12:12 Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy | |
IKINJI BÖLÜM
Romanlar
Şowhunly gelen ýazyň soňy çakyr yssylara sapansoň, ol gelşi ýaly-da çaltlyk bilen geçip gidene meňzedi. Indi telim bir wagtdan bäri her gün gaýradaky Garabil baýyrlarynyň ýeňsesinden çykyp, asmana göterilip ugraýan Gün hamala yzyndan biri kowup ýetip gelýän ýaly alakjap, syçrap dogardy. Onsuzam bu günler Günüň gün-günden parh berip, uzalyp dogýan günleri, tebigatyň kada-kanunyna görä enteklerem onuň tegelegi geçmeli ýoluny geçip, tigirlenip, öz ýolunyň aňyrsyna çykyp, iýun aýynyň 22-sinden soňam yzyna dolanýança, munuň şeýle bolmagy adaty zatdy. Yssy wagtal-wagtal tamdyryň agzyndan göterilen ýaly, howur bolup öwüsýär. Bu döwürde ähli zatlar yssydan pena gözleýär. Kölegäniň gymmaty artýar. Öýler, baglar, baýyrlar köýneklerini çöwrüşip, ony başlaryna bürenişene meňzäp, kölegeleşip oturýarlar. Bu günler obany ýene-de hemişe haýsydyr bir gopjak harasadyň öňüsyrasynda peýda bolýan «myş-myş» gürrüňler dolap alypdy. Onda obada kim-kimleri döwlet adamlarynyň ümsüm-kümsüm gije yzyndan gelip äkidenligi, ol ýerde adamlaryň urlup-sögülip gynalýanlygy, olaryň birnäçeleriniň türmelere ugradylyp, ýene birnäçeleriniň eňek atyp, yza gaýdyp gelenligi, obada käbir adamlaryň bu belanyň öňünden sowulmak üçin, Owgana aşmagyň pikirini edip ugranlygynyň, ozalky baýlar, “basmaçy” diýlenler bilen gatnaşykda bolan adamlaryň, toparlaýyn kulakçylyga çekilip, bala-çagasy bilen zir-zöwran edilip alys ýerlere sürgün ediljekdikleri aýdylýardy. Bu myş-myşlaryň her gün diýen ýaly, täze, öňküdenem howatyrly, öňküdenem şum myş-myşlar bilen üsti ýetirilip durulýardy. Adamlar ýerde däl-de, hamala, hallan atyp duran, birdenem agyp gark bolup gidiberjek bir zadyň üstünde gezip ýören ýaly, özlerini aladaly, ynamsyz duýýardylar. * * * Kymyş duzçy dosty Begendik ussanyň ussahanasyna ozaldanam köp baragandy. Bu ýerem soňky döwürde gaplaňlaryň obanyň ortasyndaky Jedel depesi ýaly, adamlaryň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülipdi. Ussahananyň öňünde uly bir düýp, goýry kölegeli tut bardy. Ol hasam tomus günleri ussahana işi düşüp gelýänlere hezil bererdi. Bu ýerde gowy gürrüňçilik bolýanyny bilip, ýörite oturmaga gelýänlerem bolardy. Yssy ýakyp barýan-da bolsa, bir ýany akaba ýaply tuduň kölegesi Günüň aşagyndan has gowudy. Giňden açylan ussahananyň gapysyndan Begendik ussanyň körük basyp, demir ýenjip, onuň-munuň getiren pil-paltasyny saplap, dere batyp durşy görner. Wagtal-wagtal bolsa olam işini goýup, gelip gyzykly gürrüňçilige goşulyp, adamlar bilen dem-dynç alyp, bilini ýazyp oturardy. Ýöne, özüne garaşyp ýatan işler ýene ony tiz elinden çekip alan ýaly edip, iş başyna dolap getirerdi. Kymyş duzçy ýaňyrak ýüzi gaýdan, ussa dişetmeli oragyny alyp gelen wagty bu ýerde eýýäm gyzyşan söhbetdeşlik gidip durdy. Adamlar gören-eşidenlerini ýatlaşyp, mesawy gürrüňler edişip otyrdylar. Wagtal-wagtal gep arasyna degişme-henek goşuşyp, ýylgyryşýanlaram bardy. Birde peselip, ýene birde şüweleň alyp duran gürrüňçiligiň bu gün soňra nireden urup çykjagy belli däldi. Ýöne, tomus günleri yssynyň zabunlygy baradaky geplerem gürrüňçiligiň bir gapdalyndan galmazdy. Adamlar tomsuň gürrüňini hamala ol geçen ýylkysyndanam has yssy bolan ýaly edip toslardylar. –Yssy däl-de, aldajy-how, adamlar. Bi milleti eredäýesi geläýýär öýdýän munuň? Tomsuň başlanany ýaňy welin, häzir şeýdýän bolsa, soňra dagy näderkä bu? –Agşam dagam ýaman kapas boldy. –Dem almak kynlaşýar welin, howa-da azalýar öýdýän? –Bizem-ä biz welin, bu çagalary hasam heläk edýär. Bir bäş ýaşlyja, emmeden aýrylany bäri ýanymyzda bolýan agtyjagymyz bar. Agşam gorsanyp, togarlanyp, yssydan ýaňa wagty bilen ýatyp bilmedi. Menem: «Ýör, oglum!» diýip, ony özüm bilen gijäniň içinde daşary alyp çykdym-da, geýimini çykaryp, goýberdim depesinden bir bedre durlanyp duran suwy. Hezil edäýdi çagam. –Haý, mazardat, ukudaky adamyňam bir üstünden suw guýarlarmy? Ýüregini ýaraýsaň nätjek! –Wah, ol uklap bilmän, gorsanyp ýatyrdy-da. –Onsoň guzy ýaljak ýataýandyr görseň?! –Bir-ä aýtdy, Ýagdy kemsidem ol Hanumasy bilen gijelerine derbent ýaba suwa düşýämiş. –Heleý bilen suwa düşmegiň has hezil bolýan bolmagam mümkin. –Ony-ha bilemok welin, olaryň geçen tomus obaň çetindäki malgüzerde suwa düşüp ýörenlerini geçip gelýän oglanlaram görenmişler. –Özem çuw ýalaňaç bolup düşýärmiş ol zaluwatlar! – diýip, gürrüňçileriň biri morsakgal goja biraz gozgalaňa düşüp, bu pursady özüçe göz öňüne getirip, hilbir zat aýdýandyryn öýdüp, töweregine garanjaklady. –Aý, ony-ha biljek däl, ýöne görmesine-hä görüpdirler. –Haý, zaluwatlar, bilýä-dä bular janynyň gadyryny! –Onsoňam, Hanuma ýaly näzik gelniň teni yssyda tenegenem bor. Suwa düşürip, wagtal-wagtal o ýerine bu ýerine saryýag çalyp, sypalaşdyryp durmasaň... Gürrüňde Hanumanyň ady peýda bolansoň, her kimiň barha hezillige gatylýanlygy, gije ak balyk bolup, Ýagdy şura bilen suwda ýüzüp ýören gelni göz öňüne getirişip, höwese berilýänligi duýulýardy. Ýaşlarynda ep-esli tapawut baram bolsa Begendik ussadyr Kymyş duzçy indi köpden bäri dostluk gatnaşygyndadylar. Özem ol dostluk Begendik ussa Söýünaly obasynda peýda bolan döwürlerinde – mundan otuz-otuz bäş ýyl ozal başlanypdy. Onuň bu obada peýda bolmagy düýejileriň kethudasy Mämmet han bilen baglydy. Mämmet han bir gezek Ýolötene gidende ýoly düşüp, ol ýerdäki Söýünaly-Bedeň obasyndaky daşkynrak garyndaşlaryndan biri Bäşim ussanyňkyda düşlände, onuň ussahanasynda ýekedaban urup, demir ýenjip duran garaýagyz, burunlak, daýaw adama syny düşüpdi. Soňundanam: «Özüň-ä bir obanyň ussaçylygyny oňarjak adama meňzeýäň» diýip, oňa hyrydar bolupdy. Bäşim ussadan: «Inim ussa, sen şu şägirdiňi biziň oba ussaçylyk etmäge beräýeniňde name. Biz Hükgi ussa öleni bäri, oňly ussa tapman, kösenip ýörüs» diýipdi. Bäşim ussa şonda juda sarpaly adamyň özüne möhüm salýanyny bilse-de, näme üçindir, birbada belli bir jogap bilen açyk pyşgyrmandy. Diňe soňra, haçanda öýde çaý başynda otyrkalar, oňa bu ýigidiň ozal öz gapysyna bir ýerlerden iş gözläp gelip, talaban bolanlygyny, görse, duz iýýän ýerine-de, işine-de yhlasy hiç neneňsi däl bir ýigit. Onsoň oňa özüniň bir kemliräk aýal dogany şony nikalap berip, giýew-şägirt edinip, göz-gulak bolup, öz töwereginde saklap, hossarçylyk edip oturanlygyny ýatlap, kimi goýberse-de, ony gözüniň alnyndan aýryp bilmejegini aýdyp beripdi. Mämmet han şundan soň nämüçin şägirdini soranda Bäşim ussanyň kyn görýänine düşünipdir. Sözi ýer almadyk adam hökmünde gaty görmegiň ýerine: –Ejiziň närowrak bolsa, ony golaýyňda saklap, goldap-gallap kölegäňi salyp duranyň gowy – diýip, gaýtam, ony mamla bilipdir. Ýöne Bäşim ussa hem Mämmet han ýaly derejeli adam özüne möhüm salansoň, ony bitirmezligi kyn görüpdir. Ol sözüni dowam etdirip: – Mämmet akga, ýöne, ussa gerek bolsa, men siziň raýyňyzy ýykmaýyn. Ýaňky giýew bilen meniň aýal doganymyň bir ýaş ogly bar. Oglanlykdan ýanymda saklap hünär öwretdim. Golaýda-da ony öý-işik edip goýberdim. Şony, nesip bolsa, indiki gezek geleniňizde men maşgalasy bilen siziň yzyňyza düşürip goýbereýin – diýipdir. Şundan soň bir ýyla galyp-galmanam Tagtabazaryň Söýünalysyndan bir iş bilen Ýolöteniň Söýünaly-Bedeň obasyna baran Jumamyrat baý, Hoja gök, Dönmez çeki üçüsi Mämmet hanyň tabşyrygy bilen Bäşim ussanyň diýen ýegenini paty-putusy bilen oba göçürip getiripdiler. Oňa Mämmet hanyň uly ogly Akynýaz baýyň saraýynyň gapdalynda, Jumamyrat baýyň ýeri bilen aralykda öý dikip beripdiler. Öýüniň yzysüre-de onuň gapdalynda düýejileriň hemaýaty bilen gurlan ýörite ussahana jaýy peýda bolupdy. Bu jelegaýda dogulmadygam bolsa, ol Mämmet han neberesiniň, beýleki obadaşlarynyň özi bilen edýän gowy gatnaşyklaryny görüp, oba bilen tiz garylyp-gatylyp ugrapdy. Ol indi Mämmet hana, onuň oglanlaryna, Jumamyrat baýa özüniňki saýyp: “Akga!” diýse, düýejileriň enesi hasap edilýän Mämmet hanyň baýry aýaly Oranýaza, hemmeler ýaly: “Ene!” diýip ýüzlenýärdi. Birnäçe ýyldan dünýä bulaşyp, Mämmet hanyň ogly Akynýaz baý nebereleri bilen goşlaryny daňyp, Owganystana aşmakçy bolanlarynda, Begendik ussa-da olar bilen gidermen bolupdy. Şonda Akynýaz baý ony raýyndan gaýtaryp: –Inim, biziň bilen gitme. Bu ýolda sen bize ýoldaş dälsiň, hor borsuň... Täze häkimiýetem seniň ýalylara aňsat degibem durmaz. Eliňde munuň ýaly hünäriň bolsa, sen her kese gerek. Tüýüňi ýetirdiň, indi sen bu ýerde-de hor bolmarsyň. Pelek işidir, turan göçüň aýlanyp-öwrülip, yzyna geläýmesem bardyr. Nesip bolsa, ýene bir gowy döwür gelse, birek-biregi saýalaşyp oturarys – diýipdi. Begendik ussa şundan soň Akynýaz baýyň diýeni bilen bolupdy. Ussaly bolanlaryna düýejiler begenenem bolsalar, ilçilik-dä, şol günler Hükgi ussanyň inileri ýaly bokal-ýakal orak, pil saplap bilýän iki-ýekeler Begendik ussanyň gelmegini, hamala, üstlerine güni getirilen heleý ýaly bolşup, ony halamandy. Olar şol günler ussany tirseklemäge Mämmet hanyň neberesinden çekinip gezen-de bolsalar, onda-munda ýarylyşyp, göwnüýetmezçilikli gürrüňler aýdyşyp: «Mämmet han daga gidip, bir ýerden ussa getirmek nämä gerek diýsene! Şol işleri ondan kem oňarmajak özümizem bar ahyryn» diýşip, nägile bolşup, köçe gürrüňlerini edişýärdiler. Şeýle ýanama gürrüňleriň biri-de şol günler, ussa ýüzi gaýdyşan oragyny dişetmäge gelen Kymyş duzçy ussahananyň öňünde, tuduň kölegesinde ussanyň edip oturan işini soňlap: «Getir, ýaşuly, oragyňy» diýerine garaşyp, gürrüňçilige goşulyp otyrka bolupdy. Begendik ussa howany bolşundanam beter gyzdyrýan içi otly körügiň öňünde derläp, Gaçy kiçijegiň pilini saplap durdy. Käte bolsa göwünjeň ýylgyryp: «Menem-ä elimi boşatsam baryp, bir salym size goşuljak» diýýän manyda oturanlara gözügidijilikli nazaryny hem aýlap goýberýärdi. Topalaň tüweleý ýaly birden gopdy. Saplanyp özüne uzadylan pilini eline alyp, hamala bazardan haryt alýan ýaly, onuň eýlesine-beýlesine seredip, goluna jaýlap saldarlap duran Gaçy kiçijek birden girre gaharlandy. Ýaňy saplanan pile pisindi oturmazlyk bilen: –Bow, mundanam bir pil sapladyk bolarmy? Munuň çaşyň gözi ýaly gumhanasy bir ýana bakýar, sapy diýseň, ol tow alyp, öwrülip dur! Gaçy kiçijek dabanyna ot basylan ýaly gygyryp ugransoň, tuduň kölegesinde oturanlar gürrüňlerini bölteşip, öwrülişip, ol ýerde näme bolýanyny bilmek üçin ussahana tarap üşerlenişip seredişdiler. Işine göwnüýetmezçilik edilen Begendik ussa nämäni özüniň bolmalysy ýaly edip bilmänligine şeýlebir düşünibem barman: «Ýat itiň guýrugy ýamzynda» edip, gözüni tegeläp, töweregine seredip durdy. Onuň müýn çekip, egsilýänini gören Gaçy kiçijek bolsa, şundan soň hasam küpürsäp öjükdi: –Çüýi dogry kakyp bilmeýän, bir ýerlerden ygyp gelen gelmişeklerem indi biziň ilde ussasyrap, hondan bärsi. Hükgi ussa dagy bulaň ýanynda ussanyň gowusy eken. Ussa diýseler, adam şularam hilbir zat öýdäýýärem-dä. Biziň ilde seniň ýalak ussasumaklara alany haram diýilýändir! Oturanlaryň arasyndan turup, Gaçy kiçijegiň nämä jibrinýänini bilmek üçin, saplanan pili ellerine alyp gören ýene bir-iki adam hem pili näçe içgin synlasalar-da, gykylyk gopmagyň sebäbine birbada düşünip bilmediler. Pil bolsa, hakykatdanam, öz sapyna, gumhanasyna görä, hiç neneňsi saplanylmandy. Ýöne olaram: «Hüm-m» edişip, edilen işe göwünleri ýetmeýän ýaly, ýeňselerini tüňňerdişip, hamala Goçy kiçijegi mamla tapýana meňzeşip durdular. Begendik ussa müýn çekip ýygryldygyça goham barha güýçlendi. Kymyş duzça Gaçy kiçijegiň ussany gelmişek hasaplap, garaw görerin öýtmän aýdýan saýrykdyryjy gepi ýaramady. Ol ilki düňderilibräk seredip, ýagdaýyň çenini aldy. Soňundanam halamazlyk bilen, Gaçy kiçijegi göni nazar astyna alyp çytyldy: –Eý, Patdyň ogly, gohuň näme-how seniň? Nä, bu ýerini Tagtabazaryň kerwensaraýydyr öýtdüňmi? Zarply ses çykan tarapa sereden adamlar Kymyş duzçynyň ýeňsede, öz gaplaň taýpasyna meňzäp, gylawlanyp, düýrügibräk oturanyny gördüler. Dawanyň hörpi bada-bat peseldi. Gaçy kiçijegiň hem möjek sesini eşiden it ýaly, ondan howunyň basylanlygy belli boldy. Ol pili gören bolup duran adamyň elinden aldy-da: –Kymyş akga, bir gör-ä muny! Heý, beýle-de bir pil saplanylýanmydyr, hä? Özem gazy pil edinjek zadym, äý, poh atar hökmünde sapladýan bolsam-a jähennem diýjek. Ýylan ýaly, egrem-bugram bolup dur bi eliňde– diýip, ony görkezmek üçin Kymyş duzça uzatdy. Gaçy kiçijegiň gojadan pikirdeşlik goldawyna tamakinligi onuň hörpünden düşüşip, mylaýymsyrap, söz urşundan bellidi. Kymyş duzçy özüne uzadylan pili eline aldy-da, onuň eýlesine-beýlesine seredensoň, başyny göterip, töwerekdäki özüne seredip duran adamlara ýaňsyly, düşnüksiz nazaryny aýlap goýberdi. Onuň bolşuny görüp, öz eden işine gojanyňam göwni ýeten däldir öýdüp, haly gyl üstünde duran Begendik ussa hasam erbet boldy . –Hany, aýt, han ogul, şu piliň saplanyşynyň nämesi bolanok? –Görä, Kymyş akga, sapynyň towlanyp durşuny! – diýip, rejäniň geň däldigini aňan Gaçy kiçijek ýöwsel gep¬ledi. –Piliň saplanyşynda-ha gep ýok, han ogul! Sapy egrem-bugram bolup duran bolsa, oňlurak sap tapaýsaň bolmadymy? Sapyň egri bolsa, ussa nätsin ony? Egrisini getirseň, egrisini, dogrusyny getirseň, dogrusyny saplar-da ol saňa! –Hükgi ussa-ha... – diýip, ýene-de Gaçy öz tarapyny çalyp, bir zat diýmekçi boldy. Ýöne onuň näme diýmekçi bolýanyny eýýäm öňünden aňan goja gazaplanyp, oňa sözüni soňlamaga maý bermän, aýgytly gepledi: –Gepi köpeltme. Hükgiňem bilemok, pükgiňem. Görüpdik-le Hükgiňem, şu ussadan artyk başarýan goşy ýokdy şonuňam. –Beý diýme, Kymyş aga! Hükgi ussa tüpeňe nil ýasan adamdyr. Gaçy kiçijegiň özüniňkini dogry etmek üçin, tekepbirlik bilen ýüzüne çiňňerilip, gotdy-gotdy edip durmagy Kymyş duzça halys ýaramady. Ol donunyň synyny silkip, oturan ýerinden galdy-da, elindäki pili gahar bilen ýol üstüne zyňyp goýberdi. –Bar, git-de, onda piliňem Hükgi ussaňa oňart. Onsoňam, bilip goý, ýene gaýdyp ussa deginäýseň, eşitdim-eşitmedim diýme, degirmeniň daşy depäňden inen ýaly bolar. Bolduň meniň başyma ussa tanaýan kişi... Hany, dogurýan bolsa, ataň kiçijegem bolsa, eneň seni çynarboýly ýigit edip dogursa bolmaýarmy!? Eneňem atylan tohumy gögerder-dä, ussa-da getiren sapyňy saplar-da näme. Haý, duwalbaz... Tuduň teýine dymyşlyk aralaşdy. Esli wagtlap hiç kimden ses çykmady. Ýaltalaç şemala gatylyp öwüsýän ýalyn jaryň boýunda ösen gargy gamyşlaryň ygşyldysyny getirýärdi. Bady alnan Gaçy kiçijek Kymyş duzçyň gahar ugruna yrgydyp zyňan ýerinden pilini alyp, yzyny garaman, hüňürdäp gitdi... ...Kymyş duzçy Begendik ussanyň ýanynda bolýan gürrüňçilikden öýüne gijigip geldi. Ol gelen mahaly taýynlan nahary sowap barýan Jemal mama ogullaryna: «Ataňyzyň-a ýene-de bir ýerlerde düşegi ýumşady. Siz bir nahary sowamanka iýiň!» diýip, olara nahar äbermekçi bolup otyrdy. Kymyş duzçy aňyrdan tanyş çybşyldy bolup, ardynjyrap geldi. Bosaganyň öňünde hokgasyny galdyransoň, öýe girip, dondur telpegini çykaryp, öz oturýan ýeriniň gapdalyna atdy. Içeri yssydy hem onda naharyň tamşandyryjy, tagamly, ýakymly ysy bardy. Ol oturyp-oturman, aladasyny oglanlary bilen bölüşdi: –Sizem eşitdiňizmi? Oba ýene-dä bir ýakymsyz gürrüň ýaýrapdyr? Orazgeldi kakasynyň nämäniň gürrüňini etmekçi bolýanyna dessine düşündi: –Täze häkimiýetiň indiki çykarjak bolýan hokgasy eýýäm öňünden oba «myş-myşa» öwrülip, dolup ýaýrapdy. –Bu myş şuranyň öz tapan gepi-hä bolmaly däl – diýip, Orazgylyç gürrüňe goşuldy. Orazgeldi oturan ýerinden öňräk omzap, küýzedäki ýaňyrak getirilen sowuk guýy suwundan ýene bir käse guýnup içdi. Ojagyň ýeňsesinde biraz mundan öň agtyklarydyr gelinleri bilen naharlanan Jemal mama oturanlara nahar guýup uzatmak üçin, ýas-ýaňyja ýuwup arassalan çanagyny süpürip otyrdy. Ol «Däne alynjak» gürrüňi gulagyna degensoň, ýene-de durup bilmän, öňküleri ýaly göçenini duýman galdy: –Iliň barja dänesinem toparlap alyp, çagalara gum ýalatjakmykalar? – diýip, öz töweregindäki agtyklarynyň ýüzüne aladaly göz aýlap goýberdi. Soňundanam tosurdap, ýene gürrüňini dowam etdirip käýindi: – Tüýs «Ekgende ýok, dikgende ýok, harmanda häzir hoja» diýleni-dä. Salgyt diýibem-ä dänäni her ýyl bir alýan bolsa, bu ýyl iki aldy. Oňa bolsa, ýene däne gerekmiş. Hä, ol hol gyr ýaly üýşüp, dag bolup duran bir zatdyr şol baryp alybereriňe... Kymyş duzçy aýalynyň şeýle häsiýetiniň barlygyny bilse-de, onuň urdurylyp gürrüňe goşulmagyny häzir halaman: «Goý, how, seniňki näme!» diýýän hörpde çytylyp seretdi. Jemal mama düşündi. Şundan soň ol ýene-de towuk ýaly ir ýatmany öwrenen, gapdalynda pallaşyp oturan agtyklaryna düşek ýazdyryp, ýatyrmagyň aladasy bilen boluberdi. Bugdaý oragynyň gutaranyna indi bir aýa golaý wagt geçenem bolsa, onuň algy-bergili gürrüňi entek-entekler tükenerli däldi. Orak başlananda ýekebara daýhanlara döwlete berilmeli paç hökmünde alnan hasylyň dörtden biriniň berilmelidigi aýdylypdy. Ýöne bu şert däne ýyglyp, harman atylansoň üýtgäpdi. Indi ýekebara daýhanlar alan dänesiniň dörtden birini däl-de, göni gylla ýarpysyny döwlete geçirmeli edilipdi. Adamlaryň meýdandan dänesini öýüne getirenine on-on bäş gün geçip-geçmänkä, şura öz adamlary bilen ýene-de oba aýlanyp, daýhanyň galanja dänesine hem dawa salyp, ondanam bölüp alypdy. Oba arasynda her ýerde-her ýerde dänesini beresi gelmedikler tapylypdy. Olary şol hepdäniň özünde şäherden ýörite gelen prokuror Sapar daraz, Gurban çaňňa ýalylar “tersçil” atlandyrlyp, ile göz edilip, tussag edipdiler. Şähere äkidip, ol ýerde bir hepde-on gün zyndanda saklap, zährelerini ýaryp, soňundanam sypdyryp goýberipdiler. Sapar daraz oba gelensoň adamlaryň ýanynda: –Däne bilen sypsak kaýyl bolduk. Şeýlebir zulum edýärler welin, talap etse, ejeňdir bajyňam boýnuňa mündürip, öz eliň bilen eltip bermäge kaýyl bolaryň ýaly – diýip, ol ýerde gören zulumyny ýatlap nalapdy. Indi telim ýyllardan bäri ekmeýän, eken hem bitmeýän, dawa-jeň bilen ekere hem eli degmeýän, daýhany kowlup-çapylyp, ine-gana hasyl alara goýulmaýan ümmülmez Orsy-ýet açlyk çekýärdi. Şol günlerde Moskwa Türkmenistanyň ýolbaşçylary Atabaýewiň, Popogyň adyna yzly-yzyna däneli otly kerwenlerini atarmagy talap edip, gyssagly habarlar gönderýärdi. Ýogsam, bu ýyl Türkmenistanda galla diýseň bitgin bolupdy. Her öý diýen ýaly döwlete salgydyny berenden soňam telim çuwal dänäni duluna söýäp, arly ýyl nanly bolarlyk bolupdy. «Bol hasyl guşa-gumra, il-güne beglik» diýleni bolupdy. Emma bu ýerde hasyl näçe bolam bolan bolsa, bir million türkmenistanlylar bolup, ol ýüzläp million ajy ähli hasylyňy ýylmap-ýygnap bereniňde-de doýurmak asla mümkin däldi. Açlygyň özi häli-häzir bu ýerde gapydan garamadygam bolsa, onuň wehimi eýýäm bu töwerekde hem howp bolup, adamlaryň kalbyny eýeläp ugrapdy. Olar öndenem öz güzeranlary üçin saklap oturan däne gorlary ellerinden «Hökümete gerek» diýlip bölünip alnansoň, galanja dänelerini ýatlaşyp, gapdalyna süýt-gatygyny, gawun-garpyzyny hem ýanasam, indiki bişikçilige çyksam gerek diýşip, çen-çak urşup ýaşaýardylar. Ýöne döwlet ýolbaşçylarynyň welin muňa düşünmeýänligi bildirýärdi. Talap üstüne talap edilýärdi. Ýogsam, bu ýerde düşünip-düşünmez ýaly zat hem ýokdy-la. Olaryň Pendi baýyrlaryny gum depeleri däl-de, üsti suwalyp goýlan ammarlardyr, bir ýanyndan susup alybermelidir öýdýändikleri, ýöne iliňem ony bar bolubam beresi gelmeýän hökmünde daýhanlaryň töweregine çyzyk çekip ugrandyklary duýulýardy. Orazgylyç oýurganyp, öňem bir gezek aýtmaga synanan pikirini daşyna çykardy: –Bolmasa, bizem, käbirleri ýaly, soňra kyn güne düşüp kösenmez ýaly, birki çuwal dänämizi ýygşyryp, onda-munda gömäýenimizde näme? –Bu-da şeýle bir çykalga däl – diýip, Orazgeldi onuň bilen bada-bat ylalaşmady. –Onda näme etjek? Ýetişen maşgala ýaly, dänäniň-ä hyrydary barha köpelýär. –Onyň dogry. Gallaňy-ha berseňem aljak bolşup durlar bermeseňem. Onsoňam nirede gömseňem bular edil ysgaw iti ýalydyrlar. Gömen ýeriňden tapyp, gazyp alarlar. –Tapylanam tapylany, onsoň olara: «Kymyşlar täze hökümete bermejek bolup, dänelerini gizläp, gömüp goýupdyrlar» diýip, yrsaramaga hem bahana bolar. –Bulardan her zada garaşybermelidir! – diýip, bu gezek Orazgylyç hem kakasydyr agasynyň hatyrjem bolmak gerekdigi baradaky pikiri bilen ylalaşdy. –Ozalam nämesindenligini bilemok, Ýagdy şuranyňam soňky döwürde bize gezek gelende birhili gygy ajap, bir zat diýäýesi gelip duran ýaly – diýip, Orazgeldi onuň golaýdaky harazda özüni görüp, tumşaýyp boluberşini ýatlady. Şonda Orazgeldi nobaty gelip, öz elten dänesini degirmende üwedip durka, bir ýerden Ýagdy peýda bolupdy. Ol hamala görmeýän ýaly onuň duşundan dazanaklap geçip, ýüz-gözlerini çaňjardyp, gyrawladyp duran kilwanyň ýanyna barypdy-da, bir aýagy bilen gapdalda ýatan däneli çuwallaryň biriniň bykynyna depip, oňa gelýän adamlardan haraz döwletiň ýerinde bolany üçin, döwletiň suwunam ulanýanlygy üçin, her däne çykarýandan alynýan salgydy köpeldip, onuň döwlete geçirilmelidigine talap bildiripdi. Bahanasam haraz döwletiň ýerindemiş, döwletiň suwuny ulanýarmyş. Hemişe Ýagdy şura barha ersip barýan-da bolsa, Orazgeldi bilen duşuşyp-gabatlaşan ýerinde: «Orazgeldi aga» diýip, sypaýysyrap, saglyk-amanlyk soraşardy. Bu gezek welin, hamala, ol Orazgeldini görmeýän ýaly, oňa barmysyňam diýmändi. Yzyna dolanyp gidip barýarka bolsa: «Kymyşyň oglanlary ýetişikli-how, eýýäm bular iliň öňi bolup, dänelerini degirmene gabap durlar. Almaly bolsa, gabady gelse, zatdan gaýtjak adam däldir bular» diýip, ahmyrly hüňürdäp geçipdi. Orazgeldi Ýagdynyň özüne bir zat aýdanyny aňsa-da, degirmeniň güpürdisi bilen onuň näme diýenini şol wagt oňly eşitmän galypdy. Şeýleräk gürrüň bolanlygyny soňra oňa kilwanyň özi aýdyp beripdi. Kymyş duzçy uly ogluny diňläp, hezil gürrüň eşiden ýaly, öýüň tärimine arkasyny diräp oturyşyna myssa ýylgyrdy: –Aý, göterim adamdyr-da. Gomalar goýar. Onsoňam bu beglik, bu dekin baýlyklar onuň nirede gören zady?! Her ýeteniň injigi götermeýär bu zatlary! – diýip, bu ýagdaýdan giňgöwrümlik bilen jäht tirdi. Kymyş duzçynyňam maşgalabaşy bolup, aladasy ýetikdi. “Maşgalany aldyrman-böldürmän nädip abat saklamaly? Nädeniňde nä borka!?” diýen pikirler onuň kalbyndan gitmeýärdi. Ýeke galan mahalynda-da, namaza durup, Taňrynyň özüni eşitjegine ynanyp, göwün togalap duran wagty hem oňa sygnyp, halys ýürekden gowy doga-dilegler edip durýardy. Onuň häzirki oglanlary bilen edip oturan gürrüňleriniňem aňyrsynda maşgalanyň abatlygyny saklamak bilen bagly şol bir aladalar bardy. Ol oglanlary agzybir, hatyrjem bolanlarynda ojagy dargytdyrman, depeletmän saklap galyp boljagyna tama edýärdi. Dünýäniň derdi bilen ümürläp ýöpşüne mahal-mahal gojanyň kalbyna bu tüwdürilip, sil suwy bolup gelýän apy-tupanyň öňünde durup bolmaýjak ýaly duýgy hem döräp, süňňi ýakymsyz bir zady syzan ýaly bolup, gara basan dek howpurganardy. Atalary bilen şu ýagdaýlar barada pikir alşyp oturan Orazgeldi bilen Orazgylyç ukulary tutup, ýerli-ýerden pallaşyp ugransoňlar, öýli-öýüne dargaşma bilen boldular. Jemal mama agtyklary Aganazar hem Allanazaryň aralygyndaky öz ýatýan ýerine geçip, bireýýäm uklap galypdy. Kymyş duzçy Allanazaryň togarlanyp, ojagyň ýanyna gelip dykylanyny görüp, Orazgylyjy ýolundan saklap: –Sen, oglum, Allajanam göter-de, ýerine geçirip git! Düşeginden gaýdyp, gaty ýerde ýatyr-a ol! — diýdi. –Çabalanyp, han-beg çagalary ýaly, ýurt sorap ýatmak häsiýeti-dä bularyň – diýip, Orazgylyç Allanazary göterip, ýerine geçirip durşuna, onuň beýleräginde el-aýagynyň hersini bir ýere taşlap, serlip ýatan öz ogly Aganazara hem guwançly nazaryny aýlap goýberdi. Çagalaryň süňňünden göterilen çyrşak gatyşykly ýakymly bala ysy oňuň burnuna urdy. Ol şonda käte agtyklaryny söýüp oturan ejesiniň şeýle halda aýdýan guwançly gepini ýatlady. Ol: «Çaganyň ysy, gaýtarma gelniň ysy, mazynyň ysy ýaly müşk ýokdur, olaryň ysy jennet ysydyr» diýmäni halardy. Orazgylyç daş çykanda yssy mese-mälim kiparlap, jeňňel tarapdan gurbaga kerep ysly şemal ösüp ugrapdy. Ol ýyldyzlara seredip, gerinjiräp durşuna az salymam bolsa, durmuş barada gysgaça pikir öwürdi. Türkmen aganyň giňden tutan ýurdy bar. Çölünde mal bak, kälinde ekiniňi ek, hasylyňy al, ýaşa. Ata-eneň, bala-çagalaryň içinde ýalkap, ýalkanyp iliň biri bol-da. Ýöne o bolýar, bu bolýar, seni öz günüňe goýýalarmy? Garaz, bir zat tapylyb-a dur... Orazgylyç töwerekdäki soňky bolýan zatlary ýene bir gezek ýatlady. Töwerege aýlaň-çaýlaň edensoň, gapynyň gapdalynda ýer diňläp ýatan Alabaýy basaýmaýyn diýip, onuň gapdalyndan aýlanyp, öýüne girdi. * * * Söýünalyda durmuş alasarmyk halda geçýärdi. Orazgeldi aňyrdan gelende, öýünde ölügsi çyra yşygy bardy. Oguljuma entek ýatmandy, ol köýnegini laýygrak ýama bilen ýamap oturyşyna adamsy barada: «Bi-ýä atasynyň ýanynda eglendi, bolmasa, işimi gutaramsoň ýataýyn, çyranam özi gelensoň öçürer-dä» diýip otyrdy. Orazgeldi içerik girip, aýalyna: «Sen entek ýataňokmy?» diýip, gapynyň agzynda, giren ýerinde keçäniň gyrasynda oturyp, çokaýyny çykarmaga durdy. –Esli-hä oturdyňyz özün-ä – diýip, Oguljuma ýatmak üçin, iňňesini belli ýere sanjyp, işini düýrmek bilen boldy. –Aý, akgam-da. Garry adam-da, bende, bizi alada edýär – diýip, haçanda ol kakasy hakda gürlände, onuň äheňinde mähirli minnetdarlyk hem haýpygelijilik duýuldy. Oguljuma başyndaky börügini aýryp, kellesini ýeňiljek ýaglyk bilen çigensoň, ýatar ýerine – düşege tarap süýşdi: –Çyrany özüň öçürersiň-dä! –Öçirin. –Gije daş-iç çykylanda, aýaga çolaşaýmasyn, sowarak goýawer! –Senem, enem ýaly, şol öwretmeli zadam, öwretmesiz zadam aýdyp oturmasaň bolanok. –“Gaýyn-gelniň topragy bir ýerden alnan” diýilmänmi näme? – diýip, garaňkyda Oguljumanyň aýdylan gepi göwnüne jaý edip gülümsirän sesi eşidildi. Çyra öçürilenine uzak wagt geçmänkä, mellegiň aýagujynda it sesi eşidildi. Orazgeldi: «Bu näme boldugyka?» diýip, ýassykdan başyny göterip, diňşirgenen mahaly, kimdir biriniň daşarda ite özüni tanatjak bolup: «Alabaý, Alabaý!» diýip, basyksy ses bilen itiň adyny tutup, hajyk-hujuk edip, öýe golaýlap gelýänligi belli boldy. «Kim bolup bilerkä, janlarym, gijäniň bu gaýry wagty bizi gerekläp ýören?» Onýança aňyrdan gelýäniň aýak sesi gapa golaýlady: –Orazgeldi aga, Jummanje! Oguljuma bu tanyş sesi ilki eşiden mahaly ony düýşdür öýtdi. Onýança-da ol ses biraz öňküden batlyrak ýene-de bir gezek gaýtalandy. –Hih, akgasy, bu Mahmyt janyň sesi ýaly-la! – diýip, sesi tanap, Oguljuma dessine beýleräginde goýan börügini başyna sokup, geleniň habaryny almak üçin, begenjine adamsyndan öň laňňa ýerinden galanyny hem duýman galdy. Ornundan galyp gelýän Orazgeldiniň sesi ony bosaganyň agzynda saklady: –Hany, sen çyrany ýak! Oguljuma ýalňyşmandy, bu gelen onuň öňräk topy-topalaňy bilen Owganystana göç eden doganlarynyň biri Mahmytdy. Gözünden uçan doganynyň gelmegine Oguljuma juda begendi. Hatda onuň ýüregi-de begençden gürs-gürs edip, sesli urdy. Ýöne, ýylgyrmasyny, begenmesini ýaşyrman durşuna özüniň zenan ornuny saklap, dogany bilen adamsyndan soň görşüp, onuň bilen saglyk-amanlyk soraşdy. Çyranyň yşygyna görünýän, gözden uçan doganynyň ýüzüne teşnelik bilen guwançly seretdi. Mahmyt telpegidir ýanynyň onbirataryny gapdalynda goýup, doganynyň ýorganyny gapdala syryp giňelden töründe arkasyny tärime berip, aýbogdaşyny gurup ornaşdy. Gürleşip oturyşyna Oguljumanyň, Orazgeldiniň ýüzüne mahal-mahal bolsa, ýeňsede mysylaşyp, uklaşyp ýatan ýegençilerine tarap mähirli göz aýlap, nazary bilenem maşgalanyň hal-ýagdaý habaryny alyp otyrdy. Mahmyt: “Iýip-içip geldim” diýse-de, Oguljuma ýuwlan gazanyna suw çaýkap, dessine kakmaç etden nahar atardy. Hamala, doganynyň geljegini bilen ýaly, şu gün öýlänara bolsa-da, ol ertire goýman, tamdyry dolduryp, täze hasylyň unundan nan bişirenine, ony häzir höwes bilen doganynyň öňüne alyp berýänligine, atasy öýüne baýrynyp hem onuň sarpasyny saklap ýaşaýan zenan hökmünde begendi. Entek öz ýylysyna, hoşboý mähirli ysyna dolanyp duran mele-myssyk nanly saçagy orta goýdy. Doganyny arzylap, oňa palawam bir iýdirip goýbermelidigini ýatlap, gowy sebäpler üçin apalap saklap ýören şalylaryndan düýnde-öňňinde köwzemänligini ýatlap bolsa, oňa palaw iýdirip bilmejegine gynandy. Oguljuma soňra ýeňil gopup, doganyny hezzetlemegiň aladasyny edip ýörkä-de ondan gözüni aýyrmaýardy. Ol doganlary Owgana gidensoň, olardan oňly habar bilmeýärdi. «Ýene-de bir siziň güler ýüzüňizi görmek barmykan?» diýip, zenanlarça janköýerlik bilen, olary bagryny ezip ýatlaýardy. Onuň häzir gözünden uçan mähriban doganyny öz eli bilen göwnejaý hezzetläsi, birsalymam bolsa, ony görüp, buýsanyp oturasy gelýärdi. Owgandaky ýakynlarynyň atlaryny tutup, olaryň hersi barada aýratynlykda soraşdyrýardy. Orazgeldi Mahmyt bilen saçak başynda çaý içişip, hal-ýagdaý bilen bagly gürrüňler edişip oturdy. –Ol ýerde gün-güzeranlar nähili onsoň? –Her hili, Orazgeldi aga. Aç-ýalaňajam, dok ýaşaýan adamlaram bar. –Siziň ýagdaýlaryňyz nähili? –Biziň ýagdaýlarymyz, Hudaýa şükür, gowy. Akynýaz akgam ol ýerde-de sylag-sarpaly adam, oňa bärden baranlaryňam, owganyňam salasy düşüp dur. Gerek bolanda, Bürgüdem ony: «Akynýaz türkmeni getiriň!» diýip, galasyna çagyryp sala salyp dur. Bizem şol atamyz ornunda saýalap otyr. –Bu ýerden gidýänleriňem birdir-ikidir yzyna gaçyp gelýänem bar. –Orazgeldi aga, ilçilikdir, bardyr her hilisi. Owganystan bir gaty yurt. O ýerde ýer meselesem, suwam, ýene şonuň ýaly, örän ýagdaýly. Onsoňam biziň halkymyza «Gel!» diýip, gujak açyp duran ýer barmy? Ähli zady puluň bilen malyň, akyl-başarnygyň bilen şol ýeriň özünde gazanmaly. Biz-ä, şükür, Akynýaz akganyň arkasyndan howly edindik, ýerimizem bar ekip-dikere, malymyzam. Mahmyt Mämmet hanyň uly aýaly Oranýazdan bolan çagalarynyň arasynda iň kiçisidi. Ol oglanlygyndan bäri dogany Oguljuma Kymyş duzçulara gelin bolup düşensoň, ýumşa ýarap, iki öý arasynda gatnap gezen doganlaryň biridi. Mahmyt maşgalada eljiräbräk össe-de, ol soňra dogumly, gaýratly ýigit bolup ýetişipdi. Akynýaz baý Tagtabazaryň şäherinde Döwkomitetiň başlygy bolup otyrka, ony gatyşyp-garyşyberse täze ýagdaýlara gowy öwrenişer diýen tama bilen Baýramala ugradyp, traktor sürmäni okadypdy. Soň ol gelip, Söýünalyda bir orus bilen traktorly ýerem sürüp gezipdi. Şonuň üçinem oňa obada Mahmyt traktil hem diýip ugrapdylar. Orazgeldi onuň traktor sürüp gezenligini ýatlap: «Ol ýerde-hä traktor ýok bolsa gerek, biz-ä gije-girimem, sesiň ýaň salýan wagtam itleriň, eşekleriň seslerini eşidýäs welin, ol tarapdan traktor sesini eşidemzok heniz» diýdi. Mahmyt jogap bermezinden öň: «Siziň diýýäniňiz näme, Orazgeldi aga?» diýýän manyda aşak bakyp, myssa ýylgyrdy-da, soňra jogap gaýtardy: –Ol ýerde traktil näme işlesin, beýleki näme işlesin? Bolaýanda hem onuň ýagam tapylmaz. Dogrusyny dogry aýtmaly, ol ýerde bolşewigiňki ýaly uly tutumam ýok. Orus diýeniň demriň Hudaýy eken bi. Traktil onuň hol ýerden gelýänini görse-de, atyň eýesiniň öz üstüne atlanmaga gelýänini görendäkisi ýaly tarlap, hyýallanyp-höweslenip hokranyberýän eken. Mahmat bu sözi aýdanda onuň öz süren traktoryny höwes bilen ýatlanlygy belli boldy. Maýdarak dogralyp gazana atylan ýaş malyň eti töweregine ýakymly ys ýaýradyp, birsalym ojakda gaýnansoň, dessine bişdi. Oguljuma çanagy nahardan dolduryp, adamsydyr doganynyň öňüne äberdi. Mahmyt ýaňy dogany nahar atarmakçy bolan mahaly sypaýyçylyk etse-de, bişip öňe gelensoň, ondan işdämenlik bilen iýdi. Oguljuma naharynyň yzysüre täzeden demleşdiren çaýly çäýneklerini hem saçagyň bäri ýanyndan eltip, olaryň öňlerine gapdalynyň käseleri bilen uzatdy. Özem şundan soň adamsynyň arkasyny gabalap, olaryň ýanyna golaýrak süýşdi. Bu ýerden oňa Mahmydyň ýüzi, gabatda duran çyranyň yşygyna biraz gyzarybrak, gowy görünýärdi. Mämmet handyr keşmerli doganynyň ýüzi birde oňa kakasyny ýatlatsa, ýene birde beýleki doganlary Akynýaz baýdyr Hojany ýatladýardy. Öz mähriban öýleriniň indi başga ýerde, gaýry ildeligini ýatlamak bolsa oňa hemişe agyr düşýärdi. Aý¬ralygy ýatlanda, hüpläp, ýene-de onuň damagy doldy. Gözünde biygtaýar gözýaş buldurady. Oguljuma düşekde parahat uklaşyp ýatan çagalaryna seredenden bolup, adamsydyr doganyna görkezmän, bürenjeginiň etegi bilen gözýaşyny syldy. Adamlar bu günler özleriniň günbe-günden agralyp barýan durmuşlarynyň sebäbini täze hökümetdenem däl-de, ähli zadyň öňüne düşüp ýörensoň, “Ýurdy belet çapar” edip ýören Ýagdy şuradan görýärdi. Ol il-gününe janköýerlik edip, ýokarky başlyklar bilenem dil tapyşyp, halkynyň bähbidini arap işlänliginde beýle gabahatçylyklaryňam öňüni alyp boljaklygyna ynanýardylar. Ýagdy şurany beýlekilerden tapawutlanmak bilen, telpek getir diýilse, kelle kesip getirýänden bolany üçin halamaýardylar. Ýagdy şurany ýok etmek üçin, eýýäm iki gezek dagy synanyşyk hem edilipdi. Ondan sütem görüp, Owgana geçenleriň birkisi gije derýadan ýüzüp geçip, onuň bilen haklaşmakçy hem bolupdylar. Ýöne, ol bagty getiren şol günden bir gün öň, şäher ýolbaşçylary bilen goşulyşyp, Mara ýygnaga gidipdi. Şunuň ýaly-da ahmyrlylaryň Owgandan gelip, onuň janyna kast etmek üçin ikinji eden synanyşyklary-da şowsuz bolupdy. Ýogsam, olar aňyrdan, Ýagdy şuranyň obadan uzakda «Deýme ýer» diýen ýerde alty-ýedi goş bilen gije-de gaýtman, ýatymlaýyn ýer sürdürýäniniň anygyny bilip gelipdiler. Aňyrdan gelen ahmyrçylar gijäniň bir wagty, hatar tutup ýatan sürümçileriň ýeke-ýekeden ýüzlerinden ýorgany serpip görseler-de, olar hiç ýerden şurany tapmandyrlar. Öz ýagdaýyna belet Ýagdy şura hem hatyrjem bolup, ätiýajy aňsat elden bermeýär eken. Sürümde hem il başyny kybla goýup ýatsa, ol günbatara syrtyny öwrüp, şol ýorganyň aşagynda ýörite kellesini tersine goýup ýatypdyr. Onuň beýdäýjegi kimiň kellesine gelýär? Ahmyrçylar duşup bilmän, ýene-de ellerini burunlaryna sokup, yzlaryna gaýdypdyrlar. Şu eşiden zatlaryny ýatlan mahaly, Oguljuma ilki öz jigisiniň hem şeýle bir maksat bilen gelen bolmagyny pikir edip, biraz howatyrly oýlandy. Ýöne, näçe oýlansa-da, ol özüniň bu pikirine soňra delil tapmady. Mahmyt şeýle pikir bilen gelen bolsa, onuň öz kesdiniň ýetäýmek mümkinçiligini ýatlap, doganynyň öýüne dagy darajak gümany barmy? Oguljuma doganlaryna beletdi. Olar öz bähbitleri üçin ejizlerine kölege düşjegini bilseler, beýdenden ölenlerini gowy görmeýärlermi!? Nahar iýlip, töwir galdyrylansoň, Mahmyt öňüne süýşürilen çäýnekden bir käse çaý guýnup aldy-da, özüniň habaryny berermen boldy. Orazgeldiniň egni üstaşyr doganyna tarap sähelçe seredip goýberdi: –Jummanje, meni-hä siziň halyňyzdan bir habar al diýip, Akynýaz akgam iberdi. Orazgeldi bir zat geplärli bolsa-da, diňşirgenip, geplemedi. Oňa derek ady tutulan Oguljuma minnetdar bolup dillendi: –Bizi sylany Hudaý sylasyn! –«Gaýtsa, Oguljuma ejeňi öýi, bir depik gumy bilen göçürip alyp gaýt!» diýdi. Ol täze häkimiýetiň sygrynman, size-de yrsarap sürünýänligini bir ýerden-ä eşidipdir. Orazgeldi başyny aşak salyp, iki doganyň arasyndaky barha alşyp barýan gürrüňi diňläp, gep özüne degişli däl ýaly aşak bakyp, sesini çykarman oturansoň, ol Mahmydyň gürläp otyrka, mahal-mahal özüne tarap hem gönüläp, seredip goýberýänini görmeýärdi. Doganyny diňläp, Oguljumanyň göwni bitdi. Onuň özüni ýatlap, hossar çykyp gelenine begenip, monça boldy. Şeýle-de bolsa birbada hiç kimden ses çykmady. Soňra bu dymşyklyga ýene-de Mahmydyň özüçe düşünenligi, Orazgeldini serhetden geçmegiň howpurgandyryp, endişä goýanlygyny pikir edenligi belli boldy. Ol: –Ýoluň aladasyny etmäň! Serhetçilerem bize beletdir, aňsat batyrynyp bilmezler. Men ýeke gelmedim. Ýanyma içinden ýalyn geçen ýigitleriňem birnäçesini alyp geldim. Gorap, sag-aman serhetden geçirip alyp gitmäge ýagdaýymyz bar! – diýip, ol ýene bir gezek öz öňki sözüni nygtady. Dogrudanam, Watandan geçip, göterilip gidibermek ýeňil işem däl. Şeýle pursat diňe bir Orazgeldini däl, eýsem, kimi oýlandyrmandy, kimi howpurgandyrmandy!? Mejburlyk bolmasa, aňsat ýurtdan başyny alyp gidesi gelýän barmy!? Ondan gidiljek bolnanda hemişe, ynsanyň ysnyşan ýeri, öwlüýäsine düýnän ata-baba mukaddeslikleri, höwrügip ýürek beren durmuşy bilen bagly, ençeme göze görünmeýän sapajyklar onuň synyndan çekýär. Adamsy doganynyň sözüne wagty bilen jogap bermänsoň, Oguljuma adamsyna sala salyjylyk bilen Orazgeldiniň ýüzüne gözledi. –Akgasy, ana, görüp otyrsyň, Mahmyt jan-a biz diýip gelipdir. Gitsek, bizem öz ýanlaryna göçürip alyp gitmäge gelipdir. Hany, onsoň, sen näme diýjek muňa? Orazgeldi sähelçe başyny göterip, Mahmydyň ýüzüne seretmän, aýalyny synlabrak atymyna aldy: –Gidesiň gelse, heleý, hol-ha ýol, özüň gidiber. Menden saňa rugsat! Seniň ol ýerde ejeň bar, doganlaryň bar. Isleseň, çagalarymy goý-da, göteriliber. Öýdenem başga näme alasyň gelse al, sypyryp-syryp äkidip bileniň özüňki. Meniň-ä Watany goýup, gitjek ýerim ýok. Näme, başa gelse, onam şu ýerde görjek! Orazgeldiniň bu janagyryly gep saluwynda Kymyşlara mahsus aýlawsyz gönümellik bardy. Bu gönümellik özem hemişe şunuň ýaly düwün çapmaly bolanda, olarda gapdaldan gelen ýaly, duýdansyz peýda bolýardy. Oguljuma ýanýoldaşynyň towly gepini gaty görmedi. Ýaşmak dişläp, dymyp oturyşyna oýlandy: «Onuň ýerine özüm bolan bolsam, näme jogap tapardymkam!?» Elbetde, bu jogap munuň ýaly bolman, biraz sypaýyçylyklyragam bolup bilerdi. Ýöne, Orazgeldi ony etmez, gepi oýnaýan ýaly aýlap-öwrübem durmaz, kymyşçylar-da, soňuny saýman patladaýar. Ýöne Mahmydam gitmek barada söz açanda biraz bärden gaýdypdy. Öý eýesi otyrka oňa däl-de öz hossar çykyp gelenini nygtap, doganyna ýüzlenmegi, hakykatdanam, belli bir derejede Orazgeldiniň maşgalasyndaky kanun bolan «menini» kemsidipdi. Mahmydyň welin doganyna ýüzlenmegi olaryň ikisine hem bilelikde ýüzlendigidi. Munuň başgaça bolmagy hakda söz ýokdy, ol gelende-de bir öz doganynyň däl, onuň maşgalasynyň yzyndan gelipdi. Ýöne, bu gep aýdylanda bir öz doganyna aýdylan ýaly bolup eşidilipdi. Mahmydyň gelmegini Orazgeldiniň özem bu wagt minnetdarlyk bilen, gerçek doganyň edäýjek işi hökmünde bilip otyrdy. Serhetden geçäýmek, onda-da häzirki ýaly gyzyl oduň içinde bu zady başy etege salyp edäýmek, elbetde, her kimiň edip biljek işi däldi. Orazgeldi sypaýyçylyksyz gürlese-de, Mahmyt erkek adama erkek adam hökmünde düşünenligi üçin, ondan göwün edip durmady. Parahat halyny saklap, çaý içenden bolup, öz sözüniň soňky jogabyna garaşdy. Haçanda ol başyny göterip, içerik üns beren mahaly, öýüň çyra ýagtysy bilen ikä bölünip, onuň peski böleginiň ýagtylykdan, ýokarky ikinji böleginiň bolsa çyzgalyp, ýokary göterilen gara matadan giňiş edilip tikilen, çyra öçdügem ýene aşak inip, içerini ýaparman aýal köýneginiň etegine meňzäp, köwlenip duranyny gördi. –Mahmyt jan, doganym! – diýip, söze başlanda Oguljumanyň ýürekden çykýan sözleri hasam göwne batnykly, mylaýym eşidildi – Ejiziňizi ýatlap, arka durmak üçin, men diýip gelipsiňiz, begenip, depäm gök diredi. Dogan bor, siz ýaly bor! Men Akynýaz akgamdanam, Hoja doganymdanam, sendenem, Mahmyt jan, o dünýe-bu dünýe razydyryn. Ýöne, biz gitmäli! – Soň ol şu ýerde ýüzüne sähelçe adamsyna tarap öwren ýaly etdi-de, ýene-de gepini dowam etdirdi. – Men Orazgeldiniň bolan ýerinde bolaryn, ölen ýerinde-de ölerin. Şu gürrüňden soň her kimiň öz kenaryna tarap ýüzüp barýanlygy anyk boldy. Ara dymyşlyk düşdi. Mahmyt käsesindäki sowan çaýyndan owurtlan bolup, öz eşiden jogaby hakynda oýlanýan ýaly, ýene biraz oturansoň, öý eýelerine ýüzlenip, olardan gitmäge rugsat sorady. Oguljuma şundan soň turup, elini sandygyň üstüne galdyrylan ýorganlaryň arasyna sokup, ol ýerden bir ýaglygy sogrup aldy-da, doganyna berip goýbermek üçin, saçakdan iki sany nany, öýde bar bolan kak-sökdenem onuň üstüni tümmekläp, Owgandaky dogan-garyndaşlaryna ýetmegini isläp, dolap-daňyp doganynyň eline berdi. Ejesine, doganlaryna, olaryň çagalarydyr aýallaryna köp dogaýy salam aýdyp, onuň bilen aýrylyşasy gelmän, gapynyň öňünde ýene-de esli durdy. «Toýlarda duşuşaly!» diýse-de, ara serhet düşeni üçin, indi dogany bilen duşuşjagyna känbir ynanyp hem barmaýardy. Oguljuma dogany bilen hoşlaşýanyna gynanyp-gyýýanam bolsa, onuň ýadynda özüniň perişan keşbiniň galmazlygy üçin, gözýaşsyz hoşlaşmaga gurbat tapdy. Mahmydy minnetdarlyk hem güler ýüz bilen ugratdy. Orazgeldi hem Mahmydy öýden çykaryp, ugradyp barýarka, oňa minnetdarlyk bildirdi: –Mahmyt, gitseň, ana, sag-aman bar! Bizi sylap, kelläňi etegiňe salyp, howply ýola düşüp gelipsiň. Taňry ýalkasyn! –Sizem sag-salamat galyň, Orazgeldi aga! – diýip, Mahmyt onuň bilen elleşip, gadyrly hoşlaşdy. Mahmydyň onbirataryny orta bilinden tutup, ýapyýokary inişden aşak jara tarap düşüp gidenine köp wagt geçmänkä, şol tarapdan at aýaklarynyň sesi eşidildi, ol seslerem soňra barha obadan daşlaşyp, gaplaňlaryň Jedel depesiniň gaýralygyna aýlanan ýaly bolup, ýitip gitdiler. Töwerek imisalalykdy. Söýünaly gijäniň süýji ukusyna gark bolup ýatyrdy. Gündizlerine seleňläp, obanyň depesinden seredip oturýan baýyrlar, häzir gijäniň gara oýlugyna çolanyşyp, hümer tutuşyp oba tarap ýetip gelýän mähellä meňzeýärdiler. Myhmanynyň giden yzyny gulagy bilen yzarlap, pikirinde ony aman-esen derýadan geçirip duran Orazgeldi ýene bir salym daşarda gijäni boýlap duransoň, yzyna – öýüne dolandy. * * * Söýünaly obasynyň şura başlygy Ýagdy Narly ir ertir şähere ýygnaga diýip gidip, ol ýerden gijöýlänler eselip, howalanyp geldi. Onuň petekesini ýokary göterip, ähli zadyň depesinden seredýän ýaly boluberşinden, şurany nämedigi belli bolmasa-da, haýsydyr bir heseriň galtanlygy belli boldy. Ol aňyrdan gelşine şuranyň ýaňyrak diwarlary agardylan jaýynyň kölegesinde birki sany adam bilen gürleşip oturan jigidiň özüni görüp, ylgap öňüňden çykyp, atyny tutup: «Şura aga, gelenmisiň?» diýen wagty hem onuň äheňi keýpiniň hiç neneň däldigini mälim etdi. –Hä, “Gelenmisiň?” diýip, gümansyratmaň näme? Atyň üstünde şu dagyň bölegi ýaly bolup oturan adamy göreňokmy? – diýende, onuň gepi bokurdakdan oýnap çykdy. Hemişe, hasam tomus günleri ýygnakdan gelende, ol aňyrdan ýadaw, ol ýerde eşiden özüne degişli talaply geplere hem biraz kejigip keýpsiz, çaýsyrap, kepip gelerdi. Onuň, hemişe atdan düşüp-düşmän aýdýan ilkinji gepi: «Demini alyp duran çaýyňyz-a ýokdur-da?» diýen sorag bolardy. Soňundanam ol öňüne äberilen çäýnegiň çaýyny sarkyryp içip bolýança, dünýä düňderilip barýanam bolsa, arz bilen hiç kimi kabul etmezdi. Hanuma daş gapyda oturyp, onuň ýanyna arza gelenlere: «Şura ýaňyja ýygnakdan gelip, öňüne bir çäýnek çaý aldy. Garaşyň, çaýyny bir arkaýyn içsin-dä!» diýip, onuň ýanyna hiç kimi goýbermezdi. Onuň bu çaý içýän mahaly bilen bagly: «Men çaý içip otyrkam ol-a oba adamlarymyşyn, hatda Narly gamyşçy gelse-de, ýanyma goýbermäň, mazamy almaň!» diýip, kakasyny mysal getirip aýdan talaby-da bardy. Şuranyň howalanybermegi munuň özi bolsa tötänleýinem däldi. Şäherde bolan ýygnak, ýakynda Aşgabatda boljak döwlet derejeli abraýly gurultaýa Tagtabazar raýony boýunça gatnaşjak mynasyp adamlary saýlap-seçmek meselesine hem seredipdi. Şonda ýygnak ol ýere raýondan raýispolkomyň başlygy Mämmet Pollyny, raýkomyň birinji sekretary Ata Hymlyýewi saýlapdy, gitmelileriň ýene biri edilibem işi has ilerleýän obanyň wekili hökmünde Ýagdy Narlynyň ady görkezilipdi. Bu ýygnaga, ozal daş gulakdan eşidilişine görä, Sugty obasynyň şura başlygy, raýonda-da öz gepini nagt edip diýip, diňledip bilýän Guljaş Gara gidýämiş diýip eşidilensoň, onuň üçin bu, birhili, garaşylmadyk ýagdaýam bolupdy. Ýogsam, üçünji bolup kimiň Aşgabada gitmelidigini raýon ýolbaşçylary, OGPU-nyň jogapkär işgärlerine geňeşip, mundan iki gün ozal özleri üçin anyklapdylar. Ilki ol ýygnakda Tagtabazar rewkomyň adyndan gürlemek üçin Guljaş Gara göz öňüne tutulan hem bolsa, emma raýonyň birinji sekretary Ata Hymlyýew Atabaýewiň şeýle ýygnaklarda degerli geplän adamlardan göwni ýetse: «Şul-a maňa gerek adam eken!» diýip, ýokary wezipä çekip, derejelendiribem goýbermesiniň barlygyny ýatlansoň, onuň bu çem gelen mümkinçiligi elden beresi gelmändi. Şeýle bagty getirenleriň biri bolmak arzuwy bilen ol ýygnakda Guljan Garanyň däl-de, özüniň çykyş edäýenini kem görmändi. Ol: «Aşgabatdaky ýygnakda daýhanyňam-a sözi gerekdirem welin, ýöne raýon kommunistleriniň bu ýerdäki alyp barýan işleri bilen baglap çykyş edilse, kem dälmikä diýýärin» diýensoň, ol ýerde ediljek çykyşy soňra Ata Hymlyýewe ynanmaly edilipdi. Guljaş Garany ýygnakda çykyş etdirmek meselesi aradan aýrylansoň, şol ýygnakda Söýünalynyň oba hojalyk önümlerini öndürmekde bu ýyl has depik alanlygy ýatlanylyp, bu ýygnaga daýhan gitmeli bolsa, şol obanyň adamsy has mynasyp görlüpdi. Şonda raýispolkomyň başlygy Mämmet Polly: «Daýhan äkitmeli bolsa-ha, ol ýerde onda Nurjuma hem bardyr» diýipdi. Ýöne OGPU-nyň başlygynyň orunbasary, il içinde: «Aman başlygyna-da diýenini etdirýämiş, ondan Ata Hymlydyr Mämmet Pollam çekinýämiş» diýilýän özi baradaky gürrüňlere göterilen Aman orus goşulyşypdy. Ol: «Siz, näme, adamlar, onuň baý-gulagyň arkasyny alaýjak bolup duran adamdygyndan habarsyzmy?» diýip, gyňraýlyp, gyşyk gepi ara basansoň, Nurjumanyň tarapynda hiç kim galmandy. Şeýdibem, uly ýygnaga gitmeli adamyň Söýünalydan bolmalydygy, Nurjumanyňam ol ýere gitmeginiň islenilip barylmaýanlygy belli bolansoň, oňa şura başlygy Ýagdy Narlynyň ady görkezilipdi. Şura atdan düşensoň, jaýyň öňünde özüne garaşyp duran adamlar bilen aýak üstünden biraz gürleşip eglendi. Olaryň hersine eşitmek isleýän geplerine meňzeş gepleri göwünjeňlik bilen aýdyşdyrypdy. Soňam Hanumanyň içerde öz habaryny almaga gyssanýanyny ýatlap, höwesli yzyna dolandy. Gapynyň öňünde aýaklaryny “tarp-tarp” kakyşdyryp, köýneginiň synyny çekişdirip, ykjamlanyp, içerik ätledi. Ol içerik giren mahaly gapynyň çep ýeňsesindäki stol başynda oturan Hanuma gulagy bilen daşarynyň habaryny alyp oturdy. Ol şuranyň gelip, atdan düşenini görüp, onuň adamlar bilen eden gürrüňleriniň hümürdisini eşidip, öz ýanyndan, Ýagdy gelip, ýerine geçensoň, gapdalynda basyryp goýan çaýyny onuň öňüne alyp bermägä howlugyp otyrdy. Tanyş aýak sesi ynamly-ynamly basyp golaýlap gelýärkä eýýäm ol gozgalaňa düşüp, çaşan saçlaryny sypalap, ýeňsesine çalyp, başyna çolan ýaglygyny aşagrak çekip, synasyna serenjam berip, has mynasyplanmaga çalşyp ugranyny onuň özem duýman galdy. Owsunyp, bolubilenini bolup oturdy. Ýagdy gelip giren wagty Hanuma owsunyp, ýerinden turup, göwnühoşluk bilen ony şelaýyn garşylady: –Başlygym gelen ýaly-la?! – diýip, eýemsirenip näzli gürledi. –Başlygyň-a gelendir, gelin baý! – Ýagdy şeý diýdi-de, stoluň gapdalyna çykyp, owsunyp duran gelni ýüzugra harsa gujaklady-da, ony höwes bilen kükregine göterdi. Näzli zenan garaýşynyň onuň kalbyna joş berenligi belli boldy. Gelniň nar ýaly gyzaran ýaňaklaryndan badyhowalyk bilen ogşap-ogşap aldy. – Heý, goýber, waý, goýber, oglan! Häzir biri gapydan geläýse nätjek?! – diýip, Hanuma sypmak isläp, onuň gujagynda urundy. Ýöne aňyrdan keýpli gelen Ýagdy şura: “Goýber!” diýeni bilen ony goýberäýýärmi näme!? Ýagdy onuň ýumrulanyp duran kükregine hyruç bilen döşüni oýkap durşuna aýagyny ýere degirmän, uçuryp töweregine-de bir aýlap aldy. Hanuma, hamala, bir bolmasyz zatlar bolup barýan ýaly, aýagy ýerden üzülenden hopugyp, ör gökden geldi. Dyzanyp Ýagdynyň kükreginden iki eli bilen itip, onuň gujagyndan boşamaga çalyşdy. Daljygyp, uýatly haşylap gepledi: –Weý, başlygym, saňa näme boldy bu gün? – diýip, gülümsiräp gyzaryp sorady. Ýagdy jogap ýerine, öz ýasawyna mahsus beleň alyp, gomalma bilen, towuk ketege kürsäp giren tilkä meňzäp ýalmanyp durşuna jogap ýerine hondanbärsi bolup, gabarylyp ýylgyrdy: –Häli ýoldan gelýäkäň, harabalygyň duşundan geçeniňde, it-guş bolup öňüňden çykýamyş diýilýän jyn-arwaha dagy duşan-a dälsiň-dä hernä? – diýip, Hanuma indi öňküden biraz düşüşenräk hörpde sözlerine näz-kereşme gatyp, saljaýybrak gepledi. –Bir zat bolanyn-a bildiň sen, gelin baý. Ýöne anyk näme bolandygyny bir bilen bolsadyň! – diýdi. Bu sözi Ýagdy gelni goýberip, öz ornuna ýönelip barýarka aýtdy. Ol ýerine geçip oturansoň, gapynyň öňünde howlukmaçlak bilen üst-başyny tertibe salyp, bagjygy ýolnup, sähelçe açylan ýakadan salgym atyp görünýän gelin öz göwsüne özi ýene bir gezek hyrydar seretdi. –Bilen bolsam, näme bolardy onsoň? –Bilen bolsaň, men seni däl, sen meni şeýdip gujaklap pyrlardyň. Akgaňlar indi gitdi, saklap bolmaýar! Hanuma ýene-de tä Ýagdynyň özi aýdýança, onuň ýüreginiň nämüçin ýerinden gozgananlygyna düşünip bilmedi. Ýagdynyň harbylar mysalynda geýen ýakasy dik, ýolbaşçy işgärlere row bolan penjek-köýneginiň ilikleriniň birki sanysy ýazansoň, onuň güberçekläp duran döşüni alarladyp, haşal ota meňzäp, boldan ösen tüýleri hüžžerişip görünýärdi. Onuň Hanuma seredip, özünden göwnühoş ýylgyryp, stola ellerini diräp, çemelenibräk büküdip, bir hyýala münene meňzäp oturyşy ýene birden atylyp, ýerinden turup, Hanumanyň daşyndan alagüpürdi bolup aýlanyp, onuň enter-pelegini aýlap, hezillik tapybererli göründi. Hanuma agyp ýeňsä düşen başbogma ýaglygyny çekip alyp, täzeden gelin bolup, başyny baglady. Ýagdy şura geler diýip demläp goýan, demini alyp duran çaýyny bir käse bilen onuň öňüne alyp berensoň, Ýagdy hem öz gürrüňine köp garaşdyrmady. Hanuma seredip, Aşgabatda geçjek uly ýygnaga raýkomyň sekretary Ata Hymlyýew, raýispolkomyň başlygy Mämmet Polly ýoldaşlar bilen özüniň hem oňa gitmäge mynasyp görlendigini mälim edip, uly ala gözlerini buýsançly balkyldatdy. Bu habar Hanumany hem begendirdi. Ol: «Bahana bilen Aşgabadam görersiň» diýip, Ýagdy Narlyny mähirli nazar bilen mübärekledi. «Hemişe hemme ýere sen däl-de, başgalar gidip ýörmelimi, eýse? Sen, näme, hökümete olardan az hyzmat görkezýän adammy?» diýip, Ýagdynyň kararyny öz ýanyndan gaýybana guwanç bilen makullady. –Onyň-da dogry, gelin baý. Bu meselede biziň şu ýylky tabşyran artykmaç dänämiz-de, ýazlyk ýüňümiziň artan möçberi-de we gaýry geçirýän "çärelerimiz-de"... "Aşgabada kim gitmeli, kim has mynasyp?" diýlende, hökman göz öňünde tutulan bolmaly. Ýagdy şuranyň soňky Aşgabada gitmek bilen bagly aýdan gürrüňleri Ýagdy bilen Hanuma üçin çola ýerde ikiçäk galan mahaly aýdyşylýan hyzmat söhbeti boldy. Ýagdy şura şundan soň Aşgabada gitmek üçin alty aýlyk alys ýola gidýän ýaly birnäçe günläp, yhlas bilen taýynlandy. Goýun soýduryp, gowurma etdirip, süýde ýumurtga gardyp, täze bugdaýyň unundan külçe ýapdyrdy. Ol ýerde hem şeýle derejli ýygnaklara baranlary hökümetiň aýratyn dereje goýup sylaýanyny eşitse-de: «Gerekli daşyň agramy ýok» edip, ýol şaýyny öňünden ykjam tutaýanyny kem görmedi. Heniz ugramanka, ýolagçy ynjalyksyzlygy bilen pikirinde-de telim bir gezek Aşgabada gidip geldi. Ýene bir gezekde ol az salym bolsa-da, Aşgabady gören adamy diňläp, ondan ony-muny soraşdyryp, paýtagta bärden baranda gökden düşen ýaly bolmazlyk üçin, maglumat bilmäge, 1927-nji ýylda ol ýerde düzülen Türkmen atly goşun bölüminde jigit bolup gezen Gyjany ýatlady. Gowaça suw tutup ýören ýerinden ony tapyp, Aşgabat barada ondan bilesigelijilik bilen soraşdyryp oturdy. Gyjan bolsa bir göwnaçyk, sada, gowy ýigit. Gören ýerlerini ýatlap, Ýagda çaý berme maksady bilen oda goýan tüňçesiniň töweregine elindäki kesewisi bilen köz jemläp oturyşyna ondan bir, mundan bir çykyp gürläp otyr: –Aşgabadyň Eýran tarapynda-ha bir uly dag bar, ol biziň Pendi, Garabil baýyrlarymyza meňzese-de, ondan has beýik hem berk. Arly ýyl diýen ýaly onuň depesiniň gary agaryp görnüp durandyr. Ol ýerde biziň Murgabymyz ýaly jylaw çeýnäp akýan derýa-da, köp suwly, uly ýabam görmersiň, şäher arassa çeşme suwuny içýär. Aşgabat owadan şäher. Ol ýerde münderlenip, hopba berlip gurlan kaşaň jaýlar Maryňkydanam köp. Biz jigitlikde Maryda-da bolupdyk üç aý dagyn. Lenin agaňam bir gowy ýadygärligi bardyr şol ýerde, şäheriň ortasynda. Barsaňyz onam size görkezerler. Lenin hamala nepis halylar bilen basyrylan bir tamyň üstüne çykyp, elini serip, gepläp duran ýalydyr. Ol ýadygärlik 1927-nji ýylda açylanda bizem, türkmen jigitleri bolup, şol dabara gatnaşypdyk. Kowçum-kowçum, sap-sap bolup durkak Atabaýew, Aýtakow dagam Türkmen respublikasynyň beýleki ýolbaşçylary bilen bize guwanç bilen seredişip, öňümizden geçipdiler. Onsoňam belläp, köne-küşül üýşürilip, suratdyr ýarag-esbap görkezilip, gürrüň edilýän «Muzeý» diýibem bir ýere erterler. Biz-ä dynç günlerde häli-şindi äkidýärdiler şoňa. Barsaň senem görersiň, täzeden-köneden ýadyňa-köýüňe düşmeýän zatlar bar ol ýerde. Gadymky adamlaryň ulanan gap-çanaklaryny, geýim-gejim böleklerinem, süňkleridir kelleçanaklaram durandyr bir gapdalda serlişip. Görseň, öz geçen ata-babaň ýadyňa düşübir, şolara degişli bolaýmasyn diýeniňi hem bilmän galarsyň... Gürrüň şu ýere ýetende Gyjanyň bir garagol pikir küýüne geleni, gabady gelende Ýagdy şuranyň çetine degermen bolanlygy-da belli boldy. Ol Ýagdy şurany nazarlap, böwregini bökdürip, keýpihon dillendi: – Ýagdy jora, ýöne sen o zatlary görseňem, Arap Reýhanyňky ýaly, haltada düýe bilen gelen süňkleri öz synasyna deňäp, Çardagly Çandybile Görogly begiň kastyna giden inisi Aman Arabyň inisiniň süňklerini tanajak bolşy ýaly edip, synyňa söýäp durma. Ikimiziň ata-babamyzyň süňküni gözlemeli bolsa, ol bu jelegaýda ýokdur. Bolsa-da ony ilerden-gaýradan, bir ýerlerden gözlemelidir – diýip degdi. Çetine deglen Ýagdy şuranyňam özüne gyjalatly seredip, daýaw göwresini eýläk-beýläk ýaýkap hezil edýän Gyjandan kem oturasy gelmedi. Häzirlenip-peýlendi. Ähtimal, öz ata-babasynyň nädip türkmen topragyna düşüşi barada şol wagt bir dem salymam bolsa oýlanandyr?! –Onda şol ýerde bir gulaksyz-guýruksyz, pudarlanan atyňam gezip ýören bolmagy mümkin – diýip, ol hem ýesersi ýylgyryp, Gyjana jigitlik ýyllary bilen bagly osal-kemisini ýatladyp öç aldy. Öz ýetmeziniň ýatlanylmagy göwnaçyk Gyjanyň gaýta göhüni getirdi. Ol gaýybana esgerlik döwrüni ýatlap, Ýagdynyň ýaňsylan pursadyny ýatlady. Öz başarnyksyzlygynyň pidasy bolan gulaksyz-guýruksyz galan atyny haýpygelijilik bilen göz öňüne getirýär. Bu gepiň döremegine Gyjanyň jigitlikden gaýdyp gelen günleri, esgerlik durmuşyny ýatlap, çybyk çapmak türgenleşik okuwy geçilýän mahaly, elindäki gylyjyny çybykdan salyp, ahmallykda dessindäki atyň gulagyny alyp düşenligini şol gezek ýanyna gözaýdyňa gelen deň-duşlaryna hezil edip, onuň özi gürrüň beripdi. Obanyň jahyllaryna-da, nä, şunuň ýaly gep gerek. Bir eşidensoň adamlar, onsoň, beýle hezil-tosaly ýatdan çykarýarmy? Şondan bärem oba adamlary kimdir biri edýän işini ediläýmelisinden başgaçarak etse: «Näme, muny Gyjanyň çybyk çapyşyna öwräýdiň-le!» diýlip, hezil tapyp, ýaňsa alardylar. Ýagdy şura juda özüne nähili gürrüňiň gerekligini anyk bilmese-de, belet hökmünde Gyjanyň ýatlan zatlaram onuň Aşgabat baradaky öňki bilýäniniň üstüne uly bir zat goşmady... Marydan gelmeli adamlar Aşgabada gurultaý başlanmazyn¬dan iki gün dagy öň geldi. Gün doganam bolsa ertir entek özüniň terligini, serginligini ýitirmändi. Asmanyň ýüzi büs-bütin solaksy syýa reňkdäki syrça meňzäp arassady. Aşgabat wokzalynda gurultaýa gelenleriň öňünden ýörite döwlet ýolbaşçylaryndan ybarat topar çykyp, olary gümmürdedip, dabaraly saz bilen garşyladylar. Otlynyň wokzala gelip duranyna köp wagt geçmänkä, eýýäm bu ýerde adambary dyknyşyp, hyň berip, hamala, wagonlardan düşmelisinden has köp adam gelip düşene meňzeýärdi. Soň görlüp oturylsa, Lebapdanam gurultaýa gatnaşmaly adamlar marylylar bilen şol bir otluda gelip düşen ekenler. Iki oblastdan gurultaýa gatnaşmaga gelenleri mübärekläp, soňra gelenleri garşylaýan döwlet toparynyň ýolbaşçysy, ýurduň ýer işleri halk komissary Täşli Annamyradow olary şanly senä gatnaşmaga gelmekleri bilen gutlap söz sözledi. Täşli Annamyrat diýlen syrdam boýly, ýaşy ýaňy kyrkdan geçip ugran, saçynyň etegine ak sepen dogumly adamdy. Onuň boldumly burny çogdamlanyp ösen murtunyň depesinden howalanyp abanyp dur. Egninde çal-goňras matadan tikilen birsydyrgyn geýimi, başynda soňky döwürde ýolbaşçylaryň row edip geýýän kätmensypat Stalin papagy bar. Ýagdy özüniň köne tanşyny ýaňy horjunyny egnine atyp, iliň soňragyndan otludan düşüp gelýärkä görüp tanapdy: «Täşli-de bar ýaly-la bu ýerde» diýip, onuň töweregindäki adamlaryň arasynda derejelenip mynasybetli duranyny görüp, öz ýanyndan tanyşlarça oňa guwanypdy. Ol aňyrdanam gelşine-de: «Aşgabatda biziň Täşläm-ä bolmaly. Uly ýygnak bolsa, belki, onam göreris» diýip pikir edibem gelýärdi. Ine, indi bolsa, juda bir duşaýjagyna ynanyp hem barmaýan adamsynyň özi bir bölek adama baş bolup, olaryň öňlerinden çykyp, dabara gurap dur. Täşli Annamyrat ozal telim ýyl Tagtabazar ispolkomyna, soňra onuň partiýa komitetine ýolbaşçylyk edipdi. Işlän döwründe tutanýerlilikde, başarjaňlykda bu ýerde özüni tanadypdy. Moskwa okuwa iberilen Täşli bir ýyla golaý mundan öň ol ýerden dolanyp gelip, Aşgabatda respublikanyň “ýer işler” komissary bolup işleýärdi. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -6: romanyň dowamy - 12.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |