14:27 Pişekli adam / hekaýa | |
PIŞEKLI ADAM
Hekaýalar
Men gulluk wezipämi ýerine ýetirip ýörkäm, şäher bazarynda şeýle bir waka duş geldim. Günortanlardy. Mähelläniň gürelen wagty, men bazaryň gapdalyndan geçýän kiçijik köçe bilen ýuwaş ýöräp barýardym. Birden çaganyň agysy eşidildi. Baryp görsem, trotuaryň ugrunda jaýa arkasyny berip oturan gyzjagaz ulili bilen aglaýardy. Onuň üstüne abanyp duran eli pişekli, ýeke aýak adam bolsa oňa nämedir bir zat diýip, azm urýardy. Men töweregime garamda, adamlaryň gapdalda durup, ojagaz gyza gynanç bilen seredýändiklerini gördüm. Gyzjagaz ullakan gök daşyň üstünde otyrdy. Onuň enaýyja sary saçjagazy seçelenip, egnine düşüp durdy. Göwresine holpuk penjek geýensoň, ol hasam kiçijik bolup görünýärdi. Gyzjagazyň çyrşakly ýüzünden syrygýan gözýaş damja toplap, onuň elindäki kürüşgesine damýardy. Pişekli adam serhoşlukdan ýaňa zordan aýak üstünde durýardy. Ol sag elinde öne somlap duran papagyny başyna geýdi-de, gyzjagaza tarap öwrüldi. Mejaly galmadyk ýaly, garşy-garşy kellesini aşak sallaýardy-da, gözüni süzýärdi. Onuň sakgaly ösüp, inçeräk ýüzüni mazaly basypdyr. Ol dim-dik boldy-da, pişegine söýendi, soňra öçügsi gözüni gyzjagaza dikip dazaryldy: — Tur, möňňürip oturma-da, aglagyň biri! — diýdi-de, güýçli eli bilen onuň ezeneginden tutup, aýak üstüne galdyrdy. Gyzjagazyň ýöräp ugrandan, elindäki kürüşgesini gizlejek bolýanyny göremde, onuň näme üçin aglaýany mana aýan boldy. Bu meniň üçin örän geň wakady. Ýogsa milisiýada işläp ugralym bäri, dürli hadysalara duş gelipdim welin, bu maňa aýratyn bir täsir etdi. Indi gyzjagaz aglamaýardy. Elindäki kürüşgesini penjeginiň iç ýüzünden goltugyna gysyp barşyna pişekli adamdan galmajak bolup ylgaşlaýardy. Çolarak köçeleriň birine düşemizde, men olary sakladym. Gyzjagazyň gözüni mölerdip, maňa garaýanyny göremde, göwnüne bir zat getirmesin diýip, onuň dulujaklaryny, saçjagazyny sypaladym. Onýança pişekli adam humarlap duran gözüni agdaryp, maňa garady-da: — Näme, meni pýandyr öýdýärmiň? — diýip gygyrmaga başlady. — Tussag etmekçimi? Garşylygym ýok! Onsoňam men gedaý däldirin! Men Watan üçin söweşdim! Orden aldym, ynha-da bir aýagymy frontda taşlap, öýüme gaýdyp geldim... Men öwnemok, men bolan zady aýdýan. Ol birden däli ýaly egnini silkip gülüp goýberdi. Soňra gyzjagazyň başyny sypalap: — Şeýle dälmi, gyzym? — diýdi. Gyzjagaz gözüni mölerdip durşuna başyny atdy. Soňra pişekli adam maňa seretdi welin, ýene şol öňki hyrsyzlygy onuň bütin durkuny gaplap aldy. — Men pýan! Emma gedaý däldirin! Döwlet maňa päkize jaý berdi, pensiýa berýä. — Örän oňat — diýdim-de, men olary öýlerine çenli ugratmagy makul bildim. Olar iki-üç ýyl mundan ozal ulanylmaga berlen jaýyň birinji gatynda iki otagly, wannaly, kuhnýaly seksiýada ýaşaýan ekenler. Jaýyň içindäki goşlaryň tertipsizligini göremde, maşgalada aýal adamyň ýoklugyny bildim. Şol wagt pişekli adam stoluň ýanyna bardy-da, ramka geýdirilen aýal suratyny eline aldy. Ol: — Sen näme üçin gyzyňy ýetim goýup gitdiň, Tamara! Näme üçin? Näme üçin?— diýip gygyrdy. Kakasyna garap duran gyzjagazyň sandyraýşy möňňüribererli göründi. Gorkaýmasyn diýen ätiýaç bilen men ony beýleki otaga alyp gitdim. Gaýdyp gelem-de, pişekli adam surata sessiz-üýnsüz garap durdy. Onuň gözünde ýaş buldurap göründi. Ol bu sapar maňa naýynjar seretdi-de, sesini sandyradyp: — Ol menem ýetim goýdy, meni, ýarty adamy! Düşünýärmiň, ol şeýle biwagt öläýmelimi eýsem? — diýdi-de, özüni stula goýberdi. Men uzyn gijesi bilen gyzjagazyň pikirini etdim. Onuň gözüni gorkuly tegeläp durşy göz öňümden gitmeýärdi. Pýan kakasynyň ýanynda bolsa, oňuň hasam gorkmagy mümkindi. Çagany halas etmelidi. Men pişekli adamyň öňki işlän ýerine baryp gaýtdym. Ol ýerde aýdyşlaryna görä, onuň öň hem az-kem içýändigi maňa aýan boldy. Iki aý çemesi mundan öň bolsa onuň aýaly aradan çykypdyr. Şondan soň ol işden boşan ekeii. Näme etmeln? Häzir öňüni alaýmasaň, ýagdaýyň hasam erbetleşmegi mümkindi. Mep oturyp-turup, ahyry zawoda baryp gaýtmagy makul bildim. Baramsoň, zawodyň ýolbaşçylary bilen gürleşdim. Olara önki işgärleriniň nähili ýagdaýa düşenini, eline ilen puly içip başlanyny aýdyp, oňa derwaýys kömek berilmelidigini duýdurdym. Onuň bikärligine ýol bermeli däldi, Ol işlese, adamlaryň arasynda bolsa, gowy boljakdy. Men ertir ýene gyzjagaza duş geldim. Ol düýnki egin-başyndady. Meni görende müýnli ýaly sortdurdy, gysymyndaky zadyny goltugynda gizledi. Men ondan: — Hany kakaň? – diýip soradym. — Öýde. — Sen nirä barýarsyň? — Magazine. — Näme üçin? Ol dymyp durşuna gaýta-gaýta meniň ýüzüme seretdi. Soňra birden gygyryberdi: — Aýtjak däl, aýtjak däl! Şol wagtam onuň goltugynda gizlän üç manat puly ýere gaçdy. Ol muny ýerden garbap aldy-da, möňňürmäge başlady. Özi hem aglap durşuna birzeýilli: — Berjek däl, berjek däl — diýip gaýtalaýardy. Men ony höre-köşe bilen ýalbara-ýakara öýüme äkitdim. Biz ony ýuwundyrdyk, egin-başyny çalşyrdyk. Ol bir enaýyja, gözi buldurap duran gyza öwrüldi-de duruberdi. Men oňa: — Seniň adyň kim? — diýdim. — Galýa. — Kakany oňat görýärmiň? Ol ýene sortduryp durdy. Men soragymy ikinji gezek gaýtalamda: — Hawa. Ýöne arak içýär, Ýaňam pýandy — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. — Sen çagalar bagyna gideňokmy? — Gidýärdim. Kakam alyp galdy. Öň-ä ejem her günem alyp gidýärdi. Häzir onuň ejesi ýadyna düşdümi-nämemi, birden dodajygy kemiş-kemiş edip, gözüniň owasyna ýaş aýlandy. Galýa agşam ýatanda-da, ertir ukudan oýanan badyna-da, birzeýilli kakasyny sorady. Menem: «Häzir geler, ynha äkitjek» bilen ony köşeşdirýärdim. Bölümde nobatçy bolamsoň, Galýa esewan bolmagy öýdäkilere sargap, irden işe gitdim. Meniň maksadym günüň dowamynda ýoldaşlarym bilen maslahatlaşyp, belli bir karara gelmekdi. Ýogsa hiç jähtden kişiniň çagasyny öýümde bikanun saklamaga hakymyň ýokdugyny bilýärdim. Meniň maksadym diňe çaga, onuň araga ýüz uran kakasynyň düzelmegine kömek bermekdi. Ýöne kakasy adam ýaly ýaşamajak bolsa, onda gyzjagazyň çagalar öýüne berilmeginiň tarapdarydym. Günortana ýakyn Galýanyň kakasy bölüme geldi. Onuň ýüzünde reňk-pet ýokdy. Gözüniň içi gan guýma gyzaryp durdy. Ol henizem düýnki serhoşlugyndan oňly açylmadyk ýaly, gözüni süzüp, uly-uly pallap goýberýärdi. Ol meni gümanam etmedi. Üstüme abanyp durşuna ähmiýetsiz bir habar aýdýan ýaly äheňde: — Gyzymy ýitirdim? — diýdi. — O nähili ýitýärmiş? — diýip, men geň galan kişi boldum. — Men ony ertir turamda tapmadym. Öýde ýok ekeni. Kömek ediň, ýeke gyzym, ol bir ýitmesin. Men ýene soradym: — Siz oň göwnüne degen bolaýmaň? — Alty ýaşly gyzyňam bir göwni bolarmy? Ony sizden biri alyp gaýtdymyka diýýän. Men dogrymy aýdýan. Meni häzir pýandyr öýtme! Onuň öýüme baranyny bilýän, ynanaý! Men dogruladym. — Hawa, seniň gyzyň Galýa biziň elimizde. Pişekli adamyň ilk-ä gözi tegelenip gitdi, soň birden asuda demini aldy-da: — Şeýlemi?! — diýdi. Şu ýerde nähili bolanyny özümem bilemok, edil öňden belli karara gelneň ýaly kesgitli gürläpdirin. — Ýöne içmäňizi bes etmeseňiz, gyzyňyzy bermeris! Ol pişegini şakyrdadyp, dim-dik boldy. — Näme?! — diýip, sonra üstüme süründi: — Bermeris? Ol nähili zat bolýar? Gyzym mensiz... — Siz ony gorkuzypsyňyz. — Ol indi meni ýatlanogammy? Men milisiýa gullugynda işläp başlalym bäri, birinji ýola ýalan sözledim: — Hawa, ýatlanok. — Ýalan! Ýalan aýdýarsyň. Ol meni ýatlaýandyr. Men onuň ýeke dikrary ahyry. Ol mundan artyk meniň bilen ýüzbe-ýüz durmagy islemedik ýaly, pişeginiň üstüne agram salaga-da, hyrra yzyna öwrüldi. Gapynyň agzyna ýetende bir zady ýadyna salan dek sägindi, soňra egniniň üstaşyr maňa garap, önki äheňini gowşatman, basyk ses bilen soňky sözüni aýtdy. — Men ony taparyn. Ýeriň teýinde gizlän bolsaňyzam, hökman taparyn! Ýöne ýalan sözlemäň, ol meni, heý-de, ýatlamazmy?! Men arakdan geçerin welin, gyzymdan geçmerin. Onuň gapydan howlukmaç çykyşyny göremde, pişekleriniň gapa degip turzan takyrdysyny eşidenimde, şu ýere gelip, diňe puşman edendir diýen netije çykarypdym. Emma onuň ýürekden aýdan soňky sözi meni çäksiz begendirdi. Iki gün geçse-de, pişekli adam gara salmaýardy. Men ynjalmamsoň, zawoda jaň edip durmadym-da, Galýany alyp, şähere çykdym. Ol kakasynyň ýanyna barýandygyny bilende, çapak çalyp, şatlygyndan bökjekleýärdi. Men onuň hereketlerine assa syn edýärdim. Piwo satylýan budkanyň deňesine ýetemizde, ol hümer bolup duran adamlara gözüni aýyrman seredýärdi. Bazaryň mähelleli köçesine düşenimizem şoldy welin, garaşmadyk ýerden Galýa meniň elimden sypyp, öne okduryldy. Ol ylgap barşyna: — Kaka! Kaka! — diýip gygyrýardy. Hemmeler haýran bolup seredişdiler. Esewan bolsam, sesýetim öňden bir pişekli adam bize tarap gelýärdi. Men onuň Galýanyň kakasydygyny bilip galdym. Ol özüne tarap ylgap barýan gyzjagazy tanan bolsa gerek, onuň göwresi öňe ümzük atdy. Goltugyndaky pişekleri her ýerden bir dürtüldi-de, ädimleriniň arasy kem-kemden açyldy. Çaga şol ylgap barşyna badyny gowşatman, kakasynyň boýnuna bökdi welin, pişegiň üstünde duran adama onuň badyny saklamak aňsat düşmedi. Bir taý pişegi onuň goltugyndan sypyp, asfaltyň üstüne şakyrdap düşdi. Ol bir eli bilen hem-ä gyzyny gujaklajak bolýardy, hemem ýerde ýatan pişegini galdyrjak bolup azara galdy. Ýeke aýagynyň üstünde durmak kyn bolansoň, ol entirekläp gitdi. Emma ýykylmanka, men oňa söýget bolmaga ýetişdim. Şol günki öýünde bolşy ýaly häzir hem onuň gözünde ýaş göründi. Ol gyzynyň saçyndan, ýüzünden ogşaýardy, ony bagryna basýardy, özi-de: — Men seniň ugruňa çykypdym, gyzym, özüm alyp gaýtmaga barýardym — diýýärdi. Bu gün onuň sakgaly tämiz syrylypdyr, ýüzi-gözi biraz reňkine gelipdir. Ol birhaýukdan soň meniň gapdalda durandygymy görüp, öz ýanyndan dabara bilen: — Men şonda size ynanmandym welin, indi gördüňiz gerek diýdi-de, gyzynyň saçyny sypalap durşuna: — Meniň ýekeje gyzym ahyry — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Men ýylgyryp durşuma diňe baş atdym. Onýança Galýajyk: — Kaka, öýe gitjekmi? — diýip sorady. — Öýe agşamlyk bararys, gyzym. Häzir işe barmaly. Men ýene işe girdim-ä, gideli. Çagalar bagynda eýýäm seň adyňam bar, gyzym. Ol maňa goşarlak, berdaşly elini uzatdy-da, müýnli ýaly: — Hoş onda, ýigit — diýdi. Ol birbada yzyna öwrülip gidiberjek ýaly göründi, emma böwrüni diňläp durşuna ýene ýüzüme garady: — Bolsa-da, ýeser ýigit ekeniň. Hawa-da, durmuşda nämeler bolmaýar?! Ýene köplük bir oňat zat. Adamyň adama ýamanlygy ýok. Meniňem beýdip ýöresim ýok-la. Gyzymy baga bersem, özümem işlesem... Garaz, ýüregim giňeşer. Ýogsa, ady galmyş adamlykdan aýryp barýar. Onsoňam beýdip ýörmäge ýol beräýjek-de däller... Hoş onda. Hany, gyzym, senem bu däde bilen hoşlaş, gideli. Galýa kakasyna gysylyp, enaýyja ýyrşaryp durşuna, maňa tarap kiçijik elini uzatdy. Olar menden esli arany açansoňlar, bökjekläp barýan Galýajyk jübüsinden bir zat çykaryp, kakasyna berdi-de, yzyna gaňrylyp, maňa seretdi. Muny görem-de, şol gezekki ýere gaçan üç manat meniň güpbe ýadyma düşdi. | |
|
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |