23:54 Unudylan ses / satiriki hekaýa | |
UNUDYLAN SES
Bu gün dynç günüdi. Ähli dynç günlerinde bolşy ýaly, bu günem teatrlarda belli aýdymçylaryñ konserti bardy. Menem çagalary ýanyma aldym-da "Hem-ä biraz gezelenç ederin, hemem aýdym diñläp, dynç alaryn" diýen niýet bilen şähere çykdym. Eslije gezelenç edip aýagyñ ýelini aldyk. Ine, belli bagşylaryñ biriniñ konsert berýänligi barada bildiriş asylypdyr. Uly il bilet alyp dur, menem aldym. Itenek-çokanak bolup, çagalaryñ birini boýnuma mündürip, biriniñ elinden tutup girdik. Asyl munuñ agzynyñ mähellesi hem ýüregi suwluja ýaşlardan ýaña edil umumy wagona biletsiz münýänleriñ başagaýlygyça bar. O taýda biriniñ eli unly, ýene biriniñki süzmedir gökli bolsa, bu ýerde biriniñ eli gülli, ýene biriniñki kameraly. Aý, garaz, bärdäkiler toý eşikli diýäýmeseñ, meñzeşlik kän-dä. O taýda "Şu haltany geçireweri, süzmämi akdyrma, maña-da ýer alaweri!" diýen ýaly sözler eşidilýän bolsa, bu ýerde "Seresap-how, gülümi mynjyratdyñ, hany kamerañ öñünden sowulsana, aýagymy mynjyratdyñ, dogan" ýaly sesleri eşitmek bolýardy. Hawa, zala girip, öz ýerlerimizi tapdym, oñatja ýerleşdik. Ýöne konsert başlar ýerde başlanok. Çagalaram eýýäm konsertiñ dowamynda içeris diýip alan "Koka-kolamy" hem içip gutardylar. Halys sabyr käsäm dolup, konsertiñ guramaçylarynyñ ýanyna bardym. Ganygyzma pyýadalaryñ iküç sanysy mendenem öñürdip, guramaçylaryñ üstüne nagarasyny pürküp duran ekenler. Onýança çykyş etmeli bagşy hem onuñ topary bir ýerden peýda bolaýdy. - Bagyşlañ, agşam toýdan gijiräk gelip, ýatyp galaýypdyryn - diýip, özüni aklaýar, habary ýok bu taýza o toýdakydan iki esse köp adamyñ irikgä bolup oturanyndan. - Aýby ýok, hany indi bir adamlary köp garaşdyrman başlamak bilen bolaly - diýip, guramaçylaram giñ göwrümlilik etdiler. Bagşy hem "Häzir agam, häzir" diýip, "agam" sözündäki "g" harpyna basym berip, gurallaryny taýýarlamak bilen boldy. Birdenem onuñ ýüzi boz-ýaz bolup gitdi. Al saña gerek bolsa: - Sesim galypdyr - diýip, bagşy özüni lampa aşak goýberdi. Oniñ sesim diýýäni fonogrammasy bolmalydy. - Bolmasa bolman eken-dä, adamlary garaşdyrmaly, şonsuz çykaýsana - diýip, guramaçylyga jogap berýän ýigit seslendi. - Onsuz, agam, hetdim ýokdur, o meñ janym boldugy ahyry! - Sözlerini ýatdan bilýän bolsañ, çyk-da aýt, bolşuna görä! - Düşün agam, aýdym ýazylgy depderimem oglanlañ biri toýa diýip alyp gitdi-dä. Çeträkde duranlaryñ biri: - Onda diñe sesiñi däl-de, sözüñem galdyrypsyñ-da - diýip, ýangynly seslendi. Aýdymçylaryñ sesi bilen döwleriñ janynyñ arasynda meñzeşligiñ bolýanlygy hakynda öñem bir eşidipdim. Hakykatdanam aýdymçynyñ sesi hem döwüñ jany ýaly aýratyn saklanylýan eken. Men ýene-de bir zada göz ýetirdim, döw janynyñ nirededigini unutsa, onuñ bir özi ejir çekjek eken, emma aýdymçy sesini unutsa welin, gaty köp adam kösenýär eken. Şonuñ üçinem, gadyrdan bagşylar, sesiñizi unutmajak bolaweriñ! Orazmyrat MYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||