SARWANYÑ SYRLY SARGYDY
Näme üçin men şu çaka çenli sarwanyň, ýagny düýe çopanynyň sargydyny kagyza geçirmekden ýaýdanyp gezdimkäm?! Belki-de, bu sarwanyň maňa hiç hili sargyt etmänligi üçindir! Şeýledir. Çünki sarwan maňa: «Düýä özüňi ýigrendirmegin!» diýip sargamandy. Emma men çagalykdan bäri düýe janawara nähak ýere sütem etmeli däldigi barada, düýäniň özüne edilen zulumy unutmaýanlygy barada, onuň soňunyň erbetlik bilen gutarýanlygy barada köp eşidipdim. Bu barada çeper eserlerde-de okapdym. Umuman, şularyň netijesinde bolsa gerek, bu sargyt meniň aňymda sarwanyň syrly sargydy bolup galypdyr: «Düýä özüňi ýigrendirmegin!»
Bu jümledäki 23 harpy köplenç men 24 harp edip hem gaýtalap görýärin: «Dünýä özüňi ýigrendirmegin!». Mahal-mahal şu ýagdaý hem meniň düýe we dünýe baradaky pikirlerimi garam-garjaşyk hala salýar. Kä halat men bu dünýäniň üstünde edil düýäniň üstünde oturan ýaly, ýaýkanyp, ham-hyýala çümýärin. Käte dünýe düýe bolup, üstüme çöküp, bagryny oýkap, ýere sokup barýan ýaly. Käte bolsa dünýe düýä öwrülýär. Men onuň dünýäniň çylşyrymly ýollary ýaly egri boýnuny gaşaýaryn. Hökgi örküjini sypalaýaryn. Birdenem onuň örküjini däl-de, bir kiçijek gubury sypalap oturanymy duýup galýaryn…
Şonda köplenç bu oýlara has çuň aralaşmakdan eýmenýärin, elheder alýaryn. Garjaşyk pikirlerimiň dünýä ýaly giň çygrynyň bir çüňkünden «iňňä» sesi bilen azanyň sazlaşykly çykmagy kalbymy heýjana salýar, beýleki bir çetinden eşidilýän «wadaryga» sesi bilen jynazanyň zaryn owazynyň utgaşyp çykmagy on iki süňňümi elendirýär… Käte garaşman duran tarapyňdan kömek goly uzaýar, käte bolsa kömek goluna garaşyp duran tarapyňdan hanjar urulýar… Haýsy tarapa bakmaly?! Haýsy tarapa ýönelmeli?! Bularyň bolmaly zatdygy düşnükli. Emma şeýle ýagdaýlara her gezek gabat geleniňde, demirden ýa-da daşdan bolmadyk ýürek sähelçe-de bolsa öňki sazlygyny ýitirýän ýaly.
Aslynda, gelene begenip, gidene gynanylýan bolsa, bu gelen babatda ýagşy umytda bolunýanlygynyň, gideniň bolsa özi babatda ýagşy ýatlamalar galdyrýanlygynyň alamaty. Muny kitap ýaly bir paýhasly gojanyň (ýa-da dana goja kimin kitabyň) dili bilen aýtsak, «Bu dünýäde özüňden ulynyň göwnüne degme, senden öňürti o dünýä sen barada ýaman habar barmasyn. Bu dünýäde özüňden kiçini ynjytma, o dünýä gideniňden soň sen barada ýaramaz täsir galmasyn». Iki sany goşma sözlemden ybarat bu sargydyň bir sada sözleme öwrülmegi, meger, «Dünýä özüňi ýigrendirmegin!» bolýandyr!
Bu jümläniň ýene bir harpyny kemeýin: «Düýä özüňi ýigrendirmegin!» (Hyýalymdaky sarwan ýene dikeldi). Öňem biri köşegini aldyryp, bagrynda bir deşik emele gelip, bozlap galan düýesini saganynda «Hörele, düýäm!..» diýmäge derek, hüňürdäp, wagtal-wagtal janawary saýgylap sagar eken. Janawar gäbine saman dykylan köşegine biraz wagt aldansa-da, bu ýagdaýyň uzaga çekmejegi mälim. Bagry girýan düýäni saýgylap, onuň süýdünden-çalyndan gönenmejegiň düşnükli ahyryn. Emma sarwanyň sargydyna eýermedik ol kişi bolsa muňa düşünmeýän bolarly. Janawar bir gün şol özüni ýigrendiren kişidir öýdüp, onuň çöpe serilgi köýneginiň üstüne çöküp, oňa bagryny oýkap, mynjyradaýjak bolupdyr. Ýöne düýäniň bu hereketine zerurlyk hem ýok eken. Egin-başy çöpe serilmeginiň özi eýýäm ol adamyň bu dünýäde ýoklugynyň, ýagny onuň üstüne dü(n)ýäniň çökenliginiň alamaty eken. Düýä özüňi ýigrendirmek hem dünýä özüňi ýigrendirmek bolarly-da («düýe» sözi «dünýe» sözüniň içine sygýar ahyry).
Bu sargydyň ýene 24 harply görnüşine geldik. Başda men bu syrly sargydy «Näme üçin şu çaka çenli ýazga geçirmedimkäm?» diýen sowaly özüme berdim. Belki, bu «Dünýäniň (düýäniň däl) öňünde ýazygym bar bolaýmasyn?» diýen gorky sebäplidir?! Ýa-da bu dünýäniň bir bölejigi bolan meniň öňümde ýazykly kişiniň barlygy üçinmikä?! Ähtimal. Çünki juda giň ýaly bolup görünse-de, bu dünýä käte iki adam üçin hem darlyk edäýýär. Bu dünýäde ýokardaky ýaly zulum berlen düýe bilen öýdeş hem dertdeş bolup ýaşap bolar. Ýöne welin bu dünýäde, şol düýeden tapawutlylykda, dünýädeş bolup ýaşamaga-da namys etdirýän ýek-tük adamlar bolýar. Tanaýaňyzmy şeýle kişini? Ondan ägä boluň! Goý, o-da bilsin, bir ajaýyp gün dünýä ýaly düýe ýa-da düýe ýaly dünýä onuň hem üstüne çöker. Sebäbi ol dü(n)ýä özüni ýigrendirendir.
«Birdenem onuň örküjini däl-de, bir kiçijek gubury sypalap oturanymy duýup galýaryn…» diýen sözlemi näme üçin ulananlygymy geň gören bolmagyňyz mümkin. Sebäbi bagrynda deşik emele gelen düýe janawaryň bu babatdaky yzasy hem maňa tanyş...
Orazmyrat MYRADOW.
Hekaýalar