01:15 "Okyjynyñ" oýlandyranlary: Erotizm, mertebe, etmiş, jogapkärçilik, gorkaklyk... | |
"OKYJYNYÑ" OÝLANDYRANLARY: EROTIZM, MERTEBE, ETMIŞ, JOGAPKÄRÇILIK, GORKAKLYK...
Teatr we kino sungaty
Söz bilen düşündirmek kynam bolsa, kinofilme tomaşa edip durkam, adam häsiýetiniñ güýçli ýa-da gowşak bolmagynyñ nämelere getirip biljekdigini oýlandym Hiç kimse birinji bolan jynsy gatnaşygyny ýadyndan çykarmaýar. Emma käbirlerinde birinji jynsy gatnaşyk uzak ýatlama bolup galmaýar. Ömürboýy täsirini saklaýan, güýçli we düşünip bolmaýan duýgy bolup ýaşamagyny dowam etdirýär. Munuñ içine syrlar we günäkärlik şübhesi aralaşanda hasam beter bolýar. * * * "Netflix"-de başlap, soñuna çenli görmän ýarpy taşlan kinofilmlerimiñ sany barha artýar. "Okyjy" ("The Reader") atly kinofilmine-de "bir seredeýin, belkäm erbet däldir" diýip, tomaşa etmäge başladym. Kinofilm diýseñ gowy bolup çykdy. Hasam beteri hamana iki sagadyñ içinde iki, hatda üç kinofilme tomaşa eden ýaly boldum. Özem kinofilm gutarandan soñ dilime näçe gezek gaýtalandygymy özümem bilmeýän şu sözüm geldi: "Indi "aldym-berdimli-de" bolsa, gutaran badyna ýatdan çykýan, yz galdyrmaýan kitaplardyr kinofilmler bilen wagtymy ýitiresim gelenok!". Ine, hakyky sungat eseri şular ýaly bolmaly! Adamy sarsgyna salyp bilýän, bir gezek göreñde azyndan ýene bir gezek görmek isleýäniñi duýdurýan, köp täsirleri döreden, ýöne hemme zady kesgitli çözüp bolmaýan hekaýatlar... * * * Soñky epizodlary togsanynjy ýyllara uzaýan wakalaryñ başlangyjy 1958-nji ýyla baryp direýär. Ýolda birdenkä ynjalyksyzlyk tapynan 15 ýaşly ýetginjege 36 ýaşly aýal kömek edýär. Soñky görüşen gezeklerinde jynsy gatnaşyga baryp ýeten synanyşyklaryna dostana söhbetler bilen kitap okamalar ýoldaşlyk edýär (şol epizodda ýetginjegiñ kitap okama teklibine alan jogabyndaky syra düşünio bolmaýar "Maña okalyp berilmegini isleýärin"). Tutuş tomus paslynda Maýklyñ durmuşynyñ iñ esasy bölegine öwrülen, ýaşy we tejribesi sebäpli Hannanyñ hemmetaraplaýyn agram berip duran gatnaşygy günleriñ bir güni duýdansyz tamamlanýar. Ýetginjek ýüregine giren we ýadyndan çykaryp bilmedik zenany bilen sekiz ýyldan soñ tragiki ýagdaýda garşylaşýar. Ol eýýäm hukuk ugrundan okaýar we stažirowka geçmek üçin gatnaşýan uruş jenaýatkärleriniñ sudundaky aýyplanýanlaryñ, şeýle-de wagtynda Faşistik Germaniýanyñ konslagerlerinde gözegçi bolup işlän we buthanalaryñ birinde 300 adamyñ ýanyp ölmeginiñ jogapkärleriniñ biri bolan Hannadyr. Zenana azyndan dört ýyl azatlykdan mahrum edilmek jezasy garaşýar. Emma buthana gyrgynçylygy boýunça onuñ ýazandygy öñe sürülen buýruk ýagdaýy üýtgedýär. Hat ýazyşyny barlap, ony deñeşdirmekçi bolýarlar. Zenan beýdip mertebesiniñ peseldilenden buýrugy özüniñ ýazandygyny aýdanyny gowy görýär we ömürlik tussag edilýär Maýkl onuñ okap-ýazyp bilmeýändigini aýdyp, ony halas edesi gelýär. Emma ýa-ha syry aýan etmäge çekinýänliginden ýa-da özi kyn ýagdaýda galaryn gorkusy bilen (belki-de iki sebäp bilenem) dymýar. * * * Birnäçe ýyl geçýär we biz hamana ikinji kinofilme tomaşa etmäge başlan ýaly bolýarys. Özüni "hemme ugurda işi şowlamaýan adam" hasaplaýan oglan (oña çenli öýlenip aýrylyşýar, gyzyna ýeterlik detejede atalyk etmeýär, gezýän aýallary bilenem gowy gatnaşyp bilmeýär) Hannany ýatdan çykarmaýar. Ol ahyrynda belli karara gelýär öñ okan kitaplaryny kassetalara ýazdyryp, türmedäki Hanna ugratmaga başlaýar. Zenan bu kassetalary diñläp ýaşaýar. Hatda ol şonuñ kömegi bilen okamagy-ýazmagy öwrenýär. Ýigrimi ýyldan gowrak wagt gözenegiñ añyrsynda oturandan soñ ony azatlyga çykarmak karary çykýar. Onuñ "daşarsy bilen ýeke-täk ilteşigi" ony ýeke gezegem görmäge gelmedik, ýöne yzygiderli kasseta ugradyp duran Maýkldyr. Türmäniñ adminstrasiýasy aýalyñ durmuşyny dowam etdirmegi üçin kömek etmeli boljakdygyny aýdanda, Maýkl otuz ýyl mundan öñ ilkinji ýakyn gatnaşygynda bolan Hannasyny görmäge gelýär. Aýal oña joşgunly, heýjanly ýapyşsa-da, ol sowuk we çekinibräk duranyny kem görmeýär. Maýkl oña kireýne jaý alandygyny we iş tapandygyny aýdýar. Bir hepdeden soñ hem ony garşylamagy makul bilýär. Bir hepdeden soñ Hanna oturan gözeneginde öz janyna kast edýär. * * * Aslynda soñky bölümde kinofilme kiçijik we örän many-mazmunly goşundy bar, ýöne ol barada aýtmaýyn. Nemes ýazyjysy Bernhard Şlinkiñ durmuşda bolan wakalara esaslanyp ýazylan adybir romany esasynda surata düşürilen kinofilm jöhit genosidi boýunça gören beýleki kinofilmlerimden kän tapawutlanýardy. Ol şeýle bir tapawutlanýardy welin, bu gezek ýüregimiñ nasistik uruş jenaýatkäriniñ tarapyny tutýandygyny duýdum. Baş rollarynda Keýt Uinsletiñ, Reýf Faýnsyñ, Dawid Krossyñ oýnaýan 2008-nji ýylda surata düşürilen kinofilme Stiwen Daldri režissýorlyk edipdir. "Okyjy" köp sanly baýraga mynasyp bolan kinofilm. Bu makalamy ýazanymda, kinofilme ikinji gezek tomaşa etdim. Yzyndan film boýunça yazylanlary okadym. Gezek "Ekşi Sözlük" saýtyna gelende, birnäçe sahypadan soñ lapymyñ keç bolandygyny duýdum. Ol ýerdäki san-sajaksyz "hünärmen teswirçiler" şeýle bir akyl satýardy welin, hemme temany şart-şurt çözüp, ýygy-ýygydan ýa Maýkly, ýa-da Hannany awulyk ýaly zäherli sözler oka tutýardylar. A kinofilmiñ maña iñ köp täsir eden aýratynlygy bolsa, edil real durmuşdaky ýaly birnäçe tarapdan kesgitli düşünip bolmaýandygy we oýlandyryp bilýänligidi. * * * Erotizm, söýgi, hyjuw… Mertebe, egoizm, jogapkärçilik, gorkaklyk, puşeýmanlyk... Etmiş, adalat, ýüzleşme, hasaplaşma... Ýarpy galan hekaýatlar, ýarpy galan duýgular, adamyñ ýarpy galan položitel we otrisatel aýratynlyklary... Kinofilme birinji tomaşa eden günümden bäri birnäçe günläp şularyñ pikirini edip gezdim. Hanna ýönekeýje gullukçy zenan. Gözegçi bolup işlän döwrüni we etmişleriñ gyrasynda gezen purdatlaryny-da çyny bilen gürrüñ berýär welin, sistemanyñ adamy nähili ýagdaýa getirýändigini onuñ päk ýürekliligi arkaly görüp bilýäris. Sowatsyzam bolsa häsiýeti güýçli we mertebeli aýal. Maýkl bilimli, akylly. Üstesine ol erbet adamam däl. Emma asla "ýeterlik derejede gowy we jogapkärçilikli" däl. Ol etjek ýagşylygynyñ çäklerini öz hezillikleriniñ gaýragoýulmasyzlyklary bilen çyzmaga öwrenişen gorkak... Köpimiz, hatda aslynda käbir ýagdaýlarda hemmämiz şeýle hereket edemzokmy? Eden "ýagşylygymyz" käte bizi rahatlandyrjak derejede bolsa-da, kömek eden adamymyzy halas edip bilmeýär, hatda oña ýaramaýaram. Hem-de häsiýet!... Söz bilen düşündirmek kynam bolsa, kinofilme tomaşa edip durkam, adam häsiýetiniñ güýçli ýa-da gowşak bolmagynyñ nämelere getirip biljekdigini oýlandym. Durmuş nähili agyr. Hem zol-zol nähili köp synagdan geçmeli... Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 13.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |