01:52 Pyragy -9/ romanyñ dowamy | |
Şeýh-ul-yslam şaňňy ses bilen Gurhanyň sürelerini sanaşdyrdy. Doga okamak uzaga çekdi. Şol pursat mähremler ortadaky saçaga serenjam berýärdiler. Gyrasyna tylla suwy çaýylan hytaý käsesinde şerbetler, buhara we hind mejimelerinde dürli azyk-owkatlar getirilýärdi. Saçagyň her ýerinde, her ýerinde tylla jamlar goýuldy. Onuň içinde kakadylan hurma, maňyz bardy.
Taryhy proza
– Bissimilla, aliň – diýip, şeýh-ul-yslam rugsat berdi. Oturanlar ilki bilen hurma gol uzatdylar. Çünki Buharada, Hywada aňrujy tapylsa, agyzlaryny hurma miwesi bilen açýardylar. Magtymguly indi iki gün bäri açdy. Ýaňyja tamdyrdan çykan nan, eredilip taýýarlanan azyk-owkatdar, tagamlar, şerbetler onuň işdäsini açypdy. Emma ol tabaga beýle bir göwünjeň ýapyşmady. Göwnündäki tolgunma, bütin Hywanyň kethudalarynyň arasynda oturmagy, häzir şu adamlaryň özüniň ömründe ýatdan çykmajak meseläni çözjekdikleri baradaky oýlar eýýäm onuň işdäsini alypdy. Günuzynky surnukdyryjy açlykdan soň şeýle tagamly saçaga goşan adamlar seslerini-üýnlerini çykarman iýýärdiler. Ylaýta-da kürsiniň çep gapdalyndaky gyzyl ýüzli adamyň nahar iýşi gazaplydy. Ol elindäki türkmen pyçagy bilen saçakdaky omaçalary, ýahnalary bütinligine eline alyp, soň olaryň etini kerçeleşdirip agzyna atýardy. Onuň gapdalyndaky gara selleli, çal sakgally pyýada bolsa nahary göwünsiz iýýärdi. Özem gaýta-gaýta Magtymgula garanjaklaýardy Magtymguly onuň ýüzüne garanda bolsa, elindäki süňke güýmenjireýärdi. Uzyn omyndan soň, saçak ýygnalyp, ellere suw alyndy. Her ýerräge, her ýerräge kümüş gaplarda diş synçgylawuk getirilip goýuldy. Oturanlar mesaýy gürrüň edýärdiler. Magtymgulynyň gözi owadan şemdanlara düşdi. Olarda ýolbarsyň şekili bolup, özem janly haýwana çalym edýärdi. Ol depesinde tylla mejime saklap durşuna: «Gaç bu ýerden, diýe gaçan gutular. Ine, meni görýäňmi, ömürlik bendi bolup galdym, gaç mundan!..» diýýän ýalydy. Töwerekdäkileriň gözünde ýadawlygyň, ukynyň kölegesi bardy. Olar «Ýagşy, sag oturyň» diýip, turup gidiberjek ýalydylar. Aga Ryza ahun bir ädim öňe dyzanaklady. – Agalar. – Ol ýene-de düşege çümüp oturan ahunlar başa ýüzlendi. – Eý, köňlümiziň serweri, gurbany boldugym, beýik pygamberleriň şägirdi, bu günki mejlisimiz başlamakga prujy soraýmys. Ahunlar başy gyzyl ýüzli adama garady. Ol adam bolsa elindäki pyçagy bilen dişini synçgalap otyrdy. Şol oturyşyna-da göwünsizlik bilen «başlaberiň» diýen manyda başyny atdy. Aga Ryza akun ornuna geçip oturan badyna mähremler başy1 orta süýşenekledi. Ol görmekli ýüzüni çalt-çalt sypalap, peltekläp sözledi. – Bizleriniň mejlisige akalar katnaşaýdiku. Misil, olarku, Mammed Rahym togsaba – diýip, gyzyl ýüzli adama goluny uzatdy. – Ham-da Uraz ynak, ham-da Mahmut diwanbegi, Arazbeg ýasawulbaşy, Awaz mirşeb, Haýrulla zakatçu, wa Köçek mirahur, Mir işan topçybaşy katnaşadu. Wa talyblar damullasy Pälwankuly Rawnak, ham Maktimkuli taleb kagnaşadu ku. Mammed Rahym togsaba takyr kellesini sypalap oturyşyna, gözleriniň agy bilen oturanlary gyssady. Orta Şirgazy medresesiniň ketde ahuny süýşenekledi. Ol Magtymgula garşy garap, uzyn donlarynyň ýakalaryny endikli çekişdirip, sellesiniň uzyn ujuna gözüniň gytagyny aýlady. – Agalar, sizlargiň kaşyga türkman balasygy ekelipmis. Bul bala, külli şarka ismi maglum olgan danalarga taýlag olupmyş. Bul taleb ýahşy agly, ham ihlasy ile külli Hiwaga maglum olmuş... Ketde ahun Magtymgulynyň şahyrçylygyny, näme üçin bu ýere çagyrylanyny yglan etdi. Bu ýerde şahyr bardygyny eşiden adamlar gorjanyşyp, bir çeträkde gysmyljyrap oturan Magtymgula garanjaklaşdylar. Oňa çenli Aga Ryza orta süýşenekledi. – Agalar. – Ol ýene-de irkiljiräp oturan ahunlar başa garady. – Bizler bu kün gyn mysalga karamyz. Bu ýahşy bala şaýir edi. Bul balanyň şiýyrlar dastany türksowatga hödür bolaýdy. Adamlar orunlaryndan dikeldiler. Magtymguly olaryň gözüniň alynda ulalan, beýgelen ýaly boldy. Mammed Rahym togsaba hem dikeldi. Ol elindäki pyçagyny saçagyň üstüne oklap, Oraz ynagyň gulagyna bir zatlar diýdi. – Ilkäni, bitdi şiýir okasynku – diýip, gözlerini açalak-ýumalak etdi. Oturanlar ýerli-ýerden «hawwa-da, hawwa» bolşup başladylar. Iliň makullaýjak gürrüňini tapanyna şat bolan togsaba dyzyna galyp: – Könlümizni şat kyl, huda tagallaga mynajat bolgan şyýyr oky – diýip, hasam janlandy. Ahunlar başam, ketde ahunlaram, beýleki oturan hadymlaram uly tama bilen Magtymgula garadylar. Magtymguly beýle bolaryna garaşmandy. Ol häzir şygyr okamaga taýýar hem däldi. Şeýle-de bolsa, ol häzir dymmaly däldigini bilýärdi. Şonuň üçin az-kem orta süýşdi. Magtymgulyny gören adamlar ony şu wagta çenli görmändiklerine, duşmandyklaryna puşman edýän ýaly, indem onuň didaryndan doýmak isleýän ýaly bolup haýran bolup otyrdylar. Magtymguly astyndan nur seçelenip duran owadan gabaklaryny galdyranda, bu köşgüň otagyna ýalkym ýaýrap giden ýaly boldy. Oturanlar dyzlaryna galdylar. Misli Müsüriň açlykdan, horlukdan kösenen ilatynyň Ýusubyň husnuny görüp, oňa aňk bolup, dünýäni unudyşy ýaly, Hywanyň iň beýik emeldarlaram Etrek boýlarynda ösüp, üýtgeşik görk-görmege, akyla mynasyp bolan ýigidiň didaryna aňk bolup otyrdylar. Häzir bu oturanlara şygyr okamagam zerur däldi. Magtymgulynyň özi heniz ýazylmadyk, indi hiç haçan ýazylmajak ajaýyp şygyr ýaly bolup, külli äleme ýaň salyp, yns-jynsy haýran galdyryp oturan ýalydy. Ol emaý bilen bilindäki dolangy ýüpek kagyzy aldy. Häzir Magtymguly özüni unudypdy. Onuň gözüniň önünde mähriban atasynyň keşbi dikelipdi. Ol goşa göreçden akýan parasat akymyna çümüpdi. Şol göreçlere çümüp duran köp-köp didarlar bilen uçup ýördi. Bir görseňem Watanyň giň giden ýaýlalaryna siňip gidýärdi. Dodaklary bolsa sözleýärdi. Jan göterip, baryp ýetdim bir bapdan, Hyrka geýip il içinde san bolsam. Tün içinde baryp beýtulla tapdan, Zar ýyglaýyp sahyplara hun bolsam. Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany, Ferdöwsi, Nyzamy, Hafyz perwany, Jelaletdin Rumy, Şamy elnamy, Alarnyň ýanynda men hem san bolsam. Damengirde ýörgen ussat Nowaýy, Çar diwany, Perhat-Şirin, Zibaýy, Zahyrettin Babur, mizan Eý öýi, Gaşlaryna bargyp men Mejnun bolsam. Okap idim Saadynyň men «Bossanny». Gör, ne ajap Hakanynyň «Medaýny», ...Istär men «Şahnama», «Sakynamany» Milik Omar birlen Süleýman bolsam. Selmany Afsaly serhoş eýleýip, Bähram Gury tutun, medhuş eýlebin, Azadud-döwläni bir guş eýleýip, Abu Mahfuz, Gyzyl Aslan han bolsam. Abubekir gan ýyglaýyp fesada galsa, Aly, Mämun, ol Bestama deň bolsa, Zünnun baryp Rüstem, Zala zor salsa, Rüstemiň derdine men derman bolsam. Galan Eflatuna ýoluň görkezip, Dawut, Osman bilen Aly ürküzip, Kuwwat pederi Hosrawyny gorkuzyp, Olar diýgen bilen din-iman bolsam. Arabalet golunda, aý Magtymguly, Rüstemu-Isgender hiç tutmaz ýoly, Ne bolsa, bilgeý sen iliň hyýaly, Dertliler alnynda men Lukman bolsam. Magtymguly gözlerini açdy. Hälki, oňa garap oturan adamlaryň barysy» göýä bir gam-hasratyň laýyna batan bendeler ýaly bolup, gözlerini süzüp otyrdylar. Olar misli ene hüwdüsini bozmajak bolýan dertli bala ýaly, özlerini saklap otyrdylar. Olaryň arasynda Şirgazy medresesiniň ketde ahunynyň bolşy has hem naýynjardy. Ol Magtymgulynyň alnyna gelip, gözlerini henizem oňa dikip, didelerinden akýan hasrat hünjülerini ýygnajak hem bolman, derdi-hal bolup otyrdy. Momad Reýim togsaba üsgürinjiredi. Diňe şondan soň adamlar özüne gelen ýaly boldular. Ýöne hiç kimden ses çykmady. Ep-esli salymdan soň Ara Ryza ahun üsgürinjiräp, bokurdagyny gaýta-gaýta arçap: – Häk, Süleýman bolsam diýgenmi? – diýdi. Şondan soň gowur başlandy. Diňe togsabanyň «Başlaň!» diýen azymly sesinden, Oraz ynagyň tassyklamasyndan soň mejlis hakyky meselä başlady. Ahunlar başy düşege çümüp oturan ýerinden mydyrdap gürledi. Onuň bu sözlerini diňe ýanyndakylar eşitmese, beýlekiler eşitmedi. Orta Aga Ryza ahun süýşenekledi. Onuň golunda Magtymgulynyň hezreti Pälwan damulla beren diwanyndanam iki esse galyňragy bardy. Ol elindäki küti diwany maňlaýyna üç mertebe degrip, «Bismialla» diýip pyşyrdady. Soňra oturanlaryň ýüzüňe birlaý garady: – Agalar, hürmetge miýesser etgen allatagala müň mertebe şükür kylam. Azyz saýsynda saklagan hanlaryň hany Şagazy hanyň, ylahym ömri uzag olsun. Yslamyň Hywa şährindäki şasynyň ikki dünýesi abat olsun, omyn. – Ol soňra diwanyň gatlarny sermedeşdirdi. Ony terslin-oňlyn agdaryşdyrdy. – Agalar, Şirgazy han madrassasigiň talyby, Maktumkuly tigen bir insan, özlerinig şyýyrlar diwanigi türksowat dersige salmag istegen. Ahunlar ahuny wa şeýh-ul-yslam bizge ulug inam edib-de bu diwany baha berişge bizlerge meslad kylybdylar. Bizler ham çin zamet birle körüb çykybmyz wa sizlerga maglum kylarmyz. Türksowatga hödür edilgan diwanda kelamullaga, kowahadga, islamga wa islam şerigatyga hurmat wa ynanç bildirgan şyirlar bar. Amma diwanga karanmyzda ul talabanin şyýyrlarynda bizlarga kem bolgan meseller bar. Mesel: Körer men, okyr men barça kelamny, Manysyny saça bilmen neýläýin – tigen. Karaň. Ul talaba kelamulla ýahşy duşingan. Maglum olar, madrasada kelamulla ham dars-di. Amma ki, ular kelamullaga şüphe koýar, şak ýetirgan. Aý, bala, ahli magny alla wa alla. Sizlerge bahşa ne magny kerek. Agalar, sizler bu balanin şikrini kulag koýdňňyz ku. Onda bu bala aýdar «Man pygamber olsam». Karaň, ol ne istär. Ol ýakşy tüşüner, alla äkber, wa Muhammet rasul alla. Alladan kaýra huda ýok, Muhammet pygamber beýik hudahyň ýekka rasuly ku. Amma ul şair tüşmaýdi wa islamga şek ketiraýdi. Bul diwanda şerigatna wa kowahatna şikast bulga suzlar bisýar kup. Masal: Kanlu olsaň, keç kanyndan Bir karyb, iman ýigidniň – diýgan. Amma, karaň ku bir miman kelib, üýunda şarmandalyg kilsa, ne olady, Karab oturaýsizmi? Bulmaz, wa ýenga bir masal: Bul balanyň diwanyda «Turgul didiler» deýip, bir şyýir bar amas. Bul şyýyrga karasaň ul misli alla bilen das-daň. «Nage hyýal etsem, kolga ketirdim, Näge baksam, ana nazar ýetirdim». Karaň, bir hudanyň uzi wa Muhambat pygamber naga heýal etse, kolga ketirgen, naga baksa, ana nazar ýetirgän. Bu bala hetdini tanamaýdy. Wa ýene bitde masal: «Ýeriň arkasynda, kögüň karnynda – Maniň sahypjamalimni kördüňmi?» Karaň, bul hudanyň öýügi sorag kylar wa bularny surar. Agar kowahatga nazar salsaň bu iş günäh olar... Aga Ryza ahunyň agzy gyzypdy. Ol diwandaky goşgy setirlerini özüniň sandygynyň agramyna görä mizanlaýardy. Ol kyrkynjy mysala ýetende hezreti Pälwan damulla çydam edip oturyp bilmedi. Ol ýerinden ör turdy. – Akalar wa hurmatga mynasyb olgan ahunlar reýsi wa reýis şahy, bizlargiň künäsini otüňlar wa bizlarga bitde suz aýtmakka rugsat beriňler. – Ol tolgunmakdan ýaňa hasylap, az-kem demini dürsedi. – Hurmatly Aga Ryza ahun harne ters tüşünip oturapdyr. Amma Mahtymkuly çun şaýirdi. Ul misil Hoja Hafiz, Badal, Nizami, Fizuli, Nowaýy hazratlary kibi şarking ulug şahiridir. Heniz medresäniň damullalarynyň arasynda belli bir derejä-de mynasyp bolmadyk adamyň öz pikirlerine garşy gitmegi Aga Ryza ahunyň gaharyny getirdi. Ol özüni uly mejlisde masgara edilen hasap etdi. Şonuň üçin-de ornundan örboýuna galanynam duýmady. – Agalar, bu kiçig kişige kulak koýduňyz. Imdi bizlere ham kulak asyň. Bul bala kelamyllany mashara etgene şärikdi. Çünki bul bala şerikatnyň çün hostarynga til karaýdy. Man diýaman, türksowatka koşug del, matjide, madrasada bul diwandeýgi şyýyrlary koýmak iman däl imes. Wa bul kişige tammi bermekgi Hiwa hany Şagazy han-azyzdan towakga kylaman. Hezreti Pälwan damulla bu myjabatlara çydamady. Ol ylgap diýen ýaly işige bakan ýöneldi. Magtymguly ony işige çenli nazary bilen ugratdy. Emma ornundan turup gidibermegi göwnüne laýyk iş görmedi. Mejlisiň ahyryna garaşmagy makul bildi. Ol häzir Aga Ryza ahunyň aýdan geplerini, deneşdirmelerini aklynda deňeşdirip, ölçäp, onuň jemlerini ýüregine ýetirip bilenokdy. Häzir ol Aga Ryza ahunyň beren bahasy çyn ýürekden çykdymy-çykmadymy diýen sowala jogap bermelidirem öýdenokdy. Şunuň ýaly aljyraňňy, alasarmyk pikirleriň arasynda Şirgazy medresesiniň ketde ahunynyň orta süýşüp söz sözläp oturanyny görüp, özüne geldi, süňňüni ele aldy. – Bizlar Buhara agzamlaryga ham haheş bila ýüzlanamyz. Ularnyň karaýşy ne olady. Belki, ular ýakşy karaýyş ile karaýdy. Eşidamiz, köremiz. Bu taliba ul sözi diýme kereg imes. Şondan soň Magtymguly nähili turanyny, nähili ýola düşenini duýmady. Ol ýolda gelýärkä biri yzyndan ýetip saklady. – Magtymguly aga, sizler gama batmaňlar. Göni Şagazy hanyň özüne arz ediň. Ol size kömek eder. Işiňizi alla oňarsyn. Ol adam bir tanyş ýüze meňzese-de, başy garym-gatym oýlardan doly Magtymguly onuň kimdigini aklyna getirip bilmedi. Sebäbi ol adam yzdan hümürdi eşidilen badyna gyra çekilipdi. Magtymguly häzir dünýäni unudypdy. Ol läheň-läheň daşlar düşelen darajyk köçelerde diwana ýaly, şol aýlanyp ýörsem diýýärdi. Ýaz bilen tomsuň sepgidiniň şypaly howasy, ýarygijäniň asudalygy, ýürege çöken agyr duýgular, umytsyzlyk ony heýjana getirýärdi. Onuň gursagynda dömen ýaralar sorkuldaşyp başlan ýaly bolýardy. Tutuş süňňüni lerzana getirenden soň, nähilidir süýji akym bokurdagyna gelip, daşary çykman, yzyna gaýdýardy. Emma onuň dodaklary biri-birine berk gysylan dişlerini gizleýärdi. Şol dişleriň aňyrsynda bolsa hyjuwyň uly-uly gomlary bent bolup ýatyrdylar. Emma Magtymgulynyň höwesi gaçypdy. Köňül ýol isleýärdi. Köňül täze-täze didar isleýärdi. Uzaklarda galan watan, ene, ata didary birden onuň ýadyna düşdi. Ine, mähriban enesi supra ýaýyp, nan etmege taýýarlanyp otyr. Ol eziz oglunyň gelýänini eşidip, supranyň başyndan, eliniň ununam süpürmän gaýdypdyr. Onuň ogly bolsa uzaklarda enesini galdyran köşek ýaly bolup bozlap-bozlap baryp enesiniň goýnuna özüni atýardy. Magtymguly enesiniň ýat illerde galan ornuna suwsan göreçlerini gördi. Ol göreçler misli gaýnap duran äpet çeşmä dönüp, ogluny ýuwdarly görünýärdi. Häzir uzak ilde ene didaryna suwsan oglunam şol ummana özüni taşlasy, enesiniň, atasynyň, doganlarynyň, iliň-günüň mährinden ganasy geldi. Onuň mährem atasy paýhas bilen, misli pygamber nazary bilen ogluna garap durdy. Ol oglunyň kiçelýänini, ejizleýänini görüp durdy. Magtymguly bu nazaryň öňünde uýaldy. Bolşundan uýaldy. Ýöne şol nazar onuň göwnündäki kinäni, gamy, näşükürligi syryp-süpürip aýrypdy. Onuň göwni güýzüň güni ýaly päkizelenipdi. Magtymguly Pälwan Mahmudyň medresesiniň deňinde özüne geldi. Şirgazy han medresesine ýetmäge elli-altmyş ädim galypdy. Medresäniň öň ýüzünde işigi bolan hüjreleriň birinde-de yşyk görünmeýärdi. Ol ikinji gata galdy. Özüniň bolýan hüjresine bakan ýöneldi. Hüjresine gelmegi bilen ýadyndan çykyşan dertleri, gaýgy-gamlary ýene-de başyny galdyryp başlady. Şonuň üçin ol alasarmyk oýlar bilen içeri ätledi. Eşiklerini göwünsiz çykardy. Töre tarap ýönelende bolsa, kimdir birine büdredi. Ol dyzyna çöküp şol adamy elleri bilen barlaşdyrdy. Birdenem enesiniň didaryna gaty suwsan çagajygyň bolşy ýaly, uly guwanç, uly begenç bilen şol garany gujaklady. Titreýän dodaklary bilen: – Halypam, halypam, halypam – diýip, birsydyrgyn gaýtalaýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |