12:15 Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy | |
Tagtabazarda şol günler: «Pendide sowet häkimiýetini ornaşdyrmak üçin Täşliniň eden işini öňem, soňam hiç kim bu ýerde eden däldir» diýlip, onuň zabunlygy hem ýatlanylýardy. Ýygnakdan soň adamlaryň birnäçesi Täşli Annamyratdyr onuň ýanyndaky hökümet adamlarynyň töwereginde ýene bir salym tanyşlarça saglyk-amanlyk soraşyp hümerlenişip durdular. Ýagdy salamlaşmak üçin adamlaryň arasy bilen Täşli Annamyrada ýakynlaşan mahaly, ol Lebapdan gelen eginlek keltepaýçarak, boldumly gyzyl ýüzli adam bilen Moskwany ýatlaşyp, hezil edip, birek-birege duşanlaryna begenişip, şüweleňli gürleşip durdular. Lebapdan gelen şol barmana: –Täşli, onsoň, ol biziň Moskwada tapan gyzjagazymyz nähili? – diýip sorady. Täşli hem buýsançly ýylgyryp: –Bazar aga, gyzyňyz-a dünýäniň gepini gepläp, gulpaklaryny tasadyp ylgap ýör – diýip, ene-atalaryň gürrüň arasynda öz çagalary ýatlananda bolşy ýaly, kalbyna hoşluk çaýyp, minnetdarlyk bilen oňa jogap berdi. Täşli okap ýörkä, şol ýerde onuň gyzjagazy dünýä inipdi. Moskwada okaýan, işleýän türkmenler şonda üýşüşip, gyzjagazyň Moskwaly bolup dogulmagyny öz aralarynda hezil edişip "belläpdiler". Gyzjagazyň dogluş dabarasyna gatnaşanlaryň biri bolan Bazar aga häzir şol pursady ýatlaýardy. Täşli Annamyrat Ýagdy bilenem, ony göreninden: «E-hä, Ýagdy, senem barmydyň?» diýip gadyrly görüşdi. Tagtabazar ýatlandy. –Ýeri, onsoň, Pendiniň ýagdaýy nähili? –Şol görüp gaýdyşyň ýaly şol-a. Täşli: –Aňyrrak süýşen-ä dälsiňiz-dä? – diýip, gürrüňine öwrüm bilen degişme äheňini berdi. –Aňry gaçyp geçip, soň ýene ol ýerde ýerlemän, derýadan ogryn-dogryn bäriligine ser-sepil bolup geçip ýörenlerem bar. –Serhet juda golaýam-da size. –Arada bir derýa – şol Murgap bar-da. –Gitseler giderler-dä. Ýöne, Watandan-a gowy ýer-ä tapaýmazlar. Täşli şu sözi aýdanda, bu ýagdaýyň ýene ony aladalandyrandygy belli bolýar. Onuň ýüzüne pikir kölegesi çaýylyp gidýär. Ýagdy Täşli Annamyrat bilen: «Gurultaýda duşuşarys» diýşip hoşlaşansoň, ýene-de, Aşgabady ilkinji görýän hem ony pikirinde öz gören şäherleri Tagtabazardyr Marysy bilen deňeşdirýän bilesigeliji adama öwrüldi. Howalanyp, dagyň bölegi ýaly bolup duran wokzal jaýyny höwesli synlap: «Munuň wokzaly dagysam edil köşk ýaly eken, özge ýerleri dagy nähilikän?» diýip höwesli oýlandy. Şol- barmana Ýagdynyň ünsi eginlerine pendili aýal-gyzlaryňky ýaly mahmaldan don geýen, başlary hem hut pendili zenanlaryň gyzyl-sary hasa dolap geýýän börükleri ýaly börükli bir gyrada kimdir birine garaşýan ýaly üýşüşip duran ýedi-sekiz aýala gözi düşdi. Ýagdy içinden: «Bäý, biziňkilere meňzeş geýinýän eken-ow bularyňam aýallary» diýip oýlandy. Aýallaryň arasyndan bir akmapraç, gülse gülküsi ýüzüne ýaraşyp duran, börüginiň üstünden kiçiräk ýaglyk atynan, başyny bogan aýal bolsa, onuň nirededir bir ýerde gören ýüzüne meňzäp, oňa has tanyş bolup göründi. Ýagdy içinden: –Bä, bularyň donlary hem, başbörükleri hem biziňkilere meňzeş eken. Ýöne ol kiçijik topbulyja gelni men nirede gördümkäm? – diýip oýlandy. Myhmanlary garşylap, öz töwereklerinde toparlap beýemçilik edip, ýol görkezip ýören adamlaryň biri şol arada aýallaryň ýanyna gelip, olary yzyna düşürip äkidensoň: «Haý, tanamadym-ow baýtalçany, aslynda, ony nirede gördümkäm? Öz-ä bir han-bege mynasyp maşgala diýleni eken» diýip, Ýagdy olaryň yzyndan seredip galdy. Marydan gelenleri täze gurlan «Daýhanlar öýüniň» ikinji gatynda ýerleşdirdiler. Ýagdy gaýtmazlarynyň öňüsyrasy «Komsomoldanam bir adam bolmaly» diýlip, özlerine dördünji bolup goşulan Ýazdurdy Beknazar bilen bir otagda ýerleşdi. Olam gele-gelmäne, horjunynyň gözünden bir düwünçek çykaryp: «Şu ýerde biziň ýegenlerden Nagym diýip bir okuwyň ýoluna düşen bar, muny öýlerinden şoňa iberdiler» diýip, ýygnak başlanmanka ony görermen boldy. «Özi bir müjüje welin, okuwa ýaman yhlasly oglan. Ilki ony Daşkende iberip, bir okuw okutdylar. Aşgabada işe gelensoň, ol bu ýerde öz erdenlimiz, ýoldaş Atabaýewiň maşynyny sürýän Saýyl Nurjuma duşupdyr. Olam muna: «Seniň bu okan tehnikum okuwyň entek ýarym okuw. Şu ýyl Aşgabatda ýokary bilim berýän täze okuw açylýar, sen şoňa gir, okajagyň çynyň bolsa!» diýipdir. Onuňam, näme, gözläp ýörenem şonuň ýaly zat. Indem, tüweleme, girip, şony okap ýör. Eýýäm ol ýoldaş Atabaýewiň özi bilen tanyşmaga, onuň tarypyna-da mynasyp bolmaga ýetişipdir. Ýoldaş Atabaýew oňa: «Şeýle yhlasly bolsaň, soňra seni Moskwa, Leningrad ýaly ýerlere hem okuwyňy dowam etdirmäge ugradaryn» diýenmişin» diýip, guwanç bilen onuň gürrüňini etdi. Ýazdurdy göwünjeňlik bilen: «Ýör, bile görme-görşe baraýaly, ýoldaş borsuň!» diýse-de, Ýagdy göwnemedi. Onuň boş wagtyny öňüne alyp, Aşgabady synlasy, köçelerine aýlanyp geze-si gelýärdi. Ýazdurdy çykyp gideninden birsalym soň, olam geýnip ýola düşmek bilen boldy. Geň galaýmaly, Ýagdy ýokarky gatdan basgançak bilen gurultaýa gelenden bolup, häsiýetine görä howalanybrak düşüp gelýärkä, şol wokzalda gören tanyş keşmerli aýalynyň brinji gatdaky aşagyna haly düşelip, gyralaryna stullar goýlan aýmançanyň bir tarapynda töweregine birnäçe aýallary üýşürip, mahal-mahal Staliniň ýeňsedäki diwardan derejelendirilip asylyp goýlan suratyna hem seredip goýberip, ýürek joşguny bilen gürrüňdeşlik edip oturanyny gördi. Aýal bir öwrümde, basgançakdan iki-ýeke basyp aşak düşüp gelýän, egni harbylarça gysby geýimli, aýagy lowurdap duran ädikli, daglylaryňka meňzeş talawlap duran boldumly burny gür ösen murtlarynyň üstüne abanyp duran Ýagda hem oturan ýerinden gözüni aýlap goýberdi. Ýagdynyň göwnüne bolmasa, aýal: «Şu-da oňa biraz meňzemänem duranok» diýip, içinden öz gürrüňini edýän adamsy bilen pikirinde deňeşdirip alýana meňzedi. Aýallaryň gapdalyndan geçip barýarka gürrüň berip oturan aýal: «Iosif Wissarionowiç meni mähir bilen gujaklady. «Ýakşy, çoh ýakşy» diýip, türküçeläbem goýberdi» diýen joşgunly sesini eşiden dessine, tanyş ýüzli gelni özüniň nirede görenligi güpbe ýadyna düşdi. Bäş-alty aý mundan ozal Moskwada bolan haýsydyr bir uly ýygnakda I.W.Staliniň hut özüne türkmen halkynyň haly sowgadyny, minnetdarlygyny gowşuryp, soňundanam onuň gujagyna dolup, şady-horram bolup surata düşen görmegeý gelin Berdiýewady. Ol barada gazetlerde köp ýazylypdy. Onuň Staliniň gujagynda çogup duran bagtyýar suraty häli-şindi metbugatda berlip durulýardy. Geliniň ýüzi häzirem şol Stalin bilen duşuşygyndaky ýaly görmegeý hem bagtyýardy... Ýagdy Aşgabadyň köçelerini ädiginiň «jarkyldysyna» guwanyp aýlanyp ýörkä, ýene-de näzenin gelin Berdiýewa hakynda pikir etdi. Onuň aýallaryň arasynda beglenip, eýemserenip bolup oturyşy Ýagdynyň eýýäm küýsegine öwrülen öz Hanymasyny ýatlatdy. Ýagdy soňra öz häsiýetine mahsus müňkürlik bilen Berdiýewanyň, ýönekeý bir zenan bolup, nädip Stalinyň dagy huzuryna ýetip biljegi barada oýlandy. Bu oňa asla mümkin däl zat hökmünde görünýärdi. Şol barmanada ol, özüne osup, Kremliň gazabyndan goranmak üçin munuň respublika ýolbaşçylarynyň tapan emelidir diýip pikir etdi. Güýçliniň gazabyndan goranmak üçin ýeser adamlar hemişe-de näzenin aýal-gyzlaryň, altyn-kümşüň üsti bilen gadym döwürlerde hem bu meselede emel eder ekenler. Bu pikirler bolsa soňra Ýagdynyň syçanlaryň han pişigiň boýnuna jaň dakyşlary baradaky eşiden erteki-rowaýatyny ýadyna saldy. Ertekide bagty çüwüp, bir gün bir pişigiň ýurda han bolanlygy, özlerini tüýt-müýt etjegini ýatlaşyp, syçanlaryň muňa örän hapa bolandyklary, onuň gazabyndan aman galmagyň ýoluny gözläp, syçanlaryň soňra uly geňeş hem çagyrandyklary aýdylýardy. Şonda geňeşe gelenleriň biri: «Pişigiň boýnuna jaň dakmaly, şeýtsek, şonda biz onuň her-hal golaýlanyny duýup, gaçyp ýetişeris» diýip, gelenleri geň galdyrypdyr. Eýsem, kimmiş ol pişigiň boýnuna jaň dakyp biljek!? Biraz ara düşen endişeden soň: –Maňa bir altyndan, tereň sesli jaňjagaz guýup beriň, ony pişigiň boýnuna özüm dakyp bereýin – diýip, bu töwekgelçilikli işi ýene-de şol gepi tapan syçanyň öz boýnuna alýar. Şol altyn jaňjagaz bilen möhüm bitýän bolsa, onuň işi haýyr-la. Hemişe timisgenişip, altyn-kümüşli hazynalarda gezip ýören syçanlarda altyn gytmy näme? Zergär syçanlar şol günüň özünde altyn jaňy guýup, lowurdadyp taýyn edýärler. Syçanlaryň bolsa akyly haýran. «Nädip dakjakkan bu pişigiň dagy boýnuna jaňy, uklap ýatyrka bildirmän baryp dakjakdyr-da» diýip, sadalaç pikir edýänler hem bar. Şol günüň ertesi, ýaňky syçan ýene-de syçanlaryň iki sany ýüreklirägini ýanyna alyp, göni pişigiň köşgüne gelipdir. Ony, pursatdan peýdalanyp, han göterilmegi bilen ähli syçanlaryň adyndan mübärekläp, boýnuna hem dabara bilen şol altyn jaňjagazy dakypdyr. Şondan soň pişik ýörän mahaly jaňjagazyň täsin jyňňyrdap, öz gadamyna berýän mertebe oturyşyndan hoş bolupdyr. Syçanlar bolsa jaňjagazyň jyňňyrdysyndan pişigiň nirä ugrap, nirede oturyp-turýanyndan hemişe habarly bolup durupdyrlar. Şeýdibem, syçanlar bir döwrem bolsa, arkaýynrak ýaşamaga özlerine mümkinçilik gazanypdyrlar... Ýygnak hamala garaşýany bar ýaly, ol öz wagtyndan biraz eglenip başlandy. Ýagdy oturan ýerinden, derejelendirilip öňe çykarylan, üstüne gyzyl reňkli mata ýapylan stoluň aňyrsyndaky oturan birnäçe tanyş ýüzleri görýärdi. Ortada esasy döwlet ýolbaşçylary Atabaýew, Popok, Aýtakow mahal-mahal gysgaça özara gep alşyp otyrdylar. Hatarda mähellä tarap boýurganybrak seredip oturan, özgelerden birneme ýaşrak görünýän syratly ýigidiň hem Türkmenistan ýaşlarynyň başlygy Çary Wellekowdygyny tanady. Ol geçen ýyl pagta ýygym wagtlary Tagtabazara baryp gaýdypdy. Hormatly orunlaryň ikinji hatarynda oturan Täşli Annamyradyň hem mahal-mahal Atabaýew bilen Popogyň aralygyndan ýüzi görnüp gidýärdi. Stoluň çeträginde Berdiýewa bir ketgen saçly, syçrap duran rus aýalynyň gapdalynda hamala onuň bilen görk-görmekde bäsleşýäne meňzäp, açyk ýüz bilen sähelçe ýylgyryp nurlanyp otyrdy. Münbere çykýanlaryň hemmesi ellerini oturanlara tarap salgaşyp, gözleriniň gytaklary bilen öňlerindäki kagyzlaryna seredişip, öz aýdýanlarynyň dogrulygyny nygtaýana meňzeşip, janygyşyp, joşgunly gepleýärdiler. Arakesmelerde adamlar kowçum-kowçum bolşup, çilimleşip, naslaşyp, birbirleri bilen gürleşip-gülşüp, pikir alşyp, howlynyň bir tarapy eýelenip, myhmanlar üçin ýörite baglaryň aşagynda ýerleşdirilip taýynlanan stollaryň başyna geçişip, çaýlaşyp, gürrüňçilik edýärdiler. Ýörite suw hödür edilýän ýerde sowuk suw eňterişip duranlar-da az däldi. Täşli Annamyradam her arakesmede diýen ýaly Ýagdydyr Mämmet Pollyny tapyp: «Hany, gowy nasyň bolsa, al bäri!» diýip, olar bilen naslaşyp, könäni ýatlaşyp durardy. Ýagdy bir gezek ýygnak bolýan zaldan çykyp, gabatdaky bir bagyň aşagynda ýoldaşlaryna garaşyp durka, Täşli Annamyradyň aňyrdan Gaýgysyz Atabaýew bilen bir zat barada şüweleňli gürleşip gelýänini gördi. Olar golaý gelen wagty bolsa, Ýagdy baş atyp, at tutup, nygtap salam berdi: –Salawmaleýkim, ýoldaş Atabaýew! Atabaýew baş atyp, gadyr edilip özüne berlen salamy alyp-almanka, haýsydyr bir zat ýadyna düşen Täşli gürrüňdeşiniň ünsüni salam beren Ýagda çekdi. – Ýoldaş Atabaýew, men size bir zady aýdaýyn diýip ýördüm! – diýip, soňam garaşylmadyk ýagdaýda barmagyny büküp, Ýagdyny öz ýakyn-ýanlaryna çagyrdy. Soňam ony Gaýgysyza görkezip: «Gaýgysyz, ine, şu pyýada şol Akynýaz Mämmediň obasyndan!» diýip, ony tanyşdyrdy. Atabaýew şundan soň synlaýjylyk bilen Ýagdynyň ýüzüne täzeden gözledi: –Akynýaz şeýdip gitdimi onsoň? –Gitdi. –Haý, oňarmandyr!.. Atabaýew bilen tötänlikde alşylan bu iki oýnam sözüň hörpi, onda Akynýaz Mämmet oglunyň sarpalanyp ýatlanmagy, derejeli adamyň ünsüni özüne çekmek arzuwy bolan Ýagdy kemsidiň “menini” kemsitdi. Badyny aldy. Atabaýewiň goçakdan ala gözleri oňa, birhili, aňtaýjylyk, närazylyk bilen, onuň edýän ähli işlerini bilýän, ýöne makullamaýan ýaly seredene meňzedi. Ýaňy Täşli ýanyna çagyranda, Ýagdy Atabaýew özüniň işleri, sowet häkimýetiniň halamaýan gatlagynyň adamlary bilen alyp barýan bolşewiklerçe göreşleri barada soraşdyrar, eden işlerime göwni ýetse, belki, ol meni-de Täşli ýaly edip okadyp, ýokary işe çeker diýen tamaly pikirdedi. Atabaýewiň soragyndan bolsa bu pursatda onuň başga zat däl-de, öz köne tanşy Akynýaz Mämmediň ykbalynyň ony gyzyklandyrandygy anyk boldy. Şundan soň ol ýolbars penjesine düşene meňzäp, wagty bilen özüne gelip bilmedi. Ýygnakdan soň oba gelende, “Ýoldaş Atabaýew bilen elleşip görüşdim. Täşli Annamyrat tanyşdyrdy. Aýtakow, Popok, Wellekow ýoldaşlary-da ýakyndan gördük, sözlerini diňledik. Moskwada türkmen halkynyň adyndan ýoldaş Staline sowgat gowşuran Ene Berdiýewa hem bar eken” diýip, baýrynyp gürrüň berse-de, gurultaý welin onuň göwün isleýşi ýaly bolmandy. Hasam, Atabaýew bilen duşuşygy, onuň bilen eden gürrüňi köýünden gitmeýärdi: "Akynýaz gitdimi şeýdip onsoň?" "Gitdi". "Haý oňarmandyr!.." Bu «Oňarmandyr!..» diýleniň ýöne, hälkibir, agyz ugruna aýdylaýýan söz däldigine, onda: «Ol bu ýerde gerek oguldy» diýen uly pikiriň barlygynyň duýulýanlygy üçin, ol hakykatdan-da juda degerli, mertebeli sözdi. * * * Gurbanlygyň öňüsyrasy tomsuň howasy hasam gyzdy. Diňe agşamlaryna, daňdanyň öň ýanlarynda az salymlygam bolsa, howa biraz gowşap, serginläp, kapas yssy karar tapýardy. Hemmeleriň esasy höregi suw bolupdy. Uly-kiçiler, içleri howur alyp barýan ýaly, eňterip-eňterip suw içerdiler. Söýünalyda sowuk suwly guýuly adamlaryň öýleriniň töwereginiň gelim-gidimi artypdy. Ýazda ýaşyl gülli kürtä bürenip, göz imrindirip, pasyrdap oturan Pendi baýyrlary indi goňras-çal lybasa çolanyp, ärlerinden göwni galyp, tumşaýyp, köne, solak gyňaçly, ters öwrülip, kese bakyp oturan oral aýallara meňzäpdirler. Ýaşaýşyň ýaşyl reňki diňe derýa boýlarynda, ekin meýdanlarynyň ýokarsynda galypdy. Dänäni ýygnan daýhanlar indi pagtany abraý bilen alyp çykmagyň aladasysynda ýaşaýardylar. Şol günleriň birinde ir bilen «Ýygnaga» diýip giden Ýagdy şura şäherden: «Mal ugrundan gaty eşegi bolanam kulakçylyga çekiljekmiş” diýen ýene bir howsalaly şum habar bilen ýetip geldi. Soňky döwürde adamlar onuň şähere