21:30 Oýna gelmäñ | |
OÝUNA GELMÄÑ
Publisistika
El-Babdaky Türkiýä garşy bolup geçen hüjümleriñ sebäpleri babatda dürli hili pikirler bar. Pikir bulaşyklygynyñ esasy sebäpleriniñ birem hakydasyzlyk, huşsuzlyk, ýatkeşligiñ pesligi. Hawa, käbirleri bosgunlardyr migrantlaryñ ýurdumyzdaky köplügini esgerlerimiziñ Siriýanyñ demirgazygynda bolmagy bilen baglanyşdyrýar! Ýatkeşligi hemişe güýçli tutmak lazym: türk goşuny nämüçin Siriýanyñ demirgazygynda? Ýatladaýyn: Göç sebäpli ilaty köpelip, ýüz müñe ýeten El-Bab Türkiýäniñ serhedine 30 km daşlykda ýerleşen we Halap häkimligine degişli şäher. Onuñ ady "gapy" manysyny berýär... El-Bab VII asyrdan başlap eýýubylaryñ döwründe şaýy mezhebindedi. 1516-1919-njy ýyllar aralygynda osmanly agalygynyñ düzüminde bolanlarynda sünnileşdiler... 2011-nji ýylda imperializmiñ turzan graždanlyk urşy El-Baby-da öz içine aldy. Şäherde on bäşe golaý topalañçy topar bardy. 2013-nji ýylda YŞYD şäheri doly basyp aldy. Türkiýäniñ araçäginde diñe YŞYD däl, "Siriýa Demokratik Güýçleri" adyny alan PKK hem ýer basyp almaga girişdi. PKK soñly gezek ABŞ-nyñ goldawy bilen Menbiji aldy... Türkiýe indi raketa hüjümleri bilen birlikde terrorçylykly aktlaryñam nyşanasyndady. * * * Bir zady ýatdan çykarýarsyñyz... Diñe 2016-njy ýylda bolup geçrn käbir zatlary ýatladaýyn. Mysal üçin: 2016-njy ýylyñ maý aýynyñ başyna çenli Kilise, Gaziantepe ýetmişden gowrak raketa atyldy. Tomus aýlarynda sebite düşen raketalaryñ jemi sany 95-e ýetendigi aýdyldy. Şol ýyl Stambulyñ "Soltanahmet" meýdanynda we howa menzilinde, Bursanyñ Baş metjidinde we Gaziantepfe YŞYD, Ankarada PKK-niñ iki gezek we Elazig ýaly ýerlerde guran terrorçylykly aktlary netijesinde jemi 144 gurban boldy. Terrorizm bilen Türkiýäniñ boýnuna syrtmak salynmak islenýärdi. Galyberse-de, PKK-niñ "hendek topalañyny" ýatladaýyn, FETÖ-nyñ "15-nji iýul" döwlet agdarlyşygyna synanyşygyny ýatladaýyn. Bulam tötänlik däldi. Bütin bu teraktlardan soñam ýan bermedik Türkiýe hüjüme geçdi: 2016-njy ýtlyñ 24-nji awgustynda BMG-nyñ Ylalaşygynyñ 51-nji maddasyndan gelip çykýan hukugyndan peýdalanjakdygyny mälim etdi we "Ýewfrat galkany" operasiýasyna başlady... Operasiýanyñ birinji ýüz gününden başlap 1.005 YŞYD terrorçysy bilen 299 sany PKK-YPG terrorçysy zyýansyzlandyryldy. Türkiýe diñe YŞYD-iñ däl, araçäkde terror koridoryny açjak bolup urunýan PKK-nyñ hem elini-aýagyny baglamagy ilki bilen ABŞ-NATO ýaly ýaranlarynyñ jyzzygyna degdi! Bularyñ meýilnamasyna görä, Türkiýe YŞYD-a garşy söweşmelidi we azat edilen ýerlere PKK ýerleşdirilmelidi! Hem YŞYD-ni, hem PKK-ny ýeñip, ýoluny arassalan Türkiýä garşy global mediýany we ýerli aýaklaryny ulanýan sözde ýaranlarymyz şol wagtdan bäri psihologiki uruş alyp barýarlar... * * * Gürrüñimiñ başyna dolanmaly bolsam: pikir bulaşyklygyny gidermegiñ ýoly okap, bilip analitiki düşünmekdir. Käbirleri ABŞ-NATO-nyñ bize nämüçin duşman bolandygyna hiç düşünip bilenok. Gynansak-da... Syýasata şahslardyr liderleriñ üstünden "halaýaryn-halamaýaryn" duýguçulygy bilen nyrh kesýärler. Bularyñ pikiriçe häkimiýet näme etse etsin - hökman erbet! Oppozisiýa näme etse etsin - dogry! Syýasaty bu erbet bölünişikden çykarmasak, imperializmiñ oýnuna geleris. Strategiýasyz syýasat bolmaýar. Hawa, häkimiýet ýalñyşdy: imperializmiñ oýnuna gelip Siriýanyñ hökümetine garşy "uruş" yglan etdi. Emma: YŞYD-PKK ýaly oýnawaç "döwletlere" garşy düýn berk durşy ýaly, şu günem Beşar Esat bolen duşuşyklar geçirme islegi-eradasy dogry. "Waý, düýn şeýdipdiñ-ä" diýip netijesiz şerraý syýasy galmagal, demagogoýa turuzmagyñ geregi ýok. Gürrüñsiz, häkimeti üýtgedip bilseñiz üýtgediñ, emma muny döwletiñ syýasy ugruna duşmançylyk etmezden ediñ... Atlantikçi frontyñ oýnuna, duzagyna düşmäñ... Haýyş edýärin, Türkiýäniñ käbir şäherlerindäki we El-Babdaky hadysalara şu nukdaýnazardanam seredip görüñ... Ilki Siriýa bilen ýaraşalyñ. Soñra bosgunlar meselesini çözeliñ. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 04.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |