13:06 Ölüp-direlen -4/ romanyñ dowamy | |
13.
Romanlar
Geçmişiň şo birmahalky sahypasyndaky unudylan sahna hälimi-şindi dürtgüläp, Owlak ejäni gününe goýmady. Bir gün ir bilen ol Mezidi gaşynda oturdyp: – Nurjany çagyr! – diýdi. – Ýanyma gelip-gitsin. – Kimi? – Nurjany. Özem oglan ibermän, özüň baryp, elin aýt! Asyl alyp gaýt! Soňky günler ejesiniň oý-pikirinden çykmaýan etsem-petsemlerini Mezit nireden bilsin? – Kim-aý ol Nurjan diýýäniň? – diýip, ol çyny bilen sorady. – Nurja diýýän. Gandymyň heleýi! Nurja! – diýip, Owlak eje hetjikledi. Baý-bo-ow! Muň ýanyma gelip-gitsin diýip oturany hol ilerki Gandymyň aýaly Nurjahanmyka? O pahyryň aşgazan keselinden ejir çekip, aýňalyp bilmän, ýurduny täzelänine nijeme ýyllar geçdi ahyryn. Bi oňa henizem diridir öýdüp otyrmyka? Huşy halys tükenipdir oguşýan! – Eje, şü ilerki Ýazgeldiň ejesine diýýäňmi? – diýip, Mezit geňirgendi. Owlak eje biraz gatyrganyp: – Ýazgeldi-pazgeldiňi bilemok men. Gandymyň heleýi Nurjana diýýän. Tanaňokmy şony? – diýdi. – Tanaýan, tanaman näme?! – Tanasaň, şony bir meň ýanyma gelip-gider ýaly et. – Näme etjek ony? Keýpinemi özi? – Näme edemde ne işiň? Git-de, getir! Mezit tykyrady. – Wah, eje, gidip getirerdim welin, hany bäri-bärde Gandymyň heleýi barmy? Gidip getirerden gaty daş-a ol – diýip, köpmanyly gürledi. Owlak eje üşerildi. – O nä? Birýaňa ötäýtdimi? – Hawa, gitdi, eje. Seň näme ondan habaryň ýokmy? – Ýo-ok. – Baryp, haçan eýýam gitdi ol?! – Atasy öýüne dagy gidäýdimikä? – Aý, ýok, atasy öýün-ä gidenok. – Heýlemi? Onda nirä gidipdir? Mezit elini obaň ilerisindäki gonamçylyga salgap: – Goňşy oba gitdi, eje! – diýdi. – Özem indi gelmen diýip gitdi. Oglunyň bu gürrüňi Owlak ejäniň gorkuzdy. – O nämüçin geljek dälmiş? – Neme diýipdir ol, kim meni görjek bolsa, özi yzymdan baraýsyn diýipdir. Owlak eje henege düşünmedi. Mezit özünden toslaýandyr öýdüp: – Nurja beý diýmez. Asyl diýmez! Gelmän, gitjek ýeri ýokdur – diýdi. – Haý, näbileýin. Men-ä geler öýdemok. – Sen azyrak lakgylda-da, şo geldigi maňa duýdur. Getirmäni kyn görseň, özüm ýetip gaýdaryn. – Eje, Gandymyň heleýini çogan gaýnadylan suwa düşürip ugradanam özüň dämi nä? Hany, gowja ýadyňa sal! Hol bir erbet şemally gün gaýraky oba diýip gidenini bileňokmy? Owlak eje Mezidiň oýun gatyşykly gürrüňlerine düşünjegem bolmady, ähmiýetem bermedi. – Gidewersin! Keminäň heleýi ýaly, şalt-şalt edip, gezewersin! – diýip, ol hüňür-hüňür etdi. * * * Mezit çaý başynda Lälä garap: – Ejemiň-ä halys aňkasy aşypdyr – diydi. – Hä, näme diýýä? – Gandymyň heleýini çagyryň diýip otyr. – Haýsy Gandymyň? – Ýazgeldiň kakasy. – Waý-eý! Nurjahanymy? – diýip, Läle içini çekip, ýakasyny tutdy. – Howwa. Bireýýäm ölüp giden heleýi soraýar. – Goý-a! Çyny bilen şeý diýýämi? – Äý, oýun edýäne meňzänok. – Toba! Düýşde ölen adam dirini alyp gits-ä, gowy däl. Ýöne diri ölini çagyrsa, nämäň alamatyka? – Onçasyny bilmedim. Saňa-da çagyryp ber diýmegi mümkin. Kejine gaýtma-da, bor diýäýgin. – Ýa Gemmady çagyraýalymy? – diýip Läle sorady. – Ýok, Gemmat nätsin? Gemmat näme akyl-huş paýlaýamy? – Näbileli? Herzeýilli dogtor-da. Garry adamyň ýagdaýyny oňat bilýändir. – Aý-ow, ol çaga dogtory. Ejem nä çagamy? Segsen ýaşady. Gözlerini bir nokada dikip, dymdylar. “Näçe ýaşanda näme? Ölen adamy getir diýip oturan bolsa, akly çagaňkydan enaýy däl. Onsoň Gemmat tabyny oňat bilermikä diýýän” diýip, Läle içini gepletdi. Daşyndan zat diýmedi. Mezit bolsa: “Aý, garry adamdyr-da. Aýyp-syn edip oturasy iş ýok. Bolmanda-da o ýaşa baransoň huş nireden bolsun?! Düýn näme iýeni ýadyna düşmeýän adam obaň o çetinde ýaşaýan Gandymyň heleýiniň ölendigini ýa diridigini nädip bilsin?” diýip pikir etdi. – Men-ä şuňa göz degdimikä diýýän. Hol günjügem allanäme girip-çykyp ýördi. Işdäsem oňatdy, gepi-sözem ýerindedi – diýip, Läle dillendi. Muňa Mezidiň gülküsi tutdy. – Goýsana, how! Ýok zatlary tapýaň-aý! – diýdi. – Günäsini göterýänem bolsam, men-ä şuny “Ene maýmyndan” görýän. Gözüni çakgyň çüýi ýaly edip... – “Ene maýmyn” kim? – Towşan-la. Nediriň heleýi. Gysyr haýran... Şo gelip-gidensoň ýykyldy-da. Hiç gözüni halamok şo heleýiň. Zäk ýakyp göräýsemmikäm? – Ýaksaň, ýakaý. Ynanýaňm-aý şo zatlara? – diýip, Mezit çyny bilen sorady. – Toba! Hawa, ynanýan. Çaga ýaly-la sen. Gözi erbet adam bir seredende düýäni ýykýa diýip eşitmänmidiň? Ilerki Gündogdynam halaýan adam ýokdur. Sebäbini bilýäňmi? Gözi erbet. Şolar ýalyň golaýyna dagy baryjy bolaýma, gözi guramyş, gözüni bir dikse, edil ýöne galmaz edäýýärmiş – diýip, Läle öwüt berdi. 14. Gonamçylyga gidip, ýedi sany mazaryň hersinden bir çümmük toprak alyp gelmek baradaky gürrüň Gyrmyzyny az oýlandyrmady. Şiriniň kömegi bilen molladan doga almak barada belli-külli karara gelipdi. Öwlüýä bolsa, Kowus bilen bile gitmegi ýüregine düwüpdi. Ýöne Kowusa nädip aýtmaly? Kowus düşünermi? “Öz doganyny dogalajak bolup ýören bolsa, muň elinden kän zat gelýändir” diýip, erbet pikir etmezmi? Gyrmyzynyň ýüreginde erbetlik ýog-a! Onuň bar islegi atasy öýi bilen gatnaşmak! Nädibem bolsa, Mezidiň doňňara daş bolan ýüregini ýumşatmak! Eýse, erbet niýetmi şü? Ýöne päliň her näçe düzüw bolanda näme, esasy zat, saňa düşünmekleri gerek! Kowus düşünmese näme? Gyrmyzy neneňsi bahana duwlanyp, nähili edip aýtmalydygynyň ebeteýini tapman otyrka ýüzüniň ganyny gaçyryp, Kowusyň özi geldi. – Hawa, ýeri, onsoň aýdyp otur, indi näme etsem-petsemiň bar? – diýip, ol kürsä geçip oturansoň, sorady. Kowusyň gep uruş äheňi Gyrmyza ýaramady. – Etsem-petsem näme işlesin? Içim gysyp otyryn şu wagt – diýip, ol giň göwrümlilige saldy. – Içiň gysmaz ýaly doga almaly ekeniň-dä. – Olar ýalam doga barmy? – diýip, Gyrmyzy ýalandan geňirgendi. – Bardyr. Sen bilmeli o zatlary. – Men nireden bileýin? Doga diýilýän zada ynanýanmy men? – Ynanýansyň-la. Ynanmasaň, beýdip ýörmersiň-ä. – Nädip ýörün men? Toba! – diýip, Gyrmyzy ýakasyny tutdy. Şo bir wagtda-da “Bi haýran içimdäki pikire çenli okap otyr-la, gyz. Nireden bilip ýörkä?” diýip pikir etdi. – Etek alty, ýeň ýedi, doga-jady diýip, molladan molla ylgap ýörsüň. – Toba! Ýatanyň üstüne turan gelmesin! Kim aýdýar ony? – Men aýdýan. – Sen nirden bilýäň? – Ýo, sen gidemok diýip gör. – Howwa, gidemok. – Subut etsem, näme? Gyrmyzy haýalçyrady. Sesi pessaý çykdy. – Dogrymy aýdaýynmy, Kowus? – Aýt. – Entek gidemok. Şirin bilen maslahat edip goýdum. Öwlüýä gidip mazardan gum almaly diýýä. Ýedi mazaryň gumy gerekmiş. Kowusyň ýüzünde geňirgenme peýda boldy. – Onsoň? – Onsoň molla şo guma dem salyp berýär? – Kim o molla? – Bilemog-a. Şirin tanaýar. – Soň näme etmeli o gumy? – Ejemleň işigine sepeläp gaýtmaly. – Nämüçin? – diýip, Kowus gözlerini tegeledi. – Waý, Mezit üçin, toba! Bilýäň-ä nädip goýberenini. – Hä-ä, ýüzüni açsyn diýýäňmi? Gatnaşmak üçinmi? – Howwa. – Peýda eder öýdýäňmi? – Eder-le. – Öňki alan dogalaň peýda eden bolsa, biýem eder. Gyrmyzy tisginip gitdi. – Öň näme doga alypmyşym men? – Ýa birinji aljak bolşuňmy şu? – diýip, Kowus ýaňsyly güldi. – Howwa... – Mundan öň doga almadyňmy? – Ýo-ok. – Birini dogalap saklamak üçin alan bolaýma? – Goýsana, Kowus, nähili gürrüň edýäň, gyz? Kowusyň ýüzünde rehimsiz gazap peýda boldy. Ol böküp ýerinden turdy-da, jübüsinden kiçijik üçburçly matany çykardy. Ony Gyrmyzynyň gözüne sokaýjak bolup: – Onda bu näme? Hä? Näme şü? – diýip gygyrdy. Gyrmyzy haýygyp, yza çekildi. – Toba! Men nä bileýin? – Senmi? Sen köp bilýäň ýaman. – Dogamy bi? Menden görýäňmi? – diýip, Gyrmyzy mönsüredi. – Dagy kimden göreýin? – Heleýiňden gör! Toba! – Aý-ý, samsyk heleý! – diýip, Kowus janagyryly gygyrdy. – Jalbarymyň jübüsinden tapan heleýimiň özi. Senden başga kim etsin? Hä? Kimi oýnajak bolýaň? – Kowus, guşum! Men edemok. – Onda kim? – Bilemok. Men däl. Kowus saňňyldap, onuň bokurdagyna ýapyşarly göründi. Gyrmyzy gorkup: – Göwrämdäki çagadan ant içýän, men edemok – diýip ýalan sözledi. Diýen badyna-da ökündi. “Toba etdim, Alla jan! Gaýdyp aldym. Diýmedigim” diýip, içinden özelendi. Kowus şonda-da ynjalmady. – Bolýa, bileniňden galma! Edeniňi et! Nähili doga-jadyň bar bolsa ulan! – Kowus!.. – Sen-ä meni saklajak bol! – Diňläý meni! – Menem seni görmän oňjak bolaýyn. – Kowus jan, guşum... – Hany, göreli, haýsymyz ökde çykýas?! – Kowus-s! – Adymy tutma meň! Tutma diýýä-än! Kowus sögünip çykyp gitdi. Gyrmyzy şunça jaň etse-de, telefonyny açmady. “Şirinem gursun, üstesine dogasam!” diýip, Gyrmyzy gaharly pikir etdi. Doganyň güýjüne bolan ynam syndy. Eýse, şo alynman geçen doga alynmadyk bolsa, Gyrmyzy Kowusy saklap bilmezmidi? Saklardy. Kowusy bendi etmeli doga gelip-gelip, ahyrynda onuň Gyrmyzyny taşlap gitmegine sebäp boldy. Ýeri, mundan öň doga-jada ynanýan gyrnakmydyň sen?! Doga näme? Hany, onuň güýji, gudraty nirede? Güýji bolsa, gözi gyzaryp, tüýsi üýtgän Kowusy saklamazmy? Gudraty bar bolsa, Kowusyň ähli ygtyýaryny elinden alyp, Gyrmyzynyň gaşynda güýlüp taşlamaly dälmi? Häzir Kowusyň zyňyp giden dogasy Gyrmyzynyň gözüne ýönekeý mata böleginden enaýy görünmedi. Şujagaz kiçijik mata bölejigi bar zady bulaşdyrdy. Kowus indi yzyna dolanarmyka? Eger dolanmasa? Dolanmasa, iş pyrryk. “Dolana-ar. Dolanman, nirä gitsin? Ýöne biraz wagt gerek. Gahary gaçýança garaşmasaň, alaç ýok” diýip, Gyrmyzy oýlandy. Ol göwresinde Kowusyň çagasyny göterip ýör ahyryn. Şo çagajygyň hakyna dolanar diýen kör umyt Gyrmyza az-kem teselli berýärdi. 15. Syrgynyň orta gürpünde oturýan Sary agalar obany çagyryp toý etdiler, körpe ogullaryny öýlendirdiler. Bu toýa Mezit il deňinde baryp gaýtdy. Aýmyrat aga-da gitdi. Ýöne ol wagty bilen turmady. Ilki-hä daş obadan gelen myhman ýaşuly bilen gümür-ýamyr edip esli oturdy. Soňam turaýyn diýip otyrka Sary agalaryň mellegindäki orlan ýorunja ýerde ýörite edilen brezent toýhananyň aşagy gyzyşdy-da, köneden aýdýan dutarly bagşy gulagyna urlan ýaly aýdyma gygyryp ugrady. Aýmyrat aga-da myhman ýaşuly bilen şo ýere geçdi. Toýçulyk, bagşy-sazandanyň bar ýeri nahar-şorsuz, arak-şerapsyz bolmaýar. Toý saçagyny ýazdylar. Ýaşy segsene ýetenem bolsa, meýlis gurap, göwün açmak, serini sämedip, şerap süzmek Aýmyrat aganyň henize çenli gursagynda garramaýan höwesi. Onuň ýaşlykda bile tirkeşip, iýeni aýry gitmedik deň-duşlarynyň ençemesi indi aýatda ýok. Olar ýeke-ýekeden hatardan galyp, o dünýä göç etdiler. Özi ýaly, çeýnemeli çöpi tükenmedik ýoldaşlarynyň birnäçesi bolsa, sakgal goýberip, namazlyga mündi. Şeýdip, birmahalky göçgünli oturlyşyklarda bileje duz-emek bolan dostlarynyň birem ýanynda galmady. Onsoň geçmişi ýatlan pillesi ony ýalňyzlyk gysyp-gowurýar. Gaýgy-gamsyz öten günleriň şatlyk-şowhunyny küýsäp, ogly Mämmet bilen ýygy-ýygydan käse çakyşdyryp, oturmasy-da şoň üçin. Ol Sary agalaryň toýunda-da gaýra tesip oturmady, hödürden ýüz sowmady. Myhman ýaşul-a naharyň duzuny datdy-da: – Bir çäýnek gök çaý berseler, men-ä bagşy diňlejek – diýip, hol aňryk süýşdi. Aýmyrat aga müýnürgäp: – A-haw, bizem käte bir toý-tomguda çakyşdyrýas diýäýmesek, içip ýöremzok, onda-da bir gezek ýarym gezek toýuň gyzygy diýip nemedäýýäs – diýdi. – Siz nemetseňiz, arkaýyn nemediberiň. Ýigrimi ýyl bäri çüýşe bilen aram ýok. Hakykatdan-da Aýmyrat aga birki gezek göterip, bes etmekçidi. Ýöne bolmady. Has dogrusy, çüýşedeşi duşmady. Oňa Hudaýguly tabakdaş boldy-da: – Hany, şujagazam götereli, agam! Ynha, şunam alsak, çüýşäňem düýbi görünýär – diýip, zol Aýmyrat aganyň käsesine guýdy oturdy. Soňrak bulara ýaş-ýeleňlerdenem ikisi goşuldy. Olaryňam biri ýerinden gelme kelpez ekeni. Ýanyndaka göz gypyp, bilgeşleýin Aýmyrat agaň käsesine dolduryp guýdy. Hudaýguly bolsa, toý naharyndan geregini edindi, arakdan keýpini kökledi, mundan köp otursa bulaşjagyny aňdy. Onsoň aýak ýoluna diýip, entirekläp turup gitdi-de, gaýdyp gelmedi. Öň, her hal, çenini bilýänem bolsa Aýmyrat aga-da guýlany başyna çekdi oturdy. Şo ikarada kimdir biri gelip: – Aýmyrat aga, saňa öýňüzdäkiler gelsin diýýä – diýip, aldap, öýlerine ugratjagam boldy. – Ýaşula azar bermäň! Näme, günde-günaşa Sary aga toý edip durmy? – diýip, kelpez şo bada gop berdi. – Ölüp-ölüp, toýa ýetýäs, onda-da içenimizi awy edýäňiz-aý! Hany, Aýmyrat kaka, käsäňi göter! Aýdan-diýen kändir. Diňleme ony! Al onda, ýaşlar bagtly bolsun! Gelen gelinem gazygynda garrasyn! Toý bolsun, toýda-da biz bolaly! Aýmyrat aga-da: – Kim çagyrýan bolsa özi geläýsin. Men-ä şu ýerden ho taýygam butnajak däl – diýip, meýli käsäni başyna çekdi. Ýüzüni kürşerdip, siňekden goranýan ýaly ellerini galgatdy. Bazzyk-buzzuk edip, bir zatlar diýdi. Bular şondan soňam üç-dört gaýra içdiler. Ýaşlar-a öz ýagdaýlaryny aňyp, ökje ogurlap, nirädir ýitirim boldular. Saçagyň başynda ýeke özi galansoň, Aýmyrat aga-da turup, öýüne gaýtmak hyýalyna mündi. Ýöne hiç turup bilmedi. Aýak üstüne galmaga gurby ýetmedi. Bardy-geldi aýak üstüne galaýanda-da bir özüniň öýlerine aşmaga ýagdaýynyň bolmajakdygyna akyly çatdy. Onsoň “Hany, entek birneme özümi raslaýyn” diýip, käte bagşylara tarap gözüni agdar-düňder edip oturyşyna şo ýerde ýykylyp galdy. Gyssanjyna ýatan ýerinde saklanyp bilmän, balagyna buşugdy. Ahyry sowlup barýan toýa serenjam berip ýören Söýün beýemçiniň muňa gözi düşdi. Ýanyna gelip, yralap-yralap, zordan oýardy. Goltugyna gop berip, dikeltdi. Bir zada söýenmese, oturyp bilmejekdigine gözi ýetip, egninden tutup saklady. – Wah-eý, Aýmyrat aga, seň-ä halyň harap! Bu bolşuňa barsaň-a, Owlak ýeňňem öýe salmaýa seni. Juk, juk... – diýip, başyny ýaýkady. Töwereginde gaýmalaşyp ýörenlere seredip: – Kim beýtdi, haw, muny? Ýaşuly adama şu bela köp içiräýmek bormy? Bolşuňyz näteňet? Hälem-ä allanäme bolup otyrdy. Nädäýipsiňiz muny? Ýa, walla! – diýip gatyrgandy. Aýmyrat aga bulanyk gözlerini açalak-ýumalak edip, yraň atyp oturyşyna bir zatlar diýjek boldy. Dili diýen etmedi. “Özümem oturyp bilýän” diýýän ýaly mejalsyz göwresini dikeldip, Söýün beýemçiniň elini egninden aýyrmakçy boldy. O barmana-da entek ýygnalmadyk saçagyň üstüne ýanyn ýykyldy. Şundan soň Söýünem ony tiziräk öýlerine ugratmak bilen boldy. Iki sany ýetginjek goltugyna girip, Aýmyrat agany öýüne getirip gitdi. Kakasyny şu çaka çenli şeýle wejera ýagdaýda birinji gezek görýändigi üçin Mezit gaty erbet hapa boldy. Ýokuş gördi. Namys etdi. Ertesi ir bilen çaý başynda ol kakasyna garap: – Kaka, munyňdan ýagdaý bolmaz – diýdi. – Aýyp-syn edeňokmy? Özüňçe bar-ýoga üstüňden güldürip ýörsüň. Hiý, ilde-günde sen ýaly şeýdip araga aklyny aldyran barmy? Biz-ä indi ile çykmaga-da utanýas. Şu gepleri eşidip otyrka Aýmyrat aganyň ýuwaş-ýuwaş ýüzi köneldi, gabaklary sallandy. Ol jogap bermäge howlukmady. Oglunyň ýüze gelmesiniň agyr degendigi kesesinden mälim bolup durdy. – Sen öňem az “maslahat” bermändiň – diýip, ol birhaýukdan soň dillendi. – Eýse, erbet zat aýdýanmy? Çaga däl-ä sen, kaka, balagyňy ölläp... Aýmyrat aga sandyr-sandyr etdi. – Bigaýrat diýerler saňa! – Her gezek bulaňky dogry, meňki ýalňyş – diýip, Mezit hüňürdedi. – Atasynyň ýüzüne gelýän ogluň tüf ýüzüne! – Şu bolup ýörşüň öz göwnüňe jaýmy? Daş-töweregiňe äňedip gör-ä, kaka! – Kaka diýme maňa! – diýip, Aýmyrat aga azmly gepledi. – Sen ýaly atasyna akyl öwretjek bolýan jüýje horazy men ogul hasap edemok! Mezit jogap bermedi. Ajy ýylgyryp oňdy. Aýmyrat aga bolsa bir salym dymyp oturdy-da, has-da agyr gürrüň aýtdy: – Meň ýekeje oglum bar, o-da Mämmet! Mezit ýene sesini çykarmady. Aýmyrat aga şondan soň uzak oturmady. Köne penjegini ýeňlendi-de, Mezidiň ýüzüne dagam seretmän: – Ölsem, patama-da baraýma – diýdi. Şeý diýibem ugrubir çykyp gitdi. Bularyň dartgynly gürrüňini diňläp oturan Läle: – Adam bilen gepleşmänem oňaraňok. Iň soňkyňy ilki diýip goýberýäň. Bar gaýtar indi – diýip ärine igendi. – Lal bol! – diýip, Mezit hökümli gygyrdy. Gadym-gadym zamanlarda adamlar garran ene-atasyny arkasyna alyp, çöl-beýewana ýa dagyň gowagyna taşlap gaýdypdyrlar. Ýanynda sähel gün oňşuk ederlik suwlugy bilen çeýnejek tötegini goýupdyrlar. Garrylar şo ýerde gurda-guşa şam bolup, ölüp gidipdirler. Nirede, kimden eşidendigini anyk bilmese-de, häzir şu gürrüň Mezidiň ýadyna düşdi. “Eýse, şol adamlaram keýpine şeýden däldirler” diýen pikir serine geldi. Aýmyrat aga bolsa, şo gidişine Mämmediňkä bardy. Ikindinara Mezidiň ýanyna Mämmet geldi. – Näm bold-aý? Kakam bilen näme diýişdiň? – diýip, ol gele-gelmäne sorag berdi. – Üýtgeşik diýen zadym-a ýok. Aragyňy goýaýsaň diýdim. – Onsoň? – Aý, ýüzüme gelýäň diýip öýkelejek bolýar. – Bolman ýüzüne gelseň, ýüzüňden sypar öýdýäňmi? – Sen oň düýn näme edeninden habaryň barmy? – Hawa. Eşitdim. Köpräk içiripdirler-dä. Bolmaýan zat däl-ä... Ýaňy ondan-mundan sorag-ideg etdim weli, Anna içiripdir öýdýän, Çary sakawyň ogly... – Özüň suw meýilli bolsaň, Çary sakawyň ogly ýalylar heran-haçanam tapylar. Zorlap içirýän barmy? – Aý, bor-la, how. Nätjek-dä, toýçulykdyr. Biriniň toýunyň bulamasa, goh-galmagal etmese, neme zady ýok-la... Mämmediň bu gürrüňine Mezidiň gahary geldi. – Düşünjäň nähil-aý? – diýip, ol alaryldy. – Şu wagt millet ýeňsämizden näme gürrüň edýändir öýdýäň? Hiý, pikir etdiňmi şo barada? – Millet bilen ne işiň bar-aý? Näme diýende nä? – Dur entek! Köçä çyksak, arkamyzdan barmak çommaldyp... Mämmet gahar bilen elini silkip, inisiniň sözüni böldi: – Çommaltsyn, how, çommaltsyn! Indi ogly kakasyny öýünden kowupdyr diýseler, ondan gowumy? – Mämmet, kowamok men. Özi gitdi. Läleden sorap gör. Mämmetden başga oglum ýok diýip gitdi. – Diýer-dä, akyl satyp otursaň. – Onda näme diýeýin men oňa? Içiber, gowy iş edýäň diýeýinmi? – Diýme, how, hiç zat diýme! Içsin! Içende nä? Saňa bile içeli diýmese boldy-da. – Maňa derek sen bile içýäň-ä – diýip, Mezit ajymtyk ýylgyryp, ýaňsylady. – Hiý, nirde görlen zat, ataly-ogluň bile çakyşdyryp oturany?! – Ony özüm bilerin. Kakama-da özüm serederin. Işiň bolmasyn! Ejeme bir idi-yssywat edýäňizmi? Ýa onam äkideýinmi? Ikisem bizde bolubersinmi? Utanaňogam-aý! – diýip, Mämmedem gatyrgandy. Soň ejesiniň halyny soramak üçin öýe girdi. Biraz eglenip, öýüne gaýtdy. Çykyp barýarka-da: – Görkezeniňi görersiň diýen gep bardyr. Sen tetelliler o gepe düşünmeýä. Başyňa gelende düşünersiň. Ýöne giç bolar – diýip, Mezide gyňralyp gitdi. Mezit bolsa “Uzak kine saklamaz, ynha, özi geler. Şu gün agşam ýa bolmasa, ertir ir bilenjik özi geler” diýip, arkaýyn boldy. Emma kakasy kejir ekeni. Gelmedi. Mämmetlerde boluberdi. Mezit şu çaka kakasyny tanamandyr. 16. Aýmyrat aganyň öz öýdeş ogluna gahar edip, öýkeläp, Mämmetlere gidenini Owlak eje bilenok. Sary agalaryň toý edeninem bilenok, o toýdan Aýmyrat aganyň nähili bolup gelenligindenem habary ýok. Onuň öz aladasy özüne ýetik. Onuň derdi bu öýdäkileriň hiç biriniňkiden agyr bolmasa, ýeňil däl. Ol her edip-hesip edip, Nurjahany görmeli. Ýadyndan çykmanka oňa aýtmaly zatlary bar. Ol daş gapyda oglunyň kimdir biri bilen hümürdeşýän sesini eşitdi-de, birsellem böwrüne diň salyp oturdy. Hümürdi wagty bilen gutarmansoň, Owlak eje sesini durlady-da, süýkdirip: – Mezi-it! – diýip gygyrdy. Birhaýukdan Mezit gelip, ejesinden habar tutdy. – Näme, eje? Meni çagyrdyňmy? – Hawa çagyrdym. Gel ahyryn. Hä bereňzok wagty bilen. – Geldim, eje. Aýdyber. – Hany, habar tutmadyňmy? Gelmändirmi? Goýanyny-göterenini bilmän ýören Mezit ejesiniň bireýýäm ölüp giden Nurjahany soraýanyny nireden bilsin? – Kim gelmeli, eje? – Nurja geldimi? Gandymyň heleýi? Habar tutup dur diýmedimmi? Araky gürrüň Mezidiň ýadyna düşdi. – Habar tutdum, eje, gelmändir – diýip, ol ugrubir ýalan sözledi. – Haçan geljek? Mezit ýaýdanmaç dillendi: – Aý, eje, indi ol gelmezmikä diýýän. Geljek däl diýip gitdi. – Geljek däl diýipmi? – Hawa. – O na? – Wah, oň özüne galsa, aslynda gitjegem däl welin, diýeniň bolaýýarmy? Owlak eje dogrudyr diýen manyda baş atyp tassyklady, jiňkerilip, Mezidiň ýüzüne seredip oturşyna has wajyp gürrüňi diňlemäge taýyndygyny mälim etdi. Mezit gülmän-yşman dowam etdi. – Gandymyň heleýini alyp gitdiler. Indi gelme diýdiler. Goňşy oba göçürdiler. Owlak eje muňa kes-kelläm ynanmady. – Gidip getirmäge ýaltanyp tapýan gepiň bi – diýip, ol müňkürlik etdi. “Nurjahanyň ölenini bilenokmyka? Ýa bilip soraýarmyka? Aý, bilib-ä soramaly däl. Halys aňkasy aşypdyr” diýip, Mezit iňkise gitdi. Onsoň: – Ýaltalyk däl, eje! Iki ädim ýere baryp gaýtmaga ýaltanýandyr öýdýäňmi? Baranym bilenem ýok ol. Gitdi. Geljek däl diýip gitdi – diýip janykdy. Turuberjek bolanda Owlak eje ony saklady: – Özi gelmejek bolsa, onda meni äkit oň ýanyna. Mezit: “Hakykatdan hem huş galmandyr munda. Nurjahanyň ölenini bilenok. Bilýän bolsa, ýanyna gitjek diýip dyzamazdy” diýip, oýlandy. – Hany, haçan äkidýäň? – Sen oň nirä gidenini bilýäňmi? – diýip, Mezit çyny bilen sorady. Owlak eje onuň nirä gidenini näbilsin?! – Nirä gidenem bolsa, äkit! Aýak üstünden görüp gaýdaýyn. “Wah, eje, o ýere giden adam soň yzyna gelenog-a” diýip, Mezit içini gepletdi. Daşyndan bolsa: – Howlukma, eje! Basym äkitjek – diýdi. Owlak ejäniň ýüzi ýagtylyp gitdi. – Heýlemi? Haçan? – diýip ol sorady. – Azajyk sabyr et, eje! – Men onda şaýymy tutubereýinmi? Mezit gussaly ýylgyrdy. – Şaýyňy tutup, sen näme, taýyn-a, eje! – Wah, taýyn-la men, taýyn. Mezit çykyp gitdi. Birazdan Owlak eje Nurjahanyň ýanyna gitmek üçin taýynlanyp ugrady. – Kim bar-uw? – diýip, ol daşky gapa garşy gygyrdy. Onuň sesine Mezidiň kiçi gyzy Jemal ziňk edip gitdi. Ol enesiniň iki ädim arkasynda sütükden ýasalan oýunjak aýyjyga ejesiniň ýaglygyny büräp, daňypdy-da, indem oňa köýnek geýdirip bilmän ber-başagaý bolup otyrdy. – Men bar, ene – diýip, Jemal jogap berdi. – Sen kim? – Jemal. – Jemal bolsaň, tur meň jorabymy tapyp getir. Jorap diýen ýaly ownuk-uşak zatlar adatça öýüň künjüne oklanyp goýberilýär. Jemal iş edinip gözlänsoň, joraby ol ýerden däl-de, Owlak ejäniň aýagyndan tapdy. – Ene, jorabyň aýagyňda eken-ä. Owlak eje könelişen göreçlerini aýaklaryna dikip, eli bilen sermeläp görensoň hakykatdan hem jorabynyň aýagyndagyna göz ýetirdi. – Huşum gursun! Hawa, jorabym-a aýagymda ekeni. He-e... – Ene, aýagyň üşeýän bolsa, ýorgan bilen basyraýynmy? – diýip, Jemal çagalygyny etdi. – Ýok, ýok, basyrma, üşänok. Az salym aýasyny eňegine diräp oturansoň, Owlak eje başyny galdyrdy-da: – Jemal! – diýip gygyrdy. – Näme, ene? – Hany, meň donum nirede? – Donuňmy? – Hawa? Jemal geň galyp: – Ene, dony nämetjek? – diýip sorady. – Nädemde näme? Donumy tapyp getir. – Ene, üşeýäňmi şu wagt? – Üşemesemem geýjek. Tapyp-tapmaz ýaly, Owlak ejäniň dony sandykda gizlenip goýlan zat däl, hemişe ýassygynyň aşagynda eplengi dur. Jemal onuň donuny alyp berdi. Birazdan Owlak eje oturan ýerinde hyk-çok edip, donuny ýeňlenip geýdi. – Jemal! Emma Jemal ýokdy. Gidipdi. – Jemal!.. Jemal-a!.. Owlak eje Jemalyň ýap-ýaňyja oýnap oturan ýerine çöňňelen gözlerini dikip, diňşirgendi. – Häý, gözüçykan! Nirä ýitirim bolduň? Hiç hili jogap bolmady. – Mezi-it! Dym-dyrslyk. – Läle-e! Ses berýän ýok. – Kim bar-uw? Sesýetiminde adam ýokdugyna gözi ýetip, Owlak eje oturan ýerinde sermenip ugrady. Esli wagt iş edinip, gözleýän zadyny tapmandan soň sesini endiredip, gargynjyramaga başlady: – Wa-ah, bi Läle diýilýän heleými-i? Munuň ýygnan zadyny özünden başga eger-eger biljek adam ýok. Ýer ýykyp, tap-da, tapybylseň! Onuň eline Jemalyň oýnap, taşlap giden köýnegi ildi. Penjiräniň ýagtysyna tutup, synlansoň, Owlak eje ony düýrläp, gapa garşy zyňyp goýberdi. – Gerekli esgi bolsaň-a, şeýdip, meň elimiň aşagynda ýatmazdyň, hazan almyş!.. Ýeri, meň artyp galan perenjimi haýsy deşige dykdylarka?.. Läle-e!.. Ýelniň kesilmesin seniň bir!... Beýle-de bir berebekgeý heleý boljak ekeni. Käşgäm, perenjim başujuňa dikilsin-dä! Owlak eje elýeterini sermeläp yene biraz oturdy. Soň hüňür-hüňür edip, öýüň içinde süýşenekläp, ters aýlandy. Şunça agtarsa-da, sandygyň üstünde ýatan başatgyjyny görmedi. Onsoň ol kimdir biriniň gelerine garaşyp, alaçsyz oturmaly boldy. Donunyň jähegini barmagy bilen bimaksat yzarlap otyrka-da gözmonjugy ötürilen iňňebagjygyň üstünden bardy. Esli wagt güýmenip, iňňebagjygy aýyransoňam gözmonjugy gaçyrdy. “Häý, artyp galan-a! Şu ikarada haýsy arwah ýoguna ýandy munuň? Ana, gözüň bolmasa! Ana, sandan galsaň!” diýip, ýitiren zadyny gözläp ugrady. Derrewem tapdy. Noýba ýalyjak gözmonjugy iňňebagjyga ötürip bilmän kösendi. Şeýdip, barmagyna iňňebagjygy çümdürip, sögünip, gargynyp, gara başyna gaý bolup oturyşyna ol ozalbaşky gözleýän zadyny – gyňajyny ýatdan çykardy. | |
|
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Derbi-dagyn: Meçik - 05.08.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -7: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -3: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Faraon -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |