14:00 Sahaba gurdy, sahaba-da ýykdy | |
SAHABA GURDY, SAHABA-DA ÝYKDY
Taryhy makalalar
"Syýasy manýowlar we häkimiýet dawasy" ýazgymda Syffyn söweşine alyp baran müddetiñ üstünde gysgaça gurup geçipdik. Gürrüñimiziñ bölünen ýerinden dowam edeliñ. Mugawyýanyñ tarapdarlarynyñ garşysynda Hezreti Alynyñ goşuny ýeñiş gazanmagyñ öñüsyrasynda dur. Ýagdaýdan çykalga tapjak bolup täze taktika ulanylýar, Mugawyýanyñ esgerleri Uly Şam mushafyny bäş sany naýzanyñ ujuna dakyp asmana galdyrýarlar we "aramyzda Kuran araçy bolsun" diýip, yraklylary Allanyñ Kitabynyñ araçylygyna çagyrýarlar. Bu ýagdaý Hezreti Alynyñ goşunyny biri-birine jet edýär. Hezreti Aly munuñ söweş hilesidigini düşündirmäge jan etse-de, esgerleriñ bir topary ony diñlemeýär, hatda oña ölüm haýbatyny atýarlar. Şeýdibem, Aly söweşi togtatmaga mejbur bolýar. Iki tarapdanam araçy eminler saýlanýar. Şam tarapynyñ emini Mugawyýanyñ buýrugy bilen Amr ibn As bolýar. Yrak tarapynyñ emin saýlawy bolsa çekişmeli başlaýar, Hezreti Aly özüne garşy çykanlaryñ sözi bilen urşa goşulmazlygy makul bilen Ebu Musa El-Eşarini islemese-de araçy emin bellemäge mejbur bolýar. Şeýlelik bilen syýasy manýowrlar emin meselesinde-de dowam edýär. Hezreti Aly bolýan pyrryldaklaryñ añyrsynda nämäniñ garaşyp ýatandygyny gowy bilipfir, emma syýasy we hukuk taýdan özünkini dogry hasaplansoñ, garşydaşlaryna eglişik edipdir. Aslynda "emin hadysasynyñ" añyrsyndaky sebäp halyf saýlawy-da bolmandyr, emma Hezreti Alynyñ muny kabul etmegi - ylalaşyga gelmegi Mugawyýany özi bilen deñ derejä beýgeldipdir. Galyberse-de ähli çeşmeler Mugawyýanyñ ýeñilip barýandygyny aýdypdyr, şeýlelikde ýeñlişiñ öñüsyrasyndaky Mugawyýa ilkinji hemlesini üstünlikli amala aşyrypdyr. Tefsir we fykh alymlary şol bir wagtyñ özünde Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) agasynyñ ogly Abdylla ibn Abbas gepleşigiñ geçirilmegi ýerine gitmekçi bolup duran Ebu Musa El-Eşarä şeýle diýendigini belleýärler: "Ala biat edenleriñ Ebu Bekire, Omara, Osmana biat edenlerdigini unutma. Alyda ony halyflykdan çetleşdirip biljek zat ýokdur. Mugawyýada bolsa ony halyflyga ýakynlaşdyryp biljek häsiýet ýok.” • MUGAWYÝANYÑ HILELI ÝEÑŞI Ebu Musa Alynyñ wekili däl-de, özüni hamana üçünji bir tarap ýaly alyp barypdyr. Mugawyýanyñ emini Amr ibn As bolsa iñ soñky pursata çenli Mugawyýanyñ tarapyny tutupdyr. Ebu Musa Amra "ikisini-de boşadalyñ, şura kimi islese, şonam saýlasyn" diýen teklibi beripdir. Amr ibn As bu teklibi şobada kabul edipdir, çünki Mugawyýa bilen Amryñ garaşýany-da şudy. Iki tarapyñ wekilleri ýanlarynda dört ýüze ýakyn toparlar bilen Erzuh diýlen ýerde duşuşýar. Amr Ebu Musadan iki tarapyñ öñünde belli karara gelmegini soraýar. Ebu Musa Hezreti Alyny halyflykdan boşadýandygyny mälim edýär. Çeşmeler onuñ bu meselede öñdenem göwünjeñdigini ýazýar. Mundan soñ Mugawyýanyñ emini Amr ibn As-da Alyny boşadýandygyny, Mugawyýany bolsa onuñ ýerine halyf belländigini yglan edýär. Şeýdibem "emin wakasy" fiasko bilen gutarýar, Mugawýa ýeñlip çykjakdygy görnüp duran söweşi syýasy manýowrlar arkaly ýeñşe öwrüpdir. Emin meselesiniñ bular ýaly görnüşde gutarmagy Hezreti Alynyñ tarapdarlaryna ýiti täsirini ýetiripdir. Alynyñ duýduryşlaryny diñlemedik topar puşman edýändiklerini we urşa dowam etmegiñ gerekdigini aýdýarlar. Hem özleriniñ, hem Alynyñ ýalñyşandygyny, Alynyñ toba etmelidigini aýdýarlar. Hezreti Aly muny ret edensoñ, goşundan bölünip aýrylan bu topar Alyny küpüre düşmekde aýyplaýar. Sözde parahatçylyk getirmeli emin wakasy Hezreti Ala garşy gidýänleriniñ hataryny giñeldipdir, ol Mugawyýanyñ yzysüre goşunyndan aýrylan we mundan beýläk harijiler diýip atlandyryljak topara garşy-da göreşmäge mejbur bolupdyr. • RADIKAL AÑYÝETIÑ KÖKLERI Öz syýasy düşünjelerini Kurana esaslandyrýan we munuñ bilen ylalaşmaýanlary kapyr yglan eden harijilere yslam jemgyýetinde ilki syýasy partiýa hökmünde baha berilýär. Harijileriñ özüni alyp barşy soñky ähli toparlara ýiti täsirini ýetiripdir we syýasy sferada emele gelen şeýle çemeleşmeler ygtykady-amaly mezheplere öwrülipdir. Harijilik hut pygambere-de "Alladan gork!" diýip biljek derejede gödek, şekilden (daş görnüşden) añry çekilmedik, nazaryýetden uzak, çöl kanunlaryny dindir öýdýän añyýetdir. Hadyslarda bu topara degişli Hezreti Pygambrrimiziñ ýazgaryjy köp sanly sözüne duş gelip bolýar. Olar "Höküm bermek diñe Allaha degişlidir" sözüni şygar edinipdir. Bu sözi öñe tutýanlaryñ añ-düşünjesini gowy bilýän Hezreti Aly (r.a) şeýle diýipdir: "Özi bilen batyl göz öñüne tutulan hak söz". Mugawyýanyñ garşysynda Hezreti Alynyñ tarapyny tutan, soñra Hezreti Alynyñ halyflygyna garşy çykan bu añyýet rehimsizlik bilen Hezreti Alyny şehit edýär. Yslamda tekfir hereketiniñ başyny başlan bu yñdarma topar yzy üzülmeýän topalañlarda we söweşlerde müñlerçe musulmanyñ ganyna galypdyr, aýal-gyzlaryñ, hatda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryñ ganyny dökmegi-de halal saýypdyrlar. Yslama perdelenýän şu günüñ terrorçylykly toparlarynyñ ýa-da özi ýaly pikir etmeýänleri saýrylaşdyrýan, tekfir ("dinden çykan") yglan edýän radikal-reaksioner añyýetiñ taryhy köklerini şu ýerlerden gözlemek gerek. Dört halyfyñ üçüsiniñ öldürilmegi bilen gutaran bu döwür boýunça professor Ahmet Akbulut şeýle kesgitlemäni berýär: "Guramaçylyga däl-de, belli bir adamlara esaslanýan bu syýasy sistema gysga wagtyñ içinde çagşady. Gysgaça aýdanda, Hezreti Pygamberimizden soñ sahabalar tarapyndan gurlan syýasy gurluş, ýene-de sahabalar tarapyndan ýykyldy. Munuñ özi taryhy hakykat bolup öñümizde göze dürtülip dur". Aýşe SUJU. "SÖZCÜ" gazeti, 15.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |