17:53 Pyragy -19/ romanyñ dowamy | |
11.
Taryhy proza
Daňdanyň alagaraňkysynda Öwez aganyň howsalaly sesi Hajygowşany aýak üstüne galdyrdy. – Adamlar-ow, ah-haw, adamlar! Ýagy ýetip gelýär-le-ho-ow! Oýanyň ha-aw, bir alajyny iýiň, ha-aw! Çowdur atylyp daş çykdy. Ses Adynageldi hanyň mülküniň ýeňsesindäki baýryň üstünden gelýärdi. Ol atyna münüp, ses gelýän tarapa depdi. Öwez aga henizem gyryp durdy. Ol her sapar gygyranda, endamy derden ýaňa ýaldyrap duran alaşa onuň elinden sypjak-sypjak bolup dyzanýardy. – Öwez aga, eýgilikmidir, özi?.. Öwez aga sesini peseldip, gyryk ses bilen gürledi. – Eýgilik bolsa, şeýdip, pisimi aşyrar durarynmy, men. Ýagy ýetip gelýe... Çowdur gyssandy. – Niräniň ýagysy, kim, nädip aňdyň, aýdyp ber ahyry?!. – Aý, men bir işimi tükeden. Aktokaýda heleýiň garyndaşlary bardy. Düýn şolara gudaçylyga gitdik. Şonda myhman ýerimiz Büjnürdiň hanlarynyň biri Aly han diýdimi, ýa Şaaly diýdimi, bir ýeksurunyň biriniň Hajygowşana alamana gaýdanlaryny aňypdyrlar. Asyl, şol han Aktokaýyň hanynyňkyda düşläpdir. Ýanynyň elli-altmyş sany gyzylbaşam barmyşyn. Ilen-çalanlar şu alaşany berip ýola saldylar. Darawa ýoly bilen gönüläp gaýtdym. Olar uly ýol bilen gelseler gerek. Guşluga çenli gelmeli, çenim çen bolsa. Gijesi bilen sürdüm. Bu janawaram gaýgyrman sürdüm. Gelibem şu Adynageldi hanyň öýüne düşdüm. Huşum gursun. Aktokaýdan öňňün aňry ötenini aýtdylaram welin, ýaňy ýadyma düşýä-de. Onsoň alajym galmady. Baýra çykyp zowladyp oturyşym. Oňa çenli obanyň syrgynlaryndan ýaş, garry, juwan bary depäniň üstüne gelip başladylar. Her kim näme hekaýatyň gopandygyny ünji bilen soraýardy. – Häk, indi ençe wagt bäri gulagymyz dynapdy. Ýagy geler diýdiler welin, köne ýürek ýaram gozgan ýaly bolady – diýip, Nyýazsalyh molla aljyraňňy ses bilen aýtdy. – Aýgmaklaryna görä, olar kyrk-elli atly bolmaly. Bizem, Magtymgulynam goşsak elli ýigit bolýarys. Hany, ýigitler. Ýene-de az salymdan çeşmäniň boýuna ýygnanalyň. Galanlaram ýaragyny elýüzräkde goýsun. Pelek işini bilip bolmaz. Magtymguly Çowduryň belent äheňini, pert-pert sözlerini, gutarnykly çözgütlerini halady. Oňa buýsanç bilen garady. – Çowdur, meniň-ä ol-a at eken, agta ýabymam ýok. – Çowdur dostunyň solgun ýüzüne, aladaly gözlerine garady. Ol «hä, Magtymguly ýagynyň çozjagyny alada edýär-ow» diýip oýlandy. – Magtymguly, sen zadyň aladasyny etme. Häzir meniň üstümden gel, soň münjegiň at bolsun. – Ol az-kem sägindi-de: – Bolmasa, sen bu sapar galaýsan-a, At münme ýadyňdan çykandyr. Arada, ýomut garyndaşlara gidenimizde-de, sen atyň üstünde heläk bolduň. Köpün içinde Çowduryň özüne «galaý» diýmegi Magtymgula ýaramady. Ýöne ol Çowdura düşündi. «Söweşe san däl-de, mert, batyr, türgen ýigitler gerek. At münmäni, seýil etmäni hemme adam başarýar, ýöne söweşip, duşmana gurt oýnuny salmany hemme adam başaranok. Menem ol-a gylyç salmak eken, düzüwli at münmänem başaramok ahyryn...» Magtymgulynyň ýadyna agasy Mämmetsapa düşdi. «Wah, ol bolan bolsady ýa-da Abdylla agam bolan bolsady, men hat bilen, körük bilen, kitap, Gurhan bilen bolubersemem bolardy. Häzir welin näme bolsamam il bilen bolaýyn». Gün guşluga galmanka kyrk-elli atly obanyň ilersindäki çeşmäniň ýanyna ýygnandy. Olaryň için-de diňe Magtymguly atyň üstünde özüni gowuşgynsyz duýýardy. Beýlekiler bolsa şeýle ykjam, şeýle arkaýyndylar. Çowdur Magtymgulynyň göwnüne bolmasa, atyň üstünde doglan ýalydy. Onuň keşbem edil ata çykan arslany ýadyna salýardy. – Ýigitler, häzir Aktokaýyň bärsindäki gysa çykalyň. Şol ýerde gyzylbaşy garşylap bilsek, armanymyz ýok. Çowduryň ýanyndaky ýigit ynjyly gürledi. – Çowdur, meniň diýenimi etseň-ä, obadan kän daşa gitmäli. Bu Eýran hanlaryňa düşünip bolmaz. Olar garry tilki ýaly bolup, obanyň arkasyndan aýlanyp gelse nätjek? Gowusy, topbagrgk-topbagrak bolup bukuda duralyň. Birinem, hol çür depäniň üstünde sakçy goýalyň, ýagy geler welin, edil eliň aýasynda ýaly bolar durar onsoň. – Bu ýigide Öwezberdi şyh diýýärdiler. Çowdur ganygyzgynlyk etdi. – Sen näme, duşmanyň ganyny öz obaňda dök diýýäňmi? Ýok, bu namartlyk bolar. Gyzylbaşyň aýagyny oba sekdirmerik. Ol atlylara baş bolup sürüp başlady. Magtymgulynyň göwnüne hälki ýigidiň sözi ras ýaly boldy durdy. Ol Çowdury saklady. – Çowdur, gel, sen ýigitlere geňeş, Öwezberdiniň aýdýanynyň jany ýok däl. Duşmanyň nireden çozjagyny saňa aýdyp çozmaz. Gel, heý bolmanynda on-on bäş atlyny oba arasynda goý. Çowdur gaharlandy. – Öwezberd-ä gyssaga düşülende hökman özbaşyna bir kelle bolmalydyr. – Ol ikigöwünli gürledi. – Kim Öwezberdi şyh bilen obada galjak? Sekiz-dokuz atly bölündi. Magtymguly hem atynyň başyny Öwezberdiniň topbagyna öwürdi. Çowduryň topary has köpdi. Ol topar yzynda tozan galdyryp, derä siňip gitdi. Öwezberdi sesini çykarmasa-da, Çowdurdan öýkelänini ýüzi-gözi gizläp bilenokdy. * * * Adynageldi hanyň Akgyza bolan yşky gün-günden gahara öwrülýärdi. Ol gahar ýigrenç bilen garyşyp, Döwletmämmet mollanyň bütin maşgalasynyň üstünden aldajy sil bolup eňterilip, olaryň baryny gark etsem diýýärdi. Han göni baryp, Garry molla agyz urmaga çekinýärdi. Onuň abraýy, il-gün onuň özüniň hem mertebesine agyz urjakdy. Ol oýlanýardy. Seýit owşar işan bilen maslahatlaşýardy. Emma belli bir çykalga tapyp bilmeýärdi. Gaharyna Garry mollanyň aýalynyň belli gününde-de görünmändi. Garry mollalardan, belli günden gelen işan ýylgyryp işikden girdi. Ol gyzyl tapan gul ýaly begenýärdi. – Han, sizzer, meniň söýünjimi berseňiz, garry kelle bir gowy ýol-ha tapandyr... Han humara çümüp ýatan ýerinden zöwwe galdy. – Aýt, işan, nesip etse, söýünjiň gürrüňi bolmaz, iş bitse... Işan çynlakaý görnüşe girdi. – Häli, otyrkam, Nedir janyň bir oýny hakydama düşdi. – Ol bu işi Nedir şanyň tilsimleri bilen baglanyşdyrýanyna monça bolup hana seretdi. Hanyň ýüzünden özüne bolan uly hormaty ýuwaşlyk bilen gözledi. Garşydaşynyň ýüzünde ejizligiň alamatyndan başga zat tapmansoňam sözüni dowam etdirdi. – Nedir jan işi bitmäberse bir iş ederdi. Alardy-da bir hany beýleki hana garşy goýardy. Özem güýçlüniň däl-de, garşydaşyna garşy duranyň tarapynda durardy. Onnaň dänim, ýeňleni şeýdip depeläp-depeläp aýagyna ýykardy. Şeýdip boýun egdirerdi. Han işanyň tymsalyndan many ogurlap bilmedi, Muny aňan işan şagal üýren ýaly ses bilen güldi. – Sen, sözüň manysyny almadyň öýdýen, han? Diňle. Meniň diýýen sözümde göni many bolmasa-da, gytaklaýyn many bar. Sen Duwlatmammedi aýagyna ýyk. Ol seniň öňüňde ejizlesin. Seniň bu aşyklyk meseläň öz-özünden çözüler gider, wörseň. Han aljyraňňy sorady. – Ýöri, nädip ony aýagyma ýykaýyn? Sen ilki bilen şony diý, işan. Seýit owşar işan gözüni güldürdi. – Häzir il Eýran hanlaryňdan arkaýyn. Olaryň göwnüne Ahmet Dürrany Alla bilen ýaraşyk baglaşyp gelen ýaly. Senem şu wagt, git Büjnürde. Alymerdan hany tap. Belle baýragyny. Ol-a Duwlatmammediň içersi eken, Alymerdan hakyny ýetirseň, Hywa hanyňyň düşegindäki heleýýnem alyp gelsin. Gelsin, sürsün ol. Äkidibem Büjnürtde birki aý saklasyn ogluny-gyzyny. Näderisiň aýagyna ýykylyp duran Duwlatmammedi göräýseň. Bu gürrüň hanyň göwnünden turdy. Ol daň bilen Büjnürde bakan ýola düşdi. Ertesem Alymerdan han bilen sataşdy. Şeýdibem, ony razy etdi. Alymerdan han ogurlykda, jümürlikde, ýol saklan, il talamakda ýakasy gaýyşly adamdy. Onuň ýaly hilegär adam diňe bir Büjnürtde däl, Maşatda, Yspyhanda-da az-azdy. Ol bu günler oljasyzlykdan halys iripdi. Nedir şanyň döwründe alamançylyk, basha-çozluk örän köp bolardy. Onsoňam, Nedir şa onuň ýerine dalaş edýän bu hanlar ýaly däldi. Ol olja alyp, il talap at gazananlara aýratyn hormat bilen garaýardy. Olaryň sarpasyny saklap, hormat bildirýärdi. Gerek wagty hemaýat edýän wagtlaram ýok däldi. Şeýle sylag-hormata öwrenen Alymerdan hanyň indi ençeme wagt bäri göwni döwükdi. Ine, şeýle günlerde türkmen hanynyň özüniň aýagy bilen gelip, uly baýrak hödürläp, alamançylyga çagyrmagy Alymerdanyň gökdäki dilegini ýerde gowşurdy. Adynageldi han Alymerdana oba çozmagyň, talamaly syrgynlaryň salgyny berdi. Ony obanyň oturymy, içki-daşky ýollary bilen ýagşy tanyşdyrdy. Onsoňam, Seýit owşar işana pata berdirip, ýola saldy. Han bilen bile gitmek işanyň düzen ýolunyň içinde bardy. Ol: «Alamançylar çozanda biziň ikimizem görme-görşe garyndaşlara gidenmişik. Näme gitmek-goýmak bu gün görlen zat däl ahyryn». Han işany şunça goýubam gitjek bolupdy. Emma işan galmaga göwnemändi. Alymerdan han ýola düşensoň, ähli emelleri, hilegärlikleri ýadyna düşdi oturyberdi. Asyl ol: «Men alamandan galdym. Eşek ogly türkmen balasynyň gurdy gündiz ulwady...» diýip, oturan-turan ýerinde gynanç bilen gürrüň eder ýörerdi. Ol Aktokaýa gelip, türkmen aşnasynyň öýünde düşledi. Şol ýerde-de «Men Hajygowşana alamana çykdym. Gul-gyrnak edinjegiň harjyňy jemläp oturyň. Öwürlip gelýänçäm» diýip öwündi. Ol muny ýöne ýere edenokdy. Türkmenleriň biri-biriniň üstünde janyňy berjek bolýanyny ol oňat bilýärdi. Onuň hasaby boýunça bu habar ertir guşluga çenli Hajygowşana ýetmelidi. Onsoň Hajygowşanyň eli ýarag tutýany gyzylbaşyň ýoluna çykmalydy. Alymerdan han muňa «tilki oýny» diýýärdi. Ol Nedir şanyň döwründe ýaş wagty atasyndan öwrenen emelini Etrekde, Sumbar boýlarynda köp gezek synap görüpdi. Şu emeli oňat gurap bilseň onuň abraý, olja getirýänini öz tejribesinden görüpdi, «Onsoň on atlyny iki bölüp esasy ýol bilen goýbererin. Oba boşap galar. Kyrk atly bilenem obany ogul olja, gyz ýesir edip sürmeli. Ep-esli gazanja hudaý ýetirdi. Türkmen hanam eçilse... ýagşy, ýagşy...» Hanyň göwni alaman isleýärdi. Ol gün dogup, dogmazynyň öň ýanynda Gürgen derýasyndan geçdi. Soňam Etrege bakan ýolun baýra dyrmaşýan ýerindäki gädige ýetmän atyny saklady. Onuň ýigitleri diýseň gujurly görünýärdiler. Olar ujuna demir çiş geýdirilen naýzalaryny atyň öňüne basyp, billerindäki yspyhan gylyjynyň gynyny ýalpyldadyp gaty haýbatly görünýärdi. Han özüniň onbaşysy Kerem begi çagyrdy. Kerem begiň hynalanan gyzyl sakgaly, demir sowudyna sygmajak bolup duran döşüniň üstüne düşüp, ony has haýbatly görkezýärdi. – Hyzmatyňa hazyrem, han aga! – Kerem begiň ösgün murtunyň uçlary sakgalyna gatyşyp gidýärdi. Ol geplände agzynyň içi murtunyň gylyndan dolansoň, eliniň aýasy bilen gaýta-gaýta agzyny sypalap goýberýärdi. Kerem beg Alymerdan hanyň käse ýaly gözleriniň petreýşinden, sallanyp duran duluklarynyň tyrsyldamasyndan, özüne bir möhüm ýumşuň buýruljagyny aňdy. Ýöne eýesine wepaly it ýaly sabyrlylygyny saklady. – Kerem beg, sen ýigitleriň bilen şu uly ýoly syryp git. Başaryp bilseň güýje garaşyp oturan peläketleri güýme. Bizler Hajygowşanyň arkasyndan aýlanyp gelämiz. Soň olary biziň ters-arka yzymyz bilen Hajygowşanyň ýeňsesine dola. – Beli, aga. – Kerem beg başyndaky eýran telpegini maňlaýyna çümürdi. Soňam ýola düşdi. Alymerdan han nökerlerine öwüt-nesihat edip, olaryň göwnüni galkyndyrmakçy boldy. Soňam obada söweşi, oljany nireden başlamalydygyny düşündirjekdi. Emma gyssagy özi bilen bolansoň «Eý, gel-eý, bu giň ýeriň gürrüňini soňa goýaly» diýen manyda goluny silkip, ýola düşdi. Ol Etregiň ýollaryna beletdi. Şu gidişine gitse, ikindä galman Hajygowşana ýetip biljekdi. Şonuň üçin ol atyna gamçy çaldy. * * * Çowdur otuz-otuz bäş atly bilen Aktokaýyň gädigine bakan golaýlaşýardy. Öňde uly tekizlik bardy. Ýöne onda adam-gara göze ilmeýärdi. – Be, Öwez aganyň aýdany ýene gürrüňmikän-äýt, onuň aýdyşyna görä, gyzylbaş bu wagta çenli şu tekizlige ýetmeli ahyry. Ýigitleriň biri öz garaýşyny aýtdy. – Her kim ýalan sözlese-de, Öwez aga ýalan sözlemez. Şo-ol öňdäki gädige bir çykalyň! Atlylar ýene-de öňe sürdüler. Aktokaýyň gädiginden töwerek-daşyň eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Birdenem duranlaryň gözi dähedem-dessem bolşup, ýol bilen gelýän bir bölek atla düşdi. – Ýigitler, gyzylbaşlar-a gelýändir. Gädigi bekleliň – diýip, Çowdur elindäki gylyjyny gynyndan çykardy. Soňam ýigitleri görüp, gündogarlygyna bakan sürüp ugran gyzylbaşdara «Ýa, alla!» diýip at goýdular. Bu wagt gün öýlä sanypdy. Öwezberdi şyh özüniň atlylary bilen Adynageldi hanyň mülküniň ýeňsesindäki belent baýryň üstünde töwerege ser salyp durdy. Onuň atlylarynyň hataryna obanyň ýetginjekleri, biliniň kuwwaty gitmedik ýaşulular hem giripdiler. Her kimin elinde tapdygyndan ýarag bardy. Ýigitleriň bilinde gylyjyň gyny sallanyp durdy. Ýetginjekler bolsa, ujuna gyrkylyk, gamda daňlan taýaklary ellerinde saklap söweş keýpi bilen jedirdeşýärdiler. Ýaşulular hem bil guşaga gysdyrylan keýgiň şahy bilen saplanan pyçaklarynyň sapyny berk gysymlap, oýa batyp otyrdylar. Aşakda gaňtarylgy duran atlar hem häzir söweşiň boljagyny syzýan ýaly, ýeňillik bilen bakjaklaşýardylar. Magtymguly ýadapdy. Ol agşamam düzüwli ýatmandy. Atasy bilen bolan gürrüňden soň özüni alyp bilenokdy. Ýöne «Ýagy döküldi!» diýen gürrüň ony garysyna daýandyrypdy. Ol häzirem uly sabyrlylyk bilen töweregine ser salyp otyrdy. Obanyň aýallary ondan-mundan belent depä garşy gelýärdiler. Olaryň elindäki tabakdan çen tutanyňda, olaryň iýer-içer ýaly zat alyp gelýändigini aňlamak kyn däldi. Adamlar düýnden beri duz datmandylar. Olar özleriniň it ýaly açdyklaryny, diňe häzir duýup galdylar. Ýöne olaryň garbanmak baradaky arzuwlary bitmän galdy. Olaryň garaşyşy ýaly, Aktokaý tarapdan däl-de, eýsem Soňudagy tarapdan bir topar atly göründi. Olaryň bolup gelşi bolsa düzüwligiň alamatyny berenokdy. – Ýigitler, atlanyň! – diýip, Öwezberdi şyh zarply buýruk berdi. – Biziň garaşýan «myhmanlarymyz» mundan çykdy. Ýigitler aşakda duran atlara bakan topuldylar. Ulagsyz adamlaram göni gyzylbaşlaryň gelýän ugruna bakan ylgaşdylar. Gyzylbaşlar bolsa gykuwlaşyp, oba has golaý gelipdiler. Atly-ýaragly ýigitleri gören gyzylbaşlar ilki bir toplanyşyp durjak ýaly etdiler. Soňam göz açyp-ýumasy salymda ikä bölündiler. Bir bölegi göni ýigitleriň üstüne at saldy. Beýleki bölek bolsa gündogar gapdala garşy gitdi. Alymerdan han ýolboýy hiňlenip, ýadawlyk ýadyna düşmän gelýärdi. Ol başdan Döwletmämmet mollanyň syrgynyny talamagy niýet edinýärdi. Emma, onuň diýeni çykmady. Oba tarapdan bir bölek atly eňip gelýärdi. Han beýle-beýle zatlara garaşmandy. Onuň guran «tilki oýny» özüne hile salypdy. Han çykalga agtardy. Esgerleriniň biriniň baştutanlygynda bir topary oba garşy atardy. Ol topar garawsyz galan obany talamalydy. Mal-garany, aýal-gyz, oglan-uşagy ýesir edip sürmelidi. Hanyň özi söweşmeli topar bilen galdy. Ol heniz özüni gelmänkä, obanyň arslan ýaly ýigitleri olary garşylady. Hanyň özi öňe çykdy. Ol garşydaşlaryna hem-de ýigitlerine haýbat edýärdi. Alymerdan hanyň garasyny gören, onuň gylyç oýnaýşyny gören birbada aljyraýardy. Emma Öwezberdi şyh aljyramady. Ol gele-gelmäne Alymerdan hana gylyç saldy. Munuň ýaly garşylyk bolar öýdüp garaşmadyk han özüni tijedi. Ol atyny yza dolap, gylyjyny garşydaşynyň depesinden inderdi. Emma Öwezberdiniň aty eýesini tygdan halas etdi. Olar ýene-de dikleşdiler. Gylyçlardan ot çykýardy. Atlar janagyrly kişňeýärdi. At aýagynyň astynda torç bolan toprakdan tozan göge galýardy. Magtymguly ömrüne gylyç, naýza, galkan, at göre-göre gelse-de, söweşe ilkinji gezek gatnaşyşydy. Ol aljyrady. Ýykylyp ýatan adamlary, uýanyny süýräp barýan atlary görüp, onuň gözleri patlaýjak bolýardy. Öwezberdi şyhyň atdan aganyňy görenden soň bolsa, ol has-da aljyrady. Atdan neneň düşeniňi, Öwezberdiniň başyny neneň dyzynyň üstüne alanyny bilmedi. Öwezberdi egninden ýagşyja ýaralanypdy. Ol han bilen söweşip durka ýeňsesinden kimiňdir biriniň, naýza sokanyny bilip galypdy. Onuň ýarasyndan gan akýardy. Magtymguly bilindäki guşagyny alyp, Öwezberdiniň ýarasyny pugta daňdy. Soň ony ýerinden galdyryp, söýget bolup gyra çykardy. Söweş gyzyşýardy. Gyzylbaşlaryň sany has artan ýalydy Olar diýseň gazaply söweşýärdiler. Özlerem, Döwletmämmet mollanyň syrgynyna barha golaýlaşýardylar. Magtymguly ýene-de ata çykdy. Indi onuň ýüregi birneme köşeşipdi. Şonuň üçin-de söweşiň gidýän ýerine atyny sürdi. Kimdir biri onuň depesinden gylyç saldy. Emma ol gylyjyny gylyja garşy goýdy. Gylyçlardan çykan ýalaw, şarkyldy onuň süňňüni ýene-de tijedi, etini gataltdy. Häzir ony daşyndan synlan, «be, bu beýle söweşi nirede öwrendikä?» diýjekdi. Häzir başga alaç ýokdy. Gyzylbaşlar eýýäm oba aralaşypdy. Çowdur gyzylbaşlaryň hilesine giç düşündi. Ol Kerem begi bara-barmana atdan agdardy. Beýleki ýigitlerem gyzylbaşlaryň galanynyň gollaryny arkasyna bagladylar. Çowdur zähresi ýarylan nökerbaşynyň damagyna gylyç goýdy. – Hä, ýeksurun! Ele düşmen diýdiňmi? – Kerem beg hynalanan peşşik sakgaly bilen Çowduryň köwşüni süpürdi. Gözlerinden akýan damjalar bolsa onuň köwşüniň tozanyny ýatyrdy. – Jan agam. Enem agam, atam agam. Baryna wenezzyna Alymerdan han günäkär. Ol size hile gurdy. Otuz atlysy bilen Hajygowşana çozdy. Size al gurmak üçin-de, bizleri sizin garşyňyza iberdi. Çowdur ýel ýaly bolup ata atlandy. – Ýigitler, atlanyň, bu haramzadalar işimizi görüpdirler. – Ol atyna gamçy çaldy. Emma uzak gitmedi. – Bu ýezitlerinem gollaryny arkasyna baglap, pyýada goýberiň. Atlaryny idege alyň. – Çowdur howlugýardy. Puşman, namys ody onuň içini-bagryny oda ýakyp barýardy. Ol häzir özüniň ganatynyň ýoklugyna ömründe ilkinji gezek dişini äňleri agyrýança gysyp gynandy. Ol gynanmazça-da däldi. Häzir Hajygowşandaky ýagdaý Çowduryň was-wasa düşüp göz öňüne getirişindenem beterräkdi. Gyzylbaşlaryň ilkinji bölünen onusy agşamara örüden gelen mallary, öýleriň ýüzi suwly zadyny toplap ýola sürýärdiler. Obanyň syrgynlaryndaky yzanda-çuwanlyk, mallaryň howsalaly sesleri, aýallaryň, çagalaryň ahy-nalasy tutuş töweregi gaplap alypdy. Öwezberdi şyh ýaralanansoň, oba ýigitleriniň-de birneme bady gaçan ýalydy. Bu bolsa gyzylbaşlaryň depginini güýçlendiripdi. Bu wagt söweş Garry mollanyň syrgynynda gidýärdi. Häzir atlylaram, paý-pyýada adamlaram gyzylbaşyň esasy güýjüniň öňüne, Garry mollanyň syrgynyna üýşüpdi. Alamançylaryň beýleki topary bolsa Adynageldi hanyň syrgynyna giripdi. «Hanyň syrgynyndan ýatan çöpem galdyrmaly däldigi barada häli aýdaryn, şindi aýdaryn» diýen Alymerdan han olja kellesi gyzyp, ony düýbünden ýadyndan çykarypdy. Onuň olja iberen topary bolsa, garawsyzrak, baýyrak görüp, häzir göni şol syrgyna barypdylar. Olar içerdäki gyr-da, gykylyga, aglaşyga-eňreşige garaman, öýlerden halylary, çuwallary atlara, beýleki ulaglara basýardylar. Gyzylbaşlaryň biri bolsa öýleriň birinde oturan ulugyzy görüp, süýräp daş çykardy. Onuň elini-aýagyny daňyp, iki bolup atyň öňüne basdylar. Gyzy bermejek bolup dady-perýat edýän aýaly hem birki gezek südenekledip, depgiläp goýberdiler. Talaňçylaryň bu bolşuny tutuş oba görüp durdy. Olar Adynageldi hanyň öýleriniň biriniň ýanýandygynam görüp durdular. Emma etjek alajyň ýokdy. Gyzylbaşlar bilen söweşden sypar ýaly däldi. Magtymgulynyň-da eti ýagşy gatapdy. Olam gylyjyny jaýly işletmäge, atyň başyny dolap, duşman gylyjyndan sypmara türgenleşip başlapdy. Ol häzir özüni duýman gylyçlaşýardy. Garaňky gatlyşdy. Gyzylbaşlar welin barha möwjeýärdiler. Ýene-de bir salym şunuň ýaly gazaply söweşilse, olaryň obanyň erkini ýagşy ele aljagyna güman ýokdy. Emma garaşylmadyk ýerden gyzylbaşlar gowşaşyp, başly-baratly gaçyp başladylar. Magtymgulynyň gylyçlaşyp oturan serbazynyň, aldygyna gaçyşyna düşünmedi. Ol onuň yzyndan kowjagyny-kowmajagyny bilmän durka, çeşme tarapdan Çowduryň atlylarynyň at salyp gelýänini görüp galdy. Çowdur ýadaw hem-de birneme howy basylan gyzylbaşlary gyrgyna salýardy. Onuň atlylarynyň bir bölegi bolsa, gyzylbaşlaryň olja alyp barýan toparyna gurt bolup daraýardylar. Gyzylbaşlaryň bäşisi ýesir alyndy. Olaryň içinde Alymerdan han-da bardy. Oba adamlary Garry mollanyň işiginde ody uludan ýakyp, oňuň töweregine tegelenişip otyrdylar. Olaryň hiç birinden ses çykanokdy. Çowdur bilen ýene-de bir ýigit, goly daňylan gyzylbaş serdaryňy öňlerine salyp geldiler. Garry molla: – Oglum, onuň goluny boşat – diýip ýuwaşja aýtdy. Onuň sesini oturanlaryň hemmesi eşitdi. Alymerdan han bolsa özüni Garry mollaýyň aýagynyň aşagyna taşlady. – Günähimi ötüň, aga! Alynyň gubyryndan and içerem, bele-bele işi ölerem, gaýtalamaram. Günähimi ötüň, bir poh iýipdirih. Ol özelenip, rehim edilmegini soraýardy. Günäsiniň ötülmegini soraýardy. Emma, oturanlaryň hiç biri onuň gözýaşyna, her hili jögi sözüne ynanmaýardylar. Ynanar ýalam däldi. Bu gün tutuş oba lerzana gelipdi. Gyzylbaşlar bilen söweşde Öwezberdi şyh bilen ýene-de bir ýigit agyr ýaralanypdy. Ýenil-ýelpaý ýaralanany hasaplabam boljak däldi. Hut, Magtymgulynyň hem aýagynyň iki ýerinden gyltyz ýara düşüpdi. Il-bendäniň içersiniň ýüzi suwly zady gyzylbaşlaryň elinden alnyp bir ýere üýşürilip goýlupdy. Her kim häzir rugsat bolsa, zadyny aljakdy. Rahat oturan ile irden şeýle talaň salyp, agşamam «Men indi beýle etmerin!» diýip, Alynyň guburyndan ant içip, awy ýalap oturan adama kim ynanjakdy. Alymerdan han bolsa uly boýuny kiçeldip, ant içip, awy ýalap ýalbarýardy. Onuň bolup durşy Çowduryň myrryhyny tutdurdy. Ol gazap bilen gygyrdy. – Gapyl, eşek ogrusy. Ertire bir çykaýyn, diliňi damagyňa ýollaryn... Magtymguly Çowduryň beýle-beýle häsiýetleriniň bardygyna haýran galdy. Ol şu gün irden onuň kejeňeklik edip, Öwezberdi şyha ynanmazçylyk etmegini, soňam gyzylbaş ordasyny gazap oduny ýakyp ýaşulyny-ýaşkiçini sylaman, gala-gala sözläberşini hakydasynda aýlady. Çowduryň belli bir sypatyny, durnukly häsiýetini göz öňüne getirip bilmedi. Ýöne Çowduryň gazaply sesi Alymerdan hany öňküdenem beter myssardypdy. Onuň äpet göwresi gysaja salnan ýaly bolupdy. Ara ýene-de dymyşlyk düşdi. Garry molla ýene-de oturyp bilmedi. Ol öz endigine eýerip birneme ileri süýşdi. – Alymardan, inim, sen adam ganyny içmekden ganmadyňmy? Heý, musurman musurmana-da beýle ýamanlyk edermi? Alymerdan han dyzyna çökdi. Ol indi aglanokdy. Gözlerinde puşmanyň, gorkynyň, alaçsyzlygyň öçügsi ýylpyldysy göründi. – Aga, Alynyň gubyryndan and içeýem, aga. Män, indi iggirmi yldyr, alamana gitmemişem. Amma bir poh idim. Atam-babam bilen poh idim. Oňa-da siziň hanyňyz sebäpkärde... Çowdur ýene-de oturyp bilmedi. Ol gijäni ýaňlandyryp sowal berdi. – Kim ol?! Alymerdan han tisginip gitdi. Ol janyny gutarmak üçin iň soňky deliline ýapyşýardy. Ýöne bu ýapyşalgasyny elden gidermezlik üçin şert goýmalydygy onuň ýadyna düşdi. Ol öňe dyzanaklady. – Bir çemçe ganymy ötüň. Çagalaryma haýpyňyz gelsin. Baryny aýdaýyn, Alynyň gubyryndan... Onuň sesini ýene-de Çowdur bozdy. – Hany, jögüsireme, haramz... Emma, Garry molla ona gazabany dökmäge maý bermedi. – Aýdyň, ýüregiňizdäkini, han!.. Alymerdan han ýere çöki. Ol öçügsi ýanýan oda garap kekeçledi. – Adynageldi han b-b-baryp, çoz-çoz d-d-diýip günüme goýmady. Alan oljaň üstüne ýene-de şonça zat bereýin diýip günüme goýmady, aga. Şeýtan alyna gitdim. Adamlar doňup galdylar. Adynageldi hanyň beýle dönükligine, haramzadaçylygyna hiç kim garaşmandy. Garry molla bolsa, misli keçäniň ýüzünde şeýle täsin, jadyly, hiç haçan okap gutaryp bolmajak hat ýazylan ýaly, gözlerini galdyrman otyrdy. Ol ýuwaşlyk bilen içini çekdi. «Eý, alla, ölmänkäk her zat görjek ekenik. Bu ýaşda her hili betlagamlygy gördük, emma munuň ýaly dönükligi, namartlygy görmändik» diýip, ol oýlanýardy. Günuzynky howsaladan, ýadawlykdan, tolgunmadan, gylyçlaşmadan halys sütüni süýnen Magtymguly düşegiň bir gyrasynda sesini çykarman otyrdy. Ol gyzylbaş hanyňyň soňky sözüni eşidip, maňlaýyna gylyç degen ýaly boldy. Ol gözlerini petretdi. «Bu nähili, bu nähili beýle bolýar? Öz obaňa, öz iliňe, iliňe-günüňe beýle haýynçylyk etmek bolarmy? Bu adamyň ýüregi nähilikä? Bu oba, bu adamlar bagtyýar bolsa onuň abraýy ahyryn. Bu oba ýagy dökülse biabraýçylygy, namysy oňa degjek ahyryn. Ol obanyň hany. Ine, bir topar gandöküşiklik, yzanda-çuwanlyk boldy. Gör, näçeleriň ýüreginde namys ody ýandy. Mal talandy, öý uruldy. Aýal maşgalalaryň päkize ýüzüne kesekiniň betniýet nazary degdi. Betniýetleriň harama ýuwlan goly olaryň päkize tenine uzady». Magtymguly gyzylbaşlaryň hanyň ýetişip oturan gyzyny süýrändigini ýadyna salanda, gözleri peträp gaçara geldi. «Eý, Adynageldi han, Adynageldi han, sen indi ez balaňa-da el uzadyp, şoňa-da dönüklik edip başladyňmy? Eger, iliňi duşmana satmak, öz çagalaryňy hem duşmana satmak dälmidir. Indi nijesi bir pul, sen nädip maşgalaň, iliň-günüň gözüne görünjek. Wah, türkmeni örteýän, duşmanyň goluna berýän, gülüni-gunçasyny açylmanka köýdürýän sen ýaly ganymlar dälmidir, haýyp...» Ol gije adamlar gaty giç ýatdylar. Magtymguly säher bilen işikde kimiňdir birinin gaty-gaty gepleýän sesine oýanyp daş çykdy. – Agşam öz elim bilen jaýa salyp daşyny ýagşy bentläpdim. Daşynda-da, hol, Öwez aganyň ogluny goýupdym. Onam suwa salma ýenjip, gyzylbaşlary boşadyp goýberipdirler. Çowduryň janagyrly ýaly gürlemesi Martymgulynyň hem janyňa degdi. – Öwez aganyň ogly näme diýýär? – Çowdur elindäki gamçysyny ynjyly silkip goýberdi. – Wah, meni çapgylamaly. Heý, şoňa-da gyzylbaş ynanarlarmy diýsene. Aý, ýok, bu ýerde-de, şol Adynageldi hanyň eli bardyr. Ol bize han däl-de, ýagy bolup sataşdy. Magtymguly-da häzir hut Çowduryňky ýaly pikirdedi. Ol hanyň adamlary gije gelip, ýesir gyzylbaşlary boşadandyr öýdüp çaklaýardy. Olaryň ikisem, hatda bu habara şu ýere säher bilen üýşen adamlaram gije Adynageldi hanyň Büjnürtden dolanyp gelenini, onuň Öwez aganyň ogluny aldap-ogşap jaýyň işigini açdyryşyny, soň ol oglan bilen dilleşip elini-aýagyny daňşyny bilmeýärdiler. Ýöne olaryň hana bolan ýigrenji, gahar-gazaby onsuzam egsiler ýaly däldi. * * * Şol gün agşam Garry molla, Nyýazsalyh molla, Öwez aga hem-de başga-da birnäçe adam Çowduryň maslahaty bilen Adynageldi hanyň öýüne ugrady. Hanyň bu bolşy adamlaryň ýüregini diýseň tolgundyrypdy. Olar beýle betlagamlyk bilen oňşup biljek däldiler. Hut şo günüň özünde ondan jogap soramalydy. Onuň dönükligini gijä goýman ýüzüne basmalydy. Çowduryň bu pikirini ýaşulular oňlasalar-da, Adynageldi hanyň ýanyna gitmäge döwtalap tapylmandy. – Men-ä, şol iblisiň ýüzüni o dünýe, bu dünýe görjek däldirin. Ýöne nätjek, ile-güne gerek bolsa, ol-a ol eken, Iblisiň üstüne-de barmaly bolar diýip, Garry molla özüniň ýagdaýyny aýtdy. Onuň bu, sözüni Nyýazsalyh molla-da oňlady. Ol sesini çykarmasa-da, Garry mollanyň aýdany bilen ylalaşýandygy onuň ýüzünden bildirip durdy. Öwez aga-da olara goşuldy. Şeýdibem, Çowdury, Magtymgulyna hasap edeniňde, oba ýaşulularyndan ybarat topar Adynageldi hanyň öýüne ugrady. Han häzir diýseň biynjalyk bolup otyrdy. Ol özüniň niýetiniň ugruna bolmanyna ýarylaýjak bolýardy. Büjnürtden bäri diýseň razy bolup gaýdypdy. Onuň göwnüne Hajygowşan, asyl öz syrgynyndan başga ähli öý-il yzanda-çuwan bolup Maşadyň ýoly bilen sürlüp gelinýän ýalydy. Şonuň üçin-de, ol ýol bilen däl-de, çaranlygyň içinden çopanyň-çolugyň gatnaýan eşek ýoly bilen gaýdypdy. Asyl, öz ýanyndan töwellaçylara, arzçylara, ejir çekenlere aýtmaly sözlerinem başynda jemleýärdi. «Il aglak bolsa doňuz depä çykar» diýleni boldy. Aglakdanam beteri, agzalalyk biziň işimizi gören zat. Hana, Garry molla biziň agzymyzy birleşdirmeden geçen, şeýdip bizi gyzylbaşyň agzyna tutup berýär. Sizem kör düýe ýaly, şol garrynyň gepine eňterilýärsiňiz!» Ol haýsydyr bir ýaşulynyň üstüne öz ýanyndan haýbat atdy. «Hä, bu gün han ýadyňyza düşdümi? Öň asyl, Adynageldi ýadyňyza düşenokdy-la? Garry mollaňyz bardy-la?! Ýok, men sizin üçiň Eýran hanlaryňyň öňünde ýüzümi saraldyp bilmerin. Menem han, öz mertebämi saklamaly ahyryn». Ýaşulular oňa ýalbarýardylar. «Han, gurbanyň gideýin, sen şu sapar bir bizi bu beladan halas et. Bu bize uly pent bolar, gaýdyp ulymyz, kiçimiz seniň gapyňda guluň bolarys, eliňe suwlar akydarys. Asyl malymyz-mülkümizem seňki bolsun, ýöne şu beladan dyndar!» Han olary äsgermeýärdi. Ol bir gyrada oturan Garry molla garady. «Garry molla näme diýýär?» Garry molla ylgap gelip hanyň aýagyna ýykylýar: «Han, sen men çaşan garrynyň günäsini öt. Men juda ýalňyşypdyryn. Ol-a bir gelin eken, iki gelnem bolsa seniňki. Ýöne meniň çagalarymy, talanan zatlarymy yzyna gaýtaryp alyp ber», Han atyň üstünde hasam gaýşaryldy. Ol has agraslanyp gürledi: «Jemläň mal-garaňyzy, men ol hanyň bir agzyny ysgap göreýin. Äý, ol ýezit bäri-bäriniňem adyny tutmaz. Onda-da bir synanyp göreýin», Hanyň özbaşyna samrap barşyny Seýit owşar işan eşidip, atyny oňa deňleşdirdi. – Han, bir söz aýtdyňyzmy, bize? – Haw «häh» diýip goýberdi. Ol obanyň iň gowy atlaryny, süýtli semiz sygyrlary, örküji agyp ýatan düýeleri ýaňy öňüne salyp barýardy. Olaryň gowusyndan gowusyny saýlap alyp galmagyň süýji hyýallaryna ýaňy çuňňur çümüpdi. Ýöne işanyň habar gatmasy ony bar süýjülikden el ýuwdurdy. Onuň aty büdredi. «Häk, jüre degmiş!» diýip, ol işana bolan gazabynyň bir bölegini atynyň üstüne dökdi. Onuň aty ýene-de kürtdürdi. Han ýagşy açyldy. Öňden barýanlar durdular. – Näme dursuňyz? – Han gazap bilen gygyrdy. Emma hiç kimden ses çykmady. Han atyny sürüp, öň hatara ýetdi. Onuň gözi baýryň ýüzüne serpilip barýan atlylara düşdi. Olar bir zatdan erbet ürken doňuz sürüsi ýaly bolup, güsürdeşip barýardylar. Olar uzak gitmediler. Olaryň arasyndan biri Adynageldi hany tanan bora çemli. Çünki, gyzylbaşlar şiremiň eteginde kürtdürişip durdular. – Adyna han, Adyna han, sizlermi, bu?! Han özüniň adynyň tutulýandygyny eşitse-de, sesiňi çykarmady. Oňa derek hanyň atlylarynyň biri: – Nädersiň, Adynageldi hany? – diýip gygyrdy. Megerem, hälki gygyran adam borly, bir adam hanyň toparyna bakan gaýtdy. Ol gelibem hanyň zähresini ýardy. – Han, öýüň ýykylyp hanaňa jöwenek ýagdy – diýip, demi-demine ýetmän aýtdy. Ol hanyň özüni tutaryna-da garaşman, takyrdap ugrady. – Alymerdan han bar atlysy bilen ele düşdi. Olja-polja, mal-gara, baýlyk, zat – bary galdy. Hanyň ýüregi bir zat syzan ýaly boldy. Ol peltekläp, garşysynda garaňkynyň kölegesi ýaly bolup durana sowal berdi. – Hany han, oňa ne döw çaldy? – Duran gara gyryljak ses bilen jedirdedi. – Han ele düşdi. Ony Çowdur hanyň atlylary gabadylar. Ölenem, ýaraty bolanam, ýesir düşenem kän. Hanyň bagtyna gar ýagdy. Aý, waý, ýaman old-uw. Han atyny gyssady. Ol indi iki günden bäri ilkinji gezek çynlakaý oýlandy. «Hany haýsy jaýa saldylarka? Ondan näme soradylarka? Bular çozan bolsa, meniň aýdyşym ýaly çozdularmyka? Ýa-da?..» Adynageldi han tä Hajygowşana ýetýänçä pikirleriň boýnuna çolaşan aýlaw-aýlaw syrtmagyny çöşläp bilmän gitdi. Onuň ýüregi bolsa ýüzük saklanyňky ýaly, larsyldap agzyndan çykaýjak bolýardy. «Ol enesi ýalamadygy her zat etmeli welin, boşatmaly. Ýogsam, ol garry şeýtanyň alyna ynanyp, bu işleriň ählisini aýan etmegi ahmaldyr. Ýok, han munça-munça şatyny görendir, öz-ä. Onuň jany çyksa-da, agzyndan söz-ä çykmaz. Boýy-syraty, gepi-sözi mert ýigide meňzeýär. Ony her zat etmeli, halas etmeli». Han obanyň çetinde atyny saklady. Soňam birki sany atlysy bilen göni Garry mollanyň syrgynyna gaýtdy. Olar garaňky böwre çekilişip duruşlaryna adamlaryň topar-topar bolup gaýdyp barýanyny gördüler. Ýesirleri edil han dagynyň ýanyndan geçirip, medresäniň gapdalyndaky minaranyň peski jaýyna saldylar. Han jaýyň işiginiň ýapylyşyny, gulpuň zynjyrynyň şyňňyrdysyny eşitdi. Ol ýerinden butnaman oturdy. Aý dogupdy. Munuň özi daňyň golaýlaýandygyny aňladýardy. Sebäbi bu günler aý giç dogýardy. Häzirem onuň bir gijäni gündizlige öwrüp bardygy däldi. Gara bulutlar aýyň daşyna agyl bolup, onuň şöhlesini däl-de, özleriniň kölegelerini ýere düşürýärdiler. Han ýesir saklanýan jaýa barman, ýöne bir aýlaw etmegi ýüregine düwdi. Ýöne ol özüni saklap bilmedi. Saklaw üçin goýlan adam işige arkasyny berip, hor çekip ýatyrdy. Ol han ýanyna baranda-da oýanmady. Han ol ýigidi tanady. Ol obanyň belli garyby Öwez aganyň ogludy. Adynageldi han Öwez aganyň ogly Atagulynyň gowşak häsiýetlidigini aňýardy. Şonuň üçinde ony oýaryp, onuň öz eli bilen ot gorsamagy göwnüne düwdi. Şonuň üçin-de, ol Atagulynyň edil gapdaljygynda oturyp, ony oýardy. Ataguly hany görüp tisgindi. Häzir ol han: «Näme üçin ýatyrsyň?» diýip gykylyk turzar öýdüp gorkýardy. Asyl, häli märekede hanyň dönükligi barada aýdylanlary ol diňlemändem. Şonuň üçin-de, müýnli garanjaklady. Han onuň ýanyna baryp, gurap giden bokurdagyny arçap, gyryljak gürledi, – Hä, han ogul, saglykmy? – Ol göwnündäkini diline alyp bilmän elendi. Soň gaýratyny diline jemledi. – Ýesirler bärdemi? – Ol jogaba garaşman pikirini aýtdy. – Inim, şu ýesirleri boşat, men seniň gadryňy bilerin. Oglanlar eliňi arkaňa daňsynlar, göýä gyzylbaşlar eliňi daňyp, ýesirleri boşadyp gidipmişin. Ýöne demiň içiňde bolsun, özüm gadryňy bilerin. Atagulynyň ýüregine gorkynyň ýerine, han bilen aragatnaşygy gowulandyrmagyň, oňa hyzmat etmegiň gizlin höwesi guýuldy. Onuň gözüne hanyň ortanjy gyzynyň perileriňki ýaly hyýaly, eletmez keşbi dikeldi. Atagulynyň erki golundan gitdi. Häzir onuň öňünde obanyň ýaşulusy däl-de, äleme hökmüni ýöredýän pygamber duran ýalydy. Ol özüniň hana bolan wepalylygyny, hormatyny aňlatmagyň wagty geldi diýip düşündi. Şonuň üçin-de, häzir ýesirleri boşadyp goýbermek eken, janyňy ber diýseler-de, emgenmän bererli göründi. Ol titräp duran gollary bilen işigiň gulpunyň zynjyryny şyňyrdatdy. Ýöne gulpuň açarynyň Çowdurdadygy ýadyna düşmedi. Han ýagdaýy derrew duýdy. Onuň ýanyndakylar işigi yralap-yralap, onuň agaç söýelerini gowşadyp, soň ony içine garşy itip goýberdiler. Diwaryň suwaglary gopup, duranlaryň üsti tozandan gömülere geldi. Ýöne duranlar oňa garaşyp durmadylar. Jaýyň içindäki gyzylbaşlaram işigiň üstünden ätläp, atylyp daş çykdylar. Alymerdan Adynageldi han bilen sowuk salamlaşdy. Soň aňyrda, ýatakda gaňtarylgy duran atlara bakan ýorgalap ugrady. Ataguly olaryň yzyndan gorkuly gygyrdy. – Waý, duruň, elimi-aýagymy daňjak diýdiňiz ahym, agalar... Hanyň adamlarynyň biri gelip onuň elini-aýagyny gyssagarada daňyp gitdi. Ataguly bolsa bu daňy çözüläýmesin diýen gorky bilen, daňdanyň süýji ukusyny almak-ha beýlede dursun, şol daňlan ýerinden gozganybam bilmedi. Ol eýran hanynyň Adynageldä ýarak it ýaly jabjynyp, atyna gamçy çalanyny gördi. Ýöne onuň näme diýenini welin eşitmedi. Oňa gadyr-hormat wada beren hanam, gaýdyp ýanyna köwlenmedi ýöne Ataguly sözünde durdy. Ol hanyň dönükligini hiç kime aýtmady. Han welin tomaşany öýüne gelensoň görüpdi. Ýarysy ýanan ak öý, syrylan içeriler, süýrelen maşgala barada ol o düne, bu dünýe oý hem edenokdy. Emma öýüne gelende ýasyň üstüne gelen ýaly boldy. Daňa golaýlan bolsa-da eňşeşik, zeýrenç gatyşykly agy onuň hataryny lerzana getirýärdi. Ol süňňüni tutup bilmän atdan düşdi. Soňam özüni bileli bäri, ilkinji gezek çagalarynyň bolýan öýüne urduryp girdi. Emma garaňkyda hiç zada gözi düşmedi. Baýry aýalyndan bolan zatlary eşidensoň weliň, öz jaýyna gitmäge-de ysgyny bolman, aralykda garalyp ýatan zadyň üstüne eýerdir öýdüp özüni goýberdi. Emma itiň jynssyz sesi, budundan agyz salmagy onuň derdiniň üstüne urna boldy... Ol häzirem iýmän-içmän it çeýnän aýagyny gujagyna alyp, içini hümledip otyrdy. Oňa baryndan agyr degýäni aýagynyň agyrysy bilen gyzynyň süýrelmegidi. Ol muňa namys oduna köýýärdi. Ýöne şol ody özüniň ýakandygy barada jinnek ýalyjagam pikir etmeýärdi. «Gör, bu haramzadalary, men bularyň toýuny toýlap, ýasyny sowup, yssyda saýa, gyşda gala bolup ýörün. Emma ýeri-erine gelende olaryň edişine bak, her kim öz oraçasynyň daşyny goraýşyna bak. Ýok, bu işi beýle goýmaryn». Oňa Garry molla dagynyň gelýändigini habar berenlerinde, onuň depesine ýekedaban degen ýaly boldy. Göwnüne bolmasa, ýüreginiň urmasy togtan ýaly boldy. Ol şol alasarmyk duýgular bilen, myhmanlaryň öýe gireninem, oturanynam duýmady. – Püdene därisini getirsinler. – Ol gözüni agdaryp, eşidiler-eşidilmez edip gygyrdy. Emma ses beren bolmady. Garry molla hanyň çym-gyzyl gözlerine, tirpildäp duran etlek duluklaryna pisintsiz garady. Soňam ony demini dürsemäge goýmady. – Adynageldi, amanlykmy, saglykmy? – Hanyň dodaklary erksiz tirpildedi. Emma Garra molla özüniň hiç wagt bolmadyk gazaply äheňi bilen sowal berdi. – Näme, halyň teň görünýe, seniň halyň büçe-büçe bolman, tereňräk bolmaly ýaly-la buwün. Han ganguýma gözlerini agdardy. Emma adamlaryň ýüzüne garamaga gaýraty çatmady. Şonuň üçin-de, Döwletmämmet molla gazaply gürledi: – Eşidýärsiňmi? Biz il-gün bolup, seni özüminiň derdimize melhem bolar, ýykylanymyzda goldar, kösenenimizde alnymyzdan dirär diýip begenipdik. Emma ol tamamyz-a bolmady. Sen indi näme üçin obany, iliňi ýagynyň eline bermäge dözýäň? Heý, beýle-de bir naýynsaplyk bor oguşýan. Bu obada sen ýaňy dünýä ineniňde ataňa myşdylyklan adamlar bar ahyryn. Bu obada babaň bilen söhbetdeş, ataň bilen akyldaş adamlar, olaryn kowmy-hyşty, nazarynyň degen adamlary bu ýerde ýaşaýar ahyryn. Sen onsoň, neneň şeýle mukaddes zatlary türkmeniň ganym duşmanynyň awlamagyna dözdüň? Hany seniň ynsabyň? Hany seniň messebiň? Öýi Garry mollanyň gazaply äheňinden dörän dartgynlylyk gaplapdy. Häzir şu oturanlaryň her biriniň agzyndan hany ýakyp-ýandyrjak gazaply sözler çykjakdy. Emma hiç kim gürlemedi. Garry molla bolsa gazapdan ýaňa öňem gurpsyz göwresini saklap bilenokdy. – Näme, sülmüreýeň? Sülmüreme, etjegini edip, seniň näme niýet bilen dönüklik edeniňi bilmäge geldik. Il-gün garaşyp otyr, olara hakykaty aýtmaly. Han dikeldi. Ýöne ýene-de sesini çykarmady. Häzir onuň aýtmaga sözi ýokdy. Ol häzir kellesine agram salýardy. Özüni aklamagyň ýollaryny gözleýärdi. Başaryp bilse: «Meniň bu zatlardan habarym ýok» diýip sypalga gözlejekdi. Ýöne pikirler hem häzir ondan gaçyp, kellesinden uçup-uçup gidýärdi. Adynageldi hanyň ýüregine üç-dört gün mundan öň heýjana salan duýgular gelip gondular. Olar aklyň, pähimiň ornuny eýelediler. Dine şondan soň hana tutaryk tapyldy. Ol Akgyzly meseläni ýadyna saldy. Döwletmämmet mollanyň sözüni ýykmagyny özüni düýbünden äsgermeýän adam hasabynda sandy. Ol oýkanjyrady. Duýgularynyň emrine görä gürledi. – Hemmesinem görüp durun. Gözüm sag bolsa ýene-de görerin. Bu-da az hajygowşanlylara, aňyrdan gyzylbaşyň ählisi dökülip saňa garaýan ili depeläp gidenini görmesem, Alladan närazydyryn... Garry molla dyzynyň üstüne galdy. – Bes et, gurrumsak, iblis. Seniň ýalyň dilegiýem bir hudaýa ýetermi? Agzyňa alýan gepleriňi gulagyň eşidýemi? Dogman geçen... Han sesini keser ýaly däldi. – Sen garry düýe, maňa agzyňa gelenini sarnap durarça kim bolduň? Häzir Maşatdan gyzylbaş çagyrdyp obaň-iliň bilen Hazara atdyryn. Mundanam beter güne salaryn. Adynageldiniň atasynyň ogludygyny görkezerin gözüňize. – Han guduzlan öküz ýaly bulanjyrady. Soň şerraý gykylyk etdi. – Çykyň öýümden. Ýok boluň. Ugraň öýümden, ugraň. – Onuň gykylygyna hyzmatkär ýigitler ylgaşyp-ylgaşyp geldiler. Garry molla turansoň, beýlekilerem ör turdular. Döwletmämmet mollanyň gep alyp galasy gelmeýärdi. Ýöne ol «it gözi tütün duýmaz» diýlişi ýaly, bu betlagam kişiniň söz manysyna pisint etmejegine ýagşy göz ýetirildi. Şonuň üçin-de gözlerine zyndan ýaly dar, sowuk görnen öýden çaltrak çykanyny kem görmedi. Ol hanyň öýünden daşlaşdygy saýyn özüni ýeňil hem-de erkin duýdy. Ol sesini çykarman uzak gitmedi. Gapdaly bilen gelýän Nyýazsalyh mollanyň ýüzüne garaman gürledi. – Heý, molla, molla, indi günümiz şular ýaly ikiýüzli, orramsy adamlara galan bolsa, ýüzümiz döwlete, gözümiz yrsgala düşmez. Şular ýaly halka, il-güne dönüklik edýän adamlara raýat bolanyňdan Ahmet Dürrany ýaly äleme adyny ýaýradan ärleriň hyzmatynda bolanyň müň paýdyr. Nyýazsalyh molla başyny atyp onuň bilen razylaşýandygyny duýdurýardy. Çowdur ýaşululardan yzrakdan, Magtymgulydan bir ädim diýen ýaly öňräkden gelýärdi. Garry mollanyň ýangynly sözleri onuň ýüreginiň sönüp barýan peltesine iýmit bolup guýulýardy. Ol durup bilmedi. – Wah, iliň-günüň derdine ýanjak hana haçan gözümiz düşerkä? Agyp barýan ýüküňi galdyrmajak bolsa, duşmanyň öňünde dag ýaly bolup durmajak bolsa, ondanam bir han bolarmy? Garry molla Soňudagynyň uzakdaky belent gerişlerine garap, onuň derelerini, şiremlerini kütelen göreçleri bilen darandan soň, has dogumly gürledi. – Han diýseň ownuk bolýa, oglum, sen etseň, türkmen şasynyň gürrüňini et. Owganlar Nedir ölmänäa bizdenem dagynyk, bizdenem agzala ýurtdy. Gör-bak, Ahmet Dürrany sähel salymyň içinde şol dagynyk ili bir owuja jemledi. Indi önki ähli halk, halkyýet onuň aýasynyň içinde, gyssa gysymynda, açsa aýasynda. Onsoň oturýaň-turýaň-da, şonuň ýaly, ili bir supraň başyna jemlän, duşmanyny zagyrdadyp durýan merdana, adalatly şa isleýersiň. Ýaňky ýaly gulatylaryň hyzmatynda bolandan, Ahmet şa ýady bürgüdiň zarbasyndan meýdiň çaşany müň paý ybaly. Çowdur Garry mollanyň Gündogdy han bilen, Çalyş han gelende, «Ahmet şaha arka diresek hor-a bolmazdyk» diýmesiniň manysyna bu tymsaldan, bu wakalardan soň has hem oňat göz ýetiripdi. Magtymgulynyň göwnüne bolsa, Gurhanda, diwanlarda, dessanlarda, ertekilerde aýdylan adyl şa owgan topragynda dörän ýaly boldy. Ahmet şa juda adyl, juda adalatly, gaýratly, hudaý tarapyn döräýen bir gudratly adam bolup göründi. Ol özüniň pikirlerini, duýgularyny has çuňlaşdyrmakçy boldy. Emma bolmady. Kakasy Nyýazsalyh molla ýüzlendi. – Mollam, bu gün bir bisähedräk günem boldy. Sen onda-da Allatagalanyň alnynda bir haýyr iş edip ber. Magtymgulynyň depesinden gaýnag suw guýlan ýala boldy. Atasynyň Magtymruly bilen Akgyza nika gyýdyrmak barada aýdýandygyny ýüregi syzyp durdy. Ol ýaşly gözleri bilen ýigitlik höwesi kabul bolmadyk talaňçy dünýä, bikarar bolup delminip garaýan Meňlisiniň peýker-kamat boýuna ynjyly garady. Ýöne bagryndan, ýüreginden syzylyp, gözünden akyp duran alaçsyzlyk, aýralyk, agyr gam-gussalyk, ylalaşmazlyk nyşany bolan gözýaş damjalaryny welin, gözlerinden süpüresi gelenokdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||