23:27 Okalgada / hekaýa | |
OKALGADA
Hekaýalar
Kitaphana bardym. Gereklije kitabymy alyp, geçdim okalga zallarynyň birine. Gör-le muny! Kitabyň birinji sahabynyň iç ýüzüne bir-ä zehin baryny siňdirip, owadan gyzyň suratyny çekipdir. Onuň gapdalyndan başga biri yhlas bilen sünnäläp ýatlama ýazypdyr. Ýene biri surat barada öwgüli ýazgy galdyrypdyr. Kitaby waraklap derrew ahyryna çykdym. Soňky sahabyň iç ýüzünde nazarym eglendi. O ýerde birnäçe okyjynyň kitap barada ýazan pikirleri bar eken. Ine, olar: “Biderek kitap ekeni. Okanyma ökünýän. Şu kitaby eline aljaklara menden maslahat, okabam oturmaň! Ökünersiňiz.” “Gaty dogry. Men seň ýazanyňa ynanman okadym. Indi göz ýetirýän ýalňyşanyma.” “Ikiňizem poh içinden monjuk gözleýän ekeniňiz. Nämesi biderek? Subut ediň! Bolmasa-da, akyl satyp, adamlaň pikirini bulaşdyrmaň.” “Men-ä erbet görmedim.” “Ýokarky, saňa degişli, seň özüň biderek bolaýma!” “Bolşuňyz nähil-aý? Hemme kitap hemme okyja deň ýaramaly diýen zat ýog-a. Kim gaýkyny, kim küýküni!” “Men-ä okamadym. Ýöne sen dogry aýdýaň.” Ine, şulary okap çykanymdan soň ýeňsedamarym gatap, ganym depäme urdy. Bu nadanlaryň ýazan zatlaryna bijaý gaharym geldi. Dogry, kitaba erbet ýa gowy diýmäge çakym ýok, sebäbi entek okamandym. Ýöne, nähili kitap bolanda-da sahabyna her hili zatlar ýazyp, zaýaçylyk etmeklerini gaty ýokuş gördüm. Onsoň haýal etmän, bu işiň öňüni almaly diýen netijä geldim. Çünki muny entek okajak adam kändir. Olaram öz pikirlerini kitabyň içine ýazyberseler, munuň dereginiň dagajygy daşda däl. Ur-tut işe girişdim: “Aý, doganlar, dostlar! Bi edýäniňiz näme? Nädäýipsiňiz bu kitaby? Beýle-de bir nadanlyk bolarmy? Utanmadyňyzmy? Sizden soň jigileriňiziň okamalydygy ýadyňyza düşmedimi? Soň jigileriňizi jigileriniň okajakdygy kelläňze gelmedimi? Her kim şeýdip, kellesine gelen pikiri çyrşap gitse, bu kitaplaryň sanlyja ýyldan ütüle tabşyraýmaly boljakdygyna aklyňyz ýetenokmy? Beýtmäň-ä!” Ýazdym. Şo kitabyň boş ýeri bolsa, ýazyp çykdym. Kitaby harlamaly däldigi barada, onuň gymmatly hazynadygy barada ýekän-ýekän düşündirip ýazdym. Şeýdip, öňüni alaýmasaň, kitabyň dat gününe! Eýse, nädogrumy? 1988 ý. Kakamyrat ATAÝEW | |
|
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |