14:30 Pyragy -16/ romanyñ dowamy | |
IKINJI KITAP
Taryhy proza
BIRINJI BÖLÜM 1. Düýn orazanyň soňky güni bolany üçin, bu gün Hajygowşanyň tutuş ilaty görer göze birhili begenji bar ýaly bolup görünýärdi. Tamlaryň, kepbeleriň, öýleriň işigindäki ojaklarda, taganlarda atarylan gazanlaryň bugy belent göterilýärdi. Tomsuň ilkinji buşlukçysy ýaly bolup dogan günüň howry gazanlaryň astyndaky ýalnyň howry bilen utgaşyp gidýärdi. Täzeje ýetişen, arpanyň unundan ys-kok çykarmak üçin bişirilýän çapadynyň ysy tutuş obany gaplap alypdy. Çapadydan doýan çagalaryň şatlygy-şagalaňy hem obanyň bu görnüşine goşulyp gidýärdi. Indi köpden bäri şeýle dokluga gözi düşmedik oba adamlary ýakalaryny towlaşyp: «Buça günümize müňde bir şükür, galanynam allanyň özi ýetirer-dä. «Agzy açyk aç galmaz» diýipdirler» diýip, özleriniň edip ýören pikirlerinden gorkýan ýaly bolşup, hudaýa mynajat edýärdiler. Obanyň ilersinde oýnaşyp ýören çagalar bolsa: Oraza geldi ilinden, Tutdy halkyň bilinden, Öldüm-öldüm diýende Baýram aldy älinden – diýip, topar-topar bolup aýdym aýdýardylar. Bu aýdym hiç kimin gulagyna ilenok diýen ýalydy. Emma oglanlaryň Balaja bagşynyň heňine salyp aýdan aýdymy welin adamlary parhsyz goýmady. Ol aýdym Magtymgulynyň «Kepderi» diýen goşgusydy. Döwletmämmet molla özüniň gurbunyň ýetdigine görä hojalyk işlerine serenjam berýärdi. Uzak hassalykdan soň onuň süňňi birneme ýeňlän ýaly bolupdy. Howanyň gyzmagy, umyt bilen suwarylan arpa-bugdaýyň ýetişmegi, az wagtam bolsa il-günüň abadançylygy onuň ýüregini kuwwatlandyrýardy. Häzirem ol medresäniň içine-daşyna göz aýlap gaýdypdy. Oraza tamam bolup, basym oglanlaryň dersi başlanmalydy. Bu möwsümde onuň özem az-kem sapak bermegi göwnüne düwüpdi. Sebäbi gojanyň göwni halky, il-güni küýseýärdi. Irgini düşek bolupdy. Birneme özüni dürsäli bäri adamlar bilen duşuşasy, göwnüni ýatak eden pikirleri egsesi gelýärdi. Ol öýüň kölegesine ýazylan düşegiň üstüne geçdi. Ýüzi az-kem sürlen mesisiniň ýygyrtlaryny uzyn barmaklary bilen gaýta-gaýta ýazdy. Şol wagtam onuň gulagyna çagalaryň tanyş owazy eşidildi. Olar Magtymgulynyň ýene-de bir goşgusyny heňe salyp, aýdym edip aýdýardylar. Garry mollanyň ýüreginiň tolgunmasy ýüzüne çykdy. Onuň saryýagyz ýüzünde, biline düşüp duran sakgalynda şol owaz bilen äheňdeş terpenme peýda boldy. Goja göwün duýdansyz ersdi. Häzir ylgaşlap baryp şol çagalary bu ýere çagyrasy, şol şirin aýdymy tä gulaklary ganýança aýtdyrasy geldi. Ol şol niýet bileň erksiz ornundan turdy. Adamsynyň gelenini bir sebäp bilen daş çykan gazak gelin görüp galdy. Ol ýagşy agralan göwresine gelişmeýän çalasynlyk bilen öýe girip gitdi. Soňra bir elinde içi çapadyly kerseni, çig gaýmakdan doly daşkäsäni-de bir elinde tutup öýüň kölegesindäki düşegiň üsüne getirip, eplengi duran saçagyň üstünde goýdy. Özüniň hyýalynyň hamdygyny aňan ýaşuly göwünsiz dillendi: – Elime bir suw alaýyn! Garry mollanyň gözi Gulalynyň kündüginde bolsa-da, gulagy, göwni oglanlaryň sesindedi. Olar oglunyň ýene-de bir şygryny aýdym edip aýdaýjak ýalydy. Aýyn bolmasa, «Haý, toýa giden adamlar gaýdyp gelýär-ow» diýip gidenlerden bir habar getiräýjekler ýalydy. Döwletmämmet molla düşege geçensoňam ep-esli wagtlap elini saçaga uzatmady. Ýöne Gulalynyň özüne garaşyp oturanyny görensoň çapadyly tabaga elini uzatdy. – Al, oglum! – Gulalynyň gözlerindäki çekinjeňlik, wepadarlyk oňa birhili hoş ýakdy. «Görsene, Allatagala özünkini yrak edip, ýady ýakyn edişine gara. Oglanlarymam şunuň ýaly edip, ertir-agşam saçagyma el uzadyp otursa bolmaýarmy?» Ol edip oturan pikirinden çekinen ýaly bolup, «edenine şükür!» diýdi. Soň elindäki çapady bölejigini toýun palçyk ýaly bolup doňup duran çig gaýmaga batyrdy. Onuň göwni häzir tagam islemeýärdi. Ençe günden bäri agyz bekläp, diňe selälikde iýmäge werdiş edeni üçin bolsa gerek, göwnüne bolmasa, ogurlyk edip çörek iýýän ýaly bolup durdy. Ol elini saçagyň goçak nagyş salnan burçuna süpürdi. Soňam «Wah, şu elini saçaga süpürmelem däl welin» diýip oýlandy. Garry molla soňky wagtlarda birhili ýaýdanjaň bolupdy. Ol haýsy bir işi etse-de, soňundan ony hemme taraplaýyn ölçerip-döküp, ölçerip-döküp oturýardy. Öz ýanyna gelýänlere-de belli bir jogap berip, gürrüňi gyzdyryberenokdy. Häzirem ol Gulalynyň çörek iýip bolaryna zordan diýen ýaly sabyrlylyk edýärdi. Ahyrsoňunda ol saçagyň burçuny tabagyň üstüne ýapdy. Soňra uzak wagtlap omyn etdi. Ol arap sözlerini şeýle ezberlik bilen, owadan owaz bilen sanasa-da, Gulaly ýaşulynyň okaýan dogalarynyň owazyna gark bolup otursa-da, Döwletmämmet mollanyň pikir-hyýaly şol owazdan uzakdady. Ol omyn üçin okalýan doganyň arasyn- da-da boşluk tapypdy. Şol boşluga indi näçe gün bäri edip ýören oýlaryny boşadyp goýberdi. «Çowduryň gidenine-de ep-esli wagt boldy. Olam eglendi. Araky gelen ýigitden hat gönderenime-de ep-esli wagt geçdi. Asyl, ol-a oraza başlanmazdanam öňräkdir. Ýa-da... Ýok, alla keremdir. Şükür etmeli. «Sabyrly gul dura-bara şat bolar», belki, bu gün-erte bir ýerden hoş habar düşsün-dä...» Garry molla omyn etdi. Soň saçagy, çig gaýmakly tabagy äkitmek üçin güýmenen Gulala ýüzlendi: – Oglum, gel, ikimiz ekine aýlanaly. Iller-ä, gallaň oraga ýetişipdir diýýärler... Gulaly keýpiköklük bilen baş atdy. Ýöne Garry molla ekin üstüne aýlanmak baradaky oýunyň bu gün başa barmajakdygyna soň düşünip galdy. Ol Nyýazsalyh mollanyň ýetip gelýänini görüp, ony garşylamak üçin ýerinden turdy. – Ahun, urozaňam kabul bolsun! Garry molla: – Bile bolsun, herki bendesiniň yhlasyny allanyň özi kabul eýlesin – diýip, özüni düşegiň üstüne goýberdi. – Han-a, Öwez aga-da geler. Menem kelne käzir gelýorys diýip gaýtdym. Bizdenem bir duz dadalyň! Öwez aga bilindäki işimi çözülip, tary üzülişip başlan kendir guşagyndan haraý isleýän ýaly, ony iki eli bilen tutup durdy. – Haý, sakgaldaş, görüşmeýorysmy, bu gün bir baýram güni, goluňy elläp göreýin, belki, Hydyr bolaýýoň-da... Nyýazsalyh mollanyň degişmesi Öwez aga ýaramadyk bora çemeli. Ol gögümtil gözleriniň üstüne düşüp duran uzyn gaşlaryny eliniň tersi bilen ýokarlygyna süpürip goýberdi. – Wah, molla, molla. Men häzir seniň bilen keýpine degişjek welin, hiç ysgyn-mydarym ýok. Üregim üzülip, aýagymyň astyna düşüp gelýe. Bir tike gaty-guty öwutsamam, üregimiň başyna dykylyp dur. Onnaň heý, degişme ýadyňa-oýuňa düşermi, beýleki... Öwez aga düşegiň gyrasyna çökdi. Oňa çenli goňşy syrgyndan ýene-de birnäçe adam geldi. Gün gijigip başlandan soň bu ýere gelýänleriň sany has hem artdy. Gulaly düşek daşap ýetişse, adamlar ornaşyp ýetişýärdiler. Adamlary görüp, Garry mollanyň ýüzi açyldy. Ol uzyn sakgalyny barmaklary bilen darap-darap goýberýärdi. Geleni öz ýanyndaky orna çagyryp, özi düşegiň has gyrasyna süýşüpdi. Täzeje bişirilen çapady bilen çal adamlaryň hoşuna gelen bora çemeli, bir salym, hiç kimden ses çykmady. Her kim täze undan bişirilen ýumşajyk çapadydan tä doýýança iýdi. Diňe Öwez aganyň känbir iýip ugry ýokdy. Ol hem iýýärdi, hem hynçgyryp garnyny tutup esli salym oturýardy. – Çal iç, çal garnyň ýelini daşyna kowguç bolagandyr ýa-da ýaşajyk pyýaz iý. Içiň ýelini alar – diýip, Nyýazsalyh molla elini ýaglygyna süpürip durşuna aýtdy. Öwez aga özüne berlep öwüt-nesihatlardan, maslahatlardan gerk-gäbe bolan bora çemeli. Ol çally tabagy başyna çekenden soň, timarlanmadyk sakgal-murtuny gödeksi barmaklary bilen sypalaşdyryp goýberdi. Soňam gepi başga ugurdan saldy. – Wah, molla, sen maňa şuny aýt, hiý, biziň günümizi taňrynyň ýalkajak wagty bormy, ýa-da günümize itler-guşlar aglap dünýeden garyp ötmeli bormykak, hä?.. Nyýazsalyh molla Döwletmämmet ahunyň ýüzüne garap gülümsiredi. Onuň bu ýylgyrmasy: «Sen maňa öz bilip, aňyrsyna geçýän sowalyňy berersiň» diýýärdi. Ýöne ýaşuly ýüzüni çynlakaýlaşdyrdy. – Öwez sakgaldaş, sen küpür gepleýorsyň. Bizleriň aňrymyzda gowy günler, artan-süýşen bolup saňa bermän durýon bolsak, gözümiz agarsyn. Bolmasa-da nagaraňy bizleriň üstümizde nahak döwýorsyň. Öwez aga-da kem galarly däldi. – Wah, mollam, by ýalança gelip gülüp gün görmedig-ä. Ine, indem gabra iki aýagymyzam, sokup otyryk. Dogup-dörälimiz bäri ýekeje gezegem dişimiz ýylgyrmady-la. Hany byý, ýalançynyň wepasy, hany onuň sapasy? Imdi beri, heý ýagşy güne umyt barmy? Ýa-da dogman-döremän geçen bolsak müň mertebe ybaly bolardy diýip, kepene çolanaýmalymy? Nyýazsalyh molla gürrüňdeşiniň oýnudygyna-da, çynydygyna-da düşünmedi. ýöne onuň özi bu sowala çynlakaý jogap agtardy, Ol sowalyň awuly penjeleriniň ýüreginiň ýarasynyň ýüzüni dyrnaçaklaryndan heder edibem, gepi başga ýandan aýlady. – Alla, sakgaldaş, sen-ä jany ýanan taňrysyna gargar etýorsyň. Heý, bizleriň elimizden ýagşylyk gelýon bolsa, senden gaýgyrarmytyk. Heý, ilden-günnen azyz zatymyz barmyty. Sizler ýöne aýtyberýorsyňyz. Öwez aga kendir balagyny böwsäýjek bolup duran hor dyzlaryna urup goýberdi. – Sen Allatagalanyň halan adamsy. Men arzymy kime aýdaýyn, saňa aýtman? Meniň içim-bagrym ot alyp barýar. Menem bir ölmänkäm umydygär bolmaly ahyrym, mollam... Öwez aganyň beýle sözleri töwerekdäkileriň ählisine gödek we juda betnam bolup duýuldy. Nyýazsalyh molla bolsa ony ýeter-ýetmezçilikden, gaýgy-gamdan ýaňa aklyna şikes ornap başlaň hökmünde duýdy. Oňa ýüregi awady. Ony köşeşdiresi, hudaýyň adyndan hoşamaý sözler aýdasy, pälinden gaýtarasy geldi. Şeýle niýet bilen elini sakgalyňa ýetirdi. Çünki, ol elini sakgalyna ýetirmän söz sözlese, agzyndan gepi ogurlanaýjak ýalydy. Nyýazsalyh molla «ähim-ühümlep» damagyny arçady. – Öwez, Nyýazsalyh molla rastyny aýdýa. Allanyň özi ile-güne ynsap, baýyna, begine rehim berip, mollasyna-müftüsine pähim bermese, onda gören günümiz itiňkiden idili bolmaz. Aýdaly, sen günüňden närazy, men günümden närazy, ol gününden närazy. Eýsem ki, kim onda aýşy-aşratda ýaşaýyr? Adyna hany aýtjak dälmi? Sen onuň gününi höwes etme. Aldaw, hile bilen ýaşamak özüňe jezadyr. Onsoň ondan aç başym, dynç gulagymrak ýaşanyň müň paýdyr. – Garry molla sözüniň, pikiriniň pytraýandygyny aňdy. Ol başda «Öwez, sen beýik taňra dil ýetirjek bolýaň. Onsuz, çöp başy gymyldamaz diýip, Gurhanda bar diýýäňiz. Onda ähli zada taňry günäkär-dä diýjek bolýaň. Aklyňa aýlan, şükür et, toba et» diýjek bolupdy. Emma diýip bilmedi. Çünki, onuň hudaýyň adyny ara sokasy gelmeýärdi. Ara sokaýanda-da gara gününden garganyp, otly tamdyrdan çykan kesewä dönen Öwez aga oňa düşünjek däldi. Şonuň üçin ol çuňlaşdyryberseň düýbi baryp hudaýa ýetýän pelsepelerden daşlaşasy geldi. – Ine, erte-birgün orak başlanar. Bu ýyl hudaýym saglyk bilen iýmegi buýursa, gallamyz bolsady ekilen ýaly boldy. Enşalla, sag-aman ýygnasak saňa-da bolar, maňa-da. Taňra dil ýetirenimizden şony çaltrak ýygnamagyň gepini etmeli. Garry mollanyň näme diýjek bolýanyna Öwez aga megerem, düşünen bolsa gerek. Ol sesini çykarmady. Ýöne onuň ýanynda Öwez agadanam hor, eleşan görünýän ýaşuly hepbik agzyny büzüp-ýazyp gepledi. – Eý, allam, bü dünýäniň bir gepi könelipdir, hiý, goýaý. Ony kepletseň bir zat diýýe. Muny diňleseň başka bir zat diýýe. Ýene biri düýbünden başka bir zat diýýe. Walla, bizä haýsy birisine baş galdyrjagymyzam bilemzok... Öwez aga içiniň ýangynyna bokurdagyna gelip duran gaharyny onuň üstüne pürkdi. – Haý, Yrzaguly, senem işiňi tükedipsiň-ow. Ikimize haýsy gep bolanda näme. Dünýäni suw-sil alanda alty ganat ak öýüň, şaňňyrdap oturan gelniň, süri malyny aljak gümany ýok. Onuň üçin gep çagalatjak bolup oturmaly-da... Yrzaguly aga-da birhili gyzan ganyna bäs gelip bilmeýän görnüşde ýalt-ýult etdi. – Onyň-a dogry-la. Ýöne bolşuny diýýen-leýt... Öwez aga pikirden, gaýgy-gussadan dumanlap duran ýüzüni-gözüni ganatlanyp sallanyp duran ýeňi bilen syrdy. Soňam göýä oglanjyklaryň sene-menesine tomaşa edýän ýaly bolup, oturanlaryň depesinden garady. Onuň nazary oýa gark bolup oturan Döwletmämmet mollada saklandy. Ol bokurdagyny batly arçasa-da, sesini peseldip gürledi. – Ahun, byý, owgana, iýrana ne pelek çaldy? Soňraky wahtda kepler-ä köpeldi. Onnaňam, şu Adynageldi han bar-a, şolam bihal adam däl-ow, bir uly başagaýlyk bolsa, hanlaňam syrtynda gurt bar ýaly boluberýe... Şu wunler şonuň aýagy bişen ýaly bolup ýörmesini känbir halamok. Bu söz dine Öwez aganyň sözi däldi. Döwletmämmet molla töweregini gallap oturan adamlary oňat tanaýardy. Asyl, olaryň köpüsine ders berip, elip öwredipdem. Ýöne häzir oňa garaýan gözler bir wagtky talyplaryň gözi däldi. Olaryň köpüsi ýeter-ýetmezlikden elli bizar bolup, indi hiç bolmanda, iki agyz ýyly söze zar adamlaryň gözüdi. Şol gözlerden olaryň diňe bir göwün arzuwlary däl, edýän düýpsüz umytlaram bildirip durdy. Döwletmämmet molla oturanlaryň göwnüni awlamagy ýüregine düwdi. Ol häzir «Bir ýagşylyk üçin öz göwnüni müňde bir ýyk» diýen pähimi ýatlady. Özüniň göwni bilen geňeşmän gürledi. – Öwez, sen owgany ýatladyň. Ony meniň özümem aýdaýyn diýip otyryn. Çünki owgan uly halk. Türkmenlerimiziň «Taýak gelýäňçä ýumruk» diýen bir gürrüňi bardyr. Türkmenden şa töreýänçä, oglanam bolsa şaly ýurda arka dirän ýagşy. – Aý, mollam, men bir gep eşitdim welin, asyl, tutuş türkmen gorjaw tapan ýaly-la. Araky ýigitleriň diýmeklerine görä, Müňgyşlakda, Ebulhan dagynda oturýon ýomutlaram Etrek, Gürgen sebitine süýşenmişler. Aňyrda tekeler bolsa Ahal, etek galalaryna-da göçüp başlanmyşlar – diýip, Nyýazsalyh molla Garry mollanyň sözüni agzyndan aldy. Döwletmämmet molla gürrüňi has çuňaltmasa bolmajagyny aňdy. Asyl, adamlar ornundan galar ýaly däldi. Ýogsa bu ýylyň ýaz otundan ýagşy doýan mal-garalaryň sürülenişip oba siňenine esli salym geçipdi. Aýyň ýagtysyna oýnaýan çagalaryň şadyýan sesi has batly ýaňlanýardy. Hiç kişiden ses çykanokdy. Misli ýanynda umyt bilen garap oturanlar onuň göwnüne bolmasa, gözüne görünýän ýalydy. Ýöne özüni ele alyp söze başlady. – Hawa, adamlar, häzir türkmen iki oduň arasyna atylana döndi. Näme, Nedir öldürilenden soň, aýry-aýry hanlar arasynda şa boljak bolup söweşler başlandy. Her kim şa boljak. Munuň azabam garyba ýetdi. Hana, Nedir şanyň Horasanda gözi oýulan agtygy Şahruham, Nedir şanyň Mazenderanda öldüren hany Feth-Alynyň ogly Muhammethasanam, azirbegjanly Azat hanam, gilanly Hidaýatulla hanam, isfihanly Alymerdanam, zend tiresinden bolan Kerim hanam şa boljak bolup, oda-köze düşüpler ýör. Bul-a Aýran gapdalyň. Gündogarymyzda bolsa Nedir şanyň öňki atbaşysy, owganyň abdal tiresinden bolaň Ahmet Dürrany şu wagta çenli sallam-sajak bolup ýören owgan tirelerini birleşdirip, özbaşdak döwlet gurup, Iýranyň golastyndan çykyp ýör... Öwez aga oturyp bilmedi. – Häk, türkmene gerek ogul eken welin, ýöne şu biziň elimizdäkini-aýagymyzdakyny syryp, nebir ýigitlerimizi ömrüni ýakmasy bolmady-da. – Ol, Ahmet Durrany näjüre adamaýt? Meniň eşitmegýme görä, ol «men Eýranyňam şasydyryn. Özem, Nedir şanyň elinje mirasdüşeridirinem» diýenmişin. – Aý, ond-a, Nediriň başymyza salan gowgasyny üstümizden döküp, öňki çalamydardanam eder, ol. – Aý, ýok-la. Yrak ilem özbaşdak döwlet bolýormyşyn. Mana, bu haraýy-şerif-de, Hywa-da Aýran tabynlygyndan aýrylýormyş. Hawa, «Çagşajak araba kyrk gün öňünden jygyldarmyş» diýýeler welim, asyl, şol Nedir şanyň ähli şalygy tozjag-ow! Döwletmämmet molla mesaýy gürrüňçiligiň gyzgynyny ýatyrmazlygy ýüregine düwüpdi. Emma bu gürrüňçilik halaýygyň gulagyňa hakykaty ýetirerden umumydy. Dogry, olar hut şu günlerde, şu aýlarda hemmeleriň şol bir eşiden gep-gürrüňlerini eşidýärdiler. Şol gürrüňleriniň çyndygyna bolsa güman ýokdy. Ýöne türkmen tire-taýpa ýolbaşçylarynyň, han-begleriniň arasynda gezip ýören gürrüňden, maslahatdan garamaýak halk habarsyzdy. Hut, häzir şol gürrüňleriň bir ujuny halka ýetirmegiň wagty gelipdi. Şonuň üçin-de, Garry molla dyzyna daýandy. Keltejik ardynjyrap söze başlady. – Halaýyk bilýemi, bilmeýemi, onçasyny aýyk bilemok. Ýöne arada ýomutlaryň hem tekeleriň kähudalary gelip gitdi. Hana, şolar: «Gökleň garyndaşlar näme pikire gulluk edýäkän, şony bilagaly» diýip gelipdirler. Öň näçe ýigit, näçe engam şolara iberildi? Emma gidişi-gidişi diýip gam çekip otursak, ine, Ahmet Dürranydan ýene-de hat geldi. Onda gökleň ýaşulularyndan hut, Mämmetweli hanyňam, Meňli hanyňam, Adyna hanyňam, Çerkez onbegi bilen Gara hanyňam atlary bar. Ahmet şanyň diýmegine görä «Nediriň hakyky mirashorlary türkmenler bilen owganlar bolmaly. Şonuň üçrip şol söweşe owgan bilen türkmen deňje gatyşmaly». Indi, ine, biziň iki oduň arasynda galyşymyzyň bir sebäbi. Biý meseläni tutuş türkmen ili bolup çözmeseň, edeniň çig bolar. Biz «uruşsynlar – uçma barsynlar, dalaşsynlar – tama barsynlar» diýer ýaly zadam däl. Ulus-iliň bähbidi. Onsoň biziň bar umydymyz türkmen kähudalarynyň, hanlaryňyň gurultaýyna bagly. Belki, oýlanyşylsa, bir çukura tüýkürilse... Döwletmämmet molla özbaşyna gepläp oturan ýalydy. Jahany tomus gijesiniň goýry gara şaly ýagşy basyrypdy. Gökdäki ýyldyzlaryň ýagtysam Hajygowşanyň bir burçunda ýaşulynyň sözlerini uly umyt bilen diňleşip oturan adamlaryň ýüzüni ýagtyldardan ejiz gelýärdi. Garry molla-da dymdy. Onuň bu gürrüňlerden soň ýüreginiň başy sorkuldap agyrýardy. Tutuş gyşy bilen, ýazy bilen aýňalmaga bermedik derdi ýene-de gozgan ýaly boldy. Ol has inçe, has pessaý ses bilen gürledi. – Adyna han, Çowdur jan dagy şol maslahata gitdiler. Özler-ä eglendi. Meniň hesibimden eýýäm gelmelidiler-le... – Aý, ýumşa gideniň eglenenne begen diýipdirler, mollam, belki... Adamlar birhili gorjanyşan ýaly boldular. Obanyň ähli syrgynyňyň iti gozgalaň tapypdy. Giňjaýyň günbatarysyndan at aýagynyň sesi gelýärdi. Öňem ýüregi ornunda däl adamlaryň ininiň erbet dyglaýandygyny, häzir duýmak kyn däldi. – Häk, eýgilik bolawersin-dä, eziz Alla – diýip, oturanlaryň biri ynjy bilen dillendi. Ýüregine az-kem howul düşen Döwletmämmet molla hem ýerinden turdy. Atlynyň bir adamdygy, gazap bilen üýrüp, topulýan itleri azgyrylyp kowşundan belli boldy. Ol işige gelip gygyrdy. – Döwletmämmet däde, ýatyrmyň? Döwletmämmet mollanyň ysgyny gaçdy. Ol agyr ynjy syzmakdan ysgyn-mydary galmadyk dyzlaryny tutup, atla bakan ýörejek boldy. Oňa çenli töweregindäkilerem garasar ýaly bolşup, atla bakaň ýöneldiler. At munça adamyň birden örenine erbet ürkdi. Atyn üstündäki ýigit bolsa eýeriň üstünde başagaýlap durşuna habaryny aýtdy. – Döwletmämmet däde, myşdylyk, ogluň Magtymguly gelýe, myşdylyk1. Garry mollanyň çöken eginleri dikelen ýady boldy. Süňňüne ýaşlygyň, ýigitligiň ýalkymy uran dek, atla bakan ýorgalady. Göwnüne bolmasa, bu habar buşlukçynyň däl-de, hudaýtagalanyň owazy ýaly boýaup eşidildi. 2. – Gaýa ýok, gopuz ýok, itler nämä üýrüşe boldow by? – Atyny Magtymguly bilen ýanaşyk sürüp barýan Buzlypolat serdar gök gürlän ýaly bolup gepledi. – Ýagyş ýok, gar ýok, Etrek çaýynyň bu sili nämäniňki diýsene... Magtymguly beýle gudraty ömründe görmändi diýen ýalydy. Ullakan jaryň içi bilen düňderilip-düňderilip gaýdýan äpet läbik gomlary, göwnüňe bolmasa, dünýäni ýuwdaýjak ýalydy. Derýanyň ok atsaň geçmez jeňňel bolup ýatan kenarlarynyň ep-esli bölegi şol gomlaryň holtumyna güwläp-güwläp gaýdanda ýüregiň bokurdagyňa gelip, gelip gidýärdi. Äpet-äpet ýylgynlar, toraňňylar, söwütler köki-söki bilen güwläp gaýdyp durka, bu äpet güýjüň senem aýap durmajakdygy baradaky pikir duýdansyz hopukdyrýardy. – Ýok, men sizi bu apy-tupanda derýadan geçiriň goýberip bilmerin. Iki baýyr aňyrda Gyzylbaýyram. Hemmesi özüňizki. Ýekeje kesekem ýok şol taýda, birki wün boluň-da, bu bela pessaýlansoň gidiberiň... Buzlypolat serdaryň şol bir heňi zol-zol gaýtalap durmasy, Çowduryň sesini çykarmazlygy Magtymgulyny hopukdyrýardy. Onuň ýüregi eýýäm Hajygowşanda gezip ýördi. Indi gaýdyp geljegi gümana bolan ýaşlyk ýyllary, atasynyň-enesiniň mähriban keşbi, agalary, inileri baradaky şirin-şirin ýatlamalar onuň yhlasyny oýarypdy. Ýöne häzir Buzlypolat serdaryň-da göwnüni ýykyp boljak däldi. Çünki, öz diýeniňi edip gidibereniňde-de, bu däli derýadan geçip biljegiň gümanady. Kerwen gündogarlygyna ýola düşdi. Derýanyň däli siliniň sesi, gyrmançanyň ysy, göklüge bürenip oturan jeňňeller, guş-gumrularyň howsalaly owazy ýadawlygyňy aýryp, bedeniňi dynç almak baradaky täze höwes bilen doldurýardy. Indi birnäçe gün bäri ýörelen ýol, köp ýyllap uzak ülkelerde dagy çekilen mähriban watanyň owuz süýdi ýaly howasy, şo-ol tanyş ýyldyzlar, şol ýyldyzlaryň astynda garalyp görnüp duran Soňudagy – bularyň hemmesi ulugyzlaryň üýşüp kakýan lälesi ýaly bolup bir şirin duýga öwrülip, süňňüňi üwreýärdi. Magtymguly Gyzylbaýra baryp gaýtjagyna hem begenýärdi, hem gynanýardy. Ol ilki bilen öýe baryp, käbesiniň patasyny alsa, alladan oňa o dünýäde iman, atasyna bolsa iki dünýesiniň abatlygyny dilese göwnüne jaý boljakdy. Arman, bu sil onuň ýolunda Göroglynyň öňüni kesen jadyly aždarha ýaly bolup keserip ýatyrdy. Magtymguly özüniň Görogly bolmanyna, ýanynda Gyratynyň ýoklugyna gynandy. Eger ol Görogly ýa-da şonuň ýaly gaýratly goç ýigit bolsa, bu ýerlerde beýdip süýrener ýörermidi? Çalardy Gyratyň gomuňa jübüt gamçyny, göz açyp-ýumasy salymda-da Hajygowşanda gonardy. Arman... Ol siliň güwwüldisini ýene-de eşitdi. Güwwüldi baýyrlara, gorplara düşüp, erbet ýaňlanýardy. Garaňkynyň aňyrsyndan, golaýjak ýerden şagallaryň şeýle janygyp uwlamasy, başga bir del haýwanyň inini düýrükdirip üýrmesi eşidilýärdi. Öňde yşyk-beýleki görnenokdy. Ençeme wagtlap derýanyň boýy bilen ýöränsoň, şaggyldy ýok ýalydy. Diňe atlaryň burnunyň pyrryldysy, ot-çöpleriň çybşyldysy diýäýmeseň, dünýe düýş ýaly sessizdi. Gyzylbaýra daňyň alagaraňkysynda ýetildi. Etrek çaýy bilen demirgazykdaky baýyrlaryň arasy at çapybermeli meýdandy. Şol meýdanyň daş-töweregi çebiş asybermeli garak, ýylgyn bilen garyşyp jeňnel bolup gidipdi. Şonuň üçin obanyň öýleri görnenokdy. Danyň düýbi ýaňy agaranda Magtymgulynyň gözleri Soňudagynyň dilkaw-dilkaw bolup ýatan derelerini, duman bürän başyny görüp galdy. Onuň göwni ýene-de Hajygowşany küýseýärdi. «Bu dagyň aňry etegindäki ýaýlaglar, dereler Hajygowşana inýär ahyryn. Onsoň ol mähriban ýeri neneň küýsemejek. Belki, gönüläp gidilen bolsa, bu wagta oba-da ýetilerdi». Magtymguly bu gezek süýji oýlaryndan basym açylmaly boldy. Çünki, obanyň itleri agyr-agyr üýrüşip, göýä, beýle kerwenden gözleri gorkan ýaly bolşup gelenleri garşy aldy. Olaryň yzy bilen gollary ýalanaç gylyçly ýigitleriň üçüsi kerweniň garşysyndan çykdy. Öňden gelýän berdaşly ýigit kerweniň deňine ýetende zyňlyp atdaň düşüp, Buzlypolat serdaryň atyny tutdy. – Salowmaleýkim, serdar aga! Sag-aman geldiňizmi? Buzlypolat serdaryň sesi säheriň gaýmagyny syçran ýaly boldy. – Oba-gara parahatmy, Seýdim? – Allaha şükur! Beýleki ýigitlerem serdar bilen görüşdiler. Seýdiniň gözi Magtymgula düşdi. Ol aljyraňňy nazar bilen Magtymgula tarap topuldy. – Weý, weý, Abdylla jan geläýipdir. Magtymguly aýaklaryny üzeňňiden boşadyp, özüni aşak goýberdi. Gurşan aýaklary, syzlaşyp duran süňkleri tutmanam ýere çökdi. Emma ýaňky ýigidiň berdaşly gollary ony dikeltdi. – Wah, bar gep ýalandyr diýdim-ä. Beýle bolan däldir diýdim-ä. Sen dirisiň diýdim-ä. Ýüregim syzyp durd-a! – Seýdi! – Obanyň golaýyňda top atylan ýaly boldy. – Saňa işiň bilen bol diýilmedimi, dogman geçen?! – Buzdypolat serdaryň aýylganç sesi atlary tisgindirdi. Seýdi hem Magtymgulyny gujaklap durşuna doňup galdy. Hälki ýigitler bilen salamlaşmak üçin atdan düşen Çowdur Seýdiniň ýeňine kakdy. – By, Magtymguly, Hywadan ahun bolup gelýe... Emma indi giçdi. Magtymgulynyň umytdan gorlap duran göwni, bujagy ýazdyrylan tulluk ýaly bolupdy. Ol birhili entirekläp Çowduryň egniňden ýapyşdy. «Abdylla henizem gelenok» diýseler. Ol söweşip ýörendir öýdüpdim. Arman...» Magtymguly agyr oýa gark boldy. Onuň göwnüne bütin dünýe boşap, sary reňke öwrüldi. «Sen nirede, eziz gardaşym, sen nirede watan tutduň...» Onuň gözlerinden boýur-boýur akýan ýaşlar keltejik sakgalynyň ujundan syrygyp eline damýardy. Onuň Abdyllanyň didaryny göz öňüne getiresi, ondan «Nirde watan tutduň, gardaş...» diýip sorasy gelýärdi. Emma onuň gözüniň öňünde Abdylla däl-de, atasy Döwletmämmediň keşbi dikeldi. «Mert bol, ogul. Bu ölmek, aýrylmak pederden bize galan mirasdyr. Allanyň eden eşine çäre ýokdur. Mert bol...» Magtymguly gözlerini açdy. Ol atyň üstünden äpet-äpet ýylgyn düýpleriniň arasynda, edil şol ýylgynlar ýaly bolup tegelenip oturan öýleri gördi. Oba eýýäm oýanypdy. Gün dogjak-dogjagyň üstünde bolansoň, tutuş ýaýla tylla nury çaýylan ýaly bolup duýulýardy. Magtymgulynyň gözüne ilki bilen ilen zat, gadymy diňler boldy. Olar jeňňeliň garawuly ýaly bolşup, sömelişip, depäňden seredişip durdular. Buzlypolat serdaryň öýi beýlekileriňkiden känbir saýlanmaýardy. Magtymguly, Çowdur hem-de beýleki ýigitler öýe girende, içeriniň düşegi ýaňy ýygnalypdy. Öý bikesi gelenleri alçak garşylady. Ol Magtymgulyny bada-bat tanady. – Wah, Magtymguly aga jan, käbäm, aman-sag geldiňmi? – Magtymguly onuň golundan tutup, berýän saglyk-amanlyk sowallaryna gysgajyk jogap berdi. – Han-eý, heleý, agzyňy gara gezä ýatyp duranynyň ýaly, samyrdap durmada, biş-düşüň ugruna çyk. Oglanlar birki sany işek soýup durlar. Tamdyra ýapyň gapyrgalaryny. Öý bikesi asyl özüne ýüzlenilýändirem öýdenokdy. Onuň bu bolşy, äriniň azgyrylmasyna öwrenişip gidene çalym edýärdi. Uzak ýoluň ýadawlygyndan soň, göwün diňe rahatlyk küýseýärdi. Şonuň üçin myhmanlar nahary birneme soňrak taýýarlamagy soradylar. Özleri bolsa edil ner düşek ýaly bolup duýulýan gökleň keçeleriniň üstüne süýndüler. Magtymguly agyr-agyr düýşleriň arasyndan çykanyna begenip oýandy. Çowduryň oýanaryna garaşybam, ýerinden turman ep-esli ýatdy. Ol daş işikde aýallaryň hümürdisini, olaryň öz adyny tutýandygyny eşidýärdi. Olaryň biri bolsa agyly gürleýärdi. Daşardan gowrulan etiň hem-de täze bişen tamdyr çöreginiň ysy gelýärdi. Içeri Buzlypolat serdar girdi. Ol gök gürleýän ýaly gürläp, ýatanlaryň baryny oýardy. Soň azymly-azymly gürläp, nahar çekdirdi. Öýde diňe erkek adamlar bolany üçin, aýallar öýe girip bilenokdylar. Şonuň üçin öý bikesi içer girdi. – Magtymguly aga jan, daýzaň dagy garaşyp otyr, birje salamlaşagaýly diýýeler. Buzlypolat serdar eline alan omaçasyny gemrip durşuna, ynjyly gürledi. – Şu işsiz heleýleri atyň öňüne salyp gamçylap-gamçylap Etrekden geçirmesem içim sowamaz. Bulary gör, adama çöregini bir arkaýyn iýdiriň ahyryn. Onsuzam Magtymgulynyň çörek işdäsi ýokdy. Ol elini süpürip, gysgajyk omyn edip turdy. Işikde ony daýzasy Orazbagt garşylady. Ol ýegeniniň boýnundan gujaklap, ýaşly gözleri bilen Magtymgulynyň ýüzüne seretdi. – Wah, öýüm-ilim, ýegen jan, emmeň görse boýuňa guwanyp, takga jany çykmazmydy. Ölüm gursund-a, balam. Ýetim goýdy-la bizi. Magtymguly käbesiniň keşbiniň ähli alamaty aýdyň bildirip duran bu aýalyň mähriban ýüzünden gözüni aýryp bilmedi. Bu kelte boýluja, ýüzi-gözi mähriban aýalyň keşbini ýüregine nagyş edip bilmeýänine gyýylýardy. Töwerekdäki ýaşuly aýallar hem Magtymguly bilen salamlaşdylar. Soňam Orazbagta göwünlik berýärdiler. Buzlypolat serdaryň aýaly has ekabyr gürledi. – Wah, ölüm gursun-da, ylahym. Boýuňy görüp, eziz gyzýam Arazwüli wören ýaly bolagadym. Ölüm gursun, ylahym. Çagajyklarynyň rehnedini görmegem nesip etmedi-de görgülä. Tomsuň güni howa diýseň mylaýymdy. Şonuň üçin öýüň işiginde tegeläp düşek ýazdylar. Işikdäki ullakan gazandan bolsa, gaýnatmanyň bugy göterilýärdi. Orazbagt ýegeninden aýrylmak islemeýän ýaly, onuň ýanjagazynda oturdy. – Magsym jan, bizdenem bir duz dadyp gaýt-da, ballym. Seýitmämmet agaňam ýarawsyzrak. Seniň geleniňi eşidip, begenerdä, görgüli. Magtymguly sesini çykarmady, Sebäbi häzir märekäni taşlap gidibermegem gelşikli däldi. Agşam Buzlypolat serdaryň işigi märekeden doldy. Gelenler ylaýta-da Magtymgula köp gyzyklanma bilen garaýardylar. Çünki, bu ýerdäkileriň hemmesi diýen ýaly gerkezlerdi. Olar hem bir wagtlar Hajygowşanda watan tutan adamlardylar. Şoňuň üçin olar Döwletmämmet molla, onuň maşgalasyna diýseň beletdiler. Bu adamlar häzirem hajygowşanlylar bilen arany üzenokdylar. Iň esasy zat bolsa, Magtymgulynyň Hywadaky uly medresäni gutaryp, ahun bolup gelýändigi baradaky habardy. Çünki, Döwletmämmetden soň bu etraplarda il aşyp, medrese okap, ahunlyga ýetişen adam ýokdy. Onsoňam bu eýýamlarda Etrekden çykyp, goňşy obalara gidip gelen ýokdy. Serdaryň gaýdyp gelerine her kim gyzyklanma bilen garaşýardy. Buzlypolat serdar Parawa gitmänkä oba ýaşulularyny çagyryp, olar bilen geňeş edipdi. Eger Ahmet Dürrana adam, at bermeli diýip, iki aýagyny bir gonja sokup dursalar näme diýmelidigi barada ýaşulularyň pikirini bilipdi. Indi, ol ýerde bolan gürrüňleriňem netijesini aýtmalydy. Magymgulynyň näme üçindir, keýpi ýokdy. Ol gapdalynda oturan daýzasynyň ýüzüne gaýta-gaýga garaýardy. Bu ýerden turup gidibermegiňem hiç ugruňy tapanokdy. Buzlypolat serdar köp garaşdyrmady. Ol mundan gidişini, ýomutlaryň belli baýy Şyhmyradyň tutan toýuny, onda öldürilen janlylaryň sanyny, myhmanlaryň atlaryny süýjedip-süýjedip gürrüň berýärdi. Serdaryň gürrüňi Parawda bolan maslahata ýeten-de, Magtymgulynyň üstüne kimdir biri özüni oklady. Magtymgulynyň öňem sallanyp duran ýüregi sarsyp gitdi. – Waý-eý, eziz dogan, geldiňm-eý? Gözlerim gapyl galypdyr, gözlerim ker galypdyr. Gulagym gapylsyn, gözlem patlap ýere düşsün, dogan-eý. Bu Zübeýdady. Ol Magtymgulynyň arkasyna ýüzüni berip şol eňredi oturdy. Onuň öýi obanyň çeträginde bolany üçin, Magtymgulynyň gelenini gijräk eşidipdi. Dogany köşeşip bilenokdy. Ol aýralygyň ýürege salan dagyndan zeýrenip eňreýärdi. Käbesiniň doganlarynyň zaryny çekýärdi. Magtymgulynyň daýzasy Zübeýdany märekeden alyp gitjek boldy. Emma ol has sojap eňredi. – Başyňa deneýin, daýza jan. Meni doganymdan aýyrma, aýyrma. Öňem ýaňy didaryna ýüzüm düşdi, daýza jan. Ahyr bolmansoň Magtymgulynyň özem turup, doganyny alyp gitmäge kömek etmeli boldy. Seýitmämmet aganyň öýi serdaryň öýüniň ýeňse gapdalyndady. Işikde gäwüşäp duran düýäni, daşy hyşadan-ýandakdan küdelenen agyly göreniňde bu öýüň özüni oňarýan hojalykdygyny aňlamak boljakdy. Ýöne öýüň welin ýamalary az däldi. Öý eýesi işige ýazylan düşegiň üstünde ýatyrdy. Onuň başyna daňynan ak ýaglygy, ýaşulynyň boýuny kasam uzyn görkezýärdi. Ol öýe kimiňdir biriniň gelýändigini aňan borly. Başyny galdyryp gygyrdy. – Geliber, kimem bolsaň, öýde adam bar... Magtymguly öňdeň ýöräp gelşine ýuwaşja salam berdi. Soňam aýallaryň öňe düşerine garaşyp, ýoldan sowuldy. Ýazylan düşek giňeldildi. Saçagyň üstüne tagam goýuldy. Emma Zübeýdanyň welin köşeşme hyýaly ýok ýalydy. – Goý-aýt, gyrnak, öňem ýüregimiň başy tüýdülip, janymy alyp barýar. Seniň uwlamaň näme? Seýitmämmet aganyň gödekden gazaply käýinmesi Zübeýda täsir etdi. Ol sesini goýdy. Ýöne Magtymguly daýzasynyň adamsynyň şeýle gazaplylygyna haýran galdy. Ol adam Zübeýda ýene-de demini çykaraýsa, ýerinden turup baryny kerçäýjek ýalydy. Seýitmämmet aga gerkezleriň arasynda ýaşaýan ýalňyz gökleň diýen ýalydy. Onuň Adynageldi onbeginiň garyndaşydygyny Magtymguly bilýärdi. Ol Adynageldi onbegä garanda Şyhym baýa has ýakyndy. Ýöne bularyň barysy gökleňiň dodurga tiresinden bolany üçin, biri-birinden daş däldi. Seýitmämmet aganyň gyzy Hallygülden başga perzendi ýokdy. Olaryň Hajygowşandan gaýtmagynyň asyl sebäbi-de şu meselede turan dawalaryň üstünde bolupdy. Emma ondan bäri köp-köp çarşenbeler ötüp, Etrekden köp-köp suwlar akypdy. Şeýle-de bolsa, öten ýyllar ýaşulynyň häsiýetine täsir etmändi. – Şu gözüňizi sykan bolşup, gerek ýerinde-de eňre, gerek däl ýerinde-de eňre. Bu heleý tohumyny gyryp-gyryp ýok et-dä... Hiç kimden ses çykmady. Diňe Orazbagt ýaşulynyň ýanyna gelip, onuň döşüni ýorgan bilen ýapyşdyrdy. – Hally janyň atasy, Magtym ýegenem ahun bolup gelagapdyr. Tüweleme, wöz degmesin, ýigit dagy bolmandyr. Magtymguly ýaşulynyň ajysyny pürkerine garaşdy. Emma ol sesini çykarmady. Ýöne başyny az-kem galdyrdy. Soňam hyklap, ynjyly gepledi. – Aý, giden ahun bolup gelýen bolsa, ahunyňam işi gaýdypdyr. – Ol birneme ýatyp: – Aý, bolýa-la, jany sag bolsa – diýdi. Bu gürrüň oturanlaryň hiç birine ýaramady. Ýöne gürrüňiň ugruny üýtgetmäge hiç kimiň çäresi ýokdy. Buzlypolat serdaryň öýünden Balaja bagşynyň aýdymynyň ýakymly owazy eşidilip başlady. Ýaşuly ýüzüni ýyldyzlak asmana dikip ýatyşyna! – Heý, dünýe, bidöwlede toý dünýe. Ýüzüňe köz degsin, bidöwletiň dünesi – diýip hüňürdedi. Orazbagt adamsynyň bolşy üçin ýegenlerinden uýalyp, gürrüňi düýbünden başga ugra gönükdirmekçi boldy. – Hally janyň atasy, gyzyň nirä çykdy? Ýaşulynyň sönen ody gorjalana döndi. Ol ýaraly ýolbars ýaly urundy. – Häk, seniň gyzyň bilen bäbegiňi... Sen meni öz günüme goýjakmy ýa-da üregmi goparyp hol itiň öňüne oklajakmy? Hä, aý, ganjyk... Gyzym, gyzym diýen bolup, nä maňa bir gulpagy tylla, bir gulpagy göwher ogul dogrup berendirin öýdýeňmi? Ýerimden galmaga ragbatym ýok, şu wagt, ýogsam şol güjügiň bilen damagyňy çalmaly, seniň... Ýaşuly köşeşmedi. Ol soň hem urnup, paýyş-paýyş sözleri diline aldy. Orazbagt welin edil öýe söýelen soky ýaly bolup otyrdy. Şol pursatda gündogar gapdaldan iki sany gyz göründi. Olar işikdäki adamlary gördüler-de, ilki kürtdürip durdular. Soňam gaty-gaty ýöräp, işige geldiler. Olaryň uzyn boýlusy gele-gelmäne içini çekdi. Ol: – Waý, emme jan, hakyt Magtymguly gelagapdyr-la – Diýip, ulugyza gelişmeýän ýeňillik bilen ejesini gujaklady. – A gyz, şu iki arada ataňy taşlap nirä gide-gaýýaň, gyz? Ol gyz ejesiniň igenjini eşitmedi. Garaňkyda özüniň gam-gussasy bilen başagaý bolup oturan Zübeýdanyň daşynda pelasaň urup, oňa bir zatlar aýdýardy. – Bar, tokgam, görüş-dä, çykanyň bilen. – Ýaşuly sesini gowşadyp gürlese-de, gyz eşitmedimi ýa-da göwnemedimi, Magtymguly bilen görüşmedi. Aýaly, gyzy gelensoň, uzak ýeriň myhmany öýüne düşensoň birneme ýüregi düşüşen ýaly bolan Seýitmämmet aga başyny galdyrdy. – Bar, tokgam, içerden pyçaklary alyp çyk. Bu bolmady. Işekleriň biriniň damagyny çalaly... – Aý-u-uw, özüň garaguşly. Ýene-de gijäniň içinde gana bulaşjakmyň, sen? Orazbagtyň igenji birhili şatlykly eşidilýärdi. Ol häzir adamsynyň diňe şeýle ederini isleýän ýalydy. Onuň gyzy Hallygül bolsa bu älem-jahanyň ähli işiňi özüm edäýeýin diýýän ýalydy. Ol ylgaman, uçup ýören ýalydy. Ýaşuly uly ot ýakyp, oduň ýagtysyna işegi göz açyp-ýumasy salymda soýup, dograşdyrdy. Aýallar bolsa ojakda aşagy gyzyp duran gazana etlerden atyp, gaýnatma atardylar. Aý giç dogdy. Ol bu gije diňe Seýitmämmet aganyň öýüniň işigiňi ýagtylandyrmagy göwnüne düwen ýaly bolup, öýüň depejiginde diýen ýaly asylyp durdy. Magtymguly bu ýaşulynyň bolşuna düşünmedi. Göwnüne bolmasa, ýaşulynyň kimdir birinden göwni galan ýalydy. Häli başyna hassa ýaglygyny daňynyp, gymyldaman düşekde ýatan adamyň häzirki bolup ýörşi, asyl ynanar ýalam däldi. Gazanyň aşagynyň ody belent galyp, garaňkynyň synynda sap-sary dili bilen ýalmap-ýalmap alýardy. Kiçijik ýalawjyklar bolsa, atylyp, ýakut monjugy ýaly bolup pytraşyp gidýärdiler. Seýitmämmet aga bolsa eli uzyn susakly gazanyň töwereginde köwejekleýärdi. Käwagtam tüsse uran gözleriniň awusyny aýyrmak üçin Buzlypolat serdaryň öýüne garşy garap goýberýärdi. – Ä-äý, bidöwlede günde toý. Dünýe bidöwlediňki, wah... Ol hümürdäp ýörşüne, gazandaky omaçalaram susagyň üstüne mündürip, barmaklary bilen çekeleşdirip goýberýärdi. Ýaşuly gazanyň gapagyny gapardy. Soňra öňki ýerine, düşeginiň üstüne geçip oturdy. Birdenem ol pikire gark bolup oturan Magtymgula sowal bilen ýüz tutdy. – Hanym, sen Hywada niçe ýyl okydyň? Magtymguly pikirli gözlerini ojaga dikip oturyşyna sowuklaç seslendi. – Üç ýyl! – Ýaşuly welin sowalyny kesmedi. – Üç ýylda ahun bolup gaýdybermelimi, onnoň? Sowal sada sowal däldi. Onuň aňyrsynda ýaňsy, göwnüýetmezçilik, içi ýangynlyk bardy. Ýöne ýaşula ony aňanyňy duýdurmagyň özem namartlyk. – Aý, Şirgazy han medresesi uly medrese. Onda ömrüniň boýuna okap, gulluk edip ýörenlerem az däl. Meni agyr ýagdaý ol ýerden alyp gaýtdy. Magtymguly bu sözleri şeýle ýuwaş, şeýle mylaýym äheň bilen aýdany üçin, ýaşuly soňra sowal bermedi. Serdaryň öýüniň işigindäki ýygynçak sowlupdy. Adamlar, toparlanyşyp, hümürdeşip gaýdyşyp barýardylar. Ýaşuly bolsa: – Wah, bidöwlet bolup dogulmandyryn – dünýe şolaryňky – diýip hüňürdeýärdi. Ýaşulynyň keýpi birden göterildi. – Wak, seniň yzyňdan adam ibereýin diýip durdum, asyl özüň gelädyň. Hany, geç töre... Aýallar diňşirgenişip, garaňka seredişdiler, Garankynyň içinden çykan adam bolsa, Seýitmämmet agadanam şahandaz gürledi. – Heýç, şu meniňki bolanok. Eddil öýe-de ýetip barýan welin, bir şeýtan böwrüme türtüp, «Seýitmämmet dädeňi wördüňmi, wördüňmi» diýip ugradanok. Onnaň, aý, gel, ýalançyda ýekeje agam bar, ukym harama çykyplar geçsin, emman agamy wörmän ýatmaýyn diýip gaýtdym. Orazbagt birhili göterilip gepledi. – Wah, Şyhym jan, agaňam dünýäniň diregi sen diýip oturandyr. Onuňam üregi senden aýra däl, geleniň gowy boldy. Ol Şyhym baýdy. Şyhym Seýitmämmet aganyň düşegine geçip, onuň ýassygyna gyşardy. Ýatan ýerindenem myhmana garap gürledi. – Däde, seň näme gijäniň içinde başagaýlap ýörsüň? Seýitmämmet aga susagyny gazanyň gapagynyň üstünde goýup, düşeginiň gyrasynda oturdy. – Äý, tokgamyň çykanysy gelipdir. Onnaň gury-guraklyk bolmasyn diýdim. Şyhym ör-gökden geldi. – Wah, edeniň bar bol-a, däde. Sen soýanyňa görä düzüwliräjik mal soýmaly ekeniň. Şol gapyda duran çaty ýaly janawary soýduňmy? Haý, edeniň bar bol-a. Meniň işigimde duranlaryň birini getirdäýmeli ahyryn. Guýrugy degirmen ýalydy. Häk, oňarmansyň-da... Seýitmämmet aga myhmanyň ýanynda özüniň arkalydygyny hasam mahabatlandyrjak boldumy, ýa-da hakykatdanam razy bolup aýtdymy, göwnühoş bolup gepledi. – Eý, inim, sendenem alma kemini goýamyzok-la. Gijäniň içi senem azara goýmaýyn diýdim. Orazbagtam gapdaldan goşuldy. – Hawwa-la, özüň-ä bolja gowurjak... Şyhym baýyň doly göwresi, gyrçuw sakgaly, tegelek ýüzi aýyň ýagtysyna ony epeý görkezýärdi. Ämma ol şol epeýligine gelişmeýän suwjuklyk bilen gepledi. – Wör, tokga janam, çykanyjygy gelen zaňňarjyk-da! Keýijek ýaly bökjekläpjik ýör, tüweleme. Hallygül hakykatdanam ýeňil gopýardy. Ol hut häzirem düşekleri giňden ýazyp, tabaklary ýuwuşdyryp, bir iç girip, bir daş çykyp ýördi. – Hawwa-da, çykany dogandanam süýji bormuş. Onnoň, bökjekläbermeli-dä – diýip, Şyhym ýene-de geriljiredi. – Weý, ýogsa-da, tokgam jana inji beren tanam bar-a, şol bu gün-erte gullajakmyş. Şonam-a gapa getiräýsek gowy bolardy, öz-ä... Seýitmämmet aga Şyhym baýyň gepiniň arasyny böldi. – Byý, serdarsumak nämäniň toýuny toýlaýar? Näme, oba aşyp gelse, kelle getirdigimikä, ýaman gyk-wagy aşa çykýar-la? – diýdi. Şyhym ýanyny ýassykdan göterdi. – Wah-heý, däde, näme Buzlypolady tanaňokmy? Şol pöwhä bütin il ýetik. Işiginde iki sany kel toklusy bar welin, şol böwründen jümmükläp, goýanok ony. Äý, il üýşse menem baran boldum. Görsem, sen görneňok, menem turdum-da gaýtdym, oglanlar: «Baý, otur!» diýip özelendilerem... Ýaşuly göwünsiz dillendi. – Tokgam, tagam taýýar boldy. Guýuşdyryber. Nahar çekilende daňyň düýbi ýagtylyp başlapdy. Indi ýatyp boljak däldi. Emma adamlar ýadawlyk duýanokdylar. Daňdanyň jana şypaly howasyna, töwerekde keýpihon jürküldeşýän guşlara garyşyp gidiberesiň gelýärdi. Jahan ýagtyldygy saýyn Magtymgulynyň köňül dünýäsem ýagtylýardy. Ol özüniň ähli gam-gussasynyň ýüreginiň teýine çöküşine, bu günüň bolsa olaryň ählisiniň üstünde keýpiçaglyk çaýyşyna haýran galýardy. Bu gije onuň ukusyz geçiren gijeleriniň ilkinjisi däldi. Ukusyz gijeler onuň ömründe agyr hasratlaryň yzydy. Bu gün bolsa ol haýran galmaly ýeňillik bilen örüpdi. Asyl, näme üçin munuň beýle bolýandygyny onuň özi duýubam biljek däldi. Çagalykda onda şeýle wagtyçaglyk gaty köp bolardy. Ol her güne, her gijä, hatda gelen myhmana-da begenerdi. Daýzasy, Zübeýda düşeklerini öýden salyp, ýaňrak içeri giripdiler. Seýitmämmet aga ertir namazy bilen meşguldy. Diňe Hallygül iç-daş girip, çykyp ýördi. Magtymguly bolsa şol bir oturan ýerinde otyrdy. Ol häzir Çowduryň ýanyna, Buzlypolat serdaryň öýüne gitmelidi. Ýöne daň bilen biriniň öýüne barybermegem ýagşy däldi. Onsoňam agşam märekeden turup gaýtmagam Magtymgulynyň göwnüne gowulygyň alamaty däl ýalydy. Hallygül işlerini boldum eden manyda, öýüň işigine ýazylan düşege geçdi. Magtymguly çykanyna göz aýlady. Ol birden bütin göwresi bilen tisginip gitdi. Misli uly bir akym ony çykanyna tarap batly akdyryp barýan ýaly bolup duýuldy. Onuň garşysynda oturan ynsan balasyna çalym etmeýän, heniz arşda-kürsde görünmedik täsin bir surat ýalydy. Magtymguly göýä asyrlar boýy ona garap-garap doýman, indem ondan hiç haçan gözüni aýryp bilmejek ýaly bolup, şo-ol garap otyrdy. Ol sonça garadyksaýy nähilidir bir süýji bulagyň özüňe garşy telwas bilen gelýändigini duýdy. Ol süňňünde emele gelen bu täsin duýgyny, şeýle süýji owsun atmany ömründe ilkinji gezek duýýardy. Şonuň üçinem Hallygülüň ýaňy açylan läle ýaly syraty, aby köwser suwy çogup çykyp duran çeşme ýaly gözleri, dört örülen saçy, asyl onuň syratynyň ähli dolulygy Magtymgulynyň ýüregine ýazylypdy. Ol ýene-de hopukdy. Hallygül düşegiň üstünde däl-de, onuň ýüreginiň içinde gurlan jadyly köşgüň töründe oturan ýalydy. Çünki, ol onuň ähli bolşuny görüp durdy. Magtymguly gözlerini ýumdy, açdy, ýumdy, açdy. Emma üýtgeýän zady görmedi. Hallygül bolsa, misli bu zatlaryň hut şeýle bolmalydygyny ozaldan bilýän ýaly bolup, ýylgyryp-ýylgyryp otyrdy. – Ukyň gelýän bolsa, azajyk uklaý! – Magtymguly ýene-de gözüni açdy. Bu ses oňa hüwdi ýaly näzik, şirinden owazly bolup eşidildi. Iň geň galmaly ýeri, bu sesiň ähli owazlylygy, ähli reňki onuň kalbynda doňup galdy. Magtymgulynyň özem sözüň owazynyň ähli reňklerini görýändigine haýranlar galdy. Şol reňklerin hersi bir tüýsli monjuk bolup, şol täsin suratyň boýnunda lowurdap durdy. Magtymguly soňky döwürde ilkinji gezek diýen ýaly tüýs ýüregi bilen ýylgyrdy. – Gör, sen, nähili ullakan bolupsyň? Men weli seni henizem şo-ol bile dershana gatnanymyzdaky ýaly göz öňüne getirip ýörüpdirin. Hallygülem ägirt bir uýaljyň girdabyna boýlanan ýaly bolup ýylgyrdy. Ýöne hiç zat diýmedi. Magtymgulynyň ýadyna Hajygowşanyň dershanasy düşdi. Ol çagalygyny şeýle bir aýdyňdan dury gördi. Misli şol günler onuň gözüniň öňünde hut häzirem bolup duran ýalydy. Hallygul kiçijikliginde-de, naşyjady, gowujady. Ol hemişe ýylgyrar ýörerdi. Magtymgulynyň ejesi bolsa: – Şu ýegençim-ä özüm ogluma alaryn – diýip degişýärdi. Dogrusyny aýtsaň, ol Magtymgula däl-de, uly ogullarynyň birine çenleýärdi. Asyl, Orazbagt daýzanyň özem Mämmetsapany gördügi «Waý-eý, bu betligiň bilen saňa şetdat ýalyjak gyzymy berip bilmerin-eý, hudaý saklawersin-eý» diýip, Mämmetsapanyň çetine degerdi. Bu gürrüň Mämmetsapanyň öňki garagollugynyň üstüne urna bolardy. Olaryň Hajygowşandan bu ýere göçüp gaýdyşlaram, şonda Hallygülüň döken gözýaşlaram Magtymgulynyň ýadynda. Ýöne aýlar-ýyllar ol günleriň reňkini has soldurypdyr. Ýöne Magtymguly Hallygüli soňky gezek görenini welin unudanokdy. Olar Abdyllany öýeripdiler. Ine, şonda Hallygülem baý, çeşmeden suw çekipd-ä. «Bolaweriň, bolaweriň, geleweriň, geleweriň» diýip, goly küýzeli gyzlaryň arasynda baý, eýemsirärd-ä. Magtymguly ýene-de ýylgyrdy. Bu sapar ol nämä ýylgyrýanyny bilmeýärdi. – Sen hem ulalypsyň, hem owadanlanypsyň, Meňli. – Waý, seretmegi başarsaň hemme kişem owadandyr. Sen näme maňa henizem Meňli diýip ýörsüňmi? Magtymguly aýratyn hyjuw, umman ýaly söýgi bilen başyny atdy. Onuň häzir geplemäge ygtyýary ýokdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |