15:47 Öwlüýäler: Abdylla bin Mübärek | |
ÖWLÜÝÄLER
Taryhy şahslar
Epilog Medeniýetiň bardyr uçsuz-bujaksyz, Edebiýatyň bardyr ummasyz-çäksiz. Nesil dowam etmez tamdyr-ojaksyz, Seň ojagyň ody sönmesin Türkmen. Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynyň üstünde dürli medeniýetler gurlupdyr. Bu medeniýetler heniz doly öwrenilenok. Barlagçylar, ylmy işgärler ylmy-barlag işlerini geçirmäne dowam edýärler. Munuň netijesinde gün geçdikçe täze zatlar orta çykýar. Geçirilen baralgalar netijesinde türkmen halkynyň nähili ösen medeniýete eýedigi belli bolýar. Bu bize taryhymyzdan buýsanç bilen gürrüň etmäne hak berýär. Nusaýda, Saragatda, Köneürgençde, Merwde we ş.m. ýerlerde ýerleşýän taryhy ýadygärlikler, medeniýet yzlary türkmen halkynyň diňe bir söweş ussatlygyna däl, eýsem ösen medeniýete-de eýedigini aýdyň subut edýär. Hakykatdan-da taryhy ymaratlara gözüň düşen wagty türkmenleriň arhitektura üstünliginiň näderejä baryp ýetendigine göz ýetirýärsiň. Ylmy çeşmelere seredeniňde bolsa, türkmen alymlarynyň öz döwürlerinde iň ýokary derejeli alymlar bolandygyna göz ýetirýärsiň. Merw şäherini özüne paýtagt edinen Seljuk Imperiýasy döwründe medeniýet ýetjek derejesine ýetipdi. Bu döwürde yslam dinini kabul eden türkmenler, atalaryndan miras galan medeniýetleri bilen yslam medeniýetini birleşdirip dünýäde deňi-taýy görülmedik swilizasiýany orta çykardylar. O döwürde ekonomiki taýdan dünýäniň iň baý merkezlerinden biri bolan bereketli türkmen topragy, ylymda-da özi bilen ýaryşyp biljegiň ýokdygyny subut edipdi. Käbir maglumatlara görä, Seljuk Imperýasynyň paýtagty bolan Merw şäherinde ýedi sany biçak uly kitaphana bolupdyr. Şol kitaphanalarynyň iň kiçisi, dünýäniň iň uly kitaphanasy bolupdyr. Dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşaýan ylym aşyklary şol kitaphanalardan peýdalanmak üçin Merw şäherine gelipdirler. Olaryň käbirleri birnäçe ýyl ylym öwrenip öz watanlaryna dönüpdirler. Käbirleri bolsa, ömriniň ahyryna çenli bu ýerde ýaşapdyrlar. Merwde ýetişen uly alymlardan biri Hoja Ýusuf Hemedani hezretleri müňlerçe talyp ýetişdirip, dünýäniň çar tarapyna iberipdir. Diňe, häzirki Türkiýe döwletiniň ýerleşýän ýeri bolan Rum iline sekiz müň talyp iberipdir. Mundan başga-da, gubury Gazagystanyň Türküstan welaýatynda ýerleşýän Hoja Ahmed Ýesewi hezretleri hem H. Ýu. Hemedani hezretlerinden ders alypdyr. Ýagny, Merw şäherinde ýetişipdir. Gysgajyk aýdanymyzda, türkmenler Seljuk Imperiýasy döwründe hem ylmy hem-de harby taýdan iň üstün derejä eýe bolupdyrlar. Şol sebäpli-de Merw şäherine (Maru-şahu-Jahan) diýip at beripdirler. Ýagny, bu şäheri jahanyň şasy ýaly görüpdirler. Seljuk Imperiýasynyň çöküşini yzarlan ýyllarda medeniet durgunlaşypdyr. Hat-da peselip başlapdyr. Mongol basybaljylarynyň Merw şäherini ele geçirmegi bilen medeniýet taryha gömülipdir. Hormatly okaýjy! Geçmişimizi öwrenmäne azajygam bolsa goşant goşar diýen tama bilen eliňizdäki kitaby size hödürleýäris. Bu kitapda ömür beýanlary ýer alan beýik şahsyetleriň birnäçesi türkmen däldir. Ýöne olar türkmen topragyny özlerine watan edinipdirler we medeniýetiň gülläp ösmegine goşant goşupdyrlar. Olaryň guburlary hem türkmen ägirtleri diýip hasaplaýarys. Allahü Tagala geçmişlerimize rahmet etsin. Bize ýurt abadançylygy bersin. Milletimiziň we döwletimiziň galkynmagyna ýardam etsin. Ämin! Eliňizdäki bu kitap iki ýyllyk ylmy-barlag netijesinde ýygnaldy. Bu kitaby ýazmak üçin elliden gowrak kitapdan we köp sanly ylmy žurnaldan peýdalanyldy. Kitaby terjime eden dostlarym Täç Işana hem öz adymdan hem-de okaýjylarymyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. Serajetdin MAGTYM Mildy - 1999 Hijri Şemsi - 1377 Hijri Kameri - 1420 ABDYLLA BIN MÜBAREK Öz döwrüniň iň uly alymlaryndan biridir. 118-nji ýylda (m.736) Horasanda dünýä inip, ýene şol ýerde 181-nji ýylda (m. 796) dünýäden ötdi. Atasy türkmen, enesy horezmlidir. Beýik alym, azaşanlara ýol görkeziji, diniň delili, Hanefi mezhebiniň baştutany bolan Ymamy Agzamdan ylym öwrendi. Mundan başga-da, şol döwrüň meşhur alymlarynyň derslerine gatnap, hadys we fykyh ylymlarynda uly üstünlikler gazandy. Örän kän kitaplary, görkezen keramatlary we ýetişdiren talyplary bar. Bu talyplaryň biride mezhep öňbaşçysy Ahmet bin Hanbelidir. Bir ýyl söwda ederdi, gazanjynyň baryny garyplara paýlardy. Ikinji ýyl Yslamyýeti ýaýmak üçin söweşlere giderdi. Örän ylymly, şerigaty gowy bilýän, her hili keýpi-sapadan daş durup, özüni ymykly ybadata beren (zühd), edepli, dile çeper, dindar kişidi. Gijeleri ybadat bilen geçirerdi. Az sözlemegi endik eden, ynamdar adamdy we sözleri hujjet (delil)di. Onuň kitaplarynda ýigrimi müňden gowrak hadysy şerif bardy. Dogasy kabul edilýänlerdendi. Bir gün bir kör gelip: "Maňa doga ediň, Allahü teala gözlerime görme kuwwatyny bersin" diýdi. Şondan soňra ol, Allahü tealaga ýalbaryp doga etdi we salym geçmän hälki körüň gözleri öňküsi ýaly görüp ugrady. Abdullah bin mübärek hezretleri Tabiyndan käbirleri bilen duşuşandyr. Ençeme ymamlaryň döwründe ýetişipdi. Birnäçe ýyllap Ymamy Agzam hezretleriniň söhbetine gatnaşypdyr, dürli mugallymlardan fykyh we hadysy şerif sapaklaryny alypdyr. Din duşmanlaryna garşy we nebis bilen göreşýänleriň öňbaşçysydy. "Alymlaryň soltany" diýen ady aldy. Ylymda we batyrlykda öz döwründe öňüne geçen bolmandyr. Dinimiziň beýikleri bilen duşuşan, söhbetdeş bolan we olaryň kabul eden adamy bolupdyr. Maryda ençe ýyllar hadys we fykyh sapaklaryndan okatdy. Erbet häsiýetli biride onuň ýanyna gelip gidýärdi. Bir gün hälki gelmesini goýdy. Onuň gelmeýişine örän gynandy. "Näme gynanýarsyň?" diýip soranlarynda: "O biçäre gitdi. Bet gylyklaryny-da özi bilen äkitdi. Onuň ýagdaýyna haýpym gelýär. Biziň ýanymyzda ýene biraz wagt bolan bolsady, häsiýeti düzelişip gidäýmegi mümkindi" diýdi. Biçak takwady. (Haramlardan gaça durýardy). Bir gezek ýolda bir ýerde goş ýazdyrdy. Gowy aty bardy. Özi namaza duran mahaly, aty başga biriniň atyzynda otlapdy. Namazyny gutarandan soňra, aty atyzyň eýesine sowgat edip, ýoluna pyýadalap dowam edipdir. Ol barada: "Ibni Hibban" diýer ekenler. Bu "Onda, öz döwründäki ylym adamlarynyň hiç birinde bir ýerä jemlenmedik gözellikler bardy" diýmekligi aňladýar. Ysmaýyl Ibni Yýas: "Abdullah bin Mübärek ýaly adam ýer ýüzünde ýokdur. Allahü teala, ýaradan gözel häsiýetleriniň hemmesinden Oňada berendir". Bir gün Abdullah bin Mübärek, Şama gitmek üçin ýola çykdy. Gidip barýarka ýolda ölen bir eşek gördi. Ýany başynda aýaktabir garyp hem aglap durdy. Abdullah bin Mübärek oňa näme üçin aglaýaň diýip soranda Garyp şeýle jogap berdi: “Men bir garyp, çaga-çugalarym bar. Munu üçýüz dirheme alypdym. Mundan soňra näme iş ederin diýip aglaýaryn!” Abdullah bin Mübärek şeýle buýurdy( “Sen munu sag wagty üçýüz dirheme alypsyň. Häzir bolsa men munu bäşýüz dirheme senden satyn aljak diýip puly sanap berdi. O gije garyp düýşünde mahşeri gördi. Görse, ekin-baglaryň içinde bir merkep! Ýallary we palany altyndyr merjen bilen bezelipdir! Edil ýanynda-da bir melek şeýle seslenýärdi: "Kim muňa münse, oňa gözüň aýdyň" Garyp muny eşidip, melegiň ýanyna gelipdir-de: Bu meniň ölen eşegim bolmaly. Ony maňa ber - diýip dillenipdir. - Hawa, bu seniňki. Emma, ölüsine sabyr etmänligiň üçin, indi özgäňki boldy. Seret, ýallarynda näme diýip ýazylgy? - Garyp äňetse: "Bu Abdullah Ibni Mübärek hezretleriniň ulagydyr" diýip ýazylgy eken. Birden ýaňky garyp adam ukudan turup, hüňňür-hüňňür aglap başlady. "Hiý, beýle-de zat bormy, sen bir haýwanyň ölmegine-de sabyr edip bilmediň ahyry" diýip, öz-özüne käýindi. Bäş ýüz dirhemi hem alyp, haýal etmän ugrady. Puly uzadyp: - Men satuwy yzyna alýan - diýdi. - Sen agşam gören düýşüň üçin geldiň. Men hem yzyna alýan. Bäş ýüz dirhemi bolsa, saňa sowgat edýän - diýdi. Sehl bin Abdullah, Abdullah bin Mübäregiň sapaklaryna gatnaýardy. Bir gün: "Indi seniň sapagyňa geljek däl. Sebäbi, şu gün gelýärkäm, seniň gyzlaryň jaýyň üstüne çykyp, meni çagyrýardylar. "Meniň Sehlim, meniň Sehlim" diýýärdiler. Olara edep-ekram öwretmeýärsiňmi?" diýdi. Abdullah bin Mübärek, şol gije talyplaryny jemläp: "Sehliň jynaza namazyna gideliň" diýdi. Gidip görseler, dogrudanam ol dünýäden öten eken. "Wepat edenligini nädip bildiň?" diýip soranlarynda "Meniň hiç hili gyrnagym ýok. Onuň görenleri Jennetiň hüýrleridi. Ony Jennete çagyrýardylar" diýip jogap berdi. Abdullah bin Mübärek şeýle beýan etdi: Otparaz biri bilen bile işleýärdik. Namaz wagty gelende, ondan namaz okap durkam, maňa zeper ýetirmejekdigi hakynda söz aldym. Yzýanyndan namaz wagtynda, arkaýyn namazymy okadym. Soňra hälki otparaz kişiniň ybadat wagty gelip ýetdi. "Indi gezek meňki. Men ybadat bilen meşgulkam zyýanyň degmejekdigi barada söz ber" diýensoň, oňa arkaýyn ybadat edip biljekdigini aýtdym. Emma, otparaz oda çokunmak üçin seždä baran pursaty, sözümden dänip, ýaňkyň üstüne topuldym. Şol halat: "Söz bereniňden soňra, ähdiňde dur" diýen sesi eşidip, oňa zelel bermän, yza çekildim. Birmeýdan soňra, otparaz ybadatyny boldum edip, maňa ýüzlendi: "Ilki hüjüm etdiň. Soňra näme üçin ýüz öwürdiň?...". "Men Allahdan başga sežde eden mahalyň, çydap bilmän üstüňe topuldym. Seni öldürmek isleýärdim. Emma, edil şol wagt: "Söz bereniňden soňra, sözüňde dur" diýen sesi eşidip, niýetimden el çekdim". Muny eşiden otparaz: "Reb, seniň Rebbiňdir! Öz duşmany üçin, hatda öz dostuny-da ýazgarýar!. Ynha, seniň öňüňde musulman bolýaryn" diýip, Kelemeýi şehadet getirdi. Gul haklaryna örän seresaply çemeleşerdi. Serediň, näme diýýär: "Biriniň bir manat hakyny bermek, müň manat sadaka berenden has haýyrlydyr". "Eger, gybat etsemdim, enemiň, atamyň gybatyny ederdim. Çünki, sogaplarymyň olara berilmegi has haýyrly bolar". Allah üçin ylma uly ähmiýet berýärdi. Şeýle diýýär: Müstehablary gowşak berjaý edýän adam, sünnetleri ýerine ýetirip bilmez. Sünnetleri ýerine ýetirmekde gowşak hereket etmeklik, parzlaryň berjaý edilmegini kynlaşdyrýandyr. Parzlarda gowşaklyk edýän kişide ussat bolup bilmez, Allahü tealanyň razylygyna gowuşyp bilmez". "Dini dünýälik üçin ulanýan adam, iň sepil adamdyr". "Mal-mülke aldanma! Garnyňy hetdenaşa doldurma! Diňe özüňe peýdasy degäýjek ylmy alsaň besdir!" Ýene şeýle sözleri bar: "Edil şu wagt, edep, diniň üçden ikisi bolup durýar." Abdullah bin Mübärek (r.a.) ölümine ýakyn baryny-ýoguny garyp-gasarlara paýlady. Hyzmatyny edip ýören talyplaryň biri: "Pirim, üç çagaňyz bar. Olara miras goýmakçy dälmi?" diýip sorady. Onda ol: "Olary Allahü tealaga tabşyrýaryn. Ol iň gowy wekildir. Eger, çagalarym, dinimizi berjaý edip ýaşasalar, Jenaby Hak, olara garaşmadygy ýerlerden rysk berer. Ýok, eger, muny etmeseler, onda mal-mülkümiň erbet adamlara galmasyny islemem" diýip, jogap berdi. Bu dünýä bilen hoşlaşyp barýarka, gözlerini açdy, güldi we (Saffat süresi: 61) "Amal edýänler, bu ebedi nygmata gowuşmak üçin işlesinler" aýaty kerimesini okady. Döwrüniň alymlary, Abdullah bin Mübäregi öwüpdirler we onuň gymmaty barada aýdyp geçipdirler. Halid Ibni Madandan alan hadysy şerifinde Pygamberimiz şeýle buýurýar: Maňa Jennete girjekleriň we Jähenneme girjekleriň başdaky üç sanysy aýdyldy. Jennete ilki bilen girjek üç kişi: 1) Şehit, 2) Rebbine gowy ybadat edýän we hojaýynyna-da gulak asýan gul, 3) Maşgalasy uly bolan, emma muňa seretmezden, erbet işden we sözden gaça durýan namysly adam. Jähenneme ilki bilen girjek üç kişä gelsek: 1) Zalym soltan, 2) Barly bolup-da, zekadyny bermeýän baý, 3) Allahü tealaga garşy pitne turuzan garyp". Eserleri: "Kitab-ül Jihad" atly kitaby jihad barada ýazylan ilkinji eserdir. 1971-nji ýylda neşir edilendir. "Kitab-üz-Zühd werrekamk, tasawwuf meýdanynda ýazylan ilkinji eserleriň hatarynda durýar. ""Kitab-üs sünen fi’l fykh" fykyhyň bölümlerine görä aýra-aýra ýazylan hadys kitabydyr. "Kitab-ül birr wes-syla" hem tasawwuf bilen baglanşyklydyr. "Kitab-üt-tefsir" we soňkusy-da hadys bilen baglanşykly "El-Erbaindir". | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||