17:35 Prowokasiýalardan ägä boluñ | |
PROWOKASIÝALARDAN ÄGÄ BOLUÑ
Publisistika
Kit Jon Jeffri (1952-2016)… Angliýaly irland taryhçysy. Kontrrazwedka taryhy boýunça ezberleşdi. Iñlis kontrrazwedka gullugy MI6-nyñ döredilmeginiñ ýüzünji ýylynda 1909-1949-njy ýyllar aralygy öz içine alýan kitap ýazdy. MI6-nyñ başlygy Jon Skarlettiñ özi ýazyja ähli gizlin materiallary açyp berdi. "MI6-nyñ gizlin taryhy" ("Secret History of MI6") atly 810 sahypalyk kitapda iñlis jansyzlarynyñ Stambulda nämeleri edendigi barada-da maglumatlar bar. Mysal üçin: Ikinji jahan urşunda nasistleriñ gizlin kontrrazwedka gullugy Abweriñ Stambulda nähili çökerilişiniñ maglumaty ýaly... Döredilene ýañy on ýyl bolan wagty MI6 üçin Türkiýäniñ garaşsyzlyk ugrundaky göreşi ünsden düşürilmesiz meseledi. Munuñ iki sebäbi bardy: Birinjisi, Mustapa Kemalyñ liderligindäki azat-ediş hereketi Hindistan ýaly iñlis koloniýalaryna täsirini ýetirip bijekdi. Ikinjisi, Mustapa Kemal ikinji bolşewistik rewolýusiýasyny amala aşyryp, Sowet Soýuzynyñ şemalyny Günbatarda güýçlendirip biljekdi. MI6 munuñ öñüni dolamak üçin Stambula iñ ökde işgärlerini ugratdy. Meselem, Uilfred Danderdeýl Azat-edijilik urşy ýyllarynda Türkiýede bolup, her dürli kontrrazwedka operasiýalaryñ içinde boldy. 30-njy ýyllarda gullugyñ Pariždäki şahamçasyna başlyklyk etdi. Iñlisleriñ nasist okkupasiýasy astyndaky fransuz we polýak kontrrazwedka gulluklarynyñ aragatnaşygyny ýola goýdy. MI6 gullugynyñ birinji belgili legendaryna öwrüldi... Meselem, Harold Gibson Ikinji jahan urşy gidip durka-da Stambul stansiýasynyñ başyna geçdi. Stambulda bulardan başga-da jansyz ýeterlikdi, Ýan Fleming hem şolaryñ biri... • ŞERTLI ADY - 17 F Ýan Lankaster Fleming (1908-1964)… Baý iñlis maşgalasynyñ - bankiriñ ogludy. Kakasy Walentaýn Fleming Konserwatiw parlamentiñ agzasydy. Birinji jahan urşunda nemes artilleriýasynyñ atan topundan Fransiýada wepat boldy. Egindeşi Uinston Çerçhill onuñ yzyndan tolgundyryjy kitap ýazdy. (Iñlis parlamenti Birinji jahan urşunda 22 halk deputatyny ýitirdi.) Birinji jahan urşy döwründe Çanakkale urşunda tapylan, ýurdumyzyñ okkupirlenen döwründe Izmir aýlagyndaky iñlis flotiliýasyna serkerdelik eden, araplary biziñ garşymyza küşgüren admiral Jon Genri Godfri Korollygyñ flotiliýasynyñ kontrrazwedka gullugynyñ direktory bolup işlände, ýanyna Ian Fleming'i aldy. Onuñ şertli ady “17F”-di. Beýleki kontrrazwedka gulluklary bilen habar alşyp-berişme boýunça jogapkär ofiserleriñ biridi. Şeýle-de: ABŞ-nyñ prezidenti Ruzweltiñ ýörite wekili polkownik “Wild Bill” Donowan we (ady soñra CIA bolan) Strategik hyzmatlar ofisi bilen işleşdi. Ýamaýkadaky Anglo-amerikan kontrrazwedka gullugynyñ ýygnanşygyna gatnaşdy we ş.m. Ikinji jahan urşundan ýeñiş bilen çykanlaryñ arasynda bolsa-da, iñlisler koloniýalary dolandyrmakda kynçylyk çekip başlady. Bularyñ biri-de Kiprdi... 50-nji ýyllaryñ başynda Türkiýäniñ Gresiýa bilen ýakyn gatnaşyklary bardy. 1952-nji ýylda grek patyşasy Pawel I Türkiyä geldi. Yzyndan prezident Jelal Baýar hem sapara gitdi. Komotinede (Gümüljinede) Jelal Baýar adyndaky liseý açyldy. Balkan paktynyñ emele getirilmegi 1952-nji ýylda iki ýurduñ arasyndaky harby hyzmatdaşlygy güýçlendirdi. Şol ikiarada Gresiýa BMG-na ýüz tutup, Kipriñ öz geljegini özüniñ kesgitlemäge bolan hukugynyñ berilmegini talap etdi. Muña iñlisler garşy çykdy. Ine, edil şol günlerde türk-grek gatnaşyklary birdenkä bozuldy: Kiprde faşistler EOKA toparyny gurup, urup-ýençme hereketlerine başlady. Türkiýede "Kipr türkdür" jemgyýeti guruldy. Birdenkä 1953-nji ýylda Stambuluñ eýelenen güni bellenilip başlandy. "Selanikde Atatürküñ öýi bombalandy” ýalany Stanbulda birgiden haý-haýly wakalara sebäp boldy. Galanyny özüñiz bilýäñiz... • SÜRÜJI JANSYZ BOLUP ÇYKDY 1955-nji ýylyñ 6-7-nji sentýabr wakalarynyñ jogapkäri hökmünde Türkiýede biragyzdan diýen ýaly ses çykdy: warwar türkler! Örän gynançly wakalar bolup geçdi. Muña söz ýok. Gadym dostlarymyz rumlar Türkiýäni taşlap gitmäge mejbur boldular. Ýöne ýekeje gezegem Kiprden doly çykasy gelmeýän iñlisleriñ bolan wakalarda oýnan rolunyñ üstünde durulmady. Ýogsam bolmasa, EOKA-nyñ lideri polkownik Georgios Griwasyñ sürüjisi Pashalis Papadopulosa çenli iñliz jansyzydy! Eýse Türkiýedäki "Trabzonly balykçy Darko Kerim” ýaly jansyzlary kimlerdi? Iñlisleriñ maksady bellidi: Türkiýede, Gresiýada, Kiprde ýüze çykan wakalardan peýdalanyp, "Men bolmasam, bu iki ýurt biri-biriniñ bokurdagyny çeýnär, Sowet Soýuzy bu iki ýurdy-da, Kipri-de ele geçirer" diýip, Günbatary gorkuzmady. Edeni ugruna boldy-da, ABŞ-nyñ öz ýanyna çekdi. Olaryñ pikiriçe iñ amatly çykalga - adada status-kwonyñ dowam etmegidi… Sözümi jemlär bolsam: Ýan Fleming (tanalýan ady Jeýms Bond) 6-7-nji sentýabr gijesi nirededi, bilýäñizmi: Beýogly Istiklal köçesinde! Bu fakt orta çykan badyna, ol "Stambula Interpolyñ ýygnanşygyna gatnaşmak üçin" gelendigini aýtdy. Ol ýygnanşyga Angliýanyñ Deñizañyrsy kontrrazwedka gullugynyñ adyndan gatnaşypdy. "Deñizañyrsy" kontrrazwedka gullugynyñ ugrunyñ Kipri-de öz içine gurşap alýandygyny ýazmagyma hajat ýok hasaplaýaryn. Fleming ýygnanşyga gatnaşmady. "15 minut oturdym, ýadadym-da, namazlyk almak üçin daşary çykanymda hadysalar bolup geçdi!" diýdi. 6-7-nji sentýabr wakalarynyñ ertesi gün "Sunday Times" iñlis gazetinde "Stambulda uly tolgunşyk" sözbaşyly habar çykdy. Habarda wakalar änigine-şänigine çenli jikme-jik gürrüñ berilýärdi. Gürrüñiñ äheñi "žurnalist" Ýan Flemingiñkä meñzäp durdy! Aýdylyşyna görä, Fleming Stambula Atatürküñ Selanikdäki öýüniñ bombalanan ýerinden gelipdi. 6-7-nji sentýabr wakalarynyñ yzysüre Angliýanyñ Daşary işler ministrligi habarlar gullugyna şu görkezmäni berdi: "Habar beriş serişdelerinde 6-njy sentýabr wakalarynda iñlislere degişli zatlaryñ weýran edilendigi we iñlisleriñ ýaralanandygy baradaky habarlara aýratyn ýer berilmelidir". Şu günler Gresiýa bilen aramyzda bolup geçýän harçañlaşmalary şu nukdaýnazardanam yzarlap görüñ, prowokasiýalardan ägä boluñ... Unutmañ, iñlisler iñ ökde jansyzlaryny Türkiýä ugradýandyr. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 07.09.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |