22:39 Özgertmeler döwri / dowamy | |
Umuman, şular ýaly tymsallar köp. Egerde ynsabyňa eýerip, talabyňy güýçlendiriberseň, «gm», «gg» ýa ikilik goýup, hossarlaryny çagyryp sykaja salyberseň, ýeke bir okuwçylar däl, okuw jaýynyň ýolbşçylaram halanoklar. Iň bärkisi kafedra müdiri ýekeräk wagtyň ýanyňa geler-de, it ýylgyryşyny edip, buruljyrap durşuna sypaýyçylyk bilen žurnaly hapalamazlygyňy haýyş eder. Onda-da düşünmeseň: «Allanäme kafedram bardy, welin, sen muny bulajag-ow» diýer. Ahyram ýüzüni üşän kürräň ýüzi ýaly eder-de: «Näme etjek beýdip janyňy ýakyp? Senem il ýaly sapagyňa gir, žurnalyňy doldur, jaň bolýança otur, aýlyjagyňy al, wessalam! Galan zatlar bilen işiň bolmasyn. Okamasalar ters okasynlar! Täterimiň teýine gitsinler! Dikbaşak bolsunlar!» diýip, dostlarça maslahat berer.
Publisistika
Elbetde, beýle ýagdaýa öwrenişmedik adam üçin ol ýerde ýekeje gün işlemekligiň özem janyňa kast eden ýaly bir zat. Çünki, daş-töweregiňde bolup geçýän zatlaryň barysy seni kejikdirýär, darykdyrýar. Arzaňy ýazaga-da ümdüziňe çykyp gidiberesiň gelýär. Ýöne, meni ol ýerde saklaýan zatlaryň bir-ä işe gelen ýylym elime berlen kursy gutartman gitmejek bolýardym, okuwçylarymam şony isleýärdiler, çünki, sungat ugrundan okaýan okuwçy başdanaýak bir mugallymdan tälim almasa çaşynyň gözüne sereden ýaly bolaýýar. Meniňkiler bolsa menden öňem iki mugallymy görüpdirler. Diýmek, men olaryň üçünji mugallymlary. Menden soňam biriniň eline düşäýseler dagy olaryň ýagdaýy çaşyň gözüne-hä däl, körüň gözüne seredençe-de boljak däl. Ikinjidenem men ol ýerde iň bolmanda ýazuw-pozuw işlerimi ýöredip bilýärdim. Otuz-kyrk sagatlap çekerleri ýaly natýurtmort ýa-da janly adamy öňlerinde goýup, ugrukdyryp goýbereniňden soň sen barybir bir gyra çekilmeli. Takal okap ýa garantga ýaly garalyp ýeňselerinde durmaly däl. Öz maýdallaryna, howlukman işlärleri ýaly mümkinçilik döretmelidi. Erkinlik bermeli. Döredijilik howasy ýüzlerine çalar ýaly etmeli. Biz okaýan döwürlerimiz mugallymlarymyz asla seýrek gelerdiler. Natura goýanlaryndan soň onuň maksadyny, ondan edilýän talaby düşündirerdiler-de, ussahanadan çykar giderdiler, baryp öz işleri bilen bolardylar, belli bir wagtdan soňam dolanyp gelerdiler-de, çekip oturan suratlarymyzy gözden geçirerdiler, düzedişler girizerdiler, soň ýene-de giderdiler. Bize welin, beýtmek bolmaýardy. Täze döwrüň talabyna görä, mugallym jaňdan-jaňa çenli ussahanadan çykman oturmalydy. Şol düzgün dogrusy meniň üçin-ä kemem bolmady. Çünki, boş wagtym okuwçylara päsgel bermezlik üçin, mugallyma niýetlenip bir çüňkde ýörite goýlan ullakan ak stoluň başyna geçýärdim-de, ýazuw işlerim bilen boluberýärdim. Arasynda aýlanyp çykýan, görkezmeler berýän, düzedişler girizýän-de ýene-de öz işim bilen boluberýän. Gökdepe pajygasy barada söz açýan, üç kitapdan ybarat «Ýere gaçan ýyldyzlar» hem-de «Söýgüde serhet ýok» atly romanlarymyň agramly bölegini şol stoluň başynda, okuwçylaryň arasynda ýazdym diýsem ýalançy bolmaryn. Şolar ýaly boş pursatyny bir çüňkde molbert goýup, sergi ýa satuw üçin surat çekip geçirýän, hiç zat bilen meşgullanman, zalyň ugrunda biri-biri bilen gybat kakyşyp, wagtlaryny bihuda geçirýän mugallymlaram bardy. Ine, hut şolar hem boş wagtlaryny öz işlerine gümra bolup geçirýän mugallymlary halamaýardylar, maý tapan ýerlerinde şolaryň gürrüňlerini edýärdiler. Olaryň edýän işlerine hamala diýersiň pedagogikanyň kada-kanunlaryna ters gelýän, ýol berilmesiz bir zat hökmünde seredýärdiler. Ýygnaklarda hemmelerden köp gepleýänem, ýolbaşçylaryň ugruny tapyp sagady köp alýanlaram, aýlygy artyk gazanýanlaram, ýer boşadygy ur-tut ýolbaşçy işlere sokulýanlaram şolardy. Gybat, gürrüň, habarçylyk, adam ýamanlamak olaryň baş hünärleridi. Olar bilen jedelleşibem, düşünşibem bolmaýardy. Çünki, özler-ä döredijilikden daş, iliň döredijiligine bolsa gabanjaňlyk bilen garaýan, mugallymçylyk diýen ýaly aýlyga-günlüge ygtybarly bellije bir iş bolmadyk bolsa döredijilik bilen hatda güzeranlarynam dolap bilmejek birnäçe biçäreler hökmünde häsiýetlendirmek boljak. Howwa, şojagaz bähbitlerim üçin men ol ýerde entegem işlesem işlär ýörerdim. Kafedra müdiriniň igençlerine-de, ýanamalaryna-da gybatkeşleriň gybatlaryna-da çydardym, ýöne, ine, birdenkä rektorymyz Maýa Muhammedownany işden aýyrdylar-da, ýetine şo-ol, «kontraktyň» doldy diýip meni dört aýdan soň uçilişşäniň garawulçylygyndan çykaryp goýberen direktory getirdiler goýaýdylar. Men babatda ol kafedra müdiri bilenem dessine dil tapyşdy we ikisi bir fronta öwrülip, meniň garşyma işläp başladylar. Kafedra müdiri kafedranyň içinde igesini sürtse rektor umumy ýygnaklarda terslin-oňlyn teýeneli sözler bilen endamyma iňňesini sokýardy, öz nökerjiklerinden ybarat barlag toparyna meniň işleýşim, okuwçylarymyň ýetişikleriniň pesdikleri barada, ýöne, özümden bidin beýanatlar ýazdyrýardy. Men ol zatlary diňe rektor uly ýygnaklarda, ähli mugallymlaryň arasynda yglan edeninden soň bilip galýardym. Bu ýagdaý işdeş ýoldaşlarymyň arasynda meniň mertebämi peseldýärdi. Abraýyma nogsan getirýärdi. Rektora bolsa geregi şoldy. Ahyry bir gün meniňem çydam käsäm doldy. Şolar ýaly ýygnaklaryň birinde “Men seniň üçin garawulçylygam başarmaýan adam. Sen maňa uçilişşede şonam rowa görmediň. Bu ýerdenem günübirin çykarjakdansyň welin, seniň bagtyňamy ýa meniň bagtymamy «kontrakt» düzgüni ýatyryldy-da, sen indi menden dynmaklygyň başga-başga ýollaryny agtarýaň, ýöne, şu edaranyň bar kemçiligini mende görýän bolsaň, meniň gidenim bilen ähli zat düzeler öýdýän bolsaň, mert dur-da aýt, şol kömegi men saňa ýetireýin, günübirin gideýin» diýdim. Emma ol olar ýaly mert gürrüň edibilmedi. Ýüzüni iki baka sypajakladyp durşuna bir zatlar diýdi, ýöne, ony men-ä däl, hatda öz gapdalynda oturanlaram eşidendirler öýdemok. Şol wagt men oňa: «Seniň özüňi näme şu ýere iş başarýandygyň üçin getirip goýandyrlar öýdýäňmi? Ýa gowy hudožnik bolanyň üçin getirilensiň öýdýäňmi? Ýa biz seni tanaman durusmy? Seni bu ýere iki bolup aýalarynyň üstünde getirip goýdular. Ýa şolaryň kim-kimlerdigini, seniň nämeleriňdiginem aýdaýynmy? diýen ýaly sözlerem suňşurmalydym. Aýdasym gelip, ol sözler bokurdagyma doldam, dilimem gijedi, gazabymam joşdy, ýöne, ýolbaşçy adama köpçüligiň içinde olar ýaly batnyksyz sözler aýtmaklyk gödeklik, syýasy taýdan ýalňyşlyk boljakdy. Özi kim bolsa-da, salgysyna aýdylan sözler baryp onuň wezipesine, oturan kürsüsine degjekdi. Wezipe bolsa döwlet diwanynyň sanawynda dur. Oňa bellenýän adama berlen buýrugyň aşagyna Prezidentiň hut özi gol çekýär. Şonuň üçinem men şol gezek dilimi dişlemeli boldum. Onuň welin diduwana alýanlary ýeke men däldim. Çünki, gelen gününden bäri işi nähili gurnamaklygyň däl-de, kim-kimlerden dynmaklygyň, öňki işläp gaýdan ýerindäki wepaly nökerlerinden kim-kimleri getirip olaryň ýerine goýmaklygyň, mahlasy täze iş ýerinde özüniň hökmürowanlygyny berkitmekligiň aladasy bilen ýaşaýardy. Özem şol zatlary öz eli bilen däl-de, meniň kafedra müdirim ýaly özüne garaçyny bilen hyzmat edibiljek ygtybarly adamlaryň üsti bilen edýärdi. Soňabaka ol kafedra müdirlerini ýa käbir hyzmata gaýym mugallymlary küşgürmek arkaly, mugallymynyň üstünden okuwçylara arza ýazdyrtmaklyga çenli baryp ýetdi. O ýagdaýa dogrusy men-ä düşmedim, çünki, meniň okuwçylarym olar ýaly pes işe baş goşardan birneme beýigräkdiler, durmuşa düşünýän, kämillige gol beren adamlardylar, aralarynda goşun gullygyny gutaryp gelenlerem, öýli-işikli, çagaly-gugalylaram bardy, ýöne, käbir mugallymlar welin, şolar ýaly oňaýsyz ýagdaýa düşdüler. Şolaryň birem işe duraly bäri kafedra müdirimiziň gözüne ýakmadyk onuň bilen jyny jyňkyryşmadyk bir zenan mugallym boldy. Ony akademiýanyň uly ýygnagyna saldylar, arza ýazan okuwçylary bilen ýüzleşdirdiler, mugallymlara çykyş etdirdiler, dalatdylar, aglatdylar, eňretdiler. Rektoryňam, iki prorektoryňam, kafedra müdiriniňem bir hörpden gopýandyklary göz-görtele görnüp durdy. Olaryň hemmesi arzanyň arkasynda durup, arzaçylary goldap gepleýärdiler. Mugallym zenanyň abraýyna nogsan ýetirmek üçin hatda köçe gürrüňlerine çenli baryp ýetenlerem boldy. Zenan aýak aldygyna goranýardy, ýöne, ol ýeke bolýardy. Ýekäniň bolsa çaňy çykmaýar. Elbetde, köpçüligiň içinde ony goldap çykyş edýänlerem bardy. Olaryň arasynda menem bardym. Şonuň üçinem adamlar ikä bölünipdiler. Netijede mugallymlaryň arasynda öň ady-sory bolmadyk bölünişik, agzalalyk emele geldi, okuw jaýynyň howasyna hapalyk aralaşdy. Şondan soň taraplar edil kelle-göz iýen ýaly biri-birlerine öçli garap başladylar. Şeýle ýagdaý şol okuw jaýyna Maýa Muhammedownanyň ýolbaşçylyk eden döwründe bolmandygyny hakykatyň hatyrasyna aýtmak gerek. Ol özünem, işinem iňňän sypaýyçylykly alyp barýardy. Gerek ýerinde «pert-pert» gepleýärdi, ýöne, kümsüklik etmeýärdi, bukuda ýatyp hiç kimiň ýeňsesinden atmaýardy. Agzalalyk döredip biläýjek meseleleri orta oklamaýardy. Özüniň çözüp biläýjek zadyny köpçülige çykarmaýardy, özgäniň eli bilen ot gorsamaýardy. Ýokarky wakadan soň meniň ol ýerde uzak eglenesim gelmedi. Üstesine şol wagt, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Milli Golýazmalar instituty tarapyndan üç dilde (türkmen, rus, iňlis) çykarylýan «Miras» žurnalynyň türkmen bölüminiň redaktorlygyna işe çagyryp ýördüler-de, «akylly är mesgen tutmaz sulhy söýülmegen ýerde» diýlen pähime eýerip, derhal arzamy ýazdym-da, işden çykdym. Hut şol günüň özünde-de gelip, «Miras» žurnalynda işe başladym. Men häzirem şol ýerde işläp ýörün. Bu iş maňa ýaraýar. Sebäbi, gelýän makalalar gyzykly. Gadymy arhitektura we medeni ýadygärlikler arheologiýa tapyndylary, gadymy şähsyýetler, döwletler barada. Özem şol makalalar dünýäniň dürli künjeklerinden gelýär. Bir wagt taryhy temalaryň üstünde ürç edip işländigim üçin olar meniň üçin hasam täsirli. Hepde-de iki dynç güni bar. Döredijilik üçin diýibem bir gün berdiler, şol üç güni men ýazuw-pozuw hem surat çekmek bilen umuman döredijilik bilen meşgullanyp bilýärin. Ýagdaýlarym erbet däl. Uly bolmasa-da bolşuna görä aýlyjagym bar. Pensiýämem gowy. Öňkim ýaly awtobusa münere ýa bir düwür derman alara gara şaýy tapman kösençlik çekip ýöremok. Ýöne, bir zady welin aýtmagym gerek, ýagny, iş, güzeran ýagdaýym gowulaşanam bolsa, kitap çykartmak, metbugattda çykyş etmek meseläm şol durşuna dur. Köp adamlaryň köp zatlaryň ýoly açyldy. Halkyň ruhy iýmiti urulardan çykarylyp eýeli-eýesine gowşurylyberenok. Negözel eserler dymjygyşyp, çaňjaryşyp ýatyrlar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler döwründe öňki döwrüň nogsanlyklaryna girizilen düzedişleriň birnäçesi bilen bir hatarda K.Gurbannepesowyň, G.Ezizowyň. B.Hudaýnazarow, N.Saryhanow ýaly gara sanawa düşmedik hem bolsalar Türkmenbaşynyň ýekemenligi zerarly ençeme ýyllap ýatdan çykarylan, halkyň aňyndan öçürilen merhum şahyrlaryň, A.Atabaýew, K.Kulyýew, A.Allanazarow ýaly diri gezip ýören şahyrlaryňam kitaplary çap edilip halka ýetirildi. Men muňa-da begenýärin. Çünki, her niçik hem bolsa suw ýerinden gozgandy, daş ýerden gopdy, ümzük bolsa öňe. Şeýdip gidiberse ertir bize-de gezek ýeter. Bu gün olaryňky çykan bolsa ertir biziňkilerem çykar. Dogrusy käte bir «ýylpyldyjyk» görnübem gidýär. Mysal üçin, özgertmeler döwrüniň başynda, sowet döwründe çykan kitaplarymdan alyp, hekaýalarymy radioda öz adym bilen berip başladylar. Öz adym bilen diýmegimiň sebäbi meniň şol kitaplarymdan alnan hekaýalar radioda öňem berilýärdi, ýöne, başga bir at bilen berilýärdi. Özgertmeler döwrüniň başlanmagy bilen ýeke bir radio däl, telewideniýe hem ussahanama gelip gepleşikler geçirdi, çeken suratlarymy ýazgy edip, «Türkmenistan» kanaly arkaly ýaýlyma goýberdi. Neşirýatlaryň, gazet-žurnallaryň gapylarynyň welin şol ýapyklygy. 2009-njy ýylda, döwlet tarapyndan her ýylda gurnalýan topara goşulyp, maňa Eýrana, Magtymguly bilen Azadynyň gubruna zyýarata gitmekligem miýesser etdi. Şol toparyň sanawam döwletiň ähli howpsuzlyk edaralaryndan geçýärdi, sähelçe göwnüne çiglik giden adamy olar geçirmeýärdiler, daşary ýurtlara ibermeýärdiler. Men bolsam şolaryň ählisinden geçdim. Ol sanawa iň soňunda hut Prezidentiň özi gol çekdi. Diýmek, men indi döwletiň gara sanawynda däl bolmaly. Öň bolanam bolsam indi däl bolmaly. Bu şeýle hem bolaýmaly, çünki, birinjeden-ä häzir şeýle sanaw ýok, ikinjidenem bar bolaýanda-da bizi şol sanawa salan adamlaryň häzir ýokarda birem ýok. Olaryň barysy ýa öldi, ýa bendi boldy. Iň bolmanda işinden aýrylyp obasyna sürgün edildi. Birnäçeleri bolsa daşary ýurtlara gaçyp gitdiler. Bizi salan gadagançylyklaryna, Türkmenbaşynyň özi başlyklaýyn häzir olaryň özleri düşdüler. Egerde, şeýle bolsa näme üçin meni metbugatdan, neşirýatlardan çetde saklaýarlar? Hatda üç sahypalyk hekaýamam gazete goýberilmeýär. Bu zatlar, meni diýseň geň galdyrýar. Döwlet senzurasynyň täze başlygy-ha bu barada sorasaň: «Biz-ä bir ýumuş oglany» diýýär-de, ellerini seräýýär. Onda kim saklaýar bizi, diýseňem çekinjeňlik bilen barmagyny Prezidentiň diwardan asylgy duran suratyna tarap seredýär. Ine, muňa welin men düýbünden ynanmaýaryn. Çünki, birinjiden-ä ol adam meni düýbünden tananok, aramyzda hiç-hili gep-gürrüň bolanok, ikinjidenem egerde meniň gadagançylykdadygymyň sebäpkäri şol bolýan bolsa, onda, ýokarda aýdyşym ýaly meni zyýaratçylaryň sanawyndan aýyrman bilmezdi. Senzoryň diwardan asylgy surata tarap assyrynlyk bilen seretmegi bolsa, onuň öňki Prezidentiň döwründen galan endigi bolmaly. Birnäçe döredijiniň gadagançylykda saklanýandygyndan häzirki Prezidentiň habarynyňam ýokdugyna welin men aňryýany bilen ynanýaryn. Çünki, ol beýle bir dar çygyrly adam däl. Hatda «Azatlyk» radiosynyň Türkmenbaşy döwründe kän-kän gysyşlara sezewar edilen ýerli habarçylaram şol döwlet başyna geçenden soň öňkülerine görä kün erkin işläp başladylar. Şol zatlara çydamlylyk gözkezýän adamyň göre-bile öz halkyny ruhy iýmitden mahrum etjekdigine, iň gowy döredijilerini gara perdäniň aňyrsynda saklap biljekdigine ýeke men däl, hiç kimem ynanmasa gerek. Meniň pikirimçe, ýakasy gaýyşly şol gara sanaw häzir hiç ýerde ýok. Ol hemmeleriň ýadyndanam çykan bolmaly. Ýöne, ol nirededir bir ýerdäki, belki-de senzura edarasyndaky haýsydyr bir kompýuteriň huşunda duran bolmaly. Indi ony ol ýerden çykaryp zyňaýsaňam, öçüräýseňem boljak. Emma ätiýaçlylygy gowy görýän senzorlaryň ýokardakylardan resmi görkezme bolmasa ýa jaň gelmese, olar ýaly hereketi öňürti başlamaga bogunlaram ysmaz, gaýratlaram çatmaz. Has takygy şunça ýyllap gysymlarynda saklan adamlaryny «mesaňa» diýäge-de, gysaçlaryndan çykaryp goýberäýesleri gelmez. Çünki, olar şol adamlaryň eserlerini çykarmakdan gorkuşlary ýaly, saklamakdanam lezzet alýarlar. Olaryň öz gapanlaryndan sypyp gitmegini, şunça ýyllap eden azaplarynyň köýdügi hasap edýärler. Şonuň üçinem, olar gara sanawyň entek-entekler öz garamaklarynda galmagyny isleýärler. Ýöne, kimiň teklibi boýunçadygy belli däl, özgertmeler döwründe, edebiýat we sungat eserleri babatda döwlet senzurasyndan başga «Döwlet komissiýasy» diýibem bir zat döredildi. Çapa gitjek powestler, romanlar, teatrda goýulmaly pýesalar, surata düşüriljek filmleriň ssenariýeleri şonuň üstünden geçmeli edildi. Bu, ikinji senzuradan başga hiç zat däl. Belki, ondanam güýçlüdir. Asyl, onuň ýolbaşçylaram, şol bir adamlar. Başlygy-ha Türkmenistanyň Kommunistik patiýasynyň bir wagtky idelogiýa boýunça sekretary Maýa Mollaýewa, orunbasaram ömürboýy senzura ýolbaşçylyk edip gelen, ýazyjylaryň arasynda «Edebiýatyň jellady» diýip at alan Kakabaý Ataýew. Meniň garşymda gaýa ýaly garalyp duran adamlaryň öňki ýaly Prezidentem, howpsuzlyk edarasynyň işgärlerem däl-de, şolar ýaly öňki döwürden galan, indem gaýtmyşym etmäni kyn görýän, belli-belli adamlardygyny men ýekeje mysalyň üsti bilen düşündirjek bolaýyn. 2012-nji ýylyň ýaz aýlarynyň başlarynda, agşamaralar telewizora seredip otyrkam, täzelikleri alypbaryjy diktor, Maýa Mollaýewanyň Döwlet arhiwiniň başlyklygyndan boşadylandygyny habar berdi. Muňa uly il begendi. Menem begendim. Hatda jaň edip gutlanlaram boldy. Çünki, eýeleýän wezipesinden boşadylan bolsa ol Döwlet toparynyň başlyklygyndanam boşadylandyr öýtdüler. Menem şeýle pikir etdim. Üstesine edil şol wagt Medeniýet Ministrliginiň teatr bölümi meniň bir pýesamy şol toparynyň garamagyna ugradypdy-da, eýgörmüş o-da geçdi geläýdi. Ministrlik ol pýesany 2012-nji ýylyň 27-nji iýunynda bellenýän «Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe» gabatlap goýmaklary üçin Daşoguzyň drama teatryna ýollady. Olaram goýdular. Baýramçylyga Aşgabada getirdiler. Beýleki welaýat teatrlaram, Aşgabadyň teatrlaram öz işlerini görkezdiler. Ol pýesalaryň hemmesini Prezident Berdimuhamedowam görüpdir-de, baýramçylyk günleri Magtymguly operasynyň sahnada goýulmagyna bagyşlanyp geçirilen ýygnakda: «Daşoguz teatrynyň getiren oýny şu gezekki gelen pýesalaryň içinde iň gowusy, terbiýeçilik ähmiýeti uly» diýipdir. Soň ol bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Medeniýet, sungat we habar beriş serişdeleri boýunça orunbasary Bägül Çarygulyýewna Nurmyradowa hem aýdypdyr we: «Şol pýesanyň awtoryna öz adyňdanam, meniň adymdanam sag bolsun aýt» diýipdir. O-da onuň bu sözüni Medeniýet ministrliginiň teatr bölüminiň şol wagtky başlygy Gaýyp Guzyýewe jaň üsti bilen ýetiripdir. Gaýybam maňa ýetirdi. Men muňa hasam begendim. Eden işlerim indi ugrugar, ýola düşer öýtdüm. Emma üýtgän zat bolmady. Çünki, görüp otursam Maýa Mollaýewa işinden aýagyny döwdürip işe çykyp bilmeýändigi sebäpli boşadylypdyr-da, döwlet toparynyň başlyklygyndan aýrylman ekeni. Meniň toparyndan geçip gelen pýesamam ol ýarawsyz wagty baran ekeni-de, onuň eline düşmän, toparyň beýleki agzalaryndan geçip gaýdan ekeni. Gutulyp gelenden soň Prezident Maýa Mollaýewa ýene-de iş berdi. Ýörite Prezident arhiwin dördip, başlyklygyna-da şony belledi. Şondan soň ol topara başlyklygynam dowam etdirdi. Netijede, meniň Medeniýet ministrligi tarapyndan topara ýollanan soňky pýesalarymyň birem geçmedi. Edil öňküleri ýaly yzyna gaýdyp geldi durdy. Meniň özgertmeler döwründäki gadagançylygymy näme üçin belli-belli adamlardan görýändigimiň sebäbi indi düşnükli bolan bolsa gerek. ...Howwa, görşüňiz ýaly batga batan batyl ýollar arasynda açylyp gidiberäýjek , yşyň aňyrsy ýagtylaýjak ýalam bolýar. Emma beýle bolaýanok. Açylaýanok. Ýagtylaýanok. Hiç hili netije, aýtgeşiklik bolaýanok. Aňyrsam görnenok. Ýylyň-ýylyňna, islendik döwlet baýramçylyklaryna bagyşlanyp müňlerçe bendiler tussaghanalardan boşadylýar, jenaýat edenleriň günäleri geçilýär, gara sanawa düşen bigünä döredijiler welin edil ýululmaza höküm edilen ýaly. Iň ýamanam biz bu zatlaryň sebäbini, näme günämiziň bardygyny bilip bilemizok. Wagt bolsa geçip dur. Ömürem bimöçber däl. Asla tükeniksiz zat ýok. Adam pahyr ölmänkä öz eken ekinleriniň hasylyny gözi bilen göresi, miwesinden dadasy gelýär. Emma, henize çenli-hä umyda bil bagaýmakdan başga alajymyz ýok. 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda Gurbanguly Berdimuhamedow bäsleşikli saýlawlar esasynda Prezidentlige ikinji gezek saýlandy. 14-nji fewral güni bolsa, jemagat öňünde kasam etdi. Zamanany «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri» diýip yglan etdi. Biziň şu kitabymyzyň ýazlyş tertibi boýunça bu döwür barada hem bir bölüm, ýagny “Bagtyýarlyk döwri” atly bäşinji bölüm ýazylmaly. Belki ýazylaram. Ýöne, oňa entek wagt gerek. Çünki, ol ýaňy başlandy. Başdan geçirmedik, baryp nirä, nämä dirändigini görmedik, bilmedik zadyň barada gürlemek bolmaýar. Ertir näme boljakdygyny bolsa Biribardan başga bilýän ýok. Bir zady welin, aýtman durup biljek däl, ýagny, Türkmenbaşydan özüne miras ýeten nogsanlyklary bir ujundan, howlukman, aljyraman düzedip barýan hem bolsa, G.Berdimuhamedow onuň «heýjanelekçilik» syýasatyny aradan aýryp bilmedi. «Heýjanelekçiler» öň: «Serdarym», «Türkmenbaşy» diýip gygyryşýan bolsalar, indi «Arkadag», «Mähriban», «Gahryman» diýşip zowladyşmaga başladylar. Dogry, başda bir o zatlardan ýüz öwürjek ýalam etdi, ýöne, basym ýene-de şol ýola dolanyp geldi. Onuň bu ýoly jemgyýetdäki asudalygy saklap galmak üçin dowam etdirýän bolaýmagynyň ahmaldygyny aýdýanlaram bar. Mümkin. Ýöne, birinjiden-ä galagoply ýyllarda hem türkmen halky Türkmenbaşynyň ugurtapyjylygy, başarjaňlygy ýa ökde syýasatçylygy üçin däl-de, özüniň milli kimliginiň ynsanperwerçilikli bolandygy üçin özüni asuda alyp barypdy, ikinjidenem ol Türkmenbaşynyň şolar ýaly «parlaňküşlik» syýasatyndan ýadady. Irdi. Oňa indi akylly-başly görelde görkezýän adam gerek. Şolar ýaly göreldäni öz halkyna görkezmäge bolsa G.Berdimuhamedowda hemmetaraplaýyn mümkinçilik bar. Elbetde, ýoluň üýtgärinden ätiýaç edýänleriň gorkusyna-da düşünmek kyn däl. Munuň üçin bir tymsala ýüzlenip geçmegimiz gerek. Ýagny, gadym zamanlarda syýahata çykan dört derwüş bir gije sümme tokaýlykda düşläpdirler we ýatanlarynda gezek-gezegine nobatçylyk çekipdirler. Birinji nobatçy wagtyny boş geçirmezlik üçin agaçdan ýonup bir zadyň taslamasyny ýasapdyr, ikinjisi sudura getiripdir, üçünjisi ony hasam kämilleşdiripdir, dördünjisi bolsa alaga-da, oňa jan beripdir. Netijede, olaryň ýasan zatlary ýolbars bolup çykypdyr we dördüsinem iýipdir. Bu tymsaly köpler demokratiýa meňzedýärler, ýagny: jyny küýzeden çykardyňmy, ol öňi bilen seniň özüňi iýer. Mysal hökmünde-de köplenç M.Gorbaçewi agzaýarlar. Öz beren demokratiýasynyň pidasy bolanlaryň arasynda Gyrgyzystanyň öňki Prezidenti, Orta Aziýa Prespublikalarynyň içinde iň demokrat ýolbaşçy hasap edilýän A.Akaýewiň hem ady tutulýar. Bu gürrüňler ugrunda ýok hem däl. Çünki, demokratiýa köplenç hakyky demokratlaryň däl-de, islendik zady öz peýdasyna ulanyp bilýän, islendik zadyň çemini agtaryp gezýän çemeçilleriň eline düşýär. Olar ony öz şahsy maksatlaryna ýetmek üçin ussatlarça ulanýarlar, halkyň duýgusyny ýarlarlar, oýnaýarlar, damarlaryny owkalaýarlar, hatda B.Ýelsin ýaly uly bir döwleti ýykmakdanam gaýtmaýarlar. Türkmenbaşyňam esasy gorkusy şondan ybaratdy. Türkmenistanda özüne bäsdeş başga bir syýasy güýjüň ýokdugyna garamazdan, ol demokratiýany ulanma arkaly kimdir biriniň häkimiýeti öz elinden kakyp alaryndan, Gorbaçewiň başyna düşen ahwalatyň öz başyndanam inerinden gorkýardy. Ol hatda göz üçinem bäsleşikli saýlawlar geçirip bilmeýärdi. Diňe mejlis agzalaryna kanuny üýtgetdirtmek, konstitusiýa üýtgeşmeler girizmek arkaly özüniň Prezidentlik möhletini uzaltdyrýardy, ömürlik etdirýärdi, özüne «baky», «beýik» diýdirtýärdi. Berdimuhamedowda welin, beýle gorky ýok. Ol muny döwlet başyna geçen gününden başlap subut etdi. Bäsleşikli saýlawlar geçirdi. Ikinji möhlete saýlananda-da şeýtdi. Soň Telekeçiler partiýasyny döretdi. Telewideniýäniň, radionyň kanallaryny köpeltdi. 2013-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynň nobatdaky gurultaýynda bolsa, halkara syýasy ölçeglerine eýerip, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýolbaşçylygyndan çekildi, agzalygyndan çykdy. Diýmek, ol demokratiýadanam, demokratiýanyň öz elinden alnaryndanam, öz garşysyna ulanylaryndanam, gorkanok. Ol bir zatdan jemgyýetiň, goý öz-özünden bolsun, hakykatdan-da siltenäýmeginden, kim-kimleriň täsirine düşüp demokratiýanyň alnyp gaçylaýmagyndan ätiýaç edýär. Ýüze çykaýmagy ähtimal bolan şol howpdan halkynam, özünem gorajak bolýar. Muňa hemmelerem düşünýärler. Şonuň üçinem, onuň demokratiýany öz halkyna kem-kemden, doly suratda berjekdigine ynanýarlar. Öz ikinji möhletindäki döwrüne beren kesgitlemesi bilen ylalaşýarlar. Ol kesgitleme bilen bizem ylalaşýarys. Ylalaşmazlyga hakymyzam ýok. Uly il bagtyýar bolan bolsa diýmek, bizem bagtyýardyrys. Çagalarymyzam bagtyýardyrlar. Döwletiň berkarardygyna-da şühbämiz ýok. Oňa bolan guwanjymyzyň, begenjimiziň çägem ýok. Ýöne, şol Berkarar döwletiň beren bagtyýarlyklaryndan näme üçindir biziň paýymyz ýok ýaly. Ýalam däl-de, asla ýok. Şonuň üçinem, özümizi döwürden bipaý galan ýaly duýýarys. Çünki, döredijiliginiň öňi ýapyk dörediji özüni hiç haçan bagtyýar duýup bilmez. 2003-2013 ýý. P.S. Şu kitaba nokat goýanymdan dört-bäş aý soň LIT-den (Edebiýatda we gündelik neşirlerinde döwlet syrlaryny goramak baradaky komiteti-senzura) jaň edip, işleýän žurnalymdan adymy aýyrdylar. Ýene üç aýdan soň bolsa özüm öz islegim boýunça işden gitmäge mejbur boldum. Iki müň on bäşinji ýylyň ýazynda bolsa Çoganlydaky aramgählerimizi ýykdylar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň Türkmenbaşy aradan çykan güni türkmen telewideniýesi boýunça çykyş edip: “Beýik Serdarymyň ýoluny dowam etdirjekdigime söz berýärin” diýen wadasynda durdy. Kitabyñ soñy. Juma HUDAÝGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |