21:57 Ok-ýaý atmagyň sogaplary barada | |
OK-ATMAGYŇ SOGAPLARY BARADA
Sport we turizm
Gudraty güýçli Allatagala öz iberen kitaby Mukaddes Gurhanda şeýle diýýär: «Allatagalanyň hormatly dosty bolan Muhammetden metjidiň münberinde durka, «Eý, Muhammet, kuwwat nämedir?» diýip, iki gezek sorapdyr. Muhammet üç gezek: «Ok atmakdadyr» diýip, jogap beripdir». Bu mukaddes aýatyň manysy ok atmak baradadyr. Enes ibn Mälik şeýle rowaýat edýär: «Günlerde bir gün, Muhammet pygamber ok-ýaý atmak barada şeýle diýipdir: «Her bir musulmanyň ýanynda oky-ýaýy bolsa, ol hiç haçan mätäçlik çekmez. Çünki, Allatagala ok-ýaýly öýden azaplary we ýoksullygy giderer». * * * Eý, gardaşym! Elbetde, garyplyk gider. Garyplyk iki görnüşlidir. Birinji görnüşi, isleg bilen saýlanylyp alnan garyplyk. Beýle garyplyga düşen adamlara bütin jahanyň Serdary Muhammet Mustapa (goý, oňa sansyz salawat-salamlar bolsun!) hemişe buýsanypdyr. Bu barada Muhammet pygamberimizden şeýle hadys bar: «Öz garyplygyny meýletin saýlap almak buýsançdyr!». Ikinji görnüşi, mejbury garyplykdyr. Beýle garyplyk adamyň öz islegi bilen däl-de, eýsem horluk bilen peýda bolýandyr. Beýle garyplygyň dert azaby gabyr azaby bilen deňelipdir. Hekaýat Günlerde bir gün, Sagdy Wakgas gam-gussa batypdyr. Muhammet pygamber oňa: − Eý, Sagdy Wakgas! Bar, meýdana çyk-da, birnäçe ok at, gaýgy-gamdan halas bolarsyň, gussalaryň şatlyga öwrüler – diýipdir. Eý, gardaşym! Şu hekaýatdan mälim bolşy ýaly, ok-ýaý atmak bilen gam-gussalar şatlyga öwrüler eken. * * * Akaba ibn Amar şeýle rowaýat edýär: «Günlerde bir gün Muhammet pygamberimiz şeýle diýdi: «Her bir musulman kişi ok atmany öwrenip, soňra ony terk etse, onda ol uly günä gazanar. Allatagala ony ýazgarar». * * * Akaba ibn Amar Muhammet pygamberimizden ýene-de şeýle rowaýat edýär: «Ok atmak bilen üç adam jennete girip biler. Olar Ok-ýaýy ýasan, ok atan we ok-ýaý atmagy öwreden ussat». * * * Akaba ibn Amar şeýle gürrüň berýär: − Mukaddes Uhut söweşinde Sagdy Wakgas Muhammet pygamberiň gözüniň öňünde, bir ok bilen on iki kapyry urup heläk etdi. Şol wagt Hezret Alydan: «Eý, Aly! Gylyç gowumydyr ýa ok-ýaý?» diýip soradylar. Onda Hezret Aly şeýle jogap berdi: «Pygamberimiz Muhammet Mustapa diňe Sagdy Wakgasa: «Ene-atalar perzentlerine ok-ýaý atmagy öwretmelidirler» diýipdi. Başga hiç bir kişä beýle sözleri aýtmandy». Eý, gardaşym! Hut, şonuň üçin hem ok bilen ýaý gylyçdan gowydyr. Şol wagt Sagdy Wakgasdan başga adamda ok bilen ýaý ýokdy, pygamberimiz Muhammet hem diňe oňa «Berekella!» diýipdi. Indi ok bilen ýaýyň gylyçdan artykmaç taraplary şundan belli boldy. * * * Pygamberimiz Muhammet Mustapa ýene-de şeýle diýipdir: «Ilki özüňiz ok atmagy öwreniň, soňra ýakynlaryňyza-da öwrediň. Çünki, ok atmak dinimiziň kuwwatydyr». * * * Muhammet pygamber ýene-de şeýle diýipdi: «Her bir adamyň suwda ýüzmegi, at çapmagy we ok atmagy öwrenmegi wajypdyr. Eger, kimdir biri bu üç zady başarmasa we öwrenmese, ol uly günä galar. Bu üç närse ynsan üçin peýdaly we gerek zatlardyr. Emma kimdir biri bu üç närsäni bilmese-de, ol kyýamat güni jokapkäçilik çekmez. Bu zatlar ynsanyň kämillige ýetmegine kömek edýär». * * * Muhammet pygamber öz ymmatyna ýüzlenip şeýle diýipdir: «Ok atmagy öwreniň, ol siziň öýüňüz üçin gerekdir, maşgalaňyz üçin peýdalydyr. Hernäçe uzaga ok atyp bilseňiz, şonça-da gowudyr. Nyşany uzakda goýup, oky nyşana garadyp atmagy başaryň. Nyşan hernäçe uzakda bolsa, onuň uzakdalygyna görä, siziň jennetdäki öýüňüz hem giň bolar». * * * Muhammet pygamber ýene-de: «Iki nyşanyň arasynda jennet gül bilen örtülendir» diýipdir. Hekaýat Günlerde bir gün pygamberimiz Muhammet Mustapa ýoldan geçip barýarka, at çapdyrýan taýpany gördi. Muhammet pygamber bu adamlara salam berip, geçip gitdi. Ýolda Muhammet pygamber ýene-de birnäçe adamlary gördi. Olar gylyç oýnadýardylar. Beýle oýna «Mytrak» diýýärdiler. Pygamberimiz Muhammet Mustapa bu adamlara-da salam berip, ýoluny dowam etdi. Ýolda Resulalla (Allanyň pygamberi) ýene-de birnäçe adamlara duş geldi. Olar ok-ýaý atmagy öwrenýärdiler. Muhammet pygamber bu ok-ýaý atýanlara salam bermedi. Ok atmagy goýbolsun edenlerinde soňra, pygamberimiz Muhammet Mustapa olara ýüzlenip: – Eý, halaýyk! Siz nyşana tarap ýöräniňizde ädimleriňizi sanaň. Çünki, siz okuňyzy hernäçe uzaga atan bolsaňyz, şoňa laýyk sogap alarsyňyz. Nyşanyňyz herne uzakda bolsa, gazanan sogabyňyz şonça zyýat bolar – diýdi. Günlerde bir gün Hezreti Resulalla gezelenç edip ýörkä, hormatly ýaranlarynyň biri şeýle sözler bilen ýüzlendi: – Eý, Muhammet! Siz näme üçin at çapýanlara, gylyç oýnadýanlara salam berdigiňiz, emma ok-ýaý atmagy öwrenýänlere salam bermediňiz?! Onda Muhammet pygamber: – Ok atmagyň sogaby namaz okamagyň sogaby bilen deňdir. Şonuň üçin hem men ok-ýaý atýanalara salam bermedim. Çünki, olar göýä namaz okan ýalydylar. Heý-de, namaz okap oturan adama salam berip bolarmy?! – diýdi. * * * Uhud söweşiniň bir güni Hezret Aly Muhammet pygamberiň gaşyna oky-ýaýy bilen gelipdir. Muny gören Muhammet Mustapa Hezret Ala garap: – Eý, Aly! Sen hem Jebraýyl perişde kimin goluň ok-ýaýly gezýärmiňsiň? – diýipdir. * * * Günlerde bir gün Muhammet pygamber Kybla ibn Asyma ok-ýaý atmagy öwredýär eken. Şol wagt ýaý Muhammet pygamberiň mübärek gollarynda döwülýär. Soňra Muhammet pygamber: «Kybla ibn Asym ýaýyň döwüklerini ýygnap, öz ýany göterip gezdi» diýip, gürrüň beripdir. Çünki, pygamberimiz Muhammet Mustapa ok-ýaý atmagy eý görer eken, ok atýanlara uly hormat goýar eken. * * * Bir gün hezreti Muhammet meýdanda ok-ýaý atyp oturan adamlary görüp: – Eý, Ysmaýyl ogullary! Şu günden başlap siz ok atyň, döwür-döwran siziňkidir, ýurdy siz dolandyrarsyňyz. Her bir ok-ýaý atan adamyň bu dünýäsi hem ahyreti abatdyr. Ok-ýaý iki dünýäde ýeňiş gazanar – diýipdir. * * * Pygamberimiz Muhammet Mustapa ýene-de: «Eger musulman bende ok-ýaý atmagy we at çapmagy başarmasa, perişdeler asla onuň öýüne barmaz» diýipdir. Hekaýat Günlerde bir gün Muhammet pygamber agtyklary Ymam Hasandan we Ymam Hüseýinden: − Siziň haýsyňyz köpräk ok atýarsyňyz? − diýip sorapdyr. Şol wagt Ymam Hasan: − Doganym ymam Hüseýin köp atýar − diýip, jogap beripdir. Onda Muhammet Mustapa: – Eý, oglum Hüseýin! Sen düýä münüp, meýdana bargyn, doganyň bilen ok at – diýipdir. Elgaraz, ymam Hüseýin düýä münip, meýdana baryp, ok atýar. Şol güni ymam Hüseýiniň atan oky nyşana baryp degýär. Onda Muhammet pygamber: − Eý, oglum Hasan! Indi, senem ok-ýaý atyp, doganyň okundan geçirjek bolgun − diýipdir. * * * Günlerde bir gün, birnäçe adamlar ok atyp durkalar, olaryň içinden biri çykyp: − Allanyň adyndan ant içýärin, nyşana urdum − diýipdir. Baryp görseler, ol adamyň atan oky nyşana degmändir. Halaýyk ol adama ýüzlenip: − Sen ýalňyşyp ant içdiň, günä galdyň. Sen günäňi ýuwmak üçin ötünç soramalysyň, toba edip Hudaýyň ýoluna sadaka bermelisiň − diýipdirler. Muny gören Muhammet Mustapa: − Ok atanda ýüz berlen ýalňyşlyk geçilýändir. Onuň üçin ötünç soramak hem, Hudaýyň ýoluna sadaka bermek hem gerek däldir. Şeýle günäler üçin adama azap bermeli däldir. Eger bir adam başga bir adama ok atmakda päsgel berse, şol päsgel berýän adam günäkär bolar. Ok-ýaý atmaga päsgel bermek iň uly günäleriň biridir − diýipdir. * * * «Kimdir biri garrandygy sebäpli, ok atyp bilmese we okuny-ýaýyny timarlap ýörse, onda ol garry adamyň ok-ýaýy ulanylman ýatan tesbi kimindir» diýipdirler. * * * Sahabalaryň döwründe bir ussat mergen − pälwan bar eken. Ol pälwwan ok atmagyny bes edip, Hudaýa gulluk etmäge başlapdyr. Ol pälwan juda horlanypdyr. Pygamberimiz Muhammet Mustapa ol pälwandan: − Eý, pälwan! Sen näme sebäpden beýle horlandyň? − diýip sorapdyr. Şol wagt pälwanyň dosty Pygamberimiziň soragyna şeýle jogap beripdir: − Bu adam birwagtlar ok-ýaý atyp ýören mergen, ussat pälwandy. Indi ol mergenligini goýbolsun edip, ybadat bilen meşguldyr. Bu sözleri eşiden Muhammet pygamber: − Taňra edilen ybadatyň sogaby ok atan adamyň sogabyndan zyýat däldir − diýipdir. * * * Akaba ibn Amar garran çaglarynda hem ok atar eken. Nyşana degen oklary öz elleri bilen ýygnap alar eken. Muny gören Ýakup bilen Abdyrahman (goý, Allatagala olardan razy bolsun!): − Eý Akaba! Sen garrapsyň, meýdanda ylgap ýörme, goý, seniň atan oklaryňy biz getirip bereli − diýipdir. Onda Akaba ibn Amar: − Eý, ýaranlarym! Siz Muhammet pygamberiň «Her kişi ok atmagy öwrenip, soňra ony terk etse, ol biziň ymmatdan däldir» diýen hadysyny eşitmänmidiňiz?! Pygamberimiz Muhammet Mustapa şeýle diýen bolsa, onda men neçün bu meýdanda ylgamaýyn − diýipdir. Akaba ibn Amardan ýetmiş sany ok-ýaý miras galypdyr. * * * Bir gün Sagdy Wakgasyň gyzy kakasyna ýüzlenip: − Eý, kaka jan! Sen oky nädip atýarsyň, bize hem öwretsene − diýipdir. Onda Sagdy Wakgas öýüniň üç tarapyna ok atypdyr we gyzyna ýüzlenip: − Bar, gyzym, oklary yzyna getir − diýipdir. Gyzy oklary ýygnap getirip, kakasyna beripdir. Sagdy Wakgas ýene şol bir ýere atan okuny atypdyr. Oklar şol bir öňki baryp düşen ýerine düşüpdir. Sagdy Wakgasyň gyzy muny görüp, haýran galypdyr. Onda Sagdy Wakgas ýene-de gyzyna ýüzlenip şeýle diýipdir: – Eý, gyzym! Sen näme üçin haýran galdyň, sen pygamberimiz Muhammediň bu hakdaky hadysyny eşitmänmidiň!? Ol hadysda şeýle diýilýär: «Her kişiniň oky dogry nyşana baryp degse, onuň eden dogasy Allatagalanyň dergähinde kabul bolar». Rowaýat Geçen döwürlerde örän gowşak ok atyjy kapyr bar eken. Ol kapyr bir gezek Sagdy Wakgasa ýüzlenip: − Eý, Sagdy Wakgas! Gel, ikimiz garaňky gijede ok atyşmakda bäsleşeli. Eger sen üstün çyksaň, men musulman bolaryn, eger men üstün çyksam, seni öldürerin − diýipdir. Sagdy Wakgas kapyryň teklibini makullaýar. Gije düşende, bir ýerde dep goýýarlar. Ilki kapyr üç ok atanda, depden üç gezek ses çykypdyr. Soňra Sagdy Wakgas ok atanda depden bir gezek ses çykypdyr. Emma ikinji we üçünji gezek ok atanda, depden ses çykmandyr. Muňa kapyrlar şatlanyp, musulmanlar gynanypdyrlar. Soňra şem ýakyp, oklaryň degen ýerini görmek üçin depiň ýanyna barypdyrlar. Görseler, kapyryň oky depiň üç ýerinden deşip geçipdir. Sagdy Wakgasyň birinji oky depiň bir ýerine degip, deşip geçipdir. Ikinji we üçünji oky bolsa birinji okuň deşiginden geçip, para-para bolupdyr. Şol wagt kapyr, keleme aýdyp, çyn ýürekden musulman bolupdyr. * * * Bir gün Muhammet pygamber bir sahabany ýanyna çagyrypdyr. Emma oňa: − Ol sahaba oýun oýnamaga gitdi − diýip, jogap beripdirler. Pygamberimiz Muhammet Mustapa: − Nähili oýny oýnamaga gitdi? − diýip sorapdyr. − Ok atyp oýnamaga gitdi − diýip, Muhammet pygambere jogap beripdirler. Şonda Muhammet Mustapa: − Eý, sahabalar! Siz hem ok atmak oýny bilen meşgullanyň hem-de şeýle oýunlary oýnamagy endik ediniň. Çünki, ok atmak biziň dinimiz üçin kuwwatdyr − diýipdir. ______________________________ Enes ibn Mälik ibn Nadr ibn Damdam Ensary - medineli sahaba. Muhammet alaýhyssalamyň hyzmatkäri. Hazreç taýpasyndan bolupdyr. 93-nji hijri ýylynda wepat bolupdyr. Basrada ýogalan iň soňky sahaba. Resulalla − Allanyň pygamberi, ilçisi. Muhammet pygamberiň lakamlarynyň biri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |