04:48 Ölüp-direlen -7/ romanyñ soñy | |
25.
Romanlar
Ahyr ýaşynda ejesine ýolugan derdeser Mezidiň ynjalygyny elinden aldy. Onuň hunsa çaga baradaky gürrüňi uly bükgüldä öwrüldi. Anyklap, magadyna ýetmese, göwnüne jaý görmedi. Niçikmi, şo gürrüň çyn bolup çykdymy, onda Owlak ejäniň “Nurjahan” diýip eňräp oturmasyna nokat goýmaly. Nurjahan-a bireýýäm ölüp gitdi. Onuň bilen şu dünýede razylaşyp bilmejekdigi belli zat. Eger o dünýe diýýänleri bar bolsa, Nurjahan bilen şo ýerde razylaşmaly bolar. Ýöne Owlak ejäniň şu zatlary o dünýä goýasy gelenok. Häzir pille barka, ajal demligine ýapyşmanka çözlüşesi gelýär. Ýeri, nädip çözlüşersiň? Mezit, her hal, Gandymyň ogly Ýazgeldi bilen gepleşip görmeli diýen netijä geldi. Osmakladyp, sorap görmeli bolar. Entek ejesiniň o bäbejigi öldürendigi, asyl Nurjahanyň şolar ýaly çagany dünýä inderendigi hem belli däl. Bu zatlaryň hemmesi garrap, akyl-huşy dagan Owlak ejäniň dereksiz samyrdamalary bolmagy-da mümkin. Ýazgeldi öýünde ekeni. Ol Mezit bilen iki elini uzadyp, görüşdi. Oturara ýer görkezdi. Ýassyk oklady. – Altyn! Çaýa-suwa serediň, haw! – diýip, iç-daş girip-çykyp ýören aýalyna gygyrdy. – Çaý-paý diýip, meň üçin-ä azar edinme. Özüň içjek bolsaň, demlet. Maň-a bir kürüşge sowujak suw bolsa bolýar – diýip, Mezit ýassygy tirseginiň aşagyna çekdi-de, gönümel esasy gürrüňe geçdi. – Ejem ýaramajak bolýa soňky döwür. Üýtgeşik keselem ýok-da, häki bir garrylyk oňky. Onsoň birki günlükde üýtgeşik gürrüň aýtdy. Göbegenelik edýän wagtym diýdi, Gandymyň bir bäbejigi bolup, üýtgäpdi diýdi. Öz-ä, aýdyşyndan, sendenem uly bolmaly ýaly ol. – Hawa – diýip, Ýazgeldi baş atyp, tassyklady. – Menden uly. Ejem bilen kakamdan-a eşidemok. Aýna aýtdy. – Aýna kim? – O “Birleşikdäki” aýal doganym. Iň ulymyz. Çyn ekeni! Bäbejigiň dünýä inenem, üýtgänem dogry bolup çykdy. Çaganyň hunsalygy, ony Owlak ejäniň demikdirip öldürenligi hem çynmyka? Muny nädip anyklamaly? – Garram bolsa, Owlak ejäň ýatkeşligi zor – diýip, Ýazgeldi Mezidiň ejesini öwdi. – Şo zatlary ýadyndan çykarmandyr. Nije ýyl geçdi. Bizem-ä otuz ýaşadyk. “Çyn bolsa, ýadyňdan çykar ýaly zatmy ol?” diýip, Mezit içini gepletdi. Daşyndan bolsa: – Hawa. Kimiň göbegini kesendigini häzirem atma-at aýdyp otyr – diýip ýalan sözledi. Ýazgeldiň mekdebe gatnaýan gyzjagazy bir kürüşge suw getirdi. Mezit ony başyna çekdi. Esasy gürrüňe aýgyt etdi. – Ýazgeldi, inijigim, ana şo üýtgänje bäbejigem ejeme maza berenok. Halys däliretdi. Ýazgeldi geň galyp: – O nähili? – diýip sorady. – Gönimden gelsem, injik, şo çagaň üýtgemegine ejemiň özi sebäp bolan ýaly. – Nememi, göbegini kesende aljyrap-zat edip ýalňyşaýdymyka? – Aý, ýok, ýalňyşlygam däl öýdýän. Ýazgeldi Mezidi gepletmek üçinmi ýa ynanmazlyk etdimi, geňirgenip: – Beýle däldir-le – diýdi. – Şoň-a ilkibaşda menem ynam etmedim. Ýöne özi şeý diýip oturansoň... – Özüm öldürdim diýýämi? – Hawa. Demikdiripdir. – Nämüçin beýtdikä? – Nämüçin edeninem aýtdy. Hunsa boldy diýýä. – Hunsa? – Hawa. – O näme? Maýypmy? – Maýyp diýseňem bolýa. Neme-dä, gyz-oglan boldugy bolýa-da. Ýazgeldi tisginip gitdi. Ýüz-gözünde düşnüksiz gorky peýda boldy. Ol Mezide şübheli garaýyş bilen çiňerilip bakyşyna birbada näme diýerini bilmän, az salym doňup oturdy. – Ýagdaýy şoňňaly bolany üçin demikdirendir diýýän men-ä – diýip, Mezit ejesini aklady. – Bäh-h! Çynyňm-aý, agam? – diýip, Ýazgeldi çyny bilen geňirgenip, dil açdy. – Ejem özünden toslamaýan bolsa, men-ä ýalan sözlämok. – Şu wagta çenli aýtman, içinde saklap... Haýran galaýmaly. – Sebäbini bilýäňmi şuň? Ýazgeldi gözüni mölerdip: – Ýok – diýdi. – Men bilýän. Razylaşjak bolýar. Ýaşy bir çene bardy-da. Ölerin öýdüp gorkýar. – Kim bilen razylaşjak bolýa? – Ejeň bilen. Nurjahan gelnejäni soraýa. – Ejemiň ölenini bilenokmy? – Bilenok. Huşy gutardy. Şu wagt ejeňden öler ýaly gaty görüp otyr. – Nämüçin? – diýip, Ýazgeldi geňirgendi. – Soramaga gelenok diýýä – diýip, Mezit güldi. – Meňem gulak etimi guratdy. Girsem-çyksam, meni Nurjahanyň ýanyna äkit diýip, şo eňräp otyr. Nämüçin diýsemem razylaşjak däýýä. Şo bir heňi. Menem ynha-ynha bilen günde bir bahana tapýan. Ejeň ölenini aýdamok. Aýdamda-da ynanjak gümany ýok. – Adam pahyryň soňy puç-da. Garrasa, şeýdýä-dä. – Ýazgeldi dagy näme diýerini bilmedi. – Ana, inijigim, ýagdaý-a şeýle. Indi näme ederis muny? – Bilmedim-aý, agam, men-ä. Näme etsek oňat bolar öýdýäň? Çynmy özi şu aýdyp oturan zatlaň? Hiç ynanar ýaly däl – diýip, Ýazgeldi müňkürlik etdi. – Özüni äkeleýinmi ýa şu ýere? – diýip, Mezit ajy ýylgyrdy. – Ýok-la. Garryny köseme. Bar diýseň, özüm baraýaryn. – Razylaşjak diýýä. Başga diýýän zady ýok. Ýa özüň baryp, şuňňaly-şuňňaly ýagdaý diýäýjekmi? Biz-ä senden gaty razy diýseň! – Bolarmy şeýtsem? Meň baranym bilen bolýan bolsa... – Şeýtsene! Gaýrat et. Köşeşse bolýa. – Bor, agam, baryp gaýdaýaryn. Köşeşer. Ertir barsam bolarmy? Ir bilenjik? – Bolar, bolar. Öz ýagdaýyňa seret-dä, garaz. Şundan soň Mezidem azajyk ynjaldy. Ýene bir kürüşge sowuk suwy başyna çekip, öýüne gaýtdy. Mezit giden dessine Ýazgeldi: – Altyn! – diýip, Aýalynyň adyny tutup çagyrdy. – Ýaňkyň diýýän zatlaryny eşitdiňmi. – Ýok. Näme diýýä? – Kän zat diýýä. Ýaman geň gürrüňler edýär. Otur hany şu ýerde – diýip, Ýazgeldi hemmesini bolşy ýaly aýdyp berdi. Altyn içini çekip: – Waý, işim gaýtdy – diýdi. – Bir zatlary aňyp gelipdir-ä ol. Aňmasa, o gürrüňler nireden kellesine gelýämiş? – Menem şony pikir edip otyryn. Bolýan zada seret. Ýaňkyň arada ölüp direlenini bilýäň-ä. Şo gün şoň jaýlanmaly gabryna biziň bäbejigimizi ýerläpdirler. – Nädip? Waý... – Yzyna gulak as! Olar-a jaýy gazyp bolýarlar, bärdenem Mezit direldi diýip habar barýar. Habar barmazyndan öňem olar biziň bäbejigimizi tapan bolmaly. Wah-h, şo wagt men ýetişmedim, gijiräk äwdik-dä. Ýarym sagat irräk baran bolsam-a, özüm jaýlap gaýdardym. Ýapdan geçip-geçmäkäm Nummat aga dagy göründi-dä. Ýorgany-beýlekisi bilen ýabyň iç ýüzünde, gamyşlygyň arasyna taşlap gaýtdym. Görünmän zordan gutuldym. Gördükleri tanajaklar-da. Men nirden bileýin Mezidiň o gün öljegini. – Gyýw! – diýip, Altyn ör-gökden geldi. – Sen nä ony jaýlaman taşlap gaýtdyňmy? Waý-ý! Hany, o gün Sylaba aýdyp oturmanmydyň, ýeňseki çaga jaýlanýan öwlüýäde ýerledim diýip. – Hawa. Aýtdym. Diňe Sylaba däl, hemme kişä-de şeý diýip aýtdym. Hiç kim güman etmesin diýdim. Bilinse, gowumy? – Gowy däl... – diýip, Altyn birdenkä aglap başlady. – Çagajygymy öz eliň bilenem jaýlamansyň-a! – Goý, how, goý. Nädýäň-aý? Şo gün öýleden soň gitdim-ä men. Öz elim bilen ýerläýin diýip gitdim. Barsam, jaýlapdyrlar. Şo Mezit üçin gazylan mazarda jaýlapdyrlar. Onsoňam tapawudy näme? Kim jaýlanda nä? Meň haýran galýan zadym, bi ikisiniň gabat gelşini diýsene! Muň üçin gazylan çukurda biziň çagamyz ýatyr... Altyn agysyny goýdy-da, Ýazgeldä çiňerildi: – Gyýw! Indi şü ýaňky Mezit diýilýän adam şo zatlary aňyp gelendir öýdýäňmi? – Aňan däldir-le. Asla nämüçin aňmaly ol? Oňa näme nemesi bar. Mezidiň bar derdi – ejesi! – Ýa Gemmat ýerýuwdan wala-wala edip, dilinden bir zat sypdyraýdymyka? – Sypdyryp görsün! Suduň öňünde ilki bilen Gemmadyň özüni sömeltmeýänmi? – Toba!.. Gorkýan men-ä. – Gorkma. Nädeli diýemde, bir ukol haky bar diýen özi, öldüren özi. Mugt etdimi nä? Diýen puluny teňňesini kemmän, berdig-ä. Ýok-la, akly gözündedir, dilini saklap bilmese, yzynyň näme bilen gutarjagyny bilip durandyr. Altyn biraz oýurganyp oturansoň, başyny galdyrdy-da: – Gyýw! – diýdi. – O kesel siziň tohumyňyzda bar eken-ä. Ejeňem şoňňaly bäbek dogurypdyr-a. – Tohum yzarlaýa diýjek bolýaňmy? – Ýogsa näme? Hany, biziňkilerden tap-da şoňňaly zat? – Aý, beýle däldir-le. Maňlaýdyr-laý o zatlar, Altyn. Galamasynam erte-birigün Gemmatdan sorap görerin. Şunuň bilen bu gürrüň tamam boldy. 26. Ertesi irden Mezit Gandymyň ogly Ýazgeldini yzyna tirkäp, ejesiniň ýatan otagyna girdi. – Eje, Nurjahan gelnejemiň ogly geldi. Seni görjek diýýä. Çöküne düşüp oturan Owlak eje başyny galdyrdy-da, endik boýunça elini gözüne kölegeledip, üstüne abanyp duran daýanykly göwräniň ýüzüne seretdi. – Owlak ýeňňe, salawmaleýkim! – Äleýk! – Tanadyňmy meni? – Hawa. Tanap-tanaman näme... Diýse-de, ejesiniň Ýazgeldini tanamandygyny, tanasa-da, oňly pitiwa bermeýändigini Mezit şo bada duýdy. Onuň pikiriçe, Nurjahanyň adyny eşidenden Owlak eje janlanmalydy, begenip, dikelmelidi, zynharlap, sorag üstüne sorag ýagdyrmalydy. Ýok, bu zatlaryň hiç biri bolmady. – Ýazgeldi men. Gandymyň ogly. – He-e... Gurgunjamyň?.. Çök aşak. Ýazgeldi Owlak ejäniň alkymyna geçip, ýeke dyz oturdy. – Ýagdaýyň oňatmy, ýeňňe? Näme, ýaramajak bolduňmy? – Oňat, guzym, oňat. Häzir-ä mydaramy berýä? – Oňat bolsaň, bolýa. Gaýrat ediber... Ejemem kesel bilen şunça çytraşdy welin bolmady-da. Hezil bermedi. Aşgazan oňky. Kesel güýçli çykdy. Ýogsa, elimizden gelenini etdik. Owlak eje oturan ýerinde yranyp, dogrudyr diýen manyda çala baş atdy, jiňkerilip Ýazgeldä seretdi. – Ejemi bilýäň-ä sen. Ýadyňa düşýändir-ä? Nurjahan... – Hawa-la. Bilmesem bolmaz-a. – Pahyryň öles-ä gelmedi. Saňa razy bol diýmäge-de ýetişmedi. Ýöriteläp, ýanyňa gelip-gitmek niýet-ä ýogam däldi weli, kesel halys maý bermedi-dä. Ýöne o senden närza bolub-a gitmedi, ýeňňe. Senem ondan razy bol. – Razy-la, wahh... Ganym kesel düşen ýerini ýagy-ýesir edýä. Ýazgeldi boldumy diýen soragly garaýyş bilen Mezide seretdi. Mezit baş atdy-da: – Eje, senden razy bolup öldi diýýä. Eşidýäňmi? – diýdi. – Eşidýän-le. Hawa-la. Razy bolup-bolman näme... Be-e, bolmaz-a... Her kimem iru-giç ölmeli. Goş ýazdyryp, ýatylýan dünýemidir bi?! Durjag-a ýok. Hany, baky gelen barmy muňa? Kimiň ölesi gelýä?! Men öleýin diýýän-ä ýok – diýip, Owlak eje ugur-utgasyz gepledi. – Owlak ýeňňe, senden nadyl ýerimiz ýok. Ejemem, kakamam... hemmämizem razy. Men-ä şul obada senden närza adam bardyram öýdemok – diýip, Ýazgeldi ýene bir gezek ýanjady. Ara az salymlyk dymyşlyk düşdi welin, Owlak eje Mezide garap: – Dürliň sygry guzladymy? – diýip sorady. Äm-säm bolan Mezit: “Dürliň sygry nirden geld-aý bärik?” diýýän ýaly, geňirgenip, Ýazgeldiň ýüzüne soragly seretdi. O-da: “Men-ä bilmedim” diýen manyda egnini gysdy. – Eje, Dürli diýýäniň bi Jemşidiň heleýidir-dä? Şodur. Şondan başga Dürli atly ýog-a. Ýa, walla! Olarda nä sygyr bamy? Öz iýjegi gaýgy olaň, sygry nädip saklasyn? Ertirligini elenip, öýlänligini ölüp tapýalar – diýip, Mezit ejesine jogap berdi. – Hä, heýlemi? Näbileýin, bamyka öýdýädim. – Gyzgynjak süýtjagaz içesi geläýdimikä? – diýip, Ýazgeldi Mezitden sorady. – Ýok-la. Aram-aram şeýdýä. Kelläňe gelmejek zatlary tapýa – diýip, Mezit bassyr-ýussur etmezden, ejesiniň ýagdaýyny aýtdy. Biraz oturyp, ondan-mundan gürrüň edip, Ýazgeldi turmak bilen boldy. Mezit ony ugratmak üçin daş çykdy. – Dürliň-ä ýaman gowy sygry bolmaly. Ýelni ýere ýetip duran tohum maly bardy. Ýylda bir göle berýädi. Elden çykarmaly mal-a däldir ol. Hm-m-m... Saklap-saklaman, näme-e... Sygyrdyr-da... Bulaň asyl adama göwni ýetenok. Seň özüň kim? Hä? – diýip, ýeke galan Owlak eje özbaşyna hümürdedi. Soňrak Läle çöpe seren düşegini ýygnap, Owlak ejäniň ýanyna geldi: – Hany, ýeriňden gozgan, düşegiňi çalşaýyn. Owlak eje biraz gaýra süýşdi-de: – Ýaňky gelen kim? Tanadyňmy? – diýip sorady. – Waý, işim gaýtdy! – diýip, Läle ör-gökden geldi. – Nurjahanyň ogly. Ýazgeldi. Ýarym sagat oturyp gitdi ýanyňda. Hakyt tanamadyňmy? Alla jan-eý! – O nämüçin gelipdir? Läle Mezitden eşiden sözleri bilen jogap berdi: – Senden närza däldiris diýip, käkeläp-käkeläp gitdi. Ýa eýýäm ýadyňdan çykaraýdyňmy? – Ýadymdan çykararynmy? – diýip, Owlak eje gatyrgandy. – Şoňňaly gutaraýandyr öýdýäňmi? Garranam bolsam, siz ýaly heleýe maslygymam iş bolar. Be-e, bolan bolaýşyny, gyz, muň. Bulardan bir zat sorarlygam ýok. – Şeýlemi? Bolýa-la. Geç onda düşegiňe – diýip, Läle gülümsiräp çykyp gitdi. – Häý, tasanjyrap geçen, albassy! Bir gün-ä demime düşersiň – diýip, Owlak eje onuň yzyndan haýbat atdy. Günortanyň garaňkysynda birki sagat gözümiň awusyny alaýyn diýip, Mezit öýe girdi. Diňşirgenip oturan Owlak eje aýak basyşyndan onuň kimdigini tanap: – Mezi-it! – diýip gygyrdy. – Aýdyber, eje, ýanyňda men. – Nurjadan nä habar? – Häli ogly gelip gitd-ä, eje. Irden. Hany ýadyňa sal. Owlak eje ýadyna saldy. – Wiý... Hä, hawa. Gelip gitdi. Ýadymda... Nurja haçan geljekmiş? – Eje-e! Häli adam dilinde aýdyp gitd-ä saňa, ejem öldi diýip gitd-ä. Eşitmediňmi nä? – Kim ölüpdir? – Nurja diýýän. Haçan eýýäm öldi ol. Muňa Owlak eje kes-kelläm ynanmady. Göwnüne güman gitdi. – Ýagşam bir gürrüň tapdyň – diýip, ol çyny bilen gaharlandy. – Ýalan sözläňde ýapa degirerler. Biz-ä Nurjaň ölenini senden eşidýäs. Mezidiňem az-kem gahary geldi. Ýeňse damary gatady. Dagy näme ederini bilmän: – Aý, bolaýypdyr – diýip dymdy. Owlak eje bolsa tüketmedi. – Şujagaz gürrüňi özüňden tapýanyňam bilip otyryn. Wa-ah-h, öňküligim bolanda saňa ýalbarjakmy men? Aýagym diýenimi etse, munça gep-gürrüňiň başyny agyrdyp oturman, özüm ýetip gaýdardym. Namarda zar bolandan gara derýa gark bol... Söýener ýaly bir taýak ýasap ber maňa. Merdemje bolsun. Eşidýäňmi? Hoşuň atasy ölmändir. – Bor, eje, eşidýän, ýasap biýrin, ilki azajyk gözümiň awusyny alaýyn – diýip, Mezit jogap berdi. – Senem oňa çenli dermanyňy iç, biraz daýawlan, onsoň özüňjik baryp gaýdarsyň. Men-ä birki sagat ýatjak. Gözüm bürlüp barýar halys. – Toba tagsyr! Şular-a, gyz, ölmejegem öldürjek. Ýüregi näteňenälet zatka? Dilini gömeýinden sogrup taşlasaň-da! Häý, sypatyň guramasyn seniň, sypaty guramyş! – diýip, Owlak eje onuň yzyndan käýinip galdy. Gadym eýýamda adamlaryň garrap sandan galan ene-atalaryny äkidip, çöl-beýewana ýa dagyň gowagyna taşlap gaýdýandyklary baradaky gürrüň ýene-de Mezidiň ýadyna düşdi. “Dogry edipdirler. Şol adamlar bilmän şeýden däldirler” diýip, ol uka çümüp barýarka oýlanyp ýetişdi. 27. Gyrmyzy Azadyň ýanyndan ýaşly gözlerini balkyldadyp geldi. Özüni kötekledi. “Ýeri, seniň akylyň kelte kakmaýan bolsa, öňünden ölçerip, dökmezmidiň? Iru-giç şu işiň üsti açylaýsa, ujyz gutulmak üçin şo wagtlar najadyny iýmeli dälmidir? Ähli pirimiňi bir kökene düzmeli dälmidir? Ine, seň samsyk ýeriň, Gyrmyzy!” Onuň Jemileden başga içini döküp, derdini egsere hiç kimi ýok. Öňünde keserip duran agyr sowalyň jogabyny häzir Gyrmyzynyň bir özi tapybam biljek däl. Ol kelebiň ujuny ýitirdi, uşlybyny çözlemäge ejizdigini boýnuna aldy. – Uf-f, içim ýanýa, näme edeýin indi men? Öleýinmi? – diýip, ol öýüne gelensoň, Jemiläniň öňünde ýüregini dökdi. – Gelensoň, nädip öňünde duraryn? Öz günümi öz elim bilen bulaýan, hä? Jemile kürsüde bir aýagyny beýlekisiniň üstüne atyp oturan ýerinden çilim otlandy. Dodagyny çömmeldip, ajy tüssäni ýokaryk üfledi-de: – Haçan boşap geler öýdýäň? – diýip, Azady göz öňünde tutup sorady. – Haçan gelse, gelibermeli. Amnistiýa bagly. – Näçe aýlyk? Jan girdimi? – Hawa. Bäş aý bolup barýar. Jemile çilimini çekip bolýança gözüni süzüp oturdy. – Men-ä aýyrt diýjek, gelneje. Öz çagasy däldigini bilýän bolsa, yzy gowulyk bolar öýdemok. Abort etdir-de, dyn. Tanşyň barmy? – Bolmaly bir-ä. Oňam ýanyna gapjygyňy galňadyp barmaly. Indi hemme zady pul çözýä. Gyrandegen... Puluň bolmasa, ýüzüňe seredýän ýok. Uf-f... Näme etsemkäm? – Puluny gaýgy etmesene! Ýetmedigini men bererin. Günüň düzelenini bil sen. – Ýaman ýaýdanýan-da. Gorkýan. Şondan soň bir düzelermikä? – diýip, Gyrmyzy iki egninden dem aldy. – Hawa, düzeler. Gül ýaly bolar. – Men oňa göwreli diýibem-ä aýtdym. Indem gelensoň, seni synap gördüm diýsem, oýun etdim diýsem, ynanar öýdýäňmi? – Aýdyşyňa bagly. Ynandyryp bilseň, nirä gitsin?! Sen ýöne nät diýsene! – diýip, Jemile ýol salgy berdi. – Munyňy derrew aýyrt. Wagt ýitirme. Onsoň ara bäş-üç gün sal-da, ýene Azadyň yzyndan git. Hiç zat diýme. Göwnüň bir ýaly, hiç zat bolmadyk ýaly boluber. Onsoň durup bilmez ol, özi sorar. Şonda ýalandan gülen bol-da, aýdyber, oýun etdim diý, aldadym diý, seni barlap gördüm diý, seni söýýän diý, çaltrak boşap baraý-a diý, sensiz ölýän diý, eýt-beýt, ýumşak damaryny tapjak bol-da... Jemiläniň bu pikirini göwnüne jaý gördi-de, Gyrmyzy şol günüň ertesi bu işiň ugruna çykdy. Çaga dogrulýan öýde işleýän, Çynar atly tanyş gelniniňkä gitdi. Baryp, hiç zady ýaşyrman, bassyr-ýussur etmän, düşen gününi aýtdy. Çynar elini daldalap: – Ýog-eý, jan dogan! Maňa bir diýme! – diýdi. – Başarjak zadymy aýt. Irräk gelen bolsaň, başga gep. Aýdýanyň çyn bolsa, ýigrimi bir hepde bolupdyr-a. Seň munyň görlen-eşdilen zat däl-ä. Ýigrimi bir hepde! Nähili abortdygyny bilýäňmi? Ýaman gorkýan men-ä. Ýok-la, boýnuma almaýyn-la. – Gaýrat et, Çynar jan! Gorkma! Sen gorksaň, men nädeýin. Men sen diýip geldim-ä. Senden başga kime diýeýin?! Özüň edip bilmeseň, edip bilýäni tapyp ber. Ýok diýme! Agzyň geplän zadyny bereýin. – Wah, bilýän-le, berersiň. Ýöne, puluň bolanda-da, edip bolýan zat bar, edip bolmaýan zat bar. Onsoňam bir özümiň çözüp biljek zadym ýok. Mährä aýdyp görmeli. Mähri Amangylyjowna... Bu ýagdaýyňda oňam ýok diýjegini aýnada gören ýaly bilýän. Giçki abort... – Gepleşip göräý, jan jigim, ýok diýmez. Oňaryp aýtsaň, eder. Çykgynsyz günde galdym men. Sen ugruny-ýoluny oňat bilýäň-ä. Şu beladan dyndaraý! Boşap geldigi öldürer meni. Paltalar. Öldürjegine gözüm ýetip dur. Türmäni görüp gelen adam... Nämä garaşsaň, garaşybermeli... Beýtmäý, Çynar jan, ýok diýmäý, diýmä-äý... – diýip, Gyrmyzy zar-zar aglady. Ýalbardy. Halymsyrady. Çynar tä bor diýýänçä gitmäýin, gaşynda aglaýyn oturaýyn, ahyry dözmez, boýnuna alar diýen pikire bendi boldy. Hakykatdanam Çynar dözmedi, esli wagt ikirjiňlenip oturandan soň: – Ertir öýlän iş ýerime bar – diýdi. – Öňünden pylan zat diýmäýin. Gepleşip göreýin. Bor diýse, ilki barlagdan geçireris. Dawleniýäňi göreris. Böwregiň nähili? Sowuklama-zat ýokdur-a? Analiz tabşyrmaly borsuň. Wah, hasapda-da durmansyň-a sen... Ertesi öýleden soň Gyrmyzy çaga dogrulýan öýe – Çynaryň ýanyna gitdi. Ony barlagdan geçirdiler. Ýüreginiň urgusyny diňlediler, gan basyşyny ölçediler. Analiz aldylar. – Indi analiziň netijelerini görsek bolýa. Men hemme zady gepleşip goýdum. Mähriňem habary bar. Ertir irdenjik gelersiň – diýip, Çynar ony ýola salyp goýberdi. Emma ertesi Gyrmyzy gelip bilmedi. Onuň durmuşynda garaşylmadyk, has mojuk ýagdaý ýüze çykdy. * * * Gyrmyzynyň aşaky gatda ýaşaýan bir goňşusy bardy. Ýaşdy. Görmegeýjedi. Hemişe titije geýinmegi halaýan ol oglanyň nirede näme kär edýänini Gyrmyzy anyk bilenokdy. Gyzyklanybam ýörenokdy. Goňşuçylykda ýaşaýanam bolsalar, setanda-seýranda bir gabatlaşardylar. Çala baş atyp salamlaşardylar. Onuň yşnaksyz, kelteräk boýly, etli-ganly, lopbuş gelnini welin Gyrmyzy her gün azyndan iki-üç gezek dagy görýärdi. O gelin ýaşyna ýetmedik çagasyny goltugyna alyp, girelgäniň agzyndaky uzyn oturgyçda uzak wagtlap hiç bir weçsiz oturmagy halaýardy. Sowuk nazary bilen geleni-geçeni synlaýardy. Hiç kim bilen gepleşmeýärdi. Goňşular bilen hal-ahwal soraşmag-a beýle-de dursun, salamam bermeýärdi. Gabat gelen çagy Gyrmyzy onuň garaýyşynda ýigrenç gatyşykly tekepbirlik görýärdi. Her gezek görende-de “Şu bolup oturyşy bilen kim munuň ýanyna ümmüldeşmäge gelsin? Kimiň jyny jyňkyryşsyn? Ýüzüniň açyk wagty ýok. Haçan görseň, awyň sapy ýaly” diýip, içinden gahar ederdi. Şo gün – Gyrmyzynyň çaga dogrulýan öýe baryp gaýdan güni bu gelin atasy öýüne günin gidip gelen ekeni. Onuň äri bolsa Jemiläniň toruna düşüpdir. Munam Gyrmyzy bilen bir mertebede ýaşaýan beýleki bir goňşy gelin görüpdir. Görşi ýalam, aşaky gatdaky lopbuş gelin öýüne gelen dessine oňa ýetiripdir. Lopbuş gelniň bolsa etjegi içinde. Ol öňem äriniň Jemile bilen arasy bardyr öýdüp güman edip ýören eken. Tutaryk gözläp, amatyny aňtap ýören eken. Mudan beter nähili tutaryk gerek? Ol gaharyna hum ýaly çişip, şo demde polisiýa habar beripdir. Ýöne ärim şu zeýilli iş etdi diýmändir-de, Gyrmyzynyň öýünde ýeňles gyzy saklaýandygyny, onuňam guýrugyny oňa-muňa bulap, gabat gelen erkek göbekli bilen gije-gündiz üstlerini depeşek edip geçip durandygyny, şolara çäre görmeklerini sorap, haýyş edipdir. Üç sany polisiýa işgäri mähetdel etmän, diýlen ýere gelýär. Bukuda durup, garawullaýarlar. Gün ýaşar uçurlary Jemile bir erkek kişi bilen egin deňläp, öýe girende-de üstlerine dökülip, aman-zamanyny bermän tutdular. Gyrmyzynyň gözünden ýaş döküp, ýalbarmasyna, özelenmesine gulagam asmadylar. Bir agyz: “Bölüme gitmeli. Şo ýerde başlyklar bilen düşünişiberiň” diýdiler. Çykyp barýarkalar Gyrmyzy heşelle kakyp duran goňşularyna garap, elini serdi. – Waý, işim gaýdandyr-la! Doganlaryma eşitdiräýiň-ä! Kömek edäýiň-dä! Maňlaýy ýatdy diýip habar edäýiň! – diýip, aglady. Kim habar etsin? Habar edeli diýenlerinde olaryň içinde Gyrmyzynyň atasy öýüni bilýän barmy? Gyrmyzynam, Jemilänem, onuň ýanyndaky erkek kişinem ýörite ulaga mündürip, polisiýa bölümine alyp gitdiler. Ýolda barýarkalar Gyrmyzy: – Jan doganlar, näme diýseňiz, edeýin. Näme şertiňiz bolsa, kaýyl men – diýip, aglady. – Äkitmäýiň-dä! Goýberäýiň, hä? Bir gezeklikçe gözüňizi ýumaýyň. Masgara bolmaýyn, rehim edäýiň! Indi gaýtalanmaz şü! – Ol aljyrap, gapdalynda oturan hyrsyz polisiýa işgäriniň eline ýapyşyp, özelendi. – Günüň ýaşyp barýan çagy nämeden ant içmelem bolsa, içeýin. Göwrämde çagam bar, çagama nebsiňiz agyrsyn, jan agam! Meň bilen deň bolmaýyň! Polisiýa işgäri elini çekip aldy. – Lal bol! – diýip, azm urdy. – Agam diýme maňa. Sen ýaly at ýitiren aýal doganym ýok!... Rulda oturan polisiýa işgäri bolsa, öňündäki aýnadan Gyrmyza seredip: – Gaýgy etme, türmede-de çaga dogrup bolýa, gadagan edýän ýok – diýip güldi. Şondan laýyk on bir gün geçenden soň, nobatdaky günä geçilşikde günäsi geçilip, Azat türmeden boşap geldi. 28. Gyrmyzynyň düşen ýagdaýyny eşidip, Azat serpmeden gaýdan ýaly boldy. Iki eli bilen kellesini tutup, oýa batyp, uzak gijäni çirim etmän geçirdi. Ertesi ir bilen polisiýa bölümine eňdi. Başky niýeti Gyrmyzyny görmekdi. Ýöne o diýeni bolmady. Görkezmeg-ä beýlede dursun, özüniňem it ýaly ýüzüni alyp goýberdiler. Ahyry Gyrmyzynyň işini alyp barýan sülçini tapdy. O-da: – Äri bolsaň, gowy zat. Arkaýyn öýüňde boluber. Gerek wagty özümiz çagyrarys – diýip, giň ýeriň gürrüňini etdi. Azadyň serinde nämüçindir “Bolmanda-da bulaň ýanyna iki eliňi burnuňa sokup, boş gelseň, işiň düzelermi?” diýen pikir peýda boldy. “Basarlar. Bir zatlar emläp, ugruna çykmasaň, göni gidýä. Nätmeli-beýtmeli, alyp galmaly. Özem çalt hereket etmeli. Häzir äwmeseň, gijä galýaň. Wah-h, azajyk öň boşap gelen bolsam bular ýaly zada ömür ýol berermidim” diýip, ol sag eliniň ýumrugyny çep eliniň aýasyna urup, hyrçyny dişledi. Ol şo duran ýerinden göni Gyrmyzynyň atasy öýüne diýip gitdi. Sorap-idäp, ak öýlänler tuduň saýasynda galybynyň gowşan ýerlerini bejerip oturan Mezidi tapdy. Gysgajyk salam-helik alyşansoňlar, Azat gürrüňi daşdan aýlap durmady, derrew esasy meselä geçdi: – Men Gyrmyzyň meselesi bilen geldim. Bilemok, eşitdiňizmi, ýokmy?.. Muny kimdir biriniň salgysyny sorap gelen nätanyş hasap edip oturan Mezidiň gözleri uçganaklap gitdi. Laňňa ýerinden galdy. Ýüzüne gahar gatyşykly geňirgenme indi. Ol eginbaşy täze bolmadyk, ýaňy garalyp ugran kellesi ýalaňaç, iri süňkli, inçemikden uzyn, özi bilen ýaşytdaşyrak nätanyşy boýdan-başa synlap durşuna: – O nähili mesele? – diýip sorady. – Ýagdaýy gowy däl. Sen oň agasy bolsaňam gaty görme, Gyrmyzyň perişde däldigini men öňem bilýän. Belet boldum. Senem näbelet dälsiň. Ýöne öň nähili gezenem bolsa, näme iş edenem bolsa, baryny geçirdim men. Özüne-de düşündirip aýtdym. Men... – Sen kim? – Azat men. – Adyňy soramok. Azat aljyrady. Gözlerini çalt-çaltdan gyrpyjykladyp: – Bile ýaşaýas – diýdi. – Nikadan-zatdan geçdik. Mezit duran ýerinde lampa çökdi-de, otyrýeriniň astyna galybyny çekdi. – Otur aşak! – diýip, hökümli gepledi. – Hany, gürrüň ber hemmesini. Başdan aýak. Azat çommalyp oturansoň, gürrüňi nämeden başlajagyny bilmeýän ýaly, biraz tykyrady. Sussy basyldy. Ardynjyrady. Kesä bakyp gürledi. – Nähili boldy diýsene. Geçen gyş tötänden tanyş bolduk, goş birikdirdik. Şonda men aýtdym oňa, “Menden öň kim bilen näme eden bolsaň, bagyşlaýan” diýdim. “Geçmişiň bilen işim ýok” diýdim. Düşünýäňmi? “Ýöne indikiňe berk bol” diýdim. “Ýok” diýmedi. Ynandym. Bir oňat ýaşabam ýördük. Agzybirje. Bir-birimize ýeke gezegem gaty-gaýrym zat diýen ýerimiz ýok. Bir günem işim bulaşdy. Oňa özüm günäkär. Ýyl kesdiler. Oturyp çykdym. – Nädip bulaşdyň? – Ellemesiz zady elläýdim-dä. Soň-a ökünip, aňyrsyna çykyp bilmedim welin... Garasaý, boljak iş boldy, bulaşdym. Basdylar. Gyrmyzam yzymdan telim sapar bardy. Boş baran gezegi ýok. Özi iýmedi. Tapanjasyny meň yzymdan eltdi. Oňa sözüm ýok. Dogry zada dogry diýjek. Oň edenini başdaş heleýimem etmeýä. Ýöne yzymda samsyklyk edipdir-dä. Mezit könelen ýüzüni galdyryp, gözi bilen “Näme edipdir?” diýip sorady. – Aý, bir ýeňilkelle jorasy bar ekeni. Şony saklapdyr öýde. Ýo-o, saklasyn, saklabersin. Garşy däl. Ýöne düzüw adam saklamaly-da. Düşünýäňmi? O bolsa, gutaran jelebi öýe salyp, şoň berýänje puluna aldanyp... Şoňa janym ýanýar. Bir gün däl, iki gün däl, näçe wagtlap... Öýüň erkeksiz wagty ýok diýýä. – Yzyny aýt! – Onsoň düýnki amnistiýada boşatdylar meni. Garaşamokdymam. Entek biraz oturdarlar diýýärdim. Gyrmyzam garaşan däldir. Aý, onsoň aýagym ýere degenok-da. Uçup gelýän. Gelsem, işik gulply. Goňşulardan soraýan. “Gyrmyzyny hol günjük tutdular, basyldy” diýýäler. “Nämüçin?” diýsem, “Yzyňda öýüňi küntihana öwürdi” diýdiler. Düşünýäňmi? Depämden sowuk suw guýlan ýaly, erbet boldum. Ana, otyr indi. – Hm-m... Bolaýypdyr. – Irden baryp gaýtdym, özün-ä görkezenoklar, çakyma görä, iş gozgapdyrlar öýdýän. Tutulanyna on-onki gün dagyn bolan ýaly. Ýanyndaky gyz-a “goçusy” bilen bile sypdyrypdyrlar. Eslije zat töledendirler. Olary jerime bilen boşadyp bolýa diýen boldular. Gyrmyzynam günäsi agyr diýip saklaýalar. Içinde işleýänleň birini gördüm, basarlar diýýä. Açyk pyşgyranok weli, birneme emleseň, boşadyp bolaýjak ýaly. Gepinden çen tutup aýdýan. Oňly gepleşip bilmedim. Uluraklarynyň biriniň ýanyna girdim häli. Äý diýýä, özüňem türmeden düýn gelipsiň diýýä, är-heleý ikiňiz şeýdiň-de, gezekleşip oturyberseňizläň diýýä. Üstümden gülüp diýýä, düşünip durun. Gaharym gelip, sesimi çykarman gaýtdym... Iň ýaman ýeri, bu zatlaň üstesine-de, men beýlede otyrkam yzymda dek gezmändir. Düşünýäňmi? Kimdendigini magat bilemok weli, ýöne göwresinde çaga bar. Geçen gezek yzymdan baranda özi aýtdy. Menden göwreli bolmadygyny açyk bilýän. Sebäbi... Azady doly diňlemäge Mezidiň takaty ýetmedi. Gahardan ýaňa eli saňňyldady. – Näme diýsene, gardaş. Mende olar ýaly dogan ýok. Bardy. Birmahal bolupdy. Indi ýok. Azat bular ýaly ýowuz gürrüňe garaşman eken. Mezidiň jogaby onuň bar badyny aldy. Gözlerini çerreldip, gürrüňdeşine garap durşuna birbada näme diýerini bilmedi. Az salym dymyp duransoň, pessaý ses bilen: – Men-ä sizden degerli hossary ýok diýip geldim... – diýdi. – Gulak as! Sen oňat oglana meňzeýäň. Bir gezek aýdamda düşünermikäň diýýän. Şu öýde seň şo diýýän adamyň hossary ýok – diýip, Mezit oturan ýerinden gozganman, elini öýlerine garşy salgap goýberdi. – Ýeke şu öýde däl, asyl şu obada şoň hossary ýok. Tutuş oba üçin o diýýän adamyň bireýýäm öldi. Düşündiň dämi? – Şeýledir weli, türmä gitmesin diýjek bolýan-da. Nädibem bolsa, bir alajyny tapyp, alyp galsak! Entek giç dälmikä diýýän. Hä? Tanyş-biliş bolsa... O ýerde ol diňe zaýalanar. Gözüm ýetip dur. Men türmäni görüp geldim. – Eý, adam! Sen Jähennemi görüp gelenem bolsaň, maňa bildirýän ýeri ýok. Menden saňa bir aşyklyk peýda-da ýok – diýip, Mezit gaharyny gödeklik bilen aç-açan daşyna çykardy. Alaçsyz galan Azat Mezitden soradymy ýa özbaşyna hümürdedimi, näbelli äheňde: – Onda men nätsemkäm? – diýip, aşaky dodagyny dişledi. “Nätseň, şeýt! Şu ýerden bir çaltrak garaňy saýla. Bi millet gep tapsa, nan iýenok. Il-güne tomaşa gerek. Ýaňky ýanyňdaky kim, nämüçin gelipdir diýdirmän, tizräk ýeňsäňi el ýaly etseň, kem däl” diýip, Mezit içini gepletdi. Daşyndan bolsa, gysgajyk: – Bilemok – diýdi. – Ýyl kesseler näme? Basarlarmyka öýdýän. – Oturyp çykar-da – diýip, Mezit göwnübir jogap gaýtardy. Biraz säginip, dowam etdi. – Meň üçin-ä atyň gulagy ýaly. Basyldy, basylmady, eger-eger haram tüýümem gymyldanok. Şundan soň Mezitden isleýän jogabynyň çykmajagyna Azadyň anyk gözi ýetdi. Şonda-da wagty bilen gozganmady. Gürrüňdeşiniň niresinden baranda ugrundan gopjakdygyny oý edýän şekilli ses-selemsiz doňup oturdy. Onuň garaýyşynda halys ugruny ýitirip, indem näderini bilmeýän alaçsyzlygy görse-de, Mezit sarsmady. Barypýatan perwaýsyzlyk bilen: – Bolduňmy? Menlik başga gürrüňiň barmy? – diýdi. Azat turmak bilen boldy. – Ýok, başga gürrüň ýok. Ýöredim onda men-ä. – Alla ýaryň! – Ätiýaçdan telefon nomer... – Gerek däl! – diýip, Mezit elini silkeledi. Azat hoşlaşyp gaýtdy. Mezit ony sowuk garaýyş bilen ýola salyp, uludan demini aldy. Şunça biparhsyrasa-da, Gyrmyzy hiç göz öňünden gitmedi. Bassaş ösüp ulalandygyna garamazdan, nämüçindir uýasynyň çagalygy ýadyna düşmedi. Mekdebi gutarjak uçurlary Gyrmyzy “Okuwa gitjek” diýip, ejesine azar ýamanyny beripdi. Owlak eje bolsa “Okuwda gabryň gazylmandyr. Senden uly iki erkek doganyň okadymy, seň jikjerip, alym bolmajagyň belli. Otur öýde” diýip, onuň al-petinden alypdy. Soňam kim bilýä, nireden nädip sataşdy, Kowus diýilýän deýýusa duçar gelip, uly ile ryswa bolup, gaçyp gitdi. Gaçdyň, taň etdiň, ilde-günde gaçmaýan ýok. Yzy allanäme bolan bolsa, jähennemiň teýine gitsin! Ýöne Gyrmyzynyň soňky durmuşy Mezidi ile çykar ýaly etmedi-dä. Eýse, şo döremän geçen gyrnak zerarly Mezidiň dili gysga, boýy kelte bolmadymy? Baran ýerinde “Bar, ondan-a bajyňy oňar!” diýiläýjek ýaly, gyzyl ýüzi soluk, egni gysyk gezmedimi? Millet ýüzüňe pylan-pismidan diýmese-de, ýeňsäňden syrly-syrly ýylgyryşyp, barmak çommaldan dälmidir? Ynha, indem iň soňky wejeralygy bilen barjak ýerine barypdyr. Tüýs bolaýypdyr. Ýaňky, ikindiniň kölegesi ýaly, yrgyldap, gelip-giden Azat atly uzyn pyýada bolsa, batga batany ýola gatjak bolýar. Oňa “Küýkini gabyr düzeder” diýmelidi weli, gep uzaljak-da. Hiç kim görmedik bolsa-da, ýagşydyr. Ýok, Läle gören ekeni. – Kim, gyz, o ýaňky gelen? – diýip, ol hol aňyrdan gelşine gygyryp sorady. – Bu töweregiň adamsy däl ol. Şäherden. – Nämüçin gelipdir? – Çyrçyklary sorap gelipdir. Tapanok ekeni. Salgysyny berip goýberdim – diýip, Mezit ýüzüniň ugruna ýalan sözledi. – Çyrçyklary näme etjekmiş? – Aý, men näbileýin-aý? Men nä sülçümi? – Köp oturdy-da ýanyňda... Aýtmasaňam bilýän. Öwlüýäguly çyrçygyň gyzlaryny soraýandyr. Guda geljek bolýandyr. Şeýlemi? – Hawa-aýt, bildiň-aý. Nädip bildiň? Heleýden zat gizlejek gümanyň ýok. Içiňdäkini okap otyrlar – diýip, Mezit ýaňsy bilen ýasama ýylgyrdy. – Görünip duran zad-a. Onsoň, nememi, sen näme diýdiň? – Näme diýeýin, gyzlaryn-a pylan diýip biljek däl diýdim. Sebäbi tanamok-da. Ýöne ene-atasy gowy ýerler diýip öwdüm. Öýlerini salgy berip goýberdim. – Oňarypsyň! Goşulmanyňdan gowusy ýok. Erteki gün bolar-bolgusyz gep gelmez ýaly gowy bor. Mezit galybyny suwly salma oklady-da, eline suw çaldy. Şo duran ýerinden Emin agaň ýanyna ugrady. Barsa, ýaşuly ýaňyja namazlykdan düşüp, öňüne çäýnegini alan ekeni. Bir käse çaý içensoň, Mezit ýaýdana-ýaýdana, habaryny berdi: – Emin kaka, biziň bir aýal doganymyz bar, birnäçe ýyl bäri şäherde oturan. – Hawa? – Men-ä şoň patasyny alaýsam diýýän. – A-how! Bu nä gep boldy, haw? – diýip, Emin aga dikeldi. Mezit ýuwdunyp, guraksy ses bilen pessaý äheňde: – Öldi-dä – diýip jogap berdi. – Haçan? – Emin kaka, bilýäň-ä özüň. Haçan eýýäm öldi. Patasyny şo mahal almalydyk. Etmedik-dä. Binamys bolduk. Ýöne häzirem bir pille. Emin aga mölerilip, Mezide bakyp kän oturansoň: – Näme, ýene bir zat edipmi? – diýip, sorady. – Bilemok. Habar ýokdur – diýip, Mezit ýalan sözledi. – Onda nirden tapdyň bu gepi? – Aý, birden kelläme geldi. Ýo-o, öňem pikirimde ýok däldi. Iru-giç patasyny almaly-da. Onsoň bi musulmançylykda näme edilýän bolsa... – Kakaň näme diýýä muňa? Geňeşdiňmi özi? Ýa bihabarmy? Mezidiň könelişen ýüzi öňküsinden-de beter çytyldy. – Kakamy tanaman durmuň-aý, Emin kaka. Men oňa şo mahal aýtdym. – Indi? – Indi özüm şoň aşyny-suwuny berjek. Üçüni, ýedisini, kyrkyny, hemme sadakasyny berjek. Ertir berjek. Senem aýat-gurhan çykyp berseň! Näme edilýän bolsa... Bolmazmy? – Bolmaz. – O nämüçin? Emin aga birden sesini gataldyp goýberdi: – Kelläň ýerindemi, haw, seň? Päliň dagy näteňet? Diri adamyň patasyny alyp... Mezit janygyp, Emin aganyň sözüni böldi: – Diri däl, Emin kaka, diri dä-äl! Biz üçin öli şo. Mezidiň: “Şu bolup ýörşümiz bilen biziňem diri boldugymyz däl” diýesi geldi. Demi gelip-gidip durany adamyň diriligini aňlatmaýar. Namys astynda galan adama-da öli diýse bolar. Mezit namysa galdy. Gyrmyzy sebäpli şu çaka çenli näçe gezekler gara ýer ýarylmady, bu-da girmedi. Ýaňky Azat atly nätanyş uzynyň ýanynda-da bir gezek ölüp-direldi. Ynha, häzir Emin aganyň öňünde-de şeýle. Niçezar beýdip gezmeli? – Mezit han, gahar – kapyr. Bu işiň telek. Bular ýaly kel-kelä men-ä başymy sokup biljek däl. Däliden dogry habar saňa... Diýenimi etseň, ýuwudyp goýber. Mezit iki egninden demini alyp, başyny aşak saldy. “Ýaşuly-y, şu pillä çen ýuwuda-ýuwuda, içimizde dogmaz oglan göterip ýörenimizi bileňokmy? Saňa tapawudy näme? Tebärek çyk-da, ilden alýan düwünçegiňi al-da! Telek boldy, ýene-gör boldy, ne işiň! Nirde bermelem bolsa, şuň jogabyny saňa ýetiresim ýok!” diýip, içinden igendi. – Oglan-oglanjygam-a däl sen. Saçyň garasyndan agy köp. Şeýtanyň was-wasyna gidip... Utan ahyry! Ýa biri şeýt diýip öwretdimi? “Seňki düşnükli-laý, ýaşuly! Gep geläýmesin diýip gorkýaň. Ýeriň-gögüň diregi ýeke özümdirin öýdýäňmi? Sen ýaly sakgal goýberip, mesi geýýäni tapman-da onda men?!” diýip, Mezit gaharly oýlandy. Ol Emin aganyň ýanynda uzak oturmady. Çykyşyna göni Gurbanýaz mollanyňka gitdi. Baryp, habaryny berdi. Gurbanýaz molla oňa gabahat iş edýäň diýmedi. – Hany, bi Emin badyr-a. Şoňa aýtmaly ekeniň-dä. Biz, näme, iliň öňüne düşüp ýören neme däl-ä – diýdi. – Aýtdym-la. Göwnänok ol-a. Şo göwnemänsoň geldim-dä seň ýanyňa. – Weý, ond-a asylam bolmaz – diýip, Gurbanýaz molla has-da arkan gaýyşdy. – Häzir men alaga-da, Eminiň oňlamadyk işini etsem, yzyny pikir edýäňmi, oň elindäki nana dawa eden ýaly bolmanmy? Juk, bi diýýäniň-ä bolmaz. Onsuzam meni halanok ol. Gyr jyny men boldum. Baýak, Tirkişiň agtygy bolanda gulagyna azan-kamat aýdyp ber diýdiler. Bor diýdim. Okap berdim. Hudaý bilsin, kimden eşidipdir, asyl şondan bäri salam-heliginiňem weji ýok. Ýeňsesini tüňňerdip, henizem öýkeläp ýör menden. Pah, bi Eminmi? Muny tanaňok entek sen... – Meň şü etjek bolýan zadym musulmançylykda nähili? Bolýan zat dämi özi? – Äý, bolýanam bolsa, bolmaýanam bolsa, şü Eminiň bir tersine gitme. Gitdigiň, Hudaý tutdugy! Mezit Gurbanýaz mollanyň ýanyndan öýkeli çykyp gaýtdy. Birmahal, Mezidiň oglan döwürleri Gowşut aga diýip biri bardy. Maly kändi, yrylmaz döwletiň eýesidi. Alty gyzdan soň ýeke ogul perzendi dünýä inipdi. Ýöne Gowşut aganyň o dogmasy birhili syýaksyz bolaýdy. Ýaş başyndan türmä düşdi-de, ýyl üstüne ýyl alyp, ömrüni şo ýerde ötürdi. Ýalňyz oglunyň ters gelen täleýine aglap-aglap gözleri guran ejesiniňem ýüregi uzak paramady. Şondan soň giden mal-döwletiň içinde täk özi gugaryp galan Gowşut aga uly ili çagyryp, dirikä öz patasyny özi beripdi. Ony hiç kim geňlemändi. Şo wagt Emin aga-da donunyň syýyny galgadyp ýördi. Ana, bolýar eken-ä! Tapawudy näme? Öli bolsun, diri bolsun, esasy zat, aşyny-suwuny bermek dälmidir?.. “Gähär käpir. Ýüwüdip göýber!” Şu günden şeýläk Mezidem-ä şony ýuwutmajak bolar. Hany, göreli! Molla bolmanda aşy-suwy berilmez-dä şonuň? Haý, seniň kethuda bolaýşyňy! Mezit ýüzugra beýemçi Söýüniňkä sowuldy. Ýöne Söýün öýünde ýok ekeni. Ýaňja gozakly motoryna atlanyp, “Suwgaçana” mal oty almaga gidipdir. – Gün ýerine girmän, Söýün gara beresi ýok. Näme habaryň bolsa, aýdyber, gelensoň, özüm ýetirerin – diýip, onuň garasöýmez aýaly soralmadyk zada jogap berdi. – Habar bolup, üýtgeşik bir neme ýok. Bir zady geňeşäýjekdim. Gijara ýene bir öwre gelip gidäýerin – diýip, Mezit öýüne gaýtdy. Gelse, işiklerinde çilimini burugsadyp, Mämmet zowzanaklap ýör. Agaç sekiniň üstünde kakasy ýüzüni ajadyp otyr. Läle-de, çagalaram daşarda görnenok. Emin agadan habar ýeteni bes-belli. Mämmet Mezidi ýowuz äheň bilen garşy aldy: – Hawa? Indi näme boldy? – Hiç zat. – Onda bi patasyny aljak diýen samsyk gürrüň nireden çykdy? Mezit diňe Mämmet eşidäýer ýaly ses bilen mydyrdady: – Samsyk gürrüň däl. Şo gyz öldi meň üçin. – Be-e, be! Şeýlemi? Milleti üýşürip, syrtyňy açyp görkezjekmi? – Onsuzam açyk ol? Binamyslyga salyp gezip ýörenimizi millet bilýän däldir-ow? – Şeýdeniň bilen namysly bolarsyň onda sen! Hä? Beýle gaýratly bolýan bolsaň, bar tap-da, soý! Öldür! “Men ony özümçe öldürdim” diýip, Mezit oýlandy. Hökman palta bilen çapym-çapym edip öldürmekmi? Ýazylmadyk kanunlar bar. Her adamyň özüniň eýerýän kada-kanuny bolýar. Mezit kişiň ýörelgesine eýerjek adam däl, ol öz kanunyna sygynýar. Ol Gyrmyzyny ses-üýnsüz öldürdi. Özüçe öldürdi. Indi onuň patasyny alsa bolýar. – Gaýratly bolduň ýitä galdyň meň başyma! – diýip, Mämmet hüňürdedi. Mezidem sesini gataltdy: – Maňa gyjalat berme! Özüňe-de degişli şu aýdýanyň. – Akyl öwretme! – Onda senem goşulma! Öz etjek işimi özüm bilerin! Mämmet gaharyna titir-titir etdi. Otlukly nazary bilen Mezidi dalady. – Hany, bil! Bil-dä! Bol il-güni üýşür! – Üýşürerin! – Mezit! Men saňa bir zady aýdaýyn. Şü gürrüňi häziriň özünde şü ýerde tüketmeseň, seň özüňi öldi hasap edip, aş-suwuňy bererin. Hä-ä, biläý, özüm bererin. Şu diýýänimi etmesemem, tüf ýüzüme! – Göräýeris. Mämmet sandyrap, süzgüjine çenli ýanan çilimini zyňyp, täzesini otlandy. Aýmyrat aga oturan ýerinde çalarak gobsunyp, Mämmede ýüzlendi: – Öýden çykaryp kowarys diýsene! Gümüňi çekeris diý! Nämä çekinýäň? – Ýok-how, gitdigiçe samsyklygy çykýa. Zat diýilmedi weli, halys ýöne... Gör ony! Gör! Patasyny aljakmyş-a! – diýip, Mämmet özbaşyna hüňürdedi. Mezit balagyny dyzyna çenli çermäp, galybyny eline aldy. Aýmyrat aganyň Mämmede ýüzlenip: – Burnuň pohuny kesip aýryp bolanok diý şoňa! – diýen sözleri onuň gulagyna ýetdi. Üzlem-saplam eşidilýändigi üçin soňky gürrüňleri aňşyryp bilmedi. Esli salym oturansoňlar Mämmet kakasy bilen öz öýüne gaýtdy. * * * Gündizki gelen uzynyň çyrçyklary soramaga däl-de, eýse, Gyrmyzy barada bir habar getirendigini Läle aňypdyr. Giçlik ýatylmazynyň öň ýany ol Mezide garap: – Hälki pis açan uzynyň onça wagt ýanyňda ýöne ýere oturmadygyny bilýän – diýdi. – Nämäni bilýäň sen? Şunam bileňok – diýip, Mezit ýumrugyny somlady. – Gyrmyzy hakda bir gep-gürrüň aýdanyny bilýän. Asyl şo gelip-gidensoň otly köýnek geýiberdiň-le. – Hiç hili gep-gürrüň ýok. Göwnüňedir. – Mezit! Kelläň ugruna samsyk iş edip oturyberme. Nämä gerek şo? “Oňarypsyň” diýjek bardyr öýdýäňmi? Gaýta, üstüňden gülerler. Masgara... – Bolýa, how, bolýa. Siziň hemmäňiz akylly, bir men samsyk. – Seň ýalňyşan ýeriňi aýdaýynmy, Mezit? Mezitden jogap bolmady. Läle biraz garaşyp: – Ho-ol, bir gün kakaňa göçjek diýipdiň, Gyrmyzy üçin. Ýadyňdamy? – diýip, köne saman sowrup ugrady. – Kakaňam käse zyňypdy yzyňdan. Şo wagt sesiňi çykarmanjyk oturmalydyň. Çekmelidiň. O kemçinem uzak oturmazdy, biri ýygnardy. Gül ýaly düzelibem giderdi. – Tüket, how, şu gürrüňi! Adyny tutma indi şoň. – Özüň gowy bilýänsiň-dä – diýip, Läle kineli hümürdedi. Diýse-de, onuň ärine nebsi agyrdy, uýasy üçin janyny ýakyp, elewräp, entäp ýörşüne ýüregi gyýyldy. “Özüň-ä özüň weli, bi ýapy ýaly doganyňy nä günlere saldyň? Muny ile çykar ýal-a etmediň. Däliräp, düze çykmasa-da biridir. Sen zerarly iýeni inine siňmän, igläp öljek bi. Häli görseň, özüňde günä goýmarsyň. Häk, saçy kesilen, darsdaban, albassy!” diýip, öz ýanyndan Gyrmyza käýindi. Birsellem dymyp ýatansoň, bir zat ýadyna düşen ýaly Mezit: – Döwlet nirde işleýä şu wagt? – diýip sorady. – Meň jigim Döwletmi? – Hawa. – Waý, şo öňki ýerindedir. Näme etjek ony? – Gerek bir zat üçin. – Nämüçin? – Maslahat etmeli zadym bar. Läle birdenkä laňňa dikelip oturdy. Alagaraňkyda Mezidiň ýüzüni saýgarmakçy bolýan deý çiňerilip-çiňerilip seretdi. Yzly-yzyna sorag ýagdyrdy: – Gyrmyzy üçinmi? Bir bolmasy iş edendir, hä? Ýygnapdyrlarmy ony? Basjak bolýalarmy? Mezit bu sowallaryň hemmesine bir söz bilen: – Ýok – diýip jogap berdi. – Onda Döwleti nämüçin soraýaň? Milisýä işiň düşmese, sen ömür Döwleti sorajak adammy? Läläniň bassaş erkek dogany Döwlet ençeme ýyl bäri şäher polisiýasynda işleýär. Mezidiň pikiriçe, Döwlet Gyrmyzynyň işini düzedip biler. Biraz çykdajy etmeli bolmagy mümkin. Ýöne şu işi düzetmek gerekmi? Gyrmyzyny boşatdyranyň bilen onuň ertir başga bir mojuk işe baş urmajagyna kepil geçib-ä bilmersiň. Hälki gelip giden uzynyň bolsa, Gyrmyzyny jylawlap biljegine ynam ýok. Kesesinden seretseň-ä birhili ýükisaman görünýär. Özem düýn-öňňinlikde türmeden gelipdir. Bi Gyrmyzy diýilýän saçy kesilmiş hut iriňli ýara öwrüldi. Mezidiň başynda Kyýamat gopdurdy. Ejesi demikdirip öldüren hunsa bäbegine Deçjalyň zürýady diýýär. Eýse, Deçjalyň nesli diňe hunsalardan ybarat däldir. Gyrmyzy ýaly namysy, mertebäni bilmeýän syýaksyzlara-da Deçjalyň çagasy diýse bolar. Şu derejä ýetenini görüp durkalaram munuň patasyny alyp, aşyny-suwuny berjek bolsaň, Emin agadan başlap, Lälä çenli hemmesi ýoluňa böwet bolup dur. Gyrmyzyň özi bolsa mugyra getirerden geçipdir. Iliň gep-gürrüňem üstesine! Wah-h, ho-ol, ilki aýrylyşyp gelen güni bir zat edip, munuň ýoguna ýanmalydy. Bir aglardylar, goýardylar. Bolýa, etjek alajyň ýok, boljak iş bolupdyr. Ýöne indi näme etmeli? Mezit ertir Döwleti görmelimi ýa görmeli däl? Gyrmyzyny boşatdyrmak üçin ylgamalymy ýa ylgamaly däl? – Aýtmasaň, aýtman geçsene! Adam pahyr şuňam agzyndan gaçjak söze tamakin bolup... Ýatjak men-ä – diýip, Läle öýkeli hüňürdäp, aňyrsyna öwrüldi. Mezit jogap bermedi. Läläniň edişi ýaly, tersine düňderildi-de, çala yňranjyrady. Agyr-agyr oýlary düýşe ýazyp barýarka: “Hany, ertire bir çykaly, görüberýäs” diýip, pikir öwürmäge ýetişdi. Emma Mezit ertire çykmady. Daň agaranda Läle onuň buz ýaly sowap, saň gaty bolan göwresini silteläp, ýürekýargynç ses bilen eňräp başlady. 29. Mezidiň ölendigine ynanmadylar. Geçen gezekki ýaly agyr uka gidendir, ine, hä diýmän direler diýip umyt etdiler. Onuň läşini meýit saýmaga howlukmadylar, özüni bilmän ýatan, ýagdaýy egbar hassa hatarynda gördüler. Gyssanmaç keselhana göterdiler. Ýöne umytlary puja çykdy. Mezidi kemsiz barlan lukman başyny ýaýkap: – Işini bitiripdir. Gutarypdyr. Äkidäýiň – diýdi. Alyp gaýtdylar. Geçen gezekki ýagdaýyň gaýtalanmandygyna, bu sapar Mezidiň hakykatdan hem ölendigine göz ýetirensoňlar Aýmyrat aganyň öýi sähelçe salymda ýashana öwrüldi. Uly yzlaşyk başlandy. Boýnuny gyşardyp, Söýün ýetip geldi. Hemişeki edişi ýaly, güňleç sesi bilen ýas dessuryny bitirmäge girişdi. Oňa-muňa tabşyryk berip, beýemçilik edip başlady. Öýle namazyndan soň Emin aganyň ymamlyk etmeginde merhumyň jynazasyny okadylar. Gölegçi ses edip, tabydy egnine aldy. Şahy ýorgany düşenip, gyrmyzy don bilen mawut parçalary üssenip ýatan jesedi ynjytmazlyk üçin seresaply ugradylar. Adamlar ses-sedasyz, howlukmaçlyk bilen gonamçylyga garşy atgulagyny galgadyp barýan tabydyň yzyna düşdüler. Mezidiň meýidini eltip, gabrystanyň ileri ýüzünde – hatar tutup ýatan guburlaryň aýagujunda täze gazylan çukura salladylar. Usul bilen içki jaýyna ýerleşdirip, topugyny ýere degirdiler, ýüzüni kybla bakdyrdylar. Kiçi jaýyň agzyny kerpiç bilen bent etdiler. Şeýdip, Mezidiň meýidini ýere tabşyrdylar. Mazaryny galdyryp, üstüne gyzyl gumuny sepelediler. Gonamçylykda täze tümmek peýda boldy. Nurmämmet ussa Mezidiň gabryna gözüni dikip durşuna: “Güjük agalara bergisini nätdikä şü? Häk, üzlüşip ýetişen däldir-ow! Kerpij-ä guýan bolýardy welin... Wahe-eý! Bergili bolup ölüp gitdi-dä!” diýip, oýa batdy. Gynandy. Gonamçylykda edilmeli işler bitensoň, gölegçi eglenmedi, adamlar çalt-çalt ýöräp, yzyna garaman, oba ýöneldiler. Gelip, işige ýykylyp, ses edişdiler. Öýüň içinde aýal-ebtadyň kiparlan agysy gaýtadan möwç aldy. Emin aga Gurhan çykdy. Aýat okaldy. Beýemçi Söýün bogazyny durlap, güňleç sesi bilen märekä ýüzlendi: – Taňryýalkasyn, haw, adamlar! Hemmäňiziň toýuňyzda gaýtsyn! Turjaklara rugsat! Erte däl-de, birigünem üçüdir. Indiki jumada-da ýedisi. Adamlar öýli-öýüne dagady. Ýashana çolardy. Jaýyň üçeginden işikdäki sütüne çenli ýörite tutulan brezent matanyň saýasynda Mezidiň hossarlary bilen goňşy-golaňlar galdy. * * * Ikindinara Mämmediň aýaly Ogulnur bir iş bilen düýpki otaga giren wagty gahar-gazaba ýugrulan hümürdini eşidip, erbet tisgindi. Seredip görse, Owlak eje iki dyzyna galypdyr-da, hekgerip, penjirä garşy ýumrugyny gezäp: – Häk, ganym, mekgar! Ahyry maksadyňa ýetdiňmi? Şu gün seň belliňi etmesem, ölemde-de gözüm ýumulmaz!.. Pisiňi aşyryp oturma-da, düş äpişgeden – diýip, garaçyny bilen azm urup oturan ekeni. Ol hunsa bilen uruş edýärdi. SOÑY. 2014-15-nji ýyllar. Mary. | |
|
√ Köne mülk -13: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Köne mülk -5: romanyň dowamy - 12.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Janserek -12: romanyñ dowamy - 20.05.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |