14:13 Pyragy -15/ romanyñ dowamy | |
5.
Taryhy proza
Düýnki synagdan soň Durdy şahyram, Balaja bagşam, Orazmeňlem, Çowdur bilen Çerkezgulam Magtymgulynyň töwereginden aýrylmaýardylar. Şonuň üçin iç girse-de, daş çyksa-da, Magtymgulynyň töweregi märekeden hümerdi. Magtymgulynyň welin toý bilen känbir seri ýokdy. Onuň bar küýi Etrekdedi. Uzaklarda-da sarpasy şeýle belent saklanylýan, aýratyn gadyr-gymmat bilen ýatlanylýan kakasynyň huzuryna barasy, az wagtam bolsa onuň derdini egsesi gelýärdi. Çowduram, Balaja bagşy-da, beýleki obadaşlary-da oňa oba barada gürrüň bermäge synanyşýardylar. Emma Magtymguly olara känbir göwünjeň ýapyşmansoň, gürrüň başga şaha bölünýärdi. Magtymgulynyň göwni, «ýagdaýyny aýdyp, şu gün Şyhmyrat baýdan rugsat dile» diýýärdi. Sebäbi toýa ýene-de iki gün bardy. Bu bolsa juda-juda uzak möhlet ýaly bolup görünýärdi. Ol şol niýet bilen ýeňil-aýak oglanlaryň birine Şyhmyrat baýy çagyrtdy. Emma Şyhmyrat baý gelmedi. Oňa derek, hälki habar bilen giden ýigit habar bilen gaýdyp geldi. – Agalar, sizi Şyhy baýyň öýüne maslahata çagyrýarlar... Durdy şahyr bu habary eşidip, turmak bilen boldy. Ol gyrmyzy donunyň ýeňlerini galgadyp barşyna: – Çagyrylan ýere erinme, çagyrylmadyk ýerde görünme. Il-halkyň bir iş tutanda sen ondan galyjy bolma. Hany, ýör – diýip, özbaşyna gürleýärdi. Onuň yzy bilen Buzlypolat serdaram, Çowduram, beýleki myhmanlaram örüşdiler. Magtymguly hem olardan galmagy özüne uslyp bilmedi. Ol daş çykdy. Paraw obasy birneme dynjyny alan Magtymgulynyň göwnüne örän owadan bolup göründi. Misli, ak kömelekler ýaly güberilip oturan ak öýleriň işikleri gaýda-gaýmalaşykdy. Ýataklar gamyş gulak bedewlerden, daýaw eşeklerden doludy. Öýleriň işigindäki äpet gazanlaryň agzyndan bug galýardy. Magtymguly agşam egnine ýapylan serpaýyny ýasgynjak alyp barşyna, serinde Hajygowşanyň görnüşini, şol ýere basymrak ýetmegiň hyýallaryny aýlaýardy. Birdenem, onuň gözi tanyş ata düşdi. Soňam ýüregi jigläp gitdi. Hywa hanyňyň beren aty, onuň aňyrsynda bolsa Şirmet aganyň ogullarynyň aty gulagyny sallap durdy. Magtymguly Gündogdy hanyň şu ýerdedigini aňdy. Gürsüldäp duran ýüreginiň sesini eşitmän, Şyhmyrat baýyň sekiz ganat ak öýüniň işiginden ätledi. Öýüň içi ýaşuludan doludy. Olar häzir kimiňdir biriniň gelerine garaşýan ýaly bolşup, gözlerini işige dikişip otyrdylar. Magtymguly gözi bilen oturanlaryň ýüzüni synlap çykdy. Ol ilki bilen Gündogdy hany, onuň bilen ýanaşyk oturan Adynageldi onbegini gördi. Olar ýüzlerinden daş asylan ýaly bolşup otyrdylar. Öýüň töründe ýüzi nurana ýaşuly otyrdy. Ol bolsa düýbünden nätanyşdy. Magtymgulyny içeri çagyrdylar. Ol töre däl-de, gapböwür gyrada oturan Durdy şahyryň ýanyna geçdi. Bu ýerden öýde oturanlaryň barynyň ýüzi juda oňat görünýärdi. Magtymguly Gündogdy hanyň ýüzüne ýene-de bir gezek garady. Ol adam göýä, gezelençden peýwagtyna gelen ýaly ýanyndaky bilen mesaýy gürrüňleşýärdi. Göwnüňe bolmasa, ol Hywa hanynyň zyndanyndan boşadylyp, medresede myhman alnan, ýolda ýoldaş bolnan, soň öz ýoldaşlarynyň atyny ogurlap gaýdyp, olary heläkçilige goýan namart adam däl ýalydy. Magtymguly özüne käýindi: «Başga bir mert adam bolan bolsady, bu zatlary has beterräk edip, onuň ýüzüne basardy. Ony il masgarasy ederdi». Emma bu iş Magtymgulynyň elinden geljek zat däldi. Magtymgulynyň düşünişiçe, bu-da bir namartlykdy. Ýöne onuň häzir bu oýundan daşlaşasy gelýärdi. Türkmen tireleriniň ýaşulularynyň birnäçesiniň bu geňeşine gatnaşmak Magtymgulynyň ýetip bilmedik arzuwydy. Onuň türkmenleriň agzyny alardýan, dogany dogandan, ili ilden, obany obadan aýyrýan zadyň nämedigine düşünesi gelýärdi. Hywada, Owganda, Eýranda, Turanda bar hanyň, şanyň türkmende ýoklugynyň sebäbine düşünesi gelýär. Emma muňa düşünäýmek aňsadam däldi. Ýurt uludy. Il dagynykdy. Diňe bir Hywadan Parawa gelýänçä on bäş güne golaý ýol geçilip, gör, näçe hupbatlar çekilipdi. Bu ýolun diňe ýarpysydy. Şujagaz on-on bäş günde ol türkmeniň neneňsi ownaýandygyna az-kem düşünmänmidi? Hywa hanynyň tilkiligini, Oraz ynagyň öz türkmenlerine edýän zalymlygyny, Gündogdy hanyň Guldurdy serdar bilen kese-kese bakyşyny, Çalyş hanyň gopbamlygyny, Adynageldi han bilen Buzlypoladyň biri-birine ýigrenjini asyl görmezlik mümkin däldi. – Asyl, bir tekäni bir ahyrdan suw içirip bolanok, heýem, bu türkmeniň başyny birikdirip bolarmy? – diýip, ortada oturan nurana adam, Keýmir aga çal sepen sakgalyny sag eliniň barmaklary bilen darap goýberdi. Magtymguly edip oturan pikiri bilen ugurdaşrak gürlän adamyň ýüzüne garady. – Tekäni agzybir etjek bolsaň, ganjygy ikä bölünýä, goňruna töwella etseň, gökjesi üçe bölünýä, onsoň, gözüňiz aksyn diýip başyňdan aýlap urasyň gelýä – diýip, ýaňky ýaşuly janykdy. – Arasynda sakgalyndan ak girse-de, bir mysgal aň girmedikler bar bolsa teke düzelmez. Öňki teke bolanda Hywa hanyňyň dişi ötermi, tekä, hä? «Men han», «Men beg», «Men pylan» diýip, Watan satyldy. Il dargady, namys atyň astyna düşdi. Indem gelip, öz öýüni dagydyp, keseki öýünde agzybirlik barada akyl satana kim ynanjak, kim?! – Gündogdy han gazabyna bäs gelip bilmän, Adynageldi hanyň arkasyna ýüzüni öwürdi. Häliden bäri titräp duran sakgalyny barmaklary bilen darap, gaýnap duran gaharyny köşeşdiräýjek bolýan ýaşuly hem dyzyna galdy. – Özüňi tanamadyga ýagy ne hajat, Çalyş han, Gündogdynyň başyna ne gowganyň düşjegini küren il aýtdy. Onnoň, onuň üçinem ili-güni, begi-hany ýazgaryp oturmak namartlykdyr. Gündogdy köze goýlan ýaly, gara ýanyk bolan ýüzüni göge dikdi. Soň elini bilindäki ak sapla ýetirip gazaply gepledi. – Kimiň namart, kimiň çöpdüýbidigini görkezäýseň-ä bolardy welin... Hälki ýaşulynyň ýüzüniň salykatlylygy bozuldy. Ol ullakan ala gözi bilen Gündogdy hany ýuwudarly göründi. – Häk, seniň bir... – Ol elini beýleki, şikesli gözüne ýetirip, hyrçyny dişledi. Gowur uludan turdy. Çalyş hanyň zarply, azymly sesi içerä suw sepilen ýaly etdi. – Häk, Keýmir aga, biz bir döwletli maslahaty kesip-biçeliň diýif ýygnandyk welin, byýa, ýöne biri-birimizi ýülüklä topulan ýaly, şol gemrişme boljak, byýa. Ine-de, türkmeniň onsoň, nireden hany-soltany bolsun... Magtymguly bir böwürde çugutdyryp, sesini çykarman oturan Adynageldi hanyň hem ýüzüniň üýtgänini gördi. Olam ganly çylgym inen gözlerini ýaldyradyp, Gündogdy hanyňmy, ýa-da başga biriniňmi sözüne, pikirine goşulmak üçinmi, ýa-da garşy bolmak üçinmi taýýar bolup oturan ýalydy. – Gyzyňy alaýyn, türkmeniň agzy birikmez. Türkmeniň agzy-dili birikse, meniň damagymy çalaý. Kimi Hywa mürzesiniň syrtyny süpürjek, kimsi Aýran hanynyň aýagyny ýalajak, gyzyny alaýyn, türkmene gulluk eden tapylmaz. – Buzlylolat serdaryň ýogyn, haýbatly sesi birhili gazaply bolup eşidildi. Ony her kim özüne çekdi Emma Keýmir aga welin, henizem salykatlylyk gelmedik ýüzüni «dogry diýýän» diýen manyda sypalaşdyryp goýberdi. Emma ozaldanam janyňa jaý tapman oturan Adynageldi hanyň aýagynyň astyna köz basylan ýaly bolup, zöwwe ýerinden galdy. Ol misli awuny peýlän ýolbars ýaly bolup özüni jemledi. – Kim ol Aýran hanynyň aýagyny ýalajak? Sen «han» logur-loguryňy ilden-günden gaçyp, ardan-namysdan geçip, pena gözläp giden ýeriňden gözle. Bolduň meniň başyma namysly, arly... Buzlypolat serdar Adynageldi hana barmysyňam diýenokdy. Gaýta gapdalynda oturan ýigitler bilen nämedir bir zat barada degşip, ýogyn hem-de içýakgyç gülýärdi. Magtymguly bu adamlaryň edil biri-birinde ary köýen ýaly bolup harçaňlaşyp oturyşlaryna hem gyýylýardy, hem öz içinden gynanýardy. Misli, öýde türkmeniň uly tireleriniň hanlary däl-de, dersden azat edilen talyp oglanlar aşyk oýnundan soň jenjel edişýän ýalydy. Olaryn bu bolşy Durdy şahyryň hem etinden ötüp süňküne ýeten ýaly boldy. Ol kelteräk balagyndan çykyp duran dyzlaryny gaşalap, gazaply azgyryldy. – Siziň bu bolşuňyz döwletli adamyň etjek gürrüňi däl, heýt, oglan. Ne beýle kyýamat gopdy başyňyza, hä... Durdy şahyr adamlaryň üstaşyry garaýardy. Emma oturanlaryň köpüsi onuň aýdanyny özüne çekdi. Ýöne adamlaryň dartgynly damarlary gowşardan tiriňdi. Şeýle-de bolsa, Çalyş han niýetini aýtdy. – Ýaşulularymyz, indi esasy meselä geçilse ýagşy boljak. – Ol esasan Durdy şahyryň ýüzüne seredýärdi. Şonuň üçinem Durdy şahyr oňa «aýdyber, hä, aýdyber» diýip goldaw berýärdi. Bu goldaw Çalyş hanyň badyny artdyrdy. – Hemmämize mälim bolşy ýaly, owgan şasy Ahmat şa türkmeniň atly hanlaryňa kömek sorap, towakga edip, uzur bilen Kelamnama iberipdir. Maglum bolşuna görä, ön türkmenden köp-köp engam, mal, güýç ýygylyp-ýygnalyp iberilipdi. Ahmat şa ýene-de kömek soraýar. Özüňize maglum bolşuna görä, türkmeniň daýanjagy, arka söýejegi Ahmat şa – Dürrany. Çalyş han gepiniň yzyny aýdyp bilmedi. Çünki, ýomutlaryň obalary Ahmet şa engam-mal, adam bermäge öňem garşydy. Häzir-ä düýbünden ýer depip durdular. Şonuň üçin, han näme işlejegini bilmän, Etrege, Döwletmämmet mollanyň ýanyna maslahat etmäge Gündogdy han bilen ýörite baryp gaýdypdy. Ýöne ýüregi ýerinde jaýlaşmandy. Häzirem onuň dili gürlese-de, gözleri bu ýerde oturan ýomut kähudalaryna garaýardy. Olaryň bir zat diýerinden ätiýaç etmänem duranokdy. Emma il ýygnanyp, maslahat çugdamlanansoň öz ýüregindäkini orta dökmelidi. – Ine, meslat edeýliň. Il iäme diýse şonuň bilen. Il oňlasa ýomut atynam soýmakdan gaýtmaz... Ortarada ýüzüne indi ýagşy nur ýörän Keýmir aga bir sere ýene süýşdi. Onuň dili, dodaklary geplemese-de, ýüzi eýýäm gepleýärdi. – Hany, Keýmir aga, aýt, senem ýüregiňdäkini. – Çalyş han gaty sypaýyçylyk bilen myhmanyna ýüzlendi. Keýmir aga tekeleriň ýaşulularynyň biridi. Ol Şirgazy hanyň ýanyna baryp, Şirgazy handan tekelere Garagumda – ata-baba watanda ýaşamaga rugsat alan adamdy. Ol parahat durmuşa, oňşukly goňşuçylyga uly sarpa goýýardy. Nedir şa döwründe onuň serkerdeligi has äşgär bolupdy. Häzirem onuň sylag-hormaty kiçi däldi. Ol häzirem özüni teke ilinden, ýönekeý halkdan ýa ýokary, ýa aýra tutmaýardy. Ol şu mahalam ýag bilen arçalan ýaly owadan sesi bilen agramly gürledi. – Garyndaşlar, Çalyş han düýbi-teýkary bilen dogry sözleýär. Türkmene arka dirär ýaly şa-da gerek, ýurdam gerek, ilem gerek. Bu arzuw dine biziň däl, tükel ata-babalarymyzyň diliniň senasy, göwnüniň umydy bolup giden arzuwy. Şonuň üçribem, şolar bilen göre girmän, olaryň ruhy birle uça-uça biziň her birimiziň göwnümize girip, ynjalyk bermän ýörýär. Bize, häki aýdyşym ýaly, il-günem, ýurdam, şa-da gerek. Ýöne özümiziňki gerek. Meniň adyma Keýmir diýrler. Mundan has öňräk Nedir şa bilen iki atyş, bir tutuşdyk. Nedir şa bizi han etdi, emma oňa boýun etmedik. Nedir şa bize müň şertiňi bitireýin, aşna bolaly diýdi. Etmedik. Nedir şa bizi boýun egdirjek bolup goşun baryny sürdi. Emma biz welin onuň öňüne çöli tutduk. Tekeler horluk baryny görme kemini goýmadylar, ýöne namys astyna düşmediler, Indi men garradym, beýleki hanlar bolsa guýrugyny bulaýa... Ine, biziň tekämize-de öňbaşçy gerek. Biz, asyl öz tekelerimiz bolup gyrlyşjak bolup durýarys. Onsoň bu giden türkmeniň agzyny nädip birleşdireliň? Türkmende özüni tekeden kem görmeýän tire-taýpa kän... Keýmir aganyň sözüniň damjasy ýere gaçanokdy. Dine Gündogdy han bolaýmasa, galanlaryň ählisi bu gürrüňiň manysyny çözleýärdi. Ýaşuly ullakan ýaglygy bilen «ähim-ühüm» edip, şikesli gözüni, maňlaýyny süpürdi. Soňra bolsa öz niýetini orta atdy. – Ahmet şa-da türkmenden nadyl bolar ýaly bolmady. Tüweleme, il-gün eliniň kirini çalyb-a bildi. Onnoňam, ýöne «ber, ber» diýip durmaga-da, türkmeniň artyp-süýşüp ýatany ýok. Beýlekiler-ä bilmedim welin, tekeleriň-ä öz garyp-gasaryndan artygrak zady bardyr diýsem men-ä ýalançy... – Wah, şony diýsene, gyzyňy alaýyn, gökleňiňem goýun döleden ýaly, guzy alyp, bäş aýdanam sürüden seçip, ine, şunçany peşgeş berýen diýer ýaly artyp-süýşüp ýatan adamy ýok, Ahmet şa-ýa berer ýaly. – Buzlypolat serdaryň tassyklamasy Keýmir aganyň ynamyny artdyrdy. – Hany, aýdyň, ertir üstümize Hywa hany Şagazay han, Buhara emiri, Eýran soltanlary, Gazak begleri çozdy diýeli, şonda Ahmet şanyň delalaty degjekmi, bize? Gel, diýeli, on ýüz atly sorap Permannama iberdik diýeli. Onnaň bize gelermi, şol atlylar? Ine, geliň, şu barada-da oýlanalyň, adamlar... – Aý, haw, Keýmir hanyň aýdany biçeme däl-le, haw. Aý, Ahmet şa diýip eňip ýatys welim, ol zaňpar bizi şeýdip-şeýdip ysgyndan gaçyryp, soňam etjegim içimdedir diýlenini edämasyn-ow. – Çalyş han ýomut tireleriniň biriniň hanyňyň bu sözüne tisginip gitdi. Ol adamlardan başgarak bir pikire garaşýardy. Diýeni çykmansoň, dyzynyň astyndaky ýassygy beýläk atyp, öňüni boşatdy. – Adamlar, gewnüňize gelmesin, eý, şü Ahmat şa Çalyşyň iki dogup bir galanydyr diýip. Ahmat şa Çalyş hana göwher-tylla berendir diýibem gewnüňize getirmäň. Öz ilimiň kefegi, kesekiniň tylla-tümeninden ýagşydyr. Ýöne bir zat ba, allanyň ady bilen bilelikde adyny kelama salyp, allanyň adyny ara goşup kömek soran ile biziň ata-babalarymyzam kömek berif-berif gelipdirler. Bizem şondan tymsal alyp, bu niýetimizi meslada goýup otys. Göwnüňizde näme bolsa aýdyp oturyň. Buzlypolat serdar oturyp bilmedi. – Çalyş han, gyzyny alaýyn, Ähmet şäniň namasyny depämize täç edip oturanymyzdan, gowusy, göni gürrüňe geçeýli. Biz-ä, dogrymy diýsem, Nedir şäsindenem, onuň ýoksuruny Ähmet şädenem gören görgülerimiz iki dünýäde-de unudylar ýaly bolan däldir. Indi Ähmet şä Maşatdan Kandagara geçende pygamber sellesini başa oran bolup, indi türkmene hossar bolsa armanym ýok. Keýmir aga hem gyzdy. – Men-ä, walla, Ahmet şaha berer ýaly güýjüm bar diýsem ýalançy. – Gyzyňy alaýyn, Ähmet şä mendenem ýeke atly ýok. Ýyksyn ýykýan galasy bolsa. Buzlypolat serdaryň meseläni beýle kesmesi oturanlaryň köpüsine ýaramady. Häliden bäri kese-kese bakyp oturan Gündogdy han gyryk ses bilen ara düşdi. – Biý, ýaman tekäniň, türkmeniň eýesi köpeldi-le-haw. Haçandan bäri teke beýle ýeke taňryly bolupdyr, hä? Näme ýurdy alahekge soraýamy, beýle? Her öňýeten tekäniň adyndan gürlär ýaly. Gapdaldan biri meçew berdi. – Näme, Keýmir kör her öňýetenmidir? – Onda işi bolmasyn tekesi bilenem, beýlekisi bilenem. Keýmir aga sesini çykarmady. Gündogdy hanyň ganygyzgynlygy Adynageldi hana-da geçipdi. Olam arkaýyn oturyp bilmedi. – Gökleňiň agzy bilen aş gatyklaýanam bar ýalak-la bu ýerde?! Her kim öz ýöneligine boluberse ýagşy bolardy. Buzlypolat serdar gep alyp galmady. – Bu gyzyňy alaýyn, kimäýt bi, gökleňiň diregi? Häk, kellesine heleýiniň dassaryny daňynyp, düýnki aýran begleriniň harama bulaşan ellerine suw akydyp ýörenmi, indi gökleňe eýe boljak? Bagtyň ýatypdyr, gökleň. Täleýiňe tepbet, gökleň, häý, seniň günüňe ýanaýyn. – Buzlypolat serdaryň gözleri gyzamykdan turanyňky ýaly ýandy. Gyrçaw gyrkylan murtlaryň aşagynda ak köpürjik düwmeleri göründi. Ol duldan asylgy gylyja elini ýetirdi. – Senmi gyzyny alaýyn, gökleňe eýe çykjak? Dur, seniň bir bajyňy... läşiňi sereýin. Dur diýýän, seniň bir damagyny çalyp, ganyňy içmesem içim sowamaz... Buzlylolat serdaryň esrän göhert ýaly bolup topulmagy adamlary aýak üstüne galdyrdy. Ony höre-köşeläp saklanlaryndan soň bolsa Gündogdy han, soňam Adynageldi han torsarylyşyp çykyp gitdiler. Içerä dym-dyrslyk aralaşdy. Diňe öýüň böwründe uklap galan Durdy şahyryň ýuwaşja horruldysy eşidilýärdi. Hemmeleriň ýüzi Çalyş hana öwrüldi. Çalyş han bolsa bu zatlary guranyna juda puşman edýän ýaly, eňegini dyzyna diräp, ýere garap otyrdy. Ol agyr ukudan oýanan ýaly boldy. – Biz-ä gawysyny etjek bolýaryk. Heýç bolanok-da. Heýç bolanokda... Ol öýden çykyp gitdi. Heniz gözi ýerine gelmedik Buzlypolat serdaram özüni müýnli duýdy. Ol edil garşysynda oturan Keýmir agadan dalda isleýän ýaly, oňa gaýta-gaýta garady. Keýmir aga bolsa dyzyna şapladyp urdy: – Wah, inim, seniň ýaly dyzmaç ýigitler barka Ahmet şadan dalda isläp ýörüp näme?! – Ol ýeňillik bilen ýerinden turdy. Onuň yzy bilen öýdäkileriň hemmesi diýen ýaly örüşdi. Magtymguly bu ýagdaýa, bu öýde öýke-kinä, ownuk-uşak dawa düşünenokdy. Ol türkmeniň iň abraýly hanlaryňyň biri-birine şeýle zabun daraýşyna utanýardy. Asyl gykylyk-igenç barysy diňe özüne aýdylýan ýalydy. Şonuň üçin birhili ýüreginiň astyndan daş asylan ýaly boldy. Onuň yzasy bolsa maňlaýyna ýetip, gabaklaryny galdyrmajak bolýardy. – Magtymguly aga, indiki maslahat?! Magtymguly agyr gabaklaryny açdy. Gözlerine ynanmajak boldy. Asyl ýanynda Nazarly oturan bolsa nätjek. Magtymgulynyň gany täzelenen ýaly boldy. Ol Hywadan çykylany bäri ony bir gezegem görmändi, ýa-da görse-de üns bermändi. Bu gün Nazarlynyň az-kem horlanan, ýanan ýüzi oňa iň eziz adamyň keşbi bolup göründi. Magtymguly Çerkezgulyny, onuň aňyrsynda oturan Çowdury görüp, çagajyk ýaly ýürekden begendi. Şol şatlygyň ýelginine-de daş çykdy. Daşarynyň howasy diňe bir öýkeniň däl, ganyňa garyşyp, edil ýüregiň çuňlugyna çenli ýetýän ýalydy. Toý ruhy bilen dem alýan tutuş obanyň garrysy-ýaşy daşardady. Ojaklarda atarylan gazanlardan akýan tagam ysy, gazyklarda gaňtarylgy duran bedewler ertirki gelnaljynyň kejebesi üçin taýýarlanan boýny jaňly maýalar, inerler, bahana tapsa aňňyrjak bolup duran mes eşekler, garaz, obanyň tutuş keşbi bu ajaýyp howa bilen garyşyp, täsin gujur bolup ýüregine ýetýärdi. Çowdur hem Magtymgula gysmyljyrap, bu çaglarda süňňüne ornan ýeňilligi diline geçiräýjek-geçiräýjek bolup synanýardy. Emma ýaşulularyň oňşuksyzlygyndan galan duýgularyň, Magtymgulynyň başyna düşen horluklaryň, obadaky gam-gussanyň ýüreginiň töründe ýatan kölegesiniň täsirinden çykyp bilmeýärdi. Onuň Magtymguly bilen näler derdinişesi, ýürek syryny açyşasy, könlündäki ähli sowala jogap tapýança soraşdyrasy gelýärdi. Arman, ony edip biljek däldi. Çünki, ol sowallaryň ýoly Magtymgulynyň ýüregini para-para etjek, häzirem baş bolup dömüp duran ýaralarynyň üstüni peşäp geçmelidi. Häzir başga bir täsin gürrüň, güýmenje tapmalydy. Emma ony nireden tapjak? Magtymgulynyň özi Parawda bolsa-da, ýüregi Hajygowşandady. Olam häzir Çowdur bilen gürleşip, ähli zat barada soraşdyrasy, «ýüregini sowadasy gelýärdi. Ýöne uzak ýoluň argynlygyndan soň, hem-de häzirki toý ruhunyň süňňüni eýelän süýjüliginden bir pursadam bolsa aýrylasy, şatlygyny gama, begenjini gussa çalşasy gelenokdy. Ol ýeke däl-di. Häzir özündenem beter Çerkezgula, Nazarla şatlygyň, göwnüçaglygyň howa ýaly zerurlygyna oňat düşünýärdi. Ol Çowduryň salykatly, süňňüne ynjalyk beriji mylaýymlygyndan doýup bilenokdy. Magtymguly ýoldaşlary bilen çetki öýleriň birine girmäge häzirlenip durka, ýeňilaýak oglanlaryň biri aldyrany bar ýaly bolup geldi. – Magtymguly diýenleri kim bolmaly? Çowdur öňürtiledi. – Näme edersiň, ony? Ýeňilaýak ýigit aňyrdan gelşine habary aýtmaga pikirlenmedik bora çemeli. Bir salym pikirlenip, sok gürledi. – Aý, bir düýeli adam sorap dur. Çagyr diýip dur. Düýeli adam! Magtymgulynyň ýüreginiň başy jigläp gitdi. Medrese ýoldaşlarynyň peşgeş beren arwanasy, onuň üstündäki gymmatly kitaplary, süňňüniň jöwheri bolup dören goşgular diwany onuň ýadyna düşdi. Ol hiç kime geňeş salman, habar getiren ýigidiň yzy bilen obanyň günbatar bölegine bakan haýdady. Düýeli adamyň deňine ýetmänkä şol garry arwanany, onuň owsaryndan tutup duran Şirmet agany tanady. Ol juda ýadaw bolsa-da, ýüzünden-gözünden nur agýardy. Şirmet aga Magtymgula gözi düşen badyna owsary taşlap, oňa bakan ýorgalady. Gelibem, misli telim ýyllap gözünden uçan balasyna gowşan ýaly, ony gujaklady. Bir salymdan gubarlanan gözleriniň çal dumanynam süpürmän samrady. – Dirimiň, ogul? Wah, yhlasym jaýyna gowuşdy. Seni ýene-de gözlerim gördi. Magtymguly ýaşulynyň golundan tutup durşuna, «ýaşuly ýalňyşýan bolaýmasyn. Meni özüniň ogullarynyň biridir öýdäýmesin!» diýip oýlandy. Emma goja ikirjiňlenere ýer goýmady. – Siz gaýdaňyzsoň, ol haram bidöwlet yzyňyzy yzarlap gaýtdy. Soň arwana-da owsaryny süýräp baransoň, gutumym gurady. Ýoldaky iki tummakdan soň bu dünýede gözüm ýüzüňe düşer diýip hakydama getirmedim. Aman-esen bolsaň bolýar, ogul... Ýaşuly arwanany çökerdi. Bu ýere üýşüp duranlaryň ählisi diýen ýaly, düýäniň üstünde oturan adamy görüp galdylar. Ol ýigit howutdan syrylyp düşdi. Soň gurşan aýaklaryny bir eli bilen owkalaşdyrdy. Onuň beýleki golunyň ýerine bolsa ýeňi boş hallanlap durdy. Onuň Çüri kilwanyň ogly Kerimberdidigini tekeleriň köpüsi diýen ýaly tanady. Kerimberdi bir gysym bolan eginlerini gysyp, gylyç alan golundan uýalyp durşuna märekä goşulyp bilmän durdy. Diňe ylgaşlap onuň ýanyna baran Keýmir aga, onuň ýanyndaky adamlar ony götergiläp diýen ýaly öýe alyp gitdiler. Ol ýigidiň halyna gyýylmakdan, düýäniň gaýdyp gelmegi bilen ýitiren umytlaryny gola getirene dönen hem-de birhili, ähli şowsuzlyklary ugruna bolup ötägitjege dönen Magtymguly düýäniň üstündäki şaldan dokalan horjunyny agtardy. Goş-golamlaryň, düşekleriň, çuwallaryň arasynda kitaply, diwanly horjun ýokdy. Magtymgulynyň bili üzülen ýaly boldy. Bir ägirt agyry onuň ýüregini penjeläp, dyzlarynyň ysgynyny ýeke mysgal galdyrman aldy. Ol bu agyr urga çydaman özüni aşak goýberdi. Çowduram, Nazarly-da, Çerkezguly-da Magtymgu-la bakan topuldylar. Bu başagaýlyga diýiňe özi günäkär ýaly bolup puşmana galyp duran Şirmet aga hem Magtymgulynyň alyna geldi. – Oglum, näme boldy? Neçün gam çekýärsiň? Magtymguly özüni ele aldy. Soňam dumanly başyny galdyrdy. – Kitaplarym, diwanym salnan horjun bardy. Şol ýok-da... Şirmet aga töwerekde bu bolşa haýran bolup duran adamlara birlaý göz gezdirdi. Soňra gözlerine rehimdarlyk, perzentlik şöhlesini çaýyp sözledi. – Oglum, ömrüň uzak bolsun, ylaýym. Türkmene seniň ýaly asylzada, nurana ogul gerek. Seniň özüň bolsaň kitabam bolar, depderem. Seni halkyň kitapsyz asylam hor etmez. * * * Magtymguly üçin Hywa bilen hoşlaşmak neneňsi kyn bolan bolsa, Paraw obasy bilen hoşlaşmak ondan hem kyndy. On-on bäş günlük ýolda ýoldaş bolup, tutuş ýyllara ýeterlik sütem-horlugy bile çekişen ýigitler, duz-çöregi bilen, hyzmaty, söýgüsi bilen ýürekde orun alan Şirmet aga, babadaşy Durdy şahyr, ýakymly owazy bilen gulakda ýaňlanyp duran Orazmeňli, hormat-sylag bilen onuň sadaja şygyrlaryny diňläp, dertlerine däri tapýan ýaly bolan oba adamlary bilen aýrylyşmak aňsat däldi. Medresedeş dosty Nazarly bolsa ony Börmä çagyrýardy. Ol Magtymguly üçin medresäni taşlap gaýdanda, üç-dört günläp onuň hyzmatynda bolmazlygam Magtymguly üçin aýypdy. Onuň göwnüni galdyrmaly däldi. Magtymguly agşam oduň başynda aýdan bagşylar bilenem, ertirki göreş, gelnaljy, at çapyşygy, çeke-çeke bilenem gyzykmady. Onuň göwnünde bent alan pikirleri aýry-aýry edip desselemeli- di, olary çözmelidi. Ol ýanyndan aýrylman ýören Nazarlynyň ýüzüne uýalmak bilen garady. – Dostum! – Magtymguly bu sözi ilkinji gezek diline alýardy. Şonuň üçinem bu söz oňa juda ýuwan, suwjuk göründi. Şonuň üçin has agramly söz gözledi. – Nazarlym, sen göwnüne almasaň, bir zat aýdaýyn. Men şu gepi öz göwnümi ynjadyp, özümiň tersime gaýdyp diýýärin. Sen maňa şu gezek rugsat ber. Men öýe gideýin. Nesip bolsa, obanyň aladalaryndan dynaýyn, onsoň seniň ýanyňa ýörite baraýyn. Sen meniň toý üçin öýe gaýdyp barmaýanymy bilýärsiň ahyryn, gardaşym. Nazarly birhili tolgundy. Onuň gözlerine begenjiň, aýralygyň hem baky duşuşygyň gussasyna, begenjine meňzeş alamat çaýyldy. Ol sesini çykarmady. Ýöne onuň Magtymgula ýüregi bilen düşünendigini, ýüregi bilen uýandygyny aňmak bolýardy. Onuň bilen aýrylyşmak Magtymgulynyň özüne-de ýeňil däldi. Ýöne nätjek. Özüniň beýik halypasynyň söýen ýigidiňi, iki ýyllap tabakdaş, saçakdaş bolan ýigidiňi, özüň üçin medresäni taşlan ýigidiňi galdyryp gitmek dilde aňsatdy. Nazarlyny aýtmanyňda, Çerkezguly bilen aýrylyşmagam aňsat däldi. Magtymguly onuň bilen oglanlykdan bäri dost bolana dönüpdi. Kakasynyň ölüminden soň oňa Etrege gitmegi teklip edýärdi. Emma Çerkezguly welin kes-kellämi ylalaşmady. Bu oýlary Magtymguly her hili görnüşde ölçerip dökýärdi. Özüniň pikirlerini, duýgularyny, begenjini, gynanjyny aňyndan geçirýärdi. Göwnüne bolmasa, nämedir bir zady çig edäýen ýaly, kimnidir biriniň göwnüne degäýen ýaly bir gowşak duýgy ony yzarlap ýördi. Ol şol günüň ertesi ýola düşülensoň hem özüni oňaýsyz duýdy. Onuň bilen ýoldaş bolup barýan Çowduram, Buzlypolat serdaram, Balaja bagşam Şyhmyrat baýyň toýuna gelen beýleki adamlaram örän şatdylar. Olar Magtymgulyny alyp barýandyklaryna begenýärdiler. Magtymguly bolsa özüniň nämedir bir iň eziz zadyny galdyryp barýan ýalydy. Ugradýan adamlaryň yzyndan kimdir biri gygyrdy, Kerwen saklandy. Hemmeler Durdy şahyryň beýle ylgaşlap gelşine geň galdylar. Ol welin uly begenç bilen Magtymgulynyň golundan tutdy. – Wah, heýw, habarym bolman galsam nama? Gowy boldy, nesibäm bar eken. Sen, oglum, Dowlatmammet molla köp-köp salam aýt. Bizi ýamanlykda ýatlamasyn. Meniň yhlasym onuň käbe ýaly ýüzüne ölmänkäm ýene bir görüp galmakdyr. Amma, Allatagala amanadyny soryýa. Wah, göwünde hyýal kän, dyzda gurbat az. Sanaglam baýap ýör öýüdiýen... Durdy şahyr ýene-de köp zatlar barada aýtdy. Ýöne ol agyr oýdan açylyp bilenokdy. Ol ahyry birden oýanan ýaly boldy. Assaja ýöräp barýan kerwene, töwerekdäki adamlara, daşlaşyp barýan Paraw obasyna birlaý garady. Soňra ýüzüni belent daglara dikdi. – Oglum, men garry köpegiň günäsini ötgüniň. Üregimde bar sözleri zybanyma almasam göwnüm galar... Sen şygryňy goýmagyn. Ol seniňki däldir. Ony päkize bolansoň, hakyň emini bolansoň ýagşyzadalar agzyňa salýandyr. Bizem ýazdyk. Amma biziňkini gün alar, ýel alar. Seňkini il-gün alar, oglum. Işiň rowaç bolsun, ogul... Durdy şahyr ellerini ýüzüne ýetirdi. Soň bolsa «Ana, boldy, anha, indi boldy» diýip hoşlaşman, zat etmän yzyna ugrady. Magtymguly bolsa bu zatlary bir wagt, has öňünden aýdan halypasyny ýadyna saldy. Özüni has ýowuz mugallymyň, durmuş atly has Beýik halypanyň eline beren eziz adamy ýatlady. Ol kimi galdyryp barýandygyna ýaňy düşünen ýaly boldy. Onuň derdini diňe ýekeje zat ýeňledip biljekdi, olam ili-güni, eziz watanyň şemalydy. Ol häzir beýik duşuşyklaryň hem-de ägirt aýralyklaryň garaşýandygyny duýanokdy. Çünki onuň ähli duýgusyny watan höwesi alypdy. Birinji kitabyň soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |