21:26 Şahyryñ ejesi / hekaýa | |
ŞAHYRYŇ EJESI
Hekaýalar
Sadap ejäniň ogly Ilgeldi okuwyny gutaryp, Aşgabatda işe galdy. Sadap eje muňa az begenmedi. "Illew janam özi aşgabatly boljak" diýip, oturan-turan ýerinde gyz dolduryp gürrüň etdi. Uly-il ýalandan-çyndan: "Tüweleme! Bolubilýä. Nirede bolanda-da hor bolmasa bolýa" diýse-de, goňşusy Ogulsabyr muny kän bir unamady. — Aşgabatda näm iş edýämiş — diýip, gaýtam ur-tut garşylykly hüjüme geçdi. — Illew jan şahyr bolup işleýä — diýip, Sadap ejede dylym-dylym etdi. Goňşusyny haýalçyradaryn öýtdi. — Bärde nä şahyr bolup bolanokmyşmy? - Elbetde, bolýan däldir. Bolsa, galmazdy. — Goý, gyz, goý! Heýem bir bolmazmy?! Beterem bolýa. Şahyr diýilýän jemendäň bar işi goşgy ýazmakdyr-da? — Hawa, goşgy ýazmak. Illew janam goşgy ýazýa-da. — Goşgusyny bärde ýazanda näm bolýamyş? — Onçasyn-a biljekgä welin, şu Illew janam bilmänä bir iş etmez. Şonam kellesi ikimiziňkiçeräk işleýändir. Bäş ýyllap okansoň... — Beýdip ýörenden-ä gelsin, mollumçylyk etsin, oglan okutsyn. Ana, Ýanaw dagy işleşip ýörler-ä birenaýy bolşup. Şolaram okap geldiler şoň okan ýerinde. — Wah, öýden örüp ýörse menem ynjaljak-la, ýöne Illew janyň özi üşükli bolansoň men-ä... – diýip, şol gezek Sadap eje özüniňem ýaýdanjynyň ýetikdigini gürrüň arasynda çalarak ýaňzytdy. Soňam içindäki şübheli soraglarynyň birini daşyna çykardy. - Gyýw, Illew jan oba gaýtsa, şahyrçylygy kim etsin onsoň? — Muň alada edýän zadyna sered-ä. — Meň-ä aladasyny etdigimem däl welin, şahyrçylyk hemme kişiň oňarýan pişesi bolmaly däl. — Oňaryp-oňarman, goşgudyr-da, gyz, kim ýazanda gelişmän dur. O zatlara gulak gabartma-da, ogluňy getir ýanyňa. Öýer, tiziräk aýagyny duşakla. Şahyr pahyr diýip, ýat ilde, ýat ýerde bolgusyz zatlara güýmenip ýörmesin — diýip, Ogulsabyr eje Ilgeldiniň şäherde galmagyny oňlamaýandygyny ýene bir gezek äheňinden syzdyrdy. - Öýermesine-hä nirde bolanda-da öýereris – diýsede, Sadap eje barybir goňşusy bilen ylalaşmady. Özem şol gezek Ogulsabyr ejeden biraz göwni galdy. Esasanam “Bolgusyz zatlara güýmenip ýörmesin” diýip, Ilgeldiniň ähli etsem-petsemlerini püçege çykarýan gürrüňini ýokuş gördi. Içgussalygyny edip, telim gün sust gezdi. Soň bir gün Sadap ejäni Hojak milise çykgynsyz güne saldy: — Be-e, asyl ol Illew goşguçy diýsene?! Ýo-o, biz-ä begenýäs. Tuweleme! Berekella! Içimizde şahyrymyzam bolsun-a. Hä-ä, onsoň diýýän-ä, Sadap ýeňňe, näme hakda goşgy ýazýaka ol? — Illew jan gaty kän zat hakda goşgy ýazýar. — Sadap eje dagy näme diýerini bilmedi. — Hm-m... Ond-a ol miliseler-zatlar hakynda-da ýazýandyr? — Hawa-la. Ýazýandyr-la. — Nememikä onsoň Sadap ýeňňe, men hakda-da ýazarmyka Illew? Öwüp... Şeýdäýse, walla, hakyky şahyr boldugy şoň. — Ýazar, Hojak jan, hökman ýazar. Eýýäm ýazyp goýan bolmagam mümkin Ýazmadyk bolsa-da, özüm ýazdyryn. Ynhalykga, basym özem gezmäge geljekmiş. Şonda ýaňzydaýaryn men oňa. Ýene bir gün Ilgeldiden gürrüň çykanda Sähet garawul pikirlenmän-zat etmän, zoňtar bir zady diýip goýberdi: — Şahyrçylyga baş goşan bolsa, Illewiňem tüýs däliräp ýörenligi. Şahyrlar däli bolýa-da. Çäşdepeli Öwez däli-dä. Olam şahyr. Goşgy ýazýar. O-da Aşgabada gidip, şeýle bolup geldi. Öň düzüwdi. Mazalyjady. Şonda Sadap eje onuň merkini berdi: — Sähet! Diliňe eýelik et. Agzyňa ak gelse-de, gara gelse-de, ýaňrap oturmazlar. Ynha, Illew jan gelse, kimiň dälidigini gözüňe görkezer. "Sähet sähne, Sähet däli" diýip, bir tankytlap goşgy ýazar welin... Asyl ýazmajagam bolsa, şujagaz gepiň üçin özüm ýazdyryn. Bilip goýaýgyn, hä-ä! Başga bir gün Ýasawul aganyň Aşgabatda, uly okuwlaryň birinde okap ýören ogly Şükür gelip, Ilgeldi tarapdan köp dogaý salam getirdi. Soň: — Sadap gelneje, Illew neme diýdi, ejemiň diýdi, artygyrak-süýşügräk puly bolsa diýdi, birazajyk ibersin diýdi, kyn görmän diýdi, ýok bolsa hökmanam däl diýýä — diýip habar berdi. — Illew jana gerek bolsa tapylmajak zat bolmaz. Şükür jan, garaş häzir — diýip, Sadap eje düýpki otaga ýöneldi. Sandygyny açyp durka öz-özi bilen gürleşdi. — Pulsuz kösenýändir çagajygym. Olaň işiniň bir zady keçjeräkmişin. Diňe ýazan zadyňa pul berýäler diýýädä. Iýjek nanyňy goşgy ýazyp gazanmalymyş. Hm-m... Bir tarapdan-a erbedem däl ýaly... Şükür jan, me, hany, şuny bir al. Men häzir ýene getireýin. Garaş, Şükür jan. Illew jana gerek bolsa... Sadap eje ýeňil gopup, Ogulsabyr ejelere garşy ýumlukdy: — Artyk-süýşük puluň-a ýokdur? — Kän gerekmi? — Kyrk manat dagyn bolsa. Pensiýä çenli. Ogulsabyr eje "Puly nämetjek?" diýip, biderek sorag berip durmady. Şonda-da Sadap eje "Illew jana iberjek" diýip, tas dilinden sypdyrypdy. Ýöne goňşusynyň araky edişi ýaly tükezzibana tutduraýmagynyň ähtimaldygy ýadyna düşüp, dilini dişledi. Pul bilen birlikde Şükürden iki sany çörek, kiçiräk pitide gowurdak, birki goşawuç alma we erik kişdesini, bir jüp ýüňden dokalan jorap ugratdy. Birgiden sargyt etdi. Sygry guzlansoň, özüniňem ýörite baryp gaýtjakdygyny aýtdy. Soň, agşamlyk süýt sagyp otyrka Sadap eje: "Ýok bolsa hökmanam däl diýip, sypaýyçylyk eden bolşuny diýsene çagamyň. Ejeme ýük bolmaýyn diýendir. Bilýän" diýip, oglunyň sözlerinden many çykarmaga oturdy. Noýabr, 1993. Aşgabat. Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |