22:36 Osman türkmenleriniñ soltanlygy | |
OSMAN TÜRKMENLERINIÑ SOLTANLYGY (1299-1922 ý.)
Taryhy makalalar
1. Türkmen göçi Türkmenleriň seljuk türkmenleri döwründäki Kiçi Aziýa ýörişini ilkinji ýöriş hasaplamak nädogrudyr. Kiçi Aziýa Oguz han eýýamyndan bäri türkmenleriň ata Watanyna girýär. Gypjak çöli hem türkmenleriň ata watanydyr. Gypjak çöli bolsa Aral deňzi bilen Gara deňziň aralygynda ýerleşýär. XIII asyrda italýan syýahatçysy Marko Polo Kiçi Aziýany, Wan kölüni, Töwrizi, Garabagy Türkmenistan diýip atlandyrandygy üçin soňky döwrüň taryhçylary geňirgenipdiler, ýöne ol ýalňyşmandy. Türkmenleriň şu günki ýaşaýan ýeri ata Watanynyň diňe bir ülşüdir. Alp Arslan 1071-nji ýylda dünýä taryhynda deňsiz-taýsyz şöhratly ýeňiş hasaplanýan Malazgirt söweşinden soň türkmenleriň Kiçi Aziýadaky hökmürowanlygy artýar. Wizantiýa imperatory Romanos Diogenes ylalaşyk şertnamasyny baglaşansoň, Alp Arslan öz serkerdelerine Anadolyny basyp almaga perman-ygtyýar berýär. Türkmenler Gutalmyş ogullary Süleýman, Mansur, Alp Ilek, Döwlet ýaly serkerdeleriň başda durmagynda gaty köp ýerleri basyp alýarlar. Imperator Mihael gorkak, züwwetdin geňeşdarlarynyň geňeşine eýerip, türkmenlere garşy durup bilmän, Anadolydaky ähli Rum ilatyny ähli goşy-golamlary bilen bilelikde Balkanlara göçürýär. Şeýlelikde Anadolynyň köp ýerleri boşap galýar. Anadoluda, esasan, Oguz han Türkmen döwründen bäri ýaşaýan türkmenler galýar. Boşap galan Anadola türkmenler göç edýärler. Anadolydaky boşap galan ýerleri, öýleri gysga döwrüň içinde türkmenler doldurýarlar. Tutuş Anadoly türkmenleriň eline geçýär. Uly Türkmen göçüniň yzysüre başlanan haçly ýörişler türkmenleri gysga wagtlaýyn hem bolsa Günbatar Anadoludan çykarýar. Şu ýerde aýratyn ähmiýetli bir wakany belläp geçeýin. Ýakyn Gündogardan yslamy ýok etmek üçin Günbatar Ýewropa feodallarynyň we katolik ybadathanalarynyň dindarlarynyň guramaçylykly haçly ýörişleri gurnalýar. Şol haçly ýörişleriň tas ählisini diýen ýaly yza serpikdiren, ýeňen, ýeňip hem yslamyň ýok bolmak wehimini aradan aýran türkmenlerdir. Elbetde, haçly ýörişleriň yza serpikdiriliş taryhy özbaşyna bir mowzug, özbaşyna bir kitap ýazylmagyna mynasyp gahrymançylyk. Ýöne men esasy mowzugymdan daşlaşmazlyk maksady bilen, bu hakdaky söhbeti bolsa başga bir gezege goýup, haçly ýörişleriň haçan bolandygynyň senelerini ýazmak bilen çäklenmekçi bolýaryn. Birinji haçly ýöriş – 1096 – 1099 ýyllar; ikinji haçly ýöriş – 1147 – 1149 ýyllar; üçünji haçly ýöriş – 1189 – 1192 ýyllar; dördünji haçly ýöriş – 1202 – 1204 ýyllar; bäşinji haçly ýöriş – 1217 – 1219 ýyllar; altynjy haçly ýöriş – 1228 – 1229 ýyllar; ýedinji haçly ýöriş – 1248 – 1254 ýyllar; sekizinji haçly ýöriş – 1270 ýyllar; 1291-nji ýyldaky dokuzynjy, iň soňky haçly ýöriş haç göterijileriň Gündogardaky agalygynyň doly gutaran ýyly bolýar. Orta we Gündogar Anadoluda türkmenler diňe bir bu topragy eýelemek bilen çäklenmän, eýsem bu topragy döş gerip haçly ýörişlerden goramagyň-da hötdesinden geldiler. Gysga döwrüň içinde anadoly topragynda Artykogullary, Danyşmentogullary, Ahlatşahla, Mengüjekler, Saltyklylar ýaly ilkinji türkmen beglikleri şöhratlanyp ugrady. Anadolynyň doly türkmen ülkesi bolmagynda Mirýokafalon söweşi gutarnykly sepgit boldy. Şol söweşden Wizantiýanyň Anadolydaky kem-kästleýin agalygy hem gutarnykly suratda tamamlandy. Türkmenler Anadolynyň, Azerbaýjanyň türkmenleşmegini çaltlandyrdylar. Azerbaýjanyň demirgazygyndaky Erran, Urumiýe, Mugan, Nahçywan, Hoý, Erdebil, günorta Azerbaýjana garanyňda has köp türkmeni birleşdirýärdi, munuň sebäbi ol ýerler mes toprakly ýerlerdi, bol hasyl alyp bolýardy, türkmenler hem baran ýerlerinde daýhançylyk bilen meşgullanyp, bag-bakja, ekin önümlerini öndürýärdi. Türkmen topragynda bitýän ekinleriň tohumlaryny Anadoluda, Azerbaýjanda ekýärdiler. «Türkmeniň baran ýeri bellidir: bag-bakjadyr» diýen pikir XI–XIV asyrlarda ýörgünlidi. Hakykatdan hem türkmenler göçüp baran ýerlerini gür baglyga büreýärdiler. Gawundyr garpyz, erikdir şetdaly ýöriteleşdirilen gaplara gaplanylyp, Ýewropada satylýardy. Şeýle bolansoň Ermenistan, Gürjüstan topraklarynda ornaşan türkmenler hem, Anadoly, Azerbaýjan topraklaryndaky türkmenler, begler hem barjamlydylar, baý ýaşaýardylar. Käbir taryhy çeşmelerde Kiçi Aziýa göç eden türkmenleriň oba hojalygy bilen meşgul bolanlaryna «türk» diýlip ugralandygy nygtalýar. Türkmenler diňe bir Azerbaýjanda we Anadoluda jemlenmän, başga ýerlere-de göç edýärler. Has takygy, Parsda ýywalar, Huzystanda awşarlar, Günbatar Eýranda ilki salyrlar, soňra ýywalar toplumy mesgen tutýarlar. Şähri Zor, Mosul, Şam welaýatlarynda hem türkmenler jemlenýär. Kirmana bolsa türkmenler seljuk türkmenleriniň nesilşalygyndan bolan Gara Arslan Gurduň başda durmagynda gelipdiler. Horasanda – türkmenleriň merkezi Watanynda göçler sebäpli türkmenler belli bir derejede azalypdyr. Göç eden türkmenler, esasan, barjamly adamlar bolupdyr. Sebäbi öý goşlaryny alty aýlyk ýolda (gepiň gerdişine görä aýtsam, halkyň arasyndaky «alty aýlyk ýol» düşünjesi Türkmenistandan Anadoly aralygy, şeýle hem Kawkaza, Altaýa ýetmek üçin gerek bolýan wagt sebäpli döräpdir. Bu iki menziliň aralygy şol döwürde hem alty aý çemesi aralykdaky ýol bolupdyr. Altaý ülkesiniň, şäheriniň ady hem alty aýlyk ýol düşünje bilen baglanyşyklylykda dörän adalgalardyr) üç-dört ulag – baýtal ýa-da düýe gerek bolupdyr. Onuň ýaly ulag maly bolsa diňe gurply, barjamly adamlarda bolupdyr. Mongol çozuşy döwründe Mawerennahrdan 10 müň töweregi türkmen atlysynyň Anadola ugradylandygy barada maglumatlar saklanyp galypdyr. Mongol wagşylygyndan asgyn gelip, şeýle hem «Ýamandan ýaý boýly» diýişleri ýaly, sähelçe-de bolsa mongol basybalyjylaryndan daşda bolmak pikiri bilen türkmenler mejbury göç eýläpdirler. Seljuk türkmenleriniň döwleti döwründe göç has baý, has gurply, behişt howaly ýerde ýaşamak maksady bilen edilen bolsa, mongollar döwründe mejbury ýagdaýda edilipdir. Mongollaryň howply çozuşlaryndan howatyr etmeýän Müňgyşlak we Balkan türkmenleri bolsa «Hazaryň aňyrsyndaky türkmenler» ýa-da «Hazarýaka türkmenleri» görnüşinde Türkmenistanyň ilatynyň esasyny emele getiripdirler. Mongollaryň basybalyjylykly ýörişleri uzaklara ýaýraýar. Netijede Azerbaýjandan, Horasandan Anadola uly göç tolkuny gelýär. Mongollar Mugana welaýatyny eýelänlerinden soň türkmenler ýazylyp-ýaýrap oturan mes toprakly ýerlerini taşlap, Anadola çekilýärler. Eleşkirt töwereginde 60 müň hojalykdan ybarat bolan türkmenler Ahlat tarapa çekilýärler. Şonça möçberdäki başga bir türkmen hojalygy bolsa gadymy ýurtlary bolan Ispir, Baýburt we Pasinleri taşlap, Erzinjan, Sinap, Aýyntaba tarapa çekilýärler. Seljuk soltanlygy tarapyndan günbatar Gara deňziň boýlaryna iberilen çepniler gündogara ýaýraýarlar. Netijede, Gara deňziň ýakalary türkmen maşgalalaryndan dolýar. Çukurobadaky ermeni şazadalygynyň araçäklerine ýygnanan türkmenler bu döwletiň türkmenleşmegine getirýär. Onsoňam ermeni topragynda Parfiýa şalygy döwürlerinden bäri türkmenler ýaşaýardylar. Türkmenleriň Wizantiýa serhetlerini basgylap, rumlylara rahatlyk bermezliklerine Wizantiýa döwletinde o diýen bir ähmiýet berilmedi, ýagdaýy kadalaşdyryp bolar diýip hasap edýärdiler. Ýöne olar bu meselä baş galdyranlarynda iş işden geçipdi. Wizantiýa üçin türkmenler gaty uly howpa, duşmana öwrüldiler. Mongollaryň basybalyjylykly talaňçylyklaryndan gorkup gaçýan türkmenler iki oduň arasynda galyp, rumlylara garşy has batyrgaý hüjüm edipdirler. Çankyry bilen Kastomonydan Wizantiýa serhetlerine girýärdiler. Türkmenleriň mongollaryň öňünden gaçyşy ýaly, rumlylar hem türkmenleriň öňünden ähli goş-golamlaryny, baýlyklaryny taşlap gaçýardylar. Türkmenlerden dagdy bolan rumlular gaçmakdan ýaňa halys tozupdylar. Olar her hili çykalga gözleýärdiler. Käte türkmenler bilen ylalaşyk şertnamasyny baglaşýardylar. şol şertnamalarda rumlular göçüp gitmek üçin diňe öý goş-golamlaryny alyp ýetişmäge mümkinçilik berilmegini soraýardylar. Türkmenler mülk ýerleriniň obalarynyň, şäherleriniň atlaryny türkmençeleşdirip ugrapdyrlar. Döwlet dili hökmünde arap ýa pars dilini däl-de, diňe türkmen dili peýdalanylypdyr. Ýörite medreseler, mekdepler açylyp, olarda ilkinji nobatda türkmen dili, türkmen däp-dessurlary öwredilipdir. Köýjegiz-Uzak Deňizli üçburçlugynda 200000 öýli türkmen ýaşaýardy. Ermenek, Mut, Anamur etraplaryndaky Garamanogullary türkmenleri edil Eşrepogullary türkmenleri we Germiýanogullary türkmenleri ýaly mongollara berk gaýtawul bermäge geçipdiler. Mongollara gaýtawul bermekde Anadola dolan türkmenler günsaýyn güýçlenýärdiler, jebisleşýärdiler. Maksat birdi: parahat ýaşamak üçin mongollary ýeňmeli. 2. Mongol basybalyjylaryndan soň türkmenleriň döwletsiz ýaşamagynyň sebäpleri Mongol basybalyşlary türkmen milletiniň esasy güýç-kuwwatynyň, milletiň maddy hem ruhy özeniniň Orta Aziýadan Kiçi Aziýa tarap geçmeginiň esasy taryhy sebäbi boldy. Netijede, XIII asyrdan başlap Eýranda we Kiçi Aziýada türkmen milleti ýokary göterildi, Orta Aziýada bolsa türkmeniň güýç-kuwwaty kemelip, ýüzi gaýdyp ugrady. Orta Aziýadaky şeýle yza gaýtgynlyk kem-kemden boldy, uzaga çekdi. Munuň esasy anyk taryhy görkezijisi şu boldy: mongollardan soň Orta Aziýada türkmeniň sözüň hakyky manysyndaky kuwwatly milli döwleti bolmady. Elbetde, dürli döwürlerde aýry-aýry hanlyklar bolupdy. Emma olar türkmen milletini doly öz içine alan, milletiň güýç-kuwwatyny jemlän, goňşy döwletlere maddy, syýasy we ruhy manydaky bäsleşigi alamatlandyran bir türkmen bitewüligi bolup bilmedi. Munuň özi soňrak – XVIII asyrdan başlap türkmeniň syýasy taýdan doly dagynyklygyna getirdi we Orta Aziýada syýasy güýjüň beýleki milletlerdir olardan çykanlaryň esaslandyran döwletleriniň eline geçmegine getirdi. Syýasy taýdan dagynyklykda ýaşan türkmen taýpalarynyň ýagdaýy taryhy geljek babatda milletiň haýryna bolmady. Ruhy taýdan, mertebe taýdan türkmenler goňşy halklardan özlerini has ýokarda aňlaýardylar. Munuň düşnüksiz bir sebäbi ýokdur: baryp Oguz han eýýamyndan bäri türkmenler özleriniň nähili kuwwatly millet bolandygyny oňat bilýärdiler. Beýik Seljuk döwletiniň şan-şöhraty bolsa türkmenleriň ýüreklerinde hem aňynda janly ruhy ýatlama bolup durýardy. Munuň özi özge goňşy halklardan, türkmeniň dünýäni sorap ýaşan döwründe hatda ady-sory bolmadyk halklardan, emma eýýäm XVII–XVIII asyrlarda syýasy kuwwaty boýunça türkmenden öňe geçen halklardan türkmenleriň özlerini has ýokary tutmagynyň sebäbi bolupdy. Emma iş ýüzünde, syýasy durmuşda işler bu milli duýgynyň tersinedi: belli bir döwleti bolmansoň, türkmenler mahal-mahal goňşy hanlyklaryň ýa-da emirlikleriň täsirine düşýärdi, hatda olara salgyt tölemäge mejbur bolýan wagtlary hem bardy. Şeýlelikde, mongol basybalyşlary XIII asyra çenli Orta hem-de Ýakyn Gündogarda etniki, harby we syýasy taýdan bitewi bir güýç bolan türkmeniň böleklenmegine sebäp boldy. Türkmeniň harby-syýasy özeni Orta Aziýadan Kiçi Aziýa geçdi. Orta Aziýada galan türkmenleriň öz syýasy birligini – döwletini döredip bilmänligi aýandyr. Emma bu hakykata birtaraplaýyn garamak türkmeniň taryhy ykbalyna nädogry baha berilmegine getirip biler. Taryhda peýdasyz zyýan, haýyrsyz zelel bolmaýar. Orta Aziýa ürkmenleriniň XIV–XVIII asyrlardaky taryhy ykbalyna-da şeýle ikitaraplaýynlygyň nukdaýnazaryndan çemeleşmek gerek. Milletiň taryhy geljegi üçin döwletliligiň peýdaly bolşy ýaly, edil şol derejede döwletsizligiň hem amatly bolmagy mümkindir. Gep bu meselä anyk hem-de dialektiki seretmekden ybaratdyr. Mongollar gelenden soň, Orta Aziýada galan türkmenler özbaşdak döwlet edinmediler. Mongol hadysasy Orta Aziýanyň ykbalynda uly orun eýeledi. Men hususanam, olaryň şu sebitiň milli-etniki durkuna we düzümine eden täsirini göz öňünde tutýaryn. Mongollaryň täsirini özüne mazaly siňdiren halklar we halkyýetler özlerine döwlet edindiler. Netijede, türki hem mongol gatyşygynyň netijesi bolan käbir milletler kemala geldi. Olaryň dürli hanlyklar, hanedanlar we emirlikler görnüşinde ýüze çykan döwletleri özüne mongol häsiýetini mazaly siňdiren syýasy-etniki birleşmelerdi. Ol döwletler mongol faktorynyň etniki hadysalarda ýüze çykmagynyň syýasy görnüşi boldy. Diýmek, Orta Aziýada XIII asyrdan soň dörän türkidilli döwletler mongollaryň ýerli ilat bilen gatyşmagynyň gürrüňsiz syýasy alamaty bolup durýardy. Hut türkmenleriň şol döwürde döwletsiz ýaşanlygy olaryň mongol bilen gatyşmanlygynyň, ýagny millet derejesinde alyşmanlygynyň subutnamasydyr. Bu meselede degişli daşky syýasy özgerişler içki etniki-milli özgerişleriň şöhlelenmesi bolup durýar. Şu manyda-da degişli döwürde türkmeniň Orta Aziýada güýçli döwletiniň bolmanlygy bu milletiň milli taryhy geljeginiň doly haýrynady. Munuň özi türkmeniň beýleki kowumdaş halklar ýaly mongol bilen gatyşmanlygynyň, öz taryhy aslyny ýitirmänliginiň, köne ady saklanyp, iş ýüzünde başga bir, täze bir milli-etniki birlige öwrülmänliginiň gözli şaýatnamasydyr. Şonuň üçinem XVII asyrda Abul Gazy ýaly taryhçylaryň arrygyny gynandygyna garamazdan, türkmen özüniň etniki asly boýunça-da, özüniň soňky taryhy başdan geçirmeleri boýunça-da mongol bilen umumymilli bolmadyk milletligine galdy. Beýleki Orta aziýaly türkidilli halklardan tapawutlylykda türkmeniň milli-etniki substraty (düşegi) üýtgemän galdy. Öz aslyny saklamakdan ötri türkmen mongol bilen syýasy barlyşyga girenden syýasy dagynyklyga ýüz uranyny oňat gördi. Şu hem milletiň taryhy-etniki ykbalynda bolaýmaly düýpli üýtgeşikligiň öňüni aldy. Gepiň küle ýeri, türkmen hem mongol faktorlary alyşmady. Geň hem bolsa, şuny tekrarlamalydyryn: Orta Aziýa türkmenlerini tüýsi üýtgemekden dagynyklyk hem-de döwletsizlik halas etdi. Taryhda beýle paradokslar az bolmaýar. Mongollar – Çingiz han, onuň ogullarynyň, nebereleriniň Türkmenistandaky agalygy 1220-nji ýyllardan başlap, XV asyry hem öz içine aldy. 1221-nji ýylda Köneürgenç, 1220-nji ýylda Nusaý, Merw, beýleki şäherleri mongollar basyp alypdyr. Mongollaryň garşysyna Köneürgenç şasy Jelaleddin Meňkuberdi (Meňkuberdi – Hudaýberdi) çykypdy. Ol birnäçe ýyllap Çingiz hanyň garşysyna urşup, 1231-nji ýylda dönük tarapyndan öldürilýär. Mongollar ýüz müňlerçe türkmeniň gyrylmagyna sebäp boldular. Köneürgençde 100 müň, Nusaýda 70 müň adam wepat bolupdyr. Munuň özi ýitginiň, diňe adam ýitgisiniň millionlara golaýlaýandygyny görkezýär. Mongollardan soň Türkmenistan mongol nesli bolan Agsak Demiriň agalygyndan köp zulumlar gördi. Ondan soň bolsa syýasy taýdan dagynyk türkmenler türki-mongol nesli bolan özbek hanlarynyň zulumy bilen çaknyşmaly boldular. Şeýle durmuş tä XIX asyryň ahyrlaryna çenli dowam etdi. Mongol hadysasy Orta Aziýanyň syýasy-etniki kartasyny düýpli üýtgeden hem bolsa, türkmenleriň milli durkuna güýçli täsir etmedi. Öňem aýdyşym ýaly, türkmeniň öňbaşçy bölegi Eýrana, ondanam aňryk Kiçi Aziýa gitdi, Orta Aziýada galan türkmenler bolsa gyrak-bujaga çekildi. Munuň özi türkmeni millet hökmünde taryhy ýoksuzlykdan halas etdi. Ujypsyz üýtgeşmelere garamazdan, mongollardan soň hem türkmeniň milli düzümi ondan öňki taryhy döwürdäkisi ýaly halynda galdy. Giçki orta asyr türkmen taýpalary bilen, aýdaly, seljuk türkmenleri döwründäki taýpalaryň arasynda hiç hili tapawut ýokdur. Giçki orta asyrlardaky esasy türkmen taýpalary tekeler, ýomutlar, ärsarylar, saryklar – bularyň bary Oguz hanyň agtygy, Salyryň nesilleridir. Şonuň üçinem olary bütinleý täze etniki hadysa, täze taýpalar hasaplamak nädogrudyr. Ondan-da beter, bular bilen seljuk türkmenleri döwründäki taýpalaryň arasynda baglanyşygyň ýokdugyny diňe türkmene betniýet bilen garaýan adam aýdyp biler. Beýleki uly taýpalaryň bolsa giçki orta asyrlarda diňe atlary üýtgäpdi: çawuldyr-çowdura, ýazyr-garadaşla, eýmir-emrelä we ş.m.-lere öwrüldi. Gaýa, baýat, awşar, dodurga, baýandyr, çepni ýaly oguz-türkmen taýpalary hem bir böleginiň, megerem, esasy böleginiň Kiçi Aziýa gidenligine garamazdan, olaryň ownuk bölekleri Türkmenistanda galyp, beýleki taýpalaryň düzümine siňip gitdi. Şunuň bilen baglanyşyklylykda men şu ýerde türkmeniň geçen tas müň ýyllyk etniki taryhynyň umumy häsiýeti barada aşakdaky netijeleri tekrarlamalydyryn: 1. XI–XIX asyrlar aralygynda Orta Aziýada hem, Eýrandyr Kiçi Aziýada hem ýaşan türkmen milleti özüniň etniki düzüminiň, umuman, üýtgewsizligini saklap galdy. Diýmek, türkmen syýasy taýdan bölünen, emma etniki taýdan bir millet bolup galdy. 2. Şol sebäpden Oguz han Türkmen düşünjeleriniň arasynda çäk goýmak, Kiçi Aziýa we Eýran türkmenleri bilen Orta Aziýa türkmenlerini aýry-aýry bir etnoslar hökmünde görkezjek bolmak gözboýagçylykdan başga hiç zat däldir. Hatda bu ýerde garyndaş taýpalar ýa-da halkyýetler barada gürrüň etmek hem ylmy taýdan esassyzdyr we nädogrudyr. Gürrüň diňe bir millet barasynda gidip biler. 3. Akgoýunly, Garagoýunly, gajar ýa-da gyzylbaş türkmenlerini sowet taryh ylmynda edilişi ýaly, azerbaýjan taýpalary hökmünde görkezmek nädogrudyr. Bu ýerde baş aýaga, aýak hem başa öwrülýär. Şeýle pikir ýöretme, şeýle taryhy garaýyş taryhy-etniki prosesiň tersinedir. Hakykatda bolsa, häzirki azerbaýjanlar diýilýäni şol türkmen taýpalarynyň nesli, ýagny azerbaýjanlary türkmen halkyýeti hökmünde görkezmek dogry bolar. 4. Türkmen ylmynda sowet döwründe ýoň bolan bir tassyklama – türkmen milletiniň XV–XVI asyrlarda kemala gelendigi, giçki orta asyrlarda etniki prosesleriň dowam edendigi barada hakykata ters gelýän gürrüň edilýärdi. Etniki hadysanyň tamamlanmandygyny, dowam edýändigini tassyklamaga düýpli esaslar gerek. XVI–XVII asyrlarda Kiçi Aziýa, Eýran we Kawkaz türkmenleriniň ykdysady-syýasy ykbalynyň bir hili, Orta Aziýa türkmenleriniň şeýle ykbalynyň başga hili bolandygy beýle esas bolup bilmeýär. Örän ujypsyz şiwe tapawutlaryna garamazdan, diliň doly birligi, iň ownuk tire-urug atlarynyň doly deňligi, bitewi ruhy-çeper baýlygy bir zady tekrarlamaga – agzalan dünýä böleklerinde, has anygy, Orta hem-de Ýakyn Gündogarda häzire çenli bir bitewi milletiň – türkmenleriň ýaşap gelýändigini tassyklamaga esas berýär. Bu ýerde göze ilýän ähli tapawutlar ykdysady we syýasy ösüşiň dürli basgançaklary baradaky gürrüňe syrygýar. Eýse bu basgançaklaryň milletiň düýp mazmunyna gönüden-göni dahyly barmy? Elbetde, ýok! Mundan haýsydyr bir başga mantyga eýermek şäherde ýaşaýan türkmen bilen gumda ýaşaýan türkmen bşga-başga milletdir diýen ýaly sadalaç netijä getirip biler. Müň ýyl mundan öň hem 24 taýpadan ybarat oguz-türkmen milleti bardy, häzir hem türk we türkmen diýen halklardan ybarat bolan türkmen milleti bar. Şonuň üçin hem men «Bir millet, iki döwlet» diýen pähimi öňe sürdüm. 3. Marydan Kiçi Aziýa giden 400 atly türkmeniň taryhy Anadoluda seljuk türkmen döwletiniň synyp ugramagy bilen XVI asyryň başlaryna esasy syýasy işjeňlik täze dörän beglikleriň eline geçip ugraýar. Wizantiýa bilen araçäkde ýerleşen ol beglikleriň sany 20 töweregi bolupdyr. Araçäk, serhet manysynda şol döwürde türkmen dilinde «uç» sözi giň ulanyşa eýe bolup, soňra ol administratiw bir bölegi aňladyp ugrapdyr. Bu begliklerde özboluşly bir ýaşaýyş endikleri, özboluşly ruhy giňişlik kemala gelipdir. Şeýle özboluşlylyk şundan ybaratdyr: araçäkde ýerleşendikleri üçin, türkmenler mydama parahat, imi-sala ýaşaýşy harby taýýarlyk bilen utgaşdyrypdyrlar, olaryň bir elinde pildir kätmen ýa-da çopan taýagy bolsa, beýleki elinde mydama ýarag bolupdyr. Galyberse-de, özge dinli, özge medeniýetli bir halk bilen ýanaşyk oturmagy türkmenleriň öz-özüni milli taýdan aňlamasynyň güýçlenmegine, olarda milli özboluşlylygyň ösmegine getiripdir. Bu zatlaryň barynyň netijesinde syýasy taýdan gowşak seljuklaryň deregine syýasy taýdan sagdyn, durmuşa okgunly türkmen beglikleri gelipdir. 20-ä golaý beglikler güýç-kuwwat, san taýdan birmeňzeş bolmandyr. Olaryň arasynda mongol basybalyjylary sebäpli Orta Aziýadan – Türkmenistandan gelenleri has hem dogumlylyk we işeňňirlik görkezipdirler. Şolaryň içinde özüniň dört ýüz atlysy bilen Marynyň Mahan diýen bir obasyndan 1277-nji ýylda gelen Ärtogrul Gazy has hem tapawutlanypdyr. Uzak wagt geçmänkä Ärtogrul Gazy Söwüdi wizantiýalylaryň elinden almak üçin söweşe gatnaşýar we Marydan elten 400 ýigidi bilen çäksiz uly ýeňiş gazanýar. Şol mahal entek ýaşaýşyny dowam etdirýän seljuk döwletiniň soltany Alaeddin Keýkubat bu uly ýeňşi üçin Ärtogrul Gaza Söwütde oturmaga, şeýle-de Domanyç we Ermeni daglarynda ýaýlag etmäge rugsat berýär. Ärtogrul beg 1281-nji ýylda 93 ýaşynda aradan çykypdyr. Ärtogrul Gazydan soň begligiň başyna üç oglunyň biri Osman geçipdir. Şol wagt Osmanyň 23 ýaşy bar eken. Ol uzyn boýly, giň döşli, galyň hem-de çytyk gaşly, ala gözli we goç burunly ýigit bolupdyr. Marydan gelenine tegelek 20 ýyl geçeninden soň 1299-njy ýylda Osman beg seljuklara garaşlylykdan doly çykyp, täze bir döwletiň düýbüni tutup başlapdyr. Osmanyň begligi ululygy taýdanam, maddy-ykdysady derejesi taýdanam özge begliklerden has pesde bolupdyr. Emma özboluşly syýasy ýagdaýy bu ýerde täze döwletiň düýbüniň çalt tutulmagyna hem-de berkemegine mümkinçilik beripdir. Birinjiden, uçda ýa-da aýaguçda ýerleşýän begligiň mongollara garaşlylygy diňe tas kagyz, söz ýüzünde bolupdyr. Ikinjiden, daş-töwerekdäki beglikler Osmanyň begliginiň ýokary galşyny gözden salypdyrlar, çünki, olar muňa göwnüýetmezçilik bilen garapdyrlar. Goňşy Wizantiýanyň tapdan düşmegi hem Osman begliginiň ýokary galmagy üçin juda amatly bir şert bolupdyr. Türkmenleriň ýaşaýan beýleki illerinden gazawat üçin gelýän gazylaryň hasabyna Osman wizantiýalylaryň mülklerini ýuwaş-ýuwaşdan öz eline alyp ugrapdyr. Osmanyň ogly Orhonyň döwründe türkmenler Bursany basyp alýarlar we ony begligiň paýtagty edinýärler. XIV asyryň 50-nji ýyllarynda türkmenler eýýäm Gara deňziň bogazlaryna baryp ýetipdirler. Osmanlylar türkmeniň gaýa taýpasyndan gelip çykandyr, Gaýa bolsa Gün hanyň uly ogludyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýaşaýan gökleňleriň iki uly böleginiň biri gaýalardan ybarat bolup durýar. Döwrüň meşhur syýahatçylarynyň ýazyp galdyran çeşmelerinden osman türkmenleriniň döwletini guran şahsyýetleriň kimdigini görüp bolýar. Mysal üçin, XVI asyryň 30-njy ýyllarynda şol sebitlerde bolan arap syýahatçysy Ibn Batuta Orhan beg barada şeýle ýazypdyr: «Bu soltan türkmen emirleriniň iň güýçlüsidir, onuň hazynalary, şäherleri we esgerleri köpdür. Onuň elinde 100-e golaý berk goralýan galalar bolup, ol hemişe şol galalara aýlanyp görýär». Orhon beg döwletiň ösmeginde uly hem aýgytly çäreleri geçiripdir. Hususanam, ol wezirler ulgamyny girizipdir, täze basylyp alnan ýerlerde administratiw bölünişigini geçiripdir, döwletiň esasy alamatlarynyň biri bolan öz pul birligini – aksiýany dolanyşyga girizipdir. Şeýle-de, ol pyýadalardan we atlylardan ybarat goşuny düzüpdir, esgerlere günde bir aksiýadan ybarat aýlyk hakyny belläpdir. Uruş ýok wagtlarynda esgerler ýer işläp bejermek bilen meşgullanypdyrlar. XIII asyryň ortalaryndaky we ikinji ýarymyndaky medeni-taryhy wakalar türkmenleriň Anadoluda ýurt tutunyp, kök urup ugrandyklaryna şaýatlyk edýär. Munuň özi ilkinji nobatda şol döwrüň türkmen begliklerinde türkmen diline, türkmen däp-dessurlaryna berlen uly ünsde we ähmiýetde ýüze çykýar. Diwan işlerinde, goşunda, diplomatik gatnaşyklarda diňe türkmen dili ulanylypdyr. Munuň özi Kiçi Aziýa edilen nobatdaky türkmen göçüniň esasy aýratynlyklaryndandyr. Mundan tapawutlylykda birinji türkmen göçi bolan seljuklylarda türkmen diliniň syýasy ähmiýetine beýle üns berilmändi. Hut şu hili milli ähmiýetlilik hem, megerem, Osman türkmen döwletiniň juda uzak wagtlap ýaşamagyny, onuň taryhy ýaşaýşa ukyplylygyny üpjün edendir. Ene diliniň baýdak kimin öňe tutulmagy Kiçi Aziýada özboluşly türkmen medeniýetiniň döremegine getirip, beýik şahyr Ýunus Emräniň döredijiligi bu medeniýetiň başlangyjyny alamatlandyrypdy. Başga bir beýik şahyr Alyşir Nowaýy şol täze dörän türkmen dilini «rumy-türkmeni dil» diýip häsiýetlendiripdir. Soňky asyrlaryň dowamynda biz Osman türkmen begliginiň dünýäniň iň uly imperiýasyna öwrülişini görýäris. Osman türkmenleri XIV asyryň dowamynda Balkanlaryň ep-esli bölegini eline aldylar. Olar öňe gitmek üçin daýanç bolar ýaly paýtagty hem Kiçi Aziýadan Balkanlara – Edirne şäherine geçirdiler. 1389-njy ýylda Serbiýa, 1393-nji ýylda Bolgariýa, beýleki ýerler basylyp alyndy. XV asyryň Ýewropany almak bilen meşgul osman türkmenleri ikinji bir ugurda Agsak Demir bilen uruşmaly bolupdyrlar. Ýöne 1404-nji ýylda Agsak Demiriň ölümi Osman soltanlygynyň ýene ömrüni dowam etdirmegine mümkinçilik döretdi. Osman türkmen soltanlygynyň taryhynda Konstantinopolyň alynmagy aýratyn bir waka bolup durýar. 1453-nji ýylyň ýazynda soltan Muhammet II Konstantinopolyň töwereginde 100 müň saýlama esgerden ybarat goşunyny jemleýär. Şäher 50 günläp goranypdyr. 1453-nji ýylyň 29-njy maýynda türkmenler Konstantinopoly alypdyrlar. Osman soltanlygy türkmenleriň döreden döwletleriniň iň uzak ýaşanydyr. Ol 600 ýyldan hem köp wagtlap höküm sürdi. Munuň özi adamzat taryhyndaky iň beýik imperiýalaryň biridir. Şol imperiýanyň syýasy esaslaryndan türkmenlerden täze bir halkyýet – türk halkyýeti kemala geldi. Hut şonuň üçinem men türkmen – millet dörediji halkdyr diýip aýdýaryn. Şu ýerde türk hem-de türkmen diýen düşünjeleriň özara mynasybeti hakynda aýdyp geçmek ýerlikli bolar. Men türk hem-de türki diýen sözleri tapawutlandyrýaryn. ◆ Türk – munuň özi osman imperiýasynyň gurulmagy netijesinde türkmenleriň etniki-medeni esasynda dörän bir halkyýetdir. Türki bolsa – garyndaş dillerde gepleýän halklary (türk, türkmen, özbek, gazak we ş.m.-ler) aňladýan umumylykdyr. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, türki dil hem jynsy, medeni hem taryhy bitewüligi bolan halklary aňladýar. Şol halklaryň iň gadymylarynyň biri köp taryhçylaryň tassyklamagyna görä, iň gadymysy türkmenlerdir. Türkmenleriň nesli bolan häzirki türkleri aňladýan «türk» düşünjesi, şeýlelikde, türkmen sözünden hem, türki sözündenem has dar we has anyk manyly sözdür. Türk we Türkiýe düşünjeleri osman türkmenleriniň henedanlygynyň synmagy, 1922-nji ýylda Mustafa Kemal Atatürküň başda durmagynda täze döwlet gurmagy bilen dörän düşünjelerdir. Türkiýe sözi 1922-nji ýyldaky uzak jedelleriň esasynda täze ýasalan adalgadyr. ◆ Türkmen topragyndan Kiçi Aziýa göçüp baran türkmenler osmanlylar diýlip däl-de, türk diýlip atlandyrylyp ugrady. Men türkleriň asyl köküniň türkmenlerdigini, nesilbaşylarynyň Oguz han Türkmendigini göz öňünde tutup, türkler we türkmenler iki döwlet, bir milletdir diýýärin. Türk halky bilen türkmen halkynyň gany, zandy, däp-dessury, dini birdir. Kiçi Aziýa dolan türkmenleriň taryhy hyzmatlary çäksiz uludyr. Türkmenler Ýewropada hem gaty köp ýeňişleri gazandylar. Süleýman serkerde Osman türkmenleriniň soltanlygynyň taryhynda uly ýeňişleri gazanan serkerdeleriň biri hasaplanýar. Süleýman serkerde Orhan Gazynyň uly ogludyr. Ol Ýewropa ýöriş etmek babatda, soltanlygyň çägini giňeltmek babatda uly hyzmatlary bitiren soltan hasaplanýar. Ol 1347-nji ýylda Mermer adalaryny alýar, Selanigiň serbleriň eline geçmegine böwet bolýar. 1352-nji ýylda Selbiýanyň korolyny ýeňýär. Ilkinji bolup, 1353-nji ýylda Rumili topragyna Süleýman serkerde aýak basýar. Şeýlelikde, Anadoludan Ýewropa täze bir gapy açylýar. Emma Makedoniýa topraklaryny osman dünýäsine boýun eden Soltan Myrat Handyr. Soltan Myrat 1371-nji ýylda gazanan Çirmen ýeňşi bilen diňe bir osman taryhyna däl, dünýä taryhyna-da täze gözýetimleri açan bir patyşadyr. Süleýman serkerde bilen başlanan, Soltan Myrat bilen dowam eden ýeňişler zynjyry osman soltanlygynyň hökümdarlyk edýän çäklerini has-da giňeldýär. XVIII asyryň başyna çenli Fransiýa dünýäde on üç ýyl lider döwlet bolup ýaşady. Angliýa hem 128 ýyl lider döwlet derejesini elinde saklady. Osman imperatorlygy bolsa 1447–1769-njy ýyllar arasynda – 322 ýyl dünýäde lider döwlet bolmagyň mertebesine ýetdi. Dünýä milletleriniň iň uly, iň güýçli, iň medeniýetli döwletini 322 ýyl saklap bilen osmanlylar Ýewropa topraklarynda-da takmynan 550 ýyl höküm sürdüler. 4. Osman türkmenleriniň döwleti edara etmekdäki käbir aýratynlyklary Osman türkmenleriniň döreden döwleti baradaky gürrüňiň şeýle giň ýaýrawa eýe bolandygynyň sebäbi we maksady düşnükli bolsa gerek. Osman türkmen döwleti dünýä imperiýasy boldy. 600 ýyldanam köp ýaşan bu dünýä imperiýasynyň harby, syýasy we ruhy kuwwatynyň çeşmeleri türkmen milletiniň taryhy ýaşaýşa ukyplylygyndan gaýdýar. Özüniň taryhynda dürli özboluşlylyklara, özgerişlere sezewar bolan osman imperiýasynyň ýaşaýşynda möhüm bir kanunalaýyklyk göze ilýär: döwlet öz esasy bolan türkmen milletine näçe golaý bolup, oňa näçe köp daýansa, ol şonça-da güýçlenipdir. Döwlet şol esasdan daşlaşdygyça-da, ol gowşapdyr we näsazlyklary hem-de derdeserleri artypdyr. Şonuň üçin hem osman imperiýasynyň iň pähimdar soltanlary milli esasdan daşlaşmazlyga çalşypdyrlar. Eýsem-de bolsa, osman hökümdarlarynyň döwleti dörediji millet bolan türkmenlere gatnaşygy hemişe birmeňzeş bolmandyr. Türkmene daýanylan döwürlerde osman döwletiniň harby-ykdysady we ruhy kuwwaty iň ýokary derejede bolupdyr. Harby-ykdysady kuwwat döwletiň ýere özboluşly gatnaşygyndan döräp, bu hili gatnaşyk Beýik Seljuklardan miras alnypdyr. Munda esasy zat ýer eýeçiligidir. Ýere dürli görnüşli eýeçilik bolupdyr. 1. Miri – döwlet, millet eýeçiligindäki ýerler. 2. Hass – soltanyň eýeçiligindäki ýerler. 3. Wakf – dini edaralaryň eýeçiligindäki ýerler. 4. Timar we ziamet – sypahylaryň eýeçiligindäki ýerler. Soltanyň eýeçiligindäki ýerler döwletiň uly emeldarlaryna berlipdir. Ýöne hemişelik däl, wagtlaýyn – diňe hökümet gullugynda işlän döwründe berlipdir. Bular örän uly ýerler bolupdyr. Timar we ziamet bolsa döwletiň harby gullugynda durýan sypahylara berlip, sypahylar onuň deregine soltanyň talap eden wagty goşun çykarmaga, ol goşuny tutuşlygyna üpjün etmäge borçly bolupdyr. Beýik Seljuklar döwründäki ikta şuňa meňzeşdir. Orta Aziýa türkmenlerinde bolsa şeýle ýer eýeçiligine atlyk diýipdirler. Şeýle demokratik düzgün, bu arkaly adamlaryň maddy taýdan höweslendirilmegi Osman imperiýasyna güýçli harby ulgamy edinmäge we döwletiň çäklerini barha giňeltmäge mümkinçilik beripdir. Biri atly haşar, beýlekisi atly hünärmenlerden ybarat güýçli atly goşun, şeýle-de hünärmen pyýadalardan ybarat ýanyçar goşuny döredilipdir. Bu goşunyň öňünde durup bilen garşydaş bolmandyr. 600 ýylyň dowamynda gazanylan ýeňişler şu hili harby ulgama daýanýar. Emma milli meselede goýberilen ýalňyşlyklar XVI asyryň ahyryndan Osman soltanlygynyň gowşap ugramagyna getirýär. Çünki döwletiň esasy harby daýanjy bolan ýanyçarlar indi türkmenlerden däl-de, hristian ilatdan dewşirme-degşirme ýoly bilen alnyp ugralýar. Ýürek ynanjy däl-de, wezipe, pul, baýlyk üçin goşuna gelen gaýry millet wekilleri döwleti içinden gemrip ugrapdyrlar. Bu barada XVII asyryň görnükli türkmen-osman taryhçysy Goçybeý Gömürji we beýlekiler gynanç bilen ýazypdyrlar. Tagtyň we milletiň bir-birinden daşlaşyp, döwletdäki esasy wezipelere özge millet wekilleriniň gelip, türkmenleriň mundan daşlaşdyrylmagy soňkularda uly nägilelik döredýär. Osman-türkmen taryhynda bolan köpsanly milli gozgalaňlar muňa şaýatdyr. Osman döwletiniň ruhy güýç-kuwwatyny üpjün eden zat «gazylyk» ýaly ruhy hereket boldy. Bu hereket Ärtogrul Gazynyň hut özünden gaýdýardy. Men gazyçylyga beýik bir milli hereket diýýärin. Aslynda arap sözi bolup, yslam dini bilen baglanyşyklydygyna garamazdan, sözüň anyk taryhy proseslerde çuňňur milli manysy bolupdyr. Osman imperiýasy ýöne bir yslam dünýäsiniň giňelmegini däl-de, eýsem hut türkmen dünýäsiniň giň taryhy ýaýrawa eýe bolmagyny alamatlandyrýardy. Munuň düýp manysy türkmen ýaşaýşynyň giňelmegidir. Ýöne beýle giňeliş hut gaýry dinlileri daşlaşdyrmagyň, örüsini daraltmagyň hasabyna bolup geçýändigi sebäpli ol proses öz-özünden dini äheňi alypdy. Emma gazylyk hereketiniň düýp manysyny we mazmunyny öwreneniňde, onda ruhy-ýaşaýyş gymmatlyklaryna hut türkmençe-oguzça düşünilişiň agdyklyk edendigini görüp bolýar. Oguz gymmatlyk bu ýerde esasy orunda durýar. Şu tarapdan, gazylyk ýaly ruhy hereketiň edil «Gorkut ata» dessanynda ulanylan milli manysy bardyr. Umuman, «gazy» düşünjesiniň sap dini manyly bolmandygyny Orta Aziýa türkmenlerinde hem bu düşünjäniň tas XX asyra çenli işjeň ulanylandygyndan hem görüp bolýar. Ýogsa bu ýerdäki türkmenler gazawat eder ýaly mundan gaýry dinliler hem bolmandyr ahyryn. Diýmek, janly taryhy prosesde howaýy dini düşünjeler anyk milli-ruhy mazmuna eýe bolupdyr. Şu nukdaýnazardan, gazylyk – munuň özi Kiçi Aziýada hem, Orta Aziýada hem türkmeniň ýaşaýyş giňişliginiň artdyrylmagy ugrundaky harby we ruhy göreşleriň bir taryhy görnüşi bolupdyr. Elbetde, degişli nukdaýnazar bu düşünjäniň dini äheňden we manydan bütinleý azat bolýandygyny aňlatmaýar. Ylaýta-da, Kiçi Aziýada we Rumda. Muňa türkmenleriň yslam dünýäsini artdyrmak ugrundaky göreşleri şaýatlyk edýär. Gazylyk hereketinde ortodoksal yslam däl-de, sopuçylyk, sopuçylygyňam gadymy oguz düşünjeleri bilen baglanyşykly akymlary uly orun eýeläpdir. Ýaňyçarlaryň ruhy diregi Hajy Bekdaş bolupdyr. Hajy Bekdaş hem öz gezeginde uly türkmen piri Baba Yshagyň müridi bolupdyr. Baba Yshak seljuk soltany Keýhosrow II-niň türkmen däp-dessurlaryna, adatlaryna we ahlagyna ters gelýän zatlary edýändigini aýdyp, ony ýiti tankytlapdyr. Munuň üçin pir türkmenleri gozgalaňa çagyrypdyr. Türkmenler Baba Yshagyň ýöne bir pir däl, eýsem pygamberdigine ynanyp, onuň çagyryşyna seslenipdirler. Olar hökümet goşunlaryny birnäçe gezek derbi-dagyn edipdirler. Baba Yshak tutulyp öldürilenden soňam, türkmenler gozgalaňy dowam etdiripdirler. Onuň işini Türkmenistandan gelen Hajy Bekdaş dowam etdiripdir. Hajy Bekdaş (1208 – 1270 ý.) beýik türkmen piri we şahyry Hoja Ahmet Ýasawynyň neberelerinden bolupdyr. Galandar, derwüş sypatynda gezen Bekdaşyň okuwçylary soňra giden bir gurama öwrülip gidipdir. Ol Bekdaşiýa doganlygy ady bilen belli bolupdyr. XVI asyrda bu doganlygy reforma eden Balyş Soltandyr. Bekdaşylaryň öňe süren dünýägaraýşynda köne oguz-türkmen garaýyşlary esasy orny eýeläpdir. Olar yslamyň esasy düzgünlerine biperwaý bolupdyrlar. Türkmenleriň yslamdan öňki porhançylyk garaýyşlaryny yslamyň çäginde özboluşly suratda kämilleşdiripdirler. Şerigatyň kanunlary diňe bekdaşylygyň içine girmedik adamlar üçin hökmany hasaplapdyrlar. Alyny hudawylaşdyrypdyrlar. Soňky türkmen dessanlarynda Alynyň tutýan ornuna, ylaýta-da Göroglynyň Ala bolan gatnaşygyna düşünmek isleseň, bekdaşylygyň, beýleki türkmen sopuçylyk akymlarynyň dünýägaraýşyndan habarly bolmak gerekdir. Bekdaşylygyň ýaňyçarlaryň ruhy mekdebine öwrülmegi bilen bu silsiläniň – mekdebiň syýasy ähmiýeti has hem artýar. Osman imperiýasynyň çäkleriniň giňelmegi bilen bekdaşylar Şama, Palestina, Müsüre, beýleki ýurtlara, Albaniýa, Ýugoslawiýa aralaşýar. Munuň özi Osman imperiýasynyň berkemeginde türkmen milli ruhunyň aýratyn taryhy hyzmatlary görkezendiginiň şaýadydyr. Bekdaşylyk bilen baglanyşyklylykda bir hakykaty tekrarlamak gerek: Beýik Osmanlar döwründe-de, ondan soňky zamanlarda hem sopuçylyk türkmen ruhunyň görnükli hadysasy boldy. Çünki türkmeniň yslamdan öňki garaýyşlary indi yslamyň çäginde sopuçylyk görnüşinde saklanyp galdy we kämilleşdirildi. Hut sopuçylyk yslama türkmençe garaýşy alamatlandyrdy we türkmeni beýleki musulman halklaryndan tapawutlandyrýan ruhy görnüşleri özünde jemledi. Şu manyda hem men oňa milli ruhuň hadysasy diýýärin. Şunuň üçinem sopuçylyk Günbatardaky we Gündogardaky türkmenleriň milli-ruhy bitewüliginiň esasy binýadyna öwrüldi. Bu bitewüligi üpjün edýän çeper, dini we ylmy edebiýatyna joşgun derýasy sopuçylyk garaýyşlaryndan gözbaş alýardy. XVIII asyryň türkmen şahyrlarynyň, şol sanda Magtymgulynyňam Hajy Bekdaşy, Ýunus Emräni, beýleki Kiçi aziýaly, rumly sopulary örän oňat bilýändigi şol bitewüligiň gaty uzaga, soňky asyrlara çekendiginiň, umumy türkmen ruhy giňişliginiň köp wagtlap saklanandygynyň şaýadydyr. Emma Türkmenistandan tapawutlylykda, Osman imperiýasynda «türkmen» sözi barha az ulanylyp, onuň deregine «türk» sözi tutupdyr. Gadymylygy babatda bu sözleriň mynasybeti deň däl: ürkmen sözi gadymydyr, oguz sözi hem gadymydyr. Türkmen we türk adalgalarynyň gatnaşygy barada professor F.Sümer şeýle ýazypdyr: «Anadolyda mongollara garşylyk gýrkezenler diňe türk göçme jemagaty, ýagny türkmenler boldy. Öň hem aýdyşymyz ýaly, türkmenler ýer bilen bagly bolup, oturymly durmuşa geçenlerinden soňra «türkmen» diýilmän, köplenç «türk» diýlip atlandyrylyp ugraldy». Örän dogry aýdylan pikir. Biziň Osman imperiýasyna, imperiýanyň deregine dörän Türkiýä we onuň halkyna taryhy garaýşymyz şu pikiriň esasynda gurnalmalydyr. ■ Osman soltanlygynyň şejeresi 1.Osman b. Ärtogrul 2.Orhan 3.Myrat I 4.Baýezit I 5.Muhammet I Süleýman (dalaş edýär) Musa (dalaş edýär) 6.Myrat II 7.Muhammet II 8.Baýazit II 9.Selim I 10.Süleýman I 11.Selim II 12.Myrat III 13.Muhammet III 14.Ahmet I 15.Mustafa I 16.Osman II 17.Myrat IV 18.Ybraýym 19.Muhammet IV 20.Süleýman II 21.Ahmet II 22.Mustafa II 23.Ahmet III 24.Mahmyt I 25.Osman III 26.Mustapa III 27.Abdylhamyt I 28.Selim III 29.Mustafa IV 30.Mahmyt II 31.Abdylmejit 32.Abdyleziz 33.Myrat V 34.Abdylhamyt II 35. Mehmet Reşat 36. Wahdetdin. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |