10:55 Pikirler: Döredijilik hakda, özüm - Osman Öde hakda | |
PIKIRLER
Sözler
Döredijilik hakda, özüm — Osman Öde hakda Eger kämilleşmegiň ýoluny görkez, täzeden edebiýata gelseň diýseler: — Men edebiýata terjimeden gelmeli diýip pikir edýärin. * * * Eser döredilende täze obraz tapanyň üçin ýazýarmyň ýa tapan täze sýužetiň, wakaň üçin. — Waka, sýužet öň tapylýar. Gahrymanlar şol wakalar esasynda döreýär. * * * Men ýaşaýyş üçin kitaplara minnetdar. * * * Eý, Hudaý jan! Meni öldürme! Ogluň Osman Ödä adamlaryň içki dünýälerini çeper eserlerde açyp görkezmäge puryja ber! Men ölmekden gorkýaryn. Ölmän, şeýle bir gowy romanlar döredesim gelýär. Halka, türkmen halkyna kän-kän gowy eserleri galdyrasym gelýär. * * * Ömrüň manysy aslyňy, özüňi tanamakdan başlanýar. Pederleriňe mynasyp bolmak, geljekki nesle özüňden gowy at — gowy amal galdyrmak her birimiziň mukaddes parzymyz. * * * Men taryhçy alym däl, ýöne türkmen halkymyzyň taryhyny ilik-düwme öwrenmekden çäksiz uly lezzet alýaryn. Elbetde, her bir intelligente, her bir türkmene öz taryhyny bilmek ýazylmadyk durmuşy kanun, zerurlyk. Bu her kimiň ömrüniň manysyny, durmuşdaky ornuny kesgitleýän aýratynlyk. * * * Eý, meniň ogullarym! Türkmen taryhyny öwreniň. Mümkinçiligi bolup öz taryhyny öwrenmeýän adam gaty telek iş etdigidir. Buýsançly taryhymyz bar. Buýsanç — ýaşaýşa güýç berer. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |