12:19 Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy | |
Haçanda daljygyp ugran Ýagdy arabanyň gapdalyndan sallanyp duran gamçyny gören wagty çakganlyk bilen Nurjumany itiberip goýberdi-de, onuň elleri bilen gatyşan ellerini silkip yzyna aldy. Ol bir pursat: «Boldy edeli şu biderek dawany» diýerli göründi. Emma gamçyny garbap alyp, onuň hem güýjüni öz elinde jemläp durşuna Ýagdynyň ýüzünde kyn ýagdaýda arkasy alnan adamyňka meňzeş köpmanyly dabaraly: «Indi seniň bolşuňy gör»! diýen manydaky ýylgyryş peýda boldy. Ýagdynyň ilkinji çalan gamçysy Nurjumanyň süňňüne ot çabran ýaly etdi. Nurjuma serden geçdi. Soňam ol Ýagdy elinde çemelän gamçysyny ikilenç indirmäge ýetişmänkä bar güýjüni jemläp, ony «hykyladyp», ýekegapan bolup süsdi. Ýagdy onuň badyna entirekläp, barybam arabanyň gapdalyna urlup, çep bykynyny agyrdyp içikdi. Gamçy zyňlyp, hol beýlä düşdi. Garşydaşlaryň ikisiniňem häzir köýnekleri derläp, sypyryp sykybermeli bolupdy. Ýüz-gözleriň sypjyrylan, soýlan ýerleri ganjaryşyp durdy. Olar dikanlaşyp, ýene-de atylyşyp,bir-birlerine tarap gaýdarly bolşup duruşlaryna alys bir ýerden ylgaşyp gelen ýaly hasylaşyp, daljygyşyp dem alýardylar. Gapdaldaky torç edilip, basgylanan meýdanyň ot-çöpi häzir doňuz agynap giden ýere meňzäp ýapyrylypdy. Nurjuma ýene hüjüme geçerli görünse-de, ýöne ol beýtmedi, birden saklandy. Yza çekilibem, duran ýerinde çommalyp oturdy-da, südenekleşilen mahalynda, goparylyp ep-esli bolup egninden sallanyp duran köýneginiň ýyrtylan ýerini eli bilen Ýagda görkezip: –Eý, Ýekegapan, sen muny nädäýipsiň? – diýende Ýagdy hem: «Saňa geregi-de şol» diýen manyda onuň ýüzüne seredip, öçli ýylgyrdy: – Hany, hemmede seniňki ýaly iki heleý barmy, ýeten ýerde geýimini çäkläp çatdyryp ýörere? Oba barsak, muny Hanumaňa çatdyryp bermeli bolarsyň! –Ine, şuny çatar saňa! – diýip, biraz gazabyndan düşüşip duran Ýagdy oňa elini somaldyp, başam barmagyny ep-esli edip, iki barmagynyň arasyna sokup görkezdi. Nurjuma ýene-de Ýagdynyň çetine degenine içini güldürip, oturan ýerinden gyjalatly ýylgyrdy. Soňundanam ol: «Entegem bir etjegim bardyr» diýýän ýaly ýesersi ýylgyryp, ýerinden turdy-da, arabanyň öňünden aýlanyp, atynyň ýanyna geldi, mahal-mahal henizem çeşmeläp duran maňlaý derini tirsegi bilen sylyp durşuna aty arabadan boşatmaga durdy. –Ýekegapan, jora, sen işde şärik, toýda tabakdaş bolar ýaly adam däl ekeniň. Seniň bilen şärikligimi aýyrýan, her kimiň öz maly özüniňki bolsun! Şähere goşulan atarabanyň arabasy Ýagdynyňky bolup, at Nurjumanyňkydy. Edil beýdäýer öýtmänsoň, Ýagdy ilki onuň ne hyýala münenine düşünmedi. Jylawy alyp, arabany özi sürmekçidir, ylalaşyk aramakçydyr diýip oýlandy. Ýöne ylalaşyk küje, zat küje? Ol atyny arabadan boşadyp aldy-da gidiberdi atlanyp, ýoldaşyny orta ýolda galdyryp, ýeňsesini tüňňertdi-de. Ýagdy: «Git, indikide seniňem şu araba syrtyň galtaýarmykan!» diýip, gaharyna basalyk berip durşuna onuň yzyndan gygyryp aýtdy. Nurjuma yzyna-da garaman, Ýagdynyň içini ýakyp, çaňap gitdi. Ýagda «Orta ýolda atyň durmasyn!» diýleni boldy. Oba çenli bolsa entegem geçilmeli ýoluň ýarpysyna golaýy bardy. Ýagdy birsalym näderini bilmän, arabanyň gapdalynda töwe¬regine seredip durdy. Ýöne wagty bilen kömek sorara adam göze ilmedi. Buýsanyp, şura bolup baýrynyp münüp ýören zadyny bolsa onuň bu ýerde eýesiz galdyryp gidesi gelmedi. Ýeleden-ykdan garaşsa, bir adam gelse-dä gelerdi welin, ýöne kömege garaşyp, ýola gözüni dikip oturmaga onuň karary ýetmedi. Ýogsam ol Nurjumany görse, jigidiniň «Hany şura?» diýip, özüni dereklejegini, ýolda galanyny bilse, dessine yzyndan hem geljegini bilýärdi. Ýöne olam haçan Nurjuma duşjak, haçan derekläp geljek? Agşam serginliginiňem indi uzak däldigi, sergin howada ýol ýöremegiň şeýlebir kynam bolmajagyny ýatlansoň, Ýagdy arabany hem özi bilen oba alyp gidermen boldy. Ol başyndaky şempa telpegini arabanyň üstündäki içi hat-petekli torbasynyň gapdalyna atyp, biraz ýeňledi. Ýola düşermen boldy. Soňundan onuň özi arabanyň at goşulýan ýerine iki arşyň arasyna girdi-de, onuň hersini bir goltugyna alyp, silkinip-dyzanyp ýola düşdi. Arabany çekmek ilki kynragam bolsa, ol bir ugransoň tykyrdap, takyr ýerlerde dagy hasam ýeňil ýöredi. Şura başlygy bolup at, eşek ýerine araba süýräp barmak ilki birbada ony belli bir derejede öz öňünde kiçeldip, kemsindirenem bolsa, arabanyň yzyna düşüp gelýän birsydyrgyn tykyrdysy soňra ony özüne imrindirdi. Ol şol barşyna: «Garaňky düşere oba ýeterin. Oba ýetiberemde, il görüp: «Şura eşek bolup araba çekip gelýär eken» diýdirmezlik üçin, ony şol ýerde galdyryp gidiberenimde-de bolar, soň jigidiň özi ýygnap alar-da» diýip pikir edýärdi. Ýagdy çolaja ýol bilen arabany kaýyllyk bilen at bolup çekip barýar. Arabanyň tigirleri topura düşen mahaly, göýä kimdir biri yzyndan aslyşýan ýaly, ony çekmek hasam kynlaşýar. Inişe düşende bolsa, arabanyň badyna Ýagdynyň özi gamçy çalnana meňzäp, ýortup-ýorgalamaly bolýardy. Araba hasam badygyp, şüweleňli ýöreýärdi. Şol barmana Ýagdy garaşylmadyk ýagdaýda ýeňsesinden Nurjumanyň tanyş, ýaňsyly sesini eşitdi: –Eý, Ýekegapan, saňa şu ady-ha dogry tapypdyrlar. Ýeňseden dagy seretseň, dogrudanam, arabany hut doňuz çekip barýanam ýaly-da. Ýagdy ony görüp, aýak çekip, goltugyndaky arabanyň ýan agaçlaryny ýerde goýup, özüne oýun salyp gelýän Nurjuma seredip, gaharly hüňürdedi: –Aý, öçsenaý, hyltly haramzada! Nurjuma ýalaňaç aty münüp gaýdansoň ýagşy bir salym ýöräp, Ýagdynyň dert-azar bolup araba süýräp gelýänini görmek üçin, gapdala çekilip, bir buky ýerde gizlenip durupdy. –Şu atymy bazara salyp, bahasyny ýetirip satyp bilsem, soň men ulag gözläbem ýörjek däl, seni goşaýjak! – diýip, Nurjuma atynyň boýnuny aýasy bilen kakyp, Ýagda tarap dabaraly baş atyp, gözlerini keýpihon güldürip, gyjalatly ýylgyr-dy. – Şu bolşuň bolsa, duz kessin, walla, sen ahyr bir gün bir belanyň üstünden bararsyň! – diýip, Ýagdy indi biraz deminden düşüşýänini mälim edip aýtdy. Ol soňundan naskädisini almak üçin eglip, jalbarynyň uzyn jübüsine elini türsekboýy sokansoň, hamala naskädisi bilen ýumurtgalaryny hem aýyl-saýyl edip tükelläp bilmeýän ýaly, itinip esli eglendi. Nasyny atyp, araba arkasyny berip, dünýäniň giňligini alyp durşuna, ýylgyryp, aty araba goşup duran Nurjuma bakyp: –Eý, Şallak, hakyt, däli, eý, sen! – diýip, çyny bilen aýtdy. Olar oba garaňkyny ýagşy düşürip geldiler. Murgabyň arkasynda bir ýerlerde şagallar şermende bolşup uwlaşýardylar. Oba gijäniň hasabyna ötüpdi we aram-aram aýallaryň oýna gyzyp heniz daşardan ýygnamadyk çagalaryny öý içinde oturan ýerlerinden tarp urup çagyrýan ýiti sesleri eşidilýärdi. Asmanda görnüp ugran iki-ýeke ýyldyz indi arabada gelýän Nurjumadyr Ýagdynyň depesinden olary hamala ilki gezek görýän ýaly geňirgenişip, barha köreşip seredýärdiler. * * * Şäherden gelen gününiň ertesi Nurjuma kolhoz pagtasynyň suwarylyşynyň üstüne atly aýlanyp ýörkä, Kymyş duzçynyň kiçi ogly Orazgylyja duşdy. Orazgylyç balagynyň agzyny dyzyna çenli çyzgap, öz ýekebara hojalyklaryna degişli pagtaly meýdana suw tutup ýördi. Döküni ýetik, suwdan ganyp içen pagtalaryň häzir tüsse ýaly bolup garalybrak oturyşy onuň göwnüni göterýärdi. Ertirki gowy hasyl bilen tamasyny baglap, azap çekýän daýhan üçin ekiniň bu tabyny görmek ýakymlydy. Orazgylyç hol beýleden geçip barýan Nurjumanyň hemişekisi ýaly özüni görüp baş atyşyp geçibermän, at başyny bäriligine burmagyny ilki biraz geň gördi. Ony bilesigelijilikli, soragly nazar bilen garşylady. –Orazgylyç, arma-da onsoň! –Bar bol, daýy! Orazgylyç ejesiniň degişli bolan çoruş taýpasynyň adamlarynyň hemmesine gadyr goýup, «daýy» diýip ýüzlenerdi. –Tüweleme, ýegen, pagtalaň-a taby gowy eken – Nurjuma içinden: «Munuň hasylyny almak size miýesser etmese gerek» diýip oýlanýardy. – Pagta diýeniň bu ýetim owlak ýaly bir zat bolýar, ugruna seredip, «tigi-tigi» etseň, ol ers-mers boluberýär onsoň. Nurjuma pagtalara üns beren bolup, öz habaryny Orazgylyja nähili berjegini aýgyt edip bilmän alada bilen gürleýärdi. Pagtalaryň owsunyp, göz guwandyryp oturanyna göwni ýetip, Kymyşlaryň daýhançylyga berlen adamlardygyny, olaryň işläne bir zat berilse, almaga mynasypdyklary barada oýlanýardy. Ol: –Orazgylyç ýegen, men saňa bir aýtmaly däl gürrüňem-ä aýtmaly boljak – diýende Nurjumanyň biraz ýaýdanjyraýanlygy duýuldy. –Aýtmaly bolsaň, aýtmaly borsuň-da, daýy – Orazgylyç palçykda duran aýaklaryny çekip, sargyn ýere çykdy. –Aýtsam, ýegen, düýn raýonda bolan uly ýygnakda Pendi boýunça kulakçylyga çekilmelileriň arasynda siziňem adyňyz agzaldy... – Hüm-m... bä, – Orazgylyç birbada uludan demini alyp, pikire batdy. Soňundanam: – Meniň bir özümmi ýa-da Orazgeldi akgamlaram barmy? – diýip, aladaly sorady. Nurjumanyň jogaby gysga boldy: –Orazgeldem bar. Özem maşgalaňyz bilen sürgün edilmeli diýlen. –Nirä sürgün edýärlerkä bizi? Orazgylyç sähelçe baş göterip, at üstünde biynjalyk oýkanjyrap oturan Nurjumanyň ýüzüne seretdi. –Ony-ha bilmedim, ýegen. –Sürgüne meni ugradyp, Orazgeldi akgamlary garrylaryň ýanynda galar ýaly edip bolmazmykan? – diýip, ol bu sözi biraz bozaryp üýtgän ýüzüne inen deri aýasy bilen sylyp goýberip, maslahatsalyjy äheňde aýtdy. –Haý, näbileýin-dä, ýegen. Indi iş-işden geçäýenem bolsa gerek... Meniňem size hemaýat edesim gelýär. Söýünalyny Gully eminsiz, sizsiz göz öňüne-de getirip bilemok, emma, ýöne, elimden gelýän zat-da ýok. Bu gepi aslynda men entek dilime hem almaly däldim, emma çatyk jan, durup bolýarmy?... Garaşylmadyk habara kalby sarsan Orazgylyç Nurjuma ýanyndan gidensoň, ýene birsalym şol duran ýerinde töwereginde owsunyp oturan meýdanlary synlap, nazary bilen olar, kalby bilen bolsa tutuş Watan bilen hoşlaşýana meňzäp, oýa berlip durdy. Nurjuma birsalymdan at başyny çekip, yzyna gaňrylyp sereden wagty Orazgylyjyň pilini egnine atyp, oba gaýdyp barýanyny gördi. * * * Orazgylyç galdyrany bar ýaly wagtyndan öň pagtaýerden yzyna dolanyp gelende kakasy agtyklary Allanazardyr Aganazar bilen gawun ýere gidip, ekiniň ýagdaýyndan habar alyp gaýtmak üçin ateşegi gaňňalap, ýola şaýlanyp durdular. Iki agasynyň babasy bilen öz gapdalyndan göç bolup geçip barýanyny gören, soňky döwürde iki agasynyň giden ýerine gitmek isläp häli-şindi arzy-hala öwrülip, dawa gurýan Rahmannazara-da gozgalaň ýetişdi, o-da: «Menem gitjek» diýip, mamasynyň köýneginiň synyndan ýapyşyp öýden çykyp gelýärdi. Jemal mama bolsa agtygynyň düşünmejegini bilse-de, janyndan syzdyryp, oňa gep düşündirjek bolýardy. «Janym-balam» diýip, raýyndan gaýtarjak bolup höre-köşe edýärdi: –Telim-dokuz bolup müneriňiz ýaly, ol eşegi, näme, pildir öýdýäňizmi? Babaň münse, bir agaň öňüne, biri syrtyna münse, sen, näme, onsoň, onuň gulagyna münjekmi, ba-lam? Kymyş duzçy irden pagta suw tutmaga diýip, gyssanybrak giden oglunyň pilini egnine atyp, malyny ýagynda buýduryp boş çykan çopan ýaly sömpüldäp gaýdyp gelýänini görüp, ýanyna alarmen bolup elinde saýhallap, jemläp duran ot- ýüpüni gaňňanyň üstüne atdy-da, başyny öwrüp, Orazgylyjyň habaryny alarman boldy. Orazgylyç aňyrdan gele-gelmäne: –Orazgeldi akgamam öýderäkdir-dä? – diýip, özüniň habarlydygyny mälim edip, töweregine garanyp sorady. –Orazgeldi akgaňy näme etjek? – diýip, Kymyş duzçy pilini öýüň gapdalyna atyp içerik girip barýan Orazgylyjyň yzyndan seredip sorady. Orazgylyjyň getiren habary Kymyşlary aladaly üýşendirdi. Onuň ogullary dessine kakalary Kymyş duzçynyň ýanyna maslahata üýşdüler. Häkimiýetiň bir agzyny uran bolsa, onuň öz diýenini etmän goýmajagy bellidi. Heniz-bu güne çenli, indi ençeme ýyllardan bäri onuň diýeni, hamala, hemişe bola-bola gelýärdi. Kymyş duzçy birhowa dymdy. Il başyna gelen belanyň Kymyşlardanam sowa geçmänligi magat boldy. Goja şonda bu ýük götererden agyr bolup göründi. Oglanlaryny göz astyndan içki howsala bilen synlady. Olara sürgün bolmagyňam ýaşaýşyň soňy däldigini aýdyp teselli beresi geldi. Ýöne, kalby elenip duransoň, ol wagty bilen özüni alyp, gerek sözleri aňynda jemläp, gepläp bilmedi. Dymyp durasy gelmese-de dymdy. Gojada lemmer-lemmer gara bulutlar gelip Günüň öňüni tutan ýaly duýgy döredi. Ol hesretli nazaryny ojagyna dikip oturyşyna diňe birhaýukdan gysga gürledi: –Başa gelenini görübermeli bor, ýigitler... Orazgeldi şol günüň özünde eşek münüp, çöle-çekenäniň üstüne gitdi. Onuň çekenede inisi bilen ikisiniň ýetmişe golaý goýun-geçiden gaçyrym maly bardy. Maşgala sürgüne gitse, hökümetiň bu mallary «Sürgün bolanyňky» diýip, şagala şam edip, talaň saljagynyň ujy iki däldi. Mümkin boldugyndan, ony alyp, soňam irde-giçde saňa onuň nepini ýetirip biljek adamyň eline bermelidi. Şeýle ynamdar adamam bardy, ol mallarynyň köpüsini kolhoz alansoň, öz bähbidini arap, obaşura Ýagdynyň dilini tapyp, şol mallaryň bir böleginiň şereket tarapyndan çopany bolup ýören Ýamat baýdy. Ýamat baýyň aýaly Jemal mamanyň aýal dogany bolup, onuň gowy görüşýän obadaşlykdan başga-da ýene-de Kymyşlar bilen garyndaşlyk hilesem bardy. Orazgeldi Gullar çopanyň sürüsindäki Kymyşlara tagallyk mallary ikä bölüp, onuň otuz-kyrk sanysyny öňüne salyp gelende, sürini ýaňrak meýdana aýlap gelen Ýamat baý goşunda tüňçäni oda goýup, jan çaýyny içermen bolup otyrdy. Gapdalynda ot ýanyp duran tüňçe gaýnarly bolup, ýaňy şyglap, maýda-maýda köpüklemäge durupdy. Ýat görüp, gapdalda ýatan itler üýrüşen mahaly Ýamat çopan baş göteren mahaly ol hol-ol allowarradan bir eşekliniň bir bölejik maly öňüne salyp, öz maýdalyna bakyp, sürüläp özüne tarap gelýänini gördi. Ýagdaýdan bihabar bolansoň, süri golaý gelip, onuň yzyna düşüp gelýän Orazgeldini tanansoň, ol nämüçin onuň çopan bolup mal sürläp ýörenine düşünmedi. Ýamat baý itleri kowup, nazary bilen bir Orazgeldiniň, bir mallaryň habaryny alyp durşuna, onuň näme üçin öz gaplaňlarynyň çekenesinden bölünip gelmegine düşünmese-de, ony garyndaş¬larça göwündeş garşylady: –Ýegen, täze kärem düşümli bolsun! Orazgeldi jogap bermezden öň bu ýerde gep barlygyny mälim edip, aşak bakyp myssa ýylgyrdy:4 –Taňry ýalkasyn, daýy! –Mallaryň-a taby ganymat eken – diýip, Ýamat baý sürä tarap çalarak syn salansoň aýtdy. –Gullar çopan-a! – diýip, Orazgeldem Ýamat baýyň sözüni göwünjeň makullady. Orazgeldi Ýamat baýyň çatmasynyň kölegesinde onuň bilen çaýlaşyp otyrka, Kymyşlaryň ykbalynyň ýene bir öwrüm alanlygyny aýtdy. Ýamat baýyň dowamly at ýüzündäki, gyýmagrak parahat goýun gözlerinde bu habar tukat, alada alamatlaryna öwrüldi. Uludan demini alyp: –Bu zatlaryň soňy nirä bararkan? – diýdi. –Aý, Hudaý bilsin, daýy... –Hawa-da, alajyň bolmasa, başga näme diýjek?.. Olaryň ikisiniňem kalbynda durmuşyň agyr ýükleri bilen ýüklenen äpet gäminiň entek-entek durarly bolup, labyr taşlanlygy belli boldy. Çölüň üstünden bolsa laplap howur göterilýärdi. Wagtal-wagtal ýeňseden bir ýerlerden haýsydyrbir itiň ýaltalaç üýrýän sesi eşidilýärdi. Ýamat baýyňam kölegäniň bir gyrasyny eýeläp ýatan goňras gara ganjygyndan özge itleriniň häzir hemmesi indi kölege gözläp, bir ýerlerde aldajy Günden gizlenipdiler. ...Orazgeldi Ýamat baýyň ýanyndan güni ýagşy garradyp dolandy. Onuň indi sürgüne gidilenden soňky garry ata-enesi bilen olaryň bir özleriniň gugaryp yzda galmaklary, äkitmeli bolaýanda hem olaryň ýoly götererden çalamydardyklary baradaky ogullarça aladaly pikirleri kalbyndan gitmeýärdi. Aýalydyr çagalarynyňam özi sebäpli görgi görmeli boljakdyklary, sopbaş özüni alyp gidäýenlerinde hem, barybir, ýene-de töwereklerinde hossar hökmünde özi bolmasa, hiç ýerde-de bulara hem ýeňil düşmejegini, goşuny göçürýän bolsalar, çagala¬ryň öz ýanynda bolmagynyň «Garybyň maly gözüniň alnynda bolany ýagşy» diýleni bolup, belki, bähbide çekäýmeginiňem mümkinligini kalbynda aýlap-aýlap pikir edýärdi. Ol oba golaýlan wagty aýak ýygnanyp, garaňky ýagşy düşüpdi. Aý ullakan bir gujak bolup, Garabil baýyrlarynyň taýagatym ýokarsynda älemiň görki bolup, asmanyň ýüzüne gaş kakylypdy. Indi onuň töwe-reginde ilkagşamyň garaňkysynda oňly görünmedik seýrek ak bulut adajyklary hem salgym atyşyp görünýärdiler. Ol adajyklar soňra Aýdyr ýyldyzlaryň nury bilen şuglalanyp, hasam aýyl-saýyl görnegendi. Asman belgileriniň häsiýeti şeýle, gije garradygyça, olaram ýerli-ýerden gözlerini jel-jelledişip, Ýere hyrydar, heserli seredişiberýärler. Orazgeldi oba golaý gelende gije ýatar wagtyna golaýlap ýördi. Ol ateşegini debsiläp, Gully eminiň harazynyň yk ýanyndaky jaryň ýalpagrak ýerinden saldy-da, oturan ýerinden aýaklaryny özüne tarap ýygryp, ondan pes ýerini suwa degirmän geçdi. Öňden Gyty keliň kilwanyň jaýyndan çykyp, öz ýanyndan gümürtik bir zatlar samrap barýanyny gördi. Orazgeldi onuň güýmenje tapman harazçynyň ýanyna gümür-ýamra gelendigini pikir etdi. «...Indi Gully eminem basýan bolsalar, meniň ýalynyň güni hasam agralar. Onuň öýünde her gün bolmanda meniň ýaly bir garny aç, bir garny doklary goldamak üçin bişirilýän nahardan garny ýasylap doýraýmamyz bardy-da. Aý, bolşewik gelip bulam-bujar-a etdi bi... Gully eminiň edýäni eli gelende-de, aňsat her kim-her kime etdiräýmez. Hany etsin-dä onda eli gelende edýän bolsa, Narly çöpçiniň dogmasam ile şunuň ýaly bir ýagşylyk? Onuň üçin sahawatyň bolmaly, Owganda Akynýaz baý Ýagdynyň şura bolanyny eşidip: «Ýagdydan ile nan beren bolmaz!» diýmänmi näme? Aý, Akynýaz aga dagam bir paýhasly adam-a olar. Şeýle bolmasa her kim-her kimi Aşgabatda Gaýgysyz Atabaý ýatlaýarmy?» Ol şol barmana, hamala, öz gürrüňi süňňüni gyzdyrýan ýaly, donuny hem çykaryp, ony epläp bir egnine atdy. Ol häzir öz içki pikirlerine halys berlipdi, şonuň üçinem yzyndan kimdir bir eşekli adamyň gelýänine hem aň etmeýärdi. Habarsyzdy. Orazgeldi eşekli şol barşyna elleriniň birini kelemenledip, ýene birde kimdir biriniň kükregine dürtýän ýaly, öz erki bilen bolmadyk hereketler hem ediberýänini görýärdi. Gyty keliň ýeriň giňinde ersen keýpine kuh bermezlik üçin, Orazgeldi ateşegini onuň yzy bilen gyssaman, öz maýdalyna sürdi. Onuň bolşuny adatdakysyndan gylawly görüp, kilwan bilen jora-jora bolşup, bir baş-ýarym baş tirýek alyp, keýpi kökläp çykanlygyny pikir etdi. Soňundanam ony diňläp: «Bä, biz-ä sürgün ediljegimizi häli-häzir-ä özümizden başga bilýän ýokdur diýip ýörüs weli, görsek, bu habar biziň çak edişimizdenem has tiz oba dolan bolsa näme?! Muny şu ile-de kän goşulybam barmaýan Gyty kel bilýän bolsa, onda ony obada eşitmedik ýokdur» diýip oýlandy. Gyty kel it üýrdürip, öz syrgynlaryna tarap käýinip, it kesekläp samyrdap öwrülensoň, Orazgeldi hem onuň duşundan geçip, Hangulular toparynyň daşyndan aýlanyp, Bedeň ýabyň boýuny syryp, birsalym obany töwerekläp ýöredi. Gündiz tüp yssy bolanam bolsa garaňky düşensoň, dünýä serginlik arap, dem almak has aňsatlaşypdy. Her gezek Gün jyzyrap, gyzdyryp ugran mahaly eginde peýda bolýan mähnet agyr-lyk, indi hamala eginlerden düşene meňzäp, ýeňillik duýul-ýardy. Orazgeldi gijäniň içinde garaňka goşulyp, obanyň ortasynda göbek bolup seleňläp oturan, gaplaňlaryň Jedel depesiniň gapdalyndan geçip barýarka, kimdir birini ol ýerde göräýjek ýaly gaňrylyp, gijäniň örküji bolup oturan depäni janköýerlik bilen höwesli synlady. Ol ýerde hemişe hezil, jedelli gürrüňleriň bolýanyny, düzzüm oýnalýanyny ýatlap, aladasyny unudup, bir pursat myssa ýylgyrdy. Şonda oňa ol ýerde pikirinde döwre gurşup oturan obadaşlaryň arasynda ähli hezilhon gaplaňlar ýaly, kakasy Kymyş duzçy hem görnüp giden ýaly boldy. Ol agylda eşegini ýerleşdirip, öňüne ot döküp öýüne girende, Oguljuma çagalaryny ýatyryp, başyndaky agyr topbusyny aýryp, gapdalynda goýup, ýaglyk bilen başyny bogup oturyşyna: «Kakasam-a gara bermedi, ýa ol Gullar çopanyň ýanynda dagy galyberdimikä?» diýip oýurganyp, biynjalyk bolup otyrdy. * * * Il içinde ýaýran: «Pylanylar maşgalasy bilen daş ýerlere sürgün ediljekmiş» diýen myş gürrüňiň yzysüre Kymyşlara: “Goşuňyzy daňyberiň” diýlip, şuranyň jaýyna çagyrylyp, ýörite hem aýdyldy. Hojalykda ugralmazyndan öň edilmeli işler köp ýaly hem bolsa, olaram çak edilişinden öň gutardy. Öňler iş-aladasy bilen çörňeşip, aňsat öýde oturmaýan Kymyş duzçynyň ogullary Orazgeldidir Orazgylyç hem özlerine «Ýör!» diýlerine garaşyp, bu günler öýdeçi bolupdylar. Olar günleriň köp bölegini öýde oňa-muňa güýmenen bolşup ýatyp geçirýärdi-ler. Öýe indi öňki oturmaga, hal-ahwal soraşmaga gelýänlerem kän bir gara berip ýörmeýärdiler. Hamala, bu ýerde görünseler, özlerinem olara goşup, sürgün ediläýmeginden ätiýaç edýäne meňzeýärdiler. Hatda ýüzi çyrşaklyja agtyklaryny yzyna düşürip her gün Jemal mamanyň ýanyna gümür-ýamyra gelýän Lekgan kem¬pirem indi telim gün bäri bu öýüň töwereginde gara bermän oňýardy. Öz öýünde, gapböwürde depesine gözläp oýurganyp ýatan Orazgylyjyň ýeňsesi gijän mahaly saçynyň syryma gelendigi ýadyna saldy. Ol ilki saçyny syrdyrmaga, hemişeki edişi ýaly, päkisini alyp, saç syrýanlaryň biriniň ýanyna gidermen boldy. Aýaly ýorganlaryň epininiň aralygyna elini urup, ol ýerde düwünçege düwlüp goýlan päkini alyp berensoň, daş çykyp, agasy Orazgeldiniň erik kölegesine atylan keçäniň üstünde Allanazardyr Aganazar bilen iýşime alan ýüpüniň her ujuny olaryň birine tutduryp, tow berilýän tarlaryň arasyna barmak boýy çöp ötürip bitelik edip oturanyny, ol işilýlýän ýüpüňem indi taýyn bolubam barýanlygyny gördi. Şonda ol agasynyňam saçy hiçneneňsi syrmaýandygyny ýatlady. –Orazgeldi akga, saçlar gyrkyma geläýen bolsa näme, saç syryşylaýsa nädýä? –diýip, oňa ýüzlendi. –Häzir biraz garaş. Ine, bizem bolup barýas – diýip, ol ellerini çalganakladyp, ýüp tarlarynyň towuny ýetirip durşuna öz kömekçilerine tarap baş atyp jogap berdi: – Sen saçyňy, ýyly suw al-da, eziber – diýip, soňam sözüniň üstüni ýetirdi. Orazgylyç päkisini çalyp, ýyly suwa saçyny ezýänçä, Orazgeldi hem öz işini birýanýüzli edip, onuň ýanyna geldi. –Seniň päkiň-ä ýitidir. –Şonda-da ýene biraz çaldym. Saçym ösüberse, birhili, kejebäm darygyberýär. –Endik etmedigiňdendir – diýip, Orazgeldi başgaça ýagdaýyň mysaly hökmünde: – Patdyň oglanlarynyň saçlaryna bir seret, şolar-a saçlaryny jeňňel edişibem ýörler – diýip ýatlady. Orazgeldi biraz guraşan saçlary täzeden ezen wagty Orazgylyç bir bölek suwuň uzyn sapak bolup oňurgasynyň ýüzüni yzarlap gidenini duýdy. Syrylansoň Orazgeldä inisiniň kellesi öňküsinden biraz kiçelen hem uzalan ýaly bolup göründi. Soňra Orazgylyç päkisini çalyp, agasynyň saçyny syryp berdi. Olar ýylmanyp, toňkaran kellelerini, boýunlarynyň ýüzlerini goljugyň suwuna ýuwuşdyryp, süpürinişip durkalar, çykalan gamşa agtyklary üçin serip, guradyp alan gurtlaryny aňyrdan etegine salyp gelýän Jemal mama göründi. Ol kellelerini takyr edip syrdyransoňlar, ogullarynyň hasam bir-birlerine meňzändiklerini öz ýanyndan belledi. Kymyş duzçy dosty Begendik ussanyň ussahanasynyň ýanynda bolýan gürrüňçilige gidipdi. Bu alasarmyk günler haýal geçýärdi. Onsaňam, hiç kimiňem öýde durasy gelmeýärdi. Orazgylyç öýde oturdygyça üstüni basmarlaýan aladany meýdana çykyp egismek niýeti bilen soňra ateşegi gaňňalap, derýa boýunda bu mahal ter suwotularynyň bol bolýanyny ýatlap, ota diýip gitdi. Ol gaplaňlaryň Jedel depesiniň ýanyna ýetende, arka tarapdan daýysy Jumanazar baýyň pyýadalap, öz syrgynlaryny syryp gelýänini gördi. Jumanazar baý elek-ýüzrägede, orta boýly, daýanykly, ýaňyrak sakgal goýberip, gojalyga gatyşyp ugran adamdy. Barly maşgaladan bolanlygyna garamazdan, Jumanazar baý öz rysgalyny gara zähmeti bilen gazanýan daýhan adamdy. Bedeň ýabyň gaýrasynda onuň iki tanap ýerde ýetişdiren saýlama üzümi bardy. Orazgylyç daýysyny görüp, onuň şol ýerden gelýänligini pikir etdi. Daýy-ýegen ýol üstünde aýak çekişip, saglyk-amanlyk soraşdylar: –Ýegen, gulagyma bir ýakymsyz habar degdi welin, bular sürgün meselesini çynyrgadaýýan ýaly-la? –Eşiden bolsaňyz, şol dogry, daýy. “Goşuňyzy daňyň-a” diýdiler. Menem, Orazgeldi akgamam goşumyzy daňşyp, haçan: “Ýör!” diýilse, göterilişip gidibermeli bolşup otyrys. Jumanazar baý sakgalyny gysymlap düýrükdi: –Allajanlarym, bu täze hökümetiň adamlarda köýüp ýatan näme ary barka!? Orazgylyç: «Kim bilýär?» diýen manyda egnini gyssa-da, sesini çykarmady. Ol näme diýsin?! Özleriniň atyma getirilendigine, hiç hili garaşygyň hem bolmajagyna ol kemsiz gözüni ýetiripdi. –Eşitdim-de, sizden bir habar alaýyn diýip barşymdy şu. –Baryberiň onda, daýy, akgam-a öýdedir. Orazgylyç daýysy bilen hoşlaşyp ugran mahaly ýegenine duşup, eşiden habaryny anyklan Jumanazar baýyň ýüzüniň mese-mälim agralandygyny gördi. Orazgylyç derýa boýuna gelip, töweregini synlap, ot aljak ýerini peýlänsoň oragyny, eşegiň boýnuna dakylan nogta ýüpüň elindäki bölegini ýere zyňdy-da, eşekden ýaltalaç syrylyp düşdi. Eşegini iltänsoň, derýa kenaryna baryp, birsalym tolkunlaryň sesine gulak salyp, synçy bolup durdy. Gitmelidigini ýatlap, töweregi synlap, nazary bilen hoşlaşyp, belki, soňra hiç wagt bu ýerleri hiç wagt görüp bilmezliginiň hem mümkinligi hakda keýpsiz pikir etdi. Orazgylyç sürgüne gitjegi ýada düşýänligindenmi-nämemi indi töweregi has içgin synlaýardy. Derýanyň arka ýüzünde Garabil baýyrlary lemmer-lemmer bolşup, çyrpynyşyp, asmana göterilişip, abanyşyp durdular. Olaryň göwresiniň bir bölegi gara kölege bolup suwuň ýüzüne düşüpdir. Derýanyň üstüne gernip duran baýyr depeleriniň biri-de bu ýerde il içinde Bäşdeşik adyny alan, haçanam bolsa bir wagt japba bölünip, onuň bir böleginiň derýa inmegi bilen, Görogly ýaly kuwwatly bir adamyň gylyjy bilen çapylana meňzäp duran depedi. Baýryň şol dik çapygynyň ýüzünde hem bäş sany deşik bolup, olar hem öz ýerleşiş orunlary bilen adamyň göz, burun agyz agzalaryny ýatladyp, tutuşlygyna bolsa oňa tebigat ynsan ýüzüne bolan meňzeşligi beripdir. Ol deşikleriň ýerasty bilen alyslara uzalyp gidýändigi, onuň bir tarapynyň baryp Murgabyň aşak akymyndaky Baýraç obasynyň alkymyndan “Ýekedeşik!” ady bilen gowak bolup çykýandygy, ýene bir-de onuň Sarahsyňam bir ýerlerinden iki ýerasty gowak bolup çykýanlygy il içinde hamala bu ýerleriň adamlarynyň kynçylykly döwürlerde ýerasty bilen gatnaşyk edendiklerini, gowaklary janpena edinendikleri barada çaklama gürrüňler hem bardy. "Bäşdeşik" Müsürdäki Giza piramidasynyň keşmerine meňzäp, howalanyp, Söýünalyny depesinden synlap otyr. Ýigdekçe döwri oglan bilesigelijiligi Orazgylyjy hem deň-duşlarynyň birnäçesi bilen şu deşiklere getiripdi. Oglanlar şonda billerine ýüp daňyp, ýokardan kertiň ýüzüne inmeli bolupdylar. Bäş deşigiň iň ulusy deşikleriň ortasyndaky, agza meňzäp durandy. Il içinde oňa ýükli düýe sygýamyş diýibem gürrüň ederdiler. Oglanlar ol deşige giren wagtlary äpet bir döwüň agzyna düşäýen ýaly biraz gorkunç duýgyny başdan geçiripdiler. Olar ilki bilen gowagyň uzakdan görnüşindäkiden has uludygyny görüpdi. Bu ýerden Söýünaly hol aşakda jülgede, bag-bakja çolanan ýaly bolup görünýän eken. Gowagyň içi garaňkydy, onuň belli-belli ýerlerinde guýular hem duşýarmyş diýen gürrüňlerem ol öň eşidilipdi. Şonuň üçinem oglanlar uzyn ýüpüň hersi bir ýerinden tutup, şol guýulara gaçaýmazlyk üçin seresap hereket edýärdiler. Gowagyň içi dymykdy. Guş nejasatlarynyň ysyny ýatladýan ys bardy. Oglanlar ýene biraz emaý bilen öňe ýöränsoňlar ol ysyň ýerini has agyr, porsy der ysyna meňzeş başga bir ys çalyşdy. Oglanlar ýigrimi-otuz ädimden yzlaryna dolandylar. Ýöne, barybir, olaryň şu gören, duýan zatlary hem bu ýer birwagtgaky zerurlykda ynsana gorag galasy bolupdyr diýip, hasap etmäge mümkinçilik berýärdi. Murgap bu ýerde Bäşdeşige gysmyljyrap, has süýkenip akýardy. Ony şeýdip japba bölenem öňde-soňda bir güýç bolan bolsa, onda şol derýanyň özi bolmaly. Orazgylyç oýurganyp, könäni ýatlan mahaly az salymam bolsa, sürgüne gitmek bilen bagly hossasyny unutdy. Onuň peýläp düşen ýeri derýanyň baharda suwy mesän wagty dereden kölçeleriniň biriniň gapdalydy. Kölçäniň nemine ösen otlar töwerek bilen çolaşyp-çyrmaşyp, leýis bolup ýatyrdylar. Orazgylyç ony bir başyndan saýhal berip, hamala, onuň bir bölegini kimdir birine niýetläp galdyrmak isleýäne meňzäp, kakasy Kymyş duzçynyň orşy ýaly arassalap, halallap ordy. Alagury, nemi ýetik beýleki otlar bilen hem ýeterlik goşulan suwotylaryny sygryň halap iýjegini pikir edip, işine barha-da gyzygyp, derçigdi. Jeňňeliň ortasyndanmy-bir ýerlerden wagtal-wagtal bir ördegiň töweregine ýaýradan çagalaryny ýanyna çagyrýana meňzeş guguldyly ýogyn sesi eşidilýärdi. Orazgylyç ýygan otlaryny ýüpe çykap, eşegine taýlap ýüklänsoň yzyna dolandy. Ýeňseden Murgabyň tolkunlarynyň şogurdysy eşidilýärdi. Ol şogurdy indi şogurdy hem däldi-de, iki dertdeş adamyň ikiçäk galan wagty edýän ýürekdeş, syrly pyşyrdylaryna has meňzeş bolup eşidilýärdi. Orazgylyç bir öwrülip, yzyna sereden mahaly, zenan ýüzli "Bäşdeşik" gaýanyň öz yzyndan perişan enä meňzäp, syrly seredip oturanyny gördi... * * * Säher çagy asudady. Adam sesleri ýaňlanyp, has uzakdan eşidilýärdi. Wagtal-wagtal hamala hersi bir tarapda durup, top ýaly togalak bir zady agyzdan-agza oklaşyp durana meňzäp, bir ondan, bir mundan üýrýän iki-ýeke it sesleri eşidilýärdi. Gün dogardan ir bolany üçin töwerek entek bulutlaşybrak durana meňzäp, ol bu gün gyş günlerindäki ýaly asla-da görünmejek dek alasarmyk bir pikir döredýärdi. Arassa howanyň şeýdip şaglap durmagy dünýäni ýaňy ýaşaýşyň başlanan döwründäki ýaly tereň görkezýär. Emma türkmen topragynda, onda-da tomus günleri beýle seleň serginligiň ömri uzak bolmaýar. Gijäniň etegi heniz oňly göterilip-göterilmänkä bäş-alty sany saýyrdyň atly hamala gijäniň içinden çykan ýaly bolup, it baryny örüzişip, gelip oba girdiler. Ilki atlylary gören adamlar olaryň yzy bilen hatar gurşup, takyrdaşyp gelýän arabalardan çen tutuşyp, olaryň şuranyň howlusyndaky ýakynda ilden «Orusýet açlyk çekýär» diýlip, soňky goşmaça alnan dänäni gyssagly äkitmegiň ugruna çykylanlygyny pikir etdiler. Atlylar bir bölek bolup, şuranyň jaýyna golaýlaşan mahaly toparyň öňi bolup gelýän Aman OGPU-y görüp, indi bireýýämden bäri jaýyň öňünde olara garaşyp, ynjalyksyz eýläk-beýläk gezmeläp ýören Ýagdy gelenleri garşy almak üçin olaryň öňünden çykdy. Olaryň geljeginden Ýagdy habarlydy. Aman OGPU toýa gitjek ýaly, kemsiz bezenipdir. Egnine harby geýim geýip, aýagyna aýna ýaly ýalpyldaýan gonçly ädik çekipdir. Bu zatlaryň hemmesi aşyrma kemeriň aşak eteginden sallanyp duran mauzer bilen bilelikde onuň keşmerine hasam ýowuz ähmiýet berýärdi. Aman OGPU adaty saglyk-amanlyk soraşylyp-soraşylmanka, töweregine nazar aýlap, biraz nägile bolup Ýagda ýüzlendi: –Ýagdy, hany, onsoň, bu töwereklerde özüňden başga oba ýolbaşçylary görnenoklar-la? Heniz ukudan oňly açylmadyk Ýagdy zordanrak ýylgyrdy. Soňundanam: –Ýoldaş Aman, biziň obamyz bir serhede ýakyn ýer. Şonuň ýaly-da, ol gep-gürrüňe, gaçyp-tezmäge-de ýakyn ýer, bilip bolýarmy näme, sürgüne gitjekleriň gije göterilip gidibermegindenem çekindim men-ä. Ýolbaşçylaryň köpüsini gije göçüriljekleriň öýleriniň töweregini garamlamaga goýuşdyrdym. Ýogsam siz gelip: «Hany olar?» diýip sorasaňyz, men näme jogap bereýin? –Oňarypsyň şony – diýip, Aman OGPU Ýagdynyň ýolbaşçy hökmünde öňdengörüjilikli hereketini göwünjeň makullady. Ýagdy: –Il garamatyny üstüňe alaňsoň, herki zadyň soňunam göz öňüne tutmalam bolýa-da – diýip, öz hereketiniň Amanow tarapyndan makullanmagyna monça bolup, häsiýetine mahsus göterimligi bilen, tumşugyny kese tutup, telpeginiň etegine elini ýetirip, gomalybam goýberdi. Şol wagt şuranyň jaýyndan çykyp, maýkyldap gelýän Hanumanyň mylaýym, sypaýyçylykly sesi ýeňseden eşidildi: –Weý, Ýagdy şura, näme, beýdip myhmanlary aýak üstünde saklap dursuň? Olary atdan düşürip, çaý-çörek hödür etmezlermi? Aman OGPU zenan sesini eşidip, ýeňsesine öwrülen mahaly Hanumanyň ädimini haýalladyp, birenaýy bolup özüne tarap owsun atyp duranlygyny gördi. Ol: –Ir bilen çaý işdämiz ýok, hany, entek iş-aladalary birýan ýüzli edeli – diýip, sypaýyçylyga salyp durka, erkeklere mahsus duýgy bilen, onuň ýorganyň içinde dagy juda lezzetli gelindigini pikir etdi. Aman OGPU hyjuw-höwes bolup, owsunyp duran Ýagdynyň bagtyna gabanjaňlyk bilen gözi gitdi. Ol ýarym oýunlyga salyp: –Hanuma gelin, seniňem-ä bir çaýyňy içmeli özün-ä... – diýende onuň sesi nygtalyp, hatyraly hem köpmanyly eşidildi. Ir säherdi. Töwerek asudalykdy. Jana parym säher şemaly ösüp durdy. Heniz gijäniň täsirinden oňly çykyp ýetişmedik töwerek çytylybrak, nämedir bir zat hakynda çynlakaý oýlanýana çalym edýärdi. Asmany penje-penje ýyldyzlar tutup otyrdylar. Murgabyň üsti duman örten ýaly tozgalap, garaňkyrap görünýärdi. Wagtyň irligine seretmezden, Kymyş duzçynyň neberesi, bäşbelalar eýýäm aýak üstündediler. «Goşuňyzy daňmaly» diýlip habar berlişine görä bu gün Kymyş duzçynyň oglanlarynyň sürgüne ugradylmaly günüdi. Bäşbelalar talaňa gelýän OGPU-nyň atlylarydyr arabalaryny öz agalary Kymyş duzçynyň gümmezekläp hatar gurap oturan öýleriniň öňünde bir bölek dogan-garyndaş bolup garşyladylar. Erkeklerem bardy, aýallaram, ukusyny aldyrylman turzulan çagalaram. Kymyş duzçy arkasyny öýüň tärimine berip, indi tizden öz daşyny çolardyp gidýän, uzakly gije gujagynda ýatyp, ýene-de ulular ýaly ir turan iki agtygy Allanazar bilen Aganazaryň hersini bir gujagyna gysyp, öýüň gapdalyna atylan keçäniň üstünde, özüniň keşmeri bilen, dag kertinde, çagalarynyň üstüne abanyp gelýän howpy duýup, jüýjeleriniň hersini bir ganatynyň astyna alyp, howpuň elýeterinden çekilip, birden pasyrdap asmana göterilip gidiberjek garry bürgüde meňzäp otyrdy. Arabalar aňyrdan görnen mahaly töwerekde oturan adamlar ürken süri ýaly gürre ör galdylar. Atlylardyr iki arabanyň tirkeşip gelýänini gören wagty ojak başynda süýdüň bişişine göz-gulak bolup oturan Akjagül bilen Ogulbike howsala düşüşip, ylgaşyp öýe girip, ýolşaýyny tutup oturan ejesiniň dyzyna ýapyşyp zar-zar aglaşdylar: –Waý, ene jan, ol artyplar gelýär-leý... Iki balasynyň agysyna ene ýüregi leňňer atyp gitdi. Hüpläp damagy dolansoň, birbada gepläp bilmedi. Her eli bilen bir gyzynyň başyny göwünlik berijilik bilen sypalady. Göwnüne deglen Jemal mamanyň goňşy öýden agy gatyşykly, gargyşly gatyraw sesi eşidildi: –Meniň ojagyma daş atanlar ömür muramasyn hernä, Hudaýym... Sürgün meselesi Kymyş duzçynyň ojagynda biraz howsalaly, aýralyk wehimi bilen bagly hasrat döredipdi. Ony haraý isläp töweregine gözlemäge mejbur edipdi. Aýallar: «Gelýär-de, gelýär» bolşup, oturan ýerlerinde içlerini çekişip, gozgalaňa düşdüler. Hele-hüle zada garylyp-daralyp ýörenem däldir welin «Göçmeli» diýlen gep «ýylan» diýlen ýaly, Oguljumanyňam haýýatyny göçürip-uçuryp aldy. Indi onuňam kalby hossalydy. Ol hossa onuň janyndan ileri görýän çagajyklary, iki dünýäsine höwes edip buýsanyp ýaşaýan adamsy bilen baglydy. Şeýle-de bolsa ol aňrujy mümkin boldugyndan özüniň kalbynda gopan bu harasady töweregine bildirmezlige çalyşýardy. Emma ýürek haraý gözleýärdi. Ol agasy Akynýaz başlyklaýyn gowy günlerde baýrynyp, guwanyp gezen doganlary Hojadyr Mahmydy ýatlaýardy. «Eger olar Owgan-beýleki diýip gitmedik bolsalar, häzir bizi bu belanyň deminden sypdyrmanyň bir ýoluny tapardylar» diýip, haraý isläp doganlaryny küýsäp oýlanýardy. Häzirem olar uzakda däldi. Derýadan geçen ýeriňdäki «Ýurt düzelensoň, ýene-de yzymyza aşarys» diýen tama bilen oturan türkmen obalarynyň biri şolaryňkydy. Ýöne, Orazgeldimi gaýynlaryna dagy kömek sorap ýüz tutjak? Häzirem ýüz tutulsa, olar bir alajyny tapsalar tapardylaram. Akynýaz baý derýanyň iki ýanynda hem ýeterlik abraýly adam. Onsuzam Mämmet hanyň giýewlerinden, onuň ogullarynyň abraýyndan peýdalanyp, gerek bolsa arada gatnap, iki tarapam oňaryp, öz ýakasyny saklap ýörenlerem bardy. Ýöne, ol aram Kymyşlaryň öldüriläýseler hem Owgana geçmejeklerini bilişleri ýaly, olaryň gaýyn kömeginden peýdalanmagy hem özlerine kiçilik biljeklerini-de bilýärdiler. Oguljuma ozal bir gezek, Kymyş duzçynyň Ýeroýulandan duz daşaýan düýeleriniň ikisi birbada ölende adamsyna: «Akynýaz akgama ýüz tutsaňyz-a düýe edinmäge kömek ederdi» diýende, Orazgeldi oňa anyk birki sany jümlede hemişe ýadynda galar ýaly edip, Kymyşlarça göni jogap beripdi: «Mämmet hanlardan almaly zadymyzy aldyk!» Oňa: “O-da sen” diýen manyda aýdypdy. Bu zatlaryň gaýa-gopuz ýok ýerinden nähili beýle bolup bilýänligi Oguljumanyň akylyna syganokdy. Göwnüne, Kymyşlar haýsydyr bir harasada düşüp, indem şonuň badyna tozan-çaňa garylyp uçup barýana meňzeýärdiler. Ol muny heniz gyzjagaz wagty gören, kiçiräk tokly-geçileri, güjükleri asmana göterip, olary şol ýerde mäledip, üýrdürip-çyňsadan harasada meňzeýärdi. Her gezek ol şeýle çykgynsyz pikirlere kalbyny aldyran mahaly, gözýaşyny gizläp, zenanlara mahsus bolan tabynlyk bilen, sessiz örtenip aglaýardy. Soňundanam ýene öz çoman batgasyndan, her gezek kyýamata kaýyl bolup, ondan özi çykarmaly bolýardy. Nirä gidilse adamsy Orazgeldiniň, çagalarynyň başy bütin ýanynda bolmagy kalbyna teselli berip, öz ýagdaýynyň sürläp türmä äkidilýänleriňki bilen deňeşdireniňde aňrybaş gowulyklygyny ýatlap, Hudaýa şükür edýärdi. Oguljuma herhalda bolsa, indi iki-üç günden bäri şu pikirler bilen «sürgün» meselesine hem biraz öwrenişiberipdem. Kalby sürgün barada ilkinji eşidendäki ýaly alňasap, ytygsap durmaýardy. Iň esa-sy hem ene-ata öňünde dag ýaly bolup duran gyzlar bilen bagly uly alada ýerine düşüpdi. Orazgeldi öň doganoglan inisi Ballynyň özüne «bolşewik», «Bally pyýan» diýdirip, täze hökümetiň adamlary bilen ham-çam bolup, olaryň işine garyşyp-gatyşyp, olardan hiç zatda kem oturmajak bolup, jolkuldadap aragam içip, bolmajysy bolup ýörmegini känbir halabam barmazdy. Ýöne kakasynyň: «Her ýerräkde özüňki bolsa, kem däldir» diýen akylyna eýerip, oňa igenip, talap hem bildiren adam däldi. Bally girişgendi, gaýratlydy, gerek bolanda ata çykyp, ýaragyň yzynda durup bilýän adamdy. “Sürgün» meselesi ýüze çykansoň, onuň hem gerek ýeri geldi. Şol günleriň birinde Orazgeldi Ballyny ýanyna ýörite çagyrdy. Ýat ýerlerde göz-dil ýetmeginiň mümkindigini ýatlap, çagalaryndan ilki uluja gyzlaryny bu ýerde – iki garrynyň ýanynda galdyryp gitmegiň gamyny etmelidigini oňa tabşyrdy: –Inim, şu iki gyzy garrylaň ýanynda goýup gitmekçi bolýan, ejiziňki ejiz bolar, onsoňam garrylaryňam näçe günlük ömri bar, eger olara-da yzymda bir zat bolaýsa, gyzlara men bolup, özüň eýe durmaly bolarsyň! – diýip jandurmazlyk bilen oňa sargady. ...Töweregiň märekesi barha artdy. Kymyşlaryň daşyna geçilýänini eşiden dogan-garyndaş, ilen-çalan indi ondanam gel¬ýärdi, mundanam. Kim göwünlik berjekden, kimseler näme bolup-goýýanyny öz gözi bilen görjekden. Eýýäm sürgünleriň ýanlary bilen alnyp gidiljek ýorgan-keçeler, çaga geýim-gejimleridir azyk düwlen düwünçekler araba ýüklenilibem durdy. Rahmannazar näme-näme bolýanyna düşünmän, mamasynyň eteginden tutup, saram-sada bolup ýörşüne, hamala gowulyk bolmaýanyny ýürejigi bilen syzýan ýaly, gözlerini tegeläp, töweregine geň galyp, howatyrly, seljeriji, öwreniji nazar bilen seredýärdi. Ol birzat-birzatlaryň bolýanyny bilse-de, ýöne ýene az salymdan mähriban enesinden-atasyndan hemişelik aýryljagyndan, ykbal tüweleýiniň özünem tozduryp, ejesi-kakasy, doganlary bilen alys, ýat ýerlerden çykarjagyndan habarsyzdy. Ol enesiniň häzir nämüçin özüni, doganlaryny öwran-öwran gujaklap, bagryna basyp aglamagyna düşünmeýärdi... Rahmannazaryň mähremjeligi üçin ylaýta-da aýal-gyzlar gynanyşyp, oňa yhlas bilen seredişýärdiler. Ony hesret bilen gujaklap ogşaýardylar. Öýüň ýeňse tarapyndan çykany üçin, adamlar ýakyna gelýänçä gara silkme telpekli, eli hasaly Rozy çolagy görmediler. Ol gelşine özüniň derdini paýlaşmaga gelenini mälim edip, ilki Kymyş duzçy bilen salamlaşdy. Töwerekdäki ýaşkiçileriň bolsa özleri gelip onuň bilen elleşip mynasybetli salamlaşdylar. Uzaga çekmedik salam-helikden soň ol ýaňyrak özi bilen nobatynda salamlaşyp, ýeňsä çekilen Orazgeldidir Orazgylyja merdemsi seretdi: –Ýegenler, “är başy gowgasyz bolmaz” diýlenidir. Iti urup, ýerinde ýatyp ýöreniň nesli dälsiňiz. Siz elli ýyllap Hywa ýaly döwlet bilen darkaş gurup, gaçaryny aldyrman gezen Muhammetgylyç serdaryň neslisiňiz. Mert boluň! Alla size kömek eder, inşalla! Ýamanlyk diýip edilýän zadyň käte-käte ýagşylyga dönýän wagtam bardyr. Nirede bolsaňyzam sizi Muhammetgylyç serdaryň ruhy goldar, goçlarym. Görogly beg: «Özüm ölsem, ruhum goldar sizlerini» diýip, ýöne ýerden aýdan däldir. Rozy çolagyň taýagyna söýenibräk durşuna, öňki-soňkyny ýatlap, suňşuryp-suňşuryp ynam bilen aýdan gürrüňleri töweregiň ünsüni özünde jemledi. Orazgeldidir Orazgylyç özlerine diýlip aýdylan bu gepleriň häzir köp babatda hut aýdylaýmaly gep hökmünde köp tarapy çaňydýanlygy, agyr synaga özlerini taýynlaýanlygy üçin, hiç zat diýmeselerem, ondan minnetdar boldular. Biri-birleri bilen hoşlaşýan köpçüligiň beýleräginde Bally bilen OGPU-nyň iki atlysy, goş-golamlaryň ýüklenerine garaşyp, gözleriniň gyýtaklary bilen öýleriniň öňündäki ýagdaýyň habaryny alyp, çilimleşip, öz ýanlarynda bir zadyň gürrüňini edenden bolşup durdular. Oguljuma gyzlaryny biraz bagryny basyp oturansoň, olary daşaryk çykarmaga ätiýaç edip, içerde hoşlaşdy. Daşaryk çyksalar, OGPU-nyň işgärleriniň birisi görüp: «Bularam şu gitmelileriň çagalary, hany, münüň sizem şular bilen» diýäýmeginden çekindi. «It görmesinem, üýrmesinem» diýlenini unady. –Sag-aman galyň, balalarym! Nesip bolsa, gitsegem, biz gaýdyp geleris, doganlaryňyzam geler. Mamaňyza, babaňyza «hä» diýiň, kömek boluň. Daşa äkitmän, Mary töweregine sürjekmişler diýenem bir gürrüň bar. Şeýle bolsa akgaň bir öwrümde gelip, sizem gerek bolsa alyp gider! – diýip, ýarym-ýaş sessiz aglaşýan gyzlaryny bagryna basyp, göwünlik berip hoşlaşdy. Doganlarynyň alnyp barylýanyny biraz gijigibräk eşiden Kymyş duzçynyň kiçi gelniniň doganlary häzir, eýýäm araba münüp goşlaryň arasynda dyzyny gujaklap, ýumaga öwrülip, düýrügip oturan Amangülüň töwereginde gürleşip durdular. Ýas-ýaňyja bolsa Amangüliň özünden kiçi dogany Ýusubyň gelni onuň bilen gyssagly hoşlaşyp, özüniň atasy Gully eminiň hem goşuny ýükläp durandyklaryny, iki oduň arasyna düşendigini ýatlap, olar bilenem aýak üstünden hoşlaşyp galmaga howlugyp gidipdi. Enesidir aýal doganlary Amangül bilen hoşlaşyp durkalar, onuň doganlary hortap Muhammetguly bilen boldumly, hamala öýde aýratynlykda teýli naharlar bilen bakylyp, semredilýänine meňzeş poşşuk ýüzli, dogumly Hezretguly hem bir ýerden ýetip geldi. Amangül düýnden bäri di ýarmaýar diýen ýalydy. Töwereginde hossarlaryny görensoň, ol gözlerini balkyldadyp ejizläninem duýman galdy. Öz düşen gününi ýatlap: –Maňlaýdyr-da – diýip, ýaşmak astyndan ýangynly pyşyrdady. Sessiz aglady. Töwerek-daş umytsyzlyk, gaýgy-hasrat bolup dyňzap durdy. Adamlar dymşyp durmagy ýerliksiz görüp, ondan-mundan gürrüň köwsarladýan hem bolsalar, olam, alşyp gidibermeýärdi. Mähellä susluk aralaşypdy. Galýanlar gidýänlere hasratly göz bilen gyýlyp seredýärdiler. –Ýeri, adamlary beýdip, bala-çagalary bilen sürläp, täze hökümetiň bu näme etdigi boldugyka? –Tutumy-ha uly görünýär. Bulary bäri-bärde-hä goýulmasalar-a ne ýagşy?! –Alla bilsin. –Şeýdip dabyrap, daşap dursa-ha tizden bi obany tükeder... Täze hökümetiň näme etjek bolýanlygy henizem halk üçin öňküsi ýaly düşnüksizdi. Onuň sözünde halka deňlik, ýersize ýer, öýsüze öý, dertlilere derman bolmagy, ile gala bolmagy söz berip, öz dünýäsine göwünjeň çakylyklaryndan hasap tutanyňda-ha ol hiç neneňsi bolmaly hem däl ýalydy. Gowyny islemeýän barmy!? Şonda ol özüne: «Päl-ä gowy bu şuranyň» hem diýdiripdi. Halk ol mahal täze hökümet näme diýse-de, näme etjek bolýanlygyndan entek onuň özüniň hem anyk bir bilýän zadynyň ýoklugyndan habarsyzdy. Munuň aslynda bolmaly ykbaldygy hem mümkin, ýöne sowetiň işiniň belli bir derejede şol döwürlerde ýol almagynyň onuň şu gowy päliniň de az rol oýnamaýanlygyny çäk etmek mümkin. Töwerekde duýgudaşlyk etmägä gelen adamlaryň närazy hümürdisi barha artýardy. Aýallar birýanrakda çagalary bilen aýrybir kowçum bolşup, ýaşmaklaryny ýaşynşyp, bürenjek-börüge çolanyşyp durdular. Dek şu güne çenli Kymyş baýyň maşgalasy Söýünalyda höwes edilýän durmuşly, agzybir, barly maşgalalaryň biri bolan hem bolsa, indi häzir, bu pursatda onuň gününi arzuw edýän ýokdy. Owal-ahyr goldoly maşgala bolup ýaşamak Kymyş duzçynyň arzuwy bolup, ol ogullary öýlenip, agtyklar ýaýransoň hasyl bolupdy. Şondan bäri hem ol otursa-tursa doga sürelerini sanap, Taňrydan minnetdar bolup, onuň mundan bu ýana-da özüni gözden salmajagyna ynanyp, umytly-tamaly ýaşaýardy. Gojanyň inileriniň biri Sähetdurdy häzir agasynyň birki ädim gapdalyynda öýe arkasyny öwrüp, töwerekdäki ýagdaýy synlap, elini gowşuryp, hemmeleriň üstaşyr Pendi baýyrlaryna tarap seredýän ýaly bolup, töwereginiň gep-gürrüňine goşulman, damagy dolup perişan bolup durdy. Onuň pikiri häzir indi ençeme wagtdan bäri öz neberesine janköýerlik bilen hossarlyk edip, ýagşysyna-ýamanyna ýarap gelýän Kymyş duzçy baradady. Agasynyň halys garranlygy, onuň ogullarynyňam bu gün sürgün bolup, göterilip gidip barşy, Kymyş duzça ölende-de ogullarynyň türkmençilikde arzuw edilýän bir pil topra-gynyň hem nesip etmejekligi bilen baglydy. Töweregiň bar ünsi häzir tizden obadan bölünip, ugrap gitjek sürgüne höküm edilenlerdedi. Adamlaryň ýüzlerinde raýdaş¬lygyň we bu işler üçin hökümeti ýazgarýanlygyň alamatlary bardy. Ylaýta-da göwnüýuka aýallar, ene-atasynyň gata düşen ykbalyna şärik bolmaly bolan çagalara nebisleri agyryp, bu ýagdaýyň olara has agyr düşjegini ýatlap, gözlerini çygjardyşyp, hamsygyşyp seredişýärdiler. Jemal mama elindäki gundagly Rahmangulyny ogşap-ysgap, araba münen gelniniň gujagyna berensoň, märekäniň gozgalaň tapyp ugranyny görüp, eteginden tutup ýören Rahmannazaram ýanyna alyp, Kymyş duzçynyň gujagyny eýemsirenişip oturan iki deňemik ekiztaýlar ýaly bir-birlerine çalym berip duran agtyklary Allanazardyr Aganazar bilen hoşlaşmaga geldi. –Geliň, balalarym, gitmänkäňiz sizi ýene bir bagryma basyp galaýyn. Garry hamsygyp, gollaryny giňden ýaýyp, agtyklarynyň ikisinem birden gujaklady. Aganazar bilen Allanazar häzir eginlerine täze, çäkýaka ak köýnek, başlaryna nepis gyzylgaýma tahýa, gyrasy sarymtyk gyzyl parawuzly gyýma gara balak geýip, toýa gitjek ýaly şaýlanypdylar. Hamala, öňde ýeňil bolmadyk durmuşyň barlygy göz öňüne tutulana meňzäp, olaryň ikisem pagtadan örülen ala guşak bilen billerini hem çalyp guşap çuslanypdylar. Kymyş duzçy şol arkasyny öýüniň tärimine berip oturan ýerinde ogullarynyň, gelinleriniň, mähriban agtyklarynyň ýüregini sogrup gümgidene gidip barýandyklary, munuň öňüni almaga özüniň ýagdaýynyň ýokdugyny, biçäreligini ýatlap, gyýlyp-gynanýardy. Ol indi elinden şuňkar guşuny aldyransoň, niçik muňa döz gelip, neneňsi ýaşar!? Dogrusy, onuň bulardan soň indi ýaşasy-da gelip baranokdy. Gaýta: «Şularyň ýananyny görkezmän, meni ýygnasa bolmaýarmy Hudaý!?» diýýärdi. Öz mähribanlaryny indi hiç wagt görmejekligi, olaryň seslerini eşitmejegini kemsinip örtenýärdi. Muňa günäkärem tapmarsyň. «Döwlet talaby» diýip, eli aňyrdan salgarlar. Janyň ýanyp, gylyç syraýanyňda hem aljak galaň bolmaz, gaýta, bujagaz günüňdenem aýrylarsyň. ...Gylyja ýapyşjak bolsaň, ýeri, öň il dinini, mal-mülküni gorap, ata çykanda näme işlediň? Gezdiň daýhansyrap, sadasyrap, «Degmedige item degmez» diýip. Indi giç... Agasy bilen töwerekden ugratmaga gelen adamlar bilen sagbollaşyp duran Orazgylyç bir öwrümde kakasynyň ümürläp, haly perişan bolup oturanyny gördi. Ol henize çenli gojanyň ejizlänini görmedik iliniň ýene-de ony bu halda görmegini islemän, zordanrak ýylgyryp, agasyna-da: «Ýör, indi akgam bilenem hoşlaşaly!» diýip, gojanyň ýanyna geldi. Oglanlaryny görüp ör galanda Kymyş duzçynyň süňkbaşy iri süňňi hamala aýagynyň astyndaky ýer çaýkanan ýaly leňňer atyp gitdi. –Akga, onda biz-ä ugradyk, sag-aman oturyň!.. Kymyş duzçy öňünde dagyň bölegi ýaly bolup duran ogullarynyň hersiniň egnine bir elini goýdy: –Hudaý sizi penasynda saklasyn, inerlerim! – Onuň sesi gyryljyrady: – Siziň gaýdyp geleniňize men-ä garaşyp bilmerin, menden bolsa, onsoň, razy boluň! – Goja indi tutuş süňňi bilen saňňyldady hem gözýaşy paýrap, biraz kirjigip, könelip ugran köýneginiň ýakasyna dökülerli göründi. Goýberesi gelmän, ogullaryny gujaklap durşuna, hasrata berlip samrady: – Balalarym! Meniň iner ogullarym!.. Sürgünli gürrüňlerden soň kakasynyň birden lagşanlygyny göwnüne getirip, gynanyp duran Orazgeldi bu dartgynlylygy nähilem bolsa biraz gowşatmak üçin, özüni arkaýyn tutup, oňa göwünlik berdi: –Aý, akga, bizleri uzak eglemezler, goýbärler, biraz saklap. –Belki, Hudaý! –Maryň töweregine bir ýerlere gondursalar gerek. –Şeýle bolsun-da hernä. Maram bolsa, daşam bolsa, olam öz ýurdumyz. –Biz geleris, akga, çagalaram geler. Ýagşy dilegde boluň! Orazgylyç şeý diýdi-de töwerekde duran adamlara tarap baş atyp ýesersi ýylgyrybam goýberdi-de, özüniň bir garagol pikire berlenligini mälim etdi. Sebäbi ol bu gynanja gynanyp duran adamlaryň içinde her hilisiniň barlygyny bilýärdi. Sag gulagyň bolup, çep gulagyňam bolaýmaly bolşy ýaly, Kymyşlar egsilse, hamala dünýä özlerine galaýjak ýaly, özünden has gurat ýaşan adamyň bu güne düşenini görüp: «Dok çaýkanman, aç doýmaz» diýip içini güldürip duranlaryňam barlygyny pikir edýärdi. Şonuň üçinem ol iliň henize çenli başyny dik tutup gezen Kymyşlaryň kyn günde hem müzzerenlerini görmegini islemeýärdi. Ol guşagyndan başam barmagyny geçirip, elini direg ýaly etdi-de, ýaltaklap gülümsiräp bir kakasyna, bir onuň töwereginde duran adamlara tarap nazaryny aýlap goýberdi: –Akga, siz giň boluň! –Men giň-le, oglum. –Orazgeldi akgam bilen biz tiz dolanjak bolarys, ýöne siz – diýip, Orazgylyç sözi şu ýere ýetende, bir päsgelçilige uçran ýaly ýylgyryp durşuna bir pursat kürtdürip sakanaklady. Ol «Ýönäň näme onsoň?» diýlip soralyp-soralmanka hem ýene-de oýunlyga salyp, başlan gepini öňki hörpünde dowam etdirdi – Akga, siz ýene öýlenmekçi bolubam ýördüňiz, ýöne toýy biz gelmänkäk edip goýaýmaň!.. Orazgylyjyň degişme bilen kakasyna göwünlik berýänine düşünen adamlar hem bu gepden soň bir-birleriniň seredişip, myssa-myssa ýylgyrjaklaşdylar. Şondan soň dünýäni bulut büräp durka, onuň bir yş beren ýerinden jyklap, Gün görnüp giden ýaly boldy. Kymyş duzçynyň özem ogluny diňläp: «Hüm-m» diýenini duýman galdy. Olaryň il öňünde özüniň sep bermegini islemeýändiklerine düşündi. Kiçi dilden bärde olara käýindi: –Haý, köpeý ogulary diýsänim! Kymyş duzçy oglanlary bilen öz gapysynyň öňünde hoşlaşdy. Aýallar araba münüp, oglan-uşaklary bilen jaýlaşansoň, sürgünler ýola düşdüler. Ýürekler leňňer aldy. Adamlar ala-hümürdi bolşup, arabanyň yzyna düşdüler. Jemal mama döwletli döwranynyň göterilip barýanyny görüp, arabanyň gapdalyndan ýapyşyp barşyna bozlar aglady: «Meniň ojagymy depelänlere Özüň göz görkezmeseň, razy däldirin, Alla jan!» Allanazar bilen Aganazar araba basylan goş-kötelleriň depe bolup göterilip duran ýeriniň üstünde öýlerinden barha daşlaşyp baryşlaryny synlaşyp: «Sag bol, baba! Sag bol, mama! Biz tiz gaýdyp geleris!» diýşip, gollaryny bulaýlaşyp hoşlaşýardylar. Arabanyň yzy bilen gelýän Orazgeldi hem Orazgylyç bilen adamlaryň birtopary gapdaldan baş atyşyp, ýene birnäçeleri elleşip, gadyrly hoşlaşýardylar. Arabanyň gapdaly bilen gelýän aýallar bürenjekleriniň syny bilen gözýaşlaryny sylyşyp, zenanlara muwapyk ýagdaýda gyýlyşyp hoşlaşýardylar: –Sag-aman gaýdyp geliň! –Dilegiňizi Hudaý eşitsin! Amangül bürenjege çolanyp, Rahmannazary gujagyna alyp, eltisiniň garşysynda geplemän gözýaşa boglup, bir ýüpe çatylan ýaly gysylyp, bir bölek goşa arkasyny berip otyrdy. Aýallaryň gepine Oguljuma gysgajyk jogap berýärdi. Sürgünler näme üçindigini bilmeselerem, haýsydyr bir il-ýurt bilen bagly, hiç zat bilen ornuny dolup bolmajak zatdan özleriniň jyda düşýändiklerini ýiti syzýardylar. Hürtegiň aýaly Zöhregül bilen Sähetdurdynyň gelni Ogulbibi dagy iki bolup gelip, hersi Jemal mamanyň bir golundan tutup: «Aganazaryň mamasy, indi siz galyň!» diýip, syrdaşlarça töwella edensoňlar, ol howlusynyň öňünde ýüreginden sogrulyp barýan arabanyň yzyndan seredip aglap galdy. Orazgylyç bir öwrümde gaňrylyp öýlerine tarap yzyna gözlän mahalynda, akgasy Kymyş duzçynyň bölejik bolup duran aýallaryň ýeňsesinde gümmezekläp hatar oturan üç öýüň öňünde serim-sal bolup, öz yzlaryndan seredip, çökermen iner ýaly leňňer atyp, elenip duranyny gördi... Bäşbelalylaryň – Sähetdurdy, Mahy, Magsut, Rozmyrat pälwandyr ýeneki bolşup, wagty bilen arabanyň yzyndan galaslary gelmedi. Olar Orazgeldi hem Orazgylyç bilen ikibir-üçbir bolşup, gapdallaşyp, gürleşişip ýörediler. Günüň dogar ýeri halka atyp, gan öýen ýaly bolup gyzarypdyr. Bu gün ol asla-da dogman, hemişe şeýdip duruberjege meňzeýär. Araba gaplaňlaryň Jedel depesiniň gabadyna gelende, günortadan Gully emindir onuň inisini, iki ogluny hem sürgüne ugradyp gelýän topar göründi. Tirkeşip gelýän yzky arabanyň üstünde düýrülen goşlara atlaýyn münene meňzäp oturan peşeneli, egni garma donly Gully eminiň töweregi hümer adamdy. Gully eminiň özüni alyp barşy adatdakysy ýaly arkaýyndy. Ol bu bolýan zatlary öz ýanyndan bolaýmaly ýaly hasap edip, oňa öňden garaşýana meňzeýärdi. Adamlar ondan-da gelip, mundan-da gelip, onuň bilen elleşip, gysga dilegli jümleler aýdyşyp hoşlaşýardylar. Ol töweregini adamlaryň gallap durmagyndan teselli tapýandygyny mälim edip, gelenlere sähelçe baş atyp, minnetdarlyk bildirýärdi. Gully emin hiç kime ýeke sözem diýmedi. Ol adamlar bilenem, Watan bilenem nazary bilen hoşlaşyp barýardy. Onuň nazarynda asla ejizlik ýokdy. Töwerek ýagşy agarypdy. Her depesi öz ýerli-ýerinde bitip, Söýünaly bu gün ýene bir gezek täzeden döredi. Tomus paslynyň daň şemaly öwsüp ugrapdy. Pendi baýyrlarydyr Garabil baýyrlary obanyň töwereginde halka atyşyp, deňeşip-deprenişip, kükreşip durdular. Olar göýä sürgünleri alyp, hatar tutup barýan arabalaryň gözýetimde öňüni kesip, olary şondan aňyrlygyna goýbermän, alyp galaýjaga meňzeýärdi... Arabalar gaplaňlaryň Jedel depesiniň gapdalyndan aýlanyp ötensoň, Bedeň ýabyň boýuny syryp, Düýeji obasynyň gapdalyndan geçýän şäher ýoluna gönükdi. Sürgünler ýola düşensoň, mähelläniň yzy bilen at deňleşdirip sürüp gelýän OGPU-nyň işgärleri ýerli-ýerden at debsileşip, sürgünleriň gapdalyndan galyp bilmän ýürek ezişip, gürleşip gelýänleri abaý-syýasat bilen galdyrmak bilen boldular. Adamlar diňe şundan soň ygym-sagym bolşup, gözlerini nemlendirişip, arabalaryň yzyndan seredişip galdylar. | |
|
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Geñeşden öñki sala - 19.08.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Faraon -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |