12:03 Ölüp-direlen -3/ romanyñ dowamy | |
9.
Romanlar
“Mezit diýilýän biri o dünýä gidip-gelipdir, daňdan-a ölüpdir, günortanlaram hakyt direlip oturyberipdir” diýen habar örüsini giňeldip, bada-bat goňşy obalara ýaýrady. Ýaýraýşy ýaly, tiz wagtyň içinde mazmuny üýtgedi. Dünýäň gurluşyny ahmal görýän adamlaryň käbiri içki howsalasyny ýüregine sygdyryp bilmän: “Ahyrzaman golaýlandyr. Kyýamat bina bolmazyndan öň şular ýaly zatlar köpelmeli. Kitaplarda ýazylypdyr” diýip, gorkuly gürrüň etdiler. Çala eşiden adamlar: “O dünýä gidip-gelensoň, ol bilgiçlik edip başlapdyr. Ýogsa, şondan öň öten agşamky gören düýşüni Gün dogmanka kellesinden çykarýan kelesaň adam ekeni. Gör, maňlaýy çüwjek bolsa, Hudaý öldürip-direldibem ýalkaýar. Ynha, indi hakyt bolany-boljagy, geçeni-geljegi edil kitapdan okaýan ýaly, aýan edip otyrmyş” diýip, her ýerde-her ýerde gürrüň edişdiler. Muny eşidip, ilden ýaşyryn eden gümürtik işleriniň üsti açylyp, gizlin syrlary paş bolup barýan dek iki-ýeke dowla düşenlerem boldy. Erkek kişiler-ä bir agzap goýdular-da, kän pitiwa etmediler welin, bu habar esasan aýal-ebtatlara iş boldy. Öte eşitmedigem bolsa, olar: “Bilgiçligiň gapdalyndan tebipçiligem edýärmiş. Ýöne-möne tebibem däl, ýüzüňe seredeninden nähili hyk-çokuň bar bolsa, sanap otyrmyş. Asyl, okap bilseň, adamyň keseli ýüzüne ýazylgy dur diýýä. Hudaý ony keýpine öldürip-direldendir öýdýäňmi? Adamlaň derdine em salgy bermegi buýrandyr. Bizem gidip göräýmeli ekenik” diýşip, ber-başagaý boldular. Aklygyny düwünçegine düwüp, Mezitlere günübirin ýetip gaýtmaga ilgezik köpeldi. Şu ikarada agzy batly aýallaryň biri eşidipmi ýa özünden tosladymy, belli däl, “Kimiň haçan öljeginem bilýärmiş” diýip, ýakymsyz gürrüň ýaýratdy. “Ýanyna barana ilki bilen ýene näçe ömrüniň galandygyny aýdyp berýärmiş. Özem emgenmän, ýüzüniň ugruna şarp-şurp edip otyrmyş. Eýýäm pylança adam ölmeli wagtyny eşidip, ýüreginden tutup ýatyr” diýip, başga biri edil gözi bilen görüp gelen ýaly, bu gürrüňi has-da çişirdi. Elbetde, muňa-da ynanan tapyldy. Ölümden elheder alan adamlaryň käbiriniň bady gaçdy. Hamana, derdine dowa isläp, bärden barana, Mezit diýilýän adam bäbenegini dikip, barmagyny çommaldyp: “Seň-ä ýene göni pylança gün ömrüň bar. Pelläň daş däl indi. Beýläk taýynlyk gör” diýip oturan ýaly, Mezitler tarapa aýagy çekmedi. Bu myş-myşlar Mezidiňem gulagyna ýetdi. – Şu diýilýän gürrüňler çynmy, how? Ugrunda barmy? – diýip, obadaşlary ondan telim gezek soradylar. Mezit: – Heleý gürrüňi, how! Gulak gabartmaň! – diýip, şo bir sözüni gaýtalady. Obadaşlary-ha ynanyp, kän bir pitiwa etmediler welin, ýöriteläp daşdan-ýakyndan gelýän adamlara bilgiçlikden, tebipçilikden bihabardygyny düşündirmek Mezide kyn düşdi. Goňşy obadan gelen aýallaryň biri soňky döwürler äriniň içip, öýüne bir gün gelse, iki gün gelmeýändiginden zeýrenip, oňa nä döw çalanyny bilip bermegini sorap, bir salkyn özelenip oturdy. Iň soňunda möhüminiň bitmejekdigine gözi ýetip: “Wa-ah, o juwanamerkiň dek gezmeýändigini ýürejigim syzy-ypjyk dur-a! Bir haram baýtalyň jadysyna düşenini öňräkden bäri bilýä-än. Bilýän-ä! Nä alaç edeýin men? Ýalynsyz ýandym-la! Tütünsiz lowladym-la!” diýip, ses edip aglap gitdi. Özi-de bu zatlaryň bary Mezide edil aýnada görlen dek aýandyr, ýöne kişiniň ýarasyna duz sepmejek bolýandyr, ýüregini agyrtmaýyn diýýändir, şoň üçinem bilgeşleýin aýdýan däldir öýdüp, gara çyny bilen öýkeläp, gaharly çykyp gitdi. Ol giden dessine çalaran saçlary gulaklarynyň arkasyndan hüwjerip çykyp duran, şelaýyn dilli bir aýal goltugy bäbekli ýaş gelni yzyna düşürip geldi. Üç aýlyk bäbejik gijelerine ýatmaýan eken. Işdäsi kem bolup, emmeden elli bizar geçip, çyrlap-çyrlap aglaýarmyş. Çaga lukmanyna görkezseler, “Ejesinde sowuklama bar, o-da bäbegine geçipdir, ýatyp bejergi almasalar, başga çäresi ýok” diýipdir. Wah, munuň derdi sowuklama däl ahyryn. Çaga çile düşüpdir! Muny çileden açmaly! Emini bolsa, ynha, gözüni tegeläp, äm-säm bolup oturan Mezit bermeli! Mezit näme diýsin? Ol gaharyna basalyk berip, zoraýakdan ajy ýylgyryp, bulara çaga hassahanasyny salgy berdi. Atly-ýaragly, ýöriteläp gelensoňlar bularyň ap-aňsat turup ötäýtmejekleri görnüp duran zat. Çaga hassahanasyny kişiden salgy alman, özlerem tapýarlar. Iň bolmanda göwünleri üçin Mezit bäbejigi eline alyp, birsellem otursa, bir zatlar okasa, oňat boljak. Adam pahyrda näme göwün bar? Sähel zat em bolup, emgegine gowşup gitse, gidibiýr. Mezit ahyrynda guş ýaly ýeňiljek çagany eline aldy. “Heý, he-heý!” diýip, lak atdy. Söýgüledi, elinde bökdürdi. Bäbejigem edil şo wagt Mezdiň üstüni ölledi. “Çiläň oýny şü! Tebibine duşsa, şeýdip arlygyny öllediberýär” diýip yrym etdiler, begenişip gitdiler. Bir gezegem saçyna ýaňy ak çozup ugran ak mapraç, daýaw aýal geldi. Elinde-de Aý ýaly ýaşmakly bir gelniň suraty. – Jigi, nädip edýänem bolsaň, şu ataýryň sesini sem edip ber. Edil ýöne mymyldap duran mumly ýüplüge öwrülsin-dä. Sataşman geçen gyrnak gelen gününden öýe edil möý giren ýaly etdi. O är diýilýän haýran-a muny görse, gepläbem bilenok. Dilsiz-agyzsyz yşarat. Nebir çagamyň laýyny täzeden eýläp, gury san edip goýdy. Indi çydamok şuňa. Bir zat etmesek, jigi, alýa bu meni. Dyndarýa. Gelin däl bi, ýalyn, ýalyn! – Wah, jan ýeňňe, giň ýeriň gürrüňini edýäň. Men öz heleýime diýenimi etdirip bilemok, seň gelniňi nädip mugyra getireýin? Şolar ýaly iş elimden gelýän bolsa, şeýdip kerpiç guýup ýörjekmi men?! – diýip, Mezit muňa-da janygyp, zordan gepini düşündirdi. Obaň gözegçi polisiýasy Ýazmyradam papagynyň gaşyny basyp, gelip gitdi. – Tebipçilik edýärmiş diýýärler. Pal atyp berýä diýen gürrüňem bar. Çynmy şu zatlar? – diýip, ol sorady. – Wah, Ýammat jan, tebipçilik nire, men nire? Şu wagt dişimiň sorkuldysyna çydap bilmän, uwlap otyryn. Öz agyrysyna em tapmadyk tebip iliň derdine nädip ýarasyn?! – diýip, Mezit eli bilen ýaňagyny tutdy. – Sowuk suw içensiň? Şeýlemi? Çüýrükmi ýa? Belet keselim. Dişagyryny menden sora. Şundan dynmagyň iň gowy ýoluny salgy bereýinmi? Sogurdyp taşla. Köki bilen ýok et. Ýok zat nädip agyrsyn?! Men-ä şeýdýän. – Menem şeýdermikäm diýýän. – O tebipli-sebipli meselede-de, garaz, seresap bol diýýän-dä. Öýüňe gelip-gidýänem kän ekeni. Birden nemedip, pula gyzyp, bulaşaýma. Özüňem oňat bilýänsiň welin, häki jandurmazlykdan duýduraýaýyn diýdim. – Ýo, oňarypsyň. Menden arkaýyn bol. Läle bolsa äriniň o dünýä gidip üýtgemän gelendigine, hiç bir tebipçilikden başy çykmaýanyna, Mezidiň şo-ol öňki Mezitdigine gözi ýetensoň, ýakyndan-daşdan gelýänleriň jogabyny özi berdi. Onsoň Mezidem hiç zat bolmadyk ýaly, ölüp-direlmedik deý ýene eline galybyny aldy. Gündiz laý çykaryp, agşamlaryna kerpiç guýup başlady. 10. Owlak eje duýdansyz garrady. Birdenkä taby peseldi-de, düşege baglanaýdy. Kä kişi muňa ömür saly gaýtgyna düşen adamyň adaty ahwalydyr diýip düşündi. Käbirleri hökman bir sarsgyn bolandyr, urga uçramasa, adam beýle çalt garramaz diýip öz ýanyndan welilik satdy. Owlak eje bolsa özi hakda kimiň näme pikir edýändigine biparh garaýan ýaly, gap böwürde gözlerini ýumjukladyp, uzakly gün geplemän ýatmany çykardy. Aýakýoluna gidip gelýändigini hasaba almasaň, ozalkylary ýaly daş çykyp, yra-dara gezmelemesini goýdy. Işdäsi kemeldi. Ýüzüniň nury öçdi. Süllerdi. Gep-gürrüňi dilinden çekip alaýmasaň, gümür-ýamyr bilenem ugry bolmady. Owlak ejäniň eýläm-beýläm diýmän, hyk-çok etmän, ses-selemsiz ýanyny ýere beren güni Läle howsala düşüp, onuň derdini sorady. – Ysgynym ýok, birhili aýaklam göwrämi götermejek ýaly... Ýerimden tursam, ýykylaýjak ýaly... Gijara çaga lukmany Geldimyrady alyp geldiler. Ol garrynyň gan basyşyny ölçeşdirensoň: – Itdenem sag! – diýip, netije çykardy. “Onda nämüçin beýdip ýatyr? Sen oňatja barladyňmy?” diýen soragly garaýyş bilen Mezit ilki-hä ejesine, soňam Geldimyrada şübheli seretdi. Geldimyrat özüne seredip duran gözleriň müňkürligini duw-dagyn etmek niýeti bilen janygyp, Owlak ejä ýüzlendi: – Owlak ýeňňe, sende kesel ýok. Ýo-ok. Jögülik etme! – Wah-h, Gemmat jan! Hiý, jögülik bilen bir köçeden ýörejek heleými men? – Onda näme daşyňa adam baryny üýşürip ýatyrsyň. – Kim? Menmi? Men-ä adam üýşüremok – diýip, Owlak eje ör-gökden geldi. – Onda näme beýdip ýatyrsyň? – Nädeýin? Halys lagşapdyryn. – Şeý diý. Kesel ýok sende. Garrylyk diýýärler muňa. Sen öň garrap görmäňsoň bileňok. – Ölüm pilläm geläýdimikä, Gemmat jan? – Haý, Owlak ýeňňe, sen-ä... – diýip, Geldimyrat ýalandan loh-loh güldi. – Gorkma ahyryn! – Gorkamok-la. Öz süýegimi özüm süýresem, gowy-da. Töweregime hossa bolup ýatandan... – Tapyr-tupur ölüp dynanym gowy diýýäňmi? Ha-ha! – Kösemänjik alarmyka? – Kösemez... Kösemez... Kösese, karam bolar. O-ol Gulla şagalyň ysmaza ýolugyp, galmaz bolup ýatanyna näçe ýyl bolandyr öýdýäň? Owlak eje bilemok diýen terzde sessiz egnini gysdy. Gorkuly bir garaýyş bilen lukmana seretdi. Geldimyrat iki eliniň barmaklaryny ýazyp, öňe uzatdy: – On ýyl! Ýatyr anha uwlap. Hudaýam bizar, bendesem. Geldimyrat sesini peseldip, töweregine ýaltaklady. – Dertli adama agyr söz diýmelem däl welin, men pikir edýän, Hudaý şu wagt şagala jeza berýär... Bir zatlar ýadyna düşüp, Owlak eje janlandy: – Ah-eý, enesiniň emjegini kesen ýezitdir ol. Geldimyrat gop berdi: – Ana, ana. Men aýdýan-a... – Edil beýle däldir-le – diýip, Mezit goşuldy. – Beterem şeýle şo. Görnüp duran zad-a! – Geldimyrat Owlak ejä ýüzlendi. – Men, Owlak ýeňňe, lukmanam bolsam, Hudaýa ynanýan. Gulla şagal näçe adamyň gargyşyna galdy? Näçe adamy aglatdy? Şo zatlaň jezasyny çekip ýatyr şu wagt. Ýüz ýyl ýatsa-da, ýülünjek şagal däl ol. Hasapsyz zat ýog-a. – Hasapsyz zad-a ýok – diýip, Owlak eje ylalaşdy. – Onsoň sen nämeden gorkýaň? Sen agyr günä eden adam däl-ä! Arkaýyn ölüber. Nesip bolsa, aýak üstünde gezip ýörkäň ölersiň. Nädip öleniňem bilmersiň! Ine, gör-de duruber! Ha-ha-ha! – diýip, Geldimyrat degişdi. Owlak eje “Hawa-la, jan Allam, aglatman, eňretmän ýygnawersin!” diýip, içinden pikir etdi. Daşyndan bolsa: – Oýun ýadyna düşýär bi juwanamerkiň. Meň ýaşyma baraňda görersiň – diýip käýindi. – Wah, seň ýaşyňa baryp bilsekmi? Juk... Baryp bilmen men-ä. Ýaňy kyrk ýaşadyk, eýýämden aşgazan nemedip ugrady. Ynha, ed-dil şu ýerimde kerpiç duran ýaly... Ýogsa, ine, lukmanam-da men, haýry näme? Geldimyrat bir bölek kagyza bir zatlary çyrşap, Mezide uzatdy: – Eptege bar-da, şu dermany al. Dermanam däl, witamin ol. Günde üç wagtyna içiriber. Derrew ysgynyna geler. Geldimyrat gidensoň, onuň “Hasapsyz zat ýog-a” diýen sesi Owlak ejäniň gulagynda ýaňlandy durdy. Özüniň haçandyr bir wagt agyr günä edendigini ýa etmändigini bilesi geldi. Arkaýyn ölüberer ýaly günäsiz däldirin diýen pikir onuň hakydasyndan çykmady. Bütin ömründe eden işleriniň haýsynyň günä, haýsynyň sogapdygyny terezä salyp göräýsem diýdi. Şonda onuň ýadyna Nurjahan düşdi. * * * Owlak ejäniň göbegenelik edýän ýyllary, bir gün gyşyň örküjinde daňdanlar it üýrüzip, Gandym geldi. Ol uzak gijäň ukusyzlygy zerarly pökgerip çişen gabaklaryny owkalaşdyryp durşuna: – Ýeňňe, gaýrat etmeseň, boljak däl. Köpeljek bolýas – diýdi. Owlak eje elini daldalap, arkan gaýyşdy. – Ýog-eý, maňa bir diýme, Gandym! Dogtora äkit! Dek düýnem iki sany ak halatly gelip, üstüme çöwjäp-çöwjäp gitdi. Ýekeje ýerde göbek keseniňi eşitsek, işiňi süýde geçiris diýip, agyzlaryndan ak köpük saçyp, dübleşip durlar. Ýok, ýok, dek başymy depirjik äre bermäýin. Şo döwürler bäbekhanalaryň lukmanlary ýygy-ýygydan obalara aýlanardylar. Göwreli gelinleri bellige alardylar. Göbegenelik edýän aýallar bilen iş geçirerdiler. Olaryň biri Owlak ejäniň ýanyna gelip: “Dagy-duwara öýde göbek keseniňi eşidäýsek, ýagşylyk tama etme! Gözenegiň aňyrsyna geçersiň! Sen näme lukmanmy? Okuwyň barmy? Diplomyň barmy?” diýip, heňkirip gidipdi. Owlak eje gaýdyp göbegeneligiň golaýynda görünmejekdigine äht edip, oňa söz beripdi. – Wah, ýeňňe, onsuzam daňy öli-ip atyrdyk. Gyşyň gijesem itiň içegesi ýaly ýaman uzyn. Itenek-çomanak zowzanaklap ýörensoň, çirim etmän geçirdim. Indi sen bir beýtme! – diýip, Gandym ýalbardy. – Ynha, bu gün-erte ýene gelip, kim dogurtdy, göbegini kesen kim diýip senem gyssarlar. – Gyssanlarynda näme? Özüm dogurtdym diýäýjek. Göbeginem özüm kesdim diýerin. Eýse, bolmajak zatmy? Şoň üçin ýygnaýan bolsalar, ýygnaýsynlar meni. – Beýdip, nä azaryň, ne derdiň... Äkit dogtora! – Hany, bäri-bärde dogtor barmy? Elin ulag barmy? Bolaýanda-da, selkildedip, şähere äkitsem, o-da ýolda bulaşsa... Ýo-o, bolmaýa. Öňki edýänimizi edibermesek, bolmaz. Şo gezek Owlak eje ýaýdansa-da, lukmanyň ýanynda eden ähdinden dändi. “Senden haraý isläp geldilermi, eňiber-dä. Hötdesinden gelmejek işiň bolsa, başga mesele. Il içine göbek kesýän adyň dolansoň, şular ýaly dara-direde näziňi artdyrma! Bir adamyň dünýä gelmegine şärik bolmak aýyp işmidir? Şäherden gelýän lukmanlardan ätiýaç etseň et, emma o dünýäňem ýatdan çykarma!” diýip, ol göwünjeň oýlandy. Owlak eje o dünýesini unudanok. Diline çoladygy ýa minnet etdigi däl welin, göbegenelik hem o dünýede ýalkanmagyna sebäp bolsa gerek. Dogurmagam aňsat däldir-le, ýöne dogurtmagyňam hupbaty ýetik. Gaty usully bolmasaň, bu işde galyň heleýe gep ýassygy boljagyň daş däl. Bular ýaly iş her öňýeten heleýe ynanylanok. Ol daňyň alagaraňkysynda ak halatly lukmanlar bir ýerden çykaýjak ýaly, töweregine galagoply ýaltaklap, Gandymyň yzyna düşüp barşyna gorkusyny ýaşyrmady: – Meň üçin-ä neme zady ýok welin... erteki gün... – Sen, ýeňňe, gaýgy etme. Göbegini kesip ber, wessalam. Adam tohumy duýmaz. – Sen ony ýaman aňsat edýäň-le? Hasaby bir doldumy? – Hasapdan habar ýokdur. – Entek wagty bar bolmasyn? Aldawçy burgy däldir-dä? – Urnup ýatyş-a çyny ýaly. Uzak gije iňňildäp çykdy. Şu gezek oglum bolsa, haladyňy uludan tutjak, ýeňňe! Owlak eje bärden barsa, Gandymyň aýaly Nurjahan hakykatdan hem iňläp, gara dere batyp ýatan ekeni. Owlak ejäni görüp, ol: – Dogan jan, gaýrat edeweri! – diýip, gözüne ýaş aýlady. Demini agyr alýanam bolsa, biraz arkaýynlaşandygy belli boldy. Owlak eje üçin göbegeneligiň müşgilligi ýok, işiň ýeňil bitmegi esasan dogurýana bagly. Nurjahan öňem üç gyz dogurdy, abyny-tabyny alarça bolandyr. Gerekli zatlary taýynlaşdyryp ýörkä Gandym degişme bilen: – Wah, köne zaman bolsa, daş işige çykyp, asmana çenäp tüpeňi towhuldatsamam aňsatjak ýeňlejek-le welin... – diýdi. Tüpeňsizem kyn bolmandy. Nurjahan aşaky dodagyny ganjarýança dişläp, çym-gyzyl bolup çyglyp, işi uzaga çekdirmedi. Owlak eje çyr-çytyr jägildeýän çagajygy basym eline aldy. Göbegini daňmazdan öňinçä “Guljagazmy, gyrnajyk?” diýip, ýarym pyşyrdy bilen bäbejigiň jynsyny anyklamaga alňasady. Şo bada-da haýýaty göçüp, içini çekdi. Nurjahanyň bu doguran zady ne ogul, ne gyz, hunsa bolup çykdy. Bu Owlak ejäniň nirede gören zady? Ol gözlerine ynanman, pelteli çyranyň ýagtysyna tutup, gaýtadan esetdi. Ýok, ýalňyşmandyr, bäbejik – hunsa! Şunça ýyl göbek kesenem bolsa, özüni şunça köpügören hasaplaýan-da bolsa, şo gezek Owlak eje biraz aljyrady. Elinde ýürekbulanç, erbet zat saklap duran ýaly, aňyrsy bärsine geldi. Üznüksiz sandyrap duran eli bilen çagajygyň göbegini daňmak üçin aljyraňňylykda ýitiren sapagyny gözläp otyrka ol: “Indi näme etmeli bu zady?” diýip, öz-özünden sorady. Birmahal Bessir daýza: “Gadym döwürler nerremada çyksa, hiç kime duýdurman, derrew demini kesipdirler. Göbegenäň işi şü. Ony görýänem, bilýänem, öldürýänem göbegene bolmaly, gaýry bir adam duýmaly däl” diýen ýaly gürrüň edipdi. Bessir daýzanyň nerremada diýýäni hunsa. Owlak eje şol wagt bular ýaly ätäňenälet bir zadyň dünýä inýändigine pitiwa bermändi. Ähtimal, ynanan däldir. Ynanaýan bolanlygynda-da haçanam bolsa bir wagt özüniň hunsa çaganyň göbegini kesmeli boljakdygyny güman eden däldir. Emma, ynha, Bessir daýzaň şo agzan zady elinde! Eger könekileň edenini etjek bolsaň, oýlanyp oturara wagt ýok. Ynha, hä diýmän, Nurjahan özüni dürsär, tirsegine galar, soň giç bolar. Eýse, Nurjahan näderkä? Dokuz aý garnynda göteren zadynyň hunsadygyny görse, bi işigaýdanyň çalam-çaş bolup özünden gitjegi daşda däl. Özüne gelensoň, muny nädip gujagyna alsyn? Nädip emdirsin? Ýeri, nädip söýsün? Gapyň agzynda ogul tamakinçiligi bilen buşluk sesine garaşyp, sadylla bolup duran Gandym näder? Onuň “Ogulmy, gyz?” diýip hökman berjek sowalyna Owlak eje näme diýip jogap bersin? Bi bedibagt çaga ogul diýseňem bolup dur, gyz diýseňem. Onsoň çaganyň şu zeýillidigini aýtmaga nädip ýüzi çydasyn? Nä zeýillidiginiň Owlak eje üçin-ä parhy ýok, garaz, bir ugruny tapyp, aýtmagy başarar. Her hal, bular ene-atasy, örtenselerem, köýselerem çaga özleriniňki. Owlak kim? Owlak häki bir göbegene! Owlak dogurýana-da, dogulýana-da medetkär! Başga zat däl. Emma bu çaganyň syry açylansoň, il-gün näme diýer? Aslynda näme diýenlerinde-de Owlagyň nä gamyna! Munuň hunsa bolup dünýä gelmegine Owlak günäkär däl ahyryn. Ýöne il içinde her hili gümbaş bar, agzy jäheksiziň biri: “Ras sen göbegini kesdiňmi, nämüçin şo wagt ýoguna ýanmadyň?” diýse, ýagşymy? Eger Bessir daýzanyň aýdyşy ýaly, hunsanyň ajaly göbegenäň özi bolmaly bolsa, ana, şo keçje! Ilki-hä göbegini kesip, yz ýanyndanam onuň ömür tanapyny şarpyldadyp ýolmaga neneň eliň barsyn? Ýok, ýüregi her näçe ýerinde bolanda-da, bu Owlagyň başarjak işi däl. Heý-de, ýagty dünýäň bir gyrasyndan şuş-şu wagt girip ugran adam çagajygyny ajalyň eline berip goýberäýmek bormy? Nurjahanyň dokuz aý goýnunda göteren jigerbendini, Gandymyň intizar umydyny, kiçijik adamy öldüribermek bormy? “Bolar, näme bolman? – diýip, Owlak ejäniň içinden bir ses geldi. – Eýse, adammy şü? Adam dä-äl, äjit-mäjit bi! Muňa Deçjalyň zürýady diýerler. Kyýamat ýakyn gelende her jüre zat görersiň diýip eşitmänmidiň? Deçjal – ahyrzamanyň alamaty! Ol-a Nurjahan ekeni, her kim dogursa-da, Deçjalyň çagasyny öldürmek parz! Muny göreniň ýüregi bulanar. Töwereginde hiç kim bolmaz. Her kes muny görse, gaçar. Ýeri, kim munuň bilen tabakdaş bolsun? Kim munuň bilen bir ýassyga baş goýsun? Ösüp-örňäberse, Hudaý bilsin, nähili mahluk boljak bi. Sen, Owlak, heleý dözmezçiligini başga ýerde et. Häzir dözmezçiligiň wagty däl. Eliňdäki zadyň demligine ýapyş-da, dünýä gelip gideni ýalan ýaly et! Beýtmek, ozal-a kyn däl, kyn bolaýanda-da, sen muň hötdesinden gelmelisiň. Asla şeýtmek seň hökmany borjuň. Çünki bu dünýä hunsalaryň mekany däl. Hunsalara adamlaryň arasynda ýaşamak gadagan! Hunsa – Deçjalyň zürýady!” Içki sesine bir pursat diň salan Owlak eje çalt karara geldi. Aýgyt etdi. Taýynlap goýan mata letdesini mylaýym suwly legene batyryp çykardy-da, sykdy. Soň ony bäbejigiň agyz-burnunyň üstünde goýdy. Eli saňňyldap duranam bolsa, tä demi kesilýänçä dözüm bilen basyp, saklady. Demigip, jan tabşyrýan bäbegiň ysgynsyz silkinmesini görmezlik üçin kesä bakyp, öýüň garaňky burçuna seredip oturdy. Birhaýukdan sesini endiredip: – Wah-eý, aýy-güni ýetigem welin... Wah-wah... Bu bäbejigimiz-ä bolmady, Nurja! Göm-gök bolup üýtgäýdi... – diýdi. Diňe şondan soň sapak bilen göbegini daňdy. Nurjahan ýatan ýerinde öwhüldäp bir gozganjyrady-da, haşlady, eňredi. – Ogulmy, gyz? – diýip sorady. – Gyzjagaz – diýip, Owlak eje ýalan sözledi. – Wah, gara bagtym... jigerimden jan berenim... – Nurjahanyň gözünden boýur-boýur ýaş döküldi. Owlak eje wagt ýitirmedi, esasy işi bitirensoň, çaganyň hunsadygyny ýaşyrmak niýeti bilen haýal etmän, köne arlyga dolady, kiçijik meýdi Gandyma berdi. – Öwlüýäň bir gyrasynda ýerläp gaýdyber. Açmagyn. Şiresi süpürilmedikdir, ýoldaşy bilen bile dolandyryn – diýip sargyt etdi. Ogul däldigi üçin Gandym kän bir gyýylybam durmady. – Jynaza okatmaly dälmi? – Wah, bolanda demi ýokdy ahyryn! Öli dogan çaga jynaza okalmaz – diýip, Owlak eje ýene ýalan sözledi. Gandym bäbegi äkitdi. Owlak eje Nurjahanyň hapasyny aýyrdy, oňa-muňa güýmenip biraz oturdy, göwünlik berdi. – Gynanma! Allaň beren takdyrydyr. Başyňyz ýaş! Gaýrat etseň, indiki ýyl täze bäbek alarsyň eliňe. Hudaýym bersin diýip berewersin hernä! Gandym tiz dolanyp geldi. Daş çykyp, ugramakçy bolup durka Owlak eje oňa ýüzlenip: – Gandym ýüwürji, öwez ogluny bersin! Nätjek-dä... Neressejige ömür berilmändir – diýdi. – Taňryýalkasyn, ýeňňe! – Ak halatlylar gelse-de... – Arkaýyn bol, ýeňňe, saňa gep gelmez! Şerigata görä, çaga doglanda diri bolup, yzýany ölse, oňa at dakyp, jynaza okamaly. Bäbejigiň dünýä inende diridigini, elbetde, Nurjahan bilýärdi, jägildisini eşidip ýatyrdy. Nurjahanyň haçanam bolsa bir wagt: “Men öli bäbek dogurmadym. Neressejigim dünýä inende diridi, men oň sesini eşidip ýatyrdym-a. Nämüçin oňa jynaza-da okatmadyk?” diýip gozgaýmagy ähtimal gürrüňinden çekinip, Owlak eje esli wagt bükgüldide gezdi. Nurjahanyň gözüne görünmejek bolup gaçgalaklady. Pete-pet gabat geläýen wagtlary hem, Owlak ejäniň bagtyna, Nurjahan bu barada ýagşydan-ýamandan dil ýarmady. Äriniň ýanynda-da ol hiç zat agzamadyk bolarly. Çünki Gandymam Owlak ejäni gören wagty jägildäp dünýä inen perzendiniň gümürtik ölümi barada gürrüň gozgamady. Şondan soň Nurjahan Gandyma bassyr iki ogul dogrup berdi. Olaryň göbegini kimiň keseni ýadynda däl, emma Owlak eje şo wakadan soň bäbekhanadan gelýän lukmanlary bahanalap, göbegenelik etmedi. Tä bu waka ýadyndan çykýança Nurjahan bilen Gandymyň öňünde özüni müýnli duýdy. Ynha, indem Geldimyrat gelip gitdi welin, hakydasynyň bir ýerlerinde irkilip ýatan şu waka üstünden otuz bäş ýyly geçirip, oýandy-da, Owlak ejäniň ähli ynjalygyny elinden aldy oturyberdi. Ol gözüniň agyny köpeldip ýatyşyna hunsa çagany öldürendigi üçin özüni hunhor saýdy, hunaba ýuwudyp başlady. 11. Bassaş ösüp ulalan erkek doganynyň tarpa-taýyn öläge-de, yz ýanyndanam direlip oturybermesine Gyrmyzy, elbetde, gerekli bir zadyny ýitirip tapan dek begenipdi. Emma Mezidiň “Enteg-ä ölemok. Öläýemde-de patama gelmesin!” diýip, kowmagy onuň ähli begenjini zym-zyýat etdi. Mezidiň hyrsyz dalaýan ýowuz nazary hiç göz öňünden gitmedi. Agasynyň gahary uzakçyl ekeni. Iru-giç gatnaşjak bolsa, bagyşlamak niýeti bar bolsa, ölüp direlen güni aýny pille dälmidir? Ýok, onuň ýüregi daşa dönene ogşaýa. Ölümden aňyrda näme bar? Hiç zat! Ondan bärde bolsa, göbek ganynyň daman ýerine, enesiniň ojagyna, atasynyň ýurduna aýak sekmek Gyrmyza gadagan! Ajalyň atymyna gelip, taýyn aw bolup oturan kündük ýaly ejesi bilen razylaşyp, ony soňky ýoluna ugratmaga gelip bilmejekdigi hem düşnükli zat. Gutardy. Dogduk obasyna gelýän ýollaryň hemmesi ymykly ýapylan ekeni. Mämmetmi? Wah, Mämmet görgüliň ýüregi ýumşak-la, ýöne heleýi Ogulnur boljak bolsa, onuňam töründen Gyrmyza ýer ýok. Nähak ýere göwnüne deglip, ynjydylan çaganyňky ýaly öýkäni hem ýürek dagyny göterip, Gyrmyzy iki gün sust gezdi. Kowus onuň derdini paýlaşyp bilmedi. Başdan-aýak “hä-hümm” edip diňlänsoň: – Aý, seňem alada edip ýören zadyň-aý! Ras, senden geçdilermi, senem olardan geç. Näme etjek kelläňi agyrdyp?! Ölüşiňe görä gömüşim bar diý. Karam oýnasalar, senem karam oýna – diýip, biperwaý gürrüň etdi. – Ejem näme? Indi galan ömrüme ejemi görmän oňmalymy men? – diýip, Gyrmyzy aglady. – Görersiň, how. Mezidiňem ýüregi etdendir. Häzir gahar etse-de, ýuwaş-ýuwaş erär. Wagt gerek. – Ýene näçe wagt gerek, ä? Şunça ýyllap eremedik bolsa... – Bilmedim-aý. Bor-laý, Gyrmyzy! Ýapsana şu gürrüňi. Hany, gel meň ýanyma. – Azar berme, Kowus, şu wagt. Dünýe bilen serim ýok. Uf-f... Gyrmyzy kalbyna düşen ýaranyň yzasyna çydam edip bilmedi. Ertesi derdini egismek Şirin atly tanşynyňka ugrady. Ýolugra dükana sowlup, Şirine til kakdy. – Öýdemiň, gyz? – Howwa-la. Biz garyby ideýän barmy? Dört diwara busup otyryn. – Barjak häzir. Saňa agyndan alaýynmy? – Ýok, gyz. Meň nämäni halaýanymy bilýäň-ä. – Winomy? – Howwa. Gyrmyzy dükanda kän eglenmedi. Taksi saklady-da, şäheriň o künjüne, köne, darajyk howluda ýaşaýan Şiriniňkä bardy. Getiren zatlaryny ortada goýup: – Şu gün özümden gidýänçäm içjek! – diýdi. – A gyz, näme boldy saňa? – He-eý, jora! – diýip, Gyrmyzy uludan dem aldy. – Seň zatdan habaryň ýok. Men bolsa dünýä sygamok, içimi it ýyrtýar, asman depämden inip barýar, nirä ýöreýänimi, näme edýänimi bilemok. Hany, iýer ýaly nämäň bar? – Iýere zat tapylar-la. Içjek diýýäň weli, garnyňam-a boş däl. Ony nätjek? Hany, dogurýançam agzymy beklejek diýýädiň-le? – Bekläp boldum. Açjak şu gün. – Waý-ýeý! Haýsy erkek göwnüňe degdi, gyz, aýt maňa, edil ýöne döremedik ýaly edeýin. – Erkeklerem gümüne gitsin-le. Bizar! Saçagy ýazdylar. Nahar başynda Gyrmyzy Mezitli wakany gürrüň berdi. Şirin içini çekip, ýakasyny tutup, diňledi. – Senden geçýän bolsa, senem ondan geçäý. Naçar doganyna dözýän bolsa, senem döz – diýip, Şirin maslahat berdi. – Ejemem ýaranok. Şony soramaga-da baryp bilemok – diýip, Gyrmyzy kemşerdi. Arak onuň başyny aýlapdy, ses edip aglasy gelýärdi. – Şu güne höwes edip ýetendir öýdýäňmi? Käýarym ýeke özüm pikir edip oturýan, ho-o ýaşlygymdaky arzuw eden durmuşym bilen häzirki it durmuşymy deňeşdirip görýän. Şojagaz höwesimdäki Gyrmyzy bilen häzirki Gyrmyzyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Men şu durmuşy özüm saýladymmy? Öz erkime etdimmi? Nädeýin, maňlaýymda bar eken-dä. Şuňa düşünenog-a ol. – Nalama, gyz! Şükür et, gül ýaly günüň bar – diýip, Şirin özüçe göwünlik berdi. – Üstüňde jaýyň bar. Türmede oturanam bolsa, är ýerinde äriň bar. Kowusy nätjek, äriň etmedigini edip ýör. Bizd-ä şolaň hijisem ýok. Artyp galan, ýykylmyş tünegimiz bar, ýagyş ýagsa, üstünden geçip dur, ýel tursa, üçegi uçaýjak bolýar. Nalasak, biz nalamaly. – Bor-la. Aýal görgüliň gözünden başga zada güýji ýetýärmi? Guý, içeli. – Gyw, ýetdi seňki. Bes et indi. Göwräňde çaga bar. – Boluplar geçsin. Aýyrtjak şunam. Çaga geregme däl – diýip, Gyrmyzy gaharyna aýtdy. Şirin oturdy-oturdy-da: – Gyw! – diýip, aňsat çykalga tapdy. – Şo doganyňy seň bilen gujaklaşyp görüşer ýaly edäýsem nädersiň? – Nädip? – Itiň aňsady. Oba gidip, agzybirlik dogasyny alyp geleýin, bir çümmük duza dem saldyryp. Nädäýersiň, “Doganjygym!” diýip, seni depesinde göterip ýörse. Gyrmyzy ajy ýylgyrdy. Hyýalynda bir zatlary göz öňüne getirip gördi. “Bu heleýiňem bileni-biteni doga-jady. Aýyn bolmasa, molla eňäýýär. Kim bilýär, menem dogalap ýören bolsa. Gorkaýmaly şundanam” diýip, serhoş beýnisine agram saldy. – Peýda eder öýdýärmiň? – Kowus nätdi? Hiý aýrylyp bilýämi ýanyňdan? – Kowus görgüli dogasyzam elimde-le. Oň gitjek ýeri ýok. – A gyz! Beý diýme! Sen gözüň görüp duran zadyna-da ynanaňok. – Oýun edýän. Ynanýan-la. – Aklygyny ýetirseň, mollamyzyň şo doganyňy edil ýöne mumly ýüplük etjegini biläý. – O molladan doga almak kyn däl-le. Sen derrewem alyp getirersiň. Ýöne şoň beren duzuny Mezide nädip bermeli? – diýip, Gyrmyzy çyny bilen gyzyklandy. – Naharyna atyp bermeli. – Nädip? Meni eltmeseler, nädip naharyna ataýyn? – Bir alajy bolar-la, gyz. Giňiräk bol. Ony oňarjak adam tapylar. – Kim oňarar? – A gyz, şony çözüp bersem boldy dämi? Kim oňaranda näme? Gyrmyzy gije çenli Şiriniň ýanynda oturyp gaýtdy. Dem salnan duzuň Mezidiň ýüregini ýumşatjakdygyna umyt baglady. Süňňi ýeňledi. Şo günüň ertesi gijara Şirin Gyrmyza jaň edip, işi kynlaşdyrdy: – A gyz, gepleşdim. Bolýa diýdi. Ýöne öwlüýäň gumundan getirmeli, şoňa dem salyp berjek diýdi. – Öwlüýäň? Toba! – Howwa. Öwlüýä barýaň, ýedi mazaryň gumundan bir çümmük-bir çümmük alýaň. Ýerine bir çümmük şeker guýýaň. Wiý, ana, dur, gyýw, ýatdan çykmanka aýdaýyn, hökman erkek adamyň mazary bolmalydyr. Ýadyňdan çykaraýma. Mollaň diýen zadyny aýdýan. – Soň? – Soň şo gumy düwünçejige düwüp, molla eltip berýäs, dem salansoň, äkidip, doganyň gapysyna sepeläp gaýdybermeli. Bolany. – A gyz, öwlüýäň gumuny nirden tapaýyn men? – Waý-ý, öwlüýäden taparsyň-da. Öwlüýä gytmy, gyz? Halys gapyşdyraýýaň-la. – Aňsadrak ugry ýokmy? Hökman öwlüýämi? – Hökman, gyz. Kowusa aýt, Kowusa. – Edermikä? Näme diýeýin? Göni dem saldyrjak diýeýinmi? – Howwa, diý. – Birhili bolmazmy? – Hiç hilem bolmaz. Äw, gyz çaltrak. Men üç günden gelerin diýip gaýtdym. Gyrmyzy ýaýdanybrak: – Gyw! – diýdi. – Şo diýýän gumuny mollaň özi tapyp bilmezmikä? Puluny berjek. Aýdyp göräý, hä? Muňa Şiriniň gahary geldi. – Oýun edýäňmi, gyz, ýa bar bolubilşiňmi şü? – Oýun edýän-le, gyw. Gaty görme. Bor, özüm bir zat ederin. “Bor” diýse-de, Gyrmyzy öz ýanyndan şu meseläni goýbolsun etmek kararyna geldi. Biraz wagtdan pikirini üýtgedip, bir gapdaldan petiklenen gapyny açmak islegi, beýleki tarapdan Şiriniň gyssamagy bilen mollanyň sargydyna özi gidermen boldy. Ýöne haýsy öwlüýä gitmeli? Kim bilen? Gorkman, ýeke özi baryp bilermikä? Henize çenli aýak sekip görmedik gorkunç ýerine barmaga, mazarlardan toprak almaga neneň eli barar, nädip ýüregi eder? Aý, ýok, bu Gyrmyzynyň oňarjak işi däl. Iň gowusy, Kowusa ýüz tutmaly, haýyş etmeli. Belki, Kowus bilen bile gider? 12. Kerpiç guýýan wagty Mezidiň ýanynyň adamsyz wagty ýok. Ilki bilen hemişekisi ýaly hüňür-hüňür edip, Magtym ýanyk geldi. – Öýüň içi bilen gabryň arasynda näme tapawut bar? – diýip, ol saglyk-amanlyk soraşmazdan, Mezide ýüzlendi. Bilini tutup, egrerilip durşuna öz sowalyna özi jogap berdi: – Üýtgeşik tapawut tapmarsyň. Äpişge-gapysy bar diýäýmeseň, dört diwaryň gabyrdan parhy ýok. – Parhy kän – diýip, Mezit tersine gaýtdy. – Gabyrda ýeke özüň ýatmaly. Öý öý bolýar. Adam-gara gelip dur. Magtym ýanyk onuň soňky sözlerini diňlejegem bolmady. – Siz üçin bolsa bardyr, meň üçin-ä parhy ýok. Ýanyňda kempiriň bolsa bolýaram weli... Magtym ýanyk ömrüni çölde, mal yzynda çopançylyk edip geçiren adam bolany üçin obany dar görýär. Gojalyp, tapdan düşüp, taýagyny bialaç taşlap gelensoň öýe nädip sygsyn? – Kempir pahyr ölmezinden öňem ýanyny alyp, öýde busup oturan ýanyk däl men. Ölensoň-a hasam... Aňrymyz uludan-kiçä sähraýy adamlar bolan-da. Göwrämiz sygsa-da, sähel-mähel ýere göwnümiziň sygmaýany şoň üçin. Ýanygyň atasynyň kimdigini bilýäňmi? – diýip, şu ýerde Magtym ýanyk ata-babasy bilen öwünjegem boldy. Ýanyk onuň tiresiniň ady. Bularyň düýp atasyna Anna diýer ekenler. Ol kelesaňrak bir adam bolupdyr. Meýdanda ýatyp-turup ýören, düzdeçil kişi eken. Özi-de ölemen awçy. Onuň mergenligem hiç neneň bolmandyr. Atan okunyň hatasy seýrek, awy mydama ganly. Rysgalam baýguşyňky ýaly, üstüne gelip duran. Elini uran ýerinden, aýagynyň äden tarapyndan hepdelik owkadyny emgenmän tapypdyr. Ana şol, ýanyklaryň asyl atasy Anna, Magtym ýanygyň aýtmagyna görä, ýaz günleriniň birinde “Gazanyňyzy ataryberiň. Men dört-bäş sany towşan alyp gaýdaýyn” diýip, guma awa çykypdyr. Ýöne şo gezek onuňky ugruna bolmandyr. Towhuldadyp, atyp bilse, oky sowa düşjek däl welin, halysalla didiwana mündürer ýaly janly janawer gabat gelmändir diýýä. Ýaz gününiňem ýagyş-ýagmyry sähet sorap duranok, gaýra tarapdan bir bölek bulut süýşüp gelipdir-de, Annany sähel salymyň içinde süllümbaý ezip gidipdir. Ol bimahal ýagyn üçin ilk-ä Burkut baba gargynypdyr. Soňundanam Hudaýa igenjini döküpdir. “Senden buýruk bolmasa Burkut buludam getirmezdi, ýagyşam ýagmazdy” diýipdir. “Aw tapyp bereniňden-ä geçdik, bi ýagyş näme? Indi näme edeýin men?!” diýip, düwülgi ýumrugyny asmana gezäpdir. Ýöne, näme, boljak iş bolansoň, ertire çenli käýineňde-de peýdasy ýok. Anna guşagyny çözüp, serkejini aýrypdyr, däri gutusyny çykarypdyr, çakmagyny çakyp, ot ýakypdyr. Geýimlerini sypyrypdyr-da, guratmak üçin seripdir. Özem çyp-ýalaňaç bolup, oduň başynda oturypdyr. Çyg çeken däriniňem göçjek gümany ýok. Ol oda golaý ýerde därisinem seripdir. Ine, bir goluň içinde, açyk meýdanda arwah ýaly çuw-ýalaňaç oda çoýunyp otyrka ýaňky seren därisine ot düşýär-de, gümpüldäp gidýär. Anna-da şo oturan ýerinde serilýär. Birhaýukdan özüne gelip, seretse, endam-jany awy-zerzaw, ýanyk-ýanyk. Ana, şondanam oňa Anna ýanyk ady galyar. Anna ýanykdan ösüp-örňänlere-de ýanyklar diýilýär. – Ýanygyň heleýlerem birentek erkegiň elinden gelmejek zady edýändir. Özlerem üýtgeşik iş edýändirin öýtmez, elujundan, häki bir bolaýmaly zat diýip edýändir. Heleýleri öwýär diýmeseň, bir zat aýdaýyn... Şol wagt aňyrdan salam berip, Rejep mugallym geldi. Ol Mezide arma diýensoň, Magtym ýanyga ýüzlendi: – Magtym aga, Güne seretmän, sagadyň näçe bolanyny aýdyp bilermiň? – Äý, inim, Günüň ýaşyp barýan çagy sagady bilip nätjek? Ýa agşamam oglan okudýaňmy? Sapagyňdan gijä galýaňmy? – Ýok, barlap görjek. Arada bir üýşmeleňde seni gepleýän sagat diýip öwdüler. Magtym ýanyk bu gürrüňe sarsmadam. Güňleç sesi bilen göwni bir ýaly: – Gulak gabartma. Çemeçildir olar. Öwýän bolsa, hökman bir hantama zady bardyr – diýdi. Diýse, diýibersin. Onuň Güne seredip, wagty takyk aýdyp bilýändigi galat gürrüň däl. – Bolýa. Onda şoň syryny öwret maňa. Nädip bilýäň? Nämesinden bilýäň? – diýip, Rejep mugallym haýyş etdi. – Inim, Irji! – diýip, Magtym ýanyk mugallyma ýüzlendi. – Sagatly gürrüňi goý-da, gel, otur şu ýerde. Seň kitapdan tapmajak zadyňy aýdyp bereýin. – Şeýtsene! – diýip, Mezit gop berdi. – Sagat bilen ýöreýän barmy? Indi her kimde tilpun bar. Tilpunyň ýüzünde-de sagat bar. Gerek wagty al-da seredäý. – Ýeri bolýa-da. Bir gün-ä öz diliň bilenjik aýdarsyň näme syry bar bolsa – diýip, Rejep mugallym özbaşyna hümürdedi. – Men garry enem barada aýtjak bolýan – diýip, Magtym ýanyk gürrüňe başlady. – Çalarak ýadyma düşýär. Men-ä çagadym o wagtlar. Garry enem bolsa şo döwürler segseni serip ýören bolmaly. Ä-äý, ummadan edenli, daýaw aýaldy pahyr. Ana, şo garry enem mydama topby geýerdi. Topbyny görüpmidiňiz? Bilýän dälsiňiz-le siz. – Bilýän – diýip, Mezit galybyna laý urup oturan ýerinden gygyrdy. – Köne döwrüň kinolarynda görüp ýörüs. – Muzeýde-de bar. Edil elime alyp gördüm diýsem-ä ýalançy, ýöne ýakyndan gördüm, düňderilen bedre ýaly, daşyna mata saralan zat – diýip, Rejep mugallym aýtdy. – Bolýa, bolýa. Bilýän bolsaňyz, gowy zat. Ýöne, inim, Irji, topbyny şo diýýän ýeriňde-de uzak görmersiň. Sebäbimi? Sebäbi o zamanyň heleýi bilen häzirki aýal-ebtadyň gaňňasy birem bolsa, şaldyry aýry. Şindikiler topba dodak çöwürýändirler. Şo döwrüň heleýleri akylsyz bolupdyr diýýändirler. Diýibersinler. – Bir ýerde okapdym men, topby dawleniýany sazlaýar diýip bir alym ýazypdy – diýip, Rejep mugallym öz pikirini aýtdy. – Dawleniýa soň çykan zad-a. O hiç. Garry enemiň nädýänini aýdaýyn size. Gurçuk tutulýan pillesi tohumlyk piläni kebelekledip, daşyny laý bilen ýukarak suwardy. Onam gatadyp, topbusyna salyp, arly ýyl kellesinde götererdi. Soň ýere ýyly gidip, tutlar pyntygyny ýazansoň, ýaňkyny laýdan çykaryp, gurçuk örüzerdi. Hany, o wagt şindiki ýaly tilsimat barmy? Ana, heleý diýeniň şolar ýaly bolmaly. Bi indikiler bolsa... Ýaşmak näme? Şonam başyndan aýlap urdy bular. Mezit bilen Rejep mugallym “Bäh-de, bäh” bolşup, topbyň kömegi arkaly ýüpek gurçugyny örüzmek baradaky gürrüňe ynanjaklaryny, ynanmajaklaryny bilmediler. – Tüwi diýilýän zad-a hälimi-şindi görüp ýörensiňiz – diýip, Magtym ýanyk bir sellem dymyp oturansoň başga gürrüň tapdy. – Şony gazana atmazdan öň üç gezek ýuwýandyrlar. Bilýäňizmi şony? – Hawa, ýuwulýanyny bilýäs – diýip, Rejep mugallym jogap berdi. – Nämüçin ýuwulýanynam bilýäňmi? – Iýilýän zat-da, arassaçylyk üçin ol. Başga näme nemesi bolsun? – Hmm... Osoň o tüwini ýuwman palaw edip, ýa däninim şüle bişirip, gyz-gelne iýdirseň näme bolýanynam bilýäňmi? – Behh... On-a bilýän diýip biljek däl. – Bilmeseňiz, soraň, ine ýanyňyzda bilýän otyr... – Soradyk, ine, aýdaý. – Aýtsam, hergiz bek belläň, hiç wagt aýbaşyly gyz-gelne ýuwulmadyk tüwi iýdirmäň! – Iýdiräýsek näme? – Iýdirseňiz, öme-düme çaga ýüzi düşmez. – O nähili? – Çaga dogrup bilmez diýýän. Tüwiň hapa-hupasy aýal-ebtadyň ýatgysynyň ýüzüni örtýärmiş. Edil syrça berlen ýaly edäýýärmiş. – Wäh... Dogrudanam? – Şu çaka çen galat aýdan ýerim barmy? Tohumyňy tüketmejek bolsaň, gelniňe bek sarga, tüwini gowja ýuwup, bişirsin. Ýogsa, eline bäbek almaz – diýip, Magtym ýanyk Rejep mugallyma süýem barmagyny gezedi. – Be-e, ana, gördüňmi? – diýip, Mezit güldi. – Ir wagtlar, erkegiň çüpremedik zamanynda baý adamlaň baýry heleýleriniň tapan zady şo. O-ol dört-bäş heleý alynýan döwri aýdýan men. – O nämä gerek bolduka? – Ba-a, o heleýleň bilýän zadyny hiç kim bilýän däldir. Üstüne getirilen heleýe, güni diýilýä oňa, ýuwulmadyk tüwüden palaw bişirip beripdirler. Osoň täze getirilen gelinden çaga bolarmy? Osoň baý önelgesiz heleýi nämüçin saklasyn? Kowup goýberýär. – Bä-ä, gudrat tüwide bar eken-ow. – Adamlaň halal işleýän döwri Hytaýda bir haýat gurupmyşlar. Gaty uly haýat diýýärler. Bilýäňmi şony? – Beýik Hytaý diwary diýilýär oňa – diýip, Rejep mugallym ýatlatdy. – Diwar däldir, däldir. – Magtym aga kitapda bar. – Nämede bolsa-da, diwar däl şo. – Onda näme? Haý-ý, ýaşuly, sen-ä... – Mollum bolup, şonam bileňokmy? – Bilýän, Hytaý diwary! – Aý, inim, Irji! Diwar boljak bolsa, hökman üçegi bolmalydyr-a. Men eşitdim, oň üçegi ýokmuş. Ýönekeý bir haýatmyş. – Ýönekeý haýat-a däl ol... Bar, şol eken-dä. Soň? – Ana, şoňam kerpijara laýy tüwiň suwuna eýlenendir. Kyýamatlyk haýat şo. Kitap dörýän bolsaň, tap-da oka şony. – Bäh... Bu zatlary nirden bilýäň, Magtym aga? – Bilip-bilmän, näme, indi haýat bilen diwaryň parhyny bilmeýändir öýdýäňmi? – Tüwi diýýäniňi soraýan, ýaşuly! – Sizden gizlemäýin. Şu tüwüli gürrüňi garry enemden eşitdim. O pahyryň ilki baran äri alamana gidilende ýarag ujundan ölüpdir. Soň ony Jally atama heleý üstüne berýärler. Jally atam ummasyz baý bolan-da. Oň baýry heleýem önelgesiz, özem tüýs ýerinden gelme zannyýaman ekeni. Ana, onsoň garry enem geläýen wagtlary bir gün ýaňky köpbilmiş heleý ýuwulmadyk tüwüden palaw atarypdyr. Niýetini ýamana dikipdir-dä. Garry enem nädendir öýdýäňiz? Palawdan dadan ýaly edipdir-de, iýmändir. Jally atama-da duýdurypdyr. O päliýamana-da: “Eliň-ä süýji ekeni. Ertir börek bişirip beräý. Börek iýesim gelýä” diýipdir. Garry enemiz şolar ýaly üşükli bolmadyk bolsa, ýanygyň tohumy bireýýäm tükenjek ekeni. – Onsoň ol Jally ataň baýry aýaly gyra çekilip oturyberipdirmi? – diýip, Rejep mugallym syrly ýylgyryp sorady. – Haýý, Jally atam olar ýaly ýylany ömür saklarmy? Kowup goýberipdir. Hersi özüçe bir zadyň pikirini edip, esli wagt dymdylar. – Indi o-ojagaz heleýler ýok – diýip, Magtym ýanyk täze gürrüňe ýol arçap ugrady. – Olaň ýerine arwahmy, jynmy, görlähetmi, birgiden hamyrmaýasyz heleýler döredi. Erkeklerem zaýalandy. Jylawy gowşatdylar. Jylawy bir gowşansoň, heleý diýen millete agyzdyryk geýdirip bimersiň. Eýgertmez! Sebäp zamana şeýle. Bi zamanyň aýal-ebtadyny indi gamçy bilenem saklap bolanok. Abaý-syýasatyň-a bireýýäm okap, aňyrsyna çykdylar... Şu ýerde Mezit ýüz-gözüni gamaşdyryp, Magtym ýanygyň sözüni böldi: – Äl-aýt, Magtym aga, indi heleýleň üstünden düşmäňde, başga gürrüň tapylmadymy? Rejep mugallym: – Magtym agany heleýsizlik heläk edýär. Halys aňkasy aşypdyr. Dilinden başga güýji ýetýän zady barmy muň?! – diýip, güldi. Uzak oturmady, tiz öýüne gaýtdy. Magtym ýanyk bolsa ýerinden gozganmady. Mezit tä laýyny gutaryp, galybyny elinden düşürýänçä içini hümledip, sessiz oturdy. | |
|
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Derbi-dagyn: Meçik - 05.08.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |