12:59 Pyragy -4/ romanyñ dowamy | |
4.
Taryhy proza
Garry molla başyny ýassyga goýup çalaja ymyzganandan, ertir azany aýdylyp başlandy. Ol ýerinden gozganman ýatyrdy. Onuň göwnüne bolmasa düýnki edilen gürrüňler, söhbetler mysaly bir uzak döwürde görlen düýş ýaly çalaja dumanlap durdy. Döwletmämmet mollanyň göwnüne bolmasa, tutuş geçen ömri, misli geçmedik, indi başlanmaly ömür ýalydy. Ol geljek günleriň işiginden oýa çümüp oturan ýalydy. Häzir oňa ganat gerekdi. Uçmalydy. Emma onda gurbat galmandy. Ol şol gurbatsyzlykdanam özüni tanaýardy. «Indi, ahyretiň hem daş däl, Garry molla! Ol gudraty güýçli bilen duşowar boljak müddetiň hem indi daşda däl!» Bu duýgy Garry mollany birjik-de täsirlendirmedi. Ol hüjre pisindinde gurlan tamyň böwür burçuna gözüni dikip ýatyrdy. Häzir onuň agyr oýlara çümesi, geçen günlere öwrülip, her bir bagtly güni, her bir bagtly pursady dörjäsi gelýärdi. Hakykatdanam, ýagşy umytlaryň, ýagşy duýgularyň barysy yzda galypdy. Indiki sürüljek döwran, görüljek günler onuň ýuwundysydy. Ol özüniň küpür pikiri üçin toba etdi. Ol bir wagtlar ýagşyzadalaryň öýüne haja gitmäge-de şaýlanypdy. Asyl harjynam jemläp ugrapdy. Emma «çagalaryň yrsgyny bölmäýin» diýipdi. «Nesip bolsa, oglanlar ýetişer, öýüm, döwletim artar, şondajyk munuň ýaly ýeter-etmezlik hem bolup durmaz. Enşalla, şonda gider gelerin. Öz ýüregime-de makul bolar, çagalarymyň yrsgynam bölmeli bolman diýipdi. Emma, hany boldumy? Hemmesi tersine boldy. Ýöne ol gitmänligine ökünibem durmady. Elbetde, nesip däldir-dä! Ol Seýit owşar işan barada oýlandy. Ol adamyň ömründe bolmadyk ili, barmadyk galasy ýokdy. Aýdyşyna görä Mekge-Medinede-de bolupdyr. Emma, onuň bolşy, gepi-sözi misli bir öýünden aňryny görmedik ýalydy. Garry mollanyň çakyna görä, hudaýtagalanyň öýüni-işigini gören adamyň ýülügine agraslyk, pähim-paýhas kenegi guýlaýjak ýalydy. Emma... Garry molla hakykatdanam, bu işany halap baranokdy. Emma olam taňrynyň bendesi bolansoň sandygyndakyny daşyna çykaranokdy. Ylaýta-da işanyň: «Hä, sen patyşalar barada kyssa ýazypmyşyň diýýeler-hä, bizlere-de ber okaly. Bizlerem patyşalar barada kyssa ýazmakçy, ýöne keramatlyrak tepter aktarýaryn. Hywa, Buhara, Yspyhana, Maşada gidiýenlere sardym. Şondon soň, enşalla, bir sähetli gün başlamakçy» diýip, bizar edip ýörmesini halamaýardy. Garry mollanyň göwnüne jaý bolmaýan ýene-de bir zat, onuň kellekeser Nedir şany öwmesidi. Garry molla Nedir şanyň taryhyny gowy bilýärdi. Onuň Abywerd töwereginde ýaşan garyp türkmeniň ogludygyny, onuň ýany özüni bileninden başlap on sekiz ýyllap Horezme ejesi bilen sürgün edilendigini, Nediriň ondan gelip garakçylaryň başy bolanynam, Kelat galasyna han bolup, soň Tahmasp şaha gulluga geçeninem bilýärdi. «Ol dogman geçen şanyň ynamyna girjek bolup näme poh iýmedi. Onuň parsylaryň şasy boljak bolup, ketde işany öldürenini bütin gyzylbaş gürrüň etmiýämi? Ahyryn-am öz başyny iýdi, gözi gandan doýmadyk zalym». Garry mollanyň pikiriçe ol zalym barada kyssa ýazman, gargyşnama ýazmalydy. Emma Seýit owşar işan... Dagdandan ýasalan agyr işik jygyldady. Içeri gazak gelin girdi. Onuň elinde ýyly suwly kündük bardy. – Moldam, däretge oturasyňyzba? Deniňiz sauma? – diýip, şeýle parahatlyk bilen habar gatdy. Ol adamsynyň agyr donuny dula garşy gaty-gaty silkdi. Soň onuň başujunda epläp goýdy. Daş çykyp, ep-esli wagtdan gabsany jygyldadyp içeri girdi. – Keýimiňizdi austyryň. Üstüňizdegini juwup bereýin. – Gazak gelin dulda duran namazlygy öýüň ortasyna ýazdy. Adamsyna päsgel bermesin diýen manyda üsti Gurhanly haçjany az-owlak töre süýşürdi. – Kişte Öwez aga keldi. Jaman köp karasdy. Jäned keler. Jumusam mar deýdi. Döwletmämmet molla usullyk bilen ýerinden galdy. Onuň kellesindäki pikirleriň buludy syrylypdy. Misli gögüň ýalňyz ýyldyzy ýaly bolup Öwez aga baradaky oýlar galypdy. Öwez aganyň aljyraňňy keşbi, süňkbaşy iri göwresi göz öňüne geldi. «Eýgilikmikä beri?» diýip hüňürdänini duýmady. Namaz okap bolup, Haýrynsanyň däri-dermanlaryny kabul edenden soňam Öwez aganyň gelip-gitmeginiň sebäbini duýup bilmedi. Göwni intipisli bolany üçin iýip-içibem ugry bolmady. Ahyry Adynageldi hanyň syrgynyna bakan ýola düşdi. Öwez aga Hajygowşanyň belli adamlaryňyň biridi. Zähmetsöýerlikde, gep owadanlamakda, märeke güýmemekde onuň deňine geçjek adam ýokdy. Ýaşyrak wagty märekede oturanlar: «Meýlisimiz harama çykdy. Öwezi getireliň gidip» diýer ekenler. Ýöne ol Öwezden diňe gury göwre galypdy. Ol indi obanyň belli garybydy. Şonuň üçin ile-de känbir çykyp baranokdy. «Aý, hawwa-da, döwür, döwran namysy kemrägiňki boldy-da!» diýip oňaýýardy. Garry molla syrgynyň günbatar çetindäki kepbeleriň birine bakan ýüzlendi. Biri-birine meňzeş, egnini gysyp, gözgyny bolup oturan kepbeleriň haýsy biriniň Öweziňkidigini bilip bilmedi. Gapyda ýüň reňkläp oturan garrynyň deňinde az-kem saklandy. Ony tanan kempir ylgap diýen ýaly gelip, Garry mollanyň goluna ýapyşyp salamlaşdy. Agyr ýaşmagyň astyndan begençli pyşyrdady: – Hiýwu-u, Döwletmämmet aga jan, geliň, geçiň, öýe. – Ol ýene-de bir zatlar pyşyrdap, kepbesine bakan gybyrdaklady. Garry molla ony saklady. – Hany, bu, Öwez uzynyň çatmasy haýsy? Kempir misli ýumuşjaň oglanjyk ýaly bolup onuň öňüne düşüp günbatarlygyna gitdi. Soň eşigi çöküşen gara öýe girdi. Öýden «Wäh-de, wäh» boluşýan sesler eşidildi. Öwez aga, ýene-de bir ýetginjek, heniz ýüzüniň suwy gitmedik aýal maşgala daş çykdy. Olar misli gelmesiz bir adamyň gelenine haýranlar galýan ýaly bolşup, Garry molla garaýardylar. Gürrüňi Garry mollanyn özi bozdy. – Essalowmaleýkim. – Ol Öwez aga, ýigdekçe bilen görşüp, aýallar bilen saglyk-amanlyk soraşdyrdy. Häzir onuň aýak üstünde känbir durarlygy ýokdy. Şonda-da gollaryny biline söýget edip çydady – Öwez, bala-çaga, öý-içerler, mal-başlar amançylykmydyr? Bizem şeýdip geläýmesek sizden-ä ol işikleri tanan ýok. Öwez aganyň içine giden göwresi daýanan ýaly boldy. Ol gözlerine begenç ýaşyny aýlap gürledi. – Ömrüňiz uzak bolsun, alla ýalkasyn, ahun! Şükür alhamdilalla, ýokarka sygynyp gün dolap ýörýek, bizem. Geleniňize taňryýalkasyn, ahun. Oba adamlary Garry mollanyň adyny köplenç ahun diýip, aýratyn hormat goýup tutýardylar. Şonuň üçin Garry molla bu söze känbir giňelip-daralybam oturmady. Garry mollanyň halsyz, yranyp durşuny halamadyk Öwez aga içeri gygyrdy. – Atagulyň ejesi, aý, Atagulyň ejesi, düşek at töre diýýän. – Ol ylgaşlap diýen ýaly içeri girdi. Içerden; «boluň, boluň!» diýen zarply ses eşidilýärdi. Garry molla «bissimilla» diýip işikden ätledi. Içerini ýagy syran ýalydy. Törde dikilen iki paýa kese atylan agaja ýapylan ýüzüniň suwy giden ýorganlar» dula gerlen köne çuwallar diýäýmeseň, içerde meňki bolsun diýer ýaly zat ýokdy. Garry molla megerem, içeriniň ýeke-täk ýüzi suwly zady bolaň goýun ýüňünden edilen keçäniň üstüne geçdi. Keçe ýumşakdy. Beýleki düşekleriň sary gidipdir. Öwez aga bu hormatly myhmanyň nazarynyň düşen ýerine garap, birhili utanýardy. – Eý, ahunym, zamana biziň syrtymyzy açdy. Baran ugrumyz ýapyk, gören günümiz görgi, eden işimiz bergi boldy. Gök yrak, ýer çuň. Asyl, näme etjegini biler ýaly bolmady. Seň bu garyp günümizi taň görme, ahun. Il muňa-da şükür edip ýör. Biziňkiçe güni ýoklara näme diýeli?.. Garry molla gezegine garaşdy. Iň esasy zat ýaşulynyň göwnüne tämizlik salmakdy. – Sen näşükür bolma, Öwez. Şu wagt uly iliň ýagdaýy seňkiden ybaly däl. Il bilen gelen toýda baýram diýipdirler. Öwez aga öňürtiledi. – Hawwa, hol baýryň üstünde nähili gün görülýänini ýagşy bidip durunda, bolýa-da. Garry molla dymdy. Ol has ötgürräk, dişliräk sözler saýlady. Emma häzir beýle sözi tapardan aň ejiz gelýärdi. Ýöne dymyp oturmaly däldi, – Sen, Öwez, beýle diýme, ikimiziň saçymyzdan sakgalymyzdan ak giripdir. Bir topar bala-çaga agzymyza garap otyr. Bizem kanagat etmekden gaýry beýle heň çalyp ýörsek, onda nähili bolar? – Aý, ahun, men-ä kanagatly bolmakdan irdim. Hudaýtagala ornunda bolsa, dag tarapdan bir sürüp hemmäni bir deňlik etse, şonam bir görsem içim sowar, ýogsa... Garry mollanyň sesi ynjyly çykdy. – Sen meniň ýanyma şu zatlary aýdyp içini sowatmak üçin bardyňmy? Onda men ýalňyşypdyrynda. Sen öňki Öwez boljak bolsaň sabyrl-a bolmal-a bolarsyň. Öwez aga özüni lampa aşak goýberdi. Ol ýassyga bagryny berip, birki gezek «owf» etdi. Garry mollanyň halsyzlygy ýatdan çykypdy. Ol Öweze mylaýym sözler bilen ýüzlendi. – Hudaýtagala bu zatlary görmän duran däldir. Hany han, garyby garyp bolmajak bolsa mundan dünýä bolarmydy. Bu dünýä bir az salymlyk synaghanadyr. Gudraty güýçli seni gün görsün, durmuş aýlasyn diýip bu dünýä inderen däldir. Seni bäş gün synap, ahyretiňi mizana aljak bolýandyr. Sen ahyrýetiňi unutma. Onsoňam o gözüňi baýryň üstüne dikme-de, bu baýryň üstüne dik. Han-ha, garybyňam, baýyňam, hojaňam, ahunyňam des-deň bolup ýatyr. Näme ho-ol baýryň üstündäkiniň hudaýy başgamy? Ýok. Allatagala oňa-da bäş gün döwran eçilendir. Ol hem şol synag bäş gününi dolap ötmeli. Sen başarsaň olara hormat et, olaram özüň ýaly adamdyr. Belki, olaryň ýüki seňkidenem çökderräkdir. Seniň alla kuwwat bersin diýdigiňmi?! Garry mollanyň ýüzünde ynjy köpeldi. Ol şol ynjydan saplanyp bilmän sözledi. – Gel, näşükür bolmaly. Meniňem günüm seniňkiden ybaly däldir. Ýöne «it arryklygyny gurt aňmasyn» diýleni. Meniň mymanlarym bar. Uzak ýoldan gelen. Şolaryň ýanyna barmalydym. Düýn gelip gideniňi aýtdylar-da, heýç ynjalman gaýdyberdim. Aý, başyň dik bolsa bir zady bor. Öwez aga dikeldi. Ol düýnki baryp gelmesiniň sebäbini aýtmaga birhili utandy. Göwnüne bolmasa, öýüne gelen adama beýdip dileg salmak ýaramazlyga ýakyn ýaly duýuldy. – Aý, ahun, baryp göwnüňi sorap gaýdaýyn diýdim. Biz näme, gara günden basylýak. Ogul ýetdi. Göwün garrady. Öňümizden yzymyz ýakyn. Kelebiň ujuny ýitirip, nämeden başlap, nämeden gutarjagymy bilmeýen. Onsoň... – Heý, Öwez, ýigit ýeten ogluň bar, özüňem bir dagdan aşyrmaly garry däl. Işle, ýatylyp iýlen ýer gördüňmi? Seniňki ýaly ogulla il kömek diýip gelmeli. – Garry molla ýaşulyny az-kem ýepbeklemek isledi. Emma bolmady. – Ahunym, men-ä aýak agyrydan ýaňa indi iki gün bäri täretime zordan çykýan. Bu ogulam dogmanlar geçen bolsa müň paý gowy bolardy. Ol gury gady-gady edip, meniň ýüzüme gelýe, derdimiň üstüne dert goşýa. Garry molla ojak başynda sortduryp oturan ýigdekçä garady. – Ataguly jan, näçe ýaşadyň? Oglandan gep çykmandan soň, ýene-de Öwez aga gürledi. – Men diýen wagty, on dokguzynyň içinde. Garry molla «tüweleme» diýip, oňa garşy süýşdi. – Garyp günde iýmedigimi iýdirip, geýmedigimi geýdirip ýigit çykardym. Arkasyna hopba etmese-de, kyn günümde alnymdan dirär diýdim. Gaýta duşmanymyň bermedik hyjalatyny şundan eşitdim. – Öwez aganyň zeýrenji ýürekden böwsüp çykýardy. Şonuň üçin Garry mollanyň hem gözlerine gubar indi. – Men görüň gyrasynda otyryp, öýde ýeke agyz-salym nan ýok, ýeke däne galla ýok. Munuň bolsa göwni Kap dagynda, göti kül üstünde bolsa-da, «Atyň ýok, iýmäge çöregiň ýok, ile meňzeş öýüň ýok» diýýe. Näme aýdyp, näme diýjek bi dogman geçene. Hany, gaýratyň bolsa at al-da, öý dikd-ä üstüme, göreýin. Begenjimden takga ýarylmaryn. At seniň ýadyňa düşýe, men bolsa bir gadak galla diýip telim kese ýüzümi saraltdym, aý, dogman geçen. Döwletmämmet molla Öwez aganyň neme üçin gyssagly gelendigine ýagşy düşündi. Ol ýerinden turdy. – Öwez, sen näşükür bolma, küpürlik musulman ymmatyna gelişýen häsiýet däldir. Häzir Ataguly jan meniň bilen gitsin. Öýde baryndan bir gadak, ýarym gadak bar bolsa alyp gaýtsyn. Ataguly göwünjeň turdy. Ol Garry mollanyň yzyna düşüp, tä öýüne gelýänçä sesiňi-üýnüni çykarman geldi. Garry molla «ähüm, ühümläp» öýleriň birine girdi. Soň Atagula gonak tama girmegi mürähet etdi. Garry mollanyň bu oglany alyp gaýtmagynyň özüne ýetesi sebäbi bardy. Çünki, ol bu işi beýle goýup biljek däldi. Günäniň iň ýamany ata bilen ogluň arasyna şeýtan düşürmekdi. Şony etmeli däldi. Garry mollanyň ýüzi agraslanypdy. Ol misli gabaklaryndan daş asylan ýaly bolup düşege garaýardy. Dymyşlygyň ahyry geldi. – Oglum, näme üçin ataňy ynjydýaň? Ony horladygyň bizi horladygyňdyr. Tutuş Gürgende seniň ataňa taý geljek ata ýokdur. Az günüň awusyny, köp günüň gaýmagyna garmagyn. Ile-güne göräräk bol. Sen nesibe çekip öýersek, ençeme çaganyň atasy bolup oturmaly. Sen onuň üçin awyňy ataň ýüzüne tüýkürme. Hudaýtagala sygyn... Ataguly bir gyzardy, bir agardy. Ol ýaşajyk wagty Garry mollanyň elinde sapak alypdy. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, özüni mollanyň öňünde biediplik eden oglanjyk ýaly duýup müzzerilýärdi. – Sen çekinme-de göwnüňdäkini maňa aýt. Ataňy ynjydanyňdan kesekini ynjydanyň aňsat dälmidir? Aýt, belki, delalatymyz deger, oglum. Ataguly Öwez aganyň ýeke ogly bolmakdan başga-da, onuň agasynyň hem at dakylanydy. Şonuň üçin ol raýy gaýtarylman ulalan çagady. Ol özüniň edähedini ýadyndan çykarmady. Birsalymdan soň sakyrdap ugrady. – Dädem meni ile gülünç etjek bolýa. Önem garyplygymdan ýaňa uýalyp ýön. Illeriň ogly Gandagara, ondanam Kindistana giçjek bolub atyny, gylyjyny jemläp ýö. Men welin dädemi münämesem, emmemiň oklawyny gylyç ýerine alamasam, nan, gowurma ýerine dagyň daşlaryny alamasam, başga zat ýok. Onam aýdýyn welim, gaýta üssüme hekgerilýe. Ýoo-ok, ol-a Öwez gök eken, emmemi-de üstüme gygyrytman. Ol adamyň üstüne gygyr ýaly Adynageldi hanmyşmy? Ogul dogurdylarmy, eklesinler. Ogluň dyrnagyny tapmyýanlar bar-a. Ynha, hol Çaňly hanlaryň ýa-da Adynageldi hanyň ogly bolsam näderdiler? Ýa-da seniň ogluň bolsam gözüň üstünde saklardyň, ha? Ogluny saklamak-eklemek, öýermek atanyň borja-hä... Garry mollanyň ýüreginiň başy sorkuldap gitdi. Ol içinden «Şular ýaly ogluň bolandan» soky daşy bolany müň paýdyr» diýip, toba etdi. Ony Öwez aganyň haly gynandyrdy. Ýöne bu oglany şu durşuna goýbermek, «bar, garrylary horla!» diýip meçew ber ýen ýalydy. – Hä, tüweleme, gepiň-sözüň jaýba-jaý, görk-görmegiňem hiç neneň däl. Misil, Şirini, Leýlini saňa ýar edip goýberseň, olar nadyl bolmazdylar, taňrydan, ýöne... Ataguly gürrüňiň aňyrsyny diňlemäge sabyr etmedi. – Wah, maňa Şirin, Leýli dälle, Adynageldi hanyň ortanjy gyzy Döndi bar-a, şolam bolsa bes, ýöne şol iki sany doňňaradaş diýenimi edip gidenok, molla aga. Men ýörite ýanyna gelip, şolara gudaçylyga gidip ber diýip geljegem boldum. Ýöne el degmedi. Garry molla bu baş bermez adama näme çäre etsemkäm diýip oýlandy. Ýaňy Öwez aganyň «Göti kül üstünde, göwni Kap dagynda» diýeni ýadyna düşdi. Ýöne syr bermedi. – Oglum, Ataguly jan, sen meni pugta diňle, sözümi bölme. Men saňa bir tymsal aýdyp bereýin. Hany aýt, sen borç barada näme bilýesiň? Ataguly beýle sowala garaşmadyk bora çemeli. Ol haňk-huňk edip oňdy. – Aý, borç näme? Ata-ene ogluny öýermeli, eklemeli. At-esbabyny, öý-içersini üpjün egmeli. Başga näme bolsa-da edibermeli. Garry molla dyzynyň üstüne galdy. – Ogul-gyzyň ata-epe näme borjy bar? Ataguly beren jogabyndan razy bolup, indem şol ýeňşiň şöhratyny peseltmejek bolýan ýaly äheň bilen geleňsiz jogap berdi. – Aý, men näbileýin, hiç hilem borjy ýok. Gaýta ata-enede bolar borç, dogrup dagy... Garry molla donunyň uzyn synlaryny çekdi. Soň uzyndan hor barmaklaryny dyzçanaklaryna goýup ýerinden turdy. Ýüküň önünde desse-desse bolup ýatan düwünçekleriň birini eline alyp, sokra öňki ýerine gelip oturdy. Howlukman düwünçegi açdy. Onuň içinde daşy deri bilen sahaplanan ençeme depder bardy. Ol şolary saýhallylyk bilen görüşdirip çykdy. Ahyry kagyzlary heniz saralmadyk, daşy sahaplanmadyk depderi eline aldy. Ony uzak wagtlap waraklady. Soňra özüniň aýtjak bolýan zadyny kabul etmeli adamyň agramyny ölçeýän ýaly, Atagulynyň ýüzüne garady. – Oglum, sen diýseň akylly ýigit, ine, mende şeýle bir tymsalnama bar. Häzir şony saňa okap bereýin. Diňle-de, maňa öz pikiriňi aýt. Garry molla barmagy bilen sahabyna togap edýän ýaly, ony ýüzüne telim gezek çekdi. Soňra pessaý ses bilen okap başlady. ...Hem ata birle ene perzendiden, Istemez muzd eýlegen yhsanydan. Bes ata birle enedir nury-aýn, Anlaryň haky erir boýnuňda deýn. Ata-ene haky hem taňry haky. Parz turup boýnuňda bil, eý mattakyl, Diňle imdi tilge wabeste haky Bolga ger ataň-eneň eý, mattaky. Biri owazyndan öz owazyňy, Bar belent kylmaý götergil näzini. Birisi güstahwar söz diýmegil, Birisi adyn tutup çagyrmagyl. Söýe dimekni ana gatyg eýlemeý, Ýüzüne bakyp garaz söz söýlemeý. Hoşlugu-ýumşaklyk ile söz digeý. «Et» diýip, «Etme!» diýip söz diýmegeý, Ýüzüne garşy anyň tüýkürmeýe, Gülmek ile ýanynda pyňkyrmaýa. Köňlüge wabeste haklar bu gutar; Biri anyň mähriden köňli erer. Ikilenji, dost tutmakdyr any, Bilgeý any bu köňlüniň soltany. Şadymanlyk kylsa, şat bolgaý olar, Gaýgyly bolsa tukat bolgaý bular. Köp sözi birle anyň dar olmagaý, Hem jepalar etse, gahry gelmegeý. Derdi birle hem anyň dertli bolsa, «Ynjydar» diýp, ini gorkuly bola. Kowluna hem päline anyň taky. Hiç hylapat niýet etme, eý, ahy. Ajyzu – pir olsa herçent ol ata, Bar, uzyn ýaşyn dilegil, eý, peta. Mala hem wabeste bolgaý haklary; Aýdaýyn gel, indi sen dile beri. Hem tagamyn öz tagamyňdan ýene, Ýahşyrak etgeý muny, diňlesene! Mahazarda ter tagamy ýahşyrmak, Gel tewazyg birle alnynda byrak... Bes razy bolsun diýip ata-ene, Hem tasaryk eýlegil ýarlaryna. Hem gardaşlary alarnyň dostlary, Myhmanlyk eýleginler anlary. Hasta bolsa, istegil sagatlygyn Hem doga birle tasatdyk kyl ýagyn... Garry molla depderi emaý bilen ýapyp, düwünçekdäki depderleriň üstünde goýdy. Soňra ep-esli wagtlap düşege garap oturdy. Işikde gazak gelin göründi. Ol adamsyna nähilidir bir yşarat etdi. Garry molla razylyk bilen başyny atdy. – Ataguly jan, şu tymsalnamanyň aslyna aň ýetirip gördüňmi? Bu kitapda aýdylýan pikire näme dirsiň? Ataguly sesini çykarmady. Ol gap-gara barmaklary bilen keçäniň gülüni tüýtmeleýärdi. – Oglum, biler bolsaň, biziň ata-babalarymyz üçin perzentden gymmatly zat bolmandyr. Hudaýtagala şol süýjüligi görüp, perzendiň önünde birnäçe borç goýupdyr. Eger sen ýadamadyk bolsaň, men şol borçlary aýdyp bereýin. Ataguly sesini çykarman otyrdy. Garry molla az-kem gysyldy. Çünki, bu ýaş oglanyň raýyna bakman zor bilen gürrüň berip oturmak uslyp däldi. Ýöne esasy zady aýtmazdan, turubermegem gelşiksizdi. – Perzendiň ýerine ýetirmeli borjy kyrk sandyr. Oňuň... – Garry molla sesini kesdi. Işikde Öwez aga bilen Nyýazsalyh molla durdy. Olar salam berip içeri girdiler. Gysgajyk salam-helikden soň ol ýene-de başlady. – Hawa, oglum, perzendiň ata-eňä berjaý etmeli borjy kyrkdyr. Onuň onusy ten bilen, onusy dil bilen, onusy köňül bilen, onusam mal bilendir. Garry molla sag eliniň başam barmagyny basdy. – Ilkinjisi hyzmat etmekdir. Sen atanyň-enäniň hyzmatyny et, olara hormat goý, diýenini et, gadagan eden zadyny etme, razy bolmasa bir ýere gime, sapara gitse ugrat, çagyrsa, haýal etmäň gel, möhümini hä diýman bitir; Ikinjisi, söz bilen hyzmat etmekdir. Gepleşen wagtynda atanyň-enäniň sesinden belent owaz birlen gürleme, gödeksi, biedep sözleri aýtma, adyny tutup sözleme, göwnüne deger ýaly gaty-gaýrym zat diýme, ýüzüne garap sözleme, hoşamaý, mylaýym ýüzlen, pylan zady et ýa-da etme diýme, ýüzüne garap tüýkürinme, ýanynda pyňkyryp gülme; Üçunjisi, könül bilen onuň göwnüni almakdyr. Mährem bolgun, dost bolgun, şatlansa şatlangyn, gynansa gynangyn, köp zat aýdar diýip darykmagyn, köp işledip ýadatsa gaharlanmagyn, derdini deň paýlaşgyn, ynjytmagyn, ene-ata her näçe garrap, sandan galsa-da, ejizlese-de olara uzak-uzak ýaş dilegin; Törtülenjisi, mal bilen köňlüni almakdyr. Ata-enäni gowy geýindirgin, gowy iýdirip-içirgin, taýyn nahary edep bilen öňüne alyp bergin, arzuw-islegini gysylman bitirgin, gerek zatlaryň hemmesi bilen üpjün etgin, hemişe öňünde saçagyňy açyp goýgun, ata-enäniň hormaty üçin olaryň garyndaşlaryna kömek bergil, sadaka bergin, olary myhmançylyga çagyrgyn, hassalasa halyny sorgun, hemişe hoş arzuwda bolgun! Ataguly özüne edilýän beýle hormata göterilýärdi. Ol misli pähimi içine sygmaýan ýaly, abşarylyp gürledi. – Onda atanyň-enäniň borjy näme? Ogul-gyz diýp, olar näme, etmeli dälmi, hä? Öwez aga oglunyň bolşuna uýaldy. Ol «goý, biedepligiň näme?» diýmek isledi. Emma Nyýazsalyh molla ona jogap berdi. – Ene-ata seni dünýä getirdi. Şol hudaýtagalanyň öňündäki iň uly borjudyr. «Näme borjy bar?» diýip, özünden ulynyň görejine garap durmagam biedeplikdir. Oglan öýkeli hüňürdedi. Onuň bolup oturyşy Öwez aga bilen Nyýazsalyh molla diýseň ýaramaýardy. Garry mollanyň garaýşyny aňmak bolsa juda kyndy. Ol depderleri düwünçege düwüp, ony gapdalynda goýdy. – Siz nähak gatyrganýarsyňyz. Bu oglanyň düşbüligine, akyl-huşuna söz diýer ýaly däl. Ýöne onuň erkini şeýtan hyýal alýa. Ol özüniň däli göwnüne erk edip bilenok. Oňa şeý diýmeli: «Oglum, sen ahyr-owal ýalkanjak bolsaň, yrsgala, bahta ýetjek bolsaň, dine ata-enä rehimdarlyk edip ýetersiň. Çünki, seniň eden ähli ýagşylyklaryňy gudraty güýçli hesibe alyp oturandyr. Eger-de sen kemally oglan bolsaň, onda öz ataň ýaman günäsinem öz gowulygyň bilen geçip bilersiň. Garry mollanyň sözüni Ataguly diňlemeýän ýalydy. Emma ýaşulular welin, misli gökden keramatyň owazy gelýän ýaly bolup, Garry molla garaýardylar. – Gadym zamanlarda bir adam bolupdyr. Ol adam özüniň zalymlygy bilen ýagşyzadalaryň gözünden düşüpdir. Soň ol hudaýtagalanyň buýrugy bilen mekejine öwrülipdir. Hälki hudaý garganyň, ine, Ataguly jan ýaly bir akylly başly, ýüz-gözünden nur tamyp duran asylzada perzendi bar eken. Hälki oglan mekejine öwrülen atasyny iň ýagşy otaglarynyň biriniň ortasyna paýa kakyp ony bir arassa, ýumşak tanap bilen daňyp, her naharda ony bakyp bejerer erdi. Taňrynyň güni darydan köp. Gudraty güýçli ýagşyzadalara aýtdy: «Ol gargyş siňeniň halyndan habar alyň!» Şondan soň ýagşyzadalaryň biri bu oglanyňka yz yzarlap bardy. Ýanky ýaşkiçi gelen myhmana hormat edip, saçak ýazyp, tagam aldyrdy. Emma ol bu myhmanyň ýagşyzadalygyndan habaram bilenokdy. Tagamy alha-allyk bolanda oglan aýtdy: «Eý hormatly myman, az-kem sabyr kylyň!» Ol gidip, hälki mekejini alyp geldi. Soň onuň aýaklaryna suw akydyp hapa tumşuklaryny arassa mata birle tämizledi. Soňra aýtdy: «Alyň, alyň!» Ýagşyzada bu bolşa köp haýranlar galdy. Tagamyň hormatyna, taňrynyň hakyna «allowäkber!» aýdylansoň ýagşyzada sorady: – Eý, nowjuwan ýigit, seniň bu pis haýwany tagam tabagyňa şärik etmegiňde näme many bardyr? Hälki ýigit aýtdy: – Bu meniň dädemdir. Ol bir gün otyrka hudaýyň buýrugy bilen bu haýwana öwrüldi. Indem şeýle halda galdy. Ol nä pis heýwan bolsa-da, meniň atamdyr. Ol meni şu hala getirdi. Indi men hem hudanyň hem atamyň öňündäki borjumy berjaý etmäge boýundyryn – diýdi. Hälki ýagşyzada sagbollaşyp çykyp gitdi. Ol göni güdreti güýçlüniň alnyna bardy. Gören zatlaryny bolşy-bolşy ýaly beýan etdi. Güdreti güýçli aýtdy: «Eger-de şeýle ogul kemala getirip, şeýle ýagşy ynsan ýetişdiren bolsa, onda günäsini bagş etdim» diýipdir. Şeýdibem oglunyň hyzmaty, hormaty bilen ýaňky gargyş siňen adam kaddyna öwrülipdir. Garry mollanyň kyssasy heniz aýak bolmaka, Öwez aga ýakasyna tüýkürýärdi. Birhili gorkuly, misli ata-ogluň biriniň myrtar haýwana öwrüläýmeginden ätiýaç edýän ýaly oýkanjyraýardy. Gürrüňiň Atagula nähili täsir edenligini duýmak kyndy. Ýöne olam okalan bedene ýaly, bir gysym bolup, keçäniň güllerini sypalap otyrdy. – Aý, atamyz-anamyz bar çakty kadryny bilmedik. Inde görseň, özlerimiz ata. Olaryň nähilli kösenç çekenlerdigini mana, inde bilýorys. Emma giç. Ata-anany çarşuw alyp hopba etseňem aztyr. O dünýede-de, bu dünýede-de ýalkanjak ýeriň ata-ana alkyşydyr-la. Ýöne bular gödek oglan bolýorlar. Ýogsam... Nyýazsalyh mollanyň zeýrenje başlajagy ikuçsyzdy. Sebäbi onuň gursagy bu gara güne bolan zeýrençden, nowbahar oglunyň hesretinden doludy. Ol derdini içinde saklamagy başarmaýardy. Şonuň üçin onuň sözüniň ahyrynyň nirä ýetjegini aňan Garry molla gürrüňi başga ugra sowdy. – Ataguly jan, senem köşek, beýdip özüni hem-de mähriban ataňy horlap ýörme. «Ýigide garyp diýme, ýaz geler ekin eker, hasyl alar baý bolar» diýipdirler. Tüweleme, seniň ýazyň geldi. Atan bilenjik bileleşip, ekip-tikip, gaýta uly ili ekläp ýörmeli ahyryn, siz. Şeýdipjik yhlas bilen gydyrdanyp ýörseňiz, nädersiň, gazygyňda atyň özi goşalanyberse. «Gyz bilen duza-ha gytlyk ýok» diýipdirler. Aý, ine, Öwez aganyň şeýle edepli, ekramly, gaýratly ogly bar eken diýseler, gyzlaryň özi üstüňe gelibir, oglum... Öwez aganyň gözlerine ýaş aýlandy. Ol ylla, ogly Rüstem Zal ýaly gaýratly ýigit bolup, bu gara günden, gaý-gussadan bütin obasyny alyp çykaýan ýaly bolup tolgundy. Ýöne onuň pikirini Gulaly bozdy. Ol eli saçakly içeri girdi. Orta saçak ýazyp, tal tabagy dolduryp süýt getirdi. Başga bir saçakda goşa nan getirip uly saçagyň üstünde goýdy. Soň oturanlaryň eline suw akytdy. Garry mollanyň işdäsi açylan ýalydy. Ol süýt bilen nany şüweleňli iýýärdi. Ýöne onuň pähim sandygynda edilen gürrüňi ölçerip-dökýändigini duýmak kyn däldi. Onuň gabaklary agralypdy. Maňlaýynyň ýygyrtlary köpelipdi. Omyn edilerine garaşyp duran ýaly bolup, içeri Çowdur girdi. Ol has ýigdelen, öňem ýanyp duran göreçleri nurlanan ýalydy. Ol jaýtarypjyk duran murtlaryny sypalap, heniz tutuma ýetmedik sakgalyny sypalap, degişme äheňinde gürledi. – Baý-bow, meniň-ä gökdäki dilegim ýerde gowuşdy. Asyl ýeke-ýeke çagyryp, alyp gaýdaýyn diýip çykyşym. Hany, ýörüň, bize baryp bir duz dadyp gaýdalyň. Myhmanlaram jem bolup, size garaşyp otyrlar... Ýöne öýde oturanlaryň hiç birinden ses-üýn çykmady. Oturanlar Garry mollanyň agras ýüzüne garadylar. Çowdur alçaksyran bolşuna uýaldy. Ol pessaý ses bilen salam berdi. Yzyndanam howsalaly sowal berdi. – Eýgilikmidir, mollam?! Garry molla şol agraslygy bilen onuň salamyny aldy. – Oglum, öý-içeriň, bala-çaga, mal-başyň amanlykmy? Mymanlar örüşdimi? Çowdur işikden giren ýerinde çommaldy. Soň myhmanlaryň garaşyp oturandygyny aýtdy. – Çagyrylan ýere barmazlyk aýyp bolar. Hurmatly mymanlary garaşdyrmaýlyň, myman göwni ynjyk bolýamyş. Ol Atagula ýüzlendi. – Ataguly, oglum, bar apaňdan sora, az-owlak galla berjekdir, sen şony al-da git, ataň soň barar. Öwez aga uýalyp sözledi. – Ahun, bizi sylasaň, sizi alla sylasyn, Elbet-de, bizdenem gaýdan ýeri borda. Öýdäkiler daş çykdylar. Işikde arkasy bir bogdak bugdaýly Ataguly ýaýdanjyrap durdy. Adamlar toplanyşyp Çowdurlaryň syrgynyna bakan ugradylar. – Aý-u-u, turuň-ňoý! – diýip, gazak gelin gygyrdy. Hemmeler deň aýak çekdiler. Gazak gelniň elinde düwünçek bardy. Ondan goýnuň ýagly gapyrgasynyň bölegi görnüp durdy. Ol ony Atagula berdi. Soň sesini çykarmanam yzyna gitdi. Garry mollanyň ýap-ýaňam agraslanyp duran ýadan ýüzünde rahatlygyň, minnetdarlygyň şöhlesi oýnady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |