18:59 Pyragy -13/ romanyñ dowamy | |
2.
Taryhy proza
Hywa daşlaşdygy saýyn, Magtymguly özüni ele ýardy. Ýola çykylandan soň üçünji gün onuň göwni tämizlenipdi. Ýüreginde Watan arzuwy telwas urýardy. Ol göçüň iň yzyndan, Hywa hanyňyň öz serhedinden çykýança ugradyp barýan atlylaryndan sähel öňde barsa-da, göwni eýýäm Etrek derýasynyň boýlaryny syryp ýördi. Göçüň iň öňünde Nury Kazym halypa gyr ata atlanyp, Hojameňli aga bilen söhbetleşip barýardy. Häzir halypanyň ömrüniň in eziz çaglarydy. Çünki, olam bütin ömrüne diýen ýaly gül ýüzüne zar bolan mähribanlaryna gowuşjak pursadyny doly göz öňüne getirip barýardy. Onuň mähriban enesi, ogly, aýaly baradaky öçen umydy täzeden paşyrdap açylypdy. Göwnüne bolmasa onuň mähribanlary gujak açyp garaşyp duran ýalydylar. Ara daşlykdan alaçsyzlykdan ýaňa, diňe hudaýa ýalbaryp, allatagala-da süýji-süýji düýşler bilen bu nyşany oňa duýduran ýalydy. Ol ähli düýşlerini ýagşylyga ýorýardy. Magtymgulynyň bolmaly pursadyndan iki ýyl öň yzyna, dolanmagyny-da şol nyşanyň ýorgudy bilen baglanyşdyrýardy. «Huda jaýyna salaýyn diýse bary ugruna bolýar» diýip pyşyrdaýardy. Bürgüt ýaly güýçli, uçaýyn-uçaýyn diýip galkyjyklaýan gyr bedewiň üstünde bu pikirler, arzuwlar has süýji, has eziz görünýärdi. Ömrüniň köpüsini kerwenbaşylyka, agyr kerwenleriň iň öňünde bolup ötüren Hojameňli aga-da, ýaşynyň, birçene barandygyna, dyzlarynyň barja kuwwatyny Hywa zyndanynyň alandygyna garamazdan, göçüň iň öňünde, Nury Kazym halypa bilen ýanaşyp barýardy. Käýerlerde onuň atynyň jylawyndan tutup, özüni dürseýärdi. Nury Kazym halypanyň sypaýyçylykly, hormat-sylagy bildirip duran mylaýymlygy, asylly, akylly gürrüňi oňa diýseň hoş ýakýardy. Onuň türkmenleriň gelip çykyşy, asylzadalar, ýagşyzadalar baradaky gyzykly hekaýalary onuň ýüregini ýumşadýardy, agyr derdini az wagtlygam bolsa unutmaga kömek berýärdi. Emma Gündogdy hanyň, bolşy welin, göç bilen barýanlaryň ählisinde wehim döredýärdi. Ol gözünde oky bolsa, ýoldaşlarynyň baryny ýekeje ädim öňe goýbermän ýere çüýlejekdi. Arman, ýer gatydy, gök yrakdy. Şonda-da han hywaly nökerleriň ýüzüne gazap bilen garamaga, gözleri bilen olary gargyşa gaplamaga pursat tapýardy. Özüniň Hywa topragynda gören horluklaryna, masgaraçylygyna diňe şu adamlar sebäpkär ýaly, olara gözi düşdügi hyrçyny dişläp, ýüregindäki namys odunyň ýakyp-ýandyryjy ýalnyny «ah» çekmek bilen daşyna çykarýardy. Onuň tersine, Guldurdy serdar birhili arkaýyn, misli garyndaşlarynda görme-görüşlik parzyny sowup gelýän ýaly görünýärdi. Ol öz ýigitleri bilen, hatda yzdan atlaryny gorky bilen sürüp gelýänlere-de habar gatýardy. «Aýagynyz gurşan bolsa, birneme pyýada ýöräýiň, ýabyňyzy özümie ideris» diýip degýärdi hem. Magtymguly halypasynyň şatlygyny, Hojameňli aganyň gynanjyny, Gündogdy hanyň ýigrenjini, Guldurdy serdaryň keçjeligini görüp gelýärdi. Olaryň hersiniň derdini, göç bilen barýan her bir adamyň niýetini-pälini ýüregi bilen duýup barýardy. Häzir olar üçin iň uly dert, ägirt çuňňur namys alaçsyzlykdy. Hojameňli aga agyr kerwen gerekdi. Gündogdy hany erksizlik, ýitirilen ar-namys, Guldurdy serdary ganatsyzlyk horlaýardy. Häzir olaryň göwnüni diňe şol zatlar seýiklap biljekdi. Emma munça zady nireden aljak ahyry? Diňe bir zat düşnüklidi. Bu owuk-uşak ýaralar bitip gitjekdi. Watan bu ýaralaryň barynyň tebibidi. Basymrak Watana, indi ençe wagtlar bäri gözi ýolda galan eziz adamlaryň didaryna gowuşmalydy. Magtymgulynyň ýüregi erbet jigläp gitdi. Onuň gözlerine mähriban enäniň şadyýan didary göründi. «Sag-aman geldiňmi, guzym? Gözden uçduň-da, köşegim. Heý, beýle-de gitmek bolarmy?» Magtymguly erksiz pyşyrdady! «Geldim, käbäm. Seniň yhlasyň meni şo-ol uzaklardan alyp gaýtdy, emme jan». Ol ýaşly gözlerini gapdala sowdy. Indi bu hüwdi ýaly gürrüňleriň hiç haçan bolmajakdygy baradaky elhenç duýgular onuň ýürek-bagryny para-para eýledi. «Uzakdan aryp geleniňde eneň gujak açyp, balasyny ýitirip tapan maýa ýaly bozlap-bozlap garşylamajak bolsa, uýaň taýyna gowşan bilbil ýaly saýraý-saýraý yzlap garşylamasa, ol Watanyň ýüzüne köz degsin». Magtymguly tisginip töweregine tarady. Niredendir bir ýerlerden eşidilýän bu gara ýaň ony yzyna, ýene-de gadymy Hywa sowup, alyp gidip barýan ýady duýuldy. Ol öňe garşy batly-batly ýöredi. Agras ädimläp barýan adamlaryň deňinden geçip, assajyk ses bilen söhbetleşip barýan halypasynyň hem-de goja kerwenbaşynyň deňine ýetdi. Ýene edip barýan çuňňur pikirlerini bozmajak bolup, olara goşulyşmady. Ol özüni dürsedi. Onuň gulagyna täze, hoşamaý owaz eşidildi. «Oglum, geçmiş akylly hem-de biakyl ýaşalan ömürleriň mazarystanlygydyr. Ýagşy-da öter, ýaman-da. Ýene ýagşylaram özüniň ýagşylygyny bilmän, ýamanlaram özüniň pähimsizligini bilmän öter. Ony diňe halk bilen ölüm kesgitläp biler. Ýagşylaryň iki ömri bolar. Biri gysgadyr, biri uzyn. Olaryň ýaşan ömri gysga bolar. Ýöne olara hiç haçan ölme ýokdur. Halk ýaşasa olara ölme ýokdur. Halky welin öldürip biljek gudrat ýokdur. Bir zada düşüngin. Ýagşy ogullary dogran ene-de hiç haçan ölýän doldir. Seni dogran ene-de hiç haçan ölmez. Sen hapa bolma, oglum...» Şirgazy medresesiniň ketde ahunynyň ene hüwdüsi ýaly mähriban sözleri Magtymgulynyň näçe gün bäri pikir bilen ýadan beýnisine ornady. Onuň süňňüni ýumşatdy, aýagyny ýeňletdi. – Käbäm, sen dirisiň saňa ölüm ýokdur! – Ol çaga begenji bilen samrady. Gözlerinde bent bolan damjalary gaýta-ganta syldy. Şeýdip barşyna Hojameňli aganyň ýanyna geleninem duýmady. – Oglum, görýärin welim, sen gaýgy-gama özüňi nähak berýärsiň. Heý, üç günläbem gam çekme bolarmy? Birneme merdiräk bolarlar, oglum. Pyrak çekmek her kime başardýan däldir. Diňe mert kişiler pyrak çekip bilýärler. Binamysa bolsa günde toý. Meniň tutuş ömrüm pyrak boldy, oglum. Emma henize çenli-de men mertmi, namartmy, oýlanyp, ölçerip belli bir netijä. gelip bilemok, şol pyraklyga nädip çydap bildim. Nädip men gaýgy-gamyň, jebri-jepanyň derdinden saralyp-solup, eräp-akyp ýok bolup gitmedim. Eý, oglum. Bir wagt menem il ýaly öýli-işiklidim. Ilim-günüm, öýüm-öwzarym bardy. Emma hudaýtagala günümi köp gördi. Üstümden ölüm düşdi. Atam gitdi, enem gitdi. Çynar boýly doganlarym, arslan ýaly agalarym gitdi. Bir gün bolsa Nedir şa diýip bir bela töredi. Ylahym, onuň iki dünýäsi gömülsin, oglum. Ol meniň barymy-ýogumy, namys-arymy ýere çaldy. Gelnim bardy, oglum. O-da gelinmi? Aýyň-günüň parasy. Atam-enem, gardaşym ýok diýip kemsinmezdim. Gerek ýerinde aýalymdy, gerek ýerinde-de uýamdy. Wah, ir begenipdirin, ir. Bir gün şol haram ýezidiň atlylarynyň ýoly biziň obamyzyň üstünden geçipdir. Wah, men dagda birneme düme, däne ekipdim. Obanyň oglanlary bilen şoňa bakyp geleýin diýip ýatymlyk gidäýmenmi? Ýatarmyň? Ýüregime ot düşen ýaly bolup gije gaýtdym. Gelsem, oba uly yzlaşyk. Şol ýezidiň peşşaplary meniň gelnimi atyň önüne basyp alyp gidipdirler. Wah, ýene-de üç-dört sany ulugyzam alyp gidipdirler. Ulugyzlar gumuň içinden tapyldy. Emma... meniň maşgalam welin, diri ýitik boldy. Şeýdip, ýalňyz dikrarym Çerkezguly jana hem ata, hem ene bolmaly boldum... Wah, oglum, ilki-ilkiler çölden gelmedim. Ol alaňa çykýan, gelnim bul alaňyň aňyrsynda ýaly, oňa çykýan, beýleki alanyň aňyrsynda ýaly... Aý, garaz, Çerkezguly jan ýetýänç-ä şeýdip-şeýdip, mesgenim çöl boldy. Düýe çopany boljak boldum, goýun çopany boljak boldum, Bir ýerde dursam welin, ýüregim agzymdan çykyp barýar. Onsoň kerwene goşulyp, oguljygymam arkama mündürip geziberdim. Şeýdip kerwen çeken boldum. Garradym, ýüregim düşüşdi. Emma heniz-henizem birden-birden «dat ýet, Hojameňli!» diýen ses gulagyma geliberýär. Gözüme bolsa bir gyzyl-çyzyl hol gyrada ýatan ýaly boluberýär. Şol ugra gitmesem ýüregim ýarylyp barýar, gitsem yzyndan ýetip, habaryny alyp bilemok. Wah... Bu saparky masgaraçylygam ýaşymyň soňunda, sakgalyma ysnat getirdi. Indi ýöne ölüp dynaýmasam onuň astyndan çykma ýokdur. Ölümem aňsat däl. Nähili öljek? «Ölme-de, gülme-de» diýenleri boldy. Onda-da boljak-boljak ýeke dikrara boljak. ...Heý, oglum, gör, şu gatap galan garryda näçe dert bar. Şu adamlaryň ählisinde-de bardyr munça-munça dert. Meňki dagy iň bärkijesidir, iň bärkisi. Sen bolsa gam çekýärsiň. Seniň ýaly ogul dogran ananyň iki dünýesi abatdyr. Beýle analar ölýän däldir, oglum... Magtymguly bu ýumruk ýalyjak gojanyň agzyndan ýalyn bolup çykýan sözleri diňläp, özüne gelen ýaly boldy. Ýaşula nähili göwünlik berjegini, derdini nähili bölüşjegini bilmedi. Atasy ýaly hormatly, päkize, neresse çaga ýaly sada ýaşuly bolsa, ondan hiç zat tamakin däl ýalydy. Hakykatdanam, oňa göwünlik bermegiň zerurlygynyň ýokdugyna Magtymguly düşündi. Ýaşulynyň, gaýgy-hasratlaryň oduna kakmaç bolan ýüregi diňe rahatlyk küýseýärdi. Özem, şol rahatlyk dike ölümde diýip düşünýärdi. Beýle adamlary öz raýyndan sowup bolmajakdygy Magtymgula düşnüklidi. Ýöne sylag-hormatyňy olardan gaýgyrmaly däldi. – Bu dünýäniň pyragyny datmýa kemi galmady, oglum. Birje umydym bar, olam ýeke dikrarymyň gözli-başly bolanyny bir görüp, onsoň gözümi ýummak. O-da ýa nesip, eger şoňa ýetirse-hä gördük, bolmasa-da. Ýaşuly gözüni kölegeledip bulut çöken ýaly bolup, çala görünýän baglyga seretdi. Ugur bir wagtlar Jeýhunyň ugry bolansoň tally, garagaçly, igdeli, toraňňyly tokaýlar ýoluň boýunda az däldi. Emma ýaşuly öňdäki uly tokaýa has hyrydar göz bilen garaýardy. – Häk, oglum, araky ýaşulynyň mülki bolmaly. Wah, huşum gursun, ady huşumdan çykypdyr. Gowy ýaşuly eken. Bir türkmeniň musurmançylykly bendesi eken. «Bir gün duza mün gün salam» diýipdirler, oglum. Beýdib-ä amanlyk soraşman geçip bolmaz... Ýaşuly Magtymgula maslahat salsa-da, yzyna, Gündogdy hana bakan garady. Sebäbi adamlar indi ikinji gün hiç ýerde düşlemän ýol ýöreýärdiler. Bu goşuň belli bir kethudasy ýok diýen ýalydy. Goşda ýük göterýän esasy mallar gyrat, hemem garry arwana Magtymgula degişlidi. Olaryň birini Hywa hany peşgeş berse, arwanany deň-duş talyplar öz aralarynda pul ýygnap satyn alyp sowgat beripdiler. Emma ýaşyna garanda welin, Magtymgulynyň iki ýaşyny ýaşanlaram bardy. Ýöne olaram häzir kethuda bolmakdan bizardylar. Gündogdy han-a ile goşulanokdy. Guldurdy serdaram ilki-ilki birneme ýenil aýak görünse-de, bu gün birhili lagar düşen ýaly, hiç zat bilen seri ýokdy. Diňe Hywa hanyňyň goşy ugradyp barýan atlylary janly görunýärdiler. Olar atly-ýaragly alty adam bolup, göýä kerwene goşulyp özleriniň illerine barýan hebeşiler ýaly arkaýyndylar. Öz aralarynda bolmasa, beýlekilere habaram gatanokdylar. Misli özlerinden başga adam ýok ýalydy. Şu zatlary düýnden bäri anynda aýlap gelýän Hojameňli aga yzyna gapan, hemmeler eşitsin diýen manyda gygyrdy. – Çerkezguly, Çerkezguly jan, hol araky ýaşulynyň mülküne geldik, oglum, yza galmaň, günem ýaşyp barýar, ýüki şol ýerde ýazdyrmasak halys gurp gaçdy... Hojameňli aganyň sesini hemmeler eşitdi. Magtymguly içinden bu teklibi makullady. Makullamaz ýalam däldi. Ýadawlyk halys basmarlapdy. Diňe Gündogdy hanyň gahardan ýaňa ýagmazak bulut ýaly çalaryp duran ýüzi ýüregindäki niýetini gizleýärdi. Başgalaryň ählisi bu teklibe razy ýalydy. Bu adamlar gara bagyň deňine barmanka, şo-ol mylaýym ýaşuly olary garşy aldy. Hojameňli aga ony görüp, edil doganyny gören ýaly garsa gujaklady. Edil şol wagt onuň adam diline geldi. – Wah, şunça günläp adyň zybana gelmese nätjek, sakgaldaş. Ýüzüňi gördüm welin, barysy ýadyma düşäýdi. – Ol tutuş goşuň adyndan saglyk-amanlyk soraşdy. – Şirmet, aman-saglykmy? Oglanlar, iller, bala-çaga, mal-başyň?.. Şirmet aga ýumşaklyk bilen salam aldy. Ýöne ol nämäniň-nämedigine eýýäm düşünipdi. Şonuň üçinem änigine-şänigine çenli sorabam durmady. Ol ylgaşlap baryp Nury Kazym halypanyň atynyň jylawundan tutdy. Soň ösgün akbaşlaryň, ýandaklaryň arasyndan egrem-bugram bolup barýan ýodajyk bilen öz mülküne tarap alyp gitdi. Garaňky ýaňy gatlyşanda eýýäm äpet-äpet erikleriň aşagyndan gowrulýan täzeje etiň, tamdyrdan çykan çöregiň ýüregini gobsundyryjy şireli ysy garyşyp başyňy-gözüňi aýlaýardy. Adamlar düşegiň üstünde ýaý berip otyrdylar. Diňe hanyň ýasawullarynyň atlarynyň alagury otlary, ir saralyp, ýere gaçan erik ýapraklaryny şygyrdadyp, dişlerini gütürdedip, burunlaryny pyrryldadyşlaryndan bu ýerde del myhmanyň bardygyny aňaýmasaň, adam bardygy hem güman edilmejek ýalydy. Erik ýaprajyklary bolsa çalaja şybyrdaşyp, garaňkylykda seslerini çykarman, dymyp oturan adamlar barada nähilidir bir täsirli gürrüň edýän ýalydylar. Ümsümligi bimahal gelen atlylar bozdular. Olar Şirmet aganyň ogullary Ýomutbaý, Özbekbaý, Gazakbaý hem-de Türkmenbaýdy. Ýigitler öýlerinde ýaý berip oturan myhmanlary görüp, birneme üýşenjek boldular. Emma köpi gören goja oglanlaryny myhmanlara imrindirdi. – Heý eşşek atalylar-a, edil bir türkmen däl ýalydyrlar. Heý, myhmandanam üýşenerlermi? Gaýta, aşna boduň ahyryn. – Ol oglanlarynyň atyny baglaryna-da gyssanyp, olary nahara çagyrdy. Bu gadymy erikleriň asty kiçiräk toýuň märekesini ýada salýardy. Diňe bir tapawudy nahar iýişlik sus geçdi. Nahardan soň Şirmet aga Nury Kazym halypanyň daşynda hyr urýardy. Onuň bilen türkmen mylaýymlygy bilen hoşamaý degişýärdi. Halypa onuň hoşamaýyna düşündi. Ol derläp duran ýüzüni sellesiniň ujy bilen süpürdi-de, agyr ýük egnine ýüklenen ýaly iki egninden dem aldy. – Wak, agaý, buý igide diýý isteýengiňiý. Men oldur sen suýit çykmaýjak tehe men, agaý – diýip, ynjyly ýylgyrdy. Onuň ýüz keşbi Şirmet aga görünmeýärdi. Şonuň üçin ol bu adama düşünjegem däldi. Şonuň üçin Hojameňli aga ony ýanyna çagyrdy. – Sakgaldaş, aý, sakgalda-aş, sen habary menden al – diýip, onuň gulagyna: – Bu ýigit seniň diýýän adamyň, allatagala onuň ömrüni uzak etsin. Ol adam däl-de, tüýs ýagşyzadalaryň neslinden bolan bir asylzada. Seniň araky eşiden doga ýaly mukaddes şygyrlaryň hem şu ynsan balasynyň diliniň senasy. Sen, ine, şoňa aýt dadyňy... Şirmet aga Magtymgulynyň ýanyna gelip, elini emaý bilen onuň dyzynyň üstüne goýdy. Şunça wagtlap bu ýigide üns bermändigine gojalyk göwni bilem uýaldy. Ondan ötünç sorady. Soňra: – Oglum, hol galandar bala gelip gidenden soň meniň bu dünýedäki arzuwym şonuň aýdan gazallaryny ýene-de ýekeje gezek diňlesem diýen umytdy. Hudaý bu dilegimi kabul etdi. Indi tä amanadymy alla elimden alýança saňa ömür dilär ýörerin. Eger şol gazallary sen diýen bolsaň şolardan birki sanysyny aýdyp ber, oglum. Magtymguly perişde ýaly päkize ýaşulynyň sözlerindäki ynsanperwerlik dilegine düşündi. Bu ýaşulynyň raýyny ýykmak asla mümkin däldi. Şeýle duýgy Magtymgulynyň ganyna ornady, ýüregi birhili tolgunma bilen tyrsyldady. Gözleri äpet aýy bilen älem-jahany gujaklap duran asmana dikildi. Ol tebigatyň goýnuna garylyp barýardy. Häzir ýanynda oturan iki gojanyň ýüreginden lemmerlenip gaýdýan ýangynyň gözlerinden bulak bolup damşyny, aryp gelen atlaryň gymyldaman ynsan dilinde aýdylýan sözleri diňleýşini, erikleriň ýapraklarynyň çalaja şybyrdysyny, nowçalaryň hal atyşyny, Çerkezgulynyň aljyrap tüýdügini sypalaýşyny, Gündogdy hanyň gazabyny, Guldurdy serdaryň namysyny, halypasynyň guwanjyny, ýene-de köp-köp zatlary görüp-duýup durdy. Emma özüniň ýüreginiň töründen sogrulyp çykyp barýan agyrlygyň, süňňüni barha-barha ýeňledýän zadyň nämedigini bilip bilenokdy. Ol häzir öňrak ýazan tanyş bir goşgusyny okamak isleýärdi. Emma ylham, ýürek, zyban misli ýaňy ýalança inen taýçanak ýaly däli ýellere, hökümdar sillere el bermän elden-aýakdan çykyp barýardy. Watana gaýdyp barýandygy baradaky süýji duýgular, üç ýyllap duz iýşen dost-ýarlardan aýralyk, käbesiniň bu dünýäde ýokdugy baradaky hasrat, bu ýerde oturan adamlaryň her biriniň derdi, islegi şol ylhama güýç berýärdi. Magtymguly her gezek demini dürsände olar «Eliň, gözüň dert görmesin!» diýen gussaly sesleri eşidýärdi. Gije birçene baransoň han atlylarynyň horruldysy töweregi ýaňlandyrdy. Indi iki günüň ýadawlygy basmarlan adamlar oturan-oturan ýerlerinde süýndüler. * * * Magtymguly giç uklady. Onuň oba barýandygy baradaky süýji hyýaly süýji düýş bilen utgaşyp gitdi. ...Gadymy Hajygowşan bu gün toý tutýardy. Magtymguly akja çäkýaka köýnegini, täzeje telpegini geýip toýa şaýlanýarly. Ol ejesiniň mähriban keşbine, ýaş, owadan kamatyna, şadyýan gözlerine garap doýup bilenokdy. Ol ejesiniň ýanyndan gitmän oturmak isleýär. Emma ejesi onuň ýürejigini duýmak bilen, ony hoşamaýlaýardy: – Guzujygym, git senem toýa, deň-duşuňdan galma, balam. Toý bir gowy zatdyr. Boýnuňy burup öýde oturma, oglum... Magtymguly işiklerinde duran ap-ak ata atlanýar. Özem şeýle bir begenýär, hut kepderiler ýaly ganat baglap uçaýsam diýýär. Onuň ak aty edil ganaty bar ýaly ak dumana garylyp barýar. Şeýdibem, ol agalarynyň yzyndan ýetýär. Ýaş ýigidiň begenji uzaga çekmeýär. Agasy Abdylla oňa «gelme, gal» diýip özelenip ýalbarýar. Emma Magtymgulyny raýyndan gaýtarmak mümkin däldi. Ony gören Mämmetsapa şeýle bir ägirt gazap bilen gygyrdy. – Hany meniň atym? Sen ony näme etdiň? Jogap ber! – Magtymguly sesini çykarmady. Sebäbi ol ýaňky at atyň däl-de, Çowduryň atynyň arkasynda otyrdy. – Hany meniň atym?.. Magtymguly gözüni ýalpa açdy. Onuň üstüne Hywa hanynyň nökerleri abanyşyp, aýylganç ses bilen haýbat atýardylar. – Hany atlar? – Magtymguly syçrap ýerinden turdy. Erikleriň aşagy erewde-birewlikdi. Şirmet aga, onuň ogullary atlaryň daňlan ýerlerini, öýüň töwereklerini ters aýlanyp, edil iňne gözleýän ýaly sermenýärdiler. Hojameňli aga, onuň ogly, ýene-de birnäçe ýigit bolsa, misli uýat bir işiň üstünde tutulan ýaly bolup, hersi bir ýerde oýa batyp durdy. Magtymguly ilki nämäniň-nämedigine düşünmedi. Ol janhowly ýaly bolşup iki ýana urunýan han nökerleriniň bolşundan bir bolmasyz zadyň bolandygyny aňdy. – Oglum, bir bolmasyz iş-ä bolandyr. Ol ataňa näletler han nökerleriniňem, bi ýaşulynyňam, seniňem, agşamky oglanlaryňam atlaryny alyp gaçyp gidipdirler. Hojameňli aganyň bu habaryna Magtymgulynyň ýüregi goparylan ýaly boldy. Ol boşap galan göwresini hallanladyp ýerinden galdy. «Heý, beýle-de masgaraçylyk bolarmy? Heý, duz iýen ýeriňe beýle kast etme bolarmy? Beýle uýatlyga neneň edip çydap bolar?» Ol Nury Kazym halypanyň ýanyna bardy. Bu gürrüňleri eşitse-de, süýji ukuda ýatan Nazarla, Guldurdy serdaryň ýigitlerine göz aýlady. Gün dogan badyna ugramaly diýen netijä geldi. Soň Şirmet aganyň ýanyňa bardy. – Sen gynanma, oglum, gynanma. Doga betbagt bolanyňdan, ýylda bir sapar ýagy çapsyn diýipdirler. Olaryň hem şu eden işlerinden soň tenleriniň, ýürekleriniň awusy öçýän bolsa bolýar. Arman, bu zorlaryny Araz ynaga görkezen bolsalar. Ýagşy bolardy. Magtymguly ýatakda gäwşäp oturan arwana gaýta-gaýta garady. Ol häzir şol düýäni emgenmän oňa hödür etjekdi. Emma öý eýesi ony dilejegem bolmady. Adamlaryň gözünde namysyň, gazaplylygyň, alaçsyzlygyň kölgesi mese-mälim bildirip durdy. Şonuň üçin-de ertir çaýynyňam, ýola düşmegiňem, hoşlaşygyňam gyzygy bolmady. 3. Ýola düşüleni bäri eýýäm on gün geçipdi. Hojameňli aganyň hasaby boýunça basym Hanguýy diýen oýa ýetmelidi. Uzak ýol, tomsuň ilkinji günleriniň ýangyny, suwsuzlyk, azyksyzlyk adamlary halys edipdi. Iň beteri-de Nury Kazym halypanyň haly agralýardy. Ol yssa, suwsuzlyga çydap bilenokdy. Ýoluň ilkinji bölegini ol pyýada geçipdi. Sebäbi çagalykdan bäri yrym etmegi ony düýä münmekden saklaýardy. Ol özüniň atasynyň düýeden ýykylyp ölendigini, şonuň üçin düýä mündügi oňa-da bir bela ýolugaýjak ýaly bolup duýulýandygyny ýoldaşlaryna gürrüň beripdi. Emma ýol çölüň jümmüşine ýetenden soň yrym tutara ýagdaý galmandy. Ol halys gurpdan gaçypdy. Asyl agşamlaryna az-kem dynç alnyşykda-da ol özüni alyp bilmeýärdi. Şonuň üçin agşam gyssagara bişirilýän ýarma ýa-da mäşewe hem Magtymgulynyň bokurdagyndan geçmeýärdi. Ol halypasynyň hyžžyldap duran demini, tyrsyldap ynjyly galýan hor kükregini, gara sellesini, hor ýylçyr ýüzüni, gytyk gaşlaryny, çokga sakgalyny, kepäp, ýaryk-ýaryk bolan dodaklaryny uzak wagtlap synlap, agyr oýlara gark bolup oturýardy. Onuň göwnüne bolmasa, halypasynyň bu halyna özi günäkär ýaly bolup duýulýardy. Oňa hemaýatynyň degmeýänine gaty gynanýardy. Häzirem ol halypasyny gollaryna göterip diýen ýaly düýä mündürdi. Özüniň ýumşak ýüňden dokalan agyr çäkmenini onuň goltugynyň astyna söýget edip goýdy. Soňra arwananyň owsaryny ýuwaşlyk bilen silkdi. Çölüň sary, gözüňi gamaşdyrýan keşbi, käýerde oýtum-oýtum bolup ýatan şorluklar, käýerde akbaş, ýandak, igde, toraňňy bilen garyşyp gözüne tokaý ýaly bolup görünýän käller ýolagçylaryň gözüne känbir ilip baranokdy. Her kimiň öz derdi özüne ýetik ýalydy. Säher bilen ýola düşülendigine garamazdan, adamlar eýýam ýadawdylar. Magtymguly arwananyň owsaryndan tutup barşyna, özüni pikirleriň garaňky ummanyna atýardy. Ony göwnüçökgünlik, birhili ejizlik basmarlaýardy. Ol Hywanyň atly medresesini okap gutaryp gelýän bolsa-da, indi bäş-alty gün bäri oýlanyp, ölçerip, öňde özüne göwni galkynar ýaly yşyň görünmeýändigini aňýardy. Çünki, Gündogdy han bilen Guldurdy serdaryň myhman bolup düşen öýüniň atyny ogurlap gitmegini ol ýüregine sygdyryp bilmeýärdi. Agyr ile baş bolmaly adamlaryň bu işi onuň ýüregini gyryp-gyryp gidýärdi. «Eger şular beýle iş edýän bolsa, beýlekilerinden nämäni gaty görjek?!» Ol Hywada okaýan wagty şerigatyň, kowahadyň ähli düzgünlerini bäş barmagy ýaly öwrenipdi. Eger «şol düzgünleri oba adamlaryňa pugta düşündirseň bu bolýan betlagamlyklar, adamyň adama jebir, sütem etmegi galar» diýip oýlanýardy. Eger düýbünden tükenmese-de, bu betbagtçylyklar birneme azalmalydy. Munuň özem az-küş iş däldi. Emma ol çölde ýol ýörelen günlerde täze-täze ýaramaz tymsallar tapýardy, Onuň gözüniň öňüne Hywanyň darajyk köçeleri bilen süýrelip barýan günäsiz biçäre, Hywanyň buzahor hany baş weziriň jögi, hilegär keşbi, ahunlar başynyň köpbilmiş, gorkuly görnüşi geçýärdi. Onsoň kimdir biri onuň özüne sowal berýärdi. «Näme, şol adamlar şerigatyň, kowahadyň düzgünlerini bilýän däldir öýdýäňmi? Olar yslamyň çeşmesiniň başynda oturan miraplar ahyryn. Onda näme üçin olar garyp-biçäreleriň arkasyny alaýanok» gaýta galplygyň-adalatsyzlygyň, günäniň, haramyň möwjemegine hemaýat berýärler?..» Magtymguly tolgunmakdan elindäki owsary silkdi. Ol göwnüniň şeýle ynjyly sesiňi ilkinji gezek eşidýärdi. Şonuň üçin-de bu ses oňa birhili geň we täsin bolup eşidildi. Bu ses göýä ýanyp başlan äpet çöli ýaňlandyran ýaly, töweregine garanjaklady. Emma onuň bilen goş tutuşyp barýan adamlaryň hiç zat bilen seri ýokdy. Her kim akyp duran çägeli baýyrdan gaýrat bilen çykyp barýardy. Magtymguly maňlaý derini eli bilen syldy. Soňra kimdir biri jogaba garaşyp duran ýaly gyssandy. Soň pikirini jemledi. «Ýok, Etregiň, Hajygowşanyň adamlary beýle däldir. Türkmen hanlary, begleri, töreleri bilmezlikden, ýöne bir düşünmezlikden birek-birege kine-öýke edýändirler. Olara Gurhanda aýdylanlary düşündirmek gerek. Agzalalygyň, harsydünýäligiň, garyp-gasara zulum etmegiň zalymlyga barabardygyny düşündirmek gerek. Soňda olar pällerinden gaýdarlar. Onsoň türkmen topragynda begler-baýlar azyp, garyplar gamhanada galmazlar. Nesip bolsa, obamyza bararyn, onsoň halypam bilen mollalaryň, müftüleriň, han-begleriň ýanyna bararyn. Olara adamkärçilk barada köp-köp maslahatlar bererin. Ketde ahunyň aýdyşy ýaly: «Hanlaryň, kähudalaryň ile-güne ýagşylyk etmegi üçin elde baryny ederis... Magtymguly özüni dürsedi. Ol ýene-de köp zatlary aýtmak isledi. Emma onuň ýüreginiň düýbünden şol pynhan owaz ýene-de eşidildi. «Eý, ýigit, sen atyňy ýeke çapmagyn. Özüňi heläk edersiň. «Il aglak bolsa doňuz depe çykar» diýenleridir. Häzir doňuz iliň depesine çykdy. Sen gapyl galdyň, gapyl galdyň, gapyl galdyň...» Bu owazyň soňy birhili ynjyly iňňildä öwrüldi. Bu tanyş iňňildi, tanyş üsgülewük Magtymgulyny özüne getirdi. Ol düýäniň owsarndan asylyp, ony çökermege synandy. Ýöne ýaňy aýagy gyzan arwana gyzyp başlan çägä çökmek islemedimi, ýa-da özüne çökmäge ýer peýledimi, ýöräp ep-esli gitdi. Nury Kazym halypanyň haly harapdy. Onuň gözleri üýtgäpdi. Öň kükreginden gaýdýan hyžžyldy indi bokurdagyna gelipdi. Ol gujagyny gerip, gözlerini açdy. – Magsym jan, iki düniýam, mani halas ed, başyma şum ajal kelidi. Magsym jan. – Ol soňra gözlerini ýumup, kimiňdir biriniň adyny tutup samyrdady. Garagum howur alýardy. Töwerekde guş kölgelär ýaly-da ot-çöp, agaç, beýleki ýokdy. Diňe arwananyň kölegesi bardy. Ol kölege-de demsaýyn düýäniň aşagyna gidýärdi. Hojameňli aga halypanyň başyny gujagyna alyp, aljyrap oturan Magtymgula garady. Soň gyssanmaçlyk bilen düýäni turuzdy. Onuň astyndaky sähelçe kölegä hassany çekdiler. Halypanyň «Suý, suý!» diýip zarynlaýan sesi ähli ynjysy, alaçsyzdygy, zarynlygy bilen ýüreklere ýetýärdi. Emma hiç kim alaç edip bilenokdy. Diňe Hojameňli aga käýinç çekýärdi. – Häýk, adam aljyrasa kyn boljak eken-ow. Hanguýynyň oýuna ýeteris diýipdim. Emma başymy-gözümi şeýtan aýlapdyr... Ol bu aljyraňňylygynyň gaty gymmat düşýändigine düşünýärdi. Ýöne damaryny parran kesip, ganyndan bir okarany dolduryp beräýmese başga alaç ýokdy. Şeýle pikir häzir Magtymgulynyň hem başyna gelipdi. Olam suw bolmasa-da, özüniň ganyndan birneme bermäge taýýardy. Ýöne birden onuň gözleri arwanada saklandy. Häzir kimdir biri arwanany soýup, damak ganyny suw ornuna içeliň diýse, ol «ýok» diýjek däldi. Çünki, howanyň bu gidişinde, beýlekilerem gyryljakdy. Halypa der gelipdi. Ol birhili ynjalan ýaly boldy. Jebir çekmeden ulalan gözlerini töweregindäkilere dikdi. Gözleri Magtymgulynyň gözlerine sataşandan soň bolsa, ýüzünde ownujak ýylgyrma peýda boldy. Bu wagt ol Magtymguly bilen däldi. Okuň ajy gussalarynyň ýylgyrma sapmasy başga zatdandy. Ol özüniň bu ýagty jahanda arzuw eden zatlaryna, gözünden gaýyp bolan, indem hiç haçan duçar bolmajak dört sany didara sataşypdy. ...Ine ejesi toý lybasynda durdy. Özem şeýle bir ýaşdy, şeýle bir owadandy. Nury Kazym özüni bileli bäri ejesini hiç haçan beýle enaýy, beýle näzik, owadan görmändi. Ol agyr kejebäni görkezip bilen gyzyna gygyrýardy. Nury Kazym ap-ak ata atlanyp, kejebäniň öňünden barýardy. Hana, onuň söwer ýary hem ak ýoluň ortasynda durdy. Aňyrda goýa üýşen bir bölek gyz bolsa Siriýa türkmenleriniň ata-baba aýdylyp gelýän toý aýdymyny şeýle bir owadan owaz bilen aýdýardylar, diňläp gulagyň ganjak däldi. Indim geldim Hamadan, Oldum gan aglamadan, Agaçda ýaprak goýmadym Ýarama baglamadan. Şu daglar uly daglar, Etrapy sulu daglar Men ýarymy ýitirdim Gün döner, bulut aglar, Şol gyzlar onuň ýaryny gujagyna getirip, mähriban owaz bilen: «Kutlu olsun, kutlu olsun!» diýip bagtyýarlyk bilen aýdýardylar. Nury Kazym ak ata münüp gelinliginem gujagyna alyp, şeýle bir ajap bagta eýe bolup gelýärdi. Hanha, mähriban obasy, hanha, bir süri goýun aga-ýana gezip ýör. Onuň çopanlary ýoluň gyrasynda gelnalja garaşyp durlar. Nury Kazym olaryň deňine ýetende, olar aty sakladylar. Garşyda türk ewleri – eý, türkmen oglu, Ýaýylar düýeleri – ýar delikanly. Oturmuş goýun, satyr – äý, türkmen oglu, Terlemiş memeleri – ýar delikanly. Olar semiz bir öweji gelne sowgat berýärler. Gözel gyz bolsa olaryň hersine toý paý paýlaýar. Hemmeler: «Kutlu olsun, kutlu olsun!» diýip gygyryşýarlar. Hanha, bal biten bossançylyk. Bagban gelnalja garaşyp dur. Elinde iki çelek üzüm. Baga gitdim üzüme – gözel han, Çyrpy degdi gözüme – ýar aman. Men ne dedim ol ýara – gözel han, Ýar daryldy sözüme – ýar aman. Ol bagban hem sowgat berip toý paýyny alyp galýar. Öňde bir araba gawuny bilen daýhanlar durlar. Garşyda gawun ýörler – badam, şeker, hurmalar, Mende barsam ne diýerler – gyz telleri durnalar. Otursam bile ýörsem – badam, şeker, hurmalar, Şu şuny söwdi diýerler – gyz telleri durnalar. Olaram toý paý alyp galýarlar. Hanha, oba, hanha, mähriban ene. Onuň gujagynda bolsa ýüzüne nur çaýylan iki sany bäbejik otyr. Nury Kazym ogluny, gyzyny, gelnini, ejesini mähriban şägirdine görkezmek üçin gözlerini berk açyp, silkinýär. Emma bir elhenç agyry bu ajaýyp görnüşi onuň elinden alyp gitdi. Ol naýynjar garaýyş bilen şägirdine garady. Şeýle bir çalt, göz açyp-ýumasy salymda başdan geçiren süýjüligini tapmak üçin iňledi, agzyny tamşandyrdy. Soň bolsa öz şägirdiniň keşbiniň çuňlugyna bakyp hälki gören durmuşyna erksiz uçup gitdi. Magtymguly halypasynyň şalkyldap giden göwresini, ýanyp ýatan çägä erksiz çümen gollaryny görüp hopukdy. Ony öňki kaddyna getirjek bolup kösendi. Onuň gapdalynda oturan Hojameňli aga bolsa bu ýagdaýa bada-bat düşündi. – Häk, neresse, jaýyň jennet bolsun-da. – Ol halypanyň peträp, sarymtyl asmana garap duran gözlerini aýasy bilen ýapyp, gabaklaryny sypalady. – Armandan doly bolara çemeli, sandygy. Wah, bu dünýäde armansyz barmy diýsene... Ýaşuly howlukman onuň imanyny öwürdi. Soňra halypasynyň kükregini henizem sypalap oturan Magtymgula ýüzlendi. – Oglum, gam çekme. Bu düne bir kerwensaraýdyr. Her kim gelip, bäş gün ýük ýazdyryp gidibermelidir. Bu pederiň bize miras goýan derdi-dä oglum. Gam çekme. Bu bendäni indi topraga dulamakdyr, biziň baş parzymyz. Şonuň çäresini görmeli. Şehit boldy da pahyr... Magtymguly bu sözlere ynanmajak boldy. Özüniň iň bagtly, iň gözel ömrüne, keýik owlagynyňky ýaly erkin, sähraýy geçen ýaşlygyna, ata-babasyna belet adamy, onuň ýüregine, ganyna çenli gowulyk, mertlik, asyllylyk, sadadyk guýan, ähli ylymlardan sapak beren halypasyny bu dowzah ýaly çölüň içinde topraga duwlamak heý, boljak zatmydyr. Ony hiç bolmanda oba eltip, illäp-günläp, ile meňzeş edip jaýlamalydy. Wah, ýöne hany oba, hany il. – Oglum, alajyny tapmasak, ony ýeke pursat goýup bolmaz. Gör, eýýäm, gök siňek waglap başlady... Ýaşulynyň ýadyna düýäniň howudyna gysdyrylgy keltejik kepje pil düşdi. Düýe welin ýokdy. Adamlar merhum bilen başagaý bolup durkalar, ol üstüniň ýüki, beýlekisi bilen gidenini hiç kim aňmandy. Ýaşuly suwsuzlykdan ýüzleri garaört bolup, dodaklary ýarylyp, edil garantgy ýaly bolup duran ýigitlere seretdi. Olaryň hiç birem öz essinde däldi. Ýaşuly özüne dözdi. Näzik ýüzi sargaryp-solan ogluna garady. – Çerkezguly jan, bar, oglum, düýäni getir. Uzaga giden däldir. Bu bendäni ahyr ýoluna ugradaly, bala... Çerkezguly edil düýşünde sil suwundan geçip barýan ýaly yranyp baýyrdan agdy. Köp gitmänem yzyna dolandy. – Ata, ata, bir topbak atly gelýä. Biziň yzymyz bilen.. Toplanyşyp duranlaryň ählisine jan giren ýaly boldy. Öçen umytlar täzeden röwşenlenip, ýüreklere, bedenlere, göreçlere jan beren ýaly boldy. Her kim atlylaryň tizräk gelerini ýürek üzüp isledi. Ýöne olaryn hiç birem ony garşylamaga meýil etmedi. Häzir hiç kimde artykmaç ysgyn ýokdy. Ol-a gitmekdi, häzir geplemäge-de döwtalap tapyljak däldi. Atlylar alaňdan daýyrdaşyp eňdiler. Olaryň öňündäki dor atyň üstünde Oraz ynak otyrdy. Onuň yzynda bolsa ýene on-on bäş atly bardy. Ynak ýadawlykdan, gahar-gazapdan derçiräp, aýna ýaly ýaldyrap duran ýüzüni ýeňi bilen syryp, gamçysyny asmanda galgatdy. Soňam gaýgy-hasratdan, azapdan, kösençden iki bükülip duran Hojameňli aganyň eginlerini, ýüzüni gamçy bilen gazaply çawlady. Ondanam içi sowamansoň, gylyjynyň baljagyna ýapyşdy. Bu elhenç wakany gören Magtymgulynyň ýüregi ýarylara geldi. Ol özüni unudyp, ýaşulynyň depesinden injek bolup duran gylyjyň astyna özüni urdy. – Çek eliňi, ganojak. Ýersiz urlan taýagyň hasabyny bermeli bolarsyň. Oraz ynak gazabyna bäs gelip bilmedi. Gamçysyny Magtymgulynyň depesinden inderdi. Ömründe beýle gazaby egni bilen çekip görmedik Magtymguly iki büküldi. Oňa çenli Hojameňli aga özüni dürsäp, arslan gaýraty bilen Oraz ynaga topuldy. – Häý, seniň atana nälet bolsun, iblis. Sen perişde ýaly oglana gamçy çalarmyň, hä... Ol depesinden inýän gamçynyň aşagynda hem samraýardy hem topulýardy. Oraz ynak torsuk çagasy ýaly bolup özüne topulýan bu şylha eşikli gojany ýagşy awundyrmagy ýüregine düwdi. Ol dyzynyň aşagyna düşen gylyjyny gynyndan çykaryp, silkip goýberdi. Emma goja welin dälilik hetdine ýetip, onuň üstüne çöwjemesini goýanokdy. Ynagyň aýagynyň astyndaky at bolsa, örboýuna böküp-böküp, özüni öldüräýjek bolýardy. Şol wagt göwne gelmesiz bir ýagdaý ýüze çykdy. Gyrada guran sanaç ýaly bolşup, suwsuzlykdan, ysgynsyzlykdan hallary harap bolup ýatan ýigitler birden ördüler. Bütin ýolboýy özüniň barlygyny duýdurman gelýän Nazarly bolsa Oraz ynagyň üstüne arslan bolup atyldy. Ol häli, gyssagarada düýeden düşürilen boş küýzäni eline alyp, ony ynagyň depesinden aýlap saldy. Soňra onuň üzeňňisine ýapyşdy. Atdan agyp barýan ynagyň ähli pikiri Hojameňli agadady. Şonuň üçinem ol Nazarlynyň topulanyndan, küýzäniň awusyndan aljyrap, özüni ýitirdi. Şol aljyraňňylykda bolsa gylyjyny Hojameňli aganyň depesinden inderdi. Hojameňli aganyň şalkyldap gaýdan göwresi howur alyp duran çägä düşmänkä, ynagyň özüniňem göwresi Nazarlynyň aýagynyň aşagyna patylap gaýtdy. Soň bolsa ulili bilen uwlap-uwlap kömek sorady. Şol wagtam aňyrda bu bolşa tomaşa edip duran han atlylarynyň biri yzyndan ýagy ýetip gelýän ýaly bolup, ýürek ýaryjy ses bilen gygyrdy. – Tekeler, ýetik gelurlar. Haý, atly-atinga atlanusyn-ow! Bu söze halsyz ýigitler bilen at üstünde daraşyp duran nökerleriň ýüregini ýarara getirdi. Olar gurt gören ýaly bolşup bir öwşerilişip durdular-da soňam atlaryny gamçyladylar. Oraz ynagam Nazarlynyň elinden zordan diýen ýaly sypyp, özüni atyň üstüne atdy. Onuň zerli donunyň ýakalarynyň, sakgalynyň ujunyň lagta-lagta gandygyny gören adam bolmady. Adamlar misli gara gaý duýdansyz gelip duýdansyzam giden ýaly bolup, haýran-birýan bolup durdular. Diňe Magtymguly bilen Çerkezguly Hojameňli aganyň gan jorlap duran boýnuny köne esgi bilen dolaýardylar. Gan bolsa sakladanokdy. Nazarly olaryň ýanyna bagry bilen diýen ýaly süýşüp geldi. Soň elindäki ullakan selläni oklap goýberdi. Onuň agzynyň ganlygyny gören Magtymguly oňa tarap topuldy. Emma Nazarlynyň göwni hoşdy. – Wah, bokurdagyny çeýnedim welin, it ogly edenimi biderek edip, gaçdy gidiberdi. Bir sellesi galypdyr... Oňa çenli Çerkezguly guma garylyp ýatan selleni garbap aldy. Soň ony iki ýyrtyp, ýaşulynyň boýnunda gara gan bolan daňyny çalşyrdylar. Diňe şondan soň Nury Kazym halypanyň jesedi ýada düşdi. Diňe şondan soň üsti ýükli arwananyň goşy-golamy bilen ümdüzine gidendigini bilip galdylar. Şol wagt günorta tarapdan eňip gelýän bir bölek atly bularyň gözüne ezraýyl bolup göründi. Çünki, ýaňky ganojaklaryň indi bu garawsyz adamlaryň başyny alman gitmejegine her kimiň gözi ýetikdi. Şonuň üçin indi her kim özüniň takdyryna razy bolan terzde, bagryny ýere beripdi. Magtymguly kimiňdir biriniň arkasyndan gujaklaýandygyny aňdy. Ýöne onuň arkasyna öwrülmäge gurbaty, mydary ýokdy. Ol kimdir biriniň daýaw gollarynyň özüni galdyranyny hem aňdy. Emma aýaklaryny alyp bilmedi. Ýöne üstüne abanyp duranyň ýüzüne garady. Sap-sary dumanyň, endam-janyňy ýakyp barýan howruň içinden kimdir biriniň ýüzi görünýärdi. – Magtymguly, Magtymguly, bu men, Çowdur, tanamadyňmy? Men Çowdur, yzyňyzdan geldik. Magtymgulynyň jöwzadan, alaçsyzlykdan doňup barýan ýüregine birhili ýylylyk aralaşan ýaly boldy. Ol bu tanyş sesi bir ýerden ýüreginiň pynhan ýerindäki ýagşylyk ýatlamalaryň arasyndan gözledi. Emma häzir ony deňeşdirere, öwrüp-çöwrere ýagdaý ýokdy. – Suw! Suw ýokmudyr? Kimdir biri onuň agzyna suw tutdy. Ýok, kimdir biri onuň endam-janyndaky ysgynsyzlygy, jöwzany kowup, onuň ornuna jan salýan ýadydy. Magtymguly ysgynsyz gollary bilen Çowdury gujaklady. Häzir Hojameňli aganyň haly harapdy. Ol birhili ynjalanam bolsa, endam-jany buza dönüp barýardy. Magtymguly Çowduryň nämedir bir zat diýjek bolýandygyny aňyp, gerek däl diýen yşarat etdi. Ýaşuly dodaklaryny gymyldatdy. – Çerkezguly jan! – Ol töweregine delmuryp, edil ýüzüne ýüzüni degräýjek bolup duran ogluny gözledi. – Kakam, men bärde. Seniň ýanyňdajyk otyryn.. Ol «şeýlemi» diýen terzde dodagyny gymyldatdy. Soňra: – Tüýdügiň düýe bilen gitdimi, balam? Çerkezguly haýran galmakdan ýaňa gözlerini tegeledi. – Wah, birje heň çal diýäýjekdimd-ä, bala... Çerkezguly biline gysdyrylgy gamşy alyp dodagyna degirdi. Ol gulkuldap duran gözýaşlaryny ýuwdup, heniz eşidilmedik owazy çalyp başlady. Ýaşula bir ýylgyrjak ýaly etdi-de, düýrükdi. Ony kimdir biri çalaja silkelän ýaly boldy. Çerkezgulynyň «waý» diýen çirkin sesi gaňtarylgy duran atlary ürküzdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |