23:24 Rupyýalar, annalar, paýsalar / hekaýa | |
RUPYÝALAR, ANNALAR, PAÝSALAR
Hekaýalar
Köne-küşül satyjynyň dükanynyň gabat garşysyndaky üýşmek hapanyň içinden tapylan ýazuw depderçesiniň ine birnäçe sahypasy: 1953-nji ýylyň 1-nji ýanwary Rupyýalar. Annalar. Paýsalar. G i r d e j i Jaýy girewine goýmakdan süýthor Mohan Laldan alnany 500 - - Ç y k d a j y Ejemiň hojalygyna 200 - - Ýazuw depderçesi - - - Sungatyň bakalawrlygyna diplom üçin ramka 1 4 - Tikinçä 45 - - Wokzala çenli tonga¹ 1 8 - Laknaudan Bombeýe deneç demir ýol bileti (1-nji klasly wagon) 55 - - Ýük çekijä - 8 - Stansiýadaky larýokdan satyn alnan kitapçalar (Kinoaktrisalar barada "Ýigrimi bäşiň dälijesi", "Günä gijesi", "Söýgi zäheri" hekaýalary) 10 10 - Ýolda satyn alnan "Skrin", "Film faýer", "Şama", "Mustang Ýogi" gazet we žurnallary 2 - - Çaý bilen kesk - 10 - Bir gap "Gould Flix" sigareti 3 2 - Özüme we kupedeş aýala agşamlyk nahary 3 12 - 1953-nji ýylyň 4-nji ýanwary G i r d e j i Öýden alnyp gaýdylan puldan galany 15 - - Süýthor Şer Handan karz alnany 200 - - _____________________________________________ J e m i ... 215 - - Ç y k d a j y Berginiň ujundan süýthor Şer Hana berilmeli göterimi 20 - - Myhmanhanadaky nomere 25 - - Otaga ýerleşdireni üçin dellala 100 - - Krowat, stul, stol 40 - - Zähmet biržasyna çenli awtobus kireýi - 4 - Zähmet biržasyndan amerikan nebit kompaniýasynyň kontoryna barýança taksä 2 2 - Kurýere çaý puly 1 - - Starşiý gullukçyny höweslendirmek üçin 10 - - Bir gap "Keýpston" sigareti - 10 - Kinoteatra çenli awtobus - 3 - Kino (Anarkali) bilet 1 5 - Antraktda moroženoýe (iki adamlyk) 1 8 - Parilä çenli awtobusa iki bilet - 8 - Saça sançgyçly bir çemen gül - 8 - Agşam şamlyk 1 4 - 1953-nji ýylyň 1-nji marty G i r d e j i Kontordan 20 günüň aýlygy 85 - - Ç y k d a j y Suw puly bilen yşyk 3 8 - Salgyt 5 4 - Geýim ýuwuja (25 laý geýim) 3 2 - "Skrin", "Taýms", "Film Faýer", "Şama" gazetleri 7 2 - Dellege (saç gyrkdyrmaklyk, sakgal syrdyrmaklyk, kelle ýuwmaklyk, ýüzi massaž etdirmeklik) 1 12 - Dellege çaý puly - 4 - Şekere batyrylan miweler - 8 - Kitaplar 4 10 - Telefon (Äýşä) - 2 - Kino (Anarkali) iki bilet 2 10 - Moroženoýe 1 8 - Myhmanhananyň şweýsaryna çaý puly - 4 - Grand-roudan Malabar Hilla çenli taksi 1 12 - Günorta nahary (iki adamlyk) 4 8 - Saça sançgyçly bir çemen gül (Äýşä) - 8 - Malabar Hilladan Äýşeleriň öýüne deňeç taksi 3 - 8 Awtobus 1 - 4 Bir çüýşe syýa - 12 - Aspirin - 6 - 1953-nji ýylyň 5-nji iýuny G i r d e j i Kontordan bir aýyň zähmet haky 105 - - Ç y k d a j y Jaý kireýi 25 - - Suw puly bilen yşyk 3 8 - Geýim ýuwuja (14 laý eşik) 1 12 - Berginiň ujundan süýthora berilmeli göterimi 20 - - Gazetler 1 12 - Tramwaý - 2 - Salgytlar 5 - - Nahar - 10 - Çaý 1 6 - Köne kitaplar lawkasyndan satyn alnan kitaplar 1 4 - Kino (Anarkali) iki bilet - 8 - Iki "Koka-Kola" içgisi - 8 - Awtobus - 8 - "Çar minara" sigareti - 3 - 1953-nji ýylyň 15-nji awgusty G i r d e j i Süýthor Şer Handan täze karz 200 - - Ç y k d a j y Öňki-soňky bergim üçin süýthora berilmeli göterim 40 - - Ejeme iberen pulum 35 - - Iberen pulum üçin poçta harjy - 2 - Gazet ("Taýms of Indiýa") - 2 6 Kagyz bilen bukjalar - 12 - Gerbli markalar (iş bermekleri barada 20 arzalyk blanka) 2 8 - Ertirlik we öýlän nahary - 8 - Zähmet biržasyna barýança awtobus - 4 - Biržadan öýe gelýänçäm tramwaý - 2 - Kireýine alnan kitaplaryň haky - 3 - Çaý - 1 - Bir gap sigaret ("Beri") - 2 - Telefon (Äýşä) - 2 - Kino (Anarkali) iki bilet 2 10 - Nohutly kişmiş - 4 - Iki käse çaý - 8 - Tramwaý - 2 - Saça sançgyç üçin - 4 - Agşam şamy - 6 - 1953-nji ýylyň 13-nji dekabry G i r d e j i Köne kitaplary we žurnallary satmakdan düşeni 3 7 - Stuly, stoly we krowaty satmakdan (Çör-bazardaky satyn alýan magazine) giren girdeji 11 8 - Köne geýimleriň satylmagyndan düşeni 13 - - ______________________________________________ Jemi... 27 15 - Ç y k d a j y Telefon (Äýşä) - 2 - Kino (Anarkali) iki bilet 5 4 - Palu Bandara çenli taksi 2 4 - Nahar (iki adamlyk) 10 8 - Ofisiantka çaý puly 2 8 - Saça sançgyçly çemenjik - 8 - Gül satyja çaý puly - 8 - Pan - 8 - Pan satyja çaý puly - 8 - Äýşeleriň öýüne çenli taksi - 8 - Şofýora çaý puly 2 4 - Äýşä ýazylan hata marka - 2 - Uky dermany (tirýek suwundan gys-gyrmaja bir çüýşe) 2 12 - "Alla seniň ömrüňi uzaltsyn!" diýip, sadaka alan gedaýa - 1 -_____________________________________________ J e m i ... 27 15 - G a l a n y: N O L Hoja AHMET APBAS, hindi ýazyjysy. ______________________________________________ 1 Tonga - at goşulýan üsti serpme brezentli iki tigirli araba. Hindistanda şäher ulagynyň has giň ýaýran görnüşi. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1961 ý. | |
|
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |