■ Iki dostuň kyssasy
Iki dost çöl içinden barýan ekenler. Birdenkä olaryň sözi azaşyp, biri beýlekisiniň dulugyna şarpyk çalypdyr. Mazaly awunsa-da, urlan kişi elem gaýtarmandyr, dilem ýarmandyr. Diňe çägäniň ýüzünde: «Şu gün iň gowy dostum meniň dulugyma şarpyk çaldy» diýip ýazypdyr. Olar ýollaryny dowam edip, esli ýöränsoňlar, bir kölüň üstünden barypdyrlar. Argynlykdan saplanmak, salkynlamak üçin, olar köle girip, suwa düşünipdirler. Ine, birden hälki urlan kişi gark bolmaga başlapdyr. Dosty elden-aýakdan galyp barýan ýaranyny halas etmäge ýetişipdir. Halas bolup, demini dürsän ýigit daşyň ýüzüni oýup: «Şu gün iň gowy dostum meni ölümden halas etdi» diýip ýazypdyr. Ilki dostuna şarpyk çalan, soňra bolsa ony halas eden kişi sorapdyr:
- Göwnüňe degip, ynjydanymda-ha sen çägäniň ýüzüne ýazgy ýazdyň, indi bolsa daşy oýup ýazdyň, munuň sebäbi näme?
Dosty şeýle jogap beripdir:
- Kimdir biri göwnümize degeninde biz ony çägäniň ýüzüne ýazmalydyrys, goý, öwsen ýeller ony ýylmap ötsün! Emma bize ýagşylyk edilende welin, ony daşy oýup, ýüzüne nagyş salyp ýazmalydyrys, şonda hiç hili ýel-ýagmyr ony ýylmap-ýuwup bilmez. Öýkäni çägä, minnetdarlygy daşa ýazmagy öwreniň!
■ Ýapyşalga
Belent dagda ýerleşen iki sany obanyň arasyndan uzaboýuna jülge geçýär eken. Obalaryň ilaty jülgäniň üstünden asma köpri gurupdyrlar. Tagta düşelen köprüden adamlar iki ýana gatnar ekenler. Köpriniň iki gyrasyny syryp gidýän uzyn tanap bolsa eltutar — ýapyşalga bolup hyzmat edipdir. Ol köprüden köp gatnap, endik eden kişiler ol tanaplardan ýapyşman hem geçip biler ekenler. Gorky-ürkini bilmeýän çagalaryň käsi-hä hatda ylgap hem geçer ötägider eken. Ýöne welin, ine, bir gün ýapyşalga bolýan ol tanaplar ýitirim bolupdyr. Irden adamlar köpriniň ýanyna barsalar, ýürek edip oňa gadam basyp bilen kişi bolmandyr. Ol tanaplar barka olardan ýapyşmasaň hem bolýan ýaly, emma ol tanaplar bolmasa welin, köprüden ötüp-geçip bolmajak eken.
Biziň ata-enelerimiz babatda-da hut şeýledir. Olar aýatda dirikä özümizi olarsyz hem başymyzy çarajak ýaly duýýarys. Emma olardan aýra düşen badymyza durmuş örän kyn bolup görünmäge başlaýar...
Rus dilinden terjime eden Orazmyrat MYRADOW.
Halk döredijiligi we rowaýatlar