12:09 Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy | |
* * * Ahmet gyrkymdan gaýdyp gelen günleriniň ertesi agasydyr ýeňnesiniň dözmezlik bilen özüne: «Dem-dynjyňy almalydyň-da, soň bir gün gidersiň. Ýüň ýüňdür-dä, durup zaýalanjak, yslanjak aladasy ýok” diýenlerine seretmän, barybir, haçanam bolsa ony ýene-de özüm gidip getirmeli bolaryn diýen pikir bilen ara başga bir iş düşäýmänkä ol ýerde galan ýüňi ýylysy bilen getirmäge çöle gitdi. Ol daýysynyň ýükçi düýesini hem sorap alansoň, ony eşeginiň yzyna tirkedi. Gullar çopanyň baýry gelnejesi ol eşegini münüp, ýola atlanyp durka saljaýyp gepläp, aňyrdan oňa ugratmaly iýer-içeri, geýim-gejimi bir ala horjuna salyp getirdi. Soňam: – Aý, oglan, ol Gullar dostuňa aýt. Gurbanlyk-beýleki diýip garaşyp ýörmesin-de, öňündäki mallaryň abadraklarynyň birini ýarymyny “möjek aldy” edip iberip goýbersin senden. Gelnem gapa del ulagyň aýak sesi golaýlaşsa şolmuka diýip, böwregini bökdürip tama bilen otyr. “Öýüňe-de bir aýlanyp git” diý oňa! –diýdi. Bir gije Gullar çopanyň ýanynda bolup, ýygnamaly ýüňlerini ýygnap, ganar-çuwallara dykyşdyryp, ertir ak öýlänler yzyna dolanyp gelmegi niýet edinóň Ahmet şol günüň özünde giç öýlänler Gullar çopanyň goşuna aşyp, oňa öýleriniň iberen zatlaryny, sargytlaryny gowşurdy. Niýet edişi ýaly, bir gije şol ýerde bolup, ertesi ýüküni düýesi bilen eşegine urup, ýene-de oba tarap ýola düşdi. Ol Gullar çopanyň goşundan gaýdýan çopan ýodany alyp gelşine, Gün çäş galyberende oba eltýän uly ýola gelip ýetdi. Töwerekde ertiriň seleň-serginli-gini başdan geçirip oturan çölüň ak buludy, hamala, haýsydyr bir göze görünmeýän sapajyk bilen çekilýän ýaly asmandan süýşüp, gaýyp barýardy. Ýyl gowy gelipdi. Gerek wagty garly doňam bolupdy, ýagynynam ýetiripdi. Töwerek sary samana basyrynyp köl bolup, gol dolduryp ýatyrdy. Baýyr kemerleriniň bilinde bitip, mazamlaşyp ösüp oturan, ýaşyl don bürenen ýandaklar häzir şol basgançaklar bilen ýaýraşyp, ýokary göterilip barýan başy ýaşyl kürteli gelinleri ýatladýardylar. Bu ýerler il içinde Pendi çöli ady bilen tanalýan hem bolsa ol, esasanam, öz daga berimsiz belent başly baýyrlary, baýyrlaryň arasy bilen menzilme-menzil uzalyp, giňelip-daralyp gidýän jülgeleri bilen bellidi. Özüniň bol ot-çöpi, ýabany janly-jandarlary bilen meşhur Bathyz mekany – Pendi çölüniň günbatar, demirgazyk, günorta taraplaryny tutup otyrdy. Onuň içindäki baýyr ulgamlarynyň bir tarapy Sarahs, Eýran tarapyna uzalsa, ýeneki bir ýany gündogar-günorta uzap, Owgan topragyna gatylyp gidýärdi. Könelere: «Ekiniňi Maryda ek, malyňy Pendi-de bak» diýdiren hem şu ýerlerdi. Birki asyr mundan ozal şu topragyň üstünden öten keseki ýurt adamsy Lasser bolsa bu topragyň Hakyň keremi düşen, bol ot-çöpli ýerdigini ýatlapdyr. Ol öz gündeligine: «Pendide goýunlar öz yzlaryna guzulary ikiden-üçden tirkäp gezýärler» diýip ýazypdy. Ine, häzir şol dürli döwürlerde waspy ýeten Pendi çölüniň öz ýaz nobatyny alkymlap gelen tomus paslyna sanyp oturyşydy. Ahmediň depesinden meýdana rysgalyny tirmäge barýan gargalaryň kiçiräk bir toplumy, ukuly ýaly bolşup, ganatlaryny ýaltalaç galgadyşyp geçdiler. Gargalar oba tarapdan uçuşyp gelýärdiler. Ahmet gargalary görüp, olaryň adatça aladaň bilen örýändiklerini ýatlan mahaly bu gargalaryň wagtynda beýlekilerem deňinde ukudan oýanyp bilmän galan, indem oýanyp, özgeleriň gözlegine çykan ukuçyl gargalardygyny pikir etdi. Asman henizem ýaz gününiň ertirlerine meňzäp çaňjarybrak, haýsydyr bir ýagyn-saçyn bilen bagly hyýala münene meňzäp durdy. Günüň düýn-öňňinki ýaly judabir yssy bolmaýjak gümany bardy. Gargalaryňam ahmalyny alan zadyň şu ýagdaý bolmagy hem ahmaldy. Ahmediň üstüne dyňzap duran iki ýüňli çuwaly taýlap atyp, ýüküň üstünligi hökmünde özüniň münen eşegi, gumak ýol bilen, üstündäki ýüki duýmaýan ýaly dikgirdäp ýöreýärdi. Onuň yz ýanyndan bolsa tirkewinde üstüne münder edilip ýük urlan düýe leňňer atyp gelýär. Ýol gyralarynda uzyn kökli çöl otlarynyň sübse baglaşyp, onda-munda ýaşyl öwsüp durany hem görünýär. Düýe şol gelşine, Ahmediň goluna geçiren owsar halkasyna zor salyp, wagtal-wagtal şol otlara eglip, agyz urup gelýär. Gapdalda bir baýyr depesi öz adaty däldigi bilen Ahmediň ünsüni özüne çekdi. Ol baýyr bir sargylt-goňur bürenjegi başa bürenip, otyrýeriniň töweregine ýazgynlyk berip, iki omzuny öňe uzadyp, ojak başynda haýsydyr bir öz zenan aladalaryna berlip oturan aýala çalym edýärdi. Tizden bu ýol saga sowlup, şol zenanyň tegelenip oturan sagrysynyň gapdalyndan öwrüm edip geçäýjek ýaly kanagatlanma tapdy. Şu pursatda oňa ýöremek ýeňil hem hezil ýaly bolup duýuldy. Ýakymly pikirler, töweregiň ümsümligi oňa hüwdüleýji täsir etdi. Ýol ýene bir öňden çykan baýyr depesiniň gapdaly bilen aýlanyp, çepe dönen mapaly Ahmet uzakdan, öňden barýan bir atlyny gördi. Atly onuň pikir eden tanyş adamlarynyň biri däl-de, bir aýal adam bolup çykdy. Ol aňyrdan gelende, bir sebäp bilen ýere düşen aýal indem köýnegini çekişdirip, donunyň synyny guşagyna gysdyryp, ykjamlanyp, ýene atyna atlanmakçy bolup durdy. Ahmet onuň al-ýaşyl bolup pasyrdap durşuny görüp: «Bu heleýiň ýeke özi çölde näme işläp ýörkä?» diýip, geň galyp oýlandy. Şol barmana-da ony tanansoň, agasy Orazgeldiniň gyrkym döwri Ýagdy şuranyň çakylygyna gidip gelensoň onuň: «Ýagdy-ha bolmajysy bolýar-ow... Haý, sowetiň beren begligini sürmek muňa başartmasa gerek, eýýäm tumşugy, göklän kürräňki ýaly, ho-ol asmanda. Özem zaluwadyň kolhoz malynyň gyrkylýan ýeriniň ses ýetimliginde baýryň depesinde ak öý dikdirip, Hanuma diýen aýal bilen şol ýerde aýşy-eşretde bolýan eken» diýip aýdany ýadyna düşdi. Ýagdy şura üç-dört günlükde raýon ýygnagyna çagyrylyp, gyrkymy gutarman gidipdi. Alnan hasylyň yzyny jemlemek, onuň soňky aladalaryny etmek üçin ol ýene-de tiz yzyna dolanmakçydy. Şonuň üçinem hergez ýanyndan aýrasy gelmeýän Hanumasyna: «Sen bu ýerdäki işleriň gidişine seredersiň, menem ýygnagy sowdugym gaýdyp gelerin!» diýip, atlanyp gidipdi. Ol raýon ýolbaşçylarynyň talaply tabşyryklary bilen eglenjeginden habarsyzdy. Baryp bilmejegini bilensoň ol düýn: –Hanuma aýdyň, men baryp biljek däl. Atlansyn-da, özi gaýdybersin. Öý-goş bilen azary bolmasyn, ony oglanlar ýygnaram, getirerem – diýip habar edipdi. Hanuma-da şondan soň atlanyp, ýola düşmek bilen bolupdy. Aýal üzeňňä basyp, köýneginiň giň etegini ýellendirip, ata münensoň, özüne tarap ýetip gelýän Ahmedi tanajak bolup, at üstünde oturan ýerinden gyzyklanyp, bilesigelijilikli seretdi. Ahmet haçanda onuň gapdalyna deňleşen wagty ugra ötübermegi gelşiksiz görüp, sähelçe başyny göterip, sypaýyçylyk üçin aýala mylakat etdi: –Gurgunmysyňyz! –Şükür! – diýip, Hanuma, Ahmediň gapdalyna deňleşerine garaşyp, ýola howlugýan atynyň jylawyny çekip durşuna, açyk ýüz bilen onuň salamyny aldy. Bir obada ýaşaýan-da bolsalar, Hanumadyr Ahmediň häzire çenli oňly tanyşlygy ýokdy. Hanuma ony diňe bir sapar, geçen güýzüň ahyrlaryna, ekip ýygnan pagtasynyň bir bölegini araba ýükläp getirip, hasap tutup, şuranyň umumy ammaryna tabşyryp durka ýakyndan görüpdi hem öz ýanyndan: «Öz-ä bir heleýhalar syratly ýigit eken!» diýip, göz astyndan synlap belläpdi. –Näme, gyrkyp alan ýüňüňizi birbada äkidip bilmänmidiňiz? – diýip, Hanuma eşegiň tirkegi bolup, ýükden basyrynyp barýan düýä seredip sorady. –Ulag ýagdaýymyz kemterräk bolaýdy-da. Şonuň üçinem ýükümizi bölüp-büçmeli bolduk – diýip, Ahmet hem onuň gepsaluwyna görä, ýüzüniň ugruna jogap berdi. –Bähbit bolsun! Gyrkymy gutaran bolsaňyz bolýar. Kolhoz-a ýekebaralaňam kömek berenine seretmezden, gyrkymyndan henizem doly dynyp bilenok. Hanumanyň gep halkalap, şeýlaýynsyrymasyndan onuň gürleşmäge höwesekdigi duýuldy. –Seniň duşanyň bir gowy bolaýdy, oglan, ýogsam, meniň ýeke özüm şunça çolalygyň içi bilen içimi hümledip, ýekesiräp gitmeli bolardym. Gelin geplände onuň gözleri syrly sözüniň baryp düşjek ýerini peýleýän ýaly, gürrüňdeşiniň töwereginde aýlap gepleýärdi. Ol şeýdip aýdylan gepiň erkek adamlara has täsirli hem ýakymly bolýanlygyna belet bora çemeli. –Seniň, onsoň, adyň näme, oglan? – diýip, Hanuma atyny Ahmet bilen ýanaşyk sürüp barşyna süsüşäýjege meňzäp, oňa tarap seredip, ýeňsesini tüňňerdip, täsirli bolup, jytdaýylyp sorady. –Ahmetdir meniň adym. Şeýdip tutubermelidir diýen äheňde Ahmet oňa ýüzugra tanyşlyk berdi. –Meniňem seni bir gezeg-ä görenim ýadymda. –Haçan? – diýip, Ahmet gyzyklanyp, onuň ýüzüne seredip hem goýberdi. –Sen geçen güýz arabaňy mas ýükläp, şuraň ammaryna pagta tabşyrmaga gelipdiň. Sapar daryzam şonda goldaşyp, ýüküňi düşürişipdi dälmi? –Hawa-da. –Ana, menem şonda töwerekde bardym. Hanuma şol pursatda birzatlary ýatlap, sähelçe ýylgyryp, gözlerini süzübem goýberdi. Ahmet gelniň ýüzüne seretmezden, onuň şelaýyn gepsaluwyndan birhili öz-özünden gepleriniň alşyp barýanlygyny duýdy. Bu bolsa onda gelniň öz çak edişindenem has aňsatlyk bilen ylgyp söhbede goşulyşyp barýan ýaly özüneçekiji duýgyny döretdi. Bir gözüni aýlan mahaly ol gelniň hezil edip çaý içen ýaly maňlaýynyň ýylpyldap derländigini gördi. Dodaklary gunça bolup, sähelçe çyzylyp, açylyşyp, gyrmyzy reňk çaýylyp, hallanypdyr. Haýsydyr bir pikir onuň ýüreginiň urmasyny üýtgedip, ýaňaklarynyň gyzarmagyna sebäp bolupdyr. Ara sähel dymyşlyk düşensoň bolsa, ol höwes bilen Ahmediň öňünde özüniň zenan mynasybetini güjeňläp, mazamlabam durana meňzedi. Gelniň gep-söze döwtalaplylygy Ahmediň bilesigelijiligini artdyryp, kalbyny heserlendirdi: “Öz-ä heleýjan eken” diýip, ony höwesli oýlandy. Ahmet şeýle-de bolsa birbada täze tapynan ýoldaşy bilen häzirki ýagdaýda, onda-da ol aýal adam bolanlygy üçin, özüni nähili alyp barjagyny bilmedi. Ýöne olam obada Hanuma gelniň Ýagdy şura daklyşyp, peri-peýker bolup ýörenligini bilýärdi. Obanyň bu barada: «Bagty gelen Ýagdy şura, bir gelniň gowusyny tapypdyr-da, indem şonuň bilen hezil edip döwran sürüp ýör. Munuň ýalynyň-a rysgaly baýguşunky ýaly, şeýle nagt bolaýýar» diýilýäninden habarlydy. Hatda şeýle agyz suwardyjy magtamalardan soň onuň özem: «Hä, biziňem bir ele düşäýmezmikä şol näzenin» diýip, gaýybana Hanumanyň höwesine berlenleriň biri bolupdy. Ýöne, ol özüniň howaýy pikiri beýle nagt bolar öýtmändi. Ahmet gürleşen bolup, başyny ýerden galdyrman diýen ýaly, özüni ýygrarak tutup gidip barşyna haýsydyr bir ýolunda gabat gelen çöp-çöňre büdräp, silkinip giden wagty Hanuma ýigit näçe syr bermezlige çalyşsa-da, onuňam ýürek urgusynyň bozulanlygy, ony özüniň zenan hesretine gatanlygyna düşünip, içini güldürip, syrly ýylgyrdy. Ahmet ýaňy ilki Hanuma duşup, salam-helik alşansoň, eşege urlan ýükiň oňa agyr gelýändigini görüp, ondan düşüpdi. Indem ýüküň gapdaly bilen ýöräp ugrapdy. Hanuma atyna artlaşdyryp almak üçin jylawy öwrüp, oňa has golaýlaşdy: –Gel, oglan, ikimiz aty artlaşyp münäýeli, entek bäri-bärde seň Söýünalyň ýokdur! – diýip, Hanuma şol barmana garaşylmadyk bir ýagdaýda oňa ata artlaşmagy göwünjeň teklip etdi. Soňam sözüniň jogabyna hem garaşman, ýeňsä gobsunyp, atyň eýerinden onuň syrtyna göç etdi. Ahmede garaşyp, jylawy çekdi. Ahmet bu mürehede biraz geň galyp, öwrülip, Hanuma tarap sereden wagty ol at üstünde oturan zenanyň gözlerini balkyldadyp, özüne mähir bilen hüýli seredýändigini gördi. Gözler kaklyşandan olar birek-birek bilen özara düşünişdiler. Ahmet ýalňyşmandy. Atymynda hyrs ýaly ýigidiň syçrap duranyny görüp, süňňi goram-gowşak bolan hyruçly gelne häzir ol gözleriň öňünde durmagam aňsat däldi. Ine, onýança-da kimdir biri onuň kalbyna höwes bolup dolan pikirini goldap, makullap, arkasyndanam sähelçe itip goýberen ýaly boldy. Ahmet haşylap dem aldy hem Hanuma bilen bagly pikirleriň tutuş süňňüni sarsdyryp, enter-pelegini aýlap, özüne dolap alyp barýanlygyny duýdy. Ahmet şundan soň möjegiň goýun gapyşy ýaly, Hanumany at üstünden harsa kakyp aldy-da, dyňzap duran höwese berildi... Ahmediň boýnuna gol salan gelin tolgunmasyny gizlemän, şol gujakda birýana gidip barşyna näzirgäp, onuň gulagynyň agzynda mähirli pyşyrdady: –Meni nirä alyp barýaň, oglan? –Söýmägä. Yhlas-höwesi ýolunda gowşan Hanuma hem şundan soň özüniň niredeligini unutdy. Şundan soň olaryň ikisem birsalym düňderilen asman gazanynyň aşagynda häzir diňe özleriniň bardygyna ynandylar. Töweregiň baýyrlary öz biten ýerlerinde çommalyşyp oturyşlaryna, beýle ýanlaryndaky depesi çowly baýryň güneý ýapysynda tüweleý bolup gopan söýgi harasadynyň boluberşini synlaşyp, içlerini hümledişip otyrdylar. Ahmet mele gelniň zowky-sapasynda bolup, öz hyjuw-höwesini biraz egsensoň, dünýäniň çolalygyny alyp, meýdanda onuň bilen çaýlaşmakçy boldy. Ol: «Sen oturyber, men häzir» diýdi-de, gyssagarada düýesidir eşegini galdyran ýerine gelip, olary oturan ýerleriniň ýeňsesine geçirip ýoldan sowansoň, şol ýerde hem olaryň ýüküni ýazdyrdy. Hanumanyň uýanyny süýräp, eýýäm garagörnüme giden atyny tutup getirip, ony hem öz ulaglarynyň golaýynda örkledi. Ahmet azykly horjunyny egnine atyp, gaýdyp gelende Hanuma henizem Ähmediň howlukmaç aşagyna atylan donunyň üstünde çiňarkan düşüp, asmana gözläp, köýnek örtügi ýokary çyzgalan halda bedenini akjardyp, boldumly butlaryny jaýjardyp, şol ýatan ýerinde ýere ýelmeşip galan ýaly bolup sarsman ýatyrdy. Onuň tegelenip duran näzik ýüzi sähelçe ört alyp gyzarypdyr. Asmany ýatladýan, gögüşden gelýän mawy gözler bolsa ony ojak başynda ýyla meýmiräp ýatan arzyly pişige meňzedipdir. Gelin bu yns-jynssyz çola meýdanda öz höwesiniň jaýyna düşüşi barada oýlanyp, onuň bu göz açyp-ýumasy salymyň içinde nädip beýle bolanlygy barada pikir edýärdi. «Eý-ho! Allam, orta ýolda beýle-de bir hezillik boljak eken! Bu asmanyň öz durumsyz-höwesek edip ýasan gyzyna eden gadyrydyr. Bu oýuňa-köýüňe gelen zatmy?» diýip, lezzet bilen pikir edýärdi. Süňňi ýeňläp, bir mysgal bolan Ahmet öz ýany bilen göteren iýer-içerini getirip, horjuny bilen onuň öňünde goýansoň, hä diýmänem çaý gaýnadyp demledi. Gullar çopana soýduran goýnuny ýatlap, soňam ondan şorawja şara edinmegiň ugruna çykdy. Hanuma Ahmediň gapdalynda oturyşyna, onuň ýüzüne owadan gözlerini balkyldadyp seredip goýberýärdi, ol bakyşlar buýsançlydy. Onuň derçigen goýnundan ýakymlydan özüne çekiji goýry zenan ysy kükeýärdi. Kalby ýakymly duýgular bilen dolup duran, gyssagarada ýakasynyň bagjygy ýolnup çäklenen, saçlary çaşyp pezzeren gelin biraz çalam-çaşyrak görünýänem bolsa, onuň hyzmatynda durmak Ahmede ýakymlydy. Olar çöli ýakymly kebap ysyna gark edişip, naharlanyp birek-birege mynasybetli seredişip bagtyýar oturdylar. Baýyr ganatlarynyň birine gonan bu gowulyk töweregiňem nazaryndan sypmady. Aşyk-magşuk bolşup bal günlerine batyp oturan Hanumadyr Ahmediň göwnüne hamala gözi giden asmanam şu pursatda olaryň ýakymly gürrüňlerini eşitmek üçin, ornundan biraz aşak inen ýaly bolup görünýärdi. Ahmet soň-soňlaram bu gyş günlerinde käte bolaýýan ýaza berimsiz mylaýym pursadyň nädip beýle bolup bilýänine wagty bilen düşünip bilmedi. Aýal-erkek bolup, çolada şöwür çekip oturmak şonda olaryň ikisi üçinem del hem-de lezzetli pursat boldy. Oba gaýdyp gelensoň, Hanuma gelniň kalbynda Ahmet bilen bagly başgaça duýgy hasaby başlandy... * * * Kymyşlar sähet belleşip, bugdaý oragyna hepdäniň çarşenbe güni irden başlamagyň maslahatyny etdiler. Ýöne oraga gidiljek gününiň öýläni gijäniň eteginden çykan ýaly bolup ýel öwsüp, soňundanam asmanda çaňjaryp duran, gara-goňursy bulut peýda bolup: «Be, ýagjag-ow bu zaluwat!» diýdirip howpurgandyrdy. Ol asla garaşylan ýagyn däldi, şonuň üçinem howanyň öwzaýy oba adamlaryny biraz böwrüni diňledip, darykdyryp hem aldy. Emma wagt-pursatdan hasap tutanyňda welin, howanyň beýle bolmagyna geň galara zadam ýokdy. Yssy düşüp, oba oglanlary iliň öňi bolup ýaplarda suwa düşüp ugran-da bolsalar, entek paslyň möwridem gutarmandy, ýazam. Ýazyň ozallaram şeýdip, öz ömrüniň soňky günlerine käte-käte çillemesi bolup, dünýäniň üstüne bir sürünip, düwläp alaýmasy bolardy. Gijäniň bir mahaly daş çykan Kymyş duzçy bulutlaryň garaňky bilen goşulyşyp, asmany eýelänini görüp aladalandy. Daýhan ekinleriniň nemden ganaryny isläp, hemişe Burkut babadan: «Ýagmyr ýagdyr, Soltanym!» diýip, diläp ýörenem bolsa, häzirki pursatda onuň ýagaryndan ýagmazyny has gowy görülýärdi. Hemişe-de şeýdip paslyň ahyrlarynda, arpa-bugdaý bişip, oraga gelensoň ýagsa, hasylyň bir ýüzi syrylyp, onuň berekediniň gaçjagy ikuçsuzdy. Howanyň beýdip bulaşyp, gyňraýylyp durşy Kymyş duzça birbada bulutlar indi hä diýmän, oraga gelen hasyla talaň salyp ýaraýjak ýaly bolup hatarly göründi. Ol daşardan dolanyp gelensoň, munuň –ýaz ýagşynyň ýagaýanda hem uzaga çekmeýänligi barada pikir öwrüp: «Ýaz gününiň ýagşy – är-heleýiň urşy» diýilmänmi näme?» diýibem, özüne göwünlik berýän äheňde umytly oýlanypdy. Onsoňam ol ýaňy öýe girip gelýärkä Alabaýyň bosaganyň gapdalynda garysyny ýassanyp, aladasyz, parahat ýatanyny görüpdi. Eger ýagyş ýagarman bolsa Alabaý ondan gaçyp, eýýäm, hemişeki edişi ýaly, töwerekdäki yklaw ýerleriň birine çekilmelidi. Pikir çörňeşigine çolaşan goja daşardan gelip ýerine geçensoňam, ýene-de wagty bilen uklap bilmedi. Onuň töwereginde kempiridir agtyklary serlişip, burunlaryny pyssyldadyşyp, süýji ukuda ýatyrdylar. Ýaňy ymyzganan wagty hem ony Jemal mamanyň igenç-aladaly sesi oýardy: –Sen entegem ýatjakmy şeýdip düňderilip? Namazyň o-da kaza bolup barýar! –Entek ir dälmi? – diýip, ukyny alasy gelýän Kymyş duzçy ýatan ýerinden sorady. –Ir däl. Ir näme işlesin? Oglanlaryň-a eýýäm atlanyp gitdiler iş üstüne. Ýeri, sen olar bilen oraga gitmejekmi? Ýagyş ýagar öýdülip tüýnük ýapylansoň, öýüň içi dymykdy hem gap böwürde jynyň yşygy ýaly tüsseläbräk ýanyp duran pelteli ýagçyranyň ysy bardy. Jemal mama öýüň täriminden asylan gap-gaç salynýan torba elini sokup, alaşakyrdy bolup, ol ýerden okaramy, çemçemi... nämedir bir zatlar alyşdyrýardy. Kymyş duzçy daşary çykan mahaly özüni alada goýan bulutlaryň asmandan syrylyp gidenini görüp, kanagatlanma bilen begendi. Asmanyň arassalygy ol ýerdäki batman galan Aý, hamala diýersiň baryp Pendi baýyrlarynyň haýsydyr biriniň başyna gonaýjak deýin, asmandan typýan ýaly bolup, obany oýtarlap barýan eken. Duşundan geçip barýarka ketekdäki towukdyr horazlaryň howsalaly gyk-baklaşyp, alabasga galyşlaryny eşidip, aladalandy. Goja ketege ýene-de golaýda towuk alan ýat pişik düşdi öýdýän diýip, töweregine seredip, oňa alyp salaýar ýaly amatlyrak bir zat gözläp durka, aňyrdan börügini ýumurtgadan dolduryp darsyldap towuk ketekden çykyp gelýän Ogulbike göründi. Goja ony görüp, gudumanja agtygynyň hereketiniň bir ýanynyň garagollukdygyny ýatlap, guwançly ýylgyrdy: –Näme, gyzym, goh turzup, ýumurtgalary ol ýerde towuklardan basyp aldyňmy? – diýip hoşamaýlyk etdi. Atasynyň duşundan düňküldäp geçip barýan Ogulbike özüne edilen hoşamaýlyga monça bolup, gözlerini güldürip, tumşugyny taýzardyp, göwnihoş ýylgyrdy. Kymyş duzçy yzyna dolanyp gelende, eýýäm Jemal mamadyr onuň iki gyz agtygy ortada saçak ýazyp, onda ertirki iýlip-içiljek zatlary jemleşdiripdiler. Eli bäbekli Oguljuma gapydan salam berip girende, Akjagül çaýyň demini bermek üçin, atasynyň çaý içýän çäýnegini ýene bir gat mata bilen basyryp durdy. Körpejäniň gelmegi öýde oturanlaryň hemmesiniň ýüzünde mähirli ýylgyrma döretdi. Amangül ojagyň gapdalynda orakçylara niýetlenýän iýer-içer ýaly zatlary horjuna salyp taýynlap oturdy. Ol eltisiniň görüp, onuň ýaş sylagyny ýatlap, ony ýerinden biraz göterilip, eglip salam berdi: –Rahmanguly jan, senem eýýäm turduňmy? – diýip, oturan ýerinden çagajyga mylakat etdi. Ogulbike tarsa turup, jigisini ejesiniň elinden aldy-da, höwes bilen onuň süýt ysly ýaňajyklaryndan ogşaşdyrdy. Onuň jigisini eý görüp ediberşi Jemal mama ýaramady. Ol oturan ýerinden: «Haý, saçy kesilen, iýdiň-le balamy, heläk etme, hany, ber bärik ony!» diýip käýindi. Bäbejige höwes edip, oňa tarap ellerini uzatdy. Saçagyň gapdalynda goşa ýassygy tirseklän Kymyş baba bu mahal özi üçin tazy basyrylan ýaly edilip üsti basyrylan çäýnegi öňüne çekip, çaý içmäge oturypdy. Ol gyşaryp ýatan ýerinden mahal-mahal aýalyna: «Kar-karlap, ýene garga bolup ugradyňmy?» diýen manyda sessiz ýaňsylabrak seredibem goýberýärdi. Ol soň kempiriň günuzyn agtyklarydyr öz beýleki zenan aladalaryna ulaşyp, agşama çenli halys ýadaýanlygyny ýatlady. Munuň bagtly öý bikesiniň paýy hökmünde göwnüne hoşamaý pikirler çaýylyp ýatlady. Soňra unudyp gidip, soňra ony almak üçin täzeden yzyňa dolanyp gelmezlik, ikişli bolmazlyk üçin, bugdaý oragynda derkarlygy bolan käbir ýatdan çykaýjak zatlar hem ýene bir gezek ýüzugra ýatlanyldy. –Çarşaklaryň ikisinem–demir çarşagam, agaç çarşagam ýanyňyz bilen aldyňyzmy? Harman atmak üçin olaryň ikisem gerek bolar – diýip, Jemal mama bir barmagy bilen ýaňyrak öňüne alan agtygy Rahmangulynyň agzyna süýdüň gaýmagyny çalyp, ýalmandyryp oturyşyna jandurmazlyk bile sorady. –Aldyk. Ikisinem ýaňy araba atdym, galbirdir çuwal haltalaryň bolsa entek geregi ýok. Ýatymlyk gidemzog-a, gerek bolanda äkideris olaram. Entek bugdaýy ormaly, üýşürmeli, döwmeli, bu zatlaryň zerurlygyna çenli etmeli iş kän – diýip, Kymyş duzçy aýalynyň, ýogsam, her äkidilmeli zady aýratynlykda hetjikläp sorajaklygyny ýatlap, onuň ähli sorajak zatlaryna birbada jogap bermäge çalyşdy. Garrylaryň her günki öz öý-ojaklary, maşgala ýerli-ýerden edilýän tagallalar esasynda hiçneneňsi bolmadyk, ortahal görülýän gün-güzeran, olaryň öz ýanlaryndan munuň maşgala yhlasynyň miwesidigine ynanýandyklary üçin, toý ýaýradan maşgalanyň aladasy ýaly, bu öýüň aladasy hemişe uly görünýärdi. Maşgalany naharlap göwnüne jaýlan Jemal mama ortadaky saçagy gyz agtyklaryna ýygnadyp daşaryk çykdy. Ol agtyklary Allanazardyr Aganazaryň eşegi araba goşup, ýola taýynlanyp duran atalarynyň töwereginde kebelek¬leşip, oňa ony alyp berip, muny alyp berip kömekleşenden bolup ýörenlerini görüp, olaryňam bir hyýala münendiklerini görüp aladalandy: –Aý-u, siz nirä? –Bizem atam bilen gitjek. Akgam daga kömek berjek – diýşip, oglanlar ýerli-ýerden jammyldaşdylar. –Wah-eý, siziňem bir eden kömegiňiz bormy!? Gaýta, suwa, çöpe çörňeşip, hor borsuňyz. – Soň ol hoş söz bilen agtyklaryny raýyndan gaýtarmnak üçin sesini ýumşatdy: – Siz galyň, men sizi hol Düýejä özüm bilen ogulbolana äkitjek. Ýolda mamaňlara-da sowlarys, olaryň şol süýji eriklerem bişendir. Eneleriniň hoşamaýlyk bilen özlerini ýoldan alyp galjak bolşy oglanlara ýaramady, olaryň ikisi iki ýerden nägilelik bilen gaşlaryny çytyşyp, hamala eneleri gelip, ellerinden tutup, atalaryndan bölüp alyp galaýjak ýaly, ondan nägile boldular. Ýerli-ýerden: –Ä-ä, biz-ä gitjek däl. Toýa Rahmannazar jany äkidiber – diýşip, öz aralaryndan enelerine toýa gidende özlerine derek ýoldaş bolaýjak jigileriniň atlaryny tutdular. Goja eglip, arabanyň iki tarapyndaky ýan oklaryny laýyk eltip, eşegi araba goşmak üçin, birde eşegiň boýnuna geýdiriljek we ol oklara berkidiljek hamydy düzedişdirip, ýene birde eşegi oklara tarap itekläp dert-azar bolup durdy. Agtyklary hem hykylaşyp, oňa ýerli-ýerden kömek berýärdiler. Onýança arabany ýola taýynlan Kymyş duzçy ýeňsesine – aýalyna tarap öwrüldi. Jemal mama alada bilen adamsyna ýüzlendi: –Babasy, seniň bularyňam bugdaý oragyna şaýlanypdyr. Gitseler, hor bolarlar, ýaş çaga ahyryn entek bularyň. Äkitseň, gaýta, bular ota-suwa çörňeşip, özüňe azar bolarlar. Alla jan-a öňem telim gün ini gyzdyryp, ýaňy aýňaldy. –Goý, gidibersinler! – Kymyş duzçy aýalynyň janyndan syzdyryp aýdanlaryny hasaba almaýanlygyny mälim edip, parhsyz dillendi. Muňa Jemal mamanyň jany ýandy: –Sen ekeniň-ow, asyl, belaň körügi, garry göhert! –Goý, görsün, heleý, ogullaryňam häzirden nanyň nähili gazanylýandygyny. Görmedikden görelde bolmaz – diýip, goja berk aýtdy. Soňam arkalarynyň alnanyna monça bolşup duran agtyklaryna tarap seredip goýberdi. Jemal mama onuň ýaly ýere gitmeli bolsa, hemişe bökebaýrak agtyklaryna öz garşylygynyň ýaramajagyny bilse-de, her gezek enelere mahsus bolan jandurmazlyk edip, alada galanyny onuň özem duýman galýardy. Emma oglanlar nahar başynda babalaryny bugdaý oragyna gidilende özi bilen äkitmäge razy edipdiler. Onsuzam harmana aýak salnansoň, harmany depeläp, döwek döwýän atdyr eşegiň yzyna düşüp kowalaşmaga uly adam düşenden ýeňil oglanlaryň düşenleri kem bolmaýardy. Eýýäm töwerek ymykly ýagtylypdy. Agşamky asmany büräp, howpurgadyp alan ýagşyňam ýagmajagy, bulutlaryň bolsa Owgan daglaryna tarap çekilişip, ýurt aşyp gidenligi anyk bolup, ýakymly duýgy döredipdi. Gabatdaky ýolda Kymyş duzçynyň agalarynyň ogullary Sähetdurdy bilen Hürtek eşeklerini debsileşip peýda boldular. Olaryň ikisem deňe gelenlerinde agasydyr gelnejelerini görüp, olara salam berip, aýagüstünden saglyk-amanlyk soraşyp durdular. –Ýigitler, ýol bolsun! –Bugdaý üstüne atlandyk. –Siziň golhozyňyz-a entek oraga girişmäge howluganok öýdýän? –Entek gyrkymyň yzyny ýygnap ýetişenoklar, oraga olaram başlajakdanmyş özün-ä. Bize bugdaýa barmaly diýib-ä habar ýetirdiler, belki, onuňam şu gün başlaýmagy-da mümkin – diýip, Sähetdurdy gaňňanyň üstünde gyşarybrak oturyşyna aýtdy. –Aý, tüweleme, Hudaý köp görmesin, bugdaýyň-a ýagdaýy gowy bu ýyl – diýip, Hürtegem göwnühoş dillendi. –Gelmesine bugdaýyň ýylam geldi welin... Ýöne golhoz daýhançylykda Nurjumanyň diýeni bilen bolsa-ha horam bolmaz. Biraz yňdarmarak, dälişgeräk diýmeseň, ol örän daýhan adamdyr – diýip, Kymyş duzçy göwnüýetijilik bilen aýtdy. Soňundanam gep-gürrüň bilen inilerini ýoldan saklap duranyny görüp, elindäki nogta-jylaw edinjek ýüpüni alyp, öňe geçip, eşege kelleki salmaga durdy. –Oglanlar, siz ýöräberiň. Maňa garaşmaň. Bularyň akgalar-a irden ümüş-tamyşda gitdiler – diýip, eýýäm araba münüp, onuň üstünde joňkaryşyp oturan agtyklaryna tarap baş atyp goýberdi. – Sürüberiň, ine, bizem ýeňňeňizden rugsat alyp bilsek, hä diýmän, yzyňyzdan ýeteris. Kymyş duzçy gürrüňiniň soňuny öz ýanlaryndan dolanyp, öýe girip barýan Jemal mamanyň gulagyna ýetirmek maksady bilen hörpüne bat berip, deginip aýtdy. Mylaýym ýaňsy yzyndan ýeten mahaly Jemal mama ýene-de hyrra yzyna dönenini duýman galdy. Adamsyna jogap hökmünde gürledi: –Çagalary ýanyň bilen äkiden bolup, ol ýerde olary aç-suwsuz edäýmeginiň. Horjunyňa gowurma salandyryn, çopançorba etmeseňem, çaýçorba bilen bir naharlawergin olary! Sähetdurdy Hürtege deňleşip gidip barşyna agasydyr ýeňňesiniň öňem çagalar ýaly bir-birleri bilen birden-birden är-aýallygyň çäginde çitde-mit bolşup alaýmalarynyň barlygyny ýatlap: «Bizem Ogulbibi bilen şulaň ýaşyna ýetsek, şeýle bolaýarmykak?» diýip ýylgyrdy. Öwrenişikli bolnany üçinmi, öz öwreleri munuň üçin garrylary geňläbem durmaýardylar. Sähetdurdynyň bolsa hatda olaryň oýun bilen çyny köwsarladyp, bir-birege söz bilen gop berşip ýaşaýyşlaryna gözi-de gidýärdi. Şu hili durmuş olara uzak ýaşamaga hem belli bir derejede badalga bolýan bolmaly. Kymyş baba agtyklarynyň hersini bir gapdalynda oturdyp, aňyrdan arabasyny tykyrdadyp bugdaýly meýdana gelende, bu ýerde eýýäm adam bary üýşen eken. Bugdaýy orup, desseläp, üýşürip harman göterip, gor edinip ýöreni haýsy, çakyny alandan bolup, garanyp ondan-mundan çykyp ýöreni haýsy. Olar barha-da köpelýärdiler, hamala oba, güýç jemläp, ähli hasyly bir hüjümde ýygnap gutaraýjaga meňzeýärdi. Ygşyl atyp oturan bugdaýly meýdan diýseň göze gelüwlidi. Ol gözýetimden-gözýetime ýaýrap, özüniň ýetişenligini mälim edip, sary deňiz bolup owsunyp oturyşyna asman aýnada özüni synlaýan ulugyz ýaly mähirli hem buýsançly görünýärdi. Olar aňyrdan ýetip gelenlerinde Orazgeldi bilen Orazgylyç derýa bilen öz bugdaýlyklary aradaky harman ýer edinäýmäge amatly takyrjak ýeriň töweregindäki ot-çöplerini çapyşdyryp, syryp-süpürip, taýyn edip gutaryp barýardylar. Orazgylyç olaryň gelenini görüp, elindäki ýer syryp ýören sübsesini gapdala atdy-da garşy aldy. Oglanlary göterip-göterip arabadan düşürensoň, gidip eşegi amatly bir ýerde örkläp geldi: «Ahyr, öz diýeniňizi edipsiňiz-dä?!» diýip, oglanlara lak atdy. Oglanlar bir atalaryna, bir Orazgylyjyň ýüzüne seredişip, öz kiçijik ýeňişlerini uly bir zatdyr öýdüşip, biraz uýatly hezil edişip ýylgyrjaklaşdylar. Orak möwsümi öňli-soňluragam bolsa, barha giň gerim bilen almak başlanypdy. Adamlar bu günler Günüň ýeri gyzarandan tä garaňky düşýänçä meýdanda işleýärdiler. Bugdaýyna öňräk orak salanlar eýýäm döwek döwüp, harman atyp ýördüler. Kymyşlar oraga biraz gijräk başlasalar-da, oňuna bolup dursa, iliň soňuna galman harman atjaklaryna tama edýärdiler. Bu ýyl iliň bagtyna däne geçen ýylkydanam has bitginli bolupdy. Hersini atyp sanabermeli, boldumly dok däneler öz berekedi bilen göwün göterýärdi. Daýhanlar öz ýetişdiren bereketlerine seredip, dänä aýny gerek wagty ýagan soňky tapryg-tapryg ak ýagyşlary minnetdarlyk bilen ýatlaýardylar. Kymyş duzçy gapdalynda ýeňlerini çermeşip duran iki ogly, iki agtygy bilen: «Bismilla!» diýip, ýagşy dileg bilen bugdaýa orak salanda, al öwsüp ugran Gün eýýäm al asmandady. Orazgeldi bilen Orazgylyç derçigişip, bir-birlerinden uzak bolmadyk aralykda orýardylar. Tizden olaryň yzynda üýşmek-üýşmek desseler peýda bolup ugrady. Ýene birsalymdan bolsa desseler hasam köpeldiler hem töwerege pytrap, dynç alyp, gäwüş gaýtaryp ýatan goýun sürüsine meňzediler. Kymyş duzçy agtyklarynam ýanyna alyp, bugdaý içine aýlanyp, onuň öz goja sabyrlylygy bilen howlukman, ol-bu ýerde biten, duşanda orakçylary kejikdirýän saýry ot-çöplerini goparyp, çapyp gezdi. Soňam agtyklary bilen orakçylaryň ýanyna gelip, olara desse bogmaga kömekleşip başlady. Ol her desse bolup duran bugdaýdan bir gysymyny bölüp alýardy-da, ony agtyklaryna görkezip, towlap ýüp edip, soňundanam ony dessäniň daşyna guşak edip oraýardy. Ýene birde ol uzak egilse, agyryp ugraýan biline dynç bermek üçin dikelip, töweregine seredip, oglanlarynyň bugdaýly meýdany öňlerine alyp, ony gädip gidip barýandyklaryny buýsançly synlaýardy. Orazgylyç mahal-mahal ýeňi bilen ýüzüne inen derini sylyp, haýsydyr bir burnuna salyp hiňlenýän aýdymynyň heziline berlip orak orýardy. Orazgeldiniň egnine geýen ak köýnegi derden ýaňa arkasyna ýelmeşip garalypdy. Ol öz ýanyndan, bugdaýyň iki bölegini salgyt-nalok diýip hökümet alsa-da, özüne, maşgala bolelin däne galjagy barada oýlanyp göwün ýüwürdýärdi. Bugdaýyň kemsiz bişenini, şeýle bolanda bugdaý başynyň dökülegen bolýanlygyny ýatlap, ony seresabrak ormaga çalyşýardy. Her gezek agzy kepän wagty bolsa, ol başyny işinden götärdi-de, atalarynyň töwereginde ýumarlanyşyp ýören oglanlara ýüzlenerdi: –Baryň, biriň suwly jürdegi getirip beriň maňa! Şonda iş buýrulanyna mähetdel oglanlaryň ikisi iki ýerden suwly jürdege tarap ýüwrüşerdiler. Kymyş duzçy ogullarynyň orak orup barşyny ýene bir gaýta synlap: «Oglanlar ýene birki gün şeýdip, hä, diýşip orusalar, oragy gutararlar, onsoň galmadymy döwek? Nobat döwege ýetensoň, olam birki günüň işidir. Döwersiň, harman atyp, çäjiňi alarsyň. Ana, onsoň, nesip bolsa, gap böwrüňde direnişip duran çuwal-çuwal nanyň bardyr» diýip, öz ýanyndan höwesini islegine gatyp, çomrulaç hyýal gatlaýardy. Bugdaýyň bolsa töwerekde deňiz bolup, owsun atyp, adamlaryň şol deňziň sarymtyl-altynlaç tolkunlaryna bulaşan ýaly bolup, işleşip ýörşi hamala olaryň haýsydyr bir ellerinden gaçyryp ýitiren zatlaryny gözleşip ýörene meňzedip, owadan surat bolup, göwün göterýärdi. Kymyş duzçy bir gezek bilini ýazmak üçin güýmenip ýören işinden baş göteren wagty, özünden hol beýlede adamlaryň işlerini goýşup, ondan-da, mundan-da ýola üýşüşýän¬lerini gördi. «Näme boldukan? Kimdir birini ýylan dagy çakaýdymyka?» diýip, şeýle döwürde beýle zatlaryň mahal-mahal meýdanda bolaýýan ýagdaýdygyny alada bilen ýatlady. Çöňňelen gözlerini süzgekledip, hamala, ol Hudaý uran emgekliniň kimligini duran ýerinden seljeräýjege meňzäp, ýagdaý-tirijilik bilen synlady. Birazdan toplum mähelle ýerinden gozganyp, tüweleý öwrüm edip ugran ýaly boldy-da, onuň bir bölegi şol duran ýerinde galyp, ýene bir kiçiräk bölegi bolsa bugdaý ýeri ikä bölýän ýoly syryp, Kymyş duzçynyň öz oglanlary bilen işläp duran ýerine tarap gaýtdy. Olar golaý gelende üç sany atlynyň dört adamy öňüne salyp gelýändigi göründi. Kymyş duzçy ýanyndaky iki atly bilen jylaw deňläp gürrüňleşip gelýän Ýagdy şuranyň öz tarapyna seretmedikden bolup, gözastyndan gözleýşinden erbet bir zady syzýan ýaly ini şowlap gitdi. Onýança-da bu toparyň ýol bilen ugra geçip gidibermejegi hem duýuldy. Atlylar golaý gelen wagty at başy çekildi. Ortaky atyň üstünde oturan daýaw, murty burnunyň etegini tutup duran, ykjam geýnüwli, töwerekdäkileriň köpüsine nätanyş adam Kymyş duzça tarap öwrülip seretdi: –Siziň haýsy biriňiz Orazgeldi Kymyş ogly bolýaňyz? – diýip sorady. –Men bolýaryn! – diýip, işini goýup, nazary bilen atlylaryň habaryny alyp duran Orazgeldi duran ýerinden birki ädim öňe ätledi. –Sen bolsaň, geýin, biz seniňem yzyňdan geldik – diýip, ol öz öňünde sürläp gelýän adamlaryna tarap baş atyp goýberdi. Ol ýerde haýsydyr bir düşnüksiz näbelli aladaly düşenlerini ýüzlerinden mälim edişip duran Gully eminiň ogullary Abdylla bilen Juma doganlarça bir-birlerine çalym berşip durdular. Atyň öňüne salnanlaryň ýene birisi uzyn boýly, daýaw Anna pälwandy. Onuň gapdalynda saryýagyz, Kymyş duzçynyň oňly tanamaýan adamsy Lapar ýüzüni sallap, gapdaldan döwüp alan çöpi bilen dişleriniň arasyny synçgap durdy. Kymyş duzçy öz oglunyňam at öňüne salynjak bolunýanyny görüp, biraz tenini gataltdy. –Orazgeldini näme üçin äkitmekçi bolýarsyňyz? – ol bir özüne ýüzlenen atlynyň, birem atyň üstünde öz gözüne göni seredip bilmän, ýüzüni sapajak-supajak edip oturan Ýagdy şuranyň ýüzüne seredip gepledi – Kymyşyň oglanlary ogurlyk edende ýok, ganly garpyşmalarda, serhet bozmada ýok... –Ýaşuly, bize şu adamlary sorag-jogaba getirmeli diýdiler. Bizem ýumuş adamsy, diýleni edýäris – diýip, murtly pyýada bu gezek Kymyş duzçynyň janygyp ogluny goraglaýanyny görüp, aýagy basylan ýaly nägile bolup, ýüzüni turşadyp gepledi. Kymyş duzçy jandurmazlyk edip, ýene ara goşuldy: –Adamlary häzir äkideniňizde nirä eltýäňiz? –Häzir-ä Garawuldepä. Orazgeldi gitmän galyp bilmejegini pikir edensoň, elindäki oragyny golaýynda duran Aganazaryň eline berdi-de, Allanazara: «Hany, akyt!» diýip, suwly jürdege tarap baş atdy. Gapdalrak çekilip, ýüzüniň çaň-tozuny ýuwuşdyrdy. Töwerekde işleşip ýören adamlar gelşip, üýşüşip ugradylar. Agasyna häzirki pursatda näme kömek ederini bilmän alaçsyz duran Orazgylyç dişini gysyp durşuna wagtal-wagtal: «Haramzada gelmişek! Gel-gel, indi senmi bu ýagyny yzyňa düşürip getiren?» diýen manyda, atynyň jylawyny eýeriň gaşyna atyp, hondanbärsi bolup oturan Ýagdy şura tarap ýamany bilen seňrigini ýygryp seredip goýberdi. Orazgeldi donuny, telpegini geýip, ýola taýyn bolansoň, öňe salnyp alnyp barylýanlaryň arasyna baryp goşulmaga ýönelen wagty, näderini bilmän elenişip duran kakasydyr inisiniň hiç birisiniň anyk ýüzüne seretmän, göwünlik beriji äheňde gürledi: –Akga, siz Orazgylyç, agtyklaryňyz bilen oragy dowam etdiriberiň. Bizem, nesip bolsa, ynha geleris. Ol bu sözi aýdan mahaly näme-näme bolýanyna oňly düşünip bilmän, höwürtgede eneleriniň bir ýerden iýmit getirmegine garaşyp, boýunlaryny süýndürişip oturan guş çagalaryny ýatladýan oglanlara tarap biraz ünjüli seredip aýtdy. Töwerekde adamlaryň barha köpelip hümerlenişip, nägile gürrüňler aýdyşyp ugramaklary atlylaryň ýolbaşçysy murtla ýaramady. Ol Orazgeldini alyp barýan adamlarynyň hasabyna goşansoň, atyny debsiläp, gitmek bilen boldy. Ol yzyndan kimdir biriniň öjügip janyýangynly: «Hä, bulary edäýmelis-ä bar weli, arman, arkasy güýçli geläýýä-dä, ýogsam, nädersiň, şol murtlynyň dagy murtuny alakgetdin, syrtyna ýelmäýseň?!» diýenini eşitse-de, eşitmedikden boldy. Daýaw pyýadanyň murtly syrtyny göz öňüne getirdi öýdýän, märekeden kimdir biri bu sözüň yzysüre uýat bir ahwaly gören ýaly, pyňkyryp gülübem goýberdi. Topar gözden ýitensoň, Orazgylyç biraz özüne gelip ugran mahaly, ýanlaryna göteren nandyr beýleki iýer-içerlerini ýatlap, agasyna berip goýbermänligine gynandy. Soňundanam ony ugradyp, özüniň ynjalykly, arkaýyn bu ýerde durup bilmejegini ýatlap, ýene birsalymdan agasynyň halyndan habar almaga gitmekçi boldy. Üýşüşen adamlar soňam wagty bilen öz iş-aladalarynyň ugruna dargaşyp gidibermediler. OGPU-nyň işgärleriniň iş ýerinden çapawulçylyk edip gitmegi hemmeleriň lapyny keç edip, ellerini işden sowadypdy. Bu ýagdaý oba gelip, ertekilerdäki her naharyna bir gyz äkidýän döwüň bolşuna meňzäp, adamlary üýşendirip, howpurgandyrypdy. Iň erbedi-de indi bu düzgün haçan gutarjagy hem belli däldi. Täze häkimiýet bu häsiýetini birki ýyllykda «kulak» sözüni köp gaýtalap ugrandan soň tapypdy. Şundan soň, hamala, ak patyşanyň ýykylmagy, “basmaçylyk” diýlip, il başyna gopdurylan ahyrzamanlyklar ýene-de yzyna gaýdyp gelip, täzeden başlaberen ýaly bolupdy. Özi-de olaryň «soraga» diýip, obadan toplap äkidýän dört-bäş sany adamlary soňra wagty bilen gaýdybam gelmeýärdiler. «Soragdan» birnäçe maýyp-müjpüp bolup gelenleri-de bardy. Olar soňra gorky bilen ýere aýdýan ýaly onuň-munuň ýanynda öz gören görgülerini ýatlaşyp: «Şeýlebir urýarlar, şeýlebir gynaýarlar welin, beýdilenden öleniňem müň paý gowudyr» diýip gürrüň berýärdiler. Indi köp ýyllardan bäri öz güni bilen bolup, oňly ýaşamaga mümkiçiligi bolmadyk, ýanalyp-ýorulýan halk üçin ýaňybir durmuş gowulaşyp gidiberjege meňzän mahaly, tapylan bu ýene bir «kulakçylyk» diýen ýaly yrsarama, bahana juda agyr degýärdi. Bir salymdan atlylaryň hol beýlede adamlary ilki bendilän ýerine üýşüşen adamlar ýene-de bir salym öňe salnyp gaýdylanlaryň yzlaryndan seredişip duransoňlar, olaryň haýsydyr bir hyýala münülendigi mälim boldy. Olar topary bilen Kymyş duzçudyr onuň ogly, agtyklary bilen nätjegini bilmän, serim-sal bolşup duran ýerine tarap gaýtdylar. Olaryň öňünden egni gögüş donly, boldumly mübärek ýüzli, ter gara sakgaly kükregine düşüp duran Altmyş aga gelýärdi.. Ol, hamala, öz yzyndaky barha artýan güýji syzýan ýaly, dogumly-dogumly ädim urýardy. Ogly Orazgylyçdyr onuň töweregine üýşüşen, entegem dargap gidibermedik adamlaryň ýanyndan ýaňy beýleräk çekilen Kymyş duzçy beýleden birtopar adamyň ýetip gelýänini görüp, olaryň habaryny alarman bolup, köwejekläp ýene-de yzyna dolandy. Gün lowurdap ýetjek derejesine göterilen hem bolsa, howa juda yssy däldi. Bulut ýogam bolsa, ýagşyň geçen agşamky bir ýagaýsam diýip bat alyp, «hymlap» alany duýulýardy. Dünýä açyk gögüş-çalymtyk eşige basyrylan öýe, Gün bolsa, onuň ýokarsyndaky açyk tüýnügine öwrülipdi. Adamlaryň näme hyýala münendiklerine entek oňly düşünip bilmedik Kymyş duzçy aňyrdan gelýänleriň öňbaşçysynyň beren salamyny alyp ondan: – Altmyş, bu nämäniň tutumy? – diýip sorady. Altmyş aga salamynyň yzysüre gelip, Kymyş duzçynyň il içindäki hormatyny, mertebesini saklap, onuň bilen iki elini uzadyp salamlaşdy: –Biz-ä, Kymyş aga, şol ýaňky Garawuldepä äkidilenleriň yzyndan barmakçy – diýip, maksadyny aýtdy. Onuň jogabynda köpçülik şu pikire geldi diýen äheň duýulýardy. Kymyş duzçynyň birbada olara: «Oglanlar, beýtmegiň nepi degermikä?» diýesi gelse-de, adamlaryň gurawyny görensoň, öz pikirini diline almady. Gaýta, bu garaşylmadyk raýdaşlygy görüp, goja nazary bilen töwereginde duran adamlara buýsançly seretdi. Serhet galasynyň gapdalyndaky ýörite gözegçilik üçin göterilen depäniň üstünde duran serhetçiler, haçanda birtopar adamyň aňyrdan hümer bolşup özlerine tarap ýetip gelýänligini gören wagty, olaryň biri ylgaşlap, komandire habar ýetirmäge howlukdy. Ýas-ýaňyja getirilen bendileri wagtlaýyn zyndana salyp gelen serhetçileriň murtly komandiriniň jaýynda, başyndan çykaran papagynyň etegini elýaglygy bilen süpürip ýanyndaky adamlar bilen gürleşen bolup otyrdy. Garaşylmadyk habary eşiden mahaly onuň süňňi düýrügip, ýüzi garalyp, bagyr reňk aldy. Dogrusy, ol indi bireýýämden bäri täze häkimiýet tarapyndan gözüniň ody alnan halk beýle aýgytly hereket eder diýip pikir etmändi. 1917-nji ýylda barly adamlara ýagy bolup dörän bolşewigiň demir oltaňly, awy petekli gyzyl ädigi indi imperiýanyň çetine ýetip, bu ýerdäki barly baýlary, ylymly-bilimli işan-mollalary, sowatly adamlary olaryň «Gurhan» diwany bilen depgiläp, mynjyradyp ýördi. Bu habary eşidip, oturanlaryň biri Ýagdy şura hem “ziňk” edenini: «Bu ne gep boldy?» diýen manyda töweregindäkileriň ýüzüne ýalt-ýult seredenini hem duýman galdy. Serhet galasynyň başlygy oturan oturgyjynyň ýeňsesine towlanyp diýen ýaly aýlandy-da, bir eli bilen sallanyp, dyzyna degip duran sapançasyny gysymlap tutup, beýleki elini gapdalynda ýatan papagyna ýetirip howlukdy. Soňundanam olaryň üçüsem habar getiren esgeriň yzy bilen zowzuldaşyp daş çykdylar. Aňyrdan toplum tutuşyp gelýän adamlaryň öňi eýýäm Garawuldepe bilen onuň gapdalyndan geçýän ýol bilen aralykdaky uly ýabyň üstünde gurlan köprä ýetipdi. OGPU-nyň murtly wekili töweregini yzyna düşürip gelýänleri otlukly nazary bilen dalap, olaryň öňünden çykdy: –Ýeri, nirä gelýäňiz süssenekleşip? – diýip, bir aýagyny öňräk edip, badalga alýana meňzäp, sag elini bilindäki sapançasynyň üstüne goýup azgyryldy. Onýança köpriniň üstünde saklanan adamlaryň arasyndan Altmyşyň dogumly sesi eşidildi. Ol OGPU-nyň işgäriniň bir ädim yzragynda duran Ýagdy şura tarap baş atyp gürledi: –Eý, hany, sen aýt! Bularyň haýsysy uly başlyk bolýar!? –Şol-a men. Ýeri, sen uly başlygy nädersiň? – diýip, OGPU-nyň işgäri gepläp duran ýerinde dyzanybrak leňňer atdy. Özüni nygtady. –Sen bolsaň, diňle onda. Seniň bu ýerdäki bir oýnam goşunyňam kastyna gelen adamlar däl biz. Biz öz adamlarymyzyň yzyndan geldik. Şolary boşadyň! – Biz olardan sorag etmeli. Ýeňsede sesini çykarman duranlar, şundan soň birdenkä öz aralarynda gozgalaň tapyşyp, ýerli-ýerden gürrüňe goşulyşyp ugradylar: –Olaryň näme ýazygy barmyş? –Sorag soran bolup näme edýäniňizi bilýäs siziň! –Siziň bu yrsaramalaryňyzdan il halys bez boldy indi. Heý, munuň bir ahyry gelmezmi? –Ýeri, olar siziň arpaňyzy ham ordumy? –Soragyň bolsa, ony adamlary sürläp, gazamada salman, şuraň jaýyna-beýlek-ä çagyryp berip bolmaýarmy? – diýip, Altmyş aga, egnine atyp gelen demir çarşagynyň uzyn sapyndan tutup durşuna, beýtmegiň adamlara ýakymsyz täsir edýänligini ýatladyp, maslahat beriji hörpde gahar-gazabyň öňüni torup gürledi. –Aýdar otyr-da! – diýip, adamlaryň öň hatarynda duran kelte boýly, togalanyp duran, başy şypyrmaly adam, OGPU-nyň işgäriniň ýaňky gep saluwyny göwnüne jaý edip bilmän jibrindi. –Biziň adamlarymyzy gazamatdan boşadyň. Olara biz belet. Ilki bilen-ä, olar ile heran-haçan köp gowulyklar eden gowyň çagalarydyr. Altmyş ýene-de öz garşysynda horaz bolup üstüňe towsaýjaga meňzäp büküdip, gahar-gazaba dolup duran OGPU-nyň işgärine gowulyk bilen sowukganlylyk edip düşündirmäge çalyşdy. Ýöne, onuň bu ýagşy gepini OGPU-nyň işgäri, toparyň özünden heder edip ugranlygy hökmünde kabul edensoň, ol özüniň häkimiýet adamsylygyna baýrynyp, gelenleriň üstüne hüjüm ediji ýagdaýda gepläp ugrady: –Sen, ýaşuly, adamlary yzyňa düşürip, döwlete garşy baş götereniňi bilýämiň!? Sen bilýäňmi, onuň seniň ýalakylary nädäýýänini? Onuň sesi barha gaty, gazaply çykyp ugrady. Gyzyp, bir yzynda duranlara, bir topara seredip duran ýerinde pyrlanýan ýaly hereket edip, elini howada galgadyp göçgünli, azymly gepler aýdyp başlady. OGPU-nyň işgäriniň häzirki bu aňdan-akyldan çykyp, boluberşini görüp, adamlar onuň boluberşini synlap duruşlaryna birhowa dymdylar. Indi olar OGPU-nyň işgärini diňläp durana däl-de, göýä haýsydyr bir hezillige tomaşa edip durana meňzediler. Murtlak OGPU adamlaryň köşeşenlerini görüp, öz gazaply sözleriniň olara täsir edenligine ynandy. Serhetçileriň komandiriniň ýüzi henizem aladalydy. Ol nämedir bir garaşylmadyk zadyň bolaýmagyny pikir edýän ýaly, bir ol aýagynyň, bir bu aýa-gynyň üstüne agram atýan bolup durşuna adamlaryň depesinden Pendi baýyrlaryna tarap hem seredip goýberýärdi. Hemmeleriň agzyny ýumduranyna monça bolan OGPU-nyň işgäri: –Heý, soragyňyz barmy? – diýip, horaz pisint gabaryp durşuna adamlaryň ýüzüne ýene-de kinaýaly seretdi. –Mende bar – diýip, ol heniz sözüni gutaryp-gutarmanka, toparyň orta gürpünde çarşaga söýenip duran Halnazar aga dillendi. Murtlak oňa seredip, arkaýynsyrap, aýdyljak soragy diňlemäge taýynlygyny mälim etdi. Onsuzam egnine şapylaşyp duran köýneginiň etegini aşak çekip düzetdi. – Aýtsam, hereketlerin-ä hek etdiň, Aman porhanyň ediljek öz-äý sen... Hany, indi, ýedi piliň üstünde-de bir bökeläbem ber-dä! Duranlar bu söze Halnazaryň agzan adamsyny ýatlap, gülşüp goýberdiler. Obanyň toýlarynda Aman porhan diýen bir ýaşuly adam wagtal-wagtal peýda bolup, ol içerde ýörite otda gyzdyrylyp, taýynlanan ýedi sany piliň üstünde towsup, serden geçip, saza goşup, böküp oýnardy. –Dogrudan-da, ellerini şeýdende dagy etdil özi – diýip, sary ýüzi çym gyzyl bolan Rozmyrat pälwanam, hamala, Halnazara «hä» berýän hörpde OGPU-nyň işgäriniň maýmyn bolşuny ýatlap, gülüp gepledi. Öz sözüniň adamlara başgaça täsir edenine jany ýanan OGPU-nyň işgäri odugyp, duran adamlaryň zähresini ýaryp, topuny çaşyrarman boldy. Hasyr-husur mauzerini alyp, onuň bir okuny, duranlaryň depesinden üstaşyr güwledip goýberdi. –Häzir dessine şu ýerden gümüňizi çekmeseňiz, menden oňluk tamasyny etmäň! – diýip, mauzerini howada galgadyp durşuna gazaplanyp tarp urdy. Onýança gürrüňe goşulman gapdalda duran serhetçileriň komandiri iş-işden geçip barýanyny görüp, OGPU-nyň işgäriniň ýanyna gelip, onuň egnine elini goýup, yzly-yzyna dodagyny onuň gulagynyň ýanyna eltip, bir zatlar pyşyrdady. Serhetçileriň komandiri häzir nädibem bolsa bu ýagdaýdan baş alyp çykmalydygyna, erteki gün özleriniň emelsizlikleri bilen bagly «Söýünalyda adamlar Sowet häkimiýetine garşy köpçülikleýin baş göteripdirler» diýen, gep-gürrüňiň bolmagyna ýol bermeli däldigine düşünipdi. Eger häzir halk bilen açyk bir çaknyşyk bolaýsa, soňra özleriniň hem ýüzlerinden sypalmajagyny ol bilýärdi. Bu pikiriň, serhetçileriň komandiri gulagyna aýdyp duýduransoň, OGPU-nyň işgäriniň hem jylawyny çekip, badyny alanlygy belli boldy. Ol elindäki mauzerini gabyna salyp durşuna aýagynyň öň ýanyna gazap bilen tüýkürdi-de, maslahat üçin özüni jaýa çagyran serhetçileriň komandiriniň yzyna göwünsiz düşdi. Serhetçileriň komandiri murtly, OGPU-nyň işgäri hem-de Ýagdy şura dagy bilen jaýa maslahata giren wagty Altmyşyň gapdalynda duran, ýüzüni sakgala basdyran Baba aga elindäki oragynyň ujy bilen arkasynyň gijän ýerini gaşap durşuna ätiýaçly: –Aý, Altmyş, ýene bu zannyýamanlar ýaraglaryny talawladyp, hüjüme geçibermesinler? – diýip howatyr etdi. –Aý, gatybir beýdäýeslerem ýok-la. Olaryň häzir bolsa bu töwerekde bäş-dört esgeri bolmaly. Galany serhet boýunda aýlanyp ýörendir. –Şähere til edip, kömek soraýan bolsa näme? – diýip, ol gaşlaryny göterip, gözlerini tegeläp gürledi. –Ýak, senem, Baba, muşakgat ýagdyrýaň-ow!? – diýip, Altmyş aga öz sakgaldaşyna beýle gürrüňiň, onda-da häzir gerek däldigini duýdurdy. Daşardan çagyrylyp alnan esger içeri girip, soňundanam ol ýerde uzak eglenmän, alakjap daş çykyp gidensoň köp wagt gaçmänkä, adamlar alnyp gaýdylanlaryň onuň yzyna düşüp, çykyp gelýänlerini gördüler. Adamlaryň özüniňkileri görüp, ýüzleri ýagtylyp gitdi. Aňyrdan gelýänler öz obadaşlarynyň uly märeke bolup duranlaryny görüp, ilki öz gözlerine ynanmadylar. Ine, görseler, obadaşlar, hajraw bolşup, gözlerinde ýeňiş dabarasyny alamatlandyryşyp durlar. Obadaşlarynyň arasyna gatyşan Abdylla özüniň owadan gözlerini balkyldadyp: «Adamlar, men-ä sizden razydyryn!» diýen wagty onuň sesi sandyrap, basyksy eşidildi. Obadaşlar derekläp gelen adamlaryny öz aralaryna gatansoňlar, ýas-ýaňyja gazanan ýeňişleriniň howasy bilen şowhunly gürleşip, oba tarap ýola düşdüler. OGPU-nyň işgäri serhetçileriň komandiridir Ýagdy şura bilen jaýa girensoňlar, garaşylanam bolsa, soňra öwrülip, halkyň öňüne çykmadylar. Gepini gögerdenine begenişip barýan adamlar muňa şeýlebir üns hem berip durmadylar. Halk agzybir bolup bilse, entegem öz güýjüniň bardygyna ýene-de bir gezek düşündi. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -6: romanyň dowamy - 12.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |