18:24 Pyragy -10/ romanyñ dowamy | |
5.
Taryhy proza
Ol Magtymgulynyň halypasy Nury Kazym ibn Bahrdy. Özem adam görnüşinde däl-de, gury jeset ýaly bolup otyrdy. Çünki ol şu geçen on-onki günüň içinde basan ýeriniň berbatçylykdygyna, ugran ugrunyň ýapykdygyna göz ýetiripdi. Özüni barypýatan garamanlaý, hudaý gargan hasaplaýardy. «Eger-de ýola düşmedik bolsam munça horlugy, gaýgy-hesreti görmezdim» diýip oýlanýardy. Özüni ýerden alyp, ýere atýan iki ýagdaý baradaky oýlar onuň saç-sakgalyny çuw ak edipdi. Ýüzüni güne gatan sanaja dönderipdi. Bu ünjüleriň ilkinjisi, Magtymgula ýazylan hatdy. Ondaky hesretleriň Magtymguly üçin juda-juda agyr boljagyny Nury Kazym halypa gaty oňat düşünýärdi. Onuň welin bu perişde ýaly päk, nurana, mähriban oglany aýasy gelýärdi. Onuň çekmeli ähli derdini bir özi çekesi gelýärdi. Emma bu ýerde welin onuň edip biljek kömegi ýokdy. Diňe ýeke-täk ýol bardy. Olam haty bermelidi. Ýöne ony nähili ýagdaýda bermeli, şu barada çuňňur oýlanýardy. Ikinji mesele bolsa, tekeleriň hany Gündogdy hanyň ýagdaýydy. Şagazy hanyň ynagynyň ilki onuň kerwenini elinden alanyny, onuň ýigitlerini bendi edendigini, soňra gelip Gündogdy hanyň özünem goluny baglap Hywa sürüp getirendigini aýtmak baradaky meseledi. Nury Kazym bularyň haýsy birini bijebaşy edip aýtjagyny hem bilenokdy. Şonuň halys ugruny tapmansoň, tutuş gününi galanyň daşynda geçirip, ýarygije bu ýere dolanypdy. Häzirem, açlygyna, suwsuzlygyna, ýadawlygyna garamazdan, bu mähriban adamyň ýoluna garap, bir gysym bolup otyrdy. Gözüni ýumdugy-da, Şirmet aganyň iniňi tikeneklediji gürrüňleri, Gündogdy hanyň ganguýma gyzyl gözleri, öçli nazary, Oraz ynagyň haýbatly sesi, kepbedäki goly düýbünden çapylan ýigidiň iňňildisi gelip başlaýardy. Nury Kazym halypa Şirmet agany minnetdarlyk bilen ýatlady. Onuň ogullarynyň bialaçlygy, ýaşulynyň Oraz ynaga aýdan sözleri kellesinde şol ýaňlanyp durdy. Şirmet aga Gündogdy hana azar bermezligi towakga edende Oraz şyh: – Hak, ne deýedursyn, bajymy tile, beremen, amma bu ýeksuruny tileme – diýipdi. Soňda Şirmet aga: – Isleseň meniň başymy al, han-ha, oglanlar üçin hanlyk ýerden berlen ýüz tanap ýeri bereýin1, ähli malym, mülkümi al, emma mymanyma degme – diýipdi. Oraz ynak welin ýumşanokdy. – Şagazy han manyň ejjämi göründen çyharadur, agar bu paliýamanu kelturmasam. Amma, sizleriň kepi uçrin, han hazretlerudan ötrünçu soramys – diýip, diýseň parhsyz aýdypdy. Şirmet aganyň gussasy, Oraz ynagyň içki begenji halypa üçin adalaty ölçemegiň terezisine aýlanypdy. Ol allanyň ýaradan bu iki sany ynsany barada şunça oýlanypdy. Emma eden oýlary düýbi görünmeýän garanky zyndana gidýän ýalydy. Onuň düýbüne hiç haçan ýetmejek, eger ýetäýse-de, yzyna ömürha dolanyp bilmejek ýaly duýupdy. Şirmet aga bu boýny gedaý kädili ýaşulynyň ýagdaýyny eşidip, hasam gaýga batypdy. Ýöne onuň yzyna dolanjagyny eşidenden soň welin, onuň şähti açylypdy. Basym olaryň yzyndan Hywa geljegine söz edipdi. Nury Kazym halypanyň ýüregi oýa batan serinden öňürtiledi. Ol Magtymgulynyň şeýle eziz bolan aýak sesini ýüregi bilen syzdy. Tolgunmadan hem geçen günleriň horlugyndan basylan göwni eýýäm eredi. Magtymgulynyň işikden girenini, özüni garsa gujaklanyny, «halypam, halypam» diýip, zarynlap aýdan sözlerinem ol şeýle uly telwas bilen kabul edipdi. Ýöne sesini çykarmandy. Magtymgulynyň sesine goňşy hüjredäki gypjak ýigitleri ylgaşyp geldiler. Olar içeriniň garaňkylygyny görüp, nepýagdan getirip, yşyk ýakdylar. Orta saçak ýazdylar. Şol wagt bir ýerden Nazarly hem ýetip geldi. Ol hem Magtymgulynyň halypasynyň dolanyp gelenine iki bolup bilmedi. Nahar-şamdan soň gonşular rahatlyk diläp dagaşdylar. Içerde diňe Magtymguly bilen Nury Kazym galdy. Olar biri-birleriniň ýüzüne garap, nämedir bir zatlary aýtmaga çemeleşseler hem, batyrlyk edip bilenokdylar. Ýogsa, olaryň ikisinde-de aýdara zat bardy. Ahyry Magtymguly sözledi. – Geliň, halypam, bir salym irkileli. Siz juda ýadaw görünýärsiňiz. Ol şeý diýdi-de, ýokarky naruwandan düşekleri alyp ýere ýazdy. Soňra halypasynyň düşegine geçerine garaşyp, öçürmek üçin çyranyň ýanyna bardy. – Magtym jan, sen biýr müddet sabyr kyl. Sanňa aýytçag sözüm ba. Sen tingle. Gyýn körme, ham mard bol. Une, sanňa ataň Dowletmahammed ahundan kelamnama keldi. Oky diýip, sellesiniň gatlaryny çözdi. Magtymgulynyň ýüzüne ýagşyzadalaryň ýalkymy düşen ýaly boldy. Onuň ýüzi begenjiň, tolgunmanyň, minnetdarlygyň şöhlesinden öwşün atdy. Ol haty açmazyndan öň, üç mertebe maňlaýyna degirdi. Soň çyranyň öňünde dyzyna çökdi, orama hatyň inçejik bagjygyny emaý bilen çözdi, ýüpek kagyzyň başyny sypap-sypap ýazdy. «Bissimialla!» – atasynyň eliniň yzy bildirip duran harplary, Etrek hozunyň gabygyndan hem-de gülälek suwundan garylyp ýasalan syýany, Hajygowşanyň gamşyndan edilen galamyň owadan nagşyny bada-bat tanady. Ýüpek kagyzyň towlamyny ýazdygyça, burnuna Etregiň deňizden öwüsýän çygly, şypaly ysy urýan ýaly, Hajygowşanyň çeşmesine säher çagy süri-süri bolup inýän käkilikleriň sesi gulagyna gelýän ýaly boldy. Owunjakdan owadan edilip ýazylan setirleriň arasynda il-gün, garyndaş-dogan hemmesi seredişip duran ýaly bolup görünýärdi. Nury Kazym halypa häzir misli syrat köprüsiniň üstünden geçýän ýaly galpyldaýardy. Ol ogul ornunda höwrügen, dost ornunda daýanyşan, gardaş ýerine arkalaşan adamsynyň bu agyr urgulara nädip çydajagyny gaýgyrýardy. Magtymgulynyň deregine, aňynda haty müň bir mertebe okap çykýardy. Emma Magtymguly hatdan başyny galdyranokdy. Çünki, onuň özi Hywanyň darajyk hüjreleriniň birinde duranam bolsa, ruhy, hyýaly Hajygowşanda seýil edip ýördi. Onuň göterilen hyýalyny, ganatlanan göwün guşuny gaýtaryp getirmek üçin uly gaýrat gerekdi. Nury Kazym halypa pikir edip oturyşyna düwündi. Onuň tanyş, birhili gussaly, gurak üsgülewigi Magtymgulyny özüne getirdi. Ol hatyň başyndan okap başlady. «Bissimilla! Eý, balam, gözümiň röwşeni, ýüregimiň kuwwaty, meniň sözümi diňlemäge tagapyl et we garry ataň uzak ýoldan, ýakyn ýürekden ýazan namasyny dirilik didary üçri eziz allatagalanyň beren ajaýyp peşgeşi diýip düşüngil. Eý, balam, imdi bizlerge dirilikden juda düşmek hakda perman ýakyn geldi. Men imdi bu pursatyň ýakyn gelenini aňdym. Hem şu namany sizlere, tekeleriň hurmatly hany Gündogdy handan ibermegi makul bildik. Eý, gözümiň nury, hazan ýeli döwletli bostanyň bagbanynyň goşa çynaryny guratdy. Bular seniň agalaryňdyr. Abdylla bala, Mämmetsapa baladyr. ...Eý, oglum, sen mert bol. Daş ýurduň habary ajy bolarmyş. Amma ataňda özge söz, özge tymsal galmady. Seniň emmeň ýurduny täzeledi, wa bakyýanyň allatagalanyň nazarynyň düşen ornundan jaý aldy. Onuň imany hemra bolsun...» Magtymguly hatyň yzyny okamady. Ol hüjräniň diwary bilen syrylyp, çöküne düşdi. Soňra çygly kirpikleri bilen owadan gözlerini örtdi. Onuň gursagyna gyşyň garlary gat-gat bolup örtüp, indem hiç bir duýgyny daşyna goýbermeýän ýalydy. Çünki bu aýylganç pursatda heý adam oglam bir çekip-çydap oturyp bilermi? Heý, käbäniň zaryny çekmedigem bir perzent bolarmy? Heý bagryna gan öýüp, yzylap-yzylap, käbesiniň adyny gaýta-gaýta zybana getirmedigem bir bala bolarmy?.. Magtymgulynyň gözlerinden welin ýekeje-de nem damanokdy. Onuň gözleri has lowurdaýardy, doňan nazaryna elenip, ýanyp duran yşyk siňip barýan ýalydy Ol käbesiniň didaryny görüp otyrdy. Nazarlar dilsiz, sözsüz sözleşip otyrdylar. Hut mundan juda az wagt ön gören, duşan käbesini ol häzirem görüp durdy. Ol «Ogluň gelýär» diýseler, kendirigiň başyndan eliniň ununam süpürmän ýola düşen käbesidi. Ol köşegini ýitirip, indem süýdüni seçelendirip, älem-jahany elek bilen eläp ýören Akmaýa ýaly bozlap-bozlap gelýärdi. Uzaklardan bu mähriban aýalyň didaryna suwsap gelýän ogul özüni onuň gujagyna atjak bolup terpendi. Magtymguly özüne geldi. Hyýalynyň başyndan uçurandan soň, mähriban enesiniň bu dünýäde indi ýokdugy baradaky ajy hasrat onuň ýürek-bagryny dilim-dilim egdi. Ol bu hasratyň badyna, kükreginiň astyndaky yza çydap bilmän ah çekdi. Onuň gözlerinden akýan däli siller, ähli dünýesini boýlap barýardy. Onuň kükreginden çykan «ahlar» dodaklaryny darka-darka ýaryp, agzynda, burnunda uçuk gaýnadýardy. Nury Kazym halypa bu pursaty synlap oturyp bilmedi. Ol Magtymguly bilen boýlaşdy. – Magtym jan, hesiret çekmiý. Buý kysmatdyýr, kysmat. Agar aliňde olsa, heý, anany torpakga dözüýp olarmu. Wah, alimde bolsa aziz balamy torpakga doziýrmidim. Oklum, balam, öt ýazygyýmy, öt günähiými. Agar, man buýl namany sizge getirmedik olsam, eýle-eýle wolmazdy. Ah, aýaklam tögülsin, başym syýnsyn balam-eý. Halypa aşak oturyp, hesret bilen yzlady. Ýaşuly adamyň horkuldysy, ýürek derdiniň gozganmagy Magtymgulynyň derdini egisdi. Ol gabaklaryna gyrmyzy ýalkym salyp duran owadan gözlerini yşyga dikdi. «Käbäm ejem, obam ejem, armanly bolduň dünýede...» Onuň ylham çeşmesiniň sil basan gözleri açyljak-açyljak bolýardy. Emma eli un ýokundyly, balasyna bakan zarlap-zarlap gelýän mähriban didar, onuň indi bu dünýäde ýokdugy baradaky hasratly duýgular onuň süňňüni elendirýärdi. Onuň gözi açylyp barýan bulaklarynyň öňüne gyrmança bolup böwetleýärdi. Nury Kazym halypa selälige turdy. Ol ýadaw, ukusyzlykdan gyzaryp duran gözleri bilen Magtymgulyny gördi. Ýöne sesini çykarmady. Puharada ot ýakdy. Soň üsti gazanly tagany oýuň üstüne süýşürdi. Magtymguly welin bu zatlary görmeýän ýalydy. Ol bu agşam ölümiň nämedigi, onuň adamzada getirýän gam-gussasy barada oýlanypdy. Ýöne ol oýlaryň düýbüne ýetme ýokdy. Sen ölümiň aňyrsyna çenli oýlanýançaň, ol seni özüniň girdabyna saljakdy. Magtymguly başyny galdyrdy. Ol ýanyp duran demi bilen, içki pikirini daşyna çykardy. «Heý, munça hesret bir ojaga köp delmikä, eý, beýik peder?» Ol Bedeliň, Omar Haýýamyň, Sagdynyň dünýäniň bir kerwensaraýdygy baradaky ýangynly setirlerine ýaňy düşündi. «Eziz käbäm, heý, senem bir gara ýere dözüp bolarmy, eý, käbäm? – Magsym jan, kel guzyý, kel. Namart olma. Ölümiň önünde aglagan namart olyr. Bokurdakyňdan bir owurt suý keçir. Bir owurt lukma ötür. Häzir Magtymgulynyň bokurdagyndan zat ötjek däldi. Oňa bu pikirleri, oýlary jemlemek gerekdi. Ol öz-özüni köşeşdirmelidi. Dogran, söýen, kemala getiren, boýuna guwanan käbesiniň indi bu ýalançyda ýokdugyna ynanmalydy. Emma bu ajy hakykat onuň päkize süňňünde ornajak zat däldi. Ol ah tartdy. Soňra ýuwaşlyk bilen daş çykdy. Asmanda lemmer-lemmer bulutlar goňşy medresäniň äpet minarasynyň başyna göwüslerini degrip geçip barýardylar. Gögüň ýüzi Magtymgulynyň kalby kimin gap-gara çadyr bilen oýtum-oýtum bolup boýalypdyr. Howanyň ýüzünde gussa ruhy ýaýylyp, günbatardan öwüsýän şemaldan hesret ysy gelýärdi. Magtymguly howla çykdy. Ol howzuň boýundaky äpet güjümleriň astynda dyz epdi. Medresäniň burçundaky münberlerden azanyň sesi eşidilip başlandy. * * * Magtymgulynyň ejesiniň ýogalandygy baradaky habar medresä çalt ýaýrady. Ketde ahunyň ýany bilen molla-müftüleriň, talyplaryň bir topary gelip, tebärek okap, Magtymgulynyň göwnüni soradylar. Oňa göwünlik berdiler. Ketde ahunyň özi has soňra ýene-de dolanyp geldi. Ol geleniň öňünde aýat okap, ýogalanyň imanynyň hemra bolmagyny dileg edýärdi. Aýaklar birneme çekilişensoň, ol burnuna salybrak öwüt-nesihat berdi. Soň göwnündäkini orta dökdi. – Balam, siz Şagazy hanga arz kylyň. Şagazy han türkmen owladynga ýakşy söwgi ile karaýyr. Bizler ham olarga sizlaryň habarygy maglum kylaýmyz. Agar razy olsagiz bizler ana-da olarnyň huzuryga baramyz. Amma haýir şigi kiçke koýma kerekmes. Magtymguly agyr gabaklaryny kynlyk bilen galdyrdy. Onuň gözlerinden gamyň uçgunlary syçrap gitdi. Ol halypasyna garady. Nury Kazym halypa eginlerini dyzlarynyň arasynda gizläp, ýumruk ýalyjak bolup otyrdy. Şägirdi halypasynyň gözlerinden nämedir bir pikiri maslahatlaşmak isleginiň bardygyny duýdy. Şonuň üçinem nazaryny has ýumşadyp, oňa garady. Nury Kazym halypa ketde ahunyň öňünde müýnli ýaly bolup otyrdy. Ol gaýta-gaýta dodagyny ýalady. – Pirimiz, sizler günähimizi ötüňler. Sizleriň sadyk kuluňyzyň ugragan ugry ýulduz oldy. Göreni görgi, eşideni wa getirgeni şum habar oldy. Bizleriň könlümiz ýene-de bir şumlukgy aýtmasa inçalmas. Nury Kazym halypa gören-eşiden zatlaryny birin-birin gürrüň berdi. Gündogdy hanyň we onuň ýanyndaky adamlaryň häzir Hywanyň zyndanhanasynda ýatandygy baradaky habar Magtymgulynyň öňem ýaraly ýüregini mynçgylady. Agyr kerweniň talanmagy, türkmen ýigitleriniň gollarynyň arkasyna baglanmagy ony ynjalykdan gaçyrdy. – Ahunym, eger razy bolsaňyz häziriň özünde hanyň ýanyna ugrasak nädäýerkä? Kerwеnli mеselä känbir düşünmеdik аhun, şägirdiniň göwnеmegine begеndi. Оl рerzendine ulу umуt baglаýan аta ýаly bоlup, tüýs ýürеginden öwüt-nesihаt еtdi. – Bаla, Şаgazy hаn türkmеn bаlalaryga çun hurmаt kоýgandyr. Sizlаr şul hurmаtka mynasуb balаsyňgiz. Özlеringiň nе islegеndigiňizi hаnga аýtyň wа hеmaýat istäň... Gоý, sizlеriň şiýirlаr diwаny mаdresaýi, dershаnalarniň gözеl nаkşy оlsun. Оmyn! Оl gün Magtуmgulynyň аlny ugur аlmady. Оl halуpasynyň «Аgşamyň hаýryndan, еrtiriň şеri» diýеn nаkylyny tutmаn hаnyň huzurуna bаrsa-da, оny kаbul еtmediler. Оny zyndаnhana-da goýbеrmediler. Hуwa hanуnyň türkmеn ýigitlеrini bеndi еdendigi barаdaky hаbar şähеre tiz ýаýrapdy. Şоnuň üçin bеýleki mеdreselerde оkaýan türkmеn talуplary hеm zуndanhananyň аgzyna ýуgnanypdy. Başlary sowutly, gollary uzyn saply naýzaly sakçylar bolsa, bendiler barada ýeke agzam habar aýtmandylar. Indi iki gün bäri bokurdagyndan duz ötürmedik Magtymguly aýak üstünde zordan durýardy. Ýüregindäki ýara yzasy, Hywa hanynyň bu eden-etdiligi, öňki agşamky şowsuzlyklar onuň halys eňkini alypdy. Şonuň üçin ol medresä zordan özüni atyp, hüjräniň böwrüne süýndi. Şägirdiniň haly Nury Kazym halypanyň süňňüni näçe sarsdyrsa-da, elinden gelen alajy ýokdy. Ol Nazarly bilen iýmän-içmän daňdana çenli oturdy. Magtymgulynyň hyklamasy, «käbäm, käbäm...» diýip samramasy olaryň derdiniň üstüne dert goýýardy. Nazarly Magtymgulynyň bolup ýatyşyna dözmedi. Halypa daş çykanda Magtymgulyny usullyk bilen oýardy. – Agam, agam, turuň, selälik boldy. Birki agyz garbanyň... Magtymguly oýananyna begendi. Ol saçagyň başynda birhili ruhy şat oturdy. – Nesip bolsa, bu gün-erte watanyň ýoluna gadam goýaryk... Nazarly haýran galmak bilen Magtymgula garady. – Medrese nähili bolar, Magtymguly aga?! Magtymguly bir bölek nany döwüp alyp, tabakdaky gowurma batyrdy. Ony tabagyň üstünde saklap durşuna, pikirli gürledi. – Wah, ömrüni medreseden medresä ötüp, ylmyň ummanynda ötürseň, oňa ýetesi näme bar, gardaşym. Emma täleý bize ol bagty miýesser etjekmi, etmejekmi, ony hudaý bilýär. Men welin mundan artyk bu ýerde galyp bilmerin. Ol gerkez ilim, mähriban watan, kyblam atam ýoluma göz dikip oturandyr. Arman, şunça ýyllap diňe öz köňlümi görüp, olary göwnümden çykarypdyryn. Indi welin, göwnüm «git, git» diýip bir pursat hem ynjalyk bermeýe... Magtymgulynyň ýüreginden üzlem-saplamrak bolup çykan pikirler Nazarlynyň ýüregine hem ot bolup ýapyşdy. Onuň hem göwni birhili ersdi. Börme obasynda galan ili-güni, ene-atasy biygtyýar ýadyna düşdi. Hyýalynda şolara gowuşdy. Ýöne sesini çykarmady. Magtymguly ir bilen Köne arka tarap ugrady. Ol Şagazy hanyň köşgüne baranda Gün ýaňy naýza boýy galypdy. Şeýle-de bolsa, ony han galasyna goýberdiler. Düýnki bir gulagy kesik, hebeşi Martymgulyny derrew tanady. Magtymgulynyň düýnki gelip gideninden habarly bora çemeli. Çünki mähremler, hyzmatçylar, köşk gullary oňa «ötüberiň» diýen yşarat edýärdiler. Magtymguly bir gulagy kesik hebeşiniň yzy bilen howlukmaç ýöredi. Ol hebeşi bolsa misli awy oňan kör alaka ýaly ol işikden bu işige sümülýärdi. Ony gözden saldygyň bu ýerde yzyny tapjagyňam gümana bolmagy mümkindi. Ahyry ol iki gapyly uly işigiň agzynda saklandy. Işigiň agzynda iki sany gazak ýigidi doňan ýaly bolup durdy. Biriniň başynda gunduz sopbajy bolup, ol egnindäki sowudyň ýalkymy düşende birgeňsi öwüşgin atýardy. Beýlekiniň başynda bolsa sur baganasy bilen jäheklenen ösgün tilki derisinden tikilen telpek bardy. Telpegiň gyzylymtyl şöhlesi ýüzüne düşüp, ony has haýbatly görkezýärdi. Ýigitleriň biri işigi aýagy bilen çalaja itdi. Içerden köseleç ýaşuly gazak çykdy. Ol ýakalaryny, ýeňlerini düzedişdirip, gytak gözlerini Magtymgula aýlady. Oňa çenli gulagy kesik hebeşi onuň gulagyna nämedir bir zatlar pyşyrdady. Ýaşuly gazak gelşi ýaly, ýene-de gapynyň aňyrsynda gizlendi. Ol geler ýerde gelmänsoň, Magtymguly burçdaky kürsiniň gyrasynda oturdy. Häzir onuň göwni boram boşdy. Kellesi symyljak agyrýardy. Şonuň üçin ähli zada edil huşy başyndan uçan ýala bolup seredýärdi. Bütin bedeni bolsa rahatlyk küýseýärdi. Bir gulagy kesik hebeşi iki gezek asgyrdy. Şeýdibem, ol Magtymgulynyň ünsüni özüne çekdi. Bu adamyň gap-gara ýüzi, özüne gelişmeýän ullakan sellesi, aýagyna ýetip duran ak biýz köýnegi gülkünç görünse-de, gözlerindäki ynjy, hesret yzlary onuň ýüreginde bent bolan ägirt uly syrlaryň baslygyp ýatandygyny habar berýärdi. Hebeşi gözlerini sakçy ýigidiň bilindäki hanjara dikip, doňup otyrdy. Onuň kesik gulagynyň düýbündäki ösüntgijik bolsa käte tirpildäp-tirpildäp gidýärdi. Bu biçäre hyzmatkär Magtymgulynyň ýadyna halypasyny saldy. Nury Kazym halypanyň merdana keşbi, çydamlylygy Magtymgulyny ýaşlykdan haýran galdyrýardy. Ol ähli zady içine salýardy. Zeýrenç, gep, gybat onuň dilinden bir saparam sypmandy. Ähli gepi-gürrüňi belent adamkärçilik, öwüt-nesihat äheňindedi. Magtymguly özüni halypasynyň ornunda goýup gördi. Ol jebir-jepalar, hesret, aýralyk dagy ony mynjyradaýjak ýaly bolup göründi. Bu hebeşi hyzmatkäriň ornunda özüni goýdy. Ýat ilde ömrüň ahyryna çenli gul-gyrnak bolup ýörmek, ene watany, ilini-gününi, dogan-garyndaşyny ýekeje sapar görmän dünýeden ötmek, bu pikirleri etmegiň özem örän elhenç ahyry. Şonuň üçin bu biçäre gula onuň ýüregi awady. Ony mert, çydamly hasap etdi. Öz ýanyndan oňa hormat goýdy. Hebeşi tisgindi. Onuň duýgur nazary işige gönükdi? Özüni duýdansyz ykjamlady. Soňra kürsüde oturan myhmanyna garady. Magtymguly ornundan turdy. Oňa çenli işik çalaja jygyldap açyldy. Ýaşuly gazagyň köseleç ýüzi göründi. Ol ýeriň teýinden çykýan ýaly ses bilen: – Jörüň – diýip, ysgynsyz gürledi. Magtymguly aljyraňňy nazar bilen hebeşiniň ýüzüne sarady. Hebeşi bolsa gollaryny döşüne goýup, hormat bilen baş egip, «giriberiň» diýen manyda işigi salgy berdi. Magtymguly ýüpek tutyny usullyk bilen galdyryp, içeri girdi. Onuň gözleri gamaşyp gitdi. Depesi gümmezlenip duran, howdan ýaly giň jaýyň içi reňkdar halylardan gülälekli meýdany ýadyňa salýardy. Otagyň iň töründe belent sekiniň üstünde başy gunduz sopbaçly, egni tawus ganat nagyşly ýüpek parça donly, aýagy dyzyna çenli ýetip duran üýtgeşik mesili ýaş ýigit gat-gat güpjeklere çümüp otyrdy. Magtymgulynyň sussy basyldy. Ol içki tolgunmasyny saklap bilmän, hormat üçin egildi. Han myhmana baş atdy. Ol özüne zor salyp ýylgyrýardy. Hemem kellesini «begenjini» aňladýan görnüşde ýaýkaýardy. Ýöne ýerinden turmady. Oňa derek baş wezir Muhammedemin oňa ýöneldi. Ol Magtymgulynyň her elini bir aýasynda saklap: – Hoş gördük, hoş gördük – diýip gürledi. Hanyň bolşy Magtymgulyny hasam haýrana goýdy. Baş wezir myhmanyny töre, öz oturan düşegine geçirdi. Soň uzaboýuna süýnüp ýatan hana garap sözledi. – Saçakdaş boluň! Ine, çyn çaýy, içip görüň. Magtymguly çyn pyýalasyndaky gyrmyzy reňk suwa dodagyny degirse-de, içmek islemedi. Gapdalda ýatan han zarp bilen ellerini çarpdy. Içki otagdan iki hyzmatkär ylgaşyp geldi. – Konakga, tagam keltiriň goý. Hanyň zarply sesi kesilmänkä, gollary mejimeli hyzmatkär gyzlar häzir boldular. Saçagyň üsti azyk-owkatdan doldy. Han özüne gülgün şerap guýdy. Baş wezir elindäki kesgir pyçagy bilen gaýnap bişen omaçalaryň etini şeýle ussat syrýardy. Magtymguly welin beýle baý saçaga elini hem uzatmady. Ol häzir iýip-içip oturmagyň ýeri däl hasap edýärdi. Tizräk esasy gürrüňe geçmek isleýärdi. Emma baş wezir eliniň ýagyny mesisiniň ýalpyldap duran gonjuna çalyp, şol iýip-içip otyrdy. Ol nahardan boldum edenden soň goluna suw aldy. Soň hana garady. Han başyna tylla monjuk bilen çarçuwlanan sellesini geýdi. Şondan soň çynlakaý görnüşe girdi. – Heý, jaksy jigit. Sizler hanlyk bir gowy dereje öýtmeňzler. Hanlyk jitlikdir. Gypjak kazakga kanym, kazak türkmenge kanym, türkmen kypjakga kanym. Olarnyň agzyny jygnamak wolsaň iş bar-heý. Ol dişlerini tylla synçgawaç bilen gazalady. Soň şypbyldadyp dişleriniň arasyny sordy. Onsoň gürrüňdeşini boýdan-başa ýiti-ýiti synlady. – Amma, man türkmen balalaryny ýahşy gorýam. Han Magtymgulynyň sowuk nazarynyň öňünde galdy. Şonuň üçinem gepi onuň daşyna aýlady. Ol ýene-de şerap içdi. – Silleriň ady näme? – Magtymguly! – Jakşy, jakşy. – Han dodagyny müňküldedip ep-esli oturdy. Soň dyzyna galdy. Ol soň şerapdan ýaňa serhoş bolup turup ýüpek tutynyň aňyrsyna duwlandy. – Ataňyza kim tiýeller? – diýip, baş wezir gürrüňi dowam etdi. Magtymguly gabaklaryna galdyrdy. Baş weziriň ýüzünde bilesigelijilik alamatyny okady. Onuň öz uguny ýekelemek isleýänini aňyp gurak jogap berdi. – Döwletmämmet molla! Baş wezir aty çykan ýaly boldy. Ol gyryljak sesi bilen batly gygyrdy. – Dowletmammet mulla. Men ony ýagşy tanariýen, asyl onuň ogly diý, haý, hoý. Ol ellerini batly çarpdy. Içeri hälki ýaşuly gazak girip, iki büküldi. – Gonakga halat japyň. Jaksy halat keltiriň! Ýaşuly birnäçe gezek tagzym edip, durşuna haly bolup duran diwaryň bir böwründäki ýüpek tutynyň astyna sümüldi. Magtymguly içerä göz aýlady. Jaýyň içine ak pyçakly keçeler, türkmen palaslary, üýtgeşik halylar düşelendi. Sekiniň üstüne bolsa tilki, samyr, sugun derileri düşelendi. Diwardaky ullakan halynyň ýüzünde türkmen hyrlysy, tylladan iş edilip ýasalan at şaýlary, sapy altyndan bejerilen gamçy, kelte gylyç, pyçak gerlipdi. Gymmat parçalardan tikilen ýassyklar, düşekçeler kiçijik sandyklaryň üstüne münderlenip goýlandy. Magtymguly ünsüni baş wezire gönükdirdi. Ol hälki ýaşulynyň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşyp, gözlerini ýüpek tuta dikip otyrdy. Ýüzünde bolsa hälki ýylgyryş doňup galypdy. Magtymgulynyň göwnüne bolmasa, ol içinden agyr oýa gark bolup oturana meňzeýärdi. Ýaşuly gazak ylgaşlap gelip, epini ýazylmadyk dony baş weziriň gapdalynda goýdy. Soň öz endigine görä, ýaşyna gelişmeýän çaltlyk bilen loňkuldap tutynyň aňyrsyna sümüldi. Magtymgulynyň näme üçindir içi gysdy. Ol özüni ömürbaky şu otagda galjak ýaly duýdy. Şonuň üçin bu dabaranyň tizräk sowulmagyny isledi. – Eý, ogul, ataňga kim diýdiň? – Magtymguly haýran galyp agzyny açjak bolanda, baş wezir ýene-de dabara bilen gürledi. – Awwa, Toýlarmät molla billeriň ýagşy aşnamyztyr, ony ýagşy tanyman. Olara ýagşy tileg tilämiz, Bu sarfaý mubarek olsun. Kutlug wolsun. Magtymguly sylanyp berlen sylaga gözüni aýlasa-da, oňa barmagyny batyrmady. Hakykatdanam, bu serpaý onuň ýüreginde ýeke mysgallyk begenç, gynanç duýgusyny döredenokdy. Onuň çaltrak habaryny aýdyp, çykyp gidesi gelýärdi. Ýöne, sypaýyçylygy elden bermedi. – Ömrüňiz uzak bolsun, sylagyňyzy alla gaýtarsyn. Baş wezir Magtymguly bilen has ýürekdeş gürleşmek isleýän ýaly göründi. Emma aňyrdan ýene-de han göründi. Onuň ýaş, owadan ýüzi duw gyzyldy. – Aýtdylar, siller aýdyşy, jaksy akyn bolasiňiz. Magtymguly hanyň hoşamaýlygyna gulak gabartmasa-da, öý eýesi eňegine jaň dakylan ýalydy. – Man turkman balalaryny jaksy köreman, Silleriam jaksy köreman. Kany, bizlarga bir şiýr aýtyp beriň. Karap köreli. Magtymguly gönüsinden geldi. – Han hezretleri, häzir meniň derdim göwnümi gaplapdyr. Başyma iş düşdi. Käbäm enem ýogaldy. Atam nama iberip aýata gelmegi sorap hat ýazypdyr. Men siziň ýanyňyza iş bilen geldim. Hanyň gözleri çerreldi. Ol ýene-de şerap guýundy. Magtymguly başyny aşak saldy. Onuň owadan gabaklaryndaky nura, ýüzündäki akyla gözi gitdi. Magtymguly nämeden başlajagyny bilmän ýaýdandy. Soň bolsa pikir ummanynyň arasyna aljyraňňy urdy. Ilki üzlem-saplamrak gürledi. Soň özüni dürsedi. – Han hezretleri. Ol on bäş, on ýedi ýaşly ýigide aga diýmäge çekindi. – Men yzyma gaýtjak. Ýöne bu ýerde-de başyma iş düşdi. Meniň agalarym Hywa kerwenli gelýärkä, ýolda tutup, zyndanhana atypdyrlar. Başym size gurban bolsun (ol baş wezire garady). Atam bilen aşnalygyňyzyň hatyrasyna şol biçäreleri boşadyň. Men şolar bilen bile gaýdaýyn. Baş wezir we han türkmen ýigidiňiň bolşuna haýran galdylar. Öten agşam ahunlar başynyň habar bermegine görä, gürrüň bu ýaş ýigidiň diwanyny türksowada goşmak barada gitmelidi. Dogrusyny aýtsaň, ahunlar başy bu ýigidi biçak öwüpdi. Onuň diwanyny türksowada goşmak boljakdygyny, ýöne buhara hadymlaryna hem geňeşmegiň gerekdigini-de aýdypdy. Han bilen baş wezir uzak gije pikirlenip, gowy jogabam tapypdylar. «Sen köşkde az-owlak bol, oňa çenli buhara hadymlary hem jogap bererler» diýjekdi. Şeýdip, bu oglany öz ýanyna öwrenişdirjekdi. Gerek bolsa öýerip, üstüne öýem dikip bermäge taýyndylar. Çünki häzirki ýaly gowgaly galmagally döwürde ile sözüni ötürip bilýän akylly-başly türkmen artykmaçlyk etjek däldi. Emma Magtymgulynyň başga perdeden gopmagy, atasyny ara salyp ýalbarmasy baş weziri oýlandyrdy. «Hek, oňarmadym» häliden atasyny ara sokmaly däldim» diýip, ol gynanç bilen oýlandy. «Indi bolmady, uzak ile, uzak ýola barýan bolsa möhümini bitireýliň». Baş weziriň hälki ýasama ýylgyryşy ýitdi. Onuň gözleriniň töweregindäki, maňlaýyndaky gasynlaryň arasynda gazaplylygyň kölegesi göründi. Şagazy han özünden öňki hanlar Gaýyp han, Abdylla Garabaýyr han ýaly gamçysynyň ganyny ýalap ýörenokdy. Ol hanlygy dolandyrmagyň ähli işini baş wezire, ynaklaryna, togsabalaryna ynanýardy. Özi welin küýüni şeraba, ýaş gyzlara berip, başga işe känbir gatyşybam barmaýardy. Ýeri gelende baş wezir welin şol ynaklardan, togsabalardan hasap soramagy başarýardy. Baş weziriň-de bir üýtgeşik tarapy bardy, ol Hywa medreseleriniň täsirli ahunlaryny, türkmenleriň, gypjaklaryň, gazaklaryň täsirli hanlaryňy özüne çekmegi, ele almagy başarypdy. Häzirem Şagazy hany, baş weziri minnetdarlyk bilen ýatlaýan türkmen çarwalary az däldi. Oraz ynak türkmenleriň kyrk atly ýigidini, harytly kerwenini ele salyp, adamlaryňy zyndanhana dykandygy baradaky habar bilen gelende, baş wezir sesini çykarmandy. Içinden welin wepadar ynagyna «berekella» aýdypdy. Ol bu işiň soňunyň çözülmän galmajagyna berk ynanýardy. Türkmenleriň özleriniň eli bilen ot gorsamaga, türkmenleri elgarama etmäge mümkinçiligiň döreýändigine begenýärdi. Töwellaçy hökmünde türkmen hanlaryňyň, kähudalarynyň gelerine garaşýardy. Ol Magtymgulynam kiçi töwellaçy görmedi. Näm üçindir, oňa soňky wagtlarda bu ýigit barada köp maglumat berýärdiler. Öten agşam bolsa, hut ahunlar başynyň özem ol barada şeýle gowy pikirler aýdypdy. «Diýmek, hanyň ýanyna ýeke özi çekinmän gelip bilýän bolsa, bu ýigit özüne göwni ýetýän adam bolmaly. Onuň raýyny başaryp bolsa gaýtarmaly däl! Belki...» Baş wezir ýuwaşja hor çekýän serhoş hana garap oýlanýardy. Ol türkmenleriň «Dagda çopany urma, düzde baýary bardyr» diýen gepini gowy bilýärdi. Onuň eşitmişine görä, bu ýigidiň namalaryny türkmenler «Kurana» barabar görýärdiler. Şonuň üçinem bäş oýnam adamy boşadyp, külli türkmeni gola salyp boljak bu işi sypdyrmaly däldigine baş wezir düşündi. Ol bu iş barada, onuň peýda, zyýany barada telim-telim oýlandy. Özünem dürli tarapdan baryp, oýlap, biçip gördi. Indi bolsa diňe bir kesmek galypdy. Ol elini üç mertebe çarpdy. Içeri hälki ýaşuly ýorgalap girip, onuň öňünde tagzym etdi. Baş wezir oýlanyp oturyşyna, daş asylan ýaly agyr gabaklaryny galdyrdy. – Araz ynaga, wa togsaba aýt, kelsinner – diýdi. Soňam – Mirahyram çagyr – diýip, yzyndan gygyrdy. Salym geçmänkä içeri öňki agşam Magtymgulynyň Juma metjidinde, soňam köne arykda gören gyzyl ýüzli adamsy, soňam arryk, atan-satan adam içeri girdi. Olar işikden tä sekä çenli emedekleşip, tagzym edip gaýtdylar. Baş wezir özüne bakan emedekleşip gelýänleri görüp, agrasdan salykatly görnüşe girdi. Olaryň her hili mylakatly, hormatlaýjy sözlerine, ýeke gezek baş atmak bilen jogap berdi. Soň olara oturmagy mürehet etdi. Onuň gözleri ýanyndaky myhmana gaýta-gaýta aýlanýany üçin, gelenler gürrüňiň bu ýaş ýigit barada gitjegini aňyp, Magtymgula suwuk, ýallaklaýjy nazar bilen garaýardylar. Ylaýta-da, gyzyl ýüzli, dolmaç pyýada Magtymguly bärsine garasa, ýakymly yşaratlar etmek üçin oňa telim gezek göz dikdi. Baş wezir Oraz ynagyň hor ýüzüne ala göz bilen garady. – Araz, bu ýigit töwellaga kelipdir. Ne söz aýdasyň? Oraz ynak baş weziriň gaçdym-kowdumyna düşünmedi. Şonuň üçinem bir baş weziriň ýüzüne, bir myhmanyň, birem togsabanyň ýüzüne ýaltaklady. Soňam dymyşlygy peýläp, özüni aklamaga dyrjaşdy. – Kelseler ýagşy boladur. Amma anlary azat kylmak bolmaýdur, taksyr. Anlar kurt emgen balalardur. Nima körse baradur, nima körse uradur, nima körse çapadur. Man bilmaman, nima kylsaňyz, uz işiňiz. Baş wezir gepini tersine gaňyrdy. – Urup, ýaryp ýörerge, Hywada tökülib ýatan eýesiz halk bamydyý. Olary azat kylyş gerek. Soň ol togsabanyň ýüzüne garady. – Ertir olary ýola ugradyň. Karaň, kunoklara hurmat, ediň. Oraz ynak oturyp bilmedi. – Kaçan azat etma kereg?.. Han gazap bilen gürledi. – Häzir. Magtymgulynyň dünýesi giňeldi. Hakykatdanam onuň ýüregi baş wezire bolan hormatdan, minnetdarlykdan doldy. Ol özüniň minnetdarlygyny aýtmak isledi. Emma baş wezir oňa maý bermedi. Ol elini çarpdy. Ýaşuly gazaga azymly azgyryldy. – Mirahury çagyryň. Ýaşuly ok bolup atylyp, ýüpek tutynyň aňyrsynda gizlendi. Şol wagt içeri murtlary salparyp duran daýaw pyýada girdi. Ol emedeklejek bolanda garny sallanyp ýere degip, oňa päsgel berýärdi. Onuň üçinem birhili gülküli ýagdaý emele getirýärdi. Emma oňa gülen tapylmady. Ol gara der bolup, gelip hanyň mesili aýagyny maňlaýyna syldy. Bu ýigide gowy at beriň. Hem ýolga ataryň. Huşmy? Mirahur «bolýar» diýen äheňde başyny atyp, aýaguja çökdi. – Sizlar azat... Jaýda Magtymguly bilen baş wezir galdy. Ol özüniň bu eden işinden razy bolup, söhbetdeşine garady. – Siller turkman aksakallaryna kup-kup salam aýtyň wa bizleri ýamanlykda ýatlamaň... Magtymguly özüniň minnetdarlygyny üzlem-saplamam bolsa aýtdy. Magtymguly razy bolup gidenden soň özüniň atan okuňyň nyşana degendigine göz ýetiren baş wezir rahatlyk bilen dem aldy. Onuň göz öňüne külli türkmeniň özüne boýun egşi, dünýä sygmajak mal-mülk geldi. Şonuň üçin-de juda razylyk bilen ellerini çarpdy. – Araz ynakga munda kel tiýiň... Oraz ynak işikden gorkudy girdi. Han ornundan turup, ony gujaklap, hormat bilen töre geçirdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |