21:16 Ok-ýaý atmagyň düzgünleri | |
RISALEÝI KÖWSIÝE
Sport we turizm
(OK-ÝAÝ ATMAKLYGYŇ DÜZGÜNLERI BARADAKY RISALA) MÄHIRLI WE REHIMLI ALLANYŇ ADY HEM-DE ONUŇ GOLDAWY BILEN! Bütin dünýädäki janly-jandary ýaradan we adamzat neslini olaryň barysyndan artykmaç eýlän, oňa hünär öwretmek üçin uly hem-de çäksiz mümkinçilikler beren beýik Allatagala çensiz taryplar bolsun! Şol içki we daşky syrlardan habarly, göze görünýän we görünmeýän syrlary biliji, gudraty güýçli Hudaýtagala çäksiz öwgi-senalar bolsun! Her bir ynsan ogluna bir hünär bagyş eden Haktagala şol hünär bilen onuň rysgalyny tapmaga, ýaşamaga mümkinçilik döredýär, külli adam neslini kanagatlandyrýar. Yslam dinini halaýyga peşgeş eden, Allatagalanyň bendesi hem pygamberi Muhammet Mustapa çäksiz salawatlar bolsun! Çaryýarlar Hezreti Abu Bekre , Omara , Osmana , Ala we onuň ogullary Ymam Hasana we Ymam Hüseýine (goý, barysynyň jaýlary jennetde bolsun!) biziň dogalarymyz bolsun we olaryň päk ruhuna goşulsyn! Mukaddes yslam dininiň sütünleri bolan bu beýikler din ugrunda öz şirin janlaryny pida edipdiler. Garyp biçäre bende, köp horluklary we zyýanlar gören, aşyklaryň nökeri, magşuklaryň hyzmatkäri bolan Mustapa Kemankeşiň − meniň günälerimi beýik Allatagala geçewersin! Hezreti Aly (goý, Allatagala onuň ýüzüni nurana eýlesin!) şeýle diýipdir: «Kimde kim maňa bir harpy öwretse, men özümi onuň guly saýaryn». Şeýle sözleriň manysyna görä, biziň ussatlarymyzy elmydama alkyş sözleri bilen ýatlamagymyz wajyp. Şolaryň biri hem mergenleriň saýlantgy ussady, azançy Hajy Süleýmandyr (goý, Allatagalanyň oňa rehmet bolsun, günäleri bagyşlansyn!). Birnäçe ýyllap men onuň [Hajy Süleýmanyň − M.A.] hyzmatynda boldum. Şonda ok atmakda ussat bolanlar bilen duşuşmak bagty maňa miýesser etdi. Men her bir ussatdan mümkin boldugyça ylym öwrenip, bu ylymda üstünlikler gazandym. Arap we türki dillerinde bu ugurdan ýazylan risalalary okadym. Ýöne, okyjylaryň köpüsi arap dilini bilmeýändikleri sebäpli, bu risalalary okap we ylma bolan teşneliklerini gandyryp bilmeýärdi. Olar arap dilinde ýazylan «Kowusnama» düşünip bilmän kösenýärdiler. Men şol zatlary [halaýygyň kösençlerini − M.A.] göz öňünde tutup, wagt ýitirmän, bir gün köňlüm heýjana düşüp, arap dilindäki ýazylan bu ugurdaky kowusnamalardan gerekli ýerlerini saýlap alyp, türkmen diline terjime etdim. Elgaraz, müň azap bilen ok-ýaý baradaky risalany halk içinde ýaýratdym. Naýza atmak, zarp urmak, uzak menzile ok atmak kimin hünär ussatlyklaryndan − tälimlerden her kişi gaýratyna görä peýdalansyn diýip, Allatagalanyň kömegi bilen bu gysgaça risalamy ýazyp tamamladym. Eger-de, bu risalada haýsydyr bir ýalňyşlyk goýberen bolsam, ony okanlar biziň günämizi bagyşlasynlar. Risalamy okap, ondan peýdalanan adamlardan, men bendäniň ruhuna doga okamaklaryny haýyş edýärin. Allatagala baha Taňrysy däl, bahana Taňrysydyr. Allatagala öz gullarynyň günäsini geçmek üçin bahana gözleýän däldir. Meger, bir päk nebisliniň alkyşy-dilegi sebäp bolup, men pahyryň günäleri geçilse gerek. Meniň o dünýäde sogaplarym köpelip, ahyrym gelmek miýesser etsin! Goý, pygamberleriň Serdary Muhammet alaýhyssalamyň hormaty bilen günälerim geçewersin, Omyn! Stambulda, Galibulda we Müsürde ok atylýan menziller [atyşhanalar − M.A.] barada ýörgünli rowaýat-gürrüňler köp. «Allatagala ähli zatlardan ägädir!». Ok bilen ýaýyň ilkinji gezek nirede tapylyp we haýsy ussatdan öwrenilipdir? Bu barada şeýle diýipdirler. Her bir kişä üç hünär hökman gerekdir. Ok atmak, hat ýazmak we suwda ýüzmek. Ok-ýaýy, galamy, kitaby göwni bilen söýen adamy Allatagala söýýändir we onuň barça günälerini geçýändir. Goý, meniň ok-ýaýa aşyk gardaşlarymy Haktagala dogry ýola salsyn! Eger-de sen ok atmaga höwes edýän bolsaň, ilki bilen bir ussat tapgyn, soň ol ussada tabyn bolgun. Mümkin boldugyça ony hormat, sylag-serpaý etgin. Onuň hyzmatynda bolup, sylag-serpaý berersiň. Sylag-serpaý etmäge mümkinçiligiň ýok bolsa, halypaňyň hyzmatyny bitirip, göwnüni tapgyn. Eý, ok-ýaýa höwesek gardaşym! Sen ilki bilen ok-ýaýyňy doga-senalar eliňe algyn, soňra türgenleşip başlagyn. Şeýle dessur dünýä döräli bäri dowam edip gelýändir. Sen ussatdan her bir zady kämil öwrenmegiň asla mümkin däldigini bilip goýgun. Emma hiç bir hünäri ussatsyz hem öwrenip bolmaz. Eý gardaş! Älem-jahanyň serdary, hezreti Muhammet Mustapanyň ylym derejesi on sekiz müň äleme ýeterlikdir. Bir damja ylym öwrenmek üçin, «Allanyň ýaradan zatlary bolmadyk bolsa, men Ony tanamazdym» diýlişi ýaly, Muhammet pygamber Jebraýyl perişdeden «Leýleýi-esra», ýagny Magraç gijesinde birnäçe sowal sorapdyr. Bu mesele mukaddes hadyslarda anyk görnüşlerde aýdylypdyr. «Ussatdan öwrenmän atan oklaryňa sogap ýazylmaz» diýen hadys bar. Halypa we bir ussada gol berip, oňa ynanyp, yhlas bilen ok atmagy öwrenseň, Allatagala saňa atylan oklaryň sogabyny berer. «Ussadyna hormat goýmadyk şägirt hasaplanmaz». Ine, şeýle sözler «Futewwetnama» atly kitapda hem ýazylypdyr. * * * Aýdylyşyna görä, hezreti Adam alaýhyssalam dünýä gelen döwürlerinde kerges atly äpet uly guşlar bar eken. Haçanda hezreti Adam ata jennetden kowlup, zemine inende, şol äpet kerges guşlary topulypdyr. Allatagala Jebraýyl perişdä jennetden bir ýaý bilen alty sany oky çykaryp beripdir. Jebraýyl perişde gelip Adam alaýhyssalama ok atmagy öwredipdir. Hezreti Adam kergesi urup gaçyrypdyr, emma ok döwlüpdir. Adam ata Allatagala tarapyndan iberilen sowgady döwendigi üçin gaýgy-gama batypdyr. Çünki, ol ýaý bilen oklar jennet agajyndan ýasalyp, şekerli suwa ýuwlupdy. Oklaryň, adamyň ýumrugy bilen dokuz tutam uzynlygy bardy. Birinji oka Taňrynyň ady ýazylgy eken. Emma beýleki oklaryň ýüzüne «Ulul-azmyň» , ýagny Nuh alaýhyssalamyň, Ybraýym alaýhyssalam, Musa alaýhyssalamyň, Isa alaýhyssalamyň we Muhammet pygamberiň atlary ýazgy eken. Adam ata kerges guşuny Allanyň ady ýazylan ok bilen urandan soňra, kerges aw etmäge başlady. Allatagala tarapyndan gurçuklar we jesetler kergesiň rysgaly edilip berildi. Käbir çeşmelerde, ýagny «Jamygus-sagyr» atly kitapda hezreti Adam ilkinji oky garga atdy diýlip beýan edilýär. Bu barasynda dürli we biri-birine gapma-garşy rowaýatlar bar. Sagyt ibn Mälik (goý, Alla ondan razy bolsun!) Muhammet pygamberden şeýle rowaýat edipdir: «Sagdy Wakgas (goý, Alla ondan razy bolsun!) meýdanda ok atýan wagty, Muhammet pygamber oňa: «Meniň üçin hem bir ok at!» diýip haýyş edýär. Sagdy Wakgas «Bismilla» diýip, bir ok atyp, sogabyny Resulalla bagyşlaýar. Sol wagt Ymam Hasan bilen Ymam Hüseýin Sagdy Wakgasa ýüzlenip: – Eý, Sagdy Wakgas! Biziň üçin hem bir ok atyp, sogabyny babamyz Muhammet Mustapa bagyşlagyn! – diýýärler. Jebraýyl perişde Muhammet pygamberiň ýanyna gelip: «Eý, Muhammet! Sagdy Wakgasa aýtgyn, goý ol meniň üçin hem bir ok atsyn!» diýýär. Elgaraz, Sagdy Wakgas Jebraýyl perişde üçin hem bir ok atýar. Jebraýyl perişde ýene Muhammet pygamberiň ýanyna gelip: «Eý, Muhammet! Haktagala saňa salam aýtdy. Soňra Sagdy Wakgas meniň üçin hem bir ok atsyn» diýdi» diýýär. Hezreti Muhammet bu wakalary Sagdy Wakgasa duýduryp: – Eý, Sagdy Wakgas! Sen Allatagalanyň hormaty üçin hem bir ok at! – diýýär. Sagdy Wakgas şol wagtyň özünde, elini sagdaga salyp, ala-gyzyl reňkli, gaty agaçdan ýasalan, ujy almaz ýaly ýiti bir oky çykarýar. Ol dik duran ýerinden ökjesine galyp, ok-ýaýy mäkäm gysyp, belent hem yhlasly owaz bilen «Ýa, Alla» diýip, Hudaýy çagyrýar. Oky öz tarapyna çekip, Allatagalanyň yşgyna düşüp atýar. Emma näçe gözleseler-de bu gezekki atylan oklar tapylmaýar. Şol wagt Jebraýyl perişde Muhammet pygamberiň ýanyna gelip: «Eý, Muhammet! Allanyň yşgyna atylan ok ýer bilen gögiň arasynda tä kyýamata çenli gezer. Eý, Hudaýyň pygamberi! Şol ok seniň duşmanlaryňy ýok etmek üçin atylandyr. Goý, Muhammet pygamberiň haky üçin, gudraty güýçli Allanyň her bir musulmany, şol okuň şerinden aman saklansyn!» diýýär. Şu hadysadan soňra, Sagdy Wakgas özünden öňki hem-de soňky ok atyjylaryň iň beýik ussady diýlip hasaplanylypdyr. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, «Allanyň yşgyna» düşülip, Sagdy Wakgasyň şol atan oky ýyldyryma öwrülenmiş. * * * Rowaýatlara görä, irki ussatlaryň hatary şeýledir: Ilkinji ussat halypa çaryýarlaryň birinjisi Abu Bekrdir (goý, Allatagala ondan razy bolsun!). Abu Bekriň ogly Muhammet ibn Abu Bekr ýawçylaryň ilkinji ussadydyr. Çaryýarlaryň ikinjisi Omar ibn Hattap okçularyň ussadydyr. Awn ibn Sabyr demirçileriň ussadydyr. Ok atmagy öwrediji irki ussatlaryň biri hem Abdylgapbardyr. Zehgirçileriň ussady Hezret Alydyr. * * * Rowaýata görä, Hezret Alynyň ogullary Ymam Hasan bilen Ymam Hüseýin ok atmagy gowy görer ekenler. Günlerde bir gün, olar ok atanlarynda mübärek barmaklaryny ynjydypdyrlar. Şondan soň olaryň kakasy Hezret Aly, Muhammet pygamberiň rugsady bilen, bir goçyň şahyny alyp, ondan iki sany zehgir ýasapdyr. Olaryň birini ymam Hasana, birini bolsa ymam Hüseýine beripdir. Ine, şu wakadan soňra Hezret Aly zehgirçileriň ussady hasap edilipdir. Elbet-de, Hudaýtagalanyň kömegi bolmasa, Aly zehgiri oýlap we ýasap bilmezdi. Çünki, her bir sungatyň öz ussady bardyr. Eý, ok atmagyň aşyklary! Eý, gardaşym! Sen hem bir ussat tapyp, şu risalada aýdylyşy ýaly amal etseň, enşalla, ok atmak sungatyny gowy öwrenersiň! __________________________________ - Abu Bekr Syddyk – onuň doly ady: Abdylla ben Kahafa Osman ben Amir Amru ben Kagp ben Sagt ben Teýýim ben Merre ibn Kagp ben Lawa al-Kuraýyşy at-Teýýimi. Ol 573-nji ýylda dogulýar we 634-nji ýylyň Alp arslan aýynyň 23-ine agyr hassa bolup ölýär. Ol yslamy ilkinjy bolup kabul edenleriň biridir. Onuň Abdylla («Allanyň bendesi») lakamyny oňa Pygamber alaýhyssalam yslama teni, jany, maly bilen yhlasly ýapyşandygy üçin goýýar. Onuň «Atyk» («Asylly ýaşuly») lakamy nesebinde hiç hili garalyk bolmandygy we nurana ýüzli bolandygy üçindir. Şeýle hem Pygamber alaýhyssalam oňa: «Sen Allatagalanyň Dowzahdan atyk (azat) eden kişisisiň» diýipdir. Onuň meşhur lakamy: «Syddyk» («Dogry sözli») bolupdyr. Bu sözüň «dogry zady tassyklaýjy» diýen manysy hem bardyr. Pygamber alaýhyssalam magraçdan gaýdyp gelende, ol gören-eşiden zatlaryny ýaranlaryna aýdyp beripdi. Şonda Abu Bekr: «Dogry aýdýarsyň, eý, Allanyň resuly!» diýip, onuň sözlerini tassyklapdy. Abu Bekr Resul alaýhyssalama heniz pygamberlik inderilmänkä aýdan sözlerine hem: «Dogry aýdýarsyň, eý, Muhammet!» diýip, güwälik berýär eken. Onuň Abu Bekr («Päkligiň atasy») diýen lakamy päk ahlakly adam bolandygy sebäpli galypdyr. Ol päklik bilen söwda edipdir. Ol söwdadan gazanan kyrk müň dirhem puluny Allatagalanyň ýoluna harçlapdyr. Allatagalanyň hakyky musulmany dowzahdan daş ediler. Ol adam günäden päklenmek üçin öz malyny Allatagalanyň ýoluna sarp eder. Ol bu beren maly üçin hiç kime minnet etmez. Ol malynyň öwezine sogapdan başga zat almagy niýet etmez» («Leýl» süresiniň 17-nji, 18-nji, 19-ji aýatlary) diýen sözi hezreti Abu Bekriň şanyna inderilendir» diýip, mufassirler (Gurhany düşündirýän alymlar) aýdýarlar. Abu Bekr Syddyk – Muhammet pygamberden üç ýaş kiçidir. Ol 573-nji ýylda dogulýar. - Omar bin Hattap – 634-nji ýyldan 644-nji ýyla çenli hökümdarlyk eden ikinji halypa. Ol jemi on ýyl, bäş aý, ýigrimi bir gün halypa bolýar. Onuň doly ady: Omar ibn Hattap bin Nowfel bin Abdylyzzy. Ol 571-nji ýylda doglup, 644-nji ýylda ölýär. Bu uzyn boýly we güýçli beýik adam yslamdan öň hem kuraýyş taýpasynyň hormatly adamlarynyň biri hasaplanypdyr. Ol dilewar, ugurtapyjy adam bolandygy sebäpli arap taýpalary aralaryna agzalalyk düşende ony ilçi edip iberer ekenler. Pygamber alaýhyssalam başda yslamy ündäp başlanda, ol oňa garşy bolupdy we yslamy kabul edenlere azar beripdi. Hijriniň altynjy ýylynda Omar kyrkynjy adam bolup yslama girýär. Ol şol wagt ýigrimi alty ýaşyndady. Adamlary ilkinji gezek tarawa namazyna ýygnan Omardyr. Onuň gabry Pygamber alaýhyssalamyň gabrynyň ýanyndadyr. - Omar ibn As – Mekgäniň kapyrlarynyň Najaşa iberen ilçisi. Osman ben Affan – üçinji halypa. Ol pil ýylyndan (570-nji ýyldan) alty ýyl soň, ýagny 576-njy ýylda dogulýar we 656-nji ýylyň Oguz aýynyň 24-üne öldürilýär. Ol 80 ýaşynda halypa bolýar. Ol jemi 12 ýyl hökümdarlyk edýär. Onuň Zun-nureýn (iki nuruň eýesi) diýen lakamy, Pygamber alaýhyssa¬lamyň iki gyzyna öýlenendigi üçin galypdyr. Ol ilki Pygamber alaýhyssalamyň ikinji gyzy Rukaýa, ol ölenden soňra onuň üçünji gyzy Ummu Gülsüme öýlenýär. - Aly ibn Abu Talyp ibn Abdulmuttalyp – Dördünji halypa (656-661). Ol 600-nji ýylda dogulýar. Ony 661-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 24-üne öldürýärler. Ol Muhammet alaýhyssalamyň doganoglany we giýewsidir (Patmanyň äri). Onuň «Şahymerdan (Mertleriň şasy)», «Esedulla (Allanyň şiri)», «Murtaza (saýlanan)» diýen lakamlary bolupdyr. Ol şaýylaryň ilkinji ymamydyr. Ony Kufede jaýlaýarlar. - Ymam Hasan – Alynyň uly ogly. Ol 624-625-nji ýyllarda Medinede dünýä inýär. Onuň ejesi Muhammet pygamberiň gyzy Patmadyr. Ol 661-nji ýylda kakasynyň ýerine halypa bolýar. Ol 670-nji ýylda zäherlenip öldürilýär. - Ymam Hüseýin – Hezreti Alynyň ikinji ogly. Ol 625-626-njy ýyllarda Medine şäherinde dogulýar. Ol Ýezit halypa wagtynda oňa boýun egmeýär we Medineden Mekgä göçýär. Bu ýerde oňa Ýezidiň tarapdarlary azar berýärler. Ymam Hüseýin Kerbela çölünde öz adamlary bilen Ýezidiň goşunlarynyň garşysyna uruşýar. Bu uruşda ymam Hüseýin öldürilýär. Bu waka 680-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 10-una Bagdatdan takmynan 100 kilometr uzaklykda bolan Kerbela çölünde bolup geçýär. Pars dilinde, türki dilde hem, deken dilinde-de bu jandar keges diýen birmeňzeş ady göterýär. Araplar bu jandary „garyf” diýip atlandyrýarlar. Şeýle hem, olar bu guşy «guşalryň serdary» diýip hem atlandyrypdyr. Munuň sebäbi Muhammet pygamberiň bürgüde: «guşlaryň serdary» diýen sözleriniň adamlaryň arasynda meşhur rowaýata öwrülenligi bilen baglanyşyklydyr. Kerges uzak ýaşaýan guşlaryň biridir - Tutam − eliň gysymy möçberindäki uzynlyk ölçegi. - Ulul-azm − Allatagalanyň saýlany, ýagny kitap inen pygamberler. - Ymam Mälik −mäliki mezhebini esaslandyran ymam. Ol 715-795-nji ýyllarda ýaşap geçýär. - Sagdak − ok-ýaý haltasy. - Ýawçy − ýap gazyjy. - Zehgir − ok-ýaý atanda süňkden ýa-da gaýyşdan ýasalan barmagyna geýdirilýän barmak gap. Dowamy bar >> Taýýarlan: Mira AMANOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |