22:33 Sabyrly gul Käbä ýeter / hekaýa | |
SABYRLY GUL KÄBÄ ÝETER
Hekaýalar
Atam Hojageldi ÖDÄNIŇ ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn. 1. «Men saňa bir maslahat bereýin: hor bolman ýaşamak isleseň «adalat», «halallyk», «ynsap» diýen düşünjeleriňi öýüň töründe çuň gömüp, ol sözleri diňe diliňe sena edinip ylgaber. Olary nirede gömendigiňi, goý, dogan-garyndaşlaryň, söwer dostlaryň, perzentleriň, mydama ýüregiňdäkini ýaýyp teselli tapýan aýalyň-da bilmesin. Ýogsam adalaty dabaralandyrjak, halal, ynsaply boljak bolsaň, ýer urup ýerde galarsyň. Meniň sözlerimiň hakdygyna ýaşaberseň, hil-hil adamlar bilen iş salşyberseň göz ýetirersiň. Şol üç zadyň durmuşa ornaşyp, ýere düşüp bilmän, ene toprakdan bir ýarym metr çemesi ýokarda – adamlaryň dillerinde ýaşap ýörendigini bilersiň». Bu sözler – Nazar aganyň kakasynyň pendidi. Elbetde, bu onuň janynyň ýangynyna aýdan sözleridi. Bu – gojanyň ýürekden syzdyryp aýdan sözleridi... Adamlaryň biri-birine akyl öwredesi gelip dur. Ýöne ol akyllaryň ählijesi gursagyňa guýluberenok. Asyl, hiç zat guýlanok. Akyly adama adamlar däl-de, durmuş öwredýär. Durmuşyň öwreden akyly welin, başga biriniň öwreden pähim-paýhaslary ýaly, derrew ýadyňdan çykaýanok. Ol saňa her ädimiňde uly sapak. Özi hakda oýlandyrýar, ädimiňi seresap basdyrýar. Durmuş öz akymyna görä saňa ädim ätdirýär. Hawa, hawa, şeýleräk bu. Munuň şeýledigine Nazar aga ýaşan altmyş bäş ýaşynyň içinde bir däl, iki däl, baý-bo, gaty köp gezek göz ýetirdi. Kakasy pahyryň adalat, halallyk, ynsap hakdaky aýdan birmahalky sözlerini ýatlady. Özem durmuş özi hakda her sapar öwredende hyrçyny dişläp ýatlady. Ýatlanyňda näme, üýtgeýän zat barmy diýsene?! Aýdylan pendi tutup bolanok. Nädip tutjak?! Nädip ynsabyňy ýuwutjak?! Nädip adalatsyzlyk edip biljek?! Nädip öýüňe haramlyk getirjek?! Öýüň, ojagyň, maşgalaň mukaddes ahyryn! Kakasynyň pendini tutmaga Nazar aganyň hiç wagtam ynsaby çatmady. Kakasynyň hem şol üç mukaddesligi öýüň töründe çuň gömüp goýmandygyna ynandy. Şeýle-de bolsa, ol pendi ýadyndan çykarmady. Nazar aga bir zada göz ýetirdi: ol pendi tutmak üçin zandyň päk bolmaly däl eken. Nazar aga kakasynyň ol sözlerine jany ýananyň sözi diýip düşündi. Adam mydama ile özüniň başarmaýan zadyny maslahat berýär ahyryn! Onuň köplenç kakasynyň öwüdini, durmuşyň sapaklaryny ýatlamagy ýöne ýere däl. Durmuş herdaýym dürtekläp, oňa ynjalyk berenok. «Durmuş» diýiläýýär! Ýogsam ol sözüň aňyrsynda anyk bir adam – mapraç göwre, peträp duran hyrsyz gözli Şadyman ýaldyr dur. Adamlar: «Parahat oturan halka faşistler uly ýagy boldy» diýýärler. Faşistler dagy näme!.. Nazar aga urşa gitdi. Sowukda üşedi, gum garbady. Horlandy. Ýaralandy. Bäş ýyldan soň ýeňiş bilen obasyna sag-aman dolanyp geldi. Emma Şadyman ýaldyry welin, bäş ýylda-da, on ýylda-da ýeňip bilmedi. Dogrusy, Şadyman ýaldyr bilen söweşe-söweşe bu gün pygamber ýaşyndan geçdi. Şadyman ýaldyr «dil» atly awuly ýaragy bilen Nazar agany entegem atyp ýör. Şadyman ýaldyr wezipesi, baýlygy bilen henizem Nazar aga ýaly adamlaryň adalatynyň, halallygynyň, ynsabynyň üstüne gum tozadyp ýör... Ýigrenýän, saňa jebir-sütem edýän adamyň diňe bir ýamanlyklary bilen oňman, diňe özi hakda oýlandyrar hem eken, hyýalyňda seniň bilen sögüşer eken. Şeýdibem ol saňa gije düýşüňde, gündiz huşuňda azar ýamanyny berer ýörer eken. Asyl, öýde edýän gürrüňiň hem şol adam bolar eken. Nazar aganyň giň ojagynyň başynda edilýän esasy gürrüň hem Şadyman ýaldyr hakda. Oňa bolan gahar-gazap öňem bolelin tapylmaýan el ýaly çöregiňi niräňe iýeniňem bildirdenok. Ine, bu günem birzatlar gopupdyr: Toýly garaňky gatlyşyberende nämedir bir zada gaharlanyp, hüňürdäp geldi. El-ýüzüni ýuwup, saçak başyna geçende-de ýüzünden gar ýagdy durdy. «Peläketiň içinde zat saklap bilmesi ýok. Ýüregindäki ýüzünde. Haý, bu bolşuň bilen-ä gaty horlanarsyň» diýip, ogluna seredip oturan Nazar aga içini gepletdi. Toýly içindäkini uzak saklajak hem bolmady: – Kaka, Şadyman ýaldyryň ezeneginden tutup: «Azaryny ýetirseň, dünýä inmedik ýaly ederin!» diýilse bolmazmykan? Her zadyňam çeni-çaky ýagşy. Men-ä dişimi gysa-gysa, ýaşlygymdan dişsiz galdym. Näme, men bu dünýä diňe dişimi gysyp ötmek üçin geldimmi? Düşnükli. Nazar aga ýene ýüregini açdy: – Giň bol, oglum, giň bol! Ýaşlyk edip, ýüregiňi eliňe alyberme. Dünýäde bihasap zat ýokdur. Birine ýamanlyk, jebir etseň, ol on-on bäş bolup öz başyňdan inmeli. Şadymanyň eden ýamanlyklary, hyýanatçylyklary az däl. Muny bütin oba bilýär. Şadymanyň eden bet işleri özüne arzan düşer öýtme. Ol eden etmişleri üçin bir gün Allatagalanyň öňünde-de, adalatyň – halkyň öňünde-de jogap bermeli bolar. Şadyman pälinden tapar. Ynha, görersiň, Hudaýda bihasap zat bolýan däldir. – Hudaýdan tapjak bolsa şu wagta çenli tapardy. Tapaýanok. Gaýtam, dogan okaşan ýaly, hudaý ony juda gowy görýär. Aç galar öýdüp, Saganaly obamyzyň ähli zadyny syryp-süpürip şoňa berýär. Başga adamlaryň ýagdaýy Hudaýyň gözüne ilenok. – Allanyň edenine garşy bolma, oglum, halamaz. – Halamasa, men nädeýin? Elli gepden belli gep, kaka. Şo ýaldyryň ajaly meniň elimden bolar. Onuň saňa sütemleri az-küş däl. Ol meniňem başymdan faşist bolup indi. – Toba et, oglum, toba et! «Bereniňe şükür!» diý. «Sabyrly gul Käbä ýeter» diýipdir köneler. Ynha, bir gün Şadyman eden ähli telek işleri üçin ötünç sorap gapymyzdan geler. Adam öz pälinden gaçyp gutulyp bilýän däldir, oglum. – Şadyman ýaldyr-a gutuldy. Ýogsam Gündogdy aganyň atan oky onuň çet maňlaýyndan degäýmeli ahyryn! Atan sekiz okam degmändir-ä! Bu ony Hudaýyň gowy gördügi dälmi?! Atylan oklary sowa geçiren Hudaý bolmaly. – Gündogdynyň eden işi telek boldy. Beýtmeli däldi. Atdy. Soňundan dokuz ýyl türmede oturyp geldi. Gowy boldumy şu? – Şondan soň-a birki ýyl ýuwaşady. Ýöne, men atsam, Gündogdy aganyňky ýaly etmerin, kaka. Sowa geçmez ýaly, ýaldyryň ýaldyrap duran iki gözüniň arasyna diräp ataryn. – Onuň ýaly mojuk sözleri diliňe alma, oglum. Günä bor! Hemmämiz taňrynyň bendesi. Ol öz perzentlerine alagöz bilen seredýän däldir. Etjek işini bilýändir. Aýtdym ahyryn: «Şadyman pälinden tapar!» diýip. Näme etjek maňa şol bir sözi gaýtaladyp? Ine, ençe ýyl bäri giň öýe teselli berip gelýän bir oýnam söz. Nazar aga entek ogly ýaly murty taban ýigitkä-de şu pikiriň gullugynda bolupdy. Şadyman ýaldyr her gezek telek iş edende onuň pälinden taparyna, Hudaýyň oňa öz görkezmegine garaşypdy. Haýryň şerden üstün çykmagyna garaşypdy. Ol häzirem, bir är ömrüni geçiribem öz ykbalynda – Şadyman ýaldyr bilen baglanyşykly ykbalynda haýryň şeri ýeňerine garaşyp ýör... 2. Ikisiniň çagalykdan bäri mäşi bişişenokdy. Şadyman ýaldyr birki ýaş çemesi uly bolansoň, güýç taýdanam, galyberse agyzlylygy bilenem Nazara eli ökdedi. Onsoňam Şadyman demi bilen zagara bişirýän gurply adamyň ogludy. Gurplynyň mydama meslekdeşi kän. Ownuk-uşak zatlar, öýke-kine, göwne degişme ýatda galybam duranok. Ýöne Şadyman bilen bolan ilkinji garpyşyk welin, Nazar aganyň ýadyndan çykanok. Şonda Şadyman ýaldyr otuz ýaşyndady, dünýä göwni ýetmän ýördi (Onuň häzirem hiç zada, hiç kime göwni ýetenok). Bütin oba onuň hyzmatyndady. Sebäbi ol obada brigadirdi. Adamlar onuň brigadasynda şor dere batyp işläp, çörek iýýärdiler. Her bir ýolbaşçynyň öz ýaranjaňlary bolýar. Şadymanyň hem göwnüni awlamak üçin ylgap ýören, aýtjak sözüne agzyny gymyldadandan düşünýän, garasaý, eýdibem bolsa-beýdibem bolsa oňa ýaranjaňlyk edip özüni aldyrýan adamlar az däldi. Obadan çykyp gitjek ýeriň nire?! Türkmen aga öz obasyndan göçüp başga oba barjak bolsa, göwnüne, dünýä gapyşaýjak ýalydyr. Ol her edip-hesip edip obasyndan gitmejek bolar. Nazar aga-da göbek ganynyň daman ýerini taşlap gitmedi. Ýogsam köp hyýallandy. Täleýine ten berip, hemme zadyň üýtgemegine – gowulaşmagyna garaşdy. Dünýäde hemişelik zat ýok. «Şadymanam brigadirligini ömürlik alaýan däldir» diýdi. «Ak patyşany ýeňen hökümet bu! Gitleri ýeňen hökümet bu! Şolary ýeňensoň, Şadyman ýaldyr dagy näme?!» diýip, Nazar öz-özüne teselli berdi. Ýaşalyp ýörülse, köp zatlaryň üstünden barýaň, köp zatlary görýäň. Görmesiz zatlaram görýäň. Nazar «Dokuzlyk» atlandyrylýan atyza suw tutup ýörkä, şol görmesiz diýilýän zady gördi. Wah, görenine soňundan müň-de bir puşman etdi. Jebrinem çekdi. Ýöne bolan zada alaç näme?! Ykbal her kimiň ýazgydyny bir zadyň üstünden elter eken. Nazary-da eltdi. Ol hatar tutlaryň aşagynda günden goranmak, biraz dyz epmek pikiri bilen pilini egnine atyp, ýöräp ugrady. Bu ýerde adama duşaryn diýip ol eger-eger pikir etmändi. Şonuň üçin hümürdi eşidilse-de, oňa onçakly üns bermän ýöredi. Onuň bar ünsi gowaçadady. Her keşiň deňinde durup, suwuň akyşyna howlukman seretdi. Suwuň akyşyndan kanagatlanýandygy üçin, ol gaty arkaýyndy. «Indi Gün ýaşýança garaşybermelidir. Ýene üç-dört sagatdan ähli keşler suwdan dolar, gowaçalar ganar» diýip, Nazar içinden pikir etdi. Nazar birden saklandy. Endamy tikenekläp, ahyrzaman gopan ýaly boldy. Gopdy asyl! Nazar gözlerine ynanmady. Saňňyldady. Durşy bilen saňňyldady. Pili egninden gaçdy. Gör, bu bolup ýören zatlary! Heý, şeýle-de bir ýakyna geläýmek bolarmy?! Uzakdan duýmadyňmy? Hümürdi eşidildi ahyryn! Oňa näme üçin üns bermediň? Indi öljekmi-ýitjekmi? Ynha, üç-dört ädim!.. – Gözüň ýok ýaly, nirä süsdürilip gelýäň? Gözüň ýok ýaly!.. Wah, gözliň käte kör bolaýşyny! Nazar doňan ýaly bolup durdy. – Näme iş edip ýörsüň bu ýerde? – Şadyman ýaldyr hasanaklap ýerinden turdy-da, eşigini geýmäge durdy. Sona gyz üst-başyny kakyşdyrman, tertibe-de salman gowaçalygyň içi bilen ýüzüne urlan ýaly bolup ökje göterdi. Gaçdy! Onuň gaçyşy masgaraçylygyndanam gaçyp gutulyp biläýjek ýalydy. Ýöne ondan gaçyp gutulyp bolmaýan eken. – Bu ýerde näme üçin kaňkap ýörsüň? Näme gerek saňa? Körüň barmy seniň bu ýerde? – M-men... – Nazar nämedir bir zatlar diýjek boldy. Diýip bilmedi. Ol mejalsyz aşak oturdy. – Tur ýeriňden! Nazar turdy. Gorkup ýa «Tur!» diýleni üçin däl, onuň bu haram ýerde oturasy gelmändigi üçin turdy. Pilini ýerden göterdi-de, yzyna öwrüldi. – Nirä barýaň? Saklan! – diýip, üst-başyny tertibe salyp ýetişmedik Şadyman hasanaklap gelip, Nazaryň egninden ýapyşdy. – «Saklan!» diýýän men saňa! – Aýyr eliňi! Şadyman ýaldyr «haş-ş» edip demini aldy-da, aljyraňňy seslendi: – Düşünişeli. – Nämäni düşünişjek? Düşünmez ýaly näme bar bu ýerde? Men hemme zada düşündim. Ony saňa düşündirmelimi men? – Sen hiç zat göreňok, düşnüklimi? – Maňa haýbat atma! – Men saňa haýbat atamok. – Şadyman ýaldyr howlukmaç ýuwdundy. – Seni gowy görän. Näme ýumuş buýursaň, bitireýin. Aýt. Ýöne şu gürrüň şu ýerde galsyn. – Eý, dünýe, dünýe!.. – Dünýäniň gürrüňini soňa goý. Sen hiç ýerde aýtmajakdygyň barada ant iç. Ýalbarýan, goňşy. – «Halal obam bar» diýip begenip ýördüm. «Balyk kellesinden porsar» etdiň... – Gel, mert gürleşeli... – Meniň seniň bilen gürrüňim ýok. – Şu gürrüňi bir ýerde aýtsaň, seniň namart boldugyň. – Seniň, heý, o gyzjagaza nebsiň agyrmadymy? Ol birine durmuşa çykmaly, ene bolmaly?! – Boýnumdan asylyşyp dursa, men näme diýeýin? Erkek eşekdiris-dä! Meniň ýerimde bolan bolsaň, sen, nä, boýun gaçyrarmydyň? – Sen onuň zähmet hakyny köp ýazansyň. «Ýene köp ýazaryn» diýensiň. Ýalan söz bilen bal kölüne batyransyň. Wah, şu pul diýen zada nälet bolsun! – Ýeri, bes etsene! – Bes etmen! Seniň ýaly adamlara biziň obamyzda orun ýok. Seni obadan çykarmaly, obadan! Ýok, ýurtdan çykarmaly! Senden ýolbaşçam bolmaz, adamam. Bu etmişiň üçin obanyň adamlarynyň öňünde jogap bermeli bolarsyň. – Gazetden, kitapdan okan howaýy gürrüňleriň bilen maňa haýbat atmasana. Ikimiz anyk gürrüň edeli. Aýlygyňy artdyryp ýazaýyn. Bütin ömrüme şeýdeýin. Alla kessin, çynym. – Näme, bütin ömrüme brigadir bolaryn öýdýäňmi, Samsyk. Ýok, maňa haram pul gerek däl. – Howaýy gürrüňleriňi goý. «Haram pul» diýip ýazylan ýeri ýok. Hemme pulam bir pul. «Halal pul, haram pul» diýip pikir edýän adamlar barypýatan samsyk adamlar... – Wah, maňa ygtyýar berseler, seni düýt-müýt ederdim. – Sen meniň bilen eglişige geleňok-da onda? Öz-ä meniň bilen gidişmeseň gowy bordy. Aý, gör-dä. Yzaňa çydasaň müň ýaşa. «Şadyman ýaldyry obadan çykarmaly, Şadyman ýaldyry obadan çykarmaly!» diýen pikir Nazaryň aňyndan aýrylmady. Ol gün ýaşýança näme edip-näme goýanyny bilmedi. Şadyman ýaldyry urmandygyna begendi. Ony Hudaý ursun! Şeýle-de bolar! Ony Hudaý şeýle bir urar, yzyny tapmaz ýaly bolar. Gabahatlyk ýerde ýatmaz. Saly gowşaklara haky artyk ýazyp, olary maýmyn ýaly oýnajak bolýar. Onuň bu etmişini oba ýaşululary ümsüm goýmaz. Nazar agşam ýüregini bire baglap, Çäşem aganyň öýüne bardy. Çaý başynda degdim-gaçdym gürrüň edildi. Nazar ynjalyp bilmedi. Hudaýyň öňünde päk, halal bolasy geldi. Asyl, ol Çäşem aganyňka hem şunuň üçin gelipdi. Gürrüň ugruna gitmedi. Näme hakda gürrüň gozgasa-da, Çäşem aga goňşusyndan «hä», «hawadan» başga jogap alyp bilmedi. Nazaryň aňyna hälki wakadan başga pikir gelenokdy. Ol diňe Çäşem aga aýtjak sözleri hakda oýlanýardy. Aýtjak sözlerini bilýärdi. Ony hyýalynda Çäşem aga on-on bäş gezek aýdybam görüpdi. Ýöne ony indi aýtmakda gep bar. Wah, aýtjagam welin, içerde Çäşem aganyň aýaly otyr. Sona Nazar gelenden soň içeri girmedi. Ol nirede bolanda näme! Gep – bu şum habary Çäşem aganyň diňe özüne aýtmakda. Goý, ol soň muny aýalyna aýdybersin. Erbet habary aýtmagyň kyndygyny! Nazar daş çykanda Şadyman ýaldyr ýetip geldi. Ol hyrsyz gözleri bilen Nazary dalady. Ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän, içeri girdi. Nazar gije uklap bilmedi. Şadymanyň bolşy göz öňünden aýrylmady. Çäşem aga aýdyp dogry etdiňmi? Telek eden bolaýma? Nazar dürli pikirleriň aşagynda, suwa gark bolýan ýaly, hopukdy. Aýtmadyk bolsa, Hudaýyň, goňşusy Çäşem aganyň öňünde günä etdigi bolardy ahyryn! Şeýle düşünjäni ýaşlykdan onuň diňe onuň däl, ähli çagalaryň aňyna guýdular! Şadymanam-a şu obada önüp-ösdi! Meslik göterdýän däldir-dä! Indi bu zatlaryň soňy näme bilen gutararka? Bir zad-a belli. Şadymana nälet okarlar. Obanyň ähli adamy jemlenişip, onuň ýüzüne durarlar: «Balyk kellesinden porsar» etdiň. Bize seniň ýaly birgäd gerek däl!». Dogrudanam, gerek däl! Haýsy ýeriň ýolbaşçysy azgyn bolsa, şol ýer hem azar. Dünýäniň abatlygy serdaryň görüm-göreldesine bagly diýýärler-ä. Aýdypdyrlar-a: «Şa bagyň bir ýapragyny alsa, il-halk bagyň köki-damaryna çenli alar» diýip... Bu mahal Çäşem aganyň güni agyrdyr. Masgaraçylygyň ejirini çekýändir. Şadymanyň kekirdegine münendir. Munuň üçin hiç kim Çäşem aga: «Telek iş edipsiň» diýmez. Eý, Alla, munuň soňy bahymrak belli bolsa. Saglyk bilen ertire çykaly. Hemme zat belli bolar... Ol gürrüňi ertire goýmadylar. Goýulmaly gürrüňem däl ahyryn ol! Ýarygije kimdir biri Nazaryň gapysyny kakdy. Gelen adam gaty-gaty ardynjyrap, aljyraňňy gygyrdy: – Nazar, aý, Nazar, daşary çyk! Nazar hasanaklap ýerinden turdy. Näme etjegini bilmän, töweregine ýaltaklady. Kimiň gygyrýandygyny aňşyrjak boldy. Bolmady. Geleniň keýpine gelmändigini açyk bildi. Ol sandykdan aş pyçagy çykardy-da, goltugyna saldy. Myrlaşyp uklap ýatan çagalaryna bakan hoşlaşýan ýaly nazar aýlady. Ýöne çagalaryny garaňkylykda saýgaryp bilmedi. Ol hasanaklap, ýatan çagalaryny sermeleşdirip, barlap çykdy. – Kakasy, men-ä gorkýan – diýip, Nazaryň aýaly sandyrady. – Gorkar ýaly näme bar? – Gitmäň, kakasy. Işi bar adam ertir gelsin. – Nazar, aý, Nazar! – Bu gezek ses has gatyrak çykdy. – Barýan-how, barýan. – Nazar ýene çagalarynyň ýatan ýerine göz aýlady-da, daş çykdy. – Bärik gel. – Kim sen? – Kim bolar öýdýäň? Nazar Gündogdyny tanap, biraz arkaýynlandy. – Eý, Nazar, Nazar, işi gördüň. Obanyň ýüzüni ýere saldyň. Senden beýle zada garaşmandym... – Meniň iki gözümden başga aýbym ýok. – Hany, mert bolaly. Boljak iş bolupdyr. – Gündogdy elini Nazaryň egninde goýdy. – Men saňa bir zat aýdaýyn: ruhuňy pes tutmagyn, özüňi ýeke duýmagyn. Men hemişe seniň bilendirin. Hemişe ýanyňdadyryn. Şeýle-de bolsa, göni ýüzüňe aýtjak: eden işiň telek. Beýtmeli däl ekeniň. Telek iş edenem bolsaň, dostum ýüz öwrer öýdüp gorkmagyn. Men seni gowy tanaýan. Ýüregiňde hiç kime erbetligiň ýokdugynam bilýän. Näme iş etjek bolsak öň maslahatlaşardyk ahyryn. Sen meniň bilen maslahatlaşman edipsiň. Ine, etseň! Masgaraçylyk! – Näme üçin geldiň, Maňa göwünlik bermägemi? – Çäşem aganyň öýünde saňa garaşyp otyrlar. Yzyňdan meni iberdiler. Nazar Gündogdynyň yzyna düşdi. * * * Içerde ýedi-sekiz sany adam otyrdy. Olar Çäşem aganyň hem Şadymanyň doganlarydy, garyndaşlarydy. Olaryň başy aşakdy. Olar Gündogdy bilen Nazara çala baş galdyryp seretdiler. Kim geplär? Elbetde, Gara aga geplär. Ol obanyň iň hatyraly ýaşulusy. Obada ondan bidin çöpem galdyrylanok. Onsoňam ol Çäşem aganyň ýakyn garyndaşy. Şeýle-de boldy. Gara aga gepledi: – Inim, Nazar!.. – Gara aga aýtjak sözlerini ýedi ölçäp bir kesýän bolarly, biraz dymdy. – Biz senden ýagşylyga garaşýardyk. Gowy adam bolup ýetişeriňe bil baglaýardyk. Kakaň pahyryň ýatan ýeri ýagty bolsun, ol paýhasly, halal adamdy. Sen welin biziň tamamyzy ödemediň. Mesligiňe çydap bilmän, ýaşawa gyzyň gözüni-başyny aýlapsyň. Obanyň abraýyny ýere çaldyň... – Mesligime çydap bilmez ýaly, meniň ilden artyk günüm ýok. Obamyzda bir mes bar. Olam – Şadyman. – Inim, telek iş edip, yzyndan başga birini utandyrjak bolup durma. – Mende onuň ýaly gylyk ýok! – Şeýle gürrüňleri etmek bize agyr degýär. Namys. Ýöne gyzy aldanyň üçin... – O nähili «gyzy aldanyň üçin»? Gyzy men aldanmyşymmy? Hudaýdan ant içýän. Iýen duzumdan ant içýän! Ýalan diýýän bolsam meni Çäşem aganyň bereketli saçagy ursun! – Beýle mukaddes zatlary diliňe alyp, ýalan sözlemäge Hudaýdan gork, inim. – Gara aga gürrüňi uzaga çekdirip durmak islemedi, Şadymana ýüzlendi: – Şadymanberdi, hany, inim, gören zatlaryňy gelşiksizem bolsa, gürrüň ber. Bu ýerde obaň namysy hakda gürrüň gidýär. Şadyman uludan demini aldy. Bir Gara aga, birem Çäşem aga seretdi-de, howlukman gürledi: – Men – brigadir. Uly garamaty meniň boýnuma atdyňyz. Brigadiriň etmeli işlerini hemmäňiz bilýäňiz, adamlar. Ähli atyzlara aýlanmaly, görmeli. Günde ähli atyzlara paý-pyýada aýlanyp çykmasam, hiç ynjalyp bilemok. Günortan: «Dokuzlygy» aýlanyp göreýin» diýdim. Sebäbi men Nazary şol atyza suw tut diýip ugradypdym. Aýlanyp ýörkämem hälki masgaraçylygyň üstünden bardym. Gyzyň ol ýere nähili barandygyndan habarym ýok... – Ýalan, ýalan! Adamlar, ynanmaň, Şadyman ýalan sözleýär. Ikisiniň üstünden baran men. Ynanmasaňyz gyzdan sorap görüň. Gara aganyň sesi azmly çykdy: – Çagyryň gyzy! Çäşem aganyň aýaly ýarymýaş bolup, gyzyny yzyna tirkäp içeri girdi. – Masgara etdiň, ýerçeken, masgara etdiň! Aldadyň meni! «Aýalymy kowjak!» diýdiň... Nazar beýle urgyny çekip bilmerin öýtdi. Çekdi: ne ýer bilen asman gapyşdy, ne ýer ýaryldy – Nazar girdi! Onuň jöwlan urmasyny-da diňlän bolmady. Gündogdyny-da gürletmediler: «Ikiňiz bir adam. Seniň näme üçin Nazaryň tarapyndadygyň bize düşnükli» diýdiler. 3. Ol ençe günläp däli ýaly gezdi ýördi. Adamlaryň köpüsi dilleri bilen hiç zat diýmeseler-de, müňkürlik nazary bilen ony daladylar. Dogrusy, onuň bilen salamlaşmaga çekinenlerem tapyldy. «Biz seniň bozuklyk etmejekdigiňe ynanýarys» diýenlerem boldy. Näme diýselerem, durmuş, oba öňki ýaly däldi. Göwnüne, adamlar ondan gaty daşlaşana meňzeýärdiler. Nazar atylan töhmete çydap bilmän, bir gün çola ýere baryp, egnini silkip-silkip aglady. Ol obadaşlarynyň, ýaşulularyň özüne ynanmandyklaryna, hakykata göz ýetirmändiklerine, Şadymanyň her sözüni lälä salyp, «Şadymanberdi jan, sen dogry aýdýaň!» diýişlerine jany ýanyp aglady. Gündogdynyň jany ýananda aýdýan sözleri ýadyna düşdi: «Ejiz müň jibrinibersin, nädogram bolsa, güýçliniň sözi mamla». Şadyman wezipesi bilen güýçli. Elinden iş gelýändigi bilen güýçli. Agalarynyň, dogan-garyndaşlarynyň köplügi bilen güýçli. Ol haram pullary bilen güýçli. Obada onuň aýdan nädogry sözem dogry hasaplanylýar. Adamlar näme üçin onuň öňünde şeýle peselýärkäler?! Baýlyk... Ol: «Men-men!» diýen ençeme ärleriň adamkärçiligini, balak deýin, sypyryp ýör... – Ýok, Şadyman, sen uzaga gitmersiň. Ýalkanmarsyň, päliňden taparsyň! Maňa eden ýamanlyklaryň üçin irde-giçde jezaňy çekersiň... – Başyny aşak salyp oturan Nazaryň sesi güňleç çykdy. Onuň: «Hiç kim tapmaz» diýip oturan ýerine on-on iki ýaşlaryndaky ogly Toýly geldi. Ol kakasyna mölterilip bakdy. Ýuwdundy: – Kaka, saňa hat geldi. Nazar oglunyň ýanyna bardy. Onuň soragly gözlerine uzak seredip bilmedi. Ýuwaşja gürledi: – Bilýän, oglum, saňa-da kyndyr. Oglanlar herhili şyltak atyp, azar berýändirler. Illeriň aýdýan sözlerine ynanma. Hemmesi – maňa atylan töhmet... Toýly kemiş-kemiş etdi. Soňam gözýaşyny kakasynyň görmesinden ejap edýän ýaly, hyrra yzyna öwrüldi. Uzak durman, horkuldap aglap gitdi. Nazar elindäki haty öwran-öwran okady. Şol ýerdenem göni raýon merkezine ugrady. Hatda görkezilen ýere bardy. Ony ýüzi-gözi gülüp duran, ýaşy durugşan adam garşylady. Özüni sülçi Garaýew diýip tanyşdyrdy-da, nirädir bir ýere çykdy. Wagty bilen gelmedi. Nazar aýtjak sözlerini içinden birki gezek gaýtalady. Hemme zadyň birýaňalyk bolaryna howlukdy. Näçe garaşsa-da, sülçi gara bermedi. Gelensoňam howlukmady. Oturyp, nämedir bir zatlar ýazdy. – Obanyň abraýyny döküpsiňiz – diýip, Garaýew gyzykly gürrüň aýdýan ýaly ýylgyrdy. – Sona Çäşemowany zorlapsyňyz... – Ýalan, ýalan! – Nazar tarsa ýerinden turdy. – Oturyň, oturyň. Bu ýeri bogaz ýyrtylýan opera däl. Öňünden aýdaýyn: ýalan sözleseňiz, işiňizi agyrlaşdyrarsyňyz. Hemme zady ak ýürekden boýun almagyňyz işiňizi ýeňilleşdirer – diýip, sülçi ýene öňküsi ýaly ýylgyrdy. – Ynha, mende öňdebaryjy kolhozçy Sona Çäşemowanyň ýazan arzasy bar. Ol siziň: «Aýalymy kowup, saňa öýlenjek» diýip aldandygyňyz, masgara edendigiňiz hakda ýazypdyr. Ine, bu arza bolsa Şadyman Aýdogdyýewiňki. Siz onuň üstüne gygyrypsyňyz. Töhmet atypsyňyz. Urjak bolupsyňyz. Ol diňe raýonymyzda däl, oblastymyzda-da belli, ökde brigadir ahyryn! Kommunist. – Wah, jan agam, bary töhmet! – Gahardan ýaňa Nazaryň dili tutuldy. Aýdaryn diýen sözlerini unutdy. – Ynha, olaryň ýazan arzalary. Şu arzalar esasynda siziň üstüňizden iş gozgadyk. Sud size jezaňyzy berer. – Sülçi ýylgyryp, gaharyna titräp duran Nazary boýdanbaşa synlady. Nazar bolan wakalary janygyp gürrüň bermäge durdy. Sülçi onuň sözüni diňlemek islemeýän ýaly, uludan demini alyp, gaşlaryny çytyp, gürrüňiň gutararyna garaşman, daşary çykdy. Esli wagtdan geldi-de, gyssagly işiniň çykandygyny aýdyp, çaşyp ýatan kagyzlaryny ýygnamaga durdy. Nazar sülçiniň ýanyna ýarym aý çemesi gatnamaly boldy. Her gün oturyp-oturyp gaýtdy. Bolup ýören zatlara jany ýanyp, özüni öldüräýesi geldi. Ykbalyna nälet okady. Sülçi bilen bolan gürrüňlerden çen tutup, türmä basyljakdygyna açyk göz ýetirdi. Soňky duşuşyklarda gaharlanyp, örtenip gürlemesi galdy. Sebäbi, sülçiniň aýdyşy ýaly, onda hiç hili subutnama ýokdy. Onuň garşysyna bolsa iki adam görkezme berýärdi. Etjek alajy ýokdy. Şeýle ýagdaýda, hany, öz sözüňi subut et-dä, edip bilýän bolsaň! Nazar sülçi näme diýse, baş atyp diňledi. Öz ýanyndan gözüne, iki barmak diline öwran-öwran nälet okady. Düşen ýagdaýyndan çykalga ýoklugy hakdaky pikir aňyndan aýrylmady. Türme göz öňüne geldi. «Takdyra ten berip, nähak basylaýmaly bolarmykam?» diýip, Nazar oýlandy. Arz etmeli!.. Ol arzam edip gördi. Üç-dört gapa bardy. Baran ýerinde oňa gülerýüz berdiler. Sözüni diňlediler. Ör-gökden geldiler. «Beýle zatlara ýol bermeris. Meseläni adalatly çözeris. Hakyky jenaýatkäre biziň aramyzda orun ýokdur! Siz arkaýyn gidiberiň» diýdiler. Üýtgän zat boldumy? Bolmady. Sülçi welin, her gezek onuň ýüzüne seredip, türmä basjakdygyny nygtady. «Dünýä bir gezek gelýäň. Onda-da egniňi ýygryp ýaşamaly däl. Rast, türmä gitmeli bolsa, Şadymany o dünýä iberip, soň gideýin» diýip, Nazar öz ýanyndan netijä geldi. Dost adama diňe saçak başynda däl, başyňa agyr iş düşende has zerur gerek eken. Nazar muňa şol günler göz ýetirdi. Gündogdyny depesine täç edinesi geldi. Gündogdy öýdeçilem bolsa, Nazaryňka günde-günaşa geldi. «Hiç zady gaýgy etme, hemme zadyň alajyny ederis. Meniň prokuror dostum bar. Onuň bilen bile gulluk edipdim. Şoňa ýagdaýy bolşy ýaly gürrüň berdim. Ol: «Hemme zady düzederis» diýdi» diýip, Nazara teselli berdi. Gündogdynyň aýdyşy ýaly boldy: bar zat gowulyk bilen gutardy. Nädip gowulyk bilen gutardy? Işler nädip düzedildi? Ony obada Gündogdydan başga bilýän adam ýokdy. Bir zat welin bellidi: Gündogdy göleli sygryny satdy. Nazaryňam gerek bolar diýip saklap ýören süýşürintgisini şähere äkitdi. Ana, şondan soň ýylgyrmagy gowy görýän sülçi Garaýew Nazary çagyrmady... 4. Obada uly toý tutuldy. Toýy Çäşem aga etdi. Ol gyzy Sonany durmuşa çykardy. Gelnaljylar uzak ýol söküp gelipdirler. Olar juda şadyýandylar. Nazar toýa çagyrylmansoň, daş işikde gelnalyjylary synlap çaý içýärdi. Ol bedew atyň, asylly gyzyň bir kösti bolmasa öz obasyndan aňsat-aňsat çykarylmaýandygy, hyrydaryň tapylýandygy hakdaky halk pähimini ýatlady. Sona sülmüräp, uz ýaşynyp, kejebä – maşyna mündi. Şadyman ýaldyr toýda beýemçilik edip ýördi. Eýläk-beýläk ylgaşýan oglanjyklara haýbat atýardy. «Aýrylyň maşynyň alnyndan!» diýip, kejebe tutjak bolýanlary kowýardy. Ol nämedir bir zada howlugýan ýalydy. Durmuşda şeýle beýemçiler az däl ahyryn!.. 5. Nazar aýlygynyň öňkülerden hem azlygyna geňirgendi. Ýalňyşlyk bolandyr öýtdi. Puly gol çekip almaga utandy. Şeýle-de bolsa, sesini çykarmady. Gijelerine oňly ýatman suw tutdy. Soňky aýda alan aýlygyny göterip, Şadymanyň ýanyna bardy: – Bu näme etdigiň? Meniň bilen işlänler-ä iki ýüz manat almaly, menem otuz manatmy? – Işlemeseň aýlyk ýok, Nazar. Aýlyk işleýşiňe görä berilýär. Tanyş ekeniň, goňşym ekeniň diýip artyk hak ýazara bolanok. Ýogsam ýazardym. Saňa pul gerekdigini, maşgala eklemelidigiňi bilýän... – Maňa işlän hakymy ber. – Işlän hakyň köýen ýeri ýokdur. Ynha, meniň hasap depderim. Şunda kimiň näçe işländigi ýazylan. – Onda, gije ýatman işläp, bir aýda gazananym otuz manatmy? – Meniň etjek alajym ýok. Nazar otuz manady Şadyman ýaldyryň ýüzüne patladyp urdy. – Me, munyňam al! Nazar birki gün içini hümledip gezdi. «Bä, Şadyman şeýdip edenini edip gezip ýörmeli bolarmykan?» diýip, öz-özüne sorag berdi. Soňky aý hem öňki aýlygyndan köp almansoň, gaharyna bäs gelip bilmän, başlygyň ýanyna gitdi. Oňa bar zady bolşy ýaly aýtmagy ýüregine düwdi. Ol hiç kime üns bermän, seretmän, başlygyň kabinetine girdi. Kabinetde hiç kim ýokdy. Nazar hyrçyny dişläp, yzyna öwrüldi. Ähli gapylary açyşdyryp çykdy. Buhgalter äýneginden üstaşyry Nazary synlady. Onuň bolşy içiňdäkini okajak bolýana meňzeýärdi. Buhgalter Nazaryň soragyna sowuk jogap berdi: – Başlyk siziň uçastogyňyza gitdi. – Kimiňkä? – Brigadirden sorap gör, şol bilýän bolmaly. Nazar gaýtdy. Başlygyň nirededigini brigadirden soramajakdygy onuň garaçynydy. Ol öýüne baryp, içini hümledip ýatdy. Çasly çykan gülki sesini eşidip, nädip garysyna galanynam aňman galdy. Gülki ikinji gezegem Nazary sandyradyp gitdi. Obada beýle arkaýyn gülüp biljek, gülküsi bilen ýer sarsdyryp biljek adam az. Nazar başlyk bilen Şadymanyň gülküsini tanady. Gör-ä, bu gün Şadymanyň gülküsi başlygyňkydanam çasly çykýar. Geň däl: olam başlykdan kem baýlyk ýygnan adam däl. Ikisiniňkem deňeçerräk bardyr. Haý, Nazar, Nazar! Sen derdiňi kime aýtjak bolup ýörsüň?! It iti ýarmaýar ahyryn! Başlyk ikisiniň şeýdip gülşüp oturyşlary ikisiniň bir adam bolduklary dälmi näme?! Ýeri, onda arzyňy kime aýtjak, kime ýetirjek?! Onsoňam arz edip ýörmek ilçilikde halanýan zadam däl. Her kim kysmatyna kaýyl bolup ýör. Hudaýyň isleýşi şeýledir-dä!.. Nazar ýerinden galdy. Iki ýanyna garanjaklady. Içeri girdi. Ýene daşary çykdy. Mallaryna suw görkezdi. Barybir, ynjalyp bilmän Şadymanlara ugrady. Şadyman gülküsini tapba kesdi. Bir erbetligiň bolmagyndan eýmenip, ýerinden turup alakjady: – Naza-ar! – Ieniňiz awy bolsun! Morta aýdylan söz başlyk bilen brigadiriň depesaçyny düýrükdirdi. Başlyk gülküden ýaňa ýaşaran gözüniň ýaşyny sylyp, aljyraňňy gürledi: – Nazar, beýle diýmäweriň! Bizden näme ýamanlyk gördüň? – Sizden ýamanlykdan başga näme gördüm?! 6. – Şadyman aganyň sygrynyň aýagy döwüldi. – Toýly bir kakasyna, bir ejesine seretdi. – Ho çöl etekde. Çopanlar: «Şadymana nädip aýdarkak?» diýşip durlar. – Wah, wah, näme bolduka oňa? Ala-böle Şadymanyň sygrynyň aýagynyň döwüläýşini! – Näme, biziň sygrymyzyň aýagy döwülmeli ekenmi? – diýip, Nazar aýalyna alarylyp seretdi. – Edeniňi edip ýörseň, adamlara hyýanat etseň, ol bir ýerden çykmaly. Sygrynyň aýagy döwlen bolsa, bu Hudaýyň Şadymana göz görkezdigidir. Bir gün öz aýagynam döwer onuň. Wagt meýlise howlugýan ýaly geçip barýar. Ol hernäçe howlugyp geçse-de, ulybir üýtgeşiklik bolanok. Şadymanyň işi, öňküsi ýaly, şowuna. Nazaryň welin öňküligi ýok. Bilinden kuwwat gaçdy. Agyr iş, agyr durmuş onuň bilini ymykly bükdi. «Ah-wahy» köpeldi. Ýüregagyry tapyndy. Ine, saňa duran bir hassa. Onsoň ol Şadymandan ýeňilräk iş soramaly boldy. Öz ýakyn garyndaşlary, ýaranjaňlary barka, ýeňil-ýelpaý iş Nazara ýetermi diýsene! Ýetmedi! Nazar aga pensiýa çykdy. Mal-gara, içerä güýmenen boldy. Ogly ýetişdi. Käbir ata-eneleriň ogullary ýaly: «Şäherde okajak, şäherde ýaşajak» diýibem durmady. Kakasynyň pilini elinden aldy. Ýaş-da, duran bir gujur. Nazar aga onuň işleýşine seredip, kesesinden monça boldy. Ýöne onuň bir häsiýeti bar-da! Olam, belki, kakasyna çekenligindendir – haçan görseň zeýrenip ýör. Uly ýagysam Şadyman ýaldyr bilen onuň uly ogly. Brigadasynda işleseň, Şadymandan gaçyp gitjek ýeriň nire! Toýly bir gün kakasynyň ýanyna: «Şadyman ýaldyr meni köpçüligiň içinde masgara etdi, kemsitdi» diýip gelýär. Ýene bir gün: «Kowdy» diýip gelýär. Ýene bir gün Şadymanyň agronom oglundan zeýrenip gelýär. Haýsy birini aýtjak, kän-dä! Nazar aga näme diýsin! Ogly gürrüň bermäge başlandan, ol hemme zady göz öňüne getirip otyr. Şadymanyň edýän işlerini obada bilmeýän ýok ahyryn! Ol her ýyl birki gektara mäş, gawun-garpyz ekdirip, onam satdyryp, jübüsine urýar. Bu hakda Nazar näçe gezek ýygnakda aýtdy, başlyga aýtdy. Üýtgeýän zat boldumy? Bolmady. Näçe gektar ýere artyk gowaça ekýänini kim bilenok? Gündogdy bilen dawa hem şol artyk ýer hakda boldy ahyryn! Artyk eken ýeriň üçin hak ýazmak kynmyş. Şadyman şol ýerde Gündogdyny iki aý işledip, oňly hak bermändir. «Sesiňi çykarsaň, gözüňi türmede açdyryn!» diýipdir. Turdy uly dawa... Dogrudanam, Şadyman Gündogdynyň gözüni türmede açdyrdy... Şu zatlary bilip durkaň, ogluňa näme maslahat berjek? Elbetde, ata ogluna göwünlik bermeli, akyl-ündew etmeli. Nazar aga Hudaýa sygnaýmasa, elinden gelýän başga zadam ýok. – Oglum, sabyrly bol. «Sabyr düýbi – sap altyn» diýipdirler. Ýaman bolup, ýalkanan ýokdur! Şadymanam, oglam pälinden tapar. Men saňa başga näme diýeýin, jan oglum?! – Nazar aga kakasy pahyryň adalat, halallyk, ynsap hakdaky birmahalky aýdan pendini ogluna aýdasy geldi. Derrewem pikirinden el çekdi. Hemişelik el çekdi. 7. – Näme boldy, oglum? – Nazar aga başyny aşak salyp gelen ogluna ýüzlendi. Goja bu sowaly bermeli däldigini bilýärem. Şadyman ýaldyrdan bir gep ýetendigi soramanyňda-da belli. – Ho ileri çetde ýaşaýan Gurban aga agtyk toýuny etdi. Onuňka Şadyman ýaldyr baranda, oturan uly-kiçi balagyny düşürdi. – Balagyny düşürdi?! – Tamy dolduryp, biri-birine gezek bermän gürläp oturan adamlar Şadyman ýaldyr içeri girenden böküp ýerlerinden galdylar. Salam berip, ýalym-ýulum edip öläýjek boldular. «Töre geçiň, Şadymanberdi aga, töre geçiň!», «Ýok, ýok, Şadymanberdi jan, meniň ýerimde otur», «Körpeçe ýazsaňyzlaň Şadymanberdi janyň oturjak ýerine» diýişýärler. Ýerde oturtmaga dözmän, depelerinde oturdaýaslary gelýär. Şadyman ýaldyr oturansoňam: «Soraň, Şadymanberdi jan», «Soraň, Şadymanberdi jan» boluşýarlar. O samsygam paň-paňlap gürleýär. Onuň her bir sözüne kyrk gezek baş atyşyp: «Örän dogry aýdýaň, ras aýdýaň!» diýişýärler. Menem çydap bilmän, oturanlara: «Munça bolanyna görä, balagyňyzam çykaryň» diýdim-de, turup gaýdyberdim. – Oňarmansyň, oglum, oňarmansyň. Hiç zat diýmeli däl ekeniň. – «Şadymanberdi jan agam ýaşasyn!» diýmeli ekenimmi?! – Toýlynyň sesi gahardan ýaňa sandyrap gitdi. – Adam ýaly gürleşibem bor-a. «Ol aýlyk ýazýar» diýip, aşagyna sokulybermegem bolmaz-a, kaka. – Gödek gürleme, oglum. Nireden öwrenip ýörsüň beýle mojuk sözleri? Giňräk bol. Ýüregiňi eliňe alyberme. Şadymanyň garşysyna gidip, men näme gördüm? Senberi meniň ýalňyşymy gaýtalajak bolma. – Kaka, birine çendenaşa ýaranjaňlyk edilse, men-ä giňlik edip bilemok. Bu bolşum üçin näçe käýeseň käýäber. Men indi, otuz ýaşdan soň, başga adama öwrülerin öýdemok. – Wah, oglum, Şadyman diňe bir birgäd däl, ol tütjar baýam. Şonuň üçin oňa ýaranjaňlyk edýärler. – Olaryň owkady bilemi? – Bile däl. Ýöne adam bendäniň hemişe özünden gurply adama artyk hormat goýasy gelip dur. Onsoňam hemme adamy bir aýakdan sürme. Gowy adamlaram kändir dünýäde. 8. – Kaka, başlygy işden boşadypdyrlar. – Bä, şeýlemi? Men: «Adalat bardyr!» diýdim ahyryn, oglum! – Başlygyň özi arza berenmiş: «Işden çykjak» diýip. «Ýaşym ýetmişe ýetip gelýär. Indi biraz dynç aljak» diýenmiş. «Saglygymyň ugry ýok» diýenmiş. – Sen bu söze ynanma. Men başlyk tetelli adamlara belet. Olary işden çykaraýmasaň, aňkasy aşsa-da, ýüz ýaşasa-da, özünden bilip wezipesinden el çekmez. Iň soňky demine çenli aslyşar ýatar. Brežnewi gördüň-ä. Äňini saklap bilenok. Şonda-da oturdy. Adamlaryň köpüsi şeýle. Başlygymyzam çykarmasaň, mertlik edip, wezipesini başga berjek adam däl... 9. – Kaka, Şadyman ýaldyr birgädlikden çykdy... – Ahyr çykdymy? Tüýs bolupdyr! Ol deýýusy has öňräk çykarmalydy. Şindem giç däl. – Çaý içip oturan Nazar aga ýeňil dem aldy. – Adamyň betbagtçylygyna begenmek adamçylykdan däl welin, ol ýaman azdy. Pula aňyny aldyran azgyn ol. – Haý, kaka, dünýäden habaryň ýok. Bu gün kolhozyň umumy ýygnagy boldy. Şonda ony öňki başlygyň ýerine saýladylar. – Başlyk saýladylarmy? – Saýladylar. – Nädip beýle bolaýdy? – Boljak zat bizden soraşyp bolanok. – Hany, «Pensiýa ýaşyna ýetenleri wezipä çekjek dälmişler» diýip gürrüň bar» diýýärdiň-le? – Diýenimde näme? Raýkom gelip: «Size başarjaň başlyk gerek. Kolhozy Şadyman agadan gowy dolandyryp biljek adam ýok. Şadyman aga tüýs daýhan adam. Muny hemmäňizem bilýäsiňiz. Olam: «Indi men dynç aljak, azar bermäň» diýýär welin, bileleşip haýyş etsek razy bolar-la» diýdi. – Haýyş etdiňizmi onsoň? – Men-ä haýyş edemok. – Eliňi göterdiň dälmi? – Uly il göterdi. – Soň senem göterdiňmi? – Heý, menem: «Şadyman ýaldyr başlyk bolsun!» diýip elimi götererinmi? Men: «Garşy!» diýip gygyrdym. – Näme diýdiler? – Gülüşdiler. Gündogdy aga-da: «Garşy!» diýip gygyrdy. Çykybam gepledi. Şadyman ýaldyryň eden ogurlyklaryny, pyssy-pyjurlyklaryny aýtdy. Başga-da bäş-alty adam çykyp gepläp, Şadyman ýaldyryň başlyk bolmagyna garşy çykdy. Ýöne Şadyman ýaldyr sese goýlanda, biziň sanymyz az geldi. Nazar aganyň başy aşak egildi. Ol sesini çykarman, sarsman esli salym oturdy. – Ýene bir habar aýdaýyn. Şadymanyň agronom ogluny bize brigadir edip bellediler. – Bes et! Aýtma hiç zat! 10. Nazar aga ýanyny ýere berdi. Toýly onuň ýanyndan aýrylmady. Ähli hajatyna kömekleşdi. Ol bir gün magazine diýip çykdy. Ondanam tiz dolandy. Kakasynyň gaşynda oturdy: – Kolhoza barlagçy gelenmiş. – Hä?.. – Şadyman ýaldyr ýüregini tutup ýatyrmyş. Keselhana äkidipdirler. – Wah, wah, bende... – Nazar aga derçigip ugran giň, gasyn-gasyn maňlaýyny sypady. – Men aýtdym ahyryn: «Hudaýyň gazaby erbetdir!» diýip?! Ol köp çyrpyndy. Soňuny gaýgyrmady. Beýle hars urup, bakyp bilmeýäniň kim diýsene?! Dünýä iki gelýäňmi näme! Birgiden adamyň gargynjyna galdy. Birgiden adamyň hakyny iýdi. Bu zatlar tutaýmaly ony! Haý, bende. Şol günüň ertesi Toýly ýene habarly geldi: – Şadyman ýaldyryň ähli etmişleriniň üsti açylanmyş. Ordenlerinem aljakmyşlar. Ogluny hem alyp gidipdirler. Onuňam eden etmişleri känmiş. – Ahyr geldi! – Näme diýdiňiz, kaka? – «Adalat, gijem bolsa, geldi» diýýän. Men saňa aýtmanmydym, oglum: «Ýaman pälinden tapar» diýip?! Edeniňi egniň bilen çekmeli bu dünýäde. Bihasap zat ýokdur görseň!.. Nazar aga uludan demini aldy. Ol Şadyman ýaldyr bilen baglanyşykly ömrüni köýen ömür hasaplaýardy. Şadyman ýaldyr pälinden tapansoň, ol öz hakyky ömrüni erkana ýaşajakdy. Goja her gün barmak büküp garaşan ömrüne – ikinji, hakyky ömrüne ýetip, ýaşap başlady. Ýöne garaşylan ömür gysga – barmak büküm eken... 1987 ý. Osman ÖDE. | |
|
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||