gideninden gitmänini gowy görerdiler. Gitse, ol şunuň ýaly bir erbet, ýakymsyz habar bilen gelerdi. Gelibem her gezek ýetişse şol gün, ýetişmese şol günüň ertesi bu habary ýetirmek üçin şuralygyň tabynlykdaky kolhozlaryň adamlaryny toplap, ýygnak geçirerdi. Ýokarda şeýle pikiriň bardygyny ol bu gezegem şol ýygnakda aýtdy. Soňundanam OGPU-nyň prokuror bilen ýakyn günlerde bilelikde geçirjek bu arassalaýyş çäresine kolhoz adamlarynyň hem işjeň gatnaşyp, olary kulaklary, işan-mollalary ýüze çykarmaga kömek etmäge çagyrdy. Ýakymsyz habar oturanlaryň hemmesini üýşendirdi. Göwnüne güman dolan adamlaryň köpüsiniň soňra ýygnakda aýdylan başga sözler gulaklaryna ilmedi. Öňem dürli bahanalar bilen obadan «baý guýrugy», «basmaçy galyndyşy» diýlip, tussag edilip, alnyp gidilen adamlar bu ilde az bolmandy. “Indi gezek kimiňki?» diýen sorag adamlaryň köpüsini çyndan oýlandyrdy. Her kim içinden özüniň tussag edilip alnyp barylýanyny göz öňüne getirip, howpurgandy. Birnäçeleriň tepbediniň okalmagyna, belki, sanlyja gün galandyr? Onuň bu gezekdäki hüjüminde kimi gaňryp basjagy belli däl. Olar örän düşnüksiz hereket edýärler, onuň-munuň sözi bilen, gepiň aňyrsyna ýetmän, öýünde öýlänligi ýoguňam kulak diýip, bagtyny ýatyryp, tussag edip gidiberýäler. Bu günler OGPU-nyň bolşy öňräk Guşgy ýolunda gan çaýkan Jemhur garakçyny ýatladýardy. Ol barada «Jemhur adam baryny gaýgyrman talaýar, kimi öldürenini öldürenden soň anyklaýar» diýip gürrüň edýärdiler. Bolşewik «baý guýrugy», «gulak» diýip yrsarap ugradymy, bu ýene-de bir harasadyň gopjagynyň alamatydy. Ýygnakdan göwün bükgüldedip çykanlaryň ikisi şonda Paýzy bilen Han bolupdy. Olar gitmeli ugurlary birräk bolansoň, jaryň boýuny syryp, tirkeşip barýardylar. Han şol barmana: –Ýagdy şuraň bu günki tapan gepini niçik gördüň? – diýip, ysmygrak ýylgyryp, Paýza ýüzlendi. –Aý, biz-ä-how, şu myş-myşlardanam halys bez bolduk. Niräk äkitjegem bolsalar, äkidibem bir dynsalar. Ýogsam, mellegiň ol başyndan ötüp barýana it üýrse-de, yzymdan gelindimikän diýip, adam üýşenip otyr – diýip, Paýzy bir aýagyny süýräbräk alyp, topur ýoly çaňadybrak gelşine, närazylyk bilen gepledi: –Bir alaj-a etmeli özün-ä! –Näme ederin öýdýäň, edeňde? Üstüňden düşülse, tüpeň gundagy bilen birki gezek bererler welin depäňe, süssenekläp, öňe düşüp barýan Hanyň bardyr-da. –Haý, şu biziň türkmeniň ata-babasy gagal bolupdyr diýilse-de, goýun ýaly tabynlygy bar-da şunuň. Aslynda, bir edäýmelisem bar welin... Paýzy Hanyň gep urşundan onuň bir köýe düşenini aňyp, aýak çekdi-de, göwünjeňlik bilen onuň ýüzüne seretdi: –“Gaçan gutular-da, duran tutular” edäýmeli diýjek bolýarmyň? – diýip, ol ardylan sogan ýaly ujy tommaýybrak duran burnuny el ugruna sypalap durşuna, ýoldaşynyň ýüzüne maslahat salyjylykly seretdi. Öz göwnünde hem şeýle pikir bar bolansoň, Paýzy Han bilen göwünjeň düşünişdi. Olar şol ýerde hem haýyr işi soňa goýman, serhediň golaýdadygyny ýatlaşyp, Owgana aşyp, göç etmezden ozal ol ýere gidip, öz barjak ýerleriniň ýagdaýyny bilip gelmegiň maslahatyny etdiler... ...Jeňňeliň içi kapasdy. Han bilen Paýzy haýwanlaryň ot-çöpleriň arasynda çala bildirýän çaran ýodajyklarynyň birini yzarlap, doňuzdaraklaryň arasy bilen mahal-mahal aýak çekişip, «Serhetçiler ýokdur-da, hernä?» diýşip, töwereklerini hüşgärlik bilen diňşirgeşip, derçigişip barýardylar. Häzir Hanyň öňden bükdekläp, aýaklaryny seresap alyp barşy, haýsydyr bir awuň ugruna çykyp, indem şonuň ahmallygyny alyp, üstüni güpbasdy etmegiň ugruna çykan awça meňzeýärdi. Edil iki-üç ädim öň ýanyndan ýabany towuk tebil alyp, pasyrdap asmana göterilende, Han hamala taýak atylyp, goýun sürüsi gaýtarylandaky ýaly, bir düşnüksiz pikiri başdan geçirdi. Ol ýabany towugy sähel görüp galypdy, bu bolsa onuň içinden: «Eý, şu ýabany towuklaryň horazy zerteň-zerbap öwsüşip, owadan bolýarlar» diýip, oýlanmagyna sebäp boldy. Şol barmana-da, ol edil öň ýanynda gamyşlaryň arasynda ýabany towugyň höwürtgesini gördi, ol ýerde bäş-alty sany küle reňklije ýumurtgalar togalanyşyp ýatyrdylar. Han ýeňsesine öwrülip, özünden biraz yza galan Paýzyny barmagyny büküp, öz ýanyna çagyrdy. –Hä, näme? –Sered-ä bulara! – diýip, Han oňa barmagyny uzadyp, ýabany towugyň ýumurtgalaryny görkezdi. –Ýumurtga basyp ýatyr eken-dä ýaban towuk onda? –Şeýle bolup çykýar-da. –Goý, degme, ýene özi ýumurtgasynyň üstüne aýlanyp geler – diýip, Paýzy ýabany towugyň golaýda bir ýerde barlygyna ynandy. Şol barmana-da, hamala Paýzynyň pikirini makullaýan ýaly, telpek atym ýeňseden bir ýerde ýabany towugyň tanyş jokurdysy eşidildi. Han ýabany towuk bilen bagly ýakymly duýgulara berlip barşyna oglanlyk döwrüni ýatlady. Ol döwürler bu ýerde ýabany towuklar has köpem ýalydy. Oba oglanlary jeňňel ýodalaryny yzarlaşyp, gamyş-toraňňy tokaýçalarynyň arasynda sümsünişip oýnap gezerdiler. Ýabany towuklaryň köp bolşy ýaly, jeňňelde olaryň ýumurtgalaryna hem köp gabat gelnerdi. Şonda tapan ýumurtgalaryny eteklerine salyp, oglanlar ony içseler-ä içerdiler, ýogsamam, garagolluk edişip, bir-birlerine zyňşyp oýnardylar... Şeýle oýunlar oýnalanda Hanyňam, Paýzynyňam maňlaýynda köp ýumurtga ýarylypdy. Ýagydan ýaýboýy edip Owgana aşmagyň, belanyň öňünden sowulmak ýaly munuň öz maşgalasy üçin gutulmak boljagy barada pikir Paýzynyň kalbynda ýakymly tama döredipdi. Onuň telpeginiň aşak eteginde burum-burum der düwmeleri peýda bolýardy. Oba bolsa eýýäm, yzda, ses ýetimlikde galypdy. Olaryň yzarlap barýan ýodasy hem indi tizden baryp, derýa boýundan bir ýerlerden çykmalydy, ondan öň bolsa, esli ýerden derýanyň şogurdysy eşidilmelidi. Handyr Paýza serhetçiler tötänlikde duşaýan ýagdaýlarynda hem bahanalary bardy. Olar: «Sygrymyz ýitdi, şony gözläp ýörüs» diýmekçidiler. Mahorka ysy haplap burnuna uran mahaly öňden barýan Han: «Hä, bir belanyň-a üstünden geldik öýdýän?» diýen pikir bilen bu ýagdaýdan ýoldaşyny hem habarly etmek üçin gaňrylyp ýeňsesine öwrülen mahaly, gapdaldaky gamyşlygyň bir ýerleri doňuz dönüp gaçan ýaly güýçli şagyrdady-da, yzyndanam jeňňele ýaň berip duýdansyz tüpeň atyldy. Han bir sarsyp giden ýaly boldy-da, «hyýk» diýip, içigip duran ýerinde burlup ýere ýazyldy. Yzrakdan gelýän Paýzy gamyşlaryň arasy bilen şakyrdaşyp gelýän esgerleri görmese-de, tüpeň sesini eşideninden, özleriniň şolara duşandyklaryna düşündi. Esgerleriň derýa ýakasynda adam geçäýjek belli-belli ýerleri saklap ýatýanyndan ol öňem habarlydy. Ol hopugyp, şol duran ýerinden suwa gurbaga böken ýaly edip, özüni gapdalyndaky çöp-çalamyň içine oklady. Esgerler öz dillerinde bir zatlar diýşip, howlukman samyrdaşdylar. Yzysüre-de ýene-de iki gezek tüpeň sesi ýaňlandy. Bularyň ikisi-de Paýza niýetlenip atylan oklardy, oklaryň biri gamyşlary şatyrdadyp, onuň gapdalyndan sowa geçse-de, beýlekisi ony aýagyndan ýaralady. Paýzy aýagyny süýräp, şol gaçyp gelşine soňky deminde kenara ýetip, suwuň akymyna ýüzmek üçin togarlanyp, özüni derýa goýberdi. Oba adamlary jeňňel tarapda telim gezek bäşataryň atylanyny eşidip, ol ýerde bir zadyň bolanlygyny bilseler-de, ýöne ertire çenli, barybir, näme bolanlygyny bilip bilmediler. Esgerler bukup ýatan ýerlerinden ok baryny atsalaram, çöp-çalama siňen Paýzyny soňra näçe gözleselerem, tapyp bilmediler. Gamyşlaryň ýüzünde, çöpleriň üstünde galan gan tegmilleriniň yzy yzarlanan mahalynda oba tarap gaçandyr öýdülen Paýzynyň oba tarap däl-de, derýa tarap çekilenligi belli boldy. Derýa bolsa aýlanyp-öwrülip, gujagynda aýlag gurap, yňdarylyp akyp ýatyrdy. Aňyrdan yz çalşyp hasanaklaşyp gelen esgerler Paýzynyň yzynyň gelip derýa urýanyny görensoňlar, kenarda alaçsyz aýak çekdiler. Birsalym suw ýüzüni, garşydan görünýän, agyn toraňňydyr gamyş bolup duran Owgan kenaryny ünsli synlaşyp duransoňlar, onuň ýaraly bolansoň, ol kenara aşyp bilmejegini, bu aýlanyp kükräp akýan derýanyňam öz eline düşen adamyny onsuzam diri goýmajagyny pikir edişip, alaçsyz yzlaryna dolandylar. Soňundanam hümerlenişip gelip, Hanyň ýer garbap ýatan jesedine seredişip, indi ony näme etmelidigi barada öz aralarynda maslahat gurşup, sürüden keýik atyp galan möjeklere meňzeşip, dabaraly halda halda onuň daşyna öwrülişip durdular. Ozaldanam kesegelen hökmünde özlerini halkyň juda bir halap barmaýandygyna belet komandir, ikinji gaçanyň hem eýýäm derýa düýbünde balyklara şam bolup ýatanyna ynanyp, Hanyň jesedini gömüp, ony iliň öňünde görmedik-bilmedikden bolmaly diýen karara geldi. Hyşalygyň amatly bir ýerinden adam sygaýar ýaly çukur gazansoňlar, Hanyň jesedini süýräp eltip, şol çukura gapgardylar. Hälki Han güpläp ýykylanda: «Meniň okum degdi» diýip, buýsançly dillenen tegelek ýüzli, gaşlarynyň bary-ýogy oňly bildirmeýän, Günden ýasalan ýaly sary esger şonda bir zada üns berdi. Hanyň ýüzi üýtgemändir, ol dişini gysyp, uklap ýatana meňzeş. Esgerler komandirleriniň aýdyşy ýaly, mazaryň üstüne gum sürüp, soňundanam çöp-çalam bilen örtüp, osurdym-basyrdym etdiler, görer gözden gizlediler. Paýzy akymyň ugruna birneme ýüzenem bolsa, henizem ol ýene-de esgerleriň üstünden bararyn öýdüp gorkudady. Derýadan çykmaga ýaýdanýardy. Ýöne, indi suwdan çykmak gerekdi. Onuň ok degen aýagy sorkuldap, barha gaty agyrýardy hem ol agyryň has güýjäp, özüňi ýitiräýmegem, onsoň edil aýagyňdan çekilen ýaly, suwa çümüp gidibermegem mümkindi. Ol töweregini diňşirgene-diňşirgene, ahyr ýüregi bire baglap, suwdan çykmakçy boldy. Amatyna garap, kenardaky derýa ýan berip ýatan toraňňyňlaryň biriniň çybyklaryndan birini çalyp tutup, soňam dyzanyp-dyzanyp, ahyr-soňy özüni kenara atdy. Paýzy kenarda biraz ýatyp, demini dürsänsoň, dikelip oturyp, eline ilen haýsydyr bir suwotunyň ýazgyn ýapragyny ok degen ýerine goýup, ýyrtyp alan köýneginiň bölegi bilen köp gan gitmez ýaly, güýjünde baryny edip, ýarasyny ykjam sarady. Ol diňşirgenip, ýaraly aýagyny süýräp, toraňňydan döwüp alan hasasyna söýenip, obanyň çetinden giren mahaly jahan ýaňy saz berip ugrapdy. Oba adamlarynyň aglaba köpüsi heniz ukudady. Paýzy aýlawlyragam bolsa, oba itlerini örüzmänräk gitmek üçin, Hangulularyň outran beýiginiň aşak etegindäki jaryň boýuna indi. Ol Gully eminiň saraýynyň arkasy bilen aýlanyp, oba aýallarynyň suw alýan güzerine ýetiberende ol ýerde bir aýalyň gezekli-gezegine öz göteren suw kädilerini çaýkap, suwdan dolduryp duranyny görüp, aýak çekdi. Baryberse, aýalyň göräýmegi, görübem gorkup gygyraýmagy mümkindi. Paýzy bukulyp oturyşyna, onuň turup giderine garaşdy. Suwa gelen aýal çygşyldap, gara bolup, gapdalyndan geçensoň, Paýzy hem ýene-de ýola düşmäge howlukdy. Ol gelende, adamsyny habarsyz ýitiren, uzakly gijäni dik oturyp ýol gözläp geçiren gelin adamsynyňka meňzeş bolmadyk aýak sesleriniň haşşyldy bilen gapa golaýlap gelýänini eşidip, “zink” edip tisginip, ýerinden gopdy. Aýaly Paýzyny gapynyň öňünde haly teň, eleşan halda görüp, aglamjyrap aladaly garşylady: –Waý, saňa näme boldy? Bir belanyň bolanyny ýüregimem syzdy-la... –Öç! – diýip, Paýzy özüniň hökümli sesi bilen aýalyna häzir eňremäniň artykmaçlygyny bir söz bilen duşündirdi. Kimdir biriniň eşidäýmeginden çekinýän ýaly, aýaly bilen pyşyrdap gepleşdi. – Häzir menden zat sorama sen. Bar, tiz git-de, agamy turzup gel! Aýaly Paýzynyň goltugyna girip, oňa düşege geçmäge kömek edensoň, saçbogusyndan sallan apbasy şaýlaryny şyňňyrdadyp, daşaryk howlukdy. Saçbogudaky şaýlaryň «Şarp-şarp» edip, aýalyň kä çep sagrysyna, kä sag sagrysyna şapbatlaýana meňzeş sesi barha öýden daşlaşýanyny, onuň agasynyň gapysynyň öňünde saklanyşyny, «Enesi!» diýen sesden soň gelnejesiniň kepbesiniň gapy gamşynyň syrylyşyny, ol ýerde bolýan gysgajyk hümürdi¬l¬¬eri, ara ýakyn bolansoň, Paýzy ýatan ýerinden diňşirgenip eşidip ýatyrdy. Aýal gelip, içerik girip-girmänkä, onuň agasy hem donuny ýelbegeý alyp, ardynjyrap ýetip geldi. Gele-gelmäne-de inisiniň teň halyny görüp, janköýerlik bilen aladalandy: –Näme boldy saňa? Paýzy bolan-goýan zatlary agasyndan gizlemedi. Iň erbet ýagdaýyň özi bilen däl-de, Han bilen bolanlygyny, onuň jeňňelde gölerip galanyny ýatlady. Hany ýatlap, hasrat bilen gürlände, Paýzy bir salymam bolsa ýaraly aýagynyň agyrysyny hem beýle ýiti duýmady. Şowsuzlyk zerarly onuň kalbynda ahmyr ody alawlap durdy. Onuň gaýnan gany entegem sowamandy, ýüregi ahmyrly urýardy. Paýzy kepän dodaklaryny ýalap, ýene-de aladaly pyşyrdady: –Indi, nädibem bolsa, Han bendäniň jesedini ol ýerden ýygnamaly! Paýzynyň agasy ýaranyň sargysyny açyp ýagdaýy anyklansoň, onuň bejermesi kyn ýara däldigini göz ýetirip, şükür etdi. Ýara açykdy, ok aýagyň jylkasyny dilip geçipdi. Gany durup, häzir onuň agzy balygyň agzy ýaly öwelip durdy. Pikirinde Nobat tebibi ýatlap: «Orsuň dogtaryna sygnyp, syrymyzy paş edip ýörmek bolmaz. Ýara açyk. Kesip-köwläp almaly zat bara hem meňzemeýär. Öz tebibimizem muňa hötde geler» diýip oýlandy. Ýara Paýza azar berýärdi. Ol dişini gysyp, başyny ýassygyň bir ol tarapyna, bir beýleki tarapyna öwürýärdi. Paýzynyň agasy mylaýym suwa batyrylan esgi bilen inisiniň ýarasynyň töwereginde galan gan-koklary emaý bilen süpürişdirip aýransoň, ýarany ýene-de täze esgi bilen sarady. Inisiniň ogluny çagyryp, soň dessine ony: «Çagyryp gel!» diýip, Nobat tebibiň üstüne ugratdy. Paýzynyň agasy gidip, Hanyň degerliräk garyndaşlarynyň birki sanysyny öýünden çagyryp alyp, gürleşip duransoň, töwerekdäki öýleriň arasynda adamlaryň gyssanmaç ibirt-de-zibirtligi başlandy. Geläýmeli garyndaşlar golaý töwerekden çagyrylyp getirildi. Adamlar Hanyň öýüniň gapdalynda birsalym hümürdeşip duransoňlar, öz aralaryndan iki sanysyny dessine Nurjuma başlygyň üstüne ugratdylar. Nurjuma üç-dört adam bilen Handepedäki serhet galasyna gelende, komandir olary hiç zatdan bihabar bolan bolup kabul etdi. Onuň ölüme perwaýsyzlygy Nurjuma başlygyň çetine degdi. Ol komandiriň ýüzünde häzir bir ýazgy peýda bolaýjak, özi-de ony okaýjak ýaly çiňňerilip, gözlerini süzüp, elleriniň barmaklaryny gezekli-gezegine şatyrdadyp gysyp, döwüp, aýryp zyňaýjaga meňzäp, dyňzap durşuna öz içki harasadyny duýdurmazlyga çalşyp, kinesine basalyk berip gepledi: –Goňşuçylykda, bir-birege biz entekler gereg-ä borus, komandir! –Elbetde! – diýip, komandir sähelçe baş atyp, ýene-de öňki hörpünden gopdy. –Siz habarsyz bolsaňyz, onda biziň özümiz bir gözläp göräýsek. Nurjuma bu sözi: «Seniň esgerleriň bahana arap, ol ýerde sürnüp durmasyn» diýen manyda aýtdy. Öz orunbasarynyň ýolbaşçylygynda jesediň tapylmaz ýaly edilenligine ynanýan komandir, mahal-mahal öňünde duran adamlaryň ýüzlerine nazar aýlap goýberip, telpeginiň ýyldyzyna pitikläp, özüniň kimligini nygtaýana meňzäp oturyşyna ýene-de parhsyz dillendi: –Gözläň, gözleseňiz! Ýöne bize tabynlyk ýerlerden-ä ony tapmajagyňyzy aýdaýyn. Ýitigiňizi başga ýerden gözleseňiz gowy bormukan diýýän! – diýdi. Adamlar hatar durup, jeňňelde Paýzyň salgy beren ýerlerini daraklap gezip barladylar. Iküç ýerde çöp üstünde gan yzlaryna meňzeş garamtyl-goňras tegmillere gabat gelindi, ýöne ony yzarlamak bilenem, tapylan zat bolmady. Jeňňelde şatyrdaşyp ýören doňuz topary gytmy näme. Belki, şolaryň dagy biri ýaraly bolup, ganyny saçyp geçendir? Donuz bolsa, orsuň ölen aşy. Tapsalar hezil edýärler. Gözleýänler güni günortan edip, Hanyň jesedinden derek tapman, onuň bolaýjak ýerini ýene bir gezek Paýzydan anygrak sorap ýa-da ol ýeri görkezmek üçin onuň özüni göterip alyp gaýtmak üçin oba dolandylar. Gözlege gidenler yzlaryna gelip, ýagdaýy aýdan mahallary, onuň getirilerine garaşyp oturan garyndaşlarda: «Ýene onuňam Paýzy ýaly, bir ýerlerden urup çykan bolmagam mümkin» diýen inçejik tama döredi. Şol tama bilen soňra öz öýünde: «Saňa nä döw çaldy, balam!» diýip eňräp, eýýäm ogluny öz ýanyndan ugradyp oturan ene-de agysyny goýdy. Ýerli-ýerden adamlar hem «Belki!» diýşip, ýagşy dilegde boldular. Bu edilen ýagşy niýetler göwne biraz rahatlyk çaýanam bolsa, edilmeli işe onuň peýdasy degmedi. Ýaşululary bu pikir bir pursat pikirlendiren-de bolsa, olar «Belkiniň» üstünde uzak eglenmediler. Ýitigden bir derek tapmak üçin ýagdaýy töwerek bilen baglaşdyryp: «Gidilende Pyrara diýlip gidilen bolsa, esger üstünden barlyp, okam atylan bolsa, gan tegmilleri, agram düşüp ýatyrylan ot çöplerem ol ýerde bar bolsa, ony ýene-de şol ýerden gözlemeli» diýen netijä geldiler. Gözlegçiler bu gezek jeňňele gidenlerinde, ýaşulularyň maslahaty bilen kolhozyň dyzmaç gara öküzi bilen üç-dört sygry hem öňe salyp sürüp gitdiler. Mallar Paýzynyň salgy beren ýerine ýetip, töwerege ýaýranyna köp wagt geçmänkä, tohum öküziň duýdansyz şir-peleňiň ahmyrly sesine meňzeş eýmenç mojuk sesi eşidildi. Yzdan gelýän adamlaryň ini düýrügip gitdi. Bu öküziň bokurdagyna pyçak goýlanda janhowluna gygyrýan tanyş sesidi. Adamlar çöp-çalamlaryň arasy bilen şol tarapa eňdiler. Görseler, ine, gan ysyny alyp, möwjäp, dälilik hetdine ýeten öküz öň toýnaklarynyň biri bilen ýer peşäp: «Ol şu ýerde» diýýän ýaly, uly hossa bolup bögürip dur. Adamlar gara öküzi ol ýerden kowup, onuň düblän ýeriniň töweregini gözlän mahallary, bir bölek ýeriň üstüni örtüp duran täze topragy gördüler. Açyp görseler, howul-hara çukura eňterilip, üsti gömlen Hanyň jany entek göwresi bilen doly saýlanyşybam ýetişmän eken. Onuň ýüzi bolsa uklap ýatanyň ýüzüne meňzeýärdi. Onuň akmaly gany öýüne getirilip, ojagynyň gapdalynda, hossarlarynyň arasynda süňňi doly sowap ugran mahaly akdy. Diňe şundan soň onuň tutuş bedeni ymykly merhumlyk halyny eýeledi. Paýzy Han bilen öýünde gözüni depesine dikip ýatan ýerinde sessiz aglap hoşlaşdy. «Ine, dost, ikimiziň ýurt aşyşymyz-a şeýle boldy. Gidilmän geçilse bolmaýarmy şol Pyrara...» Ol Hanyň ölümine belli bir derejede özüni hem günäkär hasaplaýanlygy üçin, örtenip, öz kem gaýdan ýerini gözläp aglaýardy. Gözünden syrygýan ahmyr ýaşlar bu gezek oňa hemişekilerden has gyzgyn ýaly bolup duýuldy. * * * Gyzyllar gelip, aklaryň elinden onuň begligini alanda, türkmenler muňa birbada şeýlebir ähmiýet hem bermändiler. «Aý, öz-özleridir, öz pohlary öz depgilerine çydar. Aýňalyp bilseler, ýene-de öňki dogan-dogan bolşup, arak-şerap içişip ýören orsuň bardyr-da» diýşipdiler. «Iki at depişer, arasynda eşek öler» bolmazlyk üçin, olaryň urşundan çeträkde durmaga çalşypdylar. Ýöne tizden aklaradyr gyzyllara öwrülip bölünişen oruslaryň bir-birlerine garşy gandöküşikli uruşlaryndan bularyň gyr duşmanlygy, haýsy biri amadyny alsa, onuň beýlekisini aýap goýmajagy belli bolupdy. Gapma-garşylyk bolsa, barha ýitileşýärdi. Soňundanam, halkdan "Şeýtanyň azdyrany özüniňki" diýleni bolupdy. Şeýdibem, ahyryn-da, oruslaryň özleri ýaly, türkmenlerem isleselerem, islemeselerem garşylykly, bir-birekden öçli iki tarapa bölünmeli bolupdylar. Aklar gyzyllardan asgyn gelip, ýurdy taşlap yza çekilen wagtlary olara goşulan we goşulmadyk türkmenleriňem uly bölegi soňra apyla-sapyla sowlansoň, ýene şolar bilen gaýdyp ýurda gelmäge mümkinçilik bolar diýen tama bilen olaryň yzlaryna düşmäge mejbur bolupdylar. Merkezi Aziýa halklarynyň esasy şonda: «Kyýamat güni goňşudan» diýlenini edip, dini bir bolanlygy üçin, özgelerden bir depik özlerine ýakyn hasaplap, Owganystana ýa-da Eýrana aşmaga synanyşýardylar. Owgan döwletiniň patyşasy Nedir hanyň Merkezi Aziýa halklarynyň düşen gara gününe düşünip, raýdaşlyk bilen seretmegi soňra owgan topragynda serhetden aşan uly toplumyň jemlenmegine sebäp bolupdy. Göwnüne deglen, elinden hany-many alnan adamlaryň sowet döwletine bolan hyrş-ahmyry ýeterlikdi. Indi bu ahmyrly toplumy akylly-başly birleşdirip, ondan uly güýç döretmek, soňundanam ony maksada gönükdirmek gerekdi. Dünýäniň dem alşyna diň salyp oturan ilgezik Angliýa ýene-de bu ýagdaýy tiz duýupdy. Ähli güýçleri göwnejaý jemläp, ony bolşewigiň üstüne sil edip sürüp bilse köp zatlary gazanmagyň mümkinligi, bolşewigi paty-putusy bilen Ural daglarynyň etegine eltip dykmagyň mümkinligi aýgyt bolup ugrapdy. Bu güýje iňlis maslahatçylarynyň, türk Enwer paşanyň kömegi bilen Merkezi Aziýanyň derejeli adamlary Buhar emiri Seýit Alymyň, türkmen Jüneýit hanyň, özbek Ybraýym begiň töwereginde döretmeklik göz öňünde tutulypdy. Sowet hökümeti hem bu zatlardan habarlydy. Onuň Owgan topragynyň süňňünde gurt bolup müňňüldeşip ýören jansyzlary häli-şindi bir-birinden howply maglumatlary ugradyp durýardylar. Howp barha artýardy. Ýurtda hem olara duýgu¬daşlyk edýänler köpdi. Merkezi Aziýanyň azat ediş goşuny döredilip, ol goşun serhedi böwüsdigi, olaryňam şol güýje goşuljaklygynyň ujy iki däldi. Azat ediji güýjüň esasy bil baglaýany hem hut şu ýerlerdäki adamlardy. Owganystandaky ol birleşmäniň esasy ýolbaşçylarynyň birisiniň Jüneýit han bolmagy bolşewigiň türkmen topragyndaky howatyryny artdyryp, aladasyny köpeldýärdi. Meseläniň bir başynda Jüneýit han dursa, onuň başga ýerden däl-de, ýurdy belet çapar edip, ilki bilen Tagtabazardyr Guşgy aralygyndaky öz ýurdunyň serhedini böwüsjegi gümansyzdy. Bir ýarym ýyla golaý mundan öň Jüneýit hanyň ogly Eşşi kiçiräk bir bölek goşun bilen gelip, Guşgynyň golaýyndaky Akrabat diýen ýerde bolşewigiň güýçleri bilen çaknyşyp, yzyna dolanyp gidipdi. Elbetde, bu aňyrdan sil bolup, tüwdürilip gelmegine garaşylýan agyr goşun däldi. Olar Jüneýit hanyň serhediň ýagdaýyny bilmek üçin ýollan bir bölek atlysydy. Bulary gaýtaranyny öz ýanlaryndan utuş hasap edýänem bolsalar, bolşewiklerem munuň garaşylýan esasy güýç däldigine gowy düşün¬ýärdiler. Sowet döwletiniň Kabuldaky ilçisi şol günler, bu birleşmäniň öňüni almak üçin Owgan häkimýetiniň täze ýolbaşçysy Nedir hana talapnama üstüne talapnamalar gowşurýardy. Türküstanyň Sowet häkimiýetinden gaçan dürli milletleriň wekillerine gonalga berenligi üçin ondan dilgir bolýardy. Ol talapnamalarda: «Siziň Sowet döwletinden gaçan ahmyrly adamlara gaçybatalga berýänligiňiz, olaryň bu ýerde birleşip, kämilleşip, uly güýje öwrülýänligi bize belli. Şonuň üçinem biz muny, birek-biregiň içerki işlerine gatyşmazlyk baradaky ozal gol çekilen Sowet – Owgan ähtnama-şertnamasynyň bozuldygy hasap edýäris. Ýakyn günlerde Siziň ol türküstanly bosgunlar barada pikiriňiziň üýtgemedik ýagdaýynda biz Sizi-de Angliýa, Türkiýe ýaly Sowet döwletiniň taýmagyny, onuň şeýle bolmagy üçin elinden gelen kömegi gaýgyrmaýan dostlukly däl ýurtlaryň biri hasap edip, Owgan döwleti bilen öz gatnaşyklary¬myza täzeden seretmeli bolarys...» diýlip, nägilelikler aýdylýardy. Guşgy galasy güýç toplaýardy, Türküstan birleşmesiniň goşunlary bilen çaknyşmaga, olara mynasyp gaýtargy bermäge çalyşýardy, ondaky goşunyň üsti täze bölümler bilen, täze ýaraglar bilen gyssagly ýetirilip durulýardy. Ýurtda hem Türküstan birleşmesi bilen tamasyny baglaýan, ýene-de öňki haly, öňki ýagdaýy gazanyp bolar diýip göwün ýüwürdýän, olara duýgudaşlyk edýän adamlar barha artýardy. Ol goşun serhedi böwüsdigi şol Azat ediş goşunynyň esgerine öwrüljegi, özüni depgiläp, kemsiden bolşewik bilen bellisini etmek üçin dawa saljagy ikuçsuzdy. Şonuň üçin henizem bu ýerde Jüneýit hanyň adynyň aňyrsynda eýmendiriji güýç duýulýardy. Kulakçylyga çekmek işleri bolsa indi ýurtda barha giň gerim alýardy. Raýonlarda täze häkimiýeti halamaýan adamlary ýüze çykarmak üçin raýispolkomlaryň ýanynda, şeýle adamlara garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak üçin ýörite «üçlükler» döredilipdi. Şol günler «Turkmenskaýa iskra» gazeti «Baý-kulaklar öz günleriniň sanalgydygyna düşünýärler» (28.01.1930) diýip buýsançly ýazýardy. Türkmenistan bolşewikler partiýasynyň sekretary Ýakow Popok Moskwanyň özüne eden ynamyny ödemek üçin, kolhoz döretmekde öňe saýlanmaga çalyşýardy. Kolhoz gurluşygyna zelel beräýjek adamlar gaýgyrylman, syrylyp-süpürilip taşlanylýardy. 1930-1931-nji ýyllar aralygynda 3000 hojalyk ýurtdan çykarylyp, Özbegistana, Gazagystana, Sibire, Ukraina, Kawkaza... sürgün edilipdi. Popok bir ýylyň içinde 1300 kolhoz gurup, kolhoz gurmakda, ine, şeýdibem bolşewik ýurtda köpleri «tozana» garypdy. Şol günleriň birinde jahan şindi oňly ýagtylyp-ýagtylmanka, OGPU-nyň orunbasary Aman, hamala, halk şindi oýanyp ýetişmänkä üstüni basmagy niýet edinýäne meňzäp, Söýünala geldi. Onuň ýanynda özi ýaly ýarym harby geýimli, burunlak, inçe ýüzli ýene biri bardy. Olar jylawy deň tutup, atlaryny ýanaşyk sürüp gürleşip gelýärdiler. Atlar ýeňiljek derläpdiler. Bularyň irden şäherden çykyp gaýdany belli zat. Ýogsam, sesýetimlikde Söýünaly barmy saňa!? Söýünaly ýurduň aýagujyndaky Murgabyň çep kenaryny ýassanyp oturan obalaryň biri. Ondan aňyrda ýene-de, iň çetdäki «Hutora» çenli şol bir ugurda ýene iki sany kiçiräk obaň bardyr-da. Hutora ýeteňsoň, türkmen topragy belentbaş baýyrlara öwrülip, şol ýerden ýaý berip, günorta-gündogar tarapa ýaýlyp ugraýar. Bu ýerde indi onlarça ýyllardan bäri türkmenlere goňşuçylykda Ak patyşanyň 1889-njy ýylda, alys günorta serhedi berkitmek üçin Ukrainadan maşgalalary bilen ýörite göçürip getirnen hohol-kazaklary ýaşaýarlar. Olaryň obasynyň ýörgünli adynyň «Hutor» bolmagy hem şonuň üçin. Häzir il ugruna olar hem obalarynda kolhoz döredip, oňa «Pograniçnik» diýip, täze at goýan hem bolsalar, olar il içinde henizem şol öňküleri ýaly hutorlylar diýlip tanalýardylar. Türkmenler olara: «Hohollar jygyrdyp-jygyrdyp doňuz iýýärler, ýürekleri bulananokmyka?» diýşip, biraz seňrik ýygyrýan-da bolsalar, umuman, hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýardylar. Häzir Aman öz gapdalyndaky ýat adamyň bilesigelijiligi bilen töweregi synlap gelýän ýoldaşyna ýolugruna şu zatlary beletlik bilen gürrüň berip gelýärdi. Ýöne olar Söýünalynyň sowgudyna ýetseler-de, oba sowulman, onuň gapdalyndan Handepedäki serhet galasyna tarap geçdiler. OGPU bu günler gyssagly Owganystanda döreýän Türküstan Azat ediş goşunlaryna gerek bolan mahalynda olara il içinde hemaýat beräýjek adamlary ýüze çykarmak işlerini alyp barýardy. Ýumak çözlenip barşyna eýýäm şeýle duşmana ýaran bolaýjak adamlaryň Söýünalyda-da barlygy anyklanylypdy. Göräýmäge, respublikanyň ýüzläp kilometr demirgazygynda ýaşan Jüneýit hanyň ýurduň günorta eteginde oturan Söýünaly obasy bilen adybir türkmenlikden başga galtaşýan ýeri bolmaýjagam ýaly welin, ýöne o-da bar eken. Beýle habar tapsa, OGPU-a başga näme gerek!? Onsuzam: «Bar bolsa, ýüze çykarys, ýogam bolsa, ony dörederis» diýýänler şol günler «ýiti gözli OGPU» dälmidi näme!? Amanyň hut özi öňünden oba jansyzlarynyň üsti bilen bu meseläni höwesli öwrenipdi. Oba dükanynyň dükançysy, gerek ýerinde onuň bilen öz dostlugyndan peýdalanýan Hardat bu meselede işjeňlik görkezipdi. Ol Söýünalyda Jüneýit han bilen aragatnaşykda bolan hasap edilýän adamlaryň sanawyna öz halamaýan adamlarynyňam atlaryny uly höwes bilen goşdurypdy. Şeýdibem, onuň öňünde, kagyz ýüzünde bäş adamyň ady peýda bolupdy. Aman soňam bu adamlaryň hersiniň adynyň yzyna galam bilen özi üçin anyklaýjy maglumatlary ýazypdy: 1. Gully emin baý. Obada bar. 2. Sapa mylaýym. Obada bar. 3. Sary batyr. Ölüpdir. 4. Şirek hajy. Merhum. 5. Kymyş baý. Obada bar. Ol bu adamlary OGPU-nyň öz usullary bilen gowuja sorag edip, işläp bilse, olardan Jüneýit han, onuň serhetden ýeňsedäki alyp barýan işleri barada ýeterlik, anyk maglumatlar alyp biljegine ynanýardy. Häzir ony Marydan gelen ýörite wekil bilen Söýünala getirenem hut şu meseledi... Kymyş duzçy meýdanda gawun gollarynyň suwa degip harap bolaýjagynyň gollaryny gaýtaryp güýmenip ýörkä, onuň yzyndan şuranyň jigidi bilen iki sany esger geldi. Şuranyň jigidi Kymyş duzçynyň ýüzüne göni seredip bilmän, nazaryny sowup gürledi: –Kymyş akga, şu soldatlar-a siziň yzyňyzdan gelipdir. Goja işini goýup, goljugyň suwuna elini ýuwup otyrka sorady: –Indi gezek maňa ýetdimikän, onsoň? Gojanyň sözünde nägile göwnüň äheňi bardy. –Bilmedim. Şu adamlary getirmeli diýip, Handepeden birtopar atly iberipdirler. Olaram oba şura geldiler. Ýagdam, meni öňe saldy. “Şu adamlary tapyp ber!” diýdi. Beýlekiler-ä obadan tapyldy, ýöne siz bärde ekeniňiz. Onsoň, men olary tapyp ugradyp, siziň ýanyňyza gaýtdym – diýip, jigit özüni ýumuş oglany hökmünde görkezip, salyhatly geplemäge çalyşdy. Jigit sypaýysyrasa-da, onuň yzyna düşürip gelen esgerleriniň orus ýaly saryýagyz bolsa-da, sypaty orsa meňzemeýän elekýüz, gözleri tilki-şagalyň gözüni ýatladyp duran birisi gönüläp, “Tanamadyk–sylamaz” edip, dözümli türküçe gepledi: –Ýaşuly, sen OGPU sorag boljak! Kymyş duzçy ateşegini gaňňalap münensoň, atlylaryň öňüne düşdi. Bir görse, onuň oba gidip, agtyklary bilen oýnamagy halaýan, öz ýanyna gawun goragyna getiren item yzyna düşüp gelýär. Goja ony görüp, eşegini saklap, itine ýüzlendi: –Sen nirä, Alabaý? Jogap ýerine Alabaý aýak çekip, eýesine seredip, göwünjeň ýalmandy. –Dön yzyňa, saýa bar. Sen gitseň, gawuna kim göz-gulak bolsun! Onsonam men oba-da gidemok. Görýäň-ä, yzymdan atly gelipdir... Maňa gezek ýeten bolsa, indi garaşyber duşmanyň iti hökmünde senem tizden ýygnarlar! Bar! Dön yzyňa! Alabaý eýesiniň ýüzüne seredip durdy-durdy-da, soňundanam, hamala, onuň sözlerine düşen ýaly, yzyna öwrüldi. Ýaşulynyň aýlawly geplerini jigide diňlemek agyr düşýärdi. Sebäbi ol obadaş hökmünde bu gojanyň gönümelligine, aýdaýmasam ölýänlerdendigine beletdi. Ol Kymyş duzçynyň ýeri gelende kimdir biriniň nädogry gepi ýa-da hereketi gözüne ýakmasa, kimligine seretmän, ony ýekegapan bolup, silkip alaýmasynyň bardygyny hem gowy bilýärdi. Atlylar serhet galasyna gelip, Kymyş duzçynyň ateşeginden düşerine mähetdel, ony öňlerine salyp, köpden bäri garaşylýan ýere tarap alyp ugradylar. Olar gapa ýetiberende içerden her goltugyndan bir esger girip alnyp gelinýän, urlup-siltenmeden surnugyp, halys tapdan düşen Sapa mylaýym göründi. Ol Kymyş duzçyny tanap, azar görenini mälim edip, dodaklaryny müňküldedip hamsygdy: –Mylaýym! Sen-de mundamysyň? – diýip, Kymyş duzçy aýak çekip, jandurmazlyk bilen onuň habaryny aldy. Aslynda näme etjegini bilmese-de, oňa nähilidir bir delalat edesi geldi. Mylaýym gepläp bilmän, baş atdy. Hasam ejizlärli göründi. Onýança-da esgerler ony idenekledip, gapdaldan geçirip alyp gitdiler. Kymyş duzçy özüne hem içerde ýeňil gürrüňiň garaşmaýanlygyna düşündi. Ol gelip içeri girende, boram-boş diýen ýaly jaýyň içinde üç sany adam hümürdeşip, agaç oturgyçlaryň üstünde pes boýly eşeklere münene meňzeşip, özara gürleşip otyrdylar. Olaryň üçüsem saýlanyp alnan ýaly süňkbaşlary iri, saýyrdyň adamlardy. Kelleler baş gapsyz, üçüsi üç ýerden garabaş bolşup otyrdylar. Kymyş duzçy adaty ynsan gatnaşyklary bilen bagly endige görä, giren mahaly aleýk alsa-da, oturanlardan özüniň ýaşkiçidigini ýatlap, salam beren bolmady. Häzir ortadaky ýeke stoluň bir gyrasynda tirsegini diräp, çilim çekip, haýbatly seredip oturan zeberdes adam tanyş görünse-de, goja adyny tutaýara ony nirede görenini, kimligini ýadyna salyp bilmedi. Stoly töwerekläp oturanlar ýerli-ýerden gojany synlaşyp, öz aralarynda düşnüksiz dilde bir zatlary pyşyrdaşansoňlar, haýsydyr bir maslahatyň bişirilenligi belli boldy. Gürrüňi şol perwaýsyz çilim sorup oturan tanyş ýüzli adam başlady: –Ýaşuly, biziň saňa berjek birnäçe sowalymyz bar. Ýöne dogryňy aýtmaly bolarsyň! –Aýdarys, ýagşy ýigit. Ýaşulyň, nä, saňa ýalan bergisi barmy? –Sen Jüneýit hany gördüňmi? –Han Jüneýidimi?.. Hä, görüpdim. Ol orta boýluragada... – goja ýaňy Jüneýit han barada öz bilýänini ýatlamakçy bolanda, sorag beren onuň sözüni kesip, talaply gepledi: –Biziň soraglarymyza anyk jogap ber! Jüneýit seniň öýüňe geldimi? –Ýok, han, nä, seniň-meniň öýüme gelýärmi? –Kimiňkä geldi ol onda? –Biziň obada-ha onuň Gully eminiňkiden başga gelen ýeri ýokdur. O-da birmi-iki sapar bolmaly... –Senem ol ýerde bolan gürrüňçilikde barmydyň? –Ýokdum. –Onda Jüneýidi sen nirede gördüň? –Bir-ä Owgan galasyna barlanda, birem şondan soňra çykyp, derýa boýunda durlanda görüpdim... Kymyş duzçy diňe şundan soň oturanlaryň özünden näme eşitmek isleýändiklerine düşündi. Goja birhowa, bireýýämiň wakasyny ýadyna saljak bolýanyny mälim edip, haýsydyr bir şirin saz diňläp, gözlerini süzüp, meýmiräp oturana meňzedi. Oturanlar Kymyş duzçynyň Jüneýit han bilen saçagyň başynda gürrüňdeş bolup oturyşyny özüçe göz öňüne getirip, muny anyk ýatlamasa, gojanyň özlerine hezil bermejegini aňyp, biraz haýyganlygyny pikir edişip, öz ýanlaryndan göwnühoşluk etdiler. Haçanda Kymyş duzçy: –Han Jüneýidi men görmesine-hä görüpdim özün-ä... – diýip, könäni ýatlap, täzeden gürläp ugran mahaly, töwerekde oturanlar onuň ýüzünde duýlar-duýulmaz ýaňsyly ýylgyrmanyň peýda bolanyny görselerem, onuň anyk sebäbine şol wagt düşünip bilmediler... Jüneýit hanyň ilkinji gezek Owganda mejbury peýda bolmagynyň sebäbi 1916-njy ýyldaky rus generallary – Madritowyň etrek tarapda, general Galkiniň Hywa töweregindäki türkmenlere garşy alyp baran gandöküşikli söweşleri sebäp bolupdy. Jüneýit han öz halkyna baş bolup, patyşa goşunlaryna we onuň ýaranlaryna garşy gaýduwsyz söweşler edensoň, güýç-ýarag egsik gelip, öwrülip, ahmyrly yza çekilmeli bolupdy. Ol ata-baba galasy – Garagum çölüne bir siňensoň, ony Hywada dara çekmek isleýän general Galkinem gözläp näçe kösense-de, tapyp bilmändi. Onýança bolsa, han baryp, Owgandan çykypdy. Bu gabahatlyklar rewolýusiýanyň öňüsyrasynda, rus patyşasynyň generallarynyň päli azyp, uwlaşyp belany özlerine bakdyryp ýören döwri bolupdy. Owgan emiri öz ýurduny penalap gelen Jüneýit hanyň ýagdaýyna düşünip, oňa öz döwletiniň çäginde gaçybatalga beripdi. Üstesine-de, derejeläp onuň ýurtda arkaýyn hereket etmegi üçin, emirlik tarapyndan, keseki ýurtla dagy juda seýrek berilýän «Tarhanlyk hatyny» hem berip mertebeläpdi. Şeýle «Tarhanlyk haty» Owgan emiri tarapyndan öňem bir gezek türkmen serkerdesine berlipdi. Oňa Owgan emirine ýagy gaýtarmaga goşuny bilen kömek eden Täçgök serdar mynasyp bolupdy. Serdaryň yzyndan şonda Mara iberilen «Tarhanlyk hatynyň», sowgat-peşgeşiň ýany bilen gaýduwsyz owgan serkerdeleriniň biriniň on alty ýaşly gyzy hem bardy. Serdaryň şol aýalyndan soňra Türkmenistanyň häzirki baş ýolbaşçylarynyň biri bolan Gaýgysyz Atabaýew dünýä inipdi. Görseň, ol dag börüsi ýaly gözleri ýanyp, doguma dolanyp durşuna, birkyýamada owgan adamsyna hem meňzäp-de durandyr. Jüneýit han şonda Watan bilen hem gulakdaş bolmak üçin ýaşamak üçin, özüne ýurduň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazykdaky Hyrat welaýatyny bu ýerden saýlap alypdy. Gully eminiňkä hem ol şol döwürler, at üstünde möjek ýaşaýşyny edip ýören günlerinde iki-üç sapar myhman bolupdy. Ýöne Jüneýit han biynjalyk adam bolup, baran ýerleriniň hiç birisinde hem uzak eglenmez eken. Gully eminiňkä gelende hem ol hemişe ýüzüni garaňka tutup gelip, gije myhman ýeri bilen söhbetdeş, hezzet-hormatda bolansoň, ertir ýene-de säher-säherler atlanyp, göterilip giderdi. Obada Gully eminiň myhmanynyň hyzmatynda duran ogullarynyň käbiri bolaýmasa, kimiň gelip gideninden, köplenç, maşgalanyň özi-de habarsyz galardy. Bir gezek Jüneýit han myhmançylykda mahaly, hal-awhal soraşylanda, Gully emin oňa öz iliniň Owgan ýurdunda-da sarpaly adamsy hökmünde, maslahat salýan äheňde, bir meseläni ýaňzydypdy. Ol hem owgan Bürgüdi bilen serhetde oturan birnäçe türkmen obalarynyň arasynda soňy uly jetleşige ýazyp barýan agzalalygyň döräp ugranlygyny il keşigini çekýän adam hökmünde Gully emin mmuny alada bilen gürrüň beripdi. Geçen ýyl owgan Bürgüdiniň iberen atlylarynyň dört obadan kyrk düýe däne talapgär bolanlygyny, bu ýylam ýakynda owganlaryň Mary bazaryna süren malyny ýolda bölüpsiziň diýen bahana bilen iliň iki bölek çekenesini ýörite iberilen ýaragly adamlaryň derýadan geçirip äkidenligini, türkmenleriňem birnäçe ýigitleriniň şol gijäniň özünde atlanyp, şol sürlen süriniň birini çaknyşyp, yzyna alyp gaýdanlygyny ýatlady. Elbetde, beýle zatlar orus ýurduň daşyna çäk çekip: özümiňki diýip belläp alaly bäri aňsat bolup hem bolmaýardy. Ol öz paç-hyrajyny talap edişi ýaly, ýurduň daşyny goramagy hem oňarýardy. Eger päli azyp, sürnen tapylaýanda hem orsuň kämil ýaraglary olary ikini islemez ýaly edip taşlardy. Soňky ýyllardaky öz aralaryndaky barlyşyksyz oňşuksyzlyklar onuň kuwwatyny mese-mälim gaçyrypdy. Orsuň ýüzýyllyklaryň dowamynda güýç bilen basyp alyp döreden imperiýasy çaýkanýardy, sep berip gowşaýardy. Pendi töwereginde hem serhedi ýassanyp ýatan oruslaryň köpüsi, hamala soňundan şol ýerden öz gelen otlularyna münüp Astrahan, Syzran diýşip çekilişip gidiberjege meňzeýärdiler. Serhetde diňe maşgalalary bilen bu ýerde durmuşa ornaşan «Hutor» kazaklary galyp, olaram indi ähli serhedi däl-de, öz töwereklerini gorasalaram kaýyldylar. Ýurduň sallançagyny kimiň yraýanlygy ýa-da ony yraýanyň mertebe-derejesi ýabygorly bolan mahalynda, onuň derdi-azaryny il çekmeli bolýar. Her gezek ýaz gelende köne derdi-azarlaryň gozgaýşy ýaly, ýurt bulaşyklygynyň hem ähli köne hyltlara täzeden huruç berenligi belli bolýar. Şeýle döwürlerde hamala ýaşaýyş agramçylyklaryny adam adamdan, goňşy goňşudan görýäne meňzäp, «Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer» edişip, janagyryly dawa-jeňe has ýakyn bolýar. Owgan Bürgüdi bilen Murgaby ara alyp, indi bireýýämlerden bäri serhet ýakasynda goňşuçylykda oturan türkmen obalarynyň arasynda hem döräp barýan agzalalyk hut häzirki näbelli bulaşyk döwrüň näsazlyklarynyň birisidi. Onuň barha örç alyp, tutaşyp barýanlygy hem belli bolupdy. Indem iş ula ýazmanka, wagtynda bir tärini tapyp, onuň öňüni almak hökmandy. Ýöne, hany, Bürgüt bir tarapda tow taşlap, muny islemän dursa, sen nädip onuň öňüni alarsyň? Elbetde, mesele gepleşikler arkaly birek-birege düşünişilip çözülse ne ýagşy, ýöne onam nädip, nähili ýol bilen gazanarsyň? Bu ýagdaý Söýünalylaryň arasynda il öňüne düşüp, ýol kesip ýören adam hökmünde Gully emini hasam köp oýlandyrýardy. Ol öňräk bir gezekde ýanyna iliň abraýly ýaşulularynyň birnäçesini alyp, Bürgüdiň ýanyna gepleşige gitmeklige hem bir hyýallanypdy. Ýöne Bürgüt özünden howalyrak bolup barmasaň, ýenekiniň gepini alga aljak adam däldi. Şonuň üçin hem onuň ýanyna barylmaly bolsa, abraýa leňňer berip biläýjek ýa-da onuň heder edäýjek adamsyny tapyp, şonuň bilen bile barmalydy. Jüneýit han şonda Gully eminiň şol wysalyna göni gelen adam bolupdy. Gully emin han öýüne gelende, pursatdan peýdalanyp, oňa öz iliniň salasy düşýän derejesi hökmünde maslahat salypdy. –Han aga, siz owgan döwletiniňem öňünde abraý-mertebedäki adam. Bir gabady gelende, bizde soňky döwürde emele gelen bu ýagdaýy ýurt begzadalary bilen bir gepleşip berseňiz. Heý, olara Bürgüdiň tanapyndan çekdirip: «Goňşular bilen ylalaşyklyrak bol!» diýdirip bolaýmazmykan? – diýip, oňa ýagdaýy düşündiripdi. Hanyň şol gezek myhmançylykda bolup gidenine iki aý geçip-geçmän, oba onuň: «Gully emine aýdyň, onuň şol aýdan meselesi Owgan döwletiniň eýeleri bilen gepleşilip, oňyn çözülendir» diýen habary gelipdi. Goňşular arasyna jetlik düşüp, onuň gowulyk bolan ýeri barmy? Goňşuçylykda oňşukda ýaşamak, birek-biregiň mertebesiniň, ýer-ýurt çäginiň saklanylmagyny talap edýär. Emma Jüneýit handan bu habaryň gelenine köp wagt geçmänkä, Bürgüdiň atlylary yrsaraşyp, talap bilen ýene-de serhetden geçipdiler. Bürgüdiň Jüneýit hanyň, şol bir wagtda hem öz döwlet ýolbaşçylarynyň hem sözüni alga almanlygy belli bolupdy. Şundan soň il içindäki nägilelik hasam artypdy. Serhet boýlarynda – Söýünalyda, Bedeňde, Sugtuda Ganlybaş-Gojalyda gerek bolanda il arkasyny çalmak üçin kiçiräk at-ýaragly toparlar emele gelip, özüňi özüň goramaly, atyňa-ýaragyňa daýanmaly köne türkmençilik ýene-de yzyna gelen ýaly bolupdy. Ikitaraplaýyn gandöküşikli uruşlaryň başlanjagynyň indi ujy iki däldi. Şol günleriň birinde, bir ýerden bir ýere geçip barýan Jüneýit han, ýoly düşüp, ýene-de gijara Söýünalyda peýda boldy. Hanyň gelmegi, hemişekisi ýaly, ýene-de Gully emin üçin garaşylmadyk hem ýakymly pursat boldy. Gully emin hany gadyrly, gökdäki dilegi ýerde gowşan hökmünde kabul etdi, mertebeledi. Hanyň ýat ýerlerde aňsat bolmadyk möjek ýaşaýşyny edip selpäp ýörenini ýatlap, ony ýene-de Watany görmek, az salymam bolsa onuň gujagynda özüni duýmak isleginiň bu ýere alyp gelenligini pikir etdi. Watan derdiniň häsiýeti şeýle. Onuň küýsegi aýra düşeniňden soňra hasam ýiti bolýar. Jüneýit han bu mahal Gully eminiň giňiş myhman tamynyň törüne atylan düýp halynyň üstünde, öňünde giňden ýazylan, üsti naz-nygmatly saçagyň başynda öý eýesi bilen saglyk-amanlykdan başlanan il-ýurt ýagdaýlary bilen bagly mesawy gürrüňlere berlip otyrdy. Ýurt ýagdaýlary bilen bagly gürrüňler ýeňse-de, Watan ýagdaýlaryny gulakalap, onuň pikirini edip ýaşaýan Jüneýit hany ýene-de tizden özüne dolap aldy. Ol häzir Gully eminden eşidýän gürrüňlerini pikirinde öwrüp, ýurtdaky özüniň «ýeneki göz-gulaklary» tarapyndan berilýän maglumatlary bilen deňeşdirip görýärdi, ölçerip-dökýärdi. Indi onuň hemme ýerden eşidýän gürrüňleri köpden bäri birmeňzeşräkdi. Orsuň soraýan ýurdy harasada düşen gäminiň çaýkanyşy ýaly çaýkanýanlygy, ýurduň tizden has-da çaýkanjakdygy duýulýardy. Jüneýit han bu gürrüňleri diňläp, orsuň bir tarapy gyzyl, beýleki tarapy özüni ak hasap edip, barha öjügişip, alyp barýan göreşlerinden çen tutup, «Iki at depişer, arasynda eşek öler» bolup, ýene-de biz – türkmenler nirä ýörejegimizi bilmän, hor bolaýmasak» diýip, aladaly pikir edýärdi. Ýurtdaky harasatly gürrüňlere halys berlen Jüneýit han daňdanlar özüniň atlanyp, ugrap gitmeziniň öň ýanynda aňyrdan pendilileriň Bürgüt bilen ara düşen jetliklerini özüniň owgan emiri Nedir han bilen düşünişip çözendigini ýatlap, şondan soňky hal-ýagdaýlaryň nähilidigini sorap anygyna ýeterin diýip gelýänligini ýadyna saldy. Ol Owgan döwletininiň şeýle derejeli hökümdary bilen gepleşip, düşünişensoň, öz sözüniň alga alynmanlygyndan entek habarsyzdy. Jüneýit han nämedir bir zat barada iňkise gidenini mälim edip, başyny sähelçe göterip, sakgalyny sypap goýberdi-de, gürrüňdeşiniň ýüzüne gözledi: –Ýogsa-da, Gully emin, siziň ol Bürgüt bilen bagly meseläňiz nähili boldy onsoň? – diýip sorady. Gully emin hana birbada nähili jogap berjegini bilmedi. Ýuwdunyp, ýöwselräk sypaýyçylykly ýylgyrdy. Gapdalynda duran goşa ýassygyň birini, elini uzadyp, has golaýyna çekdi. | |
|
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -5: romanyñ dowamy - 14.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |