07:10 Puşkin | |
PUŞKIN
Edebi makalalar
Şahyryň dünýäsi – täsin, tämiz, nurana. Bir şahyr söýgi – edil girmesi kyn, gireňsoň çykmasy asyl-ha mümkin bolmadyk gala ýaly diýip ýazypdy. Şahyryň dünýäsem bosagasyndan aýak basanyňdan soň, öz röwüşleri, päkizeligi, pikirkeşligi, badyhowalygy, hyjuwlylygy bilen bendi edip, ömürlik kökerip bilýän gudratly güýç. Şol ajaýyp dünýä biz ýuwaş-ýuwaş aralaşýarys. Edil şu dünýä nähili öwrenişip gidýän bolsak, şeýdip şahyryň dünýäsine-de maýyl bolýarys. Ömürlik ýadymyzda galýan gözelliklere, duýgy päkizeligine, ilkidurmuş tämizlige ymtylan ýaly şol jadyly hem lezzetli, galagoply hem ezýetli dünýä sary göwnümiz telwas edýär, ýüregimiz atygsaýar. Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň dünýäsine onuň “Weter, weter, ty moguç” diýip başlaýan goşgusynyň üsti bilen ädim ätdim. Soňra “Balykçy we balyjak” diýen erteki. Kakam pahyr: “Näme üçin Puşkin ala-böle alakgedän hindileriň şol ertekisini goşga geçiripdir. Sebäbi ol ýöne-möne şahyr däl. Sebäp şol sýužet bilen öz aýtsam diýen pikirini aýdyp boljakdygyny bilýär. Bu ýerde gep kersen ýa-da külbe hakynda däl, has düýpli zat hakynda. Ana, gepem şonda…” diýip janygardy. Saady, Nowaýy ýaly Gündogaryň ajaýyp şahyrlary barada belli şahyr Ata Köpek Mergen bilen köp gezek hemsöhbet bolan kakamyň şeýle netijä gelmegine iteren sebäpler barada soň-soňlar kän pikir etdim. Poemanyň originalyny, terjimesini öwran-öwran okadym. Eser maddy gymmatlyklardan ruhy gymmatlygyň has ýokarda durýandygy barada eken. Ynsanyň gözleýän bagtynyň material zatda – kersende, ak tamda, köşgi-eýwanda däl-de, köňül rahatlygynda, ruhy gymmatlyklarda, absolýut hakykatda – biziň aklymyzyň çatmazdan ymtylýan kämilligimizde – Hudaýdadygy barada eken. *** 1814-nji ýylda, şahyr on bäş ýaşyndaka “Westnik Ýewropy” atly žurnalda “Şahyr dostuma” atly ilkinji goşgusy çap edilýär. Şol goşgy geljekki genial şahyryň asyrlaryň hem nesilleriň uly söýgüsine mynasyp boljak, müňläp ýürekleriň, köňülleriň hemrasyna öwrüljek nurana, duýga hem pikirlere baý, ynsanperwer eserleriniň buşlukçysy bolupdy. 1815-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 8-i şahyryň ömrüniň iň ýagty, ýakymly, ýatda galyjy günleriniň biri bolar. Şol gün okap ýören liseýinde kursdan kursa geçiriş ekzameninde Delwig, Kýuhelbeker, Puşşin ýaly geljekki şahyrlar bilen bile okap ýören buýra saçly ýetginjek “Sarskoýe seloda geçilenleri ýatlama” goşgusyny okar. Gartaşan hem köpi gören, rus medeniýetiniň sütünleriniň biri Deržawin: “Ine, Deržawiniň ýerini tutjak adam” diýip oňa ak pata berer. Bu barada ýazyjy Ýuriý Tynýanow “Puşkin” atly romanynda ähtibarly deliller bilen jikme-jik söhbet eder. Hut şu ýerdenem Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň şöhratly ömrüniň döredijilige lükgeligi bilen ýugruljak, külli jahana ýaň saljak, ýüzläp dillerde ýaňlanjak goşgularynyň ömri başlanýar. Rus sözüniň, ballada ýazmagyň ussady, meşhur şahyr Žukowskiý onuň “Ruslan we Lýudmila” poemasyny okap haýran galar, oňa suratyny ýollar we şol suratyň arka ýüzüne “Ýeňlen halypa özüniň ýeňen şägirdine bagyşlaýar” diýip ýazar. *** Şahyryň genial ruhy, köňül hazynasy tutuş adamzada ruhy peşgeş boljak “Hanjar”, “Şahyr”, “Ýadygärlik”, “Kawkaz ýesiri”, “Bakjasaraý fontany”, “Syganlar”, “Ýewgeniý Onegin” romany ýaly eserleri eçilip başlaýar. Soňra “Mis atly”, “Arzruma syýahat”, “Belkiniň powestleri”, “Kolomnadaky öýjagaz”, “Gara hal gyz”, “Pugaçýowyň taryhy”, “Dubrowskiý”, “Kapitan gyzy”… Wagt geçer şahyryň “Boris Godunow” tragediýasyny ekranlaşdyrmakçy bolanda, tejribe ýüki ýetik, ýetmişe ser uran dünýä belli kinorežissýor Sergeý Bondarçuk şeýle genial eseri şahyryň bary-ýogy ýigrimi alty ýaşynda ýazandygyna haýran galar, onuň tebigy talantyna tagzym eder. *** Puşkiniň poeziýasy söýgi, wyždan, dostluk, abraý, adalatlylyk, ýagşylyk, ynsanperwerlik, gözellik… ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ajaýyp beýan edilmesidir. Adamyň mertebesini, ynsan duýgularyny kemsitmek, göwnüýetmezçilik etmek onuň döredijiligine ýatdyr. Onuň poeziýasyna iň mahsus zatlar – päkizelik, nuranalyk, adama, onuň ömrüne söýgi. Ony bu gün dürli dillerde dünýä diňleýär. Edil Mosartyň, Bethoweniň, Poganiniň, Bahyň, Çaýkowskiniň, Halmämmedowyň sazyny diňlän ýaly, gulak däl, ýürek gerip diňleýär. Ol söz bilen saz ýazan genileriň naýbaşylarynyň biridir. Ol söz bilen ynsan köňlüniň mozaikasyny döretdi. Dogry, poeziýä diýen beýik sungata kembaha garaýan XX asyryň başlarynda özlerini Russiýada medeni rewolýusionerler diýip atlandyran diletantlar: “Ýok bolsun Puşkin!”, “Puşkini döwrüň gämisinden oklaň!” diýip bogazlaryna bat beripdi. Onuň bakylygyň ýoluna düşen döredijilik kerweni ojagaz jöw-jöwlere pitwa-da etmän geçip barýardy. *** Hawa, bu wagtlaýyn zatdy. Şahyryň öz aýdyşy ýaly, “Hakyky şahyrlaryň eserleri hemişe täze we ebedilik ýaşamagynda galýardy”. Barybir hiç kim Güni etegi bilen ýapyp bilmeýärdi. Barybir Aý şugla saçýardy, altyn şöhlezardy. Ömür-ömür gözbaşy guramajak tenekar çeşme tämizdi, ýagtylyga, nura, gözellige, lezzete, söze teşne ýürekler, köňüller, ruhlar şoňa ymtylýardy. Şahyr adamlar bilen ýüregiň, köňüliň nähilidir bir hili düşündirmesi kyn “dilinde” sözleşýärdi. Puşkiniň döremegi taryhy hadysady. Ol rus durmuşynyň, taryhynyň aýnasydy. Rus pikiriniň, hyýalynyň hem umyt-arzuwlaryny şeýle kämil görnüşde beýan eden wagty ýokdy. Puşkiniň eserlerinden soň, rus okyjysynyň poetik gözýetimi giňäpdi. “Saýlanan” duýgularyň, täsirleriň, tebigy keşpleriň üsti bilen aň hem ýürek üçin ruhy hörek bolan setirler şöhle saçdy. Şahyryň goşgularyny okan rus okyjysy öz dilini öňküden ýüz esse, müň esse söýüp başlapdy, döredijilige hormat goýmagy öwrenipdi. Iň esasy zadam özüni, özgäni, Watany söýmegi öwrenipdi. Şahyryň döredijiligi edebiýatyň diňe bir ýüregi gysýan işsiz adamlar üçin ýöne bir güýmenje bolman, juda zerur we adama özüniň ahlak borçlaryny bildirip durýan jogapkärlik mukaddeslikdigini ýatladýardy. A. S. Puşkiniň döredijiliginiň gymmaty, ähmiýeti barada kim F. Dostoýewskiden gysby hem çuňňur aýdyp biler: “Hiç haçan, hiç kim rus halkyna şonuň ýaly oňat düşünmändi, onuň wezipesine şeýle çuň we giňişleýin akyl ýetirmändi”. “Genileriň yzy bilen ýöräp, täze dünýäleri açmak” – bu şahyryň özüne ömürlik şygar edinen ýörelgesidi. Puşkiniň döremegi üçin Lomonosow, Deržawin, Karamzin, Žukowskiý, Batýuşkow, D. Dawydow ýaly genileriň şahsyýeti, döredijilikleri badalga bolupdy. Onuň edebi sallançagynyň başynda Şekspir, Wolter… dagylar bardy. Baýron onuň ýetginjekkä ruhy halypasyna öwrülipdi. Şahyryň döredijilik daragty gadymy grek, italýan, fransuz, nemes, iňlis medeniýetleriniň tämiz hem müdimi edebi çeşmelerinden nem alyp kemala gelýärdi, gurplanýardy, pajarlaýardy, şaha ýaýyp, gol ýaýradyp ähli ruhy medeniýetler üçin datly miwe eçilýärdi. *** Şahyryň maşgalasy barada hem bir agyz aýtmak gerek. Kakasy harbydy, ýazmak bilen gyzyklanýan giň gözýetimli bu adam şüweleňli üýşmeleňlerde öz goşgularyny okardy. Ejesi Nadežda Osipowa general Gannibalyň agtygydy. Aleksandr maşgalada ortanjydy. Olga özünden uly dogany buýra saçlyja Saşa owadan mawy gözlerini güldürip bakardy. Lew şahyrdan kiçileridi. Galan doganjyklary bolsa şindi kiçijekkäler ýogalyp gidipdiler. *** Dünýä edebiýatynyň taryhynda geniallygyň juda seýrek gabat gelýän beýik nusgasyny görkezen onuň Alyhezretleri poeziýa “Ol (poeziýa) meniň dinim” diýip ýüzlenen şahyryň gözbaşy bol, syýasy goýy, tagamy datly, keşbi nurana goşgulary barada F. Dostoýewskiý, N. Gogol, W. Žukowskiý, M. Lermontow, F. Týutçew, A. Gersen, W. Belinskiý, N. Nekrasow, A. Ostrowskiý, W. Sollogub, I. Turgenew, A. Fet, I. Bunin, A. Blok, S. Ýesenin, W. Maýakowskiý, A. Platonow, A. Twardowskiý, N. Tihonow… ýaly meşhur rus ýazyjy-şahyrlardan başga-da milli edebiýatlaryň läheňleri köňül owazlaryny aýtdylar. Tatar Gabdulla Tokaý: “Ömür-ömür gaýtalanmajak aýdymçy”, lezgi Süleýman Stalskiý: “Ähli zamanlaryň şöhradyna mynasyp…”, balkar Kaýsyn Kulyýew: “Onuň goşgulary dag kimin bakylyga ýar bolar, adamlarda ýaşaýşa, ynsanlara ynam döreder”, awar Gamzat Sadasa: “Seniň päkize sesiň köňüllere siňýär”, belorus Ýan Kolas: “Meniň çopan torbamda Puşkiniň jiltleri saralan şygyrlar kitaby bardy”, gazak Oljas Süleýmenow: “… biziň barymyz onuň professionallyk uniwersitetini geçdik”, türkmen Gurbannazar Ezizow: “Baky sürgün etdi Dantesi Puşkin, ýigrenjiň müdimi sowuk iline” diýip ýazypdylar. Puşkiniň adamzada sowgat beren, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna öwrülen eserleriniň möçberinden şol eserleriň gymmaty, gözelligi, şahyryň täleýi, dostlary, söýgüsi… dogrusynda ýazylan zatlar ýüzlerçe, müňlerçe esse köpdür. Bu babatda şahyryň döredijiligini Eýnşteýniň göräleýin teoriýasy bilen deňeşdirmek bolar. *** Şahyryň liseý ýoldaşy Illiçewskiniň “… onuň şöhratynyň şuglasy ýoldaşlaryna-da şöhle salar” diýip aýdany dogry bolup çykdy. Onuň nurana ömri Sollogub, Gogol, Odoýewskiý, Fonwizin, Çaadaýew, Puşkin… ýaly adamlar bilen döredijilik bitewiligini emele getirdi. Ýoldaş, ynan, dogar hökman, Bagt ýyldyzy – dil şadymyz. Russiýa galkar bigüman, Ýykylar tagty-eýwanlar, Oň üstünde mähribanlar, Ýazylar eziz adymyz diýen joşgunly setirler bilen gutarýan odany dosty, filosof Çaadaýewe bagyşlapdy. *** Soň Puşkin hakynda ýatlamalar kitabyny ýazan görmegeý näzenin Anna Petrowna Kern “Ýa pomnýu çudnoýe mgnowenýe” (“Şeýle bir ajaýyp pursat ýadymda”. “Ýadymdan çykanok şol täsin pursat” – türkmen şahyrlary bu setiri şeýleräk terjime edipdirler – G.O.) goşgusyny döretmäge, şahyryň atygsap duran bitakat ýüregini ganatlandyrmaga ylham çeşmesi bolupdy. Anna Petrowna öz durmuş ýolunda şeýle joşgunly, talantly, ynsanperwer ynsana sataşanyna öz ýanyndan özi monça bolýardy. Şahyryň bir kitabyna degşip ýazyp beren “Onuň Alyhezretleri A.P. Kerne yhlasly hormatlaýjy jenap Puşkinden” diýen ýazgyny tä ömrüniň ahyryna çenli bagtly pursatlaryň, günleriň şaýady hökmünde gözüniň göreji ýaly aýapdy. Şahyr aradan çykanda tutuş Russiýa bilen gözýaş döküp, bagryny paralapdy. *** Şahyryň howsalaly ruhy nähilidir bir hili galagoply, ýeňip bolmajak gorkyny öňünden syzýardy. Onuň juda tiz işleýän, sözlere ebedilik suwuny çaýýan döwet galamy ak kagyza şu setirleri ýazýardy: Nirde ajal salar ömrüme kölge? Söweşdim, syýahatda, ummanda. Ýa sowan jesede şu goňşy jülge Eýe çykarmyka sowuk tupanda?! Ýogsa, duýgulardan halas jesedim, Parhy näme haýsy ýerde ýatanda. Ýöne men bir zady mydam isledim, Ýatsam diýip şu golaýda, Watanda. Hawa, Puşkiniň şöhratly ömri pajygaly tamamlanar. Ähli bedibagtlygyň, bimahal gelen heläkçiligiň gözbaşy şahyryň ezizläp goşgy ýazan Natalýasydyr. Durmuş sahnasynda gaçyp gutulyp bolmajak bir “aktýer” peýda bolar. Görmegeý, şadyýan özüne çekiji fransuz Dantes Puşkinlere görme-görşe gatnap başlar. Her hili ýakymsyz, şelaýyn gybatlar agyzdan-agza geçip tutuş töweregi gaplap alar. Bu gep-gürrüňler şahyryň päkize hem namysjaň ýüregini çişirer, durmuşyny bular. Şahyryň özi üçin ýazan eserlerinden hem syrly ýüreginden eziz zat bolup bilmez. Şahyr päkize namysyna deglenini görüp duranyndan ölenini ýeg görer. Puşkine duele çykmakdan başga alaç galmaz. Şu ýerde biraz yza çekilip, bir täsin wakany gürrüň bermek artykmaçlyk etmese gerek. Bor-bolgusyz yrymlara-da aşa gaty ynanýarsyň diýip, Puşkine gyjyt berenlerinde ol aşakdakylary gürrüň beripdir: “Şeýle yrymçy bolmagyma meni bir waka mejbur etdi. Bir gezek Nikita Wsewoložski bilen Newa şaýolunda gezelenç etdik. Soňra kafe girdik, şol ýerde palçy zenana sataşdyk. Biz ondan täleýimize garap bermegini, özem geçmişimizi däl-de geljegimizi bilip bermegini towakga etdik. “Siz – diýip zenan maňa ýüzlendi – ýakyn günlerde köne tanşyňyza duşarsyňyz. Ol size oňat wezipe hödürlär. Soňra siz garaşman durkaňyz hat üsti bilen pul alarsyňyz. Üçünjiden meniň size aýtjak zadym, siz öz ajalyňyza ölmersiňiz”. Men şol ajaýyp palçy zenanam, onuň aýdanlarynam derrew unutdym. Emma şondan bary-ýogy iki hepde geçip-geçmänkä, Newa şaýolunda Warşawada Beýik knýaz Konstantin Pawlowiçiň ýanynda gulluk edýän köne tanşyma sataşdym. Ol Peterburgda gulluk etmäge gelipdir. Ol maňa Warşawadaky ornuny eýelemegi maslahat berdi, hut Konstantin Pawlowiçiň hem şony isleýändigini aýtdy. Şonda men ilkinji gezek palçy aýaly ýatladym. Tanşyma sataşanymdan kän wagt geçmänkä bolsa poçta üsti bilen hat hem pul aldym. Men muňa asla garaşmaýardym. Bu puly meniň liseýde bile okan ýoldaşym ýollapdyr. Biz bile okaýarkak onuň bilen pully kart oýnapdyk. Bir gezek men ony mazalyja utupdym. Kakasy ölenden soň, miras oňa galypdyr we ol şonuň ujundan bergisini iberipdir. Ondan pula garaşmaga beýlede dursun, men ony birçak unudypdym. Palçy zenanyň aýdan üçünji çaklamasynyň hem boljakdygyna birjik-de şübhelenmeýärin. Nemes palçy aýaly Aleksandra Kirgof şahyra şonda şeýle diýipdir: “Belki sen uzak ýaşarsyň, ýöne 37 ýaşyň içinde ak atly, ak adamdan ägä bol”. Bu weliligiňem amala aşjakdygy hakyndaky pikir ömrüniň soňky ýigrimi ýylynda şahyry iňkise goýup geldi. Näçe jan etse-de palçynyň öňdengörüjilik bilen aýdanlaryndan sypmak şahyra eýgertmändir. Şahyr otuz ýedi ýaşyny külterläp ugranda ykbal ony Dantese duşurdy. Dantes şol “ak adamdy”. Onuň mundirem, saçam akdy. Bu Puşkiniň ganymydy. Peterburgyň gara basyrynan eteginde gyş gününiň ir ertirinde ýaňlanýan gülleden ýigrimi ýyl öň welilik bilen aýdylan sözler şeýdip amala aşdy. *** … Ýaraglardan ot çykar. Şahyr utular. Ol ölüp direler. Ölüm ony öňküden-de beter şöhratlandyrar, adyny arşa göterer. Şahyryň sesini haýsydyr bir gülläniň, döwrüň sem edip bilmeýändigi hemmä aýan bolar. Şahyr öleninden soň, onuň ölmez-ýitmezligi başlanar. Gezende legendalar gadymy dünýäniň ýollary bilen ýüreklere sary rowana bolarlar. “Poeziýamyzyň Güni batdy!” diýip pygan çeken halaýyk şol Günüň dünýe dursa şuglasyny kemmejekdigine akyl ýetirer. Onuň şägirdi M. Ýu. Lermontowyň: Şahyr heläk boldy namysly-arly, Öldi töhmet pyşyrdysy zerarly. Ar aljakdy, gurşun ýardy döşüni. Egdi egilmezek belent başyny – diýen setirleri tutuş Russiýanyň üstünde ganat gerer. *** Şahyr «Ýadygärlik» goşgusynda: Ýeter meniň dabaram beýik rus iline, Adym tutar hemme dil, şondaky bar halk-da, Gudratly slawýanyň agtygy hem fin ýene, Häzir wagşy tunguz hem çölüň dosty galmyk-da diýip ýazypdy. Onuň aýdanlary oraşan boldy. Şahyryň lirasy dünýäniň ýüzlerçe dillerinde ýaňlandy. Onuň goşgulary gadymy Garaguma-da aralaşdy. 1899-njy ýylda Aşgabatda şahyryň ýadygärligi bina edildi. Puşkin türkmençe sözläp başlady. “Terjime aň-bilimiň aragatnaşyk ýabylarydyr” diýip şahyr ýazypdy. Onuň eserlerini Berdi Kerbabaýew, Durdy Haldurdy, Bagşy Jürmenek, Gurbandurdy Gurbansähedow, Kerim Gurbannepesow, Nazar Geldiýew, Anna Kowusow, Mämmet Seýidow, Atamyrat Atabaýew ýaly ezber ýazyjy-şahyrlar terjime etdiler. Puşkiniň hyjuwly lirasyndan ussat Durdy Haldurdynyň terjimesinde şu setirleri okap görüň: Poltawa ilinde Mariýa ýaly Gözellik babatda bir gözel hem ýok. Dubuň kölgesinde hiç görmän güni Ösüp, boý alypdyr ter gül mysaly. Nurly ýüzi göýä namysy deý päk, Ýyldyz deýin ýanyp durýar gözleri, Pisse dodak, baldan şirin sözleri, Göwsi göýä gunduz mysally ap-ak, Nogta saçy giň maňlaýy serinde Bulut deý garalyp janyňy alýar. Dik synasy Kiýew depelerinde Biten derekleri ýadyňa salýar. Şahyryň döredijiligi, älemi, poeziýasy ýazyjy-şahyrlar üçin synag mekdebi, kämillik dersi bolup durýar. Onuň döredijiligine ýene we ýene ýüzlenýärler. Edebiýaty janu-dilden söýýän Aýratyn zehinli çagalaryň mekdebiniň uçurymy, ýaş şahyr Ylýas Gurtnazarowyň eden terjimesi oňa mysal bolup biler: Pygambere ýar bolan päk aýallar, Aýratyn Siz bu zeminiň üstünde, Hatarlydyr size hamu-hyýallar Asudalyk üçeginiň astynda… *** “Sankt-Peterburg habarlarynyň” 1837-nji ýylyň 25-nji sanynda şeýle hasratly, köpleriň kalbyny sarsdyran sözler ýazylypdy: “Düýn, Türkmenbaşy aýynyň 29-na günortanlar sagat üçlerde Aleksandr Sergeýewiç Puşkin ýogaldy. Rus edebiýaty Karamziniň ölüminden soň beýle agyr ýitgini çekip görmändi”. Hawa, bir bigänäniň oky onuň Russiýany söýen, beýik eserleriň hamyrmaýasy, gönezligi, gory – eziz ýüregini paralapdy. Ol ok diňe bir şahyryň çep gursagyna çenelmän Russiýanyňam ýüregine çenelip atylan okdy. Şahyryň ömrüniň iň soňky pajygaly pursady barada “Puşkiniň ömrüniň iň soňky ýyly” atly kitapda I.T. Spasskiniň şeýle ýazgylary bar: “Ölmeziniň eddil öň ýanynda onuň ýüregi moroşka (batgalykda ösýän, ak gülli ösümlik) miwesini küýsäpdi. Tizden miwäni almaga ýolladylar. Ol bisabyrlyk bilen şoňa garaşdy we öwran-öwran gaýtalaýardy – Moroşka, moroşka… Ahyry miwäni äkeldiler. Puşkin: – Aýalymy çagyryň! – diýdi – goý, ol meni naharlasyn! Iki-üç sany miwejigi iýdi, birki çemçejik miwe şerbetinden owurtlady. Soňra aýalyna: – Besdir – diýdi. Onuň ýüzünde rahatlyk alamatlary peýda bolan ýaly boldy. Bu bolsa onuň biçäre aýalyny aldady. Ol şahyryň ýatan otagyndan çykan badyna: “Ine, görersiňiz, ol ýaşar, ol ölmez” diýip seslendi. Emma ykbal başgaça boldy. Ölmeziniň bäş minut çemesi öň ýanynda Puşkin sag egnine öwürmeklerini sorady. Dal we Danzas onuň aýdanyny edip, ýeňillik bilen öwürdiler we arkasyna ýassyk goýdular. – Gowy – şahyr şeýle diýdi. Az salymdan bolsa: “Ömrüm gutardy” diýip pyşyrdady. – Hawa, gutardy – diýip doktor Dal aýtdy – biz seni nä günlerde goýduk. – Ömür gutardy – diýip Puşkin ýuwaşjadan dillendi. Kän salym geçip-geçmänkä-de: – Demim tutulýar – diýdi. Bu onuň iň soňky aýdan sözleridi. *** Ýok, onuň ýakymly lirasyna ömür-ömür diňme ýok. Şemallar şuwlaýarka, ýapraklar tänip düşýärkä, bulutlar ygym-sagym bolup nirädir bir ýerlere süýşüp barýarka, güller açylýarka, bulaklar joşýarka, baharlar sermest bolýarka, bu gojaman zeminde Adam diýen gudratly güýç ýaşaýarka şol owaza diňme ýok. Çünki Aleksandr Sergeýewiç Puşkin Belinskiniň sözleri bilen aýtsak «…diňe bir öz zamanasynyň beýik şahyry bolman, eýsem, ähli halklaryň hem döwürleriň beýik şahyrydy». *** Onuň goşgularyny okap, buýra saçly suratyny synlap, talyp döwrüm şu goşgyny ýazypdym. Bolmaýar şahyrlaň terjimehaly, Olaň çapraz-çapraz ykbaly bolýar. Şeriň garşysyna, tersine alyň, Gylyjyny syryp çykýany bolýar. Bakman gonoraryna-günyraryna, Owalam ýüregniň ýara halyna, Batyryp ýüregniň gara ganyna Hakykaty ýazmak hökmany bolýar. Şahyrlaň ýüregi misli öwlüýä, Oňa diňe halk hasraty gömülýä, Iliň demir derdin posa öwürmän Magnit dek özüne çekýäni bolýar. Gurbandurdy ORAZOW. G.Orazowyň "Gündogar rowaýaty makalar ýygyndysy" kitabyndan 4-nji makala. (AŞGABAT 2014 ý.) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |