11:13 Pyragy -21/ romanyñ dowamy | |
3.
Taryhy proza
Ekin-tikiniň ýaňy başlanan wagty çozan gyzylbaşlar hajygowşanlylaryň elini birneme işden sowatdy. Magtymguly bolsa güni bilen diýen ýaly meýdanda bolýardy. Ol ýer sürüp, tohum sepmäge indi-indi öwrenişýärdi. Gulalynyň keýpi diýseň kökdi. Ol Magtymgula-da derek ýylgyrýardy. Magtymgula-da derek işleýärdi. Ellerini, hatda barmaklaryny-da gymyldadyp oňa «dynç al» diýip yşarat edýärdi. Özi bolsa agaç kündäni ýerde ýatyrman işläp ýördi. Gün öýläne sapanda Çowdur birki sany ýigit bilen Magtymgulynyň yzyndan geldi. Magtymguly ol işlemäge gelendir öýtdi. Onuň gysyp duran ýüregine oba çöken ýaly boldy. Gulaly onuň şu günüň dowamynda ilkinji gezek şatlanandygyny aňlady. Şonuň üçin ylgaşlap baryp, Çowduryň atynyň başyny tutdy. Çowduryň gelşi işlejek adamynyňka meňzemeýärdi. Ol atyza girmedi. Magtymgulynyň ýanyna gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Onuň niýetini aňan Magtymguly kündäni Gulalynyň alaryna garaşdy, soňam gyra ugrady. – Men-ä, gardaşym, allaýarlaşaýyn diýip geldim. Magtymguly Çowduryň gözlerine agraslyk bilen garady. Soňam, onuň ýüregindäki niýetini okamaga synanyşdy. Emma garym-gatym pikirleriň arasyndan belli zat aňyp bilmedi. – Ahyrsoňy Kandagara gitmeli bolduk. Özüň bilýärsiň, gardaşym, güýçlüräge arka diräýmesek, bu zalym han bize-de, ile-güne-de ýazylganlyk berdirenok. Gideýli, belkem, şanyň saýasy ýeter, özüň bilýärsiň, Ahmet şanyň ady Eýran, Turan, Horasan, Horezm, külli Türküstan iliniň diliniň dogasy boldy. Ýomut garyndaşlaram seri-sogady bilen ertir namaz wagty ýola çykjaklar. Bizem gideýli, näme bolsa, alnymyzdakyny görerik. Magtymgulynyň hem göwni göterildi. Onuňam ýola çykasy, ýürek telwas eden ýerlerine aýlanasy geldi. Ol şeýle süýji hyýal bilen sowal berdi. – Siz owgana gitseňiz haçan dolanmakçy, Çowdur? Çowdur süňňüýeňillik bilen ýerinden turdy. – Bu ýeriň ýatyny-ýagdaýyny özüň ýagşy bilýärsiň, gardaşym. Ahmet şa habarymyzy alsa, ak pata berse, nesip bolsa, güýze dolanaryk... Magtymgulyny gam basmarlady. Ol ýene-de birnäçe sowal bermek isledi. Emma yhlasy sowapdy, göwni çöküpdi. Şonuň üçinem sesini çykarmazlygy ybaly gördi. Ýöne indiden soň onuň işläp mazasy boljak däldi. – Agşam öýe bar, uzak ýola gitmänkäk Balajanyň bilbil owazyndan bir ganaýyn diýip onam çagyrdym. Kim bilýe, owganam bärde-bärde däldir... Magtymguly bilindäki guşagyny çözüp, eliniň, ýüzüniň derini süpürdi. – Agşama galmaryn, häzir bile giderik, Çowdur! Olar tirkeşip, ýanaşyk barsalar-da, göwünleriniň gözbaşyny syzyp çykýan pikirler dürli-dürlüdi. Çowdura Kandagaryň ýoly, şanyň huzury garaňky bolup, ilini ot içinde, gyzylbaşa garawsyz goýup gitmek gaty agyr görünýärdi. Magtymguly bolsa Çowdura buýsanýardy. Onuň gidip, özüniň galýanyna kemsinýärdi. Özüni namart, il derdine ýanyp-köýmeýän ejem ogly hasaplaýardy. Ýüreginiň başyndaky ýangyn tutaşyp, onuň tutuş göwresini aldym-berdime salýardy. «Menem Çowdur bilen ýola düşübersem nähili bolarka? Eklenç, güzeran, gazanç işine meniň bir jinneklik hemaýatym degenok ahyryn. Hywadan dolananyma, gör, näçe wagt boldy. Asyl, kärsizlikden, işsizlikden ýaňa meniň bagryma gan öýüldi. Altyn süýmäge, kümüş ýençmäge, sanaç torlamaga bagyşlan günlerim meniň bagtymyň garadygyny aýdyň görkezdi. Menden kümüş ussasam, mekdep mollasam bolmaz. Maňa gitmek gerek, özem başymy, aýagymy alyp gitmek gerek. Eger häzir Çowdura halymy aýtsam, atam bilen halymy paýlaşsam gitmäge rugsat bererler...» Magtymguly özüniň edýän pikirine dalda isläp Çowduryň gözlerine garady. Ýöne ol Çowduryň ýüzünden hemaýat, dalda alar ýaly sypat görmedi. Gaýtam, onuň ýüzi güýzüň ala asmany ýaly gamaşykdy, gözleri ruhsuzdy. Bu duýgy Magtymgula-da geçdi. Ol özüniň durmuş ýagdaýyna islese-islemese gaýdyp gelmeli boldy. «Ýok, meniň bu bolşum öňde biriniň suw görmän tamman çykaryşyna meňzeýär. Öýi ekleýän diňe garry atam. Şondan başga içerä, oba, ile hemaýat berjek ýok. Menem öň-ä Hywa diýip gör, näçe ýyllap ondan-oňa entäp gezdim. Indem atamyň dyzyny epip oturmaly çagy owgan diýip, turan diýip turup gitsem nähili bolar? Öň olar öz gününi görýärdi. Indi meniň maşgalam, oglum oňa ýük bolmazmy? «Okan namazy ürküzen gurbagasyna degenok» diýlişi ýaly, olary kyn günde goýup, özüm başymy alyp gitsem, alym ugur alarmyka?!» Magtymguly oýlanýardy. Onuň pikirlenmegi çuňlaşdygyça, başy hasam aşak egilýärdi. Ol häzir Çowduryň ýüzüne garamakdan geçen, ýoluna garamakdan hem utanýardy. – Heý, gardaşym, gardaşym. Häzir Abdylla jan, Mämmetsapa jan, beýleki mähribanlar bolan bolsady, biz beýle günlere düşermidik? Duşman biziň depämizden hanjaryny dirär durarmydy? Bizem beýdip, dag aşyp, hemaýat islemeli bolmazdyk. Çowdur ýüzüni Soňudaga bakan tutdy. Ol hiňlendi: – Eý, söwdügim Soňudagy, Gaplaňlydyr biliň seniň. Duşman görse döwüşerler Ýomut, gökleň iliň seniň – diýdiňmi? Seniň şu aýdymyň meniň ýüregime, göwnüme hoş ýakýar, gardaşym. Soňudagyny görüp, şoňa gözüm düşüp dursa ertir-agşam atama gözüm düşüp duran ýaly, meniň. Gitsem, Kandagarda dag barmyka? Soňudagysyz oňup bilermikäm?! Çowduryň bu gürrüňi Magtymgula suwjugrak göründi. Ol häzir Çowduryň pähimli-paýhasly sözlerine, mertligine garaşýardy. Emma ol çykmady. – Çowdur, Soňudagydan aýrylyşyp bilmeseň, goý beýleki ýigitler gitsin, sen galyber, nätjek beýdip öz göwnüňi ýykyp, il aşyp... Çowdur Magtymgulynyň sözündäki kine ýokundysyny aňdy. Ýöne sesini çykarmady. Sebäbi häzir oba diýseň golaýdy. Söze başlap, ýaňy janygyp ugranyňda yzyny kesmeli boljakdy. Ýöne Çowdur sözi Magtymgulynyň garaşmadyk tarapyndan aýlady. – Gardaşym, men senden ýekeje towakga edeýin, seň häzir men barada nähili pikir etseň et, ýöne gepimi diňle. Eger men gelmesem, hawwa, hawwa, ýüzüme beýle seretme, gelmesem edil «Eý, söwdügim, Soňudagy» ýaly bir gowy şygyr ýaz, içine-de meniň adymy sal, onsoň Balaja bagşa aýdyp ber, olam Soňudagynyň üstüne çykyp günüň batyp barýan çagy bir zarlap-zarlap aýtsyn. Onsoň, men ýedi gat ýeriň teýinde bolsamam, Göroglynyň gyraty ýaly bolup kişňäp-kişňäp gelerin... Çowdur Magtymgulynyň ýüzüne garamady. Magtymgulynyň ýüregine bir ynjyly, howsalaly duýgy aralaşan ýaly boldy. Onuň ýürek urgusy Çowduryň ýüreginiň urgusy bilen goşulyşdy. Agşam Balaja bagşynyň mäläp-mäläp aýdyşam Magtymgulynyň ýüreginiň buzuny çözüp bilmeýärdi. Ol düýşünde käte bolýan geň-taň ahwalata oýalykda garaýan ýalydy. Adamlar gülüşýärdiler, aglaşýardylar. Ot belentden ýanýardy. Balaja bagşy bolsa agzyny açyp, ulili bilen gygyrýardy. Emma bu zatlar sessiz, gury hereket bolup, Magtymgulynyň ýüregini irginsizlik bilen tüýtmeleýärdi. Ony pikirleriň däli silleriniň gomlaryna özüni urmaga mejbur edýärdi. «Ýa-da, Çowduryň ýüregi bir zat syzýarmyka? Ýa-da bu bir Adynageldi hanyň tapyp ýören hilesimikä?! Ol näme üçin men gelmesem, adymy salyp bir şygyr düzgün diýip özelendikä? Heý, bu sözler Çowduryň diýjek sözlerimidir? Ýa-da agalarym Abdylla, Mämmetsapa hem şeýle duzaga düşdümikä? Çowduram şolaryň gününe düşerin öýdýärmikä? Onda ol näme üçin gitmekçi bolýarka? Ol Ahmet şa gerekliginden Hajygowşanyň iline has gerek ahyryn. Ýok, başaryp bolsa ony hoşamaýlamaly, düşündirmeli, alyp galmaly. Hiç bolmanda onda geljekdigine, gaýdyp gelmegine umyt döretmeli. Wah, häzir bir şygyr düzüp bolsady. Şoňa-da Çowduryň adyny salyp, aýdym aýdyp bolsady». Magtymguly öňünde keserip duran sowallaryň aňyrsyna çykmag-a däl, olaryň iň bärkilerine-de jogap tapyp bilmeýärdi. Sowal üstüne sowal keserip durdy. Olaryň birinji belendinden geçdiň, ikinjisi hasam uly, hasam güýçli görünýärdi. Ol şeýdip kösenip oturyşyna Çowduryň ýanyna gelenini-de duýmady. Ol Çowdury görüp özüne geldi. Töweregini duýdy. – Gel, gardaşym, senem bize bir şygyr okap ber. Ildeşleriň seniň şeýle ajaýyp şygyrlar düzýäniňi bilselerem, seniň sesiňi eşidenem däldirler. Hany, Balaja bagşy demini dürseýinçä, sen bize, hol, Parawda okan şygyrlaryňdan birki sanysyny okap ber. Magtymguly töweregine göz aýlady. Hajygowşanyň ulusy-kiçisi şu ýerdedi. Olaryň ählisi ömür garaňkylykda gezip, aýyň didaryny ilkinji gezek görýän mysalynda şeýle täsin bakyş bilen Magtymgula garaýardylar. Olar göýä uly umyt edip, şol umyt hem hut häziriň özünde Magtymgulydan bitjek ýaly bolup, üýtgeşik nazar bilen garaýardylar. Magtymguly özüni tijedi. Ol «Iliň öňüne çykyp şygyr okamaly bolar-ow» diýip hiç haçan pikir etmändi. Asyl, häzir ol, goşgy okamaga taýýaram däldi. Ýöne umytly göreçleri bikarar edip goýup boljak däldi. Ol ornundan turup, Balaja bagşynyň gapdalyna geçdi. Soňam kän garaşdyrmady, Hiç könül şatlygy çykmaz, Bir köňül ýykmaýan ärden, Ýagşylyk temasyn etmäň, Ýamanlyk çykmaýan ärden. Kimse ile beglik eder, Bir söý bilen ýola gider. Kethudalyk ýyrak gider, Ýaman söz çekmeýen ýerden Ýagşy är il aýbyn açmaz, Göre-bile haram içmez, Ýaradan ýazygyn geçmez, Gözýaşyn dökmeýen ärden. Eglenmez, eýýam öwrüler, Wagt täzelär, nyrh çöwrüler, Agyr döwletden aýrylar, Bir agza bakmaýan örden, Ýigitlere ýasaw güni – Gurda goýmaz şir anuny, Pygamber bizar ýow güni Ýoldaşa bakmaýan ärden. Magtymguly, ýangyl, öçgül, Ýa lal otur, ýa dür saçgyl! Bir guýruksyz itdir, gaçgyl, Nesihat ýokmaýan ärden. Magtymguly başyny galdyrdy. Adamlar göýä gaflat ukusynda ýatan ýalydy. Hiç kim sesini çykaranokdy. Diňe Çowdur gamly gözlerini-ýalawlandyryp ýerinden turdy. Ol gelip Magtymgulynyň gapdaljygynda oturdy. – Ömrüň uzak bolsun, gardaşym! Sen ýene-de bir şygyr okap ber. Özem gamgyn bolsun. Häzir ýüregimdäki gam-gussanyň derdinden başym aýlanyp dur. Senem kyn görmeseň meniň diýenimi et, gardaş. Çowdur şeýle ýuwaş gürleýärdi. Emma onuň pyşyrdysyny älem-jahan eşitdi. Çünki, häzir bütin dünýäniň gözi-gulagy Çowdur bilen Magtymgulynyň agzyna garap duran ýalydy. Magtymguly Çowduryň bu bolşuny unamasa-da, gamgyn şygyr agtaryp, böwrüni diňleýärdi. Ahyram ol gözlerini ýumup, şygyr okap başlady. Boýadylar köýnegiňi gan bilen, Ady belli arap tilli söwdügim. Aýralykda ýandy etiň jan bilen, Ady belli arap tilli söwdügim. Aglaý-aglaý jepalaryň derdinden, Gorka-gorka sähralaryň gurdundan, Aýryldyň ataňdan, Kengan ýurdundan. Ady belli arap tilli söwdügim. Çyplaň oldy, giň bedeniň soýuldy; Dagy-hyjran synaň üzre goýuldy. Aglamakdan Ýakut gözi oýuldy Ady belli arap tilli söwdügim. Magtymguly aýdar, älem ýykyldy, Pelek seni Müsre aldy, çekildi. Puşman olup, aýagyňa ýykyldy, Ady belli arap tilli söwdügim. Magtymguly goşgusyny gutardy. Emma gözlerini açyp bilmedi. Ol Ýusup barada şygyr okasa-da, ähli yhlasy, hyjuwy, umydy bilen agasy Abdyllany ýat edipdi. Ine-de, Abdyllanyň mähriban keşbi. Ol aradan gör, näçe ýyl geçse-de, şol oglansypatlygydy. Onuň gözlerinde hut ejesiniňki ýaly zenan mähribanlygy mese-mälim bildirip durdy. Häzir gözüňi açdygyň, «Ömrüň uzak bolsun!» diýşip, ýerli-ýerden aýdylýan alkyş sözlerine gulak gabartdygyň bu eziz keşp, mähriban didar gözden gaýyp boljakdy. Magtymguly özüni ele almanka, Balaja bagşy tamdyrasynyň ýüpek tarlaryna kakyp başlady. Ol üýtgeşik owaz bilen Magtymgulynyň hut şu wagt okan şygryny saza salyp aýdym edip aýdýardy. Ol gözlerini nalaç açmaly boldy. Öň Balaja bagşynyň talantyna beýle bir üns bermän ýörensoň, häzir onuň ýatkeşligine, tizpähimligine, eliniň ýeňilligine haýranlar galdy. Balaja bagşy häzir öz dili bilen däl-de, Magtymgulynyň ýüreginiň dili bilen aýdym aýdýardy, Ol häzir ady belli arap tilli Ýusuby däl-de, oglanlygyndan hajygowşanlylaryň ýüreginde orun alan Abdylla barada aýdýardy. «Aglaý-aglaý jepalaryň derdinden, Gorka-gorka sähralaryň gurdundan, Aýryldyň ataňdaň, Etrek ýurduňdan, Ady belli, ajap tilli Abdyllam. Magtymguly gözleriniň ýaşyna saklap bilmän töweregine garady. Aýdym diňläp oturanlaryň ählisiniň gözi ýaşlydy. Balaja bagşy bolsa gyzýardy. Onuň gözlerinden şabyrdap gaýdan damjalar ýüpek tarlara degip, hünjülenip pytraýardy. «Magtymguly aýdar, älem ýykyldy; Pelek seni bendi kyldy, çekildi,,» Ady belli, ajap tilli Abdyllam, Abdyllam, Abdyllam...» Häzir ýola ugrajak ýigitleriň ýüregi diňe gam-gussa bilen püre-pürlenýärdi. Munuň özi yrymyna ýagşy däldi. Emma muňa hiç kim üns berenokdy. Gitjekleriň ýüregine kuwwat bolar ýaly söz häzir juda zerurdy. Megerem, Magtymgulynyň bu oýuny Balaja bagşam öz ýanyndan duýan borly. Ol dutaryny gapdalyna goýdy. Soň gapdalynda ýatan ullakan ýaglyk bilen ýüzüni, boýnuny süpürdi. – Agalar, iniler, men lakgy-lakgyma güýmäp, sizi saklap otyryn. Indi menem boldum. Ýöne Çowdur han erte ugrarman bolup dur, ýigitleri bilen külli türkmeniň aksakgaly bolan, duşmanynyň başyna ne günler salan Görogly babam hernä uzak ýola gidende, ýigitlerine, obadaşlaryna ýüzlenip bir bäş keleme söz aýdar eken. Menem: «Çowdur han, Görogly babamyň aýdany seniň ýorgudyň bolsun, sag gidip, aman gel, ýoluňa nur seçilsin, garyp-gasaryň diýeni gelsin, diýeniň, niýetiň kabul bolsun!» diýäkgeden, babamyň şol aýdanyny aýdyp bereýin, onsoň ählimiz allaýarlaşalyň. Balaja bagşy tamdyrasynyň tarlaryna kakyp-kakman, bokurdagyna agram berip başlady. Ol özüniň sesini gitjeklerden has öň, Kandagara, owgan iline ýetiräýjek bolýan dek, gygyrýardy. Onuň sesi ertir uzak ile ugrajak ýigitleriň ýüregine ene hüwdüsi, obanyň, iliň, mähriban adamlaryň şatlygy bolup siňýärdi. ...Bir habar iberiň Halaba, Şama, Bir toý tutuň, ölem galsyn haýrana, Günde kyrk guzyny çekiň bir ýana Içibän mes boluň, tä men gelinçäm, Bize duşman bolan Reýhanarapdyr, Pir bolmasa merdiň işi harapdyr. Çişde kebap, pyýalada şerapdyr, Içibän mes boluň, tä men gelinçäm. Görogly beg, sygyn kadyr subhana, Gyrat münüp, ylgar etsem herýana. Müňde bir goýuny çekiň bir ýana. Iýsin türkmen ilim, tä men gelinçäm. Balaja bagşy diýseň mes bolýardy. Ol her beýdiň arasynda «Sen arkaýyn bol, Çowdur han, diýşiňdenem beterräk ederik» diýip goýberýärdi. Ol aýdymyny tamamlady. Derini çalyp, gapdalyndaky ýassyga gyşardy. Adamlaryň bolsa turasy gelmeýärdi. Her kim Çowduram ýigitleri alyp budur gitse, yzynyň nähili boljagyny göz öňüne getirýärdi. Adynageldi hanyň olary indi öz erkine goýmajagyny gaty gowy bilýärdiler. Ýöne hiç kim sesini çykaranokdy. Çünki, her kim owgan şasy Ahmet Dürranynyň saýasy düşse mundan oňat bolar diýip pikir edýärdi. Magtymguly bolsa elinden gelse, özem gidip, owgan şasyma gulluk etjekdi. Häzir öýde gamy syrdaş edinip oturanyndan ile-güne peýdaly jinnek ýaly iş edeniň ybalydy ahyryn. Obanyň horazlary, ikinji gezek azym bilen gygyryşan wagty adamlar örüşdiler. Magtymguly öýe gaýtmady. Ol Çowduryň ýanynda bolanyny gowy gördi. Onuň ýüreginde besleýän niýeti bardy. «Eger mümkinçilik tapsa, onda agalarynyň mazarynyň nirededigini bil» diýip sorajakdy. Emma ol belli habar getiräýse, özem gidip gelse boljakdy. Garaz, bu zatlar Magtymgulynyň Çowduryň ýanynda bolasynyň, galasynyň gelýäni üçin kiçi bahana däldi. * * * Şol gije Magtymguly düýpgeter irkilmedi diýen ýalydy. Ol ýaňy başyny ýassyga goýanda Çowdur ony oýardy. – Tursanaý, gardaş, senem, asyl irkiljek wagtyňy tapdyň-ow, bizi ugratda, onsoň aýlap-ýyllap ýat. Magtymguly näçe ýadaw bolsa-da, janyňa dözdi. Daş çykyp çeşme suwuna ýüzüni ýagşy ýuwdy. Soňam, hälki Balaja bagşynyň oturan ýerine geçdi. Oňa çenli Çowduram gelip onuň ýanyna çökdi. – Bilýärsiňmi, gardaşym, häliden bäri bir hyýal göwnüme bükgüldi salyp dur, Eger yrza bolsaň aýdaýyn, «ýok» diýseňem, äý, bir gury hyýal eken-däý. Çowduryň ýüzünde ukynyň gaýmagy bozulman durdy. Ýöne nähilidir bir höwes onuň gözlerini şöhlelendirýärdi. Magtymgulynyň ýüzünde özüniň beren sowalyna üýtgeşik gyzyklanmany duýmandan soň, Çowdur alada bilen gorsandy. – Sen Ähmet şa barada bir şygyr ýazsana, onsoň bizem ony hut seniň adyňdan oňa eltip bereýli. Şa şadyr, kim bilýe, sähel ýyly söze işimizi bitirip, goşundan, ýaragdan ýükümizi tutup ýola salsa salybir, bormy?! Magtymguly Çowduryň bu haýyşyny eşitse-de, ony şygyr düzmekde ezberlik bilen işleýän duýgularynyň çuňlugyna çenli ýetirip bilmedi. Häzir onuň ýadyna goşgy düşmeýärdi. Ol dyzyna galdy. – Çowdur, agam, goşgy-gazalyň işi haýyr. Senden meniňem bir towakgam bar. Baran ýeriňizde agalarymdan sorag-ideg edeweriň. Men agalarymyň mazaryny tapsamam razy boljak indi. Bilip bolmaz, pelek işidir. Olaryň didarynyň bir ýerlerde bardygy barada habar getirip bilseň, onda dünýe malym seniňki. Çowduryň gözleri buza içeniňki ýaly bulanyp durdy. Ol ýadapdy. Şonuň üçin-de, onuňam tutuş süňňi rahatlyk isleýärdi. Ol zordan diýen ýaly özüne buýrup dikeldi. Ýöne özüni ele alman, göwünsiz jogap berdi. – Sen, ol zatlaryň gaýgysyny etmegin, gardaşym. Olar seniň gardaşyň bolsa, meniň ine, şu ýerimde durandyrlar. – Çowdur agyr ellerini kükreginiň çep gapdalynda goýdy. Gürrüňleşip, uzak oturmak olara miýesser etmedi, oba örüp başlady. Dine şondan soň, Magtymguly öýüne gaýtdy. Ol ýolboýy Ahmet şa barada oýlanýardy. Dogrusy, Magtymguly ol barada hiç zat bilenok diýen ýalydy. Atasynyň, iliň-günüň gürrüňine görä bolsa, ol pygambersypat adam bolup, öz halkynyň alnyndan dirän, türkmenlerdenem beter dagynyk, agzala owgan halkyny bir agza bakdyryp, aşyny bir suprada taýýarlap bilen akylly adam bolmalydy. Şu oýlary edýärkä, şol şaha onuň gözi gitdi. «Eger şeýle adam türkmen halkynyň maňlaýyndan dörän bolsa bolmaýarmy? Eger türkmenleri bir döwlete birikdirseň, ähli tire-taýpalaryň aşyny bir suprada taýýar kylsaň, türkmeniň gyşy gyşa, ýazy ýaza meňzemezmidi? Şeýle türkmen döwleti dörese, heý, aglak obalar, garawsyz çarwalar duşmana depeledilermidi? Ondan Hywa hany çozdyp mundan gyzylbaş döküldi. «Haý, ýagy gelýär-ow» diýen gürrüňler bolup, çagalaryň zähresi ýarylyp, iliň törde oturan gelnine-gyzyna gol gatylyp, göz dikilip oturylan mallary sürlermidi? Il-ile, tire-tirä, urug-uruga, han-hana gyýa göz bilen bakarmydy? Ýok, dädem dogry diýýe, eger her ülkäniň öz şasy bolsa, şol ýurt mert äriň agzyna bakylýan içeri ýaly tertipli-terbiýeli bolmaly! Eger, ýurt şasyz bolsa, ärem är, aýalam är, olardan önenlerem är bolup ýaşalýan öý ýaly, itde-pişik bolnup ýaşalýan öýe meňzeş bolmaly! Belki, Çowduryň aýdany ýaly, Ahmet şa ähli türkmen ýaşulularyny ýygnap, öz ýurdy ýaly döwlet döretmäge, Çowdur ýaly bir rakyby şa saýlamaga kömek berse oňa ýetesi näme bar?» Magtymguly öýe barman, özüniň kepbesine girdi. Tekjäniň üstünde kagyzlar düýrmek-düýrmek bolup, üýşüp ýatyrdy. Magtymguly oňa parhsyzlyk bilen garap durşuna ortadaky düşege geçdi. Häzir onuň beýnisinde Çowduryň haýyşy ýaňlanyp-ýaňlanyp gidýärdi. «Ahmet şa bagyşlap bir şygyr ýaz, şygyr ýaz, şygyr ýa-ýa-zz!» Ol ýuwuş galamy goluna aldy. Ony syýadana degrip-degrip, ýene-de ýerinde goýdy. Ol şu ýaşyňa çenli biriniň göwnüni görüp, ýa-da biriniň haýyşy bilen şygyr ýazyp görmändi. Asyl, ol Çowduryň göwnüni görüp, şygyr ýazaýanda-da, onuň şaha, hana ýaraýjagynam bilenokdy. Emma, şeýle-de bolsa, dostunyň diýenini etmelidi. Onda-da uzak ýola, ýagty niýet bilen barýan dostunyň göwnüni ýykmaly däldi. Onsuzam onda Ahmet şany görmese-de, oňa bolan ýagşy garaýyş jemlenip başlapdy. Şonuň üçin-de, ýuwuş galamy ýene-de eline aldy. Birdenem ýüreginiň yhlasy eline geçip, galamy ak kagyzyň ýüzünde güýz ýagşynyň sesi ýaly ýumşajyk, ýakymlyja şybyrdap başlady. Ol kagyzyň ýüzüne: Ýa Ahmet şa, ýerde ýaýylsyn çawuň, Adyň asman gider arşy-aglaýa, Gelen döwletiňdir, gelmedik-awuň, Beýiklik zynasy gal paýa-paýa. Eýrana gylç urun ýuwurt sypahy, Başynda berk olsun döwlet kulahy. Hemaýun dagynda pirleriň şasy, Göýä bir näheň sen möwji-derýaýa. Pişiň Eýran bolsa, puştur Turandyr, Dost işire hoşwagt, duşman haýrandyr. Ykbalyň hup gelip, işiň rowandyr, Merhemet nazaryn salsaň bir saýa...» – diýlip ýazylýan setirlere känbir ünsem berenokdy. Ol şygry ýene-de bir gezek ünsli okap çykdy. Soňam kagyzy eliniň ugruna düýrüp, daş çykdy. Daşarynyň tämiz howasy, ukusyzlyk ony hut serhoş edip barýardy. Onuň ýüreginde bolsa birhili ynjy, şol bir wagtyň özünde-de ruhubelentlik duýulýardy. Ol häzir isleginiň tersine gidip, atasynyň öýüne girdi. Garry molla namazlygyň üstünden turup, ogly bilen elleşip görüşdi. Magtymgulynyň nämüçindir howlukmaçlygyny Garry molla aňdy. Şonuň üçinem ol ýerine geçip oturjagam bolmady. – Atam, Çowdur özüniň ýigitleri bilen Ahmet şadan habar almaga ugrajak bolup dur. Ol menden bir şygyr ýazyp bermegi haýyş etdi, Ahmet şa bagyşlap. Ýazdym welin, şanyň göwnüne ýarar ýaly boldumy, bolmadymy, onçasyn-a bilemok, ýöne uzak ýola gidip barýan ýigidiň göwnüni ýykmaýyn diýip ýazdym, öz-ä... Garry molla oglunyň ýüzüne garaman ýerine geçdi. Magtymguly öňki ynamy bilen sözledi. – Atam, eger razy bolsaňyz, şol şygry okap bereýin, göwnüňize ýaramasa aýdyň... Garry molla okaber diýen manyda gabaklaryny galdyrdy. Magtymguly aljyrady. Ol megerem, mekdep ýyllaryndan bäri atasynyň öňünde diwan açmandy. Onsoňam ol özüniň şygyrlaryny atasyna ilkinji gezek okap berýärdi. Bu goşgusyny gorka okamagynyň sebäbi, ony öň hiç ýerde okanokdy. Şonuň üçin-de, pikirden, çekinjeňlikden, tolgunmadan saýlanman okap başlady. – «Ýa Ahmet şa, ýerde ýaýylsyn çawyň, Adyň asman gider arşy-aglaýa... – Magtymguly başyny gyryk ses bilen aljyraňňy başlasa-da, soň özüni dürsedi. Garry molla oglunyň şygryny öz eline alyp, okap gördi. Soň ony maňlaýyna degirdi. – Belki, hudaý, oglum, yhlasyňy hudaý eşidäýdi-dä! Çowdur janyň maksady myrat bolsun-da, hernä! Magtymguly atasynyň gamgyn göreçlerine, sürlüp, üstünden ýyl aşan sähra ýaly gasyn baglap ýüzüne garap durup bilmedi. Ol häzir ýadawlygyny ýadyndan çykaryp, hyjuw bilen sowal berdi. – Atam, men bu goşgyny Çowdura bereýinmi, ýa-da?.. Garry molla uly gussasyny gizlemän sözledi. – Köňlüňdäki ýagşy niýetiňi ýaşyrmak günädir, oglum. Ýagşy niýetiňi mübärekleýärin. Arman, bu hyjuw, bu ruh, beýle ylham menden ötüpdir, oglum. Goý, Çowdur jan seniň bu gözel goşgyny Ahmet şaga eltip bersin. Goý, Ahmet Dürrany türkmeniň özüne bolan yhlasyny duýsun... Garry mollanyň sözleri dodaklarynda doňup galdy. Işikden Gulaly girip kimiňdir biriniň çagyrýandygyny eliniň hereketleri bilen gysgajyk düşündirdi. Magtymguly kakasynyň yzyna düşüp daşary çykdy. Daşarda obanyň adamlarynyň uly toplumy, atlar, atlylar görünýärdi. Olar şolara bakan ýöneldiler. Märekä ýetmänkäler bolsa, olary Çowdur uly hormat bilen garşy aldy. – Mollam, bir ak pata beriň, ýomut garyndaşlaram garaşyp durlar, gideýliň, ýola düşensoň... Garry molla Çowdura köp-köp sargytlar etmek isleýärdi. Ýöne nähilidir bir agyr duýgular ony bogdy. Şonuň üçin-de, ol aljyraňňy görnüşde, elindäki kagyz dolagyny Çowdura uzatdy. Çowdur ol dolagy höwes bilen kabul etdi, şol mahalam onuň ýukajyk gatyny açdy. Magtymgulynyň owadan, özboluşly hatyny tanap begençli, haty maňlaýyna syldy. – Ömrüň uzak bolsun, gardaşym. – Çowdur gelip Magtymgulyny pugta gujaklady. Garry molla ugraýanlara ak pata berdi. Emma indi ençeme wagt bäri, «giden-gelen bolsa diýerin, aýdaryn» diýip ýüregine düwünçek edip ýören zatlaryny welin aýtmady. 4. Çowduryň ýigitleri bilen gidenine indi alty aý dagy geçipdi. Emma gidenlerden ne habar bardy, ne hatyr. Obanyň uly gürrüňi gidenlerdi. – Gidenler, edil guýa gaçan ýal-a boldy – diýip, dessä arkasyny berip oturan Öwezberdi şyh, Magtymgula habar gatdy. Bu ýyl ekilen bugdaýyň känbir ugry bolmasa-da, Garry mollanyň ekini hasylly bolupdy. Il-gün Garry molla aýtsa-aýtmasa-da gelip, oraga kömek berýärdi. Öwezberdi şyh hem goluny gylyç ýagşy ýaralap, süňküne zeper ýetireni üçin ata-beýlekä çykyp bilenokdy. Onuň eliniň süňki gyssagarada ýerbe-ýer ýelmenmäni sebäpli, eli egriräk bitipdi. Şonuň üçin-de, oba araragynda bolanyny kem görenokdy. Ol soňky döwürlerde Magtymguly bilen gaty höwrügipdi. Bir agşamyna öýüne ýatmaga gidýär diýäýmeseň, hemişe Magtymgulynyň ýanynda bolýardy. Ol Magtymguly özünden birneme ýaşkiçirägem bolsa, oňa aýratyn hormat bilen garaýardy. Ylaýta-da Magtymgulynyň şygyrlaryna uly söýgi, aýratyn bir sarpa bilen garaýardy. Onuň goşgularyny gözlerini ýaşardyp diňleýärdi, aýratyn bir seresaplylyk bilen özüniň garaýşyny, belliklerini aýdýardy. Obadaşynyň bu bolşy Magtymgula-da diýseň ýaraýardy. Onuň özem Öwezberdi şyhyň ýanynda bolanyny kem görmeýärdi. Çünki, bu ýigitde öz dünýesine ýakynlygy görýärdi. Onuň üçin iň esasy zadam, Öwezberdiniň özüne, süňňüni ýaryp çykýan goşgularyna düşünmegidi, gözlerini ýaşardyp olara diňlemegidi. Çünki, ol Hywada okan wagtyndan bäri özüniň şygyrlaryny şeýle hyrydarlyk bilen diňlän adama duş gelmändi. Magtymguly harman ýerindäki galak-gaçak dänäni syryp-süpürip, çuwala gapgaryp duran ýerinden, göýä Öwezberdiniň gürrüňini eşitmeýän ýalyrak bolup göge garady. Lemmer-lemmer gara bulutlar, misli uzak obalara alamana barýan agyr goşunyň saplary ýaly bolup, şo-ol geçip durdy. Deňiz tarapdan öwüsýän şemal bolsa eýýäm gyşy kabul etmäge taýýar bolup oturan ýalaňaç meýdanlaryň inini dygladyp geçip gidýärdi. «Hawa, Çowduryň gidenine bäş-alty aý geçdi. Ýöne, henizem ondan ne habar bar, ne-de hat bar. Ýa-da onuňam başyna agalarymyň güni düşdümikä? Ýa Ahmet şa olary hezzetläp-hormatlap sansyndan pena berip ýaşadyp ýörmükä? Ýok, Çowdur şanyň yssy ojagynyň penasynda eplenip ýatyp, özüniň ilini, maşgalasyňy unudyp ýörjek ogullardan däldir. Bu ýerde başga bir göze, görünmeýän bela bar bolaýmasyn?!» – Eşidişime görä, derýa boýundaky ýomut garyndaşlaryňam şol gidişi-gidişimişin. Asyl olar diri bolsa, o-ýa Kandagarmyşyn, Käbä-de gidip-gelere, pursat boldy. Bu işi beýle goýmak bolmaz, Magtymguly aga. (Öwezberdi ýaşuly adamyň ady dakylany üçin Magtymgulynyň adynyň yzyna «aga» sözünem goşýardy.) «Hossarsyz bolany üçin idelmedi, soralmady» diýilse-hä ýagşy bolmazdy. Ýa-da men ýomut garyndaşlardan habar-hatyr alyp gaýdybersemmikäm, Magtymguly aga? Öwezberdiniň gürrüňi Magtymgulyny ukudan oýaran ýaly boldy, ony agyr oýlardan alyp çykdy. Ýöne ol ýoldaşynyň sözlerine näme jogap berjegini bilmedi. Çünki, şol sözler üzlem-saplamrak eşidilip, manysy bolsa aňyna ýetmändi. Ol özüniň hut häzir göwnüne gelenini ýaňzytdy. – Sen aýt-aýt meni aýt, Öwezberdi. Çowdur bilen bile gitmänime häzirem ýanyp-bişip aňyrsyna çykyp bilemok. Näme üçin, näme üçin şolar bilen gitmedim? Eger men giden bolsadym, belki, beýle-de bolmasa bolmazdy, gardaş. Öwezberdi gözlerini balkyldadyp Magtymgulynyň ýüzüne garady. Emma Magtymgulynyň geplejek bolup tirpildäp duran dodaklaryny görüp sözlemän saklandy. – Men neme-de bolsa, olaryň yzyndan gideýin. Beýdip öz-özümiň etimi iýip ýörmäýin, dost. Magtymguly edil häziriň özünde turup, niredesiň owgan ýurdy diýip ugraberjek ýaly, Öwezberdi şyh tarsa ýerinden galdy. – Sen şu gyşyň içinde, ýagy ýaly gyşyň içinde nirä gitjek, Magtymguly aga?.. Magtymguly sesini çykarmady. Ol, elbetde, häzir gidibem biljek däldi. Ýöne özüniň hut häzir belli karara gelenine öz ýanyndan begendi. – Ýigidiň ýüreginde hyýaly bolsa, bir gün çykar, dostum. Meniňkem ertiriň hyýaly, häzir gidip bilmesemem köňül içre ýagşy niýetde bir bolaýyn. Belki, bu ýagşy niýetim olary ýaza çenli alyp gelsin-dä. Harman ýeri syrylyp-süpürildi. Diňe kiçiräk baýra çalymdaş saman harmany galdy. Magtymguly bilen Öwezberdi şyh häzir haltalary, çuwallary bogdak edip daňyp ýörüşlerine depelerine degäýjek-degäýjek bolup süýşüp barýan gara bulutlardan üzülip gaýdýan damjalaryň sanynyň artýandygynam, şemalyň gazaply ýele öwrülýändiginem aňanokdylar. Gulalynyň özlerine bakan ylgap gelýändigini ilki bilen Öwezberdi şyh gördi. Ol öňem birhili alada gark bolup oturan Magtymgulynyň ýüregine dowul salmajak bolup, sesini çykarmady. Çünki, bu zamananyň her pursatynyň däl, her bir göz açyp-ýumasy salymynyň dowully, gussaly, gamly çagdygyny ol gowy bilýärdi. Hut häzirem näme habar, näme başagaýlyk ýüze çykan bolsa çykybermelidi. Çowdur ýokdy, Adynageldi han zabunlyk bilen ile häkimsireýärdi. Ahmet şadan habar almaga owgan iline gidenlerden habar-hatyr ýokdy. Onsoň oba ilerden haçan gyzylbaş eňse eňibermelidi. Öwezberdi şyh şu zatlary gaty çaltlyk bilen başynda aýlady. Onuň ýüzüne, eline gyşyň awusy garyşan iri damjalaryn birnäçesi şarpyldap derdi. Magtymguly bolsa häzir hiç zada pisint etmän, güýçli şemala syçraşyp uçganaklaşýan saman böleklerinden gözüni goraglap, harmanyň ýele tarapyna akbaş, garak petdelerini basyşdyrýardy. Gulalynyň duýdansyz gelmegi ony aljyratdy. Ýöne eli bilen obany görkezip, goluny depesinden geçirip, «ataň çagyrýar» diýen manyda daljygyp, ýer depeläp duran ýigdekçäniň bolşy gaty gyssaga düşülendigini habar berýärdi. Magtymguly dolabara duran çuwallaryň birini arkasyna aldy. – Ýöri, gidibereli, howa-da ýagara geldi – diýip, birki ädimländen soň ýoldaşyňa ýüzlendi. Öwezberdi şyham, öz ýagdaýyna babrak, egsigräk çuwallaryň birine ýapyşdy. Emma onuň maýyp goly, oňa deprenmäge, haltany erkin götermäge maý bermeýärdi. – Sen azar edinmesene, öňem bir dik gezip ýöreniňe begenip ýörüs, birden ol begenjimizden edersiň, goý çuwaly!!! Öwezberdi dostunyň özi baradaky aladasyna, onuň şu gyssagarada göwün göteriji söz tapyşyňa begense-de, çuwaly ýerde goýmady. Gulalynyň söýgedi bilen, ony arkasyna aldy. Soňam yra-dara bolup Magtymgulynyň yzy bilen ýöredi. Elbetde, aňyrdaky ýagdaýy görüp, şonuň howsalasy bilen gaplanany üçinmi, ýa-da ýaşlyk hyjuwymy, çyplagrak endamyna ýeliň çawlamasy täsir edeni üçinmi, Gulaly has öňden hasylap barýardy. Magtymguly öýe girmänkä, nähilidir bir betbagtçylygyň bolandygyny duýdy. Birdenem, Akgyzyň çirkiň sesiniň çykanyny eşitdi, Ol egnindäki çuwaly öýleriň ortasynda taşlap, öz öýüne garşy ugrady. Işikden girmek islän pursady, aňyrdan atasynyň çykandygyny görüp daýandy. – Atam, näme boldy?! Garry molla uzyn ýeňleri bilen gözlerini sylyp durşuna, gamgyn jogap berdi. – Oglum, mert bolgun. – Magtymguly nämäniň-nämedigine düşünmese-de, aýylganç bir zadyň bolandygyny aňdy. Ol ömründe etmedik işini etdi. – Atam, näme habar boldy, aýt ahyryň, atam?! Garry mollaň gussaly gözleri oglunyň ýüzüne garap bilmän, garşydaky daglara garady. – Oglum, agtyk görmegi Allatagala bize nesip etmändir, bala. Perzent siýdigini etegiňe dökmeseň, kim saňa döwletli diýer, kim saňa... Magtymguly atasynyň sözleriniň ahyryny diňlemedi. Ol kürsäp içeri girdi. Akgyz oglunyň başujunda oturan ýerinden bürenjegini ýüzüne çekip, yzylap aglaýardy. Ol Magtymgulyny görüp hasam ejizledi. Özüni oglunyň üstüne goýberip, zarlap-zarlap aglady... Magtymgulyň içerde köp durmaga takaty ýetmedi. Ol ylgaşlap daş çykdy. Daşarda Öwezberdi şyh bilen Gulaly uly gam-gussa bilen işige garap otyrdylar. Magtymguly daşary çykanda özüne iň eziz bolan adamlara gaty gynanç bilen garady. Emma ýüregine ýapyşan gory söndürere melhem tapmady. Akgyzyň: – Balamy aldyrdym-leý, Guzymy aldyrdym-leý – diýen zaryn-zaryn sesi, gazak gelniň ahy-perýady onuň beýnisini, ýürek-bagryny kesim-kesim edýärdi. Güýz çabgasy töwerek-daşy suw-sil edip barýardy. Onuň üstüne, günbatardan aldajynyň owazy ýaly elhenç sygyryp öwüsýän çapgyn ýel awuly, sowuk damjalary owuçlap-owuçlap ýüzüňe serpýärdi, ýakaňdan jogurdadyp guýýardy. Magtymguly tebigatyň bu gazaply oýnuny duýmady. «Eý, hudaý, meniň öňki çeken pyraklarymy az gördüňmi? Ýalňyz balamy maňa köp gördüňmi? Ulalar, ýüregime aram, göwnüme kuwwat bolar diýip ýördüm ahyryn. Men neneň çydaýyn bu ýowuz derde? Men indi nämäni höwes edip, nämä guwanyp ýaşaýyn, bu, dünýede? Kime derdimi aýdaýyn, kimden dalda gözläýin?1» Magtymguly häzir dünýä syganokdy. Ol ýöräp barýardy, şol ýöräp barýardy. Diňe dagyň öl kesmeginden aýagy typyp, ep-esli aşak süýşüp gaýdanda özüne gelen ýaly boldy. Töwerek diýseň garaňkydy, Soňudagynyň çuňňur deresiniň agzy, misli uly köwegiň girelgesi ýaly, ýüregiňe dowul salyp durdy. Ýagyş diňipdi. Töwerek-de yns-jynsyň barlygy bildirmeýärdi. Magtymguly agyr oýlardan açyldy. Ýöne ýüregi welin köşeşmändi. Nähilidir bir umydyň, ertirki güne höwesiň kiçijik işigini tapasy gelýärdi. Emma häzir ýüregine agram salmaga Magtymgulynyň gurbaty ýokdy. Çünki, ol oý-pikiriň düýbüni näçe deşere getirse-de, ertirki gün höwes eder ýaly, umyt baglar ýaly zat tapmaýardy. Ol ertirleriň edil şu deräniň düýbüne gidýän ýaly elhenç garaňkylykdygyny diňe duýmak-ha däl, ýüregi bilen syzýardy. Şol garaňkylyk, sowuklyk, ýalňyzlyk ony edil şu ýeriň özünde dirilik bilen hoşlaşmaga-da mejbur edäýjek-edäýjek bolýardy. «Enesiz, dogansyz, dostsuz, ogulsyz, syrdaşsyz, arzuwsyz, umytsyz ýaşadyň näme, ýaşamadyň näme? Hä, eý, goja daglar, eý, ýagşyzadalaryň nazary düşen gadymy dereler, eý, gara daşlar, jogap beriň, taňrynyň öňünde meniň näme ýazygym, näme etmişim bar?!» Häzir Magtymguly hem göýä bir, bu äpet daşlaryň biri ýaly bolup, tebigatyň baky synasyna öwrülen ýaly bodup otyrdy. Häzir daşlar ony özleriniň hemaýatyna alyp, basymdan-basym täze bir daşyň dörärine, onda-da özleriniň gözleriniň alynda ynsandan daşyň döreýşine şaýat boljak ýaly bolşup, dymyşyp otyrdylar. «Ýa sizem meňiň ýaly pyrakdan, dertden ýaňa daşa öwrülen ynsanmysyňyz, eý, gara daşlar? Bu daglaram meniň ýaly biçäreleriň, synasy daglylaryň sanýetmezinden dörän äpet mazarlykmydyr, eý, daglar, ýa-da siziň derdi-dagyňyz meniňkidenem ýowuzmydyr? Men özümiň derdimi size aýdyp, siziň derdiňizi hasam agraldyp ýören bolmaýyn?!» Gapdalrakda deräniň bir ganaty bolup duran gaýanyň kemerleri güwläp gaýtdy. Äpet-äpet daşlar togarlanyp, daşlar daşa degip ala-zenzele edýärdi. Deräniň çuňlugynda näbelli haýwanlar aldajy ses bilen iniňi düýrükdirip arlaşyp, molaşyp, uwlaşyp goýberdi. Edil golaýjykda bir guş üýtgeşik ses bilen elhenç gygyrdy. Magtymguly ýerinden turdy. Ol diňe häzir üst-başynyň sykybermeli öl bolanyny duýdy. Ol egnindäki uzyn donunyň synlaryndan syrygýan damjalary eli bilen yzarlap durşuna, aşakda, jülgäniň agyzjygynda kimiňdir biriniň uludan ot ýakýandygyny gördi. Oduň uzyn dilleri garaňkylygyň ganatyna agyz salýana meňzeýärdi. Şol ot Magtymtulynyň sowan ganyna azajygam bolsa ýylylyk garyndysyny goşan ýaly boldy. Ol assajadan seresaply ýöräp oda bakan ugrady. Ot golaýda ýanýan ýaly bolsa-da, oňa ýetmek üçin ep-esli ýöremeli boldy. Öwezberdi şyh Magtymgulyny oda ýetmänkä garşylady. – Gel, dost, ýylyn, onsoň oba baraly, molla aganyň göwnüni soramasaň, onuň haly seniňkiden ýeňil däl. Magtymguly oduň başyna geçip daşyň üstünde oturdy. Kerkawyň guran çyrpylary uçgunlaryny syçradyp, şytyrdap gaty güýçli ýanýardy Ol töweregindäki iki adamyň göwnüni gaty basym awlamak isleýän ýaly uzyn dilleri bilen şolara golaýlap-golaýlap gidýärdi. Belent ot Magymgulynyň göwnüne täsin meňzetme bolup ornady. «Adamam edil ot ýaly bir zat. Ol almaly, tutaşmaly, güýç alyp ýanyp-ýanyp, ahyram külüň göge sowrulmaly? Hany, öňki belentden ýanan otlar, hany, gardaşym Abdylla, käbäm enem, Mämmetsapam, Çowdurym, oglum, olar gör, nirelerde sönüp gitdiler. Gör, meniň odumam tutaşyp-tutaşyp ýanýar, ah, sen näçe pursat ýanarkaň? Seniň sanaglyňda näçe odun barka? Ol, gör, näçe güne ýeterkä?» Ol Magtymgulynyň öň tarapyny bişirere getirýärdi. Emma onuň arkasy üşeýärdi. Şonuň üçin ters ýüzüni öwrüpdi. Indi bolsa onuň arkasy ýylap, öň tarapy üşeýärdi. Oduň başynda indi beýdip oturmagyň peýdasy ýokdy. Ot endamyny az salymlyk ýylytsa-da, gussaly duýgular bilen ýüregisi, ganyňy buz ýaly edýärdi. Ot söndi. Üýşmek közüň üstündäki ýukajyk küli köwsarlap urýan şemal dagydyp goýberýärdi. Töweregiň garaňkysy indi hut közleriň töweregine bilguşak bolup dolanýardy. Magtymguly edip oturan pikirinden daşlaşmak üçin ýerinden turdy. – Gideli, gardaş, gideli. Gaýgy-gamdan, hesretden gaçyp gitjek ýeriň ýok. Kelläň bilen ýüregiňi deräniň aýagyna gidip taşlap gaýdybermeseň, hesret senden galjak däl. Meýdan bilen juda seresap ýöremelidi. Dar jülge, insizje ýodajyk, ýoluň garasyndaky mähnet daşlar, typançak ýer her ädimiňi seresap ätmegi talap edýärdi. Şonuň üçin-de, Magtymguly bilen Öwezberdi şyh daňyň alagaraňkysynda öýe geldiler. Hemmeler ýatyrdylar. Öňde bolsa Magtymguly üçin çekip çydardan agyr dertli gün garaşýardy. Ol bu gün ýaňy dünýä inen, heniz bu durmuşyň deminiň yssysyny, sowguny datmaga-da ýetişmedik nowbahar ogluny gara ýerin doýmaz-dolmaz holtumyna dykmalydy. 5. Çowdur gideli bäri geçen bir ýylda hajygowşanlylaryň derdi, gaýgy-gamy egsilmedi. Gaýta gyş gelen uly sil bilen gyzylbaş belasyndan gulagy ýaňy dynan adamlaryň başyndan musallat bolup iýdi. Ýonaçynyň çeşmesiniň ýokarsyndan gaýdan bela, öleňi durşy bilen syryp-süpürip gidipdi. Onuň holtumyna Çowduryň işigindäki äpet söwütler, garagaçlaram düşüpdi. Asyl siliň bir goly edil bir ot belasy ýaly bolup, Çowdurlaryň öýüne girip, onuň ojakbaşylaryny gara läbik bilen boýapdy. Şonuň üçin olaryň öýüni indi siliň ugrundan çeträkde, Magtymgulylaryň syrgynyna golaýda, medresäniň hatarynda dikmeli bolupdy. Indi arada jeňňel bolup ýatan öleň bolmany üçin, Magtymguly Çowduryň gelni Annahaly, inisi Atanazary günde-günaşa görýärdi. Ol häzirem elindäki ýenjilen kümşi ýagta tutup, düşegiň tekizligini synlap durşuna, Çowduryň öýüne garşy seredenini duýman galdy. Magtymguly Çowduryň gelni Annahaly her sapar göreninde ýüreginiň gussa bilen dolýanyny aňýardy. Çünki, ol asylly maşgala adamsynyň hatyrasyny saklap, özünden az-kem kiçem bolsa, Magtymgulydan ýaşynýardy. Ylaýta-da oguljygy beýle bolaly bäri Akgyzyň göwnüne hemaýatçy bolup ýördi. Magtymguly öýüne juda seýrek girip-çykýardy. Ol bu öýüň özüniňki dälidigini duýýardy. Şol öýe girende hemişe agasy Abdyllanyň Akgyza öýlenen ýylyny, şonda çaga begenji bilen bilelikde ýüregine surat bolup ýazylan, indem şu dünýäde ýaşap ýörkä aýryp bolmajak keşpleri, duýgulary birin-birin ýadyna salýardy. Onsoň onuň aşynyň mazasy, şatlygynyň lezzeti gaçýardy. Akgyz onuň üçin agasynyň aýalylygyna galypdy. Ol onuň bilen ýorgana gireninde, hemişe uly iliň öňünde etmesiz bir işi edýän ýaly, ony uly iliň bilýänligi, häli-şindi kimiňdir biriniň gelip tutjagy, masgara etjegi gümana ýaly bir duýgyny başyndan geçirýärdi. Şonuň üçin-de, onuň öýlenip öý lezzetini, gujaklap ýar lezzetini bileni ýadyna düşenokdy. Ýene-de Akgyz zor çykýardy. Ol Magtymgulyny özüne höwrükdirjek bolup, her ýoldan, her tarapdan ýöreýärdi. Ol ogly bolanda diýseň begenipdi. Indi Magtymguly onuň saçynyň ýekeje taryna baglanyp, gölesiniň daşynda hyr urup aýlanýan tüwe ýaly bolar öýdüpdi. Emma ol bolmady. Ogul, ol Magtymgulynyň ýüreginde deňziň düýbüne düşen dür dänesi ýaly täsin öwüşgin bilen buldurasa-da, onuň ömrüni ýalkyma çümdürip bilmedi. Onuň ogly ýylgyrşy bilenem, aglaýşy bilenem Abdyllany ýatladar durardy. Ogul üçin begenmeýän, ogluň höwesi bilen ganatlanmaýan, ogluň güýji bilen kuwwatlanmaýan ata ýok bolsa gerek. Emma ol ýagşy duýgular Magtymgula lezzet däl-de, ezýet berýärdi. Ol: «Eger, agam bar bolsady, ol gör, nähili begenerdi. Bu ogul biziň hemmämiziň ýüregimize çyrag bolardy. Garry atamyň bükük bili ýazylardy, wah, arman, arman...» Ol armanlar Magtymgulynyň ogul höwesi, yhlasy ýerleşmeli kükregini dolduryp, oňa ýagşy umytlary, tämiz höwesi goýbermeýärdi. Şonuň üçin-de, ol ogluna ýekeje gezegem oglum diýip ýüzlenmändi. «Ulalar, dädem diýip dil çykarar, belki, şonda meniň gussamy syrar» diýip garaşypdy. Emma onuň ol umytlaram daşyň üstüne sepilen tohum ýaly bolup, ölüp galypdy. Indi ol oglunyň barlygyna begenmedik günlerine gynanyp ahyryna çykyp bilenokdy. Magtymguly elindäki kümüş bölegini sandalyň üstünde goýdy. Soň özüniň gam-gussa batyp oturan bu halyna ökündi. «Gör, Çowduryň gelni zenan bolsa-da, bizden zor. Ähli hasraty, gaýgysy içinde. Il onuň dagy-düwnüni aňjak gümany ýok. Meniň welin ähli gaýgym dilimiň ujunda. Aýyn bolmasa, derdimi şygra salyp, kagyza geçirýärin. Hany, söwer ýaryň, hany, ogluň, hany, dostuň, hany, iliň-günüň? Öz derdiňi dessan edeniňden, ilki bilen şolaryň adyny alkyşlap kagyza geçirmeli dälmisiň?» Ol pikirini soňuna çenli külterläp bilmedi. Çowduryň inisi Atanazar içeri girdi. Onuň yzyňda bolsa Annahal durdy. Magtymguly ornundan nähili turanyny bilmedi. – Geliň, geçiň! Gözüm üstünde ornuňyz bar. – Atanazar ikigöwünlilik bilen tekdiriň üstüne geçdi. Emma Annahal iç işikde, arkasyny kepbäniň diwaryna söýäp oturdy. Häzir Magtymgulynyň ýadyna örän ýagşy pikir düşdi. Ol bu biçäre gelniň göwnüni galkyndyraýyn. «Ine, şu gülýakanyň düşegi. Nesip bolsa, gowy şaý bolsa seniň paýyň bolsun, Annahal gelin!» diýmek üçin Atanazaryň, soňra gelniň ýüzüne garady. Emma Annahalyň gözlerinden monjuk-monjuk bolup akýan damjalary görüp, onuň aýtjak sözleri bogazynda doňup galdy. Gözlerine ýagşy umytlardan ýaňa ýaňy ýöräp başlan röwşen öçdi. Işini goýup, Atanazaryň gaşyna geçdi. – Magtymguly aga, gelinbibim bilen oturyp-oturyp bir pikir etdik. Indem nähili bolarka diýip seniň ýanyňa geldik... Gelnejesiniň ýüzüne garanda Atanazaryň damagy dolup, gözlerine nem geldi. Onuň ýaş, owadan ýüzi, ýaňy çekilip başlan çekgeleri titräp gitdi. – Aýdyber, didäm, aýdyber. Siziň ýüregiňizdäki ýagşy umytlar meniň ýüregimiň söýesi boljagyny unutma. Annahal ýaşynyp, ap-ak eliniň aýasy bilen ýüzüni ýapyp oturyşyna assaja sojaýardy. Şol bir wagtyň özünde-de, Magtymgulynyň maslahatyndan soň adamsy uzak ilden hä diýmän gaýdyp geläýjek ýaly, ýüregi, bagry, asyl tutuş göwresi bilen gulaga öwrülip, gulak asýardy. Atanazar derçirän ýüzüni ýeňi bilen gaýta-gaýta süpürip, kepäp, ýarylara gelen dodaklaryny gaýta-gaýta ýalap, ýüregindäkini orta dökdi. – Aşaky obadan ýomutlardan bäş-alty ýigit, Kandaraga, Çowdur dädem dagynyň giden ýerine ugraýýalar. Menem şolar bilen gidibersem nähili bolarka? Bu habara Magtymgulynyň garaňky dünýäsinde ýyldyrym çakyp, ony birdem ýagtyldan ýaly boldy. – Kim diýdi, ony saňa? Atanazar gürrüňdeşini gyzyklandyranyna begenen ýaly, hasam gyzdy. – Gelinbibim, dädeň bilen gidenlerden habar-hatyr gelmedimikä, Çowdur dädeňi gören-bilen ýokmuka diýip, meni aşaky obalara iberdi. Şonda birentek adam gidýe diýdiler. Menem şol adamlary ahtaryp tapdym. Olar ýene-de üç günden, çarşenbe güni ugrajaklar. Onsoň menem gideýin diýdim. Gelinbibimem: «Gideli, Magtymguly agaň bilenem maslahatlaşaly diýip alyp gaýtdy. Magtymguly begenjini gursagynda ýaşyrdy. – Annahal gelin, özüňizi horlamaň, ýagşy umytda boluň. – Ol Atanazaryň göni gözlerine garady. Atanazar, inim, senem darykma. Men bir molla agaň bilenem maslahatlaşaýyn. Onsoň, ýagdaýlary bir seljerip göreli. Belki, Hajygowşanyň özündenem gitjek tapylar. Ýoldaşyň zyýany degmez. «Ýekelik hudaýa ýagşy» diýipdirler... Annahal gelin bilen Atanazar çykyp gidenden soň, Magtymguly özüniň ýüreginiň çuň gatynda dörän duýgulary saldarlap başlady. «Adamlar Kandagara gidýän bolsa, ýoldaş bar bolsa, ýomut garyndaşlardan galman, menem gideýin. Bary bir, bu ýerde meniň sudurym gezip ýör, ruhumyň nirededigini, Alla bilsin». Ol kepbäniň iç ýüzünde duran synjalyk kündügi alyp elini ýuwdy, sakgalyny tämizledi. Paýadan donuny alyp egnine geýdi, gazykdaky telpegi başyndaky bilen çalşyrdy. Birsalym böwrüne diň salyp, atasyna aýtjak sözlerini gursagynda jemledi. * * * Garry mollanyň çakylygyna gelen Nyýazsalyh molla näme diýip, näme aýtjagyny bilmedi. Ol häzir kandagarly gürrüňi eşideninden eşitmänini ybaly görýärdi. Şonuň üçin-de, bu elhenç adyň töweregindäki şeýtanlary kowmak üçin, üç gezek tüýkürdi, ýagşa ýordy. – Wah, molla, sizem bir zat aýdyberýorsyňyz, bizleriň ol gödegimiz1 bizleriň diýenymyzam edenýok, indi. Iller kitýor, men galýoryn, iller ölýor, men ölmeýoryn diýip, azar ýamanyny berýor. Indi oturyp-oturyp puşmanlar etýoryn. Goý, gitsin diýamaly ekenim. Näme bolsa il bilen-ä bolardy. Beýtdirip özlerimize ýagy çykandan-a.. Magtymguly kemrägem bolsa, arka tapynanyna begendi. Onuň ýüregindäki umyt ýene-de ýandy. Özem täsin bir owaz bilen diline geldi. «Gidenimiz ýok alty bilen bäş bile...» meger, gitsek halkyň köňli. Ol ýalt edip töweregine garady. Göwnüne bu owazy ýanyn-da oturanlaram eşiden ýaly boldy. Özi welin pessaý, özem joşgun bilen, möwç bilen yňdarylyp gelýän sözleri-basyp gürledi. – Atam, gitmek höwesi kalbyma giripdir. Sebäbi men geçen ýazdan bäri, Çowdurdan galalym bäri özümi horlan ýörün. Bu gün bolsa köp oýlanyp ýanyňa geldim. Eger gitmesem il-gün näme diýer, eger Çowduryň inisini agasynyň gözlegine iberip, menem bu ýerde tohumlyk ýaly bolup galsam, saňa ýagşy bolarmy, atam? Garry molla dymdy. Magtymgulynyň ýüregindäki owaz ýene-de gozgalaňa düşdi. Ol indi Magtymgulynyň äheňiňde däl-de, agasynyň mylaýymdan pähimli, paýhasly owazyna öwrülip dünýäni gaplap barýardy: «...Birehim owgandyr, dini yslamdyr, Garakçydyr ýollar, hyzdyr haramdyr, Ölermiň, ýitermiň, gitmegil oglum». Magtymguly, bu owaza hasam galkyndy. – Atam, siz gyýylmaň, eger janyma kast etmäge ajal ýetişse, onda ol men Owganda bolanymda-da, Käbede bolanymda-da, asyl, seniň gapdalyňda oturan bolsamam etjegini eder. Ýöne, siz maňa ak pata beriň. Ýüregime giren gitmek höwesini, birniçeleriň bizden edip oturan tamasyny köýdürmäň, atam! Garry molla «häk» diýip, birhili gowşady, soňam ep-esli mahal dodagyny dişläp oturdy. Bu onuň gürrüňdeşiniň sözüne pitiwa edip, oňa ýüregi bilen uýdugydy. Dostunyň, aşnalykda ömrüniň ep-esli bölegini ötüren adamyň bu häsiýetine belet bolan Nyýazsalyh mollanyň ýüzüne ýylgyryşyň ýukajyk gaýmagy çaýyldy. – Häk, molla, ogluň yhlasy-ha zor. Bu yhlas ýürekde garrasa, ömri ýakyp kül edor. Sizler Magtymguly jana ak pata beriňler. Goý, gitsin, belki, Allam gidenleriň çilesi açylyp, ýoluna nur çaýylsyn. Bu çynlakaý gürrüňe, öňem iki sany çynar boýly perzendiňi dag arkasynda ömürlik bendilige aldyran Garry molla erbet tisgindi. Ol haraý isläp, goldar, ogluny yrmaga hemaýatçy bolar diýip çagyrdan adamsynyň onuň isleginiň garşysyna gürläp durmagyna, bu gün guwanyp, ýitirip, soň gan aglajak günlerine birden gysylyp, suw-sil bolup derledi. Ýöne şonda-da bigünä dodaklaryny dişlerinden azat etmedi. – Haý, ogul, taňry ýar bolsun-da gitseň. Ömrümiň ahyrynda, öňem deşim-deşim bagrymyň üstüne, bir kürüm gor guýulmasa-da biri. Magtymguly atasynyň beýleki sözlerini eşitmedi. Ol eýýäm özüni Owganyň ýolunda görýärdi. Ol ýerde mähriban dosty, belki, eziz doganlary bilen duşuşygyň boljagyna hökman ynanýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |