12:40 Oñat oglan / powest | |
OŇAT OGLAN
Powestler
˝Meni harby komissarlyga çagyrýarlar˝ diýip, ir säherden ýola düşen Rejep ümsüm gün öýlä sanyberende, ýüzüni ak-tam edip, öýe geldi. Gele-gelmäne-de, gelnejesiniň basyryp goýan çaýyndan bir käse owurtlap-owurtlaman, öz ýatyp-turýanja otagyna sümdi. Gelnejesi gapydan boýnuny uzatdy: – Rejep! – Hüm-m! – Eýgilikmi, ýüwürjim? – Howwa. – Gulluga-zada aljak diýdilermi? – Ýok. – Ýa ýene bir kem tapdylarmy? – Ýo-o-o... – Onda näme üçin ýatyrsyň? – Pikirlenýän. Agşamara agasy ýorganyň bir çetini göterdi: – Ýer-ow, inibaý, eýgilikmidir? – Hä-ä! – Nä ýatyrsyň? – Pikirlenýän. – Traktory nätdiň? – Kömekçime tabşyrdym. Garaz-aý, Rejep bu gün kän pikirlendi. Beýle ýüke werdiş bolmadyk çal beýni sork-sork ediberdi. Rejep ümsüm halys bolup, gijäniň bir wagty uka gitdi. Ynha, indi bolsa, Gün al-asmana çykyp gidensoňam, gabaklaryny bir göterip – bir goýberip ýatyr. Göwnüne, kimdir biri gözüni aýyrman oňa seredip duran ýaly boldy. Tisginip, ýalpa gözüni açdy, derden öl-myžžyk bolan ýassykdan başyny göterdi. – O-how! Maksat jan, salam-ow! Onuň gapdalynda aýbogdaşjygyny gurup oturan çaga çep elini öňe uzatdy. – Ýok, beýleki eliňi ber! Oňa elleşmegem, aýbogdaşyňy gurup oturmagam öwreden Rejebiň özi. – Hany, şol penjegem getir, inim! Oglanjyk özi bilen boýdaş pessejik oturgyja tarap ýorgalap gitdi, onuň üstüne atylan penjegi çekip aldy. Göterip gelýärkä-de, penjegiň syýnyny basyp, ýykyldy. – Haý, atyň bökdi, tur, atyň bökdi... Oglanjyk haş-haş edip, ýerinden galdy, götinjekläp, penjegi süýräp gaýtdy. Maksatjyk bu penjegi şuňa meňzeş dört-bäş penjegiň içinde-de ýalňyşman tanap bilýär. Rejep her gün işden gelende, ol ýorgalap öňünden çykýar. Ine şonda, traktor ýagyndan ýaňa garagäz bolan bu penjegiň jübülerinden şakyrdawuk kagyza dolangy iki sany şokolad hökman tapylar. Şonuň üçin, Maksatjyk tä ýatylar wagta çenli, iýmçi guzy ýaly, Rejebiň yzyna düşer ýörerdi. Ynha, häzirem şol jomart jübülerden iki sany şokolad lowurdap çykdy. – Sen muny şu wagtdan para-peşgeşe öwredýäň! – diýip, oglanjygyň kakasy Juma käte inisine degýär. Rejep näme jogap berjegini bilmän, biraz salym oýlanýar, iň soňunda-da: – Aý, ýok-laý! – diýmek bilen kanagatlanýar. Işde-de, öýde-de Rejebiň sanaglyja sözi bar: ˝hä˝, ˝ýok˝, ˝bolýa˝, ˝görerin-dä˝. Şonuň üçinem, ol ˝ümsüm˝ lakamyny baryp mekdep ýyllaryndan bäri göterip gelýär. Ýöne niçikmi, Maksat ikisi tapyşdygy welin, gürrüňleri alşyp ötägidýär. Dilem tapýarlar. – Päheý, saňa bir sorag bardy welin, tas ýatdan çykan eken-aý. Hany, sen kimi aljak diýýädiň entek? Oglanjyk şokolady açjak bolup garabaşyna gaý hysyrdanyp oturyşyna, jogap gaýtardy: – Duýdy agany aljak. – Ä? Kimi?! – Duýdy agany! Rejep düşegiň üstünde ýarym-ýalaňaç oturan ýerinden içini tutup, kese gyşardy. Gülkiniň arasynda ýene özüçe wäşilik edip başlady: – Ony alyp näme etjek? – Aýdym aýtdyýjak. Durdy aga diýilýän bularyň goňşusy. Elliden agan, urşy zadam gören, ýöne-möne görenem däl-de, razwedkaçylyk edip, arasynda o ýüze-de birki gezek aşyp gelen adam. Häzir kolhozyň baş çopany. Alty aýdan öýüne dolanýar. Öýlerine gelmesine geler welin, aňsat törde oturmaz. Howa maýyl günleri dagy bolsa-ha, bar onsoň! Öýleriniň arkasyna çykar-da, günuzyn güneşlär oturar. Niçikmi, oglanjyklar köçeden topar tutuşyp, şapadaňlaşyp geçiberdikleri, iki elinem turbajyk ýaly edip agzyna tutar-da: – Häý, gaty ylgamaň, anha, biriňiziň jüllüjegiňiz üzülip galdy – diýip gygyrdy. Oglanjyklar durup seredişýärlerem. Ogrynça balajygyna elini sokup görýänem bar. Keýpi has tutgunrak bolan mahallary bolsa, ol çagalary daşyna üýşürýär-de, hasasyny dutar eden bolup, tyrk-tyrk kakyp başlaýar, birhili gulaga ýakymly sesi bilen aýdym aýdyp berýär. Aýdymlary welin... Aýdym-aýdym, bir aýdym, Ýolda bir siňek soýdum, Kellebaşaýagyny... Durdy aga beýdini sanap gutarmanka, uly goh turýar: – Kellebaşaýagyny Sapaýa goýdum diý! – Ata diý... – Ýok, Agamyrada... Durdy aga ahyrsoň oglanjyklaryň biriniň adyny tutar, ˝Bar, Agamyrada goýdum!˝ diýer. Niçikmi, Agamyratjygyň dodajyklary kemşeriberse, bada- bat başga aýdyma geçer: – Agamyrat janyň toýunda Biz bişirsek ak çörek... Ine, onsoň Agamyradyň dodajyklary ýylgyryp, gözjagazlary gülübir. Ýas-beýleki başa düşäýmese, ulular-a Durdy agany gaty bir idegläbem ýörenoklar. Ýaşulularyň meýlisinde Durdy aga bilen ýanaşyk oturan özüň bolma. Ahmal otyrkaň, birden böwrüňe dürter, dürtmese bolmaz, soňam pyşyrdap, ˝Gulagyňy bäri tut!˝ diýer. Üýtgeşik bir aýtjak zadam ýokdur... Maksadyň ˝öýlenjek˝ bolýany, ine, şeýle adamdy. – Seniň özüň kimi aljak? – diýip, Maksatjyk başyny galdyrman sowal berdi. Rejep gülküsini tapba kesdi. Bu sorag ony kyn günde goýdy, aljyratdy. Ol ýüzüni sapajak-supajak edip, oňa-muňa güýmenen boldy. Bir görse, Maksatjyk barmagyny sorup, çykyp barýar. – E-heý, Maksat, nirä? Hany, ikimiz aman-gujagam-a etmedik. Oglanjyk yzyna öwrüldi. Rejebiň gapdalynda ýatan penjege seredip, biraz oýurganyp durdy. Soň goljagazlaryny gerip, Rejebe tarap moýmudyklap gaýtdy, gelip onuň açyk gujagyna doldy. Rejep ýene şol uzakda galan güni ýatlady. ...Ol girende, içeri ala-goh eken. Durdy aganyň oguljyklary, gyzjagazlary hem-de... hem-de Rejep bilen ýaşytdaş gyzy Maýa dagy öýi kellesine geýäýjek bolýardylar. Maýanyň gözi daňylgy. Ol ellerini sermenekledip, kiçileri gözleýärdi. Haş-da-haş, gyk-da-bak. Rejep dillenjeginem, yza dönjeginem bilmän, gapynyň agzynda sadylla bolup durka, Maýa dogurlap geldi-de, ony şapba tutdy, ˝Hä-ä-ä!˝ diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrdy-da... bagryna basdy. Rejebiň demi içine dykyldy. Gözleriniň öňi garaňkyrady. Çagalar ˝Wiý, Maýa Rejebi tutdy! Wiý, Maýa Rejebi gujaklady!˝ diýşip, berdiler wakyrda. Maýa Rejebiň eginlerini, kellesini sermeleşdirip gördi-de, gözündäki daňyny şapba sypyrdy: – Hiýh! Rejep onuň apbasa dönen gözlerini, çym-gyzyl bolan ýaňaklaryny düýşdäki ýaly çala saýgaryp galdy. – Sen bärde näme işleýäň? Rejep ýuwdundy: – O-onunjy klas... – Näme onunjy klas? – Edebiýaty... Maýa elleri bilen ýüzüni tutup, aňyrsyna öwrüldi: – Ýerçeken, utançsyz... meýdi ýanan. Rejebiň öňdenem çäklije söz gory indi bütinleý tükendi. Käwagt bir agzyny açyp, ˝Onunjy...˝ diýäýýär. Şo ýyl onunjyny gutarýançalar, has takygy, gutardyş agşamyna çenli Maýa Rejep bilen ýeke agyzam gürleşmedi. Gabatma-gabat gelişselerem, Maýa diňe çalaja gyzaryp, ýere bakaýýardy. Başga näme etmelidigini bilmänsoň, Rejebem şeýdýärdi. Gutardyş agşamyndan soň, sülgüniň jüýjeleri ýaly dyr-pytrak boldular. Rejep mekdepde alan traktorçylyk şahadatnamasyny jübüsine saldy-da, agasynyň yzyna düşüp, kolhoz başlygynyň huzuryna bardy. Maýa-da hiç ýere girmedi. ...Maksatjyk eýýäm penjegiň üçünji jübüsini daşyna çöwürjek bolup, hykylap otyr. Käte-käte gözüniň gyýtagy bilen Rejebe tarap ogrynça seredýär. Ýöne Rejebiň häzir jigisi bilenem işi ýok, jübüsi bilenem... ...Traktorçylyga başlan ilkinji ýyly Rejep ömründe birinji gezek gazaba münüp gördi. Ol özüniň Ýazly diýen klasdaşy bilen gowaça iýmit berip ýördi. Rejep rulda, Ýazly yzda. Kän haýdadylar. Şol barmaşa ýeňseden çirkin sykylyk eşidildi. Rejep gaňrylyp seretse, Ýazly bir eli bilen ýokardaky Güni, bir eli bilenem bokurdagyny görkezip, yşarat yzyna yşarat edýär. Rejep traktory gyra çykaryp, öçürdi. Çaý gaýnadyndylar. Ýazly ýene köne heňňama başlady: – Şu wagt bir owadan gyz geläge-de, ˝Rejep jan, men-ä seni söýýän!˝ diýäýse, nädersiň, hä?! Rejebiň ýüregi ýerinden çalaja gozganyp giden ýaly boldy. Göwnüne, eýýäm hol beýleden bir owadan gyz şaňňyrdap gelýän ýaly, töweregine ýaltaklady. Soň gyzaryp, aljyraňňy halda ýylgyrdy. – Haý, ümsümiň bar bol-a! – diýip, Ýazly güle-güle heziller etdi. Rejep onuň gülüp bolaryna garaşyp, sabyrlylyk bilen dymyp otyrdy. Öz oýnundan monça bolan Ýazly ahyrsoň barmaklary bilen gözlerini süpürişdirip, çynlakaý äheňe geçdi: – Bu bolşuňa sen ýaman hor bolarsyň, Rejep! Biziň indi herimiz özbaşdak adam ahyryn. Her kim öz gününi özi tigirlemeli. Hany, özüňe bir seret, heý, gün tigirlejek adama meňzeýäňmi, hany, bir seret! Ol muny şeýle bir janygyp aýtdy welin, Rejep biygtyýar o ýerine-bu ýerine seredişdirdi. – Indi her kim okamaly, wezipe-zat edinmeli, Rejep! Onsoňam... onsoňam, her kim öýlenmeli... Rejebiň ýüregi ýene birazajyk süýşdi. – Ýöne sen aýt, şu ulugyz ýaly bolup ýörşüňe, nädip öýlenjek, hä? Ýeri, öýlendiňem diýeli-dä. Şu bolşuňa ony nädip eklejek, hä?! – Kimi? – Ol... aýalyňymy-nämemi? Rejep bu barada heniz ýeke gezegem kelle döwüp görmedik bolsa nätjek. Onuň indi özünden hasam göwni geçdi. Ýazly bolsa Rejebiň bu halyndan bihabar, eňterip otyr – eňterip otyr. – Şu bolşuň bilen sen hem-ä özüňi, hem aýalyňy aç öldürersiň! – Men.... işlärin! – diýende, Rejebiň sesi endiräp gitdi. –Nädip? Nirede? Şunyň, şu arabaň bilenmi? – Ýazly ýerinden böküp turdy-da, baryp, duran traktoryň böwrüne depip goýberdi – Mundan mydar bolmaz, Rejep jan! Munyň bilen seni itiň ispisegine-de goşmazlar! Ýazly ýene gelip, Rejebiň gapdaljygynda ýeke dyzyna çökdi: – Bilýäňmi, häzirki zamanyň gyzlaryna näme gerek? Köşk ýaly jaý, suw ýaly maşyn, agzyňy dolduryp duran wezipe gerek. Esasy zadam: dil gerek, dil! Haýsy gyz çem gelse, ilki ˝Gowy görüşýäniň barmy?˝ diýip soramaly. ˝Ýok˝ diýse, ˝Onda men seni söýýärin, maňa dünýäde senden başga gyz gerek däl!˝ diýip, daşyndan pyrlanyber! Ol bolmadymy – başga birini tut! Biri eremese – biri erär. Hol gün meniň Aýjany aýlandyryberşimi gördüň-ä! Çäge ýaly, suwlup akyberendir görseň! Wah, entek men okuwa-zada bir gireýin! Ilki bilen-ä modanyň iň soňky nusgasy boýunça geýnerin. Soň elimi alkymyma diräp, surata düşerin. Kakam dagyny yryp, şäherden bir jaýjagazam satyn alyp biläýsem-ä... Soň görersiň nädiberşimi! Şu bardyr-a, islendik gyzyň bäş minutda gözüni-başyny aýlap, enter-pelegini öwürmesem näme! Rejep dikeldi: –Sen Maýanyňam başyny aýlaýarmykaň? – Haýsy Maýanyň? Seniň goňşyňmy? – Ýazly birazajyk oýurgandy – Onam aýlaryn. Görkezeýinmi? Jedel etjekmi? Rejebiň saryýagyz ýüzi ilki agardy, soňam göm-gök boldy. Ol: – Tur! – diýip, aýylganç gygyrdy. – Mün traktora! Rejepden heniz beýle batly ses eşitmedik Ýazly özüni ýitirdi, nädip ylgap baryp, traktoryň yzyna gonanyny bilmän galdy. Traktor arlap öňe okduryldy. Atyzyň aňry çetine çykylan badyna, Rejep bir taý tekeriň tormozynyň üstüne münäge-de, batly öwrüm etdi. Traktor hatara girensoň, ýene gazyň pedalyna labyryny atdy. Birhaýukdan ýeňsesine gaňrylsa, yzda ne Ýazly bar, ne-de gyşly. ˝Nätdim, wah, men nädäýdim?!˝ Rejep traktordan düşüp, hälki öwrüm eden ýerine ylgady. Ylgap barşyna-da, ˝Wah, bagyşla, meni bagyşla, Ýazly!˝ diýip pyşyrdaýardy. Ýazly gepini gögertdi. Şol wakadan göni alty aý geçenden soň, Maýa bilen Ýazly toý tutdy. ...Rejep kellesini silkip, gözlerini açalak-ýumalak etdirdi. Görse, içerde ýeke özi. Gapdalynda ähli jübüsi daşyna çöwrülen penjegi serlip ýatyr. Rejep gapa seretdi-de: – Alagada birine öýlenip oturybermek aňsat zatdyr öýdýäň-aý, Maksat jan! – diýip hümürdedi. Yzyndan ˝Hä-ä-äý...˝ diýip, uludan demini aldy. Düýnki waka, Äşäniň iki elini arkasyna tutup: – Boýnuňa al, özüň üçin gowy bor! – diýip gyssaýşy göz öňüne gelende, ony gaýtadan der basdy. Düýn Rejep harby komissarlyga baranda, bir ýakymsyz habaryň barlygyny Äşäniň ýüzünden aňypdy. Äşe uzak garaşdyrmady. Rejebi gören badyna: – Dawaý, daş çykaly! Bir-iki agyz gürrüň bar! – diýdi. Daş çykylan dessine-de, onuň alkymyndan aldy: – Men gep owadanlap oturmagy ýa-da aýlawly gürlemegi halamok. Şonuň üçinem gös-göni aýtjak. Ynha, mende seniň geçmişiň, umuman, moral tarapyň barada käbir maglumatlar bar. Ýeri, sen aýt, öň Durdy aga diýilýän çopanyň Maýa diýilýän gyzyny tanaýarmydyň? Rejep çalt-çalt ýuwdundy-da, başyny atdy. – Mekdepde bile okapsyň, şeýlemi? Rejep üm bilen ˝hawa!˝ diýdi. – Maňa mälim bolan faktlara görä, sen ony gujaklap, ogşapsyň. Entek ol durmuşa çykmanka! Şeýle gerek?! Boýnuňa alaý, özüň üçin gowy bor... Ýap-ýaňam öz ornunda lowurdap duran bulutsyz asman güpürdäp gaýtdy-da, Rejebiň depesinden indi. Äşäniň ˝Gowy däl, Rejep! Gaty gelşiksiz. Başga biriniň gelinligine göz garaltmak... munuň özi jenaýatdyr˝ diýýän sözleri diňe saplam gulagyna geldi. Rejep bir wagt özüni dürsäp, töweregine äňetse, Äşe ýok. Ol Äşäniň diýşi ýaly ˝Wsýo, wsýo!˝ diýip pyşyrdady. Durup-durup, ˝Aý, gitmeli bolsa, bolşuny bolşy ýaly aýdyp, soň gideýin-le!˝ diýen karara geldi-de, Äşäniň işleýän kabinetine kürsäp girdi. Bagtyna, Äşäniň ýeke özi oturan eken. Öňünde-de Rejebiň ömür ýoluna degişli kagyzlar çatylan ýukajyk papka.˝Häk! Bü-ýä ýaňky aýdanlarynam kagyza ýazyp, şu papka çatjag-ow!˝ diýen pikir Rejebiň kellesine gelip geçdi. Ol Äşäniň ýüzüne seretmän: – Men Maýany gujaklamok. Ol meni gujaklady. Tötänlikde... Gözem daňylgydy... – diýdi-de, göni yzyna çykyp gaýtdy. Eger ol gaýtmazdan öňünçä, Äşäni siňe bir synlan bolsady, onda onuň owasyna ýaş aýlanan gözlerini, çalaja sandyraýan barmaklaryny görerdi. ˝Be, Äşe-de beýleki gyzlar ýaly gabanyp, aglap bilýän eken-ow!˝ diýerdi. Belki, ˝Indi menem gabanýan adam bar-ow!˝ diýip, monça bolardy. Ynha, Rejep ümsümi tas-kem uzakly gije pikirlenmäge mejbur eden waka şeýlejek bolup geçdi. ...Aradan bir-iki gün ötmänkä, telefonly goňşularynyň oguljygy dükürdäp geldi: – Ejem şeý diýýä, Rejebi etraba çagyrýarlar diýýä, özi bilýämiş diýýä! * * * Bu wakanyň üstünden telim aý geçdi. Birdenkä-de ˝Rejep ümsüm öýlenjekmiş!˝ diýlen habar oba kürsäp girdi-de, sanly salymda obanyň o çetinden çykdy. – Haçan öýlenýärmiş? – Basym, geljek sähetleriň birinde. – Nireden öýlenýärmiş? – Etrap merkezinden öz-ä. – Kime öýlenýärmiş? Bu soraga obanyň gyzlary tizara jogap tapdylar: – Ady-ha Äşemişin, etrapda, harbylaryň edarasynda maşynyska bolup işleýärmişin. – Wiý, hol, günde bir dürli köýnek geýip ýören gyzmy? – Ony tanaýamydyň, gyz? – Tanaman näme? Baýramda-zatda mydama garamtyl wilýur geýip çykýandyr-la, gyz?! Etrap merkeziniň oglanlar-a oňa ˝Äşe soldat˝ diýýän ekenler... – Wiý, şomy asyl? Onuň haýbatam bäşiň-onuň sussuny basjak-la, gyz! Wah, ol-a Ümsüm neressäni iýäýer eger! – Iýer, iýer! – diýip, gyzlar ylalaşdylar. Arasynda pynhanlyk bilen, uludan demini alanlaram boldy. * * * ˝Äşe soldat˝ diýmezçe-de däl. Dars-dars edip ýöreýşini synlasaň, çatrykdan-zatdan hyrra öwrülişini görseň, ˝Tak, ta-ak!˝ diýip gürleýşini diňleseň, dogrudanam, ilki bilen, göz öňüňe gullugy ýaňyja tamamlan oglanlar gelýär. Maşynka dagyny şat-şat etdirip, şeýle bir urýar welin, pulemýot atýan däldirin öýdenok. Harby adamlar bilen işleşip ýörendenmi ýa-da dokuz sany erkek doganyň arasynda önüp-ösendenmi, äheň dagysam birhili resmi, erkek pisint. Ýasamaragam ýalymy: ˝Eje, men şu gün işde birneme eglenjekdirin, nahar-zat taýýarlamak barada kiçilere öňräginden görkezme berersiň-dä!˝ ˝Kaka, sen ak köýnegiňi ýuwup, ütükläp goýmagymy haýyş edipdiň, ýöne onyň indi ulanarly däl!˝ we şuňa meňzeşler. – Hernä, seniň şu erke gyzyň bagtyndan ýumry-ýumşak, ulugyz ýaly bir ýigit çykaýbilsedir. Ýogsam, bu gödeňsiligi bolsa, adam bilen oňuşmaz bu! – diýip, Äşäniň kakasy käte oýunlyga salyp gürlärdi. – Oňşar, oňşar! – diýip, oýun-degişme diýlen zady bilmeýän ejesi garaçyny bilen gaýtawul bererdi. – Duşan ýumry-ýumşak bolmasa, Äşe janyň özi ýumşadar. Hany, ilkibaşda senem ýumşamajak ýalydyň-la... Gürrüň şu ýere gelende, kakasy diňe ˝Ähem-ühüm!˝ etmek bilen oňaýýardy. Äşe, ine, şeýle ejäniň gyzydy. Harby komissarlykda, komissiýanyň öňünde özüniň çuw-ýalaňaçlygyndan utanyp, ýere girjek bolup duran Rejep ümsümi ilkinji gezek görende, Äşe içinden ˝Ejem dagynyň ulugyz ýaly diýýäni şeýleräjik oglan bolsa gerek!˝ diýip oýlanypdy. Rejebi komissarlyga çagyrdylar-çagyrdylar, soňam sag elinden şikes tapyp (öň döwlüp, egri biten eken), goşun gullugyndan galdyrdylar. Emma, Rejebem bu ýerden boş gaýtmazlygy ýüregine düwdi. Bir görseň, maşynkany şakyrdadyp, bir görseňem, gujak-gujak papkalary eýläk-beýläk gatnadyp ýören dik syrat, görmegeý gyzy göz astyna aldy. ˝Ýazlynyň öwredýän tärini ulanyp göräýsem näderkä?˝ diýip, kän ýaýdandy. Ahyrsoň, ajap günleriň birinde ýüregine daş baglap, bardy Äşäniň gaşyna: – Bagyşlaň welin, siziň gowy görüşýän ýigidiňiz barmy? Ol Äşe pyňkyrar öýdüpdi. Ýöne Äşe pyňkyrmadam, gülmedem, ýüz-gözündäki çynlakaý görnüşi birjigem üýtgetmän: – Onuň bu ýerde näme geregi bar? – diýdi. – Eger gowy görüşýäniňiz bolmasa, onda men sizi söýýän... Äşä ýazyp oturan zadyny goýup, Rejebiň ýüzüne ýiti-ýiti seretdi. Birdenem ýylgyrdy: – Aý, näme, ýagşy ýigit, oýlanyp göreris-dä! Rejep onuň oýundygyny ýa-da çyndygyny bilip bilmän, alasarmyk halda yzyna gaýtdy. Bu bolan wakalary ýüregine sygdyryp bilmän, baryny agasyna gürrüň berdi. – Özi görmegeý bolup, ýene akylly bolsa, üstesine-de dogumly bolsa, sypdyrma ony, inim! – diýip, agasy bu söwdany oňlady – Sypdyrma-da, gatnaber! ...Haçan görseň, Rejep barýandyr tigirlije, ˝Nirä?˝ diýip soramankaň, ˝Aý, komissarlyga çagyrypdyrlar˝ diýer. * * * Bu gün Äşe bilen Rejebiň duşuşyk güni. Rejep garaňky oňly gatyşmanka, etrap merkezine ýetdi. Tigirini ilki gabat gelen howla süsdürdi-de, ˝Daýza jan, şuňa seredeweriň, häzir gelýän!˝ diýip,eňdi. Baryp, Äşeleriň mellejiginiň aýagujundan sümdi. Üsti şiferli, kaşaň jaýy nyşana aldy-da, duruberdi. Ep-esli wagt geçensoň, jaýyň işigi batly açylyp, biri çykdy, dogumly basyp, bäri gaýtdy. Rejebiň hälkije batyrlygy zym-zyýat boldy, ol gapdalyndaky tut bilen bile bitene döndi. Garaňkyda gelýäniň kimdigini saýgarmak elem boldy. ˝Allajanlarym, ˝Äşe˝ diýäýsem, o-da Äşe bolman, ejesi ýa başga biri bolup çykaýsa, ˝Äşe˝ diýmesem, o-da Äşe bolup, meni ýokdur öýdüp, yzyna gaýdyberse...˝ diýip, hopukdy. Şol aralykda ýeňsesine bir gaňrylsa, yzynda hajathana garalyp dur. ˝Wah, samsygyň biri, gelim-gidimsizräk ýer tapmadyňmy, garaşjak bolsaň!˝ diýip, öz-özüne käýindi. Hälki gara golaýraga geldi-de, aýak çekdi. Gara-da dur, Rejebem dur. Az salymdan ˝Rejep!˝ diýip, garadan ses çykdy. Rejep öýkenini ýaryp barýan howanyň baryny bir demde boşatdy. Ysgynsyzja ˝Hä...˝ diýdi. – Sesiňi-zadyňy bir çykarsaň bolmaýamy, iň bolmanda, duran ýeriňde gymyldap durmak gerek! Agaçmykaň öýdüp, tas yzyma gaýdypdym. – Aý, ýok, agaj-a däl... – diýip, Rejep hümürdedi. Duşuşyk başlandy. Äşe öňki duşuşykdaky gürrüňi dowam etdirip, mundan beýläkki wezipeleri ýekän-ýekän kesgitledi: – Ta-ak, onda toýa taýýarlyk görübermeli. Ýöne süýt haky-püýt haky diýip, meniň ýüzümi gyzardaýmaň. Bir iňňi-piňňi etjek ejemdir, onuň bilenem özüm gürleşerin. Kakamam ejemiň elindäki adam. Men ýagdaýyňyza düşünýän. Soňam, süýt haka, birtopar letdä gitjek pul, goý, özümizde dursun. Toýdan soňam aç öläýmeli däl-ä. Woobşem, diňe märekäniň öňünden bir telli-pelli geçseňiz bor! ˝Aý, sagja bol, Äşe jan!˝ diýip, Rejep içinden oňa alkyş okady. Äşe pikirini ösdürmegini dowam etdirdi: – Onsoňam, sözaýdyjy diýip, birtopar garry-gurryny meniň gapymdan inderme. Formallyk gerek däl. Diňe agaň gelip, toýuň sähedini-zadyny belleşip gitse bor. Düşnüklimi? Men onda gaýtdym... Äşe hyrra yzyna öwrüldi. ˝Ot ýaly-aý! – diýip, Rejep içinden guwandy. – Sen, Ýazlyjyk, şuň ýalakyňam başyny aýlaýarmydykaň?!˝ Äşe gidensoň, ony entek ýeke gezegem ogşap görmänligi Rejebiň ýadyna düşdi. ˝Häk, oňarmadym, şu gezek ogşamalydym. Toýa armanlyja barmaly boljak-da men!˝ diýip, tä tigrini goýan ýerine ýetýänçä, başyny ýaýkap-ýaýkap gitdi. * * * Toý, ýaramaz geçmedi. Rejebiň gapdalynda sarsman, müýnürgemän, ap-arkaýyn oturan, surat ýaly gyza seredeniň gözi gitdi, synlanyň birhili... howy basyldy. Bir-biriniň gulagyna ˝Ümsüm zaňňar ýatyp atdy-aý!˝ diýip, pyşyrdanlar seýrek bolmady. ˝Öz-ä dogumly gyz bora çemeli, oturyşy dagysyna bir seret!˝ diýenlerem şonçarak boldy. ˝Ümsüme geregem şuň ýalyrak! ˝Eklenibilmeseň – aýal al˝ diýlen nakyly içinden gaýta-gaýta öwren adamlaram az bolmady. Rejebiňem bir gözi Äşede. Gelinliginiň ýüzünden hat okajak ýaly bolup, käte bir gozganjyrap oturyşyny göreniňde, ony ˝Äşäniň göwni ýetermikä, Äşe näme diýerkä?˝ diýen pikiriň horlaýandygyny aňmak kyn däl. Äşe diňe bir gezek, özi diýmişleýin, ˝zameçaniýe˝ etdi. Çalaja ýylgyryp, ˝Obaňyzyň adamlary iýmegi-hä gowy görýän ekeni!˝ diýdi. Rejep ýalt edip, onuň seredýän tarapyna bakdy hem-de ullakan omaçany iki eli bilen tutup, onuň başyna oýun baryny salyp oturan Durdy agany gördi. Käte gapdalyndakynyň böwrüne dürtüp, bir zatlar diýýänligini hasap etmeseň, baş çopan, esasan, elindäki omaça bilen gümra. Rejebiň göwnüne, ol şondan soňam ýarym sagatlap dagy omaçanyň ýiligini soran ýaly boldy. ˝Jan agam, goýaýsana-how indi şonyňy!˝ diýip, Rejep içinden Durdy aga ýalbardy. ...Toý sag-aman sowuldy. Äşe bilen Rejebi bir tama gabadylar.Rejep toýda gowşurylan nika şahadatnamasyny gaýtadan ele aldy, gurrandazyň kitabyny açýan ýaly ony emaý bilen açdy. ˝Nikalaşanlaryndan soňky familiýalary: äriniňki - Gaýypow, aýalynyňky – Gaýypowa˝ diýen ýazgyny okanda, ini dyglap gitdi. ˝Muny nädäýipdirler-aý... ˝Äri˝ diýip, göni ýazaýypdyrlar˝. – Rejep, gel, elime suw akytsana! – diýen ses ony özüne getirdi. Görse, Äşe gapynyň agzynda goýlan legendir akja kündügiň üstünde elini serip dur. Durdy aganyň şu gün irden gulagyna pyşyrdan sözleri Rejebiň güpbe ýadyna düşdi: ˝Inim, başdan diýeniňi etdirmegi öwrengin! Ilkinji gijede ygtyýar kimde bolsa, soň şonlugyna-da gider. Berk durgun!˝ ˝Ä-hä, bujagaz pirimiňe-hä çolaşmaryn, Äşe jan, menem mekirdirin˝ diýip, Rejep öz ýanyndan ýylgyrdy– Bi... neme, Äşe, erkek adam nemäniň eline suw akydyp dursa, birhili bolmazmy-aý? Şol wagt Äşe ˝Nu, Reje-e-p!˝ diýip, birhili näz bilen süýkdürip goýberdi welin, Rejebiň ˝mekirlik˝ ýadyndan çykdy gitdi. ˝Aý, bir gezejik eline suw akydanym bilen, ygtyýary berip durasym ýok-laý!˝ diýen karara geldi. ...Äşe ortada ýazylgy duran düşege seredip, oýa çümdi, soň gözlerini ýaldyradyp, Rejebe ýüzlendi: – Ikimiz indi bir hem-de özbaşdak adamlar, Rejep! Ikimiz uzak ýola gidýäs, Rejep!.. Bir-biregi hor etmäli, Rejep! *** Iş gutaran dessine, Rejep öýe alňasady. Pah, täze öýlenen ýigit-dä. Töweregine bürgüt bakyşy bilen bakyp, her ýerden bir basyp, anha, gelýär. Işikden kese çekilen ýüpde gerňelip duran ullakan palasy ýumrugy bilen urup goýberen bolup, onuň aşagyndan ýeserlik bilen sümülip geçdi-de, Rejep içerik kürsäp urdy. – Waý, aýagyň...! – diýen çirkin ses onuň depe saçyny düýrükdirdi, ol biygtyýar halda dik ýokarlygyna bir bökdi. Tä eli pol ýuwulýan agaçly Äşe gelip alkymyna dykylýança, nämäniň nämedigine düşünmän, äm-säm durdy. – Hapa aýagyň bilen süssürilip gelşiň nähili? – diýip, Äşe gygyrdy. – Geç şunuň üstüne! – Äşe pola atan öl esgisini görkezdi. – Soňam çyk derrew yzyňa! Pol guransoň, köwşüňi daşarda çykaryp, soň girersiň. ˝Bäh, ýaman berk tutýar-aý˝ diýip, Rejep ýyljyraklady. Daşarda, bosaganyň üstünde çilim çeken bolup, galkyjaklap otyrka, aňyrdan agasy geldi zordan aýagyny süýräp. – Juma, dur-how entek. Aýagyň köwüşli girmek bolanok. Pol guransoň... Juma tozan siňen kirpiklerini gyrp-gyrp etdirip, inisiniň ýüzüne seretdi: – Kim aýdýar-aý şony? – Äşe aýdýa-how! Pollary ýuwup ýör şu wagt. Şu günden beýläk bu öýde çalam-çaşlyk bolmaly däl indi, agam! Rejep gapdalynda haşlap çöken agasynyň gulagyna pyşyrdady: – Biziňk-ä öýleri gül pürkülen ýaly edäýipdir-eý! Juma inisiniň begenjine pitiwa etmedi: – Gowy-da şol. Gelnejeňem bir ýekelli şu wagt.... Hany, bir çilim ber! Juma çilimi üsti-üstüne sordy, bir eli bilen dyzlaryny owkalaşdyrdy: – Sen, inim, maňa gulak as... Seniň aýalyň, elbetde, erbet däl... Rejep ýyrş etdi. – Ýöne onda birhili sylamazlykmy-nämemi bar ýaly. Maňa dagam ˝Juma˝ diýen bolup ýör-how! Men... men onuň gaýyn agasy ahyryn. Iň bolmanda, meni görende, çekinen bolmaly, utanan bolmaly. Birhili... gyzarmalymy-nätmelimi... Gapy jarkyldap açyldy: – Hany, giriň ikiňizem, köwşüňizi şo taýda çykaryň! Rejep duran ýerinden jüpaýaklap, gapynyň bosagasyndan böküp geçdi, ýag bilen tozandan ýaňa garalyp giden köwüşleri onuň yzyndan aňkarylyşyp galdylar. Juma özüniň garaşsyz adamlygyny görkezmek üçin, ellerini arkasyna tutup, eýläk-beýläk gezmeleşdirdi, ardynjyrap, diňe soňurrak içeri girdi. * * * Ertesimi-birigünlügimi, işden gelseler, Äşe eli kätmenli mellekde tozan turzup ýör. Göwneseler – ösüp, göwnemeseler – guran bolşup oturan kartoşkalar bokurdagyndan aşagyny guma gömüp, pomidorlar, hyýarlar hersi özbaşyna nyzama düzülip, dim-dik bolşup durlar. Gawun-garpyzlaryň bişenleri bir ýerde, öte bişip çüýränleri başga bir ýerde topbak tutuşyp ýatyr. Biýaralar gerinjireşip, öňküdenem ýaýraýan ýaly. Rejep agasynyň gulagyna pyşyrdady: – Sered-aý, merkeziň gyzy diýmersiň! Äşe-de dikeldi: – Indiden beýläk bazardan ýekeje kartoşka, ýeke düýp sogan satyn alynmasyn. Ählisini şu ýerden öndürmeli. Düşnüklimi, Rejep? – Düşnükli, Äşe jan! Aga-ini bir-biriniň ýüzüne seredişip, ýylgyryşdylar, soňam, göýä myhmançylyga gelen ýaly, edep bilen köwüşlerini çykaryp, usullyk bilen öýe sümdüler. * * * Äşe Rejebe ˝Gumrujygym!˝ diýip ýüzlenmäni çykardy. Ol her gezek şeýle diýende, Rejebiň saryýagyz ýüzi gyzaryp gidýärdi. ˝A-how, gumrym-sumrym diýip erkek aýala aýtmaly bolaýmasyn?!˝ diýip, ol käte içini gepledýärdi. Ýene-de ˝Aý, diýende näme. Gowy görýä-de, aýdýa-da. Äşe ýöne ýere pylan diýesi ýok-la˝ diýip goýýardy. ˝Gumry˝ diýýärmi, ˝kepderi˝ diýýärmi – özi bilsin welin, Äşäniň birhili ýumşanlygy-ha hak. Garaz, öňki ˝Äşe soldatyň˝ ýok-da. Käte-käteler bir zadyň oýuna çümüp, oturýar-oturýar-da, birdenem gelin näzi bilen, şeýle bir mylakatlylyk bilen gözlerini balkyldadyp, Rejebiň ýüzüne bakýar. Şol wagt onuň owadanlanaýşyny! Eý-ho-o! Bu günem şeýle boldy. Näz-mylakatdan doly gözler, ýassyga ýaplanyp irkiljiräp oturan Rejebiň ýüzüne dikildi: – Ýadadyňmy, gumrujygym? Rejep gözlerini ýalpa açdy, dikeldi: – Aý, ýok... – Ýadansyň! Ýadasaňam, gaýrat et, gumrym! Dört-bäş ýyljyk gaýrat et! Ynha, biziňem elimiz uzap, agzymyza ýeter. Iýsek – öňümizde, iýmesek – ýeňsämizde, geýsek – egnimizde, geýmesek – şifonerimizde bolar. Soň men seni beg ýaly bezendirip, balyk ýaly semrederin. Ol otagyň içine birlaý göz aýlap çykdy-da, pyşyrdady: – Biziňem öýümiziň içi hut Durdy agalaryňky ýaly bolar. ˝Biziň öýümiz˝ diýilýäni Rejep şeýleräk göz öňüne getirýärdi: Ynha, içinde at çapybermeli giň otag, aýnadan düşýän Gün şöhlesi otaga nur çaýýar, öýüň bir burçunda Äşe tokarja çagany ýanap, emdirip ýatyr. Äşäniň göz öňüne getirýän öýi has üýtgeşik: Daşary ýurt mebellerinden ýaňa daralan otag, ýerdäki, diwandaky zybrym el halylaryndan düşýän şöhle otaga nur çaýýar, otagyň bir burçunda bolsa tokarja çaga iň gymmatbaha oýnawaçlara güýmenip otyr. – Men senden bir zat soramakçy bolýaryn, Rejep! – Äşe örän çynlakaý sypata girdi, nazary bilen Rejebiň görejini köwläp alaýjak ýaly, onuň gözleriniň edil içine seretdi. Äşäniň häzirki görnüşi – ikisiniňem galan ömri şol soraljak zada baglydyr-ow diýdirýärdi. Rejebiň ynjalygy gaçdy. Ol durşy bilen gulaga öwrüldi: – How-wa?! – Tüweleme, maşgalada üç bolup üç ýerden ylgaşyp ýörsüňiz, men gelmezden öňem. Birneme ýygnansyňyzam. – Aý, biz-ä... – Bilýän, toýy geçirmek üçinem gidendir birneme. Ýöne habaryň bardyr, men başga hiç zat aldyrmadym-a. Özümiz üçin durubersin diýdim. Ýadyňdamy?! – Aý, duruberer ýaly bizde başga zat ýok ahyryn. – Ýo-o-o-ok??? Äşäniň gözleri tegelendi, ýüzi agardy, dodaklarynyň arasy emaý bilen açyldy-da, nola meňzäp galyberdi. Rejep ogurlygyň üstünde tutulana döndi. Ýygryldy, müýnürgedi. Özlerinde başga hiç zadyň ýoklugyna ömründe birinji gezek ahmyr etdi. Äşe özüne gelip ugrady: – Näme etdiňiz şu wagta çenli gazananyňyzy? Hemmesini bokurdakdan ötürdiňizmi? Äşe dymdy, ˝Wah, nätseň-dä?˝ diýen manyda töweregine garanjaklady. – Aý, garnyň dok, egniň bitin bolsa... – Agasynyň köp gaýtalaýan bu sözleri, doly bolmasa-da, aýny wagtynda Rejebiň diline geldi. Äşe täzeden tutaşdy: – Wah, adam, düşün-ä! Bu dünýä diňe gara bokurdagyň üçin gelen dälsiň-ä! Sygyr ýaly symyşlap-symyşlap, soňam gägirip gidibermek üçin gelen dälsiň-ä! Ýeri, men sataşmadyk bolsam, gelni nädip edinjekdiňiz, hä?! Rejebiň müzzerilip oturyşyna nebsi agyrdymy-nätdimi, Äşe az-kem ýumşady: – Bolýa, geçeni geçdi bileli. Sen onda maňa gulak sal! Ras, hojalygy dolandyryp bileňokmy – bilýäne gulak sal. Şu günden beýläk ähli düşewündiň ýekeje köpüginem eýläk-beýläk etmän, meniň elime getirip berersiň. Seniň ol warak demriňden oňly düşewündem-ä bolasy ýok welin.... Onsoňam agaňa aýt, şu golaýdan, obanyň içinden maňa bolarlyk, aýlyklyrak iş gürleşip bersin. Ynha, haý diýmän, dekret wagtym geler. Dekredim üçinem birnemejik bererler. Rejep henize çenli diýleni edip – ýamanlyk görmändi. ...Kiçijikkä, kakasy bardy. ˝Oglum, meniň aýdýanlarymy pugta diňle, ýatda sakla. Başga zat bilen işiň bolmasyn˝ diýerdi. Rejep pugta diňledem, ýatda-da saklady. Hemmeler oňa ˝Akylly!˝ diýdiler. Soň kakasy ýogaldy. Agasy ýetişdi. ˝Inim, maňa gulak as, meniň diýenim bilen bol˝ diýdi. Rejep gulak asdy. ˝Pylanyň inisi, tüweleme, gaty akylly!˝ diýdiler. Rejep ýene şol köne, ygtybarly ýodany sypdyrmady. Äşäniň diýeni bile boldy, onuň ˝täze ykdysady syýasatyny˝ gep-gürrüňsiz ykrar etdi. Dowamy bar >> | |
|
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |