ÖWRENDIM AMULY, MERW, DEHISTANY...
«Paýhas çeşmesi» kitabynda şeýle jümleler bar: «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap okaýanyň ruhy baý». Bu dana sözlerde umman ýaly çuň we giň many bar. Ýurdumyzda ýaşlarda kitap okamak endigini döretmek ugrunda, şeýle-de kitaphana işini ösdürmekde iňňän uly işler alyp barylýar.
Şahsyýetiň kemala gelmegi maşgaladan başlanýar. Käbir adamlar hakda söz açylanda: «Ol terbiýe gören» diýilýändir. Eýsem, nähili adama «terbiýeli» diýmek bolar?! Görüm-göreldeli, ruhy dünýäsi baý, päk ahlakly, içki dünýäsi gözel, maşgalasynyň, jemgyýetiň, Watanyň öňündäki borçlaryna dogry düşünýän we ony ak ýürek bilen gyşarnyksyz berjaý edýän adam terbiýelidir. Adamy adam edýän, onuň mertebesini belende göterýän bu gözel häsiýetler, ilki bilen, maşgalada, mekdepde kemala gelmelidir. Adamyň ruhy gözelligi we ahlaklylygy, esasan, maşgaladan başlanýar...
Hormatly Prezidentimiz taryhda öçmejek yz galdyran tanymal şahsyýetlerimiziň durmuşyny we döredijiligini giňişleýin hem-de çuňňur öwrenmegi, olaryň halkyň, döwletiň, ylmyň we medeniýetiň öňünde bitiren hyzmatlaryny ýaş nesle ýetirmegiň möhümdigini yzygiderli nygtap geçýär. Şunuň bilen baglylykda, mähriban Arkadagymyzyň hut özi bize görelde mekdebidir. Milli Liderimiziň biziň taryhy geçmiş ýolumyzy açyp görkezýän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Kitap tüm garaňky öýe şem getiren ýalydyr. Taryhy kitaplar geçmişiň tümlügini ýagtylandyrýar. Ynsanyň rowaçlyga, aýdyňlyga, hakykata göz ýetirmäge ymtylyşyny, höwesini kanagatlandyrýar» diýilýär. Hakykatdan-da, biz taryhy kitaplary okap, aslymyza, neslimize göz ýetirýäris.
* * *
Döwletiň ösmeginde, özgermeginde kitaphanalar ähli ruhy baýlyklary we gymmatlyklary özünde jemlemek bilen, türkmen halkynyň bagtyýarlyk döwründe milletiň ruhy galkynyşyny döretmekde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzyň raýatlaryny milli ruhda terbiýelemekde, olarda sadalyk, päklik, mähribanlyk, sahawatlylyk, sowatlylyk, hoşniýetlilik, watanperwerlik, ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýoluna wepalylyk duýgularyny oýarmakda, döwletimiziň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda alnyp barylýan syýasaty durmuşa geçirmäge gatnaşmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleri çäksizdir.
Margiana, Marguş, Merw — bu atlar taryhyň üznüksiz hatarlaryna gymmatly monjuk däneleri hökmünde düzülendir. Olar gadymy türkmen topragynda bolup geçen hem-de bütin dünýä täsir eden beýik wakalar baradaky hakydany özünde saklaýar. Meşhur adamlaryň baha bermegine görä, belli arheolog Wiktor Sarianidi tarapyndan üsti açylan Margiananyň Müsür, Mesopotamiýa, Hytaý we Hindistan bilen deň hatarda gadymy siwilizasiýalaryň bäşisiniň biri bolup durýandygyny bellemelidiris. Ady rowaýata öwrülen Marguş ýurdunyň paýtagty Goňurdepe öz döwrüniň iri şäheri bolupdyr, onuň mirasdüşeri Merw bolsa Gündogaryň medeni we ylmy merkezi hökmünde şöhratlanypdyr. Margiana baradaky ilkinji ýazuw ýatlamalary zoroastriýalylaryň «Awesta» diýen mukaddes kitabynda saklanýar hem-de takmynan, biziň eýýamymyza çenli VIII — VI asyrlara degişli edilýär. Şondan soňra senenamany düzüjiler Gadymy Merwi «Horasanyň şäherleriniň enesi», «Älem-jahany saklaýan şäher», «Şalaryň ruhy» diýip atlandyrypdyrlar.
Baý kitaphanalary hem-de kitap saklanýan ýerleri bilen meşhur bolan şäherde dürli döwürlerde lukmançylyk ylmynyň esasyny goýan Abu Ali ibn Sina, şahyr hem-de akyldar Omar Haýýam, astronom Ahmad ibn Abdallah al-Merwezi, söz ussady Enweri, «söýginiň we gözelligiň aýdymçysy» hasaplanýan yşk mülküniň şasy Mollanepes ýaly alymlar, pelsepeçiler we şahyrlar ýaşapdyr.
Orta asyrlar döwründe Merwde dünýäniň iň ajaýyp kitaphanalary bolupdyr. Ol Merkezi Aziýada ýerleşýän iň gadymy şäherleriň biridir. Merwde kitaphana VII asyryň ortasyndan başlap ýüze çykyp ugrapdyr. Bu şäheriň ilkinji kitaphanasy barada arap dilşynasy we taryhçysy Ahmet ibn Abu Tahyr Taýfur özüniň «Bagdadyň taryhy» atly eserinde habar beripdir. Onuň Merw barada berýän habarlaryna laýyklykda, iň soňky Sasany patyşasy Ýezdigert III araplaryň yzarlamalaryndan gaçyp, 651-nji ýylda Merwe gelen mahaly, öz ýany bilen Sasany döwletiniň paýtagty we beýleki merkezi şäherleriň köşklerinde saklanyp gelnen Awestanyň tekstlerini we pehlewi dillerinde ýazylan gadymy hem gymmatly kitaplaryň, golýazmalaryň tutuş bir toplumyny bu ýere getiripdir. Bu alymyň özi üçin juda howply we pajygaly döwürde döwletiň iň gymmatly genji-hazynasy hökmünde golýazma kitaplary öz ýany bilen alyp gaýtmagy hem-de tä ömrüniň ahyrky günlerine çenli olary gorap saklamagy onuň öz ýurduna wepalylygy, merdi-merdanalygy we gaýduwsyzlygyndan habar berýär.
* * *
Musulman ýurtlarynda ýokary okuw mekdebiniň ýüze çykmagynda, onuň ösüşinde we kemala gelmeginde Orta Aziýanyň goşandy juda uly bolupdyr. Orta Aziýanyň belli alymy A.Mesiň belleýşine görä, bu sebit «alymlar üçin behişdi ýer» bolupdyr. Şonuň üçin, bu okuw mekdepleriniň ösüş ýoly hem ep-esli derejede bu sebitde bolup geçipdir. Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň medeni merkezlerinde, beýleki şäherlerinde, köp ilatly obalarynda metjitleri we medreseleri gurmak işi, Gaznawylaryň ornuna döwlet başyna geçen Beýik Seljuk imperiýasynyň dowam eden döwründe has hem rowaçlanypdyr. Hususan-da, bu hereketiň başynda Seljuk soltanlarynyň hut özleri durupdyrlar. Olaryň ylymdan, bilimden daşda durmandyklaryny, hatda käbir ýewropaly alymlar hem belläpdirler.
Togrul begiň 1046-njy ýylda Nyşapurda gurduran medresesi we onuň Bagdatdaky şäherçesi Seljuk döwletinde ylmy ojaklary döretmegiň başlangyç döwri bolupdyr. Çagry beg onuň yzyna eýerip, Merwde öz medresesini bina etdiripdir. Soňky döwürlerde soltanlar Alp Arslan Bagdatda, Muhammet ibn şa Yspyhanda we Togrul ibn Muhammet ibn Mälik şa Hemedanda öz medreselerini gurdurypdyrlar. Soňra bu sogaply işi wezirler, alymlar, meşhur ruhanylar we beýleki gurply adamlar dowam etdiripdirler. Elbetde, medreseler kitaphanasyz bolmandyr.
Taryhda uly yz galdyran Nyzam al-Mülk XI asyryň 60-njy ýyllarynda «Nizamiýe» kitaphanasyny döredipdir. Ol Merwde döredilen ilkinji kitaphanalaryň biridir. Şeýle-de XII asyryň başlarynda ýörite zenanlara degişli kitaphana bolupdyr. Oňa «Hanumiýa kitaphanasy» diýlipdir. Zenanlara degişli bolan bu ylmy ojak barada filosof N.Rahimi ar-Rawendi şeýle belläpdir: «Bu kitaphana ylymsöýer seljuk hanymlarynyň haýsy hem bolsa biriniň tagallasy bilen esaslandyrylypdyr». Şeýle diýmek bilen ol Mälik şanyň aýaly Türkan hatynyň, Mahmydyň aýal dogany Memelek hatynyň atlaryny agzap geçipdir.
Türkmen halky medeni we ruhy gymmatlyklara baý. Watanymyzyň islendik künjeginde şöhratly taryhymyza, milli gymmatlyklarymyza degişli ajaýyp ýadygärlikleri görmek bolýar. Olarda halkymyzyň taryhyna degişli iň gymmatly maglumatlar saklanýar. Gadymy döwre, antik we orta asyrlara degişli köp maglumatlaryň galdyrylandygyna garamazdan, henize çenli öwrenmeli zatlar gaty kän. Çünki türkmeniň taryhy — bu beýik açyşlaryň doly ýazylmadyk kitabydyr.
Aýbölek ABDYRASULOWA.
Taryhy makalalar