11:51 Ölüp-direlen -2/ romanyñ dowamy | |
5.
Romanlar
Mezitlere ýygnanan adamlar wagty bilen dagamady. Ýasa diýip üýşenem bolsalar, olaryň ýüzlerinde toý şowhunyna çalymdaş dabara bardy. Bolup geçen wakanyň täsirinden çykyp bilmeýärdiler. Ýene-de nähilidir bir tomaşa bolaryna garaşýan ýaly, tamyň kölegesinde we dalbaryň saýasynda ikibir, üçbir, kä ýerde köplük bolup üýşüp otyrdylar. Esasan ölüp-direlmek barada başly-barat gürrüň edişýärdiler. Kimdir biri bu bolýan zatlary halys aklyna sygdyryp bilmän: – Hany, bi Magtymgulymy-kimmi, bir-ä “Eý, ýaranlar o dünýä giden bar-da, gelen ýok” diýen ýaly bir zadam-a ýazypdyr. Hakykam, gidýän bar-da, yzyna gelýäni ýog-a. Ol onda ýalňyş ýazdymyka? – diýip, sorady. – Goý, ho-ow, goý! Bihh! Ine, gördüň-ä ýaňy, Mezit gidip geld-ä! – diýip, başga biri onuň al-petinden aldy. – Gördüm-le. Göremsoň aýdýan-da. O nädip ol ölensoň... Ýüregi işlemese, dem almasa... Men düşünemok. Özüni has pähimli görkezjek bolýan adamlaryň biri: – Düşünmeseň, han aga, Magtymgulyň başga goşgusynam okap gör. “Ölmek hak, direlmek hakdyr” diýýän ýerem bar – diýip, Kyýamata degişli gürrüňi delil getirdi. Hudaýguly diýen biri: – Bir döwür men şäher keselhanasynyň pejine seretdim. Şonda-da şuňa meňzeş bir ýagdaý bolupdy – diýip, adamlaryň köpüsi üçin gorkuly bolan bir wakany aýdyp berdi. Hudaýgulynyň gürrüň bermegine görä, ol gyşyň sowuk günleriniň birinde ýarygijeler buşukmak üçin hajathana gidipdir. Hajathana gitmek üçinem meýithananyň ýanyndan geçmeli. Pylança ýyl işläp ýörenem bolsa, Hudaýguly hemişe meýithananyň ýanyndan geçende digdenekläp, gorkup geçýär ekeni. Çünki meýithananyň meýitsiz wagty gaty seýrek bolýarmyş. Şol günem galpyldap geçip barýarka onuň gulagyna meýithana tarapdan “Agam jan!” diýip gygyrýan sandyrawuk adam sesi eşdilipdir. Hudaýguly ziňk edip, tisginipdir, erbet düýrügipdir. Ädimi gowşap, aýagy çolaşypdyr. “Ja-an, agam!” diýip, aglamjyraýan ses ikinji gezek gaýtalanypdyr. Şunça seretmäýin diýse-de, Hudaýgulynyňky bolmandyr. Nädip aýak çekenini, nähili edip yzyna gaňrylyp garanyny özem bilmän galypdyr. Ine, seredip görse, meýithananyň öli saklanýan otagynyň çyrasy ýanyp dur diýýär. Äpişgesiniňem bir gözi açyk. Aňyrsynda-da ýüz keşbi oňly saýgartmaýan, inçesagt, arryk bir adam penjiräň iç ýüzündäki gözenege maňlaýyny diräp, aldygyna Hudaýguluny çagyryp dur. Şonda Hudaýguly elheder alyp, derhal iman kelemesini öwrüpdir. Muňa arwahdyr öýdüpdir. Emma arwah diýilýän zat bir-ä aýal sypatynda gezermiş, birem öňýeteniň gözüne görnüp ýörmezmiş. Onsoňam Hudaýgulynyň düşünjesine görä, arwahlar ummadan güýçli bolmaly. Penjiräň gözenegine hötde gelip bilmejek bolsa, ondanam bir arwah bormy? Onsoň Hudaýguly golaýrak baryp äňetse, hakyt ölüp-direlen bir adam depesinden gan aldyrjak ýaly boýnuny sallap, çuw-ýalaňaç teniniň üstüne ýukajyk ýüň ýorgança atynyp, ör-boýuna galyp dur diýýä. Özem süňňüni saklap bilmän, gagşap, eňegini şakyrdadýarmyşyn. Belli zat, meýithananyň buz ýaly ýylmanak daşynyň üstünde ýatyp, mazalyja üşän bolmaly. Onsoň Hudaýguly: “Kim sen? Muň içinde näme işleýäň?” diýip sorasa, ýaňky: “Jan agam, gapyny aç, meň daşymdan gulplap gidipdirler” diýip, hamsygyp ugrapdyr. “A sen aslynda nädip girdiň bu ýere?” diýse, “Bilemok. Gözümi açsam, birgiden öliň arasynda ýatyryn” diýipdir. Hudaýguly biraz ekezlenip: “Sen ogrulyga gelen-ä dälsiň-dä?” diýip, güman edipdir. O bolsa: “Jan agam, ogurlyk seň ýadyňa düşýär. Ogurla diýeňde bi ölüleň nämesini ogurlaýyn? Men ölä bolamok, gaýrat et, çykar meni!” diýip ýalbarypdyr. Onsoň Hudaýguly haýygyp, nobatçy lukmanyň ýanyna eňipdir. Şol gün onuň agzy uçuklap, ynha, şu görünýän çal kellesiniň gylla ýary şonda agarypdyr. Özem ertire çenli onuň buşukmak diýilýän zat ýadyna-da düşmändir. Soň görüp otursalar, ýaňky ölüp-direlen adam içip, köçede ýatyp-turup ýören, öýsüz-öwzarsyz bir ykmanda ekeni. Hetdenaşa köp içip, ganawa ýykylyp, ýüreginiň hem wagtlaýynça togtanlygy onuň meýithana getirilmegine sebäp bolupdyr. Ol ykmandany Hudaýguly soňam onda-munda telim görüpdir. Her gezekde-de lül-gammar halda gabat gelipdir. Şoň üçin bir saparam onuň ýanyna barmandyr. Eger ol guşagy kädili gümbaş bolmadyk bolsa, Hudaýguly hökman özüni tanadardy. Şonda ölüp-direlen ol adam Hudaýgula halat-serpaý ýapsa-da, ýapardy. Bu gürrüňi ýapa degmejek ýalan hasap edip, ynanmadyk adamlar seňriklerini ýygryşyp, ters sowal ýagdyryp, Hudaýgulyny aljyradyp ugradylar. Oňa çenlem hassahana gidenleriň köpüsi gaýtadan Mezitlere dolandy. Olar Mezide derek henize çenli bu ýerde oturanlaryň eşitmedik “letargiýa” diýen üýtgeşik sözüni alyp geldiler. – Men şony güman edip otyrdym-da häliden bäri – diýip, çaga lukmany Geldimyrat adamlara düşündirdi. – Letargiýa – wagtlaýyn agyr uky diýmek. Kesel ol. Özem bejerip bolmaýan kesel! Has takygy, şindi dermany tapylmadyk dert. Ýöne, näme, adamzat ylmy bir ýerde duranok, geljekde ösüp-ösüp, hökman syram açylar, dermanam tapylar. – Indi Mezit näme etmeli? Dermany tapylýança şeýdip ýatmalymy? Haçan tapyljak o diýýän dermanyň? A birden tapylmady-da? Şonda näme? – diýip, biri sabyr-takatdan gaçyp, sorag baryny ýagdyrdy. – Ýok, Mezit eýýäm açylandyr. Hiç zat bolmadyk ýalydyr. Ynha, şu gün goýbererler. Men o kesele beled-ä. Kän gördüm – diýip, Geldimyrat aýtdy. Ara sähel böwşeňlik düşen badyna Rejep mugallym: – Françisko Petrarka diýen italýan şahyryny tanaýaňyzmy? – diýip, oturanlaryň biriniňem tanamajak adamsyny sorady. – Tanamasaňyz, zeleli ýok – diýip, ol edil mekdepde okuwçylaryň öňünde sapak geçişi ýaly dowam etdi. – Ana, şo Petrarka hem Geldimyradyň diýýän keseline duçar bolan. Özem gaty güýçli şahyr. Bäş ýüz ýyl bäri ady dilden düşenok. Munuň goşgulary dagyn-n... Laura bagyşlap ýazan sonetleri-i... – Rejep mugallym başyny ýaýkap, gözüni süzdi. Adamlaryň käbiri: “Häzir bu işigaýdan kellesiniň gyzgynyna goşgy dagam okaýsa gerek” diýip pikir etdi. Emma Rejep mugallym goşgy okamady. Iňňän ähmiýetli bir zat ýadyna düşüp, öňküsinden-de dabaraly gepledi. – Oh, ana-a! Gogol-a bilýäňiz baryňyz! – diýip, ol ýeke-ýekeden oturanlaryň ýüzüne seredip çykdy. – Kimi? – Gogol! Nikolaý Gogol! – Bilemzok – diýip biri köpçüligiň adyndan jogap berdi. Rejep mugallymyň görnetin bady gaçdy. – O nähili bileňzog-aý? Ors ýazyjysy Gogol? O-ol “Derňewçini” ýazan? Mekdepde geçilýär-ä, okansyňyz-a? Oturanlaryň biri bilse-bilmese: – Hawa, bilýäs, bilýäs, yzyny aýt – diýip, gyssandy. – Ana, şo Gogolam ölüp-direlen. Emma giç direlipdir-dä. Jaýlanandan soň direlipdir. Soňam ýeriň aşagynda howa ýetmän, ikinji gezek çyny bilen ölüpdir. Özem şoň öň ýany “Öli janlar” diýen kitabynyň bir bölümini peje oklapdyr. Häk, şo kitap dagyn-n... – Ony nädip bilipdirler? – Nämäni? Kitabymy? – Ýok-how, direlenini? Jaýlanansoň direlipdir diýýäň-ä. – Weý, segsen ýyldan soň oň jaýlanan öwlüýäsini göçürdiler-ä. Şonda açyp görseler, onuň tabydynyň gapagynyň iç ýüzündäki mawut mata dyrnajak-dyrnajak edilip, ýyrtylypdyr. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ors halky ölüsini agaçdan ýasalan tabyda salyp, jaýlaýar. Muňa ynanan ynandy, ynanmadygam niçe ýyldan bäri obaň ölüsiniň jynazasyny okap, gelnalyjysyna pata berip ýören, köneden sowatly Emin aganyň ýüzüne “Sen näme diýýäň muňa?” diýýän ýaly soragly seretdiler. Emin aga: – Ýaradan buýruk etse, bolmajak zat ýokdur – diýdi-de, adamlaryň köpüsiniň ynanmasy kyn bolan geň-taň gürrüňini tapdy. – Ol-a bir gün ýatyp direlmek ekeni, üç ýüz ýyl ýatyp, direlenem bar. – Hakyt üç ýüz ýylmy? Üç ýyl bolmasyn? – diýip, biri kanagatyny elden berip sorady. Bular ýaly gürrüňe toslama hem çypdyrma hökmünde garaýan adamlaryň biri: – Üç ýyl nä az zatmy? Üç gün diýseň, heňe gelýär – diýdi. Emin aga oňa tarap gabagynam galdyrman: – Üç ýüz dokuz ýyl! – diýip, has-da takyk gürrüň etdi. Adamlar: – Beh, kim-aý ol onça wagtdan soň direlen? Hakyky bolan zatmy özi? Erteki bolaýmasyn? – diýişdiler. – Ýedi Weliler diýip eşitdiňizmi? – diýip, Emin aga töweregindäkileriň ýüzüne garady. – Ana, şolar ölüp, üç ýüz dokuz ýyldan soň direlendir. – Nädip-de, nädip? – boluşdylar. – Aý, oň kyssasy kän. Kelteräk edip aýdyp beräýmesem... – diýip, Emin aga bogazyny arçap, sesini durlady. Gadym zamanda Dakýanus atly zalym patyşa bolupdyr. Ol men Hudaýdyryn diýip, Hudaýdan daş düşüpdir. Milleti özüne sejde etdiripdir. Ýedi Weliler hem şo döwürde şo patyşaň köşgünde ýaşan. Dakýanusyň Hudaýdygyna güman edip, olar bir gün Hak Hudaýy tapmagyň gamyny iýipdirler. Eşiklerini çalşyp, patyşalykdan gaçypdyrlar. Olaryň yzyna itleri hem düşüpdir. Bir dagyň gowagyna baryp, uklapdyrlar. Item gowagyň agzynda ýatypdyr. Bular şo ýatyşlaryna oýanmandyrlar. Patyşa bir gün awa çykanda bularyň üstünden gelýär. Emma gowagyň kerebinden çen tutup, olary ölendir öýdüpdir. Şeýdibem hiç zat diýmän ötäýdipdir. Şo ýatyşyna, üç ýüz dokuz ýyl geçenden soň Hak Hudaýyň emri bilen bular direlipdir. Öz göwünlerine bir gün ýatan ýaly bolup, oýanypdyrlar. Onsoň ajygyp, içinden birini çörek satyn almaga bazara iberipdirler. Bazara barsa, çörekçi onuň uzadan gyzyl puluna müňkür gidip, patyşa aýdypdyr. Ýaňkyny patyşanyň ýanyna eltipdirler. Ol bu patyşany Dakýanusdyr öýdüp gorkupdyr. Ýagdaýy mälim edipdir. Alymlaryň biri köne kitaplary agtaryp, bularyň Dakýanus patyşadan gaçyp, gowakda ölüp galandyklary barada ýazylanyny aýdypdyr. Muňa haýran galan patyşa adamlar bilen bile gowaga gidip, hemmesini öz gözi bilen görüpdir. Ana, şolar ýedi Welilerdir. Emin aganyň bu gürrüňine ynanmadyk biri aç-açan garşy çykmasa-da, şübhesini ýaşyrmady: – Üç ýüz ýyllabam bir adam aç-suwsuz ýatarmy? Gara bokurdakdan bir zat ötürip durmasa, gurap, çüýräp gitmezmi? Adamlaryň köpüsi Emin aga gatyrganar öýdüp pikir etdiler. Emma olar ýalňyşan eken. Emin aga sowukganlylyk etdi-de: – Gurhanda bar – diýip gysgajyk jogap berdi. – Onsoň item şonça wagt uklapmy? Bir gezegem oýanmandyrmy? – Oýanmandyr. Ol itiň adyna Kytmyr diýýändirler. Jennete girjek ýedi haýwanyň biridir. – Beh, haýwanlaram Jennete girjek ekeni – diýip, biri haýran galdy. – It girse, düýe-de girer – diýip, başga biri öz pikirini aýtdy. – Haýwanlaň doňuzdan öňňesi Jennete girmelimiş. – Aý, goýsana-how. – Eşiden zadymy aýdýan. – Doňuzam-a Hudaýyň ýasan janaweri. O nä birini salyp, beýlekisini goýup... – Onçasyny Hudaýyň özünden sora! – Emin kaka, şuň diýýäni çynmydyr? – Jennete ýedi haýwan girer diýlipdir. Men bilýänimi aýdyp bereýin – diýip, Emin aga barmak büküp sanady. – Ýedi Welileň Kytmyr diýen iti, Isaň eşegi, Salyhyň düýesi, Ybraýymyň goçy, ýene-de ýalňyşmaýan bolsam, Ýunus pygamberi ýuwudan balyk, onso-oň... näçe boldy? Bäşmi? Ýene ikisi bolmaly welin, anyk bilmedim-dä. Onsoň gürrüňçiligiň ugry üýtgedi-de, esasan haýwanlar barada derekli-dereksiz jedel edip başladylar. Emin aga olaryň gürrüňine gulak gabardyp, biraz oturansoň, hiç kimiň ýüzüne seretmän: – Diňleseňiz, ýene bir rowaýat gürrüň bereýin – diýdi. – Gürrüň beriň, ýeri, bakaly! – diýişip, diňlemäge ilgezik boldular. – Rowaýat diýäýýän, aslynda bolan waka bi. – Näme hakda? – Ölüp-direlen barada – diýip, Emin aga aýtdy. Onuň gysgaldyp gürrüň bermegine görä, ir döwürde Uzeýr atly bir pygamber ýaşap geçipdir. Uzeýr pygamber bir gün eşegini münüp ýola çykypdyr. Orta ýolda düşläp, dynç almakçy bolupdyr. Şonda ol öz ýanyndan: “Allatagala ölen adamlary nädip direlderkä?” diýip oýlanypdyr. Elbetde, onuň serine gelen sowal Allatagala aýan bolupdyr. Onsoň Ol şo ýerde Uzeýr pygamberiň janyny alypdyr. Ýüz ýyldan soňam çäksiz gudraty bilen direldipdir. Uzeýr pygamberiň göwnüne ol bir gün uklap turan ýaly eken. “Sen ýüz ýyldan bäri ýatyrsyň. Biz adamlaryň ölüp, Kyýamat güni direljekdigine müňkür gidýänler üçin seni nusga edip, öldürdik we direltdik” diýip, şonda Allatagaladan owaz gelipdir. Şol wagtlar Uzeýr pygamber kyrk ýaşlarynda bolup, ölmezinden öň onuň yzynda ogly bar eken. Elbetde, Hudaýyň emri bilen ölüp, ýüz ýyldan soň direlenem bolsa, pygamber şo öňki kyrk ýaşly durkundan üýtgemändir. Ogly bolsa bu çaka ýüz ýaşly, ak sakgally goja öwrülipdir. Ine, onsoň Uzeýr pygamber öýüne gelipdir. Gelipdir welin, ogly kakasyny tanaman dur diýýär. Ýeri, nädip tanasyn? Aradan ýüz ýyl geçdi. Onsoňam, heý-de ölen adamam bir direlermi? Onda-da şunça ýyldan soň? Bu habara adamlar üýşüp gelipdirler. Ahyrynda garry adamlaryň biri pygamberi tanapdyr. Emin aga sözüne dyngy beren dessine Rejep mugallym: – Atasy kyrkynda, ogly ýüz ýaşly Toýdadygy, ýasdadygy bilinmez! – diýip, dabara bilen iki setir goşgy okady. Adamlaryň ýüzüne garap: – Kimiň ýazanyny bilýäňizmi? Magtymguly! Aýdym edibem aýdýarlar – diýdi. – Bah, Magtymguly diýilýän şahyr gaty ägird-ow! – diýip, çetde oturan köseleç ýaşuly dillendi. – Soň näme bolupdyr? – diýip, adamlaryň biri gyzyklanyp, Emin agadan sorady. Ol rowaýatyň dowamyna garaşyp oturan eken. – Soň näme bolanyny bir Hudaý bilýär. Bu diýýänim Gurhanda bar – diýip, Emin aga aýtdy. Mezit çaga mahallary kän gezek “ölüp-direlipdi”. Öýüň içinde onuň ýörite “ölýänje” ýeri bardy. Şo ýere geçerdi-de, süýnüp, gymyldysyz, dem alýanyny bildirmezlige çalşyp, “ölüp” goýbererdi. Muňa esasan ejesi bilen kakasy, käte-de bassaş agasy Mämmet sebäp bolardy. Olar sebäpli-sebäpsiz Mezidiň göwnüne degerdiler, ýumşuny bitirmezdiler, öýkelederdiler. Mezit bolsa olara göz görkezmek islärdi. Onuň pikiriçe, ulular eden işlerine puşman bolmalydylar, ökünmelidiler. Indi gaýdyp dagy-duwara Mezidiň göwnüne degmejekdikleri barada ant içip, awy ýalamalydylar. Emma ulularyň galapyn göwni bir ýalydy. Mezidiň “ölümine” özleriniň sebäp bolanyny olaryň bilmän galýan wagtlary hem bolýardy. Köplenjem bu “ölümiň” soňy uka ýazardy. Garaşylan netijäni bermänligi üçin Mezidiň bu oýny uzaga çekmedi. Derrew galdy. So-oň, öýlenip, öýli-işikli bolansoňam, Mezit bir gezek “ölüp-direlipdi”. Şol gezek bir ownuk iş üçin aýaly uzakly gün iňirdäpdi, wagty bilen tüketmändi. Mezit bolsa, Läläni gorkuzyp, toba getirmek üçin eline ýüp aldy-da, odur-budur goýulýan bassyrma girdi. Gapyny kiltledi. Ýüpi ýokarky nawlaryň birinden aýlap geçirdi-de, halka ýasady. Aýagynyň aşagyna agaçdan ýasalan çelegi düňderip goýdy. Läle gelip, penjireden seredende-de, gapydan garap görende-de Mezidi göterip duran çelek görünmeli däldi. Ol öňüne köne-küşül zatlary goýuşdyryp, aýaklarynyň dyzyndan aşagyny we çelegi gözden gizledi. Onsoň kellesini halkadan geçirip, ýüpi biraz dartdy. Başyny aşak sallady, boýnuny gyşartdy, ellerini öz ugruna goýberip, gowuşgynsyz halda: “Gele-er! Gitjek ýeri nire? Hany, göreli!” diýip, Lälä garaşyp başlady. Äriniň eline ýüp alyp, bassyrma girenini görenem bolsa, Läle birbada oňa pitiwa bermedi. Hüňürdäp ýörşüne bir içeri girdi, bir-de daş çykdy. Wagty bilen yzyna çykmadyk Mezidiň ol ýerde ne işe gümradygyny görmek üçin we oňa eşitdirip gygyny pürkmek niýeti bilen ol bassyrma garşy ugrady. Baryp, ilki bilen penjireden garady. Görse, ine, Mezidiň göwresi ýüpden asyl-asyl bolup dur! Läle hatda gorkmaga-da ýetişmän: – Waý-ý, Mezi-it! – diýip, jynssyz gygyrdy we gapa okduryldy. Nireden nähili güýç geleni belli däl, ol bir zarbada gapynyň kildini sogrup taşlady. Bardy-geldi hakykatdan hem öläýse, aýalynyň özi üçin saç penjeläp aglajakdygyna gözi ýetip, edil şo pursat Mezidiň damagy doldy, gözleri ümezledi. “Bu samsyk heleý şu wagt öňki-soňky ähli edenine ökünýändir” diýen pikire mübtela boldy. Läle atylyp gelip, Mezidi göterip duran çelege dagy asla ünsem bermän, äriniň aýaklaryndan gujaklap, ýüpden boşatjak bolup urundy. Arasynda aglamjyrap, bir zatlar diýip samyrdady. Aýalynyň şular ýaly aljyraňňylygyny ilkinji gezek görüp, Mezidiň nebsi agyrdy. Ol mundan artyk durup bilmedi. – Hany, süýş beýläk, özüm aýraýyn – diýip, ol hiç zat bolmadyk ýaly parahat gepledi, boýnundan ýüpi aýyrmaga durdy. Bu zatlaryň barynyň oýun bolup çykandygy üçin begenmelidir diýen pikir Läläniň kellesine gelmedi. Äriniň guran “oýnuna” onuň jany dagyn ýandy. – Wah, ulalyp oňalmadyk, ýeleksiz! Oýun bormy şundanam?! – diýip, ol çyny bilen ses edip aglady. Mezit: – Wagtynda geldiň. Şunça gelmedik bolsaň, gijä galýadyň. Oýun däl – diýip oýun etdi. – Men şu wagt aljyrap, Gaýtarmyş ataň ýoluna gara janly aýtdym. Ana, öz emeliňe özüň çolaşyp, birgiden zyýana galdyň. Böken ýaly janly kesersiň indi – diýip, Läle soňrak, biraz özüne gelensoň igendi. Mezit bolsa: – Janlyny aýdan özüň, özüňem berersiň. Meň-ä arta-süýşe pulum ýok. Özüň gazan, özüňem ber! – diýip, bilgeşleýin aýalynyň gaňryşyna gaýtdy. Läle bu wakany ýüregine sygdyryp bilmedi. Agşamlyk gaýynenesine gürrüň berdi. Owlak eje haýygyp, içini çekensoň: – Şo wagt perişdeler omyn eden bolsa, ýüpem demiňi kesen bolsa, näderdiň? Biý-ä ajalyna gol bulaýa diýip, Ezraýyl demligiňe ýapyşdy-da! Nätjek? Toba-toba!.. Wah, kellejigi kesilen! Wah, döremän geçen! – diýip käýindi. Soňam yrym edip: – Baryň şo ýüp bilen şo agaçdan gara towuk asyp goýuň! – diýdi. Aýmyrat aga bolsa gaharyna sandyrap, titräp: – Häk sen, doňuz! Aklyň çagaňkyça-da ýok... Häk... Wah... – diýip, uzak wagtlap şo bir sözüni gaýtalady oturdy. Aýallara sähel tutaryk bolsa bolýar. Soň-soňlaram Mezit bilen sözi azaşan pillesi Läle: – Sen şo-o gezek özüňi asaňda ölmelidiň. Seni Gaýtarmyş atam jan alyp galdy. Men şo gezek gara janly aýtmadyk bolsam, sen bu wagt ak baýdaklyda bolardyň. Minneti menden çek! – diýip, suňşurardy. “Ak baýdakly” diýýäni – gonamçylyk. 7. Hassahanada lukmanlar Mezidi kemsiz barlagdan geçirip, ýanbaşyndan iki gezek, çignindenem bir gezek sanjym etdiler. Içmeli derman-därilerini ýazyp berdiler. Aram-aram lukmanyň gözegçiliginden geçip durmagyny tabşyrdylar. Birgiden maslahat berdiler. Äýnekli çal saç lukman: – Esasan kellä dynç ber! Beýnä agram salma! – diýip, kän ýanjady. Şo günüň öýläni Mezit hiç zat bolmadyk ýaly öýüne gaýdyp geldi. Pylança ýyllyk ýowuz jeňden başbitin dolanyp gelen ýaly her kim onuň bilen gadyrly gujaklaşyp, görüşdi. Elbetde, öldi habary ýaýrap, salym geçmänkä-de ýylgyrjaklap, sag-salamat aýak üstünde gezip ýören adamyň töweregi şowhunsyz bolmaýar. Bilesigeliji adamlar zerur işlerini taşlap, tomaşa keýpi bilen ýene-de Mezitlere üýşdüler. Olaryň tas hemmesiniň gözüne Mezit o dünýä gidip gelen we ol ýerden üýtgeşik bir habar alyp gelen adam bolup göründi. “Adamlar, men-ä, ynha, o dünýä diýilýän ýeri öz gözüm bilen görüp gaýtdym. O ýerde, ynha, şu zeýilli zatlar bar ekeni” diýäýjek ýaly onuň agzyna aňkardylar. Köňlüni gümana beren kişileriň birki sanysy teý ynanyp bilmän, bu bolýan zatlara Mezidiň çykaran samsyk hokgasy hökmünde seretdi. “Adam oýnajak bolýandyr. Hiý, ölen adamam bir direlermi?! Gör-ä, sypaty ölüp-direlene meňzeýärmi?” diýip, şübhe etdi. Hatda olaryň biri gapdalyndaky ýoldaşynyň gulagyna ýarym pyşyrdy bilen: “Oýun edýändir-le, walla. Ynha, iň soňunda ýalan bolup çykar, gör-de duruber. Men beled-ä muňa” diýip, müňkürligini daşyna-da çykardy. – Mezit han! Bu nä boluş, haw? Näme ýaramajak dagy bolaýdyňmy? Beýtme ahyryn. Tasdanam gitse-gelmeze ugradypdyk – diýip, Emin aga onuň alkymyna dykylyp sorady. – Aý, agyrrak uklaýypdyryn öýdýän, Emin kaka! Näme bolanyny özümem bilemok – diýip, Mezit çyny bilen jogap berdi. Emin aga hasasyny ýere tyrkyldadyp, diňe Mezide däl, hemmelere degişli edip: – Sanalgyň dolmasa, gezer ýörersiň. Adamyň demi ozalebetinde sanalyp goýlan. Şo sanalgydan ýekeje dem artygam bolmaz, kemem! – diýdi. Adamlaryň köpüsi “Gözüň aýdyň!” diýişip, käbirleri “Nanyň bitin ekeni” diýip, daş işikde wagyrdaşyp esli durdular. Kimdir biri: – Ezraýyl berk käýinç alar muň üçin. Ýalňyşmaly däl-dä – diýip, öz gürrüňine özi güldi. Adamlar işikdäki düşege geçdiler. Mezidiň düşegaşy üçin soýlan goýun toýa çalymdaş meýlise, şady-horramlyga ýarady. Bir garynda ýatyp, bir göwüsden emen süýtdeş ýekeje inisi ölüp, täzeden direlse, adam hany-manyny orta goýup, dünýe malyndan geçmäge taýyn. Mämmet tarhandökerlik etdi. Ol saçagy giňden ýazdyryp, başyňy aýlaýan içgili çüýşeleri bol getirtdi. Mezidiň kakasy Aýmyrat aga-da meýlise goşuldy. Ýaş-ýeleňleriň biri oňa şeraply käsäni uzadyp, nutk aýtdyrdy. Mämmet bolsa, adamlaryň içgiden kellesi humarlap, başy aýlanmanka ör turup: – Ertirem sadaka berýändiris-haw. Gelmelidir. Ýörite barybam aýdyp gaýdarlar – diýdi. Mezidiň aýaly Läle begenjinden ökjesi ýere degmän, dylym-dylym edýärdi. Bir iç girip, bir-de daş çykyp, hyzmat bilen gara başyna gaý, haýdap ýördi. Ara böwşeňlik düşen mahaly Mezit ony bir gyra çekip: – Men size näme diýipdim? Kimiň işi şü? – diýip, gaharly sorady. – Toba! Kim näme iş edipdir? – diýip, Läle ör-gökden gelip, ýakasyny tutdy. Mezit öýe ümläp: – O nämüçin gelipdir? Ölsem, patama-da gelmesin diýmänmidim? Kim getirdi şony? – diýdi. – Kimi? Gyrmyzynymy? – diýip, Läle äriniň “O” diýýänini çaklap sorady. – Hawa. Şony. – Özi geldi. Birinden eşidendir-dä. – Bar, derrewjik ugrat, gözüm görmesin! – Bolmaz-a, gyýw! Waý... Diýýäniň näme? Kowubermeli bormy? Özi gitmese... – Takal okama, ugrat derrew! – diýip, Mezit talap etdi. Läle ýaýdandy. – Men näme diýeýin oňa? Gönümel tur, git diýip bilmen-ä! Öý heleýden doly. – Näme diýmän?! Öwüs diý şu ýerden. Seň gelmeli gapyň däl diý. Ýa özüm baryp diýeýinmi? – Ýog-eý, sen bir barma. Otur ýeriňde. Masgara-a... Il näme diýer? Häzir özüm bir zat ederin. – Bar onda, gaýdyp dagy-duwara şu gapa toýnagyň sekmesin diý! Läle kynlyk bilen başyny atdy. Az salymdan Gyrmyzy ýüzüni asyp çykyp gitdi. Garma-gürmelikde oňa hiç kim ünsem bermedi. Diňe Mezit içiýangynly garaýyş bilen onuň yzyndan seredip galdy. 8. Gyrmyzynyň durmuşy oňup ötägitmändi. Mekdebi gutaran ýyly Kowus atly şäherli bir jalaýa duçar gelip, ol yşk oduna tutaşdy. Ony öz ömrüniň sarsmaz sütüni hasaplap, birsellem goýanyny-göterenini bilmeýän mahluga döndi. Hiç aýňalmady. Kowuslar tarapdan bassyr üç gezek gelen iki sany sawçy aýal üç gezegem “kowuldy”. Olara: “Entek gyzymyzyň başy ýaş. Öňünde özünden uly öýlenmedik oglan bar. Iň bolmanda bir ýyl garaşyň” diýip gaýtardylar. Şo wagtlar Mezit öýlenmändi. Gyrmyzy bolsa oňarmady. Ýüzüne gara çekip, gaçyp gitdi. Bu söwdada utulanyny ol bir aýdan soň bilip galdy. Görüp otursa, munuň ýeke özüne degişli hasap edip ýören gujagyna başga-da girýän bar ekeni. Birem däl, köp ekeni. Kowus gijelerine wagty bilen öýüne dolanmaýardy. Meýlis diýseň, gözi açylýardy, söýer göwni gyz-gelinler bilen iýip-içip, keýp çekip oturmakdy. “Häzir geljek” diýip, ilkagşam çykyp gidişine kä ýary gijeler, käte bolsa daň agaranda gelerdi. Gyrmyzy ýanar oduň içinde galdy. Örtendi, ýalbardy, aglady. “Özümi heläklerin” diýibem gördi, emma Kowusa boýuntyryk geýdirmek oňa başartmady. Alty aýdan soň düýbünden başga adama öwrülip, garnyny gujaklap, atasy öýüne geldi. “Göreli hany. Bir gelsin bakaly. Geler. Göwrämde çagasy bar. Gelmän, gitjek ýeri ýok” diýen umyda bendi bolup oturdy. Kowusdanam, gaýynlaryndanam habar tutan bolmady. Gyrmyzynyň ejesi bilen kakasy birbada töwella tamakinçiligi bilen seslerini çykarmasa-da, Mezit çydamady. Girse-çyksa, iňirdäp-hüňürdäp, wagty bilen tüketmedi. Her näçe agyr bolsa-da, diliniň gysgalygy hem naçarlygy Gyrmyzyny sessiz gözýaş döküp, dymmaga mejbur etdi. Ahyry Mezit ýaryldy. Ýüzüni ajadyp, kakasynyň ýanyna bardy-da: – Men, gowusy, göçäýeýin-le – diýdi. – Nirä göçjek? Bi nähili gürrüň boldy? – Şul öýde bir oturmaýyn, ile gep bolup. Hanha, dözmeziňiz bar-a, şo ýurt eýe bolar-da – diýip, Mezit gyjalat berdi. Aýmyrat aga: – Han-ow, bes et, heleý ýaly içi güjükli gürrüň edip oturma. Näme, neneň bolýar, garaşyp göreli – diýip gaharlandy. – Wah-h, kaka, seň ol köreken edinjek bolýaň deýýusyňa men beled-ä. Bele-et! Idejek haramzada däl ol. – Idemese, maňlaýyna ýazylan bardyr. Görer-dä. – Onda duluňda dogrubersinmi? Binamyslyga salyp gezibermelimi şeýdip? Aýmyrat aga elindäki käsäni ýeňsesini tüňňerdip çykyp barýan Mezitden dazyrdadyp saldy. – Häk, seniň bir... Döremän geçen... Elbetde, şo wagt bu gürrüňleri beýleki jaýda galpyldap oturan Gyrmyzy hem eşidipdi. Ol birsellem şumjaryp oturansoň, düwünçegini alyp, öýden çykdy. Şähere garşy ugrady. Ejesi yzyndan: – Göni gaýynlaryňa bar, eşidýäňmi, başga ýere baryjy bolaýma! – diýip, gygyryp galdy. Gyrmyzy gaýynlaryna barmady. Demir ýoluň gaýra ýüzünde ýeke ýaşaýan kempiriň howlusynyň düýbündäki pessejik jaýy kireýine aldy. “Meni gaýgy etmäň. Size azarymam ýetmez, agramymam düşmez. Idejek bolmaň. Öz günümi özüm görerin” diýip öýlerine habar ýollady. Mekdepleriň birinde tam süpürjilige işe durdy. Iki ýarym aýdan soň aýy-güni dolup, bir gyzjagaz dünýä indi. “Ejeň ýaly şor maňlaý bolma! Bagtyň gül kimin açylsyn!” diýip, Gyrmyzy gyzjagazyna Bagtygül diýip at goýdy. Tiz wagtdan aýalyny bimahal ajala aldyran Döwran atly ýaş mugallymlaryň biri Gyrmyza eýe çykdy. Üçünji gatdaky iki otagly garyp külbesiniň howry öçen ojagyny täzeden alawlatmak üçin Gyrmyzy bilen goş birikdirdi. Saglyk bolup dursa, durmuş uzak ýyllar birsydyrgyn asudalyga, rahat ýaşaýyşa eýlenmelidi. Emma Döwran kelte ölçän ekeni. Alys ýola gitjek hemrasyny tanamandyr. Onuň dury suw diýip eňegini basany gyrmança bolup çykdy. Çünki Gyrmyzy muňa imrikmedi, ýaňy gülüp bakan bagtynyň ýüzüne urdy. Aşaky gatda ýaşaýan jahyl goňşusynyň aýalbaz garaýyşlaryna ýesir düşdi, onuň demine dartyp barýan ýylan jadysyna aldandy, oňlulygy wada bermeýän haýasyzlyga çyn söýgüdir öýtdi. Eredi. Garagy gapyldy. Aldawçy hyýallaryň yzyna düşdi. Ýat gujakdan sapa gözledi. Soňuny saýmady, töwekgel oýnady. Bu oýnuň soňy masgaraçylyk bilen gutardy. Bipeýan haýu-höwes Gyrmyzynyň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da, şo-ol öňküje kireýine ýaşaýan jaýyna getirip taşlady. Suw ýaly bäbejigi bilen hiç bir pişesiz oturan Gyrmyzynyň egninden gara bokurdak üçin edilýän alada basdy. Öý eýesi kempir yzgytsyz ýüzüni bagyr ýaly gyzardyp: – Dünýä şäriksiz bolup, öýe busup oturma! Bazara çyk-da, çörek satyber. Taňryň güni darydan känmiş. Haçana çen beýdip oturjak? – diýip, maslahat berdi. Gyrmyzy: – Bir tanşym çagalar bagynda iş boljak diýdi. Gyzym üçinem oňat boljak şo. Biraz garaşyp göreýin – diýip, ýalan sözledi. – Heýlemi? Gör-dä özüň. Aýam aýak bolup barýar. Jaý tölegiňem bardyr – diýip, öý eýesi duýdurdy. Gyrmyzy: “Aç ölýänem bolsam, bazara çykyp çöreg-ä satman” diýip, gahar bilen öz ýanyndan karara geldi. Emma ol uly pällän eken. Laýyk bir hepdeden soň açlyga hem alaçsyzlyga tap getirmän, gyzyny öý eýesi kempire goýup, bazara çykdy. Çörekçileriň birine satyjy bolup işe durdy. Ýöne özüni tanatmazlyk üçin diňe gözi görnüp durar ýaly ýaglyk bilen ýüzüni büredi. Geplände sesini üýtgedibräk gepledi. – Gyzgyn çörek bar, ýaňyja bişen täzeje tamdyr çöregi! – diýip, ol bazary hatar-hatar syryp başlady. Ujypsyz hak-heşdek Gyrmyzynyň hatardan galyp barýan arabasyna az-kem tekge berse-de, ýetde-gütdelik her ädimde bildirdi durdy. Bazar köpüň üýşýän ýeri. O ýerde gyzylly huma büdreýän kän. Ýöne çörek satyp, elpe-şelpe durmuşa ýetýän barmyka? Gyrmyzy bu ýerden bol-elin sowurtlar ýaly düşewünt tapmajagyny bilip dur. Oňa gara bokurdakdan ötürer ýaly damagyny gazanyp bilse ýetik. Bir gezek bazardan çykyp, öýüne gaýdyp barýarka Gyrmyzy orta ýaşan, titi geýnen, degişgen, dili bilen alyp-ýolup barýan kireýkeşe duş geldi. Ol Gyrmyzyny öýüniň gabadynda düşürip gitdi. Pul almady. Ertesi ahyrbazar ýene gabat geldi. Ýene muzdsuz öýüne düşürdi. Bu ýagdaý dört-bäş gün gaýtalanyp, ahyry oňa Gyrmyzynyň başyny aýlamak başartdy. Gorka hem aljyraňňylyga ýesir düşen gelni yalbara-ýalbara şäheriň çetindäki boşlaň jaýa getirdi. Şol gezek bir sagatlyk keýpi-sapa üçin ol Gyrmyzynyň ýarym aýlyk gazanjyny berdi. Şeýlelikde, bol-telki ýaşaýyşa bolan ymtylyş bir aýdan soň Gyrmyzynyň erkini güýlüp, aýşy-eşretli bir dünýä getirip taşlady. Ilki-ilkiler juda utançly hasap eden hereketleri, sözleri, gylyklary sähel wagtda adaty ýagdaýa öwrüldi. Gyrmyzynyň el-aýagynyň biraz giňäp başlanyny duýan dessine öý eýesi kempiriň hem äheňi süýjäp ugrady. Bir gün gelip, bazarda bahalaryň galýandygyndan, özi ýaly ýekelli aýalyň güzeran aýlamasynyň kynlaşýandygyndan zeýrendi. Ýene bir gün gelip, Gyrmyzynyň jaý üçin tölegini azajyk ýokarlandyraýmasa, başga alajynyň galmandygyny, şäherde kireýine ýaşalýan jaýlaryň hemmesiniňem bahasynyň göterilendigini aýdyp, jaý tölegini ýokarlandyryp gitdi. Gürrüň arasynda Gyrmyzynyň köçä çykyp, kim bilen näme etse-de, nirä gitse-de, zowal ýokdugyny, emma welin, howla del-dül kişiniň, esasanam erkek göbekliniň girmeli däldigini, gije-girim wagtyragynda öýe köwlenmelidigini, eger göze düşäýse, oňuşmajakdygyny, şol günüň özünde goşuny arkasyna daňmaly boljakdygyny sypaýyçylyk bilen düşündirdi. Onsoň bir gün, gyşyň örküjinde Gyrmyzynyň durmuşynda has elhenç şumluk boldy. Günortadan soň ol ýaňy dil açyp, jedirdäp ýören Bagtygüljigi ýatyrdy-da, daşyndan gulplap, köçä çykdy. Soňky günler ýygy-ýygydan gelip, Gyrmyzyny ulagyna mündürip äkidýän jalataý oglan hol aňyrrakda garaşyp duran ekeni. Ol Gyrmyzyny äkitdi-de, sagat ýarymdan soň ýene şol ýerde düşürip gitdi. Gyrmyzy ýaşaýan howlusyna golaýlaşanda howlukmaç ylgaşlaýan adamlary, burugsap, dik ýokary galýan çalymtyk tüssäni, çabraýan ýalny görüp, yakasyny tutdy. Atylyp gelse, howlyň içi ibirt-de-zibirt. Adamlar elleri bedreli iki-baka elewreşip, ýalmawuz dilini çar tarapa bulaýan ody söndürjek bolup ýören eken. Kireýine yaşaýan otagynyň kiçijik penjiresinden lowlap çykyp duran gyzyl ody göreninde Gyrmyzynyň haýýaty göçüp, gözi garaňkyrady. Öçürilmedik tok peji bilen däbşenekläp ýatan gyzjagazynyň suraty göz öňünde bir pursatlyk ýanyp öçdi-de, ol iniňi tikeneklediji ses bilen bagyryp, oda garşy okduryldy. Ony şo bada sakladylar. Oňa çenli ýetip gelen ýangyn söndürijiler sähel salymda ody öçürdiler. Kimdir biri gara-ört bolup ýanan kiçijik jesedi uwlap oturan Gyrmyzynyň öňünde goýdy-da: – Gaty bişipdir. Gyzyletene bolaýypdyr. Tutan ýeriň gopjak bolup dur. Neressejik... – diýdi. Aňyrrakda duran iki kişiniň biri Gyrmyza gaharly seredip: – Ýanyp ölen däldir o çaga. Demigendir. Tüsse bogup öldürendir – diýip, ýanyndaka habar gatdy. – Ähtimal... Ýöne ýürejigi ýarylyp ölen bolmagam mümkin – diýip, olam öz pikirini aýtdy. Aýallaryň biri bolsa, Gyrmyza eşitdirip: – Bihasap zat ýok. Hudaý görüp dur. Mesirgäp, gaňňaňy garnyňa alyberseň, şeýdip, ömürlik awundyryp goýaýýar. Toba-toba! Geň-taň göremzok. Hudaý saklasyn! Daş edewersin! Ot belasyndan, suw belasyndan... – diýdi. Başga bir aýal şo bada kesä bakyp, oňa kakdyrdy: – Käşgä adam pahyr özüni oňarsa. Ile bir zat diýýänçä... – Sen özüni oňarýan bolduňmy? Soň ol ikisi | |
|
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -9: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Derbi-dagyn: Meçik - 05.08.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -8: romanyñ dowamy - 13.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |