19:31 Ojak - 1-nji kitap: roman | |
OJAK
Romanlar
1917-1930-njy ýyllarda Türkmenistandan baý-kulak diýlip sürgün edilenleriň sany 900 müňden gowrak adamdy, şol ýyllar ýat illerden mesgen gözläp, ýurtdan çykanlaryň sany 4 milliondan geçdi. (Taryhy maglumat) BIRINJI BÖLÜM Kymyş duzçynyň maşgalasyna degişli alty ganat ak öýleriň üçüsi obanyň ileri başynda hatar tutup, tegelenişip otyrdylar. Öýler bir-birleriniň golaýynda, üstesine-de, töwerekdäki beýleki öýlerdenem birneme beýigräkde tutulyp, tüýnükleriniňem ýerli-ýerden asmana uzap, çowlanyp durşy bilen olar gümmezekläp, gupba bolup oturýan adaty öý tüýnüklerine däl-de, bir-birleri bile biten ýaly bolşup oturan, hatarly metjit-medrese gümmezlerini ýada salýardylar. Öz gözbaşyny obadan allowarrada – Murgabyň alkymyndan çykyp, onuň bol suwunyň bir bölegini bölüp alýan jar şondan soň ýene biraz düzlük bilen towlanyp akýardy-da, onuň kert bolup gutaran ýerine ýetibem, ýene-de harsa şol ýerde köw berip, ýeňseligine – demirgazyga tarap öwrülýärdi, ol ýerdenem gelip, Pendi baýyrlary bilen Söýünaly obasynyň aralygyndaky ýazgyn meýdan bolup oturan peslige inip, ondanam Kymyş duzçynyň öýleriniň oturan depesiniň aşak etegini ýalap, lummurdap, joşgunly, höwesli akýardy. Kymyş duzçynyň öýleriniň oturyşy-da, onuň kalby ýaly, heserli hem buýsançlydy. Söýünaly obasynyň ilersini demirgazyk-günortalygyna ýumrulanyşyp, ýaýlyp gidýän Pendi baýyrlary dykylyşyp gelip, eýemsireşip oturan bolsa, onuň gaýra tarapyny Garabil baýyrlyklary günorta gitdigiňçe, barha başy asmana göterilip beýgelýän baýyr depeleri bilen gabalap otyrdylar. Şonuň üçinem Söýünaly adaty obalaryň birine däl-de, ähmiýetli, töweregine seleň beg diwarlaryny aýlap oturan gala-berkitmelere has meňzeşdi. Gijelerine bu töweregiň baýyrlary bir ýerlerden gelip, obanyň gapdalynda dem-dynç almak üçin ýük ýazdyryp, çöküp oturan, tizden daň atmanka ýene ýüklerini urşup, ýeriň pessi bilen bu ýerden göterilip gidibererli kerwen düýelerine meňzeşip oturýardylar. Öýleriň ortakysynda Kymyş duzçynyň özi, kempiri, öý-işikli ogullarynyň ese-boýa galan çagalary bilen ýaşasa, gapdaldaky öýleriň hersinde onuň bir ogly çülpe çagalarydyr öz keýwanysy bilen ýaşaýardy. Söýünalylylar indi bu derede iki-üç är ömründen bäri otyrdylar. Obanyň töweregindäki ähli ekin ýerlerini olar jeňňeldir doňuz agynap ýören jork batgalyklaryň elinden alyp, ony ençeme ýyllaryň dowamynda öz gara zähmetleri bilen bol hasyl önýän ekinzarlyklara öwrüpdiler. Şonuň üçin bolsa gerek, söýünalylylar obalaryna höwrügip, öz ertirki ykballaryny hem onuň bilen berk baglaşdyryp ýaşaýardylar. Kymyş duzçy haýransyz mal-mülküň, haýbatly il begliginiň eýesi bolmasa-da, mynasybetli hem mertebeli ýaşaýardy. Onuň maşgalasy Söýünalynyň orta gurply hojalyklarynyň birisidi. Özi-de, Kymyş duzçy bu ýagdaýyny kyrk ýyla golaý wagtyň dowamynda, kyrk ýaşynyň içinde Gurban baýyň 28 ýaşly gyzy Oguljemala öýlenip, soňra ondan önüp-örňän iki ogluny hem ösdürip ýetişdirip, özüniň gün-güzeran aladalaryna gatyp, iliň gözüniň öňünde halal gara zähmeti bilen diş-dyrnak bolup gazanypdy. Has-da oňa edeni rowaç alyp, sygyr maly düşüpdi. Häzir onuň ýüze golaý gara maly bolup, çekenede hem ýüzden gowrak maýda maly bardy. Indi telim ýyldan bäri onuň oglanlarynyň gelinleri gapylarynda on sekiz-ýigrimi sany göleli sygyr sagýardylar. Kymyş duzçy öňem-ä öýleneni bäri güni özünden ötmeýän adam däldi welin, ogullaryny asyl-degerli ýerlerden öýlendirensoň, hasam özüni tutup, gurplanypdy. Ol ogullarynyň ulusyna mertebeli Mämmet han düýejiniň gyzlarynyň birini, körpe ogluna Ýaz baýyň gyzlarynyň mynasybetli birini alyp beripdi. Şeýdibem, ine, elli ýyldan gowrak wagta çeken ýetde-gütde durmuşdan soň, Kymyş baýyň ömrüniň häzirki mynasybetli, döwletli döwrany başlanypdy. Kymyş duzçynyň özi welin, bu wagta çenli ýaşy paýawlap, ýagşy gojalypdy: ak sakgally, eli hasaly, boldan tikilen ak mytgal köýnegiň üstünden ýeňiljek ýalaňtar don geýip gezýän, ýagyrnysy biraz küýkeren, perişdesypat ýagşyzada öwrülipdi. Barybir, ol gojalany bilenem, öýüň güzerany bilen bagly aladalardan çetde galyp bilmeýärdi, oglanlary meýdan işinde mahaly öýdäki mal-gara seredişerdi. Eşegini münüp gidip, ony hykyladyp, otdan mas ýükläp gelibermesi hem bardy. Jepakeşlik bilen, ýerli-ýerden maşgala aladalaryna bagly işleri özlerinden bilip, aladasyny edip ýören oglanlaryna gojanyň beýdip, garry halyna ota-çöpe bulaşyp ýörmegi ýaramazdy. Olar kakalarynyň öz gojalygy bilen bolmagyny isleşip, wagtal-wagtal oňa: –Akga, indi siz oturyberseňizem bolardy, edip ýörüs-ä özümiz! – diýşip, birhili, indiden soň atalaryny azaba gatyp ýörenleri üçin, özleriniň müýnürgeýändiklerini hem oňa duýdurýar¬dylar. Adatça, gojalyk menziline özüni atdym hasap edenleriň köpüsi soňra kem-kemden özlerini bese atandyklaryna, ahyrsoňy gidilmeli soňky ýola taýynlanýandyklaryna ynanýardylar we sadakadan-sadaka, toýdan-toýa, ýeneki bir çakylyklara, gurbanlyga gezýän ýaly, topar tutuşyp ýören oba sopularyna öwrülýärdiler. Näme üçindir, beýdip, sopusyrap ýörmegem Kymyş duzçynyň göwnüne jaý däldi. Ol öýde töre çekilip, ajala garaşýan ýaly bolup, gömlüp oturmagy bolsa asla-da halamaýardy. Kymyş duzçy käte öz ýagdaýy barada: «Asyl, men Jemalyň ýanyndan çykman, şeýdip bir hepde-on gün otursam, şonda onuň gepini gepläp, zenan aladalaryna goşulyp, özümi eline oklaw-elek alyp, kendirik başyna çöküp, eläp-ýugrup ýören aýala öwrülip barýan ýaly duýýaryn» diýip, Jemal mamanyň hem çetine degip geplärdi. Jemal mama hem şonda bada-bat: «Hä, hany, saňa dagy oklaw-kendirik ynanjak bolup oturan barmy?» diýip, onuň kese gepiniň jogabyny oturan ýerinde basdaşlarça agyz deňäp nagt ederdi. Her gezek il arasynda Kymyş duzçynyň rysgal-döwletliligi, gönençli güzerany barada gürrüň bolanda «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlip, onuň kiçi taýpasy bäşbelalara degişli garry atalary Muhammetgylyç serdar ýatlanardy. Emma bir öwrümde öz aşagyna dolap alan durmuş labyry bäşbelalara, olaryň Kymyşyna hem wagty bilen ýazylganlyk bermändi. Ýogsam, käbir bagty getirenler ýaly, onuň hem öýi ata-babasyndan mal-mülk, baýlyk galsa galaýmaly maşgaladandy. Saryklar Maryda oturýan döwürleri maşgalanyň garry atasy Muhammetgylyç serdar il içinde “pylankes” diýilýän derejeli adam bolup gezipdi. Özi-de şol döwrüň rowaýata öwrülen gürrüňleriniň arasynda Muhammetgylyç serdaryň ady köp halatlarda, bir döwürde han bolup sarygyň öňüne düşen baýraçly Gyrmyzy keliň adynyň ýanynda agzalardy. Gürrüňlerde ýaşlary dürli bolsa-da, bu iki il janköýeri agzybirlikde sarygyň hanlygyny bileleşip sürüp, ýurdy daşky duşmanlardan gorap bilen, ýerli begleriň bir-birlerine raýdaşlygyny gazanyp, il-güne on bäş-ýigrimi ýylam bolsa, arkaýyn ýaýnap ýaşamaga mümkinçilik döreden adamlardygyny olaryň gazanan dynçlygyndan soň halkyň mallarynyň artyp baýandyklary, çöllerde-de goýunlaryň öz yzlaryna goşa guzy tirkäp gezendigi aýdylýar. Şol ýyllarda sarygyň göterimräk baýlary baýlygyny göterinip bilmän, öýleriniň maňlaýyna altyndan horaz ýasadyp dakypdyrlar. Ýöne Gyrmyzy keldir Muhammetgylyç serdar parhatçylygy gazanmak üçin näçe jan etseler-de, töwerekde Hywa ýaly güýjüne baýrynyp, dünýäni özüne bakna etmek isleýän hanlyklaryň bolany üçin, olara hem hemişe il başyny beladan gutarmak başardybam durmandyr. Bu döwürde Hywa öz bäsdeşi Buharanyň, şeýle-de gazagyň, garagalpagyň, owgan tireleriniň üstüne häli-şindi yrsarap, ýörişler edip durupdyr. Tireleri ezberlik bilen bir-birleriniň garşysyna goýup gyrlyşdyrypdyr. Bu halklar Hywadan: –Tugan nenen tugany sen žau etken, Hiwa! Akyletin tiýlinde dozah bolup bitken Hiwa –diýip, dat edipdirler. Şol hökmürowan Hywa hany ýene bir gezekde Marynyň üstüne ýygyn çekip gelip, oňa talaň salypdyr, ahmallygyny aldyran Gyrmyzy keli bolsa ýesir alypdyr. Muhammetgylyç serdar bu döwürde neberesiniň bir bölegi bilen Pendi çölünde ýazlagda, mal üstünde gezip ýören eken. Muhammetgylyç serdaryň aman galanlygyndan habarly Gyrmyzy kel, onuň bu habary eşitse, ýöne ýatmajagyna ynanýanlygy üçin, bendi bolup, il arasy bilen sürlüp baryl¬ýan hem bolsa, «Näden-nä bolarka?» diýip umytda bolupdyr. Hywa hany ýolda her gezek goşun ýolbaşçylaryndan: «Nähili, onsoň, ol boýnuýogyn türkmen?» diýip soran mahaly, oňa her gezek: «Han hezretleri! Ol-a wagtal-wagtal: «Muhammetgylyç atly serdarym bardyr!» diýip, başyny dik tutup barýar» diýip habar beripdirler. Oljasy oňan Hywa hany şol wagt bu söze judabir üns hem berip durmandyr, gaýtam: «Eşek ogrusy türkmen samrasa samrabersin, men ony Hywa eltip, ile göz edip dardan asaryn welin, ana, onsoň essini agdyryp, dilini ýuwdup, sallanyp duran türkmeniň bardyr» diýip, uly päl edipdir. Muhammetgylyç serdar şonda habar düşenine mähetdel Tejen töwereginde oturan teke, burkaz, Ýolöten töwereginde oturan salyr beglerine desme-dähel habar iberip, özi hem töweregini jemläp, şol ýerden gyssagly ýola düşüpdir. Hywa ýetmäge bir günlük ýol galanda duşmanyň gapdalyndan aýlanyp, onuň öňünde jemlenişip, garaşyp bukuda ýatan türkmenler ir säher bilen özlerini «Ýurda atdyk» diýip arkaýynlaşan goşunyň üstüne duýdansyz dökülipdir¬ler. Ýene-de «Ýatanyň üstüne turan gelmesin» diýleni bolupdyr. Duýdansyz zarba duşup, ýan berip ugran goşun soňra elem-ebtat bolup gaçyp ugrapdyr. Muhammetgylyç serdar ýigitleri bilen bir oýuň içinde Hywa goşunlaryna garyşyp söweşip ýörkä, Gyrmyzy kele duşupdyr. Ol des¬sine: –Eý, han, ýaragyňa-da, iliňe-de eýelik et indi özüň! – diýip, bir gylyjy at üstünden oňa bakan oklapdyr. Gyrmyzy kel özüne oklanan gylyjy hyjuw bilen howada gapyp alypdyr. Ýigitleriň biri bolsa hana dessine at eltip beripdir. Arkasy alnyp, depesi gök dirän Gyrmyzy kel şundan soň, gaçyp barýan duşman üstüne at salyp barşyna olaryň hersiniň depesinden gylyç inde-ren mahaly, şol ýolboýy özüniň toty ýaly gaýtalap gelýän jümlesini ýene-de hetjikläp, buýsançly gaýtalapdyr: –Aýtdym-a men size, tersa hywalylar: “Muhammetgylyç atly serdarym bardyr!” diýip, ynanmadyňyz, indi bolsa özüňizden görüň! Agyr goşunyny gyrdyryp, özüni zordan köşgüne atan Hywa hany şundan soň Muhammetgylyç serdary özüniň aňrybaş duşmany diýip yglan edipdir. Bu bolsa soňra Muhammetgylyç serdar bilen Hywanyň arasyndaky elli ýyla golaý wagta çeken ganly duşmançylygyň sebäbi bolupdyr. Şundan ýedi-sekiz ýyldan soň, Gyrmyzy kelem dünýäden ötüpdir. Muhammetgylyç serdar bolsa Lebaba gidip, Buhara emiriniň hyzmatynda durmaly bolupdyr. Şeýdibem, onuň Hywa hany bilen gaýduwsyz garşylygynyň ikinji hem örän uzaga çeken agyr döwri başlanypdyr... Ömrüniň paýawlan döwürleri Muhammetgylyç serdar ýene-de dolanyp gelip, öz Marydaky nebereleriniň arasynda ýaşapdyr. Togsandan geçen garry atasyny bäş-alty ýaşly Kymyşyň özem görüpdi. Onuň hemişe öz bolýan öýüniň töründe ganaty döwlen bürgüt ýaly, küýkeribräk, düýrügip, ümürläbräk oturmasy bardy. Ol saryýagyzdan goýungözli, syrylan süýnmegräk kelleli, çuw ak sakgally bir adamdy. Kymyşyň gözünde onuň şu surat-keşbi galypdy. Ol Maryda nebereleriniň arasynda özbaşyna bir öýde Totam ene diýlip ady tutulýan aýaly bilen bolýardy. Totam ene saçyndan ýaňy ak giren, orta boýly, nurana aýaldy. Ol Muhammetgylyç serdaryň iň kiçi aýaly bolup, şonuň bilen bir öýde, özünden önen iki gyzydyr rysgaly bile bolan agtygy Mülkamanyň oglanlarynyň hem iki ulujasyny ýanyna alyp, özleri üçin ýörite tutulan altyganat uly öýde ýaşaýardylar. Totam ene çagalaryna, agtyklaryna yhlasly bolşy ýaly, öz goja adamsyna hem yhlaslydy: oňa arassa, tämiz geýimler geýdirip, agzyna ýaran tagamlar bişirip, oraza-namazyna hemaýatda bolup, ony mähirdir alada bilen gurşap ýaşardy. Totam enäni Muhammetgylyç serdara minnetdarlyk hökmünde onuň ýedi aýalynyň üstüne gyrnak hökmünde berenlerinde, gyzyň, bary-ýogy, on dört ýaşy bardy. Muhammetgylyç serdar bolsa ol döwürde eýýäm elliden geçen, henizem jahyl ýigit bolup, gylyç gemrip, at segredip ýören adamdy. Adaty maşgala gurlanda öz ýakasy, öz etegi bolşup, gyz maşgalalaryny öz biri-birlerine berýän hojalar bu gezek endiklerini öz islegleri bilen bozupdylar. Muňa-da Muhammetgylyç serdaryň şol döwürlerde pygamberimiziň nesli diýip, juda gerek bolanda öwlatlara eden uly ýardamy sebäp bolupdy. ...Şol gezegem wagtal-wagtal öz içinden harasat tapyp, çaýka¬nyp durýan Buhara çaý-çanak bolup çaýkanypdy. Halk ýene-de Buhara emirine garşy baş göteripdi. Buhara emirini tagtdan düşüreris diýen tama bilen baş göterenler bu gezek, esasanam, şäher¬de we onuň töwereklerinde ýaşaýan öwlat tire-taýpalary bolupdylar. Ýöne bal iýip, badam gemrip, bal gününe batyp ýören emir aňsatlyga saňa öz tagtyny berýärmi? Bu gezegem ýe¬ne emire dürli ýollar bilen bu gozgalaňy basyp ýatyrmak başardypdy. Ol soňra gozgalaňçylardan zalymlyk bilen öç alypdy. Bu gozgalaňa ýolbaşçylyk eden hoja-seýitlere ol hasam zabun darap, olary yzarlap, gyryp, zyndanlara salyp sütem edipdi. Soňra köşk taryhçysy Agehi bu gozgalaňy ýatlap: «Şol günler Buhara darlaryndan sallanyp duranlar-da, meýdanlarda meýidine çaň syradyp, ölüp ýatanlaram şol başbozar hojalardy» diýip ýazýar. Hojalaryň şundan soň gaçarlaryny aldyryp, hemaýat gözläp, Muhammetgylyç serdary hossar tutunyp ýanyna barmaklaryna hem hut şu pajygaly ýagdaý sebäp bolupdyr. Buhara emiriniň ynamdar goşun serkerdeleriniň biri Muhammetgylyç serdar şol döwürde özüniň dürli milletlerden bolan ýedi aýalynyň bäşisi: iki täjik, özbek, gazak, türkmen aýallary, bala-çagalary bilen bir bölek bolup, özüniň Buharanyň etegindäki galasynda ýaşaýan eken. Emir serkerdesine sarpa goýýanam bolsa, onuň hojalaryň öňüne düşüp, öz huzuryna ötünje gelmegini halamandyr. –Be, serdar, sen nireden bularyň toruna çörňeşip ýörsüň?! – diýip, ondan nägile bolupdyr. –Emir hezretleri, boljak iş bolupdyr. Bularam indi özleriniň bozgaklara goşulanlaryna gaty ökünýärler, onsoňam bular, gurbany gitdigim, Muhammet aleýhissalam pygamberi¬mizi¬ňem neberesi bolup durlar. Bulary paýhynlasaňyz, pygamberimiziň ruhy: “Ol ýerde biziň hormatymyz ýokmudy?” diýip, nägile bolmazmy, eýsem? Pygamberiň, ol dünýäniň ýatlanmagy emiri birneme ýumşadypdyr. Ol ahyry: –Serdar, indi sen şeýdip bularyň öňüne düşüp geleňsoň, raýyňy ýykmaýyn. Ýöne Buhara töwereginde men bulary goýmakçy däldirin... Öldürmäýin, ýöne özüň nirä äkitseň äkit, gözüm bir görmesin şulary! – diýipdir. Muhammetgylyç serdar olaryň biz toparyny uly kerwen edip göçürip, öz ýurdy Mara getiripdir. Bu akym, aýdyşlaryna görä, soňam hojalaryň Mara gelmesi ygam-sagym iküç aýa çekipdir. Maryda serdaryň yzyna düşürip gelen göçüni görüp, ýerli adamlar onuň eden işini halamandyrlar. Olar: –Aý, serdar akga, on ýagşy, ýigrimi ýagşy, munça-da bir hoja bormy? Halk munça hojany nädip götersin? – diýşipdirler. Şonda Muhammetgylyç serdar hojalara öz neberesiniň ýabyny görkezip: “Häzir-ä düzüliň şunuň boýuna, Çakan ýabyň suwy içmegimize ýetse bor, ekin ekmän, çöle mal çykarybereris” diýýär. Töwerekdäki ildeşlerinden biraz öýkeläp, olara hem: “Sizem ölmän oňsaňyz bolýar” diýipdir. Şu hyzmaty üçin hoja-seýit öwlatlar Muhammetgylyç serdardan örän minnetdar bolupdyrlar. Onuň bilen garyndaşlyk gatnaşygyny açypdyrlar. Şahyr Seýitnazar Seýdiniň minnetdarlygy: Muhammetgylyç bir gara dagym, Bolsady ýanymda gyssanan çagym – diýip onuň goşgy ýordumynda öz beýanyny tapypdyr. Şu ýerde bile oturylyp ýaşalandan soň, Muhammetgylyç serdaryň kowumdaşlaryna “çakanlar” adyndan başga-da, soňra Maryda ýörgünli bolan “hojabegiler” diyen at hem şonda galypdyr. Emma bu at saryklar Marydan Pendä göçensoňlar biraz unudylypdyr. Diňe çakanlaryň bir bölegi bolan bäşbelalaryň adynyň töwereginde bu lakam belli bir derejede saklanyp galypdyr. Muhammetgylyç serdar il içinde has-da özüniň togsan alty ýaşynda görkezen iň soňky hyzmaty bilen bellidi. Soňky Mary dawalarynyň birinde saryklar öz hanlary Pakyr işany hanlykdan düşürip, onuň ornuna on dokuz ýarym ýaşynyň içindäki baýraç Sary hany söweş meýdanynda at üstünde özlerine han göteripdirler. Şol pursatda öz halkynyň ähli ýüküni egninde duýan Sary han töweregine seredip, biraz terpenip, arka gözläp, geçmişdäki öz iliniň ile baş bolan är kişilerini ýat edip durup: –Wah, şu mahal ýol kesmäge Gyrmyzy kel, Muhammetgylyç serdar bolan bolsady –diýipdir. Şonda töweregini gallap duran serdarlaryň içinden biri oňa: –A-how, Sary han, Gyrmyzy hanyň-a tapasyň ýok welin, seniň ol diýýän Muhammetgylyç akgaň-a, derdiňe ýarajagyny-ýaramajagyny bilemok, aýatda-ha diridir –diýip, oňa garaşmadyk habaryny aýdypdyr. Sary han bu habara diýseň begenipdir. Ol Magsut han, Aganyýaz serdar ýaly goşunbaşylaryna: «Söweşi dowam etdiriberiň, Muhammetgylyç akga diri bolsa, onda halky uly ýitgisiz alyp çykmagyň bir alajy bolar» diýip, özi töwereginiň bir bölek atlysy bilen şol ýerden göni salgy berlen Söýünaly obasyna depip, serdar bilen duşuşmaga howlugypdyr. Sary han Muhammetgylyç serdaryň bolýan öýüniň öňünde atdan düşüp, aýagyny at basdyranlygyny mälim edip, dyzanaklap, onuň bosagasyndan giripdir. Onuň ilkinji sözi hem: –Akga, iliňi halas et! –diýen haýyş bolupdyr. Muhammetgylyç serdar Sary han bilen görşüp-gürleşip, ony tanansoň, olaryň arasynda ýene-de şeýle tutma-tuturak gürrüň bolupdyr. Serdar: –Inim Sary, men bir aýagyny göre sokup oturan adam, sanalgy demim bar –diýse, Sary han: –Serdar akga, ýöne, şeýle-de bolsa, siz bolmasaňyz, häzir öňe düşüp biljek başga adam ýok. Demiňiz sanalgam bolsa, şol gutarýança gaýrat ediň! diýipdir. –Onda meni diňle, Sary han! Ýagdaý beýle bolsa, ýagyň gazabyndan belli bir derejede hem bolsa çekilmek gerek bolar. Halky alyp, ýazlag ýurdumyz Pendä tarap çekilmeli. Bir ýany suw edip, Murgap boýuny alyp, ýokary göterilmeli bolarsyň. Eger meni öňe salmakçy bolsaň, onda meniň üçin töweregi, üsti keçe bilen basyrylan bir araba-da taýynlat. Özi-de millet, öňki köne yza çekiliş endigimiz boýunça, bapma-bap ýöremeli bolar. Ýol kesmek üçin öňden Söýünaly-Bedeň ýöresin. Sag ganatdan pyçakly jantaýlar, duşman sizi böwsüp geçäýende hem onuň bilen deň darkaş gurmaga. Göçüňizi, bek ildir рorasan jemläp gelibersin... Gürrüň şu ýere ýetende, Sary han durup bilmän, wagty bilen öz taýpasynyň ady tutulmansoň: «Biziň baýraçlar nireden ýöremeli, akga?..» diýipdir. Muhammetgylyç serdar oňa ýüzugra elini salgap: “Baýraç – bitik” diýleni. Siziňkiler ýag ýalap ýören han ilidir, sürülsin-de, ortarakdan ýöräbersin” diýip jogap beripdir. Sary han şol haýyşa tutup otyrka bir sözünde: “Seniň bu hyzmatyňy ýanyşdyrys” diýen manyda oňa: «Serdar akga, tä Ýeriň ýüzünde saryk gutarýança, olar adam başyna bir put däne saňa bergilidir!...» diýibem äht edipdir. * * * Sary han şundan soň goja serdaryň maslahat berşi ýaly hem edipdi. Ol ýörite üsti basyrykly arabany taýynladyp, serdary ýagydan ýan boýy edip çekilip barýan halkyň öňüne salypdyr. Onuň diýşi ýaly, arabanyň yzynda hem tapylyp getirdip, onuň altmyş ýaşly gyzy oturdylypdyr. Agtygy Mülkaman bolsa bäş-on atly bilen yzdan duşman bilen söweşip, halky goraglap gelýän goşun bilen aragatnaşyk saklamak üçin goragda goýlupdyr. Goja ýol boýy şol ýakyndaky toparyň üsti bilen halka, Sary hana habaryny ýetirip durupdyr. Bu bolsa goşun bilen umumy halkyň kyn gününde agzybirlikli, sazlaşykly hereket etmegine mümkinçilik beripdir. Üçünji gün ýolda yzdan kowup gelýän duşman goşunlarynyň bir bölegine Sary hanyň goşunynyň bir ahmal ýerini böwsüp geçmek başardypdyr. Bu habary eşiden serdar dessine goranyş ugruna çykypdyr. Mümkin bolan halky ýygnap, oňa bar bolan gylyç, gyrkylyk, serdesse, pyçak ýaly ýaraglar bilen ýaraglanyp, duşman golaý gelende ýerli-ýerden onuň üstüne alagoh bolşup topulmagy maslahat beripdir. Duşmana gaýtawul bermeli bu güýje arabasynda tapsyz ýatan ýerinden özi hem serdarlarça ýolbaşçylyk edipdir. Sary han öz atlylary bilen ýetişip kömege gelýänçä, duşmana gaýtawul berilmegini gazanypdyr. Şundan soň halk Muhammetgylyç serdar ýaly adamyň özlerine baş bolup barýanlygy üçin, onuň özlerini bu belanyň elinden sag-aman alyp çykjagyna hasam ynanypdyrlar. Birnäçe günden duşman bilen bellisi edileninden soň, Sary han Muhammetgylyç serdary idäp gelipdir. Bu mahal göç eýýäm Pendi degresine hem assa-ýuwaş aralaşybam ýören eken. Yzdan kowgy gelmeýänini bilip, biraz arkaýynlaşan halk gonan-düşen ýerlerinde dynç alyp ýatan eken. Bir ýazgynlykda aşagyna düşekçe atyp, güýmenip arabanyň kölegesinde oturan sary topbuly aýal bir bölek atlynyň hol beýleden özüne tarap gelýänini görüp, haýal etmän, düşen arabasyna münmek bilen bolupdy. Bu araba şol il öňüne düşüp Pendä gaýdan Muhammetgylyç serdaryň arabasydy. Sary han gelip, arabanyň öňünde at başyny çekipdir. Ol: –Serdar agamyza aýdyň bir salamymyzy alsyn!–diýip, arabanyň yzynda oturan aýala ýüzlenipdir. Sary hany tanamadyk aýal oňa: –Akgam uklap ýatyr. „Zerur bolmasa, meni oýarmaň“ diýdi özem– diýýär. –Turzuň, turzuň, onda-da nähili zerur. Turzuň, men Sary han–diýip, han oňa özüni tanadyp gürläpdir. Şundan soň bu Sary hany bilip, jany arama gelen serdaryň gyzy arabanyň yzyndaky eňsiligini gapdala serpip, oňa onuň içini görkezipdir. Şu pursada çenli Muhammetgylyç serdaryň arabasynda barlygy pikir edilen-de bolsa haçanda eňsi serpilensoň, görseler serdar ol ýerde ýok eken. Serdaryň ýolda kakasyna seretmek üçin araba ýanyna ýörite mündürilen gyzy şundan soň bir hepdä golaý mundan öň kakasynyň kazasy dolup, ýolda ölendigini, halkdan onuň ýoklugyny belli bir wagta çenli gizlin saklamak üçin gije ony üç-dört adam bolup, ýaşryn ýere düýnemeli bolandyklaryny, „Meniň ölendigimi bilse halk başsyz galandygyny bilip alňasar, tä Sary han gelip, habar alýança meniň ýoklugymy aýtmaň hiç kime, egriň boýuny alyň-da, ýöräberiň ýokarlygyna, şol ýoldur. Sary hanyň özi ýeter siziň yzyňyzdan“ diýdi diýip, doly oňa kakasynyň habaryny beripdir. Sary han ony diňläp, Muhammetgylyç serdardan onuň atasynyň maslahatyny tutup, halky sag-aman bu derä ýetiren gyzyndanam juda minnetdar bolupdyr. Ol Gyrmyzy keliň bendilenilip, Hywa sürlüp barýarka hetjikläp ynam bilen aýdan gepini minnetdarlyk bilen ýene bir gezek buýsanç bilen gaýtalapdyr: – Aýtdym-a men size, Muhammetgylyç diýen serdarym bardyr. Söýünaly hem şol Muhammetgylyç serdaryň Marydan yzyna düşürip gaýdan obalarynyň biri bolupdy. Ýöne bulara welin ata-babadan mal-mülk miras galma nire, zat nire, gaýta, Marydan gaýdylansoň, Muhammetgylyç serdaryň maşgalasy durmuşda kemsiz büdrän, öz öňki tabyny ýitirip, halys gallaç galan tozgun maşgalalaryň biri bolupdyr. Pendä gelnip, bir ýerde ýer tutulyp oturylyp-oturylmanka, öýüň kakasy Mülkaman sol söweşlerde alan agyr ýarasyndan ýogalypdyr. Onuň wepat bolanyna bir ýyl bolup-bolmanka hem maşgalanyň ejesi, goç ýigidi saýalap, barly beg ojagynyň hatyrasynda ýaşan ene öz ýitgilerine döz gelmän, bäş ogul, bir gyzy döküp, älemden ötüpdi. Muhammetgylyç serdaryň özüniň-ä ýolda nirede depin edilenligi hem belli bolmandyr. Gaýta, serdaryň ölümi hakynda eşidip, halk howsala düşüp, çaşyp gider diýen gorky bilen onuň ölümi baradaky habar hem belli bir wagta çenli halkdan gizlin saklanypdyr. Göç Ýolötenden geçen uçurlary serdaryň agtygy Mülkaman atasynyň soňky döwür geýen buhary mesisini, hemişeki gylyç dakynyp gezen bir tarapy demir halkaly gaýyş kemerini öýe getirip: «Şulary bir düwünçege düwüp, belli ýerde goý!» diýip, aýalyna beripdir. Öý eýesi zenan garry gaýyn atasyna bir zat bolanyny şonda bilip galypdyr. Ýakyn hossarlaryndan jyda düşensoň, Muhammetgylyç serdaryň maşgalasynyň ýagdaýy “Ýetimiňki ýetmez gün” diýleni bolupdyr. Olar atalarynyň doganoglany Akmuhammet çakanyň oraçasynyň gapdalynda öz öýlerini dikip oturypdyrlar. Şundan soň ederini bilmeýänem, öz hakyny almaýanam, ýörär ugruny aňmaýanam şu bäş ýetimek bolupdyr. Şol ýyllarda doganlaryň bäşisiniň bäş ýerden obany söm-söm syryşyp, garynlaryny otaran ýerlerinde günlükçilik edişip ýörenlerini görüp, obanyň käbir bimesrebräk adamlary, olaryň utgaşyk atlaryny ýaňsylap: «Eý, ýetimekler, adyňyza seretseň-ä, siziň biriň Arnagylyç, biriň Özbekgylyç. Muhammetgylyjyňyz, Jumagylyç bilen Ödegylyjyňyzam bar. Ýöne agyn gylyç bolşup dursuňyz. Özüňiz welin, bir aşpyçakça-da ýok-la siziň!» diýip, olaryň nalajedeýinlikleriniň üstünden gülerdiler. Muhammetgylyç serdaryň neberesi Mary dawasyndan soň wagty bilen aýňalyp, özüne gelip bilmedik maşgalalaryň biri bolupdy. Aýny gerek wagty: «Ony eýdiň, muny beýdiň!» diýip, ýol salgy berjek ata-enäniň hem düňderilip-düňderilip ölüp gitmekleri, ýetimleri orta ýolda serdary okdan uçan goşunyň bolşy ýaly, alasarmyk bir ýagdaýa salypdy. At ýerinde aty, hossar ýerinde hossary bolmasa, adam ogluna bir ýykylansoň, galmak, asla, aňsat düşmeýän eken. Bäş dogan, bäş ýetimek gara günlerine kaýyl bolşup, bäş tirkeş bolup, sansyz-salasyz ýaşap ugraýarlar. Wagtal-wagtal olary ýatlap, artdyranyndan-süýşüreninden alyp, horasanlylara durmuşa çykarylan aýal doganlary gelip giderdi. Ýuwup-ardyp, atasy öýüni öý etmäge, doganlarynyň hal-ýagdaýyny düzetmäge çalşardy. Doganlyga galanda bolşy ýaly, onuň öz öýlerine edýän aladasy-da ýürekdendi. Ol doganlaryny aýak üstüne götermek üçin, olara jany ýanyp, örtenip käýinerdi. «Sizdenem bir Hywany sarsdyran Muhammetgylyç serdaryň nesli bolarmy? Beýdip sansyz bolup ýörseňiz, kim size gül ýaly gyzyny rowa görer!?» diýibem käýinerdi. Doganlarynyň halyna zenanlarça kemsinip aglardy... Aý-ýyl geçip, eger-de Magsut hanyň şol dabarasy dag aşan toýy bolmadyk bolsa doganlar, belki, gaflat ukusyndan soňam wagty bilen oýanmasa-da, oýanmazdylar. “Toý” diýseň, takyr kelle togarlanmaýarmy name! Onda-da Magsut ýaly belli bir döwürde han bolup, öz tiresiniň öňüne düşüp, kyn pursatlarda ýol kesip gezen mertebeli adam toý edende?! Beýle adamyň jarçysynyň sesem belent çykýar. Onsoňam munuň ýaly adamlaryň toýunam il-halkyň, şol bir wagtda, öz toýlary hasap etmek häsiýeti-de bar. Ýetimleriň biri Ödegylyç hem şol gezek toý dabarasyna gelip, oňa garylyp-gatylanlaryň biri boldy. Gulja-Ganlybaşyň aýal-erkeginiň bary bu gün hyzmatdady. Mal diýseň, bir ýere sürlenip getirilip soýlup dur. Gazanlarda palaw, çekdirme taýynlanyp, oglan-uşaklar, gelen myhmanlar tapgyr-tapgyr naharlanyp, hezzet-hormat edilýär. Ak esgi, sary esgi atynan zenanlar, gelin-gyzlar, çagalar bilen kowçum-kowçum bolşup, dumly-duşdan toýa gelýärdiler. Zenanlaryň mylaýym sesleri çagalaryň şowhunly, erkekleriň gatyraw sesleri bilen goşulyşyp, barha joşgunly eşidilýärdi... Ödegylyç hem gelip, gazan-tabagyň töwereginde tagamly bişen nahardan aňyrsyna il gonduransoň, göreş tutulýan ýere geldi. Halk bolsa eýýäm ortadaky göreş tutuljak ýeriň töwereginde halka atyp, döwre gurap, wag berşip otyrdy. Ödegylyjam gelip, märekäniň yzragy bolup, bir amatlyrak ýerde oturdy. Eger atyma gelse, onuň özüniňem göreşe çykaýmak niýeti hem ýok däldi. Onuň ozalam onuň-munuň toýunda göreş tutup, güýç synanyşyp alaýmasy bardy. Ol näme üçin bu toýda göreş tutmaly dälmişin! Onda-da Magsut han ýaly rysgal-döwletli, mertebe-mynasybetli adamyň toýunda! Ödegylyç soňabaka bu hyýala halys berlenini hem duýman galdy. Magsut han toýy uludan tutupdy, oňa Mary-Tejenden, Sarahs-Maşatdan, Kerki- Owgandan atly begzadalaryň hem birnäçesiniň gelmegi toýy il içinde has hem mertebeläpdi. Beýle toýuň baýragynyň hem at, düýeden kiçi mal bolmajagy belli zat. Magsut hanyň toýuna Ýolötenden ýanynyň bir bölek atlysy, ýakyn adamlary bilen taýpanyň baş hany Sary han hem gelipdi. Sary hany söweş meýdanynda, at üstünde geçen maslahatda sarygyň hanlygyna hödürlänleriň biri hem Magsut han bolupdy. Sary han hem 1868-nji ýylda tiräni ikä bölüp, ýer-suw bähbidi üçin Amanýap degresine geçende, Pendide galan halkyna baş bolmagy Magsut hana ynanyp gidipdi. Şonuň üçinem sarygyň baş hany bu toýa, asla, gelmän biljek däldi. Göreş boljak ýeriň bir ýanynda, han-begleriň oturyp, göreş synlajak ýerlerine haly-palaslar düşelip, ýörite taýyn edilip goýlupdy. Ödegylyç haly-düşekleriň baýyr-ýapysyny ýaz günlerine meňzedip, gül öwsüp, gözellik bolup oturanyny gözügidijilik bilen synlady. Onýança-da ýeňseden: «Hany, ýoldan sowluň, hanlar göreş ýere gelýärler» diýip, alakjaşyp, han-begleriň öňleri bolup, ýol torup gelýän herdemhyzmat, howlukmaç, göterim ýigitleriň birnäçesi peýda boldy. Olar ýerli-ýerden: «Süýşüň! Süýşüň!» diýşip, gyssanyp, alabasga düşüşip ýörüşlerine geçiljek ýeri gallap oturan adamlaryň käbirini ellerindäki gamçy bilen sähelçe kak-sok edibem goýberýärdiler. Şonda arkasyny gamçy sähelçe ýalap geçenleriň biri-de Ödegylyç boldy. Olam omzap, töweregindäkiler ýaly, öňe-öňe süýşdi. Haçanda Ödegylyç “Gelýär” diýilýän adamlary görmek üçin ýeňsesine öwrülip, egniniň üstaşyr sereden mahaly Magsut handyr Sary hanyň iki-ýeke basyşyp, özara söz alşyp, alysdan gelen beg-begzadalara baş bolup, aňyrdan gelýändiklerini gördi. Onýança-da olaryň öňünde ikiýana çawjap, ýol açandan bolup gelýän jigitleriň biri: «Süýş! Süýş!” diýilýär size! Sary han dagy göreş görmäge gelýär, süýş!» diýip, ýene-de yzrakda oturan kimseleri depip gyssady. Ol edenini az görýän ýaly, soňam adamlaryň süýşýänini görse-de, eliniň gyzgynyna şarpyldadyp, gamçyny hem çalyp goýberýärdi. Şol barmana, Ödegylyjyň hem arkasy ot çabran ýaly bolup gitdi. Ol şonda oturan ýerinden nädip turanyny-da duýman galdy. Eli gamçyly jigidiň üstüne hyrs ýaly, çalasynlyk bilen topulyp, onuň elindäki gamçysyny gaňryp aldy-da, ony dyzyna urup, iki bölüp, galgadyp, hol beýläk zyňdy. Gazap ugruna öýkeli hüňürdedi: –Gelse, gelipdir-dä Sary han. Bolsa özümiz ýaly, bolmasa paşmagymyzça adamdyr-da näme... Adamlar ýerli-ýerden gelşip, jigit bilen Ödegylyjy aralan wagty Sary han hem töwereginiň adamlary bilen bu ýere ýakyn gelipdi. Degenek ýigidiň bu batyrgaý gep urşy onuň hem gulagyna ilipdi. Sary han südenekleşenleriň gapdalyna gelende, ganyny gaçyryp duran Ödegylyjyň ýüzüne dikanlap, aýak çekdi. Hiç hili söz diýmän, ony siňňin synlady-da: –Hä, ýigit, sen ýaňy bir gepiňde bizi ýanap, bir gep diýdiň welin, hany, indi şol gepiňi bir saýhallap ber maňa! Bu diýen gepiň yzynda durup biljekmi onsoň sen? –diýdi. Ödegylyjyň gahar ugruna aýdyp goýberen gepiniň belli bir derejede Sary hanyň çetine degendigi belli boldy. Ödegylyç birbada oňa näme jogap berjegini bilmedi. Sary han bilen birtopar adamyň özüne ümürlenişip bakyp durmaklary onuň birbada howuny basypdy. Gepläp, başyny bir bela satyn alandygyna düşünipdi. Indi nädibem bolsa bu ýagdaýdan baş alyp çykmak gerekdi. Bu gepiň ýöne ýere döremänligine Sary han hem han paýhasy bilen öz ýanyndan aň eden eken. Ol: –Sen kimlerden bolarsyň? – diýip, çakyny alarman bolup, ýene-de soragyny dowam etdirdi. Ödegylyç içinden hanyň sorag berip, özüni azysynyň astyna almak üçin, atyma getirmekçi bolýandygyny aňdy. Içki sarsgynyny duýdurman, oňa ata-babasyna meňzäp, merdemsi jogap bermäge çalyşdy: –Meniň garry atama, han aga, Muhammetgylyç serdar diýýärler... Töwerekde duran adamlar Muhammetgylyç serdaryň ady geçensoň, Sary hanyň sähelçe aşak bakyp, nämedir bir zatlary ýatlajak ýaly bolanlygyny, hanyň ýüzüniň ýagtylyp, gaşlarynyň hem gerlendigini gördüler. Soňam han özüniň egnine ýelbegeý alan, köşek ýüňünden dokalan çäkmeniniň ýakasyndan tutup, çep eli bilen aldy-da: –Muhammetgylyç akgamyza sarygyň bergisi köpdür! – diýip, mertebeläp, ony “Dilimden bela galdym-ow” diýip duran Ödegylyjyň egnine atdy. Halky geň galdyryp, şundan soň ýene-de topar bilen öz ýoluny dowam etdirdi. Sary han ýaly adamyň mertebelän adamy, hany, onsoň, ünssüz galýarmy?! Şu wakadan köp wagt geçmänkä, söýünalyly söwdagärler, doganlar –Zaýyr çöpçüdir Taýyr çöpçi Ödegylyjy çagyryp, ony öz kerwenlerine ýükçi edip işe alýarlar. Şeýdibem, Ödegylyjyň durmuşynda täze bir ömür başlanýar. Ol kerwen bilen Hyrat, Meýmene, Mary, Maşat, Hywa bazarlaryna gatnap, il görüp, ýurt synlap başlaýar. Ýene bir gezekde Buhara baranda, garry atasy Muhammetgylyç serdaryň ol ýerde galan neberesini tapyp, atasynyň täjik, gazak, buhar jöhitlerinden, özbek aýallaryndan bolan nesilleri bilen täzeden gatnaşyk açýar. Söwdagär doganlaryňam bu garadangaýtmaz ýigide göwünleri ýetýär. Bir ýyldan ol öz dogumy bilen kerwen ýanynda bilen ýöreýän on atlydan ybarat goragyň başy bolýar. Şeýdibem, ýetimleri serdar atalarynyň ruhunyň goldaýanlygy, Sary han bilen bolan duşuşygyň bulara düşenligi belli bolýar. Köp wagt geçmänkä Ödegylyjyň talaby bilen Arnagylyç Alaşa baýyň aýal doganyny, Özbekgylyç Kelje baýyň gyzyny, Jumagylyç Dowlat baýyň aýaldoganyny alyp gaçyp, «Ýetim oglan öz göbegini özi keser» edip öýlenýärler. Ýetimler ilki bir salym gaýyn taraplarynyň gazabyndan çeträk bolmak üçin jeňňelde, gizlinräk ýerlerde ýaşap gezýärler. Ödegylyjyň, onuň doganlarynyň Taýyr çöpçi bilen Zaýyr çöpçi arkasyny alyp, ara düşensoň gyzlaryň hem hossarlary bilen hem ylalaşyk gazanylýar. Öýlenen ýigitler oba gelip, il-güne gatylyşyp ýaşap başlaýarlar. Öýde ýeke aýal ýok ýerine birden üç aýal gelensoň, olara Muhammetgylyç bilen Ödegylyja guda bolup, süýthaky berip öýlendirmek kynam bolmaýar. Bäş doganyň öý-öwzarly, mally-hally bolup, özüni tutup ugramagy zadyň hasabyny ýöredip, bahasyny kesip oturan iliňem ünsünden sypmandyr. Olaryň–bäş ýetimegiň – bäş sany bela ýaly adam bolup dörändiklerini göz öňüne tutup, olara «bäşbela» diýlip at berlipdir. Bäşbelalar aýak üstüne galyp, özlerini tutup ugransoňlar, adamsy ýogalan iki çagasy bilen kyn günde galan Horasandaky aýal doganlaryna hem hossar durup, öz ýanlarynda öý dikip göçürip getiripdirler. Şeýdibem, gaplaňlaryň çakan-hojabegiler bölegi ikä bölünip, ýetimekleriň neberesine “bäşbelalar” at galýar. Şolaryň içinde uzak ýaşan, henizem ýer basyp ýöreni bir Kymyş duzçudy. Kymyş altmyş ýaşyna golaýlaberende, Tagtabazaryň bazarynda dükan ýöredýän Gulam pürsýan diýilýän adam bilen tanşyp, aşnalyk açyp, daýhançylygyndanam başga ýene-de bir pişä ulaşyp gidipdi. Bir gezek gabatlaşylanda, Gulam pürsýan gürrüňden gürrüň çykyp, özüne ýörite haryt daşaýan adam gözleýänini aýdyp, şol adamy tapýança Kymyşdan Ýeroýulanduzdan özüne duz daşap bermegini soraýar. Şeýdibem, ilki Kymyşyň özi, soňra oglanlary duza ulaşyp, Gulam pürsýana hakyna duz daşap berýärler. Ýeroýulan Bathyz baýyrlarynyň arasynda biten tebigy duz känidi. Söýünalydan düýe tartyp gideniňde oňa çenli bir-ýarym günlük ýoldy. Kymyş şol ýerden Gulam pürsýanyň dükanyna gerek bolan duzy çuwallap, harsaň-harsaň goparyp getirýärdi. Duzuň düşewündi uly bolmasa-da, ol düşümli haryt bolup, biriň ikä-üçe barabar bolşy ýaly hümmetlidi. Aňyrsy bir ýyldan gowrak wagtyň içinde Kymyşyň duz daşaýan iki düýesiniň ýanynda ýene iki sany ýük düýesi peýda boldy. Ol indi giden ýerine-de ýorga alaşa münüp, beglenip-beslenip giderdi. Öň Kymyş Gulam pürsýana duzy gidip getirip beren bolsa, indi ol degirmen gurnap, duzy öz öýünde arassalap, üwäp, girdejisini hasam artdyrypdy. Öýüň gelinleri duzy degirmene salyp, üwäp, ulanyşa has amatly edip bererdiler. Galan-gaçan tokga tutan duz bölekleri bolsa, mal-garanyň şoruny ýatyrmak üçin ulanylardy. Her bazar gününiň öňüsyrasy säher-säherler Kymyşlar gapylarynda düýe çökerip, olara ýanap-ýanap çuwal-çuwal duz ýüklärdiler. Degirmenden geçirilip, azap siňdirilen duz soňra bazarda has gowy geçerdi. Gulam pürsýan öz duzçusyndan razydy. Birnäçe ýyl maşgalasy bilen barşyp-gelişde bolup, onuň bilen gadyrly gatnaşykda ýaşady. Ol soňra Mara göçende hem öz dükanyny minnetdarlyk hökmünde Kymyşyň kiçi ogly Orazgylyja goýup gitdi. Söýünalylylar öňem mahal-mahal bazara gelenlerinde Kymyşyň Gulam pürsýan bilen dükanyň töründe bazaryň habaryny alyp, tirsekleşip çaýlaşyp ýatanlaryny, Orazgylyjyň bolsa dükançy bolup, duz gereklilere gadaklap, putlap duz goýberip, hasaplaşyp, söwda işlerini ýöredip duranyny görýärdiler. Şondan soň birsalym Tagtabazaryň bazaryny esasy duz bilen üpjün edýänlerem, satýanlaram Kymyşlar bolupdylar. “Kymyş duzçy” lakamy hem oňa hut şu duz bilen çörňeşenden soň galypdy. Täze häkimiýet 1922-nji ýylda Kymyşlyryň duz dükanyny elinden alyp, ony döwletiň hasabyna geçiripdi. Maşgala dükany bilen düýedir çuwallaryny hem berip, olardan başlaryny gutarsalar kaýyl bolupdylar. Şeýle-de bolsa, olar Kymyş duzçynyň kiçi ogly Orazgylyjy duz kärhanasynyň eýesi hökmünde soňra onuň geljek durmuşyna hyýant etjek gara bellik bilenem hasaba alypdylar... ...Haçanda dünýä çaýkanyp: «Sen bolşewik, sen baý, basmaçy!» bolnup, adamlar bir-biregi köpürgenişip, Günüň aşagy birek-birekden gysganylyp, atyşyp-tutuşyp ugralan mahaly, Kymyş duzçynyň adynyň Kymyş baýa öwrülip, gara mallarynyň baş sany ýüze golaýlan günleri bolupdy. Kymyş baý başarsa, uruş-gykylykdan daşrak durmaga çalşardy. Şeýtse, ol öýüniň abadançylygyny saklap galmaga mümkinçilik boljagyna umyt baglardy. “Akym ugruna giden mahalymda, maşgalanyň başyna geljek beladan sowlaryn” diýip, munuň şeýle boljagyny hem öz ýanyndan assyrynlyk bilen tama edýärdi. “Dek gezen – dok gezer” edip, hiç kime gadalyp garşy çykmazlyga çalşýardy. “Men!” diýen baýlar malyny-baýlygyny alyp, gapdalyndan göç geçirip, ýer süýşen ýaly bolup, Owganystana gidende hem ol göçmändi, gaýta: “Näme bolsagam, Watanda bolaly, ölsegem, süňňümizi öz topragymyzyň gurçuklary iýer, ýat ilde bize: “Gel!” diýip, saçak ýazyp, gujak açyp oturan bolmaz...” diýipdi. Onuň öýli-işikli oglanlary hem kakalarynyň diýenlerini edipdirler. Haçanda, Sowet döwleti: “Obada kolhoz bolmaly” diýip, ony barly ýaka etmek üçin ilden mal-gara toplap ugranda, Kymyş duzçynyň özi oglanlary bilen çagalaryna süýt-çallyk üçin bir sygry alyp galyp, ýüze golaý malyny eltip, oňa meýletin tabşyrypdy: “Başymyz dik bolsa, malam tapylar, beýlekem” diýipdi . Eli gelen bilen oýnuň deň gelmejegini aýdyp, oglanlaryna hem kolhoza girmegi maslahat berenem ýene-de onuň özi bolupdy. Şeýdeninde, ol maşgala başbütinligini saklap boljagyna, döwletiňem bu gowy päli gerek ýerinde göz öňünde tutup, özüniňkilere ýamanlyk etmejegine ynanypdy. Dogrusy, häli-häzir-ä şeýlebir terse ýanap, yrsarap, süýkenip-sürnüp duranam ýokdy. Kymyş duzçynyň oglanlaram, ýekebara adynda bolsalar-da, gazy gazyşyp, ekin ekişip, öz öňki daýhançylyklaryny edişip ýördüler. Ýagdaý hemişe-de şeýle bolaýjaga meňzeýärdi. * * * ...Bu günem kalby hyjuwly ýazyň dünýäni eýemsirenip, galkynyp-silkinip oturan günleriniň biridi. Ýagyş ýaňyrak diňipdi. Dünýä çygly, arassa howa bilen dem alýardy. Ýerem indi kere-mara çalygmak bilendi. Kymyş duzçynyň öýleriniň gapdalyndaky hatara ekilen erik agaçlary bireýýämden bäri, başlaryna ak bürenjek atynan gelin bolşup, töwerege ýakymly müşk-ys paýlap, gül-gunça basyrynyşyp otyrdylar. Töwerekde ýagşyň diňenine hezil eden ýelýürek serçeler pelesaň urşup, jürküldeşip uçuşyp-gonuşyp ýördüler. Ýas-ýaňyja eli okaraly towsaklap, daşaryk towuklaryny iýmlemäge giden Ogulbike, gidişi ýaly hem, ýene dessine yzyna dolanyp geldi. Soňam, ol gapynyň agzynda duran ýerinden begenjini mälim edip, tolgunyp demi-demine ýetmän, joşgunly seslendi: –Gelipdir, mama, gelipdir!.. Hemmeler ilki onuň bolup durşuny görüp, indi bir aý bäri bir ýerlerde obanyň gazysyny ýatymlaý ýatyp gazyp ýören, öýüň iki ogly Orazgeldidir Orazgylyç gaýdyp gelendir öýdüp pikir etdiler. Indi olaryňam gelse, geler wagty golaýlap ýördi. Maşgala küýsäp, bireýýämden bäri olaryň ýoluna gözleýärdi. Ogulbike habaryny berip-bermänem, ýene-de temegini taýzardyp, duran ýerinden öwrülip, towsaklap yzyna gitdi. Onuň yzysüre, kimiň gelendigini bilmek üçin, öýüň gap böwründe ýüzin ýatan atalarynyň iki bolup arkasyna çykyp, depgileşip duran ýedi-sekiz ýaşly, öýüň iki çüwatym ogly Allanazar bilen Aganazar hem duran-duran ýerlerinden daşaryk howlukdylar. Ojak başynda oturan Jemal mamanyň oturan ýerinden goraglap: “Haý, egniňize-başyňyza bir zat geýiň. Üşäp iş borsuňyz soň ýogsam!” diýenine hem bakman, atylyşyp-atylyşyp öýden çykdylar. Oglanlar şonda hol beýlede, howlynyň girelgesiniň agzyna kese goýlan germew agajynyň öňünde, obada, kolhoz bolnanda, atasydyr kakalary bilen öňe salnyp, sürläp eltip, kolhoza tabşyran mallarynyň biriniň, tanyş gara sygryň duranyny gördüler. Oglanlar ýerli-ýerden: “Gara sygrymyz gelipdir-de, gara sygrymyz gelipdir” diýşip begenişdiler. Ogulbike gulpaklaryny tasadyp, gara sygry hemmelerden öň özüniň görenine begenip, öýden towuklara niýetläp alyp çykan okarasyny indi gara sygryň agzyna tutup, eýýäm ony daşarda özüçe hezzetläp durdy. Sygyrly habar birsalymdan Kymyş duzçynyň öýüni som-saýak etdi. Özlerinden ulular gapdallaryndan göç geçirişip, dabyrdaşyp öýden çykansoňlar, olardan has bilesigeliji, kiçileri, nä, öýde saklap bolýarmy!? Mamasynyň gapdalynda ýatan jigisi Rahmanguly bilen oýnaşyp oturan Rahmannazaram şundan soň nämedendir bir zatdan galyp barýan ýaly, elini gapa tarap uzadyp: “Menem gitjek, menem gara sygry görjek!” diýip urdy gohy. Jemal mama bu wagt ojakda hamyrsuwy gyzdyryp, iki gelnini gapdalynda oturdyp, uly bir kersen uny orta alyp, irgözinden çörek bişirmäniň ugruna çykypdy. Gelinleriň biri «häh» diýip, wagtal-wagtal tokga tutup, üýşmek bolýan hamyry agdaryp-düňderip, ýumruklap, onuň eýini berse, beýleki biri gerek bolanda, oňa elindäki tüňçeden kerseniň gyrasyna ýyly suwuny guýup berýärdi. Kymyş duzçy hem bu günler ýagyn-saçyn bahanasy bilen haýsydyr bir zerura gitmeli bolaýmasa, günüň köpüsini öýüniň töründe, garrap tapdan düşen gaplaňa meňzäp, oýaly-ukuly halda ýatyp geçirerdi. Süňkbaşy iri gojany segsen indi “hä” diýmän, halys sandan goýjaga meňzeýärdi. Haçanda goja daşarynyň habaryny almaga dabyrdaşyp giden çagalaryň yzyndan hasasyna söýenip daşaryk çykan wagty, hälki çagalaryň “geldi-geldisiniň” yzysüre agtygy Rahmannazar bilen öýden çykyp gaýdan Jemal mamany gördi. Ol eýýäm gara sygryň maňlaýyny, ýagşa ezilen boýnuny sypalyşdyryp, hamala, adam bilen gürleşýän ýaly, mähir bilen oňa hoşamaýlyk edip durdy: –Malym janymdyr meniň, Malym halymdyr meniň. Süýdüm-çalymdyr meniň, Öz malyma döneýin! –Bizi göresiň gelip gaýdyberdiňmi, onsoň? –diýip, Kymyş duzçy hem aňyrdan gele-gelmäne gara sygyr bilen göwünjeň gürrüňdeşlige geçdi. –Biziň, nä, eýsem-de bolsa, seni göresimiz gelen däldir öýdýämiň? Göresimiz geldi, onda-da nähili. Kempir-ä birki gezek sizi göresi gelip, golhozyň saraýynyň daşyndanam baryp, synlabam gaýtdy öýdýän. Yhlasyň, mähriň siňen malyň gadyram bir başga bolmaýarmy name!? Gara sygyr bolsa bu wagt, hamala, özi bilen bagly aýdylýan hoşamaý sözlere düşünýäne meňzäp, sulhup durdy. Dile düşmez haýwan-da bolsa, ol hem özüne bildirilýän mähremligi diýseň gowy duýýardy. Ýugrup-ýasap oturan hamyrlaryny boldum edip, gapdalda basyryp, alaryna goýansoňlar, öýüň gelinleri Oguljuma bilen Amangül ikisem bularyň yzyndan daş çykdylar. Şeýdibem, gara sygryň geleni eşidilensoň, öýde galan bolmady. Gara sygryň öňünde ýaý berşip duran Kymyşlaryň hemmesi häzir üýtgeşik bir begençli pursady başdan geçirýärdiler. Bularyň hemmesiniň häzir gara sygry gowy görýän höregi bilen hezzetläsi gelýärdi. Kymyş duzçy ötende-geçende öz sygyrlarynyň kolhoz sürüsiniň içinde gezişip, otlaşyp ýörenlerini görse-de, kesekä “seňki” edilen zat hökmünde olara, asla, üns bermezlige çalşardy. Adamlaryň arasynda näme-nämeleriň bolýandygyndan habarsyz janawerler bolsa öz eýelerini tanaşyp: «Bizi ýatagymyza sürüp äkitmezmikä?» diýýän ýaly, her gezek onuň yzyndan natuwan seredişip galardylar. Ýöne Kymyş duzçy sygyrlaryň hor-har saklanýandygyny ondan-mundan eşidende welin, durup bilmezdi. –Haý, enesini doňuz ýalanlar! Ugruna seredip bilmejek bolsaňyz, ol janawerleri eýelerinden alyp näme etjek diýsene!? –diýip, jany ýanyp, kolhoz ýolbaşçylaryna käýinenini hem bilmän galardy. Aňyrdan gelişlerine gelinleriň hersi Jemal mamanyň öňünde onuň etegine çolaşyp, geňgalyjylyk bilen gara sygra näme üçin beýle gadyr goýulýanyna düşünip bilmän duran Rahmannazardyr Rahmangulyny alyp, öz gujaklaryna göterensoňlar: “Bu janaweri näme üçin ýatagyna salman, bärde saklap durkalar?” diýip, ýaşmak astyndan bir-birlerine seredişip pyşyrdaşdylar. Gelinler ýuwaş pyşyrdaşan-da bolsalar, bu pyşyrdy beýleräkde bilindäki halparan guşagyny täzeden çekişdirip, guşanyp duran Kymyş duzçynyň hem gulagyna ýetdi. Ol bir zat ýadyna düşen ýaly, ilki oýurgandy-da, soňundanam agtyklary Aganazar bilen Allanazara tarap göz aýlap: –Aý, Alla jan, Akgym jan, hany, siz indi myhmany şeýdip, daş işikde saklajak durjakmy? –diýdi. Aganazardyr Allanazara hem geregi şoldy. Şobada ikisi iki ýerden ylgaşyp, sygryň öňünde kese duran agaç germewi bileleşip göterip, «homp-da-homp» bolşup, bir gapdala aýyrmak bilen boldular. Beýlekilerem soňra ýeňse basyşyp, sygra geçmäge ýol berdiler. Gara sygyr şundan soň ynamly-ynamly ätläp, toýnaklaryny şarkyldadyp, duranlaryň öňünden geçip, on-on iki ädim ýöränsoň: “Ýatagyň nirededigini özüm bilýän” diýýäne meňzäp, üstüne seňňer edilip, ot basylyp, aşagy biraz gazylyp, ýokarsyna palçyk diwar galdyrylyp gurlan ýarym döleli ýatagyna bakan öwrüldi. Maşgala hümerlenişip, ýene-de onuň yzyna düşdi. Kymyşlar-da bular! Obada malyň tabyny bilýän, üşükli maşgalalaryň biri. Beýle maljanly adamlar bolsa hemişe wagtynda malyň otuny-suwuny tapyp, höwes bilen olaryň hyzmatynda durýan adamlar bolýar. Idegi ýeten malyň, onsoň, ini suwlanyp, gerşi gümmezekläbir. Sygyr tüýs “çomrynyň maly” diýleni-dä. Birem ol, asla, ýagyrnysynda çybyk oýnadylanyny halamaz, ursaň düýrügip, köl süýdüni göz ýaly edip kemäýmesem bardyr onuň. Söýüp, yhlas etseň bolsa, öz düşen öýüne göwni ýeten gelin ýaly, ýazylyp-ýaýrap, gönenip-gönendirme bilendir. Gara sygryň öz köne ýatagyny ýatlap gelmegi Kymyşlaryň ulusynyň-kiçisiniň ýüregini sarsdyryp, ýerinden gozgady. Çagalaryň-a, asla, wagty bilen onuň töwereginden aýrylasy-da gelmedi. Wepalylyk görkezeni üçin, oňa has-da “Eýe gözi em” etdiler. Aganazardyr Allanazar, ot kümäniň töründe öz ýeke sygyrlary üçin ýörite saklap, gysganybrak az-azdan berýän bedelerinden, oňa hersi birini gujaklap getirdi. Ogulbike sogan gabygydyr kädi gabygy salnan döwük kerseni getirip, onam sygyryň öňünde goýdy. Ýalmanyp, berlenini işdämen iýip duran sygra, suwsandyr öýdüp, telim gezek suwam görkezdiler. Giçlik, öri gaýdar mahaly Kymyş duzçy agtyklarynyň gynanyp-gyýyljaklaryny bilse-de, gepden-gürrüňden daşrak bolmak üçin, bir sam-samyň: «Kymyş baý-a sygyrlaryndan gizlin alyp gaýdyp, öýünde sagymyny hem alaýýan eken» diýdirmezlik üçin, agtyklaryna: «Şeýtmek gerek, köşekler, şeýtmek gerek, başa belany satyn almajak bolmalydyr. Baryň, indem muny golhozyň sygyr ýatagynyň bäri ýanyndan eltip gaýdyň» diýip, sygry agtyklary Allanazar bilen Aganazaryň öňüne saldy. Birsalym hasasyna söýenip, olaryň yzyndan seredip duransoň bolsa, gyýlyşyp galan töweregindäki agtyklaryna göwünlik berip gepledi: –Nesibäňizde bolsa, gara sygryňyz ýene bir gün gaýdyp geler gapyňyza! Çagalar atalarynyň sözünden çen alşyp, dogrudanam, biziň bilmeýän şeýle mümkinçiligimiz bar bolaýmasyn diýen tama bilen, gojanyň gürrüňi nireden aýlaýanyna birbada düşünip bilmän, ýerli-ýerden oňa: «Haçanda, haçan!?» bolşup, heserlenişip seredişdiler. Goja yzyna dolanyp, öýe tarap gyrmyldap barşyna: – Nesibeli gün –diýip, düşnüksiz samyrdady. Dowamy bar >> | |
|
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Köne mülk -4: romanyň dowamy - 11.06.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |