15:48 Pyhy aganyñ Bereket degişmelerinden | |
PYHY AGANYŇ BEREKET DEGIŞMELERINDEN
Degişmeler
Pyhy aga hassahana düşende tanyşlarynyň biri jaň edip onuň halyndan habar alýar. -- Dörtdürin - diýip, Pyhy aga şol gün oňa jogap berýär. Aradan birki gün geçensoň ol adam ýene-de jaň edende: -- Üçdirin, ertir nesip bolsa ikilige geçýärin- diýip, bu sapar Pyhy aga begenjini paýlaşýar. -- Jogaplaryňyzy anyklaşdyrmasaňyz-a, düşünýän däldirin-diýip, ol adam ýene-de Pyhy aga ýüzlenýärmiş. -- Bu ýerde düşünmezçe zat ýok ahyryn, ilkinji gezek soranyňyzda golum pişeklidi, ikinji gezek jaň edeniňizde hasa geçipdim. Ertir hem nesip bolsa goldaw agaçlardan dynyp, ikiligiň hözürini görüp başlamaly –diýip, oňa düşündiriş berýär. *** Şol gün eline agram berip duran ýantorbaly hassahana gelen Pyhy aganyň egeni Abdyrahymdy. Ol getiren zatlaryny tumboçkanyň üstünde ýerleşdirýärkä gapydan Pyhy aganyň tanyşlarynyň biri ätleýär. Ol heniz hassanyň hal-ahwalyny doly soraşmanka: -- Biraz gijä galan bolsam günortanlyk nesibämden galjak ekenim-ow -diýip, azyk-owkatlara el urýar. *** Pyhy aganyň goňşusy Baýram hem gury agyrydan ejir çekýän ekeni. Ol bir zyýapatda: -- Ýagyş ýagaýjak öýdýän -- diýip, el-aýaklarynynyň bogunlaryny owkalap başlapdyr. -- Bulutsyz howada ýagyş ýagarmy, bolduň meň başyma bilgiç-- diýip, bir adam ony ýaňsylamak isläpdirler. Biraz salymdan ýagyş bedreden guýulýan ýaly bolup ýagypdyr. Şonda ýaňsylamak islän adam utanjyndan üýşmeleňi taşlap gidipdir. “Baýram aganyň el-aýagy kellesinden has akylly” –diýen jümle bereketlileriň arasynda şu günlerem ýörgünli. *** Pyhy aga Berekediň gaýrasyndaky gum etek oba gidende köne tanyşynyň öýüne myhmançylyga barýar. Öý eýesiniň keýwanysy ýanýoldaşynyň şähere iş bilen gidendigini aýdyp günortana deňeç gelmelidigini habar berýär . Myhmana birsydyrgyn gök çaý hörürlenip, nahar äberilmändir. Günortan öý eýesi Pyhy agany görende şatlanyp, inisine derrew bir çebişi söwüş etmegi buýrupdyr. Gijara desterhana nahar äberilende jamyň içinde birki sany dogramça göwünli-göwünsiz ýüzüp ýördi. Pyhy aga egnindäki penjegini çykaryp tabakdaşyna beripdir-de: - Eşiklerimi sakla we dogan, men jamyň teýine çümüp çykaýyn, megerem çemçämize bir dogramça ilse gerek --diýende, zyýapatda oturanlaryň gülkileri al-asmana galypdyr. -Wah, meniň işimi gördiňow-how - diýip, şonda öý eýesi keýwanysyna gatyrganypdyr. *** Pyhy aga şikara gidende bu saparky awy şowsuz tamamlanypdyr. Şol gün keýwanysy käkilik, sülgün, towşan awundan tamakin bolup el unaş bişirmegiň arzuwynda ekeni.. - Awa gidip getiren zadyň näme?-diýip , awtorbadan çykan tikenli bir jandary gören keýwanysy ondan sorapdyr: - Awum oňmady. Goýun kirpisi hem haram jandar däl diýdim-de, yrym üçin ony torbama salaýdym–diýip, özüni aklapdyr. *** Pyhy aganyň goňşusy Durdy täzelikde telekeçilige başlan ekeni. Ol häzir ilkinji gezek söwda işi bilen meşgul bolýardy. -- Gawun-garpyzlaryňyz lezzetli, süýji tagamlymydyr—diýip, müşderileriň biri ondan soraýmazmy? -- Üýtgeşik lezzet-mazaly bolsa oňy obada sataýsak hem bolardy ahyryn –diýende , müşderi bu ýerden ýumlugypdyr. *** Pyhy aga: -- Öý haýwanlarynyň iň mekiri we hilegäri haýsydyr?—diýen sowal bilen ýüzlenenlerinde ol: -- Ol pişikdir—diýen, jogaba garaşýansyňyz. Ýöne ol janawar eşekdir—diýip, jogabyny dowam edýär: -- Ýere bakyp, har gulaklaryny sallap, mysapyrsyrap duruşy onuň galplygynyň alamatdyr. Çekene çopany bolanymda goşumy çal eşege ýükleýärdim. Şonda ol azyk-owkatlarymy iýip meni aç goýan günleri gaty köp bolandyr.Ýoldaşyň şu janawar bolsa hüşgärligiňi elden berme, ýogsam, eşek eşekligini eder. *** -- Dürli sebäpler ara düşüp gelnim bilen gowgalaşsamda, basym ýaraşýaryn . “Är-aýalyň uruşy, ýaz gününiň ýagyşydyr”— diýýänleri dogrumydyr—diýip, ýaş ýigitleriň biri Pyhy agadan çyny bilen soranmyş. -- Munuň edil şeýledigini tekrarlap biljek däl. Goňşymyz Aýjemal bilen Myradyň arasyna ýel düşende, olar-a tä aýlyk wagty gelinçä ýaraşanoklar—diýip, ýylgyryp jogap beripdir. Toplan: Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |