12:43 Rubagynyñ üçünji setiri | |
RUBAGYNYÑ ÜÇÜNJI SETIRI «Haçan siz soňky gezek nämedir bir zady ilkinji ýola edip gördüňiz?». Men bu sözleri özümçe teswirläp, baryp-ha sekiz ýyl mundan öň gündeligime şeýle bellik edip goýupdyryn: «Hiç bir zady soňа goýman, hut şu wagt ediň! Her gün töwekgellik ediň! Täze zatlara ýapyşmakdan ýaýdanmaň! Ömür juda gysga, gyssanyň!». Häzir oturyp, geçen şunça möhletiň dowamynda näme zat öwrenenligim barada pikirlenip gördüm. Haýsy bir zada elimi uzadyp görkezjek bolsam, ol ondan has öň hem endige görä edip ýören, werziş bolan işim bolup çykaýýar. Käbir dilleri öwrenmäge başlan hem bolsam, ony hem idili özleşdirmän, orta ýolda taşlapdyryn. Bahanam hem: «Barybir, bu dil bilen gündelik iş salşyp ýörmeseň, ol basym unudylar». Ýogsam, ilki bir özümi ruhlandyrmaga, höweslendirmäge delil hem tapýardym. Meselem, Ýewropa dilleriniň içinden öwrenmesi iň aňsat dil hökmünde kesgitleme beren dilim bolan italýançany özleşdirmek islän uçurlarym: «Günlerde bir gün söýgüli aýdymçylaryň Adriano Çelentano ýa-da Toto Kutunýe bilen söhbetdeş bolmak miýesser edäýse, olar bilen hiç hili dilmajyň hyzmatyna mätäçlik çekmezden, öz ene dillerinde gürleşip bilseň, gör, nähili oňat bolardy!» diýip, öz-özüme göwünlik berýärdim. Hyýalymda söhbetdeş hem bolýardym. Aýdýan aýdymlarynyň sözlerini terjime edýärdim. Emma böwrümiň garaňky bir burçundan kine ýalyja bir ses hem özüniň zoňtarja pikirini oklap goýberýärdi: «Sen nire, olar nire?! Öňki bolşuňa bolubersene!». Onsoň, men kem-kemden oňa ylygyp, gözi baglanyp, jykyr aýladylýan ýaby ýaly, öňküje tanyş ýodajygym bilen aýlanyberýärdim... Şol pursatlar Omar Haýýamyň şu rubagysynyň üçünji setirini hem özüm üçin şygar edinýärdim: «Haçan siz soňky gezek nämedir bir zady ilkinji ýola edip gördüňiz?». Ýakynda näme boldy diýseňizläň?! Işe gatnaýan ýolumyň ugrunda elli ýyl bäri hellewläp ösüp oturan täsin daragty ilkinji gezek gördüm. Dogrusy, öň hem oňa gözüm düşse düşýändir, emma ony ilkinji gezek içgin synladym. Men rulda oturyşyma, şol bir ugur boýunça işe gatnap ýöremsoň, öň ol meniň üçin ýönekeý bir sudurdy. Emma şol gezek günorta arakesme wagtynda bir toýa görünmeli bolup, tanyşlarymyň biriniň ulagynyň yzky oturgyjynda oturyp, töweregi synlap barşyma, ol daragta ozal aň etmänligime haýran galdym. Ýapragyny döken hem bolsa, şahalaryndaky serçeler oňa täsin bir gözellik berýärdi. Ony adama hem meňzetseň bolman durjak däldi. Hawa, hanha, goluny salgap, hakyt, bize ýol görkezýän ýaly. Orazmyrat MYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |