07:51 Perzent mähri / hekaýa | |
PERZENT MÄHRI
Hekaýalar
Aşyr aga bilen Gunça daýzanyň ýalňyz perzendi Döwletmyrat läligiräk bolup ulaldy. Emma ol birneme läligem bolsa mekdepde iň gowy, zehinli okuwçylardan hasaplanýardy. Orta mekdebi gutaryp, ýokary bilim almaga höwesli obadaş oglanlaryň ikisi bilen Aşgabada gitdi. Giriş synaglaryny onuň ýeke özi üstünlikli tabşyryp,okuwa girdi. Onuň bilen bile baran synpdaşlarynyň ikisi-de oba gaýtmaly boldular. Oglunyň bu üstünligine Aşyr aga-da, Gunça daýza-da begençlerini içine sygdyryp bilmän ogullarynyň instituda "öz güýji bilen" okuwa girenligini uly ile jar etdiler. Aşyr aganyň Gurban tamdyr diýen goňşusy bu hoş habary eşiden badyna: - Aşyr,vGunça! Göziňiz aýdyň how. Bu "taryhy wakany" yuwmasaňyz bolmaz how-diýip uly şowhun edip geldi. -Ýuwarys entek, biriki gün tamdyra girip ýatyp dur-diýip Aşyr aga oňa degişdi. Bu degişmäniň hem, onuň adynyň soňuna "tamdyr" diýen lakamy goşup aýtmaklarynyň hem sebäbi bardy. Ýaşlygynda ol bir garagolluk edeni üçin kakasyndan gorkusyna öýünden gaçyp gidýär. Bir gije gündiz ony gözläp hiç ýerden tapmandyrlar. Ertesi irden ejesi çörek bişirjek bolup tamdyra bir petde ýandagy salanda Gurban ony kellesine göterip zöwwe ýerinden galýar. Ejesi gorkusyna "Waýeý" diýip ses edip huşundan gidýär. Şu wakadan soň deň duşlary Gurbana ilki "tamdyra giren" diýip, soňlar bolsa ýöne "tamdyr" diýip lakam goýýarlar. Oglanlykda goýlan lakam, ol ulalansoň hem adynyň ýanyndan aýrylmandy. - Döwletmyrat jan özüň bilen geçenleriň arasynda gowuja gyzlar bolsa, birini saýla, toý edeli. Onsoň bileje okaberersiňiz- Gurban aga, gepini makullatjak bolup Aşyr aga seretdi. Aşyr aga geplemedi. Oňa derek Döwletmyrat dillendi: -Aý, meniň entek öýlenmek niýetim ýok, Gurban aga. Onsoňam, olaryň köpüsi uly başlyklaryň gyzy öýdýän. Lälik ösenmi,nämemi, bir çete çykyp gülüşüp durlar,synag dagy olar üçin hiç zat ýaly. -Heý seni bir diýsänim. Aklyň bolsa şol uly başlyk diýeniň gyzy näme etse-de, sypdyrma, okuwda, işde daýaw arkaň bolar. - Samsyk gürrüňiňi bes et, Gurban-diýip Aşyr aga goňşysyna azgyryldy. Aradan ýyllar geçdi. Döwletmyrat ýokary mekdebiň soňky ýylyna geçende Aşyr aga Gurban tamdyryň aýdyşy ýaly uly başlygyň gyzyna däl-de,özi ýaly pukara adamyň gyzyna sawçy iberdi. Gyz hem Döwletmyrat bilen bile okaýan ekeni, biri-birine halaşanlaryndan soň, ata-eneler toýuň taýýarlygyny görüp başladylar. Toý hem boldy,ýaşlar okuwy hem tamamlap şäherde işe galdylar.Aşyr aga satynyp-sowunyp olara şäherden bir kiçiräk jäý hem alyp berdi.Al indi bol-bol Döwletmyrat bol.Durmuşa öz başdak ilkinji gadam basanyndan öýli-işikli bolup,murtuny palta çapanokdy. Şäher durmuşy, işi Döwletmyrada örän ýaran bolmaga çemeli, obasyna gara salmady. Ol barmasa-da Aşyr aga bilen Gunça daýza aýda,bir-iki gezek ogly bilen gelnini görmäge barardylar. Baranda-da boş barmazdylar. Biriki towugy soýup, arassalap, öz sygyrlarynyň mesgesinden alyp barardylar. Hat-da gaty-gutyny goňşy-golamyň itine bermän, Döwletmyrat janyň itine" diýip elterdiler. Döwletmyrat itini diýseň gowy görýärdi. Ol ony okuwa girmezinden öň,orta mekdepde okap ýören wagty güjükkä alyp saklapdy. Özi-de "akylly" itdi. Şäherdäki jaýyna göçüp gideninde aňry bäri goş-golamy bilen bile itini hem alyp gidipdi. It janawar her gezek Aşyr aga bilen Gunça daýza baranlarynda ogly bilen gelninden öňürti bagly duran ýerinden zynjyryny üzäýjek ýaly edip, olara tarap böküp,çyňşyp garşylardy. Arada Aşyr aga aýak agryly bolup köp wagtlap şähere oglunyňka baryp bilmedi.Onsuz Gunça daýzanyň ýeke özi-de gitmedi. Döwletmyrat hem "işli adam" oba dolanaýmady. Ata bilen enäniň gözleri ýolda boldy, köçelerinden maşynyň sesi gelse, "Döwletmyrat jan geläýdi öýüdýän" diýip Gunça daýza gapa tarap ylgaýardy. Başgadygyny görensoň lapy keç bolup,ýerine gelip oturardy. -Gysynma,enesi,ogluň işli adam,ikimiz ýaly boş däl. Aýagym sähel gowulaşsa,özümiz baraýarys-diýip Aşyr aga aýalyny köşeşdirerdi. Günleriň birinde Aşyr aga giçlik ara taýagyna daýanyp, daş çyksa gapynyň öňünde bir it durdy. It Aşyr agany görensoň bir enaýy ses edip,onuň aýaklaryna süýkenip başlady. Aşyr aga ilki iti tanaman tas taýagy bilen urupdy. Soň Döwletmyradyň itidigini tanap "Heý, janawar-eý, asyl bu senmidiň" diýip, onuň kellesini sypalady. -Enesi,bäri çyk! Döwletmyradyň iti boşanyp gaçyp gelipdir –diýip Aşyr aga aýalyna gygyrdy.Gunça daýza çykandan it oňa-da süýkenip başlady. - "Wah janawareý, nädip şunça ýerden öýi tapyp geldi-kä?" diýip Gunça daýza itiň ýüzi gözüni sypalady. -Aý it öz öýüni on günlik ýoldan hem tapyp gelermiş. Bujagaz ýeri, boşansa, tapyp gelmegi kyn däl-de. Ýöne,ogluň-a itini ýitirip çar tarapa ylgaýandyr, enesi. -Hawa, "itiň bäride" diýip oňa nädip habar edip bolarka,kakasy? -Habar etmek gerek däl-diýip Aşyr aga bir neme gaharly gürledi. -Bu janawar, biz barybermänimizden soň bizi göresi gelip, gaçyp gaýdypdyr. Indi bizde bolubersin-diýip sözüniň üstüni ýetirdi. -Bolsa bolubersin. Ýöne Döwletmyrat jan "itim gaçyp,oba barandyr" diýip asyl pikir etmez.Şäherden gözlär ýörer, kakasy. Aşyr aga "gözlese gözlesin" diýmekçidi,ýöne gepi uzadyp oturmazlyk üçin hiç zat diýmän iti mal ýatagyň ýanyndaky özüniň öňki jaýyna saldy: -Haýwanyň mähri käbir adamlaryňkydan has güýçli bolýandyr-diýip Aşyr aga aýalyna manyly seretdi. Gunça daýza adamsynyň näme diýmekçidigine gowy düşündi... Şol güniň ertesi günortan Aşyr agalaryň gapysynyň öňünde bir maşyn saklandy. Aşyr aga bilen Gunça daýza nahar edinip, çaý içip otyrdylar. Maşynyň sesini eşiden Gunça daýza zöwwe ýerinden turdy. Aşyr aga: -Otur! Eger ogluň bolsa, özi geler!-diýdi. Aýdyşy ýaly: -Salawmaleýkim, kaka, eje!-diýip Döwletmyrat girip geldi. Gunça daýza ogluny gujaklap,ogşady. Aşyr aga bolsa kän bir ýüz bermän,oturan ýerinde elleşip salamlaşdy. Kakasynyň gapdalynda ýatan taýaga gözi düşen Döwletmyrat öňki lälikligini edip: -Bu näme kaka? Taýak edinipsiň-le, garrap ýörmüň indi?-diýdi. -Entek Saglyk-amanlyk soraşaly, taýakly gürrüňi soň ederis-diýip Aşyr aga ogluna nägile nazaryny dikdi. Döwletmyrat ýerliksiz gürlänini duýup, gyzaryp gitdi. Şundan soň Döwletmyrat kakasy, ejesi bilen şeýle bir mähirli saglyk-amanlyk soraşdy weli Gunça daýzanyň gözlerine tegelenip ýaş geldi. - Oglum, özüň, gelniň sag-aman ýörmüsiňiz? Işleriňiz oňatmy?-diýip Gunça daýza damagy dolany üçin gysgarak soraşdy. -Hudaýa şükür, hemmesi gowulyk. Ýöne iki gün bäri Alabaýy ýitirip, gözlemedik ýerim galmady. It gaçsa iküç ýyl ýal iýen ýerine barýarmyş diýýärler. Ol bär-ä gelen däldir? Aşyr aga ajy ýylgyryp, aýalyna seretdi.Gunça daýza äriniň bu garaýşynda "Ine ogluň, näme üçin gelendigini özi aýtdy" diýen many bardygyny aňdy. Aşyr aga: -Itiň geldi, ol özüniň öňki ýatagynda-diýenden Döwletmyrat begenjine bökäýjek ýaly etdi. Şol mahal gapydan güpürdäp goňşusy Gurban tamdyr girdi: -Oho! Döwletmyrat gelipdir-ä-diýip onuň bilen salamlaşyp soraşdy. Soňra – maşyndan düşeniňi daşyrakdan gördüm. Eliňde hiç zat ýokdugyny görüp,ata-enesini görmäge gelen ogul boş gelmez, ýene başga bolaýmasyn, diýip, gaty synlap seretdim. Seretsem: -Baý, köp gepleýäň Gurban Döwletmyrat bu sapar bäri bizi görmäge däl, itini idäp gelipdir-diýip Aşyr aga goňşusynyň sözüni böldi. Döwletmyrat: - Nätdiňaý, kaka....-. diýip zordan dillendi. -Men dogrusyny aýtdym, oglum. Bize seniň zadyň gerek däl. Didaryň gerek. Ýaňy sen meniň bilenem, ejeň bilenem gaty mähirli soraşdyň. Onuň üçin sag bol. Ýöne perzent mähri dilde däl-de ýürekde bolsa gowy. Kakasynyň bu sözlerini diňläp oturan Döwletmyrat bir gyzardy, bir agardy. Elbetde,col öz ýalňyşyny düşünendir-de. Reýimbaý SABYROW. | |
|
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |