01:52 Pyragy -8/ romanyñ dowamy | |
4.
Taryhy proza
Ýok, ol Magtymguly däldi. Ýöne olam bu yrsgal çöken, ýöne rahatlyk göçen ülkeden uzakda däldi. Oňa häzir bu baglaryň aşagyndaky seleňlik, asudalyk, serginlik ýetmeýärdi. Ol Şirgazy medresesiniň çemliräk hüjresinde, üsti galyň diwanly sekijigiň öňünde otyr. Onuň gözleri däne-däne bolup uzalyp gidýän ýaşymtyl syýa setirlerde bolsa-da, göwni Hywa hanynyň köşgündedi. Geçen bir bazarlyk günler onuň üstünden dag bolup inipdi. Halypasynyň gürüm-jürüm gitmegi, ondan hiç hili deregiň tapylmazlygy ýigidiň ýüreginine gam harmanyny salypdy. Ol her hili oýlara batypdy. Hywadaky dost-ýarlardan, tanyş-bilişlerden habar tutupdy, göwnüne her hili was-wasy oýlar gelip, medresäniň, bazaryň töweregindäki handekleri agtarypdy. Derýa boýundaky balykçylardan, dargalardan habar alypdy. Emma halypasyndan gördüm-bildim ýokdy. Geçen her gün ony oglanlygyndan bäri ata ornuna sylan, dogan ornuna daýanan mähriban adamyňdan barha daşlaşdyrýardy, ýatlamalar welin ony barha ýakynlaşdyrýardy. Magtymgulynyň kirpikmen, gabakman owadan gözleri şol ýatlamalar girdabyna özüni urdugy buldurjyraýardy. Ol gulaklarynyň maňlamasyndan, elindäki nanyň terpenmesinden, gözleriniň tirpildisinden many gözleýärdi. Göwnüne bolmasa, ol mähriban adam bir ýerlerden ýylgyryp çykaýjak ýalydy. Emma ýedi gün geçdi. Ol welin ýokdy. Magtymguly ol indi dünýäde bardyram öýdenokdy. Şonuň üçin bu juma gijesi ol tapdygyndan sadaka berdi. Tanyş-bilişleri, duldegşir hüjreleriň talyplaryny çagyryp tebärek okatdy. Her zadam bolsa, ol ýöne oturanyndan şeýdenini ýagşy gördi. Häzirem gap-gaçlary ýygnaşdyryp, sekijigiň başyna bilimler dünýäsiniň goýnuna aralaşmak üçin geçmändi. Bu uly hesreti hemem şu gün aýdylan habaryň süýjüligi bilen bu garma pikirleri serinden aýyrmak üçin geçipdi. Ol häzir birden tolgundy. «Bu günki habary halypamam eşiden bolsady, neneň beýgelerdi...» Magtymguly Hywa gelen üç ýylynyň içinde ýazan goşgularyny jemläp, bir diwan bagladypdy. Ondaky goşgularda ýaş ýigidiň durmuşa, geljege bolan telwasy uly joşgun bilen beýan edilýärdi. Ol özüniň çensiz-çaksyz höwesi bilen beýik ýaradana ýüzlenýärdi. Onuň bakylygyna, oňa bolan söýgüsi, wepasy barada arassa yhlasy bilen ýazypdy. Bu goşgulary ol näme üçindir indi halanokdy. Ýöne ony okaýan adam welin, hökman gözüne ýaş aýlardy. Ylaýta-da hezreti Pälwan damulla ol goşgulary aýratyn oňat görýärdi. Käwagt ol bu diwany diläp äkidip, üç-dört gün saklap, soň getirip berýärdi. Soňky wagtlarda Magtymguly şygyr ýazmasyny düýbünden diýen ýaly goýupdy. Ýok, bu onuň özüne bagly däl ýagdaýda bolupdy. Göwnüne bolmasa, onuň ylham çeşmesiniň yzgary öçen ýalydy. Özem indi hiç haçan ondan nem dammajaga çalym edýärdi. Şonuň üçin ol bu diwany aýap saklamagy ýüregine düwdi. Şol pursat başga bir ýagdaý ýüze çykdy. Hezreti Pälwan damulla ony öz hüjresine tagama çagyrdy. Tagamdan soň, ona sowal berdi. – Magtymguly aka, ager-da ketde ahun agalary razy bolsalar, sizler özleriňiziňg diwanigizi türk sowat sapagyna goşmakga razy bolarmysigiz? Magtymguly onuň sowalyna düşünse-de, diýjek bolýan zadyna pähim ýetirip bilmedi. Türksowada goşar ýaly ol heniz, näme ýaşady? Ýa-da... Hezreti Pälwan damulla Magtymgulynyň ikirjiňlenmesine düşündi. – Sizlar razy bolsaňyz bolady. Başkasina uzlarymiz karaýmyz. Ýöne Magtymguly näme diýjegini bilmedi. Ol «Sopy Allaýar» ýaly ady külli musurmana aýan bolan hudaýhonlaryň arasynda san boljagyna ynanmady. Emma damullasynyň raýyny gaýtarmagy hem islemedi. – SizlaryŇ köşuklaryňnyzy müfti-mütris, kalganlaryga körgezdimiz, ahunga körtezmekgi towakga kylyblar. Bizler ketde ahunyň dusti ile aşnamyzlar. Ham olarga towakga kylamyz. Agar katda ahunyga hoşuna kelsa, anda iş bitädi. Sizlar diwanygy bir pursat bizlergä beriň. Magtymguly özi barada edilýän alada üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol göwün göterimi bilen diwanyny hezreti Pälwan damulla beripdi. Ýöne ondan bäri köp-köp günler geçipdi. Soňky baş-alty gün bolsa onuň diwan barada oýlanmaga eli degmändi. Halypasynyň hesreti hemme zatdan rüstem gelipdi. Emma şu gün hezreti Pälwan damulla ýene-de oňa duşdy. Onuň ketde ahunyň kabulhanasyna gelmegini towakga edenlerini aýdypdy. Indi erte agşam agyzaçar wagty ketde ahunyň kabulhanasyna tarawa okamaga barmalydy. Şondan soň onuň diwanyny mekdep-medreselerde okatmalymy ýa-da okatmaly dälmi diýen sowal çözülmelidi. Magtymgulynyň gulaklary şaňlady. Soňky wagtlarda ol bu ýagdaý bilen halys öwrenşipdi diýen ýalydy. Çaga wagty ol şeýle ýagdaý bolsa ylgap ejesiniň ýanyna barardy. – Emmä, haýsy gulagym şaňlaýar? – diýip, garaşylmadyk sowaly bererdi. Ejesi welin onuň haýsy gulagynyň şaňlaýandygyny hökman bilerdi. «Weý, köşegim, uzak ýerde seni bir gowy adam ýatlap, adyňy tutýandyr» diýerdi. Kiçijik oglanjyk muňa diýseň begenerdi, hemem çolarak ýere baryp, uzak ýerdäki garyndaşlaryny, tanyş-bilişlerini ýekän-ýekän gözden geçirerdi. Emma özüni ýatlaýjak, adyny tutaýjak adam tapmazdy. Häzir ol özüniň bir wagtky bolşuna ýylgyrdy. Emma hakykatdanam özüni kimiňdir biriniň ýagşylykda ýatlamagyny isledi. Ony ýatlajaklar welin az däldi. Magtymguly häzir uly agasy Abdyllany göz öňüne getirdi. Abdylla onuň ýüreginiň diregidi. Ol ähli meselede Abdylla meňzäsi gelýärdi. Agasynyň mylakatlylygy, hoşroýlygy, gülşi, gynanyşy, hat-da gaharlanyşy-da Magtymgula diýseň ýaraýardy. Şonuň üçin göwni bir zat islese ejesiniň ýanyna barmazdy, Abdyllanyň ýanyna barardy. Abdylla şol işi şeýle bir oňarardy, asyl ony şondan oňat etmek mümkin däldi. Döwletmämmet mollanyň öýünde iň sarpaly, iň gadyrly zat kitap, kagyz, syýady. Öýdäki her bir bölek kagyzyň gadyr-gymmaty, hasaby bardy. Özünem dine bir adam, Garry molla çözýärdi. 7-8 ýaşlarynda ýaşajyk oglanyň başyna bir düşnüksiz heser urupdy. Ol ýatsa düýşünde, tursa huşunda depder-galam, kitap görýärdi. Heniz elibi dogry çekip bilmedik halyna, ýüregini ak kagyza salaýasy gelýärdi. Kagyz, syýa bolsa ýokdy. Dogry, barlygyna bardy. Emma ol Kap dagyndaky döwleriň sandyga salnan şirin jany ýalydy. Ony hiç kimiň aljak aladasy ýokdy. Kiçijik Magtymguly dädesiniň ýanyna barsa-da, ejesine ýalbarsa-da, bu meseläniň göwne laýyk çözülmejekdigini aňýardy. Şonuň üçin bir çemini tapyp, agasyna ýalbarmalydy. Şol günler güýzüň ortalarydy. Adamlar hasylyny ýygnap, indi arkaýyn dem-dynç alýardylar. Obanyň gaýrasyndaky tekizlik adamdan dolup, toý mähellesini ýadyna salardy. Agyr telpeklerini çykaryp, kellelerini ýaglyk bilen bogan adamlar topar-topar bolup çilik, gaçar top, göleňgeçi oýnaýardylar. Bu wagt pursat däldigini bilse-de, Magtymguly edil şu wagt agasynyň ýanyna barypdy. Abdylla diýseň gyzygyp oýun oýnaýardy. Häzir ony yrsaň, asyl ýadyndan çykjak däldi. Magtymguly agasynyň gelmeli pellehanasynda oturdy. Hä diýmänem has-has edip Abdylla geldi. Ol arkasyna top degirtmän, eşekçi bolman garşydaşlaryndan sypyp, pellehana ýetenine begenýärdi. Häzir şeýle mylaýym, şeýle mähriban bolupdy. Magtymguly tüýs pursadyň gelendigini aňypdy. – Dide, aý, diýde – diýip, agasynyň ýanynda oýkanjyrasa-da, Abdyllanyň ähli pikiri-zikiri oýundady. – Dide, aý, diýde – diýip, Magtymgulam ony sypdyrarly däldi. – Abdylla oňa pikir berdi. Sözüni diňledi. – Sen häli öýe baramyzdajyk aýt maňa – diýip, howul-hara söz berdi. Ine, onsoň Magtymgulynyň eli agasynyň ýakasy boldy. Ol her gün diýen ýaly ýatlatdy durdy, ýatlatdy durdy. Emma Abdyllanyň welin azaryna-da däldi. Şonda Magtymgulynyň agasyndan göwni galypdy. Ol çeşmäniň boýuna baryp, özüniň ýüreginde gaýnap duran bulaklary suwda altyn teňňelerini ýalpyldadyp, güjeňläp ýören balyjaklara aýdypdy. Şol pursat Abdylla atyny suwa ýakmaga gelipdi. Ol inisiniň ýekeje özüniň bolup oturyşyny görüp, sesini çykarmandy. Şol günüň ertesi bolsa, oňa bir dolama kagyz getirip beripdi. Şol kagyz Magtymgulynyň şygyrlar älemine gadam goýmagy üçin nyýaz bolupdy. Bu süýji ýatlama Magtymgulynyň derdini ýeňletse-de, göwnüni alyslara uçurýardy. Ol häzir oýlanmaýardy. Erte agşam oňa sowal beräýmekleri mümkindi. Şonda sakynyp dursaň, elbetde, gelşikli boljak däldi. Emma bu oýlar onuň süňňünde sowala beýlekä orun goýanokdy. Onuň göwni ýene-de geçen günlere uçup gitdi. Emma oňa süýji ýatlamalaryň girdabynda gulaçlamak nesip etmedi. Işik şykyrdap açyldy. Içeri Nazarly girdi. Magtymguly ornundan turup onuň bilen gollaşyp görüşdi Ýigidiň ýüzündäki sowuk aladany görüp, sowal bermekden saklandy. Nazarlynyň özem düýrmegi bilen özüni belentden aşak goýberjek bolýan ýaly ýygrygyp, çekinip durdy. Onuň bolşy agyr bir habary aýtmakdan çekinýän ýalydy. Magtymguly bu ýigidiň çaganyňky ýaly päkize ýüzüne nazaryny dikip, golundan tutdy. Soň ony düşegiň üstünde oturtdy. Emma Nazarly ýere garap oturyşyna, göýä bir günäli iş edene dönüpdi. Gowusy, häzir ondan hiç zat soramaly däldi. Şonuň üçin Magtymguly özüni düşegiň üstüne goýberdi. Nepýagy tükenen çyranyň dillerinden insizje tütün çykyp, hüjräniň içine birlaý aýlanyp, soň dargaýardy. Şeýdibem ol Nazarly bilen öý eýesiniň arasynda ýukajyk serhedi emele getirýärdi. Nazarly golaýynda ýaýramadyk tütüni gaýta-gaýta üfledi. Ukuly gözleri bilen hüjräniň içine parhsyz garady. Uludan demini alyp, ýere garady. – Aga, men-ä bir habar eşitdim, ýöne saňa ýarajakmy-ýaramajakmy, aýtsam ýagşy boljakmy ýa-da aýtmasam ýagşy boljagyny bilemok – diýdi. Magtymgulyny bu habar gyzyklandyrmaýan ýalydy. Ol Nazarlynyň gyýarak gözlerine, tüňňüräk maňlaýyna seretdi durdy. Nazarly beýle seredişe tap getirip bilmän, gapdala garady. Diňe şondan soň bu sözleriň manysynyň öý eýesine ýetmändigini ol aňdy. Ýene-de Magtymgula getiren habaryny aýtdy. Magtymguly ýadaw, ukusyzlykdan börtüşip duran gözlerini owkalaşdyrdy. – Seniň habaryňy eşideli, gardaşym. Ýöne, düýbi düz habar bolawersin-dä... Nazarlynyň ýüki ýeňledi. Onuň keşbine şadyýanlyk gelen ýaly boldy. Ol misli özüniň gürrüňine şatlyk alamatyny goşmasa bolmajak ýaly, ilki bir ýylgyryp durdy. Magtymgulynyň üns bermeýändigini görenden soň, pessaý ses bilen sözledi. – Hol, diwana begi diýip ýörenleri bar dälmi? Haçan görseň, köçede beýlekide-de «Huw-hak!» diýip adam barynyň ýüregini ýaryp ýören zaňňar, şonuň bilen bir ýerde tabakdaş boldum. Elime bir ýagly omaça düşdi. Gowy ýülügem bar, mazaly, gemireýin diýip çemlenip otyrkam, şol «huw-hak» urdy penjäni ýaňky omaça, menem «aý, şu diwana hakymy gidirmäýin-le» diýäkgeden gaňyrdym goluny. Aý, bermese dagy goluny döwäýjek men onuň. Onsoň çaňňalyny açdy. Aldym eti elinden, ýene-de iýmäge çemlenip otyryn. Soň ýaňky ýalbaryp başlady. Ahyram, «Aý, agaý, byradar, göşüňi ber, ýek-dä habor mikonim» diýip başlady. Menem: «O na habar?» diýýän. Onsoň olam: «Göşüni ber! Men Nury Kazym ibn Basradan habar bilaman» diýip, gypjakçalap başlady. Menem omaçany berdim. Aý, onsoňam diwananyň elinden alnany iýip bolasy ýok-la... Nazarly bolan wakanyň öý eýesiniň nähili täsir edýändigini aňlajak bolýan ýaly, gepi bilgeşleýin uzaldýardy. Emma Magtymguly iň ahyr netijäni eşidesi gelip, sabyrlylyk bilen diňläp otyrdy. Ol häzir diwananyň bolşuny, onuň çynyny aýtjagyny-aýtmajagyny göz öňüne getirýärdi. – Onsoň, ol maňa «daşary çykaly» diýip yşarat etdi. Çykdym daşary. Ol Gur Saide garap, hiç kime aýtmajagyň barada Gur Saitden ant iç diýdi. Menem içimden: «Ilkinji gabat gelýäne çenli hiç kime aýtmaýyn» diýip ant içdim. Ol diňe şondan soň bir mydyrdady. Zordan: «Nury Kazym geçen bazaryň juma gijesi 30 tümen pul aldy. Indi hanyň gaznasyndan berilýän puly men almaly. Ine, onuň dilhatysy» diýip, bir hat görkezdi. Onsoň «Ol nirä gitjegini aýtmadymy?» diýsem, «Alla keremdir, hiç zat aýtmady» diýdi. Eger onuň gepi çyn bolsa, Nury Kazym halypa, pul karz alyp, bir ýerlere giden bolmaly. Ýöne 30 tümen bilen nirä gitsin? Nazarlynyň habary Magtymguly üçin diýseň täsindi. Çünki, geçilen şunça döwürde, bile ýaşalan ýyllarda Nury Kazym halypa ýeke tiniň gürrüňini eden adam däldi. Ol elinde baryny hemişe ortada goýardy. Magtymgula hanyň gaznasyndan berilýän 25 tümen jübi puly, halypanyň alýan 30 tümeni olaryň gününi dolamaga ýetýärdi. Käte bolsa ojuk-bujuk satyn almak üçin az-owlak ýygşyryntgam galypdy. Eger ol beýle pul gerek bolsa, şony almaly ahyryn. Şeýle oý bilen Magtymguly sekijigiň çekerini açdy. Onda içi ep-esli agramlyja haltany eline alyp, büzmek bagyny gowşadyp sekijigiň üstüne eňterdi. Soň pytrap ýatan pullara manysyz garap oturyşyna, ýuwaşja sözledi. – Pul karz alar ýörer ýaly, onuň kalbyna beýle näme hyýal sataşdyka? Pul islese az-owlak ýetne bolar ýaly bar eken ahyry. Nazarlynyň dili açylypdy. Ol nämedir bir zatlar diýp, ýoldaşynyň göwnüni açasy gelýärdi. Şonuň üçinem ýylgyrma bilen söz atdy. – Haý, diýseňem-ä, şol diwanabaşydan pul alyp, Hywanyň herremhanalarynyň birinde alagöz gelinleriň birini goltugyna gysyp, neşebanyň mele çybyklarynyňam birkisini tütedip ýatan bolaýmasa-da biridir, öz-ä. Magtymgulynyň ýadyna oýun düşmeýärdi. Onuň üçin halypasy dünýäniň ýüzünde bar bolsa bolanydy. – Wah, şeýle bolagaýsady, käşgä – diýdi. Soňam Nazarlynyň ukuly ýüzüne ynjyly garady. – Ýat, gardaşym, gel, köňlümizden ýagşy niýeti aýyrmaly. Belki, seniň diýeniň bolup, gaýgysyny, gussasyny sabadyp dolansyn-da... Ol biziň diriligimiziň nagşy bolmaly ynsan. Ol bize entekler gerek adam. Onuň mylaýym sözi Nazarlyny üwreýän ýalydy. Ol ýuwaşja hor çekip, ýylgyryp ýatyrdy. Matgymguly onuň başyny ýassyga goýdy. Kellesindeň sypan sellesini onuň başujunda goýdy. Nepýagsyz çyra indi düýpden öçüpdi. Hywanyň horazlary heniz ýagşy arçalmadyk ses bilen üçünji gezek gygyryşýardylar. Magtymgulynyň gözlerine uky gelenokdy. Onuň Nazarlynyň getiren habaryny aňynda ýagşy aýlasy, ony derňäsi, netije çykarasy gelýärdi. Emma başynda heniz derňelmän, tüýdülmän ýatan pikirler oňa garaşyp durdy. Öl ketde ahunyň çakylygy barada ýatlanda, ýüregi ynjalyksyzlyk bilen gürsüldedi. Hem süýji, hem tolgundyryjy duýgular aýagynyň ujundan tä saçlaryna çenli at gamçyladyp akyp gitdi. Ol daňyň ataryna howlukdy. Ýekelikden, ynjalyksyzlykdan iren göwni şeýle ullakan şatlygy arzuwlady. Hyýalynda özüni ketde ahunyň huzuryna eltip goýdy. Onuň sowallaryna jogap berip, din ugrundan uly derejä göterilen adamyň patasyny aldy. Onuň pikir-hyýallary gulaçlap, ýüzmedi. Ýene-de gulaklary şaňlap gitdi. Bu täsin ýagdaý ony ýene-de çagalygyna çagyrdy. Eziz obasy, döwletli öýi, agzybir maşgalasy ýadyna düşdi. Ol häzir hyýallaň gomuna çümse, özüni köşeşdirere, rahatlandyrara zat tapjakdy. Emma gün dogsa onuň ykbaly çözüljekdi. Bu duýgular onuň salyny togtadýardy. Ýöne häzir ol bu şatlygy iň eziz adamlaryň pikiri bilen ölçäp göresi gelýärdi. Ol dädesiniň bu habara begenjegini bilýärdi. «Gardaşlarym Abdylla bilen Mämmetsapa näme diýerlerkä? Ejesi onuň nähili uly zatdygyna düşünermikä? Ýa-da «Wah, oguljygym, okuwam bar bolsun, beýlekisem, ýat illerde gözlerimi görmäge zar etdiň» diýip, dädesine iňirdärmikä?» Ene mähri ähli zatdan güýçli çykdy. Magtymguly mähriban käbesiniň didaryny gördi. Ejesiniň mährem keşbi onuň aladaly dünýäsini ýagtylandyrdy. Ol özüniň dözümsizlik, naýynjarlyk bilen garap duran aýalyň garaýşynda in eziz zatlary agtaryp durşuna pyşyrdady: «Käbäm, aman-esenmisiň? Hal-ahwalyňyz neneňdir?!» Ene ýylgyrdy, özem şeýle bir ynjyly ýylgyrdy. Näçe ýyllap ene didaryna zar bolan ogul oňa düşündi. Ol şeýle diýdi: «Heý, beýle-de eglenmek bolarmy, balam? Heý, beýle-de, gözümizi ýolda gonmak bolarmy, çagam? Bu aýralygyň ahyry ýokmy? Heý, didara gowuşmak ýokmudyr?!» Ol ejesini köşeşdirdi: «Ýene-de azajyk sabyr ediň, käbäm. Ynha, ýene-de sanly aýdan uçup-uçup ýanyňyza bararyn, käbäm». Bu süýji ýatlamalar ýigidi üwredi. Ol süýji ukusynda-da mähriban obanyň howasy bilen dem aldy. Üç ýyllyk möhleti, müňlerçe menzile ýetýän ýoly bir pursatlyk aradan aýran düýşler, Magtymgula haýran galmaly rahatlyk beripdi. Ol soňky iki-üç aýlykda beýle süýji, beýle köp ýatmandy. Medresäniň azan aýdylýan münberlerinden gelýän ses ony közüň üstünde ýatan ýaly tisgindirdi. Turup sag böwürdäki tekjede duran synjalyk kündüge topuldy. Howul-hara täret kylandan soň töre namazlyk ýazdy. Nazarly henizem oýanmandy. Ol Magtymgulyňyň azan aýdýan üýtgeşik şirin owazyna oýanjak ýalam edip, soňra ýene-de beýlesine öwrüldi. Onuň serlip ýatmasy öý eýesiniň ýadyna ýene-de halypasyny saldy. Soň ýene-de düýnki gaýgy-alada onuň gerdenine hopba boldy. Şonuň üçin namazyň yzyny nähili okanynam duýmady. Magtymguly eli kündükli howla düşdi. Medresäniň howlusy säher bilen köp adamly bolýardy. Bu ýerde ýaşaýan molla, müftüler, derwüşler, hojalar, talypllar säher namazyndan soň howlynyň ortasyny tutup duran dury suwly howzuň gyralarynda ýagşy boýuny-inini alan äpet güjümleriň astyndaky sekilere çykyp oturýardylar, nobatdaky iş-aladalar, güzeran, okuw, ýetip gelýän dynç alyş barada gürleşýärdiler. Magtymguly arassa howada esli salym durdy. Soň hümer bolup, üýşüp duranlaryň deňiňden geçip, howlynyň gündogar burçundaky guýudan suw çekdi. Şol wagt medrese täzeräk okuwa gelenleriň biri ylgap, onuň ýanyna geldi, ýüpli çelegi guýudan dartdy. Soň kündüge suw guýup durşuna habaryny aýtdy: – Magtymguly aga, meni siziň ýanyňyza ketde ahun iberdi. Şu gün guşluga çenli meni görsünler diýdi. Magtymguly bu habary geňirgenmek bilen kabul etdi. – Näme gyssag iş çykdyka, bilmediňmi? – Talyp ýigit eginlerini gysdy. Soň elindäki suwly kündügi ýerde goýman, ikinji mertebä garşy galdy. Güjümiň aşagynda oturanlar Magtymguly suw almaga geçende görmedik bora çemli. Olar orunlaryndan turup, gollaryny kükreklerine goýup, edep bilen salam berýärdiler. Magtymguly medresäniň pessejik ötelge basgançagyndan zordan geçdi. Ikinji mertebede duran talyp oglanyň elinden kündügi alyp, minnetdarlyk bildirdi. Soň ol «Ketde ahun häzir nirede?» diýip sorajak boldy. Emma talyp ýigit eýýäm ýokdy. Hüjräniň içi garaňkydy. Daşarynyň açyk howasyny alyp, hüjräniň içine girseň, nepýagyň, ýanan peltäniň hemem ýorgan-düşegiň garym-gatym dymyljak ysy burnuňa urup, birbada jebegäňi daraldýardy. Emma Magtymguly üçin bu ys endik bolan ysdy. Şu darajyk hüjre onuň üçin köşgi-eýwanlardan kem däldi. Ol bu mekany, musurman ýurtlarynyň ençemesine maglum bolan, «Mesgeni pazylan» («Alymlar öýi») diýen hormatly ada eýe bolan bu dükany, onuň her bir otagyny, her bir molla-müftüsini, talybyny, bu ýere gelip gidýän her bir adamy, nagyşlaryna altyn suwy berlen dagdan gapysyny juda-juda eziz görýärdi. Şonuň üçin bu medresäniň kemini, kemçiligini ol görenokdy. Ol bu ýerden duz iýdi, gözi, göwni açyldy. Şonuň üçin bu ýerde pylan medrese ýagşy salnypdyr, pylan medresäniň nagşy ýagşy, pylan medresäniň hüjresi giň, ötelgesi belent diýip edilýän jedellere goşulmaýardy, Häzirem ol özüniň ýaşaýan hüjresiniň ortarasynda oýa batyp otyrdy. Ketde ahunyň çakylygyny nämä ýorjagyny bilmeýärdi. Ojagyň başynda gybyrdanyp ýören Nazarly bolsa gözlerini güldürip, öz matlabyny aýtdy – Magtymguly aga, diýýänä, heniz gün-ä doganok. Selälik edinip, agzymy bekläýsem, neneň bolarka? Magtymguly edip oturan oýundan doly açylyp bilmän gürledi. – Ony özüň gowy bilersiň. Eger göwnüň şony küýseýän bolsa, erkiňe garşy erkiň bolmasa, özüni kösäp näme etjek. Ol gürrüňini gutarmanka, agşamdan galan mäşewäniň ysy süňňüni elendirdi. Jugurdaşyp duran içegeleri onuň özüniňem öten agşamdan bäri duz datmandygyny habar berýärdi. Emma ol bu ýagdaýa ünsem bermedi. Orta saçak ýazyp, mäşewäni tabagyň töweregine gaty-guty nan üýşürip ýören Nazarla parhsyz seredip oturdy. – Sen çöregini arkaýyn iý, men ketde ahuny gyssagly görmeli. Şonuň ugruna çykaýyn. Soran-idän bolsa, birneme güýme, gelip ýeterin. – Ol ýerinden çalasyn turup, hüjräniň insizje işikleriniň ikisinem açyp daş çykdy. Şirgazy han medresesiniň içki dalanynyň iki gapdaly ýaýbaň meýdandy. Onuň sag meýdançasy namaz okalýan ýer bolup, çep ganatam talyplaryň ders geçýän ýeridi. Şol ýerde köplenç mollalar, müftüler oturýardy. Magtymguly şol ýere bardy. Ol ýerde iki sany sopy bir zat barada gaty-gaty gürleşip jedelleşýärdiler. Olar Magtymgulynyň gelip girenini görüp jedellerini tapba kesdiler. Maňlaýynda tyg yzy bildirip duran sopy ýerinden turup ötünç sorady. – Maktumkuly molla, sizge bir sowalymyz bor. Magtymguly başyndaky pikirinden aýnalyp, dykgatyny jemledi. Ýüzi tyg yzly sopy, beýleki pezzik murtly sopynyň ýüzüne garady. Emma pezzik murtly sopy bu ýerde talybyň jogabyny artyk görüp, öýkeli görnüşde elini silkip çykyp gitdi. Içerde galan sopy özüni günäli sandy. Şonuň üçin uýalmakdan çygjaran maňlaýyny gaýta-gaýta syldy. Onuň gyp-gyzyl bolan ýüzünde tyg yzy çalaja tirpildeýärdi. – Siz ketde ahuny görmediňizmi? – diýip, Magtymguly äheňini peseldip, mylaýym sorady. – Köredim, köredim. Häzir. – Ol ylgaşlap ikinji meýdança çykdy. Soňra medresäniň howlusyna dolandy. Birsalymdan soň şol öňki bady bilen geldi. – Olar oýlerige kidibdiler, man bilaman olar nirede ýaşaganlar. Hozir körsedemen. Magtymguly şunça minnetdarlyk bildirip, onuň hyzmatyndan ýüz öwürjegem bolsa, bu sopy goýmady. Onuň yzyna düşüp ugrady. Olar tirkeşip Muhammedemin hanyň medresesiniň gapdalyndan ötüp, Ata derwezesine bakan ugradylar. Derwezä ýetmän çep öňlerine aýlanan ýerlerinde pagsadan galdyrylan kiçijik tamjagazy görkezen sopy, yzyna gaýdarman boldy. – Siziň adyňyz nämedir? – diýip, Magtymguly özüniň mähir-minnetdarlygyny bildirip sorady. – Maktumkuly aga, sizlar mani bilesiňiz. Man hazreti Palwan damulla bilen juma kejesi sizlarga barypman. Ýakşy koşuklar okuýyp beripsizler. Magtymguly hezreti Pälwan damulla bilen baran iki ýigide ünsem bermändi. – Ömrüňiz uzak bolsun, gardaşym – diýdi. Sopy uýaljaň ýylgyrdy. Sellesiniň sallanyp duran ujy bilen maňlaýyny gaýta-gaýta sylyp, goluny döşüne goýdy. – Sizlarga ham katda rahmat, aka! Ketde ahunyň ýegşerilip oturan tamyna girjeginem, girmejeginem bilmän iki göwünli bolup gidip barşyna, Magtymguly ol sypaýydan akylly kişi barada oýlandy. «Ketde ahunyň adyny bu etraplarda bilýän ýok bolsa gerek» diýip, ol oýlandy Sebäbi ol bir wagtlar Stambulda ahunlyk hatwasyna mynasyp bolup Gürgen ýurduna barýarka Tahmasp şanyň Hywa gelýän ýygynçagynyň goluna düşüpmiş, olar muny Şirgazy hana gul hökmünde satypmyşlar diýip, gürrüň bardy. Ketde ahun Şirgazy han medresesini gurmaga gatnaşyp, soňra bu ýerde sopulykdan ketde ahunlyk derejesine ýeten adamdy. Magtymguly bu pähim-paýhasdan mazaly paý alan dana kişi bilen sylagda-hormatda ýaşaşsa-da, onuň öýüne gelip görmändi. Dogry, ketde ahunyň özem onuň ýaşaýan hüjresine baran adam däldi. Şonuň üçin häzirem ony yzarlap, öýüne gelenine öz ýanyndan gysyldy. Hyýaly, bir «Yzyňa gaýt, yzyna gaýt!» diýip dursa-da, özüne erk edip, saklandy. Öýden aga meňzeş, gamgyn owaz eşidilýärdi. Daşy saman bilen suwalan pagsa tamyň eňsisini göterdi. – Essalowmaleýkim! Öýden ses çykmady. Birsalymdan soň kilimiň beýleki gapdaly serpildi. Içerden ketde ahunyň gara selleli başy göründi. Magtymguly gözlerine ynanmajak boldy. Gojalanam bolsa, ak sakgalyna ýaraşyp duran, ak selleli, kamys köýnekli mollasy boýundan başyna gara geýimli durdy. Goja del myhmany haýranlar galmak bilen garşylady. Emma içeri goýbermedi. – Sabur ýädiň, musurman balasy, sabur ýädiň – diýip, özbaşyna hüňürdäp, eňsiniň aňyrsynda gizlendi. Ep-esli salymdan medrese lybasynda daş çykdy. Emma aljyraňňylykda gara sellesini başyndan aýyrmagy unudypdy. Ýöne welin Magtymguly bu ýagdaýy bilmezlige saldy. Goja öňden bu ýere gelmegi talybyna tabşyran ýaly gürledi. – Ýeldiňňi, bala, ýelgen olsaň ýahşy bolýapdur. Hudahym ömrüňni ýuzag edsun. Bizlerýiň sizlere ýahşy-ýaman meslaýadymyz çygypdyr. Magtymguly mollasynyň türki dilleriniň ençemesini garym-gatym edip, ýasaýan sözlerine ýagşy düşünýärdi. Soň bolsa onuň öň öwrenişen gulaklary sözleri, sözlemleri däl-de, pikiri kabul eýläp başlady. – Sizlerýiň isteg etgen myratyňyzy beýik eýemgiz hasyly ilen «omyn» diýisin. Hudahym ömrüňiýz ýuzag bolusyn. Ham siýzlaryga ah patyha bermelike çeňli ömür paýlasyn. Inga sizleriň ikke dunýaňgyz üçin bizleriýň taýýarlagan paýymyz budur. Ahun Magtymgulynyň ýüzüne seredenokdy. Misli ol ýerin ýüzüne ýaýrap biten otjagazlar bilen gürleşýän ýalydy. – Ýeger purujyýyň bar olsa, gel bir dem dem sahlaly. Magtymguly tamkepbäniň kölge ýüzündäki ýekenden örülen köne boýrany nazarlady. Goja tama arkasysny berip «hyk-çok» etdi. – Ahunym, ötüň günähimi, saglygyňyz bir tap barmydyr? – diýip, ketde ahunyň ahwalyny sorady. – Aý, boý, balam, balam, tap küje, tama küje, biýzlergiň ruhumyz bu dünýede ýörese-de, ürekimiz bakyýadadyr. Bu dünýeniň ähli lezzetingi ýidih, imdi, onuň kalyndysy galgandyr. Ongy iýerge keştimiz ýohdur. Arzuw, umyt bakyýanyň hödür-kereminge ýüwrer. Gözler ýakşyzadalaryn çyn nazary düşgen mekandan orun közlär. Bizler munda gatygan kurbagadyrmyz. Umydymyz onda gunça baglagandyr... Goja ýüreginiň çuňlugynda gizlenip ýatan arzuwlaryny keseki birine paş edenine puşman edýän ýaly hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. Gubarlanan gözleri bilen Hywanyň gadymy galasynyň haýatlaryna parhsyz seretdi. – Imdi döwran sizlerge durdy, balam. Bu dünýe bir karwansaraýty. Ynsan bir mymandy, bala, ötüp baradyr, ötüp baradyr. Wah, ötüp baradyr. Goja gözlerini süpürdi. Soň ak köýneginiň uzyn ýeňlerini çekişdirdi. – Meniň gäzlerim kör olsun, gulahlarym ker olsun. Näçe didar, näçe owaz duşumdan ötdi. Niçeme-niçeme ynsan duşumdan ötdi. Ah, wah, beýik eýäm, olaryň imany hemra olsun, «amyn!» Ahun dodaklaryny kemşerdip doga okady. Soň gollaryny döşüne tutup, ýene-de sesli okady. – Heý, balam, balam, huda ýekke ýahşylar kerek, hamme ýahşylar kitdi, amma man kaldym. Heý, bala, heý... Magtymguly ahunyň gam-gussasyny süňňi bilen syzyp başlady. Göýä, ähli ýagşylar gidip, bir özi galyp barýan ýaly hopukdy. Gözlerini giňden açyp töweregine delmuryp garady. – San bizleriň saglygyny sorudursyňyz. Ah, bala, ah, bala, man owkat atarga, ojak salabilmanbeý, ojak salyp bilmän durun. Çünki meniň ýörigen ýolumyň asly, oturgan ýerimiň asty, hamasy gandur. Bu ýer insan sünkiniň üstünde durandyr. Wah, man ol ganu-süňkleriňg üstige basmaga uýalyb turub man, bala, wah... Goja birden dikeldi. Öýüniň hapa bolany üçin allatagaladan üç mertebe ötünç sorady. Ol sellesini düzedende başynda gara selläniň bardygyny gördi. Ýüregi ýarylan ýaly bolup ýerinden galdy. Iki eli bilen başyny tutup içeri garşy ýorgalady. Bir salymdan soň ak sellesini geýip daş çykdy. – Eý, toba, eý, toba, her hili masharaçylyk olur. Öt günämi, balam, öt balam, günahimi. San huşy uçgan biçäräniň günäsini öt. Ahun uzak wagtlap hyrçyny dişläp oturdy. Onuň ýörmekden galan gytyk sakgaly, sellesiniň ujy titir-titir edýärdi. – Ahunym, biz hiç zady myzaýyk edemzok. Siz biz üçin gam iýip, gypynç çekmän. Bu ýerde aýyp-syn görer ýaly hiç zat ýok ahyry – diýip, Magtymguly ony köşeşdirmek isledi. Emma ahun uýalmakdan, kiçelmekden garalan ýüzüni, kokuşan gözelerini çalt-çalt sypalaşdyryp, dymyp oturdy. Soň sesini arçap ýene-de ötünç sorady. – Eý, toba, eý, toba, ne olur, ne olur?.. Goja gapdallaryny sermeleşdirip, biline gysdyran ak ýaglygyny alyp üsgürinjiredi, tüýkürinjiredi. Soňam ýere garap ýuwaşja sözeledi. – Sizler hakgyda ahunlar mesladynda gep oldy. Sizler, balam, ýahşy mesel koýupsyngyz. Hammalar aýdular-ku, sizler bizleriň pathasyga menasyb ekenleringiz. Köňüllermyz şat oldu, balam. Magtymgulynyň gursagyna uly şatlyk şaglap indi. Onuň gözleriniň öňüne halypasy Nury Kazym ibn Bahryň mähriban keşbi geldi. Ol gözlerine ýaş aýlap, begençli seredýärdi. «Mahsym jan, bizler aýtmydyýlarmy, görüdiýňmi!» diýýärdi. Magtymgulynyň özem ýaşly gözlerini syldy. Soň ýere garap gürledi. – Taňryýalkasyn, beýik alym. Bizi sylasaňyz, sizi hudaý sylasyn. Ylahym, iki dünýäňiz abat bolsun! Ahun bu sözleri uly begenç bilen kabul etdi. Ol megerem, ömründe ilkinji gezek adamyň ýüzüne dikanlady. Onuň gözlerinden togalanyp gaýdýan düwmeler gytyk, ak sakgallarynyň arasynda ereýärdi. Ol ýere garady. – Äý, toba, äý, toba – diýdi-de, ýaglygy bilen ýüzüni syldy. Ýöne sizler damullalar meslatyka keliň. Goý, heç kem arman tutmasyn, özleriňiziň keşbiňizi anlaraga körsetiň wa, özleriňizniň minnetdardyglargyňyzy aýtyň. Insanki köňül-de, balam. Magtymguly üçin bu gün aýratyn bir gün bolup galypdy. Ol mundan bir aýa golaý öň, Nury Kazym halypanyň maslahaty bilen ketde ahuna aýratyn haýyş bilen ýüz tutupdy. Ol bu haýyşy aýdanda ýanynda Nury Kazym halypa bilen hezreti Pälwan damulla şaýat bolup durupdylar. Soňda ol özüniň medresäniň doly kursuny özleşdirenini, eger mümkin bolsa, patha maslahatyny geçirmegi towakga edipdi. Onuň bu towakgasy megerem, bu medresäniň taryhynda ilkinji towakgady. Ýöne bu bir oýlanyşyksyz edilen iş däldi. Medrese bäş ýyllykdy. Şol bäş ýylyň ilkinji üç ýylynda muallymy owwal1 – bolup, onda husnyhat2, «Kuran» ahydalaryny, allatagalanyň ýeketäkligi, Muhammediň onuň pygamberiligi barada, bäş regat namazyň düzgünleri, haja gitmek, sadaka bermek, din-yslam düzgünleri barada bilim-sowat, sesleriň owazy, sazlaşygy öwredilýärdi. Köplenç bolsa ýat beklemek, «Kuranyň» sürelerini ýatdan aýtmak baradaky okuwlar geçilýärdi. Magtymruly bu kursy Hajygowşandaky medresede aňry ýany bilen öwrenipdi. Ol dädesi Döwletmämmet mollanyň yslam dini boýunça ýazan «Muhteserini»3, «Kuranyň» özüni süreme-süre, jümleme-jümle ýatdan bilmek bilen çäklenmän, ony düşündiribem bilýärdi. Hat ýazmakda bolsa diňe bir «Şirgazy han» medresesinde däl, Hywadaky häzirki ona golaý medresäniň içinde Magymgulynyňky ýaly owadan hat ýazyp bilýän talyp ýokdy. Namazyň regatlaryny bolsa Magtymguly bu ýerdäki damullalaryň hem özünden gowy berjaý edýärdi. Onuň ýüreginde häzir allatagala gulluk etmekden özge hyýal ýokdy. Şonuň üçin ol diňe ýekeje zat barada pikir ederdi, olam beýik eýäniň özüniň nazaryna gowuşmakdy. Medresedäki damullalaryň aýtmagyna görä, ol beýik eýe ýüregi arassa ogluna özüniň didaryny görkezýärmişin. Din ymmatynyň iň ýokary sylagy, serpaýy şolmuşyn. Ol bu düşünjäni medresede eşidipdi. Emma dädesi Döwletmämmet özüniň päkligi, arassalygy, hudaýtagalanyň ýoluna wepalylygy bilen çagalarynyň hem süňňüne bu dessury guýupdy. «Wah, meniň pikirim-zikirim çagalara bir döwüm nany halal gazanyp bermek, enesi» diýip, enesine aýdanyny ol köp eşidipdi. Şonuň üçin ol medresä geleninden iki-üç aýdan soň, özüniň muallymy awwallyk işiniň ýokdugyny subut edipdi. Halypasy Nury Kazymyň goldawy bilen muallym sany4 kursunda ders alyp başlapdy. Bu kursda esasan din, yslam ýoly barada filosofiki eserler geçilýärdi. Bu kursuň programmasynda Hoja Hafyzyň, Bedeliň, Nyzamynyň, Fizulynyň, Nowaýynyň we Gündogaryň beýleki uly halypalarynyň dini-mistiki şygyrlary öwrenilýärdi. _________________ 1 Muallymy owwal – ilkinji kurs. 2 Husnyhat – dürs ýazuw. 3 Muhteser – belli bir alym boýunça. 4 Muallymy sany – ikinji kurs. Bu kursda ol indi üç ýyl bäri sapak alýardy. Özem diňe bir medrese damullalarynyň hem-de özüniň güýji bilen däl-de, Nury Kazym halypanyň akyl çeşmesinden-de güýç alýardy. Nury Kazym halypa arap, pars dilini diýseň oňat bilýärdi. Ol arap-pars dilinde ýazylan iň ajaýyp eserleri, olaryn awtorlary barada-da şeýle süýji, şeýle çuňňur gürrüň berýärdi. Asyl onuň Hafyz, Bedel, Nyzamy, Fizuly, Sagdy, Nowaýy baradaky şeýle gürrüňleri Magtymgulynyň ganyna ornap, ýüreginde hemişelik orun alypdy. Indi bolsa onuň hut özi şol ägirtlere meňzedip şygyrlar düzüpdi. Şol şygyrlaryň iň ýagşylaryndan dörän diwan bu gün onuň mertebesini uly ile ýaýjakdy. Ýok, ol diwan däl-de, şol diwany okan ulamalar oňa pata bermelidi. Ketde ahunyň bu günki habaram Magtymgulynyň inçejik umydyny goşalandyrypdy. Oňa ganat bekläpdi. Ahun bu uzak dymyşlygy üsgürinjiräp bozdy. Ol özüniň ýüreginde berç alyp, hiç kime aýtmadyk sözlerini bu edep agajyna mynasyp bolan ynsana aýdasy gelýärdi. Ýöne nähilidir bir pynhan duýgy «aýtma, aýtma» diýip, onuň böwrüni sanjyladýardy. Magtymguly ýüzüni galdyrdy. Ol ornundan turup, hoşlaşmakçy bolýan ýalydy. Ketde ahun gorsandy. – Ornuňgyzda tohtaýyp oturgyň. Sizlerga bir nasyhatym bor – diýdi. Magtymguly ornaşykly oturdy. – Sizler, ager «Fatwa»1 mynasyp olsaňyz hanjak rowan olarsiz? Magtymguly geň galyp garady. Emma sesini çykarmady. Çünki ol bu sowala hiç mahal jogap agtarmandy. Onuň göwnüne bolmasa, talyplyk möhleti hiç haçan ötmejek ýalydy. Şonuň üçin-de ýüregi duýdansyz gürsüldedi. Bu bolsa oňa iň süýji duşuşyklaryň indi uzakda däldigini buşlaýan ýalydy. Şonuň üçin ol içki begenjini saklap: – Watana, ahunym, watana – diýdi. Ahun gözlerini süzüp Hywa galasynyň gadym diwarlaryny yzarlady. Soň dodaklaryny müňküldedip ep-esli saklandy. – Madresse damulla olmagy köňül isteýmeýirmi? – diýdi. Magtymguly gözlerindäki guwanjy gizlemän, uly begenç bilen sözledi. – Ahunym, watan höwäsi kalbyma hiç ynjalyk bermeýär. Siz bir meniň ýüregimdäki telwasy bilsediňiz. Onda meniň ýadyma medrese düşmejekdigine gözüňiz ýeterdi. Wah, ol ýerler gijeler düýşüm, gündiz höwäsim. Ahun başyny ýeňiljek ýaýkady. – Sizler ýaly ogullar ulug Gündogara lazymdy, bala. Sizlere bir oba, bir şähr watan olardan kiçig olar. Sanga uly Watan lazym, uly Watan! Magtymguly ahunynyň aýdanlaryna düşünse-de, türkmeniň aga-ýana ýaýnap ýatan düzlügini, Jeýhundan tä Bahry-Hazara, ondanam Türkmensähra çenli uzalyp gidýän mekany, Etregiň boýunda küren tutup ýazylyp ýatan dogduk obasyny kiçeldesi gelmedi. – Ahunym, türkmeniň ilini kiçi görmäň. Ol Horasanyň eýesi bolup oturandyr. Entek näme, nesip bolsa, ykbaly göterilip, obalaryň, illeriň owkady bir suprada taýýar __________ 2 Fatwa – medresäni tamamlandygy barada ahun möhri basylan ynanç haty. kylynsa, onsoň türkmeniň ady äleme, dabarasy dünýä dolar. Enşalla, şol günleri görmek nesip etsin. Indi ahun gürrüňi tamam etmegi makul bilýän ýaly bolup, gozganjyrady. Ýöne ýaşulynyň göwnüne bu aýdanlary makul bolmaýardy. Şonuň üçin ol niçeme ýyllar boýy özüne-de pynhan bolup görnen göwün sandygynyň içindäki syrlary açmalydy. Çünki oýauň indi özünden özge hiç kimsä zerur bolmazlygy mümkindi. Özi bolsa ahyretiň bosagasyna aýagyny goýup otyrdy. Ol zatlaryň özi üçin zerre ýalyjak zerurlygy ýokdy. – Balam – diýip, ol dikeldi. – Bizler imdi göre aýahlarymyzgy sohmyşdyk. Imdi bizleriň bu dünýähdäki ýalňyz ýadygärlihimiz sizlersiňiz. Sizge birnije nasyhat eýleýin aýyf görmeku. Mesel, Nowaýy kişileri aýtmyş: Adam erseň diýmegil adamy, Any kim, gamydan ýok gamy – bu söz Nowaýyňky deýil imdi. Bu söz asyrma-asyr, ylma-yl, aýba-aý apalanyb, bejärilib gelgen halk agylydyr. Owuň manysygy algyl. Hamyşe halg bilen olgul, halkdan yrag düşmegil, halg gazaby küýçlügdir. Sizlarga bir däne mesel aýdam. Bak, bu öýige, bu bizlerge orun oldu. Amma, allanyň alynda köp-köp günäh gazanyb, insab ýoludan gyrah gidenler, bah, ana ol köşki-aýwanlarga otagynda orun aldy. Imdi bizler bir samsyg olub galdyh, olar ahylyň depesige mündüler. Amma puşman eýlemiremku, çünki, ynsabym korlamaýyr. Insabym päkdi. O dünýäge beýle tamiz gidamen, bala. Halgyň küýji, kuwwaty hanlargyň, begleriň, hat-da... – Ol töweregine garanjaklady. Hiç kimiň ýokdugyny aňansoň, gürrüňini dowam etdi. – Hatda hudanyň güýjügdenem kuýçludur. Inan, bizler bu medrassagyň kurluşyga başlamazdan öň Şirgazy han bizge aýtdy: «Eý, kullar, bu kurluş hudahyň öwüdir. Agar muny on künde tamam kylsaňyz, on birinçi kün sizi azat kylarman, agar on ýylda tamam kylsaňyz on birinçi ýylda azat kylarman» dedi. Halk hanga ynandy. Her kişi bir kara ulaşdy. «Kar ar nist»1. Halk kuruw kurdy. Işledi. Beş illik iş üç ilde tamam oldy. Amma bu ymarat hanga ýaramady. Ol kazap atyga oturdy. «Sizlergi ahyratda-da azat kylmarman» dedi. Ah, wah, balam, agar taňrynyň saýasy düşer olsa, ol kün tüşmeldu. Ah, wah, balam, ürehlerde gazap, hem gam. Kollarda tyg. Halaýyk han köşgüge sil olub akmyş. Ýel olub çapmyş. Beýle olub Şirgazy han amanadyny tabşyryb. Soňra ne oldy. Hywa ynsan kanydan kandy. Amma durmuş tükenmedu. Aý, bala, sen tüşün, agar hudanyň erki olsa, ol Şirgazy hany halas kylardy. Çünki olar allahyň radasy ile han olubdy. Olar bu torpagda allaha öý salmyşdy. Emma halkda eýmenç kördi. Çünki halk gazaby allahyň ämriden küýçlýdu. __________ 1 «Zähmet çekmek aýyp däl» diýen manyda. Magtymguly ahunyň sözlerini aňk bolup diňleýärdi. Sebäbi beýle-beýle sözleri, aslynda çörek ýaly hakykaty bu hudaýhon gojadan eşiderin öýtmeýärdi. Ol beýle sözleri aýtmak üçin ýa-ha düýpden telbe bolmalydygyny, ýa-da hökümdar kürsüsine münmelidigini bilýärdi. Sebäbi hökümdar üçin gypynç ýokdy. Ol ýerdäki hudaýdy. Telbe üçin bolsa ýalan bilen çyny seljerip oturmak zeruram däldi. Bu goja welin özüniň talybynyň öňünde pikirlenmegiň, oýlanmagyň täze bir işigini açýardy. – Bizler sizlergiiň goşuk, gazallaryny okydymyz. Ýahşy paýhas, asal til, päkize köňül ham-da ulug ynanç birle bina olgan darahtdyr ol. Bizler bu ýoluga kuwwat kereg diýemis. Sizler haniz bala siz, karaň, tüşüniň, namazga, täretke kol kerib, huda, şerihat, kowahat suratyga kanat kerib ömür keçirme aýyfdyr. Sizge şah eýwangy, hanlar mertebesi lazymdy. Magtymguly mundan artyk çydam edip bilmedi. Göwnüne bolmasa bu ahun sypatyy giren şeýtan ony aldap duran ýalydy. Şonuň üçinem gözlerini elek-çelek edip, içinden «Kelemesini» öwürdi. Emma gürrüňdeşi oňa ünsem berenokdy. Gürrüň bermegini dowam edip otyrdy: – Çünki şah diýgeniň hudahyň torpahdaky gaharyduý. Olargyň halg içidäki gürzüsidum. Çünki şerkhat, kowahat şanyň halkgy amana ketiriş işindedi. Çünki, Muhammet pigammer hudanyň radasy ile, halgi giliç irle musulman etgandi. Şonuň üçin, ýohary derejä galmah lazymdy. Şahlar, hanlar bir däne paýhasdan heder etmiş. Sizler bitin Horasanga akyl, paýhas olub, hanlaryň klyçyny, şalaryň kazabyny eliden alyb bilesiňiz. Siz halgi sütemden gorab bilesiňiz. Halg ile şahu, han-beglering agzy-gy bir edib bilesiňiz, balam. Magtymguly howlugyp, bu hormatly ahuny şeýtana deňänine uýaldy. Ýöne sesini çykarmady. Ornundan turup, gidermen görnüşinde sözüni jemledi. – Ömrüňiz uzak bolsun, ahunym. Eger ölmesek sizleriň beren öwüt-nesihatlaryňyzy gulagymyzyň duşundan ötürmeris. Eger siz haýsy möhleti amatly bilseňiz, onda men dershana gelip, damullalar maslahatyna bararyn. Ahunyň dodaklary müňküldedi. Ol misli ýüreginde jemlenen suraty daşyna çykarmaga söz tapmaýan şahyr ýaly yrandy. Ýöne sesini çykarmady. Ol indi üç ýyllap bilim, sowat berip, alymlyk derejesine ýetiren şägirdine ýene-de ençeme zatlary aýtmak isläpdi. Emma bu sözleri, bu pikirleri aýtman goýdy. «Çünki, durmuş oňa öz sapagyny öwreder Ol taýýar pikirden, taýýar jümlelerden has täsirli bolar» diýip, ahun oýlandy. Magtymguly welin başga zat barada oýlanýardy. Hudaýyň özi ýaly elýetmez, ady uly ilde soragly kişiniň göwnündäki hilesiz oý-pikirler barada oýlandy. Olar şeýle çuňdy, şeýle durudy. Olar diliň ugruna aýdylyp goýberilen söz däldi. Onuň aňyrsynda nijeme-nijeme ýyllaryň jebir-jepalary, agyr horluklary, synaglary ýatyrdy. Magtymguly bolsa bu dünýä edil Gurhanda ýazylyşy ýalydyr öýder ýörerdi. Emma owuň şeýle berk ynamy ýyldan ýyla, aýdan aýa gowşaýardy. Ol indi özünde önki ynanjy tapmaýardy. Ýöne ol heniz durmuşyň gazaply oýunlary bilen ýüzbe-ýüz bolmandy. Ol bu aýralyk, medresedäki kynçylyklar durmuşynyň iň agyr, jebirli günleri hasaplaýardy. Mundan soňky günler özi üçin şa ýol ýaly bolar öýdýärdi. Ketde ahunyň ýüreginden çykýan owaz ony hasam aljyratdy. Onuň ret edip, dil ýetirmekden, nazar salmakdan çekinip ýören çuňluklarynyň, belentlikleriniň işigi açyldy. Şol älemdäki zatlary seljermek bolsa indi onuň özüne baglydy. Onuň pikiri bulaşypdy, Häzir gaýdan çagy ahun bilen hoşlaşanyny, hoşlaşmanyny hem aňyna getirip bilmeýärdi. Onuň ýoly «Zyndan galanyň» üstündendi. Emma ol nireden barýanyny, nireden gelýändigini duýanokdy. Birden onuň gözi ýolugurdaky gaýda-gaýmalaşyga düşdi. Ol özüne geldi. Bäş-alty sany atlynyň bir biçäräni atyň önüne salyp ýenjip barýanyny saýgardy. Adamlar ýoluň gyrasynda eginlerini gysyşyp, bu elhenç görnüşe seredişip durdular. Goly baglanyp, atyň eýerine daňylan ýüpe dakylan bende gamçynyň zarbyna büdrände başyndaky telpegi atyň aýagynyň aşagyna togarlandy. Soňra toýnakdan sypyp, zyňylyp Magtymgulynyň golaýyna düşdi. Goly baglanan bende telpegine tarap yrananda gamçy şarpyldap ýene-de onuň depesinden indi. Gamçynyň awusy, ejizlik, tapsyzlyk ony ýere pylçap urdy. Ol ýerinden galjak bolup şunça urunsa-da bolmady. Muny gören reýis atlylary gyssady. Ol bende bolsa Hywanyň daş düşelen darajyk köçelerinden aýylganç gygyryp süýrenip barýardy. Magtymguly aýagynyň ýanynda ýatan telpegi alyp, atylyp öňki hatara düşeninem duýman galdy. Reýsiň yzdan gelýänini gören märeke gyrgy gören garasar ýaly hürre dargaşyp, darajyk köçäniň üstünde diňe Magtymguly galypdy. Magtymguly elindäki köneje telpegi tutup öňe ylgajagynam, gyra çekiljeginem bilmän durka, reýsiň topbak atlylaram gelip ýetdi. – Näme süňk ýuwudan ýaly sömelip dursuň, ýezidiň biri, ýezit, güm bol, ýoldan. Magtymguly üstüne dyzap gelýän atly nökeri görüp tisgindi. Ýoldan gyra çekilmek isledi. Emma depesinden şuwlap inen gamçy elindeki telpege degip ony honda taşlady. Muňa hasam gylawlanan nöker gamçyny ýene-de saldy. Magtymguly gamçynyň awusyny teni bilen syzyp, birneme aşak egildi. Ýöne gamçy oňa degmedi. Ol birneme bükülip durşuna, gapdalyndaky güpür-tapyrlyga başyny galdyrdy. Bir daýaw talyp hälki gamçy salan nökeriň gamçyly goluny gaňryp durdy. Ol nöker bolsa gazap bilen sögünjireýärdi. Oňa çenli reýsiň topary hem ýetip geldi. Nöker aglamjyrap zeýrenýärdi, elini sypdyrmak üçin dyzanýardy. Reýsiň öňem sallanyp duran duluklary, tüýlek ýüzi gan çalnana döndi. Ol inçejik şaňňy sesi bilen haýbat atdy. – Bu nege, bu nega diýeman sizga, bu nege? Onuň sesi gazaply hem bolsa, inçeligi, aýal sesine meňzeşligi bilen töwerekdäkilerde gülki döretdi. – Bu nä, bu nege diýeman? Ha, näga gülüş kerek, näga, bu nä? Ol nökeriň goluny gaňryp duran ýigidi görüp, atyna gamçy çaldy. Oňa çenli daýaw ýigit nökeriň elindäki gamçyny alyp, märekäniň ortasyna oklady. Onsoň özünem märekäniň arasynda gizlemäge hyýallanyp yzyna bakdy. Kimedir birine büdräp ýykyldy. Oňa çenlem beýleki nökerler gelip, onuň üstüne özlerini okladylar. Magtymguly bu ahwalata haýran galmakdan ýaňa, özüni unudyp durdy. Ol şarpyldaýan gamçylary, agzyny açyp, çarpaýa galýan atlary, gygyryşyp sögünjireýän nökerleri görmeýän ýalydy. Adynyň tutulmagy, ony özüne getirdi. – Raýis aka, bul, Mahtumkuludyr. Olar katda şair, ahundiku – diýip, hälki daýaw gypjak ýigidi reýse janygyp düşündirýärdi. – Bul nuker olarny kamçilaýdy. Man bul aka aýtaman, Mahtumkuly deýb, bul karimaýdy, kam... Reýis Magtymgula gözüni aýlady. Öňünde duranda üýtgeşik alamat görmänsoň, atyny ona garşy sürdi. – O ne, o negä ýulda durasan, o ne? Magtymguly sesini çykarmady. Şonuň üçin ol nökerlerine ugramagy yşarat etdi. Özi bolsa maý alyp, hälki gypjak ýigidiňiň depesinden gamçy eňterdi. Soň atyny gamça basdy. Magtymgulynyň gany depesine urdy. Onuň göz öňüne ketde ahun geldi. Ol «Gördüňmi, balam, ager sen munda raýis bulgan olsaň muntag şowhun, gabahatlyk olmazdy» diýýän ýalydy. Magtymgulynyň süňňi elendi. Onuň gursagynda nämedir bir gyzgyn çeşme çogup, gany bilen tutuş bedenine ýaýran ýaly boldy. Ol özüne bagly bolmadyk ýagdaýda hereket edýändigini syzdy. Onuň dişleri biri-birine berk gysylanam bolsa, ýüreginiň kükregine sygmajak bolup saýraýşyny duýdy. «Belent daglar, belentligňe buýsanma, göweçde suw bolan zer dek bolar sen, Tereň derýa, haýbatyňa guwanma, wagtyň ýetse, guryp, ýer dek bolar sen. Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda, garaw bardyr ýersiz urlan taýakda, zalymlar har bolar, galar aýakda, garyp sen ýyglama, şir dek bolar sen...» Ol häzir jümleleri belli tertibe salyp, belli desse edip, bilini bogup bilmeýärdi. Ol misli özüni tereň derýanyň gomlarynyň arasyna düşüp, alaçsyz, haraýsyz galan ýaly duýýardy. Märekäniň oňa edýän hoşamaýynam, gypjak ýigidiňiň diýýän sözlerinem eşitmeýärdi. Ol häzir diňe bir owazy, ýüreginiň owazyny eşidýärdi. Indi, gör, näçe wagtlap gözbaşy gömlen, gör, näçe wagtlap umydygär goýan çeşmäniň duýdansyz açylan gözlerinden böreň-böreň bolup çykýan owazy diňleýärdi. * * * Bahar bilen tomsuň sepgidine düşen gün ýaşar ýerde ýaşmajak ýalydy. Nazarlynyň hüňürdisi, «Guran tagtany» dyzynyň üstüne goýup hat ýazyp oturan Magtymgulynyň gulagyna-da ilmeýärdi. – Wah, şu günleriň güni iki esse dagy uzaýypdyr öýdýän, Magtymguly aga, içegelem edil jugurdaşyp, özümi ýuwudaýjak bolýar. Ýa-da ýene «Özüňiz keçiresiz, alla jan» edäýsemmikä, hä, Magtymguly aga? Ol hüjräniň sag dulundaky gazanda lasyrdap duran omaçalary garagaçdan sünnälenip ýasalan çüňkli agaç çemçe bilen agdaryşdyryp, olary gözi bilen ýuwudaýarly görünýärdi. Çemçäni her gezek aýlanda uly işdä bilen gulk-gulk edip ýuwdunýardy. – Häk, keseme nan bilen şor suw bolan omaçalardan birkisini damagyňdan ötüräýseň-ä, şoruň ýatardy welin, hä, Magtymguly aga? – Ol hat işleri bilen dümtünip __________ 1 «Guran tagta» – talyplaryň oturan ýerinde dyzynyň üstünde goýup hat ýazýan bölejik tagtasy. oturan Magtymgula ýüzüni çytyşdyryp garady. Ondan hoşamaý jogap bolmansoň, ýene-de hüňürdedi. – Haçan gün ýaşjak, haçan palaw bişjek. Haý, munuň orazasam bar bolsun, beýlekisem, özümi gury horlanym galýar. Nazarly gözüni ýaşardyp sogan artmaga başlady. – Wah, eziz käbäm eje jan, wah, seniň garyp çatmaňdan näme üçin uçdum men? – Ol burnuny çekip, gözüniň gytygyny mekirlik bilen Magtymgula aýlaýardy. – Ýat illerde ne dogan bar, eje jan-eý, ne-de bir dost bar, eje jan-eý. Senem ýog-eýt, kime arzymy diýeýin-eý? Onuň bu jögi sesini eşiden Magtymguly nazaryny kagyzyň ýüzünden sowdy. Ol Nazarlynyň sypatyny, gözlerinden akýan düwme-düwme ýaşy görüp, ornundan böküp turdy. – Nazarly, gardaşym! – Ol ylgaşlap gelip, bu perişan ýigidiň egninden tutup, ony köşeşdirmek isledi. – Nazarlym, gardaşym, aýyp bolar... Emma Nazarly bu gödek oýny bilen Magtymgulynyň ünsüni özüne çekenine içindei şatlanyp, elindäki keserini, ullakan düýp soganyny ýygşyryp, şerraý ses bilen has belent gygyrdy: – Waý, maňa eliňi degirme-leý. Waý, aç öldüm-leý, eje jan-eý. Maňa çörek bilen gowurma iber-eý, meniň içegelem jugurdaşýa-leý... Magtymguly Nazarlynyň bu gödek oýnuna indi düşündi. Emma goňşy hüjredäki talyplar bu ýerde bir bela gopandyr öýdüp, hüjräniň agzyna üýşdüler. Ýarym-ýaş bolup oturan Nazarly elindäki keseri bilen uly düýp sogany görkezip: – Aglasyňyz gelse sizem sogan artyň-eý, pyýaz kesýän-eý, waý, eje jan-eý – diýip, soňundanam jak-jaklap güldi. Hüjräniň işiginde toplanyşyp duranlar gülşüp dargaşansoňlar içeri hezreti Pälwan damulla girdi. Ol diýseň bezemendi. Sakgaly, murty müçeneklenip oňat bejerilendi. Uzyn donunyň içinden gara gür sakgaly, ap-ak sellesi goňras ýüzüne ýaraşyk berýärdi. Ýygy-ýygydan ýylgyransoň dür däneleri ýaly akjaryp, hatarlanyp duran owadan dişleri sanabermeli bolup durdy. Magtymguly ony görüp ornundan turup, iki elläp görüşdi. Törden orun görkezdi. – Ötüň, düşek üste, damullam! Magtymgulynyň agras keşbi myhmanyň ýüzündäki ýeňlesligi syryp goýberdi. Ol goluny döşüne goýup habaryny aýtdy. – Aý, akam, nege oturyp kalypmyz, kitemiz, kystanyş kereg. Onuň howlukmaçlygy Magtymgula geçdi. Ol «Kuran tagtanyň» üstündäki kagyzy endikli dolaşdyrdy. Ýokarda ýük galdyrylýan sekiden asylyp duran donuny egnine alyp, bilindäki guşagyny çekdi. Ol häzir agyr söweşiň öň ýanynda çuňňur oýa batan serkerde ýaly bolup durdy. Häliden bäri töwerekdäkileri güldürip oturan Nazarly hem ýerinden turup, Käbä ugrajak bolýan atasynyň öňünde ak ýol arzuw edýän oglan ýaly, salykatly görünýärdi. – Agam, işiniz rowaç bolsun, hudaý nämähremiň göwnüne rehim indersin – diýdi. Magtymguly ýylgyrdy. Onuň owadan gabaklarynyň astyndan mähribanlyk şöhlesi seçelenip, Nazarly bilen hezreti Pälwan damullanyň ýüregini ersdirdi. Magtymguly ýola düşensoň hezreti Pälwan damulla barada oýa batdy. Onuň bilen tanşyşyny ýatlady. Ol Hywa okuwa gelen ýyly bu ýerler bilen öwrenişmejek bolupdy. Nury Kazym halypa Magtymgulynyň öwrenişmegi üçin yhlas baryny edipdi. Ol bir gün medresäniň howlusynyň ortasyndaky howzuň boýundaky güjümleriň astynda otyrka, ýanyndakylara Döwletmämmet mollanyň «Dat, heý» gazalyny aýdyp başlapdyr. Şonda kölegede talyplar bilen söhbet açyp oturan Pälwanguly: Gam dumany basdy köňlümni, açylmas, dat heý, Bark urup, barany rahmatlar saçylmas, dat, heý. diýip başlanýan gazaly eşidip, ot alan ýaly bolup ornundan galypdyr. Nury Kazym halypa bolsa oňa Magtymgulynyň: ...Dehstanyň baýrynda Bady-sabany görsem, Bahawetdin, Mirkülal Zeňňi babany görsem – diýen goşgusyny okansoň, ol Nury Kazym halypanyň içine girip barýan eken. Şonda halypa bu suhangöý adamy Magtymgulynyň ýanyna, hüjrä alyp gelipdir. Ine, şondan bärem ol özüniň aýratyn hormaty, sylagy bilen Magtymgulyny gowy görýärdi. Magtymguly hem onuň bu hormatynyň gadyryny gowy bilýärdi. Onuň Pälwanguly Rownak adyny indi hezreti Pälwan damulla diýip tutýardy. Pälwanguly Rownak medresäni tamamlandan soň, bu ýerde ders berip başlapdy. Şondan soň olaryň aragatnaşygy has hem ýygjamlaşypdy. Pälwanguly özüniň gypjakça ýazan goşgularyny Magtymgula görkezýärdi. Onuň goşgularyny söhbetlerde uly dabara bilen okaýardy. Ol ylaýta-da medresede okaýan türkmenleriň Magtymgula öýkünip hezreti Pälwan damulla diýmesini halaýardy. Sylaga hormat bilen jogap gaýtarýardy. Hezreti Pälwan damullanyň täsiri Hywada ýaramaz däldi. Ol ketde ahunyň rugsat bermeginde, Hywanyň şeýh-ul-islamyna ýörite haýyş bilen ýüzlenip, onda Magtymgulynyň şygyrlarynyň many-mazmuny barada şeýle uly sarpa bilen gürrüň beripdi. Onsoň türkmen şahyrynyň şygyrlar diwanyny türk sowat okuw programmasyna goşup medreselerde, beýleki dershanalarda okamak meselesini goýupdy. Bu pikirini Hywanyň Teýmirgazy hanyň baş weziri Muhammedemine onuň medresede okaýan ogullarynyň biriniň üsti bilen ýetiripdi. Teýmirgazy hanyň wezirinden we onuň köşkde iş dolandyrýan Hojaguly ynagyň hemaýatyndan çekinen şeýh-ul-islam bu meseläni köp wagtlap süýrenjeňlige salsa-da, belli-külli çözmän goýup bilmändi. Ol şu gün «Köne arykda»1 Juma metjidinde tarawa2 okaljagyny, şondan soň ahunlar mejlisiniň boljakdygy barada habar iberipdir. Häzir gün Ata derwezesiniň depesine ýarysyny atypdy. Hezreti Pälwan damulla şonuň üçin howlugýardy. Juma metjidi orta asyrlarda bina edilen äpet ymarat bolup, onuň bir kemi gün ýaşdygy ona girjek gumanyň ýokdy. Sebäbi owuň namaz okalýan ýeri gündiziň günem ýarym garaňky bolup durýardy. Şonuň üçin onda köplenç agşamara, günüň ýaşjak bolup, şöhlesini Hywanyň üstüne seçelendirýän wagty namaz okalýardy. Agşamara perişdeleriň erkinlige çykyp, ölenleriň ruhunyň diriler bilen salama gelen pursady yşyk ýakmak bolsa, kowahat tarapyndan düýbünden gadagan edilýärdi. Şonuň üçin hezreti Pälwan damullanyň howlukmajy özi bilendi. Ýöne ol ýoldaşyny gyssap bilmedi. Ýoldaşynyň agyr oýa batanyny duýsa-da, onuň özi barada ýagşy pikirleri serinden geçirip barýandygyndan bihabardy Olar Juma metjidine barmak üçin Pälwan Mahmudyň medresesiniň ýany bilen Zyndan galanyň gapdalyndan aýlanyp gitmelidiler. Şeýle gidilse ýol kerwensaraýyň üstünden düşýärdi. Magtymgulynyň göwnüne bolmasa, uzakda galan, ýüreginiň gürsüldisinden owazy eşidilip duran mähriban watandan kimdir biri geläýen ýaly bolup durdy. Nämüçindir, onuň göwni nämälim duşuşyga höwes edýärdi. – Aka, kiçke galaýmyz, kyssanaýlyň – diýip, hezreti Pälwan damulla gaýta-gaýta tekrarlaýardy. Juma metjidi beýle bir kaşaň, haýbatly bolmasa-da, onuň minarasy tutuş Hywa bellidi. Şol minara Ürgençdenem, Wasdanam görünýärmiş diýip, adamlar gürrüň edýärdiler. Metjidiň juda tertipli, päkize howlusynda üýşüp duran abraýly adamlar öz aralarynda pyşyrdaşyp, şu äpet minara barada gürrüň edýärdiler Adyrdan şeýh-ul-yslamyň3 görünmegi bilen adamlar seslerini kesdiler. Hemmeler ellerini gursaklaryna goýup, baş egip, hormat etdiler. Şeýh-ul-yslam ullakan selleli kiçijik adamdy. Onuň sakgalam çokgaja bolup, eliň aýasy ýalyjak ýüzüne gelşip gidýärdi. Keltejik elleri bolsa, göýä diýen etmeýän ýaly iki ýana hellewläp, ýörän wagty onuň hereketini bozýardy. Şeýh-ul-islam ýanyndaky mähremine yşarat etdi. Mährem ylgap baryp, gyra çetde güberilip duran, daýaw adamyň gulagyna bir zatlar diýdi. Daýaw pyýada göwresine gelişmeýän ýeňillik bilen şeýh-ul-islamyň huzuryna bardy. Onuň önünde iki eplenip tagzym etdi. Ol Hojamberdi biýiň medresesiniň ketde ahuny Aga Ryza işandy. Ol yslamyň şasynyň ýanyna baransoň, yzyna öwrülip, ýene-de onuň ýanyna bardy. Ellerini hereketlendirip, «ol-a ýok» diýen manyda jogabyny aýtdy. Şol wagt metjidiň günbatar işiginden Magtymguly bileň hezreti Pälwaň damullanyň girenini görübem, aty çykan ýaly begenip, hojaýynynyň ýanyna ylgady. __________ 1 Köne aryk – köne gala diýmek. 2 Tarawa – oraza tutýanlaryň agşamyna metjide üýşüp okaýan namazy. 3 Şeýh-ul-yslam – yslamyň şasy (ähli ahunlaryň, din hadymlarynyň ýolbaşçysy). Juma metjidiniň alagaraňky aýlamçasynda şeýh-ul-yslam ymam bolup otursa-da, namazy Aga Ryza işan okaýardy. Onuň sesi owazlydy, ýaglydy. Namaza ýaňy başlananda Aga Ryza işanyň sesi tapba kesildi. Hemmäniň nazary metjidiň işigine dikildi. Işikde baş weziriň özi peýda boldy. Onuň ullakan sellesiniň maňlaýynda gymmat bahaly gaşly şaý bardy. Onuň üstüne bolsa tawusyň owadan ýelegi gysdyrylypdy. Egnindäki haladyny bolsa tawus ýelek ýapraklar bilen nagyşlanypdy. Muhammedemin ullakan gyzyl gözlerini töweregine aýlap, ymamyň duran ýerine geçdi. Onuň mähremleri ullakan ýüpek ýapgyçly kürsüni süýrekläp alyp geldiler. Ony ymamyň gapdalynda goýdular. Ymam baş weziriň sag gapdalynda kürsi bilen deň bolup, egiljiräp durdy. Aga Ryza ýene-de namaza başlady. Indi onuň sesi birhili gyryk, gurak çykýardy. Magtymguly namazyň her süresi tamam bolanda baş weziriň elini sakgalyna göwünsiz ýetirişini, onuň esräp-esräp köşeşen arwana ýaly, parhsyz, ukuly nazaryny synlap, bir hili sowaşan ýaly boldy. Onuň göwni guşagyna gysdyrylan kagyza tarap uçgalaklaýardy. Birdenem Hywa hanyňyň baş weziriniň bu sowuklygyny, yslam şahynyň salyny suwa aldyran ýaly galpyldap durşuny, Hojamberdi biý medresesiniň ketde ahunynyň sesiniň sandyraýşyny duýup, özüni ýitirdi. Soň welin bütin Hywa belli adamlaryň arasynda oturanyna bir hili begenip, beýgelip gitdi. Häzir özüniň şu ýerde, şu märekäniň içindedigini atasy Döwletmämmet mollanyň, halypasy Nury Kazymyň bilmegini şeýle isledi. Olaryň şuna öräň begenjegi ikuçsyzdy. Emma bir hili gamgynlyk bilen boýranyň üstünden palas düşelen ýere garady. Ol adamlaryň ugruna oturyp, turup namaz okasa-da, häzir bu ýerdäkileri duýanokdy. Olary görenokdy. Biline gysdyrylan kagyzdaky setirler onuň gözüniň öňüni ýapypdy, ähli sesleri şol setirler özüne süzüp alýardy. Ol özüni näçe bermejek bolsa-da, göwnüne garşy gidip bilmedi. Dodaklary göwnüniň mukamyny diýip başlady. «Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany, Ferdöwsi, Nyzamy, Hafyz perwany, Jelaleddin Rumy, Şamy elnamy, Alarnyň ýanynda men hem san bolsam..» Ol ellerini ýüzüne ýetirdi: – Eý allam, eý, beýik eýäm, men seniň hak öýüňde, ýerdäki öýüňde otyrym, meniň ähli niýetimi hasyl et! Meni bu beýik ussatlaryň ýanynda san et, eý, hudaýym... Ol ellerini ýene-de ýüzüne ýetirdi. Onuň ýanynda oturan hezreti Pälwan damulla bolsa Magtymgulynyň yhlasyna haýran galýardy. Onuň göwnüne bolmasa, Magtymguly ikindi namazyny tarawada oturanlardanam yhlasly, owadan okaýan ýalydy. Şonuň üçin olam tarawadakylaryň hereketini gaýtalaman Magtymgulynyň yzyna eýerýärdi. Tarawa namazy tamam boldy. Adamlar toparlanyşyp metjidiň işigine bakan ugradylar. Şol pursat bir ýerlerden Şirgazy medresesiniň ketde ahuny ylgaşlap Magtymgulynyň ýanyna geldi. – Sizler tagapyl kylyňlar. Sizler togtaňlar! Magtymguly metjidiň kybla burçuna baryp dyz epdi. Onuň ýanynda hezreti Pälwan damulla, hem ketde ahun gelip oturdylar. Metjitde ymam bilen birlikde garry müjewür galdy. Şeýle hem Aga Ryza ahun baş weziriň töwereginde gybyrdanyp ýördi. Metjidiň işiginde şeýh-ul-yslamyň kiçijik göwresi peýda boldy. Ol ilki baş wezire bakan ýörejek ýaly etdi-de, Magtymgula tarap ýöneldi. Magtymguly ornundan galyp, bu hormatly şyh bilen gadyrly görüşdi. Yslamyň şasy onuň goltugyndan inçeden keltejik gollaryny geçirip, baş wezire tarap çekeläp äkitdi. – Azyz hökümdar, bu bala Atrek boýunda ýaşagan türkmenlergiň kowumyndan bolady. Danaşman wa alym balady. Ýahşy şyýyrlary bile allatagalany wa sizlaryň tutgan karlernizgi wasp kylady. Ismi Mahtumkulydy. Atasy ulug ahun mas. Muhammedemin wezir belent kürsüde oturan ýerinden mes öküzçäniňki ýaly gyp-gyzyl gözleri bilen garşysynda durany dabanyndan tä başyna çenli synlady. Soň pökgerip duran dodaklaryny ýardy. – Hop, ýahşy olady. Hop, maýly olady... Ol şondan soň ýanyndaky mähremlerine «gürrüň tamam boldy» diýen äheňde yşarat etdi. Baş weziriň bu sözüne minnetdar bolan ulamalar oňa her hili alkyşlar edip, ýola saldylar. Özleri welin metjitden çykmadylar. Ep-esli salym geçenden oň olar köne aryga tarap ýola düşdüler. Köne aryk şäheriň Pälwan derwezesiniň çep burçuny tutup ýatan ymaratçylykdy. Adamlar Juma metjidi ýaly gümmezlenip duran howla girdiler. Howlynyň içine daş düşelendi. Onuň törki burçunda kiçeňräk howuz bolup, howzuň her burçunda bir äpet güjüm hellewläp otyrdy. Magtymguly bu päkize, eýwanlary dürli reňkli kerpiçler bilen sünnälenip nagyşlanan howlyny ilkinji gezek görýärdi. Şonuň üçinem eýwanlarda söýe bolup duran ýogyn agaçlaryň nagşyna, gapylaryň diwarlaryň keşdesine haýran bolup durdy. Adamlar girelgäniň garşysyndaky guýynyň ýany bilen aýlanyp çep ganatdaky işige ýöneldiler. Bu otagyň içi diýseň üýtgeşik bezelendi. Belentden kaşaň edilip salnan otagyň diwarlarynyň barmak basara-da açyk ýeri ýokdy Magtymgulyny diwardaky halylaryň reňkdarlygy, nagyşlaryny sazlaşyklygy aňk etdi. Olar misli bahar paslynda parç bolup gögeren maýsalaryň ýüzündäki güller ýaly ter kem-de owadan görünýärdi. Otagyň içi adamdan doldy. Iň törde hälki, Juma metjidinde goýlan äpet kürsi durdy. Onuň üstünde owadan nagyşlanan daşlykly küpjek bardy. Küpjegiň gyralarynyň seçegi bir garyşdanam ösgün bolup, kürsiniň kaşaň aýaklarynyň ýarysyna ýetip durdy. Kürsiniň sag gapdalynda yslamyň şasynyň kiçijik göwresi ullakan ýassyga çümüp, zordan görünýärdi. Onuň gapdalynda Aga Ryzanyň daýaw göwresi mese-mälim saýlanyp durdy. Ondan berde Şirgazy medresesiniň ketde ahuny bir gysym bolup durdy. Onuň gapdalynda bolsa beýleki medreseleriň ahunlary, işanlary, abraýly din hadymlary tä hezreti Pälwan damulla çenli tertipli otyrdylar. Kürsiniň çep tarapynda ýüzi gyp-gyzyl adam otyrdy. Onuň başynda silkme telpegi bardy. Onuň gapdalyndakylaram eginlerini gysyşyp otyrdylar. Işikden eli legenli iki sany ýigdekçe girdi. Olar orta geçip, oturanlaryň eline suw akydyp başladylar. Olaryn sag elinde kündük, çep elinde legen tutuşy, munuň ýaly märekäniň telimisini sowandygyny aňladýar. Orta Aga Ryza ahun çykdy. Ol daýaw göwresini biraz egip sözledi. – Agalar. – Ol ýalynjaňlyk bilen şeýh-ul-yslama garady – Eý, köňlümiziň serweri, eziz pygamberleriň şägirdi, sizleriňiz ömri uzak bolsun. Tagamyň hurmatyga allaga alkyş aýtyň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |