01:38 Pyragy -7/ romanyñ dowamy | |
3.
Taryhy proza
– Han aga, öýümiz ýykyldy. – Aňyrdan atyny aldyrany bar ýaly edip, sürüp gelen ýigit diňe şu sözleri aýtmaga ýetişdi. Ony atdan düşürip, suw-söl berilýänçä, özüni ýagşy dürseýänçä, agzyndan başga ýekeje sözem alyp bolmady. – Sözüň derman bolsa-da geple, doňuz ogly. Nire- de beýlekileriňiz?.. Gelen çapar aljyraňňy samrady. – Hywa sürüldil... Hyw... zyndana... Gündogdy hanyň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Onuň gözlerine gan inip, çylgam-çylgam bolanyny bir kerwenbaşy aňlady. – Gabryňyz barmy, Hywada. Kerweniň yzyny alyp geliň diýmedimmi size, haramzada ýal ýagylaryna men? Heniz doly özüne gelmedik çapar gözüni tegeledi. Ol näçe çygylsa-da, demini dürsäp, bolan wakany aýdara özünde güýç tapmady. – Lal açdyňmy, it ogly, diliň damagyňa ýollanmadyk bolsa keple... Ýigit sakyna-sakyna habaryny aýtdy. – Han ag... a, siziň yzyňyzy alyp gelýäs, alyp gelýäs. Emma gije azaşyp, bir galanyň üstünden bardyk. Soň siz şol galanyň içindesiňiz öýtdük. Emma galanyň agzyny açmadylar. Guldurdy serdaram derwezäniň daşyndan habarlaşdy. Soň ýola düşdük. Ýene-de gidip otyrys, gidip otyrys, öňümizden bir oba çykdy. Şu obadanam habar soralyň diýip sowuldyk. – Hemmäňizmi, özüňizem atly, ýaraglymy? – Hanyň gazaply sowalyna ýigit jogap berip bilmedi. – Onsoň bizi gowy garşy aldylar. Menem atlaryň ýanynda göz-gulak bolmaga goýdular. Onsoň ertir ýaňkylary oýadalyň diýip, agşamky öýe barsam, olaryň birem ýok. Gapdalda bir pagsa jaý bar eken. Şonuňam bir el sygar ýaly deşigi bar. Şondan Guldurdy serdaryň «Ýet, her ýerde bolsa-da Gündogdy hany tap, ýeri-ýatagy bilen aýt, özi ýetişmese, biz-ä ugrumyzy ýitirdik» diýip, pyşyrdap aýtdy. Menem niredesiň oba diýip depdim ata. Emma obanyň daşam kowçum-kowçum atly. Zordan düýn agşamara olardan sypdym. Gijesi bilen sürüp oturyşym. Hudaýyň özi garaşyk edip, üstüňizden getirdi. Ýogsa, geçip gidibermeli. Çaparyň arpa uny ýaly başy gowuşman duran gürrüňleri hana ýaramady. Ol gözleriniň alasy bilen ony gyssady. – Hany, gönüňden gel! Mana bu samahullyň derkar däl. Gönüjäňden gel... Näme edermenlik gopardyňyz? Çapar ýere garady. Ol dodaklaryny tamşandyryp bir zatlar diýjek bolup çemlendi. Emma diýip bilmedi. Han çapar ýigidiň edil maňlaýyna gelip dyz epdi. – Bolan wakany maňa bolşy ýaly aýt. Bardyk, pylan etdiler, pyssygan etdiler diýeniňden gürrüň bolmaz. Saklama meni... Hanyň gazaply äheňi ýigidi aljyratdy. – Maňa Guldurdy serdaryň aýt diýeni şular. – Sen maňa bazzy-buzzyňy tüket-de, öz gören zatlaňňy, bolan zatlary diý, it ogly! Çapar müzzerilip oturyşyna, ýer dyrmalady. Han onuň oturyşyny görüp, gahar-gazabyna, ýigrenjine bäs gelmedi. Onuň elindäki gamçynyň şarpyldysy, çaparyň hyklap burulmasy ony özüne getirdi. Hanyň gamçysy asmana galdy. Çapar götinjekläp, ýalbaryş bilen agy gatyşykly eňredi. – Hany, aýtmabilşiňe aýtma, göreýin, deriňi boýnuňa sypyraýyn, it ogly. Çapar hälki beren gürrüňini başga görnüşde suratlandyrdy. – Hawa, siz, enesi ýalamadyklar, ýöne gezjek it ogullarymy? Diýdim-ä, siz gala baryp dek gezen dälsiňiz. Guldurdyň hem wenezzynanyň biri bolmasa, men näme dekje geziň diýip aýtmadymmy? – Han gazap bilen azgyryldy. – Onsoň? – Onsoň, han aga, gala geldik. Derwezeban derwezeleri açmady. Onnoň, han aga, Guldurdy serdaryňam gahary geldi, han aga. Onnoň birki sanagna açyň derwezäni diýdi. Onnoň, han aga, Çaly bilen Atakga ker aslyşyp gala girdiler. Men-ä, han aga, dogrusyny aýtsam, gykylyk bolar. Han aga-da pugta tabşyrypdy diýip, oglanlar, şu güpürdi-süpürdini etmäliň-le, diýjegem boldum. Hiç gürrüň diňlener ýaly däl. Onnoň, han aga, menem seniň şol tabşyranyňy tutjak bolup gyra çykdym duruberdim... Hanyň gözleri ýene-de ýandy. Ol: «indi sylamaryn» diýen manyda gözüni alartdy. Zähresi ýarylara gelip oturan çapar ýene-de yzyna götinjekledi. Şol barmana ýalbardy. – Urma, han aga, duz çapsyn, baryny aýdaýyn. Keramat kessin baryny aýdaýyn. Ol töweregindäkilerden dalda isledi. Emma hanyň gazabynyň öňünde häzir kim durmaga milt edip biljekdi. Çapar has-has edip daljygyp gürledi. – Onnoň, han aga, derwezäni açyp içine girdiler. Birki sany adam, aýal-ebtat bar eken. Onnoň, olary hennege atyp, özleri keýpi-sapa gurdular, han aga. Men-ä, dogrusy, gatyşmadym. Onnoň, han aga, arkaýyn ýatdyk. Bir gykylyga oýandyk. Menem, gözüme hiç uky gelmändi. Onnoň, menem oýandym. Şonda «Aý, atly atyna ýet, daşymyz gabaldy!» diýdiler. Aý, şonnan atlandyk. Onnoň, han aga, ýene-de däni bir topbka, aý, ýene-de bir topbak atly däni daşymyzy aldy. Onnoň, han aga, bir oba bakan çekildik. Ol obadanam dänin bir topbagy çykyp, göni bize garşy gaýtdy. Onnoň, han aga, ýaragymyzy taşlamaly bolduk. – Seni nädip sypdyrdylar? Han ýere garap oturyşyna sorady. Çapar onuň ýerden çykýan uly güňlenç sesinden sowal äheňini aňmady ýa aňsa-da düşünmedi. – Sen nädip sypyp bildiň diýýän? Çapar ziňk edip gitdi. Soň wadyr-wadyr etdi. – Parsylama-da, adam dilinde sözle, it ogly. Çapar daşyndakylara delmuryp garady. – Ýekeje owurt suw içeýin, han aga, şehit bolup barýan, ýekeje owurt suw beriň, agalar! Han sesini çykarmady. Çerkezguly öz okarasyny alyp, suwly jara bakan ylgady. Çapar şonuň yzy bilen ep-esli süýşenekledi. Suwsuzlykdan onuň depesiniň, tutuş süňňüniň lowlap ýanýandygy mese-mälim bildirýärdi. Ol ähli horluklaryny, agyry-ynjysyny indi duýup başlandy. Şonuň üçinem häzir oýun gubarlanan gözlerinden akýan gözýaşlar näçe gün bäri suw-söl garasyny görmedik ýüzünde daraw-daraw yz ýasaýardy. Çerkezgulynyň tabagyny titräp duran kirli elleri bilen mäkäm tutup başyna çekdi. Soňra içindäki horlugyna bäs gelip bilmän eňredi. Ýüzüni ýeňi bilen süpürip, pessaý ses bilen gürrüň berip başlady. – Onnoň, hemmämizi bir saraýa gabadylar. Şol saraýyň içinde ýigitler meslat etdiler. Ahyrynam, bizi gabanlar bilen gepleşip, ideşip, meni siziň yzynyzdan, habar ber diýip iberdiler. – Biziň bu ýerdedigimizi düýn bildiňmi? Çapar indi özüni dürsäpdi. Onuň, hälki ýöwselligi ýokdy. Ol misli, aýtmaly däl zady aýdanyna puşman edip aňyrsyna çykyp bilmeýän ýaly, agyr oýa batýardy. Han henizem ynjalanokdy. Henizem köşeşenokdy. Onuň ähli işiň aňyrsyna ýetesi, her bir ädimi ölçäsi, ölçeresi gelýärdi. – Sen näbildiň biziň bu ýerdedigimizi?! – Çapar synlaryny kakyp durşuna, gözleriniň gytagyny hana aýlady. Soň howlukman gürledi. – Guldurdy serdar aýtdy. Gyr bilen jülgäniň serhedini al-da gidiber. Olar ýa ýaňy jülgä düşendirler, ýa ýaňy gyrdan inendirler diýdi. Özem aýtdy: han agaňa aýt diýdi: Ýeke özi gelmesin diýdi. Başaryp bilse Hywa hanynyň adamlaryňdan tapsyn diýdi. Berim-peşgeş-engamy gysganyp durmasyn, nesip bolsa, oba-ile barylsa aňry ýany bilen üzeris diýdi. Han öz yzyndan gaýdan ýygynçagyň ýeňil-ýelpaý derde ulaşmandygyny bildi. Onuň az-kem sowaşan gany ýene-de lasyrdap gaýnap, depesine urdy. «Men bu köpeý ogullaryny başyma iş düşende goluma güýç bolsun diýip alyp gaýdýan. Bu it ogullarynyň özleri meniň aýagyma duşak boldy. Heý, beýle-de pälsizlik bolar oguşýan...» Han düýe ýükleriniň ýanyna baryp, doly çuwallaryň üstünde oturdy. Bu işler oňa juda garaňky bolup göründi. Onuň watana gaýdyp gelmek, Hywa hany bilen gepleşip, ýene-de suwarymly, oturymly ýerlerde ýerleşmek, ýaşamak höwesi puja çykan ýaly boldy. Dişleri erbet gyjyrdady. Gün alaňlaryň gyrasyna dyzlaryny degripdi. Öleň diýseň salkyndy. Kerwen bilen gelýän hyzmatkärleriň ählisi diýen ýaly ynjalykdan düşüp, alada özüni berip durdy. – Han kerwenbaşyny ýanyna çagyrdy. Ugrasak näder? Ol it ogullarynyň özler-ä bir beýle bolupdyr. Indi bizem ele bererler, olar. Bu ýerden daşlaşanymyz kem däldir. Kerwenbaşy ikirjiňlendi. Ýöne ýürerindäkini birbada daşyna çykaryp bilmedi. – Näme, çöpe jan bitdi ýaly, demiňi içiňe dolduryp otyrsyň? Aýt, pikiriňi. – Han, indi jülgä düşdük. Şu gijeli gürrüňi goýbolsun edip, «Agşamyň haýryndan, ertiriň şeri» edilse ýagşy bolardy. Onsoňam, näme, sen näme meslada gelseň şony tutaryk. Meňki bir geňeş-le. Alla işimizi oňarsa, heýç döwem çalmaz-la. Gündogdy han buruldy. Onuň göwnüne bolmasa, kerwenbaşam hile salýan ýaly bolup göründi. Ýöne ol kerwenbaşa garşy gitmäge delil tapmady. Ýüregi welin «Uramaly! Ugramaly!» diýip, agzyndan çykaýjak bolýardy. Çapar ýigit goşuň gapdalynda telpegini gujagyna alyp, içini hümledip, guma bulaşyp otyrdy. Ol kerwenbaşynyň hemem hanyň gürrüňini dinläp, takatyny ýitirip ornundan turup, hana bakan ýöneldi. Onuň «Men näme etmeli borun?» diýen sowalyny han sowuklaç, misli eşitmeýän ýaly bolup kabul etdi, Ikinji gezek beren sowaly bolsa hanyň demini ýardy. – Sen, it ogly, babamyň aýagujuna git. Şol doňuz ogullaryňam jähennemiň aňry başyna gitsin. Oňarmandyrlar, olar meniň elime bir düşäýen bolsalar, boýunlaryny tersine gaňryp, damaklaryny çalardym. Hanyň gazaby tutuş kerweni endiretdi. Hiç kimden ses çykanokdy. Her kim onuň gözüne gözüni sataşdyrmajak bolup gyrak-bujakda güýmenýärdi. Gün alaňlaryň aňyrsynda gizlense-de garaňky gatlyşmandy. Asmanyň ýüzi birhili ýagtydy. Öleňlik diýseň salkyndy. Käte jyňňyldaşyp, o ýeriňden, bu ýeriňden neşterini ötürýän çybyn-çirkeý diýäýmeseň kerweniň rahatlygyny bozjak zat ýokdy. – Han, nahar-şor edinmersiňmi, öz-ä bir garbanarça bolandyr?! – diýip, Hojameňli aga ýüzi alynmakdan howatyr edýän terzde hana habar gatdy. Han iki oduň arasynda galansoň, haýsy birini ölçerip dökjegini aňlanokdy. Kerwenbaşynyň äheňi, teklibi oňa ýarady. Ýöne ol sesini çykarmady. Munuň özi «häzirläberiň!» diýildigidi. Kerwenbaşy aşagy öçen gazanyň daşynda ýeňillik bilen gybyrdanýardy. Beýleki ýigitlerem oturyljak ýeri tämizleýärdiler. Goşda gaýda-gaýmalaşygyn barlygyny aňan düýeler, düşelgäniň golaýyna gelip, çöksemmikäm-çökmesemmikäm diýen görnüşde sortduryşyp durdular. Asmanda görünmese-de, aýyň dogjakdygy hemmelere aýandy. Şonuň üçinem, han bu gije ýola düşülmänini kemem görmedi. Nahar-şamdan soň onuň gazaby birneme gowşaşdy. Açyk asmanyň astynda, irkiljiräp ýatyşyna, ol ertirki etjek-goýjak işleri barada çuňňur oýlanýardy. Öň derdi ýeke bolsa, indi goşalaşan han ynjalyksyzlyk bilen kerwenbaşyny çagyrdy. Kerwenbaşy alnynda dikelensoňam öz matlabyny uzak wagtlap aýdyp bilmedi. – Han haýyr işe sabyr gerek diýenleri, sen gam çekip, içini hümledip oturma. Nesip bolsa, Hywa baraly. Onnoň birentek işleri, alla ýol berse, özümem düzederin – diýdi. Han ýaşulynyň pessaýdan ynamly äheňine haýran galdy. – Hawa, hana Guldurdam lakgy-lakgy edip, gaty köp işleri etmekdi. Baý, gaýratly eken-ä, baý, serdarlygyny görkezd-ä. Hojameňli aga dilini dişledi. Emma hanyň sortduryp oturmaga takaty ýetmedi. – Sen kepiňi köpeltme, näme işiň gaýrylanyny eşitdiň. Hany, indi näme etseň gowy boljak, şoňy diý?! Kerwenbaşy bir gysym bolup otyrdy. Onuň hyýaly Hywa barlansoň hälki çapar ýigidem alyp, göni Ärmät ýomudyňka barjakdy. Soň şonuň bilen töwella-tagsyra ýol açmak hyýaly bardy. Emma hanyň doňy çözülmedik gep-gürrüňini eşidip, ol pikirini içinde saklady. – Haý, han, nesip bolsa, başyň dik bolsa, biz seniň bilen. Näme diýseň-aýtsaň tutmak biziň bilen. Guldurdy serdaram bir iş edipdir. Indem, nähili-neneňsi bolýança başa gelenini görübermeli bolar-da. Hanyň pikiri açylmaýardy. Onuň üçin bar zat garaňkydy. Ol Guldurdy serdaryň bu turuzan oýny Hywa hanyna ýetip, ähli işi bulaşdyrar öýdýärdi. Näçe ýyllap arzuwlap, näçe harajat çekip, azap tartyp ýören ýagşy niýetiniň şowsuz boljakdygy ýadyna düşende welin, janyňa otlar düşüberýärdi. Ol içiniň derdini nädip daşyna çykaranyny duýman galdy. – Häý, wenezzynalar, haý, ganjyk emenler. Men beýle görgini, bu gara güni kim üçin edýän ahyryn? Kim üçin azap tartýan ahyryn? Heý, özüme jinnek ýaly bähbit barmy şu ýerde? Ýa maňa ilden köp gerekmi? Şükür, malym-halym ýedi arkama ýetjek, ýöne gezip ýörenimde-de. Men şular üçin edýän, şular watana dolansyn diýip, gan ýuwdup ýörün, bular bolsa... Wah, men tentek gez-de ýör-dä. Il nämäňe gerek, watanyň näma derkar?!. Kerwenbaşy näme etjegini bilmedi. Han häzir göwün göteriji sözlere mätäç däldi. Oňa bir söz azdy, iki söz kändi. Aralygy şu wagt nireden tapjak? Ýuwaşjadan gürläp, hany ugruna kowup ugrady. – Dogry aýdýaň, han, bu dünýede özüni bilene zat derkar däl. Niçeme dünýäni düýren, näçe humlary gömen adamlaram han-a gitdiler. Äý, han, şu ömrümizde gör, näçe baýy jaýladyk. Emma şolaryň biriniňem ýany bilen alyp giden zadyny görmedik. Hemmesi ýygyp-düýrüp, hözirini görüp bilmän, dogandaky ýala çaňlygyna gitdi. Biziňki bir hälki, güzeran dolamagyň hysyrdysy. Han ýüzüňi sallap otyrdy. Aýyň ýagtysy onuň ýüzündäki gahar-gazaby öçügsi görkezýärdi. Goşdakylaryň hiç birinden ses-üýn çykanokdy. Ojak bir wagt öçüp galypdy. Diňe gäwiş gaýtarýan düýeleriň bokurdagyndan çykýan hykyrda meňzeş ses diýäýmeseň, dünýe asudady. Çerkezguly bu ümsümlikde birhili göwün joşduryjy mukam eşidýärdi. Salkynlyk, dolan aý, asudalyk, kejebe ýaly ýakymly duýgy döredýän topbak-topbak ösümlikler oňa rahatlyk bermeýärdi. Ol gargy tüýdüginiň ýylmanak daşyny sypalap oturyşyna, onuň ujuny dodagyna ýetiräýjek-ýetiräýjek bolýardy. Emma her sapar hanyň gazabyny ýadyna salyp, öz bolşundan ejap edýärdi. Ol ahyry çydamady. Ýuwaşlyk bilen ýerinden turup, doly bogdaklara söýelgi attorbany egninden ildirip, gyrada henizem köşeşip bilmän, hokurganyp, mahal-mahal ýer peşeýän ata bakan ugrady. Atyň aşyna arpaly torbany geýdirensoň, ilerki alňy ýassandy. Soň yhlas bilen tüýdügini eline aldy. Han kerwenbaşynyň tymsyllaryny başynda eleýärdi. Onuň gum içinde agyp-dönüp ýören sürüleri, goşa-goşadan dikilen ak öýi, her öýde bir döwlet bolup oturan üç aýaly göz öňüne geldi. Sakgalynyň garasy bilen agy deňleşse-de, perzent siýdigini artmanlygy ýadyna düşüp, gözleri garaňkyrady. Şol wagtam, misli gögüň ýüzüni syryp gaýdan owaz, ýaly bolup, tüýdügiň näzik sesi öleňi gaplap aldy. Hanyň agyr oýa batanyny gören kerwenbaşy biynjalyk boldy. – Häýt, şoňa goý diýiň, gijäň içinde – diýip, assadan zarply aýtdy. Emma han ýerinden gozganmady. Ol humara batan ýaly bolup: «Degmäň!» diýdi. Onuň sesini hemmeler eşitdi. Tüýdügiň owazy hanyň süňňündäki ähli gahary ýumşatdy. Gögüň ýüzündäki ýyldyzlar misli ganyňa rahatlyk eşretini akdyrýardy. Aýyň keşbinden süýjüligiň, giňdigiň, rehim-şepagatyň nazary dökülýärdi. Han käýinip, gysylyp-gowrulyp oturyşyna diýseň gynandy. Mukam bolsa barha möwjeýärdi. Tüýdügiň gyrygrak, emma mylaýymdan belent owazy öleňligi däl, tutuş älemi gaplap alan ýalydy. Hanyň göwrümi giňedi. Ol indi özüniň ähli arzuw-hyýallarynyň hasyl boljagyny görýäne meňzeýärdi. Ýigitleriň zyndana salynmagy bolsa, misli bir ownujak zat ýaly duýulýardy. Mukam ony üwräp başlady. Näçe günüň argynlygy, gahar-gazap, aladalar onuň mazasyny ýagşyja alypdy. Goja kerwenbaşam arkasyny bogdaga berip oturyşyna irkilýänini duýdy. Kerweniň ýany bilen gelýän kömekçilerem üstlerine ony-muny alyp süýnüpdiler. Çapar ýigidiň welin häzir uky ýadyna düşmeýärdi. Ol özüniň hanyň öňünde kiçelenini, gözüne ýaş aýlanyny, Guldurdy serdaryň adyna ysnat getirenini hiç bagyşlap bilmeýärdi. Ol özüniň namys astyna düşenini indi hasam çuň aňypdy. Şonuň üçinem bu namysyň astyndan çykmagyň, ony ýuwmagyň ýollaryny gözleýärdi. Emma hiç haçan beýle agyr oýlary terezä salmadyk beýni bu gün beýle pikirleri saldarlardan ejiz gelýärdi. Onuň ähli ýodalary, ýollary gaý astynda ýitip gidýärdi. Çapar ýigit tüýdügiň sesine hasam aljyrady. Ol ýanyna kerwenbaşynyň geleninem duýmady, Hojameňli aga onuň ýanynda oturdy. – Sen, han ogul, gam çekme. Hanyň ýagdaýyna düşün. Biziň öz gün-owhalymyz, güzeranymyz özümize uly alada. Gündogdy hany külli teke ilatynyň ýüki maýyrýar. Sen özüňi onuň ýerine goýup gör. Kyn günümde dalda bolsun, aranymda goldaw bolsun diýenem-ä beýle boldy. Kerweniň ýüki ne günlük bilen ýygnaldy. Emma, henizem allanyň özi penalyk eýledi. Birden bolmasyz bir iş bolup, ilerden, gaýradan ýagy dökülip, çemçe-çemçeden ýygnalany harama ýal etdi-dä, kim dadyňa ýetişjek ahyry? Guldurdy serdar, näme çagamy, bu zatlara düşünmezçe?.. Çapar ýigit namysdan boglup, gyjalat çekip gürledi. – Ýok, agam men hanyň gatyrganany üçin namys çekemok. Men serdaryň öňünde betnam boldum. Ol maňa ýanky aýdanlarymy agzyňdan sypdyraýmagyn diýip tekrarlady. Emma bigaýratlyk etdim. Indi ne hanyň ýanynda we serdaryň ýanynda ýüzüm bar meniň... Kerwenbaşy dymdy. Ol ýaňky görnüşi terezä saldy. Çapar ýigidiň ýerine Guldurdy serdary goýdy. Ýöne haýsy tarapyň agyr geljegini seljerip bilmedi. Ýöne bir zada düşündi. Ýigidi ýük astynda galdyrmaly däldi. – «Düýe köşegini gowy görse hem deper, hem gapar». Gündogdy hanam, serdaram keseki däl ahbetin. Onsoňam hakykat bir gowy zatdyr. Ajyňdan öljek bolsaňam hakykaty aýdyp ölseň ýagşydyr, ogul. Çapar ýigit köşeşip bilmeýärdi. Onuň kükreginde ar-namysdan emele gelen düwün dykyn alyp durdy. – Ýok, aga, men gideýin. Bu ýerde hakymy aldym. Serdardanam hakymy alaýyn. Gojanyň ýüregi awady. Ol bu ýigidi raýyndan gaýtarmanyň ýoluny agtardy. – Köşek, sen şol ganjyklaň obasyndaky, Çüri kilwanyň oglumysyň? Ýigit ýuwaşja jogap berdi. – Çüriniň kiçisi Böriniň ogly. Şonuň kakasynyň at dakylany. Kerimberdi ahunyň at dakylany men. Ýaşuly begençli gozganjyrady. – Gep mundan çykd-ow. Sen asyl işan aganyň kowumyndan diýsene. Hä, Guldurdy serdar seni ýönelige atarmandyr-ow, bäri. Onuň ýaly bolsa, hany ýuwun, ardyň dem-dynç alman hiç ýere-de goýbermen. Gitseňem meni öýkeledersiň. Ýigit az-kem gowşaşan ýaly etdi. Soň atyna göz-gulak bolmaga ugrady. Hojameňli aga nahary ýylytdy. Bolşuna görä saçak ýazdy. Soň oglunyň tüýdüginiň baharyň silleri ýaly bolup, jümle-jahany gark edeýin diýýän sesine diň salyp ep-esli oturdy. Bu ýaş ýigidi az-kem köşeşdirenine begendi. Ýene-de ep-esli garaşdy. Emma hälki çapar ýigitden derek bolmansoň özi öleňiň böwürlerine, ene ýabyň boýlaryna aýlandy. Emma derek tapmady. Atasynyň alakjap ýörenini gören Çerkezguly goşa indi. – Sel hälki çapar ýigidi görmediňmi? Çerkeýeguly az-owlak diňşirgendi. – Häli bir atly kese şiremi etekläp gitdi. Wah, ünsem bermedim men-ä. Goja hyrçyny dişledi. Oňa çenli goşdaky beýleki adamlaram örüşdiler. Bu erewde-berewlige hanam oýandy. – Gündogdy han, oýandyňmy? Hälkije gelen çapar ýigit asyl, hol ganjyklaň obasyndaky Çüri kilwanyň inisi Böriniň ogly bolsa näme. Özem, Kerimberdi ahunyň at dakylany bolup çykdy. Duz datma ýok, der sowatma ýok, alypdyr-da, atyna münüp gidiberipdir. Han haýran-seýran bolup, dumanlap duran gözlerini owkalap ýerinden turdy. – Eýle bolsa, näme üçin häliden agzyna suw alana döndüň? Şeýle-şeýle diýip aýdamaly ekeniň-dä. Kerwenbaşy iki oduň arasynda elewredi. Emma şonda-da garry pähim ony aljyratmady. – Wah, men ol ýigidiň ata-babasynyň gurbany bolaýyn, ýöne heýç özüni tanymandyryn. Bu ýaşlar näme, tanyr ýaly däl, özlerem gelip, men pylankesiň ogludyryn diýip, aýdybam duranoklar. Aý, by, Guldurdam, «işan aganyň adynyň dakylany, han şuny görse köşeşer-dä» diýip, oýlanyp-ölçerip töwella şuny iberen bolmaly. Han has gowşady. – Oglan, onda beýdip gidibermegem-ä bolýan zat däldir. Kerwenbaşy kyn ýagdaýda galdy. Ol hanyň nähili ähende, haýsy perdede beýle diýenine düşünmedi. Ýöne sesini çykarmady. Aý ýaşypdy. Ýene-de az salymdan daňyn düýbi agarjakdy. Gallaw kerwenbaşy argyn göwresini çäkmeniniň üstüne goýberdi. Emma gözüne uky gelmedi. Ol kerweni ýoldan alyp galanyna diýseň gynandy. Göwnüne bolmasa, öňde göze görünmeýän aýylganç muşakgatlyk ýatan ýaly duýuldy. Goşdakylar süýji ukuda ýatyrdylar. Ýaşulynyň içki hasraty hiç kime ýetmeýän, hiç kim ony duýmaýan ýalydy. Hanyň özem daňdanyň süýji ukusynyň gujagynda üwrelýärdi. Kerwenbaşy doga baryny okady. Ol edýän zady bolmasa-da, şu gün ertir namazyny okamagy ýüregine düwdi. Ýöne ýüregindäki howsala welin basalyk edip bilmedi. Agyr kerwen günüň ýüzi görnende ýola düşdi. Jülge ertiriň salkynlygynda hasam owadan görünýärdi. Derýa boýdaky baglar, jeňňellikler, düme ekilen meýdanlar, salkynlyga çümüp oturan obalar gözüňe yssy görünýärdi. Han kerwenden ep-esli öňden, atyny maýdalyna sürüp, töwerek-daşynyň suratyny başyna çekäýjek ýaly bolup barýardy. Ol indi ençeme ýyllardan bäri Hywa topragyna aýak basmansoň, bu ýerleriň özboluşly keşbinden ganyp bilenokdy. Ýüreginde turan höwesini, bu ýerlere gelmek arzuwyny kanagatlandyrmasa, ynjaljaga meňzemeýärdi. Ol ýoldaky şowsuzlyklary hasabam edenokdy. Onuň bar pikiri Hywa hanyňyň ýanyndady. Onuň basymrak hanyň ýanyna ýetesi, oňa arzyny aýdasy gelýärdi. Hanyň ýanyna müň bir sapar girip, oňa müň bir dürli edip arzyny aýdýardy. Hywa hanyny her sapar bir görnüşde görýärdi. Emma her sapar ony yrmagy, ylalaşdyrmagy öz ýanyndan başarýardy. Onuň delilleri kändi. Oňa edil Hywanyň alkymy zerur däldi. «Ine, bu ýerler ýer dälmi? Derýa boýy. Mes toprak. Bal ýaly suw. Bu ýerlerde ýaşalsa Hywa hanynyň öz ýanynda ahyryn. Soň-soňlar, galanynam görübermeli bolar-da. Ýöne häzir bir ornaşmak gerek». Bu etrapda aýagyň sygar ýaly ýer alyp bolsa, soň gaýrat özüňe bagly-la. Han Hywanyň kähudasy bilen duşuşyp bilse, ony razy etjegine ynanýardy. Oňa kerwen ýüki zady gysganjak däldi. Ýene-de telim kerweni ýükläp getirmäge-de razydy. Ol oba ýadyna düşende birhili düýrügýärdi. Çünki tekeleriň kähudasy Keýmir kör tekeleriň Hywa dolmagyna kes-kelläm garaşydy. Gündogdy han Etrek boýlaryna gitmänkä teke ýaşulularyny ýygnap kiçiräk maslahat çagyrypdy. Şonda goňurlardan (Gündogdy hanyň özem goňurlardandy) başga Hywa ýapjalyk edeliň diýen bolmandy. Şonda Keýmir kör jaýdar pikiri orta atypdy. – Haçana çenli Hywa syrtyny diräp gezjek? Olar hem özüň ýalydyr, gyssansalar özüňçe-de ýokdur. Gowusy, Artyk ynakdyr, olam syrtyna gyssag düşüp, özünden gorkanda gypjaklara, Nedir şa gysmyljyrap, ýurduňda ýumurtga togarlady. Gündogdy han Keýmir aganyň bu sözüni çydam edip diňläp bilmändi. – Ýaşuly, men näme diýýän, tamdyram näme diýýär etmäliň bu işi. Indi Artyk ynagyňam ýok, Nedir şada ýok. Hywa bolsa watanyňdyr. Dogduk mekana dolanmagyň aýby bolarmy? Emma Keýmir aga ýeň bermändi. – Alyberseň heleý bolar, gonuberseň ýurt bolar. Haçan-da gorap bilseň, eýe çykyp başarsaň, arzysyny arşa çykarsaň, ine, şonda watan diýerler. Bolmasa bu işlere batyrynyp, ýene-de gan döküp, gala söküp, ili horlap ýörmegiň geregi ýok. Soň gürrüňiň örüsi hasam pytrapdy. Kim Gündogdy hanlyk boldy, kim Keýmire hä berdi. Emma belli bir netijä gelinmändi. Gündogdy han bu işi beýle goýmady. Ol ýomutlaň kähudasy Çalyş hana sala saldy. Soňra olar bileleşip külli gökleňiň ýaşulusy Döwletmämmet mollanyňka gidip, bu işi has bişirmegi maslahat etdiler. Emma Ahmet Dürranyly meseläni göreniňde, Hywa dolanmak baradaky pikir has kiçi, has çüprek görnündi. Şonuň üçin bu barada Gündogdy hanam, Çalyş hanam dil ýarmandy. Netijede, bu mesele gozgalman galypdy. Ýöne Gündogdy han bu işi ýene-de beýle galdyrmak islemedi. Ol Hywa bir özi gitmegi ýüregine bek düwüpdi. Tiredeşleriniň, obadaşlarynyň tagallasy bilen bir kerwen zadam ýygnady. Eger-de bu zatlaryň soňy puç bolsa, onda tutuş goňurlaryň sözüniň puç boldugydy. Onda Keýmir körüň, ganjyklaryň, gökjeleriň, syçmazlaryň, aý, garaz, tutuş tekäniň diýeniniň boldugydy. «Ýok, her zat etmeli welin, Hywa haýyny yrza etmeli. Ol ýerde durarlyk galmady». Gündogdy han juda bolmasa, öz goňurlaryny topbagy bilen Hywa dolajakdy welin, ýöne öz diýenini gögertjekdi. Jülgä indigisaýyn meýdanlar hasam görküne gelýärdi. Hanyň göwnüne bolmasa, şoralaryň, garaklaryň, ýylgynlaryň reňkem üýtgän ýaly bolupdy. Asyl bu ýerleriň obalaram, öýlerem gözüne yssy ýaly görünýärdi. Seleňläp görünýän baglar, her ýerde, her ýerde bagyň, bakjanyň içinde kibtini gysyp oturan pagsa tamlar, gara öýler onuň hoşuna gelýärdi. «Näme, şu adamlardan tekeleriň nämesi kem? Ýa-da biz taňrynyň öweý çagalarymy? Güne gowrulyp, içmäge bir damja suw, iýmäge bir dişlem nan tapman ýörüs...» Gündogdy han öten agşamky ýigidi ýadyna saldy. Ol bu oglany çalarak tanaýardy. Olaryň ata-babasy Keýmir kör bilen guda-garyndaşyrak bolansoň, hanyň gany depesine urýardy. Ol Guldurdy serdaryň beýdip ýörmesini, Keýmiriň bulanmasynyň dowamy diýip düşünýärdi. Şonuň üçin çapar ýigidi ýagşyja dalapdy. Emma kerwenbaşy welin hakykaty aýtmandy. Hanyň ýüzi barha gazaplanýardy. Ol Guldurdy serdaryň atlylarynyň eden işini geçirimlilik edip, ýüreginde ýumşadyp bilmeýärdi. «Hemmesiniň çöpi şol kör tekeden gaýdýa. Olaryň ählisiniň hasaby birdir. Hywa gelmeli, gyran-jyran etmeli, kimiň atlylary diýilse-de, Gündogdy hanyňky diýmeli. Gör, bularyň ýoluny, gör, bularyn alyny? Ählisiniň dili, ýoly bir. Barysy meniň diýenimi boldurmazlyk. Enşalla, kimiň kimdigini kiçi pälden, uly hudaýdan, wagt görkezer, wagt..» Kerwen kiçeňräk bir obanyň deňine geldi. Obanyň gapdalynda, ýoluň üstünde tegelek telpekli ýaşuly kerweniň golaý gelerine garaşyp durdy. Ýaşulynyň uzyn donuňyň ýakasyny iki eli bilen tutup, ykjamlanyp durşy, nämedir bir möhüm habar aýtmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýana meňzeýärdi. Kerwen deňine ýetmänkä, ol ylgaşlap Gündogdy hanyň öňünden çykdy. Gojanyň ähli hyýaly haýsydyr bir möhüm sargydy ýetirmek bolany üçin gepiň äheňindäki gyşarylma ünsem bermedi. – Taňrynyň benleleri, tohtyweriň, saklanywerýaň, tohtyweriň! Han bu ýaşulynyň beýle aýgydynyň manysyna düşünmedi.. Onuň häzir gel diňlemäge wagty ýokdy. Çünki kerweni çaltrak Hywa aşyrmalydy. – Taňrynyň bendesi, saklanywer, bir dem kepimizi diňlägoýyň... Han başyndaky oýlardan açylyp bilmän, göwünli-göwünsňz dillendi. – Näme boldy, näme habaryň bolsa aýdyber, aksakgal?! – Sizler Ahal ilinden kelýor bolsaňyz, ugruny tapsaňyz Hywa ugra ýörimäň. Indi ikki gündür, Oraz ynak diýgen bir nerse atlylary birle silleriň ýoluňyza karyp otyr. Ol öýi omurlan silleriň bir jigidiňizi-de haraplaýdy. Han atyny saklady. Ýaşulynyň habaryny kerwen bilen gelýänleriň ählisi eşitdi. – Ol nämäň ýigidi, sakaldaş? Hojameňli aga hanyň gözlerini alardanyna garaman, öňe düşdi. Sebäbi bu gojadan ähli zadyň anygyna ýetmelidi. Goja hanyň haýbatyndan hasam ýygrykdy. – Wah aýtma diýseňizler aýtman. Bizleriňki ten jan turmazlyk. Neresse ýaman bolup ýaty... – Kim ol, kim ony beýle ýaman hala salýan? Hanyň sowaly ýaşula ýaramady, emma ol özüniň göwnüňe garap durmady. – Kerimberdi diýdi gerek. Öz-ä halal süýt emen eken. Oraz ynagyň jigitleri kerweniň haýsy ýerdedigini aýt diýip, golunam kestiler. Amma, ýeke söz tilinden sypmady. Aý, özi mert jigit eken. Agzyndan ýeke söz sypmady. Olar ahyry... Hanyň ýüregi jigläp gitdi. Ol atyndan nähili düşenini, gojanyň ýanyna nähili gelenini duýmady. – Ol ýigit şumat nirede? Kerwenbaşam kerweni saklan diýen yşarat etdi. Kerwen saklýandy. Düýeler salpy dodaklary bilen ýoluň ýakasyndaky pürlek garaklara agyz saldylar. Bu pursatdan peýdalanyp kerwendäkileriň ählisi ýaşulynyň daşyna tegelendi. – Inlekgin, şujagaz çatmaň aňry çetindäki bagjagaz biziň mülkümiz. Inlekgin, kerweni şoňa sowuň. Onnaň hem dem-dynç alarsyňyz, hem hasratyňyzy görersiňiz. Hanyň sowlasy gelenokdy. Gün ikindine ýazypdy. Emma Hywanyň diňleri henizem görnenokdy. Näçe çalt bolsa, şonça tiz Hywa aşmak gerekdi. – Siziň adyňyz näme, ýaşuly? Ýaşuly adynyň Şirmetdigini, bu obanyň adynyň Küýzelidigini aýtdy. Han bu zatlara kän bir üns bermeýärdi. Onuň hyýaly ýaşulynyň göwnüni aldamakdy. – Şirmet aga, hoş sözüňiz üçiň taňryýalkasyn. Ýöne biz ýoldan galmaly. Ol myhmanyňam, munça bolanyna göre, goý dem-dynç alyp ýatybersin. Boljak iş bolupdyr. Biziň indi oňa etjek alajymyz ýok. Nesip bolsa, gaýdyşyn üstüňizden dararys. Şonda näçe hezzet-hormatyňyz bolsa görübiris. Gojanyň ýüzi agraslandy. Ýöne ol mundan artyk özelenip oturmany birhili gördi. Şonuň, üçiňem sesini çykarmady. Gündogdy han özüniň aýgytlylygyndan razy bolup, azym bilen buýruk, berdi. – Sürüň, bakaly «Gaçanam hudaý diýer kowanam». Elbetde, alla bardyr-da... * * * Agyr kerwen ýaşulynyň ýanyndan mytdyldap geçip gidenden soň, Şirmet aganyň kellesindeki oýlar ak ýolun üstündäki düýe gumalaklary ýaly pytrap gitdi. Ol özüniň diýeniniň tutulmanyna gynandy. Ýöne hiç kimi ýazgarmady. Agyr kerweni öz wagtynda barmaly ýerine aşyrmagyň zerurlygyna-da düşündi. «Beh, bu kerwenbaşysy doňbagyr adam ekeneýt» diýip, ýaşuly ýüreginde galan ýukajyk öýkeni diliňe aldy. Bir musurman çagasy beýle bolup ýatyr – diýip, ählimakul adam aýtsa-da azar edinmed-äýt. Bolşy ýalkanjak adama-ha meňzemeýar». Şirmet aga öýüne bakan haýdap başlady. Ol äpet erik agaçlarynyň astynda garalyp görünýän tamkepbesine golaýladygyça aýaklarynyň agralýanyny duýdy. Ol öýe ýetmäge çydam etmän, çiliň üstünde çommaldy. Öýden üznüksiz iňňildi eşidilýärdi. Ýaşuly ýaşyp barýan solak güne keýpsiz garap durşuna, aljyraňňy görnüşde töweregine delmuryp garady. Onuň uly umyt bilen garaşan zady çykmady. Kerwen gözden ýitipdi. Ýaş ýigit bolsa ýene-de därisiz, idegsiz galdy. Ol öten gije bolan wakany oýunda aýlady. Şirmet aga salyr türkmenleriniň ýaşulularynyň biridi. Onuň ata-baba oturymly ýeri Hywady. Ýene ol ýerde bolmak oňa uzak miýesser etmändi. Onuň garyndaşlarynyň biri Hywa emeldary Artyk ynagyň serkerdeleriniň biridi. Onuň gazanjam, kürsüsem diýseň gowudy. Ol serkerde abraýy, ady bilen Şirmet aganyň maşgalasyna-da goltgy berip ýördi. Emma Hywanyň üsti gowgaly bolup, ululy-kiçili uruşlar, dawalar başlanypdy. Şol dawalaryň birinde tekeler üstün çykyp, hanlyga çozup, hanyň köşgüne uly howp salypdylar. Hywanyň hany-da, Artyk ynagam bu başagaýlygyň esasy günäkäri Şirmet aganyň garyndaşy diýip tapypdy. Şonuň üçin serkerdäniň diriligine derisini soýmaly diýlip perman berlipdir. Onuň ähli maşgalasynam dardan asypdylar. Şondan soň onuň garyndaşlarynam yzarlap başlapdyrlar. Şirmet aga-da gowgaly gijeleriň birinde paty-putusyny alyp, «depegenden daşrak» diýip bu ýere gelipdir. Ol ilki-ilkiler agaç kömür satyp gününi dolapdy. Soň bu ýerin topragynyň toýunsowdygyny aňansoň küýzegärlik bilen meşgul bolup başlapdy. Şonuň üçinem bu obanyň ady Küýzeli bolup galypdy. Bir wagtky çöl ýerde indi giden obaçylyk, bagy-bossançylyk emele gelipdi. Obanyň ähli hojalygy diýen ýaly ýaşulynyň ilen-çalanydy. «Küýzeli döwletli, yrsgally mülk bolup çykdy» diýip, Şirmet aga pikir etdi. Hakykatdan hem Şirmet aga bu ýere gelenden soň bitiniň burny ganamady. Dört ogly, Türkmenbaý, Tekebaý, Özbekbaý, Ýomutbaý men diýen ýigitler bolup ýetişdiler. Olar Oraz ynagyň gwardiýasyna goşuldylar. Şeýlelikde, Hywa hanyndan göwni galan Şirmet aganyň öýkesi az-kem öçüşdi. Emma... emma öten gijeki bolan hasratly waka welin gojanyň ýaraly ýüregini ýene-de sarsdyrypdy. Ýaşuly Oraz ynagyň käte aw, beýleki bahana bilen «Küýzelä» gelmegine öwrenişipdi. Ýöne hiç mahalam onuň düýnki ýaly gazap atyna münenini görmändi – Ýok, men şu tekeleriň iň soňky damja ganyny gotura derman edýänçäm köşeşip bilmen – diýip, ol her deminde «owf» çekýärdi. Tekeleriň etek obalary talaýandygy baradaky habar onuň ganyny gaýnadypdy. Özüniň serkerdeligindäki ähli atlylary, ýomut, çowdur, gypjak ýigitleriniň ählisini Köneürgenjiň etegindäki obalara garşy sürüpdi. Uzak ýoldan soň ahmal galan ahally ýigitleriň daşyny gabapdy. Teke ýygynçagynyň hany Guldurdy serdaram ele salypdy. Soň içalylaryň üsti bilen Ahaldan Hywa agyr kerweniň gelýändigini hem aňypdy. Guldurdy serdaryň: «Ýigitleriň birini oba-ile habar berdirmäge goýbermäge rugsat et» diýen haýyşynam kanagatlandyrypdy. Şol ýigidiň ýanyna özüniň atlylaryny salypdy. Emma atlylar şu töwereklerde ahally ýigidi ýitiripdirler. Oraz ynak ýigitleriniň ýüzüne gamçy bilen adyny ýazdy. Ýöne yzyna dolanmady. Çünki, Ahal etrapyndan Hywa barjak bolsaň diňe şu ýerden, şu ýol bilen geçmelidi. Bu-da derýa bilen gyryň aralygydy. Ol ätiýaç üçin gyrda-da ýigitlerini bölüp goýdy. Öten agşam giçlik onuň ýigitleri aty çykan ýaly bolşup gelipdiler. Olar ýitiren ýitiglerini tapandyklaryny, tutup, elini arkasyna baglap getirendiklerini özleriniň serdarlaryna begençli buşlaýardylar. Oraz ynak başdaky gazaby bilen ahally ýigidi darady. – Häýk, ýeksurun, nirden kelib, nirik baradursyň? Nirden keledursyň? Şirmet aganyň injikleri saňnyldady. Ol ahally ýigidiň mertligi bilen Oraz ynagyň Hiç wagt ylalaşmajakdygyny syzýardy. Şonuň üçin-de bir bolmaz işiň bolmagyndan çekinýärdi. Nökerler erigiň aşagynda uly ot ýakyp, bu işiň näme bilen tamam boljagyna gyzyklanma bilen garaşyp otyrdylar. Şolaryň arasynda gojanyň dört ogly hem otyrdy. Goja şondan çekinýärdi. Öz ojagynyň başynda ogullarynyň nähak gan dökmegine, özüniňem ýaşynyň soňunda şeýle elhençlige şaýat bolasy gelmeýärdi. Ýigit göýä dilini ýuwdan ýaly bolup durdy. Onuň ukusyz, ýadaw gabaklarynyň astynda dogumly gözleri gazap bilen doňup durdy. Beýle asudalyk, gazaplylyk, gaýduwsyzlyk ynagyň bagryny daglady. – Saňa diýedurun, ýeksurunyň neberesi, nireden kelib, nirik baradursyň? Ýigit ýene-de sesini çykarmady, Şirmet aga ýigidiň kejeňekligine darykdy. Onuň özüne galsa gürlejekdi. «Näme aýdanda bolman dur. Pylan ýere bardym, pyssygan edibem gaýtdym» diýibermeli. Gamçy şuwlap howany kesdi. Soň ýigidiň eginlerini çawlady. Ýene-de ýokary galdy. Emma şuwlamady. – Amma, aýtmidursaň hamyňy sybyrarun. Haýt, diýedurun, haýt, kebledur. Ýigidiň ysgyn-mydary dökülipdi. Emma ol gep aýtjaga meňzemeýärdi. Han gamçysy bilen ýigidiň ýüzüni daglady. Soňam beýdip oturmagy kiçilik bilýän ýaly, gazap bilen gapdala gygyrdy. – Safarkul, Amankul, amana kelturyň, bu ýeksurun çagasyny... Oduň başynda oturanlaryň ikisi ynaga garşyn ýegdikledi. Olaryň biri ýogyn peşşik murtly gypjak ýigididi. Beýlekisem inçejik saryýagyz türkmendi. Olar ynagyň öňünde lepbeý sorap durdular. – Mana teýýag, mana kamçug, amana kelturyň eşek balasyny. Bilbul olup saýramasmu, it balasy... Daýaw ýigidiň diýeni geldi. Ol kuwwatly gollary bilen gamçysyny gypynçsyz oýnaýardy. Ýigit ilki bir bagryňy para-para ediji ses bilen wägirdi. Emma soň ol ynjyly hyklamadan başga ses çykarmady. Gara dere batan peşşik murtly nöker indi seniň nobatyň diýen manyda saryýagyz ýigide ümledi. Ýigidiň gamçyly eli sandyrady. Ol gorkuly nazar bilen ynaga garady. – Neýe duruň, it ogly?.. Ýigit ýüzi-gözi gyzyl wawa bolup duranyň omuzlaryna dözümsizlik bilen gamçy çaldy. Onuň bu bolşy Oraz ynagy dälilik hetdine, ýetirdi. Ol ylgap gelip gamçysyny oýnatdy. – Haýk, eýle urmazlar, beýle urarlar, wenezzin... Saryýagyz ýigidiň ýüzi gamçynyň badyna daglanyp gitdi. Ol ýüzüni tutup gapdala togalandy. – Amma, aýtmadursyň, it ogly?.. Şirmet aga ynagyň galan goluňa ýapyşdy. – Oraz han, inim-agam töwellaýy-tagsyr, töwellaýy-tagsyr, töwellaýy-tagsyr... Ynagyň ýadyna töwella düşmeýärdi. Onuň öňem käse ýaly bolup duran gözleri ganguýma ýandy. Şirmet aga onuň dyzlaryny elledi. Ona bu işi bes et diýmek isledi. Emma dili ysmady. Ýaşulynyň bolşuny gören ogullary böküşip orunlaryndan turdy. – Dede, goşulma, dede, goşulma – diýip, Özbekbaý dözümsizlik bilen ara düşdi. Ýaşuly uly ogluna ýüzlendi. – Guzym, oýam musurman çagasydyr. Beýle-beýle jeza bire näme ýazygy bar, oň, aýdyň serdara, bes etsin, guzym?! Türkmenbaý uly ynjy bileň Oraz ynaga ýüzlendi. Ynak ondan öňürtiledi. – Aýtadursun, kerwen kaýda, näçe il bar, kaçan kelejek bäri, aýtadursun, barmak basdurmaýyn. Ahally ýigit ýüzünden syrygýan gany ýeňi bilen syldy. – Meýdimi kesertseňizem, meňden ýeke agyz söz almarsyň, ýezit! Ýigidiň sözi iki ýüzli tyg bolup, Oraz ynagyň bagryny deşdi. Ol gamasyny bilinden sogrup, ýigidiň damagyna dözümli dürtdi. – Aýtarsyň, aýtarsyň diýtim, aýtarsyň. Aýtmysaň tamagyňy ýyrtaryn. Aýt, aýt, kerwen harda, kaçan kelur? Ýigitden ses çykmady. Onuň boýnunyň çykan ýeri ganaýardy. Oraz ynak halys tapdan düşdi. Ol iň ahyrky çäräni yglan etdi. – Eger, aýtmydursaň koluňy alamen, it çagasy. Ahally ýigit Oraz yňagyň ýeke geplidigindeň habarsyz ýaly söpe-söm bolup durdy. Şirmet aga ylgap gelip ýigidi gujaklady. – Aýdaý, oglum, aýdaý diýdäm, öz janyňa özüň kast etme. Emma ýigitden ses-üýn çykmady. Ol her bir jeza, jepa döz gelip biljek ýaly bolup durdy. Oraz ýene-de onuň alkymyna geldi. – Aýt, käpiriň biri, käpir. Aýt, kerwen kanda, kaçan kelur buaka? Ahally ýigit ýer ýaly dymyp durdy. Oraz ynagyň bolmajysy boldy. Ol aňyrda erigiň düýbünde duran goş-golamyna bakan ylgady. Şol ýerde gyny bilen duran gylyjyny gökde oýnatdy. Gylyjyň gyny atylan ördek ýaly bolup nökerleriň üstüne gaçdy. Ynak badyna gylyjy ýigidiň çep egninden saldy. Beýle-beýle zalymlyga garaşmadyk ýaşuly atylyp ýerinden galdy. Badyna Oraz ynaga topulyp, ony gapdala süssenekletdi. Oraz ynak gylyjyny depesiniň üstünde pyrlady. – Çalarym, öldirim, ýeksurun! – Onuň agzy köpürjikläp, däli öküziňki ýaly gözleri öçli ýanýardy. Onuň hyýaly goly daňylgy ýigidi para-para etmekdi. Ol silkinip sypyp öne okduryldy. Emma ony ýene-de tutdular. Şirmet aganyň eýmenç sesi ony özüne getirdi. – Sen ýene-de bir el gaýtar, köpeý ogly, onsoň sana ärmämmet diýeýin... Oraz ynak öňki bady bilen ona sürünjek boldy. Ýöne gojanyň daşyny ogullarynyň gallap, döşlerini gaýa ýaly gerip duranlaryny görüp badyny gowşatdy. Töweregindäki nökerleriňem tüýsi bozulypdy. Oraz ynak gazabyny daşyna çykarmady. Ýöne onuň jygyrdap duran dişleri bu işi beýle goýmajagyny habar berýärdi. – Atlanyň, ýal ýagysy bidöwletler, men size görkezuryn, kimiň-kimligini. Oraz ynak gidenden soň ýaşuly ýigide topuldy. Onuň ganjaryp duran eginlerindäki kendir ýüpi çözmäge başlady. Ýüp az-kem gowşanda, ýigidiň çep goly patlap gumak ýere gaçdy. Soň onuň üstüne gyrmyzy gan pürkülip gitdi, Ýigidiň özi bolsa sag egnine tarap çynar omurlan ýaly bolup gaýtdy. Şirmet aga çiliň üstünde oturyşyna oňa däri-derman edişini, özüne getirişini ýatlady. Ýigit ýaşula ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly edip aýdypdy. Goja-da uly tama bilen kerwene garaşypdy. Emma diýeni bolmandy. Goja günüň batyp barşyny synlap durşuna kerwenbaşynyň öňünde kiçelişini göz öňüne getirdi. Az-kem uýaldy. Soňam synyny kakyşdyryp tamkepbä bakan ugrady. Şirmet aga ýaş ýigidiň iňläp ýatyşyny synlap çaý-çörek bilen seri bolmady. Ol namazyny okap ýerine geçdi. Ýöne gözüne uky gelmedi. Oraz, ynagyň zalymlygy bilen ahally ýigidiň mertligini deňeşdirip, ölçeşdirip, özüniň ogullaryny ýeke-ýekeden bularyň ornuna goýup gördi. Soňda hasam ynjalygy gaçdy. Özüniň ýyllar boýy eden arzuwynyň ýele sowrulyp barýandygyny duýan ýaly boldy. Sebäbi ol gör, näçe ýyllardan bäri ogullarynyň basymrak ýetişerini, olaryň Hywa hanyňa gulluga durup gazançly, atly-abraýly bolaryny isleýärdi. Öz ýanyndan bolsa hanyň ýokary mertebelerinden tamakin bolardy. Şonda bir wagt nähak gany dökülen garyndaşynyň mertebesini sakladygy, onuň ýoluny dowam etdirdigi boljakdy. Oraz ynaga onuň hemişe göwni ýeterdi. Daşyna nökerlerini toplap, mertebelenip gilişi, tüýküliginiň ýere gaçyrylmazlygy, häkimliligi, kesgitliligi oňa gelişýärdi. «Ol hanyň hut özi bilen söhbetleşip, käte tabakdaşam bolýarmyş» diýen gürrüň onuň sylag-hormatyny artdyrýardy. Goja-da, oňa töründen orun berip, tapanyndan saçagyny açardy. Ogullarynyň hem şoňa meňzemegini arzuw edip, öwlüýäleriň ýoluna doga okardy. Emma, öten gijeki ýagdaý onuň göwnüni buza dönderdi. Rehimsiz, ynsapsyz, zalym bolmasaň, beýle-beýle derejelere ýetip bolmajagyna ol indi düşündi. Ahally ýigidiň ýüreginiň düýbünden çykýan iňňildi ynjalyk berenokdy. Günuzynky ýadawlyk, garyşyk duýgular, kerwenbaşynyň gedemligi gojanyň gözüne uky getirmeýärdi. Ol gözüni ýumdugy bolup geçen ahwalatlar ýekän-ýekän gaýtalanýardy. Şonuň üçinem tamkepbäniň ýeňsesindäki güpür-tapyry ilki bilen şol eşitdi. Kellesindäki başdaňysynam çözmän daş çykdy. Ol gözlerine ynanmajak boldy. Işikde şu günki kerweniň başyny çekip barýan, owadan atly pyýada durdy. Onuň bolup durşy, ugruny ýitiren ýekegapana meňzeýärdi. Sesini çykarman durşuna, ähli gazabyny ýaşuludan çykarmagy ýüregine düwen ýaly bolup seredýärdi. Ýaşuly nämäniň-näme bolandygyny güman etdi. Birdenem diýeni tutulmansoň beýle güne düşülmegine begenen ýaly boldy. Ýöne ol basym toba etdi. Gijigip dogan aý älemi gündizlige öwrüpdi. Şonuň üçin ullakan töňňä arkasyny berip oturan adamyň, gamlanmakdan boýny süýnüp, üzülere gelen ýaşulynyň bolup durşy Şirmet aganyň keýpine sogan dogrady. – Seniň aýdanyň boldy, sakgaldaş, indi, munça bolanyna görä, soňunam maslahat ber – diýip, üç eplem bolup galpyldap duran goja Şirmet aga ýüzlendi. Şirmet aganyň göwni giňedi. Ol häzir elinden gelse bu adamlaryň bitiniň burnuny ganatjak däl-di. Olaryn mysalasyny görenden, gündizki öýke-kinesini unudypdy. – Weý, karyndaşlar, keliň, keçiň! Agşamyň haýryndan, ertiriň şeri ýahşy tiýipdirler. Entek damak-darsy iýip, içiň. Nesip dartsa, erte bar, soň bar ugurlaşylar, ýollaşylar. Şirmet aga erigiň astyna düşek atyşdyrdy. Onuň üstüne körpeçe taşlaşdyrdy. Şol wagtam içerden ahally ýigidiň iňňildisi eşidildi. Oturanlar laňňa ýerlerinden galdylar. Tamkepbäniň gündogar işiginde taganyň üstünde duran gazanyň astyndaky ot belentden ýanýardy. Onuň töwereginde aýal maşgalalar oduň ýagtysyna ikiýana ylgaşlap, tagam taýýarlaýardylar. Şirmet aga kündük bilen legeni ýeňillik bilen aýlady. Gündogdy han uzak wagtlap ýuwundy. Ol misli ähli argynlygyny, gahar-gazabyny teniňe ýakyp duran sowuk suw bilen aýraýjak ýaly bolup, elini suwdan aýrasy gelmeýärdi. Han düşege geçip gamgynlyk bilen derdindi. – Eddil ýyldyza ýörän ýaly boldy. Hemmesini upbat aldy. Hemmesi harama ýal boldy. Bu tekäniň diýýän-ä bagty ýatandyr, bagty. Ýörän ugruň ýyldyz... Baran ýoluň ýapyk... Ýaşuly ullakan saçagy ýeňillik bilen düşege ýazdy. – Gam çekmäňler, myman. Bu zatlar ozalda maňlaýda bar bolup, görülmeli zatlardyr. Käýinmäňler, kaýinmäňler... Orta naharly tabaklar daşaldy. Emma oňa el uzadan bolmady. – Weý, weý, tagamyň duzuna el uzatmanam bormy? Alyň, alyň. Onça-munça gaýgyny tagam basarmyş. Ýaşulynyň özem aldy. – Eý, weý, sakgaldaş, damakdan tagam öter ýaly bolan däldir. Näçe mal, näçe mülk, näçe azap reýgan boldy. Ylahym, ýola çykmasak ýagşy boljak eken. Oturanlar kerwenbaşynyň aýdanlaryny öz ýanlaryndan tassyklap oturyşlaryna, tagama el uzatdylar. Günuzynky açlyk, ýadawlyk, gorky olary halys edipdi. Ýumşak düşek, rahat agşam, süýji tagam olary jennete düşen ýaly üwreýärdi. Gündogdy han özüniň gaharyna henizem bäs gelip bilenokdy. Ol ähli gazabyny Guldurdy serdara gönükdiripdi. «Ol gözüni ölen çebşiň gözi ýaly edip, düzüw bolmaly däl. Ähli bela şonda bolmaly...» diýip oýlanýardy. Häzir serdar ýanynda bolsa bir ýaňalyk edäýerli görünýärdi. Iň esasanam, özüniň oý-pikirlerini dogry hasap edýärdi. Hojameňli aga welin bu gojanyň sözüni tutmanlygyna oturyp-oturyp puşman edýärdi. «Häk, kemakyl çal, Hydyr ata ýalak bolup, bir bende boljagyny aýtdy. Näme üçin aýdylanyny tutmadyň? Kerweniň eýesi han bolsa-da, garamatyny göteren sen ahbetin. «Han aýtdy!» Han aýdanda näme? Agzyna kese girip däni, etjegiňi ediberseň, hanam düşünerdi. Häýk, aklyň kelte bolsa bolmaz eken...» Onuň oýlaryny öý eýesi bozdy. – «Doga bidöwlet bolandan, ýylda bir ýagy çapsyn» diýen bir gürrüň bardyr, mymanlar, bidöwlet etmesin, özi. – Şirmet aga bulary köşeşdiresi gelýärdi. Olaryň göwnüni awlasy gelýärdi. – Iň esasy zat, başyňyzyň dikligidir. Kerwene döw çalasy ýok... Bolmasa ony, muny görmeli bolar... Han öý eýesiniň bu hoşamaýlygyna az-kem göterildi. Onuň göwnüne bolmasa, bu ummasyz tümlüge yş açylaýan ýaly boldy. – Bu iş nähili boldy, kim goş-golamyňyzy aldy? Kimden habar, çen tutmaly, aňyp bilmediňizmi? – Öý eýesiniň sowaly gelenleriň süňňüni gorjalady. Olar bu günki waka ýene-de dolanyp barmaga, ony seljermäge ýürek edip bilenokdylar. Emma alaç ýokdy. – Derýa boýy bilen gyryň sepleşýän ýerindäki uly jardan çykdylar äjit-mäjit ýaly bolşup... Öz-ä köselenç, sary diş adam-a bardy. Ýöne, kimiň adamy, niräň adamy, hudaý bilsin... – Han üzlem-saplam gürlese-de, Oraz ynagyň salgyny berýärdi. – Aý, ol, köselenç dagy däldir, tüýs kösäniň aňrybaşydyr. Ol belli ýol uran Oraz ynakdyr. Öýde iňläp ýatan neressänem bu güne salan şol boldy. – Öý eýesiniň gamgyn habary hany aljyratdy. Ol ynak derejesine ýeteniň düzüw bolmaýandygyny bilýärdi. Artyk ynakdan gözi ýagşy gorkupdy. Şonuň üçinem bu iş indi şu çoçgara çolaşyklygyna galjak ýaly gamly oýlandy. Şonuň üçin agzyna salany bokurdagyna tegek bolan ýaly boldy. Edil şol wagt olar özleriniň üstüne sömelip, garap duran pyýadany gördüler. Şirmet aga ýerinden gop berlen ýaly bolup galdy. – Kimsiň-äýt, kimsiň? Garantgy ýaly bolup yranyp duran adamdan ses çykmady. Öý eýesi has gazaply sorady. Şol pursat ol adam agy gatyşykly sanawajy bilen oturanlary haýran galdyrdy. Onuň owazy birbada gyryljak çyksa-da, soň durlandy. ...Essalowmaleýkum ýata-an agalar, Kirpigni-kirpigne bata-an agalar. Goç-goç ogul bersin, ýene gyz bersin. Yrsgalyn eçilsin, bagtyň düz bersin, Göreni toý bolsun, ömri ýaz bolsun, Şatlygy köp olsun, gaýgy az bolsun. Bu adam ýene-de ençeme bent sanady. Onuň labyzly sesi. manyly gepi oturanlara, ylaýta-da, Hojameňli aga ýarady. Ol näçe argyn bolsa-da ýerinden turup, täze myhmana ornuny hödürledi. Dik duran adam boýnundan asylgy kädisini, agyr hasasyny hykgyldap ýerde goýdy. Soň takyr ýere çökdi. Ol hykgyldaýardy hem-de «Hak allam, edenine şükür!» diýip mydyrdaýardy. Ony ýene-de düşegiň üstüne, saçagyň başyna çagyrdylar. Emma diwana sypatly adam howlukmady. Ol dyzanaklap baryp, gapdalda duran kündüge agzyny basdy. Soň elini, ýüzüni ýuwup, başyndaky ak sellesini sypyryp, onuň gatlaryny açdy. Ýüzüni, boýunlaryny tä agyrýança süpürdi. Soň howlukman sellesini orandy. Üst-başynyň çaň-tozanyny kakdy. Iki sany ýaşulynyň özüne hormat bildirip, henizem dik duranyny görenden soň düşege geçdi. Saçagyň üstündäki tagamlara açgözlük bilen garap, owadan sesi bilen tebärek okap başlady. Onuň owazyna gark bolan adamlar uly tamakinçilik bilen, gollaryny göterip, omyn edilerine garaşyp otyrdylar. Täze gelen myhmanyň sesine diňe bir oturanlar däl, tutuş töwerek gark bolan ýalydy. Erikleriň heniz ýaňy nowçalan şahalaram başlaryny yrap otyrdylar. Asmandaky gözel aýam ähli nuruny şu erikleriň astyna dökäýjek bolýan ýaly görünýärdi. Derýa boýunyň özboluşly salkyn, bereketli howasam ähli rahatlyk, datlylyk alamatlaryny bu ýere getiren ýaly görünýärdi. Diwana sypatly adam bolsa şol okap otyrdy, okap otyrdy. Ol geýä ol dünýäniň eşretine melul bolup, küýseý-küýseý ýap-ýaňy ýalança gelen ýalydy. Şeýle şirinlik, şeýle yhlaslylyk bilen doga okaýardy. Omyn edilenden soň ol uzak wagtlap sesini-üýnüni çykarman garbandy. Soň ýene-de omyn etdi. Öý eýsine alkyş okady. Minnetdarlyk bildirdi Emma öý eýesi beýle bol minnetdarlygy kabul etmejek ýaly, ynjyly gürledi. – Wah, eziz myman, alla, tagama näçe doga-tumaryň bolsa, şu bendeleriň adyndan aýt. Ine, bu allanyň bendeleri niçeme günläp azap dartyp, eden yhlaslaryny reýgana sowurdylar. Bularyn kerwenini Hywa hanyňyň azgyn nökerleri talap-talap, alyp ötägidipdirler. Ol myhman gürlemedi. Ol göýä, adaty bir zat eşidýän ýaly bolup, dymyp otyrdy. Birdenem owazly ses bilen dünýäni ýaňlandyrdy. ...Kerem eýle, ýa reb, gudratly suwhan, Garyp gamgyn geçen halyma meniň, Aklym haýran bolup, etmişem puşman, Bilmezlikde geçen salyma meniň. Din gylyjyn ursam, tende zorum ýok, Mäteje nan bersem, elde zerim ýok, Pakyr menem, senden aýra ýerim ýok, Bir teselli bergin könlüme meniň. Islese deň-duşlar başa altyn täç, Pakyrlar mülkünde maňa bergin paç, Ýa ýaradan, etme namarda mätaç, Dilegim duş etme zalyma meniň. Ajyz menem, senden özge kimim bar, Öz beren janyňa jebr etme, jepbar, Magtymguly aýdar, keremli gaffar, Gaşymga kyldygym pälime meniň. Täze myhman sanawajyny gutardy. Oturanlaryň gursagyna gor düşen ýaly boldy. Ylaýta-da Şirmet aga elendi. Ol gursagynyň garanky böwrüni ýagtyldan sözleriň bady bilen bükülen bilini ýazdy. Türkmen dilinde, şeýle düşnükli, şeýle manyly, şeýle süýji sözlere haýran galdy. Ol bu gelen adamy ýönekeý ötegçi sanmady. Ony öz öýüne egni kullaly, boýny kädili ýörite gelen pygamber saýdy. Ondan rahatlyk, agzybirlik, medet dilärli göründi. Emma dili diýenini etmedi. Tolgunmakdan, begenmekden ak sakgaly aýyň ýagtysyna titreýärdi. «Wah, diliňe döneýli, keramatly pir. Ylahym meniň hem, ähli musurmanyň hem derdi-belalary dep bolsyn, ylahym». Şirmet aga ýene-de dodaklaryny tibirdetdi. Hiç kimde ses çykanokdy. Diňe ýaşulynyň göwni saýraýardy «Şu sözleri Oraz ynagam bir eşitse bolmaýarmy? Ili namys astynda goýup ýörenden toba kylsa bolmaýarmy? Haý, Oraz, Oraz, sen meniňem halal nan berip kemala getiren oglanlarymyň aşyna zäher atýarsyň. Sen garybyň ýagysy, sen. Sen ejize şir, sen». Hojameňli aga hem gözüne ýaş aýlap otyrdy. «Mätäje nan bersem, elde zerim ýok, pakyr menem senden aýra ýerim ýok», «Ýa, ýaradan, etme namarda mätäç...» bu sözler onuň ýüreginiň dili bilen aýdylyp, daşyna çykaryp bilmän ýören sözleridi. Gel-gel, gör, nirelerde, nähili ýagdaýda, haýsydyr bir biçäre ötegçi bu sözleri belent ses bilen aýdyp goýberer diýip, nireden göwnüňe getirjek». Ýaşuly bu sözleri eşitmäge, diňlemäge, onuň ähli süýjüliklerini tenine siňdirmäge taýýaram däldi ahyryn. Şonuň üçin ol şeýle uly yhlas, uly höwes bilen häliden bäri synlap oturan myhmanyna ýüzlenmek isledi. Emma dili diýenini etmedi. Gündogdy han welin goşga känbir ünsem berenokdy. Onuň göwnüne bolmasa, bu gelen hälki kerweni talan ýol uranlaryň jansyzy ýalydy. Ol ýerinden turagada onuň böwründen ak saply pyçagyny sokaýasy, bolmasa-da bokurdagyna tyg goýup kerwenden hasabat soraýasy gelýärdi. Emma öý eýesinden çekinýärdi. Myhman welin dymyp otyrdy. Onuň ýüzi gamgyndy. Ýygrylyp, bir gysym bolup oturyşy täleýinden gargynyp oturan bendä ogşaýardy. Ol Şirmet aganyň ýüzüne gaýta-gaýta garaýardy. Megerem, ondan bir gijeligem bolsa kerem isleýärdi. Şirmet aga myhmanyň pikirlerini daşyndan okap otyrdy. Ol indi bu hormat donuňa dolanan myhmana çirk sürtäp biljek däldi. Onuň ýekeje arzuwy, hälki şygry diňlemekdi. Ýüregine ýalkym salan jadyly sözler bilen gojalan göwnüni ýene-de bir salym direltmekdi. Myhman bu dymyşlygy ýene-de owadan owaz bilen bozdy. Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda, Bir dört atly gelip: «Turgul!» diýdiler «Habar biýrmiz saňa pursat jaýynda, Şol ýerde örler bar, görgül» diýdiler. Myhman bu oturanlary öz yzy bilen ýagşyzadalaryň mesgenine alyp barýardy. Ol ýerde selleli, eli hasaly pirler, pirzadalar gezişip ýördi. Şol wagtam yzy altmyş atly bir pyýada görünýär. Hemmeler «Muhammet!» diýip, orunlaryndan turýarlar. Hemmesi ýagşyzadalaryň arasynda san bolup otyrdy. Hemmesi olaryň elinden şerap içip, pata alyp göwünlerini päkizeläp, mesti-meýhan bolýardy. Näge hyýal etsem, gola getirdim, Näge baksam oňa nazar ýetirdim. Bu hal ile men parahat ýatyrdym, Ýüzüme tüýkürip «turgul» diýdiler. Turup, Magtymguly gözün açypdyr, Serine ne köýler gelip geçipdir. Mest iner dek ak köpükler saçypdyr, «Oglan, alla ýaryň, bargyl» diýdiler. Olar «ýel bolup, ýügürip, ýeriň damaryna, arşyň kemerine nazar ýetirip» durdular. «Nägä hyýal etseler, gola getirip, näge baksalar, oňa nazar ýetirip otyrdylar». Bu pursat şeýle bir ajaýyp pursat bolup, ylla bu del myhmanyň bokurdagyndan gaýnap çykýan owaza dolanyp duran ýalydy. Göwnüne bolmasa, bu owaz ene süýdi bilen süňňüňe ornap, adam döräninden bäri şol owaza garylyp, indem hiç haçan ölmez-ýitmez bolup ýaşap ýören ýalydy. Häzir gojalaryň ýekeje arzuwy bardy, olam şu pursadyň ýene-de azajyk dowam etmegidi. Bu pursat olaryň ähli dirilşginiň manysy ýalydy. Şygyr gutardy. Owaz galdy. Emma ýürekleriň owazy welin henizem ýaňlanyp durdy. Şirmet aganyň gözlerinden akýan bulak bilen göwnündäki ähli gaýgy-gam, gussa akyp, tutuş süňňi tämizlenipdi. Ýagşyzadalaryň beren patasy onuň «o dünýesini, bu dünýesini» abatlapdy. Indi onuň ýekeje parzy bardy. Olam şu oturan, ýagşyzadalardan galan ýaly bolup oturan myhmanyň göwnüni awlamakdy. Ol häzir özüni dürsäp bildigi janly soýup, söwüş edip göwün myradyna ýetijekdi. Özüniň ahyrýet gününde jynaza çykana beriň diýip, Hywa bazaryndan ýörite getiren çäkmeniňi hem onuň egnine serpaý edip ýapjakdy. Ol özüniň ahyrýetini görüpdi. Ol arassady, abatdy. Indi onuň armany ýokdy. Şeýle gozgalaň, ýüregiňi eziji duýgy Hojameňli aga-da ýetipdi. Olam aýňalyp bildigi «Ömrüň uzak bolsun, ylahym» diýen jümläni serpaý edip ýigidiň egnine ýapjakdy. Emma ýanyndan gör, näçe gezek gaýtalasa-da, dili diýenini edenokdy. Ol «agzyndan ak köpükler saçyp, ýagşyzadalaryň patasyny alyp», indem özüne gelip bilmän oturan ýalydy. Ol diňe «wah» diýmäge ýetişdi. Onuň sesi öýden çykan iňňildi bilen garyşyp gitdi. Emma tamkepbeden çykýan sesi hiç kim eşitmedi. Her kim özüniň ýüreginiň emrine, göwnüniň ganatyna boýun sunup otyrdy. Gündogdy han ilkinji şygra ünsem bermändi. Emma ikinji şygyr onuň daşa dönen bagryny owup-owup ýumşadypdy, han lagşapdy. Ol maňlaýyny dyzyna berip, özüni ummanyň goýnuna atyp otyrdy. Ham-hyýallar ony geçen günlere alyp gitdi. Obadaşlarynyň dawasy, oňşuksyzlyk, göwnüýetmezçilik, birek-birekden närazyçylyk obasyna, iline birhili göwnüdoklugy emele getirdi. Misli, olar bu şowsuzlyklary öňünden görüp-bilip, indem gyjalat berip duran ýaly duýuldy. Ýüregi gürsüldäp urdy, gaýnag duran gany bilen dişlerini jygyrdatdy. Ýöne ýomut garyndaşlaryň goldawy, gökleňleriň duýgudaşlygy birden ýadyna düşdi. «Eger Hywa hany süýji söz bermese, onda aňry süýşmeli bolar. Allanyň deşen bokurdagy, nirede bolsa-da hor etmez». Bu pikir, bu batyrgaýlyk hanyň derisini giňeltdi. Ol az-kem köşeşdi. Onuň gulagyna Etrekdäki bagşynyň bal ýaly owazy geldi. Tanyş ýüzler, tanyş sesler onuň göwnüne kuwwat beripdi. Döwletmämmet mollanyň pygamber sypaty onuň ganyna ornapdy. Beýle sypaýy, beýle pähimli adamy ol ömründe görmändi. «Wah, teke şonuň ýaly ýekeje adam gerek, nädersiň ählisiniň agzyny ýörmäýse. Nädersiň gabryňa çenli boljak-goýjagy öňünden aýdyp otursa. Onsoň-a ynanardyňyz Gündogdy hanyň hakdygyna». Ol Döwletmämmet mollanyň gözlerini gördi. Ol misli hanyň edýän işini makullaýan, oňa ak pata berýän ýaly bolup duýuldy. Edil häziriň özünde täze hyjuw bilen Hywa hanyňyň ýanyna ýetip, bolan, geçen, geljek zatlar barada ýüregini dökesi geldi. Şonuň üçinem ýerinden tarsa galdy. Ol diňe şonda ýanynda oturanlary görüp galdy. Hälki diwananyň okan şygry indi ýadyna düşdi. Ol dik duran ýerinde oýlanyp, bir möhüm zady ýadyna saljak boldy Agyr silkme telpegini eline aldy. Oňuň içligini dörüşdirdi. Soňam gyryk ses bilen, batly gürledi. – Sen, Döwletmämmet mollanyň ogly Magtymgulymyň?! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |