ikilän atly-eşekli geçip ugranlary hem bardy. Orazgylyç ony-muny salnyp, özi üçin ýola taýynlanan horjuny göterip daş çykan mahaly, Orazgeldi mal ýatakda ýalyny sypalap, alaşasyny eýerläp durdy. Oguljuma bagyň düýbündäki ugralmazdan öň dyz epiljek sekiniň üstüne keçe düşäpdir. Indem bir-birden onuň üstüne saçakdyr käseleri, çemçedir süýdüň gapdaly bilen iýläýer diýen ýeneki zatlaryny daşaşdyrýardy. Kymyşlaryň öýünde iki ogluň ugrap gitmegi bilen bagly soňky hysyrdylar henizem dowam edýär. Gapdaldaky ýolda ýene-de bir eşekli bilen atly biriniň ulaglaryny öz maýdallaryna ýanaşyk sürşüp, gürleşip, Jedel depä tarap geçip barýanlygy göründi. Eşegiň üstünde dörtgyraň, daýaw ýigit güberilibräk otyrdy. Olar gapylarynyň öňünde howlugyp ýörşüne göteren horjunyna çolaşyp ýykylarly görnen Orazgylyjy görüp, öz aralarynda oňa tarap ýaňsylaýan göz gytaklaryny aýlaşyp, nämedir bir zatdan hezil tapyşyp hümürdeşdiler. Eşekli ýigidiň ýüzünde basdaş garagollugyň alamaty peýda boldy. Ol ýaňsyly ýylgyryp, gözlerini oýnaklatdy. Orazgylyja tarap baş atdy: –Eý-weý, Kymyşlar! Siz entegem ýatyrmysyňyz!? Güni garnyňyzyň üstüne gonduryşyp? Siziň gyrkyma gitmek meýliňiz ýokmy? Ozal degşip, basalaşyp, aýdyşyp ýören ýigidem bolsa, säher bilen onuň kakdyrma degişmesi Orazgylyja ýaramady. Ol duran ýerinden: –Eý, çişik, sem bol-da, tapyber-dä gümlamyňy – diýip, nägile bolup, oňa käýindi. –Ýa-da siziňem, akgaňyz ýaly, uzyn etekliňiziň töwereginden daşlaşmaga ýagdaýyňyz ýokmy? – ýigit sözüni soňlap-soňlamanka, ötegçiniň hälki kakdyrmasy içerden çetine deglen Kymyş duzçynyň gyryljak sesi eşidildi: –Häý, dilini ýoldan tapan diýsäni. Kim ol!? Degişgen ýigit: «Indi işim gaýtdy» diýýän hörpde gizlenmekçi bolýan ýaly epilip, soňundanam bir eliniň aýasy bilen agzyny uýatly gapaklady. Onýança gapynyň öňünde Kymyş duzçynyň özem peýda boldy. Ol degişgen ýigidi tanap, oňa söýünçli käýindi: –Hä-ä... Jumadurdy, asyl, bu senmi? Hany, ýaňky aýdan gepiňi ýene bir gaýtala! Daýylaryňa çeken damaryň bar bolsun seniň! – Goja bu soňky jümläni, ýigidiň degişmeçi, bälçik daýylarynyň barlygyny ýatlap: «Kakaňa çeken bolanlygyňda, beýle bolmazdyň, ýerlikli bir ýigit bolardyň» diýen manyda aýtdy. Ýöne bälçik ýigidiňem bu ýanama gürrüňi tötänleýin däldi, onuň aňyrsynda Kymyş duzçynyň öýlenen günleri bilen bagly, heniz-henizlerem gabady gelende, onda-munda ýatlanylýan, iliň aňynda galan bir gep bardy. Şol gezek dostlarynyň biri Kymyşa, indi öýüň harç-harajatynyňam öňküden artjagyny aýdyp: «Jora, al çopan taýagyny, gel, meniň ýanyma çoluk bol-da, hem-ä iliň malyny bakarys, hemem süýdüni sargan, ýüňüni ýorgan edineris. Gapdaly bilen özümizem bäş-üç mal edineris» diýip, ony özi bilen çöle äkidermen bolupdyr. Ýöne Kymyş duzçy welin bu maslahata asla göwnemän, sypaýyçylyk edip: –Dost, sen maňa degme, men çöle bolamok – diýipdir. Ýöne ony çöle äkitmegi niýet edinen çopan, iňezeläp, ýene ony öz gününe goýmandyr. Şonda ahyr Kymyş öz gönüligini edip, gönülemeli bolupdyr: –Eý-ý, jora, sen maňa degme, kyrk ýaşda heleý maňlaýyma damdy. Indi şonuň eteginden daşlaşsam meniň mazam bolmaz! Men şonuň töwereginde bolubereýin, goýun-guzyňam, çöl-beýewanyňam özüňe nesip etsin, maňa degme– diýipdi. Soňam ile gep bolupdy. Ýaňky Jumanyň Orazgylyjyň çetine degmek üçin aýdan ýeserliginiňem aňyrsynda, onuň şol gezek ili myssa ýylgyrdan şu gürrüň bardy. Amatyna getirip Kymyşlaryň çetine degenine hezil eden ýigit soňam esli ýere çenli käte yzyna gözläp: «Nädäýdimkäm?!» diýýän ýaly, wagty bilen ernini ýygnap bilmän ýylgyryp gitdi. Orazgeldi ozaldan özi üçin taýynlanyp goýlan horjuny almaga ikilenç öýe giren mahaly Oguljuma onuň düýnki ellemäge ýetişmedik, ýany bilen aljak köýneginiň çägini çatyp, sapagynyň soňuny dişi bilen kertip, boldum edip otyrdy. Ol adamsynyň gelip girenini görüp, işinden sähelçe baş göterip, nazary bilen onuň habaryny aldy. Orazgeldi gapynyň öňünde duran ýerinde, alagaraňky içeri bilen gözüni öwrenişdirip durşuna derçigen maňlaýyny syldy. Dünýäden bihabar çagalar häzir hezil edişip, daňdanyň süýji ukusynda ýatyrdylar. Agşam özgelerden gysganyp, Orazgeldiniň gujagynda, kakasynyň ogly bolup, baýrynyp ýatýan Rahmannazar häzir togarlanyp, baryp tördäki sandyga gysmyljyrap dykylypdyr. «Bugdaý geldi, jöwen, çyk» edip, agasynyň elinden ýakynda onuň sallançagyny alan Rahmanguly bolsa häzir yrgyny galan sallançagyň içinde "ýurt eýesi" bolup mysylap, süýji ukuda ýatyrdy. Mahal-mahal bir zat ýalanýan ýaly süýji-süýji tamşanýardy. Orazgeldi mähri gidip, çagalaryny synlap durşuna pallap, sähelçe gerinjiräp, daňdan ukusynyň süýji bolýanlygyny ýatlady. Soňy näbellilik bilen bagly ünjüli, ýakymsyz durmuş başlanypdy. Onuň haçan gutarjagynyň belli bolmaýşy ýaly, nähili gutarjagy hem belli däldi. Elbetde, maşgalanyň kolhoz agzalygyna alynmazlygy, eziji synpyň wekili hasap edilmegi gowulygyň alamaty däldi, ol halkdan bir bölegini bölüp, ony: «Bar, näme bolsaň, şol bol!» diýip, gitsegelmeze kowan ýaly bir zatdy. Şonuň üçinem bu meselede has-da çagalaryň ertirki güni aladalandyrýardy. Bu ýagdaý umyt edilişi ýaly, ýolugra düzelmese, şu mahal gaýgy-aladasyz, rahat ýatan çülpelere has beter agyr düşjekdi. Çagalar bilen bagly pikirler gara bulut bolşup, başda aýlanyşyp ugransoňlar, Orazgeldi olaryň öňküdenem birkyýama mähriban, has süýjän ýaly bolanyny duýdy. Ýeňillik bilen ýerden götermekçi bolan horjuny egninden aslyşan ýaly boldy. Orazgeldi gidýänleriň ýol şaýyny tutmak ynanylan aýaly Oguljumanyň ýene-de gereg-u-bigerek, judabir hökmanlygy ýok zatlary hem salyp horjunyň ýüküni ýetirenligini bildi. Jemal mama her gezek oglanlary bir ýere gitmeli bolanda olara gerek boljak iýgi-içgi bilen bagly zatlary: «Mende, nä, huş barmy, bir zadyny salsam, ikisini ýatdan çykarýaryn. Gelin, bularyň ýol şaýyny özüň tut!» diýip, bu aladany hemişe Oguljuma tabşyrardy. Diýip ýörmese-de, uly gelnini kiçi gelninden bu işlere has werzişräk, yhlaslydan başarjaňrak görerdi. Orazgeldi horjuny saldarlap durşuna, özi bilen boý deňläp, ýaňyja çatyp bolan köýnegini horjunyň bir gözüne gyssanybrak salyp duran aýalyna tarap sähelçe öwrülip nägile boldy: –Ýene-de kak-sök diýen zatlaryňdanam salyp bileniňi salansyň-ow! – diýip, öňki gezeklerde-de ýola gidende tapan-tupan zadyny salyp, onuň horjuny içikdirip doldurýanlygyny ýatlady. Oguljuma her gezek gidýänleriň ýol şaýyny şeýdip tutanda, horjuna salaýmaly çaý, çörek, gowurmadyr un, ýag ugruny ahmal etmezdi. Bularyň daşyndanam öýde bar bolan, çaga güýmenjesi hasap edilýän zatlardan hem şorsurasalar, agyzlaryna atarlar diýip gurtdyr kak-sökden, erik kişdesindenem ep-esli edip salyşdyrardy. Oguljuma adamsynyň gep saluwyndan onuň: «Bu zatlary bize salandan çagalara berseň bolmaýarmy!» diýip, olary alada edýänligini duýdy. –Çagalaryň gaýgysyny etme, bu zatlardan olara-da ýetik. Biziňkiler bu zatlary aňsat-aňsat öýde öňlerinde üýşürip goýanyňda hem iýmeýärler. Biriniň elinde iýip ýörenini görüp, ol süýjände iýäýmeseler, başga wagt oňa höwesem bolup ýörmeýärler. Geçen ýylky toplanan erik kişdesiniňem, hol-ha, samanhanada ýarty haltasy asylgy dur iýseler. Orazgeldi gapydan çykmanka ýene-de bir ýola öz ýanyndan aýalyna degişli aýdyp-tabşyryp gitmekçi bolan zadyny ýadyna saldy: –Onsoňam hol günki ýaly kolhoza diýip alnan mallaryň içinden gaçyp-tezip geleni bolsa, haýal etmän, ony yzyny ýel çalmanka, oglanlardan kolhozyň mal ýatgyna ibermelisiň! Ot berip, suw berip hezzetläberseňiz, onsoň ol ýene-de geler durar! –Garny hepbik ýaly-da ol janawerleriň, hiç ugruna seredilýäne meňzänok. –Hümm... eýesi bolmadyk mal nähili bolmalymyşyn, eýsem? –Aý, şol gara sygrymyz bolaýmasa, beýlekiler indi öz günlerine kaýyl bolaýana meňzeýär... –Gara sygryňam bilemok, heleý, ala sygryňam, bize artyk gep-gürrüň gerek däl. Onsuzam bize gezek galanda täze hökümetiň yrsarasy gelip, bahana gözläp durandyr. Daşrak boluň! – ol bu sözi biraz çeti gyzýanyny mälim edip, talaply aýtdy. Daşardan ukuly çaga sesleriniň arasy bilen Jemal mamanyň tanyş, garganyňky ýaly gatraw, ir turan agtyklaryna käýinýän söýünçli sesi eşidilýärdi: –Siz, näme, müňňüldeşip, örüşip gelýäňiz, entek ýatyberseňiz bolmadymy? –Mama, akgam dagy çöle gitdimi? –Gitjek bolşup, köwejekleşib-ä ýörler. –Ateşegimizem äkidýälermi? –Hawa, atyňam gidýär, eşegiňem. Ol ýerde ulag gerek boljak. –Onda bizler babam bilen bugdaýa gidenimizde, araba näme goşaly? –Bilmedim. –Babam: “Arabaly gideris” diýd-ä? –Wah-eý, balam, ir bilen sen bir ýürege düşmesene! Babaň bilen araba başga goşara zat tapmasaňyz, meni goşaýarsyňyz... Agtyklary tarapyndan soraga gerňelen Jemal mamanyň soňky jogaby töwerekden eşidenleri biygtyýar ýylgyrtdy. Orazgeldi ikilenç horjuny egnine alyp ugramakçy bolanda, indi bireýýämden bäri ak ýol arzuwlap ugradyp, entek gitmänkä onuň tizräk gaýdyp gelerine howlugybrak duran Oguljuma çolalykdan peýdalandy. Adamsynyň ýüzüne mähir bilen boýurganyp, bir goluny onuň egnine goýdy, soňam onuň kükregine ýuwaşlyk bilen başyny ýaplady. Oguljuma indi ýaş gelin döwürlerinden bäri adamsyny her gezek ýola ugradanda, bir amatyny tapyp, onuň bilen pynhanlykda är-aýallarça düşünişmek bilen, şeýdip, mähirli hoşlaşardy. Onýança daşardan ýene-de öýlerine giren oglanlarynyň içerde düşekleriniň ýumşanyny halamadyk Jemal mamanyň aladaly sesi eşidildi: –Hany, ol, öýüne giren akgaň çykybermedi-le, ýa öz akgalarynyň ýigitligindäki bolşy ýaly, heleýleriniň ýanyndan aýrylyp bilmän, ýitmedik ýumagy gözleşenden bolup otyrmykalar? Atasynyň häsiýetini alan it ogly diýerler bulara. Atalary görnüp dur-a, nirä gitsinler şondan aýrylyp? Ýöne ýerden iliň, bir sebäp bolmasa, gep edilmejegi belli-hä bulara... Orazgeldidir Oguljuma şundan soň hamala uýat bir zadyň üstünde tutulana meňzeşip, gyzaryşyp, uýatly hoşlaşdylar. Oglanlar gereginden artyk eglenenlerini duýdular. Orazgeldi ýüki ýeten horjunyň agramyny duýman, iki basanda howlugybrak öýden çykdy. Ojagyň başynda eli kesewili duran Jemal mama gabadyna gelende, eglenç edeni üçin, endigine görä, ýene oňa penek edip igendi: –Kökene çolaşana döndüň-le, oglan!? –Çykdym – diýip, Orazgeldi ýüzugra gysga jogap gaýtardy. Oňa ejesiniň: «Kökene çolaşana döndüň-le!?» diýen igenji: «Etege çolaşan ýaly bolduň-la!» diýlen ýaly gyjalatly eşidildi. Jemal mama ýogsamam eýýäm ýola gidýän oglanlaryna irden iýdirip-içirip goýbermekçi bolýan zatlaryny saçagyň üstünde jemläpdi. Kymyş duzçynyň öýünde häzir onuň oglanlarynyň çöle ugrap gitmegi bilen bagly iň soňky taýynlyk işleri biraz howlugylyp edilýän hem bolsa, ol henizem tamam bolmandy. Ýogsam, bu güne taýynlyk iki-üç gün dagy mundan ozal başlanypdy. Şonuň üçinem maşgalanyň häzirki hereketleri, haýsydyr bir tora çolaşyp, indem şondan sypmaga dyrjaşyp, şol bir hereketleri öwran-öwran gaýtalap durana meňzeýärdi. Şeýdibem, aga-ini Orazgeldi hem Orazgylyjyň säher bilen, il örmänkä göterilip gitmek pikiri başa barmandy. Jemal mama oglanlary gelip, saçagyň başynda dyz epen mahaly, höwes bilen olaryň hersiniň öňüne gazandan bir okara gyzgynja süýt guýup äberdi. Üsti bugaryp duran okaradan ýakymly süýt ysy burna urdy. –Çüňküňizi degrip goýmaň, güpledip nan bilen gowja iýiň! – diýdi. Ir bilen oglanlaryň ikisineňem iýmek işdäsi ýokdy. Ýöne olar ejeleriniň iýdirip-içirip goýbermese, göwnüne jaý etmejegini bilip, iýenden bolşup, saçak başynda biraz eglendiler. Muňa olar henizem özlerini ýaş çaga ýaly hasaplaýan eneleriniň monça boljagyny bilýärdiler. Çäkmenini ýelbegeý alyp, mellegiň aýagujuna giden Kymyş duzçy häzir ol ýerde, towuklaryň kül peşäp, ot-çöp döwnüklerini pytradyp döreden başly-baratlygyny çarşak bilen, towuklara käýinip, düzedişdirip ýörşüne: –Iliňem towuklary, şu biziňkiler ýalakmykan? Bir daban ýerde küle agynap, kükregi ýaplajak? Töweregi tutuş harman edip atypdyr bular – diýip käýinýäni eşidilýärdi. Aganazar bilen Allanazar eýýäm at ýatagynyň ýanynda ýola gitjek atdyr eşegiň hütürdedip ot iýişlerine seredişip, şeýle ýagdaýda ulularyň adaty özlerine ynanýan, getirmek-goýmak bilen bagly ýumuşlaryna garaşyp, şüweleňli gürleşip durdular. Öýüň uly ogullary çalak-çulak garbanyşyp, gysgajyk töwir edip, çokaýlaryny taýlap geýip ugran mahaly, Jemal mama gaňrylyp, Kymyş duzçynyň köwejekläp ýören tarapyna seretdi: –Hany bi, aksakgal oglanlaryny ýola salmajakmyka? – diýip hüňürdedi. Ýumuş buýrulanyna mähetdel Aganazar eýerlenen aty, Allanazar ateşegi ylgaşladyp, gapynyň öňüne getirdi. Orazgeldi gapdalda duran horjuny eýerli atyň syrtyna bökderen mahaly, temmäki ysy kükäp gitdi. Şol barmana, onuň Jemal mamanyň hem gaňşyrawygyna ýeteni belli boldy. Ol horjunyň tümmerip duran ýerine seredip aladalandy: –Temmäkiňizi iýgi-içginiň ýanyndan aýry goýansyňyz-da hernä? Ýogsam, ol ahlediň ysy nanyňyza çenli urar. Jemal mamanyň jogabyny gapyň öňünde gidýänleri nazary bilen ugradyp duran Oguljuma berdi: –Arkaýyn boluň, enesi, aýradyr, temmäki horjunyň azykly gözünde däl-de, beýleki gyrkylykmy-da ýeneki zatlaryň arasynda ýerleşdirilendir. –Onda bolupdyr – diýip, Jemal mama gelniniň aýdanyny göwnüne jaý etdi. Orazgeldi eýeriň gaşyna ýapyşyp üzeňňä galkan mahaly, mellegiň aýagujunda eglenen kakasynyň özleriniň ugrap barýanlaryny görüp: «Sag-aman baryp-geliň!» diýmek üçin işlän wagty egninden aýryp, gapdala atan çäkmenini alyp, gelşine onuň ýeňlerine gollaryny sokup, häli-şindi aýasy bilen derçigen maňlaýyny sylyp gelýänini gördi. Özge eşeklerden has zeberdes bolansoň, ateşek adyny alan eşeklerine münen mahaly, kakasynyň elinde eşek taýagynyň ýokdugyny görüp, Aganazar ony nirede görenligini dessine ýadyna düşürdi. Ujy çiş, ýeňil toraňňydan ýasalan eşek taýagyny ol ýaňy at ýatagynyň gapdalynda, at eýeridir eşek gaňňasynyň goýulýan ýeriniň töwereginde görüpdi. Ol ylgap gidip getiren eşek taýagyny höwes bilen kakasyna uzatdy: –Akga, mana eşek taýak! –Hä, getir şony – diýip, Orazgylyç ateşegiň üstünde donunyň uzyn synynyň bir gapdalyny guşagyna çalyp oturyşyna parhsyz dillendi. Hemişe, her babatda agtyklary bilen deň gopmany oňarýan Kymyş duzçy gelşine ýene-de gapdalda gidýänleri ugradyp, galkyjaklaşyp duran agtyjaklarynyň küý-küýsegine dessine düşündi. Ol agtyklaryna elini salgap: –Hany, göreňzokmy bularyň, guş tutjak ýaly bolşup, galkyjaklaşyp duruşlaryny, gonduryň heriň birini syrtyňyza – diýdi. Orazgylyç çagalar bilen çörňeşip ýene eglenç etmäni halamasa-da, atasynyň eýýäm Aganazara gop berip, Orazgeldiniň öňüne alyp-berip duranyny görensoň, o-da kakasynyň talaby bilen sessiz ylalaşmaly boldy. Özüne tarap ýönelen Allanazary çokaýynyň burnuna basdyryp, ateşeginiň syrtyna aldy. Agtyklarynyň ululara ýoldaş bolanlaryna begenişip gidip barýanlaryny görüp, Jemal mama birýana gyşaran soky topbusyny bir eli bilen tutup durşuna aladalandy, jandurmazlyk etdi: –Hi, Alla jan, Aky jan, Jedel depä baranyňyzsoň, göni yzyňyza gaýdyň, ýene-de derýa boýy-ýeneki diýip gidibermäň, yzyňyzy ýel çalmanka, öýde boluň! Ululara meňzäp atlananlaryna öz ýanlaryndan monça bolşup oturan oglanlar ýerli-ýerden: –Bolýar, mama-da, hoş, mama! – bolşup, oňa göwünjeň jogap gaýtardylar. Uzyn boýly, syratly Amangül öýüň gapdalynda ýaýlyk-tuluma güýmenen bolup, ýaşmak astyndan gizlin gözläp, adamsyny gözi bilen ugradyp, oglunyň at münüp eselenine buýsanyp durdy. Kymyş duzçy ogullarydyr agtyklaryny ýola çykaryp ugradan soňam öten-geçenler bilen saglyk-amanlyk soraşyp, şol ýerde esli durdy. Onuň hasasyny gysymlap, aýak üstünde yranjyrap durşy gidýänlere ozaldan aýdyp goýbermegi niýet eden haýsydyr bir zadyny unudyp, indem pikirinde dörünip, barýanlar uzak gitmänkä şol zady ýada saljak bolýana meňzäp dymyp durdy. * * * Ýeriň giňini alan gaplaňlar, ilen-çalanlary bilen alty-ýedi bolup, üç-dört günden bäri çölde öz çekene goýunlaryny gyrkýardylar. Ýaz bolsa, indi aýaklap barýardy. Gyş günleri bulut ýorganyna çolanyp ýatmagy gowy görýän, hemişe asmanda ukudan açylyp bilmeýän ýaly bolup ümürläp, dumanlap gezýän Günüňem bu günler ýüzi hoş habar eşidene meňzäp, nurly görünýär. Doganda hem indi ol her gün sähel salymam bolsa, öňküsinden öň dogýar. Tomsuň alkymlap geleni hem belli bolupdy. Onuň her gezek özünden öň toparlap, ýazyň soňky günlerine garyp, dünýäniň habaryny almaga ataran çogly çaparlary eýýäm zemine ýaýlyp, onuň bilen höwrügipdiler. Gyrkymy Orazgeldi, gödeňsiz, daýaw Anna pälwan, hortap uzyn Işanguly, “ýalak” lakamly Gurt, kelte boýly Hakberdi, Ahmet ýowuz dagy alty bolup, alty ýerden alarladyp, “hä-dä-hä” bolşup gyrkýardylar. Orazgylyç bularyň arasynda ýaşkiçi hökmünde gyrkymçylara sürüden gyrkylmaly goýunlary tutup getirip, güýlüp, gyrkmaga taýyn edip berýärdi. Ol ýalaw ýaly gyrkylyklaryny şakyrdadyşyp şüweleňli işleýän gyrkymçylara zordan ýetişýärdi. Orazgylyç ýaly çeýeräk, zabunrak ýigit bolaýmasa, sürini üç tarapdan kerte ýanap, sarç goýunlaryň gaçarynyň alnanlygyna seretmän, olary tutaýmak aňsadam däldi. Ol bolsa her gezek bir-birlerine dykylyşyp duran goýunlaryň ýeňsesinden harsa barardy-da, olaryň biriniň aýagyndan tutup, çekip getiribem gyrkymçylaryň öň ýanynda güýlüp taşlardy. Onuň der-çaň siňen ak köýnegi çalaryp, arkasyna ýelmeşipdi. Ol ýetişjek bolup güpürdäp işläp ýörşüne häli-şindi eliniň tersi bilen maňlaý derini sylyp-sylyp alýardy. Müňe golaý çekene malyň eýýäm ýaryndan gowragy gyrkylykdan geçirilipdi. Töwerekde biş-düşe, gyrkylyp, aýry bölek edilip goýberilen goýunlara göz-gulak bolup, ýüňleri toparlap-saýhal berip ýören Gullar çopanam bu günler gyrkymçylaryň gürrüňlerini diňläp, hezil edip, özüni märekede ýaly duýup ýörşüne, wagtal-wagtal olam sürä darap, Orazgylyjyň işlerine gapdaldan kömek edýärdi. Gyrkymçylar şu depginde şüweleňli işlenilse, ýene aňyrsy üç-dört günden özleriniň ýaz gyrkymy bilen bagly aladalaryndan dynyp, öýe gaýdyp barjakdyklaryna ynanýardylar. Şonuň üçinem, olaryň gyssaglary özleri bilendi. Ir ýatyp, her günem ýene torgaý jürküldänden turup, işe başlaýardylar. Iş arasynda wagtal-wagtal oba ýatlanylýardy. Bu gezek obaly gürrüň-gepiniň arasynda hemişe gyz-gelinleri hem ýatlaýanyny kem görmeýän Hakberdi gözüni süzgekledip ýeserlik bilen ýylgyryp, töweregine alakjadyp başlady: –Badymyzy gowşatman, ýene iki-üç gün gidişseg-ä gyrkymy dynaýsak gerek. Paty-putymyzy alşyp, niredesiň oba diýip eňibermeli. Ana, onsoň, galyň-galyň heleýleriň ýüň saýyp, keçe gülläp basyşyny görersiň – diýdi. Hakberdiniň gürrüňi gulaga degende ýaňy bir goýnuň bir ýan gapdalyny gyrkyp, indem goňras goýnuň göwresini aýaklarynyň arasynda saklap, gapdalyndaky ýüňleri aýagy bilen ýeňseräk itip, goýnuň beýle tarapyny gyrkmakçy bolup duran Anna pälwan, nämedir bir böwregi bökdürýän zadyň ýada düşenini mälim edip, «loh-loh» edip güldi. Soňundanam, bir zat diýjegini bildirip, ýaňsyly nazaryny Hakberdä öwürdi. –Hakberdi, paýym, dogryňy aýtsaň, senden bir zat soraýyn-la? Hakberdi onuň köpmanyly ýylgyryp, kinaýaly söz urşundan oňly zat soramajagyny aňsa-da: –Iki zat sora, pälwan! – diýip, baş atdy, jogap bermäge taýynlandy. –Ýaňy: “Heleýler keçe basar” diýeňde ýadyma düşdi. Sen heleýlere goşulyşyp, keçe-de basaýýamyşyňam diýýäler-le? Şol dogrumy, paýym? –Basamda näme? –Şonda başyňa ýaglyk atynýaňmy ýa-da atynaňok? Anna pälwanyň morta gepiniň Hakberdiniň çetine degenligi belli boldy. Ol işinden başyny göterdi. Soňundanam «he-he-he-he» diýip, gülen bolup, töweregine ýeser seretdi: –Adamlar, bilýäňizmi näme? – töwerekdäkiler sessiz ýylgyrjaklaşyp, çyna ýazyp barýan degişmäniň şaýady boldular. – Siz bilmeseňizem, il bilýä – diýip, ol Anna pälwanyň ýüzüne öjükme bilen dikanlady. –Aýt, paýym, aýt – diýip, öz sözüniň Hakberdiniň peltesine ot degrenini gören Anna pälwan göwnühoş dillendi. –Aýtsam, adamlar, heý, on dört ýaşyna çenli enesini emen mahlugy görüpmidiňiz? Ine, şo-da şu Anna pälwan! Hatda enesi eli saçakly özge aýallar bilen toýa-märekä barýarka hem bu onuň yzyndan ýetip, çukura salyp, bir emip galar eken. Adamlaryň käbiri çekeleşigiň gyzygyp barýanyna hezil edişip, «Ol näme diýerkä?» diýşip, üstüne hüjüm edilen Anna pälwanyň ýüzüne seredişdiler. –Haý, paýym, oňardyň-ow sen-ä! – diýip, Anna pälwanyň özem bu gepe hezil edip güldi. Köpçülik bolup, agzybirlik bilen işlenilende işiň agramy juda bir duýdurybam barmaýar. Onsuzam has-da mahal-mahal gülki-ýomagyňam bolan ýerinde, köpçüligiň bolan ýerinde bu-da hemişe bir gyt zadam bolmaýar. Gürrüň şu ýere ýetip, biraz böwşeňlik ara düşende, ojagyň başynda ýüzüni keseräk sowup, lasyrdap gaýnap duran tüňçäni otdan ýeňseräk çekip duran Gullar çopanam gyrkymçylara tarap öwrülip gyzygyp, gürrüňe goşuldy: –Pälwan, dogrudanam, senem enesini köp emenmi? Gullar çopanyň bilesigeliji sadalarça soragy, hamala, öz arkasy alnan ýaly, Hakberdiniň keýpini göterdi. –Hä, näme, ýa-da senem täzeden eneňi çekeläp, emip ugraýsam diýýämiň? –Aý, ýok, ýöne "Enesini uzak emen güýçli hem biraz keleçewräk bolýar" diýen bir gürrüň bar, şol dogrumykan diýjek bolýaryn. –Hä, näme, göreňokmy şonuň dos-dogrulygyny? – diýip, Hakberdi işden başyny göterip, ýylgyryp özüne tarap seredip duran göwnühoş Anna pälwana tarap goluny uzadyp, hezil edip güldi. Gapdalda ýaňy gyrkylyp, ýüňden saban goýnunyň aýagyny çözüp, turzup goýbermekçi bolup duran Orazgeldi hem çopanyň gepine sähelçe ýylgyryp goýberdi. Gullar çopanyň kişi gürrüňiň gabadyndan harsa goşulaýmak häsiýetiniň barlygy ozaldanam billididi. Ol munuň birhiliräk görülýänindenem habarlydy. Her gezek şeýle bolanda, ol: «Indi beýtmäýinem» diýip, özüne akyl edýärdi. Ýöne birde bolmasa, ýene birde süsňäp, gürrüň arasyna girenligini onuň özem duýman galardy. Hasam ol bu gezek biedepligini görkezesi gelmeýän agasynyň ýanynda şeýle bolanyna uýaldy. Gullaryň Orazgeldiden aga hökmünde göwni bitikdi. Ol Orazgeldini hemişe-de öz bäşbelalarynyň arasynda ýoly dogry kesýän ýakyn hossar hasap edýärdi. Munuň şeýledigini ol üç-dört ýyllykda özi bilen bir maşgalada ýaşaýan kakasynyň dogany çopanyň nobatyny alyp, ondan iki-üç aýlyk kiçi bolan ogluny öý-işik etmekçi bolan mahaly öz mysalynda görüpdi. Ol: «Türkmençilikde bir kada-kanun bardyr. Gullaryň gezegini almaň!» diýipdi. Şeýdibem, bolmaly bir toýuň deregine şonda ol öýde goşa toý bolupdy. Şondan bärem ol şol gezek Orazgeldi arkasyny almanlygynda özüniň öý-işik bolmagynyň henizlerem alagümanadygyny ýatlap, hemişe hormatlap hem onuň nazaryna mynasyp bolmaga çalşyp gezýärdi. Sürini töwerekläp aýlanyp, ýatyp-turup ýören goýun iti üýren mahaly başlaryny işden göteren gyrkymçylar, hol beýleden şuranyň jigidiniň atyny debsiläp, özlerine tarap ýetip gelýänini gördüler. Gyrkymçylar bu mahal soňky öňlerine alan goýunlaryny ýüňden çykaryp bildikleri günorta naharyna çykmakçy bolşup durdular. Gazanda gaýnap duran çekdirmäniň ysy ýakymlydy, tamşandyryjydy. Oda ýanalan tüňçelerem indi şyglaşyp, maýda-maýda köpükler gaýtaryşyp durdular. Ýigit ýakyn gelip, at başyny çekensoň, ýeňi bilen maňlaýynyň derini sylyp durşuna, habarlydygyny ýüzünden mälim edip salam berdi. Onuň onsuzam geçip barýarka adamlara «Armaň!» diýmäge sowulmandygy bellidi. Jigit Orazgeldiniň ýüzüne gözläp, öz habaryny berdi: –Orazgeldi aga, size şura: «Bir ýanyma gelip gitsin» diýdi. –Şura bu ýerde meni näme etjekkä? –Aý, ony-ha bilmedim, aga. –“Gelsin!” diýlen bolsa, näme, baraýmaly bor. Häzir bir nahar-şor edineli. Düş özüňem atdan, garynlary doýrarys-da, bile gidibereris onsoň. «Dok başa döwlet ýagar» diýlipdir. Jigit ýene-de öňküsi ýaly derini sylyp, ýalmanyp: –Aý, ýok, Orazgeldi aga, men gideýin. Siz ýaly ýekebaralaryň ýene-de biri Gowşutlaram häzir gyrkym gyrkýan bolmaly, men şolara-da daramaly, şura olaram çagyrýar – diýdi. Orazgeldi nahar iýip otyrka, çaparyň gelenini ýatlap: «Bä, janlarym, bu meni näme üçin çagyrýarka? Ýaňky jigit bir gepinde: “Ýekebara Gowşutlaram-a” diýdi. Belki, ýekebaralar bilen bagly ýene bir gep bardyr?» diýip, biraz aladaly oýlandy. Ol ýakynda: «Hökümet bu ýyl ýekebara hojalyklardan alynýan salgydy has artdyrjakmyş» diýen bir myş gürrüňem eşidipdi. Häzir şol gep ýadyna düşende, myş gürrüňiň hakykata öwrülip barýanlygy, özlerinem Ýagdy şuranyň şol görkezmeden habarly etmek üçin çagyrýanlygyny pikir etdi. Naharlanyp, çaýyny çalak-çulak içensoň bolsa dessine, idelen ýerine baryp gaýtmak üçin, ýola atlanmak bilen boldy... Ýagdy şura Orazgeldi dagydan üç-dört gün öň bu ýere şerekete degişli ýedi-sekiz bölek sürini gyrkdyrmaga şereket adamlarynyň on-ýigrimisini alyp, ýygyn tutup gaýdypdy. Gelibem, gyrkymçylaryň ses ýetimliginde özi üçin öý tutdurypdy. Ol hemişe şu ýerde bolup, wagtal-wagtal gyrkymçylaryň ýanyna baryp, ol ýerde işleriň gidişine gözeg¬çilik edip durýardy. Goňşy şereketleriň özi ýaly gyrkyma gelen şuralarydyr atlyrak başlyklaryny çagyrybam şu ýerde şagal mesligini etmegi halardy. Şonuň üçinem her ýyl ýaz-güýz gyrkym döwründe özi üçin ýörite öý tutdurypdy. Öýe baýlardan alnan haly-palaslary düşedip, gapa eňsi tutduryp, onda han kimin oturardy. Goňşy şereketden gelenler onuň tutumyny görüp: «Şuralygy sürmegi Ýagdy oňarýar, gör, begiň bar-da!» diýseler, ol muňa göterilip, öz ýanyndan monça bolardy. Orazgeldi öýüň beýleräginde gelip, atdan düşüp, ony duran ýerinde duşady-da, öýe tarap ugrady. Jigit entek dolanyp gelmedik borly, onuň töwerekde ne aty görünýärdi, ne-de özi. "Bu meni näme üçin çagyrdykan, janlarym!?" diýip, böwrüni diňläp, özüniň näme üçin çagyrylanlygyna çen aaýlap gelýän Orazgeldi şuranyň baýyr depesinde tutduran seleňläp oturan öýüni hol beýleden gördi. Onuň töwereginde adam-gara görnenokdy. Ýumşa atarylan jigit hem heniz gaýdyp gelmedik bolarly, töwerekde ne onuň aty görünýärdi, ne-de özi. Orazgeldi şura ýörite jigit ýollap çagyransoň, onuň özüne garaşyp oturanyny pikir edip, atyny debsiläp gyssanybragam gelýärdi. Şol barmana-da, ýakymsyz porsy telim gün meýdanda duran maslyk ysyna meňzeş bir ýakymsyz del ys onuň burnuna urdy. Töweregini gözläp, ol ysyň nireden gelýänine aň edip ýetişip-ýetişmänkä hem öýüň bir gapdalynda üstüne atarylan gazanyň astynda aždarha deý agzyndan ot saçyp, alajagözen ýaly porsap duran del zady görüp, ondan duýdansyz görenden özüni gapdala zyňyp, at elheder alyp ürkdi. Orazgeldi tas at üstünden tüwdürilip düşdi. Hälem wagtynda eýerdir elindäki atyň jylawyndan ýapyşyp, zordan saklandy. Elbetde, çölde henize bu güne çenli görlüp-eşidilmedik, aty elheder aldyryp, ürküzen zat kerogazdy. Beýle onda-da agzyndan ot saçyp duran bela at janaweriň nirede gören zadymyş. Kerogaz – bu ýolbaşçy sowet-partiýa işgärleriniň durmuşynda soňky döwür ýoň bolup ugran, artykmaçlyk hasap edilýän guraldy. Onuň bu döwür ýolbaşçy ýenekileriň arasynda: "Pylanam kerogaz edinipdir. Indi olam çaý-naharyny şonda taýynlaýarmyş. Ojaga ot salyp, azara galyp oturmagyň geregi ýokmuş. Çaý-naharyňy dagy ol eýläňe-beýläňe seretmänkäň, dessine taýynlaýamyş" diýlip, tarypy bardy. Bu günler bir-birlerinden kem galmajak bolup, liňk eden ýolbaşçy bolsa, her zat etjek, kerogaz edinjekdendi. Orazgeldi atyny äkidip, beýleräkde duşansoň, öýüň öňüne gaýtadan dolanyp geldi. Kerogaz bolsa şol duran ýerinde alahasyrdy bolup ýanyp, porsap durdy. Gapynyň öňünde aýakgap çykarylýan ýörite kiçeňräk keçe düşelen ýerde Ýagdynyň ýalpyldadyp, buýsanyp geýýän gonçly ädigi jüplenip goýlupdyr. Ol öýde bolmaly. Pinekläp, çagyran adamlaryna garaşyp ýatan bolmaly. Orazgeldi şu pikir bilen öýe golaýlaşyp, özüniň gelenini mälim edip: «Ýagdy şura, öýdemisiň?» diýip seslenmekçi bolan mahaly onuň gulagyna içerden zenan sesi eşidilip giden ýaly boldy. Bu ýerde aýal näme işlesin? Ol gulagyna ynanmady. Ikinji gezek ol ses ýene-de şuranyň gatraw tanyş sesiniň gapdaly bilen süýkeşlenip eşidildi. –Dursana senem, oglan! –Näme barmyş? –Bir aýak sesi eşidilen ýaly boldy-la... –Aý, kim bolsun? Gyrkymçylardan-a bu ýere gelmäge milt edip bilen bolmaz. –Ýa jigitmikä? –Ol gelende näme-aý?! Jigitdir-dä. Zor etse: «Şura, şu heleýiň "Huwa tarapyna" neşäm tutýar» diýen bor-da. –O-da bir samsyk ýerçeken-dä. Diýer otyr-da... –Ýeri, seniň... Orazgeldi osal wagta gabat gelenini bilip, ýaňy ökje ogurlap, yzyna tesip ugran mahaly, öýüň eňsisi harsa syrylyp, gapynyň öňünde daşarynyň habaryny almaga çykan aýalyň dolmuş göwresi peýda boldy. Ol öz pikir edişi ýaly, geleniň jigit däl-de, ýat bir adamdygyny gören mahaly ilki aljyrap tesjek ýaly etdi-de, soňundan Orazgeldini görmedikden bolup, ýüzüni keseräk tutup, çalt ýöräp, öýüň arkasyna öwrüldi. Orazgeldi ara biraz salym berip, ardynjyrap, gaýtadan öz habaryny bermek üçin gapa golaýlan mahalynda, ýaňky öýden urdurylyp çykan gelniň indi depeden aşaklygyna, jülgä tarap inip barýanyny gördi. Onuň gapyllykda üstüni aldyranyna aljyranlygy belli boldy. Orazgeldi ol gelniň bu ýeriň aýallary ýaly, börük geýmän, başyny ýeke kiçijik topby deýip, onam ýaglyk bilen çolap gezýänliginden tanady. Ol Hanumady. Onuň ady-da özi ýaly bu iliň içinde delräkdi. Onuň başga adynyň-da bolmagy mümkin. Ýöne Ýagdy şura onuň adyny «Hanuma» diýip tutansoň, il hem oňa «Hanuma» diýýärdi. Ol Söýünalyda, bary-ýogy, birki ýyllykda peýda bolupdy. Onuň bu ýerlere düşmegi bilen bagly il içinde dürli gürrüňler hem bardy. Gürrüňleriň birinde Hanumanyň serhetden geçip barýan Mary baýlarynyň biriniň başga milletden bolan aýaly bolanlygy, serhet ýakasynda gyssaga düşende, onuň aýaldan, maldan geçip, gaçyp sypanlygy aýdylýardy. Adamlaryň ýene birnäçeleri bolsa onuň serhet garşylyklaýyn aňtawynyň – kontrrazwedkasynyň başlygy, iki ýurduňam gep-gürrüňinden habarly bolup gezýän Mamlynyň ýüze çykman, ýaşyryn hereket edýän bilniksiz adamlarynyň biridigini çak edýärdiler. Elbetde, munuň şeýle bolaýmagy-da gaty ahmaldy. Ýogsam, bu bolşewik bolnup, ýurt gazanylyp, baýlaryň ökjesine düşülip ýörülýärkä, galyp-gaçan baý maşgalasyny olaryň ýurtda, onda-da Söýünaly ýaly serhet ýakasyndaky obada galdyrjak gümany barmy? Şonuň üçin bu ýagdaýy bir delile getirmek üçin il içinde Ýagdy Hanuma gelni hat işini bilýänligi üçin, abraýa leňňer berip: «Meniň hat-peteklik işimi oňaryp otursyn!» diýip, hökümetden özüne ýörite diläp alan edip hem görkezýärdiler. Hanuma tegelek ýüzli, orta boýly, juda ýaş bolmasa-da, özünde gelin näzikligini saklan, mämeleri mynasybetli dyzanyp duran ýaraşykly bir gelindi. Orazgeldi öň şeýle ýakyndan onuň bilen gabatlaşyp görmändi. Görensoň welin: «Hä, oba ýigitleri ýöne ýerden saňa hyrydar bolmaýan ekenler-ow» diýip, Hanumanyň hiçneneňsi gelin däldigini erkeklerçe öz ýanyndan belledi. Onýança içerden ädi ýanan şuranyň haýbatly sesi eşidildi: –Jigit, senmi? –Bu men – Ýagdy. Çagyran ekeniň! –Hä, Orazgeldi, senmi? Gir, hany – onuň sesi biraz ynjyksy eşidildi. Orazgeldi girip, öýe biraz gözi öwrenişensoň, Ýagdy şuranyň törde giňiş ýazylan düşekçäniň üstünde hiç zatdan habarsyz bolan bolup, murtlaryny sypap, awuna garaşýan pişik ýaly ýalmanyp, goşa ýassygy tirsekläp ýatanyny gördi. Şeýle ýagdaýda üstüni aldyranda adam diýeniň birhili müýnürgäýjek ýalydyram welin, emma Ýagdynyň bagyr ýaly gara ýüzünden häzir bu alamaty aňaýmak asla aňsat däldi. Şuranyň arka tarapyndan keşdeli içki aýal geýiminiň bir taýy görnüp durdy. Ol ýaňy kimdir biriniň geleni bilnen mahaly, gyssagarada geýmäge-de ýetişilmän, ýeňsä atylan bolmaly. Ýagdy şura Orazgeldä diz epmegi mürehet edip oturyşyna, ýaňyrak gözi düşen aýybyny gizlemek üçin, ýassanyp ýatan ýassyk¬larynyň birini aýal geýiminiň görnüp duran ýerine atdy-da, beýleki ýassygynam myhmana öz golaýyndan ýer berenden bolup, şol tarapa süýşüp, onuň üstüni öz ýanyn ýatan göwresi bilen ýapdy. Ýagdy şura Orazgeldini çagyrsa-da, beýle tiz geler öýtmändi. Ol bolsa, ine, eýýäm öý eýesini ahmala goýup, gelip direnip dur. Içerde öýüň sergin howasyna goşulan gül ysyna berimsiz ýakymly gelin müşgi bardy. Aslynda, Hanumany özüniň ikinji, nikasyz heleýi hasap edýän Ýagdy indi ony ilden gizlejegem bolup durmaýardy. Ol başjaň, wepaly adam hökmünde bolşewigiň obanyň ykbalyny özüne ynananlygyna, ynanyşy ýaly hem, özüniň bu ýerde edenini edip, kylanyny kylmaga tarhanlygyna hem ynanýardy. Edeni öňünden gidip durany üçin onuň özi baradaky bu pikiri barha berkeýärdi. Ýagdy soňra şol tirsekläp ýatyşyna beýleräginde duran käsä tarap gerlip, ony aldy-da, Orazgeldä ojagyň gapdalyndaky basyrylgy duran çaýly çäýnegi görkezdi: –Alyň, şonda demini alyp duran çaý bardyr! Bu mürähet Orazgeldä hem kem ýaramady. Ol nahardan soň, bu ýere gaýtmagyň ünjüsinde bolansoň, çaýyny arkaýyn oturyp, ine-gana içip bilmändi. Häli ýolda gelýärkä-de, eýýäm agzy gurap, suwsap ugranlygyny duýupdy. Täze soýlan goýnuň etinden taýýarlanan çekdirme indi joş berýärdi. Orazgeldi bu ýerde özüne aýdyljak gürrüňe çen-çak urup, uzak oturmaly bolmady. Käsesine guýan çaýyny içip-içmänkä, Ýagdy şura gözüniň gabagyny göterip duran togalak ala gözlerini elesledip, gürrüňe başlady: –Men düýn öz Hangulymyzdan özüň ýaly ýekebaralaň biri Berdi Akyny çagyrdym. Olaram ýeňsede, ýandaklyda Taganlar bilen öz-özleri bolşup, gyrkym gyrkyp ýatyrlar – diýip, gürrüňini mysal bilen matlabynyň töwereginde aýlady. Ony çagyryp “Şereket mallarynyňam gyrkymyna kömek edäýseniz?" diýsem, ol maňa: «Şura, biz-ä tirsekläp, şereketiňe almadyň, indem malyňam, goý, şol apalap alan adamlaryň gyrkybersin, bölündiňizmi, indi başyňyzy çarajak boluň» diýýär. Gepläp oturyşyna Ýagdy şuranyň göreçlerinde mahal-mahal pisindi oturmazlyk bilen ýaňsy alamatlary çaýylyp gidýärdi. «Hüm-m» edip, çaý içenden bolup, ony diňläp oturan Orazgeldä eýýäm şuranyň haýsy depäni çaňytmakçy bolanlygy mälim bolupdy. Ol öz ýanyndan: «Öz işimizem ýetikdir özi-hä” diýäýsem, bu zaluwada ýene bir amaty gelende, bize hyýanat etmäge bahana bolar. «Şu adamyň sowet gurluşyna bolan garaýşy gowy däl» diýip, bir zat tapsa, tapar oturar-da» diýip oýlandy. Ýagdy gep saluwynda: «Olaryňam maňa möhümi düşmän durmaz. Menem şonda özleri ýaly bolaryn, haklaşaryn» diýen ýaly öjügiji äheň bardy. Orazgeldi içinden: «Berdi Aky-ha saňa diýäýmelisini diýen eken» diýip pikir etse-de, şuranyň barha gylawlanýanlygyny, barha wezipä eýemsireýändigini öz ýanyndan bellemek bilen, gürlände oňa ugurdaş gopmaga çalyşdy. Onuň ýanyndan gaýdan mahaly öz işlerini gutardyklary gelip, şereketiň hem mallaryny gyrkyşmaga kömek bermäge boýun bolup gaýtdy. Oba howlugyşyp oturan ýoldaşlaryna bu habaryň ýaramajagyny ýatlap bolsa lapykeç boldy. Keýpsiz atlandy. Ol atynyň jylawyny çekibräk ony Ýagdynyň öý gurup oturan depesinden aşaky jülgä tarap indirip barşyna, ýaňky öz gelmegi bilen tebil alyp, ýabantowuk ýaly al-ýaşyl bolup, pasyrdap göterilip giden Hanuma gelniň ýezgenli goňras meýdanyň içi bilen iki-ýeke basyp, öz maýdalyna gezelenç edip ýören ýaly bolup, yzyna dolanyp gelýänini gördi. Töwerek bolsa ýakymly ýezgen ysy bilen dem alýardy. Dik depä göterilen Gün sähel ileri agyp, günüň ikinji ýarymynyň pursat-möhleti başlanypdy. Çöl ähli zada göwnübirlik bilen seredip ýatan giňişlige, many-mazmuna öwrülipdi. Has erbedi-de, häzir onda bir pursadam bolsa, ýüzi ýelpejek sergin şemalyň hem ýoklugydy. * * * Kymyş duzçy gyrkyma giden oglanlarynyň ýoluna göz dikip garaşyp, indi telim bir günden bäri aladalanyp ýol gözleýärdi. Onuň hasabyna görä, oglanlarynyň gaýdyp gelmeli wagty bireýýäm bolupdy. Olaryň Ýagdynyň ara goşulyp, öz çekenelerinden başga-da kolhozyň hem mallarynyň gyrkymyna kömek bermeli bolup, ýene bir alada çörňeşenlerinden bolsa goja habarsyzdy. «Gideniň habaram özi bilen» diýleni bolupdy. Eýýäm garaşylan orak möwsümi ýetip gelipdi. Meýdanlarda dok başlaryny çaň-gylçyga dolan, Gün çoguna çolanyp, meýmiräp-bişip oturan bugdaýly meýdanlar öz barlyklary bilen göwün galkyndyryşyp otyrdylar. Kesek üstüne çykan nany indi haýal etmänem ýygnamak gerekdi. Ýetişen bugdaý hem ýetişen gyz ýaly uzak saklanylmagy gowy görülmeýän zat. Gyz uzak saklananda diliň ýetiberşi ýaly, ýetişen hasylyňam, mal-garadan goraýanyňda hem syçan-alaka, garynjadyr guş-gumry diýen ýaly, el-hal diýşip, her ýerlerden peýda bolýan armanlary ýetik. Legen bugdaýy ýeliň ýykmasy özünem olar diýmäninde-de dänesini döküp egsilip, zyňylany bermegem bardyr. Kymyş duzçy indi bu günler günde-günaşa diýen ýaly meýdana gidip, jandurmazlyk edip, bugdaýyna aýlanyp gaýdýardy. Düýn bolsa, döwletli adam hökmünde yrym edip, Sary düýeji ony ýörite çagyryp, oňa öz bugdaýyna orak saldyrypdy. «Türkmeni göçürjek bolsaň, gapdalyndan göç geçir» diýilmänmi näme!? Şonda Kymyş duzçy hem: «Oglanlar geläýen bolanlygynda, menem häzir şeýdip bugdaýyma orak salaýsam bolmaýarmy?!» diýip oýlanypdy. Soňundanam ýene, hamala, öz göwnüne basalyk berýäne meňzäp, «Çaman ördek ir uçar edip», juda bir howlugybermegiň hem hökman däldigi barada oýlanyp, entek iliňem agramly böleginiň bu işe girişmänligini ýatlapdy. Galyberse-de, entek kolhozam öz bugdaýyna orak salmandy. Nurjuma başlyk Ýagdy şuranyň çölden gyrkymy gutaryp, gaýdyp gelerine garaşýardy. Kymyş duzçy bu günem irden: «Heý, oglanlar şu gün dagy bir ýerden gara beräýmezmikä?» diýen tama bilen oýandy. Daş çykyp, täretini alyp gelensoň, namazyna eglip galdy. Namazdan soňam namazlygyň üstünden galman, ýene-de öý-ojagy, dogan-garyndaşlary, il-güni bilen bagly namazyň soňundan, özüniň Taňryň huzuryna baranlygyna ynanyp dileýän gowy dileglerini diläp samyrdap oturdy. Goja ýaňy namaza eglip-galyp oturyşyna çendan bir, ojak başynda ol ýerdäki ýitip barýan öçügişen közüň üstüne ýalazy odun atyp, üfläp, ýüzüne ajy tüsse urduryp, ody tutaşdyrmak üçin dert-azar bolup oturan aýalyna tarap hüýli göz aýlap goýberýärdi. Jemal mama ojakbaşynda, ýaňyrak uly gelniniň sygyr sagyp, gapydan eglip salam berip uzadyp giden süýdüni gazana guýup, indem şony çagalar örlemänkä bişirimegiň aladasy bilendi. Içerini bir pursatlyk ajy tüsse gaplap alan mahaly, düşekde mysylaşyp süýji ukuda ýatan çagalary demigişip, halamazlyk bilen seňriklerini ýygryşyp, gozganjyraşyp oýanarly görünseler-de, ot alawlap, tüsse tüýnüge tarap göterilip ugransoň, janlary aram tapyşyp, ýene-de tamşanyşyp, uklaşyp galdylar. Jemal mamanyň, hamala, ojakdan göterilýän tüsse sapajyklaryna çolaşan ýaly, indem şol çolaşyklykdan özüni boşatmaga dyrjaşýana meňzäp oturyşy Kymyş duzçynyň göhüni getirdi. Onuň aýalyna bir zat diýip, çetine degesi geldi. Bir oýnuň boljagyny mälim edip, ol göz astyndan gülümsiräp seretdi. Ol aýalynynyň ogullarynyň ýoluny gözläp, endigine görä olara söýünçli käýinip: «Bu itogullary, nä, gelibermedi? Ol ýerde garakçy-gaçakçy diýen ýaly bir bela duşmadygam bolsalar, ne ýagşy, Alla jan, özüň sowawer» diýip, olaryň geler ýoluna jüp çörek aýdyp garaşýanyny bilýärdi. Kymyş duzçy öz aýalynyň aladaçyl janköýer häsiýetine beletdi. Oglanlaryny wagtynda gelmediler diýip, alada edýänini bilýärdi. Asyl, bilmez ýaly hem däldi. Ol hatda dümew degen ýaly, düýnden bäri biraz sülleripdem. Ýurduň içi gaçarmana-çaparmana öwrülipdi. Her gün eşidýäniňem bir-birinden şum habarlar. Onsoň ene ýüregine rahatlyk bolarmy!? Şonuň üçinem oglanlary bilen bagly häzirki etjek gürrüňiniň oňa biraz göwünlik beren ýaly boljagyny aňýardy. Enäniň göwün-hasratam dabana çalnan gamçy awusy ýaly, maşgala süňňüne ornaşýar. Erkek adamlar dünýäni göz-gulak bilen kabul etse, ene ony ýürek bilen kabul edermiş. Şonuň üçinem ene kalby, agyr ýoň geçiren ýaly, ruhy urgyny juda kyn geçirermiş. Kymyş duzçy aýalyny bu ýoňdan birazam bolsa aýňalmak üçin mümkinçilik bermelidigini pikir edýärdi. Ol häzir derdi ýeňlär ýaly aýallygyny edip, özüne ýa-da başga birine käýinip, küpürsäp otursa kem däldi. Bu onuň az wagtlygam bolsa özüni horlaýan, başyndan gitmeýän pikirleri unutdygy, aladasyny egisdigi boljakdy. Kymyş duzçy her gezek ýerine düşürip, kempiri bilen degşende, onsoň peltesine ot degen garry gaýrata galyp, mamanyň öňküsinden has dogumlanan ýaly bolýanlygyny görýärdi. –Heleý diýýän-ä, onsoňam seniň şu oglanlaryňam bar-a... –Goýaweri, meniň ogullarymyň ogul kemi dagy ýokdur – diýip, adamsynyň näme hyýala münenini biraz gyşarybrak gep urşundan aňmaga ýetişen Jemal mama hem ondan kem oturmady. –Heý, şunça-da bir eglenmek bolarmy? Nan bolsa bu ýerde çalam-çaş bolup, ýere siňip ýatyr. –Goýun gyrkmak saňa ap-aňsat zatdyr-a. Sen-ä gapyňdaky ikije goýnam hyklap-çoklap, bir günde zordan gyrkdyň. –Olar, how, meniň ýaly segseni sermelän akýalmydyr!? Men-ä... –Wah-eý, ýigit wagtyňam görüpdik-le seň... Jemal mama muny, çogup ugran süýdüň gaýnagyndaky ody atyşgir bilen ýüzüni kese tutup, ojagyň agzyna çekip aýtdy. Kymyş duzçy aýalynyň: «Wah-eý, ýaş wagytyňam görüpdik-le seň» diýmek bilen haýsy depäni tozadýanlygyna beletdi. Ol geçmişde bolan bir pursat bilen baglydy. Ony şol gezek Jemal mamanyň agasy Jumanazar baý bugdaýyny ordurmak üçin özüne talaban tutunypdy. Ol bolsa garnyny doýransoň, meýdanda özüniň ýekeräkliginden peýdalanyp, donuna dolanyp, telpegini ýassyk edinip urupdy ukyny. Bir oýansa, gün garrap, eýýäm gijöýlän bolupdyr. Onuň ormaly bugdaýyny bolsa, Jumanazar baýyň özi beýleräkde orup, desseläp ýören eken. Şonda Jumanazar baý oňa: «Ýigit, sen-ä tüýs harmana garawul goýaýmaly adam ekeniň» diýip degip gülüpdir. Şu pursadyň ýatlanmagy bilen ýene-de bir gezek ol waka gaýtalanan ýaly boldy. Elbetde, ondan bäri az wagt geçmändi. Bugdaýam orlupdy, harmanam atylypdy. Kymyş Jemala öýlenip, şol öýüň giýewsi hem bolupdy. Ýöne adamyň sep berip, osal galan ýeri aňsat soň-soňlaram ýatdan çykmaýan bolarly. Il içinde seýregem bolsa bu ýagdaý: «Kymyşyň orak orşy ýaly» diýlip, heniz-henizlerem ýatlanylýardy. Şol gezek Kymyş Jumanazar baýyňkyda bugdaý oragyndan, tä onuň gawun-garpyzynyň eňňeresini kümesine çekýänçä, telim aýlap talabançylyk edipdi. Baýyň ýigrimi sekiz ýaşly ýetişip-daşyp oturan jigisi Jemal bilen häli-şindi sataşmaga-da, bir-birege hyrydar-hyrydar seredişmäge-de mümkinçilik bolupdy. Bir ýola ol çola ýerde gyzyň goşaryndan tutup, oňa öz hyrydarlygyny hem mälim edipdi. Özi bilen şol bir yşk oduna tutaşyp ýören Jemal şol gezek Kymyşa sähelçe igenipdi: «Meni gözüň bilen iýäýjek bolýaň her gezek . Biziňkiler seni erbet görmeýärler. Ejem-ä: «Aňyrlary asyl ýerlerdirem» diýýär. Seretmän oňmajak bolsaň, geçir ymyklap aňryňa. Onsoň näçe seretseň, seret-de otur!» diýipdi. Şu höwesden bir aý-kyrk gün soň olaryň toýy bolupdy... Ýeserlige salnyp, ikitaraplaýyn edilýän gürrüň gyzyşyp ugrady. Biraz çetiňe degýänem bolsa, bir söw bilen ýada düşýänem bolsa, onsuzam indi telim bir ýyllardan bäri, mahal-mahal ýatlanylyp, göwün göterip, begendirip duran gowy pursat arzylydy, ymsyndyryjydy... Bärden gaýdan ýeri tama salnyp ýaňsa alnansoň, ary gidip barýan çaga ýaly, gojanyň hem kempirinden pes oturasy gelmedi. Sakgalyny sypalap, aýalyna göz astyndan syn salyp oturyşyna, öz diýäýsem diýip häzirlän gepiniňem täsiriniň hiçneneňsi bolmajaklygyny ýatlap, ol birhowa «mys» edip ýylgyrybam goýberdi. –Nesip bolsa, şu ýylyň hasylyny ýygnasak, seniňem aladaňy etmekçidirin özüm, heleý! – diýdi. Jemal mama öz çalynyň bir zat diýip degişjegini aňsa-da, ol gepi ýeňseden aýlansoň, birbada onuň iniş-çykyşyna aň aýlap ýetişmedi. –Ýeri, meniň ojagymdan, çagalarymdan gaýry, aslynda, näme aladam bolup bilermiş? –Barybir iş-aladaňa ýetişip bilmän, hemişe başagaý, gara kösenç bolup ýörsüň, saňa kömek bolaýar ýaly ýene-de bir gyrnajyk alaýsam diýýän. Jemal mama ýeňse tarapdan aýlanyp gelen habary eşidip, ilkibir aljyran ýaly görnenem bolsa, ýöne onuňam tiz özüni ele alanlygy belli boldy. –Wah-eý, munuň-a ýene-de köne keseli gozgap ýör öýdýän? – diýip, ýaňsyly odugyp gepledi. Gep bilen aýalyny göçürenine mes bolan Kymyş duzçy, hamala ondan gep alyp galmaýyn diýýän ýaly urdulyp, ýene-de onuň gürrüňi böltedi: –Iki bolsaňyz, gowy bolar, heleý. Biriňiz-ä hamyr ýugrarsyňyz, beýlekiňizem kir-kiljige güýmenişip, agtyklary güýmäp ýöreniňizde näme?! Hä, onsoňam, iki güni bolup, bolarsyňyz bir jora... –Hüm-m... Hany, sen alyp bir gör! Nähili boljagyny, ana, şonda görersiň! Indi gara ýerleri alarsyň sen. Hany, “Saňa barjak!” diýip, dyzap duran barmyşmy onsoň!? Alýan bolsaň, şu çaka çenli näme işlediň? Wah-eý, ýeke heleý-de kyrk ýaşyňda ýüzüňe dammanmydy seniň! Häzir dagy bir öýlen sen, iki mallynyň birini alyp, özüne engam edinýän şura häkimiýeti gözüňde ot ýakmaýamy seniň?! Tapdyň öýlenjek wagtyňy, aňkasy aşan garry köpek! – diýip, garry damarlarynyň tow alýanlygyny mälim edip, barha batly gepledi: – “Sen iki heleý aljak” diýip, özüň öz göwnüňi aldaber. Her kim saňa ýamanyňy örtüp, ýagşyňy ýaýyp oturan Jemal däldir... Jemal mamadyr Kymyş baba är-heleýlerçe bir-birlerine düşünişmek bilen degşip oturyşlaryna indi olaryň ikisiniňem kalbyny oglanlarynyň sag-aman dolanyp gelmegi bilen bagly ýakymly pikirler eýeläpdi. Süýt bişen dessine Jemal mama ondan bir okara guýdy-da, ony saçakdaky bölek-büçek nanlary süýde basyp, ýumşadyp iýmegi niýet edinip öňüne üýşürip oturan adamsyna uzatdy: –Al, gyzgynjaklygy bilen iç, içiňe bir ýyly ýöresin. Nesip bolsa, oglanlaram şu günüň bir ýerinde gara beräýseler gerek. Agşam düýşümde uzakly gije ak ýüňe bulaşyp çykdym. Atadyr enesiniň gyzgalaňly hümürdisine ilki Ogulbike oýandy. Içeri alagaraňkydy. Akjagül, Aganazar, Allanazar dagy henizem dünýäden bihabar süýji ukuda ýatyrdylar. Ukudan açylyşyp, gözüni owkalap, gerinjiräp, düşekden ir turanyny birinden görýän ýaly, torsarylybrak oturyşyna Ogulbikäniň kellesine tebigatyna mahsus garagol pikir geldi. Ol ukuda ýatan basdaşlary Aganazardyr Allanazara seredip, olary bimaza edip bolsa hezil boljagyny oýlandy. Ýeserlik bilen ýylgyryp, ilki töweregine seretdi-de, örülen saçlarynyň birini alyp, onuň ujuny gapdalyna togarlanyp ýatanyň ýaňagynyň eteginde gezdirdi. Aganazar halamazlyk bilen üýşenip, ýüzüni çytdy. Soňam özüniň ýatmaga goýulmagyny isläp, beýleligine öwrüldi. Onuň öz ýüzünden siňek dabyrap geçenligini pikir eden borly. Garagollugynyň ýerine düşenligini gören Ogulbike böwregini bökdürip hezil tapdy. Soňra hasam heserlendi. Ogulbike iki jigisi bilenem basdaşdy. Olar bilen häli-şindi degşip, ýakalaşyp alardy. Onuňam oglanlardan kem oturasy gelmezdi. Ogulbike soňra Aganazaryň üstünden gernip, göwresini geçirip, Allanazara golaýlaşdy. Onuňam temegine saçynyň ujuny degrip, bimaza edip aldy. Kymyş duzçy naharlanyp oturyşyna agtygynyň edýän bimazalygyny gözastyndan görüp: «Haý, geçi diýsäni, garagollugyňa sen ýene-de başladyň-ow, eneň kesewisini dadaýmasaň ýagşydyr...» diýip, içini gepledip otyrdy. Ol häzir: «Goý, bimazalygyňy, oglanlar ukyny alsynlar» diýäýse, ýeňsesinde tomaşa gidýänini bilip, Jemal mamanyň oňa käýinjegini bilýärdi. Atasy bilen nazary kaklyşan mahaly Ogulbike uýatly ýylgyrdy-da, onuň bilen mamasynyň arkasyndan üm bilen düşünişdi. Ikinji gezek gyjyklaýjy saçlaryň ujy burnuna giren wagty, Allanazaryň bu ýakymsyz dürtülýän zadyň haýsydyr bir möjekdir ýa siňek däldigini aňanlygy belli boldy. Ol Allanazar garaşylmadyk ýagdaýda ýalpa gözlerini açdy. Ýöne, barybir, birbada uky arasynda näme üçin Ogulbikäniň öz üstüne abanyp duranyna düşünmedi. Onýança eden işinden göwni hoş bolan gyz pyňkyrdy-da, agzyny tutup: «Nädäýdimkäm, hakyňyzdan çykaýmadymmykam?» diýýäne meňzäp, beýlesine öwrüldi. Allanazar munuň başga bir zadyň däl-de, Ogulbikäniň oýnudygyna düşündi. –Geçi, näme edýäň? – diýip, ol hasanaklap turup, onuň üstüne topuldy. Ogulbikäniň güýji ondan artykdy, ol Allanazary dessine ýumalap, aşagyna aldy. Allanazar ýatan ýerinden Aganazary kömege çagyryp gygyrdy: – Akgy, çek geçiň saçyndan, çek! Ogulbike öň bularyň ikisinem bilelikde-de ýeňip bilýärdi. Ýöne biraz wagty geçip, oglanlaryň hem ulalýanlygy üçin, ýagdaý belli bir derejede üýtgäpdi. Indi olar ikileseler, Ogulbikä hezil bermeýärdiler. Gopdy bir harasat. Jemal mama ýeňsesinde peýda bolan gopgundan habar almak üçin gaňrylan wagty, dostuna kömege ýetişen Aganazar Ogulbikäniň saçyndan penjeläp, ony Allanazaryň üstünden aýyrmak üçin gaýşardyp, başyny ýeňsä çekip durdy. Jemal mama agtyklarynyň ýene-de öz aralarynda hytda-mytda girenlerini, Ogulbikäniň saçyndan çekilýänini görüp, oturan ýerinden elindäki kesewisi bilen tarpyldadyp, ýer saýyp käýindi: –Hany, bes ediň, depeşegiň çagalary! Ýogsam, häzir ýerimden tursam, ikiňem kesewi bilen geçýän daşyňyza! Ýakalaşygyň soňky pursadyny görensoň, mamanyň Aganazardyr Allanazary günäkär hasap edenligi belli boldy. Jemal mama hemişe-de şeýle bolanda, asgyn bolan tarapyň arkasyny alardy. –Mama, ýaňyja onuň özi ilki başlady – diýip, Ogulbikäniň ýakasyndan tutup, dostunyň kömegi bilen turup gelýän Allanazar oňa bu gezekki dawada özleriniň günäkär däldiklerini düşündirmäge çalyşdy. Jemal mamanyň agtygynyň aýdanyna däl-de, häzirki pursatdaky gözüniň görenine ynananlygy belli boldy. Ol: –Daň bilen siziň beýdip, bölüşip bilmeýän zadyňyz näme? Asyl, şu iki oglan meniň gyzym bilen kelle gözüni iýen ýaly-da... Ene Ogulbikäniň gudumanjalygy öz çagalygyny ýatladýandygy üçin, ony öz gyzym diýip, ersdirip gowy görerdi. Gapdalda ýatan Akjagül turup, jigilerini aralady. Beletlik bilen Ogulbikä käýinip, bir eli bilen: –Bar, süsdüril! – diýip, onuň arkasyndan itip goýberdi. Soňundanam bir ýerden ylgap gelen ýaly daljygyp, haş-haş edip oturan Ogulbikä käýindi: –Mama, ogullaryňa käýinip oturma. Seniň geçiň özi olara bir zat edip deginendir! Enesi tarapyndan arkasy alnan Ogulbike jigilerine çiňňerilip seredip, ýykylan göreşden doýmaz edip, henizem has-has edip samyrdaýardy: –Ikiläýdiňiz. Geliň ýeke-ýekeden, ýere pylçap uraýyn, onsoňam saçdan çekmesi ýok... Häzir Aganazardyr Allanazar Ogulbikeden üstün çykanlaryna monça bolşup, goýun güjükleri ýaly hekgerişip, ýalmanyşyp, birgowy bolşup oturdylar. Şol barmana, Ogulbike bu gümürtikligiň babasynyň naza¬ryndan sypmadygyny ýatlap, çözlenen saçlaryny örüp oturyşyna oňa tarap uýatly seredip goýberdi. Atasynyň özüne seredip, mys-mys gülýänini gördi. Onuň: «Haý, gyzym, sen bu gezegem eneň käýinjinden ardurja sypdyň» diýýänine düşündi. Goja soňra agtygynyň garagollugyna guwançly ýylgyryp, mähir bilen oňa tarap nätdiň diýen hörpde baş atyp hem goýberdi. Ataly-gyz bir-birlerine sessiz düşünişip, aşak bakyşyp ýylgyrjaklaş¬dylar. –Baryň, ýakalaşyp göwün solpudan çykan bolsaňyz, indi el-ýüzüňizi ýuwup geliň-de, saçak başyna, ataňyzyň ýanyna geçip, süýdüňizi içiň! – diýip, Jemal mama olary mähirli abaý-syýasat bilen daşaryk kowdy. Gözleri ýolunda goýan gyrkymçylar, garaşylan günlerde gelmän, çak edilen wagtdan soňam dört güni geçirip, ýatar wagtyň öňüsyrasynda gaýdyp geldiler. Itler adamlaryň oba girenlerini mälim edişip, obanyň her ýerinde gijäni sarsdyryşyp üýrüşdiler. Öýüň gapdalyny ýassanyp ýatan Alaja ýatan ýerinden başyny göterip bir: «Wowf» etdi-de, soňundanam itleriň üýrüşmesine goşulmak üçin, näme üçin üýrmelidigini anyklajak bolýan ýaly seňkildäp, ýol tarapa gitdi. Telim bir halta ýüňi atyna taýlap ýüklän Orazgylyç öňden, eşegini mas ýüklän Orazgeldi bolsa hem onuň yz ýanyndan tirkeşip diýen ýaly geldiler. Olar gelende uzakly gün oýun baryny oýnap, halys laň duran Allanazar bilen Aganazar bireýýäm uklaşyp galypdylar. Enelerine nahar iýlen çemçe-çanaklary ýuwmaga kömek eden Akjagüldür Ogulbike hem düşeklerini düşeşip pallaşyp, ýatma hyýal bolşup otyrdylar. At aýagynyň sesi ýoldan öýüne sowlan badyna Kymyş duzçy oglanlarynyň gelenligini bildi. Ekezlenip diňşirgendi egnine ýelbegeý atynyp oturan çäkmeniniň ýeňlerine elini sokup, daşaryk çykarman bolup oturyşyna eýýäm ojakdaky közüň ýylysyna meýmiräp, onuň gapdalynda ymyzganyp ýatan aýalyna ýüzlendi: –Heleý, oglanlaryň-a geläýdi öýdýän! Hoş habara begenen Jemal mama oglanlarynyň gelenini tizräk öz gözi bilen görmek üçin adamsynyň yzysüre elewräp daş çykdy. Orazgylyç eýýäm öýüň öňünde kakasy bilen saglyk-amanlyk soraşyp, ýük bilen atynyň garnynyň aşagyndan aýlap daňan ýüpüniň düwünlerini çözüşdirip durdy. Jemal mama: –Sag-aman geldiňmi, balam! – diýip, jandurmazluk edip, soňam onuň çözüp duran ýüplerine tarap ellerini uzadyberdi. –Salawmaleýkim! – diýip, Orazgylyç salam berensoň, ejesiniň boluberşini halaman, ýeňsesini tüňňerdip çytyldy: –Ene, goşulmasana sen! –Men kömek edon-a... –Ýok, kömek etme sen! – diýip, Orazgylyç çytylyp, närazylygyny duýdurdy. Orazgylyç argyndy. Onuň geýiminden goýun-guzynyň ajymtyk ysy kükeýärdi. Onýança ýükli eşegi öňüne salyp gelýän Orazgeldi hem göründi. Ýükem şeýlebir ýüklenipdir welip, ony göterip gelýän eşek diýeniňem görünmän, göýä diýersiň leňňer alyp, baýryň mähnet bir bölegi gijäniň goýry gara geýmine çolanyp, togarlanyp gelýän ýaly bolup görünýär. Ol ejesidir kakasynyň bazardan atalary gelen oglanjyklar ýaly bolşup begenişip, Orazgylyjyň daşynda elewreşip duranlaryny görüp, olaryň garradyklaryça çaga öwrülip barýandyklaryny ýatlap haýpy geldi. Gyrkymçylyr ýüklerini düşürip, ýuwnup-ardynansoňlar ata-eneleriniň öýüne naharlanmaga girdiler. Dünýäden bihabar ýatan çagalara tarap mahal-mahal göz aýlaşyp, ejeleriniň ojagyň golaýynda ýazan saçagynyň başynda oturyp, ondan-mundan mesawy gürrüň edişip naharlandylar. Gezek çaýa ýetende, Jemal mama öz öýlerinde oýa ýatan gelinleriniň häzir ýarlarynyň gelerine garaşýandyklaryny ýatlansoň, oglanlarynyň çaý-paýa güýmenip, öz ýanlarynda oturmaklaryny islemedi. Uzak gürrüňe goýman, olary ugratmak bilen boldy: –Baryň, indi bolsa gidiň ketekli-ketegiňize. Arzyly ýeriňize baryp ýatyň! Orazgeldi bilen Orazgylyç ejeleriniň dogry gelen gepinden soň turşup, öýli-öýüne gitdiler. Kymyş duzçynyň oglanlaryny görüp, göwni giňedi. Oglanlary gelmänkä, ol olar gelen dessine oragynyňam indi wagty gelendigini aýdyp, ertiriň özünde bugdaý oraga başlamagy göwne düwüp otyrdy. Ýöne indi olaryň telim gün meýdanda bolup, aryp-ýadap gelenlerini görensoň dözmedi, gaýta, çagalarynyň arasynda bolup, birki gün ýatyp-turup, dynç almaklaryny isledi. Iş bitirip gelen adamlaryň arzy-da başgaça bolýar. Has-da enedir ataň ýanynda. | |
|
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Köne mülk -4: romanyň dowamy - 11.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |