23:04 Pişik öýmeli gyz / hekaýa | |
PIŞIK ÖÝMELI GYZ
Hekaýalar
Mekdep jüýje seçen ýaly etdi. Nirä gitseň, hoş wagtyň, gidibermeli. Klasdaşlarymyň kimsi okuw diýip, «ak maşyna» münüp gitdi. Kimsi üsti keçeli, oýlukly, çelekli «gara maşyna» münüp gitdi. Diňe men her gün kölegede pişge daraýan enemi käýidýärdim. Enem aýtmyşlaýyn, iliň meniň ýalysy bu wagtlar doňza baş öwredýärmiş. Menem kümsük gaýyň ýaly söw-söw edip ýörmüşim. Okuwy gutarmankak, «ol okuw, bu okuw» diýşip, ýoldaşlarymyň her haýsy bir etsem-petsemiň küýündedi. Men bolsam okuwdan gelip, ýyly nan bilen peýendäki gawuny güpledýärdim-de, jaýymyzy garaňkyradýardym. Garnymy sypap ýatyşyma, täze göçüp gelen, gelenleri bäri hem pişik öýme daňynýan gyzy göz öňüne getirip, öýläne çenli gözümi süzgekledip ýatardym. Okuwy gutaranymdan soňam palaç orýan kombaýnda traktorçynyň kömekçisi bolup işe başladym. Iş wagtym bolardy welin ejem gelip, äpişgeleriň hem gabsanyň tutularyny serpişdirerdi. – Tur işiňe gitjek bolsaň gölerip ýatma-da – diýip, örän dözümli ýola salyp goýbererdi. Elimi garpyşyp aýlanýan dişli çarhlara çeýnedelim bäri öýümizdäkileriň hemmesi maňa mylakatly ýüzlenip başladylar. Tabşyrýardylar, öwredýärdiler. Soňundan ýene meni günäkärleýärdiler. «Aýlanyp duran çarha eliňi eltmeli däldigini bileňokmy?» diýip, menden öwran-öwran soraýardylar. Enem maňa gezek gelende gaty gyňyrdyr welin, şolam bir gezek ýanyna çagyryp elimi gördi. Ýöne şonda-da käýinmäni unutmady. – Suwa düşen bolup azdyryp, iş artygyny edäýmegin. Tejen diýip, Aşgabat diýip selpemeli edäýseň, sagajyň astyna düşersiň. Öýlänem git-de, ataňa derek gatla sakla. Gaýdyşynam ol taňry garganyň gözüne güýdüşip, bir arka ýorunja al geçä bir ýaly – diýip tabşyrdy. – Kim ol taňry gargan? – diýip, men sorag berdim. – Ah, hol pişik öýmeli gyzyň kakasymy nämemi? – Ýok, ene. Ot ogurlap bilmejegim-ä aýdaýyn, gatla git diýseň, gideýin welin – diýip, men çürt-kesik boýun towladym. – Bar, owarraňy tapsana. Bolmanda-da senden adamyň dişi ýyrşarmaz – diýip, enem meni azgyrylyp kowup goýberdi. Gatladan gelip, gaýramyzdaky güzere gidýärdim. Süýr günortany soňky wagtlar diňe şol güzeriň başyndaky ullakan toraňňynyň üstünde geçirýärdim. Oba eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Jaryň ugruny syryp gidýän ýol hem oňat görünýärdi. Onsoň kime syn edesim gelse gözetläp otyryn. Bir gezek şol toraňňynyň üstünde bişen waharmany gemrip otyrdym. Gawunyň köwegine elimi sokup, çigidini suwa taşladym. Aşakda samsygrak hem oýnatgyrak adam Hotjy eşegini ýakyp duran eken. Eşek ürküp Hotjyny tas ýykypdy. Ol bir eli bilen gaňňadan ýapyşyp, bir eli bilenem telpegini tutup, zordan saklandy. Soňra ol meni görüp käýinjiredi: – Näme garaguş ýaly bolup otyrsyň! Tas maýyp edipdiň adamy? – Bagyşla, görmändirin – diýen boldum. – Hawa, sen gören delsiň – diýip, ol ýaňsyly gürledi. – Görüp aňry ýanyna geçýänsiň. Ol bu sözleri gaty ýadawlyk hem biperwaýlyk bilen aýtdy-da, öz ugruna gitdi. Men ýene töwerege syn edip başladym. Bir görsem köçäniň aňry başyndan pişik öýmeli gyz sallanjyrap gelýär. Elinde hem iki bedre bar. Suwa gelýär. Ol gelip-gelip, güzere indi. Men çalaja sygyryp goýberdim. Ol aňk-taňk bolup töweregine garanjaklady. Edil horaz sülgüniň bar-da. Ikinji gezek sygyrmaga çekindim. Ýöne ýylgyran bolup oturyşyma ýene-de sygyryp goýberenimi duýman galypdyryn. Gyz ýokarsyna seretdi. Görse ýokarda agajyň üstünde biri türsükçe otyr. Ol derrew aşak bakdy, bedresiniň birini alyp, suwa ýöneldi. – Gyw, gyz – diýip, men habar gatdym. – Sen şol täze gelen pişik öýmeli gyz diýilýänmi? Ol suwly bedresini dökan-saçan edip, dikeldi-de, ýüzüni kese sowdy: – Bilýän bolsaň nä körüňe soraýaň? – Ol gyýarak seretdi. – Aýy ýaly bol-da otur-da. – Aýy nähili oturýa? – Seň oturyşyň ýaly. – Aýyny nirede gördüň? – Agajyň üstünde. – Be, nähili aýykaraý ol agajyň üstündäki aýy? – Adamdan azan aýy. – Eý, ýok, entek sen aýy görmänsiň onda diýip, men gülen boldum. Ol bedrelerini suwdan doldurdy-da, bütin göwresi bilen towlanjyrap, assa basyp ugrady. – Gyw, gyz! – diýip, men gorkarak gygyrdym. – Azajyk dursana, gürleşeli-le! – Seniň bilen gürrüňim galmandyr – diýip, ol gyz gyňyr jogap berdi. Men töwellanyň biderekdigine düşündim. Ýene-de gygyrdym: – Gyw, pişik öýmeli gyz! Men her gün şu wagtlar şu ýerde oturýan. Aýy göresiň gelse geläýgin. Bu sözlerim gyza ýaramady. Ol gaharly jogap berdi: – Oturyp geç, oturyp geçen. Ertire çenli otur. Men şohluga salan bolup, «bor» diýip gygyrsam-da, bütinleý ruhdan düşdüm. Ertesi ýene-de agajyň üstüne çykyp otyrdym. Toraňňynyň şahalary şemala çalaja yranýardy. Ýapraklary assyrynlyk bilen şybyrdaşýardy. Töweregime-de seretsem seredýärin welin, gözüm şol pişik öýmeli gyzlaryň öýünde. Olaryň jaýy baglyga bürenip otyrdy. Ýöne köçäniň ugry hem olaryň howlusynyň gapysy gowy görünýärdi. Ol geler diýen tamam ýok. Şonda-da olaryň gapysyndan gözümi aýrasym gelenok. Birdenem gözüm eginagaçly gyzyň bärik gaýtjak bolýanyny, yzyndan ylgaýan çagajygy galdyrjak bolup azara galýanyny gördüm. Ýüregim gürsüldäp urdy. Jalbarly oturanyma şükür etdim. Pür-pudagyň güri ýerinde pugta ornaşdym. Ýöne egnim eşikli bolansoň, ýagyrnymda, döşümde at garynjalar ylgaşyp, gyjygymy getirýärdi. Pişik öýmeli gyz bu gün sim geçen geýipdir. Ol durşuna lowurdaýardy. Özümde şeýlekin näzik hem päk duýgynyň oýananyny bilsemem, biperwaýsyran bolup azara galýardym. Ol gelip suw aldy. Meniň düýnki oturan ýerime gözüniň gyz dilim gyýagy bilen garady. Suw alanda howlukmaç alsa-da, gitmäge howlukmady, ýaýdanjyrady. Keýpiniň gaçanyny gördüm. Düýnkim ýaly sygyraýasym geldi. Ýöne bu gün sygyrmakdan saklandym-da, ol egin agajyny alyp, gitmäge synanda, men: – Salam! – diýip duýdansyz seslendim. Ol hiç müýnsüz-ýazyksyz jogap berdi: – Salam. – Düýn men senden gaty gördüm – diýip, men dowam etdim. – Gowy-da gaty gören bolsaň. – O näme üçin? – Näme üçini-dä. – Meniň günde näme üçin gelýänimi bilýäňmi? – Biljek bolup nä azarym. – Seni görmek üçin gelýän – diýip, men ýaşlygyň, perwaýsyzlygyň çyrpynýan çagy birinji gezek ýürekden syzdyryp ýalbardym. – Meni görjek bolup azara galma. – O näme üçin? – Näme üçini-dä. – Söýýäniň barmy? – Bar – diýip, ol göni ýüzüme seredip durdy. Özümi suwa oklap, gark bolasym geldi. Ýuwaşadym. Wäşiligim suw bilen akyp gitdi. – Adyň näme? Aýtsana. – Adymyň saňa dahyly ýok-da – diýip, ol näzli ýylgyryp durşuna, şemala ykjaýan pişik öýmäniň çowy bilen garyşyp ýüzüne düşýän saçlaryny düzedişdirdi. Ol meniň indiki hereketime garaşýardy. Men ýasama medeniýetliligimi taşladym. Özümi Ýolbarslyň tokaýynda hasap etdim. – Bä, adyňy aýtmadyň-ow – diýdim. – Hä, seni alan ýigidiň-ä bagty geler-ow. Bu sözlerim tosun gyzda maňa bolan ýigrenç döretdi. – Hiý, bu zadyň ýaňradygyny – diýdi-de, ol gaşlaryny çytyp, tasyrdap ugrady. Men yzyndan näme bolsa, şol bolsun edip gygyrdym. – Gyw, gyz! Men ýene şu ýere ikindin ara gelýärin. Gelermiň? Ol birjik-de üýtgemän jogap berdi: – Gelip geç gelseň. Meň nä azaryma seň geleniň... Gün obanyň ilersinde gyzaryp sallanyp durdy. Sygyrlar örüden gelýärdi. Kirşen asmana göterilýärdi. Suwuň ýüzünde garaja bijinler topar tutup oýun edişýärdi. Bir görsem pişik öýmeli gyz ýalbyrap güzere ýetip gelýärdi... Çary ÝAPAN. | |
|
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